13:05 Kysasyl enbiýa -18: Nuh alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany | |
ÝEDINJI KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
NUH ALAÝHYSSALAMYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Nuh alaýhyssalam: «Men sizi äşgär gorkuzyjydyryn» diýip, kowumyna nesihat berdi. Ol: «Men: «Siz Taňryňyzdan günäňizi geçilmegini diläň. Allatagala günäleri geçijidir» diýip aýtdym» diýdi. Ol: «Eý, Taňrym! Ýeriň ýüzünde kapyrlardan bir adam hem goýma» diýip, Allatagaladan dileg etdi. Ol: «Biz ony we onuň ýanyndakylary tupandan halas etdik» diýen aýat bilen hormat-sylaga eýe boldy. Oňa: «Eý, Nuh! Sen biziň tarapymyzdan salamatlyk bilen gämiden düş!» diýen mertebe halaty berlendir. Ol: «Nuha hemme älemlerde sag-salamatlyk bolsun» diýen ýalkawa mynasyp bolandyr. Nazm Gündogardan Günbatara Nuh pygamber dagwaty, Elli egsik müň ýyl ol rysalat müddeti, Gije-gündiz özi ýalňyz gaýgy-emgek ýüklenip, Söz eşitmez kapyr era günde artdy zähmeti. Haka: «Lä tezer» diýip, ýalbaryp kyldy doga, Bu ejabata dogadan kyrk ýyl erdi möhleti. Din üçin köp kyn tartyp, ýörütdi hak ýarlygyn, Gije-gündiz emgek içre galmady hiç takaty. «Wasna‘il-fulke» emri bilen ýondular üç gat gämi, Girdi oňa, ýetdi erse ile tupan haýbaty. Ýagdy ýagmyr, akdy sil hergiz dynmaý alty aý. Görki mundag, mundan artyk möwlamyzyň gudraty. Özi galdy üç ogul-gelinleri birle ýene, Barça öldi top tükendi küfru-betgat zulmaty. Nuh ibn Elmek ibn Matuşlah ibn Idris ibn Mehlaýyl ibn Senha ibn Kaýnuş ibn Kynan ibn Anuş ibn Şis ibn Adam. Onuň şunuň ýaly on arkasy bardyr. Olaryň hemmesi musulmandy. Nuh alaýhyssalamyň ady Şäkirdi. Ol köp nuha kylany üçin oňa Nuh diýip at berdiler. Onuň aglamagy üç sebäpdendir: Birinji sebäbi – bir gün şeýtan (goý, oňa nälet bolsun!) onuň ýanyna gelip, hetden-hasapdan daşary razylyk we minnetdarlyk bildirdi. Nuh alaýhyssalam: «Eý, melgun! Sen näme üçin munça şat bolýarsyň?» diýdi. Iblis: «Eý, Nuh! Hemme älemiň halky seniň dilegiň bilen ýok boldy. Olar suwuň üsti bilen dowzaha düşülerdi. Dowzahyň içi dolup, meniň köňlüm dynç-aram tapdy. Men gam-gussadan halas boldum. Eger sen dileg edip, munça halky ýoklamadyk bolsaň, bulardan gör näçe pygamber, näçe weliler, näçe alymlar, näçe zahytlar, näçe ýagşyzada-salyhlar, näçe pazyllar beýik mertebeliler peýda bolardy. Men ol sebäpli saňa minnetdar bolşum ýaly, owwal-ahyr hiç kim minnetdar bolan däldirin. Maňa sen dek hyzmat eden hiç bir kişi ýokdur» diýdi. Nuh şonuň üçin ol puşman-nedamat edip: «Näme üçin men sabyr etmän, bitakat bolupdyryn» diýip, köp ýyglady. Bu agynyň agyrysyny tende jan we diňe Allatagala bildi. Bu sebäpli oňa Nuh diýip at berildi. Ikinji bir sebäbi, ol bir gün otyrka, bir it gelip, onuň ýanynda durdy. Nuh alaýhyssalam oňa: «Eý, betşekil it, aňry git!» diýdi. Ol it: «Eý, Nuh! Sen nagyşy aýp bilýärsiňmi, ýa-da nakgaşy? Eger sen nagşy aýyp bilseň, onda men öz halyma bolmadym. Eger nakgaşy aýyp bilseň - ol Allatagaladyr» diýdi. Nuh alaýhyssalam ite aýdan bu sözüne ökünip ýyglady. Bu sebäpli oňa Nuh diýip at berdiler. Üçümji bir sebäbi, Allatagaladan şeýle habar geldi: «Eý, Nuh! Sen köp ham täret küýzesini taýýar et». Nuh alaýhys-salam köp ham täret küýzesini taýýar etdi. Soň oňa: «Olaryň hemmesini syndyr» diýip, perman boldy. Ol olaryň hemmesini syndyrdy. Nuh alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Sen küýze ýasa diýdiň. Men olary nähili muşakgatlar bilen taýýar etdim. Soňra sen olaryň hemmesini syndyr diýip, perman berdiň. Men hem olaryň hemmesini syndyrdym. Sen meniň zähmetimi zaýa etdiň, onuň sebäbi nämedir?» diýip sorady. Allatagala: «Eý, Nuh! Sen bäş-alty günde ýasan jansyz küýzäň üçin: meniň zähmetimi zaýa etdiň diýýärsiň. Meniň bendelerim Gündogardan Günbatara çenli doludy. Sen olaryň hemmesini ýok et diýip dilediň. Men seniň bu dilegiňi kabul edip, olaryň hemmesini bir gezekde ýok etdim. Emma men saňa şunça halkymy näme üçin ýok edeýin diýdimmi?» diýdi. Ol bu sözden köp gyjalata galyp, kän ýyglady. Onuň üçin ol Nuh diýip atlandyryldy. Elkyssa, Nuh alaýhyssalamyň zamanynda bu älem Gündogardan Günbatara çenli tamlar biri-birine bitişip durdy. Tamlaryň üsti bilen Gündogardan Günbatara çenli ýere düşmän baryp bolýardy. Ýer ýüzünde ekin ekmäge ýer galmandy. Şonuň üçin adamlar daglaryň üstüne toprak daşap, daşlaryň üstünde ekin ekerdiler. Eger asmandan taýak taşlasaň, ol adamlaryň başyndan başga ýere düzmezdi. Hezreti Nuh alaýhyssalamyň pygamberliginiň sebäbi şudur. Idris alaýhyssalam bu dünýäden göterilip, ebedi jennete galdy. Aradan köp wagt ötdi. Yslam ýok bolup gidip, dünýäni küfru-zelalat tutdy. Adam perzentleri iki kysym boldy. Kabylyň perzentleri şäherde, hezreti Şis alaýhyssalamyň öwlatlary dag-düzlerde mekan tutundylar. Bularyň ýigitleri görmegeýdi. Kabylyň öwlatlary görmeksiz we betgörnüş halkdy. Emma olaryň hatynlary owadandy. Bularyň adaty ili ýygnap, nagara çalyp, oýnamakdy. Bir gün şeýtan (goý, oňa nälet bolsun!) gelip, nagara çalyp, ili ýygnady. Ol gün bularyň baýramydy. Şis alaýhyssalamyň öwlatlaryndan bir kişi gelip bularyň işine tomaşa etdi. Bu kişi bularyň owadan gyz-gelinlerini görüp, olara höwes etdi. Ol baryp birnäçe ýigitlere bu wakany aýtdy. Olaryň bulary görmezden höwesleri gelip, bu ýigit bilen tanşyp, baýrama tomaşa etmäge geldiler. Olar bu biwepa, bozuk hatynlary görüp, olar bilen oýnaşdylar. Bara-bara Şisiň ýaş ýigitleriniň köpüsi bu ýere gelip, bozuk işlere köňül berip, köp pyssy-pujurlyklar etdiler. Allatagala ol halky dogry ýola çagyrmak üçin Nuh alaýhyssalamy iberdi. Bu mazmuna şu aýat delildir: «Biz Nuhy öz kowumyna gaty azap gelmezden öň: «Kowumyňy onuň bilen gorkuz» diýip iberdik». Ikinji söz şudur, Hezreti Adam safyulla: «Meniň perzentlerim Kabylyň öwlatlaryndan hatyn almasyn, olara hatyn hem bermäň» diýip wesýet edipdi. Bir gün Şis öwlatlaryndan ýüz ýigit bu şähere gelip, owadan hatynlary görüp, olar bilen oýnaşdylar. Bu hatynlar ýagşy näz-kereşme edip, olary özlerine är edindiler. Bu ýigitleri yzlap, ýene şunça kişi geldi. Olary hem bozuk aýallar tutup alyp, allaryna salyp, bozmaga we azdyrmaga başladylar. Olaryň käbirleri köňül berip är-hatyn bolup galdylar. Kabylyň öwlatlary sansyz bolup gitdi. Olaryň kapyrlygy, butparazlygy hemme halka ýaýrady. Hekaýat. Butparazlygyň başlanşy şeýledir. Hezreti Adam ölende Kabylyň öwladynyň käbirleri: «Ata-babamyzy togap edeli» diýýärdiler, käbirleri olary bu işi etmäge goýmazdylar. Bir gün şeýtan (goý, oňa nälet bolsun!) gelip: «Men size agaçdan bir surat ýasap bereýin. Siz şoňa togap etseňiz, ata-babaňyz Adam alaýhyssalama togap eden ýaly bolarsyňyz» diýdi. Bular şeýtanyň sözüni kabul etdiler. Şeýtan (goý, oňa nälet bolsun!) olara bäş sany surat ýasap berdi. Olaryň biriniň ady Ýagus, biriniň ady Ýaguk, biriniň ady Neser, biriniň ady Suwag, biriniň ady bolsa Uzzady. Olaryň biri bu butlaryň birine sežde etdi. Garaz olaryň her haýsy bir taýpa bolup gitdi. Bular buta sežde edip, köp yhlas we jan çekdiler. Ol wagtda halk örän köpdi. Olar iki aý ýöreseler hem bitişik köçeleriň soňuna çykyp bilmezdiler. Hiç bir boş ýer ýokdy. Olar ekini dagyň depesine ekerdiler. Şol wagt Allatagala Nuh alaýhyssalama: «Bu kapyrlary, otdan, butdan ýüzüni öwürt. Sen olary Meniň Biribarlygyma ünde. Meniň erkimi, hökmümi olara ýetir. Olar meni tanasynlar. Seniň taňrynyň pygamberidigiňi karar etsinler. Olar otdan we butdan ýüz öwrüp, maňa sežde etsinler. Men olara munuň üçin ebedi jenneti bagyş ederin. Olary jennetde tagt üstünde oturdyp, bagt, täç, hülle, hüýrler we köşkler bilen mertebelärin. Olary dürli-dümen nazy-nygmatlar, nebatat we kandylat bilen hormatlaryn. Bulardan başga hem köp-köp engam-yhsan ederin. Kim seniň dagwatyňa unamasa. Meniň Biribarlygyma karar we kabul etmese, iman-yslama gelmese, olara bu älemde dürli-dürli azaplary görkezerin. Olary ahyretde dowzah azabyna we jezalaryna ebedi sataşdyraryn. Olaryň iýmiti zakgum, içgileri zäher bolar. Olaryň damaklaryndan zäheriň awusy müň ýylda hem gitmez. Mundan başga hem olara köp dürli azaplary bererin» diýdi. Hezreti Nuh alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Dünýä giň, adamlar köpdür, men bolsa ýalňyz ýeke özüm. Meniň munça halka güýjüm ýetmez. Eger olar meniň aýdanyma unamasalar, onda men näme alaç ederin» diýdi. Allatagaladan: «Sen olara meniň ýarlygymy (buýrugymy) ýetir. Olaryň imany: «Lä ilähe illalla, Nuh nebiulladyr». Sen adamlara muny öwret» diýip, owaz geldi. Elkyssa, hezreti Nuh alaýhyssalam kapyrlary Allatagalanyň ýoluna çagyrmaga başlady. Ol köçelerde, saraýlarda we bazarlarda ýöräp, halka pent-nesihat etdi. Ol Taňrynyň permanyny halka ýetirdi. Emma kapyrlar ony masgaralap, üstünden gülüp: «Bu jynly kişi bihuda sözleri aýdýar» diýdiler. Ony daş we agaç bilen urup, başyna toprak saçdylar. Nuh alaýhyssalam bir gün Allatagala: «Eý, Taňrym! Men kapyrlara köp pent-nesihat berdim. Emma olar meniň sözlerimi kabul etmediler. Olar meniň sözlerimi eşitmejek bolup, gulaklaryny dykýarlar» diýip, arz etdi. Hezreti Nuh alaýhyssalamyň kapyrlara wagyz-nesihat berip başlanyna üç ýüz elli ýyl ötdi. Olar oňa diňe yza we kemsitmeleri berdiler. Şunça mütdetde segsen kişi musulman boldy. Nuh alaýhyssalam: «Men halkymy gije-gündiz imana we yslama çagyrdym. Meniň bu çagyryşym olaryň imandan gaçmagyndan başga zady artdyrmady». Eý, Taňrym! Üç ýüz elli ýyldan bäri wagyz-nesihat etsem hem olardan segsen kişi-den başgasy musulman bolmady. Emma olar maňa berýän külpetlerini günbe-günden artdyrýarlar» diýdi. Allatagala oňa: «Eý, Nuh! Entek sabyr et!» diýip, perman berdi. Kapyr ölmänkäler, çagalaryna: «Bu jynlynyň sözüne gulak asmaň. Goluňyzdan gelse oňa ezýet beriň, ony uruň» diýip, nesihat edip giderdiler. Bir gün Nuh alaýhyssalam bir ýere barýardy. Onuň öňünden bir kişi alty ýaşly çagasyny göterip gelýärdi. Ol çagasyna: «Eger men ölsem, bu masgara jynly babanyň sözüne gir¬me, oňa gulak asma. Wagtyny tapsaň, oňa yza ber» diýip, maslahat berdi. Ol çaga: «Men ulalýançam bu baba diri galar ýa galmaz. Gowusy, men ony häzir uraýyn» diýip, Nuh alaýhyssalamyň kellesine daş bilen urdy. Onuň kellesi ýarylyp, gan akdy. Ol: «Eý, Taňrym! Bu maňa nähili yza-külpetdir. Indi meniň takat we sabrym galmady. Olaryň ulusy hem, kiçisi hem maňa ejir görkezýärler. Alty ýaşdaky çaga hem maňa ezýet berýär» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Nuh! Sen derek agajyny köp ek» diýip, owaz geldi. Hezreti Nuh alaýhyssalam derek ekdi. Ol agaçlar ulalýança kyrk ýyl geçdi. Oňa çenli ýagmyr ýagmady, kapyr¬laryň hatyny perzent dogmady. Ýylky-garasy, maly hiç köpelmedi. Bulaklar gurady. Derekler ösüp, garrylyga ýetdi. Allatagaladan: «Eý, Nuh! Sen derekleri kes we olardan gämi ýasa. Men adamlaryň üstüne tupan belasyny iberjek. Gündogardan tä Günbatara çenli ýeriň ýüzi suwdan dolar. Suw iň beýik daglardan hem kyrk gez ýokarda durar. Hiç bir jandar diri galmaz, meger seniň bilen gämä giren jandarlar diri galar. Olardan başgalaryň hemmesi heläk bolar» diýýen bir owaz geldi. Bu owazy eşidenden soňra Nuh alaýhyssalam derekleri kesip, şal ýasap, tagtalary taýýar etdi. Ol bentlerini berkitmek üçin demir ýasady. Ol üç gat gämi gurmaklygy niýet edindi. Nuh alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Öküz bilen şir, gurt bilen goýun, garçgaý guşy bilen kepderi duşmandyr. Men bulary biri-birinden nähili tutup aýra saklaryn» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Nuh! Sen olar biri-birine goşulmaz ýaly üç gat gämi taýýarla» diýip, bir owaz geldi. Nuh alaýhyssalam tagtalary ýondy. Her bir tagtada bir pygamberiň adyny ýazyp çykdy. Ahyry dört tagta kem geldi. Onuň bu dört tagtasyz alajy bolmady. Bu dört tagta üçin derek ýokdy, başga bir agaç hem ýokdy. Ol haýran galyp durdy. Allatagaladan: «Eý, Nuh! Nil derýasynyň ortasynda bir çynar bardyr. Ol Anuşyň zamanasyndan galan çynardyr. Şol çynary kesip, gelip ýarsaň, ondan dört tagta çykar. Ondan soň seniň gämiň taýýar bolar» diýip, bir owaz geldi. Nuh alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Men ýalňyzdyryn, ol çynary niçik alyp gelerin. Ol ýer bilen bu ýeriň arasy ýüz günlük ýoldur»diýdi. Allatagaladan: «Eý, Nuh! Iwaj bin Ynagy bir gezek nahardan doýur. Onsoň ol saňa ony getirip berer» diýen owaz geldi. Nuh alaýhyssalam: «Ol müň batman aş-nan bilen doýmaýar. Özi hem hiç howlukmaýar. Men munça tagamy nireden tapaýyn?» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Nuh! Ony meniň özüm doýraryn. Sen onuň hergiz gamyny iýme» diýen owaz geldi. Ähli zatlaryň dogrusyny Allatagalanyň özi ýagşy bilýändir! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |