16:49 Meret möjek / hekaýa | |
MERET MÖJEK
Hekaýalar
Ol döwürlerde her obada diýen ýaly awçylar jemgyýetiniň ýörite rugsatnamaly agzalary bolardy. Olara aýagulag hökmünde «Planeta» motosikli, ýarag hökmündede goşanil tüpeň berlerdi. Mahalmahal obanyň uzak Garagumdaky dowar sürülerine möjek daran halatynda awçylaryň işi başyndan agdyk bolýardy. Hepdeläp, on günläp çopan goşlarynda galyp, sürüleri möjeklerden gorardylar. Gabat gelen tilkişagallaryňam olardan sypjak gümanasy ýok. Möjegiňem, tilkişagalyňam öldürilendiginiň tutarygy olaryň derisi, onuňam hersiniň öz bahasy bar. Üstesine, sürüsini paýhynlatman aman sypan çopanlaryň hem käteler her aýda özlerine berilýän çorbalyk malyny awçylaryň motoryna basyp goýberäýmesem bardy. Bu çopanlaryň awçynyň hyzmatyndan hoşallygynyň alamatydy. Durdy çopanyň Meret möjek lakamy bilen tanalýan obadaşyny sowuksala garşylamagynyň aňyrsynda welin gysgançlyk ýokdy. Şonuň üçinem ol çaý başynda ondanmundan gürrüň açyp, obanyň habaryny alan bolsada, öz matlabyny açyk pyşgyrmandy. Ahyram ol awçy bilen duşuşyga gepbaşy bolan gürrüňe dolanyp, onuň taryna kakyp gördi: — Degmedige ýylaniçýanam degmezmiş, inim, şol möjegiň bizehä azary ýetenok. Beýleki sürülere möjek darapdyr diýibemä eşitmedim. Bu giň sähranyň möjekşagalyny awlap tükedip bolmaz ahyryn. «Çöl börüsiz bolmaz» diýipdirler. Üstesinede, häzir olaryň çagalaýan döwri, ejize ganym bolmak nämä gerek?! Kesbinden günemasyny dolap ýören kişi bütinleý başga hörpden gopdy: — Durdy aga, menem Meret möjek lakamymy güne ýatyp almadym. Çöregim awçylykdan bolsa dagy nädeýin. Başlygam: «Şu gezek awuň oňuna bolsa, menem sylagyňy ýetirerin, Durdy çopanam çorbalygyny gysganmaz» diýensoň, gaty çynym bilen geldim. Meret möjegiň gaýtmyşym etmejegine gözi ýeten Durdy aga gürrüňi mundan artyk süýndürmek islemedi: — Onuň ýaly niýetiňe düwen bolsaň, ýagdaýyňa seret, inim, hana, Aly nyň ala meýdany! Awçy baş çopanyň gürrüňine kän bir intipis etmän hoşlaşmak bilen boldy. Salym geçmänkä çopan goşunyň depesinde motoryň toňtoňy ýaňlanyp ugrady. Hä diýmänem, aýagulagynyň üstünde ykjamlanan awçy maňlaýyny günbatara tutup, alaňlaryň arasynda gözden ýitip gitdi. * * * Közi öçüp, küli depe bolup duran ojakdan çykaran gömme nanyny saçaga goýan çoluk häliden bäri içini hümledip ýören sowalyny orta atdy: — Durdy daýy, näme üçin siziň möjegi atdyrmajakdan, tutdurmajakdan bolup gürrüň edeniňize düşünmedim. Özi ýyrtyjy bolarda, oňa dözümsizlik etmek nämä gerek? Durdy aga ýagly asma çorbany saçaga goýuşdyryp ýören ýegeniniň bu sowalyna jogap bermäge howlukmady. Ujy tommakly çopan taýagyny elýeterinde goýup, gapdala çekildide, üstbaşyny kakyşdyrdy. Onýança çoluk soragly nazaryny daýysyna çiňňerdip, baş çopanyň eline suw akydyp başlady. Daýyýegeniň hijisindenem ses çykanokdy. Çoluk öz sowalynyň jogabyny eşitmäge hernäçe döwtalabam bolsa, dilini dişläp diýen ýaly ýuwdunjyraýardy. Durdy aga bolsa çöl durmuşyndan çörek gözleýän ýegeniniň bu gyzyklan masyndan özüçe kanagatlanma tapyp, iki agyz söz bilen ol sowalyň jogabyny düşündirip bilmejekdigi hakynda pikir öwürýärdi. Basym bu dymyşlyga aňyr dan hashaslap gelen Ýolbars hem goşuldy. Uzynly gün süriniň daşynda selkselkläp, halys bolan janawar gelşine merthananyň agzynda süýndide, ýogyn garysynyň üstüne goçak kellesini goýup, gözüni süzdi. Onuň it dur muşynda kada öwrülen bu hereketine eýýäm saçagyň başyna egrelişen daýy-ýegen hiç bir ähmiýet bermän, nahar bilen başagaýdylar. Biri horpuldadyp, beýlekisi şirpildedip ýagly çorbany şol eňterip oturyşyna, tabagyň düýbi görünýänçä haýdansoňlar, el süpürilip töwir galdyryldy. Çoluk topbak bolup duran süňksaňklary boşan tabaga atyşdyryp, haltadan it höregi diýip gara undan bişiren çöreginden epeslisini bölüp aldyda, tabaga dograşdyryp ýerinden turdy. Özüne ýal taýýarlanýanyna düşdüş bolan Ýolbars hem sesini çykarman onuň yzyna düşdi. Gara taňkanyň gök çaýy süňňüni ýumşadansoň, Durdy aga gapdaljygynda düýrlengi duran ýorgandü şegini goltugynyň aşagyna çekip, aýagyny uzatdy. Bu onuň: «Hany, indi bir gulaklaryň posuny açaly» diýdigidi. Daýysynyň: «Aýtdyrman edýänlerden bol» diýýänine özüni seýisläp ýören çoluk atylyp baryp, ojar töňňeleriniň şahasyndan asylgy duran «WEF» radiosynyň nurbadyny towlap goýberdi. «Hersi döwüň gözi ýaly» diýdirýän petreşip duran ýyldyzly asmanyň astynda ýaşaýyşly menziliň ýeketäk nyşany ýaly garalyp oturan çopan goşunda dutaryň ýakymly owazy ýaňlanyp baş lady. Bagşynyň şirindenşirin kakuwlary, beýniňden girip bagryňdan çykýan aşakýokary inişler baryýogy ikije ynsanyň laljim bolup oturan giň oýunyň içini baharyň lälereýhanly günlerine öwren dek jadylapdy. Her wagther wagt oýy ýaňlandyryp «woffuldaýan» Yolbarsam, hälişindi aňňyrmasada, hynçgyryphynçgyryp ýürege düşýän eşek görgülem, hatda töwerekdaşdaky tilkişagallardyr alajagözenlerem oýuň depesini gaplap alan bu mahmal owaza çirk ýetirmek islemeýän ýaly, sesüýn çykaranokdy. Owaz welin barha süýjäp giden dünýäni demine dartyp barýan ýalydy. Durdy aga: «Dutaryň sapyna bilbil gonduran diýilýän şu bolsa gerek» diýip içini hümledip, käsesini ýerde goý man yzlyyzyna çaý owurtlaýardy. Gara taňkanyň düýbüni käsesine syrkan baş çopan maňlaýyna inen burçakburçak derini çalyp, beýle ýanyna ýanbaşla dy. Mukam gutardy. Bu pursada irikgä bolup garaşyp duran dek it üýrdi, eşek aňňyrdy, uzaklarda bir ýerde bolsa mö jek uwlady. Töwerekdaşyň bir zenzele tapanyna howsala düşen çoluk: — Ýolbars, aýlan, aýlan — diýip, daýysynyň näme diýerine garaşdy. Durdy aga ýegeniniň iteşegiň sesine agyrýeňil bolmasada, möjegiň sesinden elheder alanyna düşündi. — Sen, ýegen, möjegiň ol uwwuldysyndan gorkma, ol sürä daramakçy bolýan möjegiň sesi däl, ol çagalaryny tükelleýär, olary hinine çagyrýar. Haýwanam bolsa, enedä — diýip, ýegeniniň aljyraňňy görünýän ýüzüne seredip, onuň jogapsyz galan sowalynyň daşyna döndi. — Bu dünýäde bihasap zat ýok, ýegen. Adamyňam, haýwanyňam, guşgumrynyňam, dal daragtyňam, otçöpüňem öz ýaşaýyş kadasy bar. Biziň bu dünýämizde ola ryň ählisem ýaşamaly. Ýöne ylalaşyp ýaşamaly. Ana, mesele şonda. Adam adam bilenem, haýwanlar bilenem, tebigat bilenem ylalaşyp ýaşamaly. Möjek düşbi jandar. Ol aňsataňsat gara lukmasy üçin öz çagalan ýeriniň çägindäki süriniň malyna göz gyzdyrmaz. Bu giň sährada möjek üçin aw gyt däl. Ýöne onuň bu ylalaşygy şertlidir — sen hem oňa azar bermeli dälsiň. Azar berdigiň welin, başyňy gowga urdugyňdyr. Süriniň yzynda süýrenip ýören ýekeje kel toklyňy arkasyna atyp gidäýmez, ýyldyrym dek süýnüp gelşine süriniň bir çetinden girip, uçdantutma diýen ýaly damagyny çalyp geçip gider. Bu onuň aw edişi däl, bu möjegiň ar alşy. Şonuň üçin oňa garadangaýtmaz diýilýär. Ilçilikdede möjek ýaly garadangaýtmaz adamlara «Ýüregi suwluja» diýläýmesi bardyr. Bu gepiň aňyrsynda möjek bilen baglanyşykly bir hakykat bar bilseň. Möjegiň ýüreginiň üstünde suwluja bir perde bar. Şol hem ony garadangaýtmaz, batyrgaý edýärmiş diýip könekiler gürrüň ederdiler. * * * Meret möjegiň Durdy çopanyň goşundan çykyp gaýdanyna eýýäm ikinji gündi. Düýn ol uzyn gününi sü riniň agypdönýän sonarlyklarynda geçirdi. Yz çalyp tapan zady bolmady. Bu gün ol gözleginiň örüsini giňeldip, motoryny sazagyň düýbüne süsdürdide pyýadalap ugrady. Ýapýaňyjada ýüzüňi sypap geçýän salkynja säher şemaly kemkemden howur alyp baş lady. Awçynyň çaky bilen möjek şu jelegaýlarda bolmalydy. Çatyçerkezem, sözendir sazagam ak alaňlyklara garanda bu ýerde birneme gürräkdi, tilkidir towşanam, şagaldyr alakada köpräk duş gelýärdi. Gyrymsy otçöp leriň arasyndan ýylan ýaly towlanyp gidýän ýodajyklar dürli haýwanlaryň aýak yzlaryndan ýaňa torç bolup ýatyrdy. Her ýerdeher ýerde garalyp oturan pürpudakdan galan garry ojarlar mal sallabermeli ýogyn şahalaryny gap dala ýaýyp, birhili, içgysgynç görnüş döredýärdi. Meret möjek pişik basyş edip, hernäçe aýlansada yz alyp bilmedi. Ol ýapydanýapa dyrmaşyp, şol gidip oturşyna Günüň eýýäm süýr depä çykyp barýanynam duýmady. Awçy bu barada asla pikirem edenokdy. Öz awunyň şu jelegaýlarda mesgen tutan dygyna bolan ynam ony goltugyndan gop berilýän dek öňe iterýärdi. Bolsada, awçy üşükliligi ony aldamandy. Uly bolmadyk iki ýapynyň sepleşiginde öý ýaly bolup oturan çerkeziň guma ýapyrylyp ýatan gür şahalarynyň aşagynda adam sümer ýaly sümelge çalaja garalyp görünýärdi. Meret möjek awuny ele salan ýaly uludan dem alyp, bagyrtlap ýatan ak çägesine ýanbaşlady. Aralyk epesli bardy, üstesinede, ol açyklykdy. Bu ýagdaý onuň möjegiň hinine ýakyn barmak baradaky pikirini duwdagyn etdi. Beýle gömelteý hereket «Möjek aga, men geldim» diýmek boljakdy. Ýöne öz kastyna çykylanyny möjek janawar bireýýäm duýupdy. Awçy bu ýerden entek iki ýapy aňyrdaka ol adam ysyny alyp çuslanypdy, indihä ol Meret möjegiň kirzi ädiginiň içinde derden ýaňa ölmyžžyk bolan dola gynyň ysynam duýup durdy. Edil şu pursatda awçynyň öňünde bir maksat, möjegiň öňünde welin iki maksat bardy: ol hem çagalaryny halas etmelidi, hem özüni. Goramak hem goranmak üçin göreş oňa tebigatdan berlen ýetdik paý bolup, möjek kanunynyň üýtgewsiz endigine öwrülen kada bolup galypdy. Şonuň üçinem ol ga raşylmadyk göçüm edip, awçyny bu ýerden daşlaşdyrmalydy. Pursat arara wagt ýokdy. Meret möjek tüpeňine ok sürüp, indi nyşanany çenäp ugranda garaşyl madyk ýerden atylyp çykan çal möjek birbada göni awçynyň üstüne eňen ýaly etdide, aralykdaky meýdany ok kesdirme geçip, tüweleý dek ýapynyň aňysyna özüni atdy. Şol wagtam howur alyp başlan günortanyň ümsümliginde tüpeň sesi töweregi ýaňlandyryp gitdi. Beýle zada garaşmadyk awçy goşa niliň iki gözüni boşadybam ýetişmedi. Şeýlede bolsa, tozan turzup ýapydan aşan möjegiň sumat bolan tarapyna howlukdy. Ýapydan aşak inen ýerindäki ot çöpleriň üstüniň ganjaryp duranyny gören awçy okunyň boş geçmedigini bildi. Möjegiň bu garaşylmadyk hereketinden awçy ýenede bir ýagdaýa göz ýetirdi. Durdy çopanyň aýdyşy ýaly möjek, hakykatdan hem, çagalan bolmaly. Muny hiniň agzynyň möjek çagalarynyň aýagyzlaryndan ýaňa torç edilendigide aýdyp durdy. Awçy möjegiň hereketini öz içinden okap otyrdy. Ol çagalaryny halas etmek üçin garadangaýtmaz hereket edipdir. Indem, awçyny hininiň töwereginden daşlaşdyrjak bolup jan edýärdi. Diý mek, möjek çagalary hininde bolmaly. Awçy töwerekdaşyna synçylyk bilen nazar aýlap, golaýgoltumyndaky barlygy gözüne siňdirip, yz çalyp ugrady. Ýaraly möjegiň halys tapdan düşüp ýykylaýmasa, ikinji gezek aňsataňsat atuwa gelmejekdigi awçada aýandy. Ony günortanyň tüp yssysynda ýada dyp almakdan özge ýol galmandy. Kemkemden tapdan düşüp barýan ýaraly möjek bilen surnugyp halys bolan awçynyň gaçhakowlugy uzak dowam etdi. Ýöne möjek awçyny hernäçe uzaga kowandyryn öýtsede, hininiň töwereginden kän bir uzaklaşdyryp bilenokdi. Ondada enelik borjy hakynda pikir öwürmäge aňy çatmaýan janawar, öljekýitjek, çagalaryny goramak endi gine tabynlyk bilen, ýapy yzyna ýapy aşyp, şol gaçyp gidip otyrdy. Mahal mahal durup, okuň sypjyrdyp geçen çep buduny sazaga oýkap, ýenede selkildäp ugraýardy. Hernäçe uzaga süýnsede, bu ýagdaýň soňky noka dynyň goýuljak pursadynyň indi daşda däldigi möjegede, awçada aýandy. Öňdäki goldan geçen ýerde ýaraly möjegiň eden ikinji göçümi awçyny haýran etdi. Oýuň orta gürpünde çaklaňja ýapa syrtyny dirän çal möjek awçynyň gelýän ugruna dikanlap çommalyp otyrdy. Beýle ýagdaýa asla garaşmadyk awçy gola inen ýerinde doňňara daşa döndi duruberdi. Sähel salymlyk awçyny aljyradan bu görnüş, guýlan heýkel ýaly merdemsi oturan gymyldyhereketsiz möjegiň goşa niliň didiwanyna mündürilmegi bilen tamamlanaýmaly ýalydy. Emma beýle bolmady. Merde merdanalyk görkezmek ýazylmadyk möjek kanunyndada, awçy ähtindede üýtgewsizdi. Şu ýagdaý hem Meret möjegi mäşäni gysmakdan saklady. Bu möjek göçümi barada ol köp gürrüň eşidipdi, ýöne özüniň oňa şaýat boljakdygy hakynda welin pikir etmändi. Möjegiň bu bolşy ony adaty bolmadyk gudratly bir wakanyň içine düşen ýaly ýagdaýa saldy. Aňynda nähilidir bir mu kaddeslige boýun synýan ýaly «Mert durmaly» diýen pikir iki ýana at çapdy. Ol öz hereketine özi jogap bermeýän ýaly hala düşüp, tüpeňi ýerde goýdy, kemerine gysdyrylgy pyçagam gapdala taşlady. Üstki eşigini çykaryp, aýalynyň yhlas edip bejeren «wesherdini» çep eline orap, bilindäki iki gulaç örme ýüpi onuň üstünden aýlady. Awçy Hudaýy çagyryp möjege tarap ýöredi. Iki tarapam ahmallygy elden bermegiň ajala deňdigini duýup duran hem bolsa, möjekden gymyldy hereket ýokdy. Onuň çommalyp otury şy: «Alybilýän bolsaň, al meni» diýýäne çalym edýärdi. Aralyk barha ýygrylýardy. Dişini syrtardyp hyňranyp duran möjek birden herekete gelip, agzyny açyp, awçynyň üstüne böküşine onuň öňe tutan çep eline agyz urdy. Awçam ahmallygy elden bererli däldi, çep elini galyň sargynyň içinden sogrup alşyna, iki eli bilen möjegiň päki ýaly dyrnak ly penjelerinden gorandy. Göz açyp ýumasy salymyň içinde goýun güýlüş edip ýetişen awçy, möjegiň dört aýa gynam biribiriniň içinden geçirip güý lüp taşlady. Möjegiň agyz uran galyň sargysyny bolsa onuň äňini ýazdyraýmasaň sogrup aljak gümanaň ýokdy. * * * Meret möjek awuny öňüne basyp çopan goşuna gelende iňrik garalypdy. Durdy aga mallary ýaňyja agyla dolap, indi çaýsuw aladasy bilen merthana gelipdi. Awçy bir eli bilen gany gatap galan çep dulugyny tutaklap gelşine, beýleki eli bilen güýlüngi möjegi mert hananyň işigine taşlady. Çoluk ýigit möjegi görüp, gaýragaýra tesdi. Aňyrdan hasanaklap gelen Ýolbars nämäniň nämedi gine göz ýetirip, jansyz çyňsadyda, aňyrrakaňyrrak çekildi. Awçy üstbaşyny kakyşdyryp, hoş habar getiren dek: — Durdy aga, ine, möjegiňiz, atsaňyzan, assaňyzam, ol indi siziňki. Maňa başlygyň sag bolsunam, siziň çorbalygyňyzam gerek däl — diýip, bir owurt suw berilmegini sorady. Ýaşuly entek elinden goýup ýetişmedik çopan taýagyny egnine atyp, möjegiň depesinden seredip durşuna, birbada sesini çykarmady. Awçynyň eline sarap agzyna tutduran sargysy entegem möjegiň agzyndady. Ol jynssyz iňleýärdi, gorkyürki duýulmaýan gözleri welin ýanyp durdy. Çep budunyň ok ýalan ýarasynyň üstünde irilimaýdaly siňekler wyzzyldaşýardy. Awçy teşneligini gandyryp, ýene de özi gep urdy: — Aýdyşyňyz ýaly, çagalan eken, bir okum gyltyz geçensoň, öldürmäge dözmedim. — Eýse, ony biz öldürelimi, inim?! — diýip, baş çopan morta sorag ber dide, sözüniň üstüni ýetirdi — Biziňä onuň bilen paýlaşyp bilmän duran zadymyz ýok, bize azary ýetmedi, bizem azar bermedik. Sen ony näme etseňen ygtyýar özüňde, awçy. — Men ony etjegimi etdim, Durdy aga. Indi gezek siziňki — diýip, awçy ýenede öz diýenine tutdy. Baş çopan kesgitli gürledi: — Ýok, inim, gerek diýseň näçe çorbalyk sorasaňam berjek, ýöne ça galan möjegi öldüribä biljek däl. Onuň günäsisogaby seniň başyňa, inim. — Eýle bolsa, şu möjegiň ölümi maňada gerek däl — diýip, awçy gol boýy pyçagyny çykaryp hyňranyp ýatan möjegiň gulakguýrugyny kesdide, aýagynyň ýüpüni çözüp goýberdi. Hasyrdap ýerinden galan möjek töweregindäkilere bir laý göz gezdirip, şol demdede ýomýok boldy. Awçynyň oýlanman eden hereketinden serpmeden gaýdana dönen baş çopan özüni lampa aşak goýberdi: — Edeniň bar bolsun, awçy, heý, indi sen bu eden etmişiň yzyndan ýetip biljekmi? — Näme edipdirin, Durdy aga, gerek bolsa, ony ýenede ele salyp ýada atybam bolar. — Sen ony indi ele salyp atýançaň, onuň nämeler gaýyrjagyny bir bilýärmiň?! — Azar berse, ýenede men bar — diýip, awçy soňuny saýman eden işine birjikde ökünç etmän motoryna tarap ýöneldi. Giň sähranyň depesinde ýenede motor sesi ýaňlanyp başlady. Hä diýmänem, ol garaňkylygyň içinde gözden ýitip gitdi. * * * Şol günden bäri Durdy aganyň gözüne uky gelenokdy. Çolugynam, Ýolbarsyňam biynjalyklygy baş çopanyňkydan kem däldi. Oýuň töwereginde gykylykgalmagal köpeliberdigi, üçüsi üç ýerden howsala düşüp başlaýardy lar. Iki gün bärihä golaýgoltumdaky tilkişagallaryň gykylygynyň üstüne möjek uwwuldysam goşulypdy. Durdy aga bu ýagdaýy özüçe ýorup: «Ol bize duýduryş berýär» diýip içini hümleder di. Baş çopan mamlady. Irdegiçde onuň gulakguýrukdan kesat bolma gynyň aryny almaga geljegi ikuçsuzdy. Ýöne, haçan? Ine, şu welin belli däldi. Ol oba habar edip, Meret möjegi ugrat maklaryny haýyş edipdi. Içinden bolsa: «Ol awçynyň gelerine garaşýar» diýip pikir öwrüpdi. Awçynyň kän garaşdyrman goşda peýda bolmagy, birazajygam bolsa, baş çopanyň howsalasyny basdy. Bolsada, ýüregi bir zatlar syzýan ýa ly, öňki rahatlygyny tapanokdy. Ençe ýyllap bir toklusyny möjege aldyrman çopançylyk eden adam möjek daramak howpundan basylyp, çaý içip otyrdy. Ýegeniniň sowal üstüne sowal ýagdyryp awçynyň ýürekbagryna düşmesem, Meret möjegiň gürrüňle rem çopany asla gyzyklandyranokdy. Ol durşuna gulaga öwrülip, töwerek daşdaky gohgalmagala üns berýärdi. Ýolbarsyň her «woffuldysyndan» oýuň içiniň rahatlygyny çenläp, käte bir çaý owurtlaýardy. Gijäniň bir wagtyna çen li dowam eden bu içgysgynç ýagdaý ahyr ony ýadadan bolardy. Ukusy tut masada, gyşaranyny kem görmän, ýassyga kellesini goýdy. Awçy bilen çoluk ýigidem baş çopanyň irkiljek bolýanyny duýup, hersi öz ýerinde gyşardy. Durdy aganyň çaky dogry çykdy. Ar almak üşügi ganyna guýlan möjek awçynyň peýda bolanyny duýup, pursat araýardy. On dördi gijäniň aýynyň giden meýdana çaýan süýt reňki alaň laryň aklygy bilen sazlaşyp gözýetim de ümüştamyş görnüş döredýärdi. Günbatardan gündogara tarap göç edip barýan gara bulut sähel salymyň içinde bu aksowult görnüşi demine dartyp, töweregi düýpsüz garaňkylyga öwürdi. Allowarralardan peýda bolan şemal ümsümlige gaplanyp oturan alaňlaryň depesinde çalaja tozan turzup, çopan goşuna ýagyş ysyny getirip geçip gitdi. Köp garaşdyrman, iriiri ýagyş damjalary ýere gaçyp başlady. Ol barha güýjedi. Baş çopan ýorganyny başyna çekenem bolsa, entek uklamandy. Töweregiň garaňkylyga dulanyp, ýagyş ýagyp başlamagy ony ýenede ynjalykdan gaçyrdy. Birden Ýolbars üýrdi. Onuň dem alşyna çenli belet bo lan Durdy aga köpegiň «woffuldysyn dan» bir howsalanyň bardygyny aňdy. Dartgynly pursat uzak garaşdyrmady. Ýolbarsyň sesi barha batly çykyp, birdenem üzülipüzülip gidýärdi. Şol barmana oýdaky gykylykgalmagal alasmana göterildi. Durdy aga eline ildi rip ýetişen çopan taýagyny depesinde bulaýlap, gykuwlap agyla tarap okduryldy. Beýle ýagdaýa düşüp görmedik çoluk ýigit sesiniň ýetdiginden zolzol: «Ýolbars, bas!» diýip gaýtalaýardy. Awçy tüpeňine ok sürüp agylyň işigine gelende, eýýäm boljak iş bolupdy. Gözedürtme garaňkylygyň içinde kimiň nirede, nämäniň nämedigini seljerer ýaly däldi. Asman gara buluda bürelip, ýagyş barha güýjeýärdi. Daňyň ujy çyzylyp başlanda bulutlar syrylyp, dünýä täzelenen dek boldy. Agylyň içine gözüň gyýyp sereder ýaly däldi. Möjek Ýolbars bilen tutluşan ýerinden çatyçerkezden germew edilen agylyň içine özüni urup, beýlesinden çykyp gidipdir. Mallaryň gana bulaşyp ýatany haýsy, ýerde ýatany haýsy, garaz, möjek möjekligini edipdi. Mallary tükelleşip ýören awçy bolan işe hernäçe hyrçyny dişlesede, indi giçdi. Şu wagt ol öz ýalňyşynyň ýüzüne basyljagyny mertlik bilen çekmäge taýýardy. Şonuň üçinem ýüzüni aşak salyp, sesini çykarman mallaryň maslygyny daşaýardy. Soňky gezek agylyň işigine gelende, baş çopan bilen nazary kaklyşan awçy: — Eden ýalňyşymy şu gün ýerine salmasam, meniňem Meret möjek bolmadygym — diýip, hüňürdedide, tüpeňini egninden asyp, oýdan çykyp gitdi. * * * Awçy gelşine şol gözüne siňdiren bellije oýuna özüni atdy. Agzy çalaja garalyp duran hiniň töwereginde agşamky ýagyşdan soň yz çalar ýaly däldi. Gahary depesine uran awçy: «Ar almagyň nähili bolýanyny indi men görkezeýin» diýip, hälişindi pyşyrdaýardy. Bu wagt ol «Gahar — duşman» diýen parasat hakyndada, möjegiň indiki göçümi hakyndada asla oýlananokdy. Kellede diňe bir pikir at çapýardy, ol çagalaryny ele salyp bilse, möjegiň gitjek ýeri ýok diýip pikir öwürýärdi. Awçy bütin durky bilen şu pikire berlip, paýhasa ýer goýmadyk gaharyň guluna dönüpdi. Şonuň üçinem, ol basymrak möjek çagalaryny halta dykmaga howlugýardy. Munuň üçin onuň ýanynda haltada bar, möjegiň hinem, ine, aýagynyň aşagynda. Heýde, gulaksyzguýruksyz gurduň Meret möjek bilen oýny deň gelermi?! Ýok, ýok, indi göçüm awçynyňky. Şonuň üçinem, ol hökman öňürtilemeli. Awçy şu oýlar bilen başagaý bolup, möjek hinine kellesini sokdy. Şol wagtam hiniň agzynda çal möjek peýda boldy. Ol dişlerini syrtardyp, agzyndan sülekeý akdyryp, hine özüni urmaga häzirlenýärdi... Akmyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |