14:56 Oguz han | |
OGUZ HAN
Taryhy şahslar
Beýik Hun imperiýasyny esaslandyran Modeniñ (Mete han) şahsyýetiniñ töwereginde indi 100 ýylyñ içidir gyzgyn jedeller dowam edýär. Şeýle gep-gürrüñleriñ döremegine bolsa gadymy hytaý kitaplaryny terjime etmekde ýakasyny tanadan Iakinf Biçurin sebäp boldy. ■ Eýsem syrly dünýäñ girdabyna düşen ol han kim bolupdyr? ...Orta Aziýanyñ territoriýasynda taýpalaryñ we halkyýetleriñ uly toplumy ýaşaýardy. Has ir döwürlerden bäri olar golaý we uzak aralyga göçüp-gonup, Günbataryñ we Gündogaryñ ýurtlaryny gorky astyna salýardylar. Şeýle taýpalaryñ biri gowy durmuşyñ gözleginde uzak Gündogara aralaşypdyr. Özleriniñ Orta Aziýaly garyndaşlaryny yzda galdyryp, bu halk Hytaýyñ araçäklerinde peýda bolupdyr. Hytaýlylar olary "hunnu" diýip atlandyrar ekenler (hytaýça "hu" - hyrsyz, "nu" gul diýmegi añladýar). Professor A.N.Bernştamyñ tassyklamagyna görä, hytaýlylar Orta Aziýanyñ oturymly ilatyny şeýle at bilen "tagmalapdyrlar". Hunlar eýýäm b.e.öñki 1200-nji ýylda özbaşdak döwleti esaslandyrypdyrlar diýlip hasaplanýar. Şol döwrüñ hunlarynyñ taryhy bize düýbünden näbelli diýen ýaly bolup, diñe arheologiki ýol bilen öwrenilýär. Hytaý çeşmelerinden görnüşine görä, olar bu halka takmynan, b.e.öñki III asyrdan uly üns berip başlapdyrlar. Şol döwre çenli ep-esli güýç toplap, özüni tutan Hytaý imperiýasy öz serhetlerine howp salýan hunlaryñ soñuna çykmagyñ kül-külüne düşýär. B.e.öñki 214-nji ýylda Sin imperatory 100 müñ adamdan ybarat goşunyny hunlaryñ üstüne ýollaýar. Derbi-dagyn edilen hunlar çöle çekilýärler. Hun hökümdary Tümen indi goñşy halklara elgarma bolan ile ýolbaşçylyk edýärdi. Beýleki aýalyndan bolan ogly kiçi ogluny miras eýesi etmegi ýüregine düwen Tümen uly ogly Modeni ýuedžeý halkyna girewine berýär. Has beteri, şeýtse bu halk Modeni heläklär diýen bet pygyl bilen ýuedžeýleriñ üstüne çozuş amala aşyrýar. Ýöne onuñ bu pirimi başa barmaýar. Modä gaçmak başardýar. Uly oglunyñ ugurtapyjylygyna haýran galan Tümen ony 10 müñ atla baştutan belleýär. Şol uçurlar hun halky agyr günleri başdan geçirýärdi. Daşky dünýäden kesilen, salgyt bilen maýrylan bu halk tasdanam taryhyñ gatyna düşmekden binesip bolupdy. Belli taryhçy L.N.Gumilýow şeýle ýazýar: "Göräýmäge, hunlaryñ hemişelik tepbedi okalypdy, ine, haý diýmän olaryñ goñşy-golamlary hun çöllügini öz aralarynda paýlaşarly görünýärdi. Ýöne taryh bu meseläni özüçe çözdi". Ýaş harby ýolbaşçu atlylaryna söweş tälimlerini berip ugrady. Ol öz ýigitlerine ýaýdan şuwwuldap ses edýän ok atmagy öwredýär (şeýle oklar türk guburlaryndan häzirem tapylýar). Ol öz ýaýyndan şuwwuldap ses edýän oky haýsy ýana gönükdirse, nökerleri hem şol ýerini nyşana alyp atmaly ekenler. Buýrugy ýerine ýetirmedigiñ başy ölümli bolupdyr. Ilki öz aty, soñ aýaly, atasynyñ aty onuñ ýaýynyñ okunyñ pidasy bolýar. Buýrugy ýerine ýetirmekden boýun gaçyranlaryñ kellesini almagy tabşyrýar. Şeýdip, berk tertip-düzgüni ýola goýan Mode kakasyny agtdan agdarýar. Kakasy, ejeligi we inisi şol agdarylyşygyñ pidasy bolýar. B.e.öñki 203-nji ýylda Mode özüni Hun imperiýasynyñ hökümdary diýip yglan edýär. Ol hun uruglarynyñ 24-niñ başyny jemläp, hun döwletini dikeldýär. Şu ýerde türkmenleriñ ata-babasy bolan beýik Oguz han barada aýdylýan hekaýatlardaky meñzeşlige üns bermezlik mümkin däl. Bu ýakynlyk, megerem, Iakinf Biçuriniñ hem nazaryndan sypmadyk borly. Ol şeýle ýazýar: "Mode Aziýanyñ taryhynda Garahanyñ ogly ~ haýbatly Oguz han ady bilen bellidir. Hondemiriñ ýazmagyna görä, Garagumda göçüp-gonup ýören Garahan öz oglunyñ täze dine uýup, başga Hudaýa ynanýandygyny eşidip, gahar-gazaba münýär. Ol ogluny öldürmegiñ kül-külüne düşüp, ýöriş edýär. Ýöne Oguz hanyñ aýaly bu habary adamsyna ýetirýär. Garahan söweşde wepat bolýar. Oguz han bolsa tagta çykyp, özüniñ hökümdarlyk eden 73 ýylynyñ içinde tutuş Türküstany dyza çökerýär. Abulgazy hanyñ ýazmagyna görä, özüni hökümdar diýip yglan eden Oguz han Hytaýyñ serhetlerinde göçüp-gonup ýören Tatar hanyñ (Dunhu) üstüne ýöriş edip, ony boýun egdirýär. Soñra Hytaý imperiýasyny, Jürjüt we Tangut hanlygyny basyp alýar. Şondan soñ bolsa, günortada Mongoliýadan Hindistana we Günbatarda Kaspi deñzine çenli ýatan ähli raýaty eýeleýär. Atlarynyñ bir-biriniñkä meñzeş däldigine garamazdan, Mode Şanýuýa baradaky taryhy oçerkiñ Oguz han ady bilen berilmegi we döwrüñ esasy wakalarynyñ geliş tertibiniñ dogrulygy, Abylgazy hanyñ mamladygyny görkezýär". Hakykatdan hem Mode we Oguz han bilen baglanyşykly wakalarda bir umumylyk bar. Mundan başga hem hunlar ~ ähli taryhçylara anyk belli bolan ilkinji türki dilli halkdyr. Bu barada hiç kim ikirjiñlenmeýärdi. Gadymy türk runa ýazgyly hun medalýonynyñ (biziñ eramyzyñ I asyry) üsti açylansoñ bolsa bu hakykat ýene bir ýola tassyk boldy. Bularyñ üstüne Mode tarapyndan birleşdirilen 24 hun uruglarynyñ we Oguz hanyñ ogullarynyñ arasyndaky paralleli hem goşmak gerek. Hun taýpalarynyñ we oguzlaryñ-türkmenleriñ tire-taýpalarynyñ adyndaky meñzeşlik hem ünsi çekýär. Häzir bize belli bolan hunlaryñ maddy (egin-eşik, haly...) we ruhy (dini ygtykatlar we däp-dessur) medeniýetiniñ diñe bir orta asyrlarda ýaşan oguzlaryñ däl, hatda, häzirki zaman türkmenleriñ medeniýetine juda ýakynlygy barada öñem ençeme ýola gürrüñ edilipdi. Dil öwreniji F.Hirtiñ pikirine görä, Modeniñ ady "bagatur" ("batyr") türk sözüniñ diñe hytaý transkripsiýasydyr. Hytaý dilinde "r" harpy düşürilýär, şonuñ üçinem "batyr" sözi "badu" ýa "mode" görnüşine eýe bolýar. Modeniñ (batyryñ) asly "huan" atly belli hun urugyna degişlidir. A.Bernştamyñ bellemegine görä, "hu-an" iýeroglifleriniñ" gadymy okalyşy "üker" ("öküz") diýen formany berýär. "Oguz" ("Ogur") sözüniñ fonetiki arhetipi hem "öküz" sözi bilen ýakyndyr. Soñra professor A.Bernştam şeýle netijä gelýär: "Eger han-begler urugynyñ ady Öküz bolan bolsa, onda şol urugyñ wekiliniñ ~ geneologiki nesliniñ öz şahsy adynyñ ýany bilen urugynyñ adyny ulanmaga hem doly haky bolupdyr. Mahlasy, oña "at we familiýa" edinmäge rugsat berilýärdi. Hawa, gun taýpasynyñ soýuzyny esaslandyran adamyñ ady Mode bolup, familiýasy Oguzdy. Sözme-söz terjime edilende "Öküz-Pälwan" diýmegi añladýardy..." Orta asyr sene ýazyjysy Hondemiriñ maglumatlaryna görä, Oguz han 73 ýyllap hökümdarlyk (belki-de, bu onuñ ömrüniñ dowamlylygy) edipdir. Batyryñ (Modeniñ) b.e.öñk 174-nji ýylda dünýeden ötendigini bilemizsoñ, bize Oguz hanyñ doglan ýylynyñ hasabyny çykarmak kyn düşmez. Bu b.e.öñki 247-nji ýyla degişli bolýar. Onuñ tagta çykan wagty b.e.öñki 209-njy ýyl bolup, şol uçurlar ol 35 ýaşlarynda eken. Hondemiriñ maglumatlaryna esaslanyp, serkerdäniñ doglan ýylynyñ hasabyny özümiz çykaramyzsoñ, bu senäniñ şertli ýagdaýda alynýandygyna düşünersiñiz diýip tama edýäris. Bir zat belli, Oguz han b.e.öñki III-II asyrlarda ýaşapdyr. Ýöne näme üçin, hunlardan başga biri däl-de, hut Mode oguz-türkmen we türkmen tire-taýpalarynyñ "ata-babasy" hasaplanypdyr?! Hunlaryñ (oguzlaryñ) tagtynyñ eýesi bolandan soñ, Mode döwleti berkitmek üçin gyssagly çäreleri durmuşa geçirip ugraýar. Ilkinji nobatda ol dunhu (tatar) halkyny derbi-dagyn edýär. Bu şeýle bolýar. Hunlaruñ içki dawa-jenjellerindwn habardar dunhularyñ hökümdary Modeden ajaýyp aty bilen söýgüli aýalyny bermegi talap edýär. Hunlaryñ ýaşululary muña garşy çykýarlar. Mode bu meseläni özüçe çözýär: "Golaý goñşyñdan bir at bilen bir aýaly gysganmak nämä derkar?!" Öz talabynyñ gyşarnyksyz berjaý bolanyny gören dunhularyñ soltany hunlardan özlerine degişli, ekiş we mal bakmak üçin ýaramsyz çöllügiñ bir bölegini soraýar. Hun aksakgallary bir bölek ýer üçin dawa-jenjeliñ gerek däldigini aýtsalar-da, Modeniñ jogaby olaryñka gapma-garşy gelýär: "Ýer döwletiñ esasy emlägi bolup durýar, heý, ony özge birine dözüp bormy?!" Mode ýer bermegi maslahat berenleriñ ählisiniñ başyny alypdyr. Dunhularyñ üstüne ýöriş edip, olary derbi-dagyn edipdir. Mançjuriýanyñ ähli territoriýasy we giden emlägi hunlaryñ eline geçipdir. Ol ýuedžeýleri hem günbatara tarap yza tesdiripdir. Takmynan, b.e.öñki 204-nji ýylda ordos taýpalary hem boýun egmäge mejbur bolupdyr. Hun halkynyñ sany 300 müñ adama ýetipdir. B.e.öñki 202-nji ýylda Mode gypjaklary, diñlileri, gyrgyzlary özüne tabyn edipdir. Şondan soñra hunlar Hytaýyñ üstüne ýörişe ugrapdyrlar. Mai galasyny basyp alyp, demirgazyk Şansiniñ paýtagty Szinýan şäheriniñ eteklerine gelipdirler. Hunlara garşy söweşlere hut imperatoryñ özi ýolbaşçylyk edipdir. Mekir pirimi ýüz uran Mode yza çekilen bolup, hytaý imperatoryny we onuñ iñ saýlama goşunyny gabawa düşüripdir. Ýedi günläp gabawda bolan imperator ahyry Mode bilen ylalaşyk gazanmaga mejbur bolupdyr. Bu hunlaryñ taryhda gazanan iñ uly ýeñişleriniñ biridi. L.N.Gumilýowyñ maglumatlaryna görä, 20 müñ hun atlysyna 320 müñ hytaýly garşy durupdyr. Şol söweşde hunlaryñ söweşjeñ ussatlygy, berk tertip-düzgüni saklaýanlygy we Modeniñ serkerdelik ukyby aýdyñ ýüze çykypdyr. Ylalaşyk boýunça imperator öz gyzyny Mode nikalap beripdir we ýylda uly möçberde sylag-serpaý berip durupdyr. Mode b.e.öñki 177-nji ýylda Hytaýyñ täze imperatory Wen-di bilen ylalaşyk baglaşypdyr. Hun döwleti Hytaý ýaly imperiýa diýlip yglan edilip, hökümdarlar biri-birine dogan diýip ugrapdyr. Şeýle uly üstünlik, hormat-sylag göçüp-gonup ýören halklaryñ hiç birine-de miýesser etmändi. Mode öz duşmanlarynyñ ählisini kül-peýekun edipdir. B.e.öñki 176-njy ýylda ol imperatora (Wen-di) şeýle ýazypdyr: "Asmanyñ (Tañrynyñ) eradasy bilen goşunbaşylaryñ we söweşijileriñ ýagdaýy oñat, atlarymyz güýçli boldy. Munuñ özi maña ýueçjileriñ soñuna çykmaga ýardam etdi. Olaryñ heläk bolany heläk boldy, diri galanlary bolsa aman sorap, ýesir düşdi. Şeýle-de men loulanlary, usunlary, huszeleri we özümiz bilen goñşy oturan beýleki 26 taýpany dyza çökerip, olary sýunlaryñ (hunlaryñ -Ö.G.) hasabyna geçirdim. Şeýdip, ýaýdan ok atýan halklaryñ ählisiniñ başy bir bütewi maşgala jemlendi". Mode (Oguz) beýik reformator bolupdyr. Ol tire-taýpa territoriýalaryny ýok edip, olary ähli halkyñ emlägine öwrüpdir. Umumyharby düzgün girizilipdir. Şoña laýyklykda gullukdan boýun gaçyranlar ölüm jezasyna höküm edilipdir (Oguz hanyñ bu ýoluny diñe Çingiz han az-kem kämilleşdiripdir). Taýýar esgere öwrülen her bir hun harby iýerarhiýanyñ tabynlygynda bolupdyr. Maşgalalara salynýan salgyt aýrylypdyr. Çünki harby gulluk hökmany borja öwrülensoñ, goşuna öñküleri ýaly pul tölemek gerek bolmandyr. Merkezi häkimiýetiñ garamagynda bolan çylşyrymly döwlet apparaty döredilipdir. Ähli urug we tire-taýpa hanlary çinowniklere öwrülip, öz aralarynda 5 derejä bölünipdir. Olaryñ ata-baba ýerleri bolmasa-da, öz eýeleýän wezipesine laýyklykda ýer bölünip berlipdir. Bu täzelikler hunlaryñ jebisleşmegine we Merkezi Aziýanyñ iñ abraýly, kuwwatly halkyna öwrülmegine ýardam edipdir. L.N.Gumilýowyñ pikiriçe, b.e.öñki 209-njy ýylda Mode öz ýakynlarynyñ garşysyna gitmäge mejbur bolanlygynda, hunlar öz aralaryndaky agzalalyk we dawa-jenjel zerarly, halk hökmünde ýitip giderdi. "Görlüp-eşidilmedik beýiklige ýeten Mode 174-nji ýylda dünýeden ötýär. Ýogsa, şeýle at-abraý eýe bolaryn diýip ol küýüne-de getirmändi. Onuñ başyny tutan işi 300 ýyl ýaşaýar. Ýöne nesilleriniñ hiç biri-de zehin babatda onuñ bilen bäsleşip bilmändir" diýip, alym ýazýar. Oguz-türkmenleriniñ arasynda beýik Oguz hanyñ (Modeniñ) sylag-hormat ýüki ýetik bolupdyr. Hun imperiýasy çagşanyndan soñ, olaryñ bir bölegi Ýewropa, Kawkaza we öz Watanlaryna ~ Orta Aziýa aralaşyp, Gun imperiýasyny döredýär. Galan bölegi birnäçe ýüz ýyldan soñ Türk kaganlygyny esaslandyrýar. Ol dargansoñ, Oguzyñ nesilleri täze döwlet döredip, oña Oguz döwleti diýip at berýärler. Aradam näçe wagt geçse-de, oguzlar ilkinji beýik hanlaryny unutmaýarlar. Şondan soñra oguzlaryñ Aziýada we Ýewropada gazanan ýeñişleriniñ ählisi bu beýik şahsyýetiñ adyna ýazylypdyr. Oguz han "müñ ýyl" ýaşap, şonça ýyllap hem hökümdarlyk etdi diýip ýöne ýere aýdylanok. Oguz han oguzlara agzybir we ylalaşykly ýaşamagy wesýet edipdi. Ol ölüminiñ öñ ýany 24 taýpanyñ ählisini ~ çagalaryny we agtyklaryny ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir: "Biziñ ählimiz bir urugdandyrys!" Bu beýik Oguz hanyñ nesillerini jebislige, döwleti pugtalandyrmaga çagyrýan iñ soñky wesýeti bolupdyr. Öwez GÜNDOGDYÝEW, taryhçy. "WATAN" gazeti, 1997 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||