21:38 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Oguljemal Çaryýewa | |
OGULJEMAL ÇARYÝEWA
Şygryýet melekleri
Oguljemal Çaryýewa, meşhur şahyr, ruhyýeti öwreniji, Türkmenistanyñ at gazanan medeniýet işgäri. O.Çaryýewa 1953-nji ýylyñ 22-nji fewralynda Mary welaýatynyñ Ýolöten etrabynyñ Talhatanbaba obasynda doguldy. Orta mekdebi tamamlandan soñ Türkmenabadyñ Seýitnazar Seýdi adyndaky pedagogik institutunda okady. 1976-njy ýylda öz okan mekdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işe başlady. Ilkinji "Gözellik hakda" atly goşgusy 1969-njy ýylda Ýolöteniñ "Täze durmuş" etrap gazetinde çap boldy. Ilkini kyssa eseri bolan "Ene" hekaýasy bolsa 1975-nji ýylda "Mugallymlar gazetinde" çap edildi. 1978-nji ýylda Aşgabat şäherindäki Döwlet kitaphanasynda ilki uly kitaphanaçy, soñ redaktor, uly redaktor bolup işledi. Kitaphanada işlemegi ony ylym dünýäsine hasam çuñ aralaşmagyna çäksiz mümkinçilikleri döretdi. Muny onuñ özi: "Kitap okamaga bolan söýgim, kitaphana bilen ysnyşdyrdy. Ýogsam şol döwürdäki türkmen dilinde çykýan neşirlerden işe çagyrylmadyk redaksiýam ýok. Meniñ kitap okamaga bolan islegimi bolsa diñe kitaphana bitirip biljekdi" diýip ýatlaýar. Şahyryñ sözleriniñ dogrudygyna onuñ döredijiligindäki goşgularyñ, dürli makalalaryñ, şeýle-de hekaýalaryñ añyrsynda uly zehin bilen janypkeşligiñ ýatandygy onuñ döredijiligi bilen tanyş bolan her bir okyja mälimdir. O.Çaryýewanyñ çuññur manyly, pelsepeli tymsallary okyjyny biparh galdyrmaýar. Şahyra zenanyñ goşgularynda folklordaky lälelere çalymdaş sadalyk, şirinlik bar. Bu bolsa okyjyny ol eserleri okamaga has imrindirýär. Şahyryñ döredijiligine mahsus bolan pikirleriñ çugdamlygy, ideýa-mazmunyñ sagdynlygy goşgularyñ özboluşly çykmagyna ýardam edýär. Şeýle aýratynlyk onuñ galamyndan çykan eserleriñ ählisinde açyk-aýdyñ duýulýar. O.Çaryýewanyñ eserleri ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallaryñ ählisinde diýen ýaly yzygiderli öz ornuny tapyp gelýär. Şahyryñ Watan öñünde bitiren hyzmatlary, bitiren işleri göz öñünde tutulyp, ol 1996-njy ýylda "Watana bolan söýgüsi üçin", 1999-njy ýylda "Gaýrat" medallary bilen, 2001-nji ýylda "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" ordeni, 2010-njy ýylda "Türkmenistanyñ at gazanan medeniýet işgäri" diýen hormatly at bilen, 2011-nji ýylda "Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 20 ýyllygyna" ýubileý medaly, 2014-nji ýylda "Magtymguly Pyragy" medaly bilen sylaglandy. Şeýle hem Türkmenistanyñ Prezidentiniñ yglan eden "Türkmeniñ Altyn asyry" bäsleşiginiñ 2003-nji, 2008-nji, 2013-nji ýyllaryndaky ýeñijisidir. Şahyr O.Çaryýewanyñ edebiýat dünýäsinde, milli mirasymyzy toplamakda we ony gaýtadan halka ýetirmekde eden işleri onuñ 65 ýaşamagy mynasybetli Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniñ Döwlet kitaphanasynyñ Bibliografiýa bölümi "Şahyr Oguljemal Çaryýewa" atly bibliografik görkezijini taýýarlady. Bu saldamly kitapdan Oguljemal Çaryýewanyñ neşir edilen kitaplarynyñ, dürli ýyllarda gazet-žurnallarda çykan goşgularyñ, hekaýalarynyñ, makalalarynyñ aglaba böleginiñ adyny tapmak bolýar. O.Çaryýewa häzir Metbugat merkeziniñ kitaphanasynyñ kitaphanaçysy bolup işleýär. • Hakynda ýazylanlar: 1). K.Gurbannepesow "Pikir hem şahyranalyk" (O.Çaryýewanyñ "Rowaýat" we "Doganlaryma" atly goşgulary barada), "Edebiýat we sungat" gazeti, 30.08.1985; 2). O.Amanowa "Undulan "Deñiz" hem derýalar"(O.Çaryýewanyñ döredijiligi barada), "Яш коммунист" gazeti, 16.01.1988; 3). A.Mämmedow "Şygryñ ykbaly ~ okyjynyñ ykbaly" (O.Çaryýewanyñ döredijiligi barada), "Ýaşlyk" žurnaly, 1988, N"3; 4). O.Ussaýewa "Oguljemal Çaryýewa / Bahar bulaklary", "Magaryf"-1989; 5). B.Annabaýewa "Bagtyýarlyk - ylhamym" (O.Çaryýewa bilen söhbetdeşlik), "Garagum" žurnaly, N"4; 6). D.Tekäýewa "Zenan ýüreginiñ ylham sährasy", "Edebiýat we sungat" gazeti, 15.07.2017. Taýýarlan: A.Saparowa. • ALA HORJUN Men seni elime alyp otyryn, Gözüne çöp atyp gamly gijäniñ. Gör, men otyrynmy ýa-da ýatyryn, Parhy ýok, tün gördi özüm tijänim. Içimde bir duýgy, göýä, bir bulak, Akyp dur söz bolup, käte göz bolup. Gije diñşirgenýär asyplar gulak, Dünýä bakýar nikapdaky ýüz bolup. Belki-de ol maña aýdýar erteki, Ýok, ilki men oña özüm aýdaýyn. "Bir bar eken, bir ýok eken..." örtedi, Kalplarda bagladyp hyýal baýdagyn. Wagt bolsa geçip dur, Tutdurman guýruk, Aý azaşdy, bulut ýolun basgylap. Men duýgularma bilemok buýrup, Muny tassyklady, han-ha asgyran. Bu ömür diýlen zat, göýä, bir argyş, Söwdasy niçikdir, Gör, nirä barmyş?! Içiñde näme bar ala horjunym, Söwdada aldady meni bu durmuş. Albaýa ynandym, tanaman hetdim, Etmedik işim kän, nämeler etdim. Gör, elimde bolsa ýogyn alaja, Köñül matasyny çykaryp petden, Säwlikler men bolup, meni baglaýar. Otyryn, dulumda ~ boşan sallançak Yralaýar hem men bolup aglaýar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||