08:39 Kysasyl enbiýa -17: Harut we Marut perişdeleriň wakalarynyň beýany | |
ALTYNJY KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
HARUT WE MARUT PERIŞDELERIŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Enes ibn Mälik (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) şeýle rowaýat edipdir: Kabylyň bir kör ogly bardy. Onuň gözli ogly hem bardy. Bir gün atasyny ogly idekläp barýardy. Olara bir oglan sataşyp: «Bu adam atamy öldüren kişi» diýip, ol köri daş bilen urup öldürdi. Perişdeler bu wakany görüp: «Eý, Taňrymyz! Bu nähili ýagdaýdyr? Ol bu ejiz biçäräni bigünä urup öldürdi. Eý, Taňrymyz! Biz «Adamy ýaratma, ol nähak gan döker» diýip aýtmanmydyk» diýdiler. Allatagaladan: «Eger siz ýer ýüzünde bolsaňyz, onda siz mundan hem beter bozgakçylyk edersiňiz. Sizden köp uly günäler çykar. Olara zen, perzent, iýmek-içmek, zeru-sim, hyrslu-nebis (betnebislik), şöwhet (jyns gatnaşyklaryna bolan höwes), bulardan başga hem belaýy nägehan (duýdansyzlykda gelýän belalar) bardyr. Olaryň munça zatlar bilen asy-günäkär bolmaklary sähelçedir. Emma size ol belalaryň birini ýa-da ikisini bersem, siz tiz wagtda asy bolarsyňyz» diýen owaz geldi. Perişdeler: «Beýle ýagdaýlardan Allatagalanyň özi bizi penasynda aman saklasyn! Biz günä işleri etmeris»diýdiler. Allatagaladan olara: «Eý, perişdeler! Öz araňyzdan iki sany ýagşy ylymly perişdäni saýlap geliň» diýip, perman boldy. Olar iki sany perişdäni alyp geldiler. Olaryň biriniň ady Garaýyldy, beýlekisiniň ady Garaýaniýady, ýene biriniň ady bolsa Garaýady. Allatagala bu üçüsine nebis isleglerini, iýmek-içmek häsiýetini berip, olary ýer ýüzüne iberdi. Olaryň biri kazy, biri bolsa müfti boldy. Garaýyl diýeni bu pes älemde bolup, wakalara we ýagdaýlara birnäçe wagt ser salyp, haýran bolup ýöredi. Ol: «Biz bu gün ýa-da ertir asy bolarys» diýip, Allatagala arz edip: «Eý, Taňrym! Men bu sözden toba etdim. Meni öňki halyma getir» diýdi. Şeýdip, ol yzyna dolanyp geldi. Emma Garaýa bilen Garaýaniýa kazy we müfti bolup, hökümet hasasyny gollaryna salyp oturdylar. Bularyň perişdedigini hemme halk bildi. Bir gün bir hatyn äri bilen uruşdy. Ol hatynyň ady Zöhredi. Ol päk aýaldy. Är-hatyn dawalaryny çözmek üçin kazynyň ýanyna geldiler. Kazy bilen müftiniň gözi bu hatyna düşüp, oňa aşyk boldular. Olar hatynyň ärine: «Sen bu hatyna zulum edipsiň. Sen ony talak et ýa-da oňa bir eminiň ýanynda öý tutup ber» diýdiler. Ol kişi hatynyny talak etmäge göwnemedi. Ol: «Bir eminiň ýanynda öý tutup bereýin» diýdi. Perişdeler: «Biz emindiris. Biziň ýanymyzda oňa öý tutup beräý» diýdiler. Ol kişi bu ikisiniň arasynda hatynyna öý gurnap berdi. Bir gün gije bu ikisi biri-birinden habarsyz Zöhräniň işigini sakladylar. Bir sagatdan soň bu ikisi bir-birinden habardar boldy. Ol ikisi maslahatlaşyp, Zöhräniň ýanyna geldiler. Olarda güýçli duýgy peýda boldy. Olar şöhwete hiç takat edip bilmediler. Ahyry bu nämährem hatyna gollaryny uzatdylar. Ol hatyn: «Siz perişdediris diýýärsiňiz. Siz bir beýle işleri etmäň» diýip, olary bu hereketlerinden saklajak boldy. Emma onuň bu sözi olara täsir etmedi, tersine olaryň jynsy duýgularyny güýçlendirdi. Ahyrsoňy ol hatyn: «Beýle bolsa, siz maňa asmana çykarýan ismi – Agzamy öwrediň. Ondan soň siz näme diýseňiz, men şony kabul edeýin» diýdi. Bular Zöhrä ismi – Agzamy öwretdiler. Zöhre: «Ilki bilen men özümi suwa salyp päkläýin. Soň siziň teklibiňizi kabul edeýin» diýdi. Zöhre gusul we täret alyp päklendi. Ondan soň ol hajatlary bitiriji Allatagala arz edip: «Eý, Taňrym! Bu ikisi meni zyna etmäge meýil etdirjek bolýarlar. Zyna – Seniň dergähiňde uly günädir. Meniň zyna etmäge takatym ýokdur. Ismi – Agzamyň haky we hormaty üçin meni bulardan halas et!» diýdi. Allatagala Zöhräniň köňlüniň päkliginden onuň bu dilegini kabul etdi we perişdelere: «Ol hatyny dergähime alyp geliň» diýip, perman berdi. Şol wagt säher çagydy. Perişdeler Zöhräni asmana alyp çykdylar. Zöhre säherde çykýan Çolgan diýen ýyldyza öwrüldi. Ol ýyldyz şol päk hatyndyr. Elkyssa, bu hatynyň işi halka meşhur boldy. Köp hatynlar beýle işi höwes etdiler. Emma ony edip bilmediler. Bir hatyn bikarar bolup: «Maňa çakyr getiriň. Ondan içip, mest bolup, aýşy-eşret süreliň» diýdi. Ol hatyna çakyr getirdiler. Olar hatyn bilen çakyr içip, mes bolup, iki perişde onuň bilen zyna etdi. Soňra ol hatyn: «Siz maňa ismi – Agzamy öwrediň» diýdi. Olar oňa ismi – Agzamy öwretdiler. Ol ismi – Agzamy okap, asmana çykmakçy boldy. Allatagaladan perişdelere: «Bu näpäk, bozuk hatyny tutup uruň» diýen perman boldy. Perişdeler ony otly sütünler bilen urdular. Ol hatyn bäş bölege bölünip ýere düşdi. Olaryň biri kükürtdäki oda, biri çakylan oda, biri suwdaky oda, ikisi beýebandaky we goldaky oda öwrüldi» diýipdirler. Elkyssa, ondan soňra bu perişdelerden bu hili günäler ýüze çykdy. Olar özlerine baksalar, ýüzleri döw sypat, reňkleri gara öwrülipdirler. Bularyň beýle işlerinden ähli perişdeler gyjalata galdylar. Allatagaladan: «Eý, perişdeler! Meniň gadagan eden işlerimi etdiňiz. Indi nähili bolarsyňyz?» diýen owaz geldi Olar: «Eý, Taňrymyz! Sen dana ekeniň, biz asy bolduk. Sen bizi nähili işe buýursaň, biz şoňa laýykdyrys» diýip, ýüz müň puşman we nedamat etdiler. Hezreti Jebraýyl alaýhyssalam: «Indi siz hezreti Idris pygamberiň gaşyna baryň. Günäleriňiz bilen oňa arz ediň. Belki, ol Allatagaladan günäleriňizi diläp alar» diýdi. Olar Idris alaýhyssalamyň ýanyna gelip, günäleri bilen oňa arz etdiler. Idris alaýhyssalam mynajat kylyp, olaryň günälerini geçmegini Allatagaladan diledi. Allatagaladan: «Eý, Idris! Sen olaryň günäsini Menden dileme. Sen olardan sora, men olary dünýäde goýup, kyýamatda azap bereýinmi ýa-da dünýäde azap berip, kyýamatda azapdan aman edeýinmi?» diýen owaz geldi. Idris alaýhyssalam olardan sorady. Olar: «Ahyretiň azaby gatydyr. Biz bu dünýäde azapdan halas bolarys, ahyretde azapdan halas bolup bilmeris. Bu dünýäde azap tartanymyz ýagşydyr» diýdiler. Allatagalanyň permany bilen bu iki perişdäni Babylda bir guýynyň içinde başlary aşak, aýaklary ýokary edip asyp goýdular. Olar çakyr içip, zyna edendikleri sebäpli iki ukubete sezewar boldular. Olaryň biriniň burnuna çyranyň ysy dek ys gelip durar, beýleki biriniň bolsa guraly şöwhetden ýaňa ýarylandyr. Bu dertler olara tä kyýamat gününe çenli aram bermez. Ýene bir rowaýatda, ol iki perişde köp kişilere jadylygy öwredendigi üçin Allatagala olardan perişdelik adyny göterip, Harut we Marut diýip at goýdy. Ol sebäpli Kaşmir welaýatynda jadylyk meşhurdyr. Her bir kişi özünden uly bilen oýnaşsa, onuň jezasy şeýle bolar. Elbetde, bu zatlary Allatagalanyň özi ýagşy bilýändir! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |