09:07 Nurmyrat Saryhanow | |
NURMYRAT SARYHANOW
Edebi makalalar
Türkmen edebiýatynda ilkinji prozaçy A. Gulmuhammedowdyr. Ýöne sözüň hakyky manysyndaky prozaik N.Saryhanowdyr. Ine, guýmagursak zehiniň gudraty – ol turuwbaşdan öz döwründen öňe gitdi. Saryhanowyň eserleriniň şu günlerem ähmiýetini ýitirenok. Ol nusgalyk derejesinde asyrdan ätläp biljek. Meniň pikirimçe, hakyky türkmen prozasy Nurmyrat Saryhanowdan başlanýar. N. Saryhanowyň eserlerine okyjylar belet, onuň ýazan eserleri hakda edebiýatçylaram, tankytçylaram köp makala ýazdylar. Şoňa garamazdan, entek hiç kim bu ýazyjynyň döredijilik aýratynlygyny, onuň eserleriniň özüniň beýleki döwürdeşlerinden, hatda özünden has soňky ýazylan eserlerden tapawutlylykda estetiki täsiri ýitirmeýändiginiň sebäplerini düşündirip bilenok. Meniň pikirimçe, N. Saryhanow rus prozasynyň däplerini oňat özleşdirip bilen ilkinji ýazyjy. Ol, ylaýta-da, Çehowyň eserlerini aňyna siňdirip, hakyky prozanyň nähili bolmalydygyna aýdyň göz ýetiripdir. Häsiýetli fakt: onuň prozasynda dessançylyk däpleriniň düşnügi hem ýok. Ýazyjynyň eserlerindäki käbir dil näsazlyklaryny-da, eserleriň estetiki derejesiniň üýtgeşik kämilligini-de özüm-ä onuň döredijilik işinde rus edebiýatynyň däplerine aşa daýanandygy bilen düşündirerdim. Munuň özi özge edebi däpleriň hem položitel täsirine mysaldyr. Türkmen diline mahsus bolmadyk, onuň tebigylygyna zeper ýetirýän «we» baglaýjysynyň köp gaýtalanýandygy ýazyjynyň eserlerinde aýratyn göze ilýär. Käbir söz düzümleri çigligi bilen terjimä meňzäýýär. «Ol şu ýerde özüniň bu gaýdyşyny gaýtadan pikirinden geçirdi». «Dogry, başga häli hem gelişlerim bardy, eger geleýin diýsem». «Häzir onuň ýadyna uzak geçmişler düşdi». Şeýle ýasama sözler köp däl, ýöne bar. Bu – bir. Ikinjiden, dogrusyny aýtsaň, olary diňe rus diliniň täsiri bilen düşündirmegem birtaraplyk bolaýmasa. Olar, megerem, şol wagtda ýaňy döräp başlan türkmen prozasynyň gögeleligini aňladýan alamat bolsun gerek. Her zadam bolsa, bary-ýogy on ýylyň içinde prozanyň bir ýazyjynyň döredijiliginiň mysalynda şeýle derejä ýetmegi bilen zehiniň islendik döwre, sreda düşende-de öz hökmürowanlygyny saklaýandygyny görkezýär. N. Saryhanowyň her bir sözlemi özbaşdak ýaşamaga ukyply, onda awtonom many hem estetiki reallyk bar. «Ýüzi, erni gyşardy: ömründe bir gezek-de gülmedikler ýaly, asla gülmäge ukypsyz ýaly boldy», «Garry aýal ýorgana girdi, bir gysym bolup düýrlenip ýatdy». Beýle gunt ýaly sözlemler kämil prozaiki pikiriň bar ýerinde döräp biler. Özüniň gelip çykyşy boýunça şeýle sözlem – obrazlar poetiki elementlerdir, çünki poeziýada gysgalygyň hem gysbylygyň kulty bar. Meniň pikirimçe, N. Saryhanow näderejede rus prozasyny özleşdiren bolsa, şol derejede-de, belki, ondanam güýçli suratda türkmen klassyky poeziýasynyň jadylylygyny öz beýnisine siňdirip bilipdir. Bu beýik Magtymguly hakynda entekler deňine ýetip bolmajak hekaýany hut şu ýazyjynyň döredenliginde-de görünýär. Beýle ajaýyp zady döretmek üçin Magtymgulynyň täsirini tumar kimin ýüregiňde göterip gezmek gerek. Meni haýran galdyran ýene bir şahyrana fakt – «Şükür bagşyda» Ferdöwsiniň şu şygyr setirleriniň ulanylandygydyr. Baba Gambar beren sazyň, Asly munuň agaçdandyr, Agaç diýse ýaman görmäň, Hemme güller agaçdandyr. Ah, hemme güller, hemme güller Agaçdandyr, agaçdandyr!.. Eý-ho, baryp şo mahallar – Hudaýyň gargyşy siňen otuzynjy ýyllarda şeýle şahyranalygy syzyp, ony setirlere salyp bilmek üçin Hakdan içen ýazyjy bolmak gerek. Mysal alnan goşgy-aýdymda dutar, sungat hakda şahyrana sözüň bir güýji bar bolsa, şol bar güýji jemläp, gürrüň edilipdir. Dutar – gül! Hemme güller – agaç. Eserlerinden çen tutsaň (sebäbi gündelik ýazgy-ha galmandyr, döwürdeşleriniň juda ujypsyz ýatlamalary-da şu şahsyýeti edil beýlekiler ýaly adaty bir adam hökmünde görkezýär), N.Saryhanow türkmen klassyky poeziýasynyň, aýdym-sazda ýaşaýan türkmen şygyr sungatynyň beýikligini intuitiw duýup, ondan ylham almany başarypdyr. Dünýä prozasynyň däpleriniň milli klassyky poeziýanyňky bilen utgaşygy – ine, meniňçe, N.Saryhanow diýilýän fenomeniň aňyrsynda şeýle edebi faktor ýatýar. Hut şol utgaşyk N.Saryhanowyň türkmen prozasyna düýpli täzeligi – gelip-gelip, diňe ýetmişinji ýyllarda alnyp göterilen täzeligi – assosiatiw pikirlenmäni otuzynjy ýyllarda getirmegine sebäp bolupdyr. Saryhanowyň kuwwaty, syry hem özboluşlylygy assosiatiw pikirlenmedir. Bu, ylaýta-da, «Şükür bagşy» powestinde oňat başardypdyr. «Ol gidip barýar... Ol gidip barýar... Ol gidip barýar... Dag. Dag. Nirä seretse dag!.. Dag. Dag. Nirä seretse dag!.. Dagyň içki syry bilen onuň tanyşlygy ýokdy». Assosiasiýa – biri-birinden örän daşlykdaky düşünjeleri bir örke baglaýar, netijede estetiki-emosional güýji boýunça deňi-taýy bolmadyk obraz döreýär. Proza eseriniň planynda munuň özi birnäçe epiki gatlaklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Mysal getirilýän soňky iki setire üns beriň. Dag nire, içki syr nire! Şeýdip, ýazyjy okyjyny gyzykdyrýar, şol bir wagtda-da ol eseriň şahyrana mazmunyny öňünden kesgitleýär. Ýazyjynyň şeýle kämil eserlerini okap, mahal-mahal «Bu zatlar has soňrak – 70-nji ýyllarda dörän bolaýmasyn» diýen pikir kelläňe gelýär. Sebäbi şeýle kämillik, şeýle belentlik otuzynjy ýyllaryň logikasyna teý syganok. Ýöne G.Ezizowyň «Otuzynjy ýyllaň goşgularyna» atly goşgusynda nygtaýşy ýaly, otuzynjy ýyllarda – şol hunabaly ýyllarda poeziýada Rehmet Seýidow, prozada N.Saryhanow gudrat bolup döräpdirler. Gudrat bolup! Onsoň şeýle utgaşyk – dünýä prozasynyň hem milli klassyky poeziýanyň däpleriniň utgaşygy – türkmen prozasynyň geljekki ösüşi üçinem düýpli faktorlaryň biri bolar diýip hasaplaýaryn. Munuň özi, ýasamalygyň hem çigligiň soňuna çykmaga eltjek esasy ýoldur. Dünýä prozasyny-da, klassyky poeziýany-da öwrenmäge, bilmäge, özleşdirmäge indi has köp mümkinçilikler bar. Klassyky poeziýada gizlenip ýatan ummasyz, köp şahyrana assosiasiýalar biziň wagt hem giňişlik baradaky garaýyşlarymyzy düýpden üýtgedip bilerdi. Ol üýtgeşiklik bolsa, ilki öz, soňra-da özge okyjylarymyz üçin, megerem, uly ideýa-estetiki manyly açyş bolardy. Köpler «Şükür bagşy» filmini has ýokary derejedäki sungat hadysasy, powesti bolsa bolubilse, ony döretmäge ýöne bahana, delil hasaplaýarlar. Bu düýpden nädogry pikir. Men şol filmiň her bir epizodyny, her bir detalyny, iň ownujak zatlaryny-da, şol kiçijik powestden tapyp biljek, onda estetiki çuňluk babatda powestde bolmadyk ýekeje-de täzeligiň ýokdugyny subut edip bereýin. Ýusupmy? Ýusup N.Saryhanowyň özi. Ýok, täzelik ýok. Diňe powesti kino sungatynyň diline ussatlyk bilen terjime edip bilmek bar. Hatda filmdäki beýik sazlaram powestiň özünden alnypdyr. N.Halmämmediň sazlaram şol umumy çeşmeden – Şükür bagşylaryň mirasyndan alnypdyr. Türkmen sazynyň manysyna N.Saryhanow ýaly düşünmek hem-de ony N.Halmämmedow ýaly gaýtadan döretmek – bu ikisi şol bir derejedäki ruhy hadysadyr. Ýaşuly ýazyjylar gürrüň berýärler: öň ýazyjylar bir ýere ýygnanyşdygy edebiýat hakda gürrüň, jedel eder ekenler. Ýöne, biziň döwrümizde ýazyjylar duşuşsa, bir ýere ýygnanyşsa, edebiýatdan başga ähli zadyň gürrüňini edýärler. Pylan ýerde edebiýatyň gürrüňi edildi diýsem, ýalan sözledigim bolar. Edil gadagan edilen tema ýaly. Ýok, gadagan edilen tema bolanlygynda edebiýat hakda hökman gürrüň edilerdi. Näme hakda gürlemeli däl diýilse, şol hakda hem gürläsiň geler eken. Ýöne, ýazyjylaryň edebiýatyň gürrüňinden daşlaşmaklaryny men-ä näme bilen düşündirjegimi bilemok. Olaryň hersi bir dünýä. Ýöne ýazanlarynda welin opalubkadan çykyp bilenoklar. Nurmyrat Saryhanow edebiýat hakda gürrüň bolanda: «Bize dessançylyk ýoly bilenem, häzirki galybymyz bilenem uzaga gitmek başartmaz. Täzeçe ýazmaly, täzeçe» diýip, gaýtalamagy gowy görer eken. Her dünýäň hem öz kanuny bar. Ýazyjylyk bir başga, aýdyjylyk bir başga. Meniň pikirimçe, gürrüňçilikde aýdylýan wakalaryň köpüsi edebi döredijiligiň kanunlaryna dogry gelenok, şonuň üçinem olary kagyza geçirmegiň uly bir peýdasy hem ýok, kagyza geçiberse onuň täsiri gaçyp ugraýar. Sebäbi çeper eser ýönekeý bir gürrüňden, wagtlaýyn gülki ýa ynjy döredýän wakadan düýpli tapawutlanýar. Hekaýany näçe wagtyň dowamynda kalbyňda göterip gezmeli, onuň iň ownuk detallaryna çenli aňyňda aýlamaly. Ullakan, äpet durmuşy kiçijik hekaýa sygdyrmagyň üstünde näçe wagtlap kelle döwmeli. Hakyky sungat eseri bolanlygynda hekaýa-da göwrümi taýdan has uly eserleriňkiden az güzap berenok, ony ýazmak üçin köňlüň dartgynly işi gerek. Garaz, hekaýany döretmeli, gülşükli gürrüň bolsa durmuşdan has taýýar görnüşde alynýar. Onuň sungatyň faktyna öwrülmegi üçin entek gaty köp prosesleriň bolup geçmegi zerur. Dogry, kämahal käbir hekaýanyň aňsatlyk bilen gysga wagtyň içinde ýazylmagy mümkin. Bu-da onuň ýazyja aňsat düşendiginiň subutnamasy bolup bilmez. Bu diňe hekaýanyň döremek prosesiniň, esasan, awtoryň kalbynda bolup geçendigini, onuň köp wagtlap kalpda göterilip, bişirilendigini, diňe taýýar bolansoň kagyza geçirilendigini aňladyp biler. Ýekeje mysal aýdaýyn: Kakajan Aşyr bir gezek nebis hakda bir rowaýatpisint wakany gürrüň berdi. Men bu tymsala aşyk boldum. Kakajanyň gürrüň bermegi boýunça ähli zat düşnüklidi, ony diňe kagyza geçiräýmelidi. Bu maňa gaty aňsat göründi. Men şol rowaýat esasynda «Üç monjuk» atly powesti haýdan-haý ýazmaga girişdim. Girişip howlukmaçlyk edendigime bahym düşündim. Ýazmak bilen gürrüň bermegiň düýpden başga zatdygyna hem düşündim. Powesti howlukmaç başlap, onuň soňuna çykyp bilmän, jemläp bilmän, gaty kösenmek kösendim. Onsoň ýalňyşyma düşünip, ýazmamy bes etdim. Hyýalymda powesti «ýazyp» ugradym. Ýazdym, ýöne aňymda birkemsiz eýlemän başlanym üçin gaty köp kösendim. Häzir men powesti ýazyp boldum. Ýöne, barybir, göwnüme makul, saz däl ýerleri bar. Ol hem aňymda bişirmän ýazan ýerlerim, epizodlarym. Her bir waka ýa tema sungat eserine öwrülip bilmejek eken. Ony döretmegiň kanunlaryna boýun egýän, onuň shemasyna girip bilýän, şol bir wagtda-da janlylygyny saklap bilýän waka gerek. Bu talaplara jogap berip bilmeýän, ýöne nähilidir bir gymmaty bolan temalar bolsa gündelik ýazgylary, makala, ýatlama ýa başga formada ýaşap bilýärler ýa-da ýönekeý gürrüňçiligiň predmetine öwrülýärler. Diýmek, hekaýa sungat hökmünde bulardan bir gez ýokardaky hadysany alamatlandyrýar. Men söhbetdeşlik žanryny has gowy görýärin. Onuň hem esasy sebäbi bar. Söhbetdeşlikde şeýle bir erkin formada ýüregiňdäkini aýdyp bolýar. Çeper eseriň berk galyby bolansoň, onda ýüregiňdäkileri doly aýdyp bolanok, asyl öz pikiriňi hem aýdyp bolanok. Söhbetdeşlikde çeper eseriňe girizip bilmedik pikirlerimi, wakalary erkin aýdýaryn. Hekaýa edip oturmaly täsin wakalar bilen «opalubkanyň» antinomiýasyny bellemek arkaly, men soňkynyň döredijilik erkine, döredijilik niýetiniň terligine öz galyplygy sebäpli ýaramaz täsir edýändigini nygtamakçy bolýaryn. Dogrudanam, eser özüniň laýyk täze formasyny tapyp bilmese, onda onuň edebi derejesi gowşak çykýar. Biziň proza eserlerimiziň köpüsiniň şowsuzlygy-da laýyk formany tapyp bilmeýänliginde bolsa gerek. Oňat temany, pikiri tapmak entek işiň ýarysy, galan ýary formany tapmakda. Ol tapylmasa weli, temanyň dogulmanka ölen çaga meňzemegi ähtimal. Opalubka – galypdyr. Talantynyň güýçlüligine hem özboluşlylygyna baglylykda ýazyjy ol galyby ýeňip geçip bilýär. Ýöne absolýut manyda ol köplenç ýeňilip geçilmeýär. Sebäbi durmuşyň faktynyň köpmanylylygy hem köpöwüşginliligi çeper eseriň diline geçirilmesidir. Şu ýerde F.Dostoýewskinin şu tema degişli pikirini getiresim gelýär: «– A bilýäňizmi – diýip, birden birwagtdan bäri öz tapyndysyna gaty aňk bolup ýören söhbetdeşim aýtdy – çeper eseriňizde näme ýazsaňyzam, nähili suratlandyrsaňyzam, nähili nygtasaňyzam hakykatyň özi bilen deňleşip bilmejegiňizi bilýäňizmi? Näme suratlandyraýyň, barybir, hakykatdakydan has gowşak çykar». Başgarak bir ýerde ýazyjy öz adyndan şeýle ýazýar: «Kalp hemişe sözde, reňkde ýa-da owazda aňladyp bolýanyndan has uly zatlary özünde bukup saklaýar». Diýmek, «opalubka» obrazynyň döremeginiň gaty düýpli sebäpleri bar eken. Bir çeper eseriň sözüň doly manysynda başga bir dile geçirilmesizligi ýaly, durmuş hadysalaryny-da dolulygyna çeper eseriň diline terjime etmek mümkin däl. Şeýlelikde, ýazyjy owalbaşda Hudaýyň gargyşy siňen adama meňzeýär: ol hem-ä durmuşyň edebiýata geçirilmesizligini bilýär. Şol bir wagtda-da hakykaty suratlandyrmaga dyrjaşýar. Bu ýazyjynyň ýazgydydyr. Galybyň ýa opalubkanyň birnäçe görnüşleri bolýar. Olara geçmezden öň asyrymyzyň belli fransuz filosofy Lewi-Strosyň bir pikirini agzasym gelýär. Filosof tutuş adamzat jemgyýetiniň pikir ýörelgelerini täze dogulýan adamyň boýnuna atylýan opalubka hasaplaýar. Adamyň tebigy ukyplarynyň ýüze çykmagy onuň haçan, nirede, nähili jemgyýetde, nähili sosial toparyň arasynda doglanlygyna hem kemala gelýänligine bagly bolýar. Bu bolsa adam şahsyýeti babatda durmuşyň eýeleýän biadyl pozisiýasydyr, onuň adam şahsyýetine salýan galybydyr diýip, filosof öwredýär. Diýmek, edebi opalubka adamyň boýnuna atylan has uly opalubkanyň diňe bir görnüşi eken. Şol görnüşiň öz gezeginde dürli aspektleri bar. Munuň özi, ilki bilen, ritm galyplarydyr. Proza eserini ýazmak isleýän adam belli bir ritmdäki gürrüňi beýan etmeli. Proza sungatynda bu tarapyň az öwrenilmegi, bulaşyk suratda göz öňüne getirilýänligi hasam kemçilik döredýär. Ritmiň bolsa aslynda-da görnüşleri köp däl. Onsoň şol bir ritme sezewar bolup duran ýazyjynyň kejebesi darygýar. Ritm opalubkasyny ýeňip geçmegiň nähili ähmiýetiniň bardygy K.Gurbannepesowyň aşakdaky ýatlamasyndan oňat görünýär: «Taýmaz baba» poemasyny men ilkibaşda şeýle ritmler bilen başlapdym: Aýlansaň-da ýüzläp-ýüzläp obany, Tapaýmarsyň Taýmaz kimin babany, Onuň gapdalynda epseň dyzyňy, Aňsat-aňsat küýsemersiň yzyňy. Bu setirler meniň maňzyma batmady. Nämesi ýetmeýärkä? Kapyýalary-da saz. Bogunlary-da düzüw. Pikirleri-de dogry. Emma bir ýerinde galplyk bar. Özüne çekmeýär, täsir döretmeýär. Bir gün Aşgabadyň baýyrlarynda gezelenç edip ýörkäm, şeýle setirler öz-özünden agzyma geldi: Aýlansaň-da oba-oba, Taýmaz ýaly bälçik baba Tapaýmarsyň, tapaýmarsyň, Bir otursaň gapdalyndan Aňsat-aňsat gopaýmarsyň. Öýümize ylgadym. Poemanyň yzy şaglap gitdi. Indi hemme zat düşnüklidi: eseriň mazmunyna kybap ritmini tapmak gerek eken». Diýmek, birinji halatda awtor özüne zor salýan ritm galybynyň mazmunyna laýyk gelmeýänligini aňlaman ekeni. Özboluşly ritmi tapmak prozada ylaýta-da kyn bolýar, ritm tapmasaňam seniň döredijilik niýetiň paşman galýar. Bigäne ritm bilen ýazmak hiç hili täzeligi getirmeýär, ýazdyň-ýazmadyň bir. Meger, aglaba köp proza eserleriniň ritmi meňzeş bolany üçin bizi o diýen gyzyklandyrýan däldir? Meger şol sebäpli-de, biz biri-birimize hekaýalarymyzy okaşyp ýören däldiris? Çünki janly gürrüňiň hersiniň öz ritmi bolýar, şonuň bilen olaryň her biri aýratyn gyzykly. Hekaýalaryň bolsa hemmesiniň diýen ýaly ritmi bir, şonuň bilenem, belki, olar «opalubka» diýen täsiri döredýändir?! Şu güne çenli ýazan eserimde birnäçe ritmi saklamaly boldy. Eser ýazyp otyrkaň, şol ritmiň bozuldygy, büdräp ugraýarsyň. Sözlemleriň ýasama çykyp ugraýar. Romany bir günde ýazyp gutaryp bolanok. Romanyň dowamyny ýazmak üçin her gezek stol başyna geçeniňde başky ritmiňi tutup dowam etdirmek aňsat däl. Şol ritmi tutmak üçin öňki ýazanlaryň on-on bäş sahypasyny täzeden okamaly bolýar. On-on bäş sahypany okap ritmi tutanyňdan soň eliň ýetişibilse bolany. Roman suwuň pese akyşy deýin şaglap gidip durandyr. Käbir eser ýazyjynyň islemeýän ritmini talap edýär. Ýazyjy ritmiň guly. Şeýle bolansoň, eseriň talap edýän ritmine boýun sunmaly bolýarsyň. Biziň prozamyzda her bir eseri janly gürrüň ýaly edip – özboluşly ritmli gurnamagyň nusgasyny görkezen N.Saryhanow. Onuň hekaýalarynyň, powestleriniň ritmi ilkinji sözlem tarapyndan kesgitlenýär: birinji sözlemiň özboluşly ritmi tutuş eseriň ritmiki gurluşyna geçýär. Meselem: «Ony öz obasyna getirmezdiler. Bir gün bir obadan gelse, ertir ikinji bir oba alyp giderdiler». («Şükür bagşy»). «Bir müň dokuz ýüz otuz birinji ýyl. Garagum çöli». («Gyzgyn günler»). – «Siz ony aýdýarsyňyz... Men size şu ugurdan başga bir gürrüň bereýin». («Kitap»). K.Gurbannepesowyň ritm diýip alan aňlatmasyny N.Saryhanow ruh diýip alypdyr. Men Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Ýazyjy we durmuş» atly kitabyndaky N.Saryhanowa bagyşlanyp ýazylan «Nurmyrat Saryhanow biziň guwanjymyzdyr» diýen makalasynda ruh diýen aňlatmasynyň üstünden bardym. Makalada Hoja Şükürow Nurmyrat Saryhanowdan «Şükür bagşyny» ýazmaga başladyňmy?» diýip soraýar. N.Saryhanow: – Ýok, entek. Garly bagşy bilen hem bir duşuşmak arzuwym bar, ondan-da soramaly zatlarym bar, onsoň girişjek. Ýazmak diýen zadyň özi, Hoja, özüňe mälim bolşy ýaly, eger gödegräk aýtsam, tehniki zatdyr, gep – temany gysymyňa ykjam gysyp, kybap getirmekdir, ýazjak zadyňy öwrenmekdedir, wakanyň ruhuny ele almakdadyr! – diýip aýtdy-da, bu pikiri öz ýanyndan makul tapyp oturan şahyr Hojanyň ýüzüne özüne muwapyk bolan mylaýym ýylgyryş bilen bakdy». (211 sah.). Men bu uly sitatada jöwher pikiri görýärin. Ine, ol pikir: ESERIŇ RUHUNY TAPMAK. Bu üns berilmeli mesele. Eseriň ruhy tapylansoň, eseriň ýazylmasy onçakly kyn däl diýip N.Saryhanow örän dogry belleýär. Elbetde, tapan ruhuňy eseriň başyndan tä ahyryna çenli saklamak hem aňsat iş däl. Ýazyjylarda: «Soňky döwür hiç «ýöränok» diýip, ýazyp oturan eseriniň yzyny dowam etdirip bilmän kösenýändikleri hakdaky gürrüňi men kän gezekler eşitdim. Eseriň «ýöremezligi» – eseriň «ruhunyň« ýitmegi bolmaly. N.Saryhanowyň eseriniň ilkinji sözlemine aýratyn ähmiýet bermesi hem ýöne ýere bolmaly däl. Ýazyjynyň ilkinji sözlemi – eseriniň ruhy, hörpi. Ilkinji sözlem, ruh çyra deýin öňe çykarylýar. Şol şöhläni saklap ýazyjy eserini ýazýar, tamamlaýar. Şol bir ruhy saklap bilendigi üçin hem N.Saryhanowyň eserleri döwürdeş ýazyjylarynyň eserleriniň arasynda tapawutlanyp dur. N.Saryhanow şol şöhläni – ruhy saklap bilendigi üçin hem belli ýazyjy A. Fadeýew ol ýazyjynyň Moskwada neşir edilen hekaýalaryny okap, şeýle ýakymly sözleri aýdypdyr: «...Saryhanow... biziň diri hem ajaýyp sowet edebi mirasymyzdyr». Ýazyjy Beýik Watançylyk urşunda Moldawiýa topragyny azat etmek ugrundaky söweşleriň birinde otuz sekiz ýaşynyň içinde gahrymanlarça wepat bolýar. G.Gurbansähedow makalasynda N.Saryhanow bilen duşuşygyny, onuň orta boýly, inçemigräk, agajet adam bolandygyny, kesesinden seredäýeniňde käte tutugsyrak, käte gamgynrak görnendigini, haýal hem örän az gepländigini ýatlaýar. Şeýle ýatlamalara aýratyn hormat goýýaryn. Ýatlamalar ýatlanylýan ýazyjy hakdaky bahasyna ýetip bolmajak maglumatlary berýär ahyryn. Ýatlamalarda ýazyjynyň nähili adam bolandygy, edim-gylymlary, başdan geçiren täsirli wakalary ýatlanylýar. Şol ýatlamalar esasynda hem aňyňda ýazyjynyň çeper keşbi örboýuna galýar. Rehmet Seýidow hakda makala ýazmak maksady bilen ol hakdaky ýatlamalary gözläp ugradym. Men birnäçe ýazyjy-şahyryň ýatlamalaryny okadym. Näme üçindir, ol ýatlamalary okap, lirik Rehmet Seýidowyň keşbini aňymda janlandyryp bilmedim. Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |