14:34 Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy | |
* * * Göç Ahal ýerlerinden daşlaşyp, Pendi topragyna barha içgin aralaşýardy. Öňde güýzüň gelmegi bilen biraz depesiniň ot-çöpi egsilip, ýalaňaçlanyp ugran ümbilmez meýdan giňlik bolup ýaýylyp ýatyr. Çerkez, sazak, sözen ýaly köp ýyllyk pürli ösümlikleriň indi ähli pür-pudagy ýetişip, töweregiň bu byrsydyrgynlygyna özleriçe görk berýärdiler. Ýaşyl kürtä çolanyp oturan gelinleri ýada salýardylar. Muňa seretmezden, töweregiň indi bireýýämden bäri özüni güýze sanyp otyranlygy welin mese-mälimdi. Eýýäm birdir-ikidir göçüň öňünden çykyp, barha töwerekde köpelişip ugran pisse agaçlary, öz syçangulak saralyp-güýzän ýapraklaryny töweregine seçeläp, öz töwereklerinde aýmança depejikleri döredipdiler. Indi esli wagtdan bäri baslygyp, dymyljap ýatany üçin ol depejikleriň ýokarsyna goýras çüýrüntgi ysy göterilýärdi. Alysdan depä çykanyňda, Bathyzyň aşak eteginden Sarahs tarapa syrt atyp ýatan Gyzylgaty belentliginiň gerişleriniň kä ýeri gyzgylt öwsüp, salgym atyp görünýärdi. Indi türkmeniň Bathyz ady bilen gugaryp oturan çöllüginiň ulgamlary başlanypdy. Häzir onuň sypaty şol ýaz ot-çöpleriň, gyzylly gökli meýdan gülleriniň mekanyna öwrülip, hemişe şeýdip beglenip-beslenip oturjagyna ynandyrýan Pendi çöli diýseň ynanar ýaly däldi. Ýaz möwsümini üstünden geçirensoň, ol indi öz üstüniň ýapynjasyny çalşyp, gojalyp, lagar düşen ýaly gitdigiň saýy ýokary göterilip, barha beýgelýän baýyr-depeleriniň kükregine gysmyjyrap oturan ümsümlige öwrülipdi. Tomsuň gyzgyn howry Bathyzyň alar ýaly ýeriniň nemini alyp, ony gaty talaň düşen ýerleriň birine öwrüpdi. Hemişe bu öwrelerde gazan hinlerinden çykaran gum depejiginiň gapdalynda hile bir iş eden ýaly temeklerini talawladyşyp, sykylyk atyşyp oturýan alakalar, emedekleşip, müňňüldä öwrülişip gezýän mör-möjejikler, ýer bagyrtlaşyp, gorkan ýerlerinde “Sen ne azarym” diýip, guýruklaryny galdyryşyp, ibirtde-zibirt bolşup gezýän suwluganlar, öz-özünden ýel alyp, nämä kejigenligi hem köp halatda bellä bolmaýan zemzenleriň, çölüň daşyna ýüp aýlaýana meňzäp, süýnüp-sarkyp gezýän ýylanlaryň mesgenine öwrülerdi. Olar göçüň gelýänligini ysyndan-kokundan eýýäm allowarradan duýan bolmaly, çölüň şol bol mör-möjejiklerem baram bolsa, häzir juda seýrek görünýärler. Bathyzyň kaňkap ýören şagaldyr tilkisi, syrtlandyr möjegi öňem gündizlerine şeýle bir görnübem barýan däldirem welin, häzir olaram hemişe adamlardan oýtarlap gaçyp gezýän keýikler ýaly, bir ýere çekilipdiler. Bathyzyň belli maly gulanlar welin bir-ikem däl, telim ýerde göç adamlaryna gabat geldiler. Olar aýakgaldyrsyz pyýada adamlara: “Wah, şulary bir tutup, münüp bolaýsa” diýip, arzuw etmeklerine sebäp bolýardylar. Golaýlaşyberseň olar ala güpürdi bolşup, tutdurman hyzzyllaşyp gaçyp giderdiler. Meýdan doňuzlarynyň hem bu öwrede az däldigi çen edilse-de, olar göç adamlaryna diňe bir gezek gabat geldiler. Şonda olaryň bir bölegi ýazda çeşme bolup, Ýeroýulana guýan akarlaryň biriniň döreden şorunyň batgalygynda läbige bulanyşyp ýatyrdylar. Çöl çöl bolýar, ol islän ýeriňden suwdur malyň üçin otdur-çöp ýaly höregiň tapylyp duran ýeri däl. Ýazda üstüni bol ot-çöpüne basdyryp ýiten ýol-ýodalaram indi ýene-de bir ondan çykýandyrlar, birem mundan, ýöne haýsynyň nirelerden baryp çykjagy welin belli däldir. Gijöýlänler ýene-de Bathyz şemaly öwsüp, bu gerimdäki ähli zatlaryň: ot-çöpleriň, tebsiräp jaýrylan ýapylaryň, çüýrüntgiler baslygan çöketlikleriň ys-koklaryny öz demine gatyp, ondan güllerden boglan çemen ysyna meňzeş üýtgeşik bir müşk ýasap, äleme paýlap ugrady. Ol ys zyr-zowran bolup barýan millete öz lezzetli ýakymlylygy, bilen Watan müşgi bolup duýulýardy. Olaryň Watan bilen hoşlaşyk duýgusyna joş berýärdi. Bu müşk gün gijigip, serginlik aralaşdygyça adamlara şu zatlary galdyryp, Watan gujagyndan çykyp barýandyklaryny ýatladyp, has hoşroý, hasam mähriban kükeýän ýalydy. Bu adamlaryň soňky bir gezek Watan bilen özboluşly hoşlaşyk pursady boldy. Ýöreldigiçe suw ýetmezçiligi barha ýiti duýlup ugrapdy. Janly-jandaryň suwly ýaplarynyň, derýa-kölüniň töwereginden aýrylarlygy barmy? Aýryldygam öňküje halyňy tapyp bolanok. Janlynyň jany suw bilen diýleni-dä. Teşnelige dözümli düýeler suwsuzlyga belli bir derejede çydasa-da, badyny suwdan alyp ýören atlar welin beýle däldiler. Olar kelte duşalan ýaly duran ýerlerini depgileşip, ädim ädesi gelmeýärdi. Eşekleriň ýagdaýyna bolsa hemişekiler ýaly “Aý, gaty eşekdir-dä” diýdirip, oňly üns hem berilmeýärdi. Suwsuzlyk hemmelere dert bolup: “Eje, suw işjek”, “Meşik boşap barýar”, “Suwuňyz bolsa, bize-de bir owurt beriň!” diýen ýaly gürrüňler göç arasynda barha köpelip ugrapdy. Onlarça ýyllap türkmen degresiniň çölüni-dagyny goýman, möjek ýaşaýşyny edip gezen Annaguly han Bathyz töweregine-de belli bir derejede beletdi. Onda süýji suwly guýularyň ýetikdigini hem bilýärdi. Injirlide, Çemenebit ilersinde çeşme suwunyň böreň-böreň akyp ýatan ýerleri-de bardy. Suwlulyk, esasynam, Bathyzyň günorta-gündogardaky, bölegine mahsusdy. Ýöne oňa ýetmek üçin ýene-de azyndan iki-üç gün ýol ýöremelidi. Bu ýerler, esasynam, guýy suwlarydyr ýylyň belli bir döwründe emele gelýän kak suwy bilen oňňut edilýän ýerlerdi. Galyberse-de, guýularyň suwlary-da birsydyrgyn süýji suwly hem däldi. Suwy ajy kakýan guýularam ýeterlik bardy. Beýle guýulardan, esasynam, suwy oňly dannap durmaýan mal-garalar suwarylardy. Ýöne Annaguly han bu guýularyň öz ýanyndan hasabyny ýöredip, biraz kynçylyk bolsa-da, olaryň suwlaryny tygşytly ulanyp bolsa, onuň halka günemmalyk boljagyny tama edýärdi. Göç ýolbaşçylaryndan bar bolan guýy suwlaryny juda tygşytly ulanmagy talap edýärdi. Häzir onuň wagty bilen millete gonalga bermän alyp barmagynyň ýene bir sebäbi-de şudy. Onuň göçi bu suwy teň ýerden tizräk geçirip, aňyrrak aşyrasy gelýärdi. Annaguly han ýeňil bolmasa-da, agyr mähelläni öz islegine görä çalt hem galdyryp-gaçyrman ýöretmäge çalyşýardy. Haçanda göçe nobatdaky düşelgä rugsat edilen mahalynda Annaguly hanyň töwereginiň besmeçilik edip ýören adamlary göçüň günorta-gündogar gapdalyndaky, seleňläp oturmak üçin üsti ýazgyn depeleriň birini saýladylar. Pessaý agşam şemaly ösüp durdy. Adamlaryň kalbynda dünýä rahatlyk aralaşyp, öz kaddyna gelip ugran ýaly duýgy döreýärdi. Annaguly hanyň düşlänine uzak wagt geçmänkä Tagan zabun hem öz töwereginiň adamlary bilen gelip atdan düşdi. Oňa işany bilen mertebeläp, haly düşegiň üstünde ýer berdiler. Ha, diýmänem eller ýuwdurylyp, orta nahar çekildi. Tagan zabun ýene Annaguly han bilen tabakdaş boldy. Ol başga wagt köplenç öz töweregi bilen ýomut göçüniň töweregräginde Annaguly hanyň tabşyryşy ýaly, onuň sözüni özüne ýörelge edinip hereket edýärdi. Owgandan ildeşleriň yzyndan gaýtmaly bolanda Jüneýit han oňa bu işi ynanyp: “Inim, Annaguly han bilen maslahatlaşyp ýöribergin, ol ýer-ýurduň ýagdaýyna, iliň talap-borjuna belet adamdyr. Gerek ýerinde il bähbidini arap, onuň arkasyny alyp, duşman bilen garpyşmada hem özüni tanadan pylankesdir, serdardyr, il ynamyny gazanan oguldyr. Göwni ýetmese halk: “Bizi gelip alyp gitsin” diýip, her kimiň yzyndan adam iberýän däldir” diýip, oňa özüniňem göwnüniň ýetip hormatlaýanyny mälim edip ýörite sargapdy. Bu ýerde her gezek nahardan soň, göçüň ýagdaýy barada maslahatlaşylyp, öňdäki guýulardyr çeşme-şorlaryň suwuny tygşytly, isripsiz ulanmak, ýagynyň köw salaýjak taraplary, şondaky ilkinji edilmeli goranyş işleri, çen bilen göçüň indiki baryp düşlejek ýeriniň töweregindäki otdur-suw bilen bagly bolup biläýjek meselele barada gürrüňler edilerdi. Annaguly han bu gün günortanyň öň ýanlarynda yzly-yzyna iki sany gyssagly habary eşidipdi. Gyssagly bolşy ýaly habarlaryň ikisi-de ýakymsyzdy. Olaryň birinjisi Tejenden kowgy gaýdanlygyny habar berse, ikinjisi mundan bir günlük ýolda Mary tarapdan bir bölek atlynyň gelýänligini habar berýärdi. Bu bolsa Sowetleriň ýerli-ýerden göçüň kastyna çykanlygyny görkezýärdi. Şonuň üçinem, adamlaryň ýadap-ýorulanyny bilse-de, ýamandan ýaý boýy etmek aladasy bilen, Annaguly han göçe wagty bilen dynç almaga gonalga bermändi. Özi-de ol uzakly gün ýagynyň ýüz beräýjek ýerlerinde aýlanyp gezipdi. Göçüň gorag meseleleri bilen bagly çäreleri geçiripdi. Bäpbäniň gapdal gorawda barýan toparyny duşman bilen garnyşylanda kem oturmasyn diýen pikir bilen, ony Tejen, Sarahs göçüniň arkasyna geçiripdi. Agdarhan Potrany Mary tarapyndan geljek duşman bilen döwüşmeli ikinji bir topara ýolbaşçy goýupdy. Onuň toplumyny Dolak serdar ýaly ömrüni alaman-uruşda geçiren, içinden ýalyn geçen serdarlaryň topary bilen berkidipdi. Habar gatnadyjy çaparlara şundan soň: nähili habarlygyna nirededigine seretmezden, ony hana ýetirmäge borçly edilipdiler. Üçünji howsalaly habar bolsa hana töweregi bilen nahary ýaňy öňüne alan wagty geldi. Hanyň töweregini goraýan janpenalarynyň biri geleni atdan düşürip, onuň habaryny alsa-da, nahar wagty hanyň ynjalygyny bolmazlyk üçin gelen habary bada-bat oňa ýetirmäge gyssanmady. Habar getirene sorag berip, ondan özi üçin ýene birnäçe zady anyklap durdy. – Magşar keliň alyp barýan göç toparynyň öňünde Sowetiň adamlary peýda bolupdyr-da onda? – Şol-a şeýle. Göçüň öňi guýuly oýa inip ugran mahaly, olar pilmutdan ot açyp ugradylar, garaşyp ýatan bolsalar näme. – Öňden gidýän gözegçiler görmänmi olary? – Gizlenen borly, olar geçende beýle zat görmändirler. Magşar kel näme şolaryň hötdesinden gelip bilmedimi? – Aý, olaň pilmuty bar-a. Görneniňi palaç ýatyran ýaly edýär ol how... – Beý, olar nädip beýdip görünmän, içe aralaşyp bildilerkän? – Aý, men nä biläýin. Hany habarly et diýdiler, gaýtdym atymy ýüzin salyp. Nahardan soň çaý başynda Annaguly han ýene-de öz töweregi bilen, göç hereketleriniň ýagdaýyny anyklamak bilen, indiki edilmeli hereketleri maslahatlaşyp başlady. Emma soňkly gelen gyssagly habar serddarlary ine-gana maslahatlaşmaga goýmady. Hemmeleriň kalbyna garaşylmadyk ynjalyksyzlyk aralaşdy. Annaguly han nireden ýaga garaşsa-da, olaryň beýle alkymdan çykyp biljegine garaşmandy. Bu mahala çenli eýýäm dünýäniň töweregini gaban gijäniň garaňkysy gaplapdy. Bathyzyň ýokarsynda ikiden-üçden peýda bolşup ugran ýyldyzlaram sanyny artdyryp, hezillige heşelle kakýan ýaly, barha köpelýärdi. Hemişe güýzüň ahyrlaryna altyn arabanyň sypan tekerine meňzäp tigirlenip gezýän Aý hem indi ha, diýmän asmanda peýda bolmalydy. Gije her gezek şeýdip dünýä depesine Aý-ýyldyzlaryny göterende ol kejebä, onuň gujagyndaky zatlar bolsa, şol gelnalja gelen toý kejebesiniň ýolagçylaryna öwrülerdiler. Annaguly han guýyny duşman elinden almaga töweregindäki serdarlaryň birine “Bar, sen şol plimutyň bir ýol bilen sesini gapdyr!” diýäýmeli ýaly hem bolsa onuň atlanyp özi gidermen boldy. Guýynyň alnanyny öz gözi bilen görmese, ynjalmajagyna düşündi. – Ýagy beýle alkymlan bolsa, onda ol ýerde mesele kiçi-girim däldir, özüm gitmesem bolmaz – diýdi. Han atlanansoň, Tagan zabunyňam ondan galasy gelmedi. Töweregi bilen atlanyp, han bilen jylaw deňläp, ýagyň üstüne depdi. Annaguly han aňyrda göçüň uly bir böleginiň garamatynyň Tagan zabunyň egnindeligini ýatlap: – Tagan batyr, seniň öz alyp barýan göç toplumyň ýanynda bolmagyň gerek! – diýip, ony raýyndan gaýtaryp, öz öňüne düşüp barýan göçüniň ýanyna ugratmakçy boldy. Emma Tagan zabun: – Ýagy ýylandyr. Ýüz beren ýerinde ähli güýç bilen onuň kellesini ýençmelidir. Şony alyp ýatanmyzy görmesem, gitsemem men, ynjalyp bilmerin, han, näme bolsak, bile bolaly. Bolsa bolubersiň, Sowetiň plemuty, biz ony bu gün görmeli däl– diýdi-de, Tagan zabun özüniň galma meýliniň ýoklugyny mälim edip, Annaguly hanyň atynyň yzy bilen atyny debsiläberdi. Olar göç toparlarynyň arasy bilen atlaryny gyssanmaç sürüp gitdiler. * * * Annaguly han töwereginiň bäş-alty atlysy bilen Türkmenistana, ol ýerden gaýtmakçy bolýan halkyň yzyndan ýumşa gidensoň, Jüneýit hanyňam bir gulagy şol tarapa boldy. Ol Annaguly hanyň sag-aman serhetden geçip, Tejen aýagyna aşmagyny dileg edip, onuň şol ýerdäki alyp barjak işlerini özüçe pikirine getirýärdi. Haçanda birnäçe günden Ýolbarslydyr Orta guýy, Ajyguýy töwereginiň bosgunlarynyň göterilip, ýüzlerini Owgana tutup, Guşga tarap ýola düşenliginiň habary ýetip gelen mahaly bu handa kanagatlanmak duýgusyny döretmek bilen birlikde aladasyny hem artdyrypdy. Indiki mesele ol halky sag-aman serhetden geçirip almakdy. Bu babatda han ähli ýagdaýlary bir-birleri bilen deňeşdirip, göçüň öňünden çykyp, ony serhetde garşylamagyň, serhet golaýynda göç bilen Sowet güýçleri çaknyşan mahalynda aňyrlygyna ötüp, olara hemaýat etmegiň hem aladasyny edip ýördi. Kepderhan obasyna indi çaparlaryň biri gitse, biri gelýärdi. Göçi duşman pejesinden sypdyrmaga kömek etmäge gidýänlere ilki hanyň özi ata çykyp, baş bolmakçydy. Emma özi ata çyksa, munuň duşmanlar tarapyndan bilnip: “Orta Aziýa halas ediş” goşunlarynyň herekete geçmegi hökmünde kabul edilip, wagtyndan öň uly garşylygy özüňe garşy goýmak boljagyna düşündi. Şonuň üçinem ol serhede kömege gidýän toparlara, öz ogly Eşşini baş edip belledi. Jüneýit han esasynam Annaguly hanyň başarjaňlygyna, tutanýerlilik bilen etjek akylly-başly hereketlerine bil baglaýardy. Bu işiň ýeňil iş däldigini, onda-da häzirki Sowetiň barha berkeýän döwründe Annaguly han heniz ugramanka, ol munuň pikirini edipdi. Onuň ol ýerde dara-direlikde aýgytly herekete dagy geçmeli bolaýsa, gerek bolar diýip, öz ynamdar adamlarynyň biri, köp çaknyşyklardan abraý bilen başyny alyp çykan Tagan zabuny goşupdy. Tagan zabun 1928-nji ýylda Jüneýit han Eýrana gyssagly aşylanda, maşgalasy şol ýerde galanlaryň biridi. Şonuň üçünem bu sapar Tagan zabunyň hem-ä hossar çykyp, öz maşgalasynyň yzyndan bardygy hemem maşgalanyň öz diri ýitigi bilen duşuşmagy il bähbitli işiň han tarapyndan bir tarapynda duruldygy boljakdy. Jüneýit han göçe kömek berdirmäge ugratjak ähli güýçlerini böleklere bölüp, kän göze ilip ýörmezden ümsüm-kümsüm hereket ýetmegi tabşyrdy. Onuň pikiriçe aňyrdan gelýän göç möçberi uly bolansoň, olar esasanam geçelge hökmünde öňden bilinýän gözöňüne tutulýan iki ýer bolup, şondanam geçmelidiler. Olaryň biri Guşgynyň demirgazyk günbataryndaky Owgan gädik-diýlip bilinýän ýer bolsa, ýene birisi Guşgynyň golaýyndaky Akrap çeşmäniň töweregidi. Eşşi han ýola ugramagynyň öňüsyrasynda, ol öwrä belet ýolbelediň gerek boljak gabylrak adamyň pikirini edende, onuň ýadyna düşen adamlarynyň biri Ahmet bolupdy. Jüneýit han Marçakdan raýdaşlyk bildirip gelenleriň arasynda Akynýaz baýyň hem barlygyny eşidip, onuň bilen aýratyn söhbetdeş bolmaga isleg bildirip, ony ýolundan alyp galypdy. Ahmet hem şonda olaryň duşuşygynyň soňuna çenli, soňra ýoldaş bolmak üçin, şol töwerekde galan onuň iki ýoldaşynyň biridi. Jüneýit handyr Akynýaz baýyň tanyşlygy bu günüň, golaý düýnüň tanyşlygy däldi. Akynýaz baý Jüneýit hana haçanda ol 1916-njy ýylda general Galkin bilen garpyşyp, Owgana çekilen döwürleri – ondan-oňa synsyrap ýörkä duşupdy. Jüneýit han bir gezek Söýünala myhmançylyga baranda, Gully emin olary öz öýünde tanyşdyrypdy. Her gezek Jüneýit han derýadan geçip, serhetden aşyp, öz aňtawyna çykarylan adamlaryň hem ýok däldigini bilýänligi üçin, olaryň gözüne ilmez ýaly, ýüzüni gijelige tutup, ümsüm-kümsüm, it görmesinem, üýrmesinem edip, töwereginiň az sanly adamlary bilen gelip giderdi. Uzakly gije myhmançylykda Gully eminiň hatyralap ýazan saçagynyň başynda onuň bilen küýsegli söhbetdeşlikde bolup, şol günüň ertesem ýene-de säher-säherler töweregi bilen atlanyp, gelşi ýaly-da duýdansyzam göterilip giderdi. Jüneýit han bu ýerde diňe Gully emin bilen söhbetdeş bolardy. Şonuň üçin hem oňa ilki başda Akynýaz baýy öz gürrüňçiliklerinde görende, ol bu ýerde artygrak ýaly hem bolup görnüpdi. Ýöne onuň Ýolöten pristrawlygynyň işgäridigi belli bolup, haçanda ol dünýä ýagdaýlaryny, öz halkynyň ýagdaýlary bilen baglap gürlän mahaly, Gully eminiň ýurduň ýagdaýyny onuň eýeleriniň arasynda gezip ýören, belet adamdan hana eşitdiresi gelenligi belli bolupdy. Gully eminiň onsuzam ol her kesi özleri bilen tabakdaş etmejegini bilýärdi. Şeýle-de Gully eminiň: “Pelek işidir, han, bilip bolmaz, biziň illere düşüp gelseň, men ýogam bolsam, meniň ornuny tutjak adam bardyr, men seni ol adam bilen duşurýan!” diýdigi bolupdy. Hoşlaşanlarynda olar bir-birleri bilen pikirde bolşup hoşlaşypdylar. Jüneýit hanyň raýdaşlyk bildirmäge gelenleriň arasynda Akynýaz baýyň hem barlygyny eşiden mahalynda Soýnalydaky şol myhmançylyk onuň ýadyna düşüpdi. Onuň bilen didarlaşyp, öten-geçen, il-ýurt barada gürleşip oturmak isläpdi. Ol Akynýaz baýyň, Sowetiň ynamdar adamsy, Kerkide degerli hojaýyn bolup, ýörenligini hem eşidipdi. Ine, indem görüp otursa, o-da bu ýerlerde, ýurda sygman çykanlaryň biri bolup ýör. Eşşi şonda dädesiniň soňky döwürde duşýan adamlary bilen juda olary seljerip duşýanlygyny bilýänligi üçin, onuň atlanyp ugrap barýan ýöne bir adaty tanyş adamy ýolundan alyp galmanlygyna düşünipdi. Eşşi Ahmediň Owganyň bir ýerlerinde barlygyndan çen bilen habarly bolsa-da, ony anyk nireden gözlejegini bilmeýärdi. Ýöne ony Hojam hanyň adamlarynyň arasyndan tapyp boljagyny welin öz ýanyndan çen edýärdi. Emma Ahmediň gereklenilýänini eşidip, garaşylmadyk ýagdaýda onuň bilen ýakynda duşuşan Rozy Eşşi hana onuň anyk salgyny beripdi. Şeýlelik bilenem Ahmet çen edilýän ýerinden däl-de, Jüneýit hanyň uly ýörişine garaşyp, Hyrat öwresini ýassanyp ýatanlaryň ýene-de birisi Gurban gyzyldişiň toparynyň arasyndan tapylmalydy. Gurban gyzyldiş Türkmenistanda ýol saklap, kerwen oljalap gezen galtaman hökmünde öňden bellidi. Ol ymykly yzyna düşülensoň, ýakynda Sowet esgerleri bilen gyrlyşyp, Owgana özüni atypdy. Gelşi ýaly-da köneden tanyşlygy bolansoň, Jüneýit hany tapyp, onuň huzuryna barypdy: – Han aga, men-ä gelendirin! – diýip, oňa habaryny beripdi. Hanam oňa: – Gelen bolsaň gowy edipsiň, adamlaryň bilen golaýraklarda ýerleşip, gulakdaşrak boluber, serdar! – diýipdi. Ahmedem Hyradyň eteginde Gurban gyzyldiş bilen ildeş-meslekdeş bolany üçin indi köplenç şonuň töwereginde bolýardy. Ol muny ýolda gabatlaşanlarynda gepden gep çykyp, Roza hem salgyny berippdi. Şonuň üçinem Ahmedi tapmak kyn bolmandy. Gurban gyzyldiş Jüneýit han bilen köneden tanyşdy. Çölde galtamanlyk edip ýören Gurban gyzyldiş bir gezek tilki kowalap, ýolbarsyň üstünden baran möjegiň gününe düşüpdi. Ol bir gezek orta çölde tanaman-bilmän, Jüneýit hanyň kerwenini oljalapdy. Onuň Jüneýit hana tagallyk ýükleri alyp barýanlygyny bilenden soň bolsa: “Kerwen han agaňky bolýan bolsa, onuň bitiniň burny ganamasyn” diýip, hanyň mertebesine dokunypdy. Kerweniň daşyny özi goraglap, oňa Jüneýit hanyň soraýan öwresine aşmagyna hemaýat edipdi. Birazdanam onuň bilen gyzyklanyp, Jüneýit han ýörite adamlaryň üsti bilen ony öz huzuryna çagyrdypdy. Ol günler hanyň mümkin bolan güýçleri jemläp Dörtgüli almagyň ugruna çykyp ýören günleridi. Şonda Gurban gyzyldişem hana atly bolmaga, onuň bilen Dörtgüli basyp almaga döwtalap bolupdy. Şol günlerden handyr Gurban gyzyldiş arasynda bolan bir henekli gürrüňem Eşşiniň ýadynda galypdy. Şonda Jüneýit han Gurban gyzyldişiň aýallaryňky ýaly gyrasy gyzyl parawuz bezegli balagyna, ujy gotazly uçguryna ünsi düşüp, oňa geň galypdy. – Batyr, seniň ol gotazly uçguryň, parawuzly balagyň näme? – diýip, bu birhili özüne gelşiksiz görnen ýagdaý barada, “Beýle bezeg-beýlekini bizde aýal-gyzlar edýär. Ol bezegi aýal-ýenekiler edýän ýalydy-la, ýene çalşyp, aýal tammalyny geýip gaýdan bolma, zaluwat” diýen äheňde ondan sorapdy. Şonda jyn ýaly eserdeň zaňňar, hanyň ýarym ýaňsy, ýarym degişme bilen niräni çaňydýanyna dessine düşünipdi hem bada-bat yňdyrmalyk bilen onuň soragynyň jogabyny duran ýerinde nagt edipdi. – Han aga, sizler-ä baýtaly bezeýärsiňiz, bizem aty – diýip, oňa türkmen taýpalarynyň adamlarynyň hersiniň özüçeräk geýinýändigini ýatladypdy. Şonda soragynyň jogabynyň elin alan Jüneýit hana: “Hä, eýle bolsa, bolýar onda” diýip, ylalaşaýmakdan başga alaç galmandy. Ýöne Eşşi serdar Gurban gyzyldişiň Pendä beletligini bilse-de, Ahmetden başga onuň töwereginiň adamlaryny özüne ýoldaş edinmäge döwtalap bolmady. Töwerekde Sowetiňem göz-gulagynyň ýetikliginden habarly Eşşi han Guşgyny niýetläp atlansa-da, bada-bat ol tarapa at başyny gönükdirmäge gyssanmady. Adamlaryny kiçiräk-kiçiräk toparlara bölüp, olara nähiliräk hereket etmelidigini düşündirip ýola saldy. Onuň özi-de şol günüň ertesi Kepderhandan çykyp, at başyny ilerligine aldy-da, ýurt içinde bir ýere barýandan bolup, aýlawlyrak ýola düşdi. Atlylar diňe Hyrady gapdalda galdyryp, onuň daşyndan aýlanyp geçensoňlar, garaňkyny ýagşy gatlyşdyryp, at başlaryny demirgazyk-gündogara öwürdiler. Atlar şundan soň hamala Watana barylýanyny syzan ýaly jylaw çeýneşip, dyzanyşyp, öňkülerinden has ýeňil gopuşyp ugradylar. “Jüneýit han bir hyýala münüpdir, demirgazyk Owganystana goşun çekip ugrapdyr…” diýdirmezlik üçin, şeýleräk öwrümli hereketler, duşmana yrsaramaga mümkinçilik bermezlik üçin hökmandy. Topar şol günüň ertesem derýa boýuna ýetip, onuň boýuny syryp, amat arap, wagtal-wagtal ýolda düşläp, çaýlap-suwlap gitmegi niýet edindi. Murgap derýasy bilen duşuşmak hemişeki bolşy ýaly, ýene-de ýakymly boldy. Derýanyň akymy bu ýerde kak ýaly burlup, towlam-towlam bolup akýardy. Şeýle-de alys bir ýerlere sapara gidip, indem Watana golaýlaşanyny görüp, adamda tolgunmadan döreýän galpylda meňzeş duýgy derýanyň süňňünde-de bar ýaly duýulýardy. Her gezek Ahmet duşman-duşman, Murgap bilen duşanda Söýünalyny, öýüni, dogan-garyndaşlaryny küýsäp ýatlardy. Öýüdir çagalary, Akgülüň tapynan derdiniň barha erbetleşip barýan ýagdaýy, eýesiz çagalaryna ýaşaýşyň ýeňil düşmeýänligi baradaky pikirler bilen, hemişe onuň aňynyň bir ýerlerinde küle gömlüp ýatan köze ýeten deý köräp, derdini ölçärdi. Çagalaryň duýgur bolýanyny, olaryň ejeleriniň gün-günden horlanyp mejaldan gaçyp barýanyny görüp, howatyrlanyşyp, nätjeklerini bilmän gözlerini tegeleşip, hossar isläp, özüni gözläp, töwereklerine seredişýändiklerini aňlaýardy. Akgüle bir zat bolsa, çagalaryň başga gapylarda synsyramaly boljakdyklaryny kalbynda hasrat münderläp ýatlaýardy. Gül ýaly maşgala hemmeleriň gözüniň alnynda horlanyp, barha mejaldan gaçyp gurap, gutaryp barýardy. Soňky iki-üç aýdan bäri bolsa onuň Jemal mamanyň sygrynyň süýt-gatygyndan başga zat bokurdagyndan geçmeýärdi. Bende kyn güne galyp kösenip ýaşaýardy. Agyr dert diýseň ony erbet horlapdy. Ol indi öňki maşgalanyň kalbyny ýylydyp, öýüni öz başarnygy bilen buýsançly öýe meňzedip oturan gollary batly, lebleri datly, joşgunly gelne asla meňzemeýärdi. Yrgyl-dargyl süýrenip, öýüne giriň çykyp ýören Akgül soňam wagty bilen onuň göz öňünden gitmedi. Balamurgap tarapa gitdigiňçe töwerekde gabat gelýän obalar indi barha selçeňleşme bilendiler. Gowgaly döwür-döwranlaryň başlanmagy bilen bu ýerlerde öň her gezek golaýlaşaňda özüniň köplügi bilen ünsüňi çekýän goýun sürüleri-de indi seýrek gabat gelýärdiler. Bu öwreden şu gabahatlyklar zerarly rysgal-döwletiň elheder alyp göterilenligi mese-mälim duýulýardy. Bu ýerlere öňden belet adamlaryň bu zatlar bada-bat ünsüne düşýän ýagdaýlardy. Meýdanlaryň gugaryp, ot-çöpi-de indi öňküsinden has garyp görünýärdi. Ahmediň Murgap bilen her gezek duşanda ýadyna düşýän zatlaryň birisem, derýaň şanyna düzülen, mollada okaýarkan öwrenen aýdymydy. Bu aýdymy telim ýyllap obadan ýitip gidip, Buharada medrese bitirip gelen molla Seýit ahunyň hut özi şol ýerlerde Watany küýsäp döredenmişem diýýärdiler. Umumanam, ol okuwçylaryna “Şulary bilip ýat bekleseňiz, hemişe, hemme ýerde özüňizi höwürli, ýanyňyz maslahatçyly duýarsyňyz” diýip, Gurhan sürelerini, şahyrlaryň şygyrlaryny ýat bekletmegi gowy görerdi. Murgap hakyndaky bu goşgam Ahmediň şol döwürlerde ýat bekläp alan goşgularynyň biridi. Ahmet ony her gezek ýatlanda derýanyň keşbi göz öňüne gelip, tolkunlary aňynda owsun atan ýaly bolýanlygy, özi bilen bagly köp gowulyklary ýada salýanlygy üçin gowy görerdi. Häzirem ol töweregi bilen at gorduryp, barşyna ol aýdyma küýseg bilen hiňleneninem duýman galdy. Murgabmyz – söýgüli derýamyz biziň, Hemişe bagtyýar biz onuň bilen. Pendi baýyrlary, Garabil bilen, Söýünaly, Alaşa, Baýraç... il bilen. Ýüzläp oba-kendi ýakasna düzüp, Onlap jeňňellerde suwuny süzüp. Akýar jülge syryp üstünden düzüň, Hemem ýüregmiziň üstünden biziň. Halka giden rysgal, bol-ýelin suwluk, Kenarlary onuň lälezar, gowluk. Taňrydan gadyrlan gowlugnyň biri Pendini türkmene berenden bäri. Ýüzläp aý, ýyllaryň salamyn alyp, Otyr küren iliň Watan bolup. Magsut han herzeki, Baba han sugty, Şu ýerden tapypdy köp gözläp bagty. Bahyllyk bu ýere daşy köp atdy. Ýöne olaň bary pälinden tapdy. Murgabmyz – söýgüli derýamyz biziň, Owsun atyp akýar o-da biziň bilen. Eşşi han Balamurgaba ýetmän, öz topary bilen at başyny ilerligine– Pendi baýyrlaryna tarap aldy. Töwerek haýsydyr bir agyr hasraty içine salan ýaly, diýseň sus görünýärdi. Pendi topragynyň üstüne synyny süýräp aýlanyp ýören şemal göterip bilen çaň-tozany asmana göterip, ol ýerde günorta-demirgazyk aralygyna ganat bolup gerlip duran çaň-tozan toplumyny emele getiripdi. Pendi baýyrlary indi uzakdan şol tozan-örtüge çolanyp oturan deý, salgym atyp görünýärdi. Ahmet öňde Gulmet atly, Eşşiniň wagtal-wagtal “Daýy!” diýip, nygtabrak ýüzlenýän, ýaşy kyrkdan geçen gyrçuw sakgal adam bilen gara görnümden topar öňi bolup barýardy. Gulmet gözlerini jel-jelledip, niräk gelenini biljek bolýan ýaly, köp synlap, az gürleýärdi. Ahmet bir zat soraýsa dagam: “Hi” diýip, onuň ýüzüne dikanlap, ýaňy böwrüne dürtülip ukudan turzulan ýaly, oňa hutgürip, alasarmyk jogap bererdi. Hamala agzyndan bir ters gep çyksa, han öňünde oňa jogap bermeli bor diýip, alada edýäne meňzeýärdi. Tanyş ýerler goşalanyp öňünden çykyp ugran mahaly, Ahmet bir aýdan gowrak wagt mundan ozal Hojam hanyň goşy bilen bu ýerlerden geçenini ýatlady. Indi bolsa ol bir bölek atlynyň öňi bolup, yzyna barýar. Döwür şeýle düşnüksiz, zabun bolanda haçan, nireden baryp çykjagyňy bilip bolmaýan eken. Ol yzyna dolanjagyny, bir wagt Watana gelmeli boljagyny bilýärdi, ýöne näme pikir etse-de, beýle tiz dolanmaly bolaryn öýtmändi. Haçanda Hojam hanyň aýal maşgalalarynyň arasynda Hanumanyň köneräk çabydy başyna bürenip oturyşy aňynda peýda bolan mahalynda, onuň göz gytagy bilen özüne seredip, tananlygyny mälim edip oturyşy onuň ýadyna düşdi. Aňyndaky Hanumanyň görmegeýligine gözi gidip: “Gözel jinde içinde-de gözel“ diýip, oňa höwes etdi. Soňam onuň tas elden giderli bolanyny ýatlady: “Tas-a, Bäpbe zaluwadyň demine düşüpdem welin, ýöne soňundan ony özüne niýet edindimi nämemi Hojam han berk durdy-da”. ... Hanuma bilen ýüzbe-ýüz duşuşyk. Ol Ahmedi owsunyp baryp, höwes bilen gapynyň öňünde boýnuna gol salyp gujaklady. Olar mähirde-mylakat bolşup, bir pursat şol duşan ýerlerinde bir-birleri bilen gysmyljyraşyp, boý deňeşdirişip durdular. Hanuma hamala bu pursada garaşan ýaly, egnine ýuka ýatyş köýnegini geýip, başyny ýeňiljek ýaglyk bilen maňlaýyna düşürip daňypdyr. Mähir-muhabetli näzenin zenana öwrülipdir... – Weý, sen nireden çykdyň, oglan! – Onuň pyşyrdysynda birden mesen begenç-de bardy, meýil-höwes-de. Ol Ahmediň özüni ýatlap gelmegine, onuň indi özi üçin hiç zatdan gaýtmajagyny ýatlap begenip-buýsanyp, bu duýgynyň aňyrsyna çykyp bilenok. Hanuma dünýäniň bulaşyklygyna seretmezden, Ahmediň özünden el çekmejegine onuň dünýäsine ýürek togalap ynanýardy. Ahmet ýene bir salym Hanumaly ýakymly ýatlamalaryň ümründe ümürlänsoň, ony ýylgynlygyň içi bilen çola äkidip, şol ýerden ata ataryp, gaçyryp goýberenden soň gutardy. Eşşi hanyň atlylary öz niýet edip gelýän ýerine şol günüň ertesi güni gijikdirip ýetip geldiler. Haçanda Akrap çeşmäniň döreden bir gulak suwy şogurdap, ýaýkanyp atlylaryň öňüni kesen mahaly toparyň gelmeli ýerine gelip ýetenligi belli boldy. Indi Guşgam bu ýerden uzakda bolmaly däldi. * * * Göç habary gelip ýetensoň, Marydan ilki onuň kastyna çykarylan, Gyzyl Goşun arasynda basmaçalary çapmakda uly hyzmat görkezen, gaýduwsyz gyzyl komandir hasap edilýän Niçaý Konstantinowyň eskadrony boldy. Marydan ýagşy saýlanansoň, eskadronyň ýüzüni Pendi çölüne tarap öwürdi. Birnäçe gün ýatakda bolup, bakysy-idegi ýetik, ýola taýynlanan atlar indi dyzanyşyp, ýoly ýeňil geçýärdiler. Olar diňe öňden çykan gür ösen sazak, çerkez-gandym tokaýlyklaryň içinden geçmeli bolanlarynda, ot-çöp päsgälçiligine duşup, atlaryň badyny gaýtarmaly bolýardylar. Bu ýyl ýagyş-ýagmyry ýetik ýaz diýseň gowy gelipdi, ot-çöp çen edilişidenem bitginli, bol bolupdy. Meýdan häzire çenli tomusda, ýazda gazanan baýlygynyň köp bölegini mal-gara harçlan-da bolsa, ýerligi bol bolansoň, ondan güýze hem ýeterlik paý galypdy. Eskadron içi biraz kapas sazak tokaýlygyny daraklap geçensoň, öňden barýan komandir Konstantinow atynyň başyny ýeňsä alyp, yzdan başly-baradrak, ýetişiksiz halda at debsileşip gelýän esgerlerine tarap öwrüldi. “Janlyrak depreniň! Ýetişiň-de, tiz tertip tutuň!” diýip, talaply buýruk berdi. Esergerlerini öz isleýşi ýaly ýöriş hatarlaryna jemlänsoň bolsa, köne derdiniň gozganlygyny mälim edip, eskadrondan aýdym aýtmagy talap etdi. –Hany, biziň söýgüli aýdymymyz ýaýykly kazak gelni… –diýip, ol haýsy aýdymyň aýdylmagyny isleýänligini, ýüzugra aýdymçylary ýatladyp hem goýberdi. –Goý, ärsirän jalmarkalar ýene bir gezek derýa boýuna baryp, oňa içine döksün... Aýdym ilki özüniň ýoňtar sesi bilen hatar ortasynda gelýän Mizdanula atly salpy murt esger agzyny ýokary tutup, göçülen ýurtda galan it ýaly uwlap, goşgy setirlerini sanap ugrady. Şundan soň töwerekdäki beýleki esgerlerem ýerli-ýerden oňa höwes bilen ses goşuşyp, aýdyma göçgün berdiler. Akýar Ýaýyk ýaýkanyp, Hasap tutup bar zatdan. Akyl berip kazaga, – Menden daşa gitme sen! Ýogsam seniň jalmarkaň, Ýekelige bolanok Ýekeleri jennetem, Öz gujagna alanok. Bu aýdym aýdylanda her gezek esgerleriň göz öňünde derýa bilen derdinişip duran, söýgi-mylakam, erkek yhlasyna küýsegli, höwesli gelin göz öňüne gelerdi. Esgerler onuň degişme äheňinden hezil tapyşyp, hamala şol gelin derýa boýunda hut özlerine garaşýan ýaly ýakymly duýgulary başdan geçirýärdiler. Aýdym şeýdip her gezek aýdylanda Konstantinow hem öz ata mekany, ýaýylyp akyp ýatan Ýaýyk boýlaryny küýseg bilen ýatlaýardy. Şeýle halda onsoň özi-de aýdymyň bir ýerinden oňa goşulanyny duýman galýardy. Seň bolsa şol gidişiň, Baran ýeriň gör, niri!? Gidensoň gyzyň boldy, Bor ýaly ýene biri. Akýar Ýaýyk ýaýkanyp, Peýwagtyna howlukman, Iliň bolsa derdi kän, Derýam bar derde derman. Konstantinow bu aýdym aýdylan wagty, watanynyň ýatlanylýandanmy nämemi golçalap, haýsydyr bir süýji miweden edilen şiräni başyna göterip, murtuny ezip, ýakasyndan syrykdyryp içen ýaly ýakymly bir duýguny başdan geçirýärdi, ondan hezil tapýardy. Komandir Konstantinow bir salym aýdym aýtdyryp, esgerleriniň söweşjeň ruhuny göterenine, şol bir wagtda hem atlara hem biraz-da bolsa dynç berlensoň, olardan ýene-de ýola howlugyp, atlary gopgunyna goýbermegi talap etdi. Komissar bilen eskadronyň gapdalyndan aýrylyp, ýene onuň öňüne geçdi. Hüşgärligi elden bermezlik üçin, öňden, iki gapdalyndan aňtawçy gözegçileriň barlygyna seretmezden, duýdansyz göçe golaýlyşyp, onuň ahmallygyny elinden almak üçin, ol mümkin boldugyndan, bilniksizden tiz ýöremäge çalyşdy. Göçgünli aýdym sesini ýene-de çöl süňňüne sarsgyn berýän, at aýaklarynyň güpürdisi eýeledi. Towlanyp çal tozan asmana göterildi. Ýöne Konstantinow göçüň yzyndan şol gün-ä däl, onuň ertesem ýetip bilmän, üçünji gün diýlende çäşgäler, Gün howrap ugransoň ýetip bardy. Eskadron ilki ýeri torç eden sansyz adamdyr at, düýe, eşek yzlarynyň üstünden bardy. Töwerekde gabat gelýän mal tezekleriniň könelmäge, yzlaryň bozulmaga ýetişmänligi, indi göçüň hem uzakda däldigini görkezýärdi. Konstantinow ýene bir salym sürüp, depeleriň biriniň üstüne çykyp, töweregi dürbülän mahaly göçüň kowçum-kowçum bolşup barýandyklaryny gördi. Ol göçi görüp, ýene-de Sowet ýolbaşçylaryna özüne iş bitirip, tapawutlanan komandir hökmünde görkezmäge pursat gelenligine ynandy. Ol “Konstantinowyň eskadrony çölde basmaçylaryň uly toplumyny ýok etdi...” diýdirmek höwesine berildi. Bu pursatda ol yzdan gelýän uly goşun bölümleriniň ýetişip gelip, öz gazanjak ýeňşine şärik bolmaklaryndan gabandy. Göçüň hetdi-hasabyndan oňly habary bolmasa-da, bir hüjüme geçse, ony alyp ýatjagyna, mertebe eýesi boljagyna göwün ýüwürtdi. Gün birneme asmana göterilen hem bolsa aýaklarynyň astyndan göterilen çaň-tozanyň derdinden howanyň ýüzi çaňjaryp durdy. Komandir kiçi komandirlerine nähili, nireden hereket etmelidigini düşündirmek üçin, olary gyssagly öz komissary bilen gürleşip duran ýerine çagyryp aldy. Öňde duran meseläni buýruk hökmünde düşündirdi. – Gylyçlar syrylsyn. Duşman näme-näme bolýanlygyny bilip bilmänkä, onuň içine doňuz bolup kürsäp girmeli. Gaçmaga, goranmaga maý bermeli däl! – Elbetde, olaryňam-a gaýtawul berjek ýaraglylary ýok däldir –diýip, komissar hem tüýlek ýüzüni sypalap, şeýle ýagdaýda nätmeli diýen äheňde soragly dillendi. Pikirinde göçe öjügip duran Konstantinow ýüzugra oňa jogap berdi. – Ondakysyny onda göreris. Ýagdaýa göre hereket etmeli bolarys. Ýöne men-ä ol ýerde, özi-de göç bolsa, onda bize garşy durup biljek güýç bardyr öýdemok. Sallam-sajak bolup barýan göçüň, söweşjeň gyzyl eskadronyň öňünde durup bilmejegine ynanýan. Hatda ol häzirki ýagdaýda o diýen geregi-de bolar ¬–diýip hasap etmedik, yzdan azyk-suwluk bilen gelýän, pulemýotly toparynyň hem gelip ýeterine howlukdy. Amat hasaplan pursadyny elden beresi gelmedi. Ol göz-görtele atyny dyzandyryp, tüýsüni üýtgedip, eskadronyň öňüne düşdi: –Eskadro-on! Sowet hökümetiniň dabaralanmagy üçin, yzym bilen öňe! Göçüň gapdaly bilen onuň yzyny dolap, goraglap barýan adamlar allowarradan bir süri atlynyň gylyç syryşyp, ýerli-ýerden “urra!” gygyryşyp atylyşyp gelýändiklerini gördüler. Bu topara ýaşy altmyşa golaýlan, at üstünde düňderilip, aýy ýaly bolup tagaşyksyz oturan süňkbaşy iri, görene, şunuň döwmi, aýymy bir gatanja bardyr diýdirýän Dolak serdar baş bolup barýardy. Dolak serdar ýüzugra at başyny çekip, aňyrdan atlaryny ýüzin salşyp, ýaýlany ýaňlandyryp, “urra!” gygyryşyp gelýän atlylara keltejik nazar aýlady. Soňam aňynda esgerleri: “Yzymyzdan kowup ýeten bolsaňyz, geliň hany. Siziň doňuz dowluňyzdan çekinýän barmy!?” diýip, ýagyny nähili garşy aljagyny aýgytlap durşuna göwnübirlik bilen oýlandy. Soňam: “Käşgä şeýdip emelsiz, plimutsyz bir mertlerçe gelsediňiz...” diýibem, duşmanyň bolşundan kanagatlanma tapmak bilen gepledi. Serdaryň häzirki dara-dire göwnübirlik bilen duşmana göni gözläp, özüni ýeňşine ynanýan halda parahat alyp barmagy, duşmanyň ýetip gelýänini görüp, biraz galagoplanyp ugranlaryň hem tiz özlerini ele alyp, ruhlanmaklaryny sebäp boldy. Dolak serdar töweregindäki adamlaryna anyk tabşyryklar berensoň, ýagdaýy habar bermek üçin, bir atlyny baş goşa –Annaguly hanyň üstüne atardy. Diňe şundan soň ol duşman bilen darkaş gurmak üçin, töwereginde jemlenişen atlylaryň öňüne düşüp, gylyjyny depesine göterdi. – Ýigitler, gylyçlary syryň, tekäniň gylyjynyň Gökdepeden soňam entek kütelmändigini görkezeliň bulara! Dolak serdar her gezek şeýdip, Gyzyl Goşun bilen çaknyşanda, olar bilen, Skobelewiň ýolbaşçylygynda Gökdepe galasyna çozan patyşa goşunlary bilen uruşýanyna, bularyň şol gelen aldajy goşunyň yzydygyna ynanýardy. Ol şol wagt on-on iki ýaşly ýaňy temegi garalyp ugran ýortmança oglandy. Her gezek ruslar alysdan galany top okuna tutansoň, soňundan olar ak köýnekli sap-sap bolşup, köpene çolanan ýaly bolşup, hüjüm edip ugraýardylar... Bu aýylganç pursat Dolak serdaryň hemişelik ýanynda galypdy. Şol söweşlerde bir gezek, adaty goşun bölümlerine türkmenleriň hezil bermeýänini görüp, Skobelew: “Şular-a hakyndan çykar bu halkyň!” diýip, Ýewropany çapmakda ýakasyny tanadan kazak atly polklaryny galany goraýjylaryň garşysyna sürüpdi. Jany ýangynly türkmenler Ýegen galanyň ýanynda ýyndam atlaryna atlanyp, ýyldyrym çaltlygynda gelip, şeýle bir oýun görkezipdiler welin, gylawly kazaklaryň telpegini ters geýdiripdiler. Kazak atamany onlarça ölüsini meýdanda galdyryp, bir giden ýaralysy bilen yza çekilmäge mežbur bolupdy. Gelibem Skobelewe: “Tekäni gylyç bilen alyp bolmaýar. Ony dyza çökermek üçin nähilidir bir emel ulanmaly…” diýip, generalyň öňünde ýüzüniň ganyny gaçyryp durupdy. Hatda şonda türkmenleriň agyp-dönüp çalasynlyk, mertlik bilen urşuşyna bu söweşi gapdalyndan synlan Skobelewiň-de olara göwni ýetipdi. Gapdalynda duran dosty suratçy Wereşagine: – Şular ýaly gaýduwsyz adamlardan düzülen bäş-on diwiziýam bolan bolsady, men Pýotryň arzuw eden Hindistanyny bir ýyla galdyrman alyp, rus esgerlerine ädikleriniň çaňyny Hindi okeanyň suwuna ýuwar ýaly ederdim… –diýip, göwün çaglapdy. Konstantinowyň kakasy hem şol söweşde agyr ýaraly bolan kazaklaryň biri bolupdy. Iki-üç aý geçip-geçmänem, ol şol ýarasyndan ýogalypdy. Şol söweşe gatnaşan kazaklaryň ýene biri starşşina Froluşkin dostuny hatyralap, soňra onuň dul galan aýalyny ýaş ogly bilen öz goşun bölümleriniň soňky duran ýeri Germaba göçürip getiripdi. Şonuň üçinem gyzyl komandir her gezek türkmenleri çapmaly bolanda, şular sebäpli ýetim galanlygyny özüne ýatladyp, olardan kakasynyň aryny alýanlygyna, kakasynyň ruhunyň özüniň türkmenleri atyp-çapyp ediberşini o dünýäden synlap, onuň ruhunyň şat bolýanlygyna ynanýardy. Ýetim galandan soňky maşgalanyň başdan geçiren mazasy bolmadyk durmuş pursatlarda onuň ýadyna düşüp, ähli görlen görgüleriň sebäpkärini türkmenler hasap edip, gaýduwsyzlyk görkezip, öçli uruşýardy... Starşşina Floruşkin maşgalany göçürip, öz ýanyna getirensoň, köp wagt geçmänkä onuň ejesi bu ýerde aýaly ölen bir kiçi çinli komandir bilen çatlyşypdy. Göze gelüwli ol aýalyň ondan başga-da hyrydary az bolmandy. Ştab kapitany Gýorgiýew bolsa ol diýip, halys başyny ýitiripdi. Ahyrynda-da bu iki ofiser biri-biri bilen atyşyp, ikisi-de ýaraly bolupdylar. Soňra olardan başga-başga ýerlere gulluga geçirilip dynylypdy. Şundan soň aýalyň keýpi-höziri harby bölümiň ol-bi hojalyk işlerine güýmenip gezýän Ryza kürtüň ogly Hezzan kürte galypdy. Kakasynyň raýy üçin Orsýete harby okuwa ugradylanda, onuň ejesi eýýäm bäşinji äri bilen ýaşap, heleýliginiň hezilini görüp ýördi. Rewolýusiýa döwri eýýäm ol ak patyşa wepadarlyk bildirip, bolşewikler bilen ölüşip ýörenleriň biridi. Frunzäniň goşun bölümleriniň garşysyna urşup ýören mahaly ol ýaraly bolup hassahana düşüpdi. Şo-da muňa soňra bolşewik gazabynyň öňünden sowulmaga bähbit bolupdy. Gyzyllar ýesir alnan ýaralylary şol gezek ar alyp çapmandyrlar. Soňam gyzyllaryň arasyndan özi bilen bile okan harbylaryň biri tapylyp, oňa hossar çykypdy, hem oňa bolşewigiň özüne ok atan adamlaryň irde-giçde soňuna çykjagyny aýdyp, yzy ýitirmek üçin, tanalýan ýerinden gaçmagy oňa maslahat beripdir. Oňa Orta Aziýa basmaçylarynyň garşysyna atarylýan goşun bölümleriniň birine ilteşmäge kömek edipdir. Şeýdibem ol Orta Aziýada indi Sowetleriň adamsy hökmünde, onuň duşmanlaryna garşy söweşip ýördi. Bir döwürde bolşewikleri gyryp, etmiş baryny edip gezenini barha çuň gizlemäge çalşyp, munuň üçin bolsa özüni has wepaly görkezmek üçin çaknyşyklarda Sowet hökümetiniň garşydaşlary bilen gaýduwsyz söweşýärdi. ...Ýöne bir gezek welin tas, onuň köne etmişleriniň üsti açylyp, ol çykgynsyz bir ýagdaýa uçrapdy. Şol günler Buharada Wahş derýasynyň çäklerindäki Sowetlere el bermeýän basmaçy toparlarynyň garşysyna aýgytly göreş alyp barmak üçin, bu ýerde goşun güýçleri jemlenip, aýratyn taýynlyklar görülýärdi. Şonda bu giň möçberli alnyp baryljak söweşlere gözegçilik etmek üçin, Moskwadanam birnäçe ýörite ýollanan komissarlar gelipdiler. Bir gezek Konstantinow goşun ştabynyň jaýyndan gylyjy bulanyp, aýagyna çolaşmaz ýaly, onuň dessesine goluny goýup çykyp gelýärkä, şol golaýda çilimleşip duran Moskwadan gelen komissarlaryň biriniň oňa ünsi düşüpdi. Ol tanajak bolup: “Bu näme işläp ýör bu ýerlerde?” diýen pikir bilen, ony dikanlap içgin synlapdy. –Podporuçik, hany bir minut aýak çekiň! Bu ses aklaryň goşunynda gulluk eden döwrüni onuň ýadyna saldy. Ol bolsa Orta Aziýa özüni atansoň, indi geçmişinden özüni tanaýan-bilýän adamlardan ymykly ara açanlygyna bireýýämden bäri ynanyp ýördi. Emma bu juda beýle-de däl eken. Öz köne derejesini eşidip, onuň birbada ini düýrügen-de bolsa, ol köpi görenligini edip, tiz özüni ele alyp, bu pursatda nähili özüni alyp barmalydygyny özi üçin anyklady. Komissaryň gepini, özüne degişli däl ýaly görkezmäge çalyşdy. Elini papagynyň etegine ýetirip, harbylarça mertebeledi-de, olaryň gapdalyndan geçiberdi. –Ýoldaş harby, men size diýýärin, hany bir minut aýak çekiň! Ýalňyşmaýan bolsam, siz podporuçik bolmaly… Konstantinow, komissarlaryň çakylygyna olaryň ýanyna barsa-da, özüniň podporuçik bolup tanalmagyny islemedi. Ol ozalky harby derejesi barada, ony ilki eşidýän ýaly, egnini gysyp, ör-gökden gelenden boldy. –Ýoldaş komissar, siz meni kimdir biri bilen-ä çalyşýan-a dälsiňiz. Men gyzyl komandir Konstantinow. –Görýän. Sen häzir gyzyl komandir... Ýöne Donda bizi köne saraýda telim gün ýesirlikde saklan we birnäçämizi atan welin juda saňa meňzeş podporuçikdi… Ol komissar Muzyçenkony bolsa gözümiziň alnynda atany üçin bolsa gerek, ol meniň ýadymda Sowetiň ganym duşmany hökmünde galypdyr… – Ýok, ýoldaş komissar, ol men däldirin. Men donly däl-de, Ural derýasynyň boýundan… Etmişiniň üstünde tutmasaň ýa-da şaýatlar tapyp, günäsini boýnuna goýmasaň, Konstantinowyň bu geçmişini boýun almajagy belli boldy. Komissar Konstantinow näçe sapalak atyp, ynamly geplese-de, ol barybir ýene-de öz pikirinde onuň ömrüniň etmişli döwrüni her ýollar bilen gizläp ýören, Sowete ok atan adamdygy baradaky pikirinde galdy. Ol şonda: –Sen mönsüräp, kimligiňi häzir boýun almasaň, alma welin, ýöne nirede bolsaňam, sen şol podporuçik bolmaly… Men häzir ýörişe gidip barýaryn, gelemsoň giňişlikde, seniň anygyňa ýeterin –diýip gidipdi. Konstantinow bolsa şol gezek komissary atyp, muny atmanyna diýseň ökünipdi. Ýöne Konstantinow tüýs “Köýnekli doglan”, “Bagty getiren” diýilýänlerden eken. Ony tanan şol komissar soweşde wepat bolup, yzyna gaýdyp gelmändi. Şeýle-de bolsa onuň öz güman astyna alnan ýerinde soňra durasy gelmändi. “Essiň barka etegiňi ýap” edip, bu ýerden nirädir başga bir ýere gidäýse kem bolmajagyny pikir edip, tiz wagtdanam özüniň Türkmenistana geçirilmegini gazanypdy. Şondan bäräm ol bu ýerde atyp-çapyp, şura hökümetine özüni wepaly, başarjaň gyzyl komandir hökmünde görkezip dogum-dabaralanyp ýördi. Her gezek ol türkmeni çapmaly bolanda olardan kakasynyň köýen arynyň barlygyny hasap edýänligi üçin ar alýanlygyna ynanýardy. ...Iki tarap göçüň sesýetimliginde gazaply garpyşyga girdi. Göçüň gyzyl esgerleriň garşysyna çykan güýçleri hem ýeterlik bardy. Olar Konstantinowyň esgerleri ýaly birsydyrgyn ýaraglanan goşun däl-de, hersi tapan ýaragy bilen ýaraglanan adamlardan ybaratdy. Suwara atýan ýaraglar azlyk etse-de, gylyç meselesi welin bularda-da ýeterlikdi. Konstantinow bilen ilki gabatlaşan, eýeriň üstünde özüne salnan gylyjy depesinden sowa geçirjek bolýan ýaly büküdibräk oturan maýyny tapyp, garşydaşyny atdan agdaryp urma höwesi bilen at dyzandyryp gelýän ýigit boldy. Şarka-şarka çakyşan gylyçlardan uçgun syçrady. Konstantinow ol ýigidi bada alyp ýataryn öýtse-de, onuň maksady ýüzugra başa barmady. Ýigit at üstünde gylyjy diýseň ezber oýnadýardy. Onuň münen aty dyzanyp, eýesiniň jylawy gowşadanyndan peýdalanyp, per bermän çapyp gidibererli görünse-de, ol-da duran ýerinde aýlanyp-öwrülip, beýle çaknyşyklary ilkinji gezek görmeýänligini görkezip, eýesine düşünme bilen hereket edýärdi. Şol barmana atyny duran ýerinde diýen ýaly pyrlap, gaýduwsyzlyk bilen gylyç salýan ýigit Konstantinowy aljyraňňylyga salyp alyp ýatarly göründi. Töwerekden komandiriň düşen ýagdaýyny görüp, iki esger oňa wagtynda kömege ýetişmedik bolanlygynda Konstantinowyň sakar ganyny sarkdyryp, atynyň boýnuny gujaklajagy ikuçsuzdy. Gyzyl esgerler üç atly bolup, ýigidiň daşyna geçseler-de, ýöne barybir bada-bat ony alyp ýatyp bilmediler. Komandir Konstantinowa şol barmana ýagdaýyň çenini almak, nähili hereket edende duşmanyň ahmallygyny alyp boljagyny anyklanlygy belli boldy. Ol at başyny gapdala alyp, asgynlap gaçyp ugran ýaly edip, garşydaşynda pikir döretmek üçin, yzyndan kowduryp, ýigidi yzyna düşürdi-de, kömege gelen ýoldaşlaryna emele salnan ýigidi ara alyp, oňa iki ýerden hüjüm etmäge mümkinçilik döretdi. Şundan soň gaýduwsyz ýigidi alyp ýatmak kyn bolmady. Çepden hüjüm eden esger bu pursatdan peýdalanyp, onuň boýnuny ýarpylap çapdy. Garşylykly hüjümler bolsa indi barha güýjemek bilendi. Beýle gazaply garşylyga garaşmadyk Konstantinow öz isleýşi ýaly göç adamlaryny bada-bat aljyradyp alyp bilmejegine düşündi. Bu ýagdaý onuň öňküdenem beter gaharyny getirdi. Ol şu pursatda urşuň häsiýetini üýtgetmek bilen, şahsy görelde görkezmek arkaly esgerlerini ruhlandyrmalydygyna düşündi. Komissary bilen golaý-goltumdaky kiçi komandirleriniň bir-ikisini gysga wagtlyk ýanyna toplady-da, şeýdilse göç güýçlerini halka alyp bolar diýen tama bilen, olara gyssagly tabşyryklar berdi. Göçe üç tarapdan hüjüm edilmegini talap etdi. Özi bolsa töwereginiň dört-bäş atlysy bilen töweregini söweşe ruhlandyryp ýören Dolak serdara öjükdi. Başdan Gyzyl Goşun bolup inen beladan gutulmagyň ýoluny oňa degerli gaýtawul bermekde gören göç adamlary Konstantinowyň esgerleri bilen ölenlerini-öçenlerini bilmän, gaýduwsyz söweşip ugradylar. At aýaklarynyň dükürdisi, çaknyşýan ýaraglaryň şarkyldysy-gürpüldisi, iki-ýeke atylýan tüpen sesleri, adamlaryň bir-birige meçew berşip: “Ur, ýenç! Dola öňüni. Ber küpesine, öldüren kazy, ölen şehit!” diýşip gygyryşýan otlukly sesleri bilen goşulyşyp derä ýaň berdi. Komandir Konstantinow göç goragynyň adamlary bilen ýakyn aralykda çaknyşyp ýörşüne Dolak serdaryň öz beýleräginde esgerleriň gabat geleninden ony onda, muny munda paýhyn edip ýörenligini ýene bir gezek gördi. Onuň urşa oňurga bolup, söweşip ýörenine düşündi. Köpi gören tejribeli komandir Konstantinow şundan soň ýeňiş gazanmak üçin “Ozalbaşda agdarlar serdaryny” edip, şony bir ýol bilen alyp ýatmalydygyny bildi. Bu mahala çenli eýýäm iki tarapdanam ýitgileriň sany artyp, töwerekde jylaw süýräp, alňasap çapyp-çolaşyp ýören üsti boş atlaryň sany köpelipdi. Ýöne söweş güýçleriniň iki tarapdanam ýetik bolandygy üçin çaknyşyklar öňki hörpünde aldym-berdimli dowam edýärdi. Taraplaryň hiçisinde bir-birlerinden kem galasy gelmeýärdi. Eskadron okgunlylygyny gowşatmazlyga çalşyp, çaknyşygy dowam etdirýärdi, göç goragy hem olara erjellik, mümkin bolan garşylyk bilen tutanýerlilik görkezýärdi. Komandir Konstantinow bir öwrümde Dolak serdar bilen döwüşmek üçin at debsiläp, oňa golaýlaşmak başartdy. Dolak serdar onuň özüne tarap gelýänini gördi. Başyndaky gyzyl ýyldyzly papagyndan, aşyrma kemer bilen çaga gundan ýaly özüni bezeýşinden, buýrukly hökmürowan hereketinden onuň ýöne adam däldigini aýgyt etdi. Şundan soň Dolak serdar Konstantinowyň özünde hyrşynyň barlygyny görüp, ony özüne golaý goýbermäge boldugyndan söweş bilen ýan atyp, yza çekildi. Bu-da onuň Konstantinowyň badyhowalyk bilen bildiren ýekme-ýek uruşmak niýetine beren jogaby, onuň çakylygyny kabul etmesi boldy. Gyzyl komandir serden geçip, at debsiläp, Dolak serdaryň garşysyna hüjüme geçdi. Düwläp üste sürnüp, ony alyp ýatmak isledi. Komandir Konstantinowyň gylyç salmagy ezberligi ýetik bolsa-da, ýöne onda, emel-ýeneki bilen ýerini dolaýmasa, Dolak serdaryň tebigatyna mahsus gara güýç welin kemlik edýärdi. Bu ýagdaý garşydaşlar ýekme-ýeke urşup başlansoňlar, hasam belli boldy. Komandir elindäki gan ýokly gylyjyny iki-üç gezek aýlap garşydaşyndan salyp, gaýtargysyny alan wagty, onuň özüne hezil bermejegine düşündi. Diňe ol şundan soň çykalga hökmünde häzir pulemýotlar bolanlygynda bularyň hakyndan çykmak boljak ekenligini ýatlap, ol toplumdan gyssanan bolup, ozup gaýdanyna diýseň ökündi. Bir ýerden delalat bolmasa, gaşydaşyna gylyç urup, bir özüniň ony alyp bilmejegini duýup, gaçgaklap urşup ýörşüne kömek isläp töweregini gözledi. Ozalky türkmenleriň uruş ýagdaýyna belent bolan rus generallarynyň: “Türkmenler ýakyn-tutluşykly söweşlerde hezil bermezler. Olar ata adam bolup atlanýan-da bolsalar, söweşe girensoňlar, tüýslerini üýtgedişip, gaplaň-şire öwrülýärler. Gowusy, olar bilen golaýyna barman, golaýyňa-da goýbermän uruşmakdyr…” diýip beren maslahatlaryny ýüzugra, pulemýot bilen baglylykda ýatlap, şol adamlaryň maslahatyny tutmanlygyna gynandy. Haçan-da ol kömege tamakin bolup, töweregine gözläp, özüniň agyr ýagdaýa düşenini görüp, töwerekden kömege gelýäniň ýoklugyny görensoň, bada-bat atynyň başyny howlukmaç gapdala alyp, gaçmaga synanyşdy. Emma garşydaşynyň pikirini bilen Dolak serdar, dessine atynyň başyny gapdala alyp, debsiläp, ony komandiriň atynyň öňünde kesertdi. Konstantinowyň aty kükregi bilen gütüläp, Dolak serdaryň atyna urlan wagty, at onuň badyna entirekläp, üstünde oturan eýesi bilen gürpüldäp ýykylarly göründi. Dolak serdaryň göwne düwen amatly emeli ýerine düşüpdi. Atlar jarka-da-jarka çakyşan mahaly Dolak serdar gylyjyny garşydaşynyň depesinden çalasynlyk bilen keseligine salmaga ýetişdi. Türkmenlerden ömür öçli gyzyl komandiriň şeýdibem bu türkmenler bilen eden iň soňky söweşi boldy... Kakasy şol gezek türkmenleriň deminden ýaraly bolup sypan-da bolsa, Konstantinowa ol ykbalam miýesser etmedi. Ol indi sakar ganyny sarkdyryp, atdan agdy. Dolak serdar bolsa boguksy sesi bilen, öz adamlaryny batyrgaý uruşlara çagyryp, ýene-de töwerekdäki söweşlere: “Haý, goçaklarym, uruň, hak işde Alla ýardyr bize!” diýip, möçew berip, olary gaýduwsyz söweşlere ruhlandyrdy. Söweş meýdanynda komandirleriň atdan aganyny görensoňlar, eskadronyň beýleki esgerleriniňem urşup ugurlary bolmady. Şeýdibem, Gyzyl Goşun esgerleriniň ýeňiş üçin edýän ynamly tagallalary, öz-özünden ýöwsellik tapyp goranyşa ýan berip, yza çekilmelere öwrülip ugradylar. Ýara yzasy ýaly bolup tutuş eskadronyň süňňüne, gorky howpunyň aralaşanlygy belli boldy. Eskadron komissary Karapetow komandiriň düşen gününi görensoň, bu güýjüň garşysyna durmagyň özlerine ýeňil düşmejegine öz çemeçil paýhasly bilen tiz göz ýetirdi. Ol indi eskadronyň başynda ýeke-täk ýol kesmeli komandir bolup galanyna seretmezden, güýçleri ýygnap, duşmana gaýduwsyz garşylyklar görkezmäge gyssanmady. Ýeriň pessini peýledi. Başy gutarmak üçin ýalňyz galan tagallanyň gaçmakdygyna düşündi. Komandiriň bolsa jansyz ana boýalan jesedi, ýykylan mahaly atylyp öňe düşen gyzyl ýyldyzly papagynyň bir ädim yz ýanynda ýeri gujaklaýan ýaly gollaryny gerip ýüzin ýatyrdy. Karapetow ýanynyň iki-üç esgeri bilen gaçsa-da gaçdy welin, ýöne uzak gaçmak oňa miýesser etmedi. Duşmanyň sag tarapyndan gabalan, göç toplumynyň urşujylary onuň pesligi kesip, gönümel geçerli bolan mahallary görüp, tiz olaryň ýoluny kesdiler. Bir ýol tapylmasa, gazap ugruna indi olaryň töwereginiň esgerleri bilen komissary çapyp taşlajagynyň ujy iki däldi. Ýoly kesilip, gabawa düşensoň, komissara näme gaýratyň, emeli bolsa ony tiz, iş-işden geçmänkä ulanmalydygy belli bolupdy. Özüniň ugurtapyjylykly häsiýeti bilen komissar muny tiz duýdy. Ol uruşmakçy däldigini mälim edip, gan yzly gylyjyny ýere taşlady. Şu pursatda onuň göz okarasynyň içinde gabagyny ýyrtaýyn diýip iki ýana alakjaýan gözlerinde, burunlak garaýagyz ýüzünde mese-mälim gorky alamatlary gurşap alypdy. Ol naýynjar töweregine garanjaklandan soň, birdenem ol garaşylmadyk halda çalgyrt türkmençe gepläp ugrady. – Men... çapmaň! Men... size gerek. Meni haýal etmän, serdaryňyzyň ýanyna ertiň!.. – Sen ýalynyňam bir geregi bormy?.. Gapdalda duran ýigitleriň biriniň komissaryň bolup durşuna äjinnesi atlanyp, öňe dyzanyp ony kakyp düşürmekçi boldy. Emma töwerekde duran ýaşuluraklaryň biri, ýesiriň gepinden jim alyp ýetişenligini mälim edip, goluny daldalap ýigidi saklady. – Dur, Mergen! –soňam ol öwrülip, komissary soragly dikanlady. – Hany aýt, seniň bize nähili geregiň degip biljekmiş? – Meniň eltiň serdaryňyzyň ýanyna! – diýip, ol ýene-de şol bir diýenini gaýtalady. –Serdar bilen gepim bar diýsene. Bor, seni serdar bilenem duşurýarys. Ýöne nepiň degjegine ynandyryp bilmeseň welin, ýigitlere ýetirmän, seni özüm kerçelärin! – diýip, ol ähli gazabyny komissarda jemläp aýtdy. Komissar özüne bolan gazabyň bu gepden soňam köşeşerli däldigini görüp hasam aladalandy: “Bular geplemänkäm kellämi almasalar ýagşy, bir dilim geplesä-hä, jan gutarmagyň bir alajy bolar” diýip, oýlanansoň, öz aýtmakçy bolýan habarynyň bir ujuny eýýämden ýaňzydyp ugrady. – Siz göçde Sowetiň ýörite goşan şpiony bar... – Kim ol? – Ony men häzir aýdyp bilmerin. Serdaryňyza duşuryň meni, janyma aman berse, şonda men ony aýdar! “Göç arasynda Sowetiň içalysy bar bolmasyn?” diýen pikir hasam artypdy. Şonuň üçinem komissaryň gepi belli bir derejede iliň çaklamasynyň şaýatnamasy bolup, töweregiň bilesigeljegini artdyryp, gahar-gazaby möwjetdi. – Sen tanarmyň ol adamy? – Göremýok ony. Ýöne görse, ol meni tanar. Her zat eder, men bilen duşmak islär... Komissaryň gepi janyna gutarmak üçin, gorkudan aýdylýan gepe meňzese-de, oňa töwereginiň geçirimliligini gazanmaga mümkinçiligi ýok ýaly bolup görünse-de, ol bu gepi aýdansoň adamlaryň öz aralaryndaky ýagyny tapyp almak islegi has güýçli geldi. Dolak serdaryň topary ony Annaguly hanyň huzuryna ýetirmäge howlugyp, atyndan düşürmän, birki ýigidiň öňüne salyp, göni göçüň yzyndan ugratdy. Şeýle etmeklik töweregiňem göwnüne jaý boldy. ...Komandir kömek sorap atly iberen hem bolsa, onuň garaşan kömegi gijöýläne çenli hem gelip ýetişmedi. Eskadron gysga wagtyň içinde başyny aldyryp çym-pytrak boldy. Indi elem-tas gaçyp barýanlararyňam, maslyk bolup meýdanda bir-birlerine çaknyşyp ýatanlaryňam köpüsi gyzyl eskadron esgerleridiler. Dolak serdar ýeňşi jemläp, ölenleriň jesedini ýere berip, oljalap bilen ok, ýarag, atlaryny oljalap, “Gaçany kowujy basma!” diýen akyla eýerip, gaçyp sypanlaryň yzyndan kowjak bolman, dolup-daşyp garaňky gatlyşyberende öz adamlary bilen göçüň yzyndan gitdi. | |
|
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -4: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |