15:56 Milisiýada saklanan gelnalyjy / satiriki hekaýa | |
MILISIÝADA SAKLANAN GELNALYJY
Satiriki hekaýalar
— Kakam-a birtöwra adamdyr. Öýümizde-de sähne, saňsar gytlyk eder ýaly däl. Jenaýatdan gaçyp däliräp ýörenlerem bar. Hersem gurply-gurply ketdeleriň läligi. Kakam meni şolaryň birine hökman satar. Berk durmaly borus, Ahmet — diýip Gülragna Ýagdynyň ogluny habardar etdi. — Kakaň şunça gezek barsagam sözümizi almad-a. Niçesar ýalbarmaly borus? — Ahmet naýynjar gürledi. — Ahmet, saňa müzzermek gelşenok, gaçaly. Kim näme diýse şony diýsin, gaçaly — diýip, Gülragna soňky sözüni aýtdy. Ahmet çuň pikire batdy. — Ahmet, başga ýol ýok, oýlanybam oturma — diýip, Gülragna sözüni soňlady. Atabal aganyň gyzy Gülragna Ýagdynyň ogly Ahmet bilen Aşgabatda tanşypdy. Tanyşlyk söýgä öwrüldi. Ahmet şonda maşyny bilen Gülragna dagyny jygyllyga, ýarmarka alyp gidipdi. Muzeýleri, sergileri, baglary gördüler. Nusaýa aýlandylar, pyrlampaja mündüler. Gülragna jygyllykda öz gelnejesinden, jigilerinden bilgeşlän azaşypdy. Bazar sowulýança Ahmet bilen maşynda oturypdy. Aýdym-saz diňläpdiler. Durmuş gurmak hakda gepleşipdiler. Birek-birege göwün berdiler. Saý-sebäp bilen birnäçe günläp duşuşdylar. Şol günlerde paýtagtymyzdaky döwlet sirkiniň köşgünde «Aşgabat perisi» ady bilen gyzykly konkurs geçirilýärdi. Has owadan gyzlaryň arasynda «Aşgabat perisi» diýen hormatly ady eýelemek ugrunda geçirilýän täsin konkursa bilet almak «Aşgabat perisi» bolmakdan has kyndy. Nobat edil Galileýiň guýrukly ýyldyzy ýaly ýüzlerçe metre uzalyp gidýärdi. Golaýyna barmak hiç mümkin däldi. Ýaka ýyrtyşma oýnunda utulyp, ahyrynda-da süllümbaý bolşup, boş çykýan men diýen ýigitler köpdi. Ahmet nädendir öýdýäňiz? Iki bilet alyp geläýendir görseň. Zora zor diýmeli! Gyzyň göwni ýetdi. Sirkiň owadan köşgi. Gülragnaň oňa birinji gezek girişidi. Aslynda onuň aşyklar şäheri gözel Aşgabady ilkinji sapar görşi ahyry. Konkurs başlandy. Özlerine göwni ýetýän zybagözeller orta çykyp başladylar. Bili bir gysym, saçy bir gujak, üzümiň suwy ýaly näzeninler. — Halk hojalyk institutynyň laboranty Gülşat Öwezowa — diýip, konkursy alyp baryjy joşgun bilen yglan etdi. Dürli reňkdäki yşyklaryň, göçgünli sazlaryň täsirinden ýaňa ýaş ýürekler joşa geldi. Ruh guş bolup göge göterildi. Keýpler kökeldi. Kelleler göçdi. Bu ýagdaýda ol-a ýaşlar ekeni, goja bolsaňam özüňi ýitirmegiň mümkindi. Gülşat Öwezowa özüni her taraplaýyn görkezmegi başardy. Elbetde, bu ýerde esasy roly owadanlyk oýnaýardy. Ol kemsiz owadandy. Mähirlidi. Ezberdi. Görmäge göz gerek! Bir kemsiz gözel diýilýän gyzdy. Onuň bäsdeşleri Liliýa bilen Lýuliýa hem üýtgeşikdi. — Gülragna, sen Gülşatdan hem owadan! — diýip, Ahmet pyşyrdady. Ol Gülragna golaý süýşdi. — Akylly otur, Ahmet — diýip, Gülragna çalaja duýduryş berdi. Ol kilçermäni halamaýardy. Akylly gyz söýgüde-de akylly hereket edýär. Söýşenler aşyklar şäherini aýlanyp gördüler. Aşyk-magşuk bolşup, bir hepdeläp tirkeşdiler. Gaçmalymy ýa ylalaşyk ýoly bilen toý tutmalymy? Durmuşyň çylşyrymly meselelerinden baş alyp çykyp bilýänler: «Gaçmak iň soňky çykalga. Ene-ataň razylygy hökman gerek, olaryň ýüregini ýaraýmaly däl, ekläp-saklana hormat etmeli» diýen netijä geldiler. Emma Atabal aga sawçylary golaýyna eltmedi. Aradan birnäçe ýyl geçdi. — Oglum, sen ýalandan heserlän bolaý, hiç gepleme özüňem. Diňe aglap ýa gülüp bilersiň. Işdäň, ukyň sag bolsun. Gara zähmetden gaçma, wessalam. Men seni Atabal agaň öýüne alyp gideýin. Onuň öýünde sensizem däli gyt däl. Kyrk bolmasa, kyrk bir ekeniň-dä diýen ýaly senem biri bolarsyň-da — diýip, Ýagdy ogluna döwletli maslahat berdi. — Gitdik! Şaýyňy tut. Köne-küşül geýin. — Atabal aga, men-ä bir ýumuş bilen geldim. Şu dogman geçen dogma bir ýerde beňli çilim çekipdir-de, kellesine zeper ýetiripdir. Gudratyňy görkezip, doga-tumar etmeseň-ä boljak däl, porhan aga — diýip, Ýagdy çyna berimsiz ýalan sözledi. — Aklygyňyzy ýetirerin. Ynha, häzirlikçe şujagaz puly alyp gal. — Ýagdy iki daňy üçlügi Atabal aganyň öňüne oklady. Gapyňa bir öküzem daňjak. Iki maşynymyň biri seniňki bolar, porhan aga — diýip, Ýagdy suňşurdy. Atabal aganyň gözleri ulalyp gitdi. Ýüzi ýagtyldy. Joşup gürledi: — Owal-a Hudaý, galyberse-de erenler, dogmaň tut ýaly bolar! Derdi-belasy Kap dagyndan aşar — diýdi. «Kimiň Kap dagyndan aşjagy belli bolar basym». Ýagdy gaýtdy. Ahmet bolsa porhanyň öýdençeri boldy galyberdi. Atabal aganyň bir köne «Ural» motory bardy. Ahmet ony derrewem remont etdi. Ot daşap, ýaşulynyň mallaryny bakyp geziberdi. Hiç geplemedi. Öýüň işini kemsiz ýerine ýetirdi. Howlyny gül ýaly etdi. Ýag döküp ýalabermeli boldy. Mal ýataklary şeýlebir arassalandy. Içinde adamy operasiýa edibermelidi. Porhan ony okajagam bolmady. Oňa doga okap, tumar dakjagam däldi. Sebäbi Ahmet sagalsa, ol işleri kim etsin. Mugt işçi güýjüni kim erbet görýär? Şonuň üçinem porhanyp em-ýom bilen işi ýokdy. Ahmediň bolsa köne «Ural» bilen şol ot daşap ýörşüdi. Yzynda uzyn tüsse galdyryp, tutuş bir küde gök ot süýşüp gelýärdi. Motosiklet görnenokdy. Içinden müňňülläp biri çykar, olam Ahmetdir görseň. «Däli gelýär!» diýşip, her kim oňa ýol berýärdi. Ahmet asla geplänokdy. Gülragna ikisi hat üsti bilen habarlaşýardy. Mal ýatagynyň içinde bir buky ýerde hat goýýan ýörite gizlin ýerleri bardy. Günlerde bir gün Atabal aga öz aýaly bilen uzak bir ýere ýatymlyk gitmeli boldy. Bir kolhoz başlygynyň enesi ýogalypdyr. «Sen, goşgy goşup, aglamaga ökde. Hemmänem agladyp bilýäň» diýip, Atabal aga pata ýerine öz aýalynam alyp gitdi. «Biz üçüni geçirip geleris» diýip, ýaşuly öýüň ähli karkaşasyny Gülragna berk tabşyrdy. Barly-bajamly adam ýogalsa, ýaşulynyň göhi gelýär. «Pylan başlygyň atasam-a üsgürip başlanmyş. Pylan neçelligiň enesi gyldamak keseline sataşanmyş» diýip, Atabal aga hezil edinip gürrüň berýärdi. Eger başga biri, ýönekeý kärli adam ölse: «Ýalançy panyň gowgasyndan dynaýdy. Asyl bolaýypdyr. Bu dünýe orramsyň oýnagydyr, hakyky ýaşaýyş o dünýededir» diýýärdi. Emma o dünýä özüniň gidesi gelenokdy. Pursatdan peýdalanyp Ahmet bilen Gülragna gaçdy. Olara samalýot howply boljak ýalydy. Tanşyň duşaýmagy mümkin. Göz köp. «Ural» bilen Daşoguz —Aşgabat şosse ýoluna çykmaly diýen netijä geldiler. Motory ýolda bir öýde goýup, ýük maşynlary bilen Aşgabada ýetmeli. Iň ähtibarly ýol şol. Plan düzüldi. Ahmet Gülragnany gozakda ýatyrdy. Üstüni täzeje orlan körpe ýorunja bilen pugta basyrdy, daňdy. Içinde biri bardyr öýdüp, eger-eger, ýedi uklanda-da ýadyňa düşjek däldi. Şol wagtam Atabal aganyň agtyklary motosiklete mündüler. — Me, pul bereýin. Karateli kino gidiň. Moroženoýe iýiň. Limonad alyň. Marş! — diýip, Ahmet oglanlary ugratdy. Raýon merkezine ýetip barýarkalar DAI-niň postunda awtoinspektor Oraz «jürt» etdi. Saklap barlamakçy boldy. — «Prawaňy» görkez? — Öýde galypdyr, ýoldaş leýtenant. — Kelläň-ä ýanyňda ýaly?! Nomuram-a ýok motoryň?! Syrma-sallah! — Alaryn-da. — Açaryny äber bäri? — Açaram ýitipdir. Köne motor-da, ýoldaş leýtenant. — Kelläň-ä ýitäýmändir. Lülkede näme bar? — Otdan başga hiç zat ýok. Barlaň-da göräýiň, ýoldaş leýtenant. Fermadan kärendesine arryk göleleri alypdyk. Janawarlar aç durlar. — Ogurlyk zat ýokmy?! Lülkede göknar bar bolaýmasyn?! — diýip, leýtenant ýorunja elini uzatdy. Basyşdyryp gördi. Duýmady. — Barlaň, ýoldaş leýtenant! — diýip, Ahmet öz howsalasyny basjak boldy. — Ony maňa öwretme, han ogul. Milisiýa baryp barlaýarys. — Gölelerimiz aç gygyrýar. — Yzyma düş. Seniň bu motoryň kimiňkidigem belli däl. Hiç hili signalam ýok munda. Ogurlyk bolaýmasyn?! Seň, oglan, gözüň ýaman ýeser görünýär. Sypatyň düz möjegine meňzeýär. Bir aýyň içinde on üç adamyň motory ogurlandy. Arzalary bizde ýatyr. Şoň dördüsi «Ural». Hany öňe düş — diýip, awtoinspektor öz maşynyna girdi. Depesindäki çyrasyny gündiziň günortany ýakyp, signal berip, ala-goh bolup, «gelnaljyny» milisiýa tarap alyp ugrady. Milisiýanyň howlusynda gabalgy motosikletdir welosipedleriň özi üç ýüz dagy bardy. Ahmet «Uraly» eltip goýdy. Özüni howludan basym çykardylar. — Ertir geläý, derňäp göreris — diýdiler. Gülragna bolsa gozakda ýatdy galyberdi. Iňrik garaldy. Agşam düşdi. Ahmet howlynyň töwereginde pelesaň kakýardy. Nobatçy hem «oljalaryň» arasynda köw-söw edip ýördi. Howlynyň haýaty beýikdi. Üç metrdi. Üsti tikenekli sim bilenem torlanandy. Howlynyň öňi köçe, iki gapdaly hojalyk jaýlary, olaryň hem itleri seni iýse-de doýjak däldi. Tör tarapy berk saklawlydy. Edarady, ýagny bankdy. Şol agşam Akmyrat milise diýilýän goja kişi gelip, milisiýada smenany kabul edip aldy. Ol aýlanyp ýörüşine, gozagy ter ýorunjaly «Uraly» gördi. Ýanyna bardy. Ýorunjany elläp gördi. «Gyzymyň öýüne eltäýsem-ä bag goýunlar-a maňa alkyş okardylar-ow» diýip, «Uralyň» «şahyndan» tutup, pikir etdi. Ýene oýlandy. «Ertir akt ýazyljak bolanda, eýesi: «Hany, otum» diýip, dawa salmagy mümkin. Ýa-da bolmasa, ýorunjasyny alyp, syrkyndyr akbaş ýygyp, ýerine goýaýsammykam?! Ýene: «Aý, beýtmäýin-le. Häzirki döwrüň adamy äjit-mäjid-ä, borjuny bilmezden hukugyny talap edip başlar. Otuzynjy ýyllaň sada türkmeni ýok indi». — Akmyrat aga otuzynjy ýyllarda hem milisiýada işläpdi. Bir gezek ol çöle gidipdir. Çarwa baýlaryny guma ýygnapdyr. Ýany bilen köne telefon trubkasyny hem alyp giden ekeni. Bir gulaç sim hem göteripdir. Akmyrat aga simiň bir ujuny çägä dürtüpdir. Beýleki ujundaky trubka üflän bolup gepläpdir. — Allo, allo, Mesgew, Mesgew! Ýoldaş Stalin gerekdi maňa?! Özüňizmi asyl! Salawmaleýkim, ýoldaş Stalin! Sizdendir, aýdyberiň! Gül ýaly. Mes, gurgun. Ýeňňemem gurgunmy?! Swetlana ulalýamy?! Ýoldaş Ýežowa salam aýt. Ýoldaş Stalin, şu ýerde Garagumda başyna giden birküç sany baý bar. Nädeli?! Şura hökümetini pisint edenoklar. Garyp-gasary ezýärler. Maňa seretseň-ä, türkmençilikde ylalaşsak gowy bordy, ýoldaş Stalin! Ýa ýeke oka tabşyraýynmy. Okumy gysganmasam, janyna haýpym gelenok. Gatyrganybersek, bular Eýrana geçjekler. Özleri gitse, atamdan aňyrrak gitsin weli, mallarynam sürüp gitjekler. Bor, janyňyz sag bolsun, ýoldaş Stalin! Netijede, Akmyrat aga bir süri goýny sürüp gaýdan ekeni. Akmyrat aga geçmişde eden pyssy-pyjurlyklaryny ýatlap irkilip otyrka, Gülragna motosikletiň gozagyndan emaý bilen çykdy. Şaýly gyz şaňňyrdap çykyp, haýatyň çüňküne tarap dähedem-dessem basyp, ýöräp ugrady. Ol ýerde bir «jadyly» ýüp ony çekip aly-da, howa göterdi. Emma Akmyradyň çöňňelen gözleri «jadyly» ýüpi saýgarmady. «Şaýly gyz ganat baglap göge uçdy» diýip düşündi. Akmyrat milisäniň dili tutuldy. Gaýtarmyş dogany okajak boldy. Bar bilýänje bäş-alty sany arap sözleri hem ýatdan çykdy gitdi. «Şaýly gyz!» diýip, Akmyrat aga çalaja pyşyrdady. «Toba, toba! Şu howluda eýe bolmaly! Nähak ganyň köp dökülen ýeri!» Ertesi irden Akmyrat milise naçalnigiň ýanyna, kabinete kürsäp girdi. — Ýoldaş naçalnik, biziň şu howlymyzda eýe bar. Öten agşam hut öz gözüm bilen gördüm, ynanaý, walla. Nähak gan ýerde ýatmaz. Göz görkezip başladygydyr! — Ýak, senem-äý, Akmyrat aga, tapýaň-ow bir zatlary — diýip, Aşyr güldi. — Hudaý bar. Şu howluda Stalin, Ýagoda, Ýežow, Beriýa döwründe köp adamlary bize atdyrdylar. Nähak gan döküldi şu howla. Göçeli şu ýerden, ýoldaş Balakaýew. — Beýlekileriňe belet weli, Ýagodaň kim-äý?! — Ýak, senem-aý, Genrihi tanaňokmy?! Biz köp jenaýatçylary tapyp bilemzok. Ölen şehit bolup, ölüp gidip otyr. Öldüren kazy bolup, arkaýyn ýaşap ýör. Näme üçin? Sebäbi şu jaýda eýe bar. Gözüm bilen gördüm. Göçeli, ýoldaş naçalnik. Raýkomyň sekretaryny öldürdiler. Indi gezek biziňki. — Akmyrat aga, git-de dynjyňy al — diýip, naçalnik öz gündelik işi bilen gümra bolup başlady. Sebäbi naçalnik öten agşamky wakadan habarlydy. Gülragnanyň howludan çykarylyşyny bilýärdi. Emma Akmyrat agadan syr saklaýardy. Sebäbi Akmyrat aga bilen Atabal aga bir adam diýen ýalydy. Şonuň üçin Akmyrat aga duýdurman ýaragyna pagtabent ok salyp beripdiler. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |