14:31 Ojak - 2-nji kitap -15: romanyň dowamy | |
* * * Gaýradan ýomutlardan gelmegine garaşylýan göçüň öňi gelip ýetensoň, şol günüň ertesi Tejen öwresinde jemlenen bosgunlaryňam Allany çagyryp, ýola düşmegi bilen onlarça müň adam, atdyr eşek, düýeler, süri-süri maýda mallar şol bir wagtda galkynyp-çaýkanyp herekete geldi. Indi sereden ýeriň ýöne tapan goş-golamyny ulagyna urup, eňaşak düňderilip gidip barýan milletdi. Ugralmazyndan öň düýeler çökerilip, olaryň köpüsiniň üstünde, aýal-ýebtat, çaga-çugalar köpräk ýerleşer ýaly olara ýürek ýasalyp, howudyň töweregine ýaýraw berlip giňeldilipdi, bu bolsa olaryň hersiniň üstüne, iki aýala birnäçe çaga bilen münmäge mümkinçilik berýärdi. Kä bir gyzlardyr ýortmança çagalar düýe leňňer atanda onuň üstüne gaçyp galmaz ýaly, şol ýürekleriň töweregine ýüp aýlap daňypdyrlar. Ähli ýüki düýeler öz gerdenlerine alýan ýaly bolsa-da eşekleri, atlary artlaşyp münenler-de az däldi. Ýoluň ugry agyn düýe jörrüldilerinden, eşek aňňyrmadyr hynçgyrmalaryndan, çagalardyr ulularyň özara gep gürrüňlerinden ýaňa dünýä hyň berýärdi. Göç mümkin boldugyndan howpsuz ýerlerden, seresap hereket edilip, alnyp gidilmek niýet edilen bolsa-da, ýörite atlylaryň aýlanyp, ýuwaşrak bolunmagyny talap edip, milletiň arasyna aýlansa-da, köp halatda bu zatlaryň öňüni almak olara başartmaýardy. Onsoňam eýýäm aýaklaryň astyndan göterilen çaň-tozanam galkyp, asmanda “Ine, men” diýip, bulut tutup aýlanyp ýördi. Düýeler bir-birlerine päsgelçilik döretmez ýaly, olary hatar edilip, ortadan goýberipdiler. Eşekliler, ulagsyz ýigdekçeler, ulugyzlardyr aýal-ebtatlar öz düýä urlan ýükleriniň yzyna düşüp, öňüni çekişip, topar-topar bolşup gelýärdiler. Müňlerçe ýaragly adamlar göçüň daşyny halkalap alyp, gorap barýardylar. Agzybirlik bilen tertipli ýörelen wagty ýakyn bolmadyk heniz entek telim günlük ýolda ýatan Owgan serhedine hamala golaýlaşylýan ýaly duýgy döreýär, belli bir derejede adamlaryň süňňüne gurbat, kalbyna tama berýänem häzir şudy. Gidip barýan ýygnyň bolsa ne aňyrsy görünýärdi, ne-de bärsi. Ýol ýöreldigiçe Watandan jyda düşmek bilen bagly hesretli pikirleriň ümür-dumanlary kirşen bolup, kalplara çökýärdi, onsuz-da dogduk depelerden daşlaşdyklaryça kalplarda susluk aralaşypdy. Özleri-de bilmezden indi olar sähel zada-da girre gaharlary gelip, ýeňseleri gatap duran bolupdylar. Bar kişiniň başy pikirli bolup, hamala özüniň ýakyn bir adamsyny soňky ýoluna ugradyp barýan ýaly ýüzler salykdy. Adamlaryň bu bolşy öňde, ýat ýerde özlerine garaşýan ykbaly biljek bolnup, alada galynýanyndan habar berýärdi. Kalpda dörän gorky güýji bolsa barha ýetilip, ýumrulanyp ulalmak bilendi. Göçüň gapdaly bilen, gorag atlylarynyň biri bolup barýan Amaşyň şol barmana ünsi birden ýanynda göterýän pyçagynyň gynynyň boşdugyna düşdi. – Al, saňa gerek bolsa, kelle! – diýip, ol pyçagyny ýitirenine janyny ýakyp käýindi. At başyny çekip, pyçagyň gözlegine giderli görnüp, yzyny gözledi. Onuň jibrinip, at başyny çekenini gören, kak çekge murtly Dary gotur ýüzüni sypalap oňa ýüzlendi: – Amaş, näme bitlän ýaly o ýeriňi, bu ýeriňi sermenekläberdiň-le! –diýdi, – Haý, edenim bar bol-a, düýä ýük urup durkam bardy-la, çagalara düýäň owsaryny abatlap bermekçi bolamda hem bardy. Ýüpi kesip, ony soň alaryn pikiri bilen gapdalyma dürtdüm-dä. Ýadyma düşýär, şol ýerde-de galandyr içigar. – Howlugyldam-da! – diýip, gapdaly bilen barýan Ýazly-da, çaňjaran ýüzüni sypalap oňa duýgudaşlyk etdi. – Gynanma, galan zadyň galdygy bor. – Bir ýere gitsem, meniňki hemişe şeýle-dä, şu gezeg-ä zat galdyr-maýyn diýip ünsli bolmaga çalyşsam-da, bir zadym galýar-da. – Belki, onuň saňa indi geregi-de boljak däldir. Käte şeýdip, bir ýere gideniňde galdyran zadyňa gynanýaň, soň görüp otursaň, onuň geregem bolup durmaýar – diýip, Dary gotur ýene-de gep ugruna oňa göwünlik berdi. – Aý, seň ol diýýäniň ýüpdür, ýa suw-çaý içäýere käse-päsedir, bu bolsa süňk saply bir gowy pyçakda-da – diýip, Amaş ýene-de jibirinmesini dowam etdirdi. Bu ýaňka-ýaňka meňzeş ugursyz gürrüňiň toparyň öňi bolup barýan Garraw hanyň ýüregine düşenligi belli boldy. Ol at üstünde düýrügibiräk oturyşyna jylawa biraz çekip, atynyň ädimini haýallatdyrdy-da, pyçagyň gürrüňiniň gereginden artyk köpeldip gelýänlere tarap çytylyp seretdi: – Goýuň-aýt, bir garyş pyçak ýitdi diýip, gep baryny etdiňiz-laý. Seniň ol pyçagyň nämemiş, birini ýitirseň, beýlekisini edinersiň. Biz häzir Watany goýup barýarys, hany sen soň ony nireden tapjak? –diýip, bolgusyz gürrüňe pisindi oturman talaply gepledi. Bu gep adamlara kepäp ugran ýaranyň kesmegini goparan ýaly täsir etdi. Adamlar ýiten pyçagy unudyşyp, Watany ýat edişip suslandylar. Sebäbi şu pursatda aýralygyň derdi has ýiti duýulýardy. Göç bolsa Tejeniň alaň-depelerini, çägeli seňňelerini yzda galdyryp, indi Marynyň toýunsow, birsydyrgyn meýdanly topragyna aralaşyp barýardy. Ýazda Murgabyň hanasyna sygman töweregine kowan suwlary baran ýerinde birgiden hyşa-gamyş jeňňelliklerini, toplum-toplum ýylgyn tokaýlyklaryny döredipdi. Marydan Sarahsa, Maşada, Aşgabat, Tejene çenli ümdüzüne tutduryp barýan ýol, ýodalar, hamala, göçüň dogry ýol saýlamagyny isleýän ýaly göçüň öňüni häli-şindi kesýärdiler. – Beýdip, „Iki göç – bir talaň” bolup, görgi baryny görüp baran ýerimizde karar tapsagam ne ýagşy. Ýöne ol ýerde-dä seniň türkmenleriňe „Gel!” diýip gujak gerip garaşyp duran-a ýokdur – diýip, häli pyçakly gürrüňiň baryny eşidip gelýän başyna ýapbaş telpek geýen Durdy tärim özüniň gepe goşulman gelşinden baryljak ýerdäki durmuş bilen oýlanýanlygyny mälim edip, watanly gürrüňiň yzyny özi-de bilmezden täzeden başlady. –Aşyna her ýeteni şärik eder ýaly, Owganyň özem-ä nanyny bol tapýan bolmaly däl. Öňler olar Mary bazaryna sürüläp goýun satmana gelenlerinde, yzyna gidenlerinde çuwallap, alyp gidýänleri, esasanam, seniň bugdaýyňdyr arpaň bolardy. – Owganystan gaty ýurtdugyn-a gaty ýurtdur. Onuň ýurdy agyn daş bolup ýatyr diýýärler. – Biziň barjak ýerimizdä-hä suw bol zadyň birimiş. Suw bol bolsa, hor bolmarys, nesip bolsa, şalyňam, bugdaýyňam, ýeneki ekin-tikiňem bolar, enşalla... Ýöne ili bizi sygdyrman: „Keseden gelenler!” diýip, tirseklemese bolany. – Aý, o-da azda-kände bolmanam durmaz. Ýöne nätjek, bir ýerden bir ýere muňalyp baraňsoň, buça-buçany çekmeli bolar. Ähli musulmanyň bir-birini dogan hasap etmesäm-ä bardyr özün-ä... – Biziňlikiler – Jüneýit han, Annaguly han dagy öň bu meseläni Owgan emiri bilen duşup bişiren bolmaga çemli. Şeýle bolmasa Annaguly han “Näçe köp bolup barsak, şonça gowy” diýmezdi. Ýogsam beýdip ýygyn tutup, üstüne ýöriş edýän ýaly bolubam bir, bir ilden başga ile baryp bolarmy, bir arka direýän ýeri bardyr, elbetde. – Şeýle bolsun-da hernä. Ýene göçüp-gonup kösenmesek bolýar. – Ol illerde şalaryň aýdany aýdan, diýeni diýendir özüň-ä, onuň garşysyna durmaga aňsa milt edip bilen-ä bolmaz – diýip, häliden bäri töweregini diňläp gelýän Amaş hem pyçagyny unudyp, tama bilen aýtdy. – Biz onsoňam hemişe olaryň üstüni alybam durasymyz ýog-a! Gaýdyrys bir mümkinçilik bolsa ýurda. Bu ýurdy hemişelik goýubam bir gidip bolarmy?! – Şeýle-de bor, enşalla. Magtymguly aga “Dünýä seniň bu gezekli gerdişiň!” diýmänmi näme? Bize-de enşalla ýaýnamaga nobat ýeter. – Haý, nä bileýin-dä, şol gerdişe bir münensoň, aňsat ondan düşmeýär. Täze hökümetem wagty bilen halkyň gerdeninden düşäýer öýdemok... Ak saply pyçak baradaky oslagsyz başlanan gürrüň duýdansyz Watan baradaky gürrüňe sapyp, ýene bir pursadam bolsa, olaryň pikirlerinde özlerini taşlap barýan ýerlerinde duýmaklaryna sebäp boldy. Adamlar şol gidip baryşlaryna mahal-mahal yzlarynda galan Watan ýerlerine yntyzar seredişip durýardylar. Güýz-de bolsa, heniz ýere ýagyn-saçyp düşmändi. Öňkülerden biraz gijrägem bolsa Günem her gün guşluk töweregi asmanda öwrüm edip ýörene meňzäp, bir ýerlerden görnerdi. Her gezek şundan soň aýlaw berip, depeden düňderilen ýaly bolup duran asman gümmeziniň ýüzi altyn suwy berlen ýaly bolup şuglalanyp, ýagtylyk mesgenine öwrülerdi. Hemme ýerde¬–gernişip oturan çöl meýdanlarynda, dag gerişlerinde, tolgunyp-uýalyp oturan suwlaryň ýokarsynda, ýerden galkyp barýan gara tüssäni ýatladyp oturan jeňňelleriň ýüzünde – ähli ýerde güneşli güýzüň tebigatyna meňzeş şähdaçyklyk dörärdi. Telim günläp, mümkin boldugyndan, ýol şaýyny tutan millet indi Allany çagyryp, onuň hak işde öz arkalaryny aljagyna, müşgil işlerini aňsat etjegine ynanyp, özlerine göwünlik berip, kalplaryny tama bilen ruhlandyryp, agyr märeke bolşup barýardylar. Nazaryň düşen ýeri agyn müňňüldi– adam-gara, düýe, eşek bolup durdy. Düýelerde esasanam garrylardyr çagalar, eme bäbekli gelinler ýerleşdirilipdi. Olaryň gapdaly bilen esasanam eşekliler, aýakgaldyry bolmadyk pyýadalar eňterilişip barýardylar. Göçüň bolsa ne öňi görünýärdi, ne-de ardy. Atly-ýaragly adamlaryň köpüsi, göçüň daşynda bolup, gerek bolanda ili goramaga taýyn bolşup barýardylar. Milletiň hereketi dürli ýerlerinde duýdansyz peýda bolýan Annaguly han tarapyndan göç içinde aýlanyp gezýän atlylaryň üsti bilen dolandyrylýardy. Ilki başda Tejenden göterilen göç ýomutlardan bölünibräk öňden ýörän hem bolsa, ikinji gün ýolda Annaguly hana ähli göçi bir gulaga düzmek başartdy. Şonuň üçinem Annaguly han gören-ýeşiden ýatlara göç Sarahs tarapa barýar, Eýrana geçmegi niýet edipdiler diýen pikir dörmek üçin, biraz aýlawlyrak boljagyny bilse-de, halkyň ýüzüni öz isleýşi ýaly şol tarapa öwrüpdi. Eşitse Sowetiň ýaragyny besläp, oda-köze düşjeginiň ujy iki däldi. Onuň bir ýyl mundan öň buluçlaryň Kerim hanynyň başyndan indiren ahyrzamanyny bu göçüňem başyndan indirmegi juda mümkindi. Bu zatlardan Annaguly han habarlydy. Onuň ilki il çakylygyny eşiden mahaly, “Indi hökümet berkedi” diýip ikirjemesiniňem sebäbi şeýle bir-birlerinden şum eşidilen habarlardy. Şonuň üçinem ol boldugyndan, bolaýmagy mümkin agyrlyklardan, ugurtapyjylyk hiläň üsti bilen sowlup geçmäge ymtylyp seresap hereket edýärdi. Onuň pikiriçe, diňe şeýdip, ýagdaýa görä, seresap hereket edilende il garamatyny aman-sag Owgana aşyryp boljakdy. Bu ýagdaý bir-de ölüm bilen oýun edilýän ýaly howp-hatarly duýulýan ýaly hem bolsa, halkyň Annaguly hanyň özlerini duşmana aldyrman, orta ýolda galdyrman, Owgana aşyrjagy bilen bagly ynamy ýoluň şüweleňli geçilmegine medet berýänligi duýulýardy. Adamlar diýlişi ýaly, uly bir goh-galmagalsyz duşman gözüne ilmezden, ýeriň pessi bilen bilniksizden ýöremäge çalyşýardylar. Annaguly hanyň özlerini hut şeýle ýerlerden alyp barýandygyna ynanýardylar. Ýol aşmada syrlylyk ýagdaýy esasy taraplarynyň biridi. Halkyň köpüsi Owgan diýip, nirä ýöreýänini bilmese-de, hanyň özlerini ahyr-soňy sag-aman serhetden aşyrjagyna welin ynanýardy. Munça adamyň birbada özünden ýüz öwrenini eşitse, Sowetleriň halamajagy, elbetde, belli zat. Ol indi köpden bäri özünden geçilip gaçylmagyny hem özüne duşmançylyk edilen hökmünde görýär. Onuň öňüni almaga hemme ýerde erjellik görkezip, ýarag besläp, güýç görkezmäge çalyşýar. Bu gezegem Sowetleriň giden milletiň özünden geçip barýanlygyny bilse-hä, gonjuna gor guýulsa gerek. Gizlinlik bu ýagdaýyň esasy talabydy. Annaguly han, beýleki göç ýolbaşçylary-da diňe şeýle edilip, bilniksizden ýol aşylanda aldyrman-galdyrman, Owgana geçip Sowetlere aňňalak gapdyryp boljagyna ynanýardylar. Beýdip görünmän, üzülip-bölünmän ýöremek üçinem bu gizlinlik hökmanylykdy. Diýlen bilen bolman, diýlen ýerden ýöremeseň, Sowet aňtawçylarynyň ýeneleriň üstünden barjagyňam juda ahmaldy. Göç islenişi ýaly üç günläp garaşylmadyk hadysa bolmazdan, hamala, Annaguly hanyň talabyny tutup, bolaýmaly hadysalaryň daşyndan öwrülip geçýän dek ýeriň pessi bilen parahat ýöredi. Emma öňdäki ähli howp-hataryň üstünden niýet edilişi ýaly beýdip onuň bilen gabatlaşman, bilniksizden daşyndan aýlanyp geçmek welin ýok eken. Eger köpüň içinden bir başbozar, batnyksyz tapylmadyk bolanlygynda göç ýene-de, bilniksizden telim gün ýol ýörese-de ýörärdi. Emma şeýle bir ýerinden gelme tapylyp ol ähli ili ahmyrda goýdy. Gün batyp garaňky düşüberende, sesýetim ýazgynlygy tutup gelýän göçüň öňüni keserip ýatan Mary-Aşgabat demir ýoly kesdi. Bolmajak bolsa, bolmaz eken. Soňundanam ähli zat kest etmek üçin ýörite gurnalýana döndi. Şol arada-da endam-jany agyn çyra bolup, Aşgabatdan Mara ötüp barýan otly göründi. Adamlara duran-duran ýerlerinde sessiz, ýok ýaly bolup durmak tabşyryldy. “Ýoldan geçjek bolup, otla çolaşaýmaň, görünmäň, ýarag beýlekem ulanaýmaňam!” diýlip tabşyryldy. Otly bolsa kerwen gurap, agyn çyra-şugla bolup geçip barýar. Şol arada ýeňsede bir ýerden kimdir biriniň garaňka dulanyp ony tüpeňlänligi belli boldy. Otlynyň bir aýnasy şaňňyrdap, kül-uşak boldy. Şeýdibem bu başbozarlyk soralmadyk ýerden Sowetlere öz habaryňy ýetirmek boldy duruberdi. Milletiň dik jany dagy ýanaýdy. Annaguly hanyň adamlary bu başbozary gözläp ikiýana at saldylar, emma bu dara-direde dörän başagaýlykda, gijäň içinde saňa hany ol nireden tapdyrýar!? Ýöne göçüň arasynda göçüň peýdasyna başarsa badak atjak Sowetiň jansyzlarynyň hem bar bolmagynyň mümkinligi pikir etdirdi. Annaguly han jany ýanyp: – Öz syrtymyzy özümiz açdyk-ow... Indi, hä diýmänem Mary, Aşgabada-da habar düşer. Ana, onsoň lek-lek goşunly kowgy üstüňe gelbersin. Ýatan doňzy bilgeşländen depmek boldy bi – diýip käýindi. Sowetleriň ýüz bererinden heder edilen hem bolsa şol günüň ertesem göçüň ýol gazanmagyna daşdan-içden päsgelçilik bolmady. Diňe ýolda bir ýerde adamlar tükellenilende Annagurban ýumurtgaçynyň, Ata kürt diýilýänleriň maşgalasy bilen göçde ýoklugy anyk boldy. Bu mesele boýunça göç heniz ýola düşmänkä, Annaguly hanyň tabşyrygy bilen ýerlere barlanda, adamlar bilen degişli gürrüňler edilipdi: “Adamlar, sizi zor bilen Owgana göçürjek bolýan ýok, islemeseňiz, sähel göwnüňizde güman bolsa galyň! Ýöne ýola düşeňden soň welin, yza dolanma ýokdur. Kim gaçyp-tezäýse, onuň hereketi dönüklik hasap ediljekdir. Dönügi bolsa türkmen halaýan däldir” diýlipdi. Halkyň agzybirlik bilen yzyna düşmegi bolsa hanyň gadamyna ynam beripdi. Bu ýolda galyp-gaçma bilen bagly başbozarlyk göçüň otly tüpeňlenenden soňky ilkinji gezek büdremesi hökmünde görüldi. Annaguly hana bu barada maglumat eşidende, ilki ol bularyň yzyndan atly ibermekçi boldy. Ýöne galan adamlary tanaýanlygy üçin, olar ýaly ilden aýry göwünli adamlaryň öz aralarynda bolanyndan bolmanlygynyň kem däldigini pikir etdi. Olaryň il içinde halanylmaýan adamlardygyny ýatlap, bular ýalylaryň kestiniň bir ýerde bolmasa, ýene bir ýerde ýetmeginiň ahmaldygyna ynanyp, geçenden geçmeli diýen karara geldi. Olaryň bir amady gelende jeňňeli aralap düşläp, soňam onuň içine çekilip, töweregi gidýänçä şol ýerde busup galandyklaryny çen edildi. * * * Daňdanyň howasy hoştapdy. Biraz mundan ozal gara oýlugy bilen zemin üstüni örtüp dünýäni eýemsirenip, ileri-gaýrany sorap oturan gara gije indi böleklere bölünip, asmana göterilip, kowçum-kowçum bolup barýan garga sürülerini ýatladyşyp, gaýda-gaýmalyşyk bolşup, çaňjaryşyp çaşyşyp pytramak bilendiler. Asman örüsi ýaýraň alyp barha giňelmek bilendi. Annaguly han hemişe göçüň howply hasap edilýän ýerinde bolmaga çalşardy. Özüne belli gonalga bermezdi. Töwereginiň bir bölek atlysy bilen göçüň dürli ýerlerinde görnerdi. Bu gün irdenem Annaguly han säher bilen atlandy. Onuň bu gije düşlän ýeri ýomut göçi bilen golaýlykdaky ýerleriň biridi. Ýol şaýyny tutýan aýal-gyzlaryň şaňňy sesleri, erkekleriň ýoňtar-ýogyn sesleri, çaga agylary ir bilen ýük urulmagyny halaman bozlaýan düýeleriň sesi eşek aňňyrmalary bilen goşulyşyp, töwerekde barha ulalýan hümmürdi-hasyrdylara öwrülýärdi. Annaguly han adamlaryň bir pursadam bolsa, özlerini öýünde ýatan ýaly duýmak islegi bilen gonulan ýerdäki öýleri, erkek adamlaryň itenek-de-çomanak bolşup söküp ýörüşlerini gördi. Aýal-gyzlar esasanam düýelere uruljak öý-goşlary bilen bagly zatlaryň, çagalaryň töweregindediler. Hana adamlar gereginden haýal deprenýän ýaly bolup duýuldy. Ol her toplumyň gapdalyndan ötende, olara ýola düşmegiň wagty ýetenini ýatladyp, topar ekabyrlaryny howlukdyryp geçdi. Haçanda ol ýomut göçüniň arasyna baranda, bu ýerde eýýäm göçüň ýola taýyn bolup barýanyny gördi. Munda Tejen göçünden tapawutlylykda öýleri söküp duranlaryň köpüsi aýal-gyzlardy. Erkek adamlar bolsa, atlaryny eýerlemek, düýä ýükleri urmak bilen meşguldylar. Erkekleriň sakgal-murtuna timar berip, üst-başyna serenjam berip oturanlary-da ýok däldi. Annaguly han öňki gören ýagdaýlaryny häzirki töwereginde görýän ýagdaýlary bilen deňeşdirip: – Beý, bularda-ha öýi dikýänem, sökýänem aýallar bolsa näme? Köp ýyllardan bäri göçüp-gonup, gum içinde çarwa ýaşap ýörensoňlar, bu işleri aýallar erkeklerine ýetirmän, ony tiz etmegi-de öwrenipdirler. Bizde bolsa bu işler erkeklere degişli – diýip, ol ýomut zenanlarynyň çasbaň hereketini öz ýanyndan gözügidijilikli makullama bilen oýlandy. Birneme ýol gazanmagy arzuw eden uly göç Güni depesine göterip, ýola düşdi. Ýene-de birsalymdan adamlaryň depesinde aýak astyndan göterilen çaň tozanyň çal buludy peýda boldy. Tagan zabun öz töwereginiň bir bölek atlysy bilen göç ýola düşeli bäri atdan düşmeýär diýen ýalydy, ol bir-de Annaguly han bilen göç barada maslahatda bolsa, ýene bir-de göçüň ha öňünde, ha ortasynda at dabradyp gezerdi. Yzda sürenýänleri tijäp, ýazylyp-ýaýraw alanlary gaýtaryp, jemläp uly akyma salýardy. Bir gezek olar ýomut göçüniň gapdaly bilen gelýärkäler, olaryň ýoluny akymdan çykyp, gapdala sowlan atdyr eşek, düýedir köşek bolşup, tirkeşip barýan onlarça aýak yzlary kesdi. Yzlar ýapy ýüzüni törç edip, biraz günbatara gidensoň, ol ýerdenem öwrüm berip, demirgazyga uzaýardy. Tagan zabun uly goşda düýn-öňňinlikde Annagurban ýumurtgaçydyr Ata kürtüň sap atyp, göçden bölünip galandyklaryny eşideni üçin, ol bu yzlary hem ilki görende şolar ýaly il gözüne çöp atyp, göçden galmak islänlere degişli bolaýmagynyň mümkinligini pikir etdi. Öz aralaryndanam şeýle göwni bölek adamlaryň döremegi onuň çetine degdi. Kejikdirip gaharyny getirdi. Tagan zabun bu adamlaryň bölünmeden başga-da özlerini aňtap ýören Sowetlere dagy duşsa, olaryň duşman öňüne düşüp, ýol görkezjek, göç üçin howply adamlara öwrülmekleriniň mümkindigini hem ýatlady. Içinden: – Haýt, siziň bir… Galjak-gaçjak bolsaňyz, telim gün ýolda bolundy, öň näme işlediňiz? Ýa biriniň aşagynda ýatyrmydyňyz? – diýip käýindi. Soňam:– Şularyň bir habaryny alaýyn! – diýip, Annaguly handan bölünip, terse giden yzlaryň habary almak üçin, at başyny Sarahs tarapa öwürdi. – Ýeri, ol ýerik baranňyzda, siziň kimligiňiz bilnip durka, Sowet siziň ýüzüňizden sypalar öýdýänizmi? – diýip, gidenleri gaýybana abaýlady. Onuň yz ýany bilen garry alaşasyny gyssabyrap sürüp gelýän işan bu ýagdaýdan başgaça many çykardy. Zabunyň gazap atyna atlanyp barşy oňa ýagdaýy anyklap-anyklaman, gidenleri tapsa, gyran-jyran edip ugraýmagynyň mümkinligini ýatlap, tapbilenlik bilen howpurganyp aladalandy. – Bu maňlaýy garalar garaňkyda azaşan bolmaly – diýip, çen urup sakgal-murtuny sypady. – Bularyň öňüne düşen akylly-başly birisi ýokmukan, eýse? – diýip, Zabun nägile gepledi. – Akylly-başly bar bolsa bardyram welin, ýöne bu ýer seniň ol belet ýeriň Orta guýyň ýa bolmasa, Ata guýyň töweregem däldir. Ýat ýerde çen almak-da aňsat bolmaýar – diýip, işan endigine görä, azaşanlary Tagan zabunyň gazabyndan goraglap, öz pikirini ýene sypaýçylyk bilen nygtady. Yzarlanyp gaýdylan yzlar atlylary birazdan bir käliň üstünden inderdi. Ol gapdala sowlup, azaşyp gaýdan göç gelip, şu ýerde düşlän eken. Düýeler çökerilip, urlan ýükler düşürilen-de bolsa, olaryň örküjiniň howudy heniz aýrylmandyr. Aýal-gyzlar al-ýaşyl bolşup, çaga-çugalar bilen bir bölek bolşup otyrlar. Adamlar ikiden-üçden düýedir atlaryň ýanynda görünýärler. Bir bölek adam aýallaryň ýigrimi, otuz ädimliginde söm-saýak bolşup duran ýerlerinde kimdir birini töwerekläp, maslahat gurap durdular. Olary görüp: – Ana, olar köwejekleşip durlar – diýip, aňyrdan gelýänleň biri Hangeldi atly, ýüzi bäbegiň ýüzi ýaly tulpar ýigit elini uzadyp, kömelek tapan ýaly begenip, gamçyly eli bilen olary görkezip dillendi. Topar tutup duranlaram bulary görüp, olara tarap ýöneldiler. Tagan zabun toparyň alkymyna golaýlap, at başyny çekdi. Nägile nazary bilen duranlaryň ýüzüni çawlap aldy. Adamlaryň arasynda onuň ýakyndan tanaýan bir adamsy bar eken. Ol Myllyk bagşydy. Çuwal bagşynyň ak patasyny alan bu bagşy aýdym-sazyň demirgazyk ýolunyň ussat kişileriniň biridi. Jüneýit han Eýrana aşarman bolup ýören günleriniň birinde hem muny ýörite tapdyryp, getirdip, iki gün dessan diňläpdi. Onuň ady Myllyk bolsa-da, haçanda ol gyzyp, möwjäp, aýdymlar obasynyň depesine göterilip, küküräp aýdym aýdanda aýdym-sazyň bagşyny mertebä göterip, Görogla öwürýänini şonda Tagan zabunyň özi-de görüpdi. Her gezek ol haýkyryp, gyjak-dutaryň göteren ýakymly sesine çolaşan ýaly bolup, indem şondan dyzanyp çykjak bolýan ýaly ner bolup, kükräp aýdym aýdanda töweregiň kalbyny bagtyýar joşgun eýeleýärdi. – Ýigit başy malsyz bolmasyn, Aý, ýigit başy malsyz bolmasyn Malsyz bolsa, onda onuňam bir… diýip bir zowladardy welin, bu ýakymly owaz soň-soňlaram gulagynda ýaňlanyp durardy. Şeýdibem bagşy şonda Görogly bolup, onuň gözünde galypdy. Beýle adamy ertip bilse han ýanynda sarpasynyň has uly boljagy-da ikuçsuzdy. Sebäbi han aýdym-saza diýseň sarpa goýup bilýän adamdy. “Watanda bilbilim galdy” diýip, ahmyr etmeginiňem sebäbi onuň hut aýdym-saza bolan uly höwes-söýgüsi bilen baglydy. Ýöne han bu küýsegli sözi diýse-de, ol bilbiliň adyny welin tutmandy. Belki: „Hä, sen han bagşysy ekeniň” diýlip, başgalaryň soňra azar beriljegini pikir edendir. Şonuň üçinem bu ady tutulmadyk bilbil, köp halatda, Çuwal bagşydyr öýdülse-de, onuň “bilbilim” diýende, hanyň Myllyk bagşyny-da eý görenligini bilýän adamlaryň arasynda han aganyň bilbiliniň şoldugyna ynanýanlaram bardy. Tagan zabun aňyrdan gelýärkä azaşanlara gahar edip “Enesini bir dula bakdyryp alaýyn bularyň!” diýip gelýän-de bolsa, bagşyny tanandan soň, gazabyny ýuwudyp, gepine henek äheňini gatyp gürledi. – Hä, bagşy, niräk tutduryp barýaňyz onsoň? – Ýüzümiz-ä Guşgadyr, batyr aga! – Ol ýerde, nä eýsem, Guşgy barmy? – Barmykan diýib-a barylýandyr özüne-ä… – Ol ýerde-de bir Guşgy bormy? Sarahs diýseň-ä bardyr, biraz ýeňseräginde Eýran-da bolmaly, ýöne Guşgy welin ýokdur ol ýerde. Tapmarsyňyzam! – Özümem-ä aňdym azaşylandygyny, şonuň üçinem şu ýerde garaşyp düşläp otyrys, iki-üç atlyny “Göçi tap!” diýip, ugratdyk indem näden-nä borkak? – diýip, otyrys şolaryň gaýdyp gelerine garaşyp – diýip, gözlerini müýnli süzdi. Toparyň göçden galma niýetindäki adamlar däl-de, azaşyp gapdala çykanlardygy belli boldy. Bagşynyň yz ýanynda onuň arkasy bolup duranlaryň biri egni etegi dyzyna ýetip duran, boldan tikilen ak köýnekli, üstündenem Hywa donuny geýip, bilini tirme guşak bilen guşan, orta göreşe çykmaga hyýallanyp duran pälwansypat ýaş daýanykly adamdy. Hangeldi ony görüp, tanap göhi gelenini mälim edip, gözlerini erejekletdi. Bu onuň öňki obadaşy bolup, ozaldan toýda-ýenekide degnişip, hezil tapyşyp ýören deň-duşudy. Yzanda-çuwan bolnup, bolşewikden gaçylyp, çöle çykylyp, guýularyň töwereginde goş basylany bäri ol öz obadaşlary bilen az görüşýärdi. Esli wagtan bäri daýy obasynyň adamlarynyň arasynda öz maşgalasy bilen ýaşaýardy. Bu obada onuň bir dogumly, sala-sarmykly daýysy bolup, dädesi okdan uçansoň, ejizine arka durup, bulary öz penasyna ýygnap alypdy. Köpden bäri görüşmedigem, wagtyň geçmegi bilen öňküsinden ýarsyp-ýognan-da bolsa, Hangeldi ony göreninden tanady. Onuň gözi ýaşlykdan kemli bolup, bir gözi dil sokulan ýaly bolup, oýulyp durdy. Bu belliginden başga-da ol hemişeki dolmuş ýüz keşmerinem saklapdyr. Tagan zabunyň Myllyk bagşy bilen gürrüňi alşyp, gapdalrak çekilip, mydy-myda berlenine mähetdel Hangeldi ersip, gülümsiräp tanşyna ýüzlendi. – Eý, kör, sen ili ýoldan sowup, ummadan çykarypsyň, zaluwat. Gapdallap, gözüň görýän tarapyna öwrülip barýan adam diýerler saňa. Gözi kemli öň munuň bilen degşip ýörenligine seretmezden, tapa salnyp köpçüligiň arasynda öz keminiň nygtalmagyny halamady. Ol-da biraz çytylansoň, ondan kem oturasy gelmedi: – Köse, seniň henizem şol öňki köseligiň-ow. Bir-ä saňa tüý çykmandyr, birem ýaşyňa görä akyl gelip, adam bolmansyň. Hangeldi gidişdikleriçe töweregindäki adamlaryň ünsüniň özlerinde jemlenýändigini görüp, öjügip has-da teýeneli geplemäge çalyşdy. – Sen özüňe derek ikinji heleýiňi öňe salaýsaň bolmadymy. Gyzka-ha şonuň gözi ýitijedi. Ýaňy obadaşyny görende, Hangeldiniň ilki ýadyna düşen zatlarynyň birem onuň aýaly bolupdy. Gelniň ýatda galmagynyň sebäbi ene-atasy ony Hangeldä alyp bermekçi bolup, söz aýdypdylar. Emma gyzyň ene-atasy: “Eşegem öz deňi bilen gaşaşýandyr, baryň sizem deňiňizi tapyň!” diýip, olaryň süňňüniň özlerinden pes görüp, kowup goýberipdiler. Soňam ony: “Gelin dogranok” diýip, Mätek özüne ikinji heleý edip alypdy. Mätek onuň teýeneli gepiniň öz üstünden sowlup, indem maşgalasynyň depesinden inmegini, hapa aýakgap bilen törüne geçilen deý halamady. Ol hem Hangeldiniň ýetmezini dile çolap, onuň özüne meňzäp, jogap bermäge çalyşdy. – Haý, kösäm, kösäm, bir-ä saňa sakgal-murt çykmandyr, birem henizem şol öňki duzsuz içýakgynçlygyň eken. Ilde “Kösä her kim bir gyl berse, köse sakgally bor” diýen bir gep bar. Saňa-da men ol ýerimden alyp, bir gysym tüý beräýsem nädýär? Akyl gelmese-de, sakgall-a bolup galarsyň! Töwerekdäki adamlar Mätegiň eýlämden-beýlämden tüý bereýin diýip, adyny tutmasa-da, onuň dessine niräni çaňydýanlygyna düşünip: Hangeldiň-ä merkini berdi gerek diýen pikir bilen, hezil tapyşyp, onuň ýüzüne gyjalatly gözleşip ýylgyrjaklaşdylar. Mätegiň gep saluwyna düşünen Hangeldem kem galmak islemän, dessine jogabyny nagt etdi. – Özüňkidenem-ä berseň ber welin, ýöne kiçi heleýiňem şol ýerindäki tüýünden bergin bir penje. Ysy burnuma gelip durar ýaly, men ondan temegime murt edinjek. Oýun çyna ýazdy. Mätek aňyrdan atylyp gelip, Hangeldiň atynyň jylawundan çalyp tutdy. – Hä, seniň doganyň... kösesi! Tagan zabun işiň işden geçip barýanyny görüp, olara özüniň bu ýerde barlygyny ýatladyp, gylyjynyň dessesine elini ýetirip hökümli gepledi. – Goýuň, eý, doňuzlar, dawany. Ýogsam ikiňem häzir iki bölüp, Pendiň şagallaryna şam edýän sizi! – diýip talaply gepledi. Hangeldem, Mätegem depelerinde ýalaňaç gylyç ýalpyldap giden deý, şundan soň özleriniň çäkden çykyp barýandyklaryna dessine düşündiler. Talaba boýun bolmadyk ýagdaýlarynda Tagan zabunyň özlerini aýap goýmajagyna duran ýerlerinde kerçäýmeginiň hem daş däldigine düşündiler. Tagan zabun öz zabun lakamyny Daşhowuz bazarynda gurat mal eken diýdirmek üçin, çybyk bilen sygyr ýenjip, janaweriň süňňüne çiş ýöredip satyn alan adam däldi. Birazdan Tagan zabun özüne geň bolup görnen haýsydyr bir zady ýadyna salanlygyny mälim edip, çal murtuň astyndaky ýumlan dodagyny sähelçe göterip, alyn dişleriniň birkisini görkezip, bagşynyň ýüzüne öz aýtmakçy bolýan zadyna pikirdeşlik isleýän deý bolup seretdi: – Şu biz ýomutlaryň gadymdaky eneleriniň biri “it” bolanmyş diýýärler welin, şol dogry öýdýän. Bular, bir-birlerinden gep tapyşyp wagtal-wagtal şeýdip hyňranyşyberýärler – diýip söýünçli käýindi. Bagşy sakgalyny sypap, zabunyň öz berjek jogabyny nähili görjegini öňünden bilmek islän ýaly ýüzüne gönüläp gözläp, onuň gep saluwyna tap gözlemäge çalyşdy. – Düýnküde biziň Könede bir Hywada medrese bitirip, köp kitap dören bir bilimli ýaşuly bardy. Şonuň-a bir gezek: “Biziň ýomut adymyz nireden gelip çykdykan, näme manysy barkan?” diýlip, gürrüň çykanda ol: “Biziň halkyň bu ady türki kowumyň gadymky ut sözünden gelip çykandyr diýen çaklama-da bar. Ut diýmek bolsa, ot diýmek bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen onuň –uduň ýomuda öwrülen bolmagy gaty mümkindir. Görseň, birden-birden ot ýaly çabramamyzam bar-a biziň” diýerdi. Bagşy jogap hökmündäki sözüni tamamlanyna mähetdel Tagan zabun bagşydyr onuň töweregindäki adamlara ýüzlenip, olary gyssady. – Adamlar, azaşan bolsaňyz, indi siziňki getirdi. Hany ýükleriňizi uruň-da, düşüň yzyma. Göç ummadan çykmanka, ýeteliň tiz olaryň yzyndan. Tagan zabun azaşan topary tapyp, olara täzeden gop berensoň, at başyny dolap, uly göçüň yzyndan howlukdy. * * * Göç ýoly barha alyslara uzalyp, depelerden aşyp, çöl daragtlarynyň arasyny daraklap, jülgeleriň içi, ýapylaryň ýany bilen, çägelikleriň, düzlükleriň depesini syryp, giden milleti yzyna düşürip gidip barýar. Onuň depesine göteren çaň-tozy bulut bolup, asmana göterilipdir. Ýene bir salymdan görlüp-eşidilmedik äpet bir harasat gopup, ähli zady tozduryp, gabşyryşdyryp, dünýäni durşuna ahyrzamana öwrerli görünýär. Göç, mümkin boldugyndan ýol gazanmaga çytraşýan-da bolsa, töwerekdäki görnüşleriň birmeňzeşligindenmi nämemi, göç ýolbaşçylaryna adamlar haýal deprenýän ýaly bolup duýulýardy. Olaryň: “Adamlar, tizräk ýörejek bolalyň, gyssaň birneme ulaglary!” diýip, talaply geplemeklerine sebäp bolýardy. Şonda göçüň bady gamçy çalnan atyň bady ýaly birbada silkinýärdi. Bir menzil ýolda otly tüpeňlenensoň, indi howp-hatar öňküden has artmak bilendi. Göç barýanlygy baradaky habar ýetse, Sowetiň dek ýatmajagynyň, otlynyň atylmagy, eşegaryň ketini gorjalamak bolanlygy ýatlanylyp, ahmyr edilýärdi. Sowetleriň bir ýerlerde galan Annagurban ýumurtgaçydyr Ata kürti öňe salyp, ýol görkeziji edinip, yzdan kowup gelýänligi hem çen edilýärdi. Sowetleriň duýanlygynyň bolsa ujy iki däldi. Ötüp barýan otlusyny tüpeňlärsiň-de, Sowet duýmazmy? Bir eşegiň üstünde agtyklarynyň ikisi bilen syrtlaşyp münüp barýan garryja aýal, küýkeribräk, kiçisini gujaklap otyr. Onuň yzýany bilen, gapdallap, ulugyz bir eli düwünçekli dogumly ýöräp gelýär. Ol hiç ulagda ýer tapylmadyk torba salan goşuny bir-de sag elinde göterse, ýene bir-de sol goluna geçirýärdi, käte-de ony eginleriniň biriniň üstüne goýup, ýüküň ornuny çalşyp, mümkin boldugyndan, özüne ýeňillik döredip ýöreýärdi. Gyzyň ýüzi nuranady, onuň ala gözleri höwesli uçganaklaýardy. Ha, diýmän bir gowy ýere ýetiljegine ynanýana meňzeýärdi. Örülen uzyn saçlar bolsa, eýesiniň göwresiniň töwereginde biline çolanarly bolup, iki ýana owsun atýardy. Ýaňy-ýakynda eje-kakasy ony bir ýerlere ýerleşdirmegi niýet edibem ugrapdylar. Hatda ony soraglap, ýelden-ykdan gudaçylyga gelenler hem bolupdy. Olaryň birine aňyrsyny soraşyp-ideşensoňlar, “Hany, biz bir garyndaşlar bilenem bir geňeşeli, onsoň nesibäňizde bolsa, gudaçylyk açaýarys, gyzymyzy sizden gowa bereris öýdemzok” diýip, hoş sözem beripdiler. Şu döwürde gyza obalaryndaky daşkyrak garyndaşlaryna gelen ýigidi daşyndan görmek, ol syratly ýigit bilen duşuşmak, hoş arzuw beslemegem nesip edipdi. Emma şol arzuw edilen pursada gowuşmak nesip etmändi. “Maňlaýda ne bolsa, görülsin indi” diýleni bolupdy. Ýöne gyz ýigidiň hem häzir bir ýerlerden özi ýaly göç jemendesiniň biri bolup barýanlygyny ýatlap, bu ýerde bolmasa, Owganda onuň bilen tapyşyp, bir-birege gowuşma arzuw bilen göwün ýüwürdýärdi. Eşegiň syrtynda, mamasynyň guşagyndan ýapyşan ýedi-sekiz ýaşly başy tahýaly, ak köýnekli oglanjyk otyrdy. Ol häli-şindi ýaltaklap, yzdan gelýän gyza tarap gözleýärdi. Käte ýeňsesine gözläp, onuň bilen birki sözem alyşýardy. Onuň gyzyň ýüzüne çalym berip duran keşmeri, bularyň ýakyn adamlardygyny nygtaýardy. Olar hakykatdanam bir öýden ösüp, ers-mers bolşup gelýän iki dogandylar. Oglan wagtal-wagtalam doganyna ýoldaş bolmak isleýänini aýdyp, enesiniň ýüregine düşüp gelýärdi. – Ene, menem Tyllaň ýanyndan ýörejek! – Ýadarsyň, balam. – Tylla näme ýadanokmy? – Ol uly adam-a indi balam! – Bolanda näme? – Ulular seň ýalydan güýçli hem çydamly bolýar. Şol barmana oglanyň iňirdisi öňden owsary goşaryna salyp, düýe çekip barýan, bili ala guşak bilen köýnegini böküdiribräk guşanan orta ýaşan aýalyň, ýüregine düşen borly, ol ýeňsesine öwrülip, garry aýala ýüzlendi: – Goýberiň, enesi ony. Bu çaga ýagşylyk ýaraşmaz. Il-ä ony çagadyr, ýadamasyn-ýorulmasyn diýip ulaga mündürýär, bu bolsa... Ýagşylyk ýaraşmaz, goý düşesi gelse düşsün-de, bile ýöräbersin. Biraz ýöresin, hany onsoň, özi ýadadym diýmäýärmi!? – diýip dillendi. Enesi “Onda bizden galmaňda geliberiň!” diýensoň oglanjyk syrylyp eşegiň syrtyndan düşdi. Öz diýenini gögerdenine monça bolubam, çagalarça töweregine ýatlaklap, gözlerini şatlykly ýylpyldadyp hezil tapdy. Soňam doganynyň düwünçeginiň bir gapdalyndan tutdy-da, ýöräberdi bile gapdallaşdy-da. Gaty eşegiň syrtynda telim günläp oturmak halys ýadadan bolmaly-da ony. Göçüň içinde hamala bu zir-zowranlykdan hezillik tapýan ýaly ýol boýy ýylşaryp gelýän-de bardy. Ol eşegine ýükläp bilen ýüküni ýükläp gelýän Çary ýyrşdy. Onuň dogabitdi ýokarky dodagynyň burnunyň eteginde toplanyp durmagy, aşakysynyň bolsa ýandak syrjak düýäň erni ýaly, aşak salparyp durmagy ony hemişe ýylgyryp ýören keýpisaz edip görkezýärdi. Käte ýas-sadakada duşulanda nätanyşraklar onuň ýyrşarýanyny görüp, halamazlyk bilen: “Ýas ýerinde dagy munuň nämä böwregi bökýärkä?” diýip, ondan nägile bolýanlarda tapylardy. Käsi bolsa: “Erniňi ýygna-ow, halypa, toý ýerde oturaňog-a sen!” diýip, ýas ýeriniň edebini talap edýänler-de tapylardy. Çary şonda burnuna salybrak hüňürdärdi. – Meniň bolşum şeýle, how! Diňe ol şeýdip, dilini peltekledip, kejegip başyny silkip alansoň, onda ýyrşarma aýbyndan başga-da biraz kelle çaýkawlygynyň hem barlygy duýlardy. Ýogsam ata-enesi ondaky duýlan bu ýagdaýyň wagtynda öňüni almak üçin ol çagaka ellerinden gelenini edipdiler. Töwerekdäki tebip-işanlaryň ýanyna barylmadygy, öwlüýälere aýlanylmadygy galmandy. Emma ondaky bu ýagdaýlaryň öňüni almaga hiç zadyň nepi degmändi. Çary haçan görseň, Aý gören ýaly ýylgyryp ýören saňsarrak ýigit bolup ýetişipdi. Şeýdibem Hudaýyň ony hut şu görkde, şu durkda görmek islänligi belli bolupdy. Ene-ata hem ahyr-soňy bu ýagdaý bilen ylalaşmadan başga alaç galmandy. Çaryň üst-başy häzirem hemişekisi ýaly sallam-sajagrakdy. Ol ezenegi agyp duran köýnegiň üstünden sarygidenräk çäkmen geýip, onuň hem bir synyny biline çolap guşan guşagyna gysdyryp, özüçe ykjamlanyp, beýleki synyny topugynyň töwereginde ykjadyp, oňa çolaşarly bolup gelýärdi. Şol bolşunda howlukmajrak biraz aljyraňňam bolup barşy bilen töweregine baş ýaýkadyp: “Çary jan-da” diýdirýärdi. Ol eli ýarag tutan gorag aladalaryna gatylany üçin kemliräk görlüp, bu ýerde galdyrylyp, bu toplumyň arasy bilen barýan az sanly erkek adamlaryň biridi. * * * Annaguly han wagtal-wagtal töweregiň göbek bolup, seleňläp duran depeleriniň biriniň üstüne öz töweregi bilen peýda bolýardy-da, soňundan şol ýerde agyr goşuny deňinden ötürip, esewan bolup duran goşun serkerdesine öwrülip, töwerege pähimli ser salyp durardy. Şonda onuň ýanyna çapar atlylaryň biri gelse beýleki giderdi. Ol käte golaý-goltumdan geçip barýan toparlaryň ýolbaşçylaryny hem ýanyna çagyryp, ýagdaýlary soraşdyryp, olara degişli görkezmeler berişdirerdi. Bu ýagdaý Annaguly hany töwerekden gören adamlarda: “Hanyň özem biziň golaýymyzda eken” diýşip, arka tapynyşyp tamaly pikir etmeklerine sebäp bolýardy. Onuň depe üstünde töweregini synlap durşy özüniň ähmiýetine düşünip, iliniň derdine ýaraýanyna buýsanyp: “Nesip bolsa, sizi sag-aman ala dagdan aşyrap, ýetmeli menziliňize alyp bararyn” diýip, buýsançy ynama berlene meňzeýärdi. Adamlara öz barmaly menziline ýetjegine ynam döredýärdi. Annaguly han gidende hem gelendäkisi ýaly duýdansyz göterlip giderdi. Şonda ol hamala ganat ýaýyp, asmana gaýyp bolan ýaly birhili halatly duýgy dörederdi. * * * Ahmet Marçaga gidip, ol ýerde maşgalasyny göçürip gelmäge ýer peýläp gelen gününiň ertesi ýene-de ýolda iki düýe ýükli odundan gaýdyp gelýän Roza duşdy. Olar “obadaş-da, obadaş” bolşup gadyrly salamlaşdylar, oturyp naslaşyp, hal-ahwal soraşdylar. Rozy gürrüň arasynda soňky döwürlerde Jüneýit hanyň howlysynyň gelim-gidiminiň köpelip, onuň saklawynyň has güýçlenenligini, indi hatda özüniňem öýi hanyň toplumyndaky öýleriň biri bolansoň, oňa barmagyň hyllalla bolanlygyny biraz närazylyk bilen ýatlady. – Ýomutlar, jora, soňky döwürde bir gul-gula-ha düşdüler. Özlerem bir-birleriniň üstüne hörmeýşip, şeýle bir tiz gepleýäler welin, men-ä köplenç näme diýýänlerinem aňşyrman galýan şolaryň. Gepiň täzeden aýdylmagyny isläp, “Ä-ä” diýenimi hem duýman galýan. Rozy şu arada biraz dymyp, nämedir bir ýakymly zady ýatlaýanyny mälim edip ýylgyrdy. – Meniň toklujygymam, jora, dil çykaranda ýomutçalap: “Dätde” diýip çykardy-da. O-da tiz gepleýär, tüýs daýylary boljak... Oguljygydyr ýanýoldaşyny ýatlanda, onuň gep saluwyndan kalba ýakymly bolan buýsanç tolkunlary peýda bolýardy. Bu bolsa Rozynyň ol ýere ýetmäge howlugýandygyndan, özüni olaryň ýanynda duýanlygyndan habar berýärdi. Durmuşda haçan-da bir-birlerine hyrydarlykda bolan är-aýalyň söýgüsinden dörän çaga maşgala goşulanda şeýle lezzetli bolýar. Aýralyk mahalynda hem bu durmuşyň küýsegi-de uly bolýar. Ahmet hem Rozyň Marçak barada bir zatlar bilmegi isleýänligini bilýänligi üçin, ol hem öz sapary barada oňa käbir zatlary aýdyşdyrdy. Ahmet Hanuma barada ol ýerde bir zat bilip bolar diýen tamada bolanlygy hakynda bolsa dil ýarmady. Rozy alçaklyk bilen öz Soltany barada gürlände Ahmet Hanumany küýseg bilen göz öňüne getirip otyrdy. Rozynyň öz maşgalasy baradaky lezzetli gürrüňi Ahmediň hem maşgalasyny ýadyna saldy. Bir pursatda çagalary, onsoň gap böwürde haly teň ýatan aýaly göz öňüne geldi. Şeýle-de bolsa ol Rozy: “Seniň ýagdaýlaň nä tap, jora?” diýip, bilesigeljilik bilen Marçagyň ýagdaýy barada soransoň, Ahmedem Marçagy ýatlady. Bu döwür marçakly barly adamlaryň arasynda ýer-suw dawasynyň has ýitileşen mahalydy. Olaryň bir-birekden üstün çykmak üçin bärden baran baý türkmenleriň Owgan emeldarlaryna para baryny berşip, bir-birlerini “Ol bolşewigiň adamsy, ol şurawi kapyr!..” diýşip, ýamanlaşyp-ýyrtylyşyp masgara bolşup ýören günleridi. Şonuň üçinem iliň garyp-gasarynyň ýagdaýy “It görse, gözi agar” diýleni bolupdy. Ahmede häzir Marçadaky bu ýagdaýlary ýatlamak ony ýene bir gezek başdan geçiren ýaly diýseň ýakymsyz boldy. Ol: “Döwür diýeniň ýowuz boldy-da, ol adamlara aň edip, pikirini durlara hiç wagt berenok, ýaşaýşam bu barha gata tutup barşyna onuň soňunyň näme bilen gutarjagy-da belli däl. Al, çap, ur, gaç. Şumukan indi bizi halkymyzyň maňlaýyna ýazylan ykbal” diýip, gürrüňini nägile, lapykeçlige berlip gutardy. Rozy-da gürrüňi diňläp, bu meselede Ahmet bilen deň gopdy. – Biziňkileriňem agzy birigäýerdäm welin, Jüneýit han ýaly bir dogumly, zabun serkerde gerek-dä, il bir agza sereder ýaly. Ýomutda hansyz çöp başy gymyldaýan däldir görseň... – Şonuň üçinem olar baran ýerlerinde hem hemişe hormat-mertebe eýelerem-dä. “Agzybire Taňry bir, agzalany gaňrybir” diýilmänmi näme? – Gaty dogry aýdylan zat... Ildeşler nasyň humaryna berlişip, hersi öz pikirleri bilen bir pursadam bolsa ikiçäk galyşyp, alysdan jülgede oturan Hyrat şäherini synlaýan deý bolşup oturansoňlar, ýene-de birazdan öňki gürrüňlerine dolanyp geldiler. Rozy Watan küýsegine berlipdi, şonuň üçinem onuň derýanyň aňyrsy, bärsi hakynda ýene-de bir zatlar eşidesi, bilesi gelýärdi. Ol: – Hany, aňyrdan gelip, geçýänlerden bilýän zadyň ýokmy? –diýip, ýene-de goýlup gaýdylan ýurt barada bir zatlar bilmek isledi. Ahmet: –Gelen, giden-ä ýogam däl. Lebap boýundan gaýdan birki maşgala gelip, biziň obaň üsti bilen derýadan geçipdir. – Baý-ba, şondan gelip, şu taýdan geçmänlerinde ýer tapylmadymykan? – Kerki töwereginde täze hökümet serhedi berkidenmiş. – Şeýledir, ýogsam synsyraklap galyň bende şondan-şuňa geljekmi? – Bizden-ä ýakynda göçüp gelen ýok eken. – Aý, biziňkileň göçjegi eýýäm göçüp ýetişendir. – Nazar Gurt diýen biz obaly biri gelip, agasyndan habar alyp gidipdir –diýdiler, ýöne o-da gizlin gelip, görünmänem giden bolmaly, oba ýagdaýyny soraýjakdym, duşup bilmedim... Ahmetdir Rozy näme hakda gürrüňleşseler-de, olaryň aýlanyp-dolanyp, ýene ýurt baradaky gürrüňlere dolanyp gelýärdi. Küýseg duýulýardy. Rozy bolsa ýurt ýatlanan mahaly häli-şindi höwese berlip, Soltany düýesine mündürip, oguljygynam onuň gujagyna berip, niredesiň Erden obasy diýip, Watana gaýdyp gelýän tolgunduryjy pursady göz öňüne getirýärdi. Olar dünýä synçysy bolup, iç döküşip, hyýal-höwes tapyşyp oturdylar. Ildeşler bu dag gerşiniň üstünden Hyrat şäheriniň depesinden gözläp oturan Mussalla metjidiniň diňleri laňlap göterilen goluň ýumrugyna meňzäp, şäher depesinden indirerli bolup salgym atyp görünýärdi. Ildeşler ýene biraz seleňleşip, gürleşip oturansoňlar, bir-birlerine “Ýitme-de-ýitme” bolşup gadyrly hoşlaşdylar. * * * Ýolda göç tarapyndan tüpeňlenen otly baryp Mara ýetensoň, Tejen töwereginden örän uly adam toplumynyň ýüzüni Pendi baýyrlarydyr Sarahsa tarapa öwrüp, göçüp barýanlygy bilindi. Şeýdibem göçüň habary az wagtyň içinde erbet habaryň ganatly bolşy ýaly ýyldyrym tizleginde ýaýrady. Göçüň garşysyna alnyp barylmaly çärelere şundan soň garaşylmadyk tizlik bilen girişilip ugrady. Mary töwereginde göçüň öňüni almak üçin, gyssagly işler geçirilip ugraldy. Ýaragly goşun bölümleri jemlenip başlanyldy. Şol öwredäki goşun bölümlerine ýörite görkezmeli buýruklar ataryldy. Nädibem bolsa göçüň öňüni haýal etmezden tiz kesmek talap edildi. Bu “basmaçylyk” atlandyrylýan garpyşylyklydan ganly döwür başlanany bäri Sowetler özlerinden gaçyp sypmakçy bolýan adamlary, soňra serhet aňyrsyndan güýç toplap gelip, öz kastlaryna geljekdiklerini pikir edýärmi ýa-da bäsdeş daşary ýurtlaryň: “Sowet gurluşyndan gaçan adamlaryň müňlerçesi şu gün ýene-de serhetden geçdi” diýen gepinden çekinýärmi nämemi, bu ýagdaýy diýseň agyryly kabul edýärdi. Bu ýagdaýa dünýä öňünde Sowetleriň mertebesini peseldýän ýagdaý hökümünde garaýardy. Elbetde, özleri barada hemişe öwgüli gürrüňleriň bolmagyny isleýän we ähli alyp barýan işlerini gowulyk hasap edýän Sowet, partiýa ýolbaşçylaryna beýle kemsidiji sözler eşitmegiň ýeňil bolmajagy ikuçsuzdy. Munuň üçin bolsa, göç-ýaňy tutaşyp barýan ot bolup, ol ula ýazmanka onuň öňüni alyp, ys-kokuny çykarman güpbasdy etmek juda zerurdy… Tabşyryk alan Tejen otrýady ilkinji bolup, Ýolbarslydan Mary topragynyň aýaguçlaryna aralaşmak bilen, göç yzyny yzarlap ugran kowgy boldy. Çary Permanam raýkomyň wekili hökmünde bu ýerdäki ýolbaşçy adamlaryň biridi. Başynda ýyldyzly papagy bolmasa-da, ol-da harbylarça nyzamly geýnipdi. Ony esgerleriň arasynda kömelekledip, biraz del görkezýän burmalary seçelenip duran tüýüni aýrygsadyp ýetişmedik işşek goýnuň derisinden tikilen seleň telpegidi. Ol otrýadyň öňüni çekip barýan akýagyz, häli-şindi ýokarky murtly temegini aşaky dodagy bilen sypap alýan komandir Stepanow bilen atyny ýanaşyk sürüp barýardy. Şol gidip barşyna-da ol komandiriň mahal-mahal ýer ýagdaýlary barada berýän sowallaryna ýagdaýa belet ýerli adam hökmünde jogap gaýtarýardy. Çary Perman öňden barýan göç yzlarynyň ýaýraw alyp, Sarahs tarapa eňňit edýänini gören mahaly: “Bu zaluwatlar halky Sowetiň garaşmadyk ýerinden, Sarahs duşundan serhetden aşmakçy bolýandyrlar, şol ýerde Eýran Sarahsynyň obalaram ýakyn, olar serhede dykylyşybam otyrlaram-da” diýip, göçüň şol ýerden geçjegi barada pikir öwürdi. Otrýady Sarahsy nazarlap äkitdi. Otrýadyň yzy bilen garama-gara Annamyrat Potra ýorga ýabyly otrýada niýetlenen azyk-suwlukly üç-dört sany düýeden ybarat kiçeňräk kerweniň öňüni çekip, bir bölek atlysy bilen gelýärdi. Şeýle-de ol bu ýygyn içinde agasy Agdarhanyňam hem öz maşgalasy bilen barlygyny bilýärdi. Garpyşyk-ýeneki başlanmanka duşup, ony bir ýol bilen alyp galyp bolmazmykan?” diýip, häli-şindi böwrüni diňläp, alada berilýärdi. Sakgal-murtsuz at ýüzüni sypalap, öňden barýan at aýaklarynyň astyndan göterilen tozanyň biraz depede topbak tutuşyny synlap, içini hümledýärdi. Şol barmana depäniň üstünde bir süri maly töweregine pytradyp seleňläp oturan çopan göründi. Atlylary ýat görüp, itler ýerli-ýerden olaryň päliniň gowy däldigini duýşup, gapdaldan üýrüşip çykdylar. Aňyrdan çopan haýbat atyp, itlerini kowup gelen mahaly Çary sag elindäki gysymlap oturan gamçysynyň ujy bilen telpegini ýokary göterip, oňa ýüzlendi: – Mal kimiňki? – Mal-a, aga, şerekediňki – diýip, üstüne abanyp duran bir topar atlyny görüp, biraz howy basylan çopan sakawlabrak gepledi. – Süri eýesi baý, ýenekä däldir? – Ýok, aga, olaryňky bolar ýaly obada baý-molla galdymy näme? Bir topary göterilip gitdi bireýýäm ýurtdan çykyp, dag aşyp. Bir toparynam maşgalasy bilen sürgüne iberdiler. – Hä, sen näme gynandyňmy olaryň gidenine? – diýip, Çary Perman eýer üstüne egilibräk sorady. Içinden bolsa: “Bu çopan bir bada höwessizräk görnense-de, beýle ýüpe gurt serjek bolup ýören sada-ha meňzemeýär” diýip, onuň gep urşundan çen alyp, çopan ýigit barada oýlandy. – Aý, ýok, şu gidişine gitse, obada adam galar ýaly däl. – Bu haýsy şerekediň mallar onsoň? – Biziň şerekediňki! – Ady ýokmy onuň? – Ilkä kiçi aga diýerdiler, indem “Goşçy” diýilýär öýdýän… – Sen öň näme iş edýärdiň? – Orazmyrat işanyň sürüsini bakýardym. – Hany ol süri, işan äkitdimi ol goýunlary? – Ýok, gaýta onuň özüni maşgalasy bilen sürgüne ekitdiler. Malyny ol ondan öň kolhoz gurlan mahaly şoňa beripdi. Sowetler başymy agyrtmasyn – diýip. – Hak-heşdegiňi wagtynda berýämi-di? – Her aýyma uly goýun alsam ikini, tokly alsam üç-dörtden berýärdi. Maşgalamam ünsünden düşürmezdi. Aýalym, çagalarym onuň öýüniň ol, bi işlerine kömekleşip, şolardan iýip içýärdiler. Öýi hemişe gelim gidimli bolansoň, ol ýerde hyzmat hemişe ýeterlikdi. – Garyndaşyň zadyňmydy? Taryp edesiň gelip dur-la ony? – Tiräm-ä bir, salarlardan biz, ýöne taýpam ýalawaç. – Ýalawaç bolsaň aýt hany onda, göç gördüňmi? – Ýok, göç-ä göremok, göç biraz gündogardan gumy etekläp ýöräpdir. – Görmedik bolsaň, ony nireden bilýäň? – Näme bilmän. Şol töwerekde biziň suw içýän guýymyz bar-da. Görsek daş töweregi aýak-yzlar torç edilipdir. Guýy hem suwy alnyp taňkyradylyp gidilipdir. Suw täzeden ýygnanýança esli garaşmaly bolduk. Biz ol guýudan, şerekediň beýleki bir sürüsi bilen, herimiz bir gün gezekli-gezegine günaşymdan mallary suwa akýarys. Göç ol sürinem eteklerine dolap, özi bilen äkidipdir. Soň gördim-bildim, şaýat galmasyn diýen borly-da. – Görmedik bolsaň, sen muny nireden bilýäň? –diýip, Çary Perman has anyk jogap isläp, ýene-de talaply dillendi. – Beterem bilýän. Biz obanyň şura başlygy Orry uzyn iki sany adam bilen at gorduryşyp, düýn günortanlar şu ýerden geçip gitdi. Süriniň elden gideninem men şondan eşitdim – diýip, häli-şindi maňlaýynyň derini, donunyň syny bilen süpürip durşuna: “Hä, şony dagy bilmän näme?” diýen göterimräk bir hörpde duranlaryň ýüzüne göni gözläp aýtdy. Çopanyň jogabynyň öňden taýynlanan ýaly nagt bolmagy, üstesine-de akyl-huşy ýeter-ýetmeziňki ýaly onuň barha ersip gürlemegi Çary Permanyň biraz çetine degdi. Ol komandire ýüzlenip: – Gideliň, munuň çen-çakdan başga bilýän zady ýok! – diýip, çopanyň jogabyna pisindi oturman gürledi. Göç yzyny çalyp, çen-çak bilen howlugyp barýan Tejen otrýady şol kowgy bolup gelşine gün gijara heniz başy oňly bozulmadyk täze yzlaryň, ot ýakylyp oturylan ýerleriň üstünden geldi. Otrýad şundan soň göç yzyndan ýetmäge howlugýan-da bolsa, “Gijäniň haýryndan, gündiziň şeri” edip, garaňkyda görmän, göçüň ýeňsesini dolap barýan ýaragly güýje duşarys gorkusy bilen, gije şu ýerde düşlemegi niýet edindi. Öz aňtawçy adamlaryny ikiden-üçden töweregiň habaryny almaga atardy. Bathyzyň ýokarsynda bulutlar goýulaşýan ýaly bolup, şam-garaňky düşüp ugrapdy. Assa-ýuwaşdan şemalyň öwsüp ugramagy bilen, howanyň demgysdyryjy petişligi barha azalyp, Bathyz deresi guran-u-guramadyk çöl ot-çöpleriniň ýakymly ysy bilen dolýardy. Barha goýalýan gije özüne ýagarman bulutlardyr öýtdürip, tizden gübürdäp, ýyldyrym çakyp, onuň otly çybyklary emer-damar bolup, asmanyň ýüzünde peýda bolarly bolup görünýärdi. Şu pursatda güýz has garrap, öz ömrüniň aýak ujuna çykyp barýan ýaly gutulgysyz pikirleri başa getirýärdi. Iki esgeriň bir söm boýly rus esgeri bilen, geýen geýimi amanat ýaly sölpüträk görünýän türkmen düýeden pulemýoty düşürip durkalar, atyny idip, otlurak ýerde örklemäge olaryň gapdalyndan geçip barýan Çary Perman pulemýota höwes etdi. Türkmene ýüzlenip: – Dötde, inim şunuň atmasyny bir maňa-da öwret. – Aý, Çary, munuň näme öwrenmesi bar. Okuny bermäni oňarsaň bolany nyşana alyp gysybermeli. Ana, onsoň munuň öňünde döw dursun! - Dötde özüne sala düşenine monça bolup, salparyp aşak düşüp ugran balagyny çekdi. Soňam-ýeýýäm gapdalyndan geçip, özünden daşlaşyp barýan Çarynyň yzyndan seredip - sözüniň üstüne goşdy – Basmaçylary palaç ýatyran ýaly edýär-ow bi... Çary Perman atyny örkläp, komandiriň ýanyna dolanyp geldi we ony-da ýagdaýdan habarly etdi. Komandir diňe şundan soň birki ýerde esgerlerine ot ýakyp, nahar bişirmäge rugsat etdi. Çary Perman komandir bilen nahar edinip, çaý içdi. Olar göçüň nähiliräk hereket edýänligine çen urşup gepleşip otyrdylar. Garaňky içinde Çarynyň ala gözleri suw üstüne düşen ýyldyz şöhlesi bolup, ýylpyldap gidýärdi. Töwerek ýene-de özüne mahsus asudalyk tapyndy, howa arassady, ýöne wagty bilen şeýle pursatda eşidilýän, şagaldyr möjek, ýeneki haýwan sesleri eşidilmeýärdi. göç olaram hamala özüne gatyp, sürüp gidiberen ýaly duýulardy. | |
|
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |