14:29 Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy | |
* * * Suw bol bolsa-da, Orazgylyç dagynyň bu getirilen ýerinde gyt zadyň biri odun eken. Derýa golaýda bolansoň, onuň töwereginde suwunyň gaçany-tezen ýerlerinde toraňňyly, ýylgyn gamyşly gar-göjele jeňňel, ýeneki döräýjegem ýaly welin, emma beýle däldi. Bu golaýda wokzal jaýlarynyň töweregindäki bir kowçum ösüp oturan ýogyn billi gara agaçlardan başga köplügräk bolup ösüp oturan agaç-bag düşnügi hem göze ilmeýärdi. Beýikde ýerleşýäni üçin bu ýere suw çykmaýan bolmagy mümkin. Ýöne häzir nähili döwürde ýaşaýanlygyňy ýatlasaň, munuň juda beýle däldigini pikir etmek hem mümkin. Häzirki ýere-suwa dawa salnylyp ýörülen mahaly, täze hökümetiň gazabyndan bu ýerlerde-de ýere-suwa hyzmat edibermäge çekinilýän bolmaly. Ýogsam erkine goýanyňda, kätmeni bilen ýüzlerçe menzillik kanal-ýaplary çekip, meýdanlary jennete öwürýän zähmetsöýer özbek daýhany heý-de bu ýerleri ekmän-dikmän boş goýarmydy? Adamlaryň töwerekde odun borluk zat gözlemeleri oňly netije bermeýärdi. Ot hem suwuň, nanyň gerek bolşy ýaly, öz agyr günüňde mydar etmek üçin gerekdi. Howlyň ortasynda her gün bir gezek sürgünler üçin bişirilýän çorbany bişirmäge hemişe odun tapylýardy. Köplenç garakömür ýakylýardy. Nahara biraz kömür ysyny urýar diýmeseň, onuň odun kemi ýokdy. Adamlar tizden nireden kömür alynýandygyna göz ýetirdiler. Demir ýoldan mahal-mahal kömürli wagonlar geçip duran bolsa näme!? “Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna” diýenleri. Beýle ýagdaýyň barlygyny bilensoňlar, odun-çöpsüz kösenişip oturan adamlary saklap bolýarmy!? Dessine olar ötüp-geçýän otlularyň häsiýetini, ýagdaýyny bilip aldylar. Bu ýer otlularyň tertibe salyp saklanylýan ýerleriniň birisi bolup çykdy. Munda otly kerwenleriniň goşalanyşyp durmaklary hem hut şonuň üçin eken. Daşkende geçip barýan ýa-da ol tarapdan gelýän ýük otlularyň käbiri bu ýerde ýarym salkyn, käte nirä barýanyny hem unudana meňzäp, iki-üç günläbem duruberýärdi. Demir ýoluň bu amatlygyndan ilki kän bir giden ýerleri hem yzarlanylyp ýörülmeýän ýigdekçe çykyp gelýän çagalar peýdalandylar. Sürgün obaçylygynda onuň-munuň öýünde ot peýda bolup ugransoň, “kömür” heseriniň hemmeleri diýen ýaly galtanlygy belli boldy. Oglanlar dört-bäş bolup çeträkde duran kömürli wagonlaryň üstünde birden duýdansyz peýda bolardylar-da, ol ýerden aşak oklap bilen kömür böleklerini oklardylar, oglanlaryň ýene birnäçesi bolsa hasanaklaşyp, ylgaşyp, ony çöpläp beýleräk bir ýerde üýşürip ugrardylar. Özi-de kömür almagy olar otly ýol boýunda oýnaýandan bolup, başardyklaryndan muny gizlin etmäge çalşardylar, köplenjem olar öz hereketleriniň bir ýanyny garaňky düşüp, aýak ýygnalýan mahallary etmäge çalşardylar. Bir tarapdan wagty-nobaty gelip, güýzem indi assa-ýuwaşdan öz ornuna dawa tutup ugrapdy. Gündizlerine yssy tomsa berimsiz bolýan hem bolsa, gije üstüňe ýorgan çekäýeniňi kem görmeýärsiň. Şeýdibem, howa sowap ugradygyça ot-ojagyň barha gadyry artyp ugrapdy. Bäş-alty günlükde Ahmet bilen Aganazar hem öýe telim tokga kömür böleklerini getiripdiler. Bu gezek welin stansiýa kömürli wagonlaryň gelenini olar giç eşitdiler. Oglanlaryň üç-dördi eýýäm oýun ýerlerine gelenlerinde ýola çykyp, kömür oljalap gelipdiler. Ýene-de: “Türkmeni göçürjek bolsaň, gapdalyndan göç geçir” diýleni boldy. Aganazardyr Ahmet deň-duşlaryndan kömürli wagonlaryň salgyny alyp, ylgaşlaşyp baranlarynda eýýäm garaňky gatlyşyp ugrapdy. Wagonlar ikinji hatarda duran hem bolsa, yzyndaky wagonlar kömür ýükli bolany üçin bu has amatlydy. Üstüne çyk-da, zyň pese, gerek kömrüňi, soňam düş-de alyber toplap. Gerek kömri tizräk ol ýerden aşak oklamak üçin, bu gezek oglanlaryň ikisem onuň üstüne bile çykarman boldular. Ahmet ekabyrlygyny edip ilki wagon aralygyndaky açyklyga dyrmaşyp, soňam elinden çekip, öz ýanyna çykmaga Aganazara kömek etdi. Şeýdibem birazdan iki ýerden wagon gapdalyna gütde-gütde zyňylýan kömür bölekleri gaçyşyp ugradylar. Olaryň ikisi iki ýerden kimdir biri göräýmänkä, edýän ogurlyk işleriniň üsti açylmanka, bu ýerden göterilmek üçin, has tiz hereket etmäge çalyşdylar. Öz ýanlaryndan bolsa öýlerine kömür eltip: “Ogullar odun getiripdirler” diýdiripdiler. Hatda olar öz aladalary bilen başagaý bolşup, otlynyň ugraýanyny mälim edip, bir ýerlerde jürlewügiň çalnanyny hem eşitmän galdylar. Otly ugramanka duran ýerinde içini çekene meňzäp, bir halkyldap silkindi. Onuň badyna oglanlaryň ikisem duran ýerlerinde entirekläp gitdiler. Wagon gyrasyna golaý duran Ahmet şonda onuň badyna tas wagondan agyp düşüpdi. Ol wagonyň gyrasyna ýapyşyp zordan saklandy. Onýança-da dähedem-dessem edip otly ugrady. Oglanlar nätjeklerini bilmän, bir-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Bökeýin diýseňem, iki ýanyňam agyn kerwen gurup duran otly. Syrylsaňam eliň sypyp, ýeneki edip otly aşagyna düşäýmegiň-de juda ahmal. Oglanlara gözlerini tegeleşip, şol duran ýerlerinde nätjeklerini bilmän, oturybermekden başga alaç galmady. Otly bolsa takyrdap-tapyrdap, barha tizligini artdyrdy. Oglanlar ýürekleri birden eýelän gorkudan ýaňa bir salym olaryň dillerine söz hem gelmedi. Olar iki dost bolup, iň soňky kömürli wagonyň üstünde iki sany gopan kömür bölegi ýaly, gadallaşyp oturdylar. Otlyň ugramagy bilen ösüp ugran ýalazy şemal indi hasyrdap, olaryň arkasyndan itiberibräk ösýärdi. Töweregi çyraly wokzal jaýy, ýagta gelene meňzäp hümerlenişip duran baglary alysda garaňkyň içinde oturan kerwensaraý-sürgün obasy, bularyň bary otly ädimi ýygjamlatdygy saýy yzda galyp, alys bolşup ugradylar. Oglanlardyr sürgünleriň bolýan ýerleriniň aralygy barha uzalyp-ýazylyp barýan alyslyklar öwrüldi. Aganazardyr Ahmediň düşmek üçin amat peýläp garaşýanlygyna seretmezden, otly welin wagty bilen durar ýerde durmady. Durmasa bolsa, ondan nädip düşjek? Bu beýiklikden, onda-da tizligini artdyransoň, ondan bökmek hasam howply. Otlynyň bir ýerde säginerine garaşmakdan başga alaç ýok. – Indi şeýdip gider otyrmykan bi? –diýip, şemala ýüzüni tutup, biraz özüne gelip ugran Aganazar howsalaly dillendi. – Bir ýerd-ä durmaly bor – Ahmet Aganazaryň özünden kiçiligini ýatlap, agalarça oňa göwünlik beriji äheňde geplemäge çalyşdy. Emma otlynyň tekerleriniň şakyrdysyna onuň sesini üzüp-ýolýan ýaly bölüp-bölüp eşitdirdi. – Durdugy düşjek bolaly! – Düşeris. Häzir bökseg-ä bir ýerimizi maýyp etmegimiz mümkin. – Hä, indi bir kemimizem şoldy-da. Akga-ýejemiziň maýyba seretmeden başga derdi-akarady azmy? – Ilki men syrylyp iki wagon aralygyndaky ýasy demre aýagymy ýetireýin, soňam ol ýerden saňa sybyrylyp, ýanyma düşmäge kömek etmäge mümkinçilik bolar – diýip, Ahmet otly durandan soňky ondan düşmegiň ýagdaý-ýollaryny peýläp ugrady. –Ondan hem aňryk ýere böküp, aşak düşeris... – Häzir öýdäkiler nädýäkäler? – Eýýäm habar düşendir öýdýäňmi? Töwerekde adamam-a ýokdy, kimdir biri görüp aýdandyr diýsek. – Gelmediler diýşip, nadynja bolýandyrlar... Garaňky goýaldygyça howanyňam öwzaýy üýtgäp, sowap ugrady. Aý dogup, ýüzüni ýukajyk gije sülbasy bilen perdeledi. Işlerini bitirmäge wagtynda ýetişmedik, otlynyň ugranyny hem duýman ahmal galyp, aljyraňylyga düşen oglanlaryň göwnüne garaňky öňkülerinden has duýdansyz, has tiz düşen ýaly bolup duýuldy. Gün doganda bolşy ýaly Aý doganda hem dünýäniň süňňüne ýagty bilen birlikde ýyly hem ýaýraýjak ýaly bolup duýulsa-da, beýle bolmady. Aýyň ýüzi gaharly, ýüzüniň gany gaçan adamyňky ýaly solgun hem sowuk görünýärdi. Indi beýdip kömrüň depesinde otlyň duranyna garaşyp, burkuda aýdylan ýaly bolup oturmak howpludy. Doňdurmasa-da şemal beýdip barha sowap öwsüp dursa, onuň juda üşetjegi welin ikuçsuzdy. Muňa ilki Ahmet düşündi. Ol Aganazara “Sen häzir şu ýerde oturyber men bir yklaw edineýin” diýip, wagonyň yzky burçuna tarap süýşenekläp ugrady. Soň ol şol burçdaky uly kömür böleklerini, eýläk-beýläk atyşdyryp, ahyr birki adam sygar ýaly ygyşak ýer edindi. Soňundan Aganazary hem şol yklaw ýere çagyryp aldy. Şundan soň eýýäm bizar etmäge ýetişen şemal şu pursatda hamala ugruny üýtgedäýen ýaly kanagatlanma duýgusyny döretdi. Oglanlar ýas-ýaňam kömrüň depesinde otyrkalar, birden irkilip, togarlanyp gidiberjek ýaly duýgyny başdan geçiripdiler. Bu ýer şemalsyz bolşy ýaly hem howpsuzdy. Oglanlar şol oturyşlaryna janlary biraz aram tapansoň, irkilenlerini hem duýman galdylar. Aganazar gijäň bir mahaly golaýda adam hümürdilerini eşidip oýandy. Otly gijäniň içinde bir ýerlere gelip durupdyr. Biraz başyny göterip, töweregiň habaryny alan mahaly ol iki sany adamyň eýläk-beýläk çyra tutup, kömürli wagonlaryň üsti bilen özlerine tarap gelýänlerini görüp, başyny göterişi ýaly-da ýene-de usul bilen dessine görünmezlik üçin aşak egildi. Ahmedi turuzdy. – Ahmet, bizi gözleýänler ýaly-la? – Hä!.. Kim? – Ýuwaş-ş, wagonlaň üsti bilen iki sany eli çyraly adam bize tarap gelýär. – Kömür ogurlygyna gelenler bolaýmasyn? – Däldir. Olar görnerin, tutularyn diýip gorkýana meňzänoklar. – Ýuwaş, sesler golaýlady, men häzir bir jyklajak bolaýyn. Garaňkynyň içi bilen hellewleýän ýaly bolşup, daş-töwereklerine çyra tutuşyp gelýän adamlary görüp, Ahmedem olardan gorkup eýmendi. Ol barha aýaklarynyň ysgynyň gaçýanlygyny duýdy. Sebäbi ol bu gelýänleriň otlularyň ýüklerine gözegçilik etmek üçin goýlan garawullar däl-de, hut özleriniň gözlegine çykarylan adamlardygyny çen etdi. Kimdir biriniň özlerini keseden görüp: “Olar otluda gitdiler. Olary tutup saklaň” diýlip, ähli ýere telefon edilen bolmagy mümkin. Sowet hökümetiniň eli uzyn, onuň ýetmeýän ýeri barmy? Hümürdeşip gelýän iki adam birazdan gelip, iň soňky wagonyň öň ýanyndaky wagonyň aýagujunda aýak çekdiler. Indi gerimliräk bir ädimledikleri olar oglanlaryň bukup oturan wagonynyň üstüne geçäýmelidiler. Eger olar şol ýerdenem töweregi ünsli synlan bolsalar, onda bulara gözleriniň düşmegi ahmaldy. Ana, onsoň, OGPU-nyň öňüne düşüp barýan Ahmetdir Aganazaryň bardyr-da. Türmä dykaýmaklary hem mümkin. Türmäni ýatlanda Aganazaryň ýadyna kakasydyr ejesi bilen iki-üç ýyllykda oba dogan-garyndaşlaryna görme-görşe gelen öz deň-duşy Rahman diýen oglan düşdi. Onuň kakasy şol ýyllarda döredilen Türkmen atly polkunda gulluk edýän eken. Harby lybasly ol adamy oba dogan-garyndaşlarynyňka gezmäge gelende ony Aganazaryň özem görüpdi. Şeýle gelşikli geýimi özüne-de arzuw edip durupdy. Obada ol barada onuň türgenleşik meýdanynda ussatlarça at çapdyryp, çybyk çapyşyny Gaýgysyz Atabaý, Nedirbaý Aýtakow ýaly hökümet ýolbaşçylary hem görüp, onuň ussatlygyna berekella beripmiş diýen gürrüňem bardy. Rahman Aşgabada gaýdan mahaly obada dostlaşan oglanlaryna ýene-de gelmegi söz berende bolsa, ol soň gelmändi. Aganazar özleriniň sürgün bolmazlarynyň öň ýany bolsa “Hökümetiň Berdimyrat komandiri aýaly, ogly bilen türmä dykypmyş” diýen gürrüňi eşidipdi. Şonuň üçinem ol ele düşselerem, özleriňem türmeden çykmaklarynyň mümkinligini pikir edip howpurgandy... Asmandaky tegeläp, tamdyra taýynlanylyp goýlan hamyra meňzän Aýyň hem indi ýagtysy artyp, ol-da bu gözlegçilere hemaýat etmegiň ugruna çykana meňzeýärdi. Aýa ol asmandan görünmeýän zat barmy, elbetde, ol bu oglanlaram şol ýerden görüp oturandyr. Hälem onuň dil bitip, gepläp bilmeýänem bir gowy zat, ýogsam “Siziň gözleýän oglanlaryňyz, ana, burçda çukur gazyşyp gizlenişip otyrlar” diýäýmegi-de gaty ahmal görünýär. Çyra tutup garaňkynyň içine gözleg salyp gelýän adamlar ýene birazdan iň soňky kömürli wagonyň üstünde peýda bolarly görünseler-de, wagty bilen duran ýerlerinden gozganmaga gyssanmadylar. Olaryň hümürdileri geldi durdy. Olar çilimleşýän bolmaly. Şemaldan çilim ysy gelýärdi. Olaryň çilimden soň gözlegi dowam etdirjekleri ýa-da şol ýerden dolanyp yzlaryna gitjekleri belli bolar. Çilim ysy Aganazara kakasyny ýatlatdy. Ejesi öýde çilim çekilse, seňrigini ýygryp, juda bir halamasa-da, Aganazar nämüçindir onuň gapdalynda çilim ysyny alyp oturanyny kem görmezdi. ...Ine, ahyram şol garaşylan pursadam gelip ýetdi. Hümürdiler seýrekläp, soňundanam ol sesler barha daşlaşmak bilen boldy. Çilim ysy-da indi öňküsi ýaly ýiti duýulmady. Gözlegçileriň yzlaryna dolanyp gidendikleri belli boldy. Ýogsam Aý-a gözlegçilere kömek etjek bolup, dünýä öňküdenem beter aýdyňlyk berip, elinden gelenin-ä etdi-le... Oglanlar şondan soň özleriniň gözlenýändiklerine, mundan aňry bu ýerde galmaly däldiklerine doly göz ýetirdiler. Wagonyň yzyndan sallanyp, süýşenekläp ilki Ahmet ýere düşdi, soňam Aganazara düşmäge kömek etdi. “At ürken, är gorkan ýerinden” diýenleri boldy. Olar ýapyrylyşyp, wagonlarynyň gapdaly bilen biraz ylgansoňlar, Aýyň ýagtysyna ýere atylan ak keçäni ýatladyp ýatan topursow ýol bilen gözleriniň gören, aýaklarynyň giden tarapyna yzlaryndan ýagy gelýän deý ylgaşyp gitdiler. Käte ýykylsalaram, turup ýene ylgadylar. Dogrusy, bir ýerde güýlünip otura-otura gurşan aýaklarynyň ylgasy-da gelip gidipdi. Niräk barýandyklaryny bilmeseler-de, olar bu barýan ýollarynyň özlerini ahyr soňy aýlap-dolap, eje-kakalarynyň ýanyna alyp barjagyna ynanýardylar . * * * Ahmetdir Aganazar özleriniň otlynyň üstünde barýanlaryny hiç kim gören däldir öýtse-de bu juda beýle hem däldi. Olaryň üç wagon aňryýanynda bukulyp kömür alýan bir sürgün aýal iki sany oglanyň kömür ýükli wagonyň depesinde barýanyny görüpdi. Ol bularyň kimdigini anyk bilmese-de, olaryň öz obaçylyklarynyň oglanlarydygyny welin aňypdy. Eger şolar bolmasa, başga bu töwerekde kömür diýip zir-zöwran bolup ýören başga kim bolup biljekdi. Onuň düşelgä gelip: “Iki oglany otly alyp gitdi, düşmäge ýetişmediler öýdýän” diýen gürrüňi aýallaryň arasynda “meniňki bolaýmasyn?..” diýen gorky döredip, olaryň çagalarynyň adyny tutuşyp, tükelleşip jüýjesini ýitiren ene towuk ýaly käkeleşip, töwereklerine seredişip, alada galmaklaryna sebäp boldy. Ahyrda-da Aganazar bilen Ahmediň ýoklugy anyklanyldy. Bu ýerden howlugyşyp, ýaňrak kömre gidenem şolardy. Amangül ýagdaý anyk bolandan, ýüregi howlap, ylgap daş çykdy. Töwerege sorag salsa-da, hiç ýerden olary gördüm-bildim bolmady. Ol: “Waý, gara başym, Hudaý bize şu zulumly durmuşam az gördümikän, hiç zat bolmadyk bolaýadyr!?” diýip, hamala yzlaryndan ýetip, olary alyp galaýjak ýaly bolup elewräp demir ýola tarap gaýtdy. Amangül oglanlar barada sorap, demir ýolçularyň ýanyna baranda, Ahmediň ejesi hem elewräp, onuň yzyndan ýetip geldi. Erkek adamlaryň bolsa OGPU esgerleri tarapyndan ertir irden sürlenip, bir ýerlere işe äkidilişidi. Olar her gün garaňky ýagşy gatlyşansoň yzlaryna gaýdyp gelerdiler. Häzir olar obaçylykda ýogam bolsalar, indi geler wagtlary bolubam ýördi. Garaňky gatlyşyp, dünýäni duman örtýän ýaly bolup gije garaňkysynyň täsiri artyp, gije goýalyp ugrapdy. Hiç zatdan habarsyz demir ýolçular aýallaryň aňyrdan elem-tas bolşup gelişlerini ilkä geň gördüler. Demir ýolçy goja aýallar bilen zordanrak düşünişensoň, nämäniň-nämedigine göz ýetirip, çokga sakgalyny gysymlap gaharlanyp, gozgalaňa düşdi. – Siz, heleýler, ugruna seretmejek bolsaňyz, näme üçin olary dogranmyşyňyz? Dogurdyňyzmy serediň-dä, şonuň üçin heleý-dä siz! – diýip igençli käýindi. Ol soňam dessine goňşy wokzallara habar ýetirmek üçin, jaýyň bir burçunda duran habarlaşyk enjamlarynyň başyna geçen mahaly, sürgünleriň komendanty Orazgylyç bilen Allaberdini öňüne salyp, demir ýol jaýyna ýetip geldi. Ol gele-gelmäne-de bu meselede özüniň soňra iş oňarmadyk hökmünde suwuna degiljegini pikir edip, demir ýolçulardan habar sorap, Orazgylyç daga käýindi. “Siz, kulaklara men beletdirin, bu siziň guran oýnuňyz bolmaly. Kömür ogurlamak bahanasy bilen size çagalaryny yzlaryna gaçgyryp goýberen adamlar diýerler. Tapdyňyz bu ýerde oýun etjek adamlaryňyzy... Hany, şolar bir tapylmasyn, gözüňizde döwek aýlaryn...” Howlugylyp ýene-de bir ýerlere jaň edildi. Sürgünleri hemişe OGPU adamlarynyň şeýle heňe gelmeýän zatlarda günäkärläp edilýän töhmet-mäňkürliklerden aýralyk ýaly hemme zatdan beter horlaýan zatlaryň biri. Ýogsam-da çagasyny “Baryň, gidiberiň!” diýip, gaçyryp goýbermek, onda-da niredendigi hem belli däl bir alys ýat ýerden kimiň kellesine geljek zatmyşyn, eýsem bi?! Onda-da Aganazar ýaly biriniň janyndan ileri görüp, är-heleý ikisi iki ýerden üstüne kökenek bolup saklaýan ýeke dikraryny? Komendant gahar ugruna öz OGPU häsiýetine laýyklykda çagalaryň ene-atalaryny götinogry tutup, bu gepi diýen hem bolsa, gepiň çaklama hökmünde onuň özüniňem öz aýdan gepine o diýen bir ynanybam barmaýanlygy, aýdylsa-da ol jogap talaply höküm däldi. Telefon edilip durka bir ýanda oturan aýallar oglanlar hakda öz bilýän zatlaryny ärlerine şymjaryşyp gürrüň berdiler. OGPU wekili indi jaýyň içinde elini arkasyna tutup, iki ýana gezmeleýärdi. Demir ýolçy her gezek zyr-zyrladyp, telefonyň towuny berip, jaň ataryp, bir ýerler bilen gürleşende, aýak çekip gysgaça onuň habaryny alýardy. Özi-de arasynda telefonyň öňüne baryp, bir ýerler bilen gürleşip görýärdi. Telefon üsti bilen dürli ýerlere atarylan gyssagly habarlar, alşylan sorag-jogaplar barybir wagty bilen netije bermedi. Oglanlaryň ýitirim bolmagy bilen bagly näbelli dartgynlylyk dowam etdi. Has-da jaýyň bir dulunda ýygrylyşyp oturan iki aýalyň haly teňdi. Olaryň kalbynda çagalarynyň bir ýerlerde heläkçilik bilen baglylykda gorkudan dörän harasat howpy barha möwç urýardy, häli-şindi gözleriň okarasy gözýaşdan dolýardy. Wagtynda duýup, “Gitmäň, ýakylman geçsin şol kömür” diýmändiklerine ökünişip, müýn çekişip ýanyp-köýýärdiler. Has-da bu başdan inen belanyň oglanlardan derek tapylman, öňküsinden barha ulalyp barýan ýaly bolup duýulmagy olary hopukdyrýardy. Gijäniň bir wagty komendant Allaberdidir Orazgylyja tarap baş atyp: “Bular gaýdybersinler” diýip, aýallara düşelgä gitmäge rugsat etdi. Amangüle oglunyň, adamsynyň şundan soňky näbelli ykbaly öýe gelensoňam, ynjalyk bermedi. Komendantyň: “Siz ogullaryňyzy ýurduňyza gaçyryp goýberensiňiz” diýip, özlerini asla kellä gelmejek zat bilen aýyplamagy, indi hökümetiň gazabynyň ogly üçin adamsyndan-da sowa geçmejekligi ony has-da gorkuzdy. Bu ýanama aýyp zenanlaryň ikisiniň-de hesretini artdyrypdy. Zenanlar gijäni çirim etmän, ýola gözleşip geçirdiler. Orazgylyç bilen Allaberdini gijäniň bir wagty demir ýoldan alyp gaýdan komendant olary öýlerine goýbermegiň ýerine getiribem öz ýanlaryndaky - başbozar sürgünlere niýetläp gurlan gazamadyna gabady. Olaryň tussagdadyklary hem şol günüň ertesi çörek-haklar paýlanylyp, olar hakyny gazamatda alar diýlensoň bilnip galyndy. Daş düşen ýerine diýleni boldy. Aýallar ogullaryndan, ýanýoldaşlaryndan hemişelik aýra düşmekleriniň mümkinligini pikir edişip, zar-zar aglaşdylar. Haýsydyr bir ýeserlik bilen gurlan tora düşen ýaly duýgyny başdan geçirdiler. Olar diňe ýeke gezek bu bolýan ýaglaýlar barada bir-birleri bilen iki-üç oýnam gep alyşdylar. – Oglanlaryň şeýdip gidişi gidiş bormukan indi? – Demir ýol çar tarapyna habar baryny ýollady. Belki, gara beräýediler-dä bir ýerden. – Otly ýene bir ýerde duran bolsa-ha olar düşendirler. Otlynyň aşagyna düşmedik bolaýadyrlar-da hernä. – Aý, özler-ä düşbüjedirler... Ahmediň ejesi häzirkisinden ýaşrak wagty hem oglunyň Kagyzly dagy ýogsam nireler, şondanam onuň babasy odun ýükläp berse, alyp gelýänini ýatlady. – Kakalaryna näme diýlerkän? – OGPU ters dawa tutsa, olaryň ýagdaýy kyn bolar. Aýallara ynjalyksyz halda, töwereklerine gözleşip, bu ýagdaýlaryň soňunyň gowulyk bilen gutarmagyny dileg edip oturmakdan gaýry ýol galmady. * * * Hanuma meýdanda ýygymçylaryň arasynda bolup, günortanyň öň ýanlary pagta serlip, ganarlara salynýan ýere gelende ol dykylyp, ýola taýyn edilen pagtalaryň heniz bolubam döwlete pagta tabşyrylýan ýere äkidilmän, togalanyşyp-togarlanyşyp ýatandyklaryny gördi. Ine, saňa işiň ýatyp galan ýeri! Hanuma bu ýagdaýy görüp, sorag salyp, töweregini garanjaklady-da, pagta dykýanlara: – Hany araba, nämüçin bular henizem pagta tabşyrylýan ýere äkidilmändir? – diýip ýüzlendi. Ýogsam brigada ýörite pagta çekmek üçin iki at goşulan araba berkidilipdi. Ol gün içinde umumy pagta kabul ediş ýer bilen aralyga telim gatnardy. Arabaçynyň göçgünliden-dälişgeräkdigini ýatlap, Hanuma içinden: “Bu deýýus kellesi göçüp, atlary gyssap, bir ýerde arabany jara-ýenekä süsdürmedigem bolsa ýagşydyr?” diýip oýlandy. Işiň şeýle gyssagly döwri onuň ýitirim bolmagyna başga näme sebäp bolup biler? Hanuma ýene töwerege ýyglan pagtalary ýaýradyp, dykylmaly ganarlary dykyp, olary äkidilmäge taýyn edip goýan adamlara ýüzlendi. – Bu araba näme boldukan? – Araba-ha heniz bolubam ýok öz-ä… – Aý, kim bilýär Sapby handyr-da… – Ol kim han bolsa-da, öň-ä onuň beýle häsiýet-ä ýokdy. Barybir Hanuma brigadir ýigit gelýänçä öz soragyna jogap tapyp bilmedi. Brigadir aňyrdan gelen mahaly bolsa salamlaşylanyna mähetdel oňa ýüzlendi. – Esen, hany bu arabakeşiň, arabaň ýok-la? – diýdi. Esen jogap bermäge howlukmady. Ýuwdunyp ýeňsesini gaşan bolup, gowy habarynyň ýoklugyny mälim edip lapykeç dillendi. – Aý, ýoldaş Hanuma, şonuň ertirem boljagynyň bellisi ýok. – Hä, näme bolupdyr? – diýip, Hanuma brigadiriň gepiniň aýgydyny eşitmäge howlukdy. – Aýtsam näme. Şura Parlaň baýyň ogly “Pagtamyzy çekere ulag gerek, bir araba ýetenok” diýse, ony şoňa berip goýberipdir. – Ony nirden bilýäň? – Ýaňy ýolda araba bilen gabatlaşdym. “Beýleden nirden gelýäň?” diýsem, ol keleçöw gomalyp: “Brigadir, men bu gün seniň hyzmatyňy edemok, Parlaň baýlardan üýürýän. Islesem seniň bilen gepleşerin, islemesem gepleşmesem-de bolýar” diýip, dänjiräp, şonuň pagtasyny çekip ýörendigini aýtdy. – Biziň pagtamyz näme pagta dälmi, eýsem ol daşalmaly dälmişinmi? – diýip, Hanuma nägile bolup dillendi. – Onçasyny bilmedim, ýoldaş Hanuma. – Onda gidip şurany tapyp, onuň bilen gürleşseň, sebäbini bilseň bolmadymy? – Şonuň ýanyna meni ugratmasaňyz-la: “Näme, ýüregiň ýarylyp barýamy, şu adamlar öz etjek işini bilmeýändir öýdýäňmi?” diýen ýaly bir bolgusyzyny atyp ýüregi bular. Onsuzam soňky döwürde onuň päli azyp, gygy ajap ýör – diýip, özüniň ol ýere aýagynyň çekmeýänini boýun aldy. Şundan soň Hanuma şuraň üstüne bu mesele bilen özi gitmese, taýyn berekediň soňra-da halyndan habar alynman ýatjagyny bildi. Dogrusy, onuň özi-de Ýagdyny göreninden görmänini gowy görýänleriň biridi. Duşuşmak barada oýlanyp ugran mahaly onuň ýadyna şuranyň her gün diýen ýaly gelip, günortanlyk naharyny edinýän ýerini ýatlady. Mundan biraz demirgazygrakda Ýagdynyň gowaça gyrasynda ýörite özi üçin gurduran çatmasy bardy. Köp halatda ony gözläp, başga ýerden tapyp bolmasa-da, şol ýerden tapsa bolýardy. Hanuma biraz oýurganyp duransoň, obada bar bolsa, ýygnak beýleki diýlip çagyrylyp gitmedik bolsa, onda oňa şu ýerde duşup biljegine ynandy. Ol: “Hökümet öz baýlygynyň beýdip pytrap, isrip bolup ýatmagyna ýol bermez… Siz badyňyzy gowşatmaň-da işläberiň, meniň özüm anyklajak bolaýyn” diýip, çetiniň gyzanyny mälim edip, zenanlarça küpürsäp ýola düşdi. Ýagdynyň düşleýän çertegi derýanyň boýuny syryp çaran ýol bilen gönüläp gitseň, bu ýerden şeýle bir uzagam däldi, aralykdaky derýa mesende suw gaçan ýerde dörän jeňňeliň gutarýan ýerine çenli gidip, soňra onuň halka atyp ilerligine öwrülýän ýerinden ýoda bilen gönüläp, ýokarlygyna çykmalydy. Oňa barýan ikinji ýol öwrümliräkdi hem ondan gitseň, tutuş jeňňeliň töweregine diýen ýaly öwrüm etmeli bolýardy. Hanuma zenan halyna at münüp barmagyň ýaman algyly ýaly, munuň birhili dawa salyp baran ýaly gelşiksiz boljagyny pikir edip, ol ýere öz maýdalyna pyýada ýöräp, gitmegi makul bildi. Ol gaýra ýüzdäki inişden inip, derýa boýuna ýetensoň, onuň gyrasy bilen egrelip-dogralyp, bir-de gamyş aralygynda gysylyp, ýene bir-de ýazgynlyga öwrülýän ýodany syryp gitdi. Murgap bu golaýda tolkunlaryny bir-birleri bilen ýakalaşdyryp, çolaşdyryp, öz-özünden çusluk tapyp, has çus akýardy. Öňe düşüp barýan ýoda her gezek gamyşlygyň arasyndan geçen mahaly, palçykdyr çüýrüntgi otlaryň, wagtal-wagtalam guş tezekleriniň ysy onuň burnuna gelýärdi. Gitdigiňçe-de jeňňel gujagy kapasap, dem almak barha kynlaşaýjak ýaly duýulýardy. Emma pikirinde şura bilen gidişip, oňa özüçe öjügip gidip barýan Hanuma häzir bu zatlary duýmaýardy. “Itiň işi gedaý bilen” diýlişi ýaly, häzir onuň bar pikiri arabadyr Ýagdy şura bilendi. – Sen nätseňem arabany gaýtaryp bermel-ä bolarsyň!.. Seniň näme üçin syrtyňy bulaýanyňy bilýärin… Eýsem, men bilmän, dagy kim bilsin!? Men beled-ä saňa… Pagta üstüne aýlanyp ýören raýon ýolbaşçylarynyň biri häzir bu ommalyşyp ýatan ganarlaryň üstünden geläýse nätjek? Olar seniň bu işiňi halap barmazlar. Häzir hasyl ýygmakda sähel bir ýerde eglençlik-ýeneki edilse, ilki seniň özüň: “Tersçil, Sowet hökümetine hyýanat ýetjek bolýaň!” diýip, gygyryp iliň zähresini ýarýaň. Barmaly pagta wagtynda harmana barman saklansa, şonda seň özüň iň hakyky tersçil bolýaň. Seni ýolbaşçylar şura diýşip götergiläp, goldap ilerleýänem bolsalar, bu ýagdaýy görseler, olar aňsat senem onsoň sylap goýmazlar. Diýlenini edip, berilmeli pagtaňy wagtynda bermeseň, olaryň ýanynda bir köpükdir seniň bahaň. Beýle ýagdaýlary göre-göre gelýäs-ä… Emma Hanuma Ýagdy bilen pikirindäki sene-menesini tamamlamaga ýetişmedi. Ol şol barmana ýeňsesinde “güpbül-tapbyl” edip aýnabrak basylýan at aýagynyň sesi peýda boldy. Onuň yzysüre-de at burnunyň parryldysy eşidildi. Ol ýeňsesine öwrülen wagty gözleg salyp gelýän şuranyň öz yzyndan atly ýetip gelýänligini gördi. Ýagdy Hanuma ýeňsesine öwrülenine mähetdel, tutarman bolan gumrusyny atymyna salan pişik ýaly pygylly ýylgyrdy. Soňam: – Hanuma gelin, ýol bolsun! – diýip, murtuny sypap göwnühoş dillendi. – Men-ä, kemsit, seniň gözlegiňe çykypdym. – Şeýt-de birneme açylyş, how senem, öňki näzli gelinligiňe meňze ahyryn. – Ýagdy, sen maňa düşünmediň… Hawa-da, seniňki henizem şol öňki heň… – Ol heň köne bolsa, men ony täzeläbem bilýän… Eýsem-de, ol erbet heňem däldir… Öňler-ä sen ony höwes bilen diňlärdiň… «Ýene-de, ýene-de...” diýen pyşyrdylaryň gulagymdan gidenok… – Ýagdy, goýaly-la şu gürrüňi, geçeni geçdi bil! – Geçen zadyňam gaýtalanaýmasy bardyr-a–diýip, Ýagdy atdan düşdi-de, onuň jylawyny gysymlap, Hanuma onuň gapdaly bilen ýöräp ugrady. Şonda Hanuma onuň otlukly ýalpyldap giden gözlerinde joşgunly hyrydarlyk gördi. Ýagdy şol lapykeç bolup, Hanumanyň gapysyndan gaýdaly bäri, bir amadyny alyp, onuň bilen bir çolada duşsa, gürleşesi gelibem ýördi. Ol bu gelniň özüne ýetmeýänini duýup, ony küýseýärdi. Hanumanyň garakçylaryň goluna düşüp, özüniňem ony wagtynda halas etmegiň ugruna çykman, dili kelte bolanyny ýatlap, öňki ýagdaý-gatnaşygy dikeltmegiň ugruny gözläp, lapykeç bolup gezýärdi. Häzir ol hut şol öz garaşan pursadynyň gelenine düşündi. Bir-birleri bilen nazarlar çaknyşan mahaly, Ýagdy şapba onuň goşaryndan çalyp tutdy. – Şura, eli goýber! – diýip, Hanuma halamazlyk bilen çytylyp, elini onuň elinden sypdyrjak bolup ýeňse tesdi. – Goýbermeli wagty goýbererin... – Päliňi bozma, ýoldaş şura! – Bozuljagyny ol eýýäm seniň garaňy görenden bozuldy… – Tizbişersiň özüň-ä… – Şony bilýän bolsaň, onda arkan-ýüzün gaýşyp, özüňden ýetilmez menzil ýasap durmaň näme?.. – Indi meni unut, şura! – Nädip? – Ol öz işiň. Nädip unutsaň şeýdip unut! ¬– Hanuma şeý diýdi-de, tenini gataldyp, goşaryny onuň elinden silkip aldy. Soňam yza çekilip, Ýagdy şatyrdadyp tutan mahaly agyran goşaryny beýleki eli bilen sypap durşuna nägile bolup hüjüme geçdi. – Sen meni günüme goýmajak bolsaň, men saňa jylaw taparyn. Onsoň nädersiň, men tarapa seretmäge-de gorkup ýören bolsaň! Emma talaply aýdylanyna seretmezden, eýýäm ähli küýi-köçesi bilen Hanumanyň höwesine berlen Ýagda bu gepiň uly täsiri bolmady. Ol häzir Hanumany öz atymyny arap ýören islegli pursadynyň gelenligi barada joşgun alma bilen oýlanýardy. Şol bir wagtda-da ol Hanumany zora tutmasa bolmajagyna, işiniň bitmejegine düşündi. Ol Hanumanyň goşaryndan täzeden şapyladyp tutup, ony öz alkymyna çekip, gözlerine dikanlap, üstüne dyzandy. – Menden doýupsyň-da onda. Bolup biljek zat, oňa-da düşünýän. Ýöne men nämäni pikir edenem bolsam, aramyzyň şeýle boljagyny pikir etmändim. – Günäkär özüňsiň! Bu sözüň aýdylyş äheňi, Ýagda az-kem-de bolsa, Hanumanyň özgerip sep berip ugranlygyny aňdyrdy. Hanuma indi ýaňky gahar bilen elini silkip, alan nägile zenan däldi. Ýagdy ikinji gezek goşardan alyp, özüne tarap çekip alanda, olaryň diňe bir nazary däl, kükrege kükreklerem galtaşdy. Ýagdynyň ýüzüne uran gyzgyn demi, göz-açyp ýumasy salymda gelne özüniň şol öňki arzyly gujakdygyna ynandyrdy. Hanuma hemişeki ýaly Ýagdy bilen höwese berlende bolşy ýaly, guýma guşaklygynyň töweregine ýakymly tolkun çaýylyp gidenligini duýdy. Ajymtykdan ýakymly erkek ysynyň höwesine berlip, dünýäni undup humarlanyp durdy. – Doýanam bolsaň, men saňa bir zat aýdaýyn, şu gezek meniň badymy gaýtarma, soň men senden aýraryn öz talabymy. Şol wagtda hem Hanumanyň serke höwesine berlen geçi ýaly süňňünde maýdaja saňňyldy peýda bolup ugranlygy belli boldy. Şeýle pursatda zenan süňňi höwese berlen erkek üçin girilmegini isleýän açyk gapa öwrülýär. Şundan soň Hanuma Ýagdynyň elinden sypjak, onuň elini goşaryndan aýyrjak bolubam durmady. Ýagdy Hanumany golundan tutup, ony gamyşlaryň gür ösen ýerine äkitdi. Şundan soň gür gamyşlygyň arasy birsalym doňuz agnaýan ýaly, bolup hasyrdap şygyrdansoň, ol şygyrdy, hasyrdy duýdansyz başlanyşy ýaly hem duýdansyz gutardy. Birazdanam aňyrdan balagyny çekip, uçguryny daňyp, gamyşlykdan çykyp gelýän Ýagdy göründi. Hanuma saçlaryny düzedip, geýimine ýapyşan çöp-çalam bölejiklerini aýryp, özüne tertibe salyp, töweregine uýatly garanjaklap gamşyň aňyrsyndan çykyp gelýärkä, Ýagdynyň eýýäm atlanyp, ýeňsesini tüňňerdip, hol beýleden göwnühoş kimdir biri bilen gürleşýän ýaly, ala samyrdy bolup gidip barýardy. – Dogry-da walla, öz-ä araba aljak, alsa-da onam muzzuny bermän mugt aljak, mugt zat Buharda barmy? Alarsyň sen Ýagdydan muzzuny bermän mura-mugt araba… Ana, indi araba-da, onuň bilen alan galaň-da seniňki. Oljalanyp, ýesirlikden gaýdyp gelensoň, göwnüme bolmasa, hasam tagam tapyp, süýjänem ýaly bu heleý… * * * Sowetler ýurdy eýemsirenip, hökmürowanlyk bilen, ony öz isleýişleri ýaly dolandyryp ugransoňlar, olardan elheder alyp, ýamandan ýaý boýy edilip, halkyň köpçülikleýin çekilen ýerleriniň biri hem Tejen aýagy bolupdy. 1932-nji ýyla çenli ol öwre eýýäm müňlerçe tozguna düşen maşgalalaryň gaçybatalgasydy. Ol milletiň “Sowet başdan sowulaýmazmyka dert bolup?” diýip, inçejik tama bilen soňra ýene dolanyp, obalaryna barmak islegi bilen göwün ýüwürdip ýaşaýan ýerine öwrülipdi. Emma näçe garaşylsa-da, Sowetleriň hökmürowanlygy onlarça ýyllaryň geçenine seretmezden henizler bolubam milletiň başyndan sowlar ýerde sowulmandy, ind-ä ol asla sowlarly hem däldi. Gaýta Sowetler indi barha pugtalanyp-berkemek, hökmürowanlygyny artdyrmak bilendi. Halky eziji synpa, basmaçy kulaga bölüp, ony yzarlamasyny öňki hörpünde zalymlyk bilen dowam etdirýärdi. Tejen aýagynda bir ýanyny guma sanyp oturan maly-ýenekisi bilen mydar edýän millet örän ýiti iýmit-suw ýetmezçiliklerini başdan geçirip horlanýardy. Ýagdaý nähili-de bolsa bir çykalga gözlenilmegini talap edýärdi. Halk özüni bu agyr ýagdaýdan alyp çykjak, Görogly sypat bir serdar gözlegindedi. 1932-nji ýylda Tejen aýagyna ýygnanan milletiň öňüne düşýän adamlaryň arasynda maslahat bolup, ähli hal-ýagdaýlary ölçäp-döküp, “Essiň barka etegiňi ýap” edip, nädibem bolsa bu ýerden, Owgana aşmagyň gamyny etmeli diýen karara gelindi. Ýol örän hatarlydy. Köpleri şu oýlandyrýardy. Halkyň başyny jemläp, onuň garamatyny öz başyna alyp biljek serdar gerekdi. Hany bu dara-direlikde olary nireden aljak? Ozal beýle adamlar il içinde bar-da bolsa, bolşewik gelensoň, onuň bilen atyşyp, çapyşyp, türmelere gabalyp, olaram duw-dagyn bolupdy. Olaryň diňe bir bölegine, gaçyp-sypyp, Eýrana, Owgana aşyp, başyny gutarmak miýesser edipdi. Şol halkyň tama baglan arka tutunmak isleýänleriň birem, irgözinden Hojaguly han bilen Owgana aşyp ýetişen Annaguly handy. Şeýlelik bilenem “Gelip bizi Owgana aşyrsyn!?” diýlip, Annaguly hana bu ýerden halkyň adyndan ýörite habar gönderildi. Emma Annaguly han il garmatyny boýnuna almagy başda birbada göwnemedi. “Adamlar, bolşewik häzir güýçlendi. Ol size orup-çapsa-da, çagalaryňyza-ha degmese gerek. Siz ulular, ondan heder edýänler, gaçyp öz başyňyzy gutaryň. Iki-ýekeden gaçsaňyz, häzirem serhetden geçmäge mümkinçilik bar!” diýip, şol bir cözüni gaýtalap arkan gaýşyp oturdy. Töwella-tagsyryň oňa täsir etmeýänini görüp, Ahaldan gelen adamlar şonda ony namartlykda aýypladylar. – Halkyň-a onda yzanda-çuwan bolup, barara ýer, batara köl tapman otyr, senem bu ýerde gorkup, samahyllap, akyl satan bolup otyrsyň. Bizi halk seniň yzyňdan hil bir adam hasaplap, akyl soramak üçin däl-de, “Annaguly serdary getiriň, şol gelse, özi ýol keser!” diýip, ugratdylar. Şu gepden soň ol gelen adamlaryň Annagulynyň hut tutmaly namys damaryndan tutandyklary belli bolupdy. Ol: – Bolýar, şu başy Alla il üçin alýanam bolsa alsyn. Halk üçin atlanyň, men siziň bilen! – diýip döwletli gürrüň tapypdy. Bu habary eşiden Jüneýit han hem il öňüne düşüp biljek, halky aman-sag Owgana aşyryp biljek adamyň tapylandygyna ynanyp, şu pursatdan peýdalanmany makul tapypdy. Jüneýit hanyň Owgana aşaly bäri bu ýerdäki teke-türkmenleriň öňüne düşýän hanlaryň arasyndan Annaguly hana ozaldanam syny oturyp ýördi Şonuň üçinem halkyň ony çagyrýanyny eşiden wagty: “Çagyrylýan bolsa, ilem ony tanaman çagyrýan däldir” diýip, o-da Annaguly han dogrusynda halkyň gelen netijesini öz ýanyndan makullapdy. Atlylar Ahala ugramazdan öň Jüneýit Annaguly han bilen duşuşdy. Onuň bilen ikiçäk oturyp, maslahaty çaý başynda urdy. “Meniň özüm indi köpden bäri halky Sowetiň ganly penjesinden alyp çykyp biljek adamyň gözleginde-de bolup, kimiň ýakasyndan tutjagymy bilmän ýördüm. Mümkin bolsa, halkymyza kyn gününde hemaýat etjek bolmaly, biziň ilimizden ileri nämämiz bar!?” diýdi. Annaguly hanyň bu ýumşa gitmegini oňa göwnüýetijilik bilen belledi: “Seniň bu ýumşa gidýänligiň gowy zat, ol ýerden halky ugurtapyjylyk, seresaplyk, hamyrdan gyl sogran ýaly edip alyp gaýtmak gerek. Onam sen başararsyň…” Jüneýit han ýaly gaýduwsyz, mertebeli adamdan bu sözleri eşitmek şonda Annaguly hany hasam ekezlendiripdi. Ugradanda Jüneýit hanyň ahuny bilen beren ak patasy hem onuň bu hatarly işe ýüregi togalamagyna medet beripdi. “Bu gaty kyn hem sogap iş!” diýip, onuň aýdan makullaýjylykly gepi hem ýadynda berk galdy. Bu duşuşyk ol ýerde bolan maslahatdaky oýlanyşylan zatlar, Annaguly hany özüniň kimligini ýatladyp, soňam medet berer. Jüneýit han Annaguly hana öz tarapyndan ýoldaş edip, Tagan zabuny bäş-alty atla baş edip goşdy. Tagan zabun biri gitse, bu ýumşa gitmeli adamlaryň biridi. Onuň ol ýerde gol doly maşgalasy galypdy. Jüneýit hanyň 1928-nji ýylda Atabaýewiň ýanyna giden wekilleri: “Gaýgysyz: “Men indi kömek edip bilemok, öz najaratyny özi görsün!” diýýär” diýip gelensoň, ol gyssagly goşuny daňyp, öz oturan guýusynyň başyndan göterilip, Eýrana aşmak bilen bolupdy. “Ýolda bolşewigiň guran halkasy bardyr, yzyma düşüren bolup ähli halky gyrdyraýmasam ýagşydyr” diýibem, ol näme bolsa bolar-da diýen pikir bilenem, ýanyna öz diňe has ýakynlaryndan bir toplumyny alyp, şolar bilen göç edipdi. Han ýola çykanda, eýer üstünde dyzmaç atyň jylawyny çekip oturyşyna Tagan zabuna: – Inim Tagan, sen-de agaň töwereginde bolsaň, gowy boljak! – diýipdi. Maşgalasy goňşy guýuda oturan Tagan zabuny bu sözler dessine ozalky ýurtda galmak niýetinden dändiripdi. Ol göwünjeň: – Baş üstüne, han däde! – diýip, ýeňsesine-de gaňrylyp seretmän, onuň yzy bilen jylaw deňäp duran ýerinden atlanyp gaýdan adamdy. Ol bu ýere gelip, ýerli zenanlarynyň birine öýlenenleriň biri bolsa-da, onuň ýüregi hemişe ýurtdaky şol goňşy guýuda galan maşgalasyndady. Jüneýit han ýat ýurtda özi bilen bir ykbaly bölüşip ýören türkmen hanlarynyň köpüsine beletdi. Agzybirlik üçin olar bilen, mümkin boldugyndan, hemaýat-hormatda bolup, aragatnaşyk saklamaga ymtylýardy. Hojaguly han, Annaguly han dagy onuň ozaldan tanaýan serdarlarydy. Şeýle-de tejenlileriň öz hanlaryny arka tutunyp: “Bizi ýanyňyza göçürip äkidiň!” diýip gelmekleri Jüneýit hanyň çöl içinde galan öz adamlaryny ýene bir gezek ýada salmagy bolupdy. Ol ýerde çöl içindäki guýularyň töwereginde galan, Jüneýit hanyň tarapynda bolşewik bilen barlyşyksyz söweşler alyp baran, indem iki tarapyny deňlän, Sowetleriň gabawunda kyn ýagdaýlarda alaçsyz ýaşaýardylar. Ondan delalata tamakin bolşup mahal-mahal: “Han däde biziň aladamyzy etmejekmikän, onuň gitdigi hemişelik gitdigi boldumykan, indi biz şeýdip, başsyz-döşsüz başa gelenini çekip ýörmeli bolarmykak?..” diýen ýaly habarlar han yzyndan gelip durýardy. Onuň öňem ogly Eşşi hany “Serdarlaryň ýene birki sanysy bilen ol çölde galanlarynyň yzyndan iberäýsem näderkän?.. diýibem ýördi. Sowetiň nirede bir serhediniň gowşagrak ýeri barkan?” diýip, oý eden döwrem az bolmaýardy. Annaguly hanyň yzyndan gelinmegi bu Juneýit hanyň gapdalyndan göç geçirmek bolanlygy belli boldy. Bu onuň indi köpden bäri gözläp, jogabyny tapman, kösenip ýören meselesidi. Şonuň üçinem ol Annaguly hanyň Watana gitmek, göçe baş bolmak bilen bagly matlabyny höwes bilen makullady. Watanda galan halky Owgana aşyrmagyň ugruna çykan Annaguly hanyň ýolbaşçylygyndaky topar şondaň soň iki-üç günden Allany çagyryp ýola düşdi. Barýanlaryň hemmesiniň kalbynda Watana barylýandygy bilen, birki günden Watan deminiň ýüzlerine urjaklygy bilen bagly kalba ynam, kuwwat berýän ýakymly duýgular bardy. Bäpbe-de şonda Annaguly han bilen onuň aladasynyň bir ýanynda durmak üçin atlanan az sanly adamlaryň biri boldy. Tejen töwereginiň gum içindäki halkynyň Owgana aşmak bilen baglylykdaky esasy silkinmesi Annaguly han bu ýere geleninden soň başlandy. Annaguly hanyň özi Ýolbarslydan uzaga gitmese-de, indi onuň adamlary atdan düşmän diýen ýaly il arasynda aýlanyp habar ýetirip, habar alyp, wagyz işlerini geçirip, özleriniň halky Owgana aşyrmak üçin gelendiklerini aýdýardylar. Millete Owgana geçmek meselesini ýatladyp, ýörite il çakylygyna hossar çykyp gelenligini aýdyp, çöli aýlanýardylar. Annaguly han ýanyna gelenlere: – Adamlar, göç-gon bilen bagly mesele ýöne mesele däl. Göçmejege zorluk ýok, häzir pursat barka ýakynlaryňyz bilen gowy akyllaşyň. Owgan hökümeti biziň biçäre ýagdaýymyza düşünip, öz musulman bendelerim – diýip, töwereginden özüne edilýän basyşlara gulak gabartman, zor kömek edýär. Türkmenler ol ýerde ýene birneme köpelen ýagdaýynda emir ýurduň bir welaýatyny biz türkmenlere berjekmişin. Hanymyzam öz türkmenimiz Jüneýit han bolýarmyş. Sag-aman aşyp bilsek, gün-güzeran aýlara ýagşy mümkinçilik bor diýip tama edýäris. Umyt-höwesde bolup ýörüs. Onsuzam bolşewik sizi bu ýerde tirsekläp, günüňize goýar öýdemzok. Eýýäm Ahal-Marydan telim bir otly kerwen edilip, adamlar sürgüne ugradylypdyr. Sizem ony eşidensiňiz. Äkidiljek adamlary eltip, çagalary bilen bygladyp, Tejen wogzalynyň gapdalynda bir jaýa gabapdyrlar, soňam olary magunlary getirip-de, dykyp başlapdyrlar, mal-hal ýaly edip şoňa. Daşhowuzly ýomut garyndaşlary bolsa, gämilere salyp, Dörtgül diýen ýere ertip, ondanam, aňry Ukrain diýen ýere äkidenmişler. Indi olaryňam gitdigi gitdigidir. Gaçyp-sypyp birki sanysy bolaýmasa, yzyna dolanyp geljegi ýokdur–diýip, özüçe wagyz edýärdi. Tejen töwereginiň adamlary Daşhowuz tarapynda näme-nämeleriň bolup geçýäninden habarsyz bolsalar-da, öz töwereklerinde bolýan-goýýan zatlaryň welin köpüsinden habarlydylar. Ýakynda sürgün edilenleriň arasynda dogan-garyndaşlary gidenlerem bardy. Onsuzam bolşewigiň soňraky turuzýan oýunlary baradaky howsalaly myş-myşlar il içinde barha örç alýardy. “Bolşewik goşun çekip gelip, gum içinden oturan obany basmaçy diýip pilmutda tutup gyrypdyr, olaryň kellesini kesip, halta salyp, öz ulularyna ugradypdyrlar. Goňşy obadan Tejene baryp alnan kelleleň dökülen çukuryndan öz garyndaşlarynyň kellesini tanap alyp gaýdanlaram bolanmyş” diýlip gürrüňler edýärdiler. Şu döwürde gyzyllaryň adamlarynyňam bolşewikden elheder alyp, çöle gaçan, alysa çekilen adamlaryň ýanyna gatnap, göçmezligi wagyz edýänleride bar eken. Garasaý, olaram halkyň göçme hyýaldygyndan habarly bolmaly-da. Habarly bolman näme haýsy ýerde, onda-da häzirki döwürde olaryň “göz-gulagy” ýokmuşyn? – Gepe gidip, oýan-buýan göçäýmäň! Aldanarsyňyz, gowusy oba geliň-de, kolhoza giriň! Täze hökümetiň degirmenine suw guýsaňyz, birde bilmese-de, birde bahaňyzy biler. Gyzyllar örän tutumly döwlet gurýar. Türkmen-de özüne birikdirip döwlet döretdi, oňa-da baş edibem öz oglanymyz, Täçgök serdaryň ogly, syçmazdaky Agažan serdaryň inisini baş edip goýdy. Pyçak öz gynyny kesmez, bir ýerde bolmasa, başga bir ýerde nepi deger, orsa dilini düşündirip, iliniň arkasyny alar–diýip, beýleligine wagyz edýärdiler. Gapma-garşylykly galagoply habarlar köpelip, halkyň howsalasy günsaýyn artýardy. Täze hökümetiň goluny çermäp, halkyň kastyna çykanlygyna ynanýanlaryň sany gün-günden köpelmese, azalmaýardy. Adamlaryň aňynda bolşewigiň görenini çapyp, tutup, basyp mynjyradyp ýören äpeň-säpeň-wagşyýana döw sypaty bardy. Halk bolsa şol döwüň eline düşmejek bolup, nirä gitjeklerini bilmän, onuň gazabyndan gizlenmäge ýer gözläp, aljyrap, çar ýana urnuşyp gaçyşyp ýörene öwrülipdiler. Annaguly han gelşine bu ýerdäki ýagdaýlara tiz göz ýetirdi. Owgana aşmaga döwtalap adamlaryň sany bolsa, onuň adamlary il içinde aýlanany bäri, hasam artypdy. Şol bir ilde owgana aşmak üçin taýynlyk işleri hem başlanypdy. Bu ýyllarda halk Sowetlerden başyny gutarmak üçin oturymly ýerlerden gaçyp, çölde-kölde selbe-sel bolup ýaşaýanlygy üçin, onuň ekin-tikine oňly mümkinçiligi ýok diýen ýalydy. Hemişeki Tejen topragynyň giň giden meýdanlarynda göz guwandyryp, ygşyl atyp oturýan bugdaýy hem indi telim ýyldan bäri gözden uçupdy. Şonuň üçinem nan ýetmezçiligi onda häzirki ýola näme alarkam diýilýän döwürde diýseň ýiti duýulýardy. Adamlar nanyň ýerini tutjak höregiň ýokdugyny bilseler-de, ýanlaryna gowurma gowrup almaga çalyşýardylar. Ýolda onuň suwsadyp, suw talap boljagy ýatlanylyp, duzy ýetmedik gowurmanyň tagamynyň bolsa o diýen bolmaýandygyna seretmezden, ony ýuwanrak duzlap, ýanlaryna köpräk almaga çalyşýardylar. Aýallar ýerli-ýerden ýola alynjak zatlary unudyp, soňra “wah” diýmezlik üçin öwran-öwran goşlaryny jemläp gözden geçirýärdiler. Süýdi çekize, gurt edip, gawuny toşap, sök edip ýolda nan ornuna ulanyljak iýip-içiljek zatlaryň aladasy hasam ykjam edilýärdi. Suw salynjak meşikler, tulum ýaýlyklar, geýiljek geýim-gejimler ýuwlup, çatylyp, ýamalyp täzeden gözden geçirilýärdi. Töwekgelçilik bilen halk melamatyny başyna alan Annaguly han öz tutan işiniň ýagdaýyny ugralmazyndan öň “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýip, ýerlere atly iberip, il içindäki belli-belli adamlary öz ýanyna ýörite maslahata çagyrdy. Bu onuň ýoluň hatarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyp, bu işi başyna almak bilen özüniň borç-ynanjynyň, halkyň öňündäki jogapkärçiligini ynamdar adamlaryň öňünde ýene bir gezek nygtamagy boldy. Maslahata gelen taýpa wekilleri Annaguly han üçin dikilen giňiş öýüň içindäki ojagyň töwereginde döwre gurup oturdylar. Geläýmeli adamlaryň gelmedikleri-de bardy. Şolaryň biri-de agalaňly, şol döwürde belli bolan adamlaryň biri Agdarhan Potrady. Garma dony ýelbegeý alyp oturan Annaguly hanyň gapdalynda iki-üç adamdan daňlyp ýasalan ýaly bolup, gerdenlek Goşa pälwan düňderilip otyrdy. Ol il içinde ýolbarslyň jeňňelliginde goşaryna ýüp sarap, gerek bolanda ony ýolbarsyň agzyna berip, tutluşyp alan adam hökmünde tanalýardy. Oňa näme etmelidigini, nirä gitmelidigini görkezseň bolany-dy, işiň bitmän galjak gümany ýok hasap edilýärdi. Galan zadyň çäresini özi tapýan adamdy. Geljeklere garaşyp mesawy gürrüňe berlişip otyrkalar Annaguly han mahal-mahal ter gara sakgalyny sypalap, aňynda töweregindäki adamlar barada, özüne belli zatlaryňam birnäçesini oýlap, kimi, ýöriş mahaly olaryň haýsysyny nirede ulanyp biljegini oýlaýardy. Onuň sag gapdalynda Dolak serdar otyrdy. Garrapdy, elbetde. Ol orsy ýaňy görmeli däldi. Orus topy-şemhaly bilen Gökdepe galasyny gabap ýatan günleri, o-da özi ýaly il gödekleriniň biri bolup, tutara zat bolmasyn diýip, ýalaňaç endamyna ýag çalyp, gije duşman üstüne gylyç gemrip alamana gidenlerdendi. Bu hüjümi ýatlan mahaly Annaguly hanyň ýadyna, soňra şol döwür rus esgerleriniň birinden eşidilen, türkmenlerde buýsanç duýgusyny döreden waka bolupdy.. ...Orus esgeri süýji ukuda ýatyrka birden olaryň biriniň burnuna, özäm gaty golaýdan ýüň ysy gelen ýaly bolup duýlupdyr, onýança-da onuň burnuna bir ýakymsyz ýumşak zat, mylk edip galtaşyp geçipdir. Ynjalygy gaçan esger, bu nämekä diýip, ýatan ýerinden elini uzadanda ol ýumşak zat onuň goşawujyny doldurypdyr. Gözlerini ýalpa açan mahaly ol bir ýalaňaç adamynyň pyçak dişläp, ofiserleriň ýatan tarapyna düýşde görlen deý emedekläp-däbenekläp barýanyny görüpdir. Esgeriň mylkyldan eline ilen zat bolsa onuň aşagynda sallanyp barýan inegi bolup, ysam şonuň töwereginiň tüý-emiz ysy eken. Gorkudan zähresi ýarylan esgere şonda gözlerini täzeden ýumup, uklan bolaýmakdan başga alaç galmandyr. Bu wakany Dolak serdary görüp, ýene bir gezek ýatlamagy Annaguly hanyň seýrek ýylgyrýan ýüzünde duýlar-duýulmaz gönençliden ýaňsyly ýylgyrmanyň döremegine sebäp boldy. Soňra onuň ünsüniň düşeni gapyň çep böwründe Gökjeden gelen Burduly mergen bilen käte goňşularça gep alşyp oturan Rah kämil boldy. Ol içinde ol haýyş edilenligine seretmezden, tekäniň hanlygy berlende ony almakdan boýun gaçyran Orazmämmet hanyň neberesi hökmünde tanalýardy. Has-da ol bir gezek gyzylbaş dökülende eden öz hereketi bilen tapawutlanýardy. Bu waka onuň ederini bilýän adamdygyny görkezipdi. Halk şol gezek ýagy dökülende gaçyp toraňňy jeňňeline urup, gaça urşupdyr. Marydan kömege goşun gelmegi eýýäm ili oljalap gitmekçi bolup oturan gyzylbaşlar üçin garaşylmadyk ýagdaý bolýar. Soňra türkmenlere derek olaryň özleri gaçyp, jeňňele urmaly bolýarlar. Gaçan gaçyp, ölen ölüp, soňra halk uruş bolan ýerlere gözden geçirip, olja tükellläp ýörkä, Rah kämil bir toraňňynyň gapdalynda ýatan, halsyz, geýnüwli bir gyzylbaşyň üstünden barýar. Haçanda Rah kämil ahmal galmazlyk üçin ýaraga ýapyşanda gyzylbaş özüni öldürjek bolýandyr öýdüp oňa ýalbarýar. – Meni öldürme! Men serbaz başylaň biri, gala hanynyň ogly. Meni başga birlerine-de öldürtme, hossar çyk, sag-aman ýurduma aşyrsaň, hezzet-hormatyňy ýetirin! – diýýär. Nebsiň agyrmaz ýaly hem däl eken, ol halys tapdan düşüp, haly harap eken. Rah kämil gije gizlin ony öýüne ertip, birnäçe gün seredensoň, ol biraz özüni dürseýär. Şundan soň Rah ony gizlin özi bilen Eýrana aşyrýar. Ol Rahy myhmanlap hezzet-hormatlaýar, oňa köp altyn kümüş bermekçi bolýar. Emma bu ýerde Rah eşidýän eken şol galada bäş-alty türkmeniň bendilikde saklanýandygyny. Ol bu zatlaryň deregine handan şolary sorap alýar we getirip iliň alkyşyny alýar. Kämil lakamy esasanam şondan soň, onuň adynyň yzyna hormat bilen goşulyp ugralypdy. Agdarhan Potranyň geldi habary Annaguly hanyň töweregi baradaky edýän pikirini böldi. Dogrusy, Annaguly han şu pursada çenli Agdarhan Potranyň Sowetler tarapyndan tirseklenip, çöle çykmaga mejbur bolanlaryň biridigini bilse-de, ýöne onuň maslahata gelip, göçe goşulmakçy boljagyna şeýle bir ynanyp barmaýardy. Ol Sowetde pylankes bolup, onuň duşmanlaryna garşy gyzyl komandir bolup ýören, hyzmat görkezip, hut Wladimir Leniniň öz elinden “Gyzyl Baýdak” ordenini alan Annamyrat Potranyň agasydy. Olaryň köpden bäri biri-biri bilen alagözdüklerini bilse-de, iş gyzza-gyzza gelende “Dogana toba ýok, ýamana oba” diýleni bolup, iki doganyň düşünişip, Annamyradyň gerek bolsa abraýyna leňňer berip, agasyna eýe çykmagynyň mümkindigini pikir edýärdi. Annamyrat Potranyň gelmegi billi bir derejede ýagdaýa aýdyňlyk berdi. Annaguly han göçi bilniksizden ümsüm-kümsüm Sowetleriň ünsüne düşmän, hamyrdan gyl sogran ýaly seresaplyk bilen alyp gitmegi niýet edinýän-de bolsa, ýöne göterilip gitjek millet görünmän, baýyr-depelere bukulyp, jülgelerde ýitip giderden has uly boljakdy. Şonuň üçinem ýol boýy öňde boýugan garşylyklary, ähli päsgelçilikleri ýeňip geçip, gerek bolanda gaýduwsyzlyk görkezip ýöremeli boljakdy. Salam-helikden soň Agdarhan hem ojagyň töwereginde ornaşdy. Maslahaty başlandy. Annaguly han oturanlara, maksadyny aýdyp, köpçülikden makul tapansoň, ýol şaýyny tutmagyň, halkyň ýany bilen götermeli azyk-suwlugynyň, ýöriş tertibiniň alada-maslahaty edildi. Bar bolan ýaraglar, onuň yzynda durjak adamlar hasaba alnyp, gerek bolanda bir-biregiň dadyna ýetişmeli, göç goragynyň esasy ýolbaşçylary anyklanyldy. Annaguly han şeýle-de kethudalara özleriniň ýeke däldiklerini, gum içinde han Jüneýitden galan ýomut göçüniňde özleri bilen gidýänligini aýdyp, göçde ýaragly adamlaryň ýetik boljagyny ýatlatdy. Iki güýç birigende duşmana onuň öňünde durmagyň ýeňil bolmajagy tama edildi. Annaguly han heniz Owganda mahaly Jüneýit han bilen maslahatda bişirişi ýaly, iki güýç bolup goşulyşyp, gerek bolanda milleti gorap biljek güýje öwrülip hereket etmelidi. Şonuň üçinem ol, onýança ýomut garyndaşlaram gelip ýeter diýen pikir bilen, öňdäki çarşenbäni umumy il bolup göterilmeli göç güni diýip belledi. Oňa bolsa, bary-ýogy, üç gün bardy. Maslahatdan soň Annaguly han öz adamlarynyň birnäçesini eýýäm ýoldadyr diýip, çak edýän ýomut göçüni garşy alyp, olary biraz gyssamak üçin, Tagan zabunyň üstüne atly iberdi. Owgana aşyp-aşmazlyk häzirki döwürde onlarça ownukly-irili adamlaryň, özleri bilen bagly hem bagly bolmadyk, emma belli bir derejede wagta görä arabaglanyşygy bolan ýagdaýlar bilen baglydy, ol bolsa batga bolup, kem-kemden özüne sorup barýan ýaly, ýene bir-de bolsa, niredendir bir ýerden kömek ýetişip, ähli zatlar şondan soň ýaz gelendäki ýaly, öz-özünden gowulyga öwrülip gidiberjege meňzeýärdi. Eýýäm ahy-nalalar asmana-göterilip, sürgüne ugradylýanlaryň derdinden: Workuta, Ýakutsk, Ukraina, Gazagystan, Özbegistan... aralygyna-da türkmenleriň ajy gözýaşlary seçelenýärdi. Türkmenistan şagal giren towukketegi dönüpdi. Ýurtda galanlar bu apatyň öňünden bir salymlygam bolsa sowulmak isläp, elewräp, elenip çykalga gözlenýärdi. Şonuň üçinem şu pursatda “Ili Owgana aşyrjak” diýip, Annaguly hanyň bir bölek atlysy bilen gelmegi, gark bolup barýan halka: “Al, ýapyş!” diýlip, gapdaldan gelnip, gol uzadylan ýaly hemaýat boldy. Halk tama bilen gabsundy. Maslahatdan soň Annaguly hana Ahal iliniň Tejen töwereginde jemlenen bosgunlarynyň Owgana aşmaklyga göwün togalanlygy belli boldy. Onuň özi-de bu halky sag-salamat, abraý bilen Owgana aşyrmaga uly itergi berdi. Şeýdibem, Annaguly hanyň göçe baş bolmak üçin saýlanyp alynmagy halkda uly goldaw hem ynam tapdy. Il içinde Annaguly hanyň häzirki döwürde ile gerek şol ýeke-täk serdar oguldygy barada tamaly gürrüňler edildi. Onuň çawy az salymda obadan-oba guýundan, guýa ýaýrady. Annaguly hanyň adamlary indi mümkin boldugyndan halky bir ýere jemlemek üçin, at derini sowatman, ýerlere aýlanýardylar. Olaryň aýdýan gepleri şeýle ýagdaýy köpden bäri küseýän adamlaryň gulagyna adam gepi däl-de, Taňry hikmetli Ýagşyzadalarryň agzyndan çykan keramatly söz ýaly eşidilýärdi. Hemmeleriň Owgana aşmagyň häzirki agyr, hatarly döwürde şeýtmegiň ýeke-täk çykalgadygyna ynanasy gelýärdi. Halkyň, nirädir bir ýere göçmek niýetiniň barlygyny azda-kände aňýanlaryň biri-de Tejen raýkomynyň jogapkär işgäri Çary Permandy. Şeýle-de ol Tejen öwresiniň adamlarynyň bölünmezliginiň tarapyndady, “Türkmene öz watanyndan ileri ýer bolmaz” diýip, pikir edýän we muňa özi ynanýan halkyň janköýerleriniňem biridi. Näme etmeli? Döwrüň bu soragy wagtal-wagtal ýagdaýa görä biraz üýtgedip, ýene-de halkyň öňünde goýanlygy belli boldy. Ilkinji gezek halk bu soragy öňki asyryň 80-nji ýyllarynda Orta Aziýa topraklaryny yzly-yzyna basyp alyp gelýän rus goşunlary Gökdepe galasynyň etegine gelende özüne beripdi. Halkyň öňünde “Ýurdy söweşsiz berip, duşmana tabyn bolmalymy ýa-da uruşmalymy?” diýen mesele keseripdi. Şonda duşman güýjüniň galadygyny görüp, oňa garşy durmagyň halky agyr gyrgynçylyga bermek boljakdygyny ýatlaşyp, Orazmämmet serdar başlyklaýyn: “Galany söweşsiz berip, gyrgynçylykdan halas bolmaly” diýen pikiri öňe sürenler bolupdy. Emma muny Gökdepe galasyny goraýjylaryň ikinji topary makul tapman: “Başa gelenini görmeli, duşman bilen söweşmeli” diýen karara gelipdi. Bu pikir şonda halkyň köp böleginden goldaw tapypdy. Ilkinji pikiri öňe sürüp, duşmandan gorkan ýaly görnen Orazmämmet serdara şonda: “Teke, men seniň üçin öz gara başymy bermäge hemişe taýyn. Emma gyrlarsyň, gaty gyrylarsyň, şondan howp edýän” diýäýmekden başga alaç galmandy. Soňra Orazmämmet han hem galany mertlerçe gorap, onuň üçin baş goýan adamlaryň biri bolupdy. Çary şol Orazmämmet serdaryň inisi Permanyň agtygydy. Wagt bir mahalky onuň mertebeli agasynyň öňünde goýan “Nätmeli?” diýen soragyny bu gün indi onuň öňünde hem keserdip goýupdy. Çary Perman bu günler halkyň bir gozgalaňa düşenini aňyp, Sowetiň atlylary bilen gaçyp çölde guýularyň, källeriň töwereginde ýaşap ýören adamlaryň arasyna baryp, olara göçmezligi wagyz edýärdi. – Göçäýmäň onuň, munuň gepine gidip, obalara gelip kolhoza giriň. Hiç ýerde öz ýurduňyzdan gowy ýer tapmarsyňyz. “Towşana dogduk depe, doňza porsy batga” diýlenidir. Gidenlerem ol ýerde oň gün görýändir öýtmäň! Adamlar ony diňleseler-de, bolşewigiň işan-mollany, iki-üç mallyny baý diýip, hiç kimi aýan goýmaýanyndan habarly bolansoňlar, onuň sözlerini juda bir alga-da alyp barmaýardylar. Ony ýolbaşçylaryna: “Çary Perman halkyň dilini tapýar” diýdirmek üçin, agzynda aş gatykladýan hasap edýärdiler. Onuň bolup ýörşüni möjek bilen dost bolan geçi baradaky ertekidäki, öz janyny goramagyň ýoluny tapan, şol gär geçä meňzedýärdiler. ...Ertekide öň aýagynyň yzyna düşüp, çete çykan geçi bir möjege duşýar. Munuň ýaly çola ýerde duşsa, möjek seni sypdyrýarmy? Dessine iýjek, ganyňy ýalap toý etjek. Geçi-de muny dessine aňýar, o-da öwrümsiz goýun däl, şeýtanlygam bar. Ol gaçaryny aldyranyny duýup, dessine öz ýalňyşlygyny düzetmegiň ugruna çykýar. Möjege: – Möjek ýegen, sen meni iýmäge howlukma! Iýjek bolsaň, gaty geçini haçan iýeňde bolman dur. Ýöne sen semizliginden ýaňa zordan ýöräp maňraşyp ýören goýunlar bar, şolardan iýmeli, heziller edäýersiň! – diýýär. Soňam ol möjege şol goýunlary yzyna düşürip, sürüden azaşdyryp, guýruk gapmaga amatly edip, atyma getirip bermäge söz berýär. Bir başa derek telim başa eýe boljak bolup durka, itlerden çekinip, sürä golaý baryp bilmän ýören möjek munuň ýaly utuşly hezilik tapsa, ol eýsem geçä „hä” diýmezmi? Geçi şundan soň sürä gaýdyp gelip, möjek bilen dilleşişleri ýaly her-haçan ol süriniň töweregine gelip uwlanda öz töweregindäki goýunlara “Ol ýerde has tagamly ot bar” diýip, aldap çete alyp çykypdyr. Şeýdibem ol hyzmat baryny edipdir oňa. Çary Perman hem şu döwürde halka şol ertekilerdäki geçini ýatladýardy. Şonuň üçinem halkam gönüläp oňa ýok diýmezden o diýdigim, bu diýdigim däl diýen ýaly başdansowma jogaplar berýärdi. – Göçmeden bizar. – Bolşewik bu ýerde ýaşamaga ygtyýar etse, oňa ýetesi zat barmy? – Öwrenişen ýeriň ýalam bir zat bolarmy? „Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan – ölinçä“ diýilmänmi näme? Her gezek wagyzçylaryň garasy saýlanansoň, bu gürrüň dessine il içinde başga öwrüm alardy: – Hä, gör munuň diýýänini. Sowetler öň-ä depip-gapyp başa oýun baryny getirdi. Indi oňa biz gerekmişik. Gerek bolsak, öň näme işlenmiş ýagdaýa görä bolýanlarynda bolmadymykan? Geçiniň yzyna düşüp barsak, ol ýene bizi parçalar – diýşip, ätiýaçly gürrüňler bolýardy. Bäpbe gelen gününiň ertesi göçmek habaryny ýetirmek üçin, Agalaň töweregine gitmäge döwtalap boldy. Bäpbäniň çagalary, garyndaşlary şol töwerekde bolmalydy. Bu ýerde oňa indi bireýämden bäri maşgala durmuşy bilen bagly garaşylmadyk ýagdaý-da garaşýardy. Ilki başda gaçylanda onuň agasy öz toparlarynda bolan-da bolsa, ýaňy-ýakynda ol Çary Permanyň hajyk-hujugyna ynanyp, yzyna oba göçüp barmakçy bolupdy. Elbet-de, ol özi bilen inisi Bäpbäniň hem maşgalasyny äkitmekçidi. Emma ol ýere barsa: “Galtamanyň maşgalasy” diýlip, özleriniň tirseklenjeklerini pikir edýän Bäpbäniň aýaly gaýynagasy bilen ol ýere gitmegi göwnemändi. Eltisine: – Enesi, siz gidiberiň. Biz entek ýüwrüjiňiziň özi gelýänçä, şu golaýda bolaýsak kem bolmaz. Soraman göçüpsiňiz diýmesin. Siz baryp ornaşyberiň hany! – diýipdi. Bäpbe Sowetler bilen bir-iki çaknyşan adam däldi. Ol çaknyşa-çaknyşa ýaşaýardy. Onsoň onuň maşgalasy eline düşse, Sowetleriň äjinnesiniň atlanjagynyň gümany ýokdy. Bäpbäniň gelnejesi bolsa Çary Permanyň daşkyrak garyndaşy bolup, her duşanda ony: “Dogan jan” diýip, hossar tutunyp, eýemsirenip gürlärdi. Sowetiň ynamdar adamlarynyň biriniň ejizi-dözmezdigine ynanyp, oňa buýsanýardy. Olar Çary Perman ikinji gezek yzlaryndan gelensoň, göçüp gidipdiler. Bapbä gökden düşen ýaly bolup gelen güni bu zatlary aýaly oňa gürrüň berdi. Bir aý bolup bolmanam, öýünden “Gurhan” tapylyp, maşgalasy bilen zir-ziwan edilip, Tejen şäherine ertilip, ol ýerden sürgün edilendiklerini aýdyp berdi. Bäpbe aýalyny diňläp, agasynyň öz maşgalasyny hossarsyz goýanlygy üçin, ondan biraz kine eden-de bolsa onuň maşgalasy bilen sürgüne iberilenini eşidip, janyny ýakyp gynandy. – Haý, edeniň bar bolsun! Çary Permanyňy kim seniň özüňki hökmünde alga alýar. Onuňam bir gepi bormy. Özi onuň ony ýamanlap, muny ýamanlap, Sowetlere ýaranyp zordan gün görüp ýören adam-a – diýip käýindi. Agasyny gapana düşen adam hasaplap, onuň halyna doganlarça gynandy. Şol pursatda maslahatlaşar ýaly onuň ýanynda özüniň bolmanlygyny ýatlap ahmyr etdi. Bäpbe aňyrdan “Aga-ini bolup, Owgana aşsak, bileräk bolsak, ol ýerde-de günümizi göreris” diýip, göwün ýüwürdip gelýärdi. Bäpbäniň agasy ýaly il içinde aldawa düşüp, aňňalak gapanlar başga-da bardy. Erbet habar tizem eşidilýärdi. Ol bolsa adamlaryň aňyny gul-gula salýardy. Şeýdibem bu belanyň öňünden nirägem bolsa bir ýere çekilesi gelýänleriň sany gün-günden artýardy. Agasynyň sürgün bolup gitmegi Bäpbäniň: “Soňky döwür meniň işlerim ugruna däl” diýip, gelen pikirini has-da nygtady. Bu pikir onda Hanumany elden gidirenden soň döräpdi. Hanumanyň erkek halar owadan ýüzi, atyň öňüne basanda haplap burnuna uran ýakymly ysy, syratly katdy-katmady onuň gözünde hemişelik galypdy. Ol: “Hudaýa berdi welin, özüm oňarmadym. Ýeri, oň ýaly zat eliňe ilensoň, Hojamyň ýanynda ne körüň bar? Git-dä başyňy alyp bir ýerlere, çola çykyp onuň bilen ýabany är-heleý bolup, hezil et-de ýör-dä” diýip, özüne käýinýärdi. Ony ile görkezmän, bolmanda birje gezek aýşy-eşretde bolmanlygyna gynanýardy. Şeýle köýli-köçeli pikirlere hemra bolup ýöreni üçinmi nämemi, aýaly ýene Bäpbä Hanumany ýatladypdy. Onda Hanumanyňky ýaly özüne çekiji, mähirli meňzeşlik bardy. “Ähli zenan milletiniň topragy bir ýerden alnanmyş weli bu şondanmykan?” diýip, Bäpbäniň oýlanmagyna sebäp bolýardy. | |
|
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk - 20.10.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |