16:13 MIRASGÄR | |
MIRASGÄR
Goşgular
Bu gelýän meniň agamdyr, Türkmen ganly doganymdyr, Arka tutunar dagymdyr, Hormat-sylag goýanymdyr. Ýüzüne baksam bakanda, Gözleri mähriden doly, Ajy söz bolmaz dahanda, Egri ýol görkezmez goly. Gürläberse göwnejaýdyr, Syn bolar bilmez, bilene, Kisesinden kalby baýdyr, Serde ýer bolmaz temene. Goşa gulagyňdan girip, Açar gara gözleriňi, Bilýändir diňläbem durup, Hak bolanda sözleriňi. Ýedi onluk arkasynda, Türkmeniň tüýs gülüdir ol, Geçmiş-geljek darkaşynda, Çyn taplanan welidir ol. Ýaltanmazak, ýedi ölçän, Bir gezek-de kesendir ol, Diýip ýazanym MIRASGÄR, Dogan Ümür Edendir ol. | |
|
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Galasym gelýär / Goşgular - 13.11.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |