06:01 Nowruzda çöşülen ak ýaglyk / hekaýa | |
NOWRUZDA ÇÖŞÜLEN AK ÝAGLYK
Hekaýalar
...Heniz göjelerem güllemänkä, Ogulla nowruza niýetläp gültahýa biçinýär. Men onuň näme üçin beýle edýändigini bilýärin. Gülsün eje «Durmuşa çykmadyk gyz nowruz ýagşyna tahýasyny ezse, indiki nowruza çenli maňlaýy açylýar» diýýär. Ýöne men Ogullanyň başynyň boguljagyny islesemem, onuň obamyzdan çykyp gitmegini islämok. Ogullanyň tikýän tahýasyna salýan nahyşlary üýtgeşik‒ötegçi guşlar. Men onuň näme üçin şeýle nagşy salýandygyny syzýaryn. Gülsün eje «Ulugyzlaram durnalar ýaly höwürtgelerini terk edýärler» diýýär. Şonuň üçin olaryň ikisem nowruzyň gelerine howlugýarmyşyn. Durnalar-a ýyly ýurtlara aşmak üçin, gyzlaram düşen ýerini bagtly etmek üçin. Ogulla keşdelerini diňe gijelerine, Aýyň şöhlesine ýa-da sözen agajynyň yşgyna çekýär. Ilkinji ötegçi guşlaryň sany näçe bolsa, nagyşlaryň sanam şonça bolýar. Durnalar geçmeli wagtyndan birneme gijikse-de, ol näzik sesi bilen ýuwaşja gepleýär. - Öwekge, çaganyň gözi ýiti bolýandyr, hany mazalyja seretsene... Onsoň men öňem asmana seredip ýadan gözlerimi ýene depäme dikip bendiwan durnalaryň çakylyk seslerine garaşýaryn. Oňa garaşýan ýeke biz däl, oňa oba bolup garaşýarys. Sebäp, durnalaryň gamgyn sesleri gumly gelinleriň hüwdüsine çalymdaş. Şol hüwdi özüniň imrikdiriji sesi bilen häli-häzire çenli obamyzy hüwdüläp gelýär. Şonuň üçin iňňäbäbeklikden bäri gulaklarynda galan bi mähriban ses hemmeler üçin eziz. Soňky döwürler bolsa ol, sähralary huwwalap ýören aýdyma öwrülen ýaly bolupdy. Köne aýdymlar bolsa, hemişe ýürege golaý ýerde ýaşaýar... Durnalar wagtynda gara bermese, ötegçi guşlaryň sesine derek Ogullanyň gyryljak, ýöne düşnükli sesi eşidilýär. Kerwen, kerwen, kerwen ýöresin, Kyrk gulak gazan doň ýag eresin, Özüň adam bolsaň, aslyň perisiň... Ogulla hiňlenmesini şeýle bir sadalyk bilen owazlandyrýardy welin, ömrüň boýy şony diňläp ýaşasyň gelýärdi. Onsoň men şol eziz sesi ýene eşitmek üçin, durnalaryň entejik eglenmeklerini isleýärdim. Ýöne, Ogulla-da dözemokdym... Ahyry garaşylan ses eşidildi. Soňam merjen däneleri ýaly düzülip gelýän durnalar göründi. Hon-ha, durnalar başy serdar guş. Sag tarapyndanam ene durna, sol gapdalynda-da ata durna. Olar on bir sany çagatak durnanyň iki gapdalyndan gabsap alyp barýarlar. Ogulla olara begençli gözleri‒gyz gözleri bilen guwanýar. Bi pursady synlamak maňa diýseň hoş ýakýardy. Şonuň üçin durnalaryň hemişe geçip durmagyny, nowruzyň obamyza ymykly gelmegini çaga ýüregim bilen dileýärdim. Onsoň durnalaryň asmandaky nepis keşbi, gyz tahýasyna‒gültahýa geçer. Gültahýanyň düşeg-ä ümmülmez gök asman, keşdelerem bendiwan durnalar. Soňam Ogullanyň inçe barmaklary nowruzyň lälezar keşbini gültahýanyň süňňüne siňdirer. Şeýdibem nowruzda tikilen gültahýa, täze Gün bilen bile dünýä iner. Soň Ogulla ýaly ulugyzlar gumly gyzlaryň ömri bilen alyp gidýän, pynhandan-pynhan saklaýan gyz arzuwyny ak ýaglyga düwüp, obamyzyň ilersindäki ak sözeniň biline daňýardylar. Buda bir uly ynanç. Eger daňylan ak ýaglyk‒guşak çözülse, indiki nowruza çenli ýene bir guşak çözülýär... Soň oba bolup Günüň Nowruz Gününiň doguşyna seredýäris. Eger kimde-kim onuň dogup gelýänini ilki görse, ol ýalkasyna garaşybermeli. Şonuň üçin men Ogulla bilen bile heniz säher gijäniň elinden sypmanka, obamyzyň ilersindäki ene depä çykdyk. Barsak, ol ýeri adamdan doly. Baltaga çenli bar. Hatda Üpük mergen hem yrym edip, Kümüşguýrugyň owadan taýy dünýä bermegi üçin özüniň bu gün-erte gulanlamaly bogaz baýtalynam alyp gelipdir. Göwher gelnejem bizi görüp, kemsindi. - Öwekge, sen täze Günden biziň öýümizde-de sallançagyň üwrelmegini diläweri... Alla ýetim oglanyň dilegini gowy kabul edýär diýýärler... Men Göwher gelnejemiň çagasyz kösenip ýörenini bilemsoň, bilýänje dogalarymy okap, ýüregim bilen onuň gujagyna tizräk akja bäbegiň gelmegini isleýärin, hemem nowruz Gününiň dogşuny görmäge howlugýaryn. Onýança-da begençli ses eşidildi: - Han-ha... Ses ýaşmak astyndan çykanam bolsa, ony hemmeler eşitdi. Men ýalt edip, oňa tarap seretdim. Gelin edil bäbek söýgüleýän ýaly, gaşlaryny begençli gerýärdi. Şol gün biz uzakly günläp, täze dogan Günden ýagşy dileg, etdik. Ogulla Nowruzyň pessaýlap ýagýan ýaz ýagşyna tahýasyny ezibem ýetişdi. Şol gün Günüň ýaşyşam üýtgeşik boldy. Göwnüme bolmasa ol gum depeleriň arasynda ýitip barýarka-da, bize tarap ýylgyryp bakan ýalydy... Ertesi biz ilgözi ýygnanasoň, gyz ýüreginiň syrdaşy bolan ak sözene tarap ugradyk. Uzak günki gyrym-sarymdan soň, çöl ýadap irkilen ýalydy. Gijäniň duýgur ümsümligi sessiz aýdym bolup ýüregiňe dökülýär. Golaýjykdan äpet bir guş ganatlaryny ýelpeýlendirip geçip gitdi. Megerem ol gije awuna çykan Gündizkördür. Oba tarapdan güjükliginden ýaňy saýlanan itiň emelsiz jabjynmasy eşidildi. Haýsydyr bir garry köpek gaharly jogap berensoň ses bahym kesildi. Biz entegem ertekileriň döreýän ýerine barýan ýaly ýuwaşja ýöräp barýarys. Gije öz heňin çalýar. Garaňkylygam bolsa, daraýy depeler alysdan garalyp görünýär. Olaryň öz syrlaryny aýawly saklap, entegem şo dymyp oturşy. Şemal arka aýlanansoň, golaýjykdan şelpeleriň tanyş sesi eşidildi. Bi ak sözeniň sesidi. Onuň entegem öz mähriban dilinde gepleýänine men begendim. Ogulla goltugyndan ak kenaraly ýaglygy çykaryp, oňa uzak wagtlap seretdi. Ýaglykdan hiç haçan tarypyna ýetip bolmajak üýtgeşik hoşboý ys burnuma uran ýaly boldy. Ulugyzlar şu ýaglyk-umyt ýaglygy bilen hoşlaşmankalar, ony üç günläp alkymynyň aşagynda goýup ýatýarlar diýýärler. Ogulla içinden bir zatlar okap‒belki dileg edendir‒ýaglygy ak sözeniň biline daňdy. Özem ýöne-möne edip däl-de, hut gyrnak daňyşyny edip daňdy. Yzymyza dolananymyzda-da, ol nämedir bir zerur zadyny galdyryp gaýdan ýaly ýolboýy yzyna garanjaklady. Biz şeýdip, ertirki günüň şu günki günden has gowy boljagyna ynanyp ýaşap başladyk. Dünýe hezildi. Onuň içinde Ogullanyň, meniňem, obamyzyňam, nowruzyňam, ak ýaglygyňam barlygy ony öňkülerdenem hezilleşdirýärdi. Ýöne Allanyň güni, darydan köp diýleni, sanalgy günüň yzyndan ýetiläýýär. Şeýle günleriň birinde Ogulla şeý diýdi. Özem ýylgyrýar. Hamana ol öz duýgusyny ýylgyrma bilen ýaşyrjak bolýan ýaly. - Öwekge, Nowruzam ýetip gelýä... Şol gündenem bujurygy çykan günleriň gapysy açylan ýaly boldy. Ertirden soň bir gün, bir günden soň, soňky gün gelip, günler ylgawyny ýazdyrman geçip başlady. Hatda oraza günlerem hemişekileri ýaly haýal geçmän, olaram duşumyzdan gyssanyp geçip gitdi. Men Ogullany begendirmek üçin her gün diýen ýaly ak sözeni barlaýardym. Ýaglyk ýele-suwa kirjigenem bolsa, çözülmändir. Gurrasy duşup, bolmalysy ýaly bolanda, ol ýagyş-ýagmyra ýa-da mal-gara süýkenip, garaz bir delili tapyp çözülmelidi. Bi yryma-ynanja, ýörelgä dogry gelýärdi. Ogulla sesini çykaranokdy. Ýöne çygjaran gözler bar zady aýdýardy. Onsoň men etmesiziş eden ýaly, özümi müýnli duýýardym. Gözler bolsa kä gyz nazary ýaly ýumşak käte-de hyjuwdan doly zenan ýüregi ýaly tupanlydy. Onsoň men şo nazaryň öňünde, durmuşyň äpet tabagyndan zäher içen ýaly telbä öwrülýärdim. Şeýle günleriň birinde Ogullany azajygam bolsa begendirmek üçin, bir hyýala mündüm. Bi meniň manysyz ömrümde bilip eden ilkinji günämdi. Ak sözeniň bilinden ýaglygy, Ogullanyň arly ýyl garaşan umyt ýaglygyny öz elim bilen çözüp gaýtdym. Ertesi Ogulla ikimiziň aramyzda şeýleräk gürrüň boldy. - Ýaglygy barlap göräýeli?! Ogulla gaşlaryny ünjüli çytdy. - Sen henize çenli barlamadyňmy? Men başymy ýaýkadym. - Özüm barlamany birhili gördüm... - Bor... Ertesi aýak ýygnanandan soň biz ýene ýola düşdük. Ak çägäniň üsti mahmal düşelen ýalydy. Ýüzi düşüp ýatasyň gelýärdi. Ot-çöpler örňänsoň, sähradan narpyz gatyşykly ajy ýowşanyň ysy burnuma urýardy. Meň gözümi daňsalaram şo ysy, müň bir ysdan saýgaryp biljekdim. Sebäp sähranyň hiç bir ysa meňzemeýän öz ysy bardy. Günden şöhle alansoň hemme zat näziklik bilen öwşün atýan ýalydy. Hatda Ogullanyň ýüzem. - Haý...wiý.... ýalyk çözülipdir. Öwekge, seretsene... Biz ony öňräjik barlamaly ekenik... Menem utanamsoň, dillenmedim-dä.... Sen bir erkek oglan barlaýmal-a... Ogullanyň ýeke ýüzi däl, gözlerem gülýärdi. Oňa seretmek diýseň ýakymlydy. Ol entegem begençli sözlerini gysganman gürläp otyrdy. - Öwekge, ynanyçlar dogry gelýär. Senem ulalaňda dünýä ynanyp ýaşagyn. Bolýamy... Adam näme-de bolsa bir zada ynanyp ýaşasa, ýeňilräk ýaly. Ogulla ýuwaşja gepleýärdi. Şonuň üçin men gyz ýüreginiň sesini ‒hakyky ýüregiň sesini eşidýän ýaly bolýardym. Hemem öz eden günämiň gymmatyny ölçeýärdim. Bi çaýkanyp duran uly dünýe-de heý, ýalanyň gymmaty ýokmuka? Elbetde, ýokdur. Köp bolsa, hemmeler ýalan sözlärdi. Biz şol gün agşam uzakly gije diňe süýji zadyň gürrüňini edip oturdyk. Ogulla ertesem biri günem bir hili alasarmyk, garagol ýylgyrmanyň içinde gezdi. Men Ogullanyň ýylgyrmasyna goşulsamam mazam ýokdy. Indi haý diýmän, durnalar dolanmalydy. Soňam ‒ nowruz... Eýýäm obamyz semene gaýnatmaň ugruna çykypdylar. Ulugyzlaram tahýa biçinmäniň. Meniň bolsa, içimi it ýyrytýardy... Birden... Men özümiň juwan hem eziz wagtym, şeýle galagoply günleriň şaýady bolanyma, kelebiň ujuny ýitirip, ümdüzüne gaçyp gidesim gelýärdi. Ýene-de azajygam bolsa umytda bolup, selin tümmekleriniň aňyrsyna seredýärdim. Heý, bir gara kelle görünmezmikä... Ertir nowruz diýlen güni, ilerki gädikden iki sany del daýza göründi. Olaryň elleri saçaklydy. Daýzalar gelişlerine Ogullalaryň deňinde saklandylar. Ogullanyň ejesi ojakda çyg çeken ýowşanlary tutaşdyrjak bolup hysyrdaýardy. Bahym howadan oduň ysy geldi. Yz ýanyndan şeýle ses eşidildi. - Biz-ä ýitigmizi gözläp gelendiris... * * * Ondan bäri köp-köp ýyllar geçdi. Ýerbendiň agras, ýöne kalbyňda ýüz müň duýgyny oýarýan arassa sährasy, gör näçe nowruzy kabul etdikä? Sanardan köpräk bolsa gerek. Şu gün men ýene, täze Güni, bir döwürler oglan gözlerimde galan nowruz Gününiň dogşuny synlamak üçin obama barýan. Obamyza bärden seretseň, suratkeşiň nepislik bilen çeken, ýöne wagt geçip Güne meňzini solduran suratyna çalym edýär. Guýynyň depesindäki köne çarh özüniň argyn sesi bilen entegem il-günüň teşneligini gandyrmaga çagyrýar. Bir döwürler ýetişen gyzlaryň pynhandan-pynhan syryna şaýat bolan ak sözen entegem öz mähriban dilinde gepleýär. Meniň garraýşym ýaly, Ogulla-da garrapdyr. Men ol şo-ol ötürlen günler hakda, ömrüň ala meýdany hakda bir zatlar diýer öýtdim. Ýöne Ogulla hiç zat geplemedi. Asla geplemek hökmanam däldi. Şol geçilen ýyllar birek-biregi duýgy bilen düşünşer ýaly edipdi. Ogulla köne çuwalyň içinden onuň özündenem köne düwünçegi çykardy. Soňam hamy ýukalan elleri bilen ony zordan çözdi. Men görýän zatlaryma ynanmadym. Düwünçegiň içinde meniň indi hiç haçan dolanyp gelmejek ýaşlygym ‒ şo-ol bir wagtky kirjigen ak ýaglykdyr gültahýa ýatyrdy. Ak ýaglygyň şol öňküligidi. Meniň burnuma sähranyň tanyş ysy gelen ýaly boldy. Tahýanyň ýüzi solaňkyrlapdyr. Onda-da men keşdeleri tanadym. Hon-ha, ol-a serdar guş, o-lam ene, ol-da ata durna, bularam çagataý durnalar... Adam ýüregine düşünilýän ýerde, begenmegiň deregine ejizleýän ekeni. Bu gezegem şeýle boldy. Oglanlyk döwrümiň aýak yzlary meniň agymy tutdurdy. Görsem, Ogulla-da hamsygýan ýaly. Daşardan nowruz ýagşynyň şybyrdysy eşidildi. Goňşy öýden çagajygyň aglaýan sesi geldi. Soň haýsydyr bir gumly gelinmaňa tanyş bolan, ötegçi durnalaryň çakylyk sesine meňzeş gamgyn ses bilen bäbejigi hüwdüledi. Göçüp gitdi Ýerbent iliň durnasy... Men ýalt edip, Ogulla seretdim. Ogulla-da ak ýaglyga. Soň diňe bäbejigiň gyssanyp eýjejik sokjamasy bilen töwerek ümsümlendi... Öwezmyrat ÝERBENDI. | |
|
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||