14:22 Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy | |
Hanumanyň indi gaýdyp, ikinji gezek bu adamlaryň eline bendi bolup düşüp, olaryň Sowetler bilen baglylykdaky ahmyrly gazabyna duçar bolasy gelmeýärdi. Howp-hatar halkasynyň ýene-de ümür, salgym bolup, ýene onuň daşyny gallap ugranlygy belli boldy. Halas bolmak üçin indi diňe wagtynda edilen ýerlikliden batyrgaý hereket hökmandy. Muňa köpügörenligini edip, Hanuma tiz düşündi. Indi, mümkin boldugyndan, çalt hereket etmeden başga alaç ýokdy. Hanuma atyň iki gapdalyndan ýanjan aýaklaryny gysyp saklap, iki eli bilen eýeriň gaşyna bek ýapyşyp oturyşyna kem-kemden atyň jylawyny goýberip, onuň badyna ýene gerim berdi. “Sizem indi meni aňsat ele salaýmasaňyz gerek, körem hasasyny iki aldyrýan däldir” diýip kesgin oýlandy. Atlylar şol gelişlerine Hanumanyň howuny basyp, ony aljyratmak üçin ýerli-ýerden talaply tarp atyşyp gygyryşyp ugradylar: –Dur, heleý! –Eriň deşigine girseňem taparys seni! –Bir ele düşseň bolýar. Onsoň sen ganjygy özüm nätjegimi bilýärin. –Senimi... Yzdan gelýän kowgularyň gazabyndan at ýüreginiň hem beleň alanlygy belli boldy. At badynyň göteren şemaly indi guýrugyndan tutulan guş bolup, Hanumanyň gulaklarynyň agzynda pasyrdaýardy. Hanuma şundan soň baýyrlaryň arasyna aralaşýança yzyny gözlemedi. Guş bolup uçup barýan atynyň özüne halas etjekdigine ynandy, atynyň ýolda gabat gelýän alaka hine, ýenekä büdremän çapmagyny dileg edip, tä kowgynyň gözüne görünmez bolýança şeýdip çapyp gitmegi niýet edindi. Barha ýakynlaşýan baýyrlaryň özüne kömek etmek üçin, öňünden gujak açyp çykanlygyna ynandy. Atlylar ýene biraz kowansoňlar, Hanumanyň barha ara açyp barýanlygyny görüp, şol gelişlerine ýerli-ýerden onuň yzyndan kelepatara ok atyşyp ugradylar. Oklaryň ikisi dagy “juwlap-juwlap”, onuň golaýyndan geçdi. Hanuma okuň öňünden sowulmak üçin, öňden ilki gabat gelen saýlaryň birine tarap gönügdi. Kowgy bu ýerleriň Sowetlere degişlidigini pikir edip, serhetçä-ýenekä duşaýmaly diýdilermi nämemi, şundan soň Hanumanyň yzyndan tiz galdylar. Hanuma ýene biraz gaçansoň, kowgyň yzyndan galanyny bilip, biraz arkaýynlaşyp at başyny çekdi. At janawer hut häzirjek suwdan çykana meňzäp süllümmaý derläpdi. Onuň süňňünden ýeňiljek ajymtyk at ysly bug göterilýärdi. Hanuma soň kowgynyň yzdan galanyna ýene bir gezek göz ýetirmek üçin, öz syryp barýan jülgesiniň depesinden gözleşip oturan baýyrlaryň biriniň ýokarsyna çykdy. Durup daş-töweregini ünsli syndan geçirip, ümsümligi diňirgendi. Diňe şondan soň kowgyň yzyndan galanlygyna ynandy. Hanuma şundan soň biraz arkaýynlaşyp, özüni ele alyp ugrady. Şeýle-de bolsa göwnüne bir ýerden çykaýjak ýaly bolup duran kowgudan ýene biraz ara açmak üçin, Ahmediň sargydyny ýatlap, çen tutup, atyny gündogar-demirgazyga sürenini kem görmedi. Töwerek bolsa topar tutuşyp oturan şol bir Pendi baýyrlary. Haçanda şol barşyna bir tanyş baýra duşansoň, ol özüni hossarlarynyň arasyna atan ýaly hasam arkaýyn duýdy. Ýagdy bir gezek ýazlaga mal üstüne gelenlerinde: „Ýör, seni çigildem kän ýere äkideýin” diýip, ony şu ýere getiripdi. Töwerekdäki baýyrlary görkezip: “Şu ýerlerem, tä Gaşyň bäri etegine çenli biziň şuralygymyzyň öri meýdany” diýip eýemsirenip görkezipdi. Gün dogupdy, ol günebakar kellesi bolup, ýolunda gabat gelýän çalpaw batgalygy ýatladyp ýatan bulut bölekleriniň arasyndan saýlanyp bilse, onuň ýene-de ýere howur baryny ataryp, dünýäni yssy bilen doldurjagy duýulýardy. Emma säher-säherler ýylgynlaryň başyny yralap, ýeriň sagrysyny sypalap serginlik paýlap, dünýä terlik berip ösüp ugran Bathyz şemaly henizem bardy.. Hanuma atdan düşüp, tanyş depesiniň üstünde giňligini alyp, çaşan saçlaryny toplap, olary aýalary bilen syntgylap ýatyrdy, köýneginiň eýlesinden-beýlesinden çekişdirip, daşyndan sypyp, halka bolup boýnunyň ýüzüne öwrülip duran ýaglygyny çözüp alyp, silkip epläp ony başyna täzeden daňyp, öýden ile çykyp barýanyndaky ýaly, üst-başyna serenjam berip sypandy. Hojam hanyň aýalynyň başyna atan ýektaýynyň häzir ýolda galyp-gaçman, ýanynda bolanlygynda kem bolmajak ekenligini ýatlady. Haçanda ol atyna, özüne biraz dem-dynç berip, täzeden atlanan mahaly sary erik bolup, hal atyp ugran Gün eýýäm al asmandady. Hanuma töwerekdäki tanyş görnüşi ýene bir salym hyrydar nazar bilen synlap duransoň, at başyny gaýralygyna alyp, ýoluny aňyrlygyna dowam etdirdi. Ýöne kowgular bir emel toslap, bir ýerden ýüz beräýjek ýaly bolup, onuň kalbyna henizem bükgüldi berýärdi. Özi-de kowgy galsa-da, bu gorky entek-ýentekler tä özüni oba atýança, onuň yzyndan galarly hem däldi. Ol şol barşyna-da mahal-mahal at başyny çekip, töweregini müňkürlik bilen diňşirgenýärdi, syndan geçirýärdi. Syryp barýan jülgesiniň egrelip, aýlanyp-dolanyp barýanlygyny görüp: “Şu meni ýene yzyma alyp barýan bolmasyn?” diýibem howatyr edýärdi. Biraz saga gyşaranlygyny hem güman edýärdi. Bu gezek Hanumany saý içi bilen barýarka ony golaýdan eşidilen jaň sesi diňirgendirdi. Golaýda bir ýerde süriň barlygy belli boldy. Şeýle aýraçylykdan soň her kimde yzyna dolanyp gelende bolşy ýaly, onuň hem kalbyny şu pursatda begençli hoşgun gurşap aldy. Hanuma bu jaňyň öz şuralyklarynyň mallaryna degişlidigine bilýärdi. Dogrudanam, ol ýalňyşmandy, gapdalynan geçip barýan deresiniň ýokarsyna göterilen wagty, ol töweregine gözüni aýlanda, hol, beýlede taýagyny biline kese tutup, onuň iki tarapyndan gollaryny geçirip, ganat baglana ýaly bolup, süriniň yzyna düşüp aýlanyp ýören çöwürme telpekli çopany gördi. Hanuma çopany görenden tanap, özüniň hut gelmeli ýerine gelenligine ynandy. Gözlerini güldürip, henizem özüni oňly tanap bilmän duran çopanyň ýüzüne biraz ýaňsylyrak gözledi. Dogrudanam, Gullar çopan ony birbada tanamandy. Del atlynyň kimligini aň etjek bolup, çiňňerilip-çiňňerilip: “Bu ýerlerde aýal-ebtat häzir näme işläp ýörkän, özem ol biziň şuranyň hatdaty, şol Hanuma gelin ýaly-la. Soňky günler ýanymda bolsady diýip, gelnim Ýazgülüň arzuwyny köp etdim welin ýa-da bu şonuň bilen baglylykda gözüme görünýän bir bela-beter dagy bolmasyn?” diýibem biraz howatyrlandy. Hanuma golaý gelensoň, özüni synlap, gözlerine ynanyp bilmän, aňk-taňk bolup duran çopana özüni tanatdy. –Gullar, men Hanuma, ol... –Ii... Hanuma, sen bu ýerlerde näme işläp ýörsüň? –Näme, işläp ýörsüň diý-de goýaý ýöne... – diýip, Hanuma ýene-de basyrganan ýaly bolup düşnüksiz gürledi. Soňundanam gury ýuwdunyp: –Gullar, hany sen maňa bir suw ber ilki!? – diýdi. Ymgyr çölde özüne gürrüňdeş tapanyna begenen çopan, höwes bilen joşgun alyp gepledi. –Sen Hanuma bolsaň, saňa suwam bereris. Çaý, naharam! Ýakynda obada bolmansoň, Gullar çopan Hanumanyň başyna ne işler düşüp ýöreninden habarsyzdy. Onsoňam bu ýerler nire, aýal halyna bir özüniň, at münüp, çöle dolup ýörmesi nire?! Hanuma öňem käte bu ýerlerde görnerdi. Özi-de hemişe Ýagdy şura mallardan habar almaga gelende, şonuň bilen at başyny deňläp gelerdi. Şonuň üçinem Gullar ony tanansoň, yzynda bir ýerde Ýagdy şura hem barmykan öýtdi. “Ýagdy nirdekän... olam-a bar bolsa gerek?” diýip, töweregine ýeňil syn salyp, onuňam gara bererine garaşdy. Gullar çopan Hanumany goşuna getirensoň, ylgaşlap gidip, hol, beýleräkde duran çelekden okara suw salyp, oňa getirip berdi. Suw akydyp berip, onuň el-ýüzüni ýuwdurdy. Hanuma gollary bilen çaşan saçlaryny daraklap sypalap, çaň siňen ýaglygyny kakyp, başyna täzeden çalyp daňansoň, bu timarlyk onuň ýüzüne gelşik berdi. Çopan aty jylawlap, ony örklemäge alyp barýarka, Hanumanyň ýaňky atlylar ýene bir ýerden çykaýmasyn diýen gorkusy özünde bar bolany üçin, oňa aty uzak äkitmän, golaýrakda örklemegi haýyş etdi. Hanuma Gullar çopanyň öňüne goýan gaty çörek bölekleridir çaý gowurmasy bilen nahar edinip oturyşyna oba bilen gyzyklandy: –A, onsoň obadan näme habar, Gullar. –Obadan habar bilinýän däldir, ýoldaş Hanuma şura. –Gelen-giden ýokmy? –Ýagdy şuraň mahal-mahal gelip, mallaryň üstünden aýlanyp, birki malam soýduryp, çorbalyk-şorluk alyp gidäýmesi bardy welin, onuňam soňky döwürde pagta, ýeneki bilen bize gelmäge eli degmeýän bolmaly. Esli wagtdan bäri şolam gara berenok. – Soň ol nämedir bir zady ýadyna salyp, ileri başda oturan baýyrlara tarap gözläp goýberensoň, sözüniň üstüni ýetirdi. – Düýn goňşy çopan Ýamat aga gelip, bir gysym duz alyp gitdi. Şol-a bir zatlar, bir zatlar diýişdirdi. Ýamat çopan-da, ol süri haçan turup ugrasa, o-da taýagyny alyp düşüberýär onuň yzyna. Goýnuň bolsa yzyna düşseň, onuň ygyp barmaýan ýeri barmy?.. Bir gepinde şol aýtdy maňa: “Gaşyň ileri başynda haýsydyr bir Owgana barýan göçüň düşläp kül döküp, ony-muny galdyryp-gaçyryp giden ýerine gabat geldim. Özlerem olaryň aşak ýüzden gelip, Töreşyh tarapa gidipdirler. Düşnükli, oňa ýeten bolsa, Owganam onsoň ol ýerden uzak däl” diýib-ä şol bir gürrüň berdi... Hanuma göç hakynda, olaryň galdyran külüdir igi hakynda eşidende gürrüňiniň şol öz gaýdan ýeriniň adamlary barada gidýänligine düşündi. Ol: –Adam gaýry görmänmi? – diýip, olar barada köpräk bilmek isläp, ýene-de dillendi. –Wi, ýogsa-da, iki-üç günlükde gije onuň goşuna Owgana geçip barýanmy ýenekimi üç sany atly natanyş hem gelipdir. Sürini ýatyran Ýamadyň özüniňem şonda garnyny doýrup, nançy goýnunyň boýnundaky ýüpüni bir tarapyny goşaryna daňyp, ýaňy ýatjak bolup oturan wagtymyş. Bir görse gijäniň içinden: “Çopan aga, biziň habarymyzy al!” diýşip, iki-üç atly direnişip durmuş. Olaryň şonda ýanlarynda haly teň bir ýaralysy hem bar eken. Gelenler ody uludan gallap, şonuň ýagtysyna, pyçagyň ujy bilen onuň egnindäki gurşuny köwläp alypdyrlar. Melhem ýapyp daňypdyrlar. Ýaralanan juda mert adam eken diýýär. Ujy otda gyzan pyçak tenini daglap girende bir siňrigini ýygryp, gapdalyna gözledi. Soň ondan sesem çykmady üýnem” diýýär. Ýamadyň çeni olar şu golaýda bir ýaragly adamlar bilen atyşyp alan bolmaly. Gijäniň etegi göterilip-göterilmänkä hem olar ýene-de iýip-içip, biraz kuwwatlanyşyp, oňa duz çöregi üçin minnetdarlyk aýdyşyp, göterilişip gidipdirler. –Niräk gitdilerkän olar? –Ýamad-a ilerligine– Guşgy tarapa gidäýenler ýaly diýdi. –Olaryň kimdiginem bilip-bilmänmi? –Özleri aýdaýmasa, olardan sen kim diýip sorap bolýarmy, onda-da häzirki, atly-ýaraglynyň çölde köpelen döwründe. Olaryň käbiri şeýdip gelip, çopanyny öldürip maly hem sürüp gidiberýär. Häläm Ýamada duşanlar ganyma öwrülen netikazalar däl eken. Olaryň arasynda-da halal süýt emenlerem az däl borly. “Şaýat galmasyn” diýip öldürip giderlermikän diýip, janymda jan galmady – diýdi. Çopançylygam näme öwrenilen endik-dä. Hudaýa gaçylyp gezilip ýörülendir ýöne. Ýogsam halymyz hal üstünde diýlenidir. Haçan päliýamanyň ýoly üstümizden düşse, biz merkimizi alaýmaly. –Ol diýýäniňem dogry – diýip, Hanuma özümem şol dowgahyň içinde çykyp gelýänini ýatlap, Gullar çopanyň aýdanyny göwünjeň makullady. Gullar çopan on bäş-ýigimi gün mundan öň obada bolanyny ýatlap, ýene-de şol ilki başlanan gürrüňe dolandy. –Wi, ýogsa-da, Hanuma, siz meni gördüňiz-ä obada, kepretilden çykyp gelýärkäm!? –Hä-ä... – diýip, Hanuma-da ony görenini göwünjeň ýadyna saldy. –Şol günüň ertesem gaýtdym-da men, indem çoluk oba gitdi. O-da gelmeli şu günde, ertede. Bu gürrüň mahaly Gullar çopanyň boý-syratyndaky Ahmede bolan çalymdaşlyga Hanumanyň syny düşdi. Syn düşmez ýaly hem däldi. Gullar çopan gapdalyndan, ýeňseden synlanynda, özüniň ýeňsesini Kymyşlarça tüňňerdibräk ýöremek häsiýeti bilen, ol öz doganoglany Ahmede hasam keşmer-çalym berýärdi. Şu pursatda Hanumanyň ýadyna biygtyýar Ahmet düşdi. Hamala, ol hakykata öwrülip barýan ýaly, ýakymlydan bir üýtgeşik duýgyny başdan geçirdi. Ol Ahmat bilen öz jaýynyň gapysynyň öňünde hoşlaşyp duranmyşyn... –Näme sen eýýäm gidiberjekmi? – diýip, Hanuma natuwan bolup, onuň boýnundan gujaklaýar. –Gitmeli-dä... –Goýberesim gelenok. –Şonda-da gitmeli. Daň atyp gelýär!.. Hanuma goşda çaý-çörekden bolup, özüni howpsuz ýere atanyna ynanyp, arkaýynlanyp ugransoň, telim günüň ýadawlygynyň onuň süňňüni basmarlap ugranlygyny duýdy. Ukusy tutup gözleri ýumlup-ýumlup gitdi. Bir ukyny alyp biläýse-hä, dünýä täzeden inen ýaly bolup, terlenip turjagyny uky arasy bilen pikir etdi. Gullar çopan sürüsini örüzip, örä bakmaga alyp barýarka, Hanumanyň goşda edinen kölegesiniň aşagynda uklap galanyny gördi. Ol adam ýatanda derlän süňňüne şemal çalanda, üşek bolýanlygyny ýatlap, egnindäki ýekegat donuny çykaryp, onuň üstüne ýapyp ötdi. * * * Gullar çopan sürüsini öňüne salyp, şol gidişinden Gün ýagşy öýläne sanandan soň gaýdyp geldi. Hanuma henizem şol gyşaran ýerinde çiň-arkan düşüp, tagty-eýwan bolup ýatyrdy. Telim gün bir doýa garna iýip-içmegiň köýünde bolan hem bolsa, iýsin-içsin diýlip, gapdalynda goýlan zatlara hem ol oňly batyrynmandyr. Gullar çopanyň iýgin diýip goýan zatlary onuň gapdalynda henizem başy bozulman diýen ýaly durdy. Bar iýeni iki barmak nan bilen, iki käse çaý-çorbasy bolupdy. Çölde ygyp-tozup ýörmek, howp-hatarly aladalar, düşüp görlen günler baradaky bir-birinden ýeňil bolmadyk oý-pikirler bu üç gün içinde Hanumany diýseň ýadadypdy. Ol şol wagt: “Biraz gyşaraýyn, soň turup ýene garbanybererin” diýip, pikir eden-de bolsa, gaflat uky bir goltugyna dolap alansoň, ony galdyrmandy. Onsoňam ol: “Indi özümi öz adamlarymyzyň arasyna atdym” diýibem birneme arkaýynlanypdam. Ynjalykly alnan ukynyň lezzetem üýtgeşik bolýar. Gullar çopan bir esewan bolsa, Hanumanyň köýneginiň etegi ep-ýesli boýna tarap çyzgalyp çekilipdir, kiçi köýnegiň bir bölegi biraz jaýjanaklap arasy açylan satanlaryň aralygynda bir ýere üýşen ýaly bolup, aýaklar arasynda gözilginç halda tümmek tutup dur. Birgeňsi ak baldyrlar, keýigokara darahdyny ýatladyp, hasam gözilginç bolupdyrlar. Zandy görmegeý zenanlar dünýäni unudyp, süýji ukuda ýatan wagtlary dagy hasam owadan bolýarlar. Munuň şeýledigine häzirki pursatda Gullar çopanam şaýat boldy. Ol öň Hanumany beýle görmegeýdir öýtmeýärdi. Dogrusy, ol bu gelni henize çenli beýle ýakyndan dikanlap synlabam görmändi. Onsoňam türkmençilikde, özüňe tagallyk bolmadyk zenan dikanlanylyp synlanylyp ýörülmeýär. Bu gezek welin Gullar çopanyň ondan gözüni aýrasy gelmedi. Çöl-meýdanda seleňläp ýatan islegli gowulyga öwrülip ýatan gelne onuň halys göwni gitdi. Ýüreginiň urgusy üýtgäp, damarda ganyň başgaça aýlanyp ugranlygy belli boldy. Erkek adam bolup beýle görmegeý zenan şeýle ýagdaýda duşanyňda, onda-da Gullar ýaly ýigrimi günläp, bir aýlap aýal garasyny görmän, onuň arzuw-höwesin-de bolup ýören çopan bolanlygyňda, bu ýagdaýyň öňünde durmak asla aňsat däldi. Başda bir-birinden lezzetli, özüne çekiji arzuw-höwese öwrülip barýan pikirler soňra çyrpynyp, joş urmaga başlady. Çola ýerde dagy duşanyňda bu pursady sypdyryp bormy? Çopan niýetini bozup, gyzgyn zenan eginlerinden aslyşyp, demiňi onuň demine gatmagyň, depelenip duran memme depeleriň üstünden bürgüt bolup inmegiň görlüp eşidiledik lezzetdigi barada oýlandy. Hanumanyň aýaklarynyň ýalaňaç ýerinden çalyp tutakget-de, olaryň hersini bir egnine alyp, töwekgeliň işini Taňry oňar edip, onuň hezilligine, mähir-muhabbetine goşulmak isledi. Şeýdibem Hanumanyň höwesi Gullar çopany barha möwç alyp barýan sile öwürdi. Bagtly pursat şeýle bir golaýlapdy welin, Gullar çopanyň hyjuw bilen böwedi böwüsjekdiginiň indi ujy iki däldi. Bary bir ol şu pursatda özüniň näme-näme edýänligini hem unudypdy. Onuň gözleri diňe häzir öňünde bir enaýy bolup, “Ine, men!” diýip serlip ýatan zenandady. Şol arada Gullar çopanyň beýleräginde köw-söw edip ýören köpek bir del adamy ýa-da süriniň töwereginde sümsünip gezýän tilki-şagal gördümi nämemi, duýdansyz ýagdaýda duran ýerinden dyzanyp üýrüp, haýbat atyp, Gullar çopanyň gapdalyndan hasanaklap geçip gitdi. Itiň alahasyrdy bolup gitmegine kimdir biri goşa ýetip gelýändir öýtdürip, Gullar çopanyň badyny aldy. Onuň päline “kuh” berenligi belli boldy. Köpegiň bu bolşy Gullar çopanyň jany dagy hut dik degdi. Gören garasyny kowalap giden it gaýdyp gelen wagty Gullar çopan gapdala atan çopan taýagyny aldy-da, ony: “Hä, seniň bir…” diýip, ite aýlap saldy. Taýaklanan it çyňsap esli ýere çenli gaçansoň, şol ýerden yzyna gözläp, eýesiniň bolşuna düşünip bilmän, geň galyp, ümürläp seredip durdy. * * * Jemal mama bu habar düşmezinden birki gün öň düýş gördi. Düýşünde ýaňyrak daş çykan Ogulbike köwşünde öýe gar alyp gelýär. Jemal mama onuň daş gapyda aýagyny kakmagy unudyp girip gelýänini görüp, allaniçigsi bolup oňa käýinýär: –Heý, weý, daşarynyň ähli garyny öýe getirdiň-le sen! Aýaklaryňy bosaganyň öňünde kakyp-kakyp geliberseň bolmaýarmy? Hemişe-de öz çaga hereketleri bilen biraz alada goýýan Ogulbike bu gezegem bolmalysy ýaly boljak bolup durmady. Ol aňyrdan gelşine aýaklarynyň gary bilen düşegi basgylap, töre geçdi. Jemal mama onuň bolşuni görüp alada galyp: –Men saňa aýagyňy kakyp gir diýmedimmi näme? Diýen etmez eken şu çaga. Kak, yzyňa dolan-da, gapynyň öňünde aýaklaryň garyny? Mama nägile bolup samyrdan wagty, ony Akjagülüň ukuly sesi oýardy. –Mama, mama, düýş görýäň-ä, oýansana!? –Hä, näme? –Düýşüňde bir zatlar diýib-ä samyrdaýaň! –Ogulbike hany? –Ana, ýatyr-a aňryňda! –Wi, hä şeýlemi? Men şu garda geýinmän, başy açyk daş çykyp gidiberdimikä diýipdirin. –Hany, gar barmy nä? –Ýaň-a bardy... Düýşümdir-dä onda. Düýşi ak gar bilen bagly bolansoň “Ak zat alnyňa ýagşy” diýen ynamy ýatladyp, mamany biraz-da bolsa haýsydyr bir bolaýmagy ahmal gowulyga tamalandyrdy. Ol bu gowy düýşüniň yzyndan ol haýsydyr bir bulaşyk düýşi görerin öýdüp, soň uklamady. Garly düýşünden aýrylasy gelmedi. Nireden geljegi belli bolmasa-da, şundan soň haýsydyr bir gowulyk hä diýmän gapysynan ätläp, bat alyp başlaberjek ýaly tamaly duýgy döretdi. Mama Alatagalla sygnyp, gowulyk diledi. * * * Sürgünleriň gidenlerine bir ýarym aý diýlende, Soltanýaz agalar Gully eminiň kiçi ogly Kämirandan hat aldy. Bu habar oba ýaýransoň, olaryň öýüniň gelim-gidimi köpeldi. Her gelen biljekden, eşitjekden. Hat sürgünden gelensoň, onsoňam ol Gully eminlerden gelensoň, olar barada eşidesi, bilesi gelýänem kän. Adamlar hal-ahwal soraşyp, ondan-da gelýärler, mundan-da. Soltanýaz kilwanyň hat bilýän ogly Nazar bolsa her gelene ol haty okap berip, öz şatlygyny olar bilen paýlaşýar. Jemal mama ilki “Soltanýazlar sürgüne gidenlerinden hat alanmyşlar” diýip, eşitse-de, onda öz hilesi bardyr öýtmänsoň, bu ýagdaýa şeýle bir ähmiýet beribem durmady. Orazgeldi dagy olar bilen äkidilseler-de, bir ýere düşerler diýen pikir şol mahal kimiň kellesine gelipdi. Oba bolsa henizem ogryndan-dogryndan olaryň gürrüňini edýärdi. Birnäçeler olaryň alys bir ýerlere äkidilip atylandyklaryny gürrüň etseler, ýene birnäçeler: “Atjak bolsalar, şu ýerde olary atyp bilenoklarmy nä, atjagyny bolşewik öz golaý-goltugymyzda – Handepede-de ýoklap durmanmy näme, ilem bir zat diýmeli diýseler, ýöne diýip goýberýär, diliň süňki ýok diýleni-dä” diýip, bu pikiri öz aňynyň çäginde şübhe astyna alýardy. Haçanda Nazaryň ýanyna bir iş bilen baran Kymyş duzçynyň agasynyň ogly Sähetdurdy haty okadyp diňlänleriň biri bolansoň gelip, Jemal mama: “Gelneje, şol hatda biziňkiler barada hem käbir zatlar ýazylypdyr. “Ýanymyzda Kymyş aganyň ogly Orazgeldi hem maşgalasy bilen bar... diýlipdir” diýensoň ol galkyndy. Indi ol haty okadyp, onda ýazylan zatlary öz gulagy bilen eşitmese, ynjalyp bilmejegini bildi. Sürgüne gidenleri barada bir zat eşidip bilmek onuň gije-gündiz Alladan edýän dilegleriniň biridi. Enäniň gökdäki dileginiň ýerde gowşanlygy belli boldy. Ol şol günüň özünde agtyklary Akjagüldür Ogulbikäni hem yzyna tirkäp, dessine Soltanýazlaryň oturan bölejigine tarap ugrady. Olar bärden baranda her öýe gelenlere haty okap berýän Nazar daş işiklerinde aýlanyp, ol-bi öý işlerine güýmenip ýördi. Ol Jemal mama dagyny görüp, olaryň hat üçin gelendiklerine düşündi. Jemal mama salam berip: “Gelneje, siz öýe giriberiň, gelniňiz bardyr, menem, ine!” diýip elindäki çarşagyny gapdalda seňňer baglap duran ot üýşmegine sançdy. Nazar diýşi ýaly köp garaşdyrman, daşda duran kündükden elini ýuwup ýetip geldi. Jemal mamadyr onuň agtyklary içirek girip, Nazaryň: “Geliň mamasy” diýip, açyk ýüz bilen garşylan aýalynyň gapdalynda öz mähribanlary barada hata ýazylany eşitmäge howlugyşyp, sabyr saklaşyp oturdylar. Her gezek sürgüne gidenler ýatlananda bolşy ýaly, ýene-de ol gidenler Orazgylyjyňkylar bilen olaryň gözleriniň öňündedi. Ogulbikäniň ýene-de ilki ýadyna wagtal-wagtal basa düşüp, özi bilen deň sarmanaklaşyp ýakalaşýan jigileri –Alla jandyr Akgy jan düşdi. Olar bilen basdaşlyk edenine, käte ikisinem güpürdedip basyp, bir ýerlerini agyrdanyna ol indi diýseň ökünýärdi. Käte pikirinde: “Alla jan, Aky jan, sizi ýaman göresim gelipdir, geliň, gelseňiz bolýar. Indi size barmajygymam batyrmaryn, meniň jiger-janlarymam!” diýip, olar bilen gaýybana gürleşibem hamsygýardy. Nazar öýüniň törüne geçensoň, keçäniň aşagyna goýan hatyny ol ýerden aldy-da, gatyny açyp, soňam ony hamala “Gurhan” sürelerini okaýan ýaly, sesli doga sanaýan hörpde okap ugrady. Nazar hem Gully emin rowaç döwürleri onuň Buharadan oba çagalaryna ders bermek üçin ýörite getiren özbekmi-täjikmi bir molladan üýşüp sapak alan oglanlaryň biridi. Molla birnäçe ýyldan ýurduna gaýdanda “Yhlasymy Kämiran aldy, edebimi Nazar aldy, bilim gorumy Gurban baýyň agtygy Seýit aldy” diýipdi. Soňra şol halypasy bilen gidip, Buharada bilim alyp gelibem oňa meňzäp, obada oglan okadanam Jemal mamanyň doganynyň ogly şol Seýit bolupdy. Orazgeldem, Orazgylyjam ondan özlerine ýeterlik hat-sowat öwrenen oglanlardy. Kämirandan hat gelensoň, “Biziňkiler näme hat ýazmaýarkalar ýa olar kagyz, galam tapmaýarlarmykan, täze hökümetiň bu bilim diýip, likbez aýal-ýerkegi okatjak bolup sürüp ýörşüne-gä seretseň, munda adamkärçilik, sylag-serpaý diýlen zat tapylmasa-da, galam bilen kagyz-a tapylmaly” diýşip kemsinerdiler. Hat ilkinji jümlesinden oturanlaryň hemmesiniň ünsüni özüne çekdi. Ol şeýle diýip başlanýardy: “Kim diýip soranyňyzda, öz biriňiz Kämiranyň, atam Gullynyň, agalarym Seýitmyradyň, Abdysemediň, inim Tyllanyň gelnejelerim Gurbanýazyň, Akjemalyň we beýleki ähli dogan-garyndaşlaryň tarapyndan size köp dogaýy salamlar iberýäris. Hal-ahwallarymyz barada aýdar bolsam bolsa onda şeýle, obadan alyp gaýdansoňlar, bizi Tagtabazara eltip dykdylar bir howla, görsek bu ýerde eýýäm adam bary bar eken. Bala-çaga, uly-kiçi byg berýär. Milleti bolsa ýene-de sürläp getirip durlar. Hamala ähli pendililer bir ýere üýşürilip, sürgün ediläýjek ýaly. Üç-dört gündenem asdansiýa getirip, waguna ýükläp, Mara ugratdylar. Şol bizi yzan-da-çuwan edip waguna ýükläp durkalar beýleräkde biz obadanam Ýagdy kemsit, Hardat kerretilçi, Aman OGPU bilen at üstünde gürleşip duran ekenler. Wagunyň gapysyny ýapjak mahallary OGPU bilen ýene bir ol ýerde duran nätanyş golaý gelse-de, biziňkiler özlerinde müýn duýdularmy nämemi, gelip hoşlaşaýmaly ýaly hem bolsalar, şol duran ýerlerinde galdylar. Atam olaryň bolşuny görüp: “Ýok, ol ikisi biziň ýanymyza gelip bilmez, müýnlüdirler. Ha, bu oglanlar döwür-döwran hemişe özümizde bolar öýdüşip ýalňyşýarlar... Gör, olar nijeme adamlaryň soňuna çykdylar... Olar il boýnuna atan syrtmak halkalarynyň soňra öz başlaryndan injeginden bolsa habarsyz” diýdi. Atamyňam olaryň: “Sag-aman geliň!“ diýen gepini eşitmäge göwün edenligi belli boldy. Biz Marydanam gaty wagonlarda gyslyşykda Daşkende telim gün ýöräp ýetdik. Şol töwerekde galdyrýamyşlar diýip, bir myş eşitsegem, ýöne üç-dört gün wagon bir gabalgada saklapansoň, ýene-de ýola düşdük. Indi görüp otursak, bizi gazaga, onuňam çet bir ýerine alyp barýan ekenler. Oňa gazagyň öz ýeriniň üsti bilenem az ýöremezden, orus ýerleriniň üsti bilen aýlanyp barmaly eken. Otly öwrüm berip, gündogara aýlanansoň, howa-da belli bir derejede serginleýän eken. Bu serginlik kapas ys-kokly wagonlarda gelýän adamlara nähili bolsa-da özüni dürsemäge medet berdi. Otly bolsa Orenburg, Orsk, Torsk, Çelýabinsk, Petrozawodsk diýen ýerleri bat-bat basyp süýnüp barýar. Telim bir gün ýol ýöräp, ahyr soňy biz Akmolla şäherine geldik, ol ýerdenem bizi arabalara ýükläp, paýu-pyýada ýöredip, şäheriň 75 kilometrligindäki 31-nji barak diýen ýere alyp geldiler. Gazaklar bilen goňşy otyrmykak öýtsegem, bäri-bärde onuň ýeriniň aňrybaşy ýok eken. Bu ýerde başga ýerlerden sürgüne getirilen bir bölek adam ýaşaýan-da bolsa, bize girere sümelge tapylmady. Jaý gurmak üçin indi kerpiç guýup ugradylar. Atam-da şol ýerde goýlan kerpiçleri guratmak, daşamak işlerinde işleýär. Men bolsa agalarym bilen polowoýstan diýen ýerde daýhançylyk edýän. Bugdaýy bu ýerde güýze ýetirip orýan ekenler. Her işläne 750 gram günemmalyk nan berilýär. Şonuň üçinem biziň hemmämizem işlejek bolýarys. Akjemal gelneje hem biziň keýwany ýene-de bir topar aýal-gyzlar bilen şu ýerde däneçilikde işleýärler. Kymyş akganyň uly ogly Orazgeldi hem biziň goňşymyz. Öýlerine aýdyň olaram sag otyrlar, köp dogaýy salam aýdýarlar. Onuňam aýaly Oguljuma gelneje biziňkiler bilen şol bugdaýda işleýär. Orazgeldi akgaň özi bolsa araba sürýär, şähere däne çekýär. Obaçylykda onuňam çagalaryna özleri ýok wagty biziň garry gelnejemiz seredýär. Işleşip, doly iki paýok alyp ugranlary bäri olaryňam ýagdaýlary has gowulaşdy. Hudaýa şükür, durmuş gowulaşyp barýar. Işleseň hor-zar bolmasa boljak. Ýöne bu ýeriň gyşy gaty gazaplymyşyn, görlüp-ýeşidilen dälmişin, ýyly geýim gerekmişin, ellik, jorap, dolak ýaly zatlar hökmanmyş. Eger mümkinçiligiňiz bolsa, ýüň ugradyp bilseňiz, aýallar ellik, ýeneki örer ýaly. Şunuň ýaly zadyň ýagdaýyny Bally ýaly bolşewigiň ähli zadyna goşulyp ýörenler gowy bilýändir. Soraň, ugruny biler şolar! Bizden dogan-garyndaşlara, soran ildeşlere köp dogaýy salam aýdyň. Hudaý hor etmese, bizem hor bolmarys. Sag boluň. Biziň salgymyz. Demirgazyk Gazagystan, Akmollinsk, 31-nji poçta bölümi. Kämiran Gully. 1932-nji ýyl». Haty diňlänsoň, Jemal mama Nazaryňkydan onuň aýalynyň göwünjeňlik bilen “Mamasy noýbalyja unaş bişip dur, nesibäňizi iýip gidiň!” diýenine hem seretmän, agtyklary bilen öýüne howlukdy. Nazar olara: “Kymyş akga-da okap bermeli bolsa geläýsin, ýa oglan ibersin, haçan diýse, özüm baryp okap berip gaýdaryn” hem diýdi. Nazar hatda Kymyşlar baradaky habar bir oýnam bolsa-da, onuň bulara juda gerekdigine, dertli ýüreklerine melhemdigine düşünýärdi. Şonuň üçinem ol hatyň şol ýerini bulara iki gezek okap berdi. Kymyşlar hoş habary eşidip, ol ýerden aýaklary ýeňläp, hatda özlernniňkileri hem ýatlan Kämirandan bolsa minnetdar bolup gaýtdylar. Ýolda gelýärkäler gidenleri baradaky, olaryň sag-salamatlygy baradaky hoş habary eşidip, göwni galkynyp begenen Ogulbike dänjiräp Akjagülüň saçynam çekip goýberdi. Akjagülem hem ondan kem galmajak bolup, bir eli bilen başyndaky tahýasyny gaçyrmazlyk üçin tutup, beýleki goluny salgap, onuň yzyndan kowalady. Jemal mama agtyklarynyň gaçyşyp-kowşup ýörüşlerini görüp: –Haý, saçy kesilmişler, goýuň dänjiremäňizi. Uly gyz çykyp barýan halyňyza köçede hölpüldeşip ýörmäge utanaňyzokmy, gören-eşiden näme diýer! – diýip, agtyklarynyň yzyndan söýünçli käýinjiredi. Olaryň begenjine, göwün galkynmasyna bolsa buýsandy. Sebäbi maşgala bölünip gideli bäri begenere zat bolmandy, öý gidenlerini ýat edip, gaýgy-hasratda ýaşaýardy. Jemal mamanyň özi-de oglunyň, gelniniň, bir-birinden mähriban agtyklarynyň habaryny eşidip begenipdi. Onuň gözleriniň öňünde begenç gözýaşlary balkyldap, püre-pür bolup durdy. Şonuň üçinem häzir öňde kowalaşyp barýan agtyklaram oňa ganat baglaşyp, ümür-dumanyň arasynda gaýmalaşyp uçuşyp ýören ýaly bolşup görünýärdiler. Häzir onuň töweregindäki agaçlar, Agajan murtuň gerlip, dyrmyşyp, üzüm ýaprak iýýän şahly geçisem, jaýlardyr öýlerem şol ümürdir dumanyň içindediler. Ol gözleriniň öňüni tutan gözýaşyň özüniň uzak ýöretmejegine, aýagynyň aýagyna çolaşaýmagynyň mümkindigine, birazam bolsa bir ýerde dyz epmelidigine düşündi. Ýoldan biraz gapdala çekilibem, şol ýerde başyny tutup çommalyp oturdy. Göz öňünde bolsa gözünden uçan agtyklary: “Mama-da, mama” bolşup, onuň aňynda, töwereginde şowhunly pelesaň urşup ýördüler. Daş işikde gapysyny syryp ýören Garlynyň aýaly Sarygül Jemal mamanyň başyny tutup, ýol üstünde oturanyny görüp, oňa bir zat bolanyny pikir edip, elindäki sübsesini gapdala atdy-da, garrynyň halyndan habar almaga gyssandy. Aňyrdan gelşine-de: –Mamasy, size näme bolýar? – diýip, halyny sorady. Jemal mama: –Hiç zat. Biraz başym aýlanjak boldy – diýdi. Gelin ýene-de: –Ýörüň, onda men daşaryk düşek ataýyn, başyňyz düzelýänçä biraz biziňkide oturyberiň! – diýip, garrynyň goltugyna girip, kömek edip ony öz gapysyna äkidermen boldy. Emma Jemal mamanyň şol çöken ýerinde oturaýanyny kem görmeýänini görensoň, ol gidip, öýünden bir jam suw getirdi-de, biraz aýňalmaga kömek eder öýdüp, Jemal mamanyň el-ýüzüni ýuwdurdy. Jemal mama ýolda oturyp, biraz özüni ele alyp, aňyrdan gelende eýýäm begenişip özünden ozup gaýdan agtyklarynyň daşarda oturan babalaryna hat barada, bir-birlerinden öň geplejek bolşup, şüweleňli jammyldaşýandyklaryny gördi. Jemal mama gelensoň, hat barada Kymyş duzça özüçe gürrüň berdi. Gep arasynda Nazar Soltanýazyň: “Kymyş akga okap bermeli bolsa, habar edäýiň, özüm baryp okap bererin!” diýenini hem minnetdarlyk bilen ýatlandy. Iki garry şu ýerde öz ogullarynyň hem şeýdip, özlerine hat ýazaýmaýandyklaryna göwün edişip gynandylar. Gully eminiň molla oglundan bolsa hatda özüniňkiler barada maglumat bereni üçin, ondan minnetdar boldular. Birazdan Kymyş duzçynyň özi hem Soltanýazlara gidip, şol haty okatdyryp, onuň oglanlary hakyndaky ýerini öz gulagy bilen eşidip gelermen boldy. Ýogsam ynjalmajagyny bildi. Ol gitmek üçin töweregini sermenip, hasasyny gözläp ugran mahaly, onuň nirä hyýallananyny aňan Ogulbike oňa ýüzlendi. –Baba, Nazar akgalara gitjekmi? –Hawa, oglum, haty menem öz gulagym bilen bir eşidäýsem diýýän. –Baba şol hatyň özümiz baradaky ýerin-ä men ýatdanam bilýän, aýdyp bereýinmi? –diýip, gojany geň galdyrdy. –Meniň gyzymyň ýady gowudyr. Eşitdigi dessine ýat belläp alýandyr – diýip, gapdaldaky sandygy açyp, ol ýerden nämedir bir zatlar gözläp ugran Jemal mama hem ol ýere ýene gitmek nämä gerek, Ogulbikäni diňläý, diýen manyda gürledi. Ogulbike babasyna sürgünden gelen hatyň özlerine degişli ýerini Nazaryň hat okaýşyna meňzedip, onda ýazylan jümleleriň hersine aýratyn labyz berip, ýatdan okady. Kymyş duzçy agtygyny diňläp kanagatlandy. Soňam oýurganyp: “Sag-aman gezip ýörenlerini eşitdik, Hudaýa şükür, atylmanam, türmä, ýenekä basylmanam ekenler. Nazara aýtmaly, yzyna hata jogap ýazanynda, biziňem habarymyzy ber diýmeli oňa! Goý, sag-amanlyk diýip ýazsyn. Ýazyp bilseler, özlerem hat ýazsynlar diýsin. Orazgeldimem, Orazgylyjymam hat-a bilýän bolmaly. Olary medrese gutaran öz daýysy telim ýyl okatmadymy näme? Ogulbike ýene durup bilmedi: –Baba, haty özümiz ýazaýalyň, men olaryň bolýan ýeriniň belgisinem ýatdan bilýän – diýip, baba-mamasynyň ýüzüne haýyşly gözledi. Hamala Ogulbike eýýäm özünden öňürdip, ol ýazylmaly haty ýazyp barýan ýaly Akjagül hem şundan soň dessine gapdaldan gepe goşulyp, ýene basdaşlyk etdi. Ogulbikäň ýüzüne çytylyp seredip: “Ýazaňda-da kim seniň hatyňa düşüner, hatyň it otlan ýala seniň!” diýibem, oňa göwnüýetmezçilik etdi. Çetine deglen Ogulbike: –Baba, şu gyzyň henizem söte ýaly bolubam meniňki ýaly haty türgen, şarlandyryp okap bilenok-da! – diýip, onuň kemsitmesine kemsitme bilen gaýtargy berdi. Jemal mama ýene käýinjiräp ara düşdi: –Goýuň-a, berebekgeý serçeler, jammyldaşyp ýürege düşdüňiz-le! Gazakdan gelen hoş habar Kymyşlary galkyndyrdy, umytsyzlykdyr lapykeçlikler ýene-de arzuwdyr höwese öwrülip ugrady. Gol doly döwletli döwranyň şeýdip, düňderilip gidensoň rahatlyk tapyp ynjalyp bolýarmy? Onda-da ogluň ogul, gelniň gelin ýerinde bolup, agtyjaklaryň daýyrdaşyp, öz oýunlary, boluşlary bilen öýi şatlykly bazara öwrüp ýören mahalynda. Hemişe şeýle ýagdaýda edilişi ýaly maşgalanyň öz şatlygynyň daş-töweregi bilen paýlaşasy geldi. Ýogsam bu şatlyk Kymyşlary wagty bilen ýere gondurarly däldi. Jemal mama gele-gelmäne iş-ýumşuň agtyklarynyň hakyndan çykýanlygyny ýatlap, özüniň kakadyp alan erik-kişdelerini goýan ýerinden tapyp, şondan töwerege gyssym-çaňňal ugradyp, daş töweregindäki goňşularynyň agzyny süýjedermen boldy. Emma soňra muny-da az gördi. Dessine agtyklarynyň hersiniň elline bir kersen-çanak bugdaý berip olara: “Baryň daýyňyzyň degirmenine gidiň, Ballyň degirmenem haçam görseň adamlydyr, Aýsoltan daýzaňyza diýiň, size nobat beýleki diýip durmasyn. “Mamam nan ýapjak, tiz dolanyň diýdi diýiň!” diýip, tabşyryp, olary öz dogany Jumanazar baýyň eldegirmenine ugratdy. Ogulbikedir Akjagül gezekli-gezegine degirmen aýlaşyp, bir salymdan äkiden bugdaýlaryny üwäp, una öwürdip getirdiler. Olaryň köýneklerinde, ýüzlerinde, maňlaýlarynyň kä ýerlerinde un ýokundylary bardy. Jemal mama muny görüp agtyklaryna: –Baryň indi öýe giriň-de, köýnekleriňizi kakyşdyryň, el-ýüzüňizi ýuwuşdyryň, bar ýeriňize un ýokduryp, kilwana öwrülipsiňiz-ä! – diýip, käbir halatda entegem olaryň edýän işlerini, edilmeli başarnyk bilen däl-de, çagalarça edýändiklerini özüçe belledi. Şularyň ýerine häzir işlerine ygtyýar gelinleri bolanlygynda olaryň hamala bu işe el urmazdan, una bulaşman degirmenden gaýdyp geljeklerini, gyzlaryň bolsa entek bu işleriň oňly abyny-tabynyny almanlygyny pikir edip, goşa gelinli döwrüni aýratyn bir küýseg bilen ýatlady. Agtyklary kakynyşyp-silkinişip ýanyna gaýdyp gelensoňlar, Jemal mama olaryň öz gapdalynda kendirik başynda oturdyp, hamyr ýugurtdy. Hamyr etmek öz başyna düşüp ugraly bäri Akjagül indi belli bir derejede bu işiň abyny-tabyny alyberipdi. Onuň gollary suwdur uny bir-birine gatyp, ynamlylyk bilen hamyr ýugurýardy. Biraz kerseniň üstüne egilibräk, leňňer atybrak oturyşyna özüniň çyzgalan gollarynyň ýumruklaryny erjellik bilen onuň üstünden inderýärdi. Hamyr indi şapba-şapba depesinden inýän ýumrugy ogşap, özüniň taba gelenini mälim edip ugrapdy. Akjagül ýene biraz hamyry agdaryp, onuň galan eýini ýetirensoň, Jemal mama onuň üstüni ýapdyryp, bir gyra süýşürdi-de, alşyp-gelerine goýdy. Durmaly müddetini durup, hamyr güpüläp gelensoň, Jemal mama nan ýapmak işine agtyklary bilen Kymyşlarça biraz gyssanybrak täzeden girişdi. Akjagül hamyry kendirik üstüne togalap alyp, ony bir nanlyk, bir nanlyk edişdirip, böleklere bölüşdirdi. Ýaýyp-ýazyp, olaryň hersini repidä münäýmeli edip taýynlady. Jemal mamanyň özi bolsa daşaryk gidip, Ogulbike bilen tamdyra ot goýberdi. Ogulbike mamasyna önjeýli kömek etmegiň ugrunda çir-çitirdi. Tamdyryň gapdalynda durup, geriljiräp oňa odun salyşýardy. Her gezek ot güýçlenip, tamdyryň ýalyny daş ýüzleri bilen lowlap çabranda Jemal mama ony goraglap: –Eňseräk çekil, balam, saçyňy-gaşyňy çirkizäýme! – diýip, elini daldalap alada edýärdi. Ogulbikäniň çaga göwnüniň bolsa töwerekdäki aýallara özüni görkezip: “Tüweleme, Ogulbike mamasyna kömek berip ýör, tamdyr otlaşyp, tizden ol güpledip-güpledip, nanam ýapar” diýdiresi gelýärdi. Tamdyryň töwereginde höwes bilen “Mamasynyň kömek gyzy” bolup gaýmalaýardy. Jemal mama agtyklaryna degirmende bugdaý üwedip, hamyr etdirse-de olary tamdyra salmaga howlukmaýardy. Olary entek bu işe hötde gelerden ejizräk görýärdi. Hamyr gelip, tamdyra çykmaly bolanda köpülenç Ahmediň aýaly ilgezeklik bilen gelip: “Mamasy, nan ýapjak bolanyňyzda aýdyberiň, özüm gelip ýelmäp bererin. Maňa onuň kyny ýok!” diýip, ýaş gyzlaryň entek bu işe gatnyşmanlygyny özüniňem kem görmeýänligini duýdurardy. Ýöne soňky günler onuň haly teňdi, kömek bermekden geçen özi kömege mätäçdi. Gaýtam hepde-on günden bäri o-da, çagalaryny indi Jemal mamanyň aladasyna goşupdy. Şonuň üçinem birki gezekden bäri, tumaklyraklygyna seretmezden, hamyry ol gyzan tamdyra ýelmäp bermeli bolanda: “Baryň Kümüş gelnejeňizi çagyryň, ýelmäp berip gitsin şu hamyry!” diýip, onuň üstüne agtyklarynyň birini ýollardy. Kümüş barly hem ýagdaý-hally maşgalanyň keýwanysy bolansoň, ol töweregiň beýleki aýallaryndan edenli hem gepi ýörgünli hasap edilýärdi. Hatarda ärleri mertebe-mynasybetli Jemal mamanyň gelinleri Oguljumadyr Amangül barka onuň bu ýagdaýy duýulmazdy. Şeýle-de ol Jemal mamadan birneme çekinerdem, sähel doňuz tüýi ösüp, gepi-sözi gyşaryp-üýtgäp ugrasa, mama onuň göni ýüzüne gelip, gylawyny alardy: “Gopalman-galgaman öňki bolşuňa bolubergin, gelin baý! Bujagaz günüňe masaýynmagyň, öňde geçmeli ýol-çil kändir entek... Bu bäşbelalar heleýi gaty gowy görýän-de bolsalar, heleý halyňa taň edip, şah çykaryp süsüberseň welin, dessine seniň şahyňy döwüp, heleýligine dolap getirýändir bular” diýerdi. Onuň şeý diýşi ýaly, Ballam hem Kümüşden agasydyr ýeňňesi hakda bir gyşygrak gep eşitse, şol pursatda eline ilen zat bilen bererdi onuň güpesine. –Sen kim bolupsyň tuga deperçe, sen kim bolupsyň ojaga tüýkürerçe! – diýip, ol bir gazabyna tutup ugransoň, Kümşe onuň öňünde durmak aňsat düşmezdi. Bally başga wagtda hem agasydyr ýeňňesi bilen baglanyşykly bir gep ara gelende, aýalynyň hem bilip goýmagy üçin olaryň özlerine eden ýagşyklarynyň käbirini ýatlabam goýbererdi. Köplenjem ol öz gürrüňini: “Biz, bäşbelalaryň hemmesi Kymyşyň ojagynyň başyndan turandyrys. It-yssywada mätäç ýetim-ýesirimiz bolsa hemişe ýetik bolupdy. Gözümiziň çyzyldygy biz her gün irden şol gapa barardyk; beýleden Garajumaňkylar: Arnageldi, Magsut agasy Mahynyň söte ýaly gyzy Öwkänäm arkalaryna hopba edişip gelerdiler, bärdenem biz ymysganyşyp bararys. Gelnejem kyn görmezdi, hemmämizi ojagyň töwereginde oturdyp süýt-gaýmak bilen baryndan nan, nahar bilen naharlar. Biz şol günler oýnanymyzda hem şol öýüň töwereginde oýnaýanymyzy kem görmeýärdik. Gelnejem başga zat tapmasa, gara-çorba ederdi welin, bir zat bişirerdi, öz çagalary bilen tabak başynda bileje oturdyp bizem naharlardy. Onuň ýaly bolaýmak her ýeten heleýiň syrtyndan geläýmez” diýerdi. Gelnejesi bilen agasynyň öz gadymky atalary Muhammetgylyç serdaryň ojagynyň mynasyp, rysgal-döwletli eýeleri bolandygyny, özüniňem şolar ýaly ýalkap-ýalkanyp oturan öý bolmagy isleýänligini mälim edip, onuň gulagyna guýardy. Tamdyryň ody-ýalyny ýetip, gyzaryp-bozaryp ugramagy bu tamdyryň taba gelmeginiň alamatydy. Diňe şeýle bolan ýagdaýynda ol ýapan hamyryňy bir salymda Güne meňzeş tegelek nanlara öwrüp berýärdi. Çörek bişirmäge ökde aýallar hut şu pursatda hamyr arkasynyň ýelim çalnan ýaly tamdyra şapba ýelmeşýänligini gowy bilýärler. Şonuň üçinem olar: “Bu gelin-ä Aý ýaly nanlar ýapdy” diýdirmek üçin, bu pursady ezberlik bilen peýdalanýarlar. Ogulbike: “Mamam hamyrymyzy ýelmäp bersin!” diýdi diýip, gelende, Kümüş öýde Ballynyň myhmanly gelerin diýenini ýatlap, onuň öňünden geçmek üçin biş-düşüň ugruna çykyp ýördi. Ol Ogulbikä “Ine, barýan...” diýenem bolsa, nahar-şoruň aladasy bilen güýmenip, biraz eglenç edenini hem duýman galdy. Ýöne tabyny alan tamdyr halap garaşyp durkan, ol seniň eglenç, ýenekiňe seredip durýarmy? Kümüş aňyrdan howlugybrak gelen mahaly eýýäm Akjagül eline hamyrly repidäni alyp, daraklygyna galyp, geriljiräp, ýüzüne gyzgyn howur urduryp, oňa niýetlenen hamyry ýelmemekçi bolup dert-azar bolup durdy. Tamdyryň howry uran ýüzüni çytyp, kösenip, ony kese-kese sowýardy. Öz güýjüňden aňry işi etmek oňa entek ýeňil düşmeýärdi. Jemal mama küýkerlibräk durşuna oňa “eýt-beýt” diýip öwredişdirýärdi. Kümüş eneli-gyzyň aňsat düşmeýän işi etjek bolşup, dert-azar bolup duruşlaryny görüp howlukdy. –Mamasy, garaşaýmaly ekeniňiz-dä, ine, men geldim! – diýip, dessine aňyrdan gelşine Akjagülüň elindäki ebeteýini tapman duran hamyrly repidäni onuň elinden aldy. Jemal mama Kümşe ýol berip, tamdyrdan biraz yza çekilip durşuna: “Wah, men garaşjak-la, ýöne hamyr bilen gyzan tamdyr garaşanok” diýip, biraz nägileligini duýdurup gepledi. Mama gepini gutaryp gutarmanka Kümüş tamdyryň üstüne geriljiräp ikinji başarjaňlyk bilen alnyp berlen hamyry ýeňillik bilen tamdyra ýelmedi. Soňam ol şeýdilip ýasalyp repidä mündürilip berlen beýleki hamyrlaryny hem yzly-yzyna ezberlik bilen tamdyra ýapyşdyrdy, ody köpdür öýden mahaly gapdalda duran suwly kündügi goluna alyp, oda biraz-da bolsa basalyk bermek üçin, tamdyra suw sepeledi. Ol diňe ýapan hamyrlaryny ýalpyldadyp, göz guwaňdyryjy nana öwrüp, tamdyrdan ýeke-ýekeden goparyp durka: –Mamasy, bu gün-ä nanlaryňyzyň sanyny köpelden ekeniňiz! – diýip soragly dillendi. Jemal mama jonnuk pyçak bilen nanlaryň arkasyny gazap, galan-gaçan kesekmi-kesmekleri aýryp oturyşyna göwnühoş dillendi:. –Ýaňy gyzlar bilen Soltanýazlara gidip geldik. Onuň Nazaryna Guly eminiň ogly Kämirandan hat gelipdir. Olar Gazagyň Sibir diýen ýerine eltilenmişinler. Hatda “Ýanymyzda Kymyş agaň ogly Orazgeldi aga hem bar. Hemmesi başy bütin sag-salamat” diýlip ýazylypdyr. –Gözüň aýdyň onda, mamasy! – diýip, Kümüş hem begendi. –Taňryýalkasyn – diýip, Jemal mama-da begençli gutlagy üçin ondan minnetdar boldy. Bu ýakymly gürrüň alysdan gelen hoş habar bilen birlikde tamdyryň töwereginde duranlaryň hemmesiniň göwnüni göterdi. Jemal mama beýleki goňşy-golamlaryňam eşitse, şeýle begenjegini göwün hoşlap, kanagatlanma bilen pikir etdi. Nan ýapylyp, saçaga dolansoň, Jemal mama olary bölüp-bölüp, agtyklaryna düňkedip, töwerekdäki öýlere nan paýlatdy. Gidenleriniň baran ýerlerinde sag-aman bolmaklaryna berlen bu hudaýýolyň Taňry dergähinde kabul bolup, olara munuň geljekde-de hemaýat boljagyna ynanyp göwün ýüwürtdi. Bu gün Jemal mamanyňka onuň begenenini eşidip, “Gözüň aýdyňa”, maşgalanyň şatlygyny paýlaşmaga gelýänleriň sany az bolmady. Gijöýlänler “Kymyş aga, jora, öýdemisiň?” diýip, gapynyň öňünde Begendik ussa peýda boldy. Onuň elinde çekize halta meňzeş ak mytgal haltada üç-dört kilo töweregi tüwi-de bardy. Ol salam berip, içeri girip-girmäne elindäki haltajygy ojagyň gapdalynda oturan Jemal mama golaý goýdy. –Gelneje, şunda birazrak tüwi bar. Begenen günüňiz palaw dagy edersiňizmi nämemi? Onuň sözüne Jemal mama derek dostunyň hoş habary eşidip, göwündeşlik etmäge gelmegine göwni bitip begenen, öýüň töründe ýassyk tirsekläp ýatan Kymyş duzçy berdi. –Dogry aýdýaň, ussa Begendik! Bu gün murtlary bir ýaglamasak bolmaz – diýip, ony garşy alyp, düşünişme bilen gepledi. Tirsegine galyp, iki eplenip, at eýerini ýatladyp duran ýassygyň ýokary başyndan ata münmekçi bolanyň eýeriň gaşyndan çemelenip gysymlaýşy ýaly gysymlap, gozgalaň tapyp oturyşyna dosty bilen gadyrly görşüp, ony öz gapdalynda oturtdy. –Jora, geladyňmy? –Oglanlaryňdan habar düşenini eşitdim-de, jorama bir gözüň aýdyň aýdaýyn! – diýip gaýdyberdim. –Şuny oňarypsyz, ussa, ýogsa, bu ýagdaýda bir zadym kem ýaly bolubam durdy. A, indi bolaýdy. Kymyş duzçy soň oturan ýerinde kiçi agtygynyň adyny tutdy. –Ogulbikäm, owlak-gyzym. Bar gyzyl horazy tutup al-da, soýdur ony birine! Jemal mama agtyklaryny hem ýanyna alyp, höwes bilen daşardaky ojakda palaw bişirmegiň ugruna çykdy. Kymyş duzçynyň begenjine goşulmaga gelen bu gün diňe bir Begendik ussa-da bolmady. Giçlik işden gaýdyp gelensoň, gojanyň agalarynyň oglanlary ilen-çalanlarynyň birnäçesi – Sähetdurdymydyr Magsut, Arnageldidir Mahy, Hürtek, Bally, Rozmyrat, Muhammetnazardyr Öwezberdi Işanguly çakan dagy gözaýdyňa geldiler. Gelenleriň soňy bolup, Jemal mamanyň hossarlary Jumanazar baý ogly Hommady hem birnäçe özüniň ilen-çalanlaryny yzlaryna düşürip tirkeşip geldiler. Ýörite çagyrylyp getirilen Nazar Soltanýaz ol haty ölügsiräk ýag çyranyň yşygyna ýene-de iki-üç gaýra okamaly boldy. Oglanlary maşgalasy bilen sürgüne atarylany bäri, biraz egni gysyk görünýän Kymyş duzçynyň öýi galkynyp, ýene-de toýhana öwrüldi. * * * Kymyşlar telim günläp Gazakdan gelen hatyň täsirinden çykyp bilmän gezdiler. Hat okalany bäri maşgala Gazaga gidenleri bilen bagly ýakymly, tamaly duýgulary başdan geçirýärdiler. Bu şatlyk hasam Ogulbikedir Akjagülde gowy duýlardy. Asyl duýmaz ýaly hem däldi, olaryň ýüzleri açylyp, dişlerinde gülki peýda bolupdy. Indi olar buýrulan işleri, meýdan işleri bolsun, öý işlerini-de, şol sürgüne gidenlerini öz golaýlarynda duýşup, aýratyn bir höwes, yhlas bilen ederdiler. Olar deň-duşlaryna-da, ýolda-yzda gabat gelen dogan-garyndaş, ilen-çalanlara-da ol hat barada höwes bilen gürrüň bererdiler. Ogulbikä-hä hatyň özlerine degişli ýerini ýatdan okabam berýärdi. Nazara „Kämirana jogap hatyny ýazanyňda onda biz barada ýazmagy hem unutmawergin, sag-gurgun¬” diýip ýazawergin diýen-de bolsalar, göwünler munuň bilenem kanagatlanmady. Haty özleri ýazyp, göwünlerine jaýlamasalar, ynjalyp bilmejeklerine düşündiler. Şeýdibem Kymyşlaryň özleri kagyz-galam tapyp, ol hatyň daşyna geçdiler. Haty ýazmaga Ogulbike-de döwtalap bolanlygyna seretmezden, ony haty owadan hökmünde Akjagüle ýazdyrdylar. Salam haty Kim diýip soranyňyzda öz ataňyz, mamaňyz, Ogulbikäniň, meniň hemem ähli Bäşbela – Hojabegi ýarawlarymyzyň tarapyndan Gazakda sürgünde ýören mähribanlarymyz bolan Akgam jana, ejem jana, Alla jan bilen Rahmannazar posalamyza, Rahmanguly janymyza köp dogaýy salamlar bolsun. Gully Emin akgalaryň maşgalasyna-da bizden salam bolsun! Kämiran akga Soltanýaz agalara hat iberende ol ýerde siziňem barlygyňyzy ýazan eken. Sag-salamat ýaşap ýörenligiňizi eşidip, örän begendik. Hudaýa şükürler edip, mundan beýlägem sag-aman bolmagyňyzy Allatagalladan dileg etdik. Indi bizden habar sorasaňyz, bizem hudaýa şükür, sag-gurgun otyrys. Ahmet akgamlaram, Sähetdurdy, Bally, Mahy, Gully, Hürtek akgamlaram, daýy-daýzalaram sag otyrlar. Olaram duşan ýerlerinde siz barada sorap durlar. Köp dogaýy salamlar aýdýarlar. Ýöne Akgül gelnejem soňky wagtda biraz ýaramajak bolýar. Mamam her gün irden düýejä gatnap, şol ýerde biriniň köşeklije düýesi barmyş, ir bilen saglan badyna şondan bir käse düýe süýt içse gutular diýip, Nobat tebip aýdanmyş. Bally akgam hem şähere gatnap işläp ýör. Eje jan, menem, Ogulbike geçi gyzyň ikimizem sargap gidişiň ýaly akyllyja bolup ýörüs, mamamy käýindiremzok, ýöne siziň hemmäňizi ýaman göresimiz gelýär. Rahmannazar jany, Rahmanguly janymyzy gujaklap-gujaklap ogşasym, ysgasym gelýär. Olaram indi biraz ulalandyrlar. Ýa Rahmannazar jan henizem emmesinden göwün üzüp bilenokmy? Ýekeräk otyrkaň gelip henizem süýkenýärmi? Mamam-a “Süýdi bolsa emdiribersin, Anna pälwan-a 14 ýaşyna çenli emipdir. Enesi bir ýere gitjek bolanda hem onuň yzyndan ýetip, çukura salyp, öýe dulap hem emip galar eken diýýärler. Babam-a ene süýdüni köp emen çaga soň Anna pälwan ýaly pälwan, garadangaýtmaz bolýarmyş hem diýýär. Babamyňam indi siz gideniňiz bäri bir aýagy gawunda bolsa, bir aýagy öýde. Bugdaý ýerdäki samanymyzy ýygnap aldyk. Häzir bolsa aýagaldygyna pagtamyzy ýygýarys. Mamam her gezek pagtaly atyzymyzyň içine girenimizde: “Balamyň yhlasy ak patrak bolup açylypdyr“ diýip, oňa Orazgylyç akgamyň suw tutup, bejergi edip gezenini ýatlaýar. Orazgylyç akgamlardan entek habar ýok. Garaşýas. Olaram bir ýerden gara beräýedir-dä, Alla jan. Gara sygrymyz bar. Ateşegimizem bar. Ähli mal-garany kolhoz elden toplap aljakmyş diýilse-de enteg-ä olara degenoklar. Ýöne şura dagy bilen gelen adamlar bile bir aýlanyp gelenlerinde akgamyň münýän ýabysyny, çuwal bugdaýymyz bilen dört-bäş keçe-ýorganymyzy aldylar. Mamam-a: “Alsa alyp geçsinler, olaram sürgüne gidenlerimden gowy däldir. Sag-aman gelensoňlar, atam edinerler, öý-owzaram” diýýär. Ýöne Ýagdy şuraň enesiniň üstüne bir gidip: “Ýykylan öýüň zady ýykyljak öýe bararmyş”. Seniň öýüňem ýykyljak güni indi uzakda däldir!” diýip aýdyb-a gaýdypdyr. Ýagdy şuraň muňa juda gahary gelipdir. Ol ýakynda… “Indi kimi basmaly, kimi sürgün etmeli?” diýlende, “Kymyş yňdyrmany!” diýip, babamy görkezipdir. Hälem bagtymyza Bally akgam bar ýeken. Şol ulular bilen tirkeşip, içişip-göçüşip ýörensoň, babama zat diýenoklar. Ýagdy bir gezek soňuna ýanmak üçin babama öjügende, onuň şol uly işgär orus dosty oňa: “Ballyň şol goja agasyndan başga seň işiň tükendimi?” hem diýipdir. Şonda mamam bilen babam: “Iki barmak dile ygtyýar etmeli” diýşip, bir-birlerine igenişdilerem. Akga, Kämiran akga hatynda bugdaýda işleýäs diýipdir. Babam: “Dänäniň golaýynda işleseler, hor bolmazlar” diýär. Ind-ä näme işledip, hökümet olary öz iş-aladalaryna-da gatyp ugrapdyr. Hany işden gaçan barmy!?” diýibem begenýär. Akga, sizlere babam, mamamam hat ýazsyn diýýär. Ýene-de “Hemme zat geçer, üstüňi alyp durjak gara gün ýokdur. Magtymguly şahyr ”Dünýä, seniň bu gezekli gerdişiň” diýmänmi näme hem diýýär. Babamam, mamamam her namazdan soň sizi ýatlap, ýagşy dilegler edip, namazlygyň üstünde Hudaýa sygnyşyp oturýarlar. Akga, eje, onda men-ä sözümi häzirlikçe gutarjak. Hoş sag boluň. Gezen ýeriňizde sag-salamat geziň. Ähli bela-beterden Hudaý janyň özi gorasyn sizleri. Hatymyzyň jogabyna mamam, babam, Ogulbike, men bolup gije-gündiz goraşýarys”. Hat ýazylansoňam Ogulbike özi ýazmansoň, ony şeýle bir doly göwnüne jaý edip bilmedi. Onuň yzyny ýene-de dowam etdiresi geldi. Hat iberilmäge taýyn edilip, ertire çenli keçäniň aşagyna sokulansoň, ol töwereginiň bir çolalygyny alan mahaly ol haty özüçe ýene-de dowam etdirdi: Oňa: “Bar, hatym, bar, akgam jany görüp gaýt. Ejem jany görüp gaýt, Alla jany, Rahman jany görüp gaýt. Salamlary ýetirip, salamlaryny alyp gaýt. Özlerinem şol ýerden özüň bilen alyp gaýt” diýen ýaly jümleler goşuşdyrdy. Haty şol günüň ertesi Bally şähere gitjek bolup durka: „Özüň bir ýolun tapyp ugradarsyň!” diýip, Jemal mama gelip, onuň eline berdi. Hemmeler hatyň sag-aman öz mähribanlaryna baryp gowuşmagyny Hudaýa sygnyşyp, ýürek ezişip, dileg etdiler. | |
|
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |