09:57 Kysasyl enbiýa -9: Adam alaýhyssalamyň direldilmeginiň... beýany | |
ÝEDINJI PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
HEZRETI ADAM ALAÝHYSSALAMYŇ DIRELDILMEGINIŇ WE ONY ASMANYŇ GATLARYNA GÖTERIP SEÝR ETDIRMEGINIŇ BEÝANY Allatagala perişdelere: «Eý, perişdeler! Adamy şu tagty hem bagty bilen göterip, ony hemme asmanlara, jennete, dowzaha, Arşa, Kürse aýlandyryň! Soňra ony Arşa eltip goýuň» diýip perman berdi. Ondan soňra Allatagaladan: «Adama sežde ediň!» diýen owaz geldi. Hezreti Jebraýyl alaýhyssalam eglenmän we säginmän başyny seždä goýdy. Şol zaman dört mukarrap perişdeleriň her birine bir wezipe bellenildi. Allatagala hezreti Jebraýyl alaýhyssalamy: «Peýkil-emin» diýip atlandyrdy. Hezreti Mikaýyl alaýhyssalama «Kasymyl-arzak» diýip at berdi we oňa mizan terezisini berdi. Ol hezreti Adam alaýhyssalamyň rysgalyny onuň mübärek maňlaýyna ýazdy. Hezreti Ysrapyl alaýhyssalama Sahybys-sur diýip at goýdy. Allatagala Adam alaýhyssalamyň beýan eden atlarynyň ýagmyryň her bir damjasyna çenli, hemme mahlukatlar we möwjudatyň, asmandaky ýyldyzlara, ýerdäki ýapraklara çenli sanyny, hasabyny ýazdyrdy. Her kişiniň başyna ne görnüş ýagşylyk we ýamanlyk geljekdigi ýazyldy. Bu dünýäde nähili iş bolsa, şol günde ýazylan dek bolar. Ondan az ýa-da köp, ýagşy ýa-da ýaman iş bolmaz. Ezel güni diýilýän gün şol gündür. Gudrat galamy diýilýän zat – her kişiniň maňlaýyna enesiniň garnyndaka ýazýan galamdyr. Ol galam ýagşy-ýaman işden artyk ýa-da kem ýazmaz. Hezreti Ezraýyl alaýhyssalama Gabyzul-arwah wezipesini berdiler. Allatagala oňa «Ymaratlary weýran ediji», «Lezzetleri gidiriji» diýip at goýdy. Allatagala seždä başyny goýan başga perişdeleriň her haýsysyna bir iş berdi. Olaryň käbiri namaz, oraza, haj we zekata, käbiri tesbih-u-tehlile, käbiri iman-u-yslama, käbiri salawata, käbiri haýyr-sahawata dahylly boldy. Garaz seždä baş goýan perişdeler hergiz bikär galmadylar. Olar hyzmatdan mahrum bolmadylar. Häzir hem bir kişi yhlas we jan-u-dil bilen seždä başyny goýsa, ol başyny gury götermez. Elkyssa, bu perişdeler beýle hormat-sylagy Adam alaýhyssalamyň bereketinden tapdylar. Wagty gelende perişdeler hezreti Adam alaýhyssalamy göge alyp çykdylar. Hezreti Jebraýyl alaýhyssalam oňa Meýmuna atly bir aty getirip berdi. Ol at ýüpekden ýaradylandyr. Adam alaýhyssalamy ol ata mündürdiler. Jebraýyl alaýhyssalam onuň jylawyny tutdy. Mikaýyl alaýhyssalam onuň sag tarapynda, Ysrapyl alaýhyssalam çep tarapynda, Ezraýyl alaýhyssalam hemme perişdeler bilen onuň yzynda ýörediler. Şeýdip, olar ony asmanlara alyp çykdylar. Ýolda olara başga perişdeler sataşdylar. Hezreti Adam alaýhyssalam olara: «Essalamu aleýkum» diýip salam berdi. Perişdeler: «We aleýkumussalam we rahmetullahi we berekatuh» diýip, onuň salamyna jogap gaýtardylar. Allatagala: «Eý, Adam! Ine, şu seniň salamyňdyr. Seniň mömin perzentleriň salamy hem şeýle bolmalydyr»diýdi. Sowal: Perişdeler sejdäni Hudaýtagala kyldylarmy ýa-da hezreti Adam alaýhyssalama kyldylar? Jogap: Olar Allatagalanyň emri bilen seždäni Adam alaýhyssalama kyldylar. Bu ýerde Allatagalanyň maksady hezreti Adam alaýhyssalamyň artykmaçlygyny we keramatyny hem-me¬lere mälim etmekden, dostlaryny şat, duşmanlaryny mat etmekden ybaratdy. Ýene bir jogap: Ol sežde bäş görnüşdedir. Olaryň biri – ybadat seždesini Allatagala üçin kylýarlar. Ýene biri – tahiýýat seždesidir. Munuň ýaly sejdäni Ýusup alaýhyssalama agalary etdiler. Üçünji biri – sähw seždesidir. Ony namazda kylarlar. Dördünjisi – şükür seždesidir, ýagny Hudaýtagalanyň beren nygmatyna şükür etmek seždesidir. Bäşinjisi – tilawat seždesidir. Ol Gurhan okalanda on dört ýerde gelýändir. Bir rowaýatda şeýle aýdylypdyr: Jemi ýüz ýigrimi dört müň pygamber bardyr. Olaryň üç ýüz on üçüsine pygamber mürsel diýilýär. Olaryň içinde ýigrimi dördüsi pygamber afzaldyr. Jebraýyl alaýhyssalamdan Allatagalanyň habaryny alan pygamberler mürseldir. Allatagala Jebraýyl alaýhyssalamyň üsti bilen habar gelmedik pygamberler-nebidir. Allatagala ýedi pygambere bir ýüz on dört sahypa iberdi. Ol elli sahypany Şis alaýhyssalama, otuz sahypany Idris alaýhyssalama, ýigrimi sahypany Ybraýym alaýhyssalama iberdi. Ol Töwraty Musa alaýhyssalama, Injili Isa alaýhyssalama, Zebury Dawut alaýhyssalama, Furkany Muhammet alaýhyssalama iberdi. Emma hiç bir pygamber Muhammet alaýhyssalamdan artyk däldir. Hiç bir kitap Furkandan hormatly däldir. Elbetde, päklik we ýardam bermeklik Allatagalanyň öz emri bilendir! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |