14:40 Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy | |
* * * Bally şäher etegindäki Baýraç obasyna gidip, uzakly gün diýen ýaly ol ýerde iş aladary bilen bolup, giç öýlänler iş ýerine dolanyp geldi. Gapyda oturýan kätip aýal gele-gelmäne oňa özi ýok wagty OGPU-dan jaň edilip, soralanlygyny mälim etdi. – Haçanrak? – Siz kolhoza – diýip gideniňizden soň. – Ýoldaş Syzranmy? – Ýok, ol-a däldi öýdýän. Orunbasaram dälmikän diýdim. Türkmen dilini men ýaly biraz çakgyrdyrak gürleýän biridi öz-ä. Mümkin, ýumuş adamsy kabulhana işgäridir. – Çagyrdymy? – Ýok, gelse jaň etsin! – diýdi. – Kime? – Ony sorap ýetişmänkäm telefony goýdy. Şu gürrüňden soň Bally ýoldaş Syzran özüni görmek isländir öýdüp, onuň kabulhanasyna sorap jaň etdi. Onuň gapysynda oturýan tanyş ýigit Gaýrulinden sorap, dostunyň iş ýerinde ýoklugyna göz ýetirdi. Ýöne ondan anyk jogap eşitmejegini bilensoň, Syzranyň onuň niredeligini çintgäp sorabam durmady. Gereklese ýene özi jaň eder diýen çen bilen birsalym işden soňam oturyp, onuň telefonyna garaşdy, ýöne şol gün sorag-ideg bolmady. Ol öýüne garaňkyny ýagşy düşürip gaýtdy. Diýseň diýmeseň, bu çakylyk dostunyň däl-de, OGPU-dan başga biriniň özüni soramagy: “Ol kimkä, näme üçin soradykan, onuň alyp barýan gözleg-agtyryş işleriniň bir ýerinde, meniňem adym geçýärmikän? Duşuşmakçy bolsa, Syzranyň özi jaň edäýjegem ýaly welin…” diýip, onuň böwrüni diňläp, iňkise gitmegine sebäp boldy. OGPU-dan edilen ýat jaňyň ünjüsi soňra oňa uzakly gijesi bilenem oňly rahatlyk bermedi. Bally şol günüň ertesi bu gün OGPU işgärleri heniz ýerlere gitmänkeler baryp, düýnki jaňyň anygyna ýetmek üçin, şäher ýoluna hemişekisinden has ir çykdy. Içinden bolsa: “Ýoldaş Syzranyň özi bar bolagaýdyr” diýip dileg etdi. Ýaşka aýaklaryny sazlaşykly tapyrdadyp, ýorgasyny ýazman ony daňdanyň arassa howasynyň içi bilen, ýüzen ýaly edip, ýeňillik bilen galgadyp, alyp gitdi. Ballyny has-da gelen jaňyň talaplylygy oýlandyrdy. Ol dostlukly gatnaşykda bolsa-da hemişe tükeniksiz işli Syzran bilen hepde arasynda, ýygnak ýeneki-de gabatlaşaýmasa duşuşyp ýörmeýärdi. Olar köplenç duşuşanlarynda: “Geliň, biraz başy dumanladyp, iş aladany egseliň!” diýşip, köplenç hepde ahyrynda şagal mesligini ederdiler. Ilki ol OGPU-dan çakylyk gelenini eşidende Syzranyň birki hepdelikde eden haýyşy boýunça ol bir zatlar anyklap, şonuň üçin özüni derekleýän bolmagynyň mümkinligini hem çen edipdi. Şonda ol şepeler bolşup, keýp çekip otyrkalar Syzrandan, agasydyr ýeňňesiniň gulak etini iýenlerini ýatlap, gideli bäri habar-hatyrsyz agasy Orazgylyjyň soňky ykbalyny bilip bermegi ondan haýyş edipdi. Ol şonda ilki: – Hä, seniňäm şolaryň ýanyna gidesiň gelýärmi? – diýip, sowuk sorasa-da, soňundan dostlarça gep tapyp: – Bilip beräýs-ä bolar, yzyna getirip ber diýmeseň bolýar – diýip, sözüne henek gatyp, göwündeşlik edipdi. Bally häzir Syzranyň esasanam özüni şol agasy Orazgylyçdan bir derek tapylandygyny hem pikir edýärdi. Bally atyny ýorgaladyp, Bedeň obaçylygyň duşundan geçiberende, köne oba ady bilen tanalýan heniz obaçylyga göçmän oturan bäş-alty hojalykdan ybarat oturan toplumyň gabadyna ýetiberende Äkgül takyr diýen kempire düýnki duşan ýerinde alagaraňkyda ýene-de kimdir biriniň salgymyny gördi. – Bäh, bu kempir tutd-ow meni, sypdyrjak däl-ow meni bi! – diýip, ýelpäp barýan ýorgasynyň jylawyny çekip, onuň badyny aldy. Gaçaryny aldyranyna ynanyp, düýn ertirki bolan ýagdaýy ýatlady. Äkgül takyr düýn Bally irden işe barýarka şu golaýda öňünden çykyp, ondan raýspolkoma arza ýazyp bermegi haýyş edipdi. Şonda «Ýeser ýerde gaý tutdy” diýleni bolupdy. Balla oňa özüniň bir ýerde başlyksyrap ýörenligine seretmezden, zordan goluny çekýän çalasowatlygyny aýtmagy gelşiksiz görüpdi. Äkgül takyryň: “Ýolbaşçy bolanam heý, hat bilmezmi?” diýip, ynanmajagyny pikir edipdi. “Hat ýazyp bilemok” diýip aýdaýsaňam onuň: “Bally at münüp, başlyksyrabam ýör, özi bolsa men ýaly hat-petege patdal bolsa näme?” diýip, uly ile peçan etjeginiň ujy iki däldi. Bally şonda bir ýol bilen şu gezek mundan sypsam, soň özi hatyny başga bir hat bilýäne ýazdyr ýa-da unudyp, meniň ýakamy goýbär diýen tama bilen al salyp, ondan sypypdy. “Äkgül eje men häzir şähere gyssagly barýan, çagyrypdyrlar, sen şu duran ýeriňde durubur men ýene-de tiz yzyma geçmeli, siziň obaňyzda işim bar. Gün guşluk galyp-galmanka ýetip gelerin!” diýip, ony aldap gidipdi. Ol bolsa ýene ýol saklap dur. Eýsem, Äkgül takyra ýaka tutduraňsoň, aňsat syparmykaň? Ballynyň alagaraňkyda Bedeň obasynyň duşunda beýleräkden görüp, özüne şu ýerlerde ýene-de hat bilen bagly möhüm salaýmagy mümkin Äkgül takyrdyr öýden gara salgymy golaýyna baransoň, onuň Äkgül takyr däl-de, Üçköpri kolhazynyň şura başlygynyň hatdaty Öwez Gurban bolup çykdy. Bally ony öňdenem biraz tanaýan-da bolsa, ýöne ol ýakynda bäri öz obalarynyň şurasynda hatdatlyk edip, iş bilen raýon merkezine gatnawuny ýygjamladyp ugransoň, ýakyndan tanşypdy. Hatda Wartanyň ýeserlik bilen gurnaýan oturyşyklarynyň birinde onuň bilen gabatlaşypdam! Onuň-da özi ýaly wagtal-wagtal şeýle keýpihonlyga gatnaşmagy kem görmeýänligine hem şonda göz ýetiripdi. Häzir ol onuňam özi ýaly OGPU-nyň çakylygynamy ýeneki bir zada howlugybrak barýanlygyny çen etdi. Atyny debsiläp, Öwez Gurbanyň atyna deňlänsoň, oňa söz gatdy. – Ýaman irläpsiň-le, Öwez! – Raýspolkomdan ýoldaş Mämmet Polly: “Bir gelip-gitsin” diýip çagyrypdyr. – Senimi? – Ýok, başlygy. – Hany onda başlygyň özi nirdemiş? – Özi birki günden bäri biraz närowlap ýör… Gürrüňdeşiniň başlygy baradaky gepi Ballyda ýaňsy döretdi. – Ynanma, ol Söýün tyrrygyň eşegi ýaly, asla kesellejek adam däl-ä. Itdenem sagdyr onyň! Ol ýöne ýoldaş Mämmet Polly öz ilimiziň adamsy bolup, onuň bize ýamanlygynyň ýoklugyny bilýänligi üçin, syrt gaçyran bolýandyr. Hany Aman OGPU-nyň ýa-da Hymlyýewiň çakylygyna-da öz ýerine başgany iberip görsün, ertesi enesini üwremeýärmi onuň. Hasap edýän däldir ony. Öwez ylalaşma bilen Ballynyň ýüzüne ýeňiljek nazar aýlap jogapsyz ýylgyrdy. Haçanda Bally sözüni dowam etdirip: – Geçen gezek kulakçylyga çekilişik barada raýonda ýygnak bolanda, ol heniz soralmanka, alty adamyň adyny beripdi. Alty öýi ýykypdy –diýende: – Sizden Ýagdy näçe adamyň adyny tutdy–diýip, Öwez hem oňa garşylyklaýyn sorag berip, onuň obasyndan gapjalanlar bilen gyzyklandy. – Bizdenem iki-üç adamyň ada agzaldy. Ýöne men soňra ikiçäk galanymyzda ýoldaş Syzrana, olaryň tersçil däldiklerini, ýöne Ýagdynyň bolup ýörşüni halamaýan adamlardyklaryny oňa düşündirdim. – Düşündirip bolsa, ýogsam dile düşmez orus diýjeksiň, öz türkmenimizden bolan ýolbaşçylardan şonuň bilen düşünişmek has aňsat. Ýöne hany onuň ýanyna seniňki ýaly edip baryp bolýarmy!? – Dost-ýarlyk gowy zatdyr. Gala alýanam hemişe şoldur… – Bally jora, sen Tagtabazarda Maýly han bolup dörediň-ow bizde. – Maýly hanyň kim ol? – Sowet hökümeti Ak patyşany ýykmazdan ozal Maryda onuň bir arz sorap, ýurdy sürüp oturan bolköýnegi bolupdyr. – Hawa… – Ol sen ýaly, men ýaly adamlar bilen arak içip, keýp çekip, soňam ak jylly bolup, gyzyp kart oýnar eken. Şonda Maýly han onuň gowy garaýşyny gazanmagyň aladasy bilen, bolköýnek bilen içişip, kart oýnap, ony-muny utduran bolup ýörenleriň biri bolupdyr. Bolköýnek bir gezek kellesi gyzgynda ähli baýlygy bilen oňa aýalynam utduraýsa nätjek. Bolköýnegiň kellesiniň gyzgynyna oýnuň heziline berlip, aýalyny, öýüni utduranyna şonda diýseň gahary gelipdir. Ol gylyjyny gynyndan sogrup alypdyr-da, Maýly hana görkezip: – Türkmen, sen menim heleýimi utan-da bolsaň, hökümdarlygymy utan dälsiň, men seni islesem ýedi gat ýere sokaryn! – diýip, gezelip gyzylym däli bolup gazaplanypdyr... – Heleýini bermänmi onsoň? – Sereden ýerini eredip taşlaýan bolköýnek beýdip durka, haý onuň heleýiniň töweregine baryp bormy? – Ýöne olam utansoň, kazylaşyp, eýdip-beýdip almaly eken ony… Bolköýnegiň dagy heleýi bolsa, ol ak mapraçdan gelen bir näzenin gowy zenandyram… Olaryňam harbylary, ýokary wezipelileri, biziň baýlarymyz ýaly, iň gowy gyzlary saýlap, pitikläp öýlenýän bolmaly… Olaryň ikisi-de şol baryşlaryna Maýly hanyň bolköýnekden utup alan şol göze gelüwli aýalyny özleriçe göz öňüne getirişip, erkeklere mahsus arzuw-höwes bilen, onuň wysalyny berlenlerini hem duýman galdylar. Haçanda Bally Öwez özüni Maýla hana deňäp, sorag-soranda, soragyň bu äheňini şol wagt aňmadygam bolsa, birazdan ol bu ýerde: “Senem Syzranyň başyna şunuň ýaly bir oýun salan bolaýma?” diýen ýaly müňkürligiň barlygyny duýup, tisginip, bu pikirden eýmendi. – Öwez bu seniň men baradaky öz pikiriňmi ýada şuraň ýaly bir gurrumsagyň tapýan gepimi? – Hiç kimiňkäm däl. Gep ugruna agzyma geldi-de aýdaýdym-da – diýip, ol halanylmadyk gepi aýdanlygy üçin oňaýsyz ýagdaýa düşüp, ýöwselden müýnli ötünç soraýjylykly gürledi. – Her kelläňe gelen pikiri hakykada öwürjek bolubam ýörmezler… Bally bu çäginden çykyp, barýan gepi şeýdip dessine agan suwuň öňüniň alnyşy ýaly, ony ýeten ýerinden dolap alyp petikledi. Olar soňra ýol boýy gözleriniň giden Maýly hanly, bolköýnekdir onuň aňlarynda peýda bolan, maýaly-maňyzly aýalynyň gürrüňine dolanyşyp, maryly garyndaşlaryň şunuň ýaly ugurtapyjylyk, çeýelik talap edýän ýerlerde hemişe ugur-ýoda tapmaga zorduklary, olaryň kim bolsa-da, bir ýol bilen ugruny tapmagy oňarýandyklary barada gürleşip gitdiler. Düldülahyr obasynyň duşuna ýetiberenlerinde şu obada birine bir ýetirmeli habarynyň barlygyny aýdyp, Öwez atynyň başyny gaýralygyna gijelikden çykyp, boý-kamatyny täzeden alyp gelýän Garabil baýyrlaryna tarap öwürdi. Ballam şundan soň atynyň badyny ýene ýorgasyna ýazdyrdy. Töwerekdäki gijäniň içinden çykyp gelýän gündizlik süýnüp-sarkyp, gerinjiräp, bir gowy bolup, düşekden turup gelýän gelni ýatlatdy. Bally dürli pikirler bilen ümürläp gelşine nädip şähere ýetenini hem duýman galdy. Ol bazar jaýynyň ileri başyndaky atyny goýýan eşeksaraý at alan ýere gelende, ir ertir bolansoň, bu ýerem boşlawdy. Töwerekdäki gazyklarda iki-ýeke eşek bardy. Bally gelip girende eşeksaraýyň beýemçisi, ýene bir geleniň öňüne düşüp, oňa eşegini daňmaga gazyk görkezip ýördi. Bally atyny ýerleşdirip, yzyna gelýärkä beýemçi onuň gapdalyndan çykdy. Bally odan: – Hotjy akga, müşderiň bü gün ýaman az görünýär-le? –diýip, töweregine göz aýlap sorady. – Bazar güni bolaýmasa, mundan artyk daň bilen nä bazarçy bolýarmy? Hany Gün dogup, jahan kaddyna gelsin bakaly, onsoň adamlar atlymy-da eşekli ýyrtykdan dökülen ýaly bolşup ýagyşyp ugrarlar. Ýöne näme sen bu gün irläpsiň-le?– diýip, soňra ol Ballynyň özüne ýüzlendi. – Aý, bir aladam bardy-da, onsoň irräkden gaýdyberdim – diýip, Bally göwünsiz jogap berdi. Bally Hotjyny şu ýerde işläp ugrany bäri tanaýardy. Ol öň Arnageldi baýyň töwereginde bolan adamlaryň biridi. “Men Arnageldiniň attutary boldum” diýip, hemişe buýsançly gürlemegi gowy görerdi. Şeý diýse iliň özüne: “Şonuň dagy attutary bolan bolsa, onda munuň özem ýöne adam däl-dir” diýip, özi barada iliň buýsançly pikir etjegine ol biraz göterilmek bilen ynanýardy. Üç-dört ýyllykda Arnageldi Tagtabazardan serhetçilere ýardamçy bolmak üçin döredilen “Gyzyl taýaklylar” ýarym harby topluma ýolbaşçy bolupdy. Otrýada gerek adamlaryny hem onuň özi il içinden saýlap alypdy. Arnageldi baýyň şonda synagyndan geçip, esger bolmagy mynasyp bolanlaryň biri-de Hotjydy. Birki ýyla golaý mundan öň Arnageldi baý Humluda Kerim hanyň adamlary bilen bolan çaknyşykda wepat bolansoň, onuň otrýady hem Göroglynyň kakasy Adybegiň kyrk ýigidi ýaly başsyz galyp, öz-özünden dargapdy. Onda gulluk eden esgerleriňem hersi bir ýerden çykypdy. Hotjy kelte-de bazarjaýyň gapdalyndaky şu eşeksaraýda mekan tutupdy. Adamlara-da oýun gerek, sähel zada göterilip, özünden çykyp, gyzyberýänini görüp, onuň çetine degip, hezil tapýardylar. Hiç kimden gep alyp galmagy halamaýan Hotjy akga-da gyzyp, olara ýaňsyly nygtap, jogap bermegi gowy görerdi. Onuň bilen degişýänleriň biri-de hemişe diýen ýaly şähere gelende atyny şu ýerde goýu, wagtal-wagtal oňa keýpihon halda: “Şu adamlaryň nämesi kemmiş Arnageldi baýdan?” diýip, gajap bälçireşýänleriň birem Ballydy. Hotjy akga-da Bally ýaly özüni Arnageldi baýa deňejek bolýanlardan gep alyp galmazdy. Göwni ýetmezçilik bilen oňa dodak çöwrenini hem az görüp, gyzyp geplärdi: – Sendenem bir Arnageldi baý bormy? Onuň ýaly batyr-jomart, şahandaz adam Egriň boýunda başga bolan däldir, bolmazam –diýip, göçüp aýdardy. Komandirini hemişe, hemmelerden ýokarda goýup küýsegli ýatlardy. Hotjy golaý gelen wagty Bally ýene-de henek hyýallydygyny aňdyryp, onuň ýüzüne seredip ýaňsyly gülümsiredi. Elleşen wagty onuň aýasyna biraz pulam goýdy. – Ýa, senem-aý, hiç zat bermeseňem bordy-la! –diýip, Hotjy akga eýýäm ol berlen puly jübüsine sokup durşuna sypaýysyrady. Ýöne onuň pul bermeginiň yzynda “Menem jomartlykda Arnageldi baýça barmy, diýen maksatly pikiriň barlygyny aňansoň bolsa, gözlerini jerreldip, ony alanyna ökündi, Balla hüşerilip seretdi. – Arnageldi baý bolandyryn öýdäýmegin. Daşdyr entek daşdyr... – Aýtdym-a Egriň boýundan oňa taý tapylmaz diýip, şol hakdyr. Bally Hotjy akga hiç zat diýilmänkä onuň öz-özünden beleň alyp, özüne diýiljek gepi öňňünden aňyp bilşinden hezil tapyp ýylgyrdy. – Hotjy akga, Ýaşkany gözden salmaweri, soňrak bir desse bazardan alyp, ýorunja-da ataweri öňüne! –diýip, atyny oňa sargady. – Arkaýyn bol. Seniň atyň körpeden iýer, suwam içer. – Senden tamamam şeýledi –diýip, Bally onuň bilen göwnühoşluk bilen hoşlaşdy. Arnageldi baý bilen ýakyn tanyşlygy bolmasa-da, ony Ballynyň özi-de görüpdi. Daşyndan göräýmäge ol bir il içinde beýle many-mazmuna, taryp-minnetdarlyga eýe bolar ýaly, onuň göwnüne üýtgeşik bir adam däl hem ýalydy. Emma edermenlik, jomartlyk, şahandazlyk bu ilde hemişe oňa deňelerdi. “Arnageldi baý bol-a, özüňi näme Arnageldi baýdyr öýdýäňmi?.. Ha, häzir Arnageldi bolan bolsady, ol halkyny bir zat edip, bu gatydan alyp çykardy!” diýen ýaly gürrüňleri bu öwrede häli-şindi eşitmek bolardy. Onuň nädip beýdip, şol bir wagtda orus-owgana özüni aldyran, iliň eý görýän, göwni ýeten ogly bolup döremegi, ony hemişe oýlandyrýardy. Şeýle-de ol Arnageldi baý barada pikir edende, onda Gully emin, Akynýaz baý, Gaýgysyz Atabaý, Syzran bilenem gabat gelýän bir hili dogumly meňzeşligiň barlygyny hem olary deňeşdiren wagty görýärdi. Akynýaz baýam Arnageldi barada: “Pendiniň gerçek ogullarynyň biridir”… diýip, göwnüýetijilik bilen aýdýardy. Bally ol barada näçe köp zat eşitdigiçe-de, ol şahsyň aýdyňlaşma ýerine, çolaşyp-çyrmaşyp syr tapmaça öwrülip barýanyny görýärdi... …Arnageldi baýlaryň maşgalasy Pendide, esasanam, orsuň gelmegi bilen tanalyp ugralan maşgalalaryň biri bolýar. Onuň kakasy Ýagmyr mergen öňem Gulja-Ganly başyň içinde belli bir derejede gurply hojalyklaryň biri bolupdyr. Orus Ahaldan gelip, Maryny eýelänsoň, ähli türkmen topragyny ele geçirenini ynanyp kanagatlanýarmy nämemi bu ýerde birbada badyny gaýtaryp üçürdikläpdir. Türkmen topragynyň halkynyňam bölünmegine ahmallyk dörändir. Munuň şeýle bolmak howpunyň barlygyna göz ýetiren türkmeniň saryk taýpasynyň ekabyry Sary han ähli at-abraýyna, başarnyk-paýhasyna leňňer berip, bu ýagdaýyň öňüňi almagyň ugruna çykýar. Gyzgyny sowamanka, orsa özleriniň hem doganlary teke-ýomut taýpasy ýaly, raýatlyga alynmagyny sorap, yzly-yzyna generala ýüz tutýar we birazdan oňa Ýolöteni orsuň hasabyna aldyrmak başardýar. Pendililer hem Sary hanyň maslahaty bilen özleriniň şol bir halkyň wekilleridigini, ýeriňem şol bir türkmen topragyna degişlidigini aýdyp, orus generaly Komarowa ýüz tutýarlar. Komarowa bärden barýan adamlara ahyr, Pendiniňem şol bir bütewi topragyň bölegidigine ynandyrmak başardýar. Oruslara tutunyp baran iliň derejeli adamlaryň arasynda şonda Arnageldi baýyň kakasy Ýagmyr mergen-de bolupdyr. General Komarow olara Pendini Russiýanyň raýatlygyna birikdirmäge söz berse-dä berýär welin, ýöne onuň öňünde şol meýlini amala aşyrtmazlygy üçin, amady geldi hasap edip, türkmen topragynyň bu bölegine dawa salanlar-da bolupdyr. “Ol ýeri almaga özüm size kömek berýän” diýip, iňlis şol wagt Owgan bilen Eýran hanlaryny gižželeýän eken. Hindistan diýip, ýola çykan orsuň öňi alynmasa, onuň Eýran, Owganyň hem ýolugra bakna edilip geçjegi howp edilýän eken. Iňlisler ruslar gelmezden öň Pendini eýelemek üçin, bu ýerde goşun çekilmegini gazanypdyrlar. Olaryň öň hatarynda iňlis goşunlarynyň aýry-aýry bölümleri bolupdyr. Gylyç syryp, ata çykan general Komarowam türkmenleriň, has-da pendilileriň hyzmatyndan ezber peýdalanypdyr. Olar şol pursatda gark bolup barýanyň halas bolmagy ilkinji nobatda onuň özi bilen baglydygyna ynandyrypdyr. Pendililer köwçum-köwçum bolşup, general Komarowyň goşun sapyna birleşipdir. Pendi çölüne bäş barmagy ýaly belet Ýagmyr mergen şonda ruslaryň sala-salşyp, hereket eden türkmenleriň biri bolýar. Bu bolsa birleşen güýçleriň aýgytly hem üstünlikli hereket etmegine hemaýat bolupdyr. Daşköpri söweşi şeýdibem general Komarowyň ýeňşi bilen tamamlanýar. Taraplar arasynda şertnama baglaşylyp, ýurt çägi anyklanylanda Ýagmyr mergenem, anyklaýjylar toparyna girizilen iki türkmeniň biri bolýar. Ol şonda öňe düşüp, ozal-ahyr Pendi topragynyň çägine degişli serhet ýerlerini beletlik bilen görkezipdir. Ýurt çägi belli edilip ylalaşylyp, gazyk dikilensoň, ol ýeriň wagtyň geçmegi bilen bozulup ýitip, soňraky dawalara bahana bolmazlygy üçin, türkmenler bellenilen serhedi özleriçe gyzgyny bilen berkidipdir. Ojar-sazaklar ýakylyp, kömre öwrülip, serhet boýunyň syra gyrasynyň her sesýetimliginde bir düýe kömür ýere gömlüp, araçäk bellenipdir. General Komarow wepat bolanyndan soňam, Ýagmyr mergen onuň özüni tanaýan adamlary ruslar bilen gatnaşyp, arany kesmändir. Daşköpri söweşinde görkezen hyzmatlary üçin orus hökümetiniň sylag-serpaýyna mynasyp bolanlardan o-da biri bolupdyr. Bu bolsa soňra onuň kiçi ogly, özi ýaly mergen bolup ýetişip gelýän Arnageldiniň orus harbyçylygyna imrinmegine, Orenburg harby uçilişşesine girmegine sebäp bolýar. Emma kakasynyň ogluny ýaraşykly rus ofiseriniň geýiminde görmek arzuw eden hem bolsa, onuň arzuwy hasyl bolmaýar. Bir ýyl okap-okamanka, onuň okuwyny taşlap, bir ýerlere ýitirim bolup gidenliginiň habary düşýär. Ýagmyr mergen ogluny derekläp, Orenburga baryp, uçilişşe ýolbaşçylaryndan oglunyň gysga wagtlyk okuwdan soň özi ýaly iki kursdaşy bilen gürüm-jürüm bolanyny, gözlegleriňem netijesiniň bolmanlygyny eşidipdir. Ýagmyr mergen munuň nähili beýle bolup biljekligi barada oýlanyp oturansoň ol: “Heý, daş-töweregiňizde awlag ýerler barmy?” diýip sorapdyr. Oňa şonda, töweregiň agyn tokaýlygyny, awlagdan köp zadyň ýoklugyny aýdypdyrlar. Ýagmyr mergeniň çeni dogry bolup çykypdyr, gözläp barsalar, Arnageldi özi ýaly awa keýphon ýene-de iki oglan bilen ýanlarynda şadyhorramlygy bölüşmäge höwesli zenanlaryňam birnäçesini alyp, tokaýda aw awlap, awçy öýjagazlarynda ýaşap ýören eken. Ýagmyr mergen oglunyň okuw meselesinde utulanlygyna göz ýetirip, ony ýygnamak bilen bolupdyr. Ogluna: – Awlajagyň aw bolsa, öz ýerimizde-de ýetik şol! –diýip, ony öňüne salyp alyp gaýdypdyr. Ýagmyr mergen älemden ötüp, onuň baýlygyny bölüşmeli bolanda Arnageldi agasyna: “Öýüň ýa içini, ýa daşyny al!” diýýär. Agasy içerini alypdyr, içerde hem telim süri mal edinerlik altyn pul bar eken. Meýdandaky sürüler, örüdir guýular bolsa Arnageldiniňki bolupdyr. Şol döwürde Pendi çölünde keseden gelip, öri edinen baýlaryň mallaram juda köpelipdir, öri meýdanlar, guýular azlyk edipdir. Beglenen baýlaryň biri-de bu toprakda Jopban baý bolupdyr. Bir gezegem ol ýene-de örüsini giňeltmek niýeti bilen çölde Arnageldi baýyň çopanlaryny urup-kowup, guýusyny onuň elinden alypdyr. Çopanlary eňreşip arza gelen mahaly, Arnageldi baý ok-ýaragyny alyp, dessine atlanypdyr. Ol aňyrdan gelen mahaly Jopbanyň adamlaryna, düýe bilen gowada guýudan suw çekdirip, mal ýakdyryp duran eken. Arnageldi gelşine gowanyň ýüpüni ortasyndan gylyç salyp çapýar. Gowa çekip barýan düýe badyna öňe süssenekläp, suwly gowa güwläp, guýy içine gaçýar. Soň ol at badyny gaýtaryp, beýleräkde yzyna dolanyp, bäşataryny asmana zyňyp-gapyp durşuna: – Jopban bolsaň, saýla haýsy ýapyny saýlasaň! –diýýär. Köpügören Jopban baý nämäniň nämedigine tiz düşünipdir. Ol töweregine: – Oglanlar, gitdik, öwrüň süriniň ýüzüni... Ýagmyr mergen öldi diýselerem ölmän eken! – diýip, gelen yzyna dönüp, çekilmek bilen bolupdyr. Arnageldi baý şeýdibem Pendiniň belli baýlarynyň biri bolmak bilen, ol edermenlikde, jomartlykda, şahandazlykda ýakasyny tanadan adam bolup ýetişýär. Dileg salyp baranyň dileginiň bitýän ýerine öwrülýär. Ady dilden-dile, agyzdan-agza düşüp, ol diňe bir Pendi-de däl, Ýolöten, Mary töwereginde-de giňden tanalan sahawatly adam bolýar. Ol barada il içinde rowaýat kysmy gürrüňler döreýär. …Bir gezek ol Marynyň “Ýolbarsly” myhmanhanasynda çaýlap otyrka, onuň gelenini eşidip, Mary eteklerindäki obalaryň birinden onuň ýanyna guda bolunsa-da, gyzyň garyndaşlarynyň öňünden geçere zady bolman, öýlenip bilmän ýören ýigit gelýär. Arnageldi ýigidi diňlänsoň, ondan “Barly baýyňyz kim?” diýip, sorapdyr. Ýigidem oba baýlarynyň birki sanysynyň adyny tutupdyr. Arnageldi şonda oňa: – Bar-da, olara aýt, “Meniň hasabyma gudalaň öňünden geçip, toý edip bersin” diýdi diý! – diýip goýberipdir. Oba baýlary Arnageldiniň diýşi ýaly, toý tutup, garyp ýigidi öýeripdirler. Şondan birnäçe wagt geçensoň ýigit gelnine: “Şunça ýagşylyk etdi, gel, bizem toklujygymyz bar, Arnageldi Mara gelende çagyryp, oňa hezet edeli” diýipdir. Şeýdibem ýigit ikinji gezek onuň huzuryna barypdyr. Ol Arnageldini myhmançylyga çagyrsa-da çagyrypdyr welin, ony diňläp, diýseň alada galypdyr. Çakylyk kabul edilip, gün belleşilensoň ol ýigide: “Sen onda, inim, meni çagyrýan bolsaň, şulary-şulary” diýip, goňşy obalardaky baýlaryňam ençemesiniň adyny tutup, oňa çagyr diýipdir. “Tejen, ýeneki diýip gitmedik bolsa, Burkaz bagşy Girmanam, halypasy Ýegenoraz bagşy bilen çagyr, elýeterde bolsalar, meniň adymy aýdyp çagyrsaň gelerler!” diýip tabşyryşdyrypdyr. “Munça adamyň öňünden nähili geçeris, soýuljagam bir tokly, kime ýal bor?” diýşip, är-aýal ikisi galypdyrlar şundan soň bir azara. Baýy çagyrmaga milt edenlerine puşman edipdirler. Arnageldi baýyň oba myhman geljek güni Gün çäş galanda, Marydan gelen bir paýtun onuň öýüne iki-üç halta un, birki halta tüwi düşürip gidipdir. Şundan soň günortana çenli ýene birki paýtun gelip, olaram ýedi-sekiz goýun bilen, maňyz, pisse diýen ýaly saçaga goýuljak ir-iýmişler getiripdirler. Şeýdibem ýigidiň bir öz öýi däl, obasy bilen toýhana öwrülipdir. Gijöýlänler bagşylaryň yzysüre Arnageldi baýyň özem ýanynyň adamlary bilen bir paýtunda ýetip gelipdir. Garyp ýigidiň toýuny täzeden tutupdyrlar. Töwerekden gelenler bilen iýip-içip, bagşy diňläp, ýigidiň ojagyny mertebeläpdirler... Arnageldi baýyň ýene bir ýakyn gatnaşykda bolan adamlary meşhur bagşy-sazandalar, uly we kiçi Garly, Nobat bagşy bolupdyr. Ol bagşy diňläp, ganat baglap bilýän adam bolupdyr. Özi gyrmyz don, ak telpek, gonçly ädik geýse, bagşylara-da şony geýdirip, başgaça geýinse, olaram özüne meňzedip başgaça geýindirip buýsandyrypdyr. Arnageldi käte bagşylar barada pikir ýöredip: “Men ajaldan gorkamok, gorksamam ondan soň bagşy diňläp bolmajagy üçin gorkýan” diýer eken. Pendide bagşylyk sungatynyň şol döwürde haýran galarlyk derejede ösmegine, bu zatlaryň gadyryny bilýän Arnageldi baý ýaly derejeli il ogularynyň bolmagy bolupdyr. Bu döwürde Pendä gelip, aýdym-saz öwrenen rus alymy W.Uspenskiý tagtabazarly bagşylary diňlänsoň: “Jeňňeliň içine gelip, gudrat gördüm” diýip, bu bagşylaryň aýdym-sazlarynyň belentligine haýran galyp ýazypdyr. Arnageldi baý Mara gidende hem häli-şindi bu bagşylary öz ýany bilen äkidip, “Ýolbarslynyň” telim gün baglap, hezil edip bu ýere gelenler, çagyrylanlar bilen bagşy diňläp oturar eken. Soňra Gaýgysyz Atabaýewiň bagşysy at alan uly Garly –Garly Ýolamanyň, türkmen respublikasynyň eýesi bolan, şol wagtky Marynyň bank işgäri Gaýgysyz Atabaý bilen duşuşygam ilki şu ýerde bolupdyr. Arnageldi baý bolşewik gelende onuň bilen hem belli bir derejede dil tapyşan az sanly adamlaryň biri bolupdyr. Olaryňam Arnageldi baý ýaly il içinde hormatlanylýan adamlarynyň öz taraplarynda bolmagyny islän bolmaklary mümkin. Üstesine-de, onuň rus dilindenem özüne geregini bilmegi hem onuň Sowetler bilen düşünişmegine uly ýardam bolupdyr. Arnageldi baý bolşewik baýlaryň baýlygyny almagyň ugruna çykanda, özge barly baýlar ýaly, zadyny ondan gizlejek, halas etmek üçin garpyşyp, serhetden aşjak bolup durmandy. Oňa özüniň 16 bölek goýnuny, öýünde bar bolan 8 kilo altynyny meýletin tabşyryp, töwekgellik edipdir. Şu zatlary alansoň, Sowetlerem yrsarap, oňa sürnüp, azar beribem durmandyrlar. Ýigriminji ýyllaryň ahyrlarynda ýurt içiniň ýagdaýlary, kolhoz gurluşygy bilen baglylykda ýene-de has bulaşyp ugransoň, Tagtabazarda serhetçilere goldaw bermek üçin ýerli halkdan bolan meýletinçilerden “Gyzyl taýaklylar” topary döredilip, Arnageldi onuň serdarlygyna bellenilýär. Hatda bu gulluga gerek adamlary hem Arnageldiniň özi ýörite synagdan geçirip saýlap alypdyr. Ol her meýletinçi boljagy ýeke-ýekeden öz çaý içip oturan ýerine çagyrypdyr-da, diwara golaý durzup, onuň kellesiniň üstünde alma goýup atyp düşüripdir, almany gaçyran dessine-de, synaga gelene bir käse çaý uzadypdyr. Gorkudan süňňi saňňyldap duran bolsa, käsedäki çaý serpilip dökülipdir. Onuň ertirki gün okuň öňünde durup bilmejegi şeýdibem belli bolupdyr. Hotjy keltejigem Arnageldi baýyň okunyň öňünde durup, onuň ýowuz synagyndan geçen, soňra “Arnageldiniň otrýady” at alan bu bölümde gulluk eden adamlaryň biri bolupdy. Şondan bäri-de ol edermenlik, gaýduwsyzlygy, jomartlyk, şahandazlyk ýaly häsiýetleri hemişe Arnageldi baýa mahsus hasaplaýar. Ol barada beletlik bilen gürrüňler berip, onuň şahsyýetini rowaýata öwürýänleriň biridi. ...Bally aňyrdan köwsarlap gelşine OGPU-nyň howlusyna nädip ýetenini hem duýman galdy. Häli-şindi şepesiniň ýanyna gelýänligine seretmezden, onuň bu ýere aňsat aýagy çekmeýärdi. Sebäbi soraga çagyrylyp, zora tutulýan tanyş adamlar bu ýerde birde gabat gelmese, ýene birde gabat gelerdi. Delalat etmäge özüniň mümkinçiliginiň ýoklugy üçin gynanardy. Bally Syzranyň kabinetiniň gapysynda oturan harbydan sorap, onun düýn raýkomyň birinji sekretary Ata Hamlyýew bilen Guşgy tarapa aýlanmaga gidenini eşitdi. “Meni ol öz-ä ugramanka gözläpdir ýa-da şol ýer bilen bagly sorajak-goýjak zady barmykan?” diýip, böwrüni diňledi. Bally yzyna dolanyp, derwezäniň agzyna ýetiberende, ýaňy gelip atdan düşüp, onuň jylawyny öňünden ýelpäp çykan esgeriň eline berip, iş ýerine ýönelip gelýän Aman OGPU bilen gabatlaşdy. Aman OGPU ony görüp, eýýäm gözüni süzüp, Bally dogrusynda pikir edip ugranyny, ýüzüne ýaňsy alamatlary berip mälim etdi. – Bally, ýaman bu gün irläpsiň-le? Bally: – Düýn ýoldaş Syzran gözlän eken. Menem iş bilen kalhoza gidipdim. Ýokdum iş ýerimde. – Seni düýn gözlän-ä ýoldaş Syzran del-de mendim. Bir-iki sany soragym bardy saňa! Aman OGPU kemeriň yzynda köýneginiň hüjüme çykan towugyň syrta ýaly köwlenip duran ýerini çekişdirip, tertibe salyp barşyna oňa öz yzyna düşmelidigini aňdyrdy. Ol gelşine Bally bilen gapgarylan ýaly bolup, kabinetine girensoň, ony öz iş stolunyň iki-üç ädim öň ýanyndaky adamlary soraga çagyranda oturdýan oturgyjynda oturdy. Bally şu pursatda, hamala, süňňüne ýylan çolaşyp ugran ýaly, köp halatda şu ýere gelende döreýän ýakymsyz sowuk duýgyny başdan geçirdi. Aman OGPU-nyň öz başyna şübhe torun atyp almakçydygyny pikir edip, ýagdaýy bulaşyklyga salaýan mahalynda hemaýat goluny uzadaýara häzir bu ýerde öz şepesi Syzranyň ýoklugyna gynandy. Aman Ballydan nazaryny sowman, ýerine oturyp-oturmanka, öz soragyna ýaňsyly aýlaw berip başlady. – Siziň toparyňyza ýöne ýerden Bäşbela diýilmeýän eken-ow… Bäş sany bela diýmek dälmi şol? – Anyg-a bilemok, ýöne garrylarymyz-a, biz bäş sany ýetimekden döräpdiris –diýýädiler. Bally Aman OGPU-nyň aýlawly gepiniň äheňinden nämede bolsa özüne näbelli, ýöne Bäşbelalylar bilen bagly bir gepiň bu ýerde barlygyny pikir etdi. Ony aňynda gözläp, özüne sorag salyp, böwrüni diňledi. Ballyny bu gepiň çümmükläp, burup alanlygy belli boldy. Ol: – Eýgilikdir-dä? ¬–diýip, aladalanybrak sorady. – Gaty bir eýgiligem däl. Seniň iniň gahrymançylyk görkezipdir. Eşidensiň-ä!? – Kimdir ol menim inim, ýoldaş Amanow? – Habarsyzsyň-ow sen? – Anygrak aýtmasaňyz kim barada, nähili gahrymançylyk barada gep barýanyna düşünýän däldirin. Şükür, inilerem üç-dört sany bar, olaryň haýsybirikän ol? Ýöne eýýäm gahrymançylyk diýleninden ol gürrüňiň bir tarapynyň Ahmet bilen baglydygyny welin ol çen edip ýetişipdi, Aman OGPU-nyň minnetli gepininiň manysyny özi üçin tiripdi. Seniň ol iniň “şertim şahyma” edipdir. Gepiň tümmek ýeri, ol biziň üstümize çermenip syçypdyr. Söz berip, sözünde durmadyklar bilen bolsa, biziň öz aýratyn hasabymyz bardyr... – Ol ini kim, haýsy inim? Näme gep, näme söz? –diýip, Bally barha dartylyp barýan gepiň kim baradalygyna ýene-de oňly düşünmän, egnini gysdy. – Üstesine-de, ol bize garşy okam atypdyr. Guşgynyň eteginde atyp, Sowet aýeroplanyny urup ýykypdyr. Bu görkezen hyzmaty üçin, ol hut Jüneýit hanyň öz elinden sowgat-serpaýam alypdyr. Balla diňe şundan soň bu gürrüňleriň Ahmede degişlidigi anyk boldy. Ol öz ýanyndan: “Haý, doňuz ýene bir iş gaýrypdyr-ow... OGPU-nyňam gowşak ýerleri bar-ow. Ahmetmi indi saňa içalylyk edip berjek? Oňa at diý, ýet diý…” diýip oýlandy. Soňra ol Syzranyň Ahmedi Owganystanda ulanmakçy bolýandyklaryny aýdyp, onuň garyndaşy hökmünde meseläniň birýan ujuny özüne-de duýduranlygyny-da ýatlady. Şonda Bally oňa: “Ahmet boýun alsa, gidip Jüneýit hanyň kellesini getirmegi mümkin, ýöne jansyzlygy welin oňarmasa gerek” diýip, oňa anyk aýdypdy. Bally bu gepi öňünden aýdanlygy üçin, häzir Syzranyň ýüzüne dogry bakyp bilmejegini bilýärdi. – Ahmedem seniň iniň dälmidir, eýsem? – Inimligin-ä inim welin... gidere ýerim ýok, ýöne onuň näme gahrymançylyk görkezenliginden meniň-ä habarym ýok. – Senden başga hemmeler bilip, bir sen bileňok-da onda? – Men bilemok, ýoldaş Amanow! – Hany ol seniň agaň Kymşyň heleýi: “Biziň Ahmet Sowetiň aýeroplanyny atyp alypdyr!” diýip, begenip, şonuň şanyna obada nan ýapyp, ile sadaka paýlap ýörmüşin-ä? Bally obada kimiň Kymyşlaryň sadaka paýlanlygynyň habaryny ýetirip biläýjegi barada pikir edende, ilki bolup onuň ýanyna Hardat düşdi. Onuň birki günlükde Aman OGPU-nyň ýanyna gelip, “toplan zäherini” döküp gidenligini çen etdi. – Gelnejemiň hudaýýoly nan paýlan-a hak. Ýöne ol tersine öwrülip, çöwrülip, size ýetirişleri ýaly, Ahmediň başyndan aýdylan, onuň gahrymançylygy bilen bagly däl-de, oba sürgüne gidenlerden hat gelipdir. Garrylar öz gidenlerden derek tapylanyna begenip, şolaryň başyndan-a sadaka paýlapdyrlar. Ballynyň eden günäsini boýun almajak bolan ýaly bolmagy Aman OGPU-nyň biraz çetine degenligi duýuldy: – Baý, Bäşbelalar bir-biriňizi gowy görýäňiz-ow? Ile aýan, göze görnüp duran etmişiňizem ýene-de gizlejek bolup dursuňyz-da siz! –diýip, oňa sürnüp nägile gepledi. – Ýoldaş Aman, ynansaňyz miniň-ä sizden gizleýän zadym ýok. Ahmediň nirede aýeroplan uranyndanam habarym ýok. Ony, ine, ilkinji gezek sizden eşidip otyryn. Onsoňam heý, sizdenem bir zat gizläp bolarmy? Ýer astynda ýylan gäwüşese, bilýäňiz-ä siz. Bally sözüni öwginiň hemmeleri ýaraýanyny pikir edip, Aman OGPU-nyň degirmegine suw guýup, şeýdip, onuň soraglaryndan halas bolma tamasy bilen taryply gepledi. Aman OGPU-nyň belli bir derejede tarypa biraz ylyganlygy, Ballyň çakynyň ýerine düşenligi belli boldy. – Ony bilmeseň bolmaz-a. Ýöne şol gäwüşän ýylanam ýylandyr, amadyna salsa, onuňam çakyp alaýmasy bardyr. Ine, çakybam aldy-da seniň iniň! – Aýeroplan atyp ýykmak heý, kellä geljek zatmy? Beh… – Beh-dä şol. Biziň elýeterden uzakda bolansoň, ol bilinmez öýdendir, ýalňyşýar. Jüneýit hanyň ýanynda ona çaý guýup berýänleriňem birisi biziň adamymyz bolsa nädersiň? – Hawa. Ynanýan, ýoldaş Aman. Hemme ýerde siziň adamlaryňyz-a ýetik bolmaly…–diýip, Bally ýene-de dartynlygyny biraz-da bolsa ýumşatmak üçin, onuň hörpünde gürlemäge çalyşdy. Ýöne bu gepden ýene özüçe many çykaran Aman OGPU Balla ýazylganlyk bermezlik üçin aýdan gepini yzyna alarly bolup, hüjümi täzeden başlady: – Weý, ýogsam-da, sen näme üçin, biziň edaranyň mertebesine onda-munda şek ýetirýämişiň!? Bally ýene-de birbada onuň guş diline düşünip bilmedi. Ör-gökden geldi: – Ýok, ýoldaş Aman, ol men däldirin. Heý, siziň edara-da bir şek ýetirip bolarmy!? Men eplik-ýaplyk bolup, size ýaranyp bilsem kaýyl-a hemişe! – Onda kim ol bir oturyşykda, jübülerini gezekli-gezegine barlan bolup: “Aman OGPU adamlary bilen şundanam çykyberýär” diýip ýesersiräp bälçiränmişiň? Kim nirede oturanyny men seniň gözüňe görkezerin bir gün! Bally bu gepi bir oturylyşykda kellesi göçüp, bälçirep aýdan-da bolsa, üstüne abanyň gelýän howpy görüp, oňa häzir eýe çykmaga ýürek edip bilmedi. – Ýok, ýok, ýoldaş Aman. Bu gürrüň-ä düýbünden ýalan. Muny size ýedi ýere kesdi ýetýän ýeseriň biriniň siz bilen meniň agzymy alartmak üçin tapan gepi bolmaly – diýip, çyna berimsiz edip pert aýtdy. – Ony entek anyklarys… – diýip, Aman OGPU Ballyny ýiti nazar astyna alyp oturyşyna köp manyly gepledi. Şu pursatda-da onuň gepiniň hörpem biraz gowşan ýaly boldy. Bally onuň talaply gep saluwynyň gowşamagynyň sebäbini onuň şu pursatda özüniň Syzran bilen dostana gatnaşygy barada pikir edenligini çen etdi. – Sen Ahmet bilen soňky gezek haçan duşuşdyň? Bally oýurganyp, Ahmet bilen soňky duşuşygyny ýatlady. – Handepe gazamadynda otyrka-ha bir gezek, onda-da siziň özüňizden idin alyb-a bir onuň ýanyna barypdym. Aman OGPU oňa bu duşuşyga Syzranyň rugsat edenliginden habarlydy. – Soňky gezekmi şol? – Soňky. – Hany, ol gije-girim, ogryn-dogryn obada gelip gidýär diýýäler-le. –On-a bilip biljek däl… Soň ol oýurganyp, ýene bir zady ýadyna saldy: – Birki aýlykda ol otrýaddaky ýoldaş Sarkisow bilen gelip, oba bir köw-salyp gidenmiş diýen ýaly bir gep-ä meniňem gulagyma degdi, ýöne özüni göremok… – Kim şony şeý-diýip aýdýan? –diýip, hamala bu gepi edara syry açylyp barýan ýaly gören Aman OGPU oturan ýerinden galarly bolup, Ballynyň üstüne heňkirip talaply dillendi. – Kimdigini anyk aýdyb-a biljek däl. Ýöne Ahmedi gije, Sarkisowyň arabaly oba getirenini gören-ä bar… Ol telpek, don geýip, oba adamsyna meňzese-de… Ýapdan bökende bir aýagy suwa gaçypmy-nämemi orusça “Çert poberi” diýip, yzyndanam onuň haňňy-huňňy öz düşnüksiz dilinde ýene-de bir zatlar diýenin-ä onuň şonda eşidipdirler. – Kim diýýän, şeýle gepleri ýaýradýan kim? Isleseň-islemeseň, sen indi onuň kimdigini aýtmaly borsuň! –diýip, beleň alan deý bolup, şundan soň Aman OGPU Ballynyň üstüne täzeden okgunly hüjüme geçdi. Bu gep Aman OGPU-nyň peltesine ot berdi. Häzir onuň hereketinde ne ätiýaç bardy, ne-de paýhas-gazabyna bäs gelip bilmän, ol ýaragyna-da ýapyşarly göründi. Şol arada Aman OGPU-nyň stolunyň bir gapdalynda duran gara telefon aýtmaly habarynyň barlygyny mälim edip, yzly-yzyna jaňňyrdady. Aman OGPU trubkany göterip, aňyrdan gepleýäni ýüzugra tanap, Wadim Sigizmundowiç ¬– diýip, gepiniň hörpüni bada-bat gowşadandan Bally onuň Syzran bilen gürleşýänine düşündi. Syzran bir tabşyrygy ýetirmek üçin kabulhanasyna jaň edip, orunbasaryny soranda, gapyda oturan işgär oňa: “Ol häzir sizi sorap gelen Ballydan öz kabinetinde sorag sorap otyr” diýipdi. – Bally meni sorap gelipdir, ol seniň ýanyňdamy? – Hawa, ýoldaş Syzran! – Ony näme üçin çagyrdyňyz? – Aý, şol Ahmet barada ondan käbir zady anyklaýyn diýdim. – Sen şol diýenim, Humly töwereginde bir bölek atly serhet ýakada peýda bolupdyr, häzir haýal etmän şonuň ugruna çyk. Ahmetli meseläni, baramsoň özüm çözerin!. Başlyk näme başlyk bolýar-da, Aman OGPU dessine onuň buýrugynyň ugruna çykarman boldy. Harbylarça: – Bolýar, bolýar, Wadim Zigmundowiç, häzir ugruna çykaryn ol işiň – diýip, dessine stol üstündäki çilimini penjeläp, öňüne çekip, ýumuş ugruna çykmak bilen boldy. Balla bolsa ol seniň bagtyň getirdi diýen manyda tumakly gözläp: – Gassagly iş çykdy, seniň bilen gürrüňi soň döwam etderis –diýip, gümürtik gepläp, oňa gitmäge rugsat etdi. Bally Syzran Guşgudan dolanyp gelen gününiň ertesi iş wagty gutaransoň, Wartanyň ýörite ýazan saçagynyň başynda onuň bilen duşuşdy. Şol ýerde-de bir görseň derdinişmä, ýene bir görseň, pikir alyşma meňzeş şeýle bir gürrüň bolup geçdi: – Ýoldaş Syzran, hol gözlän gününiziň ertesi bardym welin, görsem Guşga gidiberen ekeniň? – Ata Hymlyýewiç senem ýanym bilen gidäýseň diýdi. – Orunbasaryňa gabatlaşdym. Gözüni eşek iýen möjegiň gözi ýaly edip, haltyldap bir ýerden-ä gelýän eken. – Hüm-m... Meniň orunbasarym bilen-ä bar senem! Onuňam sen diýseň, bir zat diýjek bolup, dili süýnüp dur... – Şeýledir. Sebäbi onuň il içindäki jansyzlary meni halanoklar. Olar meni öz etmekçi bolýan zabunlyklarynyň öňünde duran böwet hasap edýärler. Men bilýän, ýoldaş Syzran, hälem siz bar arkamda, ýogsam dagy ol menem iki üzüp, bir ýalmajak. – Ylalaşyklyrak bolaweriň! – Wah, men ylalaşjak-la degmeseler, ýöne olar eýlämden bir, beýlämden bir çekeläp, günüme goýanoklar. – Aý, dost seniňem-ä garyndaşyň, derdiň-ä ýetik özüň-ä. Özleri-de bir-birlerinden kem däl yňdyrmalykda, ýene-de... Eşidensiňem, seniň iniň Ahmet Sowet aýeroplanyny asmandan atyp alypdyr… – Anykmy şol özi? – Gaty anyk. Şol ýerdäki basmaçylar toparynda biziň Ahmetden başga-da “gulagymyz” bar. Muny hut şol gözi bilen görüpdir. – Be, aýeroplany dagy nähili urup ýykyp bolýanyny hiç göz öňüne getirip bilemok... Wah, dost, şol geňeşeniňde: “Ahmet ýüpüne odun goýar ýaly adam däldir” diýdim-ä men saňa! – Aýtmasan-a aýtdyň welin, ylla beýle bolar öýtmändik-dä! Meni bu meselede, onuň ugruny ýekelän kontur Sarkisowam beletsiräp: “Ugradan ýerimizden başga oňa barara ýer, ýöräre ýol goýan däldirin” diýip, onuň ýönelen beýleki yňaýjak ýerleriniň ählisinde syrtmak taýyn edilip goýlandygyny, şondan başga gidere ýeriň ýoklugyny, duzagyň giňden, bilinmez ýaly syrly gurlandygyny aýdyp, bizi ynandyraýdam-da. Owganystandaky bu gün bolmasa, başga bir gün gylyç syryp geljegi çen edilýän ýaragly basmaçylaryň duşmançylykly çozuşlaryň öňüni almak baradaky ýörite döwlet komissiýasynyň jogapkär wekili bizi ýygnanda ol-da bardy. Wekilem şonda konturyň arkasyny alansoň, menem biygtyýar olar bilen razylaşmaly bolupdum. Ýogsam seniň aýdanyň ýadymdady-la... Ahmediň özüniň bize hyzmat etmek üçin iberilen adamdygyny Jüneýit hanyň ýakyn adamlaryna hem duýduran bolmaly… – Aý, munyňa-ha hä beremok, dost! – Näme üçin? – Üçini şol. Sen Ahmedi tanaňok. Ol kimiň ýumşuny etse eder, ýöne hiç kime doly ýüregini açmaz. Ol syr saklap, syr bolubam gezmegi başarýan adamdyr. Ola-ha Jüneýit hanmyşyn, ondan Owgan emiri islände-de artyk gep alyp bilmez. Onuň aňsat ýan basan kenary-da bolmaz, aladasy başyny-bela beterlerden gutarmakdyr, bar bolup bilşi-de şoldur. “Töwekgeliň işini Taňry oňar” edip ýörendir. Özem başa näme gelese, çekmäge taýyndyr... – Jüneýit onda-da oňa engam baryny beripdir… – Näme berlenem bolsa, syr açyny üçin däl-de, aýeroplan urup ýykany üçin berlen bolmaly… – Belki, şeýledir?... Ol häzir Owgan Marçagyna dolanyp gelip, şol ýerden ýer-jaý satyn alyp, ornaşyp ugrapdyr. Indem ol çagalaryny bu ýerden alyp gitmegiň ýoluny gözleýärmiş. – Aý, näbileýin. Eger şeýle bolsa, onuň ýanynda serhedi böwsüp gelip gitmäniň näme kyny barmyş, biz-ä henize çenli Ahmedi göremzok. – Görmersiňem. Ol biziň bu ýerde özüne garaşýanlygymyzy gowy bilýär. Möjek syzgyrlygy bar onuň. Aýeroplan dagy urup ýykansoň, eýsem, indi bu ýere gelmäge ýüzi barmy onuň? Ýöne bizem-ä ondan kem oturmarys. Ýeriň deşigine girse-de, gulagyndan çekip çykararys. Marçak dagy özüň bilýäň, biziň üçin elýetmez ýer däl ahyryn. – Ol düşnükli zat, siziň arkaňyzda uly döwlet dur. Şeýle arkaň bolanda alynmajak gala barmy, eýsem? Ýöne näme üçin ony heniz bolubam alyp ýatmaýanyňyza men haýran!? – Ruslarda bir gep bar, biler bolsaň, olarda: “Towşany araba bilen kowup alarlar” diýilýär. Her zadyň öz wagty, amatly pursady bolýar. Onsoňam “Bary bir ele salaryn” diýip, biziň konturymyzda oňa hyrş edýän-de bolsa, ol ýene bir-de ondan degerli maglumat alyp biljegine henizem ynanýarmy-nämemi: “Şunuň hasabyny maňa goýuň!” diýýär. Ýöne barybir Sowet döwletiniň garşysyna giden dury gün görmez, ele-de düşer… – Düşnükli zat. Döwlet bilenem bir oýun edip bolarmy? Ýöne men, ýoldaş OGPU, onuň ilden ala-böle saýlanyp, aýeroplan tapyp, ony urup ýykyp biljegini göz öňüne getirip bilemok. Owgandan gelip, Guşgy töwereginde aýeroplan urup ýykara onuň ilden üýtgeşik näme ýarag-ýesbaby barkan? – Hüm-m... Görýän welin sen ýagdaýdan habarsyz. Biziň aýeroplanymyz Owgan ýeriniň üstünde uçup, ol-bu ýerdäki ýagdaýlary anyklap, aňtaw işlerini geçirip ýören eken. Şeýdibem ol Ahmet dagynyň Türkmenistandan geçjek basmaçy göçüne garaşyp ýatan ýeriniň üstünden barypdyr. – Asyl bu waka Guşgynyň töwereginde däl-de, Owganystanyň ýerinde bolan diýsene? Men bolsa Ahmet iki-üç adam bilen aňyrdan gelip, biziň ýerimiziň bir ýerinde, aýeroplany urup ýykaýdymykan? – diýip pikir edipdirin. Aýeroplanyň uçarmany öldümikän? – Ýok, ol ýerde iki adam bolup, olaryň ikisem diri galypdyr. Şu arada dostlaryna tapbilenlik bilen hödür-kerem edip oturan öý eýesi Wartan, bu ikiçäk uzaga çeken gürrüňi böltemäge pursat gelenini aňdy-da, öňündäki bulguryny göterip, ýoldaşlaryna ýüzlendi. – Şol öz uçarman adamlarymyzyň ölmän, diri galany üçin, bir gezek ýene alalyň!? – Wartan mamla, al Bally! –diýip, Syzranam göwünjeň bulguryny göterdi. Gowulygy hatyralamaly bolanda Ballynyň çetde galan wagty barmy? Bada göterilenden soň, Syzran agzyny süpürip, ýene gürrüňini dowam etdirdi. – Uçarmanlaryň ikisem diri diýdiler. Biziň hökümet adamlarymyz olary Owgan döwletine çykyp, Jüneýit hanyň bendiliginden aldyrypdyrlar. Häzir uçarmanlaryň ikisem Kabulda. Olary Jüneýit handan alandan diplomatik ýollar bilen Owgan döwletinden almak has aňsat boljak… – Diri galan bolsa bolupdyr –diýip, alada ýüki biraz-da bolsa ýeňlän Bally ýagdaýyň ilki pikir edişindäki ýaly çykgynsyz däldigine şükür etdi. – Men Guşga barýarkam Çemene-de darap, uçarmanlaryň ol ýerdäki maşgalalaryndan habar aldym –diýip, Syzran ýene dillendi. – Nähili ekenler? –diýip, gürrüňe berlip, Wartan sorady. – Nähili bolsun?! Alada galşyp, näden nä borkan? – diýşip galpyldaşyp otyrlar. Syzranyň şu gürrüňinden soň, inisiniň etmişi üçin müýn çekip, darygyp oturan Ballynyň, hamala Ahmediň eden işini dogry tapyp, ondan kanagatlanma tapan ýaly, arkaýynlanyp ugranlygy belli boldy. Şundan soň meslekdeşleriň oturylyşyklary has-da göwündeşlik tapyp gyzyşdy. Höwesleriň bir ýere jemlenilişi ýaly, gep-gürrüňlerem saçak başynda jemlendi. Syzran bilen bolan gürrüňi aňynda telim-dokuz aýlasa-da, Bally hökümetiň indi Ahmetden nähili ýol bilen ar aljak bolýanyna düşünip bilmedi. Has-da ony ýetim galjak çagalaryň garaňky ykbaly eýmendirdi. Häzir ol ýetimleriň öz öýüňde aýaly Kümşüň töwereginde, muňallaşyp oturanlaryny göz öňüne getirdi. Hatda Geldimyratjygyň: – Bally däde, akgam näme gelenok? –diýen alada, küýsegli gepi hem gulagyna eşidilen ýaly boldy. Bally meýlisden soň atlanyp öýüne ugran wagty, öýündäki çagalary, mümkin boldugyndan, biraz-da bolsa begendirmek isledi. Ol şundan soň şäheriň gaýra etegini syryp barýan atynyň başyny dolap, ony Şeribiň dükanyna tarap gönükdirdi. Bu mahal iş güni gutaryp, dükanlar eýýäm ýapylypdy. Garaňky gatlyşyp, jaýlaryň penjirelerinden iki-ýeke çyra şöhlesi hem görnüp ugrapdy. Dükan ýapyk-da bolsa, Şeribiň goňşy otagda ýaşaýanyny Bally bilýärdi. Şonuň üçinem ol gelip, dükanynyň öňünde atyny keserdip duransoň, urdy gykylygy, atdy tarpy. – Eý, Şerip kürt, nirede sen! Towuk ýaly eýýäm ýatandyram bi! Egni giňiş geýimli Şerip dükançy Ballynyň sesini eşidip, howlugyp daş çykdy. – Bally, senmaý bi... Aýtdym-a saňa men kürt däl, dagystanly diýip! – Aý, kim bolanyňda näm-aý, türkmen özünden başga hemişe orus ýa kürt diýýär. Sen muny bilýäň-ä? – Bilemde näme, men kürt däl-dä... – Bar, kürt bolmasaň, Dagystan ekeniň munuň tapawudy näme? Baryň bir kürtsiň-dä, orsa däl sen... – Saňa çäre ýokdur, Bally. Ýene şol zährimardanam gowy ýetiripsiň sen! – Orsuň gül ýaly ak aragyna dil ýetirjek bolma, agzyň gyşarar ýa-da gyşardarlar hezil edip, orsuň gämisinde otyrkaňam bir onuň gül ýaly aragyna at dakyp bormy!? – Hä, düşnükli, häzir birki bulgur urup, seniň bilen deňleşäýmeseň, seniň bilen deň bolup bolmaz… – Şony bilýäň dälmi? Bol, onda maňa alty-ýedi düwür ak gant tap! – Dükan ýapyk. Açyk bolanda-da gant ýok. Ýakynda Mara gitjek şonda äkelerin. – Näme, sen indi Mara gidip gelýänçäň men şu ýerde garaşmalymyşynmy? Onsoňam men senden dükanynyň açykdygyny, ýapykdygyny soradymmy? Men gant soradym. Dükanda ýok bolsa, özüňe goýanyňdan ýa-da ýolbaşçylara goýanyňdan ber!? – Ýa, senem, dost, alýaň-ow! – Näme beýle zat ýok diýjek bolýarmyň? Eger olar getir diýen wagty ertmeseň, bilýäň-ä sen kürtüň topunyň atyljagyny. – Sen gelen bolsaň düşnükli. Almasaň gitmersiň. Ýoguňy, beýlekinäm bilenok bi –diýip, Şerip nägile samyrdap, yzyna öwrülip, öýüne girip gitdi. Birazdanam birnäçe bölek gant düwlen düwünçegi getirip, Balla uzatdy. – Me, dost, gara gün üçin gizläp goýanymdy. – Gara gün eken-dä şu gün –diýip, Bally minnetdar bolup, onuň özüne uzadan gantly düwünçegini aldy. Ballynyň bu gün çagalaryň agzyny süýjedesi geleni çynydy. Sebäbi Syzran bilen gürrüňdeşlikden soň, onda umumy hal-ýagdaýlar bir ýol-ýörelge tapyp, gowulaşyp gidäýjek ýaly duýgy döräpdi. * * * Göçüň yzyny yzarlap gelýän Tejen otrýady şol kowgy bolup, gabat gelen ýerinde göç goragy bilen atyşyp-çapyşyp gelşine üsti depeli-düzli Bathyz degresiniň jülgesine içgin aralaşypdy. Indi esasy göç toplumlary otrýaddan bolsa ýarym günlük ýoldan uzak bolmaly däldi. Belki, ondanam golaýdyr. Aňtawçylar göç habaryny anyk bilmek üçin, gije-gündiz gidip, öň hatarlarda çöli torç edip ýörenlerine seretmezden, entek göç barada gerek bolan anykdan doly maglumat ýokdy. Merkez bolsa bu işiň uzaga çekdirilýändigini aýdyp, indi uzaga çekdirmän, göç bilen bellisiniň edilmegine häli-şindi talap bildirýärdi. Kowgynyň ýedinji güni diýlende komandir Stepanow bar bolan aňtaw maglumatlaryna daýanyp, göçe aýgytly urgy urmagyň wagty gelendigine ynandy. Annamyrat Potranyň toparyna şonda gidip, göçüň Sarahs tarapyndan gelip, duýdansyz urmak tabşyryldy. Özi bolsa esasy güýçler bilen göçüň syrt atyp barýan yz tarapyndan zarba urmaklyga niýetlendi. Onuň pikiriçe, şeýdilip iki tarapdan alasladylyp, möjek hüjümi edilende, göç goragy bu güýçleriň öňünde durup bilmeli däldi. Bu onuň ýagdaýlara aň salyp, komandirlerçe ölçerip-döküp, soňky gelen aýgyt netijesidi. Şeýdilende ol göç goragynyň iki ýeriň goragyna ýetjek bolup, güýçlerini bölmeli bolup, ýüküne çolaşan mal ýaly urnup, dyzap sypma ýerine gaýtam jinnek edip, öz-özüni güýlüp taşlamagy bolmalydy. Bir aljyraňňylyga düşürip, çolaşdyryp, bulaşdyryp alansoň bolsa, olary näme edeniňde bolmaýar? Balyk suw bulandyrylyp tutulmaýarmy näme, eýsem!? Şamlyk naharynyň öň ýanynda Annamyradyň toparynyň gysga wagtlyk ýol taýynlygy başlandy. Atlaryň başyna arpaly torbalar geýdirildi, ok-ýaraglar tükellenilip, goş-golamlara täzeden serenjam berildi. Toparynyň tiz hereket etmelidigi pikir edilip, ýolda asgynjaňlyk ediler öýdülen atlaryň birnäçesi beýleki bölümlerdäki taby gowy atlar bilen çalşyryldy. “Maksim” pulemýotlar ýaly ýeňil bolmadyk ýükleri has gurply atlara ýüklenildi. Annamyrat Potra erte diýlen wagty bellenilen ýerde tapylmak üçin nahardan soň öňüne goýlan çaýyny agzyny ýakyp, gyssanybrak içip, “Ýolagçy ýolda ýagşy” edip, atlanmak bilen boldy. Şeýdip barylmaly ýere gijikmän, wagtynda barlanda, göçüň asgyn ýerini peýlemäge amat boljagyny pikir etdi. Hakykatdan bolsa, onuň niýeti diňe bu-da däldi. Ol bir ýol bilen agasyny tapyp, ony raýyndan gaýtaryp, yzyna dolap boljagyna doganlarça ýürek ezip, tama edýärdi. Eger şeýdip bolsa munuň ata-babanyň ruhunyň öňünde özüniň är işini bitiren ogul boljagyna ynanýardy. Bu bolsa örän tiz, onda-da soňuny saýman batyrgaýlyk, paýhaslylyk bilen edilmeli hereketi talap edýärdi. Ýogsam Stepanowdyr Çary Perman bilen bolan soňky gürrüň eýýäm bu gepiň soňky nokadyny goýupdy diýseňem boljakdy. Göç bilen gepleşik geçirip, olary pälinden gaýtaryp bolmazmykan diýen pikir ilki başda mümkin ýaly bolup görnen hem bolsa, otrýadyň şeýle bir şowly bolmadyk çaknyşygyndan soň ol ozalky Konstantinowyň eskadronynyň hem derbi-dagyn edilendigini ýada salyp, könelip barýan ýaranyň kesmegini aýyrmak bolup, otrýad komandiriniň öňki ynsanperwer, hoş niýetli pikirini üýtgedipdi. Bu bolsa göçden öçli bolup, ol barada özüçe hasap tutýan Çary Permanyň: “Gepleşigiň wagty duşdan geçirilen bolsa gerek. Onsoňam indi ara eýýäm gan düşdi. Şonuň üçin göç emeldarlar-a biziň ýagşylyk etmekçi bolýanymyza ynanmaz, bizem duşmançylygyň üstünden ätläp, olara garaşyk, geçirimlilik edip bilmeris. Göçde kimimiz bolsa-da, bize indi olar bilen barlyşyksyz bolmakdan başga ýol ýok” diýip, özüniň Çary Perman däl-de, ýörite şeýle ýagdaýda maslahat düşer döwlet wekilidigini ýatladyp gepläpdi. Emma Annamyradyň agasynyň maşgalasynyň aladasy bilen “Göç bilen düşünişmäge ýene bir synanyşyp göreliň” diýesi gelse-de, Çary Perman hökümetsiräp durka şeýle etse, munuň oňa garşy aýdylan gep boljagyny pikir edipdi. Ýöne bary bir Annamyradyň bolmanda agasy Agdarhan Potra bilen onuň maşgalasyny, haýsydyr bir ýol bilen amadyna salyp alyp galyp bolar diýen pikirinden el üzesi gelenokdy. Dogrusy, ol häzire munuň nirede, nähili boljagyny anyk göz öňüne getirip bilmeýärdi. Ýöne göç ugruna atarylýan aňtawçylaryň biriniň üsti bilen ol agasyna habaryny ýetirmegiň, onuň göçüň haýsy ýerräginden barýanlygyny, nädip oňa golaýlap boljagyny anyklamagyň welin o-da eýýäm ugruna çykyp ýördi. Daş-töwerekdäki ýadaýlardan çen alyp, agasyny nädip halas edip boljagynyň ýollaryny ilik-düwme öwrenýärdi. Agasynyň maşgalasy bilen tapyp getirip, ýolbaşçylary eýýäm amala aşan ýagdaýyň öňünde goýmak isleýärdi. Ol şeýdende, diňe şeýdende agasynyň maşgalasyny halas edip biljegine, boljak iş bolansoň, diňe bir Stepanowyň däl, ondan beýleki ýolbaşçylary hem bu iş üçin özüne pikirdeş edip biljekligini tama edýärdi. Bu meselede ol ýene özüne Lenin bilen Petrogradda bolan duşuşygynyň, Kronştat pitnesini basyp ýatyrmaga gatnaşyp, onuň ýumşuny bitirip, döşüne onuň mertebäläp dakan ordenini götermegiň ýene-de duşmanlaryň dilinden, betlagamlaryň gazabyndan goranmaga kömek etjegine ynanýardy. Türkmenistanda hut proletariatyň serdary Leniniň elinden orden alan adamy garalap, ýanamaga aňsat adam oglunyň bogny ysmaly däldi. Emma ýolda Annaguly hanyň ölüp, il garamatyny agasynyň öz gerdenine almaly bolandygyndan welin häli-häzir-ä ol habarsyzdy. Ol sabyrsyzlyk bilen iki gün mundan öň bu işiň ugruna aňtawa salan adamsynyň gelerine garaşýardy. Ondan bolsa entegem habar-hatyr ýokdy. Atlar howlugylyp sürlüp, gata tutulyp, ýolda birneme wagt utulypdy. Olar indi esli ýerden bäri parça-parça ak köpük-der gaýtaryşyp, aýakdan galyşyp, ýadaw ýöreşip gelýärdiler. Nirede bolsa-da bir ýerde düşlenilip, atlara dynç bermelidi. Düşlenilip dem-dynç alynsa, bu adamlara-da kem ýarajak däldi. Oý-pikir baryny boýlap, ýagdaýdan nähili ýan tutjagyny bilmän, haýrana bolup gelýän Annamyradyň pikirem şeýleräkdi. Indi töwerekde Ýeroýulanduz ady bilen tanalýan känli ýeriň egele bolup, daşyny gallap oturan kesemidir-de ýanyn biten baýyr depeleri görnüşip ugrapdylar. Annamyradyň, Stepanowyň öňden belleşen wadalary boýunça göçe zarba urmagy niýet edýän ýerleri hem şu töwereklerdi. Ýeroýulan duz käni diňe bir töwereginiň Sarahs, Tagtabazar, Guşgy, Tejen, Ýolöten, Mary ýaly ýerleriň nahar duzuny alýan käni bolman, bu ýerde Kerkiden, Hyratdan gelen kerwenleriňem wagtal-wagtal ýüküni tutup giderdiler. Agdarhanyň hem on-ýigrimi ýyllykda obadan käne gidýänler bilen “Biraz duz edineliň!” diýip, duzçulara goşulyşyp gidipdi. Olar şol gezek dolanyp geler ýerde gelmänsoňlar, öýde ejesiniň “Ha, Agadarhan jany duza ibersegem iberdik welin, olar köp eglendiler, ýolda galtaman ýenekä duşmadyk bolsalar, ne ýagşydyr” diýip, nadynç bolup kösenişi, özüniň duzdan gaýdyp gelýänleriň ýoluna gözläp, her gün obanyň günbatar-günortasyndaky goýunguýruk depäniň üstünde ýol gözläp oturyşy Annamyradyň ýadyna düşdi. Annamyrat Potra hut hemme taraplaýyn amatly boljagyny pikir edip, şu öwrede özleriniň dem-dynç almak üçin düşlänini kem görmedi. Howada şor batgalygyň süňňünden göterilen tanyş dymyljak ys bardy. Daş-töweregi gijäniň syrly ümsümligi gurşap aldy. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Sil soraşman gelýär - 21.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -12: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -14: romanyň dowamy - 18.10.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |