08:54 Nurça perreñ / hekaýa | |
NURÇA PERREŇ
Hekaýalar
Hekaýa Obamyzyň adamlary bir zada baha kesenlerinde gum iliniň iň owadan maşgalasy diýip, Nurçanyň adyny tutýarlar. Men muňa ilkinji ýola barmagymy bala batyranymdaky ýaly begenýärin. Begenmän näme, öz obaňda şeýle sypaýy maşgala kemala gelse neneň begenmejek?! Nurça bi görünýän gyzlar ýaly däl bolansoň, obamyzyň adamlary ony görenlerinde durup seredýärler. Şonuň üçin olar gyzyň guýudan suw almaga geçýän wagty, öňünden peýläp, ýörite oňa garaşyp durýarlar. Ýöne ol şeýle owadanam bolsa, ony taryplap goşgy, gazal düzen ýok. Gaýraky obadan biri tas goşaýjak, goşaýjak ýalak etdi. Ýöne ol, goşgy goşmadygam bolsa, şeýle sözleri jomartlyk bilen obamyza goýup gitdi. – Gözelligine kemter baha bererin öýdüp gorkdum... Men her gezek Nurçany göremde, Zöhre-de, Şasenemem, Leýlem edil şunuň ýaly owadan gyz bolandyr, eger ony kimdir biri, ömrüňde diňe bir gezek söýülýän söýgi bilen söýse, biziň gumumyzyňam öz dessany bolar diýip arzuw edýärdim. Ýöne Nurça hakda dessan düzülmedigem bolsa, onuň hiç haçan öçmejek tarypy ak çägeleriň ýüzüne eýýäm ýazylypdy. Nurçany gowy görýän ýeke obamyzyň ýaş-ýeleňleri däl, garrylaram ony eý görýär. Şonuň üçin olar, eger Nurça garraýsa nähili bolarka, onuň häzirki sypaty saklanarmyka ýa-da hemmeler ýaly, onuňam gözelligi öçermikä diýşip, gyzyň garranyny görmek üçin entejik ajalyň sabyr etmegini dileýärdiler. Obamyzyň iň garrysy Şeker garry bolsa biz bilen hoşlaşaýmanka uly dünýä şeýle sözleri galdyryp gitdi. – Men amanadymy tabşyranymdan gorkamok, ýöne owadan ýaýlany hemem perigatanç gyzy galdyryp gitmeli bolýanyma gynanýaryn... Gör, ol ajaldan gorkanok eken, emma Nurça gezek gelende, ony galdyryp dünýeden gidýänine gynanýar... Gelnejelerem ony gowy görýärdiler. Ýöne syr bermeselerem men olaryň çaltrak Nurçanyň başynyň boglaryny näler isleýändiklerini aňýardym. Sebäp, baldyzy bilen bir öýden girip-çykyp ýörensoňlar, olar kölegede ösýän ýaly, öz şuglalarynyň kem-kemden öçügsilenip barýandygyny zenan duýgulary bilen syzýardylar. Nurçanyň bar ýerinde olar häki bir ýönekeý uzyn etekli ýaly bolup görünýärdiler. Nurça bolsa garyň aşagynda ýatan gök maýsanyň Günüň çoguna güberilip galşy ýaly, barha obamyza şuglasyny saçýardy. Bir günem, biz gynansagam, gelnejeleriniň diýeni boldy. Nurça gaýraky obalaryň birine çykýarmyş diýdiler. Soňam, hawa, soňam gözümiziň alnynda kejeba mündürip alyp gitdiler. Şonda men çynym bilen aglanym ýadyma düşýär. Ol çagalygymdan saplanalymdan bäri, ilkinji ýola aglaýşymdy. Şeýdibem obamyzyň tukat durmuşyny hemem özi hakyndaky süýji ýatlamalary bize galdyryp, ol gidiberdi. Aý gün geçip durdy, ýöne indi olar Nurçasyz geçýärdi. Her gün ýaşasyň gelmeýän, artykmaç güni ýaşamaly bolýan ýaly ýaşap başladyk. Hiç bir zat, hatda has täsirli wakalaram ýele sowrulan ýaly ýatda galman geçip durdy. Adam dünýä dahylsyz ýaly ýaşasa, ol has erbet bolýan eken. Nurçanyň boýdaşlary Ogulladyr Gytja, bir wagtlar Nurçanyň guýa suw almaga geçişi ýaly, olaram alyn saçlaryny sypap, suw almaga geçerdiler. Ýöne olaryň Nurça boljak ýerleri ýokdy. Nurçada düşündirip bolmaýan aýratyn türkmen owadanlygy bardy. Şeýle gyzlary taryp edenlerinde, hemişeler at ýeňse, ýuka dodak diýerdiler. Söbügem edil gum dykylan ýaly bolardy. Nurça adamsy bilen uzak ýaşaşman, yzyna – obamyza dolandy. Täleýiň guzaý tarapyna nesibesiniň çekenine gynansamam, onuň ýene obamyza dolanmagy meni diýseň begendirdi. Onuň baran oglanyny men öň görüpdim. Ol sary dişleri öňe çykyşyp duran gülegen adamdy. Zat diýmeseň, gijesi bilenem güljege meňzeýärdi. Basym obamyza gürrüň ýaýrady. Onuň baran oglany, iýip-içip gara ýeri basgylap ýörmüşin, özüçe şony durmuşdyr öýdýärmişin. Nurçanyň ýüregi beýle dar ýaşaýşy çekmäge ejizmişin. Indem geljek sawçynyň habaryny özi aljakmyşyn... Şol günden başlap, Nurçalaryň gapysynda at tezegi guramady. Biri gitse, ikisi gelýär, ikisi gitse, üçüsi. Ýöne Nurçanyň jylawsyz kalbyny gozgap bilen enteg-ä ýok. Men onuň näme gözleýänini bilýärin. Ol dünýäde ýaşamaga itergi berýän ýene ýaşasyňy getirýän inçe duýguly pikirdeş gözleýär. Ol döwürler men onuň beýle gyt zatdygy hakynda pikir etmeýärdim. Oglan göwnüme iň gyt zat, şekerrek kökedir öýdýärdim. Adam bolanyň inçe duýgusy bardyr diýip pikir edýärdim. Ýöne ýalňyşýan ekenim. Nurçanyň ýüregini eýelemäge gelýän sawçylar bolsa o duýgudan has daşdady. Men olaryň dogranyp iýseň naharlanan ýaly bolýaň diýşip uly gürrüň edändiklerini eşidýärdim. Özleriniň gowy ýatyp ukularyny alandyklary barada hezil edip biri-birine aýdardylar. Guýularyň suwunyň ajandygy hakynda-da gürrüň bolardy. Ertirden soň birigünüň bolýandygy barada-da agzardylar. Onsoň o gürrüňleri diňlän Nurça kelle diňe ýeňsäňi gaşamak üçin gerekmika diýýärdi. Bir gün Baharly ilinden kärizgen geldi, onuň gepi-sözi jaýdardy. Men onuň gep otaryşyndan Nurçany atyň ardyna alar öýtdüm. – Käriz gazan mahalyň sen nämeleri görýärdiň? Nurça ilki sözi şondan başlady. – Ýeriň aşagynda akýan suwuň, ýokardaky akymyň tersine akýandygyny... – Dünýäniň ýüzünde, gündiziň günem ýörejek ýollaryny seljerip bilmän kösenişip ýörenler gyt däl, sen garaňky ýerde, gara daşlaryň arasynda nädip ýoluňy arçap bilýäň? – Biziň ilimizde gandym ody iki ýolam ýanýar. Öň durmuşdan ýanan ýürek soň-soňlaram köreksilenip durar eken. Ýalňyz wagtyň köreksi ýanýan oduň yşkam uly höwür... Kärizgeniň öwrümli sözlere many otaryşy Nurça ýaran borly. Onuň öňräkden bäri ejirli ýylgyrmadan başga hemme zat ýat bolan ýüzünde çalaja ýagtylyk göründi. Ol razylygyň alamatydy. Men Nurçanyň ýene obamyzdan daşlaşjakdygyna gynansamam, onuň gussaly ýüreginiň razy bolmagyna begenýärdim. Kärizgen Nurçany atynyň ardyna alyp, ugrabermekçi bolanda, ol ýeke bir öwrüm etdi. – Azajyk aty sakla... – Indi näme? – Öýde owadan gezligim galypdyr, gynam ýaramazja pyçaga degýärdi... Nebsi otugan kärizgen tamşandy. – O zeýilli nepis zat bolsa alaly, ol gymmatdyr... Nurça öýüne girip çykmady. Daşarda garaşyp, ýadan kärizgen, ahyry öýe girdi. – Gezligi alan bolsaň, ýörd-ä... – Ýerbendiň Nurçasyny atyň ardyna alansoň, gezlik nämedir. Ýeke pyçagy Nurça ýaly gelinden eý görýän bolsaň... Özüň gidiber... Şeýdip olam ät galdy. * * * Nurçanyň yşkyna düşüp, ýene kän adam sawçylyga geldi. Ýöne heserli baş henizem yrlanokdy. Nurçanyň ýüregi adaty adamlardan tapawutlanýan özdiýen adamsyny küýseýärdi. Şeýle adam – bir ýetim oglan bardy. Onuň duýgusy başga ýerdedi. Şonuň üçin oňa akyly ýukarakdyr öýderdiler. Bolşy şonam diýdirýärdi. Ol hiç kime goşulman öz süýji arzuwy bilen dünýäni söýüp ýaşaýardy. Käte ol ýitirim bolup, owadan, manysyz sözüň hatyrasyna pylan ýerde üýtgeşik gürrüňçil adam bar diýip, allowaradan çykardy. Şeýdip, ol sözüň aşygy bolup gezip ýördi. Bir günem şol oglan Nurçanyň ejirli ýüreginiň melhemi boldy. – Dünýä gelip gitmäniň manysy näme? Muny Nurçanyň ýangynly ýüregi diýýärdi. Oglan pikirlenmän jogap berdi: – Ertir kimdir-biri ýatlasa... – Ýaşaýyş. – Söýlüp ýaşamak iň uly tagtdanam beýikdir... – Söýgüsiz ýaşaýyş. – Gowusy ýaşamazlyk. – Gorkýan zadyň? – Ýerbendiň giň ýaýlasy, ýene gör, näçe ýyldan siz ýaly gözel gyzy gaýdyp berer... Men şondan gorkýan... Nurçanyň ýeke-täk köňül beren adamy şol oglan boldy, ýöne ol ony almady. Onuň näme üçin almanlygy syr bolup galdy. Häzire bu güne çenli ak çägeler ol syry aýawly saklap pugta dymýar. Köp-köp ýyllardan soň, ol şeý diýipdir diýdiler: «Men ony bagtly edip bilmerin öýdüp çekindim». Ýetim oglanyň ýüz öwrenine, elbetde, Nurçanyň gahary geldi. Akylly adamlar oňa gaharyň söýgi däldigini, wagt geçse onuň köşeşýändigini, ýöne söýgini köşeşdirmegiň has kyn düşjekdigini aýtdylar. * * * Ondan bäri esli ýyl geçdi. Ýerbendiň owadan ýaýlasy köp wakalaryň şaýady boldy. Olaryň ýakymlysam bar, ýakymsyzam. Soň şo-ol Nurçanyň ýüregini gozgan ýetim oglan, gyz hakynda uly kyssa ýazyp, ymgyr çölüň bir ýerlerinde gömüp goýupdyr diýlen gürrüň çykdy. Muňa men Nurça dolanyp geläýjek ýaly begendim. Sebäbi obamyzda Nurçanyň ornuny tutup biljek gyz gaýdyp döremedi. Şonuň üçin heniz-henizleren, şemal arka aýlanyp, ýel köwserläberse, ak çägeleriň ýüzüne seredýärin. Göwnüme bolmasa, daşyna keçe oralan küti kitap çykaýjak ýaly bolup dur. Nurça soňam gozganman köp oturdy. Ol näçe otursa-da, ýyllar onuň jemalyna täsir edip bilmedi. Perigatanç maşgala şeýle bolýar diýýärler. Soň, kän ýyllardan soň, ol Magtymguly hana barypdyr diýdiler. Bu habary eşidip, men obamyzyň iň garry adamsyndan Nurçanyň Magtymguly hany söýenligini ýa söýmänligini soradym. Uzak pikirlenen goja gabagyny galdyrman, çalaja gürledi: – Söýüpdir öýdýän. Soň ol sözüniň üstüni ýetirdi. – Ol ony, Magtymguly hany, Allany söýýänligi üçin söýüpdir... Men Nurçanyň nesli hakynda gojadan soradym. – Ondan näme nesil galdy, ogly barmy? – Ogul bolmandyr. Şo-ol sawçylyga gelen adamlaryň arasynda agzy dogaly biri bar eken. Ol şonda sözi alynmansoň, etegiňe erkek göbekli siýmesin diýip käýinipdir. Ikimi, üçmi gyzy bolupdyr. Şolaryň nesli, gum içindäki obalaryň birinde ýaşap ýör-ä diýýäler... Meniň olary göresim geldi, megerem, ertir ýola düşsem gerek... Öwezmyrat ÝERBENDI. | |
|
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |