01:00 Kysasyl enbiýa -8: Adam alaýhyssalama zatlaryň atlarynyň öwredilmeginiň beýany | |
ALTYNJY PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
ADAM ALAÝHYSSALAMA ZATLARYŇ ATLARYNYŇ ÖWREDILMEGINIŇ BEÝANY Bir gün Allatagala: «Men siziň bilmeýän zatlaryňyzy bilýärin» diýen sözi bildirmek we gizlin syry äşgär etmek üçin hezreti Adam alaýhyssalamy nurdan tagta çykaryp oturtdy. Ol bu ýere perişdeleri jemledi. Ol perişdelerden: «Kyýamat güni gelip, sur çalynýança başdan-ahyra çenli aşaky we ýokarky älemden ýaradan möwjudatlardan, ot iýýän haýwanlardan başy – pil, aýagy – garynja, guşlardan başy – symrug, aýagy – çybyn, adamdan başy – Adam, aýagy – sura çenli näçe mahlukat öter, olardan näçe erkek, näçe urkaçy peýda bolar, haýsynyň ömri uzyn, haýsynyň ömri gysga bolar, olara näçe rysgal berler?» diýip sowal sorady. Bu mazmuna Allatagalanyň: «Soňra belent Taňry perişdelere: «Eger-de siz sözüňizde dogruçyl bolsaňyz, maňa şu mahluklaryň atlaryny habar beriň» diýen sözi delildir. Allatagala perişdelere ýüzlenip: «Eý, perişdeler! Siz başda maňa: «Seniň ýaratjak bolýan Adam diýen zadyňdan biz hormatlydyrys. Biz ondan alymdyrys» diýip aýdypdyňyz. Eger siziň bu sözüňiz rast bolsa, meniň sowallaryma jogap beriň» diýdi. Perişdeleriň hemmesi bu sözüň jogabyny aýtmakdan ejiz geldiler. Olar özleriniň sowallarynyň jogabyny aýtmaga ejizdiklerine kaýyl boldular. Olar Allatagaladan ötünç sorap, dil açdylar. Allatagala hezreti Adama «alla-mul-guýub» sypaty bilen nazar saldy. Taňrynyň bu nazarynda hemme pynhan-u-äşgär zatlar hezreti Adama mälim we äşgär boldy. Allatagaladan bir owaz boldy: «Eý, Adam! Indi men seni bu işe laýyk etdim. Sen ilki bilen ähli perişdeleriň sanyny, hasabyny we atlaryny beýan et. Ondan soň özüň hem zürýatyňy, tä, sur çalynýança garynma-garyn, nesilme-nesil näçe doguljakdygyny, näçesiniň erkek, näçesiniň urkaçydygyny, näçe pygamberiň ötjekdigini, olaryň ömürleriniň näçe boljakdygyny, olaryň haýsysynyň haýsy dilde geplejekdigini, geplän sözleriniň näçesiniň meniň sözümdigini, näçesiniň pygamberleriň sözüdigini, näçesiniň peýdasyz sözlerdigini aýt!» diýen bir owaz boldy. Hezreti Adam alaýhyssalam Allatagalanyň ylham nazary bilen ýokarky we aşaky hemme älemdäki mahlukatu-möwju-datlardan haýwanlaryň, ösümlikleriň, daşlaryň, agaçlaryň atla¬ryny, olaryň sypatlaryny, hünärlerini geregiçe beýan etdi. Perişdeleriň Kap başlary aşak sallandy. Şol wagtdan, tä, şu wagta çenli haýran galmakdan başyňy aşak tutmak adat bolup galdy. Ol wagt Allatagala hezreti Adam alaýhyssalamyň başyna «Biz Adam atanyň perzentlerini hormanladyk» diýen aýat bilen täç geýdirdi. Oňa beýik tagt goýup berdi. Ony ýedi basgançakly tagtda oturtdy. Onuň gulaklaryna behiştiň jöwherlerinden halka dakdy, gulaga halka dakmak şundan galdy. Bedenine jennetiň ýetmiş gat haladyny geýdirdi. Onuň ýüzi günüň şöhlesi dek şugla saçyp durdy. Onuň mübärek maňlaýynda Muhammet alaýhyssalamyň nury günden hem zyýadarak ýalkym salyp durdy. Perişdeler ol nury görüp, haýran boldular. Hudaýtagalanyň permany bilen Muhammet pygamberiň nury hezreti Adamyň sag gözüne geldi. Adam alaýhyssalam ol nuruň görklüdiginden şahadat barmagyny göterip: «Lä ilähe illalla, Muhammet resulalla» diýdi. Barmak göterip şahadat aýtmaklyk Adam perzentlerine şondan soň sünnet bolup galdy. Hasyl kelam hezreti Adamyň husny-jemaly şeýle bir görkana boldy weli, şowku-jemal, zowku-wysalyndan hemme perişdeler hesret gollaryny haýrat dişleri bilen dişlediler. Allatagala: «Munuň ýaly sahypjemal, hoşsurat, sahyp jahi-jelal ýaratjak» diýip täsin we aperin kyldy. Perişdeler: «Allatagala beýikdir, Ol iň ýagşy ýaradyjydyr» diýip, dil açdylar. Elbetde, päklik we ýardam bermeklik diňe Allatagalanyň öz emri bilendir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |