14:38 Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy | |
* * * Göç Owgan ýolunyň kynçylykly, howp-hatarlydygyny bilse-de, ýöne Annaguly han ýanlarynda bolsa, özleriniň sag-aman serhetden aşyp biljekdiklerine ynanýardylar. Annaguly hanyň pajygaly ölüminden soň göçüň aladasy-howsalasy indi hasam artdy. Göçüň gorpuň gyrasyna baranlygyndaky howply ýagdaýdadygy pikir edildi. Hany indi Annaguly han ýaly ederini bilýän, il öňüne düşüp, ýol kesip berjek dogumly, paýhasly serdary nireden tapjak? “Orta ýolda atyň durmasyn” diýlip gorkulýan ýagdaý boldy bu indi. Ýeri beýle boljagy asla kimiň ýadyna-küýüne düşüpdi diýsene!? “Öňüni görüp gelen barmy?” diýleni-dä. Wah, beýle boljagyny bilen bolsa il görgüli beýdip, sürlenip, sir-zöwran bolup, ýola gaýdarmydy nä eýsem!? Häzir hemmeleriň başynda şular ýaly bir-birinden howp-hatarly pikirler harasat bolup göterilip, tolkun bolup möwç urýardy. Şol bir wagtda hem göç indi kim Annaguly hanyň ýerini tutup, millete hossarlyk edip, ony serhetden aşyryp bilerkän diýen soragy öz-özüne berip, tutara belli ýaka tapman kösenýärdi. Kömek soralyp, Taňra, Muhammet pygamberdir onuň sahawalaryna, güýçli öwlüýälere özenilip sygnylýardy. Bu güýçli gudratlaryň bir ýol tapyp, özlerine hemaýat etjegine tama edilýärdi. Hasam göç arasynda keramatly Gurhany bagryna basyp, doga-dilegde bolup barýan adamlar munuň şeýle boljagyna ynanýardylar. Ýöne indi bu meseläni uzak ölçerip dökere wagt ýokdy. Yzdan gapdaldan bolsa eýýäm süriniň kastyna çykan gelegurt ordasy deý gyzyl esgerler ýaraglaryny besleşip, maksatlaryny bete dikişip ýetip gelýärdiler. Ýagdaý näme edilse-de, kim han göterilse-de, indi tiz-tizden etmegi talap edýärdi. Şeýle-de Annaguly hanyny aldyrsa-da, halkyň entek bu oýunda özüniň çykalgasyzdygyna, utulandygyna ynanasy gelmeýärdi. Adamlar aňyna gözleg salşyp, nädibem bolsa bir ýol bilen bu agyr ýagdaýdan baş alyp çykmagyň ýollaryny gözleýärdiler. “Indi nätmeli? Kim Annaguly hanyň ornuny tutup biler?” diýen tiz jogap talaply sowallar göçüň öňünde keserdi. Köpleriň pikiri bu meselede, esasanam, Annaguly hanyň maslahat salýan öňki töwereginden bolan iki adamda – Agdarhan Potra bilen Bäpbede saklandy. Agdarhan Potra Eziz hana nöker bolan, birneme görüm-görelde gören adamlaryň biri hökmünde tanalýardy. Emma ol baş bolup, serkerde däldi. Ol tebigaty sadarakdan, ýumşagrakdan gelen adamdy. Emma onuň Annaguly han ýaly garadan gaýtmaz bolup, il garamatyny boýnuna alyp, öňüne düşüp, ýol kesip biljegine köpler ynanmaýardylar. Halkyň ýene-de bir bil baglarly bolan adamsy Bäpbedi. Bäbpe batyrdy hem halka belli bir derejede düşnüksiz, galtamançylykda ýörkä, kimiň malyna, kimiň guýusyna dawa edip, onuň iliň içersine girip, talaň salan ýerleri-de bardy. Şonuň üçinem ony tanaýan adamlarda bu korly adamdan ýagşylyk çykjagyna ynanýan juda azdy. Ony bu wajyp işiň hötdesinden gelerden çig görýärdiler. Ýol boýy Annaguly han bilen egindeş bolup ýören Tagan zabunyňam ýaşulularyň özüne: “Batyr, indi sen öňe düş!” diýer diýen tamasy bardy. Hatda Öwez işan: “Musulman doganlar, Annaguly serdarymyzyň ýerine han göterilmeli bolsa, onuň bilen göçüň keşigini deň çekişip gelýän Tagan batyram bardyr!” diýip, ony ýatladyp, öňe sürse-de, hanlyga kim-de bolsa, öz bilip-görüp ýören tejenlilerinden birini seçip, şoňa ykballaryny ynanaslary gelýän halk işanyň gepine oňly gulak gabardasy gelmändi. “Hä, o-dama bar özüň-ä, ýöne ile öz belet ýakalaryndan biri öňe düşse, kem bolmaýjak ýaly“ diýip, Tagan zabunyň göçe baş bolmak meselesini sypaýçylyk bilen bir gapdala süýşürdiler. Adamlar häzirki wagtda han saýlamak meselesi göwün-kine döredip agzalalyga ertip, ýagdaýy öňküdenem beter bulaşdyrylmagyndan çekinýärdiler. Şonuň üçinem tejenli Nyşan işan maslahaty ynandyrjylykly, ylalaşykly alyp barmaga çalyşýardy. Hut düýnki günüň bu günküden daş gowy ekenligini Annaguly hanyň küýsegi bilen ýatlaýardy. Ol dogrusy häzirem bar ýaly bolubam durdy... Indi onuň ruhy “Hany, mensiz nädýäkäňiz?!” diýýän deýin hemmeleriň kalbynda maslahata aň salyp durdy. Onuň hatda şeýle ýagdaýda-hyýalda bolsa-da, bu maslahatyň bir tarapynda bolmagy, göçe kimem bolsa, onuň garamatyny egnine aljak adamyň tapyljagyna ynam döredýärdi. Emma maslahat uzaga çekse-de, mesele garaşylyşyndan başgaça çözüldi. Hanlykdan tamakindir öýdülen Bäpbe ady agzalyp, terezä salnyp-salynmanka, öz pikirini öňe sürdi: – Işan aga, bize baş bolup biljek häzir ýeke-täk adam bar, o-da Agdarhan Potra. Şolam düşsün öňe! Şundan soň beýleki maslahata gatnaşýanlarym: „Şol bolar-da, Potra öňe düşsüň!” diýşip, Bäpbäniň gepini ýerli-ýerden makulladylar. Maslahat şeýdibem Agdarhan Potranyň han göterilip, öňe salynmagy bilen gutardy. Işan şundan soň ellerini kükreginiň deňine göterip, şu pursatdan göçüň hanlygynyň Agdarhan Potra ynanylýanlygyny yglan edip, oňa Alladan güýç-gaýrat diläp, ak pata berdi. Tagan zabundyr Bäpbä hem Annaguly han bilen boluşlary ýaly, göçüň bähbidi üçin, täze göterilen han bilen hem hemaýat-maslahatda bolmaklygy maslahat berildi. Göç ýolda säginen ýaly edip, Allany çagyryp, ýene-de täzeden ýola düşdi. * * * Indi iki günden bäri, hasam ir ertir asmanyň ýagyn-saçyn bilen bagly bir hyýala münýänligi duýulýardy. Ýöne dünýä garalyp, hym baglaýan-da bolsa, garaşylan ýagyş soňam wagty bilen ýagybermedi. Hemişe şeýdip asman gögerip-garalyp, töwerek gozgalaň tapyberse, ýel-harasat öz-özünden tapylyp, yzymy bir suwlaýyn diýen ýaly, «Ýel yzy ýagyş” diýleni bolup, onuň ýagybermesi bardy. Ýöne welin ýere häzir bir damja hem damaýsa nädersiň!? Ýel-harasat tozan baryny turzup, bir salymdan ýene-de başdan sowlanam bolsa, dünýäniň welin henizem şol dymyp, düýrügip, garalyp durşudy. Dünýä tukatdan syrlydy. Ol dogurmagyň ugruna çykan toýly gelne meňzäp, dert-azar bolup, näçe çygylsa-da, ýöne dogrup bilmedi. Göç indi bir ýanyny günorta Tagtabazardyr Guşga, demirgazyk günbataryny Sarahs, Eýran serhetlerine sanyp oturan, töwerekdäki baýyr depeleriniň arasynda äpet gazan düýbüni ýatladyp, çowlanyp oturan Bathyz degresine dolupdy. Ýol argynlygy sebäpli, göç indi öňküsinden başly-baradrak hem haýalrak hereket edýärdi. Halky Tagan zabundyr Agdarhan Potra ikisi töwerekleriniň maslahatçylary bilen bileräk dolandyrýardylar. Özi-de bu ýagdaý islenilişi ýaly, Owgana aşylýança şeýdip parahat halda dowam etmelidi. Göç indi, esasynam, garaňkyny öňe alyp, gije ýöreýärdi. Muny şeýtmegi Agdarhana maslahat beren, esasanam, gije görünmän, ümsüm-kümsümräk ýöremek üçin amatly boljagyny aýdyp ynandyran onuň soňky döwürde maslahatçy hökmünde, özüne has ýakynlaşdyran adamlary—Myrat han bilen Gara ýowşan, Pirlek işan Magşar kel, Rah kämil dagy bolupdylar. Bularyň aýratyn saýlanyp eselibermegi, olary tanaýan öňki Annaguly hanyň töweregindäki adamlaryň birnäçesine o diýen ýarap-da barmaýardy. Elbetde, bu adamlaryň arasynda batyrlaram bardy, töwekgellerem, Ýowşan gara ýaly ökde mergenlerem. Onsoňam olaryň pikirlerini han diliniň geplemegi, edilýän hereketleriň dogry hem il bähbitlidigine güwä geçýärdi. Ýöne gije ýörelende, Aý aýdyň bolýanlygyna seretmezden, ýoluň önüşiniň ugry bolmaýardy. Ýol-ýodalar sahel salgym atyp görünýän bolsa-da, sen körüň bäri ýany halda bolup, aýagyň giden tarapyna yňdaryp däbeneklediberýärdi. Annaguly han bar mahaly, göçüň biraz ýazgynlygyny alyp ýöremegi üçin, esasan, iki uly toplum bolup barýan göçi ýene biraz ýörelensoň, ýazmaly diýlen bir pikir öňem bardy. Şeýdibem, Tejenden göterilip gaýdan göç Guşgynyň töwereginden serhetden aşmaly edilen bolsa, ýomut göçi ondan biraz günbatar-demirgazygrakdaky owgan gädik ady bilen belli ýerden geçmeli edilipdi. Munuň şeýle edilende halkyň serhetden aşmasyny aňsatlaşdyryp, tizleşdirip biljegi göz öňünde tutulypdy. Bu esasynam göç serhede bir günlük, ýarym günlük ýakynlaşanda edilmeli aýgytly hereketdi. Ýöne göç bu öwrede öz çak edişindenem has köp eglenene meňzedi. Elbetde, Bathyzyň aňrysy-bärisiniň golaý-goltumynda däldigi belli zat, ýöne ony şunça günlük ýoldur diýip, hiç kim pikir etmeýärdi. Näçe ýörelse-de, nämüçindir asla ol ýoluň geler ýerde yzy gelmeýärdi. Bathyza gelnenine üçünji gün diýlende bir düşlenen ýerde, agalaňlylar toparyndan bolan başy kürteli bir ýaş gelniň duýdansyz içini çekip, howpurganmadan ýaňa gözlerini tegeläp, ýakasyny tutup aýdan gepi dessine töweregiň ünsüni özüne çekdi. Bu ol gelniň: – Heý, weý, muny bir görüň-ä, biz ýene-de öňki düşläp öten ýerimize gaýdyp gelipdiris-ä – diýen gepi boldy. Gelniň ýaş zenan halyna ulyň-kiçiniň ýanynda demini hopugyp alyp, gepiniň hörpüni beýgeldip gepläbermegini halamadyk ilki beýleräkde düýesini çökerip, horjundan gerek-ýarak azyk ýenekisini alyp duran onuň adamsy boldy. Ol duran ýerinden aýalyna tarap öwrülip, nägile dillendi. – Öç, how! Sen ýeri näbilýäň, nobaty näbilýäň! Emma gelniň howsalaly gepi eýýäm töwerekden iki-üç adamyň ünsüni özüne çekipdi. Gelin ýene-de dalbynyp, ýaşmak çeýnäp durşuna golaýyndaky oral aýallaryň birine ýüzlenip: – Muhammediň enesi, şol iki deňemik depä bir serediň! Men olaryň meňzeşligine öňki gonanymyzda üns beripdim, ekiztaýy ýaly meňzeşje eken diýip, haýranam galypdym. Anha-da, ot ýakyp oturan ýerimiz, ýadyňyzda bolsa, gidenimizde onuň üstüne gum sürüp gömüpdik, ynanmasalar, barlap göräýsinler, şol ýeri kül-kesewi yzy galan bolmaly?! – diýip, ol öz sözüni hasam anyklap gürledi. Adamlaryň gyzyklanyp, ondan-da, mundan-da gelip hümerlenişýänlerini görüp, gelniň adamsy hem olaryň ýanyna geldi. Gelin adamsyna: – Seret, oglan, ugrajak wagtymyz seniň: “Tüsseläp durmasyn” diýip, otdan alyp, çägä süsdüren kesewi taýagyňam ýatyr-a ana! – diýip, oňa ýarysy guma gömlüp ýatan kesewini görkezdi. Ýigide ynanasy gelmese-de, gelin ynamly gürläp, öz gepini takyk mysallar bilen berkidensoň, göçüň esli wagtlap gijäniň içinde aldawa düşüp, şol bir ýerde aýlanyp duranlygy, näme üçin Ýeroýulanyň çäginiň gutarar ýerde gutarmaýanlygynyň sebäbi belli boldy. Adamlar aýaklary bilen dörjeläp görensoňlar, gelniň diýen ýerinden onuň aýdan üsti gömlen ot ýerinem tapdylar, aýal-gyzlar bolup, olaryň gatnan aýakýolunam. Şeýdibem, bu gelniň üşük-synçylygy diňe bir ýöremek aladasy bilen özge zada aň etmän barýan öz töwereginiň däl, ile baş bolup, ýol kesip barýan ekabyrlaryň hem gözüni açdy. Bu habary eşiden hem özleriniň indi iki günden bäri, haýsydyr bir emele düşüp, şol bir ençe menzillere uzalyp gidýän Bathyzyň ortasynda göbek bolup oturan depeleriň töwereginde aýlanyp ýörenligini bilen millet bolsa öz öňlerine düşüp, ýol kesip barýan adamlardan diýseň nägile boldular. “Wah, Annaguly serdar, seniň gadyryňy bilmändiris, seni goramandyrys” diýşip, onuň ornuny tutup biljek adamyň ýoklugyna ýene onuň ruhunyň öňünde ötünç soraşyp, dyzlaryna urşup, arman çekişip ahmyr etdiler. Ol bolanlygynda özleriniň beýle kyn güne düşmejeklerini, onuň halky ähli kynçylyklardan alyp çykyp biljek ýeke-täk serdar ekenligini ýatlaşyp örtendiler. Dessine bu ýagdaýy doly anyklamagyň ugruna çykan Bäpbe hem şonda şol töwerekdäki düýe örküjini ýatladyp oturan tanyş depeden çen alyp, özüniň mundan üç gün öň düşläp geçen ýerini tapdy. Içine zym gitdi. Ol soňam bu ýagdaýy Agdarhan bilen aýratynlykda saldarlaşyp gördi. Şol golaýda öz ot ýakyp oturan ýerinden tapan kesewisini oňa görkezdi. Şeýle-de bolsa onuň ahmallygyny aldyryp, utulanyny boýun alasy gelmeýärdi. Öňe täzeden ýolbeletler salnyp, ile gop berjek aýdylmaly sözler han tarapyndan aýdylsa, ýalňyşlygy düzetmäge henizem bir pilledigine özüni ynandyrmaga çalyşdy. Gelniň tötänleýin ünsi düşen bu ýadaýy, elbetde, köpleri üýşendirip oýlandyrdy. Munuň nähile beýle bolup biljegi köpleriň aňyna sygman, öz aralarynda goltugy ýylanly, halkyň kastyna çykan kimdir biriniň barlygy hakynda, pikir hasam eýmendirdi. Bu bolsa halkyň durmuşyň bu öwrüminde özüni utuşly hasap edip bilýän pursadynda, utulan ýaly diýseň agyr degdi. Şundan soň: «Ýeri, ol melgun kim bolup biler? Ol nädip köpüň içine aralaşdykan?” diýen soragy özüne berip, böwrüni diňleýänleriň sany hasam köpeldi. Agdarhan Potra Annaguly han ölüp, hanlyk öz eline geçenden soňky bolan, goýan zatlary ýatlap, bu gurrumsagyň yzyny ilki öz töwereginden gözlemelidigini pikir etdi. Şondan soň bary-ýogy göç öňüne düşen topar ýolbaşçylarynyň Annaguly hana öýkünilip, iki maslahaty bolupdy. Olaryň ikisi-de nädilende halka zor salman, ýoly tizräk, duşmana üsti basdyrylmanka ýöremek bilen bagly bolupdy. Duşmanyň bolsa eýýäm kiçiräk bölümleriniň yzdan, gapdaldan ýüz berip ugranlygy belli bolup ugrapdy. Şeýle-de bolsa duşmanyň esasy güýçleriniň entek iki-üç günlük yzdalygy, olar gyssanyp gaty ýöreseler-de, uçaýmasalar iki-üç günsüz göçüň yzyndan ýetmejekleri pikir edilýärdi. Agdarhan Potra bu jelagaýyň ýol-ýodasyna özi näbelet, olaryň nireden inip çykýanyny bilmese-de, ýolbeletleri öňe salyp, göçi ýene-de aňyrlygyna äkitdi. Millet şundan soň bezenip, beslenip toýa ugrap barýarka “Sen, dur!” diýlip, ýoldan alnyp galynyp, bady keş bolan ýaly, ýakymsyz duýgyny başdan geçirdi. Iň erbedi-de iliň bu ýagdaýa düşmegine kimiň günäkärligi anyk bolman, hemmeler garyşyk, müňkür pikirlere üsti basdyrypdyrlar. Göçüň ýolda gözi daňlan ýaly azaşyp, iki amatly güni ardurja ýitirmegi, şeýdibem duşman arany iki günlük ýygyrmaga mümkinçilik berlenligi, halkyň özlerine göz-gulak bolmaly serdardan göwünleriniň geçirip, ruhdan düşüp, lapykeç bolmaklaryna sebäp boldy. Olar hüşgärligiň elden berlenine puşman edip, onuň aňyrsyna çykyp bilmediler. Munuň özi ezberlik bilen halkyň aýagyndan alynma boldy. * * * Dolak serdaryň wepat bolmagynyň habary bilen ol ýerde ýesir alnan gyzyl komissar ikisi baş goşa bir wagtda geldi. Barybir soralyp-idelende komissaryň bu ýerde-de sakgalyndan saýlap, anyk eden zady bolmady. Ýöne ol göçe aralaşan ol içalyny ýüze çykarmakda özüniň gerek boljagyna Agdarhan Potradyr onuň töweregini ynandyryp, başyny alyp galmagy başardy. Bu ýagdaý Agdarhan Potranyň, göçüň ýolda azaşyp, wagt ýitirip kör ýaly şol bir ýerde iki günläp aýlanyp gezmegi bilen bagly, öz töweregindäkileriň käbirine bolan şübhesini şundan soň hasam artdyrdy. Haçanda Agdarhan Rotra göçde Sowetiň içalysynyň ýüze çykanyny aýdyp, Tagan zabun bilen bu barada ikiçäk pikir alşanda Tagan zabun gahary gelip, ar almak islegi bilen gazaplanyp, tüýsüni üýtgedip, dessine gylyç syrarly göründi. – Han, sen ol doňzy kimdir öýdýäň? Bir bolsa bir maňa ümlesene şony, garnyndan gapy açyp, bir içegesini boýnuna çolaýyn-la şonuň! –diýip, zabunlygyna tutdy. Agdarhan bolan-goýan, eşiden, bilen zatlaryny aňynda degşirip, dörüp görensoň, onuň şübhesi esasan iki adamda saklanypdy. Olaryň ilkinjisi Bäpbedi. Ol entek Tejen aýagynda ýaşap ýörke Bäpbe barada “Ol iki tarapdan işleýämiş, şonuň üçinem Sowetler niredeligini bilseler-de, onuň maşgalasyna azar bermeýämişler, dilleşiklimiş” diýen gümürtik gürrüňler eşidipdi. Eger şeýle bolsa Annaguly han ýaly adam ony görenden tanap, özüne ýoldaş edinmäýjegem ýaly welin... ...Ýöne munuň Bäpbäni il gözünden düşürmek üçin, Sowetiň öz ýaýradýan “myş-myşy bolmagy hem örän mümkindi. “Duşmanlaryny alyp ýatmak üçin olaryňam şol döwürde diýmeýän gepi ýokdy, gurmaýan duzagy?” diýip oýlanýardy. Agdarhanyň ikinji müňkür bolýany o-da Ýowşan garady. Nämüçindir ony hanyň görenden birhili jyny almandy. Ýowşan garanuň tumaklyja ýüzünde, küýli halynda nähilidir bir syrly pirim, ýaramazlyk gizlenýän ýaly görünýärdi. Galyberse-de, ol Ýowşan garanyň göç gozganmagynyň öňüsyrasynda ýomutlaryň arasynda, onda-da Jüneýit hanyň janköýeri bolup peýda bolmagyny eşidip, birhili ümürli görüpdi. Ýöne onuň Jüneýit hanyň ýanyna barýanlygyny ýatlap: “Bu Jüneýit ýaly adam bilen duşuşyp, onuň bilen bähbitli işleriň bir gapdalynda durup bilýän bolsa, bihal adam bolmaly däl, häzirem ol biz bilen Owgana Jüneýit hanyň ýüzüne göni seredip biljekdir-de barýandyr. Men gider ýoluny tükedip, günäsiz-dahylsyz adamlara müňkür bolýan bolmaýyn? Belki, men günäkäri “Göç başyny çekiň!” diýip, öňe salan adamlarymyň içinden gözlemelidirin? Ýeri, olardan kim bolup bilerkän, onda-da öz halkyňa nädip dözjek?” diýip, Agdarhan bu meselede öz hanlyk halyna aň salyp, häsiýetine görä sadadan, dözümsizlik bilen kelebiň ujuny gözlemege çalyşýardy. Göçüň şol bir menzilde, telim günläp döwek döwýän ýaly aýlanyp, azyşyp gezmegi, beýle ezberlik bilen göç başyna oýun salyp biljegiň kim bolup biljegi barada şondan soň indi hemmeler oýlanýardy. Adamlar indi ýoldaky bolan, goýan zatlary ýatlaşyp, olaryň käbirlerini bu ýagdaý bilen özleriçe baglanyşdyryp, ozalky oňly üns berilmän, duşdan geçirilen zatlara täzeden aň edişip, olarda has ýiti syn saklaşyp ugrapdylar. Agdarhan soňra şol Annaguly hanyň ölüminiň yzysüre Bäpbeden eşiden gürrüňini ýatlady. ...Isgender hem şol gezek Annaguly han guýyny duşmanyň eýelänini eşidip, atlanyp onuň bilen ýaga depenleriň biridi. Onuň elinde şonda soňky döwürde ýanyndan goýman göterýän, golaýda taýy münşe ýaransoň, garry baýtalçasyny berip, çalşyp alan ýapon bäşatary bardy. Ýorga baýtalçany çalşasy gelmedigem bolsa, häzirki atyşylyp-tutluşylyp ýörülen döwürde özüňi goramak üçin şeýle ýaragyň hökmanlygyny ýatlap, ol “Gerek deregi ýykar” edip, bu çalşygy etmeli bolupdy. Ýaragyň ýanyňda bolanda, onuň ýüregiňi suwluja edýänine göz ýetiren soň bolsa, gaýta ol özüniň bu eden söwdasyna begenmese gynanmandy. …Annaguly han duşmana duýdurman golaýrak baryp, şol ýerden soň guýyny saklap ýatan gyzyl esgerleriň üstüne aýgytly hüjüm etmek üçin, toparyň öňi bolup barýarka, Isgenderem onuň yzy bilen ýaýraw berip barýanlaryň biridi. Onuň bu göwne güman getiren ýagdaýam hut şol ýerde bolupdy. …Gijäniň içi indi agym-salgym-da, müňňüldidi. Topar mümkin bolan depedir sil köwen çukur jaýryklaryny boýlap geçip, barha öňdäki guýyny alkymlap, ol ýerdäki mahal-mahal sakawlap, garşylykly tarapa ok atýan pulemýotyň duýdansyz üstüni basmagyň ugruna çykypdy. Şu pursatda Aý hem asmandan guýynyň tizräk alynmagyny arzuwlaýana meňzäp, halys ünse berlip, ýokardan guýyny siňňin synlaýardy. Öňden barýan Annaguly hanyň galgap barýan salgymyny onuň yzy bolup eňip gelýän Isgender mese-mälim görýärdi. Birdenem han iki elinem birbada ýokary göterip, nämedir bir zadyň üstüne düýrmegi bilen zyňarly görnüp, kimdir birini görjek bolup, nazara alýan dek bir pursat aýak çekdi-de soňam aýagyndan alnan ýaly bolup, şol duran ýerinde ýüzin ýykyldy. Isgender näme bolanyny anyk bilmese-de, Annaguly hana bir zat bolanyny welin bildi. Şol demde ol hamala ýüregi bir zat syzan ýaly göwnüne güman gidip, hanyň ýaňky öwrülip, dikanlap gözlän tarapyna seretdi. Onuň Annaguly handan çenelip atylan bolmasyn diýip çaklan oky Tagan zabunyň yzy bilen hüjüme geçen adamlaryň arasyndan atylypdy. Şonda ol alagaraňkyda kimdir biriniň gapdala, Annaguly hanyň toparyna tarap gezän ýaragyny gyssagly yzyna ýygnap, soňam ol ýerden gaçýan ýaly ýerini üýtgedip, köpçüligiň içine urdurylyp gidenligini sähelçe görüp galypdy. Ýöne töwerek gyzgyn güllä gerňelip durka, bu dara-direlikde gümanyň anygyna ýetmek üçin, şol pursatda onuň yzyna düşmäge mümkinçilik bolmandy. Isgender şondan soň öz alagümanynyň hakykat bolup çykanlygyny, diňe guýy duşman elinden alnyp, ýitgiler tükellenen wagty bilip galypdy. Wepat bolanlaryň biri Annaguly handy. Isgender şonda-da bir, öz güman edýän zadyny aýtmaga çemelenipdi. Emma ol öz çenini aýtmak üçin, hanyň ölümi bilen pikir-aňlary halys gurşalan, onuň jesedini götermekçi bolşup duran janagyryly ekabyrlaryň käbiriniň ýanyna baranda, ony diňläsi gelen tapylmandy. Ol “Hany, göwnüme bolmasa, ýeňseden biri tüpeňledi...” diýip, söze başlasa-da, onuň gepi düşnüksiz hem ýerliksiz bolup, sakawyň sözüniň soňuny almagyň ýerine, bu gep gerekmejek wagty aýdylan samahullama hökmünde görlüpdi. Serdary aldyranlaryna jany ýanyp duranlaryň biriniň bolsa, onuň gepine jyny atlanyp, ýüzüniň bäş deşigini bir ýere birleşdirip: – Häzir bu ýerliksiz gepiň nämä geregi bar? – diýip, ondan nägile bolupdy. Boljak iş bolansoň, bular ýaly çaklama gepiň peýdasy ýok hasap edilipdi. Ýöne tizden Isgender özüniň bu şübhesini kimdir biri bilen bölüşmese, ynjalyp bilmejegine göz ýetirdi. Ol şondan bir gün soň, Bäpbe birtopar atly bilen golaýdan geçip barýarka, öz derdini aýdaýmaga gabyl adam hasap edip, onuň gapdalyndan çykypdy. – Bäpbe ýegen, aýak çek-de, meni bir diňle, saňa aýtmaly bir gep bar! Bäpbäniň ejesi öz obalarynyň gyzy bolansoň, Isgender hemişe oňa ýegen diýip ýüzlenerdi. Ol özüniň keseki däldigini ýene-de onuň ýadyna saldy. – Ol nämäniň gepi, daýy? –diýip, Bäpbe-de gyzyklanyp, şonda at başyny çekdi. – Ýegen, sen görensiň, ok Annaguly hanyň öň tarapyndan degipmi ýa ýeňsesinden bir ýerden? Bäpbe şonda onuň gepini, ukudan basyrganyp turanyňka meňzedip, ony hasam içgin synlapdy. – Men-ä ünsem bermändirin, daýy? – Hä, üns bermeli ekeniň. Sen şol gün onuň jesedini gujaklap oturanyň biridiň-ä! – Serdary öz elim bilen ýere berdim... Ýöne okuň nireden degenine welin ähmiýet bermändirin. Isgenler şundan soň oňa şol garma-gürmelikde kimdir biri hany gapdaldan atan ýaly bolup görnenini aýdyşdyrdy. Bu habary eşidip, otly köýnek geýen Bäpbe şonda: – Beýle habaryň bar eken, näme ony şol wagt aýtmadyň? –diýip, ondan diýseň nägile boldy. – Aýdamda, kim meni diňledi? – diýip, Isgender şol wagt aýtjak bolup synanyşyp, aýdyp bilmänligini aýtdy. Bu gürrüň soňra Bäpbäniň “Kimkä ol deýýus?” diýip, töweregine müňkürlik bilen sessiz ony gözläp ugrady. Ol aýrylyşanlarynda Isgendere: “Men muny hana-da ýetirin, sen, daýy, ýene-de näme ýadyňa düşse, maňa tiz ýetirgin, ýöne başgalara gep aýtmagyn” diýibem sargady. Isgender aýasy bilen agzyny gapaklap: “Men –balyk” diýip, ol gepi başga ýerde diline almajagyna, şeýle ýagdaýyň tersçili alyp ýatmak üçin hökmanlygyna düşünýänligine Bäpbäni ynandyrdy. Bäpbe-de muny salymyny bermän, Agdarhana ýetiripdi. Emma ol ikisi içalynyň kim bolup biläýjegi barada, bar bolan maglumatlary tasa getirip, näçe isleseler-de, olardan aýgyt alyp bilmändiler. Indi bu gün ýesir komissar hem göçde Sowetiň adamsynyň hereket edýänligi baradaky bu gümany ýene-de bir gezek nygtapdy. “Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda” diýilmänmi näme!? Şübhelenýänleriň bar bolanlygynda-da, anyk bir subutnamaň bolmasa, olaryň haýsy biriniň ýakasyndan tutjak? Ýüzüne bazladyp basara deliliň bolman, hany sen ýakadan tutubam bir gör, häzirki janlaryň ýangynly döwründe ol seniň bilen duran ýerinde näme bolsa bolşup, bellisini edäýmeýärmi? Töhmet sähel uçgun tapsa, partlajagy ikuçsuz däri dälmi näme, eýsem!? Adam gahar-gazaba berlip, aljyraňňylyga düşende hemişe köp ýalňyşýar. * * * Jany howp astyna düşen komissar ikinji gezek sykaja salnyp, sorag edilen wagty belli bir derejede töwerekdäki adamlaryň rehimdarlygyny gazanmak üçin, içaly barasynda öz bilýän zatlaryny ösdürmän aýtmaga çalşypdy. Şundan soň diňe bir göçde Sowetiň adamsynyň barlygy däl, göçüň iki gün çölde azaşyp gezip, wagt ýitirip, ýoldan galmagynyň sebäbi-de öz-özünden düşnükli bolupdy. Haçanda ol şol içalynyň yzyndan kowgy bolup gelýän Gyzyl Goşun bölümlerine göçüň giden ýoluny salgy bermek üçin atyny iltän bolup ýa-da ýene bir bahana bilen göçüň her düşläp oturan ýerinde gazyk kakyp, yzdan gelýänlere alamat galdyryp gidýän-de bolsa, bu maglumatlar ýiten kelep ujunyň tapylyp, onuň ýumagynyň täzeden çözlenip ugramagy bolupdy. Içalynyň yzarlanyp tapylmagyna ynam döräpdi. Şundan soň Agdarhan göçdäki içalyny “Her ýurduň awuny öz tazysy bilen awlarlar” edip, alyp ýatmak üçin komissary Göwdek atly daýaw ýigidiň öňüne saldy. – Elini arkasyna daň-da, sal şuny öňe. Sähel garşylyk, ýeneki görkezjek boldugam bergin şol ýerde merkini! Mundan başga han öz töweregindäki sala düşer adamlaryndan ýene bir aldawa düşmezlik üçin eserdeň bolmagy talap etdi. Ynamdar oglanlaryň iki-üç sanysyna bolsa göçde assyrynlyk bilen duşmany ýüze çykarmak üçin, aňtaw geçirmegi, ony güpbasdy edip, ele salmagy tabşyrdy. Göçüň başyndan inýän bela-beterler bolsa ýöne gitdigiçe köpelmese, azalarly däldi. * * * Al asmanda ganat ýaýyp uçup barýan aýeroplanyň urlup ýykylmagy diňe bir Eşşi handa däl, onuň töweregindäki adamlaryň hem hemmesinde diýseň buýsançly kanagatlanma duýgusyny döretdi. Ahmedi şundan soň adamlar ederini bilýän, kyn pursatda ýanyňda gerek adam hökmünde tanap ugrapdylar. Urlan aýeroplanyň yzyndan giden atlylar günortanyň öň ýanlarynda onuň üstündäki görlen iki adamy bendiläp alyp geldiler. Olaryň ikisi hem harby adam bolmaga çemeli, şol bir goňras matadan tikilen geýim geýipdir. Billeri hem bir egni üstaşyry aýlap goýberilen kemer bilen guşalan. Şonuň üçinem öz töwereklerindäki hopul-sopulrak geýnen adamlardan, dartgy-çekgä düşüp, ezenekleriniň agyp, birisiniň geýim tertibi bozulana seretmezden, olar töwerekdäki adamlardan ykjam we syrdam görünýärdiler. Ol bendileriň birisi hamala ýyl alty aý ýörite baka goýlan ýaly, deberdesden etli-ganly, otuz bäş-kyrk ýaş töweregindäki salpy murtly, gözleri gök, saryýagyz orus adamsydy. Ol gözler şeýle-de häzir ömri paýhynlan, älemden geçip barýan garry gaplaňyň gözleri ýaly gussaly hem biparhdy. Bendileriň ikinjisi welin onuň tersine, garaýagyzdan gelen eginlek, keltepaýçarak haýbatly adamdy. Ol has dogrusy „Bu orus-a däldir. Türkmeniň tüýlegräk garyndylylaryna çalym berýär“ diýdirýän bir adamdy. Soň görlüp oturylsa, bularyň ekabyrragam, düşen ýagdaýyndan has nägilesem şol eken. Ol geplän wagtam hamala dogumlydygyny görkezmek isleýän ýaly gözlerini elek-çelek etdirip gepleýärdi. Sorag mahaly seresaplylyk bilen gürlemäge, ýalňyşmazlyga çalyşýardy. Onuň dogumlysyran bolup, özüni nägileden minnetli alyp barşy adamlarda özlerini pulemýot okuna tutan hem şudur diýen pikir döredýärdi. Sorag soralan mahaly olaryň ikisem türkmençäni bilmeýän bolup çykdy. Ýöne olaryň ekabyrsyraýan gytyja murtlusy birazam bolsa parsy bilýän eken. Şonuň üçinem düşünişmek üçin işanyň bir özi diýen ýaly onuň bilen parsylaşmaly boldy. –Näme siz gaýry ýurduň depesinde uçup ýörsüňiz? Keseki ýurduň çägini bozmaga hakyňyz ýoklugyny, eýsem, siz bilmeýäňizmi? –Biz Sowet uçarmanlary. Keseki ýurduň ýerine geçenem bolsak, azaşyp geçendiris. –Azaşan bolsaňyz, onda näme bizi görüp, azaşanyňyza göz ýetireniňizden soňam, öwrülip gidibermegiň ýerine, gaýtam öjügip, bize ok ýagdyrdyňyz? Telimsini ýaraladyňyz. Hälem wagtynda ýigitler oka tutup, siziň merkiňizi beräýdi, ýogsam bolsa, siziň gaýgyryp goýjak adamyňyz ýokdy. –Biz sizi basmaçylarsyňyz öýdüpdiris. –Birinjiden, biz basmaçam bolsak, çet ýurduň çägindäki adamlary oka tutmaga hakyňyz barmy!? Galyberde-de, siziň üçin biz basmaçy bolaýan-da bolsak bolýandyrys, halkymyz üçin welin biz onuň üçin kelläni orta goýan är ogullary. Basýan, gyrýan bu ady götermeli bolsa-ha, onda onuň hak eýesi siz– Sowetler bolmaly. „Ogurlyk eden uýalmaz, üstüne gelen uýalar“ etmäge ussat-da aslynda sizler. Işan göýä kazy ýaly bularyň etmişlerini subutnamalaryň üsti bilen boýunlaryna goýmak isleýän ýaly, olaryň aýdan gepleriniň ýeňsesinden çalyp tutup, talap tutup gepleýärdi. Sorag edilip, gerek bolan käbir anyklanaýmaly zatlar anyklanansoň, Eşşi han bularyň gürrüňiniň munuň bilen gutarmajagyny, Sowetleriň gaýry döwletiň serhedini bozanlygy üçin özüni günäkär duýup, müýn çekmegiň ýerine gaýta ters dawa tutmagynyň ahmaldygy barada şonda şaýat subutnama bolmasa, olaryň: “Basmaçylar uçary Sowetiň soraýan ýerinde atyp alyp, soň aňryk äkidipdirler“ diýip, ters dawa tutmadan hem gaýtmajaklaryny pikir etdi. Şonuň üçinem Sowetiň nadaralygyny etdirmezlik üçin bularam, aýeroplanam erteki gün üçin gerekdi. aýeroplanyň owgan topragynyň ýokarsynda urlup ýykylmagy bu duşman heniz eden pohunyň üstünde balagyny çekmänkä tutulmagy bolupdy. Ýesirler hanyň buýrugy bilen suw içirilip, gyltyzrak naharlanylandan soň, adamlar ýerli-ýerine çekilişip, olary göz edip, ellerini arkalaryna baglap, şol depäniň üstünde galdyrdylar. Indi olar şol ýerde ýyl gurak gelen döwürleri ýagyş dilenip, Burkuda goýlan goýun-geçilere meňzeşip otyrdylar. Daşlary çolardylan-da bolsa ýesirler töweregiň esasy ünsüne öwrülipdiler. Adamlaryň arasynda ýesirleri şeýdip, Burkuda aýdylan geçä meňzedip, olaryň soňky ykbaly bilen gyzyklanyp pikir ýöredýänleri-de bardy. –Tar-tar edip uçanam bolýarlar-a enesi ýalamadyklar. Ana, uçsaň!–diýip, olaryň öldüren adamlaryny ýatlap, öjügip, gazabyna bäs gelip bilmän sögünýänler-de bardy. Dogrusy, handan çekinilmese, oturanaryň arasynda olary tüýt-müýt edäýjeklerem az däldi. Ahmediň töwereginiň adamlary hanyň oňa peşgeş beren mauzerini elden ele geçirip, höwes bilen synlap oturyşlaryna: –Bäh, özem iňlisiňki öýdýän? –Şolaryňkydyr. Owganyň näme berdankasyndan başga ýasap bilýän ýaragy barmy? Onda-da beýle gelşikliden gelen inçe iş. –Iňlisi, almany ýok, türklerem olar bilen biziň arkamyzy alyp, ellerinden gelenini etjeg-ä bolýarlar welin, ýöne Sowetlerem-ä aňsat hezil bererli däl. –Özlerem şol adamlar bilmezden, görmezden gaýry bir ýurtlardan gelip, arkamyzy çalyp, bize hossar çykýarlar. –Buhar eteginde bäş-alty ýyllykda bolan çaknyşyklarda görendirin, türkler dagy bular bilen ölenlerini, öçenlerini bilmän, gaty gazap uruşýarlar. –Krym zadam öň türkleriňki eken-ä. –Ona bilemok welin, ýöne rus bilen olaryň bir hyrşynyň barlyg-a duýulýar. Ok degip, wepat bolanlaryň halyna gynanmasyna hemmelerem gynandy welin, olaryň arasynda öz hüýi alyşýan obadaşynyň barlygyndanmy nämemi Gulmediň jan gynap, gynanyşy üýtgeşik boldy. Hatda ol merhumlar ýere berlende, özüniň telim bir ýyldan bäri ölümdir ganyň içinde gezip ýörenligine hem seretmezden: –Gör, bu bolşewikler bizi ne günlere saldy...–diýip, ahmyrly sojap aglabam goýberdi. Soňam wagty bilen oturyp-turup, janyna jaý tapmady. Şol barmana-da onuň haýsydyr bir hyýal atyna atlananlygy belli boldy. Ol ýesirleriň saklanýan ýerine gapdaldaky ýapynyň ýüzüne otlukly nazaryny aýlap alansoň, bir zat ýadyna düşen ýaly üýşenip küýlendi-de, bir hyýala münendigini mälim edip, gapdalrakda duran horjunyny ýanyna çekip alyp, onuň taýlarynyň hersine bir goluny sokup, nämedir bir zat gözläp ugrady. Soňundanam ol horjuny dörüp, boş çykan goly bilen ýeňsesini gaşap, sarsaklyk bilen töweregini şübheli gözlänsoň, egnini gysyp, düşnüksiz gürledi: –Bäh, meniň naskädim niredekän-aý?.. Ýanyma göteren nasymyň galanjasy bilen ony ýaňyrak doldurypdymam-laý. Ýa-da nasa gatylan ýag, ýeneki ysyny alyp, gije-girimde ony töwerekde sümsünişip ýören tilkidir şagal, bir zat alaýdymykan? Ol gepiniň arasynda şagal-tilkä müňkür bolan hem bolsa, onuň aňynda töweregindäki adamlara hem „Siziň biriňiz alan bolsaňyz gerek“ diýen gümürtik güman-da bardy. Adamlara has-da onuň özlerine müňkür garaýşy ýakmady. Şeýdibem, ol töweregini özüne garşy goýup, öz bolşuna laýyk gep-gürrüňi gazandy. Ýöne onuň gapdalynda oturan Ahmet Gulmediň hüý-häsiýetine indi biraz belet bolandanmy nämemi ol ilki onuň özüni güman astyna alýanlygyny bilse-de, oňa jogap bermäge howlukmady. Ol henizem garaşylmadyk ýagdaýda bolan aýeroplanly wakanyň täsirinden çykyp bilmän otyrdy. Onuň nädip beýle öwrüm alyp bilmegine aň edip oýlanýardy. Gulmet ile eden düşnüksiz müňkürliginiň jogabyna köp garaşmaly bolmady. Gapdalda goş-golamyny tirsekläp, eline ilen çöpjagaz bilen dişini synçgap oturan Kemen bilen ynjyk adam hökmünde tanalýan dodar ýüzli Şamet ikisi gepini ýaňsylaşyp, Gulmediň diýen gepiniň bir ol ýanyndan, bir bu ýanyndan gelip, ony orta aldylar. Ilki Şamet ýaňsyly gülümsiräp, bu gepiň gapdalyndan çykdy. –Aý, goýa, şagalam bir nas ýalarmy, zaňňar? Onýança-da Kemen: –Onam diýme-how, şu şagallaryňam gara garnyny otarmak üçin iýmeýän poh-a bolmaly däl.. –Ýa şeýlemikän? Düýn giçlik töwerekdäki şagallaryň biri üýtgeşik uwlady diýdim weli, onda şol nas tutan şagal bolmaly–diýip, Şemedem öz gezeginde ýene-de ýaňsa alyp, naslymy-da, şagally gürrüňe özüçe meçew berdi. Gulmet bularyň gepi kesä çekip, özüni oýnajak bolýanlaryny duýup halamady. Biraz çeti gyzyp, olaryň ikisini-de nägile nazary bilen dalady: –Aý, ýok bolsaňyz-laý, eşek guýruklap ýören iki sany gurrumsak–diýip, olara jany ýanyp sögündi. Soňam olaryň gepine jogap okaýan hörpde–Düýn bardy ol... Ertir irdenem bir gezek, ýarym gezek atdym-a men ony. Näme bolsa, ýaňky aýeroplan gelendäki garma-gürmelikden soň boldy. Eýýäm dilleriniň keýpini görüp ugran Şametdir Kemeniň töwereginiňem ünsüne düşenlerini görüp, beleň alansoňlar, hezil tapynyp ugran gürrüňlerini bu ýerde goýaslary gelmedi. Bu gezek olar Gulmediň aýeroplanly gepini ýaňsa saldylar. Kemen: –Sen ýaňy aýeroplanyň öňünden çykyp, aýlap salansyň naskädiňi! Häli uçarmanlar tutulyp getirilende gördüg-ä biriniň maňlaýynda ep-ýesli çiş bar eken, zaluwat, aýlap salan naskädiň şoňa degen bolmaly seniň –diýse, Şamet: –Aýeroplany Ahmet garyndaşyň atan oky däl-de, seň aýlap salan naskädiň alyp ýatan bolmagy-da mümkin. Baryp han ýegeniňe düşündirip bilseň-ä ýoldaşyňa berşi ýaly, saňa-da bir zada beräýmeli ol, bilse boş-a goýmaz senem. Özüniň oýnalýanyna Gulmädiň hasam gahary geldi. Ol gapdalynda ýatan gamçysyny alyp, ony kimdir birine salarly göründi. Gaharyna syrtyna depilen ýaly tarsa ýerinden turdy-da, gamçysyny gysymlap oturanlara öjügip, paýyş sökdi: –Haý, siziňem bir eneňizi dula... Soňam gaharyna syrtyna depilen ýaly ýeňsesini tüňňerdip, beýigiň üstünde bendileri saklap oturanlaryň ýanyna gitdi. Aňyrdan gele-gelmäne-de, gahar ugruna ol oturan garawulyň nämäniň nämedigine düşünip-düşünmänkä tutulan iki uçarmanyň depesinden gamçy bilen sen-men ýok tutgaýy tutan ýaly saýgylap ugrady. Gulmet haçanda dyzanyp ikinji gezek gamçysyny bendilerden salmakçy bolanda sakçy ýigit atylyp turup, onuň depesine göteren gamçysyny goşaryndan tutup saklady. Onýança-da hanyň hem gapdaldan bu ýagdaýy görenligi belli boldy. –Haýt-haýt! Olary nädiberdiň? –diýip, Eşşi han sen-men ýok Gulmediň ýesirleriň üstüne düwläbermegini halaman, oturan ýerinden azymly seslendi: Soňam: –Hany, getiriň şol telbäni bärik!–diýip buýurdy. Ýesirlere esewan bolup oturan hyzmata gaýym ýigit han buýrugyny eşideninden topulup, Gulmediň elindäki gamçysyny gaňryp aldy. Soňam: –Hany, düş öňe! Töwerekde han aga bar, beýlekem diýenok bu zaňňar. Han agadan bidinem bir beýdibermek bolarmy!? –diýip, Gulmedi öňüne salyp gelşine hüňürdedi. –Eri, daýy, gaýa ýok, gopuz ýok ýerinden bu nä boluş? Hanyň nägile soragy birazam bolsa Gulmedi özüne getirdi. Ol bir hanyň, bir işanyň ýüzüne garap durşuna ýas-ýaňyja ogrulygyň üstünde tutulan ýaly, diýseň özüni oňaýsyz duýdy. Gyssagarada özüniň näme üçin naskädili gürrüňiniň bady bilen bu ýesir bendeleriň üstüne hüjüm etmeginiň sebäbini nädip düşündirip biljegini bilmän, kyn ýagdaýa düşdi. Ýuwdunyp, itinip duran wagty ol hanyň howalasyndan heder edip, dil-agyzdan galana meňzedi. Gulmet jogabyny gijikdirensoň, han abaý bilen onuň sussuny basanyny pikir edip, öňküsine görä biraz pessaý hörpde öz soragyny ikilenç gaýtalady. –Nädiberdigiň boldy bu, daýy? –Gaharym geldi, ýegen. –Nämä gaharyň geldi? –Şu oruslara gaharym geldi. Asyl görüp otursam, bular Gökdepe galasynam basyp alan şular eken-ä. Eşşi han Gulmediň düşnüksiz alasarmyk gepini eşidip, nämedir bir zady ýadyna saljak bolýan ýaly oýurganyp: "Bu gep nireden geldi?“ diýen terzde üşerilip, egnini gysyp, Gulmediň ýüzüne soragly gözledi. Soňam: –Ýa senem, daýy, çaşyň gözüne sereden ýaly edäýdiň-le bu zatlary. Orsuň geleni haçan, onuň Gökdepe galasyny basyp alany haçan? Ondan bäri är ömri geçdi ahyryn! –Aý, geçse geçendir, ýöne men-ä ýaňy eşitdim. Hana Gulmädiň bu alasarmyk gepine ýylgyraýmakdan başga alaç galmady. Şundan soň bu ýagdaýy gapdaldan synlap, han gazaby näme bilen gutararkan, näden nä bolarkan diýip oturan adamlar hem Gulmediň han gazabyndan sypanlygyny görüp, agyr bir mesele çözgüdini tapan ýaly kanagatlanma tapdylar. Bu Gulmediň öz ýerliksiz hereketi bilen özüni çolaşdyran torundan bir hili ýollar bilen özüni alyp çykmasy boldy. Eşşi hanyň ýardama gelen topary aňyrdan geljek göçüň ýüz bererini garaşyp, ýene-de şol ýerde şöwür çekip, ýol gözlemesini dowam etdirdi. Ýörite adamlaryň üsti bilen Owgan topragynyň ýokarsynda serhedi bozan çet ýurt aýeroplanynyň urlup ýykylan habary Owgan döwletiniň ýolbaşçylaryna ýetirilensoň, hökümetiň talaby bilen aýeroplan ata süýredilip, Hyrada äkidilse, onuň sürüjileri şol ýerden Kabula ataryldy. | |
|
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -4: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |