14:36 Ojak - 2-nji kitap -17: romanyň dowamy | |
* * * Gün ýagşy öýläne sanypdy. Uzakly gün ýiti Gün şöhleleriniň astynda ýatan gurak toprakdan geriljireýän ýaly bolup, ot-çöp ysly howur göterilýärdi. Kowgy bolup göç yzyny çalyp gelýän Tejen otrýady indi ikiüç günden bäri olary gözläp, çölüň içinde bir ondan çykýardy, bir mundan. Otrýad düýnden bäri: “Hä, diýmän, ýetsek gerek?” diýip, çen edýän-de bolsa, ýöne heniz bolubam ne ýetilen göç bardy ne-de duşulan adamlar. Töwerek şol birsydyrgyn ýaýylyp-ýaýrap oturan sähra bolup ýatyrdy. Çolalykdy. Tejen otrýadynyň başy bolup, komandiri gapdallap at gorduryp gelýän Çary Perman tüsse ysy burnuna uran çagy eserdeňlik bilen howany soragly ysyrganyp, at başyny çekdi. Howada şeýle-de atdyr eşek-düýe tezekleriniň ysy bardy. Şol barmana-da onuň nazary bir daban erde pytyraşyp ýatan düýe gumalaklaryna düşdi. Çary Permanyň muny görüp, ýüzi açylyp, ýitiren yzyny tapan yzçy ýaly, it ýylgyşyny etdi-de, komandire ýüzlenip: – Ýoldaş komandir, ahyr-soňy göçüň yzyndan-a ýetdik gerek!–diýip, ilerligine elindäki gamçysyny uzadyp, oňa töwerekdäki göçüň habaryny berýän alamatlary görkezdi. –Düýe ýakynda gumalaklapdyr. Ol şu Günüň astynda-da doly gurap ýetişmändir. Indi göçüň özem bizden uzakda bolmaly däl –diýip, sözüni biraz dabara bilen tekrarlady. At üstünde töweregine boýurganyp oturan ýerinden alysda, asmanyň sähra bilen birleşýän ýerini kanagat tapmak bilen gönençli synlady. Çary Permanyň göç yzlaryny görüp, kanagat tapmagynyň sebäbi birem däldi, ol iki dagam bardy. Onuň bu kanagatlanmagynyň birinji sebäbi ýitip ýören göçüň tapylmagy bolsa, ikinjisi, onuň şu goşda barlygy belli bolan, köpden bäri duşup aryny almagy arzuw edip ýören ganym duşmany bilen baglydy. Onuň şol ganymy Bäpbedi. Olaryň Bäpbe bilen duşmançylygy mundan alty-ýedi ýyl ozal, Bäpbäniň Sowetlerden juda bir gaýpynman, Tejen töwereginde özüniň dört-bäş meslekdeşi bilen galtamançylyk edip ýören günlerinden başlanypdy. Çölde gonup-göçüp ýören Bäpbäniň öňem azyk-suwluk zerurlygy bolanda, duýdansyz gelip, şular-a barlydyr öýden öýlerini çalarak çapyp, çörekdir undan ýüküni tutup gidäýmesi bardy. Emma şol gezek Agalaňy gelip çapanda ol diňe bir azyk-suwluk bilenem kanagatlanmandy. Öýüň töründe oturan gelin hoşuna ýakyp, töwereginde çaga-çuga-da görmänsoň, şula bir başyboşa meňzeýär diýen pikir bilen, onam oljalapdy. At öňüne basylyp alnyp barylýan gelniň ahy-perýady şonda küren obany az salymda aýaga göteripdi. Beýle bir göze gelüwli maşgala dagy gabat gelse, çölde aýal-gyz islegi bilen şory depesine uran Bäpbe-de heý, bu gowulykdan öwrülip geçip biljekmi!? Ol şeýdibem ýatan itiň garnyndan basanynam bilmän galypdy. Eýsem-de bolsa, paýhasly iş edýän bolsa, Bäpbä “keleçew” lakamy galarmydy!? Ýöne şol gezek Çary Permanyň täsiri bilenmi nämemi Tejen otrýady wagtynda, diýseň tiz hereket edipdi. Bäpbe heniz uzak ara açyp, çölüň töründe ýeriň giňişligini almanka, otrýad onuň yzyndan kowup ýetipdi. Bäpbe ölüşmeli bolsa ölüşjekdi, ýöne eline düşen, eýýäm syny oturyp, höwesine berlen bu eýjejik zadyny hiç kime bermekçi däldi. Emma ykjam kastyna çykylanlygyny mälim edip, komandir Stepanow ony gepleşige çykarmagynyň ugruny tapypdy. Gepleşik Bäpbe bilen Stepanowyň arasynda ikiçäk gözden sowa geriş alaňyň arkasynda ýüzbe-ýüz bolnupdy. Komandiriň başdan sözi talaply boldy. – Bäpbe, gelni dessine yzyna gaýtar! – Stepan aga, men gelni yzyna gaýtarmak üçin oljalamadym. – Bäpbe, näme üçin oljalan-da bolsaň, ony tiz yzyna gaýtar. Ýogsam ganatyňy gyraryn. Hetdiňi tana. Sen kime el gatýanyňy bilýärmiň aslynda? – Ýok, kimmişin? Kim bolanda näme? – Gelin ýoldaş Çary Permanyň aýal dogany eken. Bilýänsiň-ä, Çary Permanyň kimligini. – Çary bolşewik diýsene. – Edil özi. Onsoňam sen meni gowy diňle, Bäpbe. Kim-de bolsam, Çary Permany özüňe duşman edinseň, men seniň çöldäki maşgalaňy gorap bilmerin. Sen bilýäň-ä türkmeniň naçaryna el degirseň, onsoň ol aryny alýança, hiç zatdan gaýtmajagyny…Sen öz maşgalaň niredeligini ol tapmaz öýdýäňmi? Jany ýangynly adamyň etmejek işi bolmaz… – Çary Perman diýsene!? Tanaýan. Ol tohum hakyny gidirýän-ä däldir… – Şony bilýän bolsaň, dola gelni yzyna? – Öz-ä bir eýjejik zat eken. Şeýdip indi ony dolaýmaly bormakan-aý, Stepan aga?! – Bäpbe, däliligiňe tutma! Ozalky gepleşişimiz ýaly, meniň aýdanymy et. Şonda maňa-da seniňkileri goraglamaga mümkinçilik bolar… Bäpbe lapykeç bolup, oljalan oljasyny elinden aldyryp, ýeňsesini gaşap, yzyna dolananyna köp wagt geçmänkä, komandir Stepanow gelni yzyna düşürip, alaň aňyrsynda ýaragyny besläp özüniň yşarat berip, etjek çakylygyna garaşyp oturanlaryň ýanyna gelipdi. Şu wakadan soň bir ýyl geçip-geçmänkä Çary Perman Bäpbäniň Tejeniň aýagujunda Sowetlerden gaçyp, sergezdanlykda ýören agasyny tapyp, ony aldap-ogşap: “Kolhoza gir, gowy bolar!” diýip getirip, soňam sürgüne atardyp, “Alynyň aryny Ahmetden alar” edipdi. Şeýdibem biraz-da bolsa öz ýangynly ýüregine teselli beripdi. Ýöne ol barybir munuň bilenem kanagatlanmandy. Ýürek ytygsap agyryly urýardy. Ol “Çary Permanyň bajysy süýrelipdir” diýip, ada galanyna diýseň namys edýärdi. Wagt peýläp, Bäpbe bilen duşuşyp, köýen aryny onuň özünden almagy niýet edýärdi. Göç arasynda Bäpbäniň hem maşgalasynyň barlygyny eşidip, ol şol garaşýan haklaşyk pursadyň gelip ýetendigine ynanypdy. Namysa galan Çary Perman şol günler ar ýoluna berlip ýörkä Sowetlerden gaçyp, Tejen aýagyna siňen müňlerçe maşgalalaryň arasynda Bäpbäniňkileriň hem göçüp-gonup ýören ýerini bilip alyp, maşgala hyýanat etmegiň ugruna çykyp ýörkä, garaşylmadyk ýagdaýda Tejen otrýadynyň komandiri Stepanow onuň niýetiniň öňüni alypdy. Ol: – Çary, sen Bäpbeli meseläni maňa goý! Ony özümiň bir etjegim bardyr… –diýip, tapmaçaly gepläpdi. Çary şonda nämedigini bilmese-de, Stepanow bilen Bäpbäniň arasynda döwlet ähmiýetli bir gepiň barlygyna, onuň maşgalasyna sürnübermäge aňsat özüne ýol berilmejegine düşünipdi. Komandiriň Bäpbäniň üsti bilen has döwlet bähbitli tory giňden öwrüp gurýanlygyny çen edipdi. Onsoň Çara ar almak matlabyny ýene bir amatly pursada goýmakdan başga alaç galmandy. Çary Perman haçan göç habaryny, ol ýerde Bäpbäniň maşgalasynyň barlygyny, Owgandan halky göçürmäge gelen ekabyrlaryň arasynda onuň özüniň hem barlygyny eşiden mahalynda köýen aryny ýerine salyp, “Doňzy batgada bas” etmegiň wagtynyň gelendigini çen edipdi. Otrýada höwes bilen goşulypdy. Häzirki göç yzyndan ýetmek bolsa onuň üçin ganym duşmanynyň yzyndan ýetmek bolupdy, onuň gökdäki dilegi ýerde gowşupdy. Şeýdip göçüň yzyndan ýetilenini görensoň, ol hamala toýda aty çykan ýaly, ýakymly bir duýgyny başdan geçirdi. Komandir Stepanow Çarynyň gep saluwyna düşündi. Onuň sözünde göç yzyndan ýetilmegine bolan kanagatlanma duýgusam, aýgytly hereket edilmegine bolan isleg-höwesem bardy. Otrýad komandiri belentligi bilen saýlanyp oturan depäniň üstüne ýörişiň öňüne-ardyna gözegçilik etmäge çykan mahaly Gün eýýäm ikindi öýläne sanyp, bu günki geçmeli ýoluny geçip tükedip barýardy. Komandir Günüň aşak eteginde peýda bolup ugran çal çylpawy gören mahaly munuň göçüň göteren çaň-tozunyň bir ýanydygyna, öz garşydaşlaryny indi başga ýerden däl-de, ilerki şol Gün aşagyndan bir ýerlerden gözlemelidigine göz ýetirdi. Otrýad alaň-depeleriň arasy bilen howlukmaç ýöredi. Pulemýotly topar öňden barýan esasy güýçlerdir Annamyradyň atlylarynyň arasy bilen, atlara ýüklenişip, gorag astynda gidip barýardylar. Olaryň basmaçylaryň eline düşmeginden, onuň soňra gyzyl esgerleriň özlerine tarap öwürmeklerinden diýseň gorkulýardy. Seýrekde bolsa, şeýle ýagdaýlaram söweşler mahalynda bolupdy. Daşhowuz töwereginde gyzyl komandir Ýarawoýdyr Plinskiý dagy hut duşmana öz ellerinden aldyran pulemýotlarynyň gazabyna duçar bolupdylar. Bu ýagdaý soňra gyzyllara diýseň puşman edip, sapak edinmeklerine sebäp bolupdy. Şonuň üçinem her ýörişiň öňüsyrasynda komandirler pulemýotçylara: “Pulemýoty welin kyn ýagdaýa düşseňiz-de, her ediň, hesip ediň, elden beräýmäň, alaçsyz galan wagtyňyzda onuň oklaryny, gerekli şaýlaryny ýok etmäge, ýygşyrmaga çalşyň!” diýip sargardylar. Pulemýotlaryň uruşlarda esasy ýeňiş ýaragy bolup durýanlygy nygtalýardy. Komandir at üstünde oturan ýerinden boýnundan asan serke jaňyna çalym berip duran dürbüsini gözüne tutup, onuň bilen ýene bir salym gözýetimi nazaryndan geçirip, töweregi synlady. Şonda ol uzakdaky pälwan ýagyrnysyny ýatladyp oturan depeleri, olaryň kemerinde selçeň peýda bolup ugran pisse tokaýlygynyň bir gyrasyny gördi. Otrýadyň Bathyza gelip inenligi belli boldy. Komandir soňam dürbüsini raýkomyň jogapkär wekili hökmünde özi bilen at başyny deňläp duran Çary Permana uzatdy. – Çary, dogrudanam, göçüň yzyndan-a ýetipdiris indi. Ilerki öwrüm ýasap göterilen tozanam şolaryňky bolmaly. Nähili, milleti raýyndan gaýtarmak üçin wekil iberip, olara ýene bir gezek töwella-tagsyr etsekmikäk!?– diýibem, oňa maslahat saldy. Töweregi dürbüläp duran Çarynyň gepi nagt boldy: – Aý, indi töwella-tagsyr wagty geçdimikän diýýän, komandir! Depäniň üstüne ýaňyrak at debsiläp çykan Annamyrat Potra komandirdir Çarynyň gepiniň bir garasyny eşitse-de, olaryň gürrüňlerine goşulmaga howlukmady. O-da dürbüsi bilen töweregini dürbüläp, komandirlerçe ýeriň, wagtyň hasabyny alyp durdy. – Onsoňam aslynda olary indi yzyna gaýtarmak bir gerekmikän? Türkmen-ä: “Geçenden geç!” diýýändir –diýip, Çary öňki pikirini nytamak bilen sözüni ýene-de öňki hörpünde, kejeleşýän äheňde dowam etdi. – Gaýtaryp getirseňem, Sowet-de basmaçy bolşup, olar bilen gan-da-pyçak bolşup gidişip ýören ýene-de özüňsiň-dä!? Galyberse-de, men-ä şeýle hasap edýärin, töwella-tagsyryň wagty bireýýäm duşdan geçirildi. Çaknyşyklar başlanyp, eýýäm ganam döküldi. Olar Konstantinowyň eskadronyny çym-pytyrak edipdirler. Eşitdiň-ä özüňem ýolda näme bolanyny onuň gaçyp sypan esgerlerinden. Duşmana höre-köşe etmäge hakymyz ýokdur, ýoldaş komandir! – Ar ýoluna düşen Çary Permanyň gepi talaply bolşy ýaly-da howur-ýalynlydy. Şu gürrüňden soň komandir Stepanowyň Çary Permanyň aýdanlaryny mamla tapanlygy belli boldy. Otrýad komandiriň yzy bilen ala güpürdi bolup, öňe okduryldy. Komandir otrýady göçüň kastyna atardy. Göçi görüp, uly alada galan adamlarynyň ýene birisi, uly Tejen otrýadynyň bölüm komandirleriniň biri Annamyrat Potra boldy. Ol otrýadda hut dünýä proletariatynyň serdary W.I.Lenini diňlän, aklaryň Sowet hökümetine howp salan wagty Kronştat pitnesini basyp ýatyrmaga gatnaşyp hyzmat görkezen, ilkinji “Gyzyl Baýdak” ordenini hut serdaryň öz elinden alan hökmünde tanalýardy. Haçanda Annamyrat uly göçüň Tejen aýagyndan göterilip, alys ýola ugranlygyny eşiden mahaly, çöl içinde agasy Agdarhanyň hem maşgalasy bilen barlygyny bilýänligi üçin: – Ha, olaryň arasynda biziňkiler bir ýok bolaýbilseler ýagşydyr? –diýip, ýoluň juda hatarly boljakdygyny ýatlap howpurganypdy. Göçüň yzyndan gitjek kowguda islese-islemese-de, özüniň hem boljagyny pikir edip, şonda göçüň kastyny ediljek harby hereketleriň ol öz agasyna ýarag götermek boljagyny hem pikir edipdi. Ýöne bu ýagdaý şonda onuň üçin syr bolup uzak galmady. Annamyrat Potra Tejen otrýady gyssagly göterilip, kowgy bolup gidende şäherde ýokdy. Ol öz adamlary bilen çölde başga bir basmaçy toparyny aňtap, tabşyrykda gezip ýördi. Tejen otrýady mümkin bolan güýçlerini toplap, kowgy gidensoň, ony-da şol gidenleriň üstüni ýetirmek maksady bilen ýörite ol ýerden çagyryp alypdylar. Annamyrat Potra öz adamlary bilen gyssagly ýol şaýyny tutup durka onuň ýanyna ýörite bu işlere hökümet-partiýa tarapyndan gözegçilik edýän raýispolkomyň başlygy gelipdi. Göçde oňa agasynyň hem barlygyny aýdyp: – Annamyrat, bolmasa sen bu gezek sapardan galaýsaň nädýä!? Gaýgysyza aýtsak, ýagdaýa düşüner! – diýip, ony özüçe synaga salyp görüpdi. Elbetde, bu buýruk hökmünde kabul edilmeli söz däldi. Muňa Annamyradam bada-bat düşündi. Raýispolkom başlygy bu sözi aýtmak bilen, onuň taryna kakyp görýärdi. Onuň Sowete bolan wepadarlygyny güman astyna alýardy. Bu gepden soň Annamyrat diňe bir agasynyň göç bilen barýanlygyna däl, bu ýagdaýyň özüni synaga salýanlygyna hem gowy düşündi. Ol: – Men gitmesem bolmaz, ýoldaş raýispolkom başlygy! – diýip, soňam ol atynyň jylawyny gaýtaryp, atlanmak bilen bolupdy. Annamyradyň agasy Agdarhan Potra hem bolşewigiň gysyşlarydyr Taňrydyr din-imany ret edýän syýasatyndan elheder alyp, çöle çykan müňlerçe türkmen maşgalalarynyň birisidi. Birnäçe ýyl ozal onuň agasyny çölden maşgalasy bilen oba dolap getirmäge eden synanyşygy başa barmandy. Agdarhan inisine ýüz bermändi. – Meniň seniň ýaly öz ilini çapyp, onuň din-imanyny depgiläp ýören inim ýok – diýip, kes-kelläm onuň niýetlän kömeginden ýüz öwrüpdi. Annamyrat otrýadyň yzyndan ýola çykansoň, ol öz mähriban adamlaryna ýarag çekmeli boljagyny ýatlap, ýol boýy ýaýdanyp gitdi. Agasydyr ene ornunda özüni bakyp bejeren ýeňňesini, olaryň özi bilen bir öýde ösüp-ulalan çagalarynyň güler ýüzlerini göz öňüne getirip haýpygelijilik bilen ýatlady. Bala-çagalarynyň bähbidini arap, pikirinde agasy bilen ýene-de öwran-öwran dikleşdi. –Agdarhan, aklyňa aýlan, şu wagtam bir pille! –Men seniň ýalynyň akylyna mätäç däl! –Sen özüň bilen bala-çagalaryňam jähenneme alyp barýaň, ahbetin! –Ony Alla bilýändir. Maňlaýa näme ýazylan bolsa, ondan gaçyp gutulmak ýokdur. Muňa seretmezden, Annamyrat henizem duşuşyp bolsa, agasy bilen belli bir derejede düşünişip bolar, ony bir ýol bilen raýyndan gaýtaryp bolar diýip tama ýedýärdi. Tama inçejigem bolsa, ol häzir belli bir derejede Annamyradyň aladaly kalbyna teselli berýärdi. Stepanow göçi derekläp, iki gün çölde ondan-oňa gözleg salyp ygan-da bolsa, otrýada henizem göçden oňly derek tapmak başartmandy. Tejen otrýadynyň baş komandiri Stepanowyň özi-de şu toprakda önüp-ösen rus adamlarynyň biridi. Biraz çalgyrdrak diýmeseň, ol türkmen dilini-de hiç neneňsi bilmeýärdi. Maşgalalary ýaşlykdan ýerli milletiň adamlary bilen gatnaşykda bolany üçin ol halkyň ýagdaýyny-da gowy bilýärdi. Şonuň üçinmi nämemi, ol nirede bolsa-da, bu yklymyň adamlaryny özüne ýakyn saýyp, mümkin boldugyndan, olaryň hal-ýagdaýyna düşünmäge, bähbidini aramaga çalyşýardy. Tejenlilerem ol barada gürrüň edenlerinde “Saşa –öz orsumyz” diýşip, ony özlerine golaý dostana saýyp, beýlekilerden tapawutlandyrýardylar. Onuň mümkin bolan her ýerde öz arkalaryny aljaklygyna ynanýardylar. Häzirem ol Annamyrat ýaly göçüň yzyndan ýetip, ony zeleliň ýaryndan gaýtmagam bir peýda edip, gepleşip-sözleşip, gerekli dil tapyşyp, yza dolap bolar diýip, tama edýän az sanly adamaryň biridi. Gelşiksiz ýagdaýa galan Annamyradyň hem häzir hut şu özüniňkä meňzeş pikirdeligini çen edýärdi. Oňa bu kynçylykdan abraý bilen baş alyp çykmaga nehili-de bolsa bir ýol bilen kömek edesi gelýärdi. Komandir Stepanow bu göçde Annamyrat Potranyň agasy Agdarhan Potranyň barlygyndan, onuň hem il öňüne düşen ekabyrlaryň hem biridiginden öňden habarlydy. Birki ýyllykda Annamyrat agrama leňňer berip, Tejene gelende Gaýgysyzdyr Paskupskiý ýaly döwlet adamlary bilen gepleşip, Tejen aýagyna gidip, agasyny gaçyp çykan ýerinden dolap getirmegiň ugruna çykandygyndan, ýöne bu synanyşygyň başa barman, doganlaryň öňküleri ýaly ýene-de düşünişip bilmändiklerinden hem habarlydy. Bu işiň adaty töwella-tagsyra hezil bermejegi-de belli bolupdy. Annamyrat Potra hut Leniniň elinden orden alan, onuň minnetdarlygyna mynasyp bolan, rewolýusiýanyň janköýer esgeri hökmünde hyzmatlary göz öňünde tutulyp, her halda nazara alynýan adamdy. Stepanow hem ol Daşhowuzdan Tejene öz otrýadynyň ýetnesi edilip geçirileni bäri her meselede onuň bilen maslahatlaşaýanyny kem görmeýärdi. Häzirem ol göçüň yzyndan ýetäýende-de, Annamyrat öz yzlaryndan gelip ýetýänçä juda zerurlygy bolmasa, Çary Permanyň döwtalapdygyna seretmän, söweşe girmekçi däldi. Onuňky düşnükli, Bäpbäni kowup ýetip, aryny ýerine salmakçydy. Häzir Çary Permanyň bürgüt nazary göçi agtaryp, alysa seredýärdi, onuň tegelenibräk duran, ýaňy joýalanyp gasyn düşüp ugran ýüzi biynjalyk hem çytykdy. Ol bajysyny ata basyp, çöle çykanyny puşmanly ýatlap, häli-şindi özi bilmezden ar sowudyna çolanýardy. Sowetleriň maksat-pygyl bilen ýakan synpy çaknyşygynyň ody eýýam türkmen iliniň üstüne hem aždarha agzyndan çykan ot bolup çabrapdy. Iň ýamany-da onuň öňünden sowulmak mümkin däldi. Onuň bilen soňuny saýman, näme bolsam bolaýyn diýip, dikleşmekden başga alaç galmandy. Tejen otrýady yzdan ýeten Annamyrat Potranyň atlylary bilen öz üstüni ýetirensoň, birleşen güýçler göçüň bir tarapyndan barýançalar, atlary gyssap, ýene bir salym çöl söküp gitmeli boldular. Otrýad şol barmana-da daş-töwereklerine gözegçilerini ataryp, Konstantinowyň basan gapanyny ikilenç basmazlyk üçin, indi hüşgärligi elden bermän, seresap hereket etmäge çalyşýardy. ...Yzdan gelmegine garaşylýan kowgy özüne uzak garaşdyrmady. Dolak serdar ýeňiş bilen göçüň yzyndan ýetensoň, ýaňy olja düşen ýaraglary, eýer-atlary ýigitlerine paýlap, güýjüni artdyryp durka, töwerekde goýlan gözegçileriň biri atyny ýüzin salyp gelip, gyssagly habar getirdi. Bolşewigiň “el-hal” diýip, ýetip gelýänligi belli boldy. Ol şundan soň öňki Annaguly hanyň ýanyna gitmek, oňa öz töwereginiň ýagdaýyny, habaryny berip, tutulan ýesiri onuň bilen gorduryp, göç arasyna aralaşan zannyganymy tapmak niýetinden häli-häzir el çekmeli boldy. Karapetow: “Araňyzda Sowetiň adamsy bar” diýeli bäri, ýogsam onuň şol adamy diýseň göresi, has takygy onuň hem kellesini Konstantinowyň kellesini çapyşy ýaly, çapasy gelýärdi. Nädibem bolsa, indi ony tiz tapyp, haşal otuň ekin arasyndan sogrulyp aýrylyşy ýaly, aýrylyp taşlanmagy zerurdy. Emma kowgyň öňüniň görleni eşidilensoň, ol özüniň näçe islese-de, häzir bu ýerden gidip bilmejegine gözi ýetirdi. Ilkinji Gyzyl Goşunyň uly urgusyny ýene-de Dolak serdaryň topary gaýtarmaly boldy. Tiz dolandym diýilse, öldürilen gyzyl esgerleriň ýaraglaryny, oklaryny toplajak bolnup, olaryň eýesiz galan, jylawyny süýreşip ýören atlaryny tutmak üçin, şol ýerde esli eglenmeli bolnupdy. Indi dönüp söweşmekden başga alaç galmandy. Göç goragy otrýady göçe ýetirmän, giň meýdanda garşy alarman boldy. Dolak serdaryň atlylary Gyzyl Goşunyň aňyrdan gylyç syryp geljek atlylary bilen darkaş gurmaga taýynlandylar. Emma uruş garaşylmadyk ýagdaýa eýe boldy. Otrýad garşydaşlaryny görenden atlardan düşüp, pulemýotlary öňe sürşüp, “Kör hasasyny bir aldyr” edip, bada-bat ýerli-ýerden göçüň üstüne ot açyp ugrady. Bu ýagdaý Dolak serdaryň ýigitleriniň hem dessine atdan düşüp, atyşyga başlamaga mejbur etdi. Aňyrdan aýak aldygyna atylýan tapgyr-tapgyr oklar şundan soň esli wagtlap, Dolak serdaryň adamlaryna ýerden baş götermäge-de mümkinçilik bermediler. Emma Dolak serdaryň adamlarynyň arasynda-da tüpeňi juda türgen atýan mergenler bardy. Esgerler kellesini görkezdigi olar ony dessine patyladyp, agdaryp alýardylar. Has-da mergenler bukup ýatan ýerlerinden indi pulemýotyň ot açýan ýerini ünsde saklap, ok atýardylar. Şol atylýan oklaryň biri birazdan ikinji pulemýotyň atyjysy Sapkowy ýaralap hatardan çykardy. Ýöne pulemýot uzak dymmady, Sapkow aşak buky ýere ýarasyny saramaga alnyp gidilensoň, şol golaýda göçüň yzyndan mauzerden iki-ýeke ok atyp ýatan Çary Perman pulemýot başyna geçdi. Dolak serdaryň adamlarynyň üstüne paýradyp, oky indi ol ýagdyryp ugrady. Pulemýotyň öňünde durup bilmän, göç goragynyň iki-ýekeden yza çekilýänini gören Çary Perman: “Sowetiň garşysyna ok atmagyň nämedigini görkezerin siziň gözüňize” diýip, kanagat tapma bilen has ekezlenbuýsançly hümürdedi. Iki pulemýot iki ýerden sakawlap saýrap ugransoň, tizden göç goragyna hem bu hüjümleriň öňünde uzak saklanyp bilmejegi belli boldy. Dolak serdar adamlary bilen sep berşip, assa-ýuwaşdan yza çekilmäge başlady. Komandir Stepanow muny görüp, otrýadyň çozuşly aýgytly herekete geçmegine wagtyň gelenligine, göç goragyny şu aljyraňňylykdan aýňalmanka alyp ýatmalydygyna düşündi. Ol bukuda ýatan ýerinden towsup turup: –Otrýad-d, atlan! –diýip, buýruk berdi-de, özi-de şundan soň tiz bukuda duran atyny getirdip, oňa atlandy. Tejen otrýady badyna gum böwedi böwsen sil suwy bolup, göçüň yzyndan eňterildi. At aýaklarynyň güpürdisine, “urra” gygyryşyp, öňe atylyşyp barýan esgerleriň badyhowa, göçgünli sesleri bilen goşulyşyp, Bathyz degresine sarsgyn berdi. Kömek soralyp habar edilensoň, Dolak serdara kömege ilki Bäpbe öz atlylary bilen gelip ýetişdi. Özi-de ol garaşylýan ýerden däl-de, Marydan gelmeli garaşylýan goşun bölümleriniň geler diýlip, çen edilýän tarapyndan peýda boldy. Gelşine-de sürä niýetini dikip, ylgar eden möjek ýaly, kürsäp otrýadyň içine girdi. Bäpbäniň eňişip gelýän atlylarynyň gelşine atan oklarynyň birnäçesi atyň ýalyny gujakladyp, olaryň badyny aldy. Komandiriň atyna ok degip, ol üstünde oturany atyp urarly bolup, haýkyryp çarpaýasyna göterildi. At eňterilip üstüne gaýdar öýden komandir köpügörenligini edip, şu pursatda çalasyn hereket etdi-de, aýaklaryny üzeňňiden sypdyryp, özüni atdan gapdala oklady. Turup-turmanam, buýruk berip, pulemýotlary işletmegiň ugruna çykdy. Komandirden uzakda bolmadyk Çary Perman onuň atdan ýykylanyny görüp: “Oh” diýdi-de, atynyň başyny öwrüp, oňa kömege howlukdy. Şol gelşine-de Bäpbe dagyň tarapyna sapançasyndan yzly yzyna ok atdy. Komandiriň turup gelýänini görüp, oňa göwünlik berdi: – Özüň aman bolsaň bolýar, ýoldaş komandir, at tapylar. Komandiriň ýagdaýyna çen urujylyk bilen gürledi: – Duşmana kömek ýetişdi. Tiz pulemýotlary olara tarap öwürmeli. Sen ýene Sankoň pulemýotynyň ýanyna ýet! Garaňky gatlyşyp barýar. Saýlap atmak kyn bolar, seresap boluň! Çary Perman: – Duşmany tanamagyň bir alajy bolar, telpeklisini atybermeli bor – diýip, beletlik bilen gepläp gidip barşyna buýrugyň ýerine ýetiriljegine komandiri ynandyrmaga çalyşdy. Emma näçe islense-de, atlylar bir uzaklaşyp, bir golaýlaşyp, gaçyşyp-kowuşyp söweşýän mahalynda “Ýalňyşyp, özümiziňkini seräýmäli!” diýen gorky bar bolany üçin, pulemýotlar şundan soň gerimini alyp işläp bilmediler. Bäpbäniň tüweleý ýaly bolup gelen topary komandire islese-de wagty bilen ähli güýji birikdirip, hüjüm etmäge mümkinçilik bermedi. Bu wagta çenli eýýäm Gün batyp, töwerek hem ümürleýän ýaly bolup, Bathyzyň tüýnüginden gije dökülip, töweregi kem-kemden salgym-sudura öwrülip, özüne döndürip ýitirip ugrapdy. Tebigatyň bu görýän gabahatlyklarynyň öňüni almak isläne meňzäp, iki duşmanyň arasyna gijäniň gara perdesini erjellik bilen çekýärdi. Dolak serdaryň adamlary şol barmana öz ok-däri meseleriniň aňyrsynyň ýoklugy üçin, bolanyndan barjasy bilen olary aýawly ulanyp peýdalanmaga çalyşýardylar. “Ha, şu Sowetiňki ýaly hasapsyz okumyz, türgen ýaraglarymyz dagy bolan bolsady, onda bularyň bada-bat tepbedini okasa bolardy” diýip, ahmyr edýänlerem bardy. Garşylyklaýyn oklaryň selçeň atylmagyna seretmezden, belli bir derejede, munuň özi söweşiň badyny aldy. Muňa seretmezden, ýöne oňa-da wagtal-wagtal çöli pulemýot okuna tutup gelýän güýjüň öňünde durmak barha kynlaşýardy. Gijäniň düşmegi bilen dünýäniň howpy artýardy. Belki, Annamyrat Potranyň topary kowgy bolup gelşine güýç jemläp, täzeden çozuş edäýse, Dolak serdaryň barha selçeňleýän güýji onuň öňünde durup bilmese-de bilmezdi. Ýöne näme üçindir sag ganatdan öz adamlary bilen hereket edýän Annamyrat hüjüme howlukmaýardy. Şol barmana-da yzdan mahal-mahal kelepatara ok ýagdyryp gelýän pulemýotyň Dolak serdar hem ýaralan adamlarynyň biri boldy. Duşmanyň iki oky onuň bilguşagynyň tirsek boýy ýokarsyndan, bir-biriniň golaýyndan degipdiler. Agyr agyry bada ony haldan düşürip, aňyny aldawa salyp ugrapdy. – Onuň iň soňky aýdany: Ýetd-ow, bu kapyr meniňem yzymdan! – diýen ahmyrly söz boldy. Onuň eýýäm köýneginiň, balagynyň ýokary etegini gan ezipdi, ol esli kölçerip garalybam durdy, sermeläp onuň halyndan habar alan adamlaryň gollaryna gan ýokupdy. Dolak serdary adamlar ýazgyn donuň arasynda salyp, bu ýerden tizräk ara açmak üçin, howlukmaç göterip ugran mahaly hamala tenine batan gülleleri gaçyrjak bolýan ýaly, ol bir leňňer alyp silkindi. Bu onuň ykbalyň öz üstüne küşgüren gabahatlyklarynyň garşysyna iň soňky görkezen garşylygy boldy. Adamlar göçüň yzyndan ýeten mahallary Aýy serdar adyny alan Dolak serdar donuň üstünde gara ört bolup, dem-düýtsüz ýatyrdy. Bäpbäniň ýetişip kömege gelmegi otrýadyň güýjüni bölüp, Dolak serdaryň güýjüne aýny wagtynda edilen delalat bolupdy. Üstesine-de, garaňkynyňam gatlyşyp ugramagy otrýadyň öňünden çykan, döw-belalaryň boýugan howply gowak bolup, «Ýene bir bela duşaýmaýyn?” diýdirip, howatyrlanyp, otrýadyň badyny aldy. Otrýadyň Bäpbäniň topary bilen garpyşan bölegi olar yza çekilen wagty kowup alarly görünseler-de, howatyrly gijäň içinde ýat basyp, Konstantinowyň eskadronynyň gününe düşäýmäýin diýdirenligi belli boldy. Otrýad okgunly hüjümi amatly wagta goýdy. * * * Gije ýalazy meýdanyň süňňi ýene-de biraz sowady. Gündizlerine petiş yssylar bolup, gurak howa henizem dowam edýärdi we bu ýagdaýyň entekler oňly üýtgemän, şu halynda dowam etjekligi pikir edilýärdi. Bu döwür eýýäm on-on iki gün bäri güýzüňem saralyp, sozulyp, çytylyp depesiniň gamaşarly bolup, öz haky-halynda talap bildirip, assa-ýuwaşdan dünýäni eýemsirenip ugran günleridi. Eşşi han düýn bu ýerde gele-gelmäne Ahmet ýaly ýer-ýurda belet adamlary iki-üç adamdan ybarat toparlara baş edip, olary serhet eteklerinden göç gözlemäge atarypdy. Indem şondan bäri-de tamada bolup, olaryň buşluk habaryny alyp gelerine garaşýardy. Ol göçe kömek bermek üçin, öz toparlaryny diňe şundan soň millet serhede golaýlaşyberensoň, işe girizmekçidi. Göçi Hydyr gören ýaly garşylamagyň niýetindedi. Eşşiniň çakyna görä, göçem indi öz maýdalyna ýörände-de eýýäm serhede golaýlap gelýän bolmalydy. Göçüň märekesi agyr bolsa-da, bu ýoly aňyrsy bir hepde, sekiz günüň içinde geçjegi, Annaguly hanyň hüşgärlik bilen ýol kesip gelýänligi tama edilýärdi. Ol ýagdaýyň hut şeýledigine hem ynanýardy. Eşşi dädesiniň il garamatyny her ýeten adamyň gerdenine mynasyp görmejegini bilýärdi. Göçüň Tejen aýagyndan göterilip gaýdanynyň habaryny ol heniz ýola düşmänkä, Kepderhanda eşidipdi. Ondan bärigem eýýäm ýedi-sekiz gün dagan geçip ýördi. Indi göç şu gün bolmasa, ertede bir ýerlerden gara beräýmelidi. Serhet töwereginiň habaryny almaga giden toparlaryň adamlary uzakly gije çölde möjek bolup sebsäp, göçe gözleg salyp gezipdiler. Sapara gidenler şol gidişlerini Güni ýagşy dogrup, günortanyň öň ýanlarynda, öňli soňlurak yzlaryna dolanyp gelşip ugradylar. Ilki gelenler bäri-bärde göçüň ýoklugyny habar berensoňlar, Eşşi han: “Belki, bular bir hoş habar getir” diýip, Ahmediň toparyny ýatlap tamada boldy. Töwerekdäki uly depeleriň biriniň üstüne adam çykaryp, ýol gözletdi. Ahmet dagy dolanyp gelende, goşda ýas-ýaňy el ýuwdurylyp, orta saçak atylyp, günortan nahary beriljek bolup durdy. Adamlaryň köpüsi bähbit araşyp, suwuň golaýragynda bolmak islegi bilen çeşme ulgamynyň töwereginde, onda-mundarak toplum bolşup otyrdylar. Olaryň onda-munda atlaryny suwlap, iýmläp, olary ýola taýynlamagyň aladasynda bolşup ýörenleri-de bardy. Iki bir-üç bir bolşup, baýyr ýüzlerinde selçeň biten pisse agaçlarynyň töwereginde aýlanyşyp, pisse ýygyp ýörenler-de bardy. Iki-üç ýerde gazylyp oňarylan ojaklaryň üstünde, ýöriş mahaly ýana alynýan mis gazanlarda lygyrdap çekdirme gaýnap durdy. Gazanlardan ýakymly nahar ysy burugsap göterilýärdi. Olaryň hersiniň töwereginde iki-üç adam ony göterip, muny goýşup, nahar aladasy bilen gowadaklaşyp ýördüler. Hemmeler nahar-şor bilen bagly ýakymly pursady başdan geçirýärdiler. Eşşi han öz töweregi bilen arkadaky baýyrdan çykyn bolup, öňe uzan depelenip, seleňläp oturan, töwerege gözegçilik etmek üçin amatly ýerde ýerleşipdi. Handyr mollanyň oturjak ýeri düşek bilen birsydyrgyn, at basryklanan ýaly edilip basyrylyp düşelipdir. Ýeňseräge iki sany kiçeňräk pendi keçeleri hem atylyp, hasam yhlas berlipdir. Ahmetdir Gulmet hanyň toparynyň beýleräginde atdan düşüp, jylawy üçünji birleriniň eline tutduransoňlar, hana habarlaryny bermek üçin, onuň huzuryna geldiler. Ahmet hem öz topary bilen at başyny çekmän, gije çölde näçe çawjasa-da, göçden derek tapyp bilmändi. Eşşi hanyňam şu pursada çenli sapara gidenleriň bolmanda birden-biri hoş habar getirjekligi barada inçejik tamasy bardy. Ahmet öz habarynyň Eşşi handyr onuň töweregini kanagatlandyrmajagyny bilse-de, ýagdaýy olam bolşy-bolşy ýaly oňa ýetirmeli boldy. Eşşi han öz göwnüne teselli hökmünde Annaguly hanyň duşaýanda hem aňsat ýaga eýgertmejegine, gyrlyşmaly bolaýanda-da ili alyp çykjagyna dädesiniň ynanyşy ýaly ynanýardy. Göç arasyna Sowetleriň ezberlik bilen, ýat goşup, şonuň üsti bilen aldawa salyp, göçi çölde ters aýlap ýörmeginden bolsa entek Eşşi han habarsyzdy. Eşşiniň gapdalynda her düşlenen ýerde onuň bilen tabakdaş bolýan, toýa gelen ýaly egni geýnüwli, garma donuň aşagyndan kamys ak köýnek, kellesine gelen ýurduna görä owgançalap selle oran Çeke molla tesbi sanan bolup, gürrüňe goşulman diýen ýaly, göz astyndan nazary bilen gelenleriň habaryny alyp, dünýä doňuz diňini salyp, näme pikir edýänligini duýdurmak islemeýän ýaly bolup, düňleribräk otyrdy. Ahmet hanyň öňünde gören-ýeşidenlerini ýatlap, ýagdaýy mälim edip durka, soňky günler onuň gapdalynda kölegesi bolup gezen Gulmedem onuň aýdanlaryny özüçe tassyklap, baş atyp durdy. Haçanda ol öz getiren habarlarynyň oturanlaryň ýüzlerinde nägilelik alamatyny döredenini gören wagty bolsa ol kejikdi. Wagtal-wagtal sakgalyny gysymlap, ony silkip, bady bilen goparyp alarly göründi. Şonuň üçinem soňra mollanyň boldumly ýüzüni sypap, ynanmazlyk bilen beren soragy onuň diýseň gaharyny getirdi. Onuň bu gep äheňinde gidenleriň göç gözläp gezendiklerini şübhe astyna alýan, ýumşa gidenleriň mertebesini peseldýän hörp bardy. – Onsoň siz Guşgynyň töwereginem gowuja gözden geçirdiňizmi? Mollanyň bu içi güjükli gepinden soň Ahmetdir Gulmediň ikisem ogurlykda tutulan ýaly, özlerini oňaýsyz duýdular. Bu gyşyk gepe peltesine ot degip, Gulmediň özi Ahmede derek molla öjügip, gaýtargy hökmünde özüniň han huzurynda duranyny hem unudyp, serden çykyp jogap berdi. – Molla gardaş, ýeri saňa näme diýeýin. Seniňkem şol “Giden getir, oturan nyrh sorar” diýenleri bolýa-da… Guşgynyň nirdediginem bilýän dälsiň weli, soramaly diýilse, senem bir zat diýip goýberýäň! Näme sen biziň indi gidip gözleg salyp gelenimize-de müňkürlik etjek bolýarmyň? Eşşi han bu meseläniň öz gapdalyndan öwrülip, iki adamyň arasyndaky ýaňka-ýaňka öwrülip barýanyny görüp, hanlarça ähmiýetli ardynyp, tutaşyp ugran bu bimesrep gürrüňiň öňüni aldy. – Daýy, siz alys ýoldan ýadap-ýorlup gelensiňiz, baryň-da indi ýuwnup-ardynyň, iýip-içiň! Nahar ýetişdi indi, ony garaşdyrmalyň! – diýdi. Bu jedelleşip ugranlaryň ikisine-de wagtynda aýdylan nagt gep boldy. Ahmet bilen Gulmet atlarynyň jylawandan tutuşyp, gapdallary bilen ýöredip, çeşme ýabyň boýuna inip barýarkalar nahar-şor taýynlaşyp duranlaryň gapdalyndan geçdiler. Olar gazanlaryň töwereginde hyzmatda bolup, gollaryny çermeşip duranlaryň biraz beýlesinden geçen mahallary gapdalda bir dag goçunyň kellesiniň talawly şahlary bilen ýer süsüp ýatanyny gördüler. Jyzyrdap bişip duran şaranyň ýakymly ysy jülgäni doldurypdy. Ol adamlaryň bu lezzet barada “Şunuň bir bölegini agza salaýsadyň...” diýip, islegli agzyny suwardyp gultundyrýardy. Ahmet bilen Gulmet hem onuň gapdalyndan gultunyp geçdiler. Nahar iýlip otyrka henizem Gulmediň han ýanynda bolan gürrüňiň täsirinden oňly çykyp bilmän, jynynyň atlanyp dyzanyp duranlygy belli boldy. Ol agzyny şapbyldadyp nahar iýip, eliniň şiresini mahal-mahal dyzyna süpürip oturyşyna ýene-de molladan nägile boldy: –Munuň ýaly hatarly ýumşa git diýseň, özüniň-ä gidesi ýok. Gidäýende-de ol korly adamyň başaran goşy bolmaz. Bular ýalakylar-a sadagasy gitdigim Gurhanyň dört-bäş süresini ýat bekläp, soňam şony iliň öňünde sanap, hondan bärsi bolup, akyl sat-diý, ine, ony başar bular. Biz göçe duşan bolsak, heý, olary jana-jana diýip, begenip yzymyza düşürip gaýtmaýarysmy, eýsem!? Bilguşagyny çözüp, ok ýaragyny elýeterinde goýup, nahar iýip oturan Ahmet geplemsek bolmadyk ýoldaşynyň eýýäm ýatdan çykyşyp ugran hälki gürrüňe täzeden dolanyp gelmeginden özüçe many çykardy. “Bularyň molla bilen ozaldan bir-birlerine hyrşy bar bolsa gerek?” diýip oýlandy. Gulmet: – Munuň bilen bir çolarak ýerde duşup, taşlaşyp almasam bolmaz – diýip, oňa gaýybana haýbat atdy… Gulmet her gezek şeýdip, öz-özünden beleň alyp, tutaşyp ugranda Ahmet oňa: “Naharyňy iýsene! Bol, soň bizem, özümize il ýaly, iki-üç çöpi çatyp, kölege edineli. Gün bolsa gyzyp ugrapdyr, bir zada dulanmasak, ol bize hezil bermez – diýip, göwnübirlik bilen, oňa teselli bermäge çalyşdy. Ahmet dagyň dört-bäş ädimliginde garynlary doýan bäş-alty adamyň, işsizlikden bir-birlerine degip, bimesrep gürleşip, ýeriň giňinde ala gowur bolşup otyrdylar. Töweregiň ünsi häzir mykraz-müçenegi bilen, hor ýüzüne juda bir gelşip-de barmaýan, uçlary towalyp, jaýtaryp duran murtly, gür ösen bulaşyk sakgaly haşal ot ýaly boldan bitip, kükregine ýaplanyp, desselenip ýatan Öre atly ala gözleri baranda-gelen bolup duran adamda jemlenipdi. Onuň häzirki pursatda giňişlik döwrüne mahsus arkaýynlyk bilen özüne timar berip oturyşyny henekleýärdiler. – Il ne günde, sen ne günde, Öre jan! – Bir gözel gelniň hyzmatynda durjak ýaly bezenýär özün-ä zaňňar. – Gyzyl-çyzyla bolýan däldir-how… – Bu gürrüň şu ýere ýetende Öre süýtden doýan taýçanak ýaly töweregine gözläp, nähilidir bir gowy zady küýlenýänini mälim edip, hezil tapmak bilen, joşgunly ýalmanyp dillendi. – Bolduňyz meniň başyma ýüzüni ýerden götermeýän asylzada kişiler. Gyzyl-çyzyla siziň özüňiz bir bolýaňyzmy aslyýetinde!? Şolaryň töwereginden siziňem sähelçe daşlaşarlygyňyz bar. Eýlesine-beýlesini ýatlap, gaýybana guwanyp, sagrylaryny sypalaýan ýeke menmikäm, eýsem!? – Ylla seň ýal-a dälmikäk diýýän? – diýip, oturan saryýagyz adam hamala öz aýby aýdylan ýaly biraz uýalyp aýtdy. – Göç bilen mahy-tabanyň gelýäne döndüň öz-ä – diýip, özbek ýigitlerine meňzäp duran, gözleri gyýtagrak ýigidem söz gatdy. – Mahy-tabanym gelýän bolsa, nä bilýän? Bu söz töwerekde oňa bolan gyzyklanmany hasam artdyrdy. – O nähili seniň mahy-tabanyň gelýärmiş? – Şu göçde gelýärmi? – Eý, seniň Owganda heleýiň bar ýalydy-la? –Birim bar, bu gelýänim bolsa ýene birim. Başdaşym – bagry badaşanym gelýär – diýip, ol buýsanç bilen gözlerini ýeserlik bilen güldürip, töweregini has-da geň galdyrdy. Öräniň zenanlar baradaky süýjüdip aýdan gepi onuň töwereginiň hem bir salym bolsa-da, pikir-höweslerinde aýal-gyzly kölleri boýlamaklary-da sebäp boldy. Indi telim bir günden bäri zenan dünýäsinden aýralykda bolup, olaryň gadyryny gün geçdigiçe has ýiti duýup ýören adamlara Öräniň gepi ody ölçerme boldy. Şundan soň olaryň göç gelensoň, Öräniň hesam hezil etjegini ýatlaşyp, özleriçe bar-ýok adamyň özlerinden bagtyýar çykmagyna gözleri gitdi. Indi Gün asmana göterildigiçe, dünýäniň süňňüniň gyzgynlyk howry artyp, töwerek gurgançylykly güýz günleriniň birine öwrülmek bilendi. Daňdanlar Guşgy degresiniň ýokarsynda peýda bolan çala öwrenjäniň soýan malynyň serlen derisine meňzäp, gerlip duran asmanyň asty bilen ýeri galtap, ösüp ugran säher şemaly henizem eda-erada bilen öwsüp durdy. Töwerege belli bir derejede ýaltalaç imi-salalyk aralaşypdy. Öräniň hemmeleriniň derdini gozgan göçde gelýän natuwan keýwanysy baradaky buýsançly gürrüňi entegem dowam etse ederdi. Emma şol barmana asmanyň bir ýerlerinden gyzyl arynyň, soňra goýun-guzynyň yzzyldysyny ýatladyp peýda bolan nätanyş bir ses hemmeleriň böwrüni diňledip, ünsüni özüne çekdi. Adamlar onuň näme bolup biljekligi bilen gyzyklanyşyp: “Bu näme boldugyka?” diýşip, bilesigelijilik bilen asmana gözleşdiler. Del ses özüne köp garaşdyrmady we ol şundan soň tiz dünýäni sarsdyryp, uçup gelýän aýeroplana öwrüldi. Adamlar ilki görenlerinde ony käte Owgan asmanynda göze ilýän iňlis aýeroplanymyka diýip pikir etdiler. Ýöne ol eger iňlis aýeroplany bolsa, görünse arka tarapdan bir ýerlerden görünmelidi. Ol bolsa galgap Guşgy tarapdan uçup gelýärdi. Onuň bolsa Sowetiň aýeroplanydygyna şübhe ýokdy. Şeýdibem, ol “Ýatanyň üstüne turan gelmesin” diýleni bolup, adamlary bir alasarmyk ýagdaýa saldy. Adamlaryň arasynda Sowet aýeroplanlaryny öňem azda-kände görenleri bar-da bolsa, ýöne onuň häzir beýdip, tarlap depeden üstüne atylyp gelmesi görlen zat däldi. Sowet aýeroplanlarynyň ýakyndan bäri şeýdip, käte serhet ýaka Owgan ýerleriniňem üstünde uçup geçäýmesi, aňtaw-gözegçilik işlerini geçiräýmesi bardy. Ahmet welin henize çenli ýeke gezegem onuň bilen beýle ýakyndan gabatlaşyp görmändi. Adamlar ony görüp, osal ýerde üstlerini aldyran ýaly, diýseň oňaýyzdan aljyraňňy ýagdaýa düşdüler. Al asmandan ähli zady eliň aýasyndaky ýaly, aýyl-saýyl görünýänliginden habarsyz adamlar şundan soň töweregindäki amatdyr öýden, gabat gelen ýerlerde bukulyşyp, oňa görünmezlige çalyşdylar. Ahmet bilen ýene her ýerden, her ýerden iki-üç adam hamala şeýle ýagdaýda nähili hereket etmelidigini Eşşi bilen maslahat etmek islän ýaly çawjaşyp, oňa tarap ylgadylar. Beýlekilerem bada-bat nähili hereket etjeklerini bilmän kösenendiler. Eli bäşatarly Ahmet Eşşi dagyň oturan ýeri bilen aralykdaky gerşe ylgap göterilen mahaly hanyň goşy tarapdan yzly-yzyna iki gezek aýeroplana tarap tüpeň atyldy. Aňyrdan öz sesini kowalap gelýän aýeroplan bolsa, indi eýýäm uçup, ala tarryldy bolup, goşunyň jülgä pytrap oturan ýerine golaýlap gelipdi. Tizdenem Eşşi han dagynyň asmany tüpeňläp, başa has uly belany satyn alanlygy belli boldy. Ok atylansoň, aýeroplan topara öjükdi. Ol şundan soň paýradyp depeden jülgäni pulemýot okuna tutup başlady. Adam bary girere deşik gözläp elewreşip, indi ondan-oňa şeýle bir gidýändir weli, hemmeler ýakadan güýçli gol tutup silkelän ýaly, duran-duran ýerinde elem-efdat bolaýdy. Ahmet hasanaklap, Eşşi han dagy bilen aralykdaky depäniň üstüne çykanda aýeroplandan atylan okuň birki sanysy onuň hem gulagynyň duşundan şuwlap geçdi-de eplikde-ýaplyk bolup, Ahmediň yzy bilen gelýän kimdir birini ýaralady. Ol ýeňsede aýagyndan alnan ýaly bolup, tarpyldap, ýüzin ýykyldy. Ahmet ilki uçup gelýän aýeroplany gören mahaly haýygyp, onuň gazabyndan sowulmak üçin gaçybatalga gözlärli bolsa-da, ýöne indi gaçara wagtyň ýoklugyny tiz göz ýetirdi. Ol derrew özüni ele aldy. Hyrçyny dişläp, aýeroplana öjükdi. Hatda ol ýakyn gelen aýeroplanyň gap böwründe ot bolup çabrap duran bäşburç gyzyl ýyldyzy, içinde iki adamyň oturanynda sähelçe görmäge-de ýetişdi. Olaryň biri aýeroplany sürse, beýlekisi büküdip, aýak aldygyna milleti pulemýot okuna tutýardy. Ahmet hem hanyň göreldesini eýerip, ilki başda aýeroplany oka tutýan az sanly adamlaryň biri boldy. Çogly Günüň altyn şöhleleri düşüp, aýeroplanyň burun tarapynyň çowlanan ýeri bolsa häzir töweregine ýalkym salyp altyn-kümüş deýin bolup ýalpyldap öwşün atýardy. Ahmet gerşiň üstünde dyzanyp duran ýerinden aýeroplany oka tutup, ýaragyndaky bäş okunyň bäşisinem oňa atyp gutardy. Şundan soň töwerekde uçaryň yzyndan tüpeňleýänleriň sany barha artdy. Boldy bir güpürdi. Ine, şu ýerde-de garaşylmadyk bir ýagdaý boldy. Ahmetden uzaklaşmanka aýeroplanyň ilki sesi üýtgedi, soňam ol bir sag ganatyna, bir sol ganatyna eňňit atyp çaýkanyp, özüne bir döw çalanlygyny duýdurdy. Gonalga gözläp peýleýäne meňzedi. Bu ýagdaý töwerekde dessine uly şowhun döretdi. Adamlar ýerli-ýerden: “Oňa meniň okum degdi-de, meniňki degdi” bolşup, bu edermenligiň özlerine degişlidigini nygtaşyp gygyryşyp ugradylar. Hatda olaryň içinde aýeroplany özüniň urup ýykanyna ynandyrjak bolup: “Özüňiz bilýäňiz-ä, dädeňleň oky boş geçýärmi? Göni aýnasyndan çenäp atdym welin degäýdi” diýşip, has joşgun alşyp ugranlar-da tapyldy. Boldy bir göçgünlilik, boldy bir hezillik. Olar başganyň däl-de öz atan okunyň aýeroplana jaýdar degendigine ynanypdylar. Şol arada yzrakda hut öz atan okunyň aýeroplana degendigini nygtap, okunyň yzyndan gözläp duran boldumly ýüzli Mätegiň ünsi ýeňsede milletiň bolşuny agras syn astyna alyp duran hana düşdi. Köpügören zaňňar şundan soň nämäniň nämeligine, aýeroplana degse, kimiň okunyň degmelidigine bada-bat aň etdi. Ol ýeňsä han tarapa öwrülip: –Aýeroplana han aganyň atan oky degdi. Ony han aga asmandan patyladyp atyp aldy... Han aga... –diýip, ýagdaýy duran ýerinde aýlap, beýleligine öwürdi. Bada-bat adamlaryň hanyň ýanynda özlerini nähili alyp barmalydygklary ýatlaryna düşdi. Şundan soň olaryň hemmesi hanyň duran ýerine tarap öwrülişip: “Han aganyň oky degdi-de, han aganyň oky degdi” diýşip, ýerli-ýerden ony mübärekläp şowhunly seslendiler. Şunuň ýaly ýagdaýda aýeroplana kimiň okunyň degmelidigi hemmelere düşnükli boldy. Ahmet hem özüniň hemeläri edip, aýeroplanyň yzyndan atan oklarynyň biriniň oňa degenini çen eden-de bolsa: “Meniň okum degdi” diýşip, beleň alşyp gygyryşýanlara goşulmaga howlukmady. Oňa Ahmetde mümkinçiligem bolmady. Aýeroplan gapdalyndan geçenine mähetdel ol dessine, ýakynda ýaraly urnup ýatan ýoldaşyna kömege howlukdy. Ony ýeňsesine öwrüp, amatlyrak ýere çekip, ýüz-gözüniň çaň tozanyny süpürişdirdi. Eşşi han henizem şol duran ýerinde aýeroplany tüpeňlän bäşatarynyň ortam bilinden tutup, düşnüksiz nazar bilen adamalaryň öz töwereginde agyp-dönüp duruşlaryny synlap durdy. Onuň bu durşy adamlaryň sarpa tutup, aýdýan gutlaglaryny agras salyhatlylyk bilen kabul edýäne meňzeýärdi. Emma han aýeroplana kimiň okunyň degenligini eýýäm anyk edipdi. Eşşi han toparbaşylaryň birki sanysynyň adyny tutup, olary aýeroplanyň yzyndan kowgy ýollansoň, ýene-de töwerekdäki som-saýak bolşup duran adamlara tarap gözledi. Nazary bilen gözläp köpçüligiň arasyndan öz gereklän adamsyny tapansoň, onuň ýanyna bardybam: “Gör, sen mähili ekeniň!” diýen manyda ony dikanlap synlady: –Aýeroplana, ine, şu garyndaşyň oky degdi – diýdi. Soňam ol–Seniňem oňa ikinji atan okuw degdi –diýip, öz sözüni has anyklady. Eşşi han şu duran ýerinden aýeroplan peýda bolanyndan soňky hemme zady görüpdi. Kimseleriň gaçalga gözläp elewräp, urnup ýörşüni, kimseleriň onuň okuna gabat gelip, orlup ýere ýykylyşyny, hemmesini görüpdi. Has-da garşysyndaky depede Ahmediň hiç zatdan gaýpynman dik duran ýerinde dyzanyp, aýeroplany tüpeňleýşi onuň maňzyna batypdy. Şeýle garadan gaýtmaz adamlarynyň öz töwereginde barlygyna serdarlarça buýsanypdy. Ahmet garyşyk pikirler bilen Eşşi hanyň mertebesini kabul etdi. Han onuň üstaşyry aýeroplanyň giden tarapyna gözläp ýene dillendi. Töwerekde näden nä bolarkan diýşip duran adamlar Ahmede nazar dikende hanyň agras ýüzüniň biraz-da bolsa açylyşýanyny görüp, onuň ýakymly bir zat barada gürlejegini çen etdiler. Bu pursat adamlarda şemal öwsüp, bulut bürän asmanyň aşak etegi ýokaryk çekilip, Günüň dogar ýeri agaryp ugrandaky ýaly tamaly pikir döretdi. Eşşi han soňundanam öz gapdalyndaky mauzerini guşagyndan gaby bilen ýazdyryp aldy-da, ony mertebeläp, Ahmede uzatdy: – Ine, bu-da häli-häzir-ä saňa berip biljek serpaýym! Bu duýdansyz ýüze çykan meseläni Eşşiniň hanlarça çözen çözgüdi boldy. * * * Bu günem giçden soň howanyň üýtgäp, ýagarly bolup niýetini bozup, süňňüni gataldýan ýagynsyz günleriň biridi. Gün her gün gijöýläne sanansoň, asmanda bar bolan bölek-büçek bulutlaryň ýüzünde ýuwkajyk çalymtyl perde ýorka bolup peýda bolardy. Bulutlar asmanda kimdir biriniň üstüni duýdansyzlykda basmak üçin barýan ýaly bolşup, ýuwaşdan ähtibarly hereket edişip, bir-birleri bilen guýruktutdy oýnaşyp gezerdiler. Annaguly han şol gaýdyşdan “Guýy” dawasynyň dörän ýerine kör garaňkyny ýagta düşürip geldi. Gyzyl esgerleň eýelän guýusy iki sany ýaňy uly suwdan tutulyp getirilip, bir-birleriniň golaýyna atylan läheň kit balygyny ýatladyp ýatan baýyr depeleriniň çatalba bolup duran ýerinde ýerleşen eken. Aý aýdyň bolansoň, ol esli aralykdan salgym atyp görnübem dur. Guýynyň beýle ýanynda bäş-on sany at Aý ýagtysyna arkalaryny sypaladyp, toplum tutuşyp durdular. Bu bolsa guýynyň töweregini ýaplanyşyp ýatanlaryň beýle köp däldiginden, pulemýoty dagy bolmadyk bolanlygynda olary ýüzügra derbi-dagyn edip, alyp ýatmagyň kyn däldigini görkezýärdi. Ýöne bar belanyň körügi wagtal-wagtal sakawlap, Magşar keliň adamlary bilen ýatan tarapyna ot sowrup ýatan pulemýotdady. Annaguly han öňünden çykan Magşar keli diňläp, dikanlap, töweregi synlap duransoň, bu ýerdäki ýagdaýa belli bir derejede göz ýetirdi. Ýagdaý häzir töweregi öwrenmegi, nireden, nähili hüjüm edilmelidigini anyklamaklygy talap edýärdi. Annaguly han guýyny eýelän duşmany az ýitgi bilen duýdansyz baryp, onuň ahmallygyna güýdüşip, hüjüme geçip, güpbasdy edesi gelýärdi. Munuň üçin bolsa nähilidir bir emel tapmak gerekdi. Ýogsam soňuny saýman duşman üstüne göni barylsa, toparyň pulemýota tutulyp, erbet gyrylaýmak howpy bardy. Ýöne adam zaýaçylygynyň boljagyna seredilmän, duşmanyň kastyna ýerli-ýerden hereket edilip, baglama ediläýse-de kem bolmaýjak ýaly bolubam görünýärdi. Gijäniň bolsa, henizem Aýyň çalymtyk gara ýapynjasyny başyna bürenip, şol syr bolup, dişini ysyp oturyşydy. Annaguly handyr Taban zabunyň nähili ýol bilen guýyny duşmandan halas etmek ýoluny saýlap almanda ikirjeklenýänlerini görüp, olaryň ýeňse ýaňynda ýagdaýa çen urup, pikir öwrüp duran Ýowşan gara, maslahatçy hökmünde özüni görkezmegiň ýeri geldi hasap edip, atyny debsiledi-de, Taban zabunyň gapdalyndan çykdy. Içinden, öz ýanyndan birden duýdansyzdan tizlik bilen atly çozulsa, pulemýoty aňsat alyp ýatyp boljagyny pikir edýän-de bolsa, bulara pulemýotdan elheder alýanlygyny mälim edip, özüne sala salynmasa-da, howlugýandan bolup, maslahat berijilikli dillendi: – Ol ýerde pylmut bar, üstüne göni barylmasa gowy! – Men nä, pylmudy şu gün görmelimi? – diýip, Tagan zabun soralmazdan onuň ara sokulmagyny halaman çytyldy. Şeýle-de bolsa Tagan zabun bu gepiň tiz diňe özi üçin aýdylmandygyna düşündi. Annaguly hanyň ýüzüne sala salyjykly gözledi. Han jogabyna köp garaşdyrmady. Häzir guýyny tizräk gyzyl esgerleriň elinden almak islegi onuň kalbynda ot-ýalyn bolup möwç urýardy. Bu joşgun hemişe dolup-daşyp mesende bolşy ýaly, ýene-de onuň süňňüne güýç-gaýrat bolup guýlup, gadamyna bat berýärdi. Ol: – Atdan düşüp hereket etmek meselesini amatly görýän bir özümem däl ekenim – diýdi-de, Ýowşan garanyň bu maslahatyny göwnüne jaý edenini mälim edip, atdan ilki özi düşdi. Ol, dogrudanam, şu wagt muny duşmany köp pidasyz alyp ýatmagyň ýeke-täk ýoludyr öýdýärdi. Tagan zabunyň hanyň bu hereketini göwnüne jaýlap bilmän: “Türkmeniň atdan düşerligi ýokdur” diýip, bu pikiri göwnüne jaý edip bilmeýänini duýdurasy gelse-de, Annaguly han düşensoň, o-da gaýry gaýşyp durmady. Han ýaly bilniksizden hereket edip, guýynyň alkymandan duýdansyz çykyp boljagyna bil baglady. Annaguly han her gezek şeýdip, il bähbedini gaýrat bilen gaňryp almagyň ugruna çykanda, şeýle ynam-yhlasa öwrülip barýan adaty bolmadyk jadylaýjy bir duýguny başdan geçirýärdi. Şu pursatda ol şonda ne argynlyk-açlygyny, ne-de gorky-ürkini bilýärdi. Annaguly han töweregindäki topar ekabyrlaryna atdan düşüp, mümkin boldugyndan, awunyň kastyna çykan möjek ýaly, gerek bolanda aýak çekip, bukulyp, gerek ýerinde çakgandan hüşgär hereket etmegi tabşyryp, guýyny ele salmagyň ugruna çykdy. Özi-de şundan soň bir toplumuň öňüne düşdi. Şeýdibem, bukdaklaşyp, gyzyl esgerleriň garaşmaýandyr öýdülýän tarapyndan ylgaşlap barýan adamlar ýerli-ýerden duşmanyň pirim salyp ýeten ýerine barha golaýlaşyp ugradylar. Annaguly han indi duşmana duýdurman, dyrmaşyp barýan baýrynyň depesine bir ýetip bolsa, onsoň ol ýerden guýy aralygynyň juda uzak däldigini pikir edip, soň şol ýerden bada hüjüme geçip, olary alyp ýatyp boljagyna göwün ýüwürdýärdi. Duşman häli-häzire bir bölek adamyň ýeneki bir tarapdan el-hal – diýip, ýetip gelýändiginden habarsyzdy. Pulemýot okuna tutsa-da, ol garşylykly beýle tarapdan özi bilen iki-ýeke tüpeň atyp, daşdan kesekleşýän Magşar keliň adamlarynyň ýatan ýerini duşman okunýardy. Topar ýeriň pessi bilen duşmana barha golaýlaşýardy. Hatda indi asudaja şemalyň ýezgen ysy bilen bile ýokary göteren pulemýotyň atan ok-därileriniň ysy-da howada peýda bolup ugrapdy. Annaguly hanyň toparyna garşy heniz bolubam ok atylmaýanlygynyň sebäbi, bu ýentek gyzyl esgerleriň ýeňselerinden oňly habarynyň ýoklugynyň alamatydy. Topar gyssanýardy. Gizlinlik bilen bagly bu pursady, mümkin boldugyndan, sypdyrmaly däldi. Çöl bolsa dymýar. Baýyr depesine çykylansoň, onuň aňyrsyndan guýa tarap ýazgyn alyp gidýän iniş başlanýardy. Tagan zabun bir bölek adamsy bilen şol baýyr depesiniň aşak etegini syryp, Annaguly hanyň duşundan garama-gara barýardy Adamlar talap edilişi ýaly, onuň ýeňsesinden halka-halka bolşup gelýärdiler. Hemmeleriň guýy başyny saklap ýatan pulemýot bilen tizräk bellisini etmegiň pikirindedi. Annaguly hanyň: „Eňdik, oglanlar!” diýip, berjek buýrugyna howul-haralyk bilen garaşýardylar. Annaguly han yzarlap barýan baýrynyň üstüne ýetip bilse, aňyrlygyna, guýynyň onsoň aýak ýeterden uzakda däldigini pikir edýänligi üçin, diňe şondan soň şol ýerden duşman üstüne topulmakçydy. Emma topluma baýryň depesine doly göterilýänçe bilniksizligi saklamak başartmady. Duşmanyň ýeneki bir böleginiň üstünden baryldy öýtdürip, Tagan zabunyň toparynyň arkasynda bir ýerden tüpen atyldy. Munuň bolsa tizden “Ine, biz bärden barýas!” diýip, duşmana duýdyryş bolanlygy belli boldy. Topara baş bolup barýan serdarlaryň bu başbozaryň merkini beresleri gelse-de, ýöne dara-direlikde oňa wagt bolmady. Şundan soň beýläk atyp ýatan pulemýot bärsine öwrülip, Annaguly hanyň toparyny oka tutup başlady. Şeýdibem, bu orta ýolda belany başa satyn almak boldy. Iki taplaýyn atyşyklar başlandy. Bu wagt eýýäm Annaguly hanyňam topary, göz öňüne tutulan baýyr depesiniň üstüne ýetipdi. Hemme zat Annaguly hanyň niýet edişi ýaly, öz nobaty bilen barýardy. Ýöne Annaguly han islemese-de, şundan soň biraz wagtyndan öň aýgytly herekete geçmeli boldy. Ol bada-bat garşydan pulemýot atyp ugranda ýere ýazylan adamlary aýak üstüne göterdi. – Goçaklarym, meniň yzym bilen! – diýip, özi ilki atylyp, öňe okduryldy. Şundan soň onuň yzy sozan-guýruk, duşmanyň howuny basmak üçin gygyryşyp, öňe ok atyşyp barýan adam boldy. Şu pursatda ýeňiş hem hakykata öwrülip barýan ýaly bolup, gaty golaýda duýuldy. Hatda guýyny gorap ýatan esgerlerem ähli tarapdan eňişip gelýän munça adamy görüp, aljyraňňylyga düşüp, ýöwselläp yza çekilip ugranlygynyň hem salgymy görnüp ugrady. Emma Annaguly han duşmany alkymlap baran-da bolsa, guýa ýetmek oňa miýesser etmedi. Yzdan gapdaldan bir ýerlerden atylan ok gelip, onuň çep pilçesiniň eteginden sümüldi. Hanyň ýoluny kesdi. Okuň bimöçber otly agyrysy, ýyldyrym çaltlygynda onuň süňňüne ýaýrap, erkini elinden alyp ugrady. Geçip barýan gijäniň gara tümlügi, ýene-de yzyna dolanyp, onuň gözleriniň öňüne üýşene döndi. Mauzeri elinden gaçyp, aýak üstünde leňňer atyp, bir pursat duransoň, özüne erk edip bilmän, okuň gelen tarapyna –çep egnine sähelçe öwrülip, ahmyrly dillendi: – Wah, men bolmasam, halaýyk, indi sen näderkäň?! – diýip, diýmänem duran ýerinde towlanyp, şalkyldap ýüzin ýykyldy. Hanyň orlup ýykylanyny görüp, kömege ilki gelen onuň gapdaly bilen duşmanyň üstüne eňip barýanlaryň biri Geldimyrat gödek atly pälwan sypat gödeňsiz adam boldy. Geldimyrat gödek han ýaralanandyr öýdüp, gele-gelmäne onuň guma bulaşan ýüzüni ýerden göterip, kellesini alňasaklyk bilen öz dyzynyň üstünde goýdy. Hana öňden atylýan duşman okunyň däl-de, öz aralaryndan biriniň atan okunyň degenliginden entek ol habarsyzdy. Annaguly hana ýene bir ok degäýmesinden gorkup, ol duşman oky gelýän tarapa arkasyny öwrüp, hanyň üstüne gerlip, ony goraglamaga çalyşdy. Emma eýýäm giçdi. Iş-işden geçipdi. Annaguly hanyň şol aýdan gepi onuň iň soňky sözi boldy. Gelmyrat gödek hanyň dem-düýtsüzligini görübem, näderini bilmän çäresizlikden: – Bagtyň ýatandyr-la, türkmen – diýip, möňňürip aglabam goýberdi. Geldimyrat gödegiň hany gujaklap aglap oturanyna gözi düşen adamlaryň ýene ikisi bir bolmasy işiň bolanlygyny çen edişip, ýerli-ýerden oňa kömege howlukdylar. Howsala düşüşip, ýerli ýerden: “Hanmy-da, hanmy?” boluşdylar. – Wah, şol-da… – Jany barmy? – Boýnunyň ýüzüniň damaryny elläp gördüňmi? – Tebibe göteriliň! – diýşip, henizem hana delalat edip bolar diýen inçejik tama bilen, onuň gana boýalyp ugran göwresiniň töwereginde elewreşip durdular. – Tebibe galan zat ýok – diýip, Geldimyrat gödek çäresiz dillendi, Bir salymdan Magşar keldir Tagan zabun guýynyň alnanlygyny aýtmaga gelenlerinde Beldimyrat gödek töweregindäki adamlar bilen hany dona dolap, onuň jesedini atyň öňüne alyp durdy. Annaguly hanyň ölümi oňa bil baglap, yzyna düşüp gelýän halka diýseň agyr degdi. Ýüzler sallandy. Kalplary hesretdir näumylyk eýeledi. Adamlar: “Wah, näme üçin Annaguly hany, onuň deregine özümizi oda urşup, bela-beterden goramandyrys” diýşip, arman çekişip, dyzlaryny urdular. Annaguly hany millet şol gün Gün ýeňse agyberende, türkmençiligiň ähli kada-kanunlaryna laýyklykda, ýuwup-ardyp, köpene çolap, jynaza çykyp, gaýgy-hesrete gark bolup ýere berdi. Hanyň obadaşlary, garyndaşlary ony soň bir mümkinçilik bolanda Tejene äkidip, öz öwlüýälerinde jaýlamak niýeti bilen, bir belliräk depäniň ileri tarapynda jaýlatdylar. Häzirki elhal diýşip, göçi kowup gelýänler tapyp-bilip, onuň jesedini haraplamasyň diýibem, ähli yzlary ýitirmek üçin, şol ýeriň üstünden goýun sürülerini geçirip, mümkin boldugyndan, ony duşman gözünden gizlediler. Annaguly hana orta ýolda garma-gürmelikde duşman oky degendir öýdülse-de, onuň kimiň okunyň degenligi belli bolmadyk gümürtik halda wepat bolmagy, adamlary görmän-bilmän, gaplaň-şiriň üstünden baran ýaly howpurgandyryp, elheder aldyrdy. | |
|
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |