10:56 Nur / hekaýa | |
NUR
Hekaýalar
Dag etek. Baýyrlar. Tebsirän garagajyň üçem sütüni şahasyny çar ýana haçjardyp dur. Ol göwnüňe bolmasa, şu baýyrlaňam, kä ýerde ot dürteren ýalazy meýdanyňam müdimilik sakçysy ýaly. Ýalňyz hem zabun. Edil şo garagaç ýaly onuňam ýeke özi. Ýöne ol bu wagt ejiz hem howatyrlanmadan püre-pür. Zabun däl. Bolubam bilmez. Çünki garagaj-a agaç, olam adam. Adamlar bolsa ýalňyzlykda zabun bolup bilmeýär. Ejizleýär. Ejizligiň bar ýeri bolsa wehimden doly... Ol neçün ýeke? Nädip bu meýdana düşdi? Haýsy zalym ol ejiz-misgin bendesini bu jelegaýa getirip, äpberip gitdi?... Soraglardan beýnisem, gursagam hyryn-dykyn. Megerem, diňe kellesiniň däl-de, kükreginiňem şol jogapsyz sowallardan depme-dykynlygy oň öýkenine ine-gana ýazylyp-ýygrylmaga päsgel berýändir – demi gysýar. Sojap-sojap döşüni demden doldurjak bolup, çytraşmasam onuň alaçsyzlygyny hasam artdyrýar... ...Birazam bolsa, durky-düýrmegini doldurýan howsaladan ünsüni sowmak üçin, gögüne garady... ...Tüm-garaňky asmanda ýyldyzlar öz dilinde nämedir bir zat hakda gyrpyldaşýar... Şolaňam şo dik alys düýpsüzlikde öz obalarydyr-şäherleri barmyka?... Hymh... “Adamyň beýnisine kislorod ýetmese, onuň nerw öýjükleri gyssagly ölmäge başlaýa” diýilýäni çyn bolmaly-ow!” diýip ol, içinden ajymtyk ýylgyrdy: “Nä, ýyldyzlar ynsanmy, olaň obasy-ili bolar ýaly?!”. Ýöne... Ol ýokarylygyna bakyp, gymyldaman durşuna, gursagyndaky ýekesiremek duýgusynyň hasam çuňlaşýandygyny syzdy. ...Dogrudanam: “Älemde bihuda bimany zat ýok” diýilýä welin, olaň şo tükeniksiz gyrpyldasam, nämedir bir zady aňladýarmyka? Olar özüniň şo ýylp-ýylpy bilen, diňe bir şü Zeminde ýaşaýan yns ogullaryna däl, eýsem, külli Älemleň hemmesinde bar bolan, aňly-üşükli jandarlaň ählisiniň aňyna, haýsydyr bir dünýäsygmaz äpet, iň derwaýys derwaýyslygy ýetirjek bolýarmyka? Ol uludan dem aldy-da, ýadan boýnuny aşak sallady. “Eger şeýtjek bolýan bolsalar, onda olar öz işlerini amal etmäge gaty çig çemeleşýä...” diýip, nämüçindir göwnigeçgin pikir öwürdi: “Sebäbi, nämedir bir zady kimdir birine ýetirmekçi bolsaň, ilki ol saňa düşüner ýaly etmeli, habar ýollaýan ýeriňe dilmaç indermeli...Bü gyrpyldy-morzäňiz bolsa, biz-ä-hä mälim däl. Ilem bizden üýtgeşik däldir-le...”. Şol pille-de ýyldyzdan hümer asmanyň demirgazygyndan bäriligine sozanguýruk bolup bir yşyjak süýnüp gaýtdy. Ol heniz nämäň-nämedigine düşünip ýetişmänkä-de, gökden gaçan nurjagaz onuň edil öňüne düşdi. Daş-töwerek birgeňsi ýalkymly şöhlä beslendi. Ol nämüçin beýdýändigine özem düşünmän, ýerde ýatan, lowurdysy gözüňi deşip gelýän enweri-röwşenligi garbap aldy. Çar ýanynda iňlär siňek bolmasa-da, edil kimdir biri şol nury gaňryp golundan alaýjak ýaly, ony ibaly synlamaga-da gyssanyp, hasyr-husur goltuk jübüsine dykdy. Ýene-de tümlük... Onuň kalbyndaky ýalňyzlykdyr, gorky, lapykeçlik, gussa edil ýöne üstüne nepýag sepilen alaw deýin, möwjäp galkdy. Şeýlebir ýüregi gysdy, şeýlebir ýüregi gysdy... Ol demi-demine ýetmän sojamaga başlady. Birdenem, ýüzi gyzardy... Asmandan inip, tutuş dag etegine ýagtylyk ýaýan nury, ol gara nebsine tabyn bolup, kisesinde ýygşyrdy... Indem ýalňyzlykdyr, umytsyzlykdan ýaňa ölüp barýar... Ol misli nämetjegini bilmeýän dek, birsellem muňalyp, başyny aşak salyp durdy-da, birdenem kimdir göze görünmeýän biri oslagsyz böwrüne dürten dek, tisginip gitdi. Howlukmaçlyk bilen goltuk jübüsinden ýaňky gizlän nuruny çykardy. Çyragly goluny dik depesine göterdi. Ýalaň meýdanda, it-guşdan, saýak-sandyrakdan, görüner-görünmez bela-beterden, jinnekçe üýşenmänem, sesinde baryny edip, zowladyp goýberdi: -AZAŞAN, ÖZÜNI ÝITIREN, UGRUNY ÝITIREN DOGANLAR!!! NUR BÄRDE!!! GELIŇ-Ň-Ň!!!... | |
|
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||