18:46 Meniñ geñ söýgim / hekaýa | |
MENIÑ GEÑ SÖÝGIM
Hekaýalar
Men özümiñ hiç kime aýtmasyz, hiç kime görkezmesiz saýyp ýören dünýämi tanşu-nätanyş adamlara nämüçin aýan etjek bolup ýörendigime hiç düşünip bilmedim. Indi welin, gorkymam ýok, şübhämem. Gaýtam öz-özüme düşýnerin, baryny aýyl-saýyl ederin, dagy bolmanda, ýene bir sapar öz owadan dünýämde bir pursat ýaşap görerin. Onsoñam, öz ýüregini ho-ol baýyrlaryä eteginde surat ýaly doäup galan güýz gussasyna siñip gidýän ýodalara, çapgyn ýellerden ykyşak gözläp, gidere ýer tapmaýan, göçünden galan ýaraty gazlara, mahal-mahal ýadyña düşüp, göwnüñe ak şöhle çaýýan, öñde-soñda baryljak nätanyş röwşen kenara... ýadygär goýup gitmekçi bolýan adamyñ aç-açan gürrüñem, bary bir, bu hasapçyl añlamazlara syr bolup galar, añlaýanlar bolsa meniñ özüm bilen bir adamdyr. Diýmek, men muny öz – özüme gürrüñ berýärin. Her hal bu geñ hikmetiñ öz başymda bar ekenligine haýran galyp ýörün. Derrewem öz –özümi köşeşdirjek bolýaryn: awara – şahyr, ham hyýal kyssaçy, göýende – derwüş borsuñ – da, beýle kysmat senden sowa geçermi diýsene. Ýöne ara böwşeñlik düşdügi, meniñ öz-özüme seredip duran gözlerim haýpygelijilik bilen hakykaty aýdyp gaýyp bolýar: „Seniñ öz islegiñ şoldy... Şeýle-de boldy. Seniñ özüñ günäkär...“ ...Ahyr bir gün men bäş ýyllap bäşlik okap, tas boş diýen ýaly çykandygyma göz ýetirdim-de, ýene kitaplaryñ ummanyna gark bolup gitdim. Dogrusy, mende bilmekden, öwrenmekden, akyl ýetirjek bolmakdan başga maksat ýokdy. Göýä bir ajap eser döredýän ýaly, men öz – özümi döretmäge girişdim ... elbetde, men muña gynanamok, ýöne salgym ýaly kämillige aşa gümra bolup, şeýle täsin ýalñyşyñ üstünden bararyn öýdemokdym. Jöwher ýaly saplanyp, deñiz ýaly söýginiñ syryna, genji – hazynasyna öwrülerin öýdýärdim ... Şeýle bolmadymy näme?! Bir gün meniñ iş otagymdaky telefon jyññyrdady. - Alo, kitaphanamyka? Salam! - Ýok. Kitaphana däl, ýöne kitaphana meñzeşräk bir ýer... - Bagyşlañ... Kitaphana meñzeş ýer bolanda nähili bolýa? Nire bolýa? - Nähili diýsemkäm? Bu ýer bir garyp şahyryñ işgärler öýli – öýüne gaý dandan soñ ýeke özüniñ galyp, tä dañ atýança azat erkin işleýän ýeri. Kim bilýär, birden goşgy diñläsiñiz gelse ýa – da içiñiz gysyp, kimdir biri bilen gürleşesiñiz gelse, islän wagtyñyz şu nomere aýlaýyñ... - Stranno... Do swidaniýa. Bagyşlañ. Men özýmiñ ýöne keýpine aýdyp goýberen bu sözlerimiñ yzynyñ şeýle öwrüm aljakdygy hakynda pikirem etmändim. Gijäniñ bir mahaly ýene telefon jyññyrdady. Gündiz jañ eden nätanyş gyzyñ tanyş sesi... - Garyp şahyry ukudan oýaran-a däldirin. Hakykatdanam, oýaly-ukyly bir ýagdaýdadym. Şonuñ üçin hemişe dogryñy sözlemeli diýen kadama görä jogap berdim: - Men oýa wagtymam ukuda ýaly, düýş görüp ýören ýaly. - Bagyşlañ, siz islän wagtyñyz jañ edäýiñ diýdiñiz. Oýun eden bolmagyñyzam ahmal ýöne siz, hakykatdanam, şahyrmy? - Çynymy aýtsam – bilemok. Ýöne söz diýen zat meni hiç erkime goýanok. Onsoñ tebipleriñ, gadym zamanlardaky lukmanlaryñ adam aýagy sekmedik ýerlerden derman otlary çöpläp ýörşi ýaly, menem sözleri, pikirleri, duýgulary seljerjek bolup gümra bolup ýörün. - Men hiç haçan şahyr adam bilen gürleşip göremok. Kyn görmeseñiz, maña bir goşgy okap beräýiñ? Sözem beripdiñiz. - Oýun edýän-ä dälsiñiz? - Çynym, ynanaýyñ! - Onda üns bilen diñläñ. Men size „ Söz hakynda söz“ atly goşgy okap berjek. - Diñleýän. "Suw“ diýen söz "guw“ sözüne meñzeşdir, "Suw“ diýen söz meñzeşdir "luw“ sözüne, Añlasañ bularyñ bary demdeşdir – Alysdaky göm-gök "arzuw“ sözüne. "Ýaz“ diýen söz "ýar“ sözüne meñzeşdir, "Gyş“ sözünden çisñäp durandyr "ýagyş“. "Tomus“ "yssy“ sözün ýadyña salar, "Güýz“ sözüniñ "küýseg“ manysy barmyş. Söz sözleseñ, saýlap sözle sözme – söz, Söz söze ýakyndyr, söz söze daşdyr. Söz aýtmazdan sözläp durany üçin, "Göz“ diýen söz "söz“ sözüne meñzeşdir. Bože moý!Siziñ munyñyz tapmaça ýaly boldy. Men – biolog. Menden aýyp gürmäñ. Ýene bir sapar gaýtalap beräýiñ. Soñ men bu goşgyny ýene gaýtalap okap berdim. Biolog gyz hoşal bolup, ertir şu mahallar jañ etjekdigini aýdyp hoşlaşdy. Şeýdip, biziñ telefonly söhbetdeşligimiz başalandy. Elbetde, meniñ durmuşymda söýgä meñzeşräk zatlar bolupdy, ýanyma gelip-gidýän, jañ edip bizar edýän gyzlaram ýok däldi, ýöne men muny olara meñzetmejek bolup geñ hyýala gol berdim. Ol meniñ şertimi haýran galyp, hemem uly şatlyk bilen kabul etdi. Meniñ şertli adym Şahyr, oñada men öz islegime görä Selbinýaz diýip at goýdum. Sebäbi köpden bäri öz hyýaly dünýämdäki owadan gyza “Salam, Selbinýaz“ diýip, ýüzlenýändigimi, şol ady nämüçindir oñat görýändigimi aýdanymda, ol garşy bolup durmady. Ol islän wagty maña jañ edäýmeli. Şeýdip, biziñ ýarym oýun – ýarym çyn, ýarym hakyky-ýarym hyýaly dünýämiz döredi. Men oña Ýeseninden, Baýrondan, Blokdan, italýan, ýapon şahyrlaryndan goşgy okap berýärdim. Göwnüme bolmasa ol meniñ öz şygyrlarymy hasam oñat görýän ýalydy. Ol maña gaýta-gaýta "Etekgalada akrap“ atly goşgymy okadardy... ...Gök arçaly kert kemerde-uçutda Bulutlar asyl –asyl .... goñur.... goñur.... Gögerçinler – kepderiler üçekde pasyr... pasyr... gugur... gugur... Ýola rowan güýzüñ göçümde, Ýel yraýan baglañ içinde, Ah, meniñ yrga söýgümiñ üstüne, Ah, meniñ ýygra söýgimiñ üstüne – Ýa ýagyş ýagar ýa gar, Ýa ýagyş ýagar, ýa gar... Ýa ýagyş ýagar, ýa gar, Ýa ýagyş ýagar, ýa gar... - Bilýäñizmi näme, Şahyr? Men käte pikirimde, käte bolsa aýnañ oñünde durup, siziñ bilen gürleşýän. Men siziñ bu goşgyñyzy aýdyma öwürdim. Diñläñ... Ol pianinony çalyp, aýdyma hiñlendi: "Ýa-a-a ýagyş ýagar, ýa-a-a gar... Ýa-a gar...“ - Şahyryñ biolog gyz bilen ýüzbe-ýüz duşuşasy gelenokmyka? - Köle gonan guw ýaly seni ürküzerin öýdüp gorkýan. Meniñ göwnüme, sen hemişe parç bolan otlary depeläp, owunjak ak gülli meýdanda aýakýalañ ylgap ýören ýaly... Seniñ "Salam, Selbinýaz! Sonam, Selbinýaz!“ diýesim gelip dur... - Şu gün biri-birimiziñ deñämizden salamlaşman geçip giden bolmagymyzam ahmal... - Awtobusda ýa-da trolleýbusda bile bir oturgyçda oturan bolmagymyzam ahmal... Men uzyn, syrdam, şar gara saçly... - Menem uzyn boýly, ak ýüzli, şar gara saçly... - Men seni ýitirerin öýdüp gorkýan, Selbinýaz! - Menem... Gaty gorkýan... - Meniñ saña tarap ylgasym gelýä, Selbinýaz! - Men gorkýan... Goşgy okap bersene? - Täze ýazan goşgymy okaýynmy? - Okasana. Aziýa! Aziýa! Tukat Aziýa! Sen ýumşak ogluñdan bolma asyýa... Bir gün ak gaýañda gül bolup biterin, Reñkim asman ýaly hem biraz syýa. Gören haýran galar, Hiç ýetmez añy – Daşlaryñ ýüregne söýgi sygmandyr. Muny öñde-soñda, heý, bilen barmy?! Men behişdiñ güli, adym-ryzwandyr! - Alo! Alo! Sen nirede? Meniñ seni göresim gelýär, Ryzwan! Ryzwan! Eşidýärmiñ, meniñ seni göresim gelýä! - Sonam, Selbinýaz... - Ryzwan...Seniñ adyñ näme bolsa-da, men saña Ryzwan diýjek... - Sonam, Selbinýaz... ...Indi muny ýazgyt ýa kysmat diýip düşündirjek bolup oturmagyñ geregi ýok. Men nädip, nämüçin beýle samsyk hem gorkunç oýun etdimkäm? Heý, bu bir boljak zatmy diýsene? Nämüçin seniñ iş ýeriñi, öý adresiñi ýa telefon nomeriñi ýazyp almadymkam? Men seniñ adyñy familiýañy-da bilemok ahyryn. Seniñem bar bilýän zadyñ diñe meniñ iş telefonym. Sen meniñ redaksiýada işleýändigimem bileñog-a... Saña näme boldy? Sen näme üçin maña jañ edeñok, Selbinýaz! Men seni nireden gözlemeli? Oñžmden çyksañam-a, men seni tanap biljek däl! Men näme etmeli?! Garaşmaly däl! Onda näme etmeli? Bu tükeniksiz sowallar meniñ huşumy çaşyrdy. Kimdem näme sorajagymy, nädip düşündirjegimi bilip bilemok. Bir hepde on gün töweregi telefondan gözümi aýyrman oturanymdan soñ, halys bolup keselhana düşdüm. Keselhanadan çykýançam, dostum meniñ ornumda oturyp nobatçylyk etdi... Iş stoluñ üstündäki aýnanyñ aşagynda goýan ýazgym eýýäm-haçan saralyp-solup gitdi: Haýyşnama! Kim "Şahyr ýa-da Ryzwan barmy?“ diýip sorasa, adyny, familiýasyny, adresini, telefon nomerini ýazyp alyñ! Hökman ýazyp alyñ! Soñ meniñ telefon nomerim täzelendi, iş ornum täzelendi, gam-gussa täzelendi... Men öz telefon nomerimiñ täze eýesini tapyp, oñada şol ýazgyny galdyryp gaýtdym. Emma bu hijranyñ hiç soñy gelmedi. Saña näme boldy, Selbinýaz? Seni nireden, nädip gözlemeli, Selbinýaz? Meni gözläp tap ahyryn, Selbinýaz! Men bir başga dünýäden şu dünýä ýekelik dünýäsine sürgün edilen ýaly boldum-la! Goşgularymy, saña okap beren goşgularymy gazetde çap edenoklar. Çap etseler, sen meniñ adymy,familiýamy bilerdiñ. Sen nirede? Saña näme boldy, Selbinýaz! Meniñ janköýer dostum üç-dört sapar täsin synag geçirip görüpdir. Ol üýşmek bolup duran gyzlaryñ arasyna baryp "Selbinýaz!“ diýip gygyrypdyr. Bir gezek bir gyz oña "Hawwa, men Selbinýaz. Siz kim? Men-ä sizi tanamadym?" diýende ol tas guş bolup uçan ekeni. Emma Şahyrly, telefonly gürrüñi düşündirjek bolupdyr welin, "Sen, oglan oýnajak adamyñy daşdan gözle“ diýip, öýkeläp gidipdir. Şeýdip, aýlar geçdi, ýyllar geçdi. Meniñ şar gara saçlarym agaryp gitdi... Indi men "Salam, Selbinýaz“ diýen aýdymy diñläp bilemok. Köplenç uzak bir ýola ugramakçy mahalym ýa-da sähralyklarda, dagda-damanada ýeke özüm gezip ýörkäm söze sygmaýan şekilleri bir pursat synlasam, şar gara saçly, gaşlary galam bilen çyzylan ýaly nätanyş hem tanyş gyz-gelinleri görsem öz owadan hem gussaly söýgim ýadyma düşýär... Men indi şondan bäri ýeke gezmäni gowy görýän, sebäbi diñe ýeke wagtym seniñ barlygyñy duýup bilýärin. Men indi şondan bäri kämähäl birden bir ullakan söýgä uçraýjak ýaly, hem gorkup hem tolgunyp ýaşar ýörün... Ahmet HALMYRAT. | |
|
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |