23:12 Kysasyl enbiýa -16: Idris alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany | |
BÄŞINJI KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
HEZRETI IDRIS ALAÝHYSSALAMYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Hezreti Idris alaýhyssalam Müsür ýurdunda Mälik diýen lakamy aldy. Ol assiriýaly pygamberdi. Araplar oňa Hermes diýerdiler. Hermes – diýmeklik ýyldyzlary tanaýjy diýmekdir. Idris alaýhyssalam ýydyzlaryň ýörüş-duruşlaryny, bagtyny, sähet-bisähetlisini, atlaryny, olaryň erkek we urkaçysyny bilerdi. Idris alaýhyssalam Adam atanyň perzentlerinden ylmy rakumy öwrenipdir. Ol adamlara hat ýazmagy hem öwredipdir. Ol bina kylyjylaryň baştutanydyr. Gurluşygy ondan ökde hiç kim bilmezdi. Ol adamlara Taňrynyň permanlaryndan, hemme pygamberleriň şerigatlaryny beýan etmekden ders bererdi. Şol sebäpden oňa Idris diýip at berdiler. Owwal, ol pygamberdi. Ol hikmet babatynda üç gezek mertebelidi. Ol hem pygamber, hem patyşa, hem hekimdi. Şonuň üçin oňa Musallesun binnygma hem diýerdiler. Birinjiden, ol pygamber mürseldi. Ikinjiden, oňa otuz sahypa inderildi. Üçünjiden, ol münejjimdi, dördünjiden, ol hatdatdy, bäşinjiden, ol pagtadan bolan zatlary tikip geýmegi bilýändi, altynjydan, ol uruş ýaraglaryny gylyç, naýza, pyçak, ýaly zatlary ýasapdy, ýedinjiden, ol ylmy-towhydy beýan edijidi, sekizinjiden, kapyrlaryň balalaryny ýesir alypdy, dokuzynjydan, ol asmanda mekan tutupdy, onunjydan, hemme halk ölse hem, ol jennetde diri ýörmegidir. Onuň pygamberligi Şis alaýhyssalama meňzeşdir. Şis alaýhyssalam dünýäden ötüp, Idris alaýhyssalamyň zamanyna çenli halk iman-yslamdan dänip, olaryň köpüsi küpürlik ýoluna giripdiler. Täzeden nika kylmak ondan galdy. Halk näpäklige düşüp, pyssy-pujurlyga ýüz urupdy. Bu küpür-zelalata düşenler Kabylyň öwladydy. Hemme halk butparazdy. Ol sebäpli Hudaýtagala bulara rysalat iberipdi. Ýene bir rowaýatda şeýle diýipdirler: Olaryň ata-babala-rynyň şerigaty ýitip gidipdi. Olar şerigaty bilmeýärdiler. Kim nähili ýol bilen ybadat etse bolardy. Çünki olara ýere, asmana sežde ederdiler, aýat-beýýinaty görerdiler. Idris alaýhyssalam bu taýpany Allatagalanyň ýoluna çagyrdy. Ýedi kişini çagyryp geldiler. Ol bular bilen çola ýere baryp: «Men dileg edeýin, siz «ämin» diýiň. Belki Allatagala bize bir şerigaty berer. Bize tagat-ybadat etmegiň usuly mälim bolar» diýdi. Olaryň hemmesi gollaryny açyp, başlaryny ýere goýup, dileg etdiler. Hergiz bularyň dilegi kabul bolmady. Ondan soňra olar gollaryny asmana göterip ýene-de dileg etdiler. Bu gezek olaryň dilegleri kabul boldy. Oňa Allatagaladan otuz sahypa hat-aýat indi. Rysalat bu halka muşerref boldy. Ol ýetmiş iki dili bilýärdi. Ol halkyň hemmesini imana dagwat etdi we her bir yklymyň halkyna bölek resim öwretdi. Hemme ada, derýa we jeňňel arasyndaky halklar onuň permanyndady. Onuň şerigaty towhydyň emri hem hökümi bilendi. Ol dünýäniň käbir işlerinden halky gadagan edip saklady we adamlara her aýda bir gün oraza tutmagy buýurdy. Maldan zekat bermeklik, ini hapalykdan gusul almaklyk, hatynlara haýzy-nefasdan päklenmekligi bildirdi. Doňuz, it, eşek ýaly haram zatlaryň etini iýmegi gadagan etdi. Ol her günde on müň tesbihu-tehlil okardy. Perişdeler onuň söhbetine gelerdiler. Onuň ýokarky derejeli mahluklar bilen aşnalygy hem bardy. Ol Zuhala dost bolup, otuz ýyl asmanda ýöredi we älemiň hakykatlaryndan we syrlaryndan wakyf erdi, soňky pygamberlere geljek her bir wakalary bilerdi we olary kowumyna beýan ederdi. Onuň hezreti Nuh alaýhyssalamdan habary bardy. Ol Müsürde bir gümmez saldyrdy. Olar nirä ýöreseler hem ýene Müsüre gelerdiler. Ol hezreti rafygud-derejatyň Permany bilen uly derejä we belent mertebä ýetdi. Baky dirilige eýe boldy we baky jenneti boldy. Elkyssa, ol dowzahyň azabyndan köp gorkardy we gije-gündiz şunuň pikirinde ýörerdi. Wagtyny ýagşy pursat bilip, tagat-ybadaty gün-günden zyýada ederdi. Perişdeler hemme halkyň tagat-ybadatyny Allatagalanyň dergähine alyp barsalar, adamlar ol sebäpden olar onuň ybadatyna muştakdylar. Çünki olar Idris alaýhyssalamyň ybadatyny hoş gördüler. Bir gün Ezraýyl alaýhyssalam adam keşbine girip, gelip oňa üç gün myhman boldy. Idris alaýhyssalam bu kişiniň yns-jynsdan däldigini bildi we: «Siz nähili kişisiňiz?» diýdi. Ezraýyl alaýhyssalam: «Men Melekul-möwtdirin» diýdi. Idris alaýhyssalam: «Siz näme iş bilen geldiňiz?» diýdi. Hezreti Ezraýyl alaýhyssalam: «Men sizi görmek üçin geldim» diýdi. Hezreti Idris: «Eger siz Melekul-möwt bolýan bolsaňyz, meniň janymy alyň» diýdi. Ezraýyl alaýhyssalam Allatagaladan rugsat diläp, onuň janyny aldy. Hezreti Idris öldi. Ezraýyl alaýhyssalam Allatagala arz edip: «Eý, Taňrym! Seniň bendäň biwagt janyny aldyrdy. Sen ony gudratyň bilen direlt» diýdi. Hudaýtagala şol wagt oňa jan berdi. Hezreti Idris ýene direlip turdy we: «Indi meni asmana alyp baryň» diýdi. Ezraýyl alaýhyssalam Allatagaladan bu işe rugsat sorady. Allatagaladan: «Eý, Ezraýyl! Idris saňa näme diýse, sen şony hem kabul et» diýen bir owaz geldi. Elkyssa, ony asmana alyp çykdylar. Soňra ol: «Indi meni dowzaha alyp baryň» diýdi. Ony dowzaha alyp bardylar. Dowzahyň gyzgyny oňa täsir etdi. Ol: «Dowzah meni ýaramaz ýagdaýa düşürdi. Meni tizräk jennete alyp barsaňyz. Men ol ýerde aram tapsam» diýdi. Hezreti Melekul-möwt ony jennetiň işigine alyp geldi. Emma onuň işiginde gulp asylgydy. Hezreti Ezraýyl: «Eý, Mälik Ryzwan! Jennetiň işigini açyň» diýdi. Mälik Ryzwan: «Onuň açary bizde däldir. Ol musulmanlaryň dilindedir. Oňa Muhammet alaýhyssalamyň ummaty girýänçä, başga biri girmez» diýdi. Idris alaýhyssalam: «Men oňa bir girip, ýene çykaryn» diýdi. Mälik Ryzwan: «Eger ol «Lä ilähe illalla, Muhammet resulalla» diýse, işik açylar» diýdi. Idris alaýhyssalam ýüreginden yhlas bilen: «Lä ilähe illalla, Muhammet resulalla» diýdi. Işik açyldy. Ol jennete girip tomaşa etdi, hüýr-u-kusuru we gulman-u-wildany, tagt-u-bagty, eýwan-u-keýwany, nazy-nygmaty, şireýi-şerbeti, nebatat we kandylatlaryny görüp, behiştden çykmaga raýy bolmady. Ol ýerde köwşüni goýup çykdy. Ol: «Meniň jennetde köwşüm galypdyr» diýip, ýene oňa girdi. Ondan soň Idris alaýhyssalam ýene behiştden çykmaga göwnemedi. Mälik Ryzwan oňa: «Eý, Idris! Sen jennetden çyk» diýdi. Idris alaýhyssalam: «Meniň jennetden çykar ýaly işim ýok. Men bu ýerde galmaga geldim. Men öň ölümiň şerbetini datdym. Dowzaha girip çykdym. Syrat köprüsinden ötüp, gelip jennete girdim. Mundan hem çykaryn diýip oýlapdym. Onsoň men bu ýerden çykdym, soňra ýene girdim. Indi men behiştden çykmaryn» diýdi. Hezreti Ezraýyl bilen Mälik Ryzwan bu ýagdaýa haýran galyp durdular. Olar: «Eý, Taňrymyz! Seniň bu bendäň jennetden çykmaga göwnemeýär» diýdiler. Allatagaladan: «Eý, perişdeler! Onuň bu sözi rastdyr. Çykmasa, goý ol jennetde galybersin» diýen owaz geldi. Idris alaýhyssalam jennetde baky galdy. Ol bu ýerde perişdelere goşulyp, ybadata meşgul boldy. Hezreti Şis alaýhyssalamyň dünýäden bu ýere gelende ol ýüz ýaşyndady. Iki ýüz ýyl geçensoň bulara pygamberlige wehi geldi. Olar ýene ýüz bäş ýyl halky yslama çagyrdylar. Hezreti Idris altmyş bäş ýaşynda Ham diýen hatyny nikasyna aldy. Ondan Matuşlah doguldy. Ol ýüz ýigrimi bäş ýaşa girende Kaýnuş diýen gyza öýlendi. Ondan Nuh pygamber doguldy. Päklik we ýardam bermeklik Allatagalanyň öz erki bilendir! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |