14:24 Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy | |
• Ikinji bölüm
Romanlar
Baryp-ha 1917-nji ýylda bolşewikleriň hökümet başyna gelensoň, çaýkanyp ugran durmuş adamlaryň başyndan görlüp-ýeşdilmedik bela-beterleri indermek bilen, sarsyp-çaýkanmasyny henizem dowam etdirýärdi. Bu bolsa XIX asyryň ahyrlarynda rus patyşa goşunlarynyň Orta Aziýany basyp almak üçin ýakan-aldajy odunyň indi ýene-de täzeden çabramasy bolupdy. Ol oduň ýakyp-ýandyrmasy şondan bärigem bir ulalyp, bir kiçelip henizem dowam edýärdi, özi-de onuň indi haçan togtap-gutaržagy-da belli däldi. Sebäbi yrsarap degene-de degip, degmedige-de sürünýän yňdyrma bolşewikleriň dünýäde garşydaşlary köpelmese, azalarly däldi. Ilki başda bolşewik ýersize ýer, donsuza don berjekden bolup, adalat tutup, ejiziň arkasyny alarman bolup gelende, il içinde onuň hoşdilmine imrinenem az bolmandy. Halk arasynda “Päl-ä gowy munuň” diýlip, onuň patyşa hökümetinden has ýeg-gowy boljagyny tama edilipdi. Uzak wagtyň dowamynda uruş-gowgadan bizarlar bolan halk bolşewigiň boldan berýän bu wadalarynyň, onuň diýşi ýaly, parahatçylykly dynçlygyň örüsi bolmagyny isleýärdi. Şonuň üçinem halk soňabaka bolşewigiň özboluşly garaýatma keselidigini az-owlak aňyp ugran-da bolsa, badyhowalyga berlişip, onuň özlerine kast etjegine şol wagt juda bir ynanýanlar-da köpdi. Emma döwür bulaşyk-da bolsa, bolşewigiň öwzaýyna düşünmek üçin, özüňe zor salmaly bolýan-da bolsa, oňa wagtynda düşünen adamlaram az bolmandylar. Olaryň köpüsi-de barly hem ylym-bilim eýeleridi, mertebeli adamlardy. Halkyn bu bölegi: “Mundan gowulyga garaşyp bolmaz, heý, gedaýçylykdanam bir gowulyk barmy? Bu bolsa aýlap-dolap garyp-gasarlygy öňe sürýär!” diýşip, duran-duran ýerlerinden howlukmaç paty-putularyny ýygnap-ýygnaman, gözleriniň gören tarapyna gaçmak bilen bolupdylar. Şol döwürde Orta Aziýanyň ot içindeligini gören Angliýa, Fransiýa, Türkiýe ýaly döwletler bu ýerde ýaşaýan halklara daşardan duýgudaşlyk edýärdiler. Olar bolşewiklerden bu eden-etdiliklerini bes etmeklerine, janköýerlik bilen, dürli ýollar bilen yzygiderli talap bildirip durýardylar. Emma gönüden-göni bolşewige tarap güýç ulanmaga howlukmaýardylar. Sowet döwleti ilkinji berkarar bolup barýan döwri bolsa olaryň bolşewikleri gundagdan çykmanka ýok etmäge eden synanyşyklary başa barmandy. Ýogsam rus generallary Antanta bilen bolşewigi ýok etmek üçin elinden gelenini gaýgyrmandylar. Emma bolşewik islenmedikden dogluşy ýaly, ýene-de islenmedikden hem her hili ýollar bilen aýak üstünde durmagy-da başarýardy. Häzirki döwürde bu gaýry döwletlerdenem, onda-da ýaragly kömek meselesinde Antanta bolup eden söweşleriniň şowsuz gutarmagyny sapak edinýärlermi nämemi, aýgytly hereketler ýokdy. Emma uly tama bilen garaşylýan-da bolsa soňra birnäçe ýyldanam önjeýli kömek meselesinde bu döwletleriň gurrasy duşmandy. Emma uly göwrümde bolmasa-da, daşary ýurtlardan berilýän kömekler ýok hem däldi. “Ahyret güni goňşudan” diýenleri bolup, Owgan emiri Nedir han Orta Aziýa halklarynyň adamlary üçin, olaryň gaçybatalga gözlemäge mejbur bolanlaryny göz öňünde tutup, öz serhedini açypdy. Emma bolşewigiň gazabynyň özüne gönügmeginden heder edýändigindenmi nämemi bu halklara doganlyk goluny uzatmaga Eýran o diýen bir döwtalaplyk edip barmaýardy. Şeýle-de bolsa ol ýurtda hem müňlerçe türkmen we beýleki orta aziýalylaryň maşgalalary orun tapypdylar. Öz musulman ýurdum diýip gelenleriň ýüzlerçesi bolsa, ol ýerlerde hem oňly gonalga tapman, ýene-de aňyrlygyna – Hindistan, Pakystan diýip, göç etmeklige mejbur bolýardyrlar. Orta Aziýa halklarynyň bolşewik belasyna düşen gününe ýene bir gowy düşünýän Türkiýe döwletidi. Onsuzam Orta Aziýa türkleriň ata watanlary hökmünde ýatda saklap, mertebeläp gelýän ýurtlarydy. Osman imperiýasynyň ýerine türk döwletini esaslandyran Ata Türk: “Ejem – Zubeýda aýdardy: “Oglum, seniň ata-babaň şol Merwden gelen ýörüklerdendir” diýdi” diýip, ol hem öz aslyna buýsanar eken. Asla-da osmanly halklar ata Watanlarynyň nirededigini hiç wagt unutmandyrlar. Ýewropanyň, Arabystan, Kawkazyň köp ýerlerini asyrlaryň dowamynda güýç bilen özlerine bakna eden türkler hiç wagt Orta Aziýa goşun çekmändirler. Bu işi olar öz Watanyňy çapmak, geçmiş ata-babalaryň gabyr-tümmeklerini depelemek hasap edipdirler. XIV asyrda Temirleň bärden baryp, türk soltany Ýyldyrym Baýazidi dyza çökerenden soňra, olarda hem belli bir döwürde, ar alma pikiri döräpdi. Ýöne ýene-de Watan mertebesi olary raýyndan gaýtarypdy. Olar Orta Aziýany çapmagyň öz-özüňi çapmak boljagyny ýatlap, geçirimlilik edip, bu işden el çekipdiler. Alysda bolsalar-da hemişe kalp-ojaklarynda köz bolup duran Watan söýgüsi olaryň pälini azdyrman saklapdy. Türkleriň ata Watany hemişe ýatda saklaýandyklaryna Ata Türk bilen Wladimir Leniniň duşuşykda eden gürrüňleriniň bölekleri hem anyk şaýatlyk edýär. Ata Türk şonda Lenine Osman döwletiniň adyny üýtgedip, ýene-de öňküsi ýaly oňa Türkmenistan diýip at bermekçidigini aýdanynda, Lenin özüniň hem hut şu at bilen türkmenlerden respublika döretmegi göz öňünde tutýandygyny aýdyp, oňa iki sany şol bir atly döwlet bolmazlygy üçin başga at tapmagy maslahat beripdir. Kemal Ata Türk şondan soň osmanly döwletiniň türk aslyny mertebeläp, Türkmenistan sözüniň “-istan” bölegini aýryp, ony “Türkiýe respublikasy” diýip atlandyrypdyr. Häzirki wagtda ata Watan Orta Aziýanyň derdini janköýerlik bilen duýan, onuň derdine ýarap, arkasyny çalmaga synanyşýan türk ogullary hem bu ýerde az däldi. Şolaryň biri-de polkownik Enwer patyşady. Ol Türkiýede, Ýewropada bilim alan Osman imperiýasynyň bähbidini arap, Arap ýurtlaryna, Ýewropa edilen ululy-kiçili ýörişlere gatnaşan serkerdedi. Ýurtdan gaçyp, özüni Owgana atan Buhar emiridir Ybragim begiň, Jüneýit handyr ýeneki yzyna atly düşüren adamlaryň arasynda ilki başda häzirki gazanylan düşünişme-de ýokdy. Muny gazanmak üçin iňlis maslahatçylarydyr türk ofiserleri diýseň köp alada etmeli bolupdylar. Bular hernäçe agzala boluşlaryça-da bolşewigiň guşy gaz alyp, barha işi rowaçlanýardy. Bu agzybirligiň gazanylmagyna-da Enwer patyşadyr ýeneki türk ofiserleriniň ýerli-ýerden edýän hemaýatlary, şol bir wagtda hem özlerini oda urup, görkezýän gaýduwsyz edermenlikleri juda uly netije bitiripdi. Bir-birek bilen ozalky alagöz taraplar indi bileniň gepine gulak salyp, agzybirlik bilen bir-birege gerek ýerinde hemaýat berip, hereket edýän bütewi güýje öwrülip ugrapdy. Olaryň bolşewik bölümleri bilen çaknyşmalary indi öňkülerden netijeli, bir-birege arka durşup, has batyrgaýlyk bilen alnyp barylýardy. Türkden Orta aziýaly gardaşlarynyň arkasyny almaga gelen harbylaryň sany köp bolmasa-da, olaryň berýän kömegi az-owlak däldi. Olar maslahatçy bolmak bilen birlikde göwünlerine deglen adamlaryň arasy bilen başlaryny eteklerine salyp, Sowetlere garşy gaýduwsyz söweşler alyp barýardylar. Bolşewikleriň şol döwürdäki goşun bölekleriniň ýazgylarynda galan maglumatlaryna görä, türk ofiserleriniň bar ýerlerini olar özleri üçin howply ýer hasaplapdylar. Barybir Sowetleriň Orta Aziýa halklaryna edýän sütemi barha artmasa kemelmeýärdi, kemelerli hem däldi. Şonuň üçinem onuň duşmany hem öňküden köpelmese azalmaýardy. Gelenlerinde hoşdilim bolup, towşan tüýli, sypaýysyrap gelen bolşewikler indi hakykatdanam aldajy möjege öwrülip, ýeten ýerine agyz urup has wagşylaşypdylar. Halky saýrykdyryp, olary özüçe “basmaçy, baý, kulak, galtaman” diýen ýaly atlar bilen tagmalap, zalymlyk bilen gyrýardylar. Orta Aziýanyň ähli halkyny paýhynlap, gaçyryp-tezdirip, olaryň ýerine-de özlerine ýapja, bakna döwletini berkarar etmäge çalyşýardy. Ýogsam bu ýerde bolşewikleriň ýerli halky äsgermezçilikli edýän gatnaşyklarynyň Sowetleriň işiniň rowaçlanmagyna kast edip biljegini, bu ýerdäki eden-etdikleriň bimöçberdigini bilip, hut Leniniň özi-de olara duýdurypdy. Hatda ol, bu ýagdaýyň öňüni almak üçin Orusýetiň, Gündogaryň ähli musulmanlaryna ýörite ynam haty bilen hem ýüzlenipdi: “Siziň öz milli durmuşyňyz bardyr. Bilip goýuň, siziňem Russiýanyň ähli halklary bilen hukugyňyz deňdir we ol Sowetiň ähli güýji bilen, onuň edaralary işçi, esger, daýhan deputatlary tarapyndan goralyp saklanylýandyr!” Ol bu ýerdäki bolşewik komissarlarynyň bulaşdyran işini düzetmek üçin komissar P.E.Kobozewiň ýolbaşçylygynda öz ynamdar adamlarynyň birnäçesini Daşkende tabşyryk bilen ýollapdy. Oňa: “Biziň syýasatymyz üçin, gaýrylaryň ynamyny gazanmak diýseň hökman, onda-da ony üç, dört esse edip, gazanmak hökman. Biz olara özümiziň imperialist däldigimizi, ol tarapa gyşarmalary hem halamaýanlygymyzy subur etmelidiris. Seresap bolmaly, bu – Gündogar. Munda başgaça bolmaýar, 1000 mertebe seresap bolmaly!..” diýip sargapdy. Emma Türküstanda halka edip bilen ýamanlygyny etmäge endik eden ýerli ýolbaşçylar Leniniň sözüni diňleseler-de, onuň amala aşmagyna ýol bermeýärdiler. Asla ýol bermek hem islemeýärlerem. Gaýta Kazakow, Kolesow, Frolow ýaly döwlet ýolbaşçylary (A.Frolow Aşgabatda topalaň turzup: “Biz Sowetiň tarapynda, ýöne birnäçe geregi ýok komissarlara garşy” diýipdi) Leniniň iberen adamlaryny ýekirdip, öz wezipelerini, bähbitlerini gorap, olaryň üstünden gülýärdiler. Olar Leniniň iberen komissaryny äsgermän: “Kobozew, diňle bizi, sen özüňi at, biz seni gahryman hökmünde jaýlaly. Ýogsam sen bize päsgel berýärsiň!” diýişýärdiler. Kobozewem olara: “Gaýratyňyz bolsa, siz meni atyň, meniň ýoldaşlarym sizi paş eder. Maňa ýadygärlik gurarlar. Meniň tutan ýolum ýeňer!” diýip, olar bilen çaknyşýardy. Orta Aziýa ýolbaşçylarynyň bu ýerde ýerli halka görkezýän zorlukly sütemleriniň öňüni şol döwürde Leniniň talaply aladasy hem alyp bilmändi. Birek-birek bilen barlyşyksyz göreşler öňki hörpünde alnyp barylýardy. Elbetde, Sowet komissarlarynyň arasynda Kobozewiň toparyndan başga-da halka duýgudaşlyk edip, onuň arkasyny alýan ýok däldi. Olaryň biri-de Gaýgysyz Atabaýewdi. Ol özüniň bu hereketiniň şol döwürde Kremle ýaramajagyny, bilse-de halk üçin, janköýerlik edip, bu oduň içine mertlerçe özüni urupdy. Gaýgysyz Atabaýew bir mejlisde eden çykyşynda basmaçy hökmünde saýrykdyrylyp ýok edilýän halk bilen nämüçin henize çenli düşünişip bolmaýanlygynyň sebäbini mysallar arkaly giňişleýin düşündiripdi: ...“Ýoldaşlar, basmaçylyk biziň Türküstanda, belki hem, Gündogarda alyp barýan ähli işimiz üçin ägirt uly aýypdyr. Ýogsa-da, 4 ýyldan bäri basmaçylygyň ýok edilmeg-ä beýle-de dursun, gaýtam, Ferganada möwç alyp, beýleki oblastlara-da geçmegini, bütin Samarkant oblastyny, Surhanderýa we Türküstan oblastlarynyň bir bölegini gurşap almagyny näme bilen düşündirmek bolar? Munuň sebäbi biziň 4 ýyldan bäri alyp barýan işlerimiziň barysynyň bu ýerdäki ýerli ilatyň arasyna asyrlar boýy ornaşan ýaşaýyş ukladyna, durmuşyna, däp-dessurlaryna büs-bütin ters gelýänligidir. Biziň bu ýagdaýy hasaba almagy başarmaýanlygymyz hemmämiziň umumy keselimizdir: ol bizi ýolbaşçylar hökmünde dürli iş bilen baryp gaýdýan serhetdeş ýurtlarymyzyň käbirinde agyr çylşyrymlaşmalara getirdi. Biziň goýberen ýalňyşlyklarymyzy, säwliklerimizi, käbir derejede Ferganadaky gözçykgynçylyklarymyzy has aýdyň anyklaşdyrmak üçin biziň beýleki serhetdeş ýurtlarymyzda alyp barýan işlerimizi häsiýetlendirmegiň üstünde gysgaça durup geçmegi zerur hasap edýärin. Eýrandaky rewolýusion hereketi alyp göreliň. Siz biziň 20-nji ýylda ägirt uly üstünlikler gazanandygymyzdan habarlysyňyz: biziň goşunlarymyz Zakaspide ak gwardiýaçy bandalary ýeňenlerinde soň, olary gutarnykly ýepbeklemek üçin Enzeli eýelediler. Şondan biziň “Iňlis imperializmine garşy göreş” diýip yglan eden şygarymyz pars ilatynda duýgudaşlyk döredip, ony özüne maýyl etdi, çünki ol onlarça ýylyň dowamynda iňlisleriň sütemini çekip geldi. Bu göreşde biz iň uly pars rewolýusionerleriniň biri bolan Kuçuk han bilen arany sazladyk, onuň bilen bilelikde Horasan welaýatynyň baryny eýeledik we iňlisleri Maşatdan çykyp gitmäge mejbur etdik. Ine, onsoň, göwnümize bolmasa, has uly üstünlikler gazandykmykak diýip ýörkäk, birdenem özümiziň kommunistlerdigimiz ýadymyza düşüp, hanlar neslinden bolan Kuçuk han bilen ýakynlygy ylalaşykçylyk, menşewiklik we beýlekiler hasap etdik. Şonuň üçinem biz ony agdarmaly diýip yglan etdik, muny ilki bilen onuň özüne aýtdyk we Kuçuk hanyň yzyna eýerýän goşun bölümlerine daýanjak bolduk, Kuçuk han, elbetde, biziň garşymyza haýal etmän, front açmagy unutmady, netijede, biz Eýrandan goşumyzy saýlamaly bolduk. Şeýlelikde, biziň Eýranda alyp baran ähli işimiz, gazanan ähli üstünliklerimiz ýele sowruldy. Eger siziň Eýrandaky ýagdaýdan, ol ýerde höküm sürýän elhenç gedaýçylykdan, ilatyň dini fanatizmden, yza galaklygyndan, baş-başdaklygyndan, pars zähmetkeşleriniň köre-körlüginden habaryňyz bar bolsa, onda ol ýerdäki synpy gatlaklara bölünişik baradaky gürrüň size samahyllama bolup eşidiler. Indi Hywany alyp görsek, onda biz ol ýerde-de geçiren işlerimiziň şondan idili güne düşmändigine göz ýetireris. Oktýabr rewolýusiýasyndan soň biziň Hywany her edip-hesip edip rewolýusionlaşdyrmagy göwnümize düwendigimizi siz bilýänsiňiz. Biz bu hereketimizde hanlyk döwründe premýer-ministr bolan Žüneýit han bilen garpyşmaly bolduk. Biz Hywa hanlygynyň paýtagty Hywa şäherini basyp aldyk. Hywa hanynyň özüni tussag etdik, emma Jüneýit hany esli wagtlap ýok edip bilmedik, bir amatly ýagdaý gabat gelmedik bolsa, ony ýok edip biljegimiz hem belli däl eken. Jüneýit hana garşy göreşe Jüneýit hana duşman bolan Gulamaly, Goçmämmet ýaly beýleki türkmen serdarlary hem tötänden goşuldylar. Netijede, biz iki taýpanyň garpyşmagyny gazandyk, Jüneýit han bolsa Gulamalynyň we Goçmämmediň kömegi, Gyzyl Goşunymyzyň bilelikdäki tagallasy arkaly söweşjeň birleşme hökmünde ýok edildi. Emma şol ilkinji üstünliklerden soň bu ýerde, Hywada-da özümiziň töwerekdäki ýagdaýlardan düýpden bihabardygymyzyň, ony hasaba almany oňarmaýandygymyzyň, şowa körlügimiziň üstünden bardyk. Men bu barada uzak gürläp durjak däl, diňe Hywada köne wagtdan bäri duşmançylyk edip gelýän, esasan-da, irrigasiýa setindäki suw üstünde dawalaşyp gelýän iki halkyýetiň –ýomut we özbek halkyýetleriniň ýaşandygyny aýtmakçy bolýaryn. Ýomutlar akabanyň aýagynda ýerleşip, galanja suw bilen mydar edýärler. Özbekleriň bolsa suwuň esli bölegini bölüp almaga mümkinçilikleri bar. Suwuň şunuň ýaly deň-derman bölünmezligi birsyhly düşünişmezlikleriň, dawalaryň, keplenç bolsa ýaragly çaknyşyklaryň egsilmez çeşmesi bolup hyzmat etdi. Bu duşmançylyk täze deredilen hökümete –Nezirler Sowetine hem geçdi. Türkmenleriň hem, şol sanda Gulamaly bilen Goçmämmet dagynyň hem goşulan Nezirler Sowetinde soňkulara garşy hileler gurlup başlandy. Olary döwlete dönüklik etmekde, hamala döwlet agdarylyşygyny taýynlaýandyklarynda we beýlekilerde aýypladylar. Nebsimiz agyrsa-da, şol wagtlar Federasiýanyň Hywadaky ygtyýarly wekilleri Şokirow we Malyşew ýoldaşlar şol hile-allara ynanypdyrlar, netijede bolsa, Jüneýit hany ýok etmäge bize diýseň uly kömek eden Gulamaly bilen Goçmämmedi otrýadlary-zatlary bilen ýok etmek barada karara gelipdirler. Gulamalydyr Goçmämmedi ähli güýçleri bilen birlikde ýok etmek üçin olara hamala ýakyn wagtda Buharanyň üstüne ediljek ýörişe taýýarlyk görülýändigi barada ýaşyrynlyk bilen habar beripdirler we ähli nökerleri bilen Hywa gelmeklerini teklip edipdirler. Men Adatdan daşary tribunala geçirilen derňew materiallary esasynda bu işiň taryhy bilen jikme-jik tanyş boldum, meniň özümem şol tribunalyň agzasy. Goçmämmet we Gulamaly hiç zat oslamazdan nökerleri bilen Hywa gelipdirler we özlerine berlen jaýlarda düşläpdirler. Şol gijäniň özünde biziň gyzyl esgerlerimiz Goçmämmediň üstüne duýdansyzlyk bilen çozupdyrlar, ony tussag edip, nökerlerini ýaragsyzlandyrypdyrlar. Tussag edileninden sanlyja sagat geçmänkä Goçmämmet ýanynyň ýakyn adamlary bilen birlikde gylyçdan geçirilipdir. Gulamalynyň gaçanlygy mälim bolanynda, onuň yzyndan jeza beriji otrýad iberilipdir, otrýadam öňünden çykan ençeme obany ýer bilen ýegsan edipdir. Bu habar ýomut ilatynyň gulagyna ýeteninde her kim duran-duran ýerinden ähli zadyny taşlap, kim ýabyly, düýeli, kim öküzli, pyýada oglan-uşaklaryny alyp, söm-saýak bolup gaçyp ugrapdyrlar, olar ýolsuz-ýodasyz ýerden müňlerçe werst geçip, Kaspi deňzine çykypdyrlar we özlerini Eýrana atypdyrlar. Bu wakalar biziň juda sowatsyzlygymyza, bolşewik bolup, jemgyýetçilik güýçlerini-de, olaryň özara gatnaşyklaryny-da nazarda tutmany oňarmaýanlygymyza gözli şaýatlyk edýär. Netijede, bize şu zatlar belli: 1) Ýomutlar uçdantutma tozgunlyga düşdi. 2) Jüneýit hanyň mysalynda basmaçylyk şu çaka çenli dowam edýär. 3) Türkmen ilatynyň bary gahar-gazapdan doly. Ýoldaşlar, eger indi Buhara geçsek, bu ýerde-de biz teweregimizdäki ýagdaýdan büs-bütin baş çykarylmaýandygyna duş gelýäris. Biz öz Gyzyl Goşunymyzyň güýji bilen iki ýyl mundan ozal Buharany tutuşlaýyn diýen ýaly eýeledik, indem iki ýyl edara edenimizden soň, ol ýerde amatsyz ýagdaý emele gelip, Buharanyň ähli ilaty Sowet häkimetiniň garşysyna aýaga galýar. Men sanlyja gün mundan öň Buharada boldum, şujagaz az salymyň içinde aňlaşyma görä, biz bu ýerde-de özümiziň emelsiz syýasatymyz bilen bütin ilaty garşymyza goýupdyrys. Mysal üçin, men diýseň häsiýetli bir fakty gürrüň bereýin. Buharadaky rewolýusiýanyň manysyny düşündirenlerinde oratorlar: biziň rewolýusiýamyzyň beýleki rewolýusiýalardan tapawutly ýeri, hamala, ol diňe emire garşy gönükdirilmän, eýsem, Xudaýa garşy hem gönükdirilendir diýip aýdypdyrlar. Özem bu zatlar, gel-gel “keramatly” hasaplanýan Buharada, diniň berk ornaşan, durmuşyň bar ukladynyň tutuşlygyna dini esaslara daýanýan ilatyň iň dindar, iň fanatik ýeri bolan Buharada şeýle diýlip aýdylypdyr! Şeýle bolansoň, ilatyň baryny özümize garşy aýaga galdyrandygymyz öz-özünden düşnüklidir... Ferganada Sowet häkimetiniň döremegi bilen bir hatarda musulman intelligensiýasynyň birtopary ulamalar bilen birlikde musulman esgerleri bilen daýhanlaryň gurultaýyny çagyrdylar. Şol gürultaýda Awtonom Türküstan hökümeti düzüldi. Ol hökümet hem ähli talaňçylaryň, ogrularyň günäleriniň geçilýändigini yglan edip, olary Ferganada düzülýän milli goşunyň hataryna girmäge çagyrdy. Gepiň gerdişine görä aýtsam, öňki ogry we talaňçy, patyşa hökümetiniň sürgüne iberen adamy, rewolýusiýadan soň gaýdyp gelen Ergeş hem şol ýere çagyrylypdyr. Ol kurbaşy edilip bellenipdir. Sada dil bilen aýtsaň, ol Kokand şäheriniň goragynyň naçalnigi bolmady. Sowet häkimiýeti bu bandany ýok etmek üçin Kokanda ýoldaş Perfilewiň baştutanlygynda otrýad iberdi. Otrýad şäheri gabap başlady. Awtonom hökümet ähli musulmanlary yslam dinini, milli azatlygy we Awtonom hökümeti goramak üçin milli goşunyň hatarlaryna girmäge çagyrýan jarnama çykardy. Şondan soň, muňa golaýdaky obalar seslenip, elleri kätmenli, paltaly, aw tüpeňli we gaýryly Kokanda geldiler. Söweş üç güne çekdi. Şol wagtyň içinden Awtonom hökümet nirädir bir ýaňa sumat boldy, Ergeşem gitdi. Kokand alnanda şäherde diňe kömege gelen obalylar galan eken. Iň köp horlanan hem şolar boldy. Biziň otrýadymyz uçdantutma daşnaklardan ybaratdy, daşnaklylar dörän ýagdaýy bada-bat aňyp, birneme pul gazanmagy ýüreklerine düwüpdirler. Öç almaklyk esasan söwda ugry boýunça geçirilipdir. Ýerli täjirleriň hemmesi atylyp, emläkleri skladlara, wagonlara çekilipdir, galan zatlary bolsa otlanypdyr. Ilat zorluga, talaňçylyga, şäher bolsa tozgunçylyga sezewar edilipdir. Fergananyn ilaty beýle rehimsiz öç almany görenlerinden soň, awtonomçylaryň: “Bolşewikler hakykatdanam talaňçylardyr, kellekeserlerdir, olar hiç zady aýaýan däldirler, özlerem dine, Hudaýa garşydyrlar” diýen wagyzlaryna uýdular. Ol ýerdäki syýasy işimiz nähili tertipde alnyp baryldy? Biziň “Ýok bolsun köne dünýä, ýok bolsun buržuaziýa!” diýen şygarymyz, takmynan, şeýleräk durmuşa geçirildi. Köne dünýä diýip ýapdyran ähli metjitlerimizi, medreselerimizi, tussag eden kazylarymyzy, ulamalarymyzy göz öňüne tutýardyk, dini yrymlara-ynamlara garşy göreş şeýle zatlara syrykdyrylýardy. Sowet häkimiýetiniň wekilleri Margelanda musulmanlaryň keramatly hasaplanýan Gurhanyny oda ýakdylar, Andijandaky ybadat edilýän “Jamy” metjidi musulman otrýadlarynyň kazarmalaryna öwrülip, otrýadyň adamlary ol ýerde beçjeçilik bilen meşgul boldular. Biziň otrýadlarymyz metjitleriň üstüne çozup, namaz okap duran işanlaryň, ulamalaryň üstüne bomba taşladylar. Netijede, ulamadyr işanlaryň ýerden ýöräni basmaçylara goşuldy. Ýene-de bir zady aýtmak gerek: biz şu çäreler bilen bir wagtyň özünde atlary almak, zähmet borçlulygyny girizmek, adamlary Gyzyl Goşuna çagyrmak ýaly çäreleri hem geçirdik. Bular bilen bir hatarda galla monopoliýasyny-da, azyk razwerstkasyny-da alyp bardyk, şonun üçin ekerançylyk bilen meşgullanýan daýhanlar, hünärmentçi zähmetkeşler, ilatyň uçdantutma barysy Sowet režiminin, Sowet tertip-düzgüniniň garşysyna aýaga galdylar we bu herekete başda galtamançylyk häsiýetlerini berseler-de, soň syýasy äheň berip, basmaçylara goşuldylar. Şonuň üçinem 1919-1920-nji ýyllarda Ferganada eýýäm galtamançylyk, basmaçylyk däl-de, belli bir halk gozgalaňynyň bolaňdygyny aýdyp geçmek gerek. Biz bu hereketi basmaçylyk hasap edip, 4 ýyllap onuň häsiýetini hem dogry kesgitläp bilmändiris, ýogsam bu gozgalaň bolupdy ahyryn! Basmaçylyk sada dil bilen aýdanyňda, garakçylyk bolýar, şonuň üçinem şeýle nädogry kesgitleme bizi meseläni çözmäge nädogry çemeleşmeklige getirdi. Şeýlelikde, biz bu hereketi 4 ýyllap hiç bir jähetden ýok edip bilmedik. Sowet hökümeti gitdigiçe güýjeýän gozgalaň bilen iş salyşmaly bolanynda, iri şäherlerde bekemek bilen boldy we gozgalaňa garşy göreşe çykdy. Ilkinji döwürlerde biziň Gyzyl Goşun bölümlerimiz bir bütewi komandowaniýä birikmeýärdi, her şäher basmaçylara garşy özbaşdak söweşýärdi, Gyzyl Goşun otrýadlary galapyn ýerli ilata hiç hili dahyly bolmadyk, gaýtam gelip çykyşy boýunça oňa düşman bolan daşnaklardan ybaratdy, duşmançylygyň sebäbi: meşgullanýan işleri boýunça söwdagärler bolan ermeniler öz gündelik durmuşlarynda ýerli ilat bilen basdaşlyk edýärdiler. Ine, biz şol wagtlar islendik otrýadymyz bilen garpyşyp, her gili hüjüme hötde gelerlik güýçleri bolan basmaçylara garşy şu otrýadlar arkaly göreş alyp barýardyk. Ýerli ýaşaýjylardan goldaw tapýan basmaçylar köp halatlardan bizden rüstem çykýardylar. Ençeme ýyl geçip, ýerli işgärler ýetişdi we olar diňe talaňçylykdyr parahat oturan ýerli ilata zorluk etmek bilen meşgullanan şol otrýadlarymyza garşy protest bildirip başladylar. ...Biziň basmaçylary okdur gylyçdan geçirip, ýok etmeli diýip pikir eden wagtymyzyň hem bolandygyny size aýtmagym gerek. Şol maksat bilen “basmaçylyk keseline uçran” iriräk obalar rehimsiz suratda ýok edildi, munuň netijesinde bolsa ilat Sowet häkimiýetinden gitdikçe daşlaşdy. Biziň Ferganany tutuşlygyna eýelänligimiz hem kömek bermedi. Bir wagtyň özünde Fergana 30 müňe çenli goşun düşürildi, iri obalaryň hemmesi gyzyl esgerleriň garnizonlary tarapyndan eýelendi. Ilat bize duşmanlygyna galdy, basmaçylar garnizonlarymyzyň hötdesinden ýeňillik bilen geldiler, şonuň üçinem biz ahyrsoňy obalardan goşunlarymyzy çykarmaly bolduk... Fergananyň üznüksiz harby hereketler zerarly surnugan ilaty şobada dörän ýagdaýdan çykalga gözläp başlady we basmaçylaryň baştutanlaryna — kurbaşy diýilýänlere zor salyp, Sowet häkimiýetiniň tarapyna geçmek barada aladalanyp ugradylar. Ahyrsoňy 1921-nji ýylyň awgustynda Ferganadaky basmaçylar Türküstan Sowetleriniň X gurultaýyna gabatlap, parahatçylykly gepleşikler geçirmek barada Sowet häkimiýetine resmi suratda ýüz tutdular, şonda olar dini, hojalyk we syýasy meselelere degişli birnäçe şert goýdular. Ol şertler şerigat kanunlaryna rugsat berilmegine, metjit, medrese, mekdep açmaklyga, kazylaryň, baýlaryň hukuklaryny dikeltmeklige, wakuflaryň gaýtarylyp berilmegine, dini uçlara, ekerançylyk hojalyklaryna, hünärmentçilik önümçiligine ygtyýar berilmegine, basmaçylar otrýadlarynyň Gyzyl Goşun hatarlaryna alynmagyna syrykdy. Fergana toparynyň komanduýuşşisi ýol. Zinowýewiň Sowet häkimiýetiniň tarapyna kabul eden kurbaşlarynyň ikinji topary bolsa haýynlarça tutulyp atyldy. Bu iki fakt ýene-de halky bizden daşlaşdyrdy, basmaçylyk täze güýç bilen tutaşyp ugrady... * * * Sowet hökümetiniň Orta Aziýa gelip, ozalky umumy Türküstan respublikasynyň ýerine ony böleklere bölüp, milli respublikalary, Awtonom birleşmeleri döretmegi onuň halk içinde ýene-de belli bir derejede makullama tapan işleriniň biri boldy. Döwlet bolamagy ozal-ahyr arzuw edip, oňa ýetip bilmeýän halklar bu ädimi üçin bolşewikden minnetdar boldular. Indi bu döwletiň öz ýurdunyň daşyny gallap, ony gorajagyna, azatlyk berip, halkyň gowy ýaşaýşyna gönezlik boljagyna tama etdiler. Türkmenistan Sowet sosialistik respublikasy döredilip, oňa Gaýgysyz Atabaý, Nedirbaý Aýtak ýaly her halkyň öz adamlary ýolbaşçy edilibem goýlansoň, diýseň-diýmeseň, Magtymguly şahyryň. – Bir suprada taýýar kylynsa aşlar. Göteriler ol ykbaly türkmeniň – diýen arzuwynyň hasyl bolýanlygyna ynam hem döräp ugrapdy. Şu döwürde az salymlyk bolsa-da Sowetiň syýasaty hem gowulyga üýtgärli görnüp, halkyň ynam-arzuwyny goşalapdy. Öň: “Gurbany men Gurbanmyrat serdaryň”, “Alan ýurduň gutly bolsuň, menşewik!” diýip goşgy ýazan şahyrlar indi: “Alan ýurduň gutly bolsun, bolşewik”, “Gurbany men Sowet janyň ýolunyň” diýip joşýardylar. Bu milletiň derejelenmegi hatda Sowetler bilen gaçyp-kowup darkaş gurup ýören Jüneýit handa hem şol döwür belli bir derejede bu döwlete ymtylyş döredipdi. Ol 1924-nji ýylda öz ýurdunyň Türkmen döwleti diýlip yglan ediljegini eşidip, bu dabara gatnaşmak üçin sargyt bilen ynamdar adamlaryny oňa ýollapdy. “Baryň-da gatnaşyň, türkmen halky, şu diýlişi ýaly, özbaşdak döwlet bolýarmyşyn, onsoň şeýle bolýan bolsa, onda bizem ömür-baky çölde çägä bulaşyp ýörjek däl, il bolup, onuň gullugyna baryberýäs!” diýip göwün ýüwürdipdi. Emma tizden Türkmenistan döwletiniň alyp barýan işleriniň, ýöredýän syýasatynyň hörpünden onuň şol arzuw edilen döwletli-döwranly ýaka däldigi belli bolup ugrapdy. Onuň ady üýtgese-de, bolşewigiň bu ýerdäki halk bilen “basmaçy, baý-kulak, işan-molla” diýip ýöredýän syýasaty üýtgemändi. Halky böleklere bölüp, edilýän gysyşlar öňki hörpünde dowam etdirilýärdi. Türkmenistan özbaşdak döwlet diýlip yglan edilen-de bolsa, onuň bolşewigiň öz bähbitlerine, ýerli halkdan goýlan ýolbaşçylaryň üsti bilen göwün-islegine görä dolandyrmak üçin döreden döwletidigi belli bolupdy. Bu bolsa tiz halkyň nämäniň-nämedigine düşünip, ondan göwni geçip ugramagyna sebäp bolupdy. Şol döwürde döwletiň ýolbaşçysy Gaýgysyz Atabaýew bir gezek Gökdepä baranda, onuň serdar kakasyna mertebe goýýan adamlar oňa sorag berdiler: “Aý, Göktäç serdar ogly Atabaýew Gaýgysyz. Saňa bir sowalymyz bar, ýurdumyz Döwlet bolsa-da, ol garaşylan gowulyklar bolubermeýär-le bi?” Şonda Gaýgysyz hem Taňrydan gizlemeýänini olardanam gizlemändir. Halk bilen gönüsinden gelip, açyk gepleşipdir: “Adamlar, bizi ata mündürmesinä-hä mündürdiler welin, ýöne jylawy ele berenoklar” diýip, hakyky ýagdaýy boýun alypdy. Wagtyň geçmegi bilen bolşewigiň bu şeýdip, döwlet döredenden bolup, öz garşydaşlarynyň hakyndan çykmak üçin edilen emeldigi belli bolansoň, garşylygynyň täzeden möwç almasy başlanypdy. Halk iki oduň arasynda galyp, ýene-de agyr ýitgiler çekýärdi. Moskwa bolsa Orta Aziýada öz diýenini gögermek üçin bu ýere täzeden-täze goşun bölümlerini yzygider getirip, bu halklara edýän zulumy barha artýardy. Şeýdibem, Orta Aziýany gaplap alan “Basmaçylyk” Kremliň esasy ünsüni çekýän, kellagyrlarynyň birine öwrülipdi. * * * Dört-bäş günlükde obanyň orruk ortasyndan atyň öňüne basylyp alnyp gidilen Hanumanyň gaýdyp gelmegi adamlarda dürli pikirler döretdi. Biri: “Galtamanlar ony äkidip, oňa-muňa ulanyp-ulanybam, zyňyp gidendirler” diýse, ýene birisi: “Garakçylaryň arasyndan onuň üstünde dawa bolupdyr, şu garma-gürmelikden peýdalanybam, ol çem gelen atlaryň birine atlanybam gaçypdyr” diýýärdiler. Käbirler bolsa anyk aýtmasa-da: “Bu Sowetiň oýnudyr, şondan başga hiç zadam däldir. Oýny bolsa munuň köp...” diýip, hökümetiň özüni şübhe astyna alýardy. Ýöne köpler onuň sag-aman gaýdyp gelmegine begendiler. Birnäçeler gözaýdyň bahanasy bilen, nämeler bolanlygynyň anygyny eşitmek üçin, onuňka barybam gaýtdylar. Bu habary eşidip begenenleriň biri-de Kymyşlardy. Kulakçylyga çekilenleriň emläklerini almak üçin, hökümet adamlary aýlanyp, obany döküp oljalanda, Hanumanyň özlerine eden garaşygy üçin Kymyşlar näme üçin munuň beýle bolýanyna düşünmeselerem, ondan minnetdar bolupdylar. Hanumany mümkinçilik bolsa, özlerine ýamanlyk etmejek, gaýta, hossarlarça arkalaryny aljak adam hökmünde tanapdylar. Kyn günüňde, alaçsyz töweregiňe gözläp durkaň hemaýat edeniň gadyr-gymmaty-da üýtgeşik bolýar. Jemal mama bu habary eşidip, biraz oturansoň, onuň özüni görmese, aňsat ynjalmajagyny bildi-de, günüň gijöýläne sananyna seretmän: “Ertir irden gelen bolsa, eýýäm barjak baryp, görjek görüp, adamlar saýhal tapandyr, daşy çolarandyr” diýip, onuň öýüne gözaýdyňa baryp gaýdarman boldy. Ol daşarda birzatlara güýmenip ýören Ogulbikäni ýanyna çagyryp aldy-da, gabsadan giren ýeriň ýeňsesinde togarlanyşyp ýatan gawunlaryň uluraklarynyň birini oňa görkezdi. – Al, gyzym, şonam eliňe! – Nirä gidýäs, mama? – Hanuma ejeň gaýdyp gelipdir. Ýör, mamaly gyz bolup, şoňa “Gözüň aýdyň” diýip geleli! Bu habar Ogulbikäni begendirdi. Ol ýeňil gopup, gapdalda ýatan gawunlaryň birini gujagyna aldy-da, höwes bilen mamasynyň yzyna düşdi. Begenende bolşy ýaly, ýene-de onuň ýüzi nurlanyp, nazarynda otjagazlar uçganaklady. Mamaly-gyz Hanumalara ýetip baryberenlerinde, öýden alawagyrdy bolup, şuranyň jigidi çykdy Ol örme gamçysyny onuň sapy bilen ýanjap, gyssanybrak çykyp gelşine, öýden kimdir birini ýenjip çykyp gelýäne meňzeýärdi. Şuraň jigidi hem bir ýerlerden gelip, Söýünala soň goşulan maşgalalaryň biridi. Onuň kakasy maryly Jopban baýyň telim ýyl gapysynda talabançylyk edip, soňam onuň ýaş aýallarynyň biri bilen gatylyp, gaçyp gaýdan adamdy. Ol gelibem bu obada Gurban baýa çopan durupdy. Onuň syrgynynyň bir ýanynda öý tutunypdy. Şeýdibem Gurban baýyň öwresine özüni ýakyn tutup, şolaryň birine öwrülip ugrapdy. Gurban baýyň gyzy Jemal mama-da şondan bäri olaryň özümiňki hasap edip, gören ýerlerinde ýakynsyraýan adamlarynyň biridi. Kymyşlaryň toý-ýasyna hem Jemal mamanyň hossary hökmünde gatnaşýanlaryňam biridi. Gurban baýyň ähli ýaýrawy bilen dogan-garyndaş bolup ýaşamaga çalyşýardylar. Bu ýerde görünmeli adam hasaplamaýany üçinmi nämemi, ol Jemal mamany görende gözlerini tegeläp, birhili geň galdy. – Hih, Jemal-je, sizem geldiňizmi? – diýende onuň gepi oýnaklap ynamsyz çykdy. Jemal mama-da muny bada duýdy. Äjinnesi atlandy. – Hanuma gelniňkä Jemal gelmeli däli diýlip ýazylan ýeri barmy? – diýip, o-da gepine bada-bat onuň öz hörpüne görä sorag berdi. Oýlanyşyksyz gepine bada-bat gaýtargy alan ýognas ýigit şundan soň çapgy ýassygy ýaly ýeňsesini biygtyýar sypalap: – Jemal eje, men-ä heniz beýle ýazga duşamok, duşsam aýdaýaryn – diýip, öz gepini degişmä öwrüp, ýene teýeneli bir zat eşidäýmäýin diýip, onuň ýanyndan gyssagly gitmek bilen boldy. Özi-de öz gyşyk gepi üçin hakyny alanlygyna uýalyp, müýnli ädimläp, sumat boldy. Çolarak wagt gelendirin öýtse-de öýde Hanuma ýeke däl eken. Mämmet çokaýyň hemişe sypanybrak geýinmegi gowy görýän aýaly Nartäç bilen, ilki ogluny öýerenden soň, başyna sary atynan Orazberdiň aýaly onuň ýanynda eken. Olaryň üçüsem gapynyň öňünde Jemal mama görnen mahaly, ýerlerinden turşup, hormat bilen baş egişip, ýerli-ýerden oňa salam berdiler. – Geliň, mamasy – diýip, Hanuma dessine ony öz ýanlaryna çagyryp, törden ýer berip oturtdy. Kyn pursatda gelip, arkasyny alan hossaryny gören ýaly, gözleri biygtyýar nemlendi. Jemal mama beýdip, ýürekdeşlik edip geler öýtmedik Hanuma minnetdar bolup tolgundy. – Alyň, mamasy! – diýip, saçagyndaky zatlardan onuň öňüne süýşürişdirdi. – Mama, muny nirede goýaýyn? – diýip, mamasynyň yzysüre gapydan giren Ogulbikäni alagaraňkyrak içerde oturanlar diňe häzir görüp galdylar. Jemal mama: – Goý, gyzym, şol ýerlerde bir ýerde, togarlanyp öýden çykyp gidesi ýok. Onýança-da Hanuma mähirli ýylgyryp, elindäki gawunyny nirede goýjagyny bilmän, töweregini gözläp duran Ogulbikä ýüzlenip, oňa tarap ellerini uzatdy. – Ogulbike jan, getir maňa beräý!? Hanuma onuň elindäki gawuny alyp, ony höwes bilen oturanlaryň öňünde goýdy. – Şul-a bolaýdy. Bularyň agzyny näme bilen süýjetjegimi bilen otyrdym –diýip, tap bilenlik bilen olara minnetdarlyk bildirdi. Soňam ol oturan aýallaryň: “Hökman däl-le, gyz!” diýip sypaýçylyk edenlerinde seretmän, gawun dilimläp, olaryň öňünde goýdy. Saçak başynda, adaty duşulanda edilişi ýaly, oý-içeri saglygy, hal-awhallar soraşyldy. Oba sürgünlerden habar düşenini eşidenlerini ýatlaşyp, ol aýallar hem Jemal mama gözaýdyň diýdiler. “Hat gelen bolsa, özlerem bir gün gelerler!” diýip, ýagşy dilegler bilen göwünlik berdiler. Hanuma oljalanyp gidilensoň, oba adamlarynyň ha oňa, ha muňa gidişleri, OGPU diýeniň, serhetçileriň, şäherden gelen ýeneki ýolbaşçylaryň oba gelenligi ýatlanyldy. Talaňçylykly gürrüň başlanan mahaly Hanuma-da öz başyndan geçirenlerini anygrak aýdyp ugraýjak ýaly bolsa-da, ol beýtmedi. Bilesigelijilik bilen garaşylsa-da, Hanuma soňam öz düşen halynyň jikme-jikligi barada dil ýarmaga howlukmady. Gelenlerem onuň özi dil ýarmansoň, ondan bu ýagdaýlar barada gönüläp soramagy gelşiksiz gördüler. Iki aýal öýlerine köwlenere wagt bolanyny ýatlaşyp turansoň, Jemal mama-da bu ýerde uzak oturman turmakçy boldy. – Sag-aman gelen ýeriň bolýar, gelin baý! Öň-ä bu ýagdaýlary eşidip gynandyk. Indem geleniňi eşidip begendik. Hemme zatlaryň soňy şeýle gowulyk bilen gutarsyn-da hernä – diýip, ol hükgeribräk gapa tarap ýönelip barşyna dileg etdi. Birdenem ol gapa ýetip-ýetmänkä öňüne düşüp barýan Ogulbikä: – Sen çykyber, gyzym! – diýdi-de, aýak çekip yzyna öwrüldi. Özüni ugradyp, yzyndan gelýän Hanuma ýüzlendi: – Sen, gelin, düşen-gonan ýerleriň-de, heý, biziň Ahmed-ä gören dälsiň? Hanuma bu gepi eşidip, hopugan ýaly bolup, uludan demini alsa-da geplemedi. Jemal mama Hanuma öz beren soragymy oňly eşiden däldir öýdüp, ony ýene bir gezek gaýtalady. Hanuma ýene sesini çykarmady. Jemal mama bu gezek oňa düşündi. Özüçe düşündi: – Ol hökümetiň-ä elinden bir ýol bilen sypyp gidenmiş. Owgana aşdymy, çöle çykdymy belli däl. Ýöne bir ýerde uruş, gykylyk bolsa, şolam-a bir gyrasynda bolmaly. Bir ýerde bar bolsa bolýar – diýibem gapydan çykyp barşyna özbaşyna düşnüksiz gepledi. * * * Hojam hana hem Hojaguly hana onbaşy bolup, bu ýere gelende oba hany bilen dil tapyşyp, oňa bermeli hak-heşdegini berensoň, Haradyň aşak etegindäki owgan obalarynyň birinden ýurt ýer edinmek kyn bolmandy. Ol hem ähli serhetden geçýänler ýaly, ýurtda ýagdaýlar gowulanyp, ýene yzyna–Watana dolanma tamasy bilen, serhet golaýlygynyň amadyny peýläp, munda gonanlaryň biri bolupdy. Gonalga ýeriň öňden belli bolmagy Hojam han bilen gelen adamlarda arkasy alnan ýaly duýgy döretdi. Ýat ilde, nirede gonjagyňy, nireden göteriljegini bilmeýän alasarmyk wagtyňda bu ýagdaý bosgunlara diýseň gerek zatlaryň biridi. Bäpbe öz töwereginiň adamlary bilen Ahmetdir Hojam hanyň göçüniň bir gyrasynda oraça tutunyp ýerleşdi. Ol henizem Ahmede özüni kyn ýagdaýda halas ediji hökmünde görýärdi. Ahmet Bäpbäniň ýanynda orny bar bolsa-da, ol bu ýerde uzak saklanmady. Gele-gelmäne ýakyn garyndaşlarynyň barlygyny aýdyp, Marçaga gidip, birki gün şol ýerde bolup gelipdi. Indem ýanyna-da iki-üç adam alyp, üç-dört düýäni yzyna düşürip, ýurda belet hökmünde odun ugruna çykypdy. Owganda odun meselesi iň kyn meseleleriň biridi. Odun bolanyň ody bolup, bu onuň baryndan ony-muny bişirinmäge-düşürmäge mümkinçiligidi. Odunçylaryň arkalap, düýä, eşege ýükläp bir ýerlerden getirýän odunlaryny barly adamlar goýun guzy berip almaly bolýardylar. Garyp-gasarlar goýun çöri, düýe gumalagydyr ýalazy pahal ýeneki bilen kyn oňňutdadylar. Ahmet adamlary yzyna düşürip, şu jelagaýyň esasy odun ýygylýan ýerine getirdi. Bu ýerde Murgabyň bir böwür beren ýerindäki peslikde onlarça kilometre uzalyp gidýän, içi toraňňyly, gamyş-gajrawly jeňňel bardy. Ahmet bu ýere beletdi, ondan gitseň, atla Marçagam bir günlük ýoldy. Şeýle-de jeňňel ady bilen tanalýan bu ýer Marçakdyr Hyradyň deň aralygy diýibem türkmenleriň bu ýere köpçülikleýin göçüp gelmekleri başlanansoň has takygragam tanalyp ugralypdy. Bu giňiş çöketligi her ýyl ýaz derýa joşup, hanasyndan çykan mahaly suw basardy, hatda ol ýerem mesgeni bilen dolduryp, çaýylyp-çaýkanyp ýeneki boşlaň giňişliklere-de aşyp, sag kenaryndan egni biraz pes bolan çep kenara ýaýrap gidibererli görünýärdi. Üstünden jokrama tomsy geçirip, dünýä güýzäp ugransoň, onuň suwy ýere siňip, bugaryp gutarardy. Şeýdibem ol ýylandyr ýaban towuklar, doňuzdyr şagallaryň mesgenine öwrülişi ýaly, odunyň hem bol ýerleriň biridi. Ahmede ol ýer her gezek gelende öz obalarydyr Owgan Marçagynyň töweregindäki jeňňelligi ýatladýanlygy üçin, ol pikirinde bir pursadam bolsa, özüni Söýünalyda, öz ýakynlarynyň golaýynda duýýardy. Çagalary, aýaly alada bilen ýada düşýärdi. Ol töwerekde agtyklary bilen öz çagalaryna-da seredişip ýören Jemal mamany, düňreýlip eşegine üzeňňi oňaryp atlanjak bolup duran Kymyş agasyny, atyny ýüzin salyp, gaçyp barýan Hanumany görýärdi... Ahmet ýanyndaky ýoldaşlary bilen gelip şu ýerden-ä ýükümizi arkaýyn tutsak gerek diýen ýerinde düşläpdi. Ol paltasyny alyp, jeňňel arasyndaky öýüň içi ýaly açyklygy kesip geçensoň, töwerekde söm-saýak başly-baratly ösüşip oturan toraňňy tokaýlygyna aralaşdy. Bu ýer suwy ýetip, maýda ot-çöpleriňem bol biten ýeri bolansoň, ele-aýaga çolaşyp, toraňňylary islenişi ýaly, töňürtgesine ýetirip, düýpden çapmagy kynlaşdyrýardy. Toraňňylygyň içi kapas bolup, onuň çybyn-çirkeýi-de ýetik eken. Olar ýerli-ýerden zyňňyldaşyp, göz-ýüzüňe, gulak-burna girişip ýürege düşýärdiler. Ahmet wagtal-wagtal işini togtadyp, derçigen ýüz-gözüne, boýnuna gonan çybynlary kakynyp, şarpyldadyp-şarpyldadyp urup durşuna “Aldy-laý bu bela-beterler” diýip käýinýärdi. Gurbaga kerepli ýata suwuň ýitiden agyr ysy hem bu ýerdäki demligiňden alyp, köseýän zatlaryň biridi. Odun çapmaga girişilmänkä eşidilen ýaban towuklaryň tanyş sesleri indi nämedir bir zada gykuwlaýan ýaly bolup allowarradan, jeňňeliň adam aýagy sekmeýän ýerlerinden gelip, olaryň odun çapýan adamlaryň sesinden tebil tapyp gaçandyklary belli bolýardy. Ahmet çapýan odunlarynyň gururaklaryny saýlap, bir ýere heniz çygraklaryny pudarlap, hersini aýratyn düýä ýüklemek üçin, başga bir ýere rejeläp basyşdyrardy. Giçlik eşeklidir atly odun çekýänler ýüklerini tutup gaýdyşansoňlar, Ahmet ýüküni gowy tutmak, ertir irden işleri täzeden başlamak niýeti bilen soňra arkaýynlykda ýola çykmak üçin, öz ýoldaşlary bilen şol ýerde galdy. Olar açyklykda ot ýakyşyp, hümürdeşip otyrkalar iki düýäni yzyna tirkäp gelip, olaryň beýleräginde düşläp adam hem bularyň türkmençe gepleşýänlerini eşidip, öz ildeşlerim eken – diýip, olaryň ýanyna gümür-ýamyra geldi. Ol aňyrdan gelşine özüni tanadyp, habaryny berdi. – Doganlar, salawmaleýkim, görsem özümiziňkiler ekeniňiz, gep-sözüňizden tanap-da gaýdyberdim. Oturanlar “aleýk” alşyp, ony-da oduň golaýyna çagyrdylar. Gelen myhman bilen soraşylyp-ideşilip oturylsa, o-da Tagtabazardan bolup çykdy. Ahmet onuň bilen ýakyn ildeş bolup çykansoň, ony has anygrak tanamak üçin ýene-de oňa sorag berdi: – Tagtabazaryň niresinden bolarsyň, halypa? – Erdenden. Söliteräk geýnen erdenli ýigit biraz gowuşgynsyzrak görünýän hem bolsa, ol mylaýymdan gelen gürrüňçi adam eken. Ahmediň ýoldaşlary iýlip-içilip bolansoň, ertirem gara daň bilen turmalydyklaryny ýatlaşyp, tüssäniň ýaýylyp gidýän tarapyny – çybyn-çirkeýiň az ýerini peýleşip, ýatmak bilen boldular. Ot başynda Ahmetdir myhman iki ildeş bolşup galdylar. Olar ikiçäk gürleşip ugransoňlar, diňe bir gepleriniň alşyp ugranlygy däl, şunuň ýaly göwün açyşylyp edilýän derdinişme gürrüňi bularyň ikisiniňem isleýändigi hem anyk boldy. Myhman biraz iňkisliräk, käte zordanrak ýylgyrybam goýberip tukat halda Watan küýsegine berlip gepleýärdi. Wagtal-wagtal gapdalyndaky kesewi bilen ody ölçerip goýberýän Ahmet bu adamyň berýän gürrüňlerine berlenini hem duýman galdy. Nätanşam birazdan özüniň içgin gürrüňe berlip, heniz bolubam gürrüňdeşine adyny aýtmaga-da ýetişmänligini ýatlap, adynyň Rozudygyny aýdyp, oňa täzeden tanyşlyk berdi. Alty-ýedi ýyl mundan öň özüniň erdenli barly adamlaryň birki sanysy bilen täze hökümetiň zulumyndan elheder alyp gaýdanlygyny ýatlady. Düýesine ýükläp aňyrdan alyp gaýdan öýüni olaryň gapdalynda dikse-de, ýerli baýlara para-peşgeş bermäge ýagdaý bolmansoň, ol ýerde özüniň ýerli-suwly adamlaryň hasabyna goşulyp bilmänligini ýatlady. Bürgüdiň adamlary baýlardan alşy ýaly, ondanam bir zat almak üçin, ondan-mundan tirsekläp görseler-de, Rozudan zat çykmandyr. Bu bolsa han adamlarynyň gahar-gazabynyň gaýnamagyna, onuň Marçakdan Galaýynur atly suwsuz, ýaşaýşyň has agyr ýerine kowulmagyna sebäp bolupdyr. Dogan-garyndaşlykda barly adamlar kömek beräýmeli ýaly hem bolsalar, olardanam şol pursatda kömek bolmandy. Gaç-ha-kowluk barlylaryň hem aňkasyny aşyryp, sahawatyny kemipdi. Sahawatlylygyň ýerine ertirki günüň labyryndan howatyrlanma duýgusy gelipdi. Rozynyň kakasy: “Bu meniň ömrümde iň samsyk eden işim barlylaryň göçüne gatylyp, Watany terk etmekligim boldy. Özümiz ýaly ýeter-ýetmezleriň ýaşap ýörenleri azmy nä ol ýerde...” diýip, ökünç bilen arman çekipdir. Her gezek etjek işi başa barman jany ýananda ogly Roza: “Biz-ä eneň bilen ol günleri görerismi-görmerismi welin, oglum sen bir özüni mümkinçiligi bolsa, Watana atjak bolawergin!” diýip, janyndan syzdyryp zarynlapdyr. Sözüniň duýgudaşlyk bilen diňlenmegi Rozynyň öz gürrüňine has içgin aralaşmagyna sebäp boldy. Käte-de ol şol gürläp oturyşyna sähelçe baş götererdi-de, Ahmediň ýüzüne gözläp: – Jora, hany naskädiňi ýene bir bersene, bedeňleň temmäkisinde ýasalap bolmaly, gowy nasyň bar eken – diýip, tyk-tyk naskädini dişine kakyp, hezil edip nasam atýardy. Haçanda ol: “Hudaý diýen ýerimem, durmuşyň maňa-da gülüp-yşyp bakjak güni bar eken” diýip, özüniň soňky ykbaly barada gürrüň berip ugranda, eýýäm gijäniň gaýry bir wagtydy. Bu wagta çenli Ahmediň uzakly gün toraňňy çapyp, odun küdamlap gezen ýoldaşlary eýýäm bir ukyny, ozal agşamyň yňma ukusyny alyp, indem orta ukynyň iň süýji lezzeti bilen ümürleşip ýatyrdylar. Ol Ahmede ýüzlenip: – Sen han Jüneýid-ä eşidensiň? – diýip sorap, onuň baş ataryna hem garaşman – Häzir bu döwürde Jüneýit hany bilmeýän barmy, eýsem, onda-da onuň bilen ykbaldaş, öz türkmeni bolup – diýibem, ýene-de öz soragyna özi jogap berdi. – Galaýynurda men ýekeje düýäm bilen odun satyp, gün gördüm diýdim-ä. Hä... Bir zat gazanjak bolsaň, etmeýän işiň, barmaýan ýeriň bolmaz eken. Ine, bir gezegem ýolda barýarkam meni Jüneýit hanyň aňyrdan dabyrdaşyp gelýän atlylarynyň birki sanysy saklady. Odunyň bilen düş biziň yzymyza! – diýdiler. Görsem Jüneýit han Hyradyň golaýyndaky Kepderhan obasynda öz – töweregi bilen uly toplum bolup ýaşaýan eken. Meni-de şol ýere ertip, bir dalanda odunymy düşürtdiler. Soňam elime iki owgany berip: “Talap edýän bolsaň, odunyňy şu ýere getiriber, hakyň köýmez” diýdiler. Görüp otursam, hanyň ýerleşen ýeri hem odun-çöpüň teň ýerleriniň biri bolsa näme. Başga-da bir odunyňa artyk pul berýän ýerem ýok, onsoň menem şol dabyr-duburrak ýomudyň diýenini edip çekiberdim şol ýere ondan-munda tapan odunymy. Görseler-ä, men bir öz günüm bilen güzeran ugrunda gezip ýören mysapyr bir bende, olara-da geregi şol bolsa näme!? Ilkiler getiren ýükümi, uly howlynyň daşynda düşüren bolsam, soň ony howla basyp, ojaga salaýar ýaly edip, çapyp, gerek bolanda oduny galanyň içindäki ojaklaryň başyna hem gujaklap, goltuklap ertibem ugradym. Han aganyň iýjek naharyny, otuz-otuz bäş ýaş töweregindäki, orta boýly gözleri sähelçe gyýmaly, bir bakyşda hanyň özüne-de çalym berýän aýal bişirýär eken. Ol her gün donunyň synlaryny bilguşagyna çalyp, çemesini alyp, ojagyň töweregine aýlanyp nahar bişirýär. Ilki men ony hanyň aýallarydyr ogullarynyň gelinleriniň biridir öýden-de bolsam, soň men onuň hanyň aýaldoganydygyny, adynyňam Soltan ekenligini bildim. Han özi üçin tagam taýynlamagy diňe şoňa ynanýan eken. Jan dawasy bilen bagly ýagdaý bolanda aýal dogan hemmelerden ýeg-ynamly bolýan bolmaly-da? Onuň gazanynyň gapdalyna aňsat adam goýberilmezdi. Barylsa-da onuň özi çagyryp, odunyny, ýenekisini getirdeninde barylardy. Özi-de ol her gezek bişiren naharyny alyp bermeli bolanda, ilki bir okara ondan birki çemçe kakyp, ondan özi dadyp görerdi. Onuň agasyna alyp bermeli tagam bolanlygyna göz ýetirensoň, diňe şundan soň, ol nahary tabaga guýardy. Hemişe diýen ýaly, gapdalyndaky öýleriň biriniň arkasynda garysyny ýassanyp ýatan item ol hödürsiz goýmazdy. Nahar diňe şundan soň hana äberilerdi. Hany aýamalydygy, onda-da häzirki ýaly Sowetiň her-hili ýollar bilen onuň kastyna çykylýandygy belli mahaly. Bir gezek ol gazan başynda ýekeräk durka, meniň getirýän odunymy ojakdan daşyrakda düşürenimi görüp: – Heý, oglan, odunyňy getir ojaga golaýrak at bärik! – diýip ýüzlendi. Men odun goltuklap, onuň golaýyna baranymda, öňümde göze gelüwli bir zenan gördüm. Şeýle zenan erkek kişini öz gününe goýýarmy, eýsem?! Höwese berlip, oňa göwnüm gidip, soň ol barada oýlanyp ugranymam duýman galypdyryn. – Baý, heleý jan eken-ow... Men hem oňa şeýle bir sereden ekenim welin, nazarym zenanyň, zenanlygyny ýadyna salyp, süňňüni goram-gowşak eden eken. Muny maňa Soltan indi-indiler aýdyp ýör. Ýöne özümiň-ä onuň nazary bilen nazarym çaknyşansoň, näme-näme edenimi bilemok, yzama dolananymda bir ol ýerden gidesi gelmän, aýagymyň aýagyma çolaşan-a ýadymda. Aljyrap dert-azara galanym-a hak. Emma ýadymda şol gezekden soň men nirik gitsemem, nirede bolsamam küý köçäm şol görlen balkyldap duran owadan goýun gözler boldy durdy. Her gezek tizräk onuň huzuryna ýetmek isledim. Ojak başynda onuň aýlanyp durşy welin hemişe gözlerimiň öňündedir. Men indi her gezek ýükümi beýleräkde düşürip, odun çykan ýüpümi, çekip alyp, saýhallan bolup, onuň beýleräginde eglenç edip: “Haý, adam, at bu ýere bir goltuk gury odun!” diýerine garaşyp durun. Özümiň bolsa bahana tapyp, onuň töwereginden aýrylasym gelýän däldir. Biz özümiziň hyrydarlyk höwesimizi telim bir wagt, hemmelerden gizlin, diňe bir-birege bolan mähirli bakyşlaryň çäginde sakladyk. Diňe ýekeje gezek ojagyň töweregi çolarak wagty onuň bilen bir oýnam gysgajyk gep bolupdy. Ol: – Bir hepdeläp niräk ýitdiň, odunçy oglan? – diýip sorady. Gözastyndan ýüzüme hyrydar gözläp, pessaý ses bilen sorady. – Oba. Garryja enem bar, şonuň ýanyna baryp gaýtdym. Ony-muny, iýer-içer zat ertdim. – Soňam halymyň soralmagyna monça bolup ýakynsyrap, menem onuň adyny tutup gepledim. – Ejeke, men indi nirik gitsemem köp garaşdyrman – diýdim. Ol gelin myssa köpmanly ýylgyrdy-da: – Men kimiň ejekesi bolýan-da bolsam, seniň-ä ejekäň däl, meniň adym Ejeke däl, Soltan men! – diýip, biraz uýalyp, tolgunyp, meniň sözüme düzediş berdi. Soltana gazan başyna gelip gidýänleriň köpüsi Ejeke diýip ýüzlense, näbileýin onuň ady şolmuka diýipdirin. Men onuň ýanyndan dolanyp, düýelerimiň ýanyna barýarkam, kalbym joşup, ernim gulagyma ýeterli bolup ýylgyryp dolananym ýadymda. Biz birek-birege gizlin göwün çaýýarmykak diýsegem, ýöne biziň syrymyz garaşylmadyk ýagdaýda özem örän tiz açyldy. Şol gün men han saraýynyň daş ýüzünde düşürilen odunlary howlynyň içine daşap, at ýatagynyň gapdalynda saýhallap basyp ýörkäm, şol ilki hakyna tutan ýomut adamsy iki sany ýigit bilen geldi-de, meniň duran ýerimde sen-men ýok, şatyrdadyp, elimi arkama daňdy. Ol şol arada elindäki gamçysynyň ujuny çenäp, dyzanyp gaharly maňa bir zat diýip sögübem goýberýärdi. Ýöne ýomut halky kä halatda şeýle bir tiz gepleýär welin, meniň ýaly goýaz saryk “ä?” diýip, ol gepi täzeden gaýtalaýmasa, sözüň manysyny aňa alybam ýetişenok. Näme-nämeligine göz ýetirmänkämem getiribem taşladylar atýatagyň gapdalyna güýlüp. Atbakanam bir çokga sakgal goja kişidi. Onuň bilen käte sataşyp, naslaşyp gümür-ýamyr edişäýmämiz-de bardy. Men oňa getirýän toraňňylarymdanam her gezek sogrup-sogrup, iki-üç sanysyny odunlyk berýädim. Onuň ýanyna getirip taşlanlary üçin men ilki goja oklaýan odunym bilen dagy bir gep barmykan diýip pikir etdim. Aý, ýok, onuň bilen-ä hiç-kimiň işi ýok, azar bermegä beýlede dursun, gaýta, Öre däde – diýşip, ony mertebeläp gepleýärler. Soň görüp otursak, belanyň körügi başga ýerde eken. Soltan bilen gizlin gatnaşygymyza haýsydyr bir hanyň ýakyn adamlarynyň syny düşüpdir. Bu-da baryp ýetmezmi hana. Şol günden bir gün öň giçlik Soltan agasynyň naharyny äberip, ýeňňeleridir gelinler bilen naharlanmaga baranda, uly ýeňňesi ony yzyna düşürip, Jüneýit hanyň huzyryna alyp barypdyr. Oturyp-oturmankalaram han ondan: – Odunçy oglandan habaryň barmy? – diýip sorapdyr. Bu sözi eşidip, Soltanyň inine ot çabyran ýaly bolupdyr. Syr hasap edip ýören zadynyň äşgär bolmagy ony diýseň kyn ýagdaýda goýupdyr. Ol özüniň bu hereketi bilen, dünýäde ähli zatdan ilerläp, buýsanyp ýören mertebeli agasynyň gaşyna ýakmajak hereketi edendirin, namysa goýandyryn öýdüp juda uýalypdyr. Ol iki süňňi bilen takdyra ten berip galpyldan oturyşyna aşak düşelen halynyň gölüni barmagy bilen dyrmalapdyr. Jüneýit han Soltan geplemese-de, uýasynyň ýagdaýyna düşünipdir. Ol: “Şuny bileýin diýdim” diýip, soňam ony öz ýanyndan: “Bar, işiň bilen boluber” diýip çykaryp goýberipdir. Hanyň aýal doganynyňam janly adamdygy, oňa-da Allatagalla tarapyndan beýleki adamlara mahsus bolan jübütlikde, dünýäniň aýşy-eşretine höwesli bolup ýaşamaga hakynyň barlygyny ýatlanlygy belli bolupdyr. Şol günüň ertesi meni südürlenip atylan ýerimden çykaryp alyp, bir öýe salyp, täze lybaslar bilen bilen geýindirdiler. Agşamlygam öýleriň birinde molla Soltan ikimize nika gaýyp, bizi bir-birege gowşurdylar. Barybir garyndaş bolamsoňam men olaryň işine goşulan maslahat-saparlaryna gatnaşan adam bolmadym. Öňkim ýaly odun daşap, odun owradyp, hyzmatda bolup geziberdim. Soltanam agasy üçin öňküsi ýaly nahar bişirip ýör. Ýöne gijelerine ol meniňkidi. Onuň ak babyr bilekleri, nur bolup çoýýan ala gözleri, pyşyrdap aýdýan we kalbyňa aralaşyp, ganyňa siňip, höwesiňe höwes goşýan sözleri, hemmesi meniňkidi. Birem şeýle zenanyň gujagyna ýetseň, uzak gyş gijelerem göwnüňe juda tiz geçen deý görner eken. Şondan soň ojak başyna oduny arkaýyn elten bolmasam, başga üýtgän zat bolmady. Birem hana niýetlenilip taýynlanýan nahary indi öňünden men öýde bolsam, Soltan okara kakansoň, ony biz bile dadyp görerdik. Birem hanyň körekeni hökmünde sylap, onuň kiçi ogly we Soltanyň ýeneki ýaşkiçi garyndaşlary maňa Taňry salamyny berip ugradylar. Öňki odunçy wagtyň sen kimiň gözüne ilýäň, kim seni alga alýar!? Indi bolsa diýseň diýmeseň, hanyň naçar ejiziniň ýanýoldaşy men. Soltanyň men ikinji adamsy, onuň birinji ýoldaşy biraz ýaşap ýaşamankalar, Garagumda bolan çaknyşyklaryň birinde okdan uçupdyr... Rozynyň gürrüňleri örç almasa, tükenerli däldi. Onuň kalbynyň joş alyp duranlygy helebärde köşeşerli hem däldigi mese-mälim duýulýardy. Owsunyp duran gelniň gül keşbi sallanjyrap, uýaljyrap, häzir onuň gözüniň öňünde duran bolmalydy. Onuň sözünden diňe bir ýanýoldaşy Soltan gelne däl, Taňrydan soň, han Jüneýide-de, onuň ýakynlaryna-da bolan minnetdarlygynyň çen-çaky ýokdy. Haçanda Rozy üç ýaşlyja oguljygynyň hem barlygyny ýatlan mahaly, onuň şatlyk joşgunynyň ýeke däldigi belli boldy. Ol: – Jora, tüweleme göz degmesin, özem düňkäp ýören, şeýle bir gudumanja welin gepläp, dürli oýunlar tapyp hezil berýär. Ýok wagtymam “Hany dädem?” diýip, meni gözleýändir. Gaýdyp gelenimi görse-de “Dädem” diýer-de ylgap gelip zyňar özüni gujagyma. Soltan ikimizi şeýdip Allatagalla eý gördi. Şeýle bagtymyň uzagyndan bolmagyny dileg edip ýörendirin jora. Gije bolsa indi ýarymdan geçip barýardy. Ahmet Rozynyň gürrüňini diňläp oturyşyna mahal-mahal pallap, agzyny aýasy bilen tutýardy. Uky mähnediniň özüne-de agram salýanyny duýýardy. Ozalagşamky ýelpäp ösüp ugran şemal töwereginiň çybyn-çirkeýlerine indi bireýýäm saýhal beripdi. Olaryň hemmesini toparlap, aladagdan aňyrlygyna aşyrana dönüpdi. Bu dertden dynan düýelerdir atlar başlaryny silkişip, guýruklaryny bulaýlaşyp, ýerine gijäniň ümsümligine berlişip, parahat durdular. Sesýetimlikden aýlanyp-öwrülip akýan derýa indi süýşüp gelip, has golaýdan şogurdap akýana dönüpdi. Töwerek bolsa imisalalyk, ozalagşamky jeňňel şagallary hemmeden ozduryp, çapgy astyna düşen ýaly gykylyklaşanam bolsalar, indi olaram gohlaşyp ýadan bolmaly, symah imi-salalyk ähli ýeri öz eteginiň aşagyna toplapdyr. Gijede ýagşy garrapdyr, ondaky ýyldyzlaryň sany, şuglasy hem, mese-mälim artyp, asman agzy çyzgalyp goýlan içi dür göwher daşly doly çuwala öwrülipdir. Gijäniň düýrügibräk, düňreýibräk dünýäniň kükregine başyny goýup, oýurganyp oturyşy, hamala, gündiziň gutaryşy ýaly onuň aladalary hem şonuň bilen gutarana, häzir dünýäde ýetmeýän zadyň ýoklugyna, ähli erbetlikleriň ýerine gowy günleriň gelip, indem hemişe şeýle boljak ýaly duýgy döredýärdi. Rozy hem aňynda, bir pursatlygam bolsa, hemişe arzuw edip ýörüşi ýaly, oguljygy bilen Soltanyny düýesine mündürip, Erdene gaýdyp barýanlygyny görýärdi. Sebäbi onuň depesindäki ýyldyzlar, onuň Erdeniň ýokarsynda gören ýyldyzlaryna ekiztaýy ýaly diýseň meňzeşdiler. Uzakly gijäni hümürdeşip geçiren obadaşlar, ertir ir bilen ýene-de duşuşyp durmagy wadalaşyp hoşlaşdylar. | |
|
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 23: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Derbi-dagyn: Meçik - 05.08.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -15: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |