14:27 Ojak - 2-nji kitap -13: romanyň dowamy | |
* * * Ýetişdirilen bugdaý hasyly 31-nji barakda indi iki aýa golaý wagtdan bäri ürç edilip ýygylýan-da bolsa, onuň alada-akarady entek-ýentekler tükener ýaly däldi. Meýdanlarda bugdaý oragy dowam etse, arabalar aýak aldygyna Akmolladaky däne ammaryna ürç ýedip bugdaý daşaýardylar. Howa-da bu ýyl daýhana edip bilen garaşygyny ederli görünýärdi. Heniz ýagyş ýagmadygam bolsa, wagtal-wagtal asmanda gara bulutlar sürlenişip peýda bolup: “Haý, büýä ýagsa gerek, şunça garaşdy, ýene biraz garaşsa-ha gowy bordy, ýogsam galan hasylyň berekedini alar bi, soňy kä ýyllardaky ýaly göni gyşa ýazyp, hasyly gar-buzuň öz gujagyna ymykly alaýmasa ýagşydyr” diýdirip, adamlaryň alada galmaklaryna sebäp bolýardy. Gara daň bilen obadan çykyp, Orazgeldi bilen ekin meýdanyna ugran Iwan Zaharowiç ýoly ortalaberenlerinde, aňyrdan alagaraňkylygyň içi bilen meýdandan ýüküni tutup, uzyn hatar gurup gelýän kolhozyň Akmolla barýan bugdaý ýükli arabalary gabat geldi. Hataryň öňüni düýe goşulan arabalylar çekin gelýärdiler, öňdäki arabanyň gapdaly bilen düýäniň owsarynyň bir ujuny eline saran Tätän gerimli-gerimli ädimläp gelýärdi. Onuň yz ýanyndan ýolda sürgünlikden gaçyp, ile iş bolan, şeýdibem günäliniň oduna bigünä ýanar diýleni bolup, ili OGPU-nyň gazabyna gerňeden Nurýagdy Ýegelek bilen Akmolla ýolunda onuň giňliginden, çolalygyndan peýdalanyp, wagtal-wagtal Watany ýatlap, aýdyma zowladyp, eýýäm bagşy hökmünde hem tanalyp ugralan Garýagdy Öwelek bilen hatardan öňräkde bir kowçum bolşup gelýärdiler. Bularyň üçüsi-de ýakynda gum içindäki çarwa gazaklardan bugdaý çekmek üçin düýeleri soralyp alnansoň, bu işe golaýda gatylan adamlardy. Orazgeldi başlygyň bugdaý çekýänleriniň habaryny alman, olaryň gapdalyndan geçmejegini bildi. Toparyň duşunda arabany saklady. Baş atyşyp, ýagdaý görä ildeşleri bile gysgaça salam-helik alyşdy. Arabadan aýagyny sallap oturan Reşetnikow nazary bilen adamlary aýyl-saýyl edip oturyşyna hersi alagaraňkynyň bir bölegi bolşup duran düýelere göz aýlady: – Nähili, düýeler araba boýnaýarmy? Topara berlen soraga arabasynyň gapdaly bilen ýelpäbräk gelýän Nurýagdy jogap berdi. – Boýnaman nirä gitsin, başlyk? Adama boýnamaýan jandar barmy? Barakçylyga gelnensoň, Nurýagdynyň rus dilini öňem takma-tukma bilýänligi belli bolup, ol bu ýerde iş salşyp, oruslar bilen gepleşip ugransoň, onuň orusça gepleýşi indi birneme öňküsinden kämilleşip ugrapdy. Bu bolsa oňa dil bilmeýänlerden az-owlak tapawutlanmaga mümkinçilik berýärdi. Ýene-de töweregindäkilere deregem başlyk bilen ol gürleşdi. Ol häsiýetine görä, şeýle edende başlyga ýakymly bolar ýaly gürlände ýöwseläp, zordanrak gülümsiräp gepledi. Reşetnikow gitmänkä bularyň gaýdyp gelerine howlugýanlygyny mälim edip gürledi. – Bu gün-ä siz ýolda borsuňyz. – Ýol eslije baram-da. Arabalaryň ýükem ýetik. Däne tabşyrylýan ýer bir golaýda bolsa bolmaýarmy!? – Onuňam pikiri edilýär. Kaşikow stansiýanyň golaýynda goňşularymyz 30-njy, 29-njy, 28-nji baraklara hem amatly bolar ýaly, ýene bir goşmaça däne tabşyrylýan ýer edinmek pikiri hem bar. – Şeýdilsin-dä hernä. Şonda bir gije-gündizde iki dagy gatnasa boljak. – Ýöne bu ýyl däl, geljegiň gürrüňi bi. Şonda töwerekdäki goňşularymyza-da guruma wagona ýüklemäge amatly ýük boljak. Nurýagdy özüniň başlyk bilen rusçany deňine gürleşip bilýänligini töwerekdäki ildeşleriniň görýänine, özüniň gerekli adamdygyny subut edýänligine monça bolmak bilen, biraz tolgunjyrap, gaýta-gaýta eňegini ähmiýetli sypalaýardy. Reşetnikow: – Dänäni kombaýnyň döwenlerinden ýüklänsiňiz-dä? – Şondan. Ol ýerde entegem kän. Depe-depe bolup ýatyr. – Döwülmän işläp ýörse, ol dünýäň dänesini döwýär-ä... Reşetnikow Akmolla barýanlaryň habaryny alansoň, olaryň uzak ýol sökmelidiklerini ýatlap gyssandy: – Baryň, ýoluňyzdan galmaň! – diýip, ýükli arabalary ýola salmak bilen boldy. Başlygyň arabasy bir salymdan bugdaýly meýdanyň çetinden girip, ugrady. Bu mahala çenli dünýä ýene birneme agaryp, gündiziň örüsi geňäpdi. Asman gargalaryň ylgar mesgenine öwrülip, olaryň her günki irki uçuşy başlanypdy. Gargalar kowçum-kowçum bolşup, özleriniň däne çöpleýän ýerlerine tarap, gagyldaşyp, bir birlerini kowalaýan deý, şowhunly uçuşyp barýardylar. Orazgeldi gargalaryň sesine üns berip, öwrülip depesini gözlän wagty arabadan aýagyny sallap oturan Reşetnikowyň hem depesini gözläp, gargalaryň gopduran tomaşasynyň synçysy bolup oturanyny gördi. Gargalar Orazgeldiniň bugdaý ýygymynyň başlarynda hoşa çöpläp, başlaryna bela satyn alan ildeşlerini ýatlamagyna sebäp boldy. Şadmanow şonda gazaba tutup, ol bendelere gan gusdurypdy. Juwajy ýaly, özünden geçen janköýer tapylmadyk bolanlygynda ol bendeler häzir, gör, haýsy türmeden baryp çykardylar. Juwajy bolsa şeýdip, etmedik günäsini boýun aldy-da gidiberdi. Onuň hereketi barada öňem telim gezek pikir edenine seretmezden, ol wakany ýene bir gezek ýatlap, goç ýigide mahsus hereket hökmünde Juwajyny mertebeläp oýlandy. Şadmanowyň hoşa çokýan gargalara alajynyň bolmajagyny, ýöne elinden gelse, onuň zalymlyk bilen gargalaryň hem bokurdagyna ýapyşmany hiç zatça görmejegini, gargalaryň elýetmez tarhanlygyny ýatlap buýsandy. Ol bir pursadam bolsa hemmeleriň gargalar ýaly erkin bolmagyny isledi. Araba bugdaýy orlan meýdanyň içi bilen ýene üç-dört kilometr ýöränsoň, Reşetnikow bir hyýala müneni belli bolup, ol araba gidip barýarka ýüzugra ondan böküp düşüp: “Oraz, senem bar-da häzir kombaýnyň töwereginden ýüküňi tut. Ýaňkylaryň yzyndan gidiber onsoň. Bir gysym däne artygrak aşyrsak, bir peýda. Men häzir el bilen bugdaý orýanlaryň halyndan habar alaýyn, bu ýerde boljak bolsam, maňa ulag-da gerek bolup durmaz. Gerek bolaýsa-da günüň bir wagty ýoldaş Şadmanow geler aýlanmaga, şonuň paýtunyny bile ulanaryn“ diýip, oňa tabşyryk berdi. Däne oragy ýyglyp-ýyglyp häzir allowarra süýşüpdi. Orakçylar indi onuň bäri-bärde bolmadyk aňry etekleriniň dänesini orşup, ýygnaşyp ýördüler. Reşetnikow Orazgeldini bähbitarap iş ugruna ugradansoň, özi bir salym arabadan düşen ýerinde, köýneginiň synyny çekişdirip, kimdir birine garaşýan ýaly, töweregini kanagat tapmak bilen synlap durdy. Bugdaýy orlan ýeriň içi bilen gönüläp, ol orakçylar bardyr diýen tarapyna ugrady. Ol dänesi orlan meýdanyň içi bilen gidip barşyna hasyl ýygnamak meselesinde az iş edilmänligini, bu ýyl howanyňam gowy garaşyk edenligini, häzirki biraz howlukmaçlyk bilen edilýän meýdan işleridir ol işlere ulaşyp dert-azar bolup zähmet çekip ýörenler, ýene-da gabadyna gelen zatlaryň birnäçesi babatda, orlan ýeriň möçberini anyklamagyň ugruna çykan deý, bir görseňem bir zadyň üstünden ätleýän ýaly bolup barşyna küýli oýlandy. Hut geçen ýylam boş çaňap ýatan meýdandan bu günki gün toplanan we döwlete tabşyrylan däne az däldi. Hä, diýmän berlen plan amal bolup barýardy. Wah, şu däne çekmekde ulag bökdençligi bolmadyk bolsady, onda eýýäm plan dolup, aşybam gitmelidi. Ol çekilýän zähmeti, gazanylýan zähmet üstünliklerini görüp, hökümetiň hem sürgün adamlaryna bolan dartgynly garaýşyny biraz-da bolsa ýumşatjagyna tama bilen göwün ýüwürdýärdi. Elbetde, durmuşyň düzeljegine tama etdirýän alamatlar ýok hem däldi. Ilki-ilkiler obanyň daşyny halkalap goraýan adamlar bugdaý oragy başlanyp, däne çekilip ugransoň, onuň daşyndan aýrylypdy. Indi onuň ýerine töwerekdäki barak obaçylyklaryny aýlanyp, „tersçil“ gözleýän OGPU arabasy bilen dört-bäş sany garageýimli ýaragly adam galypdy. Şadmanow 31-nji baraklylarynyň arasyndan tapan „tersçillerini“ indi şäheriň sud, prokuroruna şol adamlardan ugradýardy. Reşetnikow bir gezek raýkomyň sekretary Satybaldyýewa haýyşly ýüzlenip: “Ýoldaş Ýerlan Satybaldyýewiç, bu organlaryň adam ýygnamasyny, juda erbet günä etmese, hi bolmanda, däne ýygymy gutarýança bir galdyryp bolmazmykan? Dänäni ýygnamaga häzir diýseň el güýji gerek!“ diýip ýüzlenipdi. Şundan soň obada belli bir derejede tussag edilip, jenaýatçylyga çekilýänler azalyp, 31-nji baraga OGPU arabasynyň gelmesi azalypdy. Ýaňy-ýakynlaram ol adamlaryň arkasyny almak däl, hatda bu barada pikir etmäge-de çekinilýärdi. Elbetde, ol bu ýere sürgün edilen adamlaryň, dynç alyş öýüne getirilmänligini, iş üçin, onda-da agyr işler üçin şahtada kömür köwmek, daş daşamak, ekin ekip hasyl ýetişdirip, eziji synpyň wekili hökmünde öz „günäsini“ ýuwmak üçin getirilendiklerini häli-şindi ýatlaýardylar. Heniz-henizlerem raýon ýolbaşçylaryň ýygnaklarynda OGPU ýolbaşçylary çykyş edip: “Sürgüne gelenleriň, ezije synpyň wekilleridiklerini unutmaň, aýamaň, berk gözegçilikde saklap işlediň. Talapy güýçlendiriň. Baý-gulaklar gatyr ýaly ýükçi hem çydamly bolýandyrlar” diýýärdiler. Raýon ýolbaşçylaryna kim bilen işleşýändiklerini ýatladyp durýardylar. Reşetnikow türkmenleri öz meýdan işlerine tüýs wagtynda ýetişen kömek hasap edýärdi. Özi-de olar bilen aýry-aýry dillerde gepleşilýänligine seretmezden, tiz düşünişip ugrapdy. Käte ol türkmenler, olaryň dünýäsi barada pikir edende, bu adamlaryň gaýry dilde gürleýänlerine, däp-dessur aýratynlyklaryň barlygyna, başgaça geýim geýýändiklerine seretmezden, olarda ruslara ýakyn birnäçe häsiýet-meňzeşlikleri bar ýaly, hamala özüni dilini çalşan, başgaça geýnen öz obalarynyň arasynda gezip ýören deý taň duýgyny başdan geçirýärdi. Sürgün durmuşynyň kem-kemden gowulaşyp barýanlygy barada oýlanyp, bu ýakymly, pikirlerden onuň wagty bilen aýrylasy gelmezdi. Öňňinki raýon ýolbaşçylary bilen galla oragy baradaky bolan ýygnagy ýadyna saldy. Dogrusy, ol henizem ondaky eşiden gürrüňleriniň täsirindedi. Onda gazak topragynda galla ugrunda janaýamaksyz göreşiň depgin bilen barýanlygy, bu topragyň şu ýyl galla meselesinde hasylly ýyldygy, ýurduň birnäçe ýerinde gurakçylyk bolup, garaşylan gallanyň önmänligi ýatlanylyp, ýyglan gallanyň ýekeje dänesini-de zaýalaman, döwlet ammaryna tabşyrylmagy barada köp nygtalyp aýdylypdy. Raýon partiýa komitetiniň ikinji sekretary ýoldaş Satybaldyýew işleriň gidişi barada bar bolan hasap-hesipler bilen sözüni nygtap çykyş edende, iň gowy barak hojalyklaryň arasynda 31-nji baragyň adyny diňe umumylykda hem tutup goýman, bu üstünligiň barak ýolbaşçylarynyň işi guramaçylykly ýola goýmaklarynyň netijesidigi belläp, komendant Şadmanow bilen Reşetnikowyň adyna taryply sözler aýdypdy. Ady agzalsa-da Şadmanow ýygnaga çagyrylmandy, ol özüniň tarypyny gelensoň, Reşetnikowdan eşidipdi. Bu onda raýon ýolbaşçylaryna bolan minnetdarlyk duýgusyny döredipdi: “Şeýdip aýtmaly ahyrym. Işlenilýär-ä gije-gündiz diýilmän...” diýipdi. Reşetnikow birsalym ýöränsoň, ol ýene-de aýak çekip, çilim otlandy. Oraklarçylary bäri-bärde görmänsoň, olaryň öz çen eden ýerinden has aňyrrakda işleşip ýörenlerini kanagatlanma bilen pikir etdi. Töwerekde durşuna saman bilen basyrylan meýdan ýaýylyp ýatyrdy. Özi-de onuň Gün çoguna enesi söýüp ýalan sary göläniň endamy ýaly ýalp berýärdi. Bugdaý bitginli bolanda, onuň samany hem bolsady ekilen ýaly bol bolýar. Şu pursatda Şadmanow paýtunyny dazyrdadyp, bir ýerden görnäýjek ýaly duýlan pikiriň yzysüre Reşetnikow on-on bäş günlükde onuň bilen bagly duşan uýatly ahwaly ýatlanyny-da duýman galdy. Şonuň yzysüre-de ýene-de Şadmanow baradaky eşiden, bilen zatlarynyň birnäçesi onuň ýadyna düşdi. Karlen Şadmanow ýaşan bolsa kyrk ýaşy alarladyp baran adamdy. Komsomolda işläp ýören jahyl ýigit mahaly ol OGPU-a işe alnypdyr. Dogrusy, ol bu işe alynmasa-da alynmazdy. Onuň ýakyn garyndaşlaryndan eýýäm tersçil hökmünde tapylyp, almytyny alanlar-da bardy. Ýöne bu meselede oňa tanymal gyzyl komandiriň gyzyna öýlenmegi kömek etdi. Ol ilki şol günlerde demir ýolçy maşgalasyndan bolan bir gyza öýlenmekçi bolup, onuň bilen halaşyp ýördi. Emma şol döwür halypa tutunyp ýören kommunist ýoldaşlarynyň biri ony gowy ýaşamak üçin, maşgala durmuşyňy, mümkin boldugyndan, bähbit arabrak, döwür-döwrana göräräk gurmalydygyna ynandyrdy. Mümkin bolsa, jöhit gyzyna öýlenmegi, olaryň jogapkärli wezipelerde aglaba köplükdigini, gerek ýerinde bir-birlerin gözden salman, janköýerlik bilen goldaýandyklaryny aýdyp, ony arkaly durmuşa imrindirdi. Soňam ony öz abraýly tanşynyň lukman gyzy bilen tanyşdyrdy. Ol hortapdan gelen görmekli, gara gözleri şadyýan buldurap duran ýeňlesräk gyzdy. Ýöne ol ilkinji söýgülisinden ät galany üçinmi nämemi Şadmanowy dannap durmady, tanşanlaryna köp wagt geçmänkä, höwes bilen oňa durmuşa çykdy. Soňra Şadmanowyň durmuşy hut şol halypa kommunistiň diýşi ýaly hem bolup ugrady. Ony ýurtdaky ters garaýyşly adamlara garşy, mynasyp göreşip biljek ýaşlaryň biri hökmünde OGPU-a mertebeläp, işe aldylar. Ol ýerde-de tiz wagt içinde hyzmat görkezen hökmünde gulluk basgançagyndan barha ýokaryk göterildi. Doňýürek, ur diýseň, öldürýän Sowetiň duşmanlary bilen gidişýänligine ynanýan hakyky OGPU işgäri bolup ýetişdi. „Gyzymy berdim, janymy berdim“ edipgaýynatasynyň janköýerlik bilen eden aladasy şeýdibem ony bu ugurdan oblast boýunça tanalýan adamlaryň birine öwürdi. Doktor gelin durmuş guranlaryna köp wagt geçmänkä, oňa bir gyz dogrup berdi. Iki-üç ýyldanam olaryň oguljyklary dünýä indi. Ýöne onuň aýaly çen edişinden ýeňlesräk bolup çykdy. Onuň ogryn-dogryn öňki söýgülisi bilen duşuşýanlygynyň üsti açyldy. Ýöne Şadmanowyň olary bile görmänsoň, wagty bilen eşidenine ynanasy gelmedi. Bu barada gönümel gürleşmegiň bolsa aýalynyň üstüne yrsaramak ýaly bir zat boljagyny pikir etdi. Emma bu galplyk özüne uzak garaşdyrmady. Ol bir gezek komandirowkadan wagtyndan ir dolanyp gelende, aýalydyr oýnaşynyň göni üstünden geldi. Şadmanowyň göwni galsa-da, aýalynyň kimiň gyzydygyny, özüniň kim bilen bu derejelere ýetenini ýatlansoň, kyn-da bolsa, ol kine-gaharyny wagtynda jylawlamagy başardy. Aýaly ony myhmançylyga gelen köne tanşy hökmünde stol başynda tanyşdyrdy. Onuň merkezden şäher prokuraturasynyň orunbasarlygyna işe ugradylandygyny aýdyp, tanşyp-gatnaşmak üçin peýdaly adamdygyny aýtdy. Iki organ işgärleriniň duşuşygy şeýlelik bilen, stol başynda bir-birlerine düşünişmek ýagdaýynda, yzly-yzyna arakly bulgurlar göterilip, has-da berkidilipdi. Bilýän zadyňy bilmeýänden, görýän zadyňy görmeýänden bolup, partbilediňi aldyrman, işden gyrakladylman işlemek üçin onuň başga alajy ýokdy. Şeýle-de bolsa indi öýi onuň öňki giden ýerinden küýsäp, howlugyp gaýdyp gelýän ýeri däldi. Ýöne çagalary üçin aýaly bilen är-heleýlik gamyş köprinem aradan aýyrmaýardy. Soňra gaýynlarynyňam bu ýagdaýy duýup, ondan sowanlygy belli bolupdy. Olaram indi giýewlerini göterip, öňküleri ýaly alada edip barmaýardylar. Bu bolsa şundan soň birki ýylda öňki jogapkär wezipeli Şadmanowy adaty onda-munda ulanylýan uly ähmiýeti bolmadyk bir işgäre öwrüpdi. Wagtal-wagtal öýüne gidip, çagalaryny görüp gaýdýan, sergezdanrak ýaşaýan Şadmanowyň 31-nji barak komendantlygy wezipe basgançaklaryndan düşüp-düşmänkä soň soňky gelip düşen ýeridi. Emma onuň adamlara müňkürligi zalymlygy bilen köpelmese, azalarly däldi. ...Reşetnikow ol gün ertir irden şähere gitmek niýeti bilen, ol ýerde gerek boljak maglumatdyr kagyzlaryna güýmenip, kontorda gijä çenli oturypdy. Ýola gitmelidigini ýatlap, öýüne gaýdansoň, ol ýerde däne tabşyrygy bilen işi artan buhgalter Toma Borisenko bilen komendant Şadmanow galypdy. Şadmanowyň-a kabineti öýüdi. Ol Reşetnikowyň ýaşaýan umumy baragynda hem özüne tagallyk bir jaý saklaýanyna seretmezden, esasan, şu ýerdäki kabinetinde ýatyp turardy. Onuň kabineti Reşetnikowyň gapdalyndaky uly otagdy. Muny barak hojalygynyň ýolbaşçylary üçin bu jaý taýyn bolanda Şadmanowyň özi saýlap alypdy. Reşetnikowyň sag tarapyndaky otag buhgalteriýa bölünip berlipdi. Emma şol gezek ol öýüne baransoň, bir gerekli kagyyzyny almagy unudanlygyny, ertirem howlukmaç ýola düşse, ony ýene-de ýanyna almagy unudaýmagyň mümkinligini ýatlap, öýüne baransoň, yzyna dolanmaly bolupdy. Reşetnikow yzyna dolanyp gelen wagty gije-girimde ýapylýan-da bolsa, umumy girilýän gapy heniz açyk eken. Buhgalter gelin çykyp gidensoň, Şadmanow ony ýapmagy unudan bolmaly ýa-da ol käte edişi ýaly gijeki işlerini birýüzli etdim hasaplansoň, ýene biraz içip, kelläni sämeden bolmaly. Dogrudanam, içerde ýiti arak ysy däl-de, zenanlaryň höwes edýän bilen içýän çakyrynyň tanyş ysy hem bardy. Hawa-da, Şadmanowa ony ýapmak nämä gerek, kim onuň ýanyna çagyrylman gelip, ynjalgyny bozmaga milt edip biljekmişin? Adamlar çagyrylsa nalaç, onda-da ýaga depjek ýaly onuň ýanyna ýaýdana-ýaýdana gelýärler. Buhgalter gelin hem giden bolmaly, onuň kabineti hamala garaňky gijeden dykylyp dolduran deý bolup, hümer baglap dur. Şadmanowyň jaýynda yşyk bar, gapynyň açyk galan yşgalaňyndan içerdäki ýagtynyň bir bölegi görünýär. Ol ýerde bir hili hüňürdem bar ýaly. Aý, kim bolsun Şadmanowyň özüdir-dä, onuň käte şeýle kimdir birine gaýybana samrap-sögünip, haýbat atybermesem ýok däl ahyryn. Reşetnikow şeýle pikir bilen, bu zatlara oňly üns hem bermän gelşine göni öz kabinetine geçdi. Şol arada-da Şadmanowyň nägile hüňürdisi eşidildi. – Ahyrky gapyny ýapmanmydyň? – Gidemde ýaparyn-da – bu aýal sesidi. Komendantyň bir del çybşyldy, bir zat gulagyna ilen bolmaly. Hüşgärligi elden berendirin öýden Şadmanow şol pursatda aýaldanam, özündenem nägile boldy: – Heleý-dä bular?.. Menem muňa ynanyp… – Gulagyňa eşidilen bolaýmasyn?! Başlyg-a gitdi öňräk öýüne. Başga kim bolup bilsiň?.. –diýip, ýene-de aýal sesi pessaý pyşyrdady. Soňam ol gulaga eşidilen ýaly bolan çybşyldynyň kimiňki bolup biljegini bilmek üçin, pelteli çyrany alyp, jaýlaryň öňündäki aýmança çykdy. Şonda Reşetnikow öz jaýynyň gapysyndaky yşgalandan eli çyraly aýaly görüp tanady. Ol buhgalter Borisenkody. Onuň komendant bilen arasy barlygy baradaky gürrüň öňem bir onuň gulagyna degipdi. Yşgalaňa görmegeýligi, gelşikli, erkek halar Borisenkonyň biraz çaşyp seçelenen saçlarynyň arasy bilen onuň ýüzüniň bir bölegi, bir zatdan uýalan deý bolup biraz gyzaryp görünýärdi. Reşetnikow henize çenli bu gelni ýatyş köýnekli, oýun – söýgä höwesli halda görmänsoň, bu ýagdaýda onuň öz kabinetine girmeginden howatyr edip, yzyna gaýdyp gelenine ökündi, öz-özünden uýaldy. Almaga gelen kagyzlaryny, öňünden stoluň bir tarapynda taýynlap goýanlygy üçin, ol özüniň çyrany ýakmanlygyna begendi. Aýal çykan gapysynyň öňünde ýene biraz töweregini garanjaklap, dünýä diň salyp duransoň, yzyna öwrüleni belli bolup, çyranyň ýagtysy keseläp ýeňsä öwrüldi. Şol barmana-da Şadmanowyň gapysy açylyp-ýapylyp, howply pursat sowuldy. Reşetnikow kagyzlaryny alyp, epläp olary goltuk jübüsine saldy-da, usullyk bilen gapa tarap ýöneldi. Gapyny emaý bilen açybam öýüne ýetmäge howlukdy... Toma Borisenkonyň ýaraşykly, içki geýimdäki keşbi soňam esli wagtlap onuň göz öňünden gitmändi. Reşetnikow ondan bäri on-on bäş gün geçen-de bolsa, ol şol gözünde galan gijeki keşbini ýatlap, onuň erkek höwes gelindigine göz ýetiripdi. Ol çilim sorup, bu zatlary ýatlap durşuna nädip onuň soňuna çykanynam duýman galdy, diňe sorula-sorula tükenen çiliminiň ody barmaklaryny ýakyp ugransoň duýdy. Howlulmaç çiliminiň oduny söndürdi-de, ýere taşlady, muny-da az görýän ýaly, soňra ony ädiginiň burny bilen mynjyratdy. Eliniň iki barmagynyň arasyny çilime dagladyp alansoň, häzir hamala bu ýetmişi üçin ondan ar alýana meňzedi. Şadmanowdyr buhgalter gelni beýle ýakynlykda görüp, munuň nädip beýle bolup biljegi barada oýa berlenini hem duýman galdy. Barak obaçylygynyň adamlarynyň-a gaçgyny Şadmanowdy. Ol görünse, kimdir birini tussag etmäge gelýän ýaly duýulýardy. Şonuň üçinem ony görenlerinden görmediklerini müň paý gowy görýärdiler. Onuň çagyranda ýanyna barmagam adamlary gaplaň-şiriň üstüne depjek ýaly eýmendirýärdi. Toma Borisenko hem bu ýere Tambowdan getirilen sürgüne degişlidi, organlar olary geçmiş etmişleri üçin has göz astyna alyp, üns-şübhede saklaýardylar. Olaryň sürgüne berleniini hem az görüp, bu ýere getirilensoňam tambowlylaryň eýýäm dört-bäşisiniň yzyndan OGPU işgärleri gelip tussag edip äkidipdiler. Birki aýlykda şol äkidilenleriň biri-de Mişa Borisenko bolupdy. Ýöne ol Akmolla äkidilse-de, birnäçe günden düşnüksiz halda ýene-de yzyna dolanyp gelipdi. Ýogsam Reşetnikowyň pikiriçe, öňki etmişi üçin biri basylsa, ol Borisenko bolmalydy. Onuň ykbaly, Sowetleriň isleginiň garşysyna 1918-nji ýylda gurlan Tambow döwleti bilen baglydy. Tambowlylar öz döreden döwletlerini gorap, 151 sany uly goşun bölümlerini döredip, Sowetler bilen barlyşyksyz uruşlar alyp barypdylar. Şol döwürlerde Tambowa garşy uruş alyp barýan goşuna Troskiý, Tuhaçewskiý, Blýuher ýaly komandirler ýolbaşçylyk edýärdiler. Olar hem öz gezeklerinde tambowlylary „Tambow möjegi“ atlandyryp ýigrenýärdiler. Tambowlylaryň goşun bölümlerine garşy barlyşyksyz ganly söweşler alyp barýardylar. Emma tambowlylar agzybirlik, edermenlik bilen gaýtawul bermek bilen, Gyzyl Goşun bölümlerini paýhynlamagy başarýardylar. Mişa Borisenko heniz ýaş ýigdekçe bolsa-da, şol wagt öz watanyny goramakdan çetde durmandy. Ulular bilen deňine gyzyllara garşy eline ýarag alyp göreşipdi. Ýaraly bolup gospitala düşüpdi. Ýöne barybir tambowlylaryň azaby ýerine düşmändi. 1921-nji ýylda Sowetler olary güýç bilen alyp bilmejeklerine göz ýetirensoň, Tuhaçewskiniň ýolbaşçylygynda haýynlyk bilen, ol halkyň, topragyň garşysyna iýiji gaz ulanypdylar. Halky köpçülikleýin gyrgyna berip, onuň güýçlerini doly dargydypdylar... Şondan bäri-de, Troskiý ýaly ýolbaşçylar Stalin bile dereje, wezipe üstünde oňuşman, ýurtdan çykyp giden-de bolsalar, olaryň Sowet döwleti tarapyndan tambowlylara döreden garaýşy üýtgemändi. Tambowlylaryň yzarlanylyp, çapylmasy, ýanalmasy öňki hörpünde dowam edýärdi. Diňe şu zatlary ýatlandan soň, Reşetnikow buhgalter gelniň Şadmanow bilen gatnaşygynyň sebäbine belli bir derejede düşündi. Bu meselede buhgalter gelniň haýyşy boýunça Şadmanowyň Borisenko kömek edenligine, gelniň adamsyna kömek etmäge başga ýolunyň galmanlygyny düşündi. Oba-da ol Akmolladan Şadmanowyň paýtunynda gaýdyp gelipdi. Şundaň soň hemişe keýpsiz, ýüzi ümürläp gezýän agras Borisenkonyň perişan keşbi ýene bir gezek onuň gözüniň öňüne geldi. Reşetnikowyň dogduk obasy Lesnýankada-da bugdaýdyr çowdary ekip gezen döwürlerini ýatlady. Bugdaý ol ýerde hem esasy ürç edilip ekilýän ekindi. Ol ýerde hem giden meýdanlar bugdaýa gark bolup oturardy. Ýöne ol ýerlerde ýakyndan-daşdan sürnüp gelen tokaý agaçlary ýeterlik bolansoň, onda gazagyň ýeri ýaly gitdigiňçe gözýetimi giňeldip, uzap gidýän ummasyz ekin ýerleri ýokdy. Birnäçe ýerde Lesnýankanyň töwereginde tokaý bolup, olar ekin ýerleriniň arasyny telim ýerde böltäp keserdiler. Russiýa giň-de bolsa, ol ýerde gazagyňky ýaly ekin ýerleri birsydyrgyn tükeniksizlik däldi. Emma hemme ýerde bitýän bugdaýlardan bişirilýän nanyň ysy welin birdi, ýakymlydy. Orak döwürleri her gün Gün batyp garaňky düşensoň, orakçylar öýlerine dolanardylar. Şonda bolsa aýdym ýaňlanardy. Orakçylarynyň gaýdyp gelýänligi belli bolardy. Aýallaryň sesi erkek kişileriň ýognasdan gelýän seslerinden has ýiti hem labyzly bolup, köp halatda olaryň seslerini basyp, göçgünli eşidilýärdi. Emma ol seslere turbadan çykýan ýaly ýogyn erkek seslerem, wagtal-wagtal goşulyp durmasa, aýdymyň has göçgünli hem lezzetli bolmagy üçin nämedir bir zadyň ýetmeýänligi duýlardy. Hawa-da, Taňry adamzady döredende, Zenan bilen Kişini olar her bapda bir-birleriň ýetnesi bolsun diýip, şu bitelik üçin goşalap döretmänmidi, eýsem?! Şol barmanda-da Satybaldyýewiň 31-nji baragyň bugdaýly meýdanyny synlap buýsançly aýdan tarypy onuň ýadyna düşdi. – Ýoldaşlar, bagtyňyza gowy hasyl ýetişipdir. Dänelere seret, dok däneler. Münlerçe adamyň maňlaýyndan dirär bu däneler. Aý, näme ömür ekin görmän ýatan mes ýerler-dä bu ýerler. Ýene on-on bäş ýyl bu ýerler tohum ýerine daş atsaňam şinelidip, gögerdip bersin. Indi muny gyşyň ýel-ýagmyr talaňyna goýman, ýygyp-ýygnap almagyň alajyny etmeli. Munuň üçin bolsa adamlar artdyrylap, gaýrat bilen işlemeli bolar... Gözýetimde giden töwerege ýaýrap, hars urşup ýören orakçylar görnen wagty, Reşetnikow ýatlamalaryň eteginden çykyp, şol ýerde ýene çilim otlandy. Bugdaýy ýyglan, ýygylmaly meýdanlary synlap, alnyp barylýan işlere, ýene näçeräk hasyl boljagyna, ýene-de onuň aladasy bilen bagly birnäçe zatlara çen urdy. Bu wagta çenli Günem asamana göterilip, onuň kese düşýän boldumly şöhleleriniň aşagynda bugdaý meýdanlary sary adalar bolşup ýaýrap ýatyrdylar. | |
|
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -4: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |