14:25 Ojak - 2-nji kitap -12: romanyň dowamy | |
* * * Söýünalyda pagta ýygymyň barha geň gerim almagy, ýüzüni çaňjardyp gelen ýaltalaç güýzüň gyzgalaňyny has-da artdyrypdy. Hiç bir ekinem-ä erbet görülýän däldir welin, ynsan ýanynda pagtadyr bugdaýyň gadyry has başgady. Onuň gadyry has-da Sowetleriň dokma fabrikleri üçin çig mal talap bolup, pagta bolan yhlas artypdy. Halk bolsa pagtany pygamberiň mertebelän ekini hökmünde görüp, oňa yhlas edýärdi. Bir gezek Muhammet pygamberden ekinler baradaky onuň garaýşyny soranlarynda ol «Ýekiniň gowusy pagtadyr” diýip, jogap beripdir, soňam onuň näme üçin aýratyn sarpaly bolýandygyny töweregine özüçe: “Pagta doglanymyzda biziň dolanan arlygymyz, ýaşan döwrümiz geýim örtügimiz, ölenimizde köpenimiz bolýar” diýipdir. Ýöne milletiň pagta yhlasly bolmaklarynyň sebäbi ýeke bu onuň pygamber tarapyndan ilerlenmegi hem däl bolsa gerek. Mundan başga-da onuň tebigatynyňam bir süňňüne mahsus özüne çekiji häseti-de bar. Ony heniz ýetişmänkä, ösüşde mahaly synlamak has hem ýakymly. Tomusda ol ýaşyl öwsüp, baharyň unudylyp goýlup gidilen bir pursadyny ýatladyp, göz guwandyrýar. Ak patrak bolup açylansoň bolsa onuň täsiri has-da artýar. Atyz gyrasyna dagy barsaň, ol dessine seni imrindiriberýär, onsoň adam nädip ýygymçy bolanyny, “Kim-köp ýygmaşak” edip, bäsleşige girenini hem duýman galýar. Hanuma özüne berkidilen brigadanyň pagta meýdanyna gelende töwerek entek alagaraňky-dy. Şonuň üçinem ol bu günem ir gelenleriň biri boldy. Ol gelende eýýäm partyklaryny dakyşyp, atyza giren ejeli ogly görüp, olaryň gapdalynda atdan düşdi. Tanap: “Siz eýýäm bärdemi?” diýip, olar bilen salam-helik alyşdy. – Ir başlaýanyň kem däl muny. Bir penje artygrak ýygsak, bir peýda diýdik-de, gaýdyberdik irräkden ejeli ogul bolup – diýdi. – Siziň töwerekleriňizde menem uzakly gije düýşümde pagta ýygyp çykdym – diýip, Hanuma düýşüni höwesli ýatlady. – Hanuma gelin, gowy düýş görüpsiň, ak zat alnyňa diýlenidir. Bar gowluga duşjaksyň – diýip, işinden bir pursat baş göteren zenan, höwes bilen onuň düýşüni ýorup, ol gowulygyň bir gapdaly hamala özüne-de ýetäýjek ýaly göwnühoş ýylgyrdy. Soňam: – Ýekebaralaryň arasynda bizden öňem işe gelýänler bar eken, ýaňy gapdallaryndan eşekli geçip gelýärkä gördük, atyz içi agyn müňňüldi – diýip, sözüniň üstüne goşdy-da, boýurganyp hamala olaryň nireräkdeligini salgy berýän deý boýnuny uzadyp, alagaraňkynyň bir ýerlerine seretdi. – Galyň bende heniz ýagyn-saçyn bolup, çyg düşüp hasylyň berekedini almanka aljak-da alyp bilenini – diýip, Hanuma hem ýekebaralaryň ýagdaýyny özüçe göz öňüne getirip, olara duýgudaşlyk bildirip gürrüňdeşi bilen göwündeş gopdy. Aýal haçanda henizem Hanumanyň atyň jylawyny tutup duranyna ünsi düşen wagty ol dessine özüne ýoldaş edinip getiren ýigdekçe ogluna: – Baýram jan, bar Hanuma gelnejeň atyny äkit-de, örkläp gel ony – diýip, oňa ýumuş buýurdy. Oglan bilindäki partygyny dessine çözüp, Hanuma “Özüm daňaryn” diýse-de, höwes bilen jylawy onuň elinden aldy. Şol bada-da aýallara tarap ýaltaklap: – Ata münüp gidäýeýin? – diýip, haýyşly dillendi. Hanuma oglanyň höwese berlenini görüp, hoşamaý ýylgyryp baş atdy. – Mün-de gidiber! – Ýöne çapdyrman gitgin! – diýip, oglunyň häsiýetine belet eje-de şu arada bada-bat gepe goşuldy, soňundanam eýýäm atlanyp özlerinden daşlaşyp barýan oglanyň yzyndan gygyrdy. – Eşegiň golaýynda örkläp, çolaşar ýaly edäýmegin! – diýibem sargady. Öz bolşuny Hanuma geňlär öýtdümi nämemi, ýygymçy aýal soňam myssa ýylgyryp, özüniňem çagalaryň bu häsiýetini kä halatda taňlaýandygyny boýun alyp gürledi: – Şu oglanlar at görseler, öz haly bilen bolmaýar şular. Münjekden-de, çapjakdan. Münselerem hezil edýärler. Eltimiň ýaňy ýöräp ýören oguljygy bar, atly görse şoňa ganatyny gerip, hut bökjekläberýär. Bulara Taňry tarapyndan ata ýakynlykmy, höwesmi, bir zat berlen bolmaly. Biz gyzlar pahyrlar-a at münmedenem, çapmadanam elli bizar, münsegem gaty eşege münäýenimizi kem göremzok… Hanuma töwereginden elini uzadyp alyp, gysymyna üýşürip duran pagtasyny aýala uzatdy-da, onuň gepini özüçe makullamak bilen: “Nätjek, heleý bolsaňam, at münmeli bolýar-da” diýip, “Menem şuňa aňrybaş bir höwesek däl” diýen manyda aýtdy. Hanuma şu ikinji brigadanyň daýhanlarynyň üstünden gözegçilik etmäge şura tarapyndan goýlan ýörite wekildi. Ol özüniň täze işi bilen indi biraz öwrenişiberipdem. Onsuzam, aralaryna sowuklyk düşenindenmi Hanumanyň Ýagdaýyň bar ýerinde şura jaýynda hat-petege ulaşyp, başlyklarça bar zady bilenden, bar meseläni çözenden bolup oturmany halamaýardy. Meýdanda onuň-munuň bilen gürleşip, ýygymyň barşyna pagtanyň daşalyşyna gözegçilik edip ýörse, gaýta, onuň göwni açylýardy. Meýdanda bolsa aladalar arasynda köwsarlap ýörşüne ol nädip Günüň batanyny hem duýman galýardy. Ol diňe giçden soň, ähli ýolbaşçylar ýaly, gündizki edilen işleriň hasabyny bermek üçin şura jaýyna gelerdi. Hanumanyň şuradaky öňki alyp baran hat-petek işleri indi hat-sowatdan başy çykýan ýaş oglan tapylyp şoňa ynanylypdy. Ýagdy birnäçe gezek onuň bilen aragatnaşygy ýola goýup, ýene öňküleri ýaly ýakyn gatnaşykda bolmaga synanyşypdy. Emma onuň synanyşyklarynyň hiç biri-de ugruna bolmandy. Hanuma hamala çalşyrylan ýalydy, indi oňa ýatdy hem sowukdy. Ol her gezek Ýagdy ikiçäk duşuşmaga höwes bildirende, indi barybir onuň hajyk-hujugyna ylygmaýardy. Gaýtam: – Öz heleýjigiň bar-a, şonuň bilen bolubersen-äý, şura! – diýip, jübütleşmäge höwesi bolmadyk baýtalçanyň, at sürnen wagty halamaýşy ýaly çytylardy. Hanuma gaýdyp gelen günleriň birinde gijäniň bir wagty ol öňki gatnaşygy dikeltmek üçin, onuň üstüne sürnüp ýöriteläbem barypdy. Ýöne hemişe aýak sesi golaýlaşandan açylýan gapy bu gezek kakylyp, özüni tanadany bilenem açylmandy. Dogrusy, ol gapy arkasyndan alnan adaty sorag, jogap bolupdy. – Hanuma! – ?... – Hanuma, bu men! Ýagdy gapyny iteläp, ikinji gezek dillenensoň, Hanuma parhsyz dillendi. – Bolaň-da näme? – Bolamdamy… Alkymyňa dykylybam bir “Gözaýdyň” diýäýsem diýýän saňa!.. – Azara galma, şura. Konturda diýdiň-ä, bor şol! …Siltenişige düşen gapy açylaýmaly ýaly weli bolsa-da, ol soňam wagty bilen açylmady. Ýagdynyň “Heleý näzidir, etegine bir ýetip bolsa, ýene-de hemme zat başgaça bolar” diýip, ýagdaýyň Hanumanyň şol öňki yhlas-lezzetli bal gelne öwrljegine ynanyp, eden tagallalary barybir ýol almaýardy. Hanuma soňra onuň gepini alga alyp hem durmady, esli wagtlap içerden sesem bermedi. Onuň juda düýrügenligi belli boldy. Ýagdy hemişeki, il gözüne güýdüşip, gizlinje gelip-gidip ýören gapysynyň öňünde, golaýdan ötüp geçýän beýlekä göz bolup gadalyp durmagyň soňra ertir dürli gep-gürrüňiň döremegine sebäp bolup, onuň bir tarapynyň ýene-de baryp öz ata-enesidir aýalyna ýetjegini aň edip, bu ýerde uzak durmaly däldigine düşündi. Köýnegi dar bolup, bokurdagyny kimdir biriniň eli bolup gysýan ýaly duýgy döredi. Ol köýneginiň ýakasyndaky ilikleriň ýazdyryp, çöpürli boýnuna giňişlik berdi. Biline guşanan kemeriniň töwereginde gasyn atyp, sölperip ugran köýneginiň etegini çekişdirdi-de, oňa ýüzugra tertip-düzediş berdi. Gapynyň öňünde ýene biraz ony süsüp döwerli dyzmaç öküz bolup, gezelip duransoň, kejigip-käýinip yzyna dolandy. – Akylsyz heleý diýerler saňa. Şu heleýleriň akyly jüýje-towugyň akyly ýaly diýenleri dogry eken. Sähel beýnisi bolan heleý biziň ýaly sahawatly goç ýigidi garasy görnenden garbap almaýamy?… Şol barmana-da, hemişe şeýle ýagdaýda hezil berýän, öýünde ýoluna göz dikip oturan aýaly onuň ýadyna düşüp, öýüne ýetip bilse, onuň höwes bilen hyzmatda boljagyna göwün ýüwürtdi. – “Öýkeläniň paýy süýji” diýipdirler. Seniň ýeriňe öz heleýim hezil ýeder – diýip, göwün çaglady. Bary bir Ýagmyra şol günüň ertesem, yzýanky günlerem Hanumanyň öýkesini ýazmak, onuň höwes-yhlasynda öz ornuny gazanmak başartmady... Emma Ýagdy hem netikazalygyny edip, maza tapan zadyndan beýdip aňsatlyk bilen el üzerli däldi. Hanumanyň özüne gerekligine ynanyşy ýaly, özüniň hem oňa derwaýys gerekdigine badyhowalyk bilen ynanýardy. Emma Ýagdy hemişeki ýagdaýyň bolmagyny isläp, näçe sürünse-de, ýagdaý barybir onuň isleýşi ýaly boluberenokdy. Hanumanyň nämüçin bulanýanyna bolsa ol düşünipjik durdy. Bu ýerde düşünip, düşünmez ýaly syram ýokdy. Hanuma oljalanyp-bagyrdylyp, atyň öňüne basylanda, Ýagdynyň yzdan kowgy başy bolup gelerini, Hanuma, elbetde, özüni ýagyň elinden gaňryp alaryna göwün ýüwürdip tama edipdi. Bile bir gapydan girilip-çykylyp işlenip ýörülip, höwes edilip ýakynlykda bolnan pursatlaryň hatyrasyna hem şeýdip hossar çykmak tüýs ýerine düşen mert, zenan sylar hereket boljakdy. Emma şonda şäherden gelmeliler gelip, maslahat salmalylara garaşylyp bolunýança bada-bat edilmeli aýgytly hereket edilmändi. Hany, sen ine-gana üýşüp-çaşyp maslahaty bişirip, ata atlanýançaň oljasy oňan garakçy bu jelagaýda durýarmy? Ýagdy müýni bar-da bolsa, ol özüniň mele gelniň huzuryna ýetip, bir demine-demini gatyp bilse, onuň Gün gören ýaz gary ýaly, süňňüniň gowşap, çalam-çaş bolup erejegine, ýene-de öňki boýna gol salyp, özi bilen deň gopup sarmanaklaşyp höwes bilen söýgi oýunlaryny oýnajagyny tama edipdi. Bir ýola şura jaýynda onuň bilen daşyny çolardyp, ýekeräk galanda ýene bir gezek höwes bilen, Hanumanyň gümmezekläp duran guýma guşaklygyny geýim daşyndan sypalap goýberip, ony täzede özüne imrindirmäge synanyşdy: – Gör, nähili gowulyk eýesiz galyp hor bolýar. Hanuma şonda onuň bu oýnuna halamazlyk bilen çytylyp, soňam oňa ýüzüni açman, sowuk jogap berdi. – Ýagdy, boldy bes et indi! – diýip, talaply gürläp, ony öz ýerinde oturdypdy. Hanuma galtamanlaryň elinden sypyp, ölümiň öýünde gaýdyp gelensoň, onuň hüý-häsiýeti hamala ol başga biri bilen çalşyrylan ýaly üýtgäpdi. Ol keýpsiz hem umytsyz ýaşaýardy. Galtamanlaryň görkezen görgülerini ýadyndan çykaryp bilmeýän ýaly bolup görünýärdi. Iliň dili, güman-pikirlerem ýene bir ýandandy. Onuň keýpsiz sus halyny görüp, obanyň dili uzynlary “…Aý muny galtamanlar çete çykaryp hezil edendirler. Olar ka, çölde aýal-ebtat görmän, şory depesine çykyp, heleýsiräp ýören deýýuslar munuň ýaly, maýa-maňyzly, göze gelüwli gelin dagy tapsalar, hezil etmeýärmi?..” diýşip, ol ýerde bolan hezilligi özleriçe gaýybana göz öňüne getirişip, gep-gybata bat berýärdiler. Birnäçeler bolsa onuň suslugyny güman astyna alyp, özleriçe başgarak düşünip: ”…Aý, ň galtamanlardan gören hezzetini ýene-de isläp tukatlanýan heleý diýerler” diýip aýdýardylar. Bir öwrede ýaşalyp ýörülen wagtynda bu gepler heý, gulaga degmezmi? Gybatlar dolulygyna bolmasa-da, kem-käsleýinem bolsa Hanumanyňam gulagyna degýärdi. Bu gürrünler, süýrelen hökmünde öňem utanyp, ilden ýüzüni nirede gizlejegini bilmän ýören Hanumanyň önki ýeňil bolmadyk ýüküniň üstüni ýetirýärdi. Indi ol şura jaýynda hat petek bilen bolup, gelen-giden öňünde gazalyp oturmagy kyn görýärdi. Şu ýerde pagta ýygymyň başlanmagy bilen meýdan işlerine bolan ünsdür talabyň artmagy onuň maňlaýyndan diräpdi. Hanuma oba aýal-gyzlary bilen iş alyp barýan bölümiň başlygy hökmünde 2-nji brigada salnyp, işlere gözegçilik etmäge goýlupdy. Hanuma töwerekdäki patraşyp duran pagtadan gysym-çaňňap ýygnaşan bolup durşuna Arnabegi bilen pagtanyň ýagdaýy hemişe ýekebaranyň ýetişdirýän hasylyndan pesräk bolýan kolhoz pagtasynyň bu ýyl ondan kem däldigi barada özara gürleşip durdular. Janypkeş Arnabegi Hanumanyň wagtal-wagtal ýanyna gelip gürleşýän ümi alyşýan az sanly aýallarynyň biridi. Has takygy olary Arnabegiň üstünden biraz mundan öň inen töhmet belasy ýakynlaşdyrypdy. Şol gün Arnabeginiň öýüniň gapdalynda, gelip çykyşy näbelli bir horjun gawun peýda bolupdy. Bu ýagdaýy gizlin sakladykmykan diýseler-de, üç günden soň eýýäm onuň habarynyň ummadan çykanlygy belli bolupdy. Dördünji gün diýlende, bu habaryň yzyny derňäp, ýörite şäherden gelen prokuratura işgärleri bilen onuň öýüne gözegçilik edýänleriň biri hökmünde ýoldaş bolup, Hanuma barypdy. Şonda şäherden gelen prokuratura işgäri bu gawunly ýagdaýyň daşary ýurt bilen baglydygyny ýatlap, endigine gör-ä, ýagdaýyň ters yzyny çalarman bolupdy. Sorag berip Arnabegini alarladyp ugranda aljyran gelniň dadyna Hanuma ýetişipdi. Prokrotura işgärine serhediň bu golaýlygynda, onuň iki tarapynda hem ýerleriň dürli ýurtlara degişlidigine garamazdan, garyndaş adamlar ýaşaýan mahalynda beýle ýagdaýyň her kim bilenem bolup biljekdigini, bu ýerde Arnabeginiň günäsiniň ýoklugyny, serhedi bozany başga ýerden gözlemelidigine ugruny tapyp, ony ynandyrypdy. Hanumanyň aýdanlary bilen kanagatlanan prokuratura işgäri şundan soň ýene obada şunuň ýaly ýagdaýyň gaýtalanaýmagynyň mümkinligini, şeýle bolanda bu barada ýerli guramalary bada-bat habarly edilmegini tabşyrandan bolup, aýalyň ýakasyndan elini aýrypdylar. Bu waka, Hanumanyň kömegi bilen başdan sowlan töhmetli bela hökmünde Arnabeginiň ýadynda galypdy. …Şol gezek Arnabegini daňdanlar, arslan-şir gören ýaly aňyrdan aljyrap, köwşüniň apgyrdyny basyp gelen eltisi süýji ukudan oýarypdy. Gapyny itibem: “Baýramyň ejesi” diýibem, ony daş işige çagyrypdy. Ol eltisiniň habaryny almak üçin, gapydan çykan mahaly, gapynyň öňünde duran horjuny görüpdi. Ýakymly tanyş ys burnuna uran mahaly ol horjunyň ýüküniň nämedigine dessine düşünipdi. Ondan bark urup, “waharman” gawunyň ysy kükeýärdi. Horjunuň gapdalynda özi göterip getiren ýaly eltisi elini owkalap durany üçin Arnabegi “Bu nädip şu agyr horjuny göterip getirdikän?” diýip, geň galan mahaly, eltisi ýene dillendi. – Gyssanyp daş çykaýmanmy, aýakýoluna oturanymam şoldy welin, bize golaýlap gelýän bir atly göründi. Ol gelibem töweregine garanjaklap, siziň gapyňyzyň öňünde atyny saklap, ondan şu horjuny düşürdi-de, dolanyp, ýene yzyna gitdi. Öý talamaga gelen garakçy-ýenekidir öýdüp janymda jan dagy galmady. Gorkymdan oturan ýerimde doňup galaýypdyryn. – diýdi-de, gorkanyny mälim edip, ezenegi agan köýneginiň ýakasyny bir ebşitläp turup bir goýberip durşuna, käte-käte açyp, haýygyp ýakasyna tüfledi. Arnabegi eltisiniň gep saluwyndan, dessine bu işi kimiň edip biljegine çen bilenräk düşündi. Içinden. “Akgam jandyr” diýip, alty-ýedi ýyllykda maşgalasy bilen Owgana aşan kakasyny ýatlady. Onuň bu gawunlary gyzydyr agtyklaryna dadyrasy gelip, ata-ene janköýerligi bilen, serhediň howpundan çekinmän getirenligini bildi. Ondan minnetdar boldy. Kakasynyň derýanyň aňry ýüzünde ýeri bardygyny ony görüp-tanan birki adamdan eşidipdi. Hatda onuň özi-de şol golaýdan geçende, töweregindäkilere syr bermezlik üçin, ol tarapa seretmedikden bolup: “Heý, bir daşyndanam bolsa, akgamy görüp bolmazmykan!?” diýip, delmirip seredenini duýman galýardy. Şonuň üçinem gawunly horjuny kimiň düşürip gidenligi bellidi. Kakaň, agaň ýa-da ogluň bolmasa, kim seniň gapyňa horjunlap gawun düşürip gidýär. Gelibem onuň süýji ukuda ýatanlary oýarmaýyn diýen bolmagam mümkin, esasanam, ol Sowetler görüp, maşgala gep getirmekden çekinen bolmaly. Beýle hereket, köplenç, öz bala-çagalaryna hemişe ýagşylyk-delalat etmegiň ugrunda gezýän, ondan lezzet alýan ene-atalara mahsus bolýar. Munuň şeýledigini iki-üç çaganyň ejesi bolup ýören Arnabegi bilmän, kim bilsin. Töwerek ýagtylyp ugransoň, ýygyma gelýän adamlar barha köpelişip ugradylar. Hanuma olaryň birnäçesi bilen saglyk-manlyk soraşansoň, duran atyzynyň boýundaky aralyk çile düşdi-de, ondanam saga öwrülip, derýa boýundaky ýekebara hojalyklaryň pagta ýygýan ýerine gitdi. Ol düýn uzagrakdanam bolsa, Kymyş duzçynyň agtyklary Ogulbike bilen Akjagül ikisiniň öz ýerleriniň pagtasyny ýygyp ýörendiklerini görüpdi. Indi munuň nämüçindigini bilmese-de, Kymyşlardan birini görse, ol Ahmedi ýatlaýardy. Düýn gyzlary görüp, Ahmedi köpräk ýatlanlygy üçin bolsa gerek, agşam Ahmet onuň düýşüne-de giripdi. Ony öte küýsemegine sebäp bolupdy. Agşam ýatyrka, ertir gyzlara duşup, olardan osmakladyp sorap, Ahmet barada bir zat bilesi gelipdi. Hanuma ýer ortasynda göbek bolup, ep-ýesli meýdany tutup oturan depäniň gapdalyndan geçip barýarka, Gün bir gyzyl köz bolup lowurdap onuň öňünden çykdy, özi-de ol şol öňküsi ýaly, haýsydyr bir näbelli etmiş üçin uýalyp, gyzaryp, gaýtarma gelne keşmer berip, owadan bolup dogup gelýärdi. Ýas-ýaňam töwerek garaňkyrap duransoň, Gün entekler görnerli däl bolup duýulýardy. Hanuma özüniň nireden geçip barýanlygyny aňyna getirende, il içinde bu depä ýanalynyp-ýortulyp aýdylýan Söýünala işe gelen döwründäki eşiden hekaýasyny ýatlady... ...Bu gürrüň türkmeniň saryk kowumynyň Marydan gaýdyp, Pendä ozalky mal bakýan öri ýerlerine ymykly göçüp gelen döwürlerindäki, bu ýerde ýüz beren kynçylyklar bilen baglydy. Muňa saryklaryň ozalky öri ýerleriniň töweregine göçüp gelip, ornaşyşyp, daýhançylyk bilenem meşgullanyp ugramagy sebäp bolupdy. Şonda Pendiniň bu etegini eýemsirenmegiň ugruna çykyp ýören Kerki begi Gyzylinjige bu ýagdaý ýaramandy. Sebäbi onuň mallary Buhara emiriniň emri bilen, öz wagtynda tirseklenip, türkmenlerden alnan şu ýerleriň bir böleginde bakylýardy. Buhara emiriniň dikmesi Gyzylinjik şundan soň ol örüler hamala doly elinden gidip barýan ýaly, saryklaryň üstüne goşun çekipdi. Sarygyň hany Sary han Gyzylinjigiň gylyç syryp gelýänini eşidip, häzirki wagtda, öňem göç-gon bilen tapdan düşen millete bir özüniň, bu güýjüň öňünde durmak aňsat düşmejegini bilip, o-da Mara habar atarypdyr. Marydan tizden Nurberdi hanyň ýolbaşçylygynda bu ýere iki müňe golaý atly ýetip gelipdir. Sary han olary özüniň Babahan, Magsut han ýaly belli serdarlary, ahun-işanlary bilen şu ýerde garşy alypdyr. Şeýdibem bu depe, şol döwürde, türkmenleriň birleşen goşunlarynyň jülgäni saklap ýatan bölüminiň düşlän ýeri bolupdyr. Durmuşda halkyň ykbaly bilen bagly çözmesi derwaýysdan kyn ýagdaýlar bolýar, şonuň üçinem onuň bilen bagly ýerlerem halkyň öňüne düşüp batyrgaýdan paýhasly hereket eden şahslaram taryh bolup, halkyň aňynda galýar. Bu depe-de şeýle ikitaraplaýyn garşylygyň möwç alan ýerleriniň biri bolupdy. Söweş başlanmazyndan öň taraplaryň hanlary syýasat edip, ilki şu depäniň üstünde duşuşypdyrlar. Duşuşyk mahaly gylyjyny öňüne kese basyp oturan Nurberdi han “Nämä yrsarap geldiň?” diýen manyda Gyzylinjige ýüzlenip: –Daňdanky jöwürdäp ýürege düşen gürji ýene bir üýrsün! – diýip, ýer üçin türkmenleriň ölüşmäge taýyndygyny oňa mälim edipdir. Gyzylinjik han görse-hä türkmenleriňem tutumy-güýji özüniňkiden artyk bolmasa, kem däl. Söweşde agyr ýitgileriň iki tarapdanam ýetik boljagynyňam ujy iki däl. Emma Gyzylinjigiň goşun çekip, nireden nirä gelensoň, bir garpyşman gidesi gelmändir. Şonuň üçinem ol bu ýerde iki tarapy hem kanagatlandyrjak şertli gepi orta atanam ýene-de onuň özi bolupdyr. Ol her tarapdan on sany men diýen pälwany orta çykaryp göreşdirmegi, haýsy tarapyň pälwanlary üstün çyksa, dawaly ýerlerem şolaryňky bolmalydygyny şert hökmünde öňe sürýär. Gyzylinjik hanyň öz pälwanlaryna diýseň göwni ýetýän eken. Onuň özi-de arkasy ýere degmedik göreş humarly pälwan bolupdyr. Bu döwletli maslahat iki tarapdanam şonda makullanypdyr. Şeýdibem, dawany gylyç-galkan däl-de, pälwan göreşleri çözmeli bolupdyr. Iki tarapdanam nobatma-nobat pälwanlar orta çykyp, göreşip ugrapdyr. Taraplaryň hersinden ýykanam az bolmandyr, ýykylanam. Ýöne dagyň bölegi ýaly bolup orta çykan Läheň pälwany welin ýykan däl, ony ýerinden gozganam tapylmandyr. Göreşe halys gyzygan Gyzylinjik hanyň şonda Läheň pälwan bilen özüniňem güýç synanyşasy gelipdir. Ol töwereginiň “Size-de hezil bermez bu pil adam” diýip, göreşmezligi maslahat berenine seretmezden, dyzanyp, çyzganyp orta çykypdyr. “Emeliň seresi – güýç” diýleni bolup, Läheň pälwan ony golaýyna gelenden harsa ony depesine göterip, soňam aýlap ýere pylçap urarly görnüpdir. Hanyň töwereginiň adamlary pälwan ony ýere çalsa, ondan tebibe zat galmajagyny pikir edişip, ýerli-ýerden Nurberdi handyr Sary han daga ýüzlenip: “Göreşi togtadyň-da, göreşi togtadyň” bolşup gozgalaň tapypdyrlar. Türkmen hanlarynyň özlerem işiň işden geçip barýanyny görüp: –Haý, zaluwat, gödeklik edip, bir ýerini omraýma, boldy et indi, boldy! –diýşip, Gyzylinjik hanyň pälwanlykdan başga-da onuň han hatyrasynyň barlygyny hem Läheň pälwana ýatladyşyp, ýerli-ýerden oňa töwella-tagsyr edipdirler. Läheň pälwan diňe şundan soň ony depesinden düşürip, öň ýanynda iki aýagynyň üstünde goýupdyr. Gyzylinjik han hakyky pälwan eken. Ol Läheň serdardan ýeňlenine gaharlanmagyň ýerine, gaýta, şunuň ýaly biten, taýsyz pälwan adamyň barlygyna begenipdir. Oňa özüniň altyn saply gylyjyny peşgeş beripdir. Şundan soň Gyzylinjik hanyň bu jelagaýda uzak saklanasy gelmändir. Ol bu parahatçylykly çözülen düwnüň şanyna ýörite gurlan dabara hem galman, “At ürken, är gorkan ýerinden” edip, «Ýeriňem özüňe nesip etsin, suwuňam” diýip gyssagly atlanmak bilen bolupdyr. Şeýdibem, bu depäniň bagty işläp, “Ganly depe” adyny almadan halas bolup, diňe hanlaň döwre gurap oturyp, agzybirlik edilen ýeri hökmünde halkyň aňynda galypdyr... Gün tegelegi taplanan tamdyryň içi ýaly, gyzgylt reňkini ýitirip, agaryp ugran-da bolsa entek, tomsuň bir güni azaşyp galypdyr diýdirýän tüp yssy entek düşmändi. Serginlik bu günler ähli ýerde, hemişe şeýdip durarly bolup, öz halyny saklaýardy. Hanuma öňünde egrelip-dogralyp barýan ýodany yzarlap barşyna bol hasyl getiren pagtaly meýdany, ony ösdürip ýetişdiren daýhanlaryň buýsançly nazary bilen synlaýardy. Käbir pagtanyň juda gowy açylan ýerine duşanda onuň gapdalynda aýak çekip, hamala ýene bir azdan öňüne partyk dakynyp, onuň bir başyndan giriberjege meňzäp, garly meýdan bolup oturan atyzlary gözügidijilik bilen “Bu kimiň pagtasykan?” diýip synlabam durýardy. Ýagdy şuranyň “Biziňem pagtamyz ýekebara hojalyklarynyň pagtasyndan kem däldir” diýip, pagta barada gep bolanda bäsdeşlik edip aýdýan gürrüňi bardy. Hanuma kolhoz pagtasynyň içinden çykyp, ýekebara hojalyklarynyň ösdürip-ýetişdiren hasylynyň içine aralaşaňsoň, dogrudanam, onuň artykdygyna, hasyllydygyna ýene bir gezek göz ýetirdi. Nurjumanyň pagta barada gaýtalamagy halaýan jümlesini ýatlady. Ol “Pagta bi igli çaga ýalydyr, örän köp azap, alada talapdyr. Ilkiler kesegiň arasynda syçanyň gulagy ýaly gulajygyny herreldip otyrka, ondan bir zat çykaram öýtmersiň, suwuny, dökünini wagtly-wagtynda berip, daşyna geçen haşal ot-çöpleriň arasyndan bir alyp çykarsyň welin, ana, onsoň gör, onuň pasyrdap boluberşini. Güýzem ýagyn-saçyna galdyrman, bir toplap alyp bilseň, dag dömen ýaly seňňerläp duran ap-ak pagta dagyň bardyr. Onuň depesine çyksaň, onsoň şol ýerden Aşgabat, Meskewinem görüp bolýar” diýip, ol muny pagta bolan aýratyn bir buýsanç bilen aýdardy. Haçanda ol bir gezek şura jaýynda bolýan maslahatlaryň birinde, hemişe oňa bir zat tapyp, degnesi gelip durýan Ýagdy: – Ýoldaş Nurjuma, gepiň soňuny uçuraýdyň-la, how sen, pagtaň dag bolaýanda-da onuň üstünden saňa Aşgabat, Meskew görnermi?! Olar baryp nirlerde – diýip, öňüni dolanda ol jogap tapman, çytylmagyň ýerine oňa: “Men pagta dagynyň üstüne ýöriteläp çykyp ýören-ä däl welin, ýöne görünýändir. Olaram bizi şol ýerden görýändirler. Ýadyňdamy, şura, Mara ýygnaga gidenimizde, Orusýetden, onuňam Reutowa diýen pawriginden gelen aýalyň çykyş edip aýdany “Siziň, doganlar, pagtadan daglaryňyzy Moskwadan görýäris, berekella, şeýle daglary siz hasam köp dörediň, biz ondan dürli matalary dokarys, onsoň siziňem geregiňiz mata bolsun” diýmänmidi näme? – Ä-hä, beýle göçme pikir etseň, onda seňkem dogry, başlyk –diýip, Ýagdy-da şonda onuň bilen Söýünalynyň Moskwadan görünýänligine ynanypdy, Nurjumanyň pikirine özüçe düşünip kanagat tapypdy. Bir-birleri bilen bäsleşip, pagta ýygşyp ýören Ogulbikedir Akjagül işe gyzyşyp, Hanuma on-onbäş ädim golaýa gelýänçä, onuň gelenini duýmadylar. – Armaň, gyzlar! – diýen sözi eşidip, gyzlaryň ikisem birden işden baş göterdiler. Görseler, ine, her ýerden bir hana alyp, Hanuma aýagyna çolaşýan gowaçalaryň arasy bilen, ýüzýän ýaly bolup, ak dişlerini sähelçe görkezip, göwnühoş ýylgyryp gelýär. Hanumanyň başyndaky kiçijik topby börügi görnenden, Ogulbike ony dessine tanap, minnetdarlyk bilen ýylgyrdy. – Hanuma eje, sizem kömege geldiňizmi? – Gyzlar, size nepim degse, armanym näme!? – diýip, Hanuma gyzlara gözläp, mähirli dillendi. Olaryň golaýyna gelende, eline üýşen pagtany Ogulbikä berip, töweregine göz aýlap dillendi. – Pagtaňyza gowy bitipdir, gyzlar. Plan-a artyga bilenem ýerine ýetirersiňiz. – Akgamdanam beter Orazgylyç akgam yhlas baryny etdi-dä muňa... – Her ýylam biziň pagtamyz gowy bolýar, Hanuma eje – diýip, Akjagül hem gürrüňe goşuldy. Hanuma şol geçirilen kulak emläginiň ýazylyşygynyň öň ýanynda gelip, elden almak üçin göräýmeli zatlary hem görmän, göwni ýykylan maşgala hemaýat edip gideli bäri Kymyşlar oňa indi ýakyn adamlarynyň biri hökmünde seredýärdiler. Akjagül bilen Ogulbikäniň Hanumanyň geýnişine, onuň ziba keşbine gözi gidýärdi. Ol başyna oba aýallary ýaly, uly topby geýmän, özüne gelişýän ýeňiljek ýaglyk atyp gezerdi. Häzir Hanumanyň egninde meýdan işlerine çykanda geýýän könelip göwşüllän alaça köýnegi, özüne ulurak görünýän mahmal dony bardy. Ýöne ol barybir şu ýönekeý geýimde-de, “Hakyky gözel jinde içinde-de, kül üstünde-de gözeldir”' diýlişi ýaly, syratly hem görmegeýdi. Hanuma gyzlardan: “Mamaňyz hany, hol gün o-da bile gelýän ýalydy-la siz bilen” diýende, gyzlar oňa, mamalarynyň häzir öýden daşlaşara ýagdaýynyň ýoklugyny, agalary Ahmediň aýalynyň tabynyň halys peslänligini, mamalarynyň şonuň töwereginden aýrylyp bilmän galmaly bolandygyny aýdyşdyrdylar. Hanumanyň: “Hany maşgalasyna göz-gulak bolara Ahmediň özi niredemiş?” diýip, Ahmet barada bir zatlar eşitmek üçin beren soragyna, Akjagülden öňürdip ýene-de Ogulbike jogap berdi. – Ol, heniz sizi galtamanlar ogurlamazyndanam öň türmeden gaçyp, ýene Owgana aşanmyş diýdiler. Babam şonda gaharly: „Bu doňuz ahyr özündenem zabun birine duşar. Munuň nirede jesediniň galanynam bilmän galarys. Hiç gorkmany bilenog-a bu doňuz!“ diýip, käýindem –diýip, ol barada eşiden käbir zatlaryny hem gep ugruna ýatlaşdyrdy. Akjagülem şonda nämedir bir zatlary ýadyna düşürip: “Hol, Gurat agaň ortanjy ogly Nazar soldatlaryň gözüne güýdüşüp, Owgana aşyp, uly agasyny görüp gelenmiş. Ol şonda Marçakda Ahmet akganam görenmiş. At münüp, owganlaňky ýaly başyna selle oranyp, dakynyp bilen ok-ýaragyny dakynyp, gyzyl ot bolup ýörmüş, ony mamam sorap baranda Nazaryň özi aýdanmyş. – Haçanrakka Nazar Gurduň ol ýere gidip geleni? Hanuma gyzlara syr bermezlik islese-de, gürrüň şu ýere ýetende özüniň nähili dilleneninäm duýman galdy. – Hepde geçen-ä däldir – diýip, Ogulbike oýurganyp ýadyna saldy. – Öz-ä juma günüdi. Mamam şol günem namazlygyň üstünde köp oturyp gowy dilegler etdi. Ol juma güni edilen dilegler Alla dergähinde has gowy kabul bolýanlygyna ynanyp, mamasynyň bu güne has yhlasly bolýanlygyny hem ýatlady. Hanuma gyzlary osmakladyp durşuna magadyna ýetmek üçin olardan ýene bir zatlar soraşdyrmakçydy. Ýöne alysdan atlaryny ýanaşak sürüp gelýän iki atly görnen wagty olar onuň ünsüni özüne çekdi. Ol gelýänleriň sag taranyndaky eýerden ösüp çykan ýaly bolup oturany has tanyş görnüp, atlylar ýakynlaşdyklary saýy indi ol Ýagdy şura öwrülmek bilendi. Hanuma Ýagdynyň bu ýerde özüni görüp, bulaň ýanynda durmagyndan müňkürlik bilen, özüçe “Bu heleý Kymyşlaryň töwereginde köp görünýär welin, näme bähbidi barkan?” diýen pikir bilen, ters yz çalyp ugramagyndan, bulara bir zeleliň ýetäýmeginden çekinip, ol heniz görüp ýetişmänkä bu ýerden gidäýenini kem görmedi. Hanuma soňky döwürde, has dogrusy, Ahmede duşaly bäri Ýagdy bilen gabatlaşmagy näler islemese-de, ýöne bile işleşensoňlar, “Ýylanyň ýigreneni narpyz, o-da hininiň agzynda gögärmiş” diýleni bolup, bir ýerde bolmasa, başga bir ýerde duşuşmaly bolýardy. – Gyzlar, işläň onda! – diýdi-de, özüniň şundan ilerki Parlaň baýyň oglunyň brigadasyndaky işleriň barşyndan habar alyp, gaýtjagyny aýdyp, uly çiliň üsti bilen howlugybrak ilerligine ýöredi. Şeýtmek bilen özüniň bu ýakymsyz duşuşygyň daşyndan aýlanyp geçýändigine ynandy. | |
|
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |