18:50 Menin adym Gaygysyz / Nowella | |
Dünýädäki sazlaşygyň nusgalaryna seredip doýup bolanok. Gör – ä muny, adam atlarynyň dürli – dürliligi edil ýazyň ýaraşygy sähra gülleri ýalydyr. Meňzeş atlar – a hamala topbak – topbak bolup, seýrek atlaram ünsüňi özüne çekýän üýtgeşik reňkli seýrek gül kibi, olaryň arasyndan saýlanyp oturandyr. Arada bir märekede bize tarap abşanaklap gelýän gyz çaganyň adyny tutyp, ejesi yzyndan gygyrdy:”Şeýda...Şeýdajan. Dur şo ýerde...!” Ylgaşlap gelip, ýüpek käkilleri egnine dökülip duran çagasynyň elinden tutan geline:
Hekaýalar
- Bu çaganyň taýynyň ady Bilbilmi?! Ýa... – diýdim. Çala ýylgyran geliniň ýüzi ýap – ýagty bolup nurlandy. - Indi bolmaly... - - Inşalla... – diýip, men elimi ýüzüme syldym. Gelin maňa tarap syrly – syrly seredip köpçülige garyşyp gitdi... Men ilkibada ol ýaş maşgalanyň arzuwly dünýäsiniň syryna göz ýetiren adam ýaly begendim. Soňam birden öz – özüme käýinmäge başladym: “Saňa alaç boljak däl – ow, gardaş. Ýeri çaga bilen nä işiň bar, ady bilen nä işiň bar. Otur – da il ýaly bolup... Öňem – ä şu meselede bir ýanypdyň. Ýadyňdadyr – a ... Ýa unutdyňmt?” Bu bir üýtgeşik synag bolupdy. Bular ýaly synaga düşmejek bolmaly welin,bolyarmy name? Sonda men gaýdyp beýle söwdalara baş goşmajakdygyma ant içipdim. Ýöne adam pahyr çig süýt emen-dä... Şäheriň etegindäki uly ýoluň gyrasynda, özem tomsuň tüp yssy günleriniň bir güni, üsti boş, ýük maşynlaryň haýsam b o lsa birini saklamak niýeti bilen bir sagat bäri kösenip durun. Men Aşgabatdan uzakdaky ýadygärlikleriň birine ýük äkitmelidim. Ahyrsoňy bir uly ýük maşyn deňämden geçip giden ýaly etdi-de saklandy. Kabinadan böküp çykan ýigit elini bulady. Ol meni ýanyna çagyrýardy. „ Aý, bul-a bolaýdy ýaly...“ diýip, bardym golaýyna. Tüýs maňa gerek ulagdy. Üstem boş. - Gel, agam, gel. Näme hyzmat – diýip, nätanyş ýigit elini uzatdy. Salamlaşdyk. Men ýagdaýy düşündirdim: Ýol uzak, Aşgabatdan iki ýüz kilometr gowrak bar. Şonuňam soňky on kilometre golaýy çarkandak. Ýüki gadymy ýadygärligiň edil alkymyna düşürmeli. Ýoluň nyrhynam ylalaşmaly bolar, gaýrat etmesek boljak däl. Elimi elinde gysyp saklap duran ýigit ýylgyrdy-da: - Hany, mün bakaly maşyna. Hemmesiniň bir zady bolar, agam. Men häli deňäňden bir geçibem gitdim. Şu wagt uly bir öwrüm edip, yzyma gaýdyp gelşim. Nesibe-dä... Olar ýaly uly öwlüýäniň hyzmatyny bitirsek, oňa ýetesi näme bar, bize-de sogap gereg-ä, agam... Ýük almaly ýerimize baranymyzda-da işimiz şeýle çalt bitdi. Sähel salymdan biz Aşgabatdan çykyp, gündogara tarap- gadymy kümmete sary ýol başladyk. Sürüji ýigidiň şähdiaçyklygy, şadyýanlygy meniňem göwnümi göterýärdi. Ol mahal-mahal „ Aýdym aýdyp bereýinmi, agam „-diýýärdi-de meniň „ howwa“ ýa „ ýok“ diýmegime-de garaşman aýdyma zowladyberýärdi... „ A-a-a-ý, Maru-Şahu Jahan ata Watanym-eý...“ *** Ikindinara kümmete baryp ýetdik. Ol bu gadymy ymaraty ilkinji gezek görýän eken. Töwerek daşyny haýran galyp synlady. Oturyp doga okadyk. Ol özüniň bu ýerlere zyýarat etmegine sebäpkär bolandygyma minnetdar bolup, alkyş baryny aýdýardy. Gurluşykçy oglanlar ýüki düşürenlerinden soň, ikimiz ýene-de ýoldaş bolup, yza dolandyk. Ep-esli ýöräp uly ýola çykanymyzdan soň biz aýrylyşmaly bolduk. Ol Mara tarap gitmelidi menem yza --Aşgabada tarap. Sagbollaşmakçy bolanymyzda birden ýaňky ýigit meniň elimi gysyp durşuna: - Agam, sen öz adyňy maňa aýtdyň-da meniň adymyň kimdigini soramadyň-a –diýdi. - Bagyşla, inim. Gün uzyn ýoldaş bolsagam saňa şol „inim“ diýip oturypdyryn.Eden hyzmatlaryň kőp-kőp yagsylyklara owrulip őzuňe gaydyp gelsin.Taňry ỳalkasyn. Hany,indi adyňam bir ayt. Adyň kim seniň?-diýdim. Ol meniň elimi göýbermän durşuna: - Meniň bir üýtgeşik adym bar. Hany özüň biljek bol –diýdi. - Aý, ýok, inim. Men nädip seniň adyňy bileýin. Hany aýdaýsana. - Bir synanyşyp gör, agam. Hökman bilersiň. Men näme diýjegimi bilmän ýylgyryp durun. Göwnüme gelenem şol boldy. - Aýdaýynmy? - Aýt, agam. - Seniň pasportdaky adyň Mämmetweli, il içindäki adyňam Kemine bolmaly. Ol meniň elimi has beter gysyp, goltugyndan pasportyny çykardy-da gatlaryny açyp gözüme tutdy. Paspotda hakykatdanam onuň adynyň Mämmetwelidigi ýazylgy durdy. Muňa ikimiz biri-birimizden beter begenýärdik. - Men aýtdyma bilersiň diýip. Gordunmi? Men senin biljekdigini bildim. Men-ä bilendigime begenýärdim, ol bolsa meniň biljekdigimii bilendigine begenýärdi. - Görenimden ýöne adam däldigiňi bildim-ä-diýip, ol hem özünden hem menden hoşal bolup, hezil edip gülýärdi. Biz köne dostlar ýaly bolup hoşlaşdyk. *** Gün ýaşyp barýar. Men ýene ýoluň kenarynda. Çep elimde ullakan portfel. Sag elimem geçen maşyna galdyrýaryn. Ynha, bir ak „Žiguli“ saklandy... - Mün, agam. Hakyny töleseň bor, işigiň agzyna eltip düşürerin... Men ýadaw bolsamam, ýaňy on-onbäş minut çemesi mundan ozal bolup geçen wakanyň täsirinden çykyp bilmän Kemine şahyryň ady dakylan ýigidi ýatlap ýylgyrýardym. Nädip, nämüçin hut şol adyň dilime gelendigine düşünjek bolýardym. Öz ýanymdan beýik mertebeli piriň kümmetiniň, şol bir wagtyň özünde-de beýik şahyryň ruhy güýjüniň maňa ýaňky synagdan geçmegime kömek berendigi barada pikir öwürýärdim. - Agam, hany ýol keselile. Öz-ä ýadaw görünýäňiz welin, ýa meň özüm gürrüň bereýinmi ýa... - Gürrüň ber, inim, gürrüň ber... Ine, onsoň sürüji ýigit daşary ýurt maşynlaryny ýigitleriň juda gaty sürýändikleri, köp oglanlaryň ýollarda heläk bolýandyklary barada mysal üstüne mysal getirip gürrüň bermäge başlady. Bu agyr gürrüňleriň ugruny üýtgetmek pikiri bilen men şu günki ýola çykyşym, işlerimiň ugruna bolandygy hakynda, birdenem saklanyp bilmän sürüji ýigidiň täsin ady hem ony tötänden bilendigim hakynda gürrüň bermäge başladym. Ilki bilen-ä bu bir gyzykly gürrüň, ikinjidenem bu ýaş ýigidiň şu bolup geçen waka nähili garaýşynyň boljakdygyny bilmek meniň üçin örän gyzykly göründi. Pul, söwda, awtomaşyn... ýol boýy diňe şu zatlaryň gürrüňini edip gelýän ýaş oglanyň pikir dünýäsinde, aň- düşünjesinde geň-taňlyk, dünýäniň syrlary hakynda-da heý bir zatlar barmyka? Ine, şuny barlap görmek meniň üçin juda gyzykly göründi. Şonuň üçinem ýaňyrak bolup geçen wakany men başardygymça gyzykly beýan etmäne çalyşdym. Gözüniň gyýtagy bilen syrly seredip, meni diňläp gelýän ýigit juda ýeser eken. Aslynda „Dünýäni pul bilen dolandyryp bolýar“ diýen pikire uýgun adamy geň-enaýy gürrüňler bilen haýran galdyrmak kyn. Ýöne her bir geň wakany şübhe astyna almaly bolanda welin, olara iki pay berlen ýaly. Olar seni aňsatlyk bilen sözüňde tutaýýarlar. Ynha, şujagaz oglanam meni aňsatlyk bilen gapana saldy oturyberdi. - Baý, agam, dur, dur entäk, siz-ä tüýs maňa gerek adam ekeniňiz. Meniň gözläp ýörenim siz ýaly ýiti adamlar-da – diýip, ýylgyrdy. Men onuň näme diýmekçi bolýanyna düýpli düşünmesemem derrew özümi goramaga başladym: - Men, inim, dünýäde şular ýaly geň-enaýy zatlaryňam bolýandygyny, ýöne bir mysal getirmekçi bolup aýdaýdym muny... --Yok,ỳok , dur entäk.Men sizin bu aydanynyza ynanman duramok, agam. Her hili ýagdaý bolýar. Ýöne menem size bir sowal berjek. Mümkinmi?! Mümkindir-ä bir sowal? - Sorasaň sora welin... - Ynha, siz ýaňy biriniň adyny bildim diýdiňiz. - Aý, üýtgeşik adym bar diýensoň, bizem çak bilen aýdyp göýberdik-dä. Olam gabat geldi-da birhili bolup... - Meniňem adym üýtgeşik. Hany bir çaklap göýberseňizläň, göreli bakaly. - Aý, ýok, inim. Beýdip, adamy synaga salyp masgaralajak bolmasana. Men seniň adyňy nädip bileýin? Ýa men „bilgiçdirin“ diýdimmi saňa?! - Ýap-ýaňy çaklap bilipsiňiz-ä, özüňiz aýtdyňyz. Ynha, meniňem bir üýtgeşigirak adym bar. Biljek bolup görüň. Belki bilersiňiz. Näme bu ýerde ikimizden başga adam-a ýok. Bir synanyşyp görüň, agam!Bilmeseniz bilmediginiz bor-da. - Aý, ýok, inim. Estagfirulla... - „Ýok“ diýme, agam. Mert bolsana... Sypjak bolup kän boýun towladym, emma bu nätikaza ýakamy sypdyrarly däl. Ýa ol gaty erjel eken ýa-da men gowşak durdum. Ynha, men indi öz gazan çukuruna özi düşen adamyň ýagdaýynda galdym.Dagy alajyny tapmanymdan son ,,Ýamandan boýuñy satyn al ,, diylenini edip,nahilidir üýtgeşigiräk bir adam adyny aýdyp bu nahak tohmetden basymy gutarmagy yuregime duwdum. Her name-de bolsa esli salym pikirlenip oturanymdan soň, dürs mantyga görä şu oglanyň adynyň kim, näme bolup biljekdigini göz öňüme getirmäge çalyşdym. Men özümiň dilegi kabul bolýan dili dogaly derwüş däldigimi bilýärin. Ýöne barybir şeýle kyn synagyň ortasyna düşendigime göz ýetirenimden soň, maňa uly welilere, pirlere, pygamberlere ýalbarmakdan başga alaç galmady. Uly derejelere ýeten öwlüýäleriň, pirleriň, welileriň, şahyrlaryň adyndan özüme ruhy medet bermeklerini dileýärdim. Birdenem olaryň kömegi ýetmese, ozaldanam yrga ynanjymyň sarsgyn tapyp, çym-pytyrak bolmagynyň mümkindigi ýadyma düşüp gorkýardym. Şol öten ärleriň ruhy ýeke goýmaz diýen umydymyň solgun yşygyna nazarymy dikip pert-pert gürlemäge başladym: - Sen inim, meni kyn ýagdaýda goýduň. Näme-de bolsa bir synanyşyp göreýin. Synanyşmagyň özi ýalňyş iş welin, nädeýin... - Hany, gaýrat et agam, gaýrat et. - Gulak as, onda. - Ýeri bakaly. - Şu günki gün seniň bilen deň-duş türkmen oglanlarynyň onusyny hatara goýsak, şolaryň üçüsiniň ady Maksat, üçüsiniň ady Parahat, ýene üçüsiniň adynyňam Şöhrat bolmagy mümkin, sebäbi şu günüň çagalarynyň ýörgünli ady şular. Ýaş ene-atanyň göwnüne olaryň eýjejik çagalary şol eýjejikligine-de galaýjak ýaly.Olaryñam wagt geçip, yasuly adamlar boljakdyklaryny goz onune-de getirmeyarler. Arzuw, Şatlyk...nähili arzyly atlar,sirinden-seker eziz atlar. Ýöne seniň adyň şu atlardan sähelçe tapawutly bolsa gerek. Meniň çakym kak bolsa seniň adyň... - Ýeri! -- Şatlygam dal-de. Şadyýan bolaýmasa... Ýigit meniň ýüzüme kiniýaly ýylgyryp seretdi-de;--Bilmedin,agam,bagysla—diydi.Elbetde, men bilmejegimi bilyardim,yone seyle erbet utanja galjak dal yalydym. Meniň ýüzüme ot çabyran ýaly bolup gitdi. Men adyny tutup, ýalbaran uly şahslarymyň adyndan utanýardym. „Estagfirylla!“ diýip, içimden gaýtaladym hemem özümiň şeýle nalajedeýindigime gaharym gelip başlady: „Şujagaz oglana özüňi oýnadyp otyrsyň.,, Tä ýolda düşüp galjak ýerime baryp ýetýänçäm geplemän oturdym. Pulumy töläp maşyndan düşdüm. Ol öz adyny aýtdy-da, sagbollaşyp, maşyny batly sürüp, agşamyň alagaraňkysyna siňip gitdi. *** Daňa golaý ukladym.Uklanymam soldy welin kimdir biri ,, tur“ diyen yaly boldy.Laňňa yerimden galdym.Yanyja nätanyş bir görmegeý garry adamdan esiden sozlerimi içimden gaytaladym.Muny maña kimin aydanyna-da düşünmän galdym. „Näme gama batyp otyrsyn? Sen bildiň ahyryn. Ýöne ol bilmedi...“Men őz-őzume hayran galdym. Men oňa seniň adyň „Şadyýan“ diýdim. Ol welin: „Bilmediň, agam. Meniň adym Gaýgysyz „ diýipdi. Ahmet Halmyrat | |
|
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Mähir ummany / hekaýa - 23.12.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |