14:41 Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy | |
* * * Agdarhan Potranyň göç hereketini sazlamak üçin gyssagly çakylygyna baryp, maslahatda bolup, ol ýerdenem öz alyp barýan göç toplumyndan dynman, ýene-de howlukmaç yzyna dolanyp gelýän Tagan zabun ýolbeletlerini öňe salyp, gijäniň garaňkysynyň barha törüne aralaşýan ýaly bolup, toparyň öňüni çekip, atyny gorgunyna goýberip, garaňka çolaşýan ýaly bolup barýardy. Ol ýene birki alaň aşyp bilse, öz alyp barýan goşunyň yzyndan ýetjegine, keýwanysydyr çagalaryny görüp, biraz ynjalyk tapjagyna kalbyna hoş arzuw-höwesler gabap pikir edýärdi. Ýeroýulanyň günbatar-demirgazygynda onuň gapdalyndan aýlanyp ýöräniňde serhetden bir günlük ýolda gyşyn-tomsyn giň giden jülgäniň çatalbasyny dolduryp ezmiljiräp ýatan Garaşor bardy. Tagan zabun ýene bir salymdan şol töwerekde ýetip baryp, öz toplumynyň gapdalyndan çykjakdygyny çen edýärdi. Gijäniň düşmegi bilen howp-hatar birbada öňküden azalyp-kemelen ýaly bolsa-da gorky-güman bu näbelliligiň henizem joş almasyny dowam edýärdi. Gijäniň içinde Gyzylgatynyň ýeriň depesinden seredip oturan depesiniň öňe süsňäp çykan bölegi äpet bir balygyň arkasyny ýaly, salgym atyp duran sülbasy göründi. Bathyz şemaly häzir onuň uzakly gün Güne çoýan ýagyrnysyny salkynlyk-serginlik bolup sypalaýardy. Janly-jandary galkyndyryp, dünýäniň nepesini durlaýardy. Duýdansyz asmandan gelen durnalaryň sazlyşykly “gyrruw” sesleri Tagan zabuny ýokarsyna gözletdi. Ol at başyny çekip, bir salym ýakymlydan tanyş durna seslerine diňşirgenip durdy. Häzir güýz ahyry, durnalaryň tüýs göç edýän döwrüdi. Tagan zabun görmese-de, biraz depesine gözläp duransoň, durnalaryňam hemişekileri ýaly toýnuk gurap, bir gowy bolup uçup barýandyklaryny pikir etdi. Durna sesleri ýene-de bir pursat oňa dünýäni unutdyrdy. Bu sesler onuň Sarygamyş töwereklerinde oglan döwri mal bakyp, düýesini gözläp gezip ýörkä köp eşiden, gulaklary ganan ýakymlydan owazly seslerdi. Sarygamyş owalda, ahyrda durnalaryň göwünlerine laýyklap, özlerine mesgen edinip, eýemsirenip, özüniňki hasap edip höwrügen ýerleriniň birisidi. Olar her ýyl gyşyň öňüsyrasy bölek-bölek bolşup, yssy ýurtlara gyşlamaga gitseler-de, ýene-de ýaz düşensoň, uly gurruldy bolşup, höwes bilen yzlaryna dolanyp gelerdiler. Olar soňam ýylyň köp bölegini şu öwrelerde geçirerdiler. Gamyş aralarynda höwürtge ýasanyp, onuň içine üçden-dörtden akja ýumurtga togalansoň bolsa, oturyp olar agzysary äm-säm jüýjejiklere öwrülýänçäler yhlas bilen basardylar. Durnalaryň aladalydan şagalaňly durmuşy bir ýyl şeýdip çaga-çugalardan sanlaryny artdyrandasoň başlanardy. Has-da güýz golaýlaşdygyça, durnalaryň işjeňligi, aladaçyllyklary mese-mälim artardy. Şundan soň çagalary uçuşa taýynlamak uly durnalaryň esasy pişesine öwrülerdi. Hasam çagalary uçmalydygyna, gitmelidigine ynandyrmak uly alada bolardy. Ýaş durnalaryň öz höwürtgelerini taşlap, görmedik ýat ýurtlaryna uçaslary gelmezdi. Tagan zabunyň çaga kalby olaryň özara „gurruldylaryny“ özüçe şeýleräk ýorgut ederdi: –Eje, gitmäli-dä! –Gitmesek bolmaz, türpäm! –Meniň-ä gidesim gelenok. Bu ýerde iýmit, suw kän-ä. –Ýok, il gidende gitmeli bolar. Biz bu ýerden gowy ýer gözläp gidemzok. Gitmeli bolamyzsoň gidýäris. Sowuk gyş ýetip gelýär. Biz aldajy gyşdan gaçyp gidýäs. Gitsegem ýene bir sähetli gün höwes bilen gaýdyp gelmek üçin gidýäs. Uly uçuşdan galyp bolmaz. –Gyş diýýäniň näme? –Gyşmy!? Ol suwy doňdurýar. Ol gelse, bu degrede durarlyk galmaz. Ähli iýmit berekediň üstüni buz, gar bilen örter. Seniň çüňküň gar-buzuň aşagyndan iýmit almakdan ejiz geler. Iň erbedi-de daşyňa gyraw-garyny çolap, seniň uçarman ganatlaryňy gundap, doňduryp taşlar... Tagan zabun şuňa meňzeş durna „söhbetlerini“ şol döwürlerde köp eşidýärdi. Tagan zabun bularyň her ýyl asmany sarsdyryp gurruldaşyp uçýan il içinde „Horasanyň durnasy“ at alan Sarygamşyň durnalardygyna ynandy. Olaryň el ýeterden, göz ýeterden, dil ýeterden ýokardan uçup barýandyklaryna begendi. Durnalaryň sesine imrinip durşuna, olardan özlerine meňzeşlik tapdy. Onuň göwnüne olar häzir öňkülerinden has tiz uçup, haýsydyr bir zatdan, elheder alyp, özleri ýaly gaçyp barýan ýaly duýuldy. Ol durnalar hakynda aýdylýan, mahal-mahal eşitmek isleýän aýdymyny ýadyna saldy. Bu aýdym onuň durnalary görüp dörän “Bular indi baryp, nirelerde düşlärkäler?” diýip, olaryň ykbalyny göç bilen baglamagyna sebäp boldy. Has kyn ýagdaýda özüni dünýäde ýeke arkasyz duýmazlyk üçinmi, töwereginden meňzeşlik tapmak, şeýdibem özüni ýoldaşlydygyňa ynandyrmak bolsa bu ynsan häsiýeti. Ýogsam Hywanyň ýomut türkmenleri ahyrýetden tutýan rysgal-döwletdir garpyşmaly uruşlar, gahrymançylykly aýdymlar bolmasa, guş-puş hakyndaky aýdymlary dagy märekede orta çykyp aýdyp-da ýörmeýärdiler. Olar gahrymançylyk hakda aýdanlarynda Görogly bolup, ýagy üstüne kükreýän deý, aýdym üstüne kükräp aýdýardylar. Rysgal-döwlet hakyndaky aýdymlary bolsa, bolçulyk, dökän-saçanlygyň, jomartlygyň tarypy bolardy. ...Eý, ýigit başy malsyz bolmasyn, Aý, malsyz bolsa, onuňam bir... – diýip, gapysyndan baranyňa degýärmi diýen gepi gönüläp çykan ýaly edip aýdyp goýbärdiler. Ýöne ilçilik, guş-ýeneki zatlar barada, onuň durky dünýäsini dannaman, ol barada-da içigip-içigip aýdýan bagşylar seýrek-de bolsa tapylýardy. Şeýle bagşylaryň biri-de Köneden Orakmät bagşydy. Onuň pessaýdan gelen şirin owazy bardy. Nazar baga, Çuwal bagşy dagy ýaly ol meşhur bolmasa-da, o-da toý märekede dessan tirip, aýdym aýdyp hezil berýän bagşydy. Tagan zabunam ony diňlände hezil tapýanlaryň biridi. Has-da onuň labyzly ses bilen hamala ol ýerde toýnuk gurap barýan durnalary görýän, olary nazary bilen ugradýan ýaly bolup, onuň asmana gözläp, “Durnalary” aýdyşyny halardy. Jüneýit han bilen 1928-nji ýylda Watany goýup gaýtmaga mejbur bolany, Owgana geçensoň bolsa, Orakmät bagşynyň şol gyýlyp-gynanyp, ýola salan durnalarynyň biriniň özüdigine, onuň durnalar hakyndaky aýdym bolmak bilen birlikde, özleriniň Watan bilen hoşlaşyk aýdymy ekenligine ynanypdy. Şondan bäräm ol ýurda baryp, Orakmät bagşynyň alkymynda oturyp, bu aýdymy ýene bir diňlesem diýen arzuw bilen Watany ýat edip, bu aýdyma onuň ýolda-ýenekide öz ýanyndan hiňlenäýmesi-de bardy. Gitdiňiz siz mundan başyňyz alyp, Peslige, pislige sygman gitdiňiz. Halka sütem edýän güýçleň öňünde, Dyza çöküp, başy egmän gitdiňiz. Aňsat däldir ýat gapyny ýassanmak Hasam çagalaram tirkäp ýöreňde. Şükür, şindem gowlulygyň barlygna, Egniňden göterjek entäp baraňda. Garasy, bir mydar etse-hä bolar, Ajam dälsiň, dokam dälsiň ol diýen. Ýöne kalbyň welin it bolup uwlar, “Türkmenistan, jan Watanym, nirde sen?” Garaşarsyň hoş habara Watandan, Ýat ýerde günlerem haýal geçýändir. Siziň jylawlajak hanlarňyz munda, Ýurdy-depip, gapyp guduz açýandyr. Çäre ýokdur şol örtener ýörersiň Ýaşaýşyň köp ýeri sütemdir, aldyr. Gowluk ata çykaýjagam ýalydyr. Ýöne aňsat-aňsat çykýanam däldir. Garramagam tebigatyň kanuny, Kimsäň ýat illerde galmagy mümkin. Seýrek bolýar mudam pidasyz göreş, Gör, ne edilmeýär mertebe üçin. ...Nesip bolsa, bir gün gaýdyp gelseňiz, Il bagty göterlip çyksa ak daga. Dünede bar bolsam, menem çykaryn Çykaryn köl boýuna garşylamaga. Asmandan gelen durna sesleri Tagan zabunyň ýene-de bir gezek köne ýarasynyň kesmeginiň aýrylmasy boldy. Aýdym uzynam bolsa, ony wagtynda ýat bekläp, öz aňynyň törüne atanyna ýene bir gezek begendi. Asmana gözläp, durnalaryň barha özünden daşlaşyp barýan sesine diňirgenip durşuna, bir pursatlyk bolsa-da şol durnalaryň biriniň özüdigine hem ynandy... Haçanda ot ysy burnuna uran mahalynda ol bu ody özüniňkiler ýakandyr öýdüp, gaýybana nägile bolup, olara käýindi. Sebäbi duşmana nyşan bermezlik üçin ot ýakmak ähli göçe düýn ýörite aýdylyp gadagan edilipdi. Zabun hym baglap çytyldy: – Kimkän-äýt bu, biziň aýdanymyzy etmän, ot ýakan, gyzyňy alaýyn... – Tüsse ysy soňundanam oňa Agdarhan bilen, göç arasynda Sowetiň içalysy barlygy hakyndaky eden gürrüňlerini ýatlatdy. – Ýa-da bu göçüň niredeligini salgy bermek üçin şonuň edip ýören işi dagy bolmasyn? Ol haramzada onda biziň aramyzdamykan? Kimkän-aý ol? Bir bilip bolsady. Bir derisine duz berip, öldürsemdim şonuň – diýip, öjügip müňkür boldy. Tizden Tagan zabunyň äjinnesini atlandyran tüsse ysynyň nireden çykanlygy, ody kimiň ýakanlygy belli boldy. Topara töwerekläp ýöreýän gözegçiler, Tagan zabuna bir bölek gyzyl esgeriň gijäniň howp-hataryna bakman, göç yzyny yzarlap, Owgan gädige tarap barýanlygynyň habaryny berdiler. Bir topar aç möjegiň, gan ysyny alyp, başlary humarladyp, süriniň yzyna düşenligi belli boldy. Gylyçlar syryldy. Tagan zabunyň atlylary duýdansyz peýda bolansoň, Annamyrat Potranyň atlylaryna özüni almaga, atylýan ýaraglara ýetmäge köplere mümkinçilik bolmady. Ýürekler daljygyp howatyrly urdy. Iki tarapdanam tüpeň iki-ýeke atylsa-da, onuňam soňy bolmady. Serden geçildi. Tagan zabunyň atlylary aňyrdan ýüzin salşyp, gylyçlaryny depelerinde bulaýlaşyp, duşmanyň üstünden indiler. Gygyryşyp gelişlerine-de urdurylyp, Annamyradyň toparynyň arasyna girdiler. Soňam ony ikä böldüler-de, bada-bat garşylykly uruşlara başladylar. Tagan zabunyň “Bas, ur” diýip, gygyrýan hökümli ýogyn sesi indi ahmal galanlaryň armanly sesiniň arasy bilen eşidilýärdi. Annamyrat öňden bu ýerde gurlup goýlan duzaga düşenligini pikir edenligi, indi töwerekdenem ýene-de öz üstüne şunça atlynyň çozup geljegini çen edip, çykgynsyz ýagdaýa düşdi. Soňam ol tiz özüni dürsäp, biraz ýeňsä çekilip, topary şol ýerde jemläp, aýgytly hüjüm etmegiň pikirine berildi. – Yza çekilmeli. Othodim nazad! – diýip, çawjaşyp-çapyşyp urşup ýörüşine öz esgerlerine iki dilde kesgitli buýruklar berdi. Emma oňa bu pikirini amal etmäge mümkinçilik bolmady. Sesinden Tagan zabunyň adamlary bu ýerde Sowetiň goşunbaşysynyň türkmenligini anyklansoňlar, olar belläp onuň üstüne hasam öjügip, hüjüm edip ugradylar. Göni üstüne gelen üç atlynyň biri atynyň badyna dazylap gapdaldan geçip barşyna ýüzugruna Annamyrady ýaralamaga ýetişdi. Ýöne onuň boýnunyň çykan ýerine niýetläp salan gylyjy Annamyradyň münen aty şol pursatda beleň alyp-haýygyp, segräp çarpaýasyna galany üçin, gylyç düşmeli ýerini üýtgedip, onuň aşyrma kemeriniň eginden aşaklygyna gaýdýan bölegini parran kesip, emjeginiň etegini keseligine zowwam dilip taşlapdy. Häsiýetli atyň wagtynda çarpaýa galyp, eýesini göni gelen ajaldan sowanlygy belli boldy. Batly urga Annamyradyň eýýäm gana boýamaga ýetişen gylyjy sarsgyn alyp, elinden ýere gaçdy. Annamyrat öz hasabynyň çykmandygyna düşündi. Ol köpi gören hökmünde özüniň kimligini dagy belläp alansoňlar, indi bularyň hezil bermejegine göz ýetirdi. Üstüne eňen üç atlynyň atlarynyň badyna gapdalyndan geçenine mähetdel jylawy yza öwrüp, gaçmak bilen boldy. Şol gaçyp barşyna-da ýanbaşdan almaga ýetişen mauzeri bilen gapdalyndan geçen, indem atlarynyň badyny alşyp, özüne tarap gelýän atlylara tarap çenemäge howlugyp kelepatara ok atyp gaçdy. Özüni öňden gaçyp barýan öz esgerleriniň arasyna atmaga gyssandy. Iki-üç atlynyň yzyndan ýeten wagty bolsa, ol olaryň arasyndan surnaýçyny tanap, uly otrýadyň sesýeterden uzakdadygyny bilse-de, ondan otrýady çagyryp, surnaý çalmagy talap etdi. Ýomut atlylary ýola howlugýandyklary, tizräk özlerini maşgalalarynyň arasyna atmagyň arzuwyny edýändikleri üçin, gyzyl esgerleriň yzyndan kowmaga döwtalap bolmadylar. Olar gyssagly duşmandan galan-gaçan, ýarag beýlekini toplap, ölen-ýitinlerini tükelläp, özlerinden üç, duşmanyň sekiz esger gurban edenini anyklansoňlar, merhumlaryny maşgalalarynyň arasynda musulmançylygyň dessurlaryna laýyklykda jaýlamak üçin, howul-hara donlaryna dolap, atyň öňüne aldylar. Duşmandan olja galan atlaram, boş galan öz atlarynyň yzyna tirkäp, ýola düşdüler. Annamyrat Potra bolsa, kowgynyň yzlaryndan tiz galanyny görüp, surnaý sesine eşidip, “Olar kömege çagyrýar welin, bularyň golaýda ýene bir bölegi ýatandyr” diýip eýmenendiklerini pikir etdi. Annamyrat ýarasynyň agyrysy artyp ugransoň, tizden aladasyny etmese, onuň özüne hezil bermejegine düşündi. Gan çep gapyrgalygyň üsti bilen aşaklygyna, bilguşaklygy tarapa syrygyp akýardy. Gan eýýäm ep-eslije akan bolmaly, indi ol gözi garaňkyran ýaly bolup, tabyny-da ýitirip ugrapdy. Barha artýan agyra çydajak bolup, çep goly bilen häli-şindi penjeläp, gylyç bölen ýerini tutýardy... Habar düşüp, Tejen otrýady kömege gelende, Gün eýýäm dogup, ol agşamky bu ýerde bolan zatlary öz gözi bilen görmek islän ýaly, töweregi eserdeň synlap, asmana göterilip barýardy. Aşakda bolsa uly göç toparydyr müňläp ok ýaraglary öz süňňüne ýaýradyp, ykbalyny terezä goýan Pendi topragy ýaýylyp ýatyrdy. * * * Ýomut göçi indi Ýeroýulanduzuň sag tarapynda äpet bir balygyň gerşine meňzäp duran Gyzylgaty dag ulgamynyň etegini syryp barýardy. Annamyrat Potranyň esgerlerini gije dyr-pyrtak eden Tagan zabun özüniň bir bölek atlysy bilen göç yzyndan ýetmäge gyssanýardy. Eýýäm jahan ýagtylyp, dargaw bulutlar bilen bir bölek bolup sürlenişip dogan Gün eýigip-ekezlenip indi barha öz dogar ýerinden daşlaşmak bilendi. Aňyrdan Görogly begi küýsäp, ol baradaky eşiden dessan-taryplaryna berlip gelýänligi üçinmi nämemi ol ýolugrunda öňünden dag gowagy çykan mahaly bagtyýar at başyny çekdi. Aňyrdan ýat edip gelýänligi üçinmi nämemi, ol gowagy görenden, onuň şol Görogly begiň ömrüniň ahyrynda garrap, sandan galansoň, Öwezdir Ärhasan ogullaryndan, Sapar kösesidir kyrk ýigidinden aýrylyp, Agaýunusdyr Gülşirin perileriň ykbalyň beren mynasybetli döwranyny sürüp, öz mesgenleri Kap dagyna uçuşyp gidensoňlar, onuň gelip, özüni atan gowagydygyna ynandy. Onuň garrap, ýal-toýnakdan galan Gyraty hem şu golaýda bir ýerlerde bar ýaly bolup duýuldy. Ol şu pursatda ýene-de bir salym özüni batyrgaýdan arkaly duýdy. Her gezek "Görogly" dessanyny diňlände bolşy ýaly, ol ýene-de özüniň hem onuň kyrk ýigidiniň biridigine ynandy. Şol barmana-da Görogy beg gowakdan çykyp: – Haý, goçaklarym, jemleniň meniň Tugumyň astyna. Bu gün il-gün üçin atlaryň ganat ýaýyp uçup, gylyçlaryň parlamaly günüdir! – diýip, öňe düşüberjek ýaly bolup göründi. Dogrudanam, bu hakykatdan gaty bir daşda-da bolmaly däl. Halky beýdip, orlup-çapylyp durka heý Görogly begem bir ynjalyp, gowagynda ýatyp bilermi!? Her gezek şeýdip, Görogly bilen duşanda bolşy ýaly, hemişe özüni onuň kyrk ýigidiniň biri hasaplap ýören Tagan zabuna bu duşuşyk hem ýene-de onuň kalbyna kuwwat, gursagyna dogum berdi. Şol pursatda ol özüniň halky sag-aman bu kynçylykdan alyp çykjagyna ynandy. * * * Marydan gelmeli uly goşun bölümi göç yzyndan ýetip gelensoň, ol şol günüň ertesi bir-birleri bilen habarlaşykly halda garaşylmadyk ýitgileriň bolmagyna janlary ýanyp, Tejen otrýady bilen bilelikde göçi alarladyp, aljyraňňylyga salmak üçin, olaryň hersi onuň öz yzarlap gelýän taraplaryndan okgunly hüjüme başlady. Marydan gelen topara saryýagyz, elek ýüzli, hemişe ganar bilen süpürilen ýaly ýüzi üpür-süpür ösüntgi bolup duran, ozalky budýonnyçy, salpy murtly Petrak ýolbaşçylyk edýärdi. Ol bu gün ýene-de garşydaşlarynyň üstüne wajyp gepleşige gitmek hyýalyna berlen ýaly, egnine gelişýän harby lybasyny nygtap geýindi. Başynda onuň hemişe geýýän adaty komandir papagy däl-de, özüniň öňki budýonnyçydygyny göz edip geýmegi halaýan budýonny papagy bolup, onuň maňlaýynda matadan tikilen gana batan penje basylan ýaly bolup duran gyzyl ýyldyz şekili bardy. Bu oňa ol Budýonnynyň atly goşunynda bolup, Orsýetde Sowet döwletiniň duşmanlaryna garşy urşup gelen döwründen galan ýadygärlikdi. Şondan bärem ýanynda göterip, söweşe girilende ony mazamlap geýmek-de onuň ädehedidi. Onuň her gezek geýlende özüne üstünlik getirýänine ynanýardy. Birem ol iň gowy atlary saýlap münmegi gowy görerdi. Orta Aziýada Sowetiň halamaýan adamlaryny gaýgyrman çapýardy. Komandir Petrak göçden öçlüdi. Onuň kalbyny häzir Konstantinowyň eskadrony bilen bagly uly ýitgili şowsuzlygyň ahmyrdyr gazaby gurşap alypdy. Bu bolsa komandiriň kalbynda göçden gazaply öç almak islegine öwrülipdi. Agdarhandyr Bäpbe öa garşylaryna çykan Marydan gelen goşun güýjüniň birbada bolsa-da gylawyny almak üçin, olaryň geler ýolunda sesýetime çenli uzalyp gidýän ýapyýokary, üsti ýazgyn baýyr depesiniň syrtynda onuň gerşini penalap ýerleşipdiler. Ol baýyr depesiniň ýeňsede, aşak etekde hem-de iki ýan tarapynda, galalaryň töwereginde döredilýän gorag garymlaryna meňzeş çuň jülgeleri bardy. Duşman gelse, şu päsgelçilikli, atly herekete kynçylyk döredýän ýerlerden däl-de, ýapynyň ýüzi bilen gelmelidi. Patrak göç goragyny derbi-dagyn etmek üçin, Agdarhanyň topary bilen atym alyp ýatan ýerine dyzmaç atynyň jylawyny çekip durşuna göç goragynyň ýerleşen tarapyna goluny hökümli salgady. Surnaý söweş sazyny çaldy. Ol gysga çalynsa-da, dessine ähli goşuny som-saýak etdi. Şundan soň kowçum-kowçum duran atlylar ýaraglaryny gezeşip öňe okduryldylar. Ýüzlerçe at toýnaklarynyň dükürdisi, ýaraglaryň şakyrdysy baýyrlaryň süňňüne sarsgyn berdi. Komandir Petrak goşun güýçlerini üçe bölüp, onuň ortaky uly bölegine özi ýolbaşçylyk etdi. Syrylan gylyçlar gyzyl esgerleriň depesinde Gün şöhleleri bilen çakyşyp ýalpyldaşdylar. Emma gyzyl komandirler göç goragy özlerini görüp, gylyç syryşyp, garşylaryna çykar diýip pikir eden-de bolsalar, olar hemişe şeýle bolanda dessine hüjüme geçýän-de bolsalar, bu gezek howlukmadylar. Duşman bilen başa-baş durup uruşmagy gowy görýän türkmenler göýä häzir öz söweş usullaryny unudan ýalydylar. Türkmenleriň söweşjeň, gylawly sesleri soňam wagty bilen peýda bolmady. Gyzyl goşun bolsa eýýäm ýapyýokary baýry ortalap barypdy. Komandir Petrak diňe şundan soň türkmenleriň sowukganlylyk bilen edýän sabyrlylygyndan çen alyp, olaryň öz ýagdaýlaryna görä başga bir söweş ýoluny peýleýändiklerini çen etdi. Onuň çeni dogrudy. Türkmenler ilkinji zarbany bar bolan ýaraglardan hemeläri edip, ok atyp bermekçidiler. Olar häzir duşmany nyşana alşyp, ok ýetere gelmeklerine garaşyp ýatyrdylar. Ýöne Petrak muny aňsa-da wagtynda bu emeliň garşysyna emel tapyp goýmaga ýetişmedi. Göç goragy Agdarhandyr Bäpbäniň ýolbaşçylygynda atyma gelen gyzyl esgerleri ýerli-ýerden güýçli oka tutmaga başladylar. Ilkinji urlan zarbada on-on bäş esgeriň başyna ýetilip, gyzyl esgerleriň arasynda garaşylmadyk garma-gürmelik döredi. Atlar gorkuly hokranyşyp duran ýerlerinde yza çekilip, dyr-pytrak bolşup gaçarly göründiler. Komandir Petrak bu ýerde atlardan düşülip, ýagdaýa görä hereket etmese, özleriniň hem Konstantinowyň eskadronynyň gününe düşäýmeginiň mümkindigine, şeýle ýagdaýda tutanýerlilik görkezen bolup dyzansa, esgerlerdir atlaryň soňuna çykaýmagynyň hem daş däldigine düşündi. Ol atdan böküp düşdi-de, pyýada söweşi saýlap aldy, atlaryň buky ýere äkidilmegini talap etdi. Esgerler atlardan düşensoňlar ýatan ýerlerinden ýerli-ýerden göç goragynyň ýerleşen ýerlerini oka tutmaga başladylar. Gyzyllar özüni ele alyp ugrady. Has-da “maksim” pulemýotlaryň göç goragynyň ýerleşen ýerini üznüksiz oka tutup başlamagy göç goragynyň kejebesini has-da daraltdy. Iň bir erbedi-de bir ýol bilen garşydan atýan pulemýotlaryň merkini bermek, olary nyşana mündürmek wagty bilen göç mergenlerine başartmady. Bäpbe adamlaryň ýeňsesinde bukdaklap aýlanyp: “Pulemýotdan çenäp atyň! Galkyp ýene göçüm edende atyşyk kiparlan mahaly, şonda atyň! Bizde köp ok ýokdur, oklary tygşytly ulanyň, her atan okuňyz olaryň bir-ikisini alyp düşsün. Şeýdip söweşsek, şonda biz bulara hezil bermeris. Onýança göçem gaçyp ummadan çykar” diýip, sözüniň arasynda näme üçin janyň gata tutulýanyny hem söweşijilerine ýatladyp, ikiýana elewreýärdi. Beýle ýagdaýda urşulanda köp adam ýitirmek ähtimallygyny duýan komandir bukuda ýatan ýerine çagyryp alan kiçi serkerdeleriň biri Maslykowa göç goragynyň ýerleşen amatly ýeriniň çepinden gelip urmagy buýruk berdi. Şonda gorag olary görüp: “Guşgudan bulara ýene kömek geldi-ow, munça güýjüň öňünde durup bolarmyka?” diýip, aljyrap we söweş güýjüni ýitirer diýip pikir etdi. Öňki zarba urmak has netijeli bolar diýip pikir eden usulyny başga bir usul bilen çalyşdy. Onuň göç goragyndan utulasy gelmedi. Şeýle garaşylmadyk urgyny amala aşyryp bilse, häzirki gata düşen ýeňşiniň öz gysymyndadygyna ynandy. Emel edip, hökmanlygy bolmasa-da, kyn ýagdaýa düşenden bolup, hüjümi kiparladyp, gapdaldan aýlanmaly toparyň ýetmeli ýerine ýetip, göç goragyny duýdansyz alkymlap barmagyna amatly mümkinçilik döretmäge çalyşdy. Petrak şeýdibem öňüni tormak bilen göçe tor gurap ugrady. Ol nädende nähili boljagyny hemişe öňünden bilerçe ýeterlik tejribesi bar bolan komandirdi. Gully mergeniň atýan ýaraglaryny bökdemän, oklap bermäge ýanyna goýlan Hamman haçan-da hol aşakda bir süri atyň jülgäniň içinde sürlenişip duranyny gören mahaly onuň kellesine bir pikir geldi. Şundan soň onuň gözleri mekirlik bilen ýalpyldady. Şypyrmasyny aýryp, biraz peýlenip jemlenip durşuna kel kellesini gart-gart gaşady. Soňam duşmany nyşana alyp ýatan Gully batyra ýüzlendi: – Mergen kaka, ol tüpeňiňem okladym. Indi bolsa öz najaradyňy özüň gör. Men gitdim! Hamman kel şundan soň mergeniň dillenerine hem garaşman, harsa ýeňsesine öwrüldi-de, depeden aşaklygyna düwdenekläp ylgap gitdi. Onuň bolup barşyny görüp, mergen zeruryna barýandyr öýdüp: – Gyssanypdyr-ow kel zaluwat! Bu kelde oýun kändir. Keliň iň gowusy köprüniň aşagynda ýatyp, eşek ürküzer – diýdi. Soňam onuň yzyndan – Tizräk gelgin, zaluwat – diýip gygyryp galdy. Hamman düwdenekläp, baýyr ýanbaşyndan inip gelşine jülgäniň düýbüne ýetip-ýetmän, atlary gören tarapyna öwrüldi. Maksadyna gönügip, bilindäki jöwher pyçagynam aldy-da, süňk gemirýän deýin ony dişledi. Ýapyrylyp, eňip barşyna ýene mahal-mahal aýak çekip, diňşirgenip, töweregini siňňin synlap dünýäniň habaryny aldy. Wagtyň çenini alýan deýin tamdyrdan tegelenip çykan nana meňzeş asmandaky Günüň öz tarapyna aladalydan üýşenibräk seredýän düşnüksiz nazaryny gördi. Ol uruş gidip duran ýeriň depesine göterilen, özi-de ýaýraw alyp barha ulalyp barýan çaň-tot buludyna gabat gelip, ýüzüniň nuruny öçürip gamaşyk görünýär. Hamman jülgäni yzarlap, şol ylgap gelşine töweregi eýelän däri ysynyň arasynda ýiti at siýdigidir tezek ysy peýda bolan mahaly atlara golaýlaşanyny bildi. Ýagdaýy anyklamak üçin jyn ýaly çalasyn zaňňar töweregine ýaltaklap, syryp gelýän jülgesiniň ýanbaşyna göterildi. Atlara golaý gelenini görüp, indi nähili hereket edende, özüne amatly boljagyny çen etdi. Atlaryň töweregi goragsyz däldi. Özleri-de gerek bolanda münülip, duşman üstüne depibermäge taýyn bolup, eýer-jylawda durdular. Ýöne onuň güýçli goragy bara meňzänok. Olaryň töwereginde iki-üç adam görünýär. Atlar okdan, duşmandan sowarak hasap edilip, jülgäniň bir böwründäki bir tarapy kert bolup duran çopanlaryň gaýly-ýagyşly günler sürüsini ykladýan ýerine meňzeş bölejik çukanak ýerde durdular. Hamman kel öňündäki kertiň biraz opurylyp, aşak inip, agyz bolup duran ýerinden çykdy. Bu ýer atlaryň saklanylýan ýeriniň bir tarapy bolup, häzir ol ýeriň bäri başynda bir goja esger öz aty bolsa gerek, bir jeren ýabyny jylawlap, mahal-mahal onuň maňlaýyny sypalap, at bilen gürleşýän ýaly bolup samyrdap durdy. Ol juda öz pikirine berlen bolmaly, at golaýa ýat aralaşanyny duýup, başyny göterip, gulaklaryny gaýçylap eserdeňlense-de, oňa oňly üns bermedi. Hamman kel onuň kese duran ýagdaýyndan peýdalanyp, çalasyn hereket edip, gapdalyndan geçdi-de, pişik basyşyny edip, atlaryň arasyna aralaşdy. Atlar haçan talap edilse, ertilmek üçin taýyn halda eýer julda, dört bir, bäş bir jylaw çatyklygynda üýşüşip durdular. Kelhan dessine birki topar atyň jylawyny umumy düwünden ýazdyryp, eýerleriň çekisini ýüzugra şarpa-şarpa kesişdirdi. Haçanda onuň gözi Petrakowyň derejeläp münýän dor atyna düşende owsunyp, dyzanyp duran bu owadan ata bada onuň syny oturdy. Şol pursatda onuň höwesine berlip, eýýäm alsa ilki haýsy aty almalydygyna aň edip aldy. Atyň aňry ýanynda iki esgeriň ýaplanyşyp, çilim çekişip ýatmagy hem onuň möwjän höwesiniň öňüni saklap bilmedi. Ol atlara bukulyp, oňa golaý bardy-da, daňylgy ýüpüniň düwnüni şarta kesip, bir zyňanda-da onuň eýeriniň üstünde peýda boldy. Dyzmaç at üstüne ýat münenini halaman, ony eýerden atyp urmak üçin, pasyrdap çarpaýa göterildi, soňam ýyldyrym kimin süýndi gidiberdi. Beýleki atlaram endikleri boýunça şondan soň jylaw süýreşip, komandiriň atynyň yzy bilen eňdiler. Golaýdaky iki garawul haçanda töweregiň atlary ýer sarsdyryp ugran mahaly komandiriň atynyň üstünde şylha geýimli kellesini ýalpyldadyp oturan keli görüp galdylar. Ýöne gyssag arada olar munuň näme bolup biläýjegini, näme üçindigini aň edýänçäler, Hamman eýýäm komandiriň atynyň jylawyny goýberip, ok ýaly atylyp daşlaşyp barýardy. Ýerli-ýerden ör-gökden gelşip, sarmanaklaşyp turan garawullar onuň häzir-ä ok ýeterdedigini görseler-de, komandiriň atyna deger öýdüşip, bir zat bolsa komandiriň gazabynyň öňünde durmagyň mümkin däldigini pikir edişip, elewreşip, haýbat üçin olaryň yzyndan gygyryşyp aýak aldygyna asmany tüpeňlediler. Ýöne gerek daşyny ele salansoň seniň dur diýeniň, haýbat atanyň bilen Hamman durýarmy!? Komandiriň aty öňe düşensoň, ýörişe çykylýandyr öýdüp, indi bir bölek atam yňyna güpürdeşip, onuň yzy bilen eňşip barýardylar. Iň öňdäki süýnüp barýan at üstünde bolsa oljasy oňan Hamman otyrdy. Şypyrma telpegi bir ýerlerde gaçyp galany üçin, häzir onuň kel kellesi Gün çoguna ýalp berýärdi. Atynyň alnyp gaçylmagy, onda-da onuň özi bilen ýene bir toplum aty-da alyp gidenligi, onlarça esgeriň aýagulagsyz galanlygy habar berlen wagty, hüjüm işleriniň-de ilerläp barmaýanyna darygyp oturan komandiri guduzlyk derejesine ýetirdi. Oňa bu habary getiren şol atlara gözgulak bolmak üçin goýlan, Hamman atlara golaýlanda öz atynyň ýalyny sypap duran, ony aňman duşundan geçiren gojady. Komandir esgeri diňläp-diňlemän, atlary saklamaga goýan adamlarynyň nalajedeýindiklerine gazaplanyp syçrap turup gelşine: – Siz niredediňiz, biriniň aşagynda heleý bolup ýatyrmydyňyz? – diýip, ganyny gaçyryp gaharlandy. Gazap ugruna goja esgeri duran ýerinde bir oka tabşyryp, soňra ýagdaýy ýerinde anyklamak üçin, atlaryň saklanan ýerine ýetmäge howlukdy. Ýol boýy-da, elinde mauzerini somlap gelşine: “Eneňizi siziň bir...” diýip, janyýangynly sögündi. Mahal-mahal gahar ugruna bilindäki it guýrugy ýaly, bulanyp gylyjynyň dessininden tutup: – Sen, ogry, bir elime düşseň bor, şu gylyç bilen özüm seniň kerçem-kerçem ederin! – diýibem, at ogrusyna gaýybyna gazap bildirdi. Ol atlaryň saklanan ýerine gelip, nämäniň nämedigini doly anyklansoň, on atlyny onuň yzyndan tabşyryk berip kowgy iberdi. – Kim meniň atymy dolap yzyna getirip berse, şu sagat şonuňky bolar – diýip, olara jübi sagadyny görkezdi. – Eger ýagdaýy bolsa, ol ogryny diri tutuň, kimkän ol bu gyzyl oduň içine gorkman özüni uran, menem bir göreýin şony! – diýibem tabşyrdy. Komandir ardurja elden giden atlaryny ýatlap, wagty bilen özüni ele alyp, goşunyň öňüni düşüp, paýhas bilen ýol kesip bilmedi. Hammanyň garaşylmadyk ýerden tapylyp, kowgynyň gylaw-badyny alanlygy belli boldy. Güýç-ýaragy ýetik bolsa-da, Petraga Bäpbäniň gorap ýatan depesini almaga şol gün barybir mümkinçilik bolmady. Hamman şol gaçyp barşyna Gün öýläne ýagşy sananda göçüň yzyndan ýetdi. Toplum atyň süýnüp gelýänini görlen wagtynda, ilki göç olary duşman atlylarydyr öýden bolsa-da, atlaryň üstüniň boşlygy, diňe öňdäki atyň üstünde kellesini ýalpyldadyp, öz Hammanlarynyň oturany görlen mahaly adamlaryň gorkynyň ýerini şatlykdyr buýsanç eýeledi. Bu hoş habary eşidip hut Agdarhanyň özem bu batyry ýörite görmäge geldi. – Berekella, han ogul, är işini bitirdiň! Seniň ýaly edermen ogullary bolan halk aňsat duşmana ýan bermez. Hany sag-aman barmaly ýerimize bir aşaly, seniň sarpaňy ýetirin. Üstüňe ak öý dikip, öý-işik ederin! – diýip, oňa buýsanç bilen minnetdarlyk bildirdi. Göç uzakly gün galagoply halda ýol geçip, onuň birnäçe bölekleri Owgan serhedine ýene bir depik golaýlady. * * * Tejen otrýadyna iki-üç sagat gijäniň ukusyndan soňra telim gün göç yzarlap gazanylan ýadawlygy belli bir derejede egismek mümkin bolupdy. Ir säherdi. Töwerekdäki depeler kömelekleşip, galkyp gelýän ýaly aýdyňlyk tapyp görnüşip ugradylar. Komandir Stepanowyň uzakly gije hem düýşünde pişesi gündizki ýaly ýene-de göçi yzarlap, onuň bilen niýetleýşi deýin çaknyşmalar bolupdy. Ýatylmazyndan ozal Mary otrýadynyň şowsuzlyga uçurandygy hakyndaky habar oňa uzakly gije ynjalyk bermändi. Bu söweşde ondan gowrak ýitgi çekilip, komandiriň aty bilen birnäçe atlaryň elden gidenligi habar berilýärdi. Bu bolsa Çary Perman bilen onuň arasynda anyklaýjylykly pikir alyşmanyň, komandir Petragyň düşen ýagdaýyny özleriçe göz öňüne getirmesi bolupdy. Çary Perman has-da Mary otrýadynyň komandiriniň öz dessindäki aty nädip şonça güýji, şonça ýaragy barka aldyryp biljegine düşünip bilmedi. Onuň nalajedeýinligine gahary geldi. –Komandiriň atynyň ogrulanmasy bolmandyr. –Özem gaty gowy atam bardam-da onuň. –Komandir ygtyýarly adamlar bolýar-a, olar atlaram saýlap, iň gowularyny tapyp münýärler. Başga zadyňy bilemok welin, komandiriň garagyna basyp, atynyň alynmagy göç güýçleriniň biziň gyzyl esger bölümlerimiziň üstüne hezil edilip, çermenip syçmakdygyn-a bilýärin. –Komandiriň atynyň duşman eline nähili düşenem bolsa, gowy däl-dä. –Masgaraçylyk, ýoldaş komandir! –diýip, Çary Perman göwündeşlik bilen Stepanowyň aýdanyny makullady. Ol ýolbaşçylaryň bu ýagdaý üçin Petragy iş oňarmaz nalajedeýinlikde aýyplap, onuň başyna külpet barynyň injegini baraz howpurganma bilen pikir etdi. Ýagdaý wagtynda hem ýerinde düzedilmese, munuň şeýle boljagynyň-da ujy iki däldi. Beýle säwlik tapsa, harby tribunalyň ozal hyzmat bitirendigine seretmezden, gaýgyryp goýjak adamsy ýokdy. Bu telim ýyldan bäri görle-görle gelinýän ýagdaýdy. Sähelçe säwlik üçin aýyplanýan komandirler soňky ýyllarda hasam artyp ugrapdy. Şonuň üçinem nädibem bolsa Petraga bu beladan başyny alyp çykmaga kömek etmelidi. Galyberse-de, Petrak onuň bilelikde ençeme çaknyşyklara gatnaşan ýakyndan tanaýan dostlukly gatnaşykda bolup ýören adamlarynyň biridi. Onuň şu pursatda özünden goldaw tama etjeginiň ujy iki däldi. Nädibem bolsa onuň söweşjeň ruhuny götermäge elden giden söýgüli atyny gaýtaryp almaga oňa kömek etmelidi. Ýöne hany ony nädip yzyna aljak, bir ele salansoň, hyrs ýaly gaýduwsyz adamlar saňa aňsat aty berýärlermi?! Stepanow näçe pikir etse-de, bary bir dostuna kömek bermek üçin, nähili hereket etmelidigine uklap galýança-da aýgyt edip bilmedi. Ol ukudan tizräk göçi kowup ýetmegiň, urşup olardan Petragyň, Konstantinowyň şowsuzlyklarynyň aryny almak islegi bilen oýandy. Bu isleg köne ýaranyň ýüzüniň kesmeginiň aýrylmagy boldy. Şundan soň birinji dörän pikir haýal etmän, ýoly dowam etdirmek boldy. Otrýad ýeňiljek garbanyşlykdan soň, ok-ýaragyny tükelledi-de, özlerini söweşe taýýarlap, täzeden ýola düşdi. Komandir Stepanow Çary Perman bilen atlary ýanaşyk sürüp, ýygnyň öňünden ýöreýän aňtaw-ýol beletleriň yzy bilen garama-gara diýen ýaly uly goşuna baş bolup barýardylar. Emele gelen ýagdaýlar, uruş hereketlerini şowly alyp barmagyň ýollary baradaky pikirleri bir ýere jemlemäge çalyşýardylar. Çary Permanyň Gyzyl Goşunyň bähbidini arap, janköýerlik bilen edýän maslahat berijilikli gürrüňini komandir Stepanow makullaýjylyk bilen baş atýardy. –Ýoldaş Stepanow, göç ýoluny kesmek üçin aýgytly pursat geldi indi. Ol pursadyň biraz duşdan geçirilen bolmagy-da mümkin. Şeýle bolsa olar bize baş bermän, hä diýmän, serhetden aşar giderler. Göç biz bilen diýseň gazaplydan batyrgaý söweşýär... –Menem çölüň bu garadangaýtmaz gelegurtlaryna beletdirin. Hälem köp ýerde bizi bularyň ýaraglarynyň kemis-kümüsligi, biziň pulemýotdyr minomýot, granatlarymyzyň barlygy abraýlaýar. – Komandir Stepanow gürrüňiniň şu ýerine ýetende, özüni nalajeýin görkezýändirin öýdüp, gepi beýleligine gaňryp aýlady–Ýok, men muny bulardan çekinip aýdamok. Kreml arkamda durka, biz bir oýnam synyny süýräp ýören basmaçydan çekinerismi?! –Dogry aýdýaň, komandir–diýip, bu gepiň göwnüne jaý bolanlygyny mälim edip, Çary Perman-da ony baş atyp göwünjeň makullady. Olaryň telpek atym yzyndan bölüm komandiri meýdanda bolnup, güne-şemala ýüzi birneme gaýzygan jozzuk ýüzli geň atly Kagaýlo öz topary bilen ala güpürdi bolşup, at gorduryşyp gelýärdiler. Annamyradyň ýörite tabşyryk alyp, öz atlylary bilen derýa urdurylyp giren ýaly bolup, gijäniň içinde şol ýitip gidişidi. Komandir ondan habar gelip gowşar çen boldy hasap edýän-de bolsa, heniz bolup, ondanam hiç hili habar-hatyr ýokdy. Stepanow Annamyradyň başarjaň komandirligini ýatlamak bilen, onuň duşman üstüni duýdansyz basmak üçin, gapdaldan öwrümi giňräkden edip eglenç edendigini öz göwnüniň gapdalynda wagt geçdigiçe barha ulalýan gümanyna basalyk berijilikli oýlanýardy. Ýöne göç yzyndan ýetilmänkä, soňra onuň bilen ediljek uruş hereketleri şowly bolar ýaly hüjümi bilelikde sazlaşykly alyp barmak üçin habarly bolnaýsa-ha kem däldi. Gün guşluk boluberende otrýad ýer ýüzüne ýaýrap akýan şor suwly çeşme suwuny kesip geçdi. Suwsan atlar ymsynyşyp, bassalar-da, onuň şoruny dannap içmediler. Gelýänleriň öňünden begenip çykan ýaly bolup görnen çeşme suwunyň içime ýaramsyz şor bolmagy ät galan adamlaryň köpüsiniň lapyny keç etdi. Bu ýerleriň çöl bolup, onuň suw ýagdaýynyň hem çöl bolmagy ýogsam garaşylmadyk bir ýagdaýam däl-le. Ýöne giden jemendedir mal-gara bolup barýan göç bu suwuň teňliginde näme ederýärkän!? Adam içmek üçin, mal-garany suwarmak üçin suw-a gerekdir. Ýa-da şu şor suwlardanam çägede süzüp, ýeneki edip içiberýärmikäler? Aňsat oňňud-a ýokdur. Göçüň bu tükeniksiz görgüleriniň barlygyna seretmezden, nädip gidip barýanyny bolsa bir Hudaý bilýän bolmalydy. Annamyradyň toparyndan garaşylan habar günortanyň öň ýanynda geldi. Ony getirenem bölüm aralygynda habar bilen gezýän ýörite çaparlar däl-de, göç güýjüniň öňünde durup bilmän, gözüniň gören tarapyna gaçyp, başyny gutaran toparyň esgerleriň iki-üç sanysy boldy. Bölümiň şowsuzlyga uçrap, Annamyradyň bolsa agyr ýaralanyp, Sarahs tarapyna çekilendigi diňe şundan soň belli boldy. Yzly-yzyna diýen ýaly iki ýerden ýakymsyz habaryň gelmegi komandir Stepanowyň diýseň lapyny keç edip, gaharyny getirdi. Onuň şu pursatda göçüň yzyndan ýetip, ony paýhynlap, olardan gyzyl goşun ýitgileriniň aryny alasy geldi. Ol göçi alyp ýatmak öň özlerine beýle agyr düşer öýdüp asla pikir etmeýärdi. Ýogsa çagalary ýanynda bar mahaly adamlaryň olary goramak üçin ölenlerini-öçenlerini bilmän, iň soňky demine çenli zabun uruşýandyklary onuň üçin täzelik däldi. Bu yzly-yzyna gelen ýakymsyz habarlar Bäpbäniň göçde barlygyny bilip, bir mümkinçilik bolsa, köýen aryny almagyň pikirinde barýan Çary Permanyň hem gowuja çetine degdi. Nähili-de bolsa bu ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin, onuň haýsydyr bir peýdaly maslahat bilen kömek edesi gelýärdi. Ýol kesip, aýgytly hereket etmegiň wagty bolsa bireýýäm gelipdi. Çary Perman nämedir bir zatlary ýatlap, Annamyrat Potranyň düşen ýagdaýyny göwnüne jaý edip bilmän, pikire gap bolup, böwrüne doňuz diňini salyp, indiki etmekçi bolýan hereketleri barada oýurganyp duran komandire ýüzlendi. –Ýoldaş Stepanow, göç arasyndaky “gulagymyzy” peýdalanmagyň men-ä wagty geldi hasap edýärin. Komandir bir zatdan heder edýän ýaly bolup ikirjiňledi. –Bu olaryň üstüni biziň özümiziň açdygymyz bolar. Wagtyndan öň bilinäýdigem olar çykgynsyz ýagdaýa düşer... –Düşende näme? Olary şunuň ýaly ýagdaý gata düşende ulanmasaň, haçan ulanjak? Üsti açylanda näme, heläk bolsa bolar-da. Söweş näme pidasyz bolýarmy? Çary Permanyň gepinde nähilidir bir dözümliden wagşyýana talaplylyk duýulýardy. Şol bir wagtda hem ol gepini nygtaýardy, duran toplum atlylaryň egninden üstaşyry göçüň giden tarapyna alarylyp seredýärdi. Çary Permanyň bu gepi Sowetleriň soňky uly bähbidi üçin kiçi-girim bähbitlerini gurban etmegi hiç zatça-da görmeýänligini komandiriň ýene bir gezek ýadyna saldy. Bu göçde Stepanowyň Sowetlere işleýän iki adamsy bardy. Olaryň ilkinjisi her oturylan ýerde gazyk kakyp, göçüň ugruny salgy berip barýan adamdy, ikinjisi bolsa Sowetiň çörňeşigine öňräk düşen onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirip güzeranyna güni bolup ýören Bäpbe galtamandy. Komandir bu meselede ilkinji nobatda öz ýakyndan tanaýany Bäpbäniň ýakasyndan tutmakçy boldy. Şeýle-de onuň häzir göç serdarlarynyň biridiginden hem ol habarlydy. Onuň hem synpdaşy, hem ildeşi Petraga-da kömek edesi gelýärdi. Aty ogurlanyp masgaraçylykly ýagdaýa düşen Petraga hi bolmanda atyny yzyna almaga, onuň ol ata täzeden atlanmagyna kömek edip, dostlarça göwün görmek isleýärdi. Ony bolsa Bäpbe ýaly diýeni geçýän dogumly adamyň kömegi bilen etmeseň, başgaça mümkin däldi. Komandir Çary Perman bilen maslahaty ýagşy bişirensoň, haýal etmän, öz adamlaryndan türkmenleriň ikisine jinde geýdirip, olary göç arasyna tabşyryk bilen ugratdy. Komandiriň gyssap şol Bäpbäniň ugruna çykaran adamlarynyň biri görmeli ýerlerini görüp, syrmaly derelerini syryp, şol gün gijäniň ýarynda dolanyp geldi hem Bäpbäniň bu gepleşige gelenligini, golaýda bir amatlydyr öýden ýerinde komandire öz adamlary bilen garaşyp duranlygyny habar berdi. Wagtyň bir çene baranlygyna seretmezden, esgerleriň köpüsi häzir aýak üstündediler, olar ýola häzirlenýän ýaly bolşup, atlaryň töweregine gaýda-gaýmalaşyk bolşup, şöwür çekişip ýördüler. Gije biraz gözüniň awusyny almak üçin oturan ýerinde gapdalyna gyşaran Stepanow bu habary eşidip, dessine atlanarman boldy. Çary Perman ýoldaş bolmaga döwtalap bolsa-da, ol bu iki ildeşiň bir-birleri bilen alagözdüklerinden habarly bolansoň ol Bäpbäniň üstüne onuň bilen giňişlikde arkaýynlykda ikiçäk gürleşmek üçin, bir özüniň gidäýenini kem görmedi. –Ýoldaş Permanow, ol ýere meniň özüm gideýin. Onuň bilen öňdenem meniň ikiçäk gepim bardy –diýip, ol gepleşige bir özüniň gitmegini kem görmeýändigini aýtdy. Çary Permanyň özüniňem bu hökmany zerur gepleşigiň oňyn netijeli bolmagyny isleýänligi üçin, ol ýerde kese gelen bolup, gepleşige päsgel beresi gelmedi. Şeýdibem, Stepanow ýolbeledi öňüne salyp, Bäpbe bilen gepleşige atlanyp, onuň özi gaýtdy. Ol ýol boýy düşünişerin diýen tama bilen özüniň Bäpbe bilen öňki wadalaşan iki taraplaýyn ähti-peýmanly gürrüňlerini ýatlady. “Bäpbe şol Bäpbe boljak bolsa-ha, ol meniň bilen düşünişmeli” diýip içini gürletdi. Ol bir salym ýere basyrylan Aý şöhlesiniň ak sapajyklaryna çolaşýan ýaly bolup ýöränsoň, Bäpbäniň öňde bir alaňyň aşak eteginde özlerine garaşyp duran ýerine golaýlaşdylar. Komandir ony görüp, ýolbelediň yzysüre atyny saklansoň, ol onuň goluny salgan tarapynda bir atlynyň öňde salgym atyp, atyny keserdip durandygyny gördi. Bu, elbetde, şol Bäpbedi. Olar biri-biriniň öňünde at başyny çekişip, gezelişibräk durdular. Komandir Stepanow: –Bäpbe batyr, asyl senem bu ýerde ekeniň-ow– diýip, hamala zatdan habarsyz bolan bolup oňa ýüzlendi. Komandiriň gepiniň äheňindäki “Sen dagy bize ok atarsyň diýip pikir etmändim” diýen igençli teýene bardy. Dogrusy, bu gyşyk gep Bäpbäniňem biraz çetine degdi. –Ýoldaş Stepanow, siz öz adamlaryňyz bilen meniň halkymy bölüp, çapyp ýörkäňiz, eýsem, men nirede bolmalymyşym!? –Bäpbe, biz wadalaşdyg-a. Biziň hyzmatymyzy etseň, gadyryňy bilerisem diýendirin. –Diýdiň, Stepan aga. –Men diýsem, öz sözümde hem durandyryn, seniň maşgalaňa azar beren bolan däldir. –Onyňa köp sag bol, Stepan aga! Seň berk duranyňy bilýärin, ýogsam Çary Perman ýalylar meniň maşgalamy çeýnäp tüýkürerdi. Munam men bilýärin. –Ýöne menem başymy orta goýup, ol siziň Hojam hanyň toparynyň üsti bilen näme üçindir bir zat üçin ýörite gurnan oýnuňyz-da... Men ol ýerde bir oýnuň bardygyn-a aňypdym Ýöne näme oýundygynyň sebäbini welin şonda oňly aňyp bilmändim... Ýogsam ejizine degilse, duşmanymyň artjagyny bilmänem duramokdym... Bäpbäniň bu üzlem-saplamrak sözünde ahmyrly giçki ökünç bardy. Komandir bu derdinişmä öwrülip barýan gepiň hörpüni özgertmelidigine, dilege gelen okarasyny gizlemez edip, öz göz öňüne tutup gelen meselesine golaýlaşmalydygyna düşündi. –Bäpbe, gel senem öz ýakynlaryň bilen bize goşul! Özüm ýene seniň arkaňy alaryn. Bu meselede seniň ozalky bize eden ähli hemaýadyň ol-da hökman göz öňünde tutular! Stepanowyň gepinde haýyşam bardy belli bir derejede talabam. Bäpbe oýurganyp dymdy. Stepanowyň teklip-tagallasyna bada jogap bermäge howlukmady. Bu gepe imrinip ylygana, onuň wadaly gepine maýyl bolana meňzedi. Jübüsini sermäp, ol ýerden naskädisini alansoň, eýeriň gaşyna tyk-tyk kakyp, ony ilki komandire uzatdy. –Stepan aga, naslaşarysmy onsoň? –Aý, ýok. –Näme öň-ä atýan ýalydyň? Gowy nasdyr özün-ä. Mary nasydyr. –Köpden bäri atamok. Özem güýçli bolsa, ol meni tutar... Bäpbe henek atdy: –Aý, seni Hudaý tutaýmasa, başga zat tutmaz. –Soňam gürrüňdeşiniň göwnüne bir zat geläýmesin diýip: –Aý, onda bolsa, özüň bil, komandir aga –diýip, gepini ýuwmarlady-da nasy özi atdy. Şu pursatda komandir Bäpbäniň bu bolşuny öz gepine onuň ylygyp ugran ýaly bolup duýlan hem bolsa, ol nasyny tüýkürip, agzyny eliniň tersi bilen süpüren mahaly munuň beýle däldigini anyk boldy. –Stepan aga, men saňa bir zat aýdaýyn! Öň biz düşünişip, birek-birek bilen hyzmatdaşlykda bolan hem bolsak, indi düşünişip bilmesek gerek, agasy! –diýip, ol alasarmyk gürläp ugrady. –Stepan aga, eşitmesine-hä seniňen eşiden bolmagyň mümkin– diýip, gep arasynda säginip, ýene sözüni dowam etdirdi. –Biziň türkmenlerimizde bolmasyz iş bolup, ara gan düşensoň, gürrüň gutarýar. Biziňem aramyza uly gan düşdi. Biz telim günden bäri ýolda bolup, bir-birege ýagyçylyk baryny etdik. Siz bu halky gabalap, sykajyga salyp durkaňyz, men özümiňkileriň bähbidini araryn, eger ölýänem bolsam, başgaça hereket edip bilmerin. Beýtsem, onda bu meniň hyýanat etdigim, ilimden gören ýagşylygymyň üstüne çermenip, meýdan etdigim bolar... Stepanow Bäpbäniň gepini nygtap aýdyş tabyndan bu meselede onuň soňky sözüdigini bildi. Oňa nä maksat bilen bu ýere gelenini, nähili niýet tutanyny ýatlatmakdan başga alaç galmady. –Bäpbe batyr, onda saňa meniň ýene bir gürrüňim bar. –Stepan aga, aýt, onam diňläli! –Bäpbe, sen Mary otrýadynyň komandiriniň atynyň ogurlanylandan-a habarlysyň? –Habarym bar. Gowy at eken. Men ony hana: “Hana, bege mynasyp at eken, al-da özüne mün” diýdim. O-da “Aty gyzyl oduň içine urup, ony alyp gelen gerçegiň özi münsün. Bize göç adamlary gyzyllaryň dessindäki atyny ogurlap alypdyrlar diýilmeginiň, duşmanyň ýüzügara bolmagynyň özi ýeterlik” diýip, ony at getiren Hammanyň özüne bagyş etdi. –Aty yzyna dola, Bäpbe! –Bu talapmy, haýyş? –Şolaryň ikisem. –Söwdalaşmakçy diýsene. Muny özlerine göwni ýetýän gyzyllar üçin masgaraçylykdygyna düşünýän. –Sen nähili düşünseň, şol hili düşün. Ýöne atyň yzyna gaýtarylmagyna kömek et. Sen çynyňy etseň, bu işiň hötdesinden gelersiň, men muny bilýän. –Stepan aga, sen onsoň meniň bu hyzmatymy nähili ýanaşdyrmagy göz öňünde tutýarsyň? Kireýsiz kilim kakylýan-a däldir... –Bäpbe, men bilýärin, size serhetden geçmek üçin azyndan ýene iki-üç gün derwaýys. Aty dolap beren ýagdaýyňda men yzyňyzdan gelýän kowgynyň hereketini bir günlük togtadaýyn. –Iki günlük et şony. –Iki günlük etmek hem mümkin. Onda siziň araňyzda bir ýesir düşen gyzyl komissar bar. Ikinji gün üçin şony bize gaýtaryp bermegiňiz gerek. Gyzyl komissardan gürrüň çykanda Bäpbe onuň “maksim” pulemýotyň başyna geçip, Guşgy tarapdan edilen hüjümi ýatyrmakda hyzmat bitirenini, hanlaryň bu meselede özüne hä bermejegini ýatlady. Şeýle-de ol Stepanowyň teklibiniň göç üçin diýseň bähbitlidigini ýatlap, iki gün gazanyp bolsa, göçüň baryp, Owgandan çykjagyna göwün ýüwürtdi. –Komissar... komissary diýsene. Ýöne ony alyp bermäge meniň ygtyýarym ýetermikän!? Häzir men size hiç zady anyk söz bermäýin. Ýöne oňa-da synanyşyp görmäge welin wada-ha berip bilerin. Stepanow Bäpbäniň jogabyna geň galmady, onuň öz garaşan jogaby hem şu bolmasa-da, şundan bir üýtgeşigem däldi. Derwaýys haýyr işiň hatyrasyna taraplaryň ikisiniňem tüýrüren tüýküliklerini ýuwutmaly bolandyklary belli boldy. Şundan soň bolan gepleşigiň üstünden bir gün geçiberende Bäpbäniň salgy beren ýerinde garaşylan adam Mary otrýadynyň komandiri Petragyň dyzanyp duran atyny Stepanowyň düşlän ýerine alyp geldi. Komissaryň bolsa göçüň puryja beriljek ýeneki bir gün bilen çalşasynyň gelmänligi bilindi. Uzakly güni ýagdaýyň anyklanaryna garaşyp geçiren Tejen otrýady şertleşilen wagtyň dolaryna hem garaşman, gerek daşyny gola salansoň, göç yzyndan kowgyny täzeden dowam etdirdi. | |
|
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Faraon -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |