22:55 Dirilik suwy -12: romanyň dowamy | |
IKINJI BÖLÜM
Romanlar
1. «Näsag eneden sagdyn çaga dogmaz» Halk nakyly. «Gyzamyk – adamyň tutuş bedenini birinji basgançakdan ikinji basgançaga geçirýän, peýdaly hem ýowuz dertdir» Häzirki zaman lukmançylygynyň tejribesinden. «Guragyry bogunlarda ýaýnap, soňundan ýüregi parçalaýar» Häzirki zaman lukmançylygynyň tejribesinden. «Ysmanagy gaýnadyp, süzüp, ýaga ebitläp iýseň, ýüregi we bedeni kuwwatlandyrýandyr» Halk tebipçiliginden. «Ýaňy gölesi bolan sygryň, guzusy, owlagy bolan goýnuň, geçiniň owuz süýdi köne dertleri sökýändir» Halk tebipçiliginden. Dawut üçin lukmançylyk institutyna okuwa girmek, aýdyp bolmajak derejede öz-özüňden razylyk duýgusyny döretdi. Oňa umumy ýaşaýyş jaýyndan jaý bermeseler-de, Aşgabatda, iliň ýetip bilmeýän ýokary okuw jaýynda okamak duýgusy ýüreginiň teýinde henize-bu güne açylman, pynhan ýatan buýsanç wulkanyny paşyrdadyp atyp goýberipdi. Ol ertir ýigrimi ýedinji awgust diýlen güni etrap merkezindäki aragatnaşyk bölümine baryp, instituta jaň edip, özüniň okuwa alnandygyny, alynmandygyny sorady. – Geliber. Girenleriň arasynda adyň birinji dur – diýip bir türkmen gyzy buşlady. Ol şondan soň puluny hasaplap gördi. Dört müň manady bar eken. Şondan gyr-gyssag arada, iki-üç güniň içinde Toýjan dädä bir müň dört ýüz manada gozakly, täzeje «IŽ» motosiklet alyp berdi. Ejesine bäş ýüz manada süýtli, gölelije sygyr satyn alyp berdi. Işikde guran agylyna bäş-alty sany goýun getirip saldy. Öýlerine dört ýüz manada «Dnepr» sowatgyjyny satyn aldy. Jigileriniň hersine goşa-goşadan ýüzük satyn aldy. Atasyna çäkmen, bir laý egin-eşik satyn aldy. Özüne Aşgabada barsa «wiý» diýilmez ýaly egin-eşikleri, gowja köwüş satyn aldy. Ejesine «özüňe bir zatjagazlar satyn algyn» diýip, müň manat pul berdi. Şonda-da özüne müň manat pul galdy. Dawut birinji sentýabr güni eýýäm institutdady. Şol gün ony, ýene-de birki sany oglan-gyzy institutyň rektory, Çary Baýryýew diýilýän adam kabul etdi. – Gowja okaň. Institutyň abraýyny belende göterjek boluň. Tertiplije boluň. Näme kemçilik bolsa, meniň ýanyma geliň.... Oglanlaň biri umumy ýaşaýyş jaý soragy. – Bizde, birinji ýyllyklara diňe gyzlara opjit berilýär. Mümkinçilik bolsa, size-de bereris. Ol şondan soň özüne kireýine jaý gözledi. Ol şäheriň iler başyndan, Daşhowuz köçesiniň ugrunda Lora daýza diýilýän bir ermeni aýalyň howlusynda bir otagy kireýine aldy. Lora daýza keltejik, togalak, her sagrysyna bir hamyr tabak düňderilen ýaly, mydama nämedendir närazy bolup, özbaşyna gargynyp ýören murtlak, gap-gara, ýaşy bir çene baran aýaldy. Bu aýalyň adamsam, oglam nämüçindir zyndana höküm edilipdir. Gelni öýkeläp gidipdir. Şonuň üçin howly, otaglar boşlaňdy. Lora daýza Dawudam, meger, özüne meňzäp duran, kelte, betnyşan bolany üçin jaýyna alan bolsa gerek.... – Ýigrimi bäş manat! Hiç kimi getirmeli däl. Eneň, ataň bolsa gelibersin, başgalary goýbermen – diýip, ol oglanyň öňünde başdan öz şertini goýdy. Dawut boýunsunyjylyk bilen ýylgyryp durşuna: « – Eý, garryja enem, ikimiz eneli –ogul bolarys. Sen nämäniň gürrüňini edýärsiň, enşalla, Alla ýol berse, men seniň arkadagyň bolaryn» – diýip ýakymlyja oýlandy. Dawudyň puly bardy. Edil göwün isleýän jaýynam tapdy. Aslynda, ony jaý däl-de, okuw gyzyklandyrýardy. Oňa illeň okaýşy ýaly okamak zerur däldi. Onuň bir okuwy, azyndan bäş ugur boýunça okasy gelýärdi. Ol okuwa girendigi belli bolandan soň, öýlerinde ertir çaý başynda, özüniň Aşgabada okuwa gitjek bolýandygyny aýdanda, kaksy Toýly öküz: – Aý, işini gutaran tentek, nämä gerek. Ine, men bir kelasam okamok, günümi görüp ýön-nä – diýdi. Annajemal begenjeginem, gynanjagyna bilmedi. – Näçe waht, Ditjan – diýdi. – Ýedi ýyl dagy okamaly bolaryn. – Bäh, wah-heý, o ne bala, çaga?! Soň Annajemal aglamjyrady. – Ditjan, bir topar garryny taşlap gidiberjekmi? – Eçjanym, her aýda gelip, habar tutar giderin. – Ors-pors alyp, kapyr bolup gitjek diýsen-e, döremän geçen, döremedik. Jigileri gelip oňa gyssmyljyraşyp: – Ditjan, bizem Aşgabada alyp gidip, aýlarmyň – diýişdiler. Dawut bu agy-perýatdan çykyp, daýysynyň ýanyna gitdi. Gündogdy aga işe gitjek bolup duran eken. Ol Dawudy görüp begendi. – Oh-o! O-o-o, ýegen jan, gel! Dawut onuň bilen salamlaşdy. – Daýy, men-ä gidip barýan. «Biziňkilerdenem göz-gulak bolaweri» diýeýin diýip, hemem hoşlaşaýyn diýip geldim. Gündogdy aga ýylgyrdy. – Hawwa, nirä ýola düşdüň, ýegen jan! Dawut utanjaň ýylgyrdy. Onuň gap-gara ýüzi uly agzy birhilije betgelşik jallaryp, ony hasam myrtar görkezdi. – Meni okuwa alypdyrlar. – O-ho! Haýsy okuwa, ýegen jan? – Medinistuta! Tohtorçylyga. Ýaşuly doňup galdy. – Haýky o.... – Medinistituta! Ýaşuly atylyp gelip Dawudy gujaklady. – Berekella, ýegen janym, tama-da şeýledir senden. Şol wagt Ejebaý mugallym daş çykdy. Ol adamsynyň ýarym-ýaş bolup ýegenini gutlap durşuny görüp, birhili düýrükdi. – Eýgilikmi, ýegen jan. Gündogdy aga öňürtiledi. – Ýegen-ä medinistituta okuwa giripdir! – Tüweleme, baý-buw, bolaýypdyr, berekella. Haçan gitmeli. – Häzir, mugallym, gidip barýan. Gündogdy aga ony saklady. – Ýegen janym, men seni bir ýyllap özüm saklaryn. Bir ýyllap, sen hiç zady gaýgy etme, men bardyryn arkaňda – diýip, buýsançly aýtdy. Soň, aýalyna: – Ejebaý, ýegene bir bäş ýüz manat al, öýden – diýdi. Dawut ör-gökden geldi. – Ýo-ok, daýy, daýza, ýok, häzir däl, gerek wagty özüm diläbem alaryn. Emma ýaşuly olara aňkarylyp duran aýalyna gatyrganyp, urduryp öýüne girdi. Bir salymdan eli pully çykyp: – Hany, ýegen, gaty begendirdiň, entek şuny bir al-hany – diýdi. Soň ony demir ýol menziline çenli, bar iş-güýjüni owarram edip, ugratdy. Ýolda bir aýdan zady: – Ýegen jan, sen meniň ýürejigim bolýaň. Men Alladan bir ogul diledim. «Allam, bir ogul ber. Olam lukman bolup, iliň-günüň derdine ýarasyn» diýdim. Heýç bolmady. Dogany gyz boldy durdy. Ine, bagtymdan sen meniň umytlarymy bitiren ogul bolduň. Indi, ýegen, diýjek zadym, men bir ýyllap, näme harjyň bolsa çekjek. Ýöne oka, şu bar-a, ol gözüni ýoldan aýryp, Dawudyň ýüzüne dikdi. – Tap, näçe bermelem bolsa, oka, oka, oka, tap, şunuň aňyrsyna-da ýet, düýbünem deş. Bizden ogul-a galmady. Sen maňa oguldanam artyk bol-da Beýik ýegen janym, beýik tohtor ýegen janym, propissar, akadimik ýegen janym bolup galsyn, . Soň bir gün biziň çagalarymyzdan «Al-eýt, sen kimlerden bolarsyň?!» diýlende, «Men Dawut tohtoryň ýegenidirin» diýsinler. Ine, seniň baş wezipäň şu bolsun, ýegen janym! Men seni oglumdanam beter saklaryn, ine görersiň. Gündogdy aganyň begeneni çyn eken, ol Dawudy otla mündüren soňam, gözlerine begenç ýaşyny aýlap galdy. Brinji sentýabrda institutda iki ýygnak boldy. Şonda bir garryja professor çykyş etdi. – Birinji bilen, siz geljekki wraçlar! Hemişe instituta geleniňizde, akja halatly, başyňyz silindirli bolarsyňyz. Tabşyrjak zadym, haladyňyz juda arassa, ütükli, bolsun, bu bir. Soňam okuw diýseler, şomyş diýip, ýöne bagryňyzy gerip ýatmaň. Dynjam alyň. Geçen ýyl bir talybymyzyň okamakdan kellesi üýtgedi. On iki talyp, agyr görüp, okuwy taşlap gitdi. Dynç alyň, gowja iýip-içiň. Kino, teatra gidiň. Siz geljekde medeniýetem ýaýradyjylar bolmalysyňyz. Wraç bolup, «Keýmir kör», «Söýgi» spektakllaryny bilmeseňiz, sizdenem bir medeniýetli adam bolarmy?! Özüňize üns beriň. Ýaşlyk geçer gider. Talyplyk döwri, ýigitligiň iň gözel döwrüdir. Ony, okuwa bulaşyp, duşuňyzdan bihuda geçirip goýbermäň. Okuwyň esasy döwri üçünji, dördünji ýyllaryňyzdyr. Şoňa, kem-kemden özüňizi taýýarlaň – diýdi.-Okuw bilen tohtor bolup bolmaz. Ony okuwy gutaryp gideniňizden soň, ýyllar boýy, görüp, bilip, ýalňyşyp, ýalňyşyňy düzedip, wraç bolunýandyr.... Dogry, okuwam gerek, ýöne öz ölçegi bilen bolsun.... Emma Dawut başgaça pikir edýärdi. Okuwy başyndan başlap, bäş-alty ugry boýunça gaty berk alyp gitmeli. Ýöne, şonda-da, hälki professoryň aýdyşy ýaly, iýip-içmäge-de, geýinmäge-de, kino, teatra gitmäge-de, dynç almaga-da ýetişmelidi. Ol ýygnakdan çykyp, boljak sapaklaryň raspisaniýasyny ýazyp aldy, institutyň kitaphanasyna baryp, agyr nobata durup, giç agşama çenli gerek boljak kitaplary aldy. Ol şu gün, latin dilinden, biologiýadan organiki himiýadan ders aldy. Her sapaga bir umumy depder tutdy. Okuwdan çykyp dükana gidip, üç sany akja halat satyn aldy. Soň akja ýüpek matadan özüne gelşip duran silindr tikindi. Ony eplem-bükleň bolup durmaz ýaly, matanyň arasyna galyň kardon kagyzjagaz goýdy.... Täze goňşusynyň bir gyzyklyja pişe bilen meşgul bolup oturanyny görüp, Lora daýza-da onuň işine goşulyp gitdi. Onuň özi tikin-çatyndan çykanam bolsa, matalary alyp, goňşularyna çykyp gitdi. Ýöne, bir salymdan ýüzüni eňşigip gapydan girdi. – Waý, öldüm, waý ölýän.... Dawut aljyrady. – Lora daýza, näme bolýar? Bu garry aýalyň endam janynyň guruşma keseli bolup, ol mahal-mahal tutýan eken. Häzirem, ol elleri, aýaklary çekip, gap-gara gazan ýaly düwlüp, keserip, titräp ýatyrdy. Dawut onuň başujyna baryp: – Men näme edeýin, Lora daýza – diýip, özelenip sorady. Ýaşuly aýal, gagşap, şakyrdap duran dişlerini açyp bilmän, dodaklaryna salyp, ysgynsyzja: – Elim, aýagym, owkala! – diýdi. Dawut bu aýaly edil bir hamyr ýugran ýaly ýugrup başlady. Garry çydaman: – Öldürdiň, beýtme, aýryl–diýse-de, ony beter owkalady-da, özem derlese derledi welin, Lora daýzany gara suw edip taşlap, ýüň odeala pugta dolady. Soň, çaý demläp, oňa gantlyja çaý içirdi. Garry bir salym hyklasa-da, soň edil guzy ýaly bolup uka gitdi. Dawut ertir irden turup, agşam ýazan hatlaryny birlaý okap çykdy. Latyn diliniň kitabyny ýene-de bit sapar tutuş okap çykdy. Düýn kitaphanadan alan «Anatomiýa» kitabyny, okamaga başlady. Şol wagyt Lora daýza ýylgyryp içeri girdi. – Oglum, çaý içelimi – diýdi-de, çykyp gitdi. Bir salymdan Dawudy aşhana çagyrdy. Oňa öz eli bilen çaý guýup berip: – Sen, oglum, agşam meni ajalyň elinden alyp galdyň. Tas ölüpdim. Öňler şunuň ýaly bolanda keselhanada on-on bäş gün ýatyp, ummasyz çykdajy çykaryp özüme gelerdim. Oglum ilk-ä, Hudaýdyr, galyberse-de, seniň eliň emi janyma ýetişdi. Bu garrynyň razylygy Dawuda hoş ýakdy. – Eliň juda gaty eken, ediljek polat atişgiriň bar-da, ýöne bagyrdyberdi. Häziren, endamym demir taýak bilen ýenjilen ýaly, gök dalaw, özem ot alyp agyryp dur. Dawudyň okuwy öýläninedi. Ol günorta çenli eşiklerini ütükledi, jorabyny, elýaglygyny ýuwdy. Günortan ýagşy garbanyp, okuwa ugrady. Bu gün onuň üç jübt okuwy bardy. Birinji sapak latin dili, ikinjisi fizika, üçünjisi anatomiýa. Ol anatomiýa sapagyna ymsynmak bilen howlugýardy. Aslynd-a, bu raspisaniýalardan belli bolşy ýaly, birinji ýarym ýylda esasan, orta mekdebiň okuwlarynyň dowamy gidýärdi. Ýöne anatomiýa, öýjükleri öwreniş, kesellilere hyzmat ediş sapaklary diýäýmeseň, beýle bir üýtgeşik okuw ýokdy. Fizika, himiýa, rus dili, SSKP taryhy, filosofiýa derslerini ol kän bir kyn görüp, beýle bir gyzygyp, gadyr goýup baranokdy. Ýöne ol adamlaryň gan basyşyny ölçemek, sanjym etmek, keselliniň ýüzüne seredip, derdini bilmek ýaly ýagdaýlary juda bilmäge howlugýardy. Olara şu görünýänleriň içinde iň bir gyzyklysy anatomiýa bolup göründi. Dawut institutyň podwalyndaky «Anatomiýa kabineti» diýilip ýazylan jaýa gyzyklanma bilen girdi. Beýleki talyplar ol otagdan burunlaryny tutuşyp, bosuşyp, bosuşyp çykyp gidýärdiler. Ol ortada goýlan iki stoluň üstünde ýatan bir erkek, birem aýal adamynyň meýdini gördi. Hakykatdan hem bu kabinet farmaliniň ýiti, edil damagyňdan girip burnyňy tütedip, gözüňi-başyňy aýlap barýan ysyndan ýaňa durar ýaly däldi. Onuň üstesine adamyň birwagt ynjap, üýtgän meýdi ýaş adamda ilkinji sapar ýakymsyz duýgy döredýärdi. Dawut beýleki talyplara garamady, çydady. Ol gaýta elýaglygyny alyp, ony stoluň gyrasynda ýagjaryp duran dermana batyrdy-da, birki gaýta ýiti ysgap, soň ýaglygyny jübüsine saldy. Ol ýiti ysa, adamyň üýtgän meýdine, dermana-beýlekä kän üns bermän, mugallymynyň aýdanlaryny üns berip, onuň aýdanlaryny dykgatlyja diňledi oturdy. Ýöne ol anatomiýa dersinden çykandan soň, ýolboýy formalinli elýaglygyny zol ysgaý-ysgaý «Krasnyý krest (Gyzyl haç)» keselhanalar toplumyna gitdi. Bu keselhana birinjiden-ä, onuň ýaşaýan öýüne golaýdy. Ikinjidenem, şol ýerde olary anatomiýadan okadýan Akgyz Geldiýewna diýen ýüzi juda ýakymly mugallym işleýärdi. Ol aýal şu günki ilkinji sapakda-da beýlekiler ýaly, kelç-külüç edip, her hili boluşýan talyplara meňzemän, juda asyllylyk bilen sapagy diňläp duran Dawudy öwdi. Dawut ortada duran iki sany ullakan stoluň üstünde farmalin bilen gandyrylan meýitlerden gorkman, mugallymyň kes diýen ýerini juda usullylyk bilen kesep, aýdylan sözleriň ýekejesinem sypdyrman depderine belleýärdi.... Ýöne Dawudyň başga bir zat üçin keýpi has kökdi. Ony latyn dilini okadýan mugallym hem beren jogaby üçin öwupdi. Latyn dili ony haýran galdyrýardy. Bu dil durşuna akyl-parasadyň öýi eken-ä. Ol bu keselhananyň ikinji hirurgiýa bölümine baryp, ikinji gatdan Akgyz Geldiýewany tapdy. Mugallymy onuň gelenine begendi. – Hä, öýe gitmediňmi, Amanow?! Dawut ýygryldy. – Mugallym, men bir garryja aýalyň öýünde kireýine ýaşaýan, ol aýal agşam gaty heläk boldy. Onuň ýeke özi, ikimizden başga howluda hiç kim ýok. Men onuň gan basyşynam ölçäp bilemok, sanjymam edip bilemok. Men, nämede bolsa, lukmançylyk ugrundan okap başladym-a. Şol zatlary bilmesem, özüme gaty utanç hasap edýärin. Kyn bolmasa, şolary maňa öwredäýiň.... Mugallym ýylgyrdy. – Howlukmak gerek däl, hemmesi öz wagtynda bolar! Dawut başyny gorkuly ýaýkady. – Ýok, mugallym, meniň häzir öwrenesim gelýär. Gaýrat edip, mümkin bolsa, maňa ugruny birje aňdyryň, galanyny özüm bir zat ederin. Akgyz Geldiýewna talyp ýigidiň özelenip durmasyndan onuň gara çynydygyny duýan bolara çemeli. Ol bu ýerde agşamyna nobatçylyk edýän ep-esli ýaşan talyp gyzy çagyrdy. – Hurma jan, şu talyp oglanjyga gan basyşy ölçemäni, sanjym etmäni gowja öwret – diýip tabşyrdy. Hurma işine gaty ökdeje eken. – Biz Marydaky medisina uçilişesinem gutaryp, iberilen ýerimizde iki ýyl işläp, soň medinistituta okuwa girdik. Hany, başla. Dawut gan basyşyny ölçemegi gowja öwrendi. Soň olar kesellilere agşamky sanjyma bile gitdiler. Hurma, guýrukdan sanjym edilende, guýrygy göz çeniň bilen dörde bölüp, onuňam iň ýokarky bölegine sanjym etmelidigini telim-telim görkezip, gaty gowy öwretdi. Birki sany ýaşyrak kesellä Dawudyň özem Hurmanyň gözegçiliginde sanjymam etdi. Ýöne damardan sanjym etmek birneme çylşyrymly bolup çykdy Käbir keselliniň damary çykyp duranokdy. Hurma damary barmajyklaryň içki, pökgüje ýeri bilen sypap yzarlap tapmagy, soň, sanjym iňňesini dogry tutup, damaruň ugry bilen sançmagy, üç-dört kesellide, görkezdi. Ýöne damardan bada-bat sanjym emäge Dawudyň ýüregi etmedi. – Nesip bolsa, ertir ýene geläýerin. Ol Akgyz Geldiýewanyň ýanyna baryp, ondanam birnäçe maslahat aldy. Soň dermanhana baryp fenandaskop satyn aldy. Olam gymmatja zat eken Ýöne Dawut pulunyň gidenine däl-de, alan zadyna begenip, ýaşaýan ýerine barýança şol formalinli ýaglygyny ysgap-ysgap gitdi. Ilki başy aýlansa-da, soň öwrenişdi. Ol howla girende garry-gurty aýaldan howlynyň içiniň doludygyny görüp, ýüregi jigläp gitdi. «Eý, allam, Lora daýza bir zat, aý ýok, hiç zat bolmawersin...» Howluda üýşüp oturan aýallar ýerlerinden turuşyp, «Geldi-de, geldi» boluşdylar. Içerden Lora daýza öz ýaşyna gelişmeýän ýeňillik bilen onuň garşysyndan çykdy. – Oglum, geldiňmi. Dawid jan, gördüňmi, bulary, hemmesi saňa garaşýar. Baryny bulara gürrüň berdim. Hemmesi seni görmäge geldi. Şularam owkalap goýber, oglum, goý endam-janlaryna demir taýak bilen urlan ýaly kül-owram bolup gitsinler-le. Ýogsa, maňa ynananoklar-eý. Dawut eşiklerini çalşyryp, az-kem garbandy. Soň garrylaryň arkasyny, elini, aýagyny bagyrdyp, bagyrdyp owkalap berdi. Geň ýeri, bu garry-garry ermeni aýallary näçe bagyrsalar-da, hyklasalar-da, gaýdanlarynda alkyş baryny aýdyp gidýärdiler. Olar gijäniň bir wagty dargaşdylar.... Dawut kolbasa bilen ýumurtga gowrynyp garbandy-da, birki käse çaý içdi. Soň Lora daýzanyň gan basyşyny ölçedi. – Lora daýza, işçi gan basyşyň näçe bolmaly? Lora daýza bu gün juda keýpikökdi. – Ozal-a ýüz ýigirmide, segsendi. Dawut bu garry aýalyň keýpiköklügine düşündi. Onuň gan basyşy ýüz otuzda, togsandy. – Näme, kemçilik barmy? – Ýok, gül ýaly. Bir käsejik gök çaý içmeli. – Içäýerin. Dawut gijäniň bir wagtyna çenli sapaklaryna taýýarlandy. Ol kemeriniň ýasyja gyrasyny, soň ütügiň tok bagyny ilki köýneginiň, soň penjeginiň aşagynda goýup, damary çala bildirýänlere, damary düýbünden görünmeýänlere sanjym etmegiň tilsimjagazlaryny gaýtalap-gaýtalap öwrendi. Ol soň esasy agramy latin diline berdi. Bäş-on temada geçilmeli zatlary ýat tutdy. Depderine hersini aýry-aýryja, düşnüklije edip ýazdy. Ertesi fizikadan, ýene anatomiýadan, biologiýadan, hemem SSKP taryhyndan sapaklar bardy. Bir bolan üýtgeşiklik, biologiýa sapagy biologiýa ymaratynda geçýän eken. Bu ymarat esasy korpus bilen, umumy ýaşaýyş jaýlarynyň aralygynda ýerleşip, onda biologiýa bilen baglanyşykly ähli esbap, surat, enjam barlaghanalar bardy. Bu ýer okanyňa degýän ýer eken, ikinji bir bolan ýagdaý, SSKP taryhy sapagy ikinji jübüt sagatlardy. Bu sapak «uly auditoriýa» diýilýän ýerde geçdi. Bu sapaga birinji ýyllyk talyplaryň barysy geldi. Emma haýran galmaly ýeri Dawudyň ýany boş bolsa-da, ne oglandan, ne gyzdan, hiç kim gelip oturmady. Ýöne sapak başlanaýjak bolanda bir ýüzi aý ýaljak, näzijek gyz aljyrap auditoriýa girdi-de, gelip Dawudyň gapdalynda oturdy. Ol gyz oturyp-oturmanka: – Şu ýyl umumy bejerişe, jemi näçe talyp alyndyka? – diýip sorady. Dawut jogap bermäninden soň, onuň ýüzüne bir seretdi-de, erbet düýrüldi. Soň onuň akja, edil ýüpek kagyz ýaly ýüzi, owadan alma ýaly ýaňaklary gyp-gyzyl bolup gitdi. Ol gyz aljyraňňylyk bilen goşuny ýygnap, gapdaldaky boş parta geçdi. Dawut öz ýagdaýyna düşündi. Onuň edil kesewi ýaly didary, betgelşikden ýöne yşarat bolup duran ýüzi, içine çöküp, betgelşiklik çeşmesi bolup duran gözleri, uly, juda jallyk görkezýän agzy, asyl, ähli bolşy seredende gorkunç duýgy döredýändigini onuň özem aňyp durdy. Ýöne, onuň bolşy-da, ol näme etsin. Didaram, edil ata-ene, goňşy, watan ýaly, saýlanyp, seçilip alynanokd-a! – diýip ol, içini gussaly çekdi-de, oýlandy. Okuwlar juda gyzykly geçdi. Ol anatomiýa sapagyndan soň ýene keselhana gitdi. Soň, Akgyz Geldiýewadan edil gerek mahaly ulanyp bolaýjak dermanlaryň sanawyny ýazyp aldy. – Dawut, bar sen on birinji palata täze keselli getirdiler, şonuň gyzgynynam ölçe, gan basyşyny barla, soň iki göterimli analgyn bilen demidrol ur.... – Damardanmy? – Damardan ur-aý! Dawut Akgyz Geldiýewanyň tabşyryşy ýaly edip, sanjym enjamlaryny taýýarlap, on birinji palata bardy. – Haýsyňyz täze gelen? Bu palata aýallaryňky eken. Horja gyz ýatan krowattyna çykyp, aýbogdaşyny gurup oturdy. – Men täze gelen. – Saňa sanjym etmeli! Familiýaňyzy aýdyň? – Kürräýewa. Dawut ýene gidip, mugallymyndan on birinji palatada kime sanjym etmelidigini sorady. – Eşşekowa bolmaly. Ol gelip, ýene «Eşşekowa kim?» diýip sorady. Aýallar gülüşdiler. – Eşşekowa däl, Kürräýewa. Ady Akja. Dawut ol gyzjagaza damaryndan sanjym etdi. Soň onuň gyzgynyny, gan basyşyny ölçedi, Gyzgyny, otuz sekiz, dört, gan basyşy ýüz onda altmyş. Dawudyň ol gyz bilen gürrüňleşesi geldi. – Niräň agyryp, bäri düşdüň? Gyz bu halatly, silindirlije, gap-garaja oglana ynamsyzlyk bilen, gorkuly seredip, öz ýagdaýyny çekinibräk aýtdy. Ysgynym ýok, edil ýere siňip barýan-da, gün batan aralar bolgusyzja gyzgyn turup, barja ysgyn-mydarymam alýar. – «Inçekesel bolmaly!» diýip, Dawut oýlandy. – Inçekeseldir öýdüp, şol balnysa-da eltdiler, doganlarym. Ýöne, olaram barlap, barlap ol kesel däl diýdiler. Gidip-gidip içim towlaýar, gidýän zat ýok. Bularam, ertire çenli gaýrat et, ertir rentgene saljak diýýäler. Dawut sesini çykarmady. Bu gyza uky dermanynyň edilmegine düşündi. Hurma giç geldi. Dawut ol gelýänçä garaşyp, onuň bilen aýlanyp, kesellilere sanjym, kimiň arkasyna ýod toruny, kimiň arkasyna banka goýuşdy, kime gorçiçnik ýaprajyklaryny goýdy. Bu gije sanjymy guýrukdanam, goluň damaryndanam Dawudyň özi etdi. – Asyl, hezil eken-ä, her kesellä ýörite «ýarawsyzlyk kartoçkasy» ýöredilýän eken-ä.... Şonda-da oňa nähili derman bermeli, nähili sanjym etmelidigi ýazylgy eken-ä. Ol ýaşaýan ýerine gijirägem barsa-da, özüne garaaşyp oturan kempirleriň endam-janyny owkalap berdi. Dynç güni irden turup, geljek hepdede bolmaly sapaklary kitap boýunça okap çykdy. Köýnegini, jorabyny, elýaglygyny, haladyny ýuwup serdi. Soň Teke bazaryna gidip, özüniň iýesiniň gelýän azyk önümlerini aldy-da, duralga geldi. Ol öz ýaşaýan ýerine gidýän on dokuzynjy awtobusa garaşyp durşuna, bir eleşan eşikli, ýüz-gözüni sakal-murt basan adam onuň gapdalyndaky oturgyçda oturdy-da: – Häýt, beçe, attabus kaçan geçdi? – diýip sorady. Dawut edil atasyna meňzäp duran bu adamyň ýaşylymtyl öwsüp duran gözleriniň edil garajygyna bakyp: – Menem ýaňy geldim, heniz-ä gelenok – diýdi. Ýaşuly oturan ýerinden öňündäki haltasyndan bir buhanka ors nanyny çykaryp, ondan bir bölek döwüp aldy-da: – Me, iýiber – diýip, Dawuda uzatdy. Dawut bu adamyň uzadan çöreginden bir bölejik aldy-da, agzyna eltdi. Ýaşuly beren çöregini alyp iýip duran bu garajürjenje oglana tutuş gözleriniň owasyny ýapyp duran ösgün gaşynyň aşagyndan gyzyklanma bilen seretdi. – Sen buluçmyň? – Dawut başyny ýaýkady. – Ýok, türkmen. Medinistitutda okaýan. – Ol bu şähere nireden gelenini aýtdy. – Özüň haýsy millet? – Ol ýaşula sowal berdi. – Man-kürt! Bagyrly. Ýöne özüm Fizkulturnyý köçesinde ýaşymen. Tebip. Döwük-ýenççik bajaraman. Eliň, aýagyň döwüläse, keliper. Tanyşyň-da bolsa ketiriper. Kyýmat almyýaman. Arzan alyýam. Ol Dawuda ýene bir bölek çörek döwüp berdi-de, ýzyndan birki tilisge gök soganam uzatdy. – Hany, tiý, met institutda nime okuýaň? Dawut başyny atdy. – Ýaňy okuw başlandy. Heniz birinji ýylym-laý, institutda orta mekdepdäki dersler dowam edýär. Ýaşuly başyny atdy. Oňa çenli on dokuzynjy awtobus geldi. Ýaşula bir topar goşuny jemleýänçä, Dawut onuň bir haltasyny, korzinkasyny alyp, awtobusyň içine atdy. Soň öz toruny alyp, maşyna mündi. Awtobus 29-njy mekdebe golaýlanda ýaşuly onuň ýüzüne garap: – Düş! – diýdi. Dawut ýaşulynyňam, özüniňem goşlaryny alyp awtobusdan düşdi. – Ýör, hany, öwe çenli äkitip ber, Onsoň kaýtyber.... Dawut ýaşulyny öýüne eltdi. Onuň howlujygynda bäş-alty adam daşarda gurulan sekiniň üstünde aýaklaryny sallap, oňa garaşyp otyrdy. Bir gelniň elinde gyzjagazy aglaýardy. Ol gelin bolsa: – Goý, han-a, daý geldi. Alma janyň elini bejerjek diýär – diýip, çagasyny köşeşdirjek bolýardy. Beýleki adamlaram ýerlerinden turuşyp, ýaşulynyň habarlaryny alaryna garaşyp, oňa aladaly seredişdiler. Howdan ýaly giň çit köýnegi eplem-eplem bolup, daşyndan köwlenip duran gartaşan aýal, içeri girip-çykyp, aýlanyp ýördi. – Fatma, aý, güm bolan Fatma, gabra gitdiňmi, ýygna bulary. Gel bura, haram heleý. Gartaşan aýal demini alman, gelip, gojanyň goşlaryny içeri saldy. – Getir menim em torbamy? Ol kiçijik gyzdan başlady. – Ne oldy? Gelin aljyraňňy halda: – Kakasy oýun edip çekdi welin, eli serpildi duruberdi. – Ah, kakasy, nimeýe çekiýe, ahça kyzymyň elini. Hany, köreýim. Ol gyzjagazyň elini zarp bilen çekip goýberdi-welin, gyzjagaz aglamaga-da ýetişmedi. Goja soň iki sany daýaw ýigidiň saklap duran garry aýalynyň ýanyna bardy. – Näme oldy? – Gije daş çykjak bolanda basgançakdan ýykylypdyr. Indem gymyldap bilenok. Goja ol aýalyň tenine elini degirmän, elini onuň bedeni bilen ugurdaş ýöretdi. – Hany tutuň. – Ol aýalyň aýagyny öz sag aýagy bilen berk çilşirdi-de, çep dyzy bilen onuň edil syrtyna batly depdi welin garry pahyr oturyberdi. – Nätdiň, Yrza kürt, aý, haram, sen.... Ýaşuly güldi. – Kesmiseň, kanamaýdy, kempir. Agrymasa kutulmaýdy. Boldy, git, sag bol! Ol soň eli döwülen, aýagy çykan adamlaryň derdine em edip, olardan sähel salymd an dyndy-da, içeri, aýalyna: – Heý, kürt heleý, çaý ber, sen– diýip, howlyny ýaňlandyryp gygyrdy, Patma daýza adamsynyň öňünde pytyrdap, oýmydaklap, sekä iki çäýnek çaý, käse, iýer-içer ýaly zatlary daşap başlady. Yrza aga hil bir iş bitiren ýaly bolup, ýene-de dözümli gykylyklady: – Haý, kürt heleý, eççäň kyrhyna aş edejekmi sän, ketir, kişmiş, kişte, haý, seniň.... Yrza aga Dawudy düşege çagyrdy. – Neneň kördüň?! – Gaty gowy. Ol ýaşulunyň damar-damar eliniň üstüne gap-gara elini goýdy. –Yrza aga, sen bu hünäriňi maňa näçe günde öwredip bilersiň? – Niçe pul bere biljek? Dawut ýekedyzyna galdy. – Edil häzir ýüz manat bereýin. Meniň bilen işi boldy edeňsoň, ýene ýüz manat. Goja ýüzüni kese sowdy. – Bolmyýdy. Soňra iki ýüz ellik manat olsun! Dawut begençli: – Bolýar! – diýdi. Dawut şondan soň, okuwa çenli on günläp, dynç günleri bolsa günuzynlap Yrza aganyň ýanyna gatnady. Ondan çykygy, döwük-ýenjigi seýiklemegiň tärlerini öwrendi. El-aýak çykanda, döwülende içirilýän, çalynýan, döwük seýiklenende hamyra gatylyp garylýan ot-çöpleriniň, halk emleriniň barysynyň adyny, görnüşini, reňkini, saman-süplügini birin-birin öwrendi. Ýeri gelende Yrza aganyň rugsady bilen adamlaryň döwügini, ýenjigini gapyrga, oňurga, el-aýak diýmän seýikläberdem. Onuň eliniň has düşümli ýeri, aýak çatalbadan çykanda, çüýjüklik çykanda salmasy boldy. Tebipleriň iň kyn görýäni şol döwükler, çykyklardy. Sebäbi häzirki tebipleriň köpüsi ýaşy bir çene baran adamlar. Olaryň çüýjükligi ýa-da çatalbasy çykan hassalary gaty berk saklap, olaryň derdine em etmäge köplenç güýçleri ýetmän, birhili gowşaklyk edip, gelen ýarawsyz hassany süňki ýerine getirip bilmän üň bir bahana tapyp, yzyna goýberýärdiuler. Şonuň üçin bu derde duçar bolan hassalar, soňy bilen şikesli bolup galyberýärdi. Dawudyň eliniň gaty güýçlüligine, onuň hatda islendik damary, saçuzyny, peýi, dürli mysşany pugta yzarlap alyp, owkalabam bilýändigine Yrza aga gaty begenýärdi. Bu oglan damardaky düwülmäni, mysşanyň guragyrysyny şeýle bir gysyp, owkalaýar welin, hassa bagyryp-bagyryp derdinden açylýar oturyberýärdi. – Bujagaz oglanyň eliniň, synasynyň güýçlüligine, onuň damar, endamyň ownujak süňkjagazlaryny, oňurga, boýun, el, aýak, barmak, bogun, dyz süňklerini birme-bir owkalaýşyna, ylaýta-da onuň çatalba, jüýjüklik, aşykly süňklerini ýerbe-ýer salyp bilşine, özje közümýem gidýýii – diýip, Yrza aga otursa, tursa, gelene, gidene gürrüň berip, ýadamaýardy.... – Ýürek bir gurbakga, beden ylan. Ylan kurbakgany ýuwtyp goýbereçek. Tebip, gurbakga kömek bermeýli. Süňkleriň, beýlekiň heýç. Damarlary, saçuzyny, peýi, muskly seýiklemegem heýç. Iň asasysy üreh, bala, üreh – diýip, goja juda açylan wagty Dawuda garap samraýardy. Ol ahyry bir gün: – Ertir men saňa ak patyýa berejeýem – diýdi. Emma içiňi ýakaýyn diýen ýaly, ertesi gün Dawut tebip aganyň ýanyna gelibem, onuň ak patasyny şol gün alybam bilmedi. Onuň sebäbi, okuw jaýynda institutyň rektorynyň hojalyk işleri boýunça orunbasary Toýbaý Sylabow diýen adam ylgap ikinji gata çykyp barşyna, birden basgançakdan togarlanyp gaýdypdyr. Ony «Tiz kömegi» çagyryp, keselhana ugratdylar. Dawut şol adamy görmek üçin, ýörite, döwük-ýenjik-keselhanasyna-institutyna gidip, şol mugallymy sorady. Toýbaý Sylabow diýilýän adam ýüzi-gözi ýylmanakdan gotursow, owadan dodaklaryny müňküldedip, bagyryp ýatan eken. Ol kimedir birine, aldygyna sögünýärdi. Dawudyň esasan gyzyklanýanja yeri, özi lukman bolup, lukmançylyk edarasynda işläp, betbagtlyga düşen naçary taşlap gidip bilýän adamy ýakyndan birje görmekdi. beýle adamyň öz başyna bela inende ony nähili çekýändigini synlamakdy, Hakykatdanam, onuň göz öňüne getirişi ýaly bolup çykdy. Bu adamyň bolşy dagy edil bir näzenin aýalyň näze, kereşmä çümüp, daş-töweregindäkileriň nebsini agyrdyp, özüne boýun etjek bolup durşyny ýadyňa salýardy. Dogry, Dawudyň öz-ä beýle adamy ilkinji sapar görýärdi. Ýöne, ol obada şoňa meňzeşräk gürrüňler-ä eşidipdi. Dawut: – Mugallym, menem aýagyňy görüp bereýin?! – diýip, onuň aýagyny gipsiň daşyndan sypalady. Ol şonda bu adayň aýagynyň agyrmagynyň sebäbiniň, süňkleriň ýokary böleginiň gipslenip, aýagyň penje süňkleriniň hem döwlüp, ýöne onuň seýiklenmändiginden gördi. Häzir sagat agşam sekizden işleýärdi. Keselhanada iki sany nobatçy talypdan başga adamam ýokdy. Esasy wraçlaryň ikisi häzir operasiýadady. Beýlekilerem gaýdypdy. – Bu haramzadalar gyryldymyka!? – diýip, keselli bagyrdy.-Baryň, çagyrsaňyzlaň-how. Öldüm-ä men. Öldüm! Nobatçy ýigit bir ýerlerden gyssanyp gelşine, aljyraňňy halda : – Doktorlar operassiýada! Azajyk sabyr ediň – diýdi. Emma keselli çydamady. – Bu gepiňi, bar, ejeňe aýt. Operasiýasynam, beýlekisinem bilmen. Şol edil häziriň özünde bar zadyny taşlap gelmese, men ol wenezzinany işletmeýen. Gümüni çekdirerin, wah, öldüm! Dawut hassanyň aýagyny elläp, ownuk süňkleriň haýsysynyň döwülendigini barlajak boldy. – Bar, sen-äý, ýok bol-da git şu ýardan, bar, bar, gaýt aýt – diýip, Sylabow sag aýagy bilen Dawudyň elini depip goýberdi. Dawut lapykeç bolup öýe gaýtdy. Ýolda öz-özüne «Näzmä bardym diýsen-e. Aslynda, men bu adamyň yzyndan nämä geldim...» – diýip, öz-özüne igene-igene gitdi. Ertesi ol gaty ir turdy. Bu gün dynç günüdi.... Ol howluda Lora daýzanyň ol-bu işine kömekleşdi. – Dawid jan, sen maňa şol tamçadan tikin maşinkamy çykaryp ber! – diýip, Lora daýza ondan haýyş etdi. Dawut tamça bardy. Onuň gözüne ilen zat bu tamçanyň içiniň bulam-bujarlygydy. Aslynda Lora daýza öz içersinem tertiplije saklamaýan eken. Onuň ähli goşy koridoryň ugrunda bulam-bujar bolup durýardy. Şonuň üçin, käte bu garryja aýalyň özem, nirede näme goýanyny, nirede oturyp-turjagyny bilmeýärdi. Onuň öýüne keseki adamlary goýbermeýändiginiň sebäbi-de şol bolsa gerek. Ol tamçadan tozan basyp giden, köneje tikin maşynyny tapdy. Ýöne onuň üstüne küt-küt edilip, edil bir albom kysmy, daşy, owadan gaplanan içi ýazgysyz ak kagyz bolup duran, galyň depderler basylypdyr. Dawut birhili gyzyklandy. Ol tikin maşyny çykarsa-da, pikiri şol galyň depderlere gitdi. Ol tikin maşynyny daşary çykaryp: – Lora daýza, şol depderlerden birini maňa satsan-a. Medinistitutda şondan birini almaly– diýdiler – diýdi. Lora daýza ilki razy bolmady. – Bolmaz, ol meniňki däl, Gurgençigiňki. Ol basym gelmeli. Sorasa men näme diýeýin. Ol aýal adamsynyň, oglunyň uzak ýyllar Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň tipografiýasynda çapçy bolup işländiklerini aglap gürrüň berdi. Agysynyň arasynda-da: – Saňa juda gerekmi?–diýip, ýuwaşja sorady. – Maňa mugt gerek däl, satyn aljak . Şolar ýaly depder getiriň diýip durlar, institutda. Aý, bolmasa jygyllyk bazardan gözlärin-le. Bolar-la!– diýdi. Kempir baş atdy. – Men saňa bererin. Ýöne puly bilendir. Ýigrimi bäş manat! – Bolar, bolar.... Dawut garry aýallary kabul edenden soň, çaý-çöregini iýip, Lora daýzanyň getirip beren depderini açyp pikire batyp ep-esli otyrdy. Asyl, Dawudyň gökdäki dilegi ýerde gowşupdy. Ol bu bir ýüzüne dört list ak kagyz ýerleşýän depderi öňüne alyp, gijesi bilen, tä daň agarýança işledi-de, onuň birinji sahypasyna adamyň kellesi baradaky saglygy saklaýyş ugrunda, ylymda, kitaplarynda, okuwynda el ýeterli bolan ähli maglumatlary, beýni, beýniniň ýarym şarlary, onuň esasy damarlary, nerwleri, olaryň bitirýän hyzmatlary, kelläniň ýüzündäki organlaryň, kelle agyry, gulak agyry, göz agyry, agyz, burun, bokurdak boýunça olaryň bejergisi, olary bejermekde gerek bolýan zerur dermanlar, baryny tertipli, aýyl-saýyllap, owadan hat bilen ýazdy. Kelläniň ýarym şarlaryny, onuň damarlaryny, nerwlerini, gulak, göz, dil, burun, bokurdak bilen baglanyşygyny görkezýän owadan suratam ýazanlarynyň aşagyna ýelmedi. Işini tamamladym edip, bu depderini başujynda goýup, soň bolsa, edil aty çykan ýaly bolup, ýerine geçip, guzy ýaly uklady. Dawut bu gün biohimiýa, latyn dili, rus dili derslerinden soň keselhanada iki sagat bolup, agşamyna institutyň özünde geçýän iç keselleri kružogyna gatnaşdy. Ol ýolboýy: – Ine, indi, muňa okuwa meňzeş okuw diýseň bolar. Öýde garry aýallary massaž-owkalama okuwy, ikinjisi, depderime, adam organlaryny, olaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri, olaryň keseli, olaryň keseliniň bejerilişi barada okap, ýazmagym, institutdaky okuwym, keselhanadaky, tejribelerim, agşamky kružoklarym, Yrza agadan alýan sapagym – barysyny bir ýere jemlesem, göze gelüwlije, doly okuw boluberýärem. Ýöne, köpräk öwrenjek bolmaly. Hassanyň ýüzüne seredip, keselini anyklamaly, dessine kesele diagnoz goýmaly, bejergisini aýdyp bermeli. Gör, men Kürräýewanyň keselini ol aýdanda-da, anyklap bilmedim-ä. Ol bu gü keselhanadan soň, ýolugruna dermanhana ýörite baryp, juda zerur bolaýjak keseller üçin sanjymlyk, içmek üçin, çalmak üçin derman baryny satyn aldy. Gijäniň bir wagty bolsa-da, garryja ermeni aýallary onuň gelerine sabyrlylyk bilen garaşyp otyrdylar. Dawut çaý-naharam diýmän, olaryň derdine em etdi. Olar gaýdansoň, Lora daýza bilen oturyp, çaý-nahar edindi. Ertesi agşam Dawut institutdan irräk geldi. Onuň sebäbi, hirurgiýa kružogyny sagat dokuza deçiripdirler. Ol öýe girip, eşiklerini ýaňy çalyşan wagty Lora daýza uzyn boýly, her gözi meýli pyýala ýaly, juda owadan ermeni gyzyny yzyna tirkäp onuň bolýan otagyna girdi. – Dawid jan, bu gyz meniň ýegenim Sewilýe. Olam Garabahdan, biziň obamyzdan, Aşgabada işlemäge geldi. Ol seniň bilen kepleşmek isleýär-e. Dawut baş atdy. – Salam, men – Dawut! Sewilýe owadan ýylgyrdy. – Men-Sewilýe. Men-dermatolog. – O näme? – Aýallaryň ýüzüni bejerýän. Owadanja edýän. – O-ho-o! Sen meniň ýüzüme-de, seretsen-e. Meniň mysalamdan bile okaýan gyzlarmyzam, oglanlarymyzam gorkýar. Olar meniň ýüzüme-de seredip bilenok. Bir gyz bilmän gapdalymda oturdy-da, ýüzümi görüp, ýüregi ýarylyp, edil kerk goren ýaly bolup gaçyp gitdi. Sewilýe seçek ýaly uzyn, owadan barmaklary bilen Dawudyň ýüzüni elleşdirip, Lora daýza öz dillerinde bir zatlar-bir zatlar aýtdy. Sewilýe öz dilinde: – E-e-ý, weşim, pen! (Bu hiçle, bejereris-le!) Lora daýza begençli gygyryp: – Onda, nämä dursuň? Bejeriber-dä! – diýdi. Sewiliýe melemtil, tämiz saçlaryny owadanja selkildetdi-de, Dawudyň ýakymsyz, bedroý ýüzüne näzlije garady. – Sen meniň iş ýerime gatnamaly bolarsyň, oglanjyk– diýdi. Dawut ol gyzyň işleýän ýeriniň salgysyny aldy. Soň bolsa okuwyna ýapyşdy. Ilki bilen galyň depderini öňüne çekdi-de, onda täze, «Bagyr» sahypasyny açyp, bagyr, bagryň damarlary, öt, bagryň keselleri, ödüň sowuklamasy, sarylama, bagryň gurçuklamasy, ekenokok, bagryň göz açmagy, bagryň sowuklamsy, bagryň lagtalanmagy ýaly dertlerini, olaryň nersini özbaşdak-özbaşdak edip ýazyşdyrdy Dawut özi bilmezden, başyna şeýle köp işi «Satyn alandygyny» aňyp galdy. Ol barja ünsüni, pikir-oýuny, boş wagtyny bu işe gyzygyp, öňküdenem bäş beter horlanyp galypdy. Ol indi ne bir düzüwli iýip-içip, ne-de bir il ýaly düzüwli dynç alyp bilýärdi. – Men şu gün teatra gideýin! – diýip, ol bolýanja otagyny ýygnaşdyryp, syryp-süpürdi. Poluny ýuwdy. Soň köýneklerini, jorabyny, maýkasyny, içki eşiklerini ýuwup serdi. Soň halatyny ýuwup, serdi-de, täze halatlarynyň birini ütükledi. Onuň birhili süňňi ýeňlän ýaly boldy. Günortan bir sagatrak ýatyp, dynç aldy. Şondan soň Yrza agalara bakan gitdi. Ýaşuly öýünde ýok eken. Ol sekä çykyp. ýaşula garaşyp başlady. Ýaşuly gelmänden soň, ýene öýe gaýtdy. Ol ýaşaýan ýerine baranda oňa Lora daýza sabyrsyzlyk bilen garaşyp otyrdy. Ol howla girenden – Dawit jan, munda gel – diýip, rusçany ermeniçe äheň bilen gatyp-garyp gürledi. – Bak, muňa! – diýip, aşhanadaky stoluň üstünde bir harman bolup duran puly görkezdi. – Bu näme? – Muny saniň bejerýän garry aýallaryň getirdi. Şu gün olaryň bejergi almasy gutardy. Olar gelip, hasaplaşyp gitdiler. Müň manat. Ýöne men goşmadym. Özüň näçe ber diýseň, şonam bererin. Dawut näme diýjegini bilmedi. – Lora daýza, maňa sowutgyç, telewwizor gerek. Lora daýza pula elini uzatdy. – Waý, ine pul, bar alyp gel! Dawut baş atdy. – Men ol puly alyp biljek däl. Ol seniň puluň. Men-talyp. Maňa talyp hakyndan başga pul haramdyr. Haram puly elläbem bilmerin. Ol bize düşýän däldir. Mende, obada kerpiç guýup gazanan pulum bar-a. Şolam besdir. Eger beýle isleýän bolsaň, onda sen maňa şondan karz beräý. Lora daýza güldi. – Sen, näme, samsykmy? Puly özüň gazandyň, özüňem sow. Men näme?!– Bu garry aýal Dawudy ynandyrjak boldy.-E-eý, akmak bolma, heý, puluňam haramy bolarmy. Sen azap çekip alýaň. Şol ülhit kempirler adama ýeke köpük berenden janlaryny berjekler-ä. Ine, özleri getirip gitdiler-eý. – Aý, ýok. Lukman ynsan saglygyny seýikläni üçin hak alsa, ol haram bolar. Maňa pul gerek däl.... Ol geýinip, ilki Sewilýäniň işleýän ýerine gitdi. Onuň işleýän ýeri «Owadan» hyzmatlar öýüniň günbatar ganatynda, aýallaryň sertaryşhanasynyň bir böwründe eken. Sewilýe gaýtjak bolup, goş-golamyny ýygnap duran eken. Ol Dawudy görüp, begendi. Derrew çaý gaýnadyp, kofe demläp berdi. Dawut bu gara bulamak ýaly zady ilkinji sapar içip göreni üçin, kiçijik, saplyja käsedäki gara gowja yslyja suwuklygy juda ätiýaçly owurtlady. – Bu näme, Sewilýe?! – Kofe-de, näme kofe-de içip göreňokmy? – Ýok. Gyz heziller edip gülse-de, sesini çykarmady, Ol Dawudy aýnanyň öňündäki oturgyçda orurtdy-da: – Wagtyň barmy? – Sagat ýedä Mollanepes teatryna barmaly. – Aý ýetişeris-le. Ol gyz ilki nähilidir bir suwuklyk bilen Dawudyň ýüzüni gowja ýuwdy. Soň akja krem bilen onuň ýüzüni suwady. Ol siňenden soň, akja tozga bilen onuň ýagly ýüzüni gömdi. – Ine, boldy. Agşam ýatjak bolanyňda, şu kremden ýüzüňi suwap ýat, ýöne gözüňe degirme. Ertir işiň ahyrynda meniň ýanyma hökman gelmeli. Dawut ertesi bu gyzyň ýanyna ýene geldi. Sewilýe Dawudyň kellesini gujagyna alyp, iňňe bilen onuň ýüzüni çokjalaý-çokjalaý, bir bulgur gara-gura hapa süplük çykardy. Oglan ýaş adamyň ýüzünde şunça gara-guranyň bolup biljegine, öz gözi bilen görmese, ynanmazdy. Şondan soň Sewiliýe Dawudyň ýüzüni, ýene bir ysyna asla çydap bolmajak, özem ýüzüň derisini edil ýakyp barýan suwuklyk bilen gaýtalap-gaýtalap ýuwdy-da bir ýakymlyja yslyja krem bilen suwap, gyradaky oturgyçda ýarym sagat oturtdy. Soň, ýene bir krem çaldy-da, onuň kellesini gapdaldaky gyzgynlyk gelýän aýna gaba salyp on-on bäş minut oturtdy. Diňe şondan soň onuň derläp, ýagy çykyp duran ýüzüni nähilidir bir akja tozga bilen gömdi. Sewiliýe bu bejerişini indiki şenbä çenli dowam etdirdi-de, soň Dawuda: – Dawut jan, indi galan zat seniň özüňe bagly – diýdi. Men saňa zerur gerek kremleri ýazyp bereýin, şolary her gün ýatjak bolanyňda eliňe, ýüzüňe suwap çalmaly. Üç sagat geçensoňam sabynlyja ýylyjak suw bilen ýuwup, ýumşajyk plotensa bilen guraýança süpürmeli. Soň ine, şu kremi ýukajyk çalyp, ol guraýança garaşyp, soň çig gaýmak çalyp ýatmaly.... Düşündiňmi, düşünmeseň diňle. – Ol ýene telim gezek gaýtalady. Ol soň Dawudyň gözüniň daşyna geçdi. – Men saňa bir emel öwredeýin, sen ony her gije ýatjak bolanyňda, bir hepdeläp edersiň. – Ine, şular ýörite plastyr. Ýelimli mata, ýöne göz üçin niýetlenen. Sen her gije, ine, şeýdip, gabagyňa ýapyp, bu ýelimli matany çekdirip edil gaşyň ýokarsyna ýelimlärsiň. Aşakky gabagyňdan alybam, çekdirip, ýaňagyňa ýelimlärsiň. Onuň özi bu täri etdi-de, soň, gaýtalap-gaýtalap düşündirdi. Ondan soň tutuş owasyna çalmaly dermanlaryň sanawyny berdi. – Başararmyň? – Bilmedim. Ol gyz bu emi gaýtadan Dawudyň özüne etdiribem gördi. Şonda Dawut aýnada ýüz keşbini görüp, özüni tanamajak boldy. Onuň ýüzi birhilije gelşigine gelen ýaly boldy. – Äýnek satyn al-da, ony bir aýlap gözüňden aýyrma. Dawut gözlerini, gabaklaryny plastyr bilen çekdirip, soň ony aýyrman Sewilýäniň gara äýnegini dakynyp öýe gaýtdy. Ertesi gün Sewilýe oňa geň sowal berdi. – Dawut jan, puluň barmy? – diýdi Dawudyň puly bardy. – Bar. – Ertir puluňy alyp meniň ýanyma gelsene. Ertesi olar tirkeşip uniwermagyň ikinji gatyndaky erkek adamlaryň kostýumlary satylýan bölüme bardylar. Gyz saýlap-saýlap, Dawuda gymmat çal kostýum, gaty gowy köýnek, galstuk satyn aldy. – Bu yssyda kostýum nämä gerek? – diýip, Dawut närazy bolup aýtdy. Meniň kostýumym bard-a. Sewilýe güldi. – Indi sen diňe kostýumly gezmeli bolarsyň. – Tomusynadamy? – Tomusyna-da! – Gyz birhilije gyzardy. – Dawud jan! – diýdi. – Sen meniň ejeme, kakama bir seredip, gerek bolsa massaž edip bilmezmiň. – Bilmän näme. Ýöri häzir gideli. – Ýok, dynç güni bize gel – diýip, ol öýleriniň salgysyny berdi. | |
|
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |