14:44 Ojak - 2-nji kitap -21: romanyň dowamy | |
* * * Sowetler eýýäm Bathyz degresine dört-bäş günüň içinde Marydan, Tejenden, Guşgudan toplap bilen goşun bölümlerini toplapdylar. Aýgytly hereket etmek üçin, goşun bölümleri ara açyklygyna seretmezden, öz biri-birleri bilen aragatnaşyk saklap, hereket etmäge çalyşýardylar. Şeýle edilip güýçler sazlaşykly ulanylan mahalynda, olar göç bolup ummasyz meýdany dolduryp barýan milletiň öňüni alyp biljekdiklerine ynanýardylar. Özleriniň hem ýitgileriniň, ýeneki ýetmezçilikleriniň barlygyny aýdyp, Mary-Aşgabada bu ýerdäki ýagdaýlar bilen habarly edip durýardylar. Kowgynyň aralaşyp ugranlygy belli bolansoň, göç hem indi, gijäniň, gündiziň parhyna bakman, ulaglary gyssap, mümkin boldugyndan, tiz ýöremäge çalyşýardy. Şeýdilende duşmandan biraz-da bolsa, ara açmaga, serhet degresine golaýlaşmaga mümkinçilik boljagyna tama edilýärdi. Her kimiň gyssagy özi bilendi. Emma argyn ýük ulaglary-da, ýadaw adamlar-da islendiginden has haýal ýöreýärdiler. Ýol gazanmak barha agyrlaşmasa, bu ýagdaýda aram tapyp gowulaşarly hem däldi. Ýygyrtsyz ýüzlere ýygyrt düşüp, ýygyrtly ýüzleriň gasyny hasam artypdy. Dişler ahmyrly gysylyp, tozan uran ýüzler ajap durdy. Aýak astyndan göterilen çäge ownuklary dişleriň arasynda gyjyrdaýardy. Her kim indi serhede barýan iň ýakyn ýolyny tama edýärdi. Göç aýallary köýnekleriniň etegini ýokarrak çekişip, billerini guşaşyp, baş börükler agyp-dönüp azara goýmaz ýaly, ony ýüp, ýaglyk bilen daşyndan aýlap daňyp berkidip, dogumly hereket edip, gaýratlylyk görkezýärdiler. Häzir çagalary goraglaýanam, garry-gurrulara hemaýat bolýanam esasanam şolar bilen göçdäki ulugyzlardy. Düýe üstünde ýaş-çagalardyr garry-gurrular üçin ýörite ýasalan ýürekler häzir haýsydyr bir guşuň höwürtgesini ýatladýan bolsa, onda oturan maýdalar ejeleriniň-kakalarynyň iým-yhlas getirerine garaşyp, olaryň ýoluna göz dikip oturan gyzyletene agzysary guş çagalaryna öwrülipdiler. Aýal-gyzlaryň köpüsiniň diýen ýaly ellerinde, billerinde, duşman bilen garpyşylanda ulanmagy niýet eden gyrkylyklary, dembermez pyçaklary bardy. Garrylaryňam köpüsi, ýolda duşan ýylgynmydyr ojar-çerkezden, gerek bolanda, duşmanyň kellesine patyladaryn diýip, ýörite oňaryp alan, tommakly taýaklaryny häzir öňlerine kese basyşyp barýardylar. Çöl içi indi sozan-guýruk bolup barýan adam bolup durdy. Adamlar henizem serhetden sag-aman aşjakdyklaryny umyt edýärdiler. Häzir olara kuwwat berýänem hut şol tamady. Gijäniň düşmegi belli bir derejede hüjüme geçen gyzyl esgerleriň badyny alýardy. Gije göçi bolsa ähli ulag-ulgamy bilen goraglap, özüniň boldan geýen gara lybasynyň gatlarynda özüçe gizledi. Dünýäni barlykdyr ýoklugyň arasyna dolan howp-hatarly näbellilige öwürdi. Birnäçe gysgajyk atyşyk, tutluşyklardan soň, duşman hüjümleri mese-mälim kiparlanlygy belli boldy. Göç serdarlary hem bu ara düşen böwşeňlikden peýdalanyp, Agdarhanyň ýanyna gyssagly maslahata toplandylar. Gowy ýaraglanan kowgy erjellik bilen üç-dört ýerden hüjüme geçen-de bolsa, göçüň batyrgaý garşylyklary olara hetden aşmaga mümkinçilik bermändi. Dolak serdar, Bäpbe däli, Tagan zabun ýaly serkerdeleriň öz töwereginiň adamlary bilen, ýerli ýagdaýlardan ezberlik bilen peýdalanyp alyp baran uruşlary, gylawly kowgynyň gowy maňlaýyna kakylmak bolupdy. Şeýle-de maslahat ertir ýene-de duşman garşysyna göreşmek üçin öz bar bolan güýjüni tükelledi, göçüň ýagdaýyny saldarlady. Barylmaly serhede golaýlananlygy ýatlanylyp, oňa ýene bir ýarym, köp bolsa iki günlük ýoluň galanlygy ýatlanyldy. Indiki çaknyşyklaryň has gazaply, ok-ýaragy kemelýän göç goragy üçin onuň öňküdenem has kyn boljagy, şol güýjüň öňünde nähili durmagyň gürrüňi edildi. Mümkinçilikler ýene-de bir gezek ölçelinip-çenelinip görüldi. Agdarhan Potra topar serdarlaryny bir-bir gysgaça diňlänsoň, alnyp barlan gorag-söweşlerinden belli bir derejede kanagat tapdy. Ol soň, gapdalynda oturan işana tarap öwrüldi. –Işan, ýagdaýlar juda bir çykgynsyzam däl ýaly-la? –Şeýle bolsun-da, hernä – diýip, işan hem gepläp onuň gepiniň arasyna goşuldy, soňam ol öz sorag-jogap talaply gepine, oturan ýerinde leňňer atyp oturyşyna özi jogap berdi – Şeýle-de bolar, enşalla... –Goçaklar iş bitiripdirler, hany indi, öz halky üçin başyn goýan şehitlerimizi ýatlap, doga-aýat okalsyn! Işan gurhan sürelerini okap, doga edensoň, Agdarhan ýaňy maslahatda birki serdaryň “Han aga, her topar öz maşgalalaryny goraglap, ýöräberse, gowy bolaýjak ýaly” diýen gepine dolanyp geldi we şeýdilse kem bolmajagyny özüniňem pikir edýänligini aýtdy. Öňem ol şeýle edilende has bähbitli boljagyny pikir edipdi. Soňam ol Marydan gelen topar bilen urşan Tagan zabunyň goşun güýjüni Tejen tarapyndan gelýän kowgynyň garşysyna geçiripdi. Her toparyň merkez bilen sazlaşykda nähili ýöremelidigi anyk edildi. Maslahat gutaran dessine Agdarhan serdarlaryň öňi bolup atlandy. Agdarhan Potra tä Gyzylgatynyň keserip, diwar bolup duran aýyrdyna çenli ugradarly bolup, Tagan zabun bilen at başyny deňleşip gürleşip gitdi. Olar ýene-de nähili hereket edilende, duşmandan halas bolup boljagy hakda, kowgulara ilkinji berlen gaýtawulyň hiç neneňsi bolmandygy hakda, şeýdilip ykjam durulsa, duşmandan goranyp boljaklygy hakynda, bir-biregiň pikirini goldap, arkasyny alýan hörpde gepleşdiler. Agdarhan gepiň bir gerdişinde Dolak serdaryň soňuna ýeten Tejen otrýadyny ýatlady. –Batyr, esasynam, sen indi Tejen otrýady bilen çaknyşmaly bolarsyňyz. –Doňzuň agy näme, garasy näme, han! Komandir Stepanow örän seresap hereket edýän bolmaly. Özi-de köpden bäri onuň toknap işleýän ýeri biziň Tejenimizdir. Paskupskiý aga ýaly olam tejenli bolup gidendir. Tagan zabunyň bu gepi duşmanyň tarypy hasap edip, ony halamanlygy belli boldy, geplände onuň sözünde nägilelik duýuldy. –Han, duşmany taryplap ugradyňmy ýa göwnümemi?.. Şolaryň tap gowusynyň bajysyny dula bakdyraýyn... – diýip gaharly gepledi. –Onyň dogry, batyr. Ýöne bulaň zalymy gaty zalym bolýandyr. Gökdepede gözi ganly Skobeliň eden hyýanaty, zalymlygy, heý, ýatdan çykar ýaly boldumy?.. Ýöne olaryň içinde-de ynsaplyragy, parhlyragy bar diýjek bolýaryn. Ol biz gaçyp, Tejen aýagyna çykanymyzda üstümize ýöriş edende, halky yzarlap mugyra getirmäge gyssanmandy. Gaýta bize “Beýdip uzak ýaşamarsyňyz, erte özüňiz bizem nanyňyza suwuňyza şärik ediň diýip bararsyňyz!” diýip, adyllyk bilen töwella edipdi. Şonda onuň gepine ynanyp, maşgalasy bilen göterilip gaýdanlar, obalarynda ýerleşenlerem bolupdy. –Olaram bal gününe batandyr-a öýdemok. –Dogry, batyr. Eşitmegime görä, şolaryň birkisini dagy, çagalary bilen golaýda sürgün edenmişler alys bir ýerlere. –Diýdim-ä men bulaň ýüpüniň üstüne odun goýup bolmajagyny... –Heý, türkmeniňem başy gowgasyz, dynç ýaşaýşa ýüzi düşermikän?.. Ýogsam, indi dynçlyk, erkinlik boljak bolsa-ha bolmaly. Öň-ä özbaşdak döwlet bolsak, gowy durmuş bolar – diýip çen edýärdik... Ýogsa döwlet ýolbaşçylaram häzir öz ogullarymyz, Gaýgysyz Atabaý, Nedirbaý Aýtak, Çary Wellek... –Heý, han, olar özüňkäm bolsa, ygtyýary Meskewiň elindedir. Han dädem düýnküde aýt-da bular barada: “Bularyň bize kömek edesi gelýär, ýöne Meskewden heder edensoň, nädip etjeklerini bilenoklar” diýip, han dädem oturan ýerinden bularyň ýagdaýyna düşünip otyr-a. –Jüneýit han gaty mamla... Özümiziňkileriň bize nepi degmedi. Moskew aždarha çykdy-da... –Aždarha kemi ýok-la – diýip, Tagan zabun bu gezek gürrüňdeşiniň pikirini göwünjeň makullady, soňam sözüniň yzyny dowam etdirip: –Han dädem paýhas edip, adamlary parçalap öwrenen aždarhanyň bu “öz adamlarym” diýýänlerini hem soňra aýap goýmajagyny welilik bilen aýdypdy. –Menem, batyr, şeýleräk pikirde... Gyzylgatynyň gerşi öňden gözýetimde sudur bolup, salgym atyp, depelenip görnen wagty Agdarhan özleriniň ýolaýyrda gelenini görüp, at başyny çekdi. Iki serdar ýene-de duşuşmagy bir-birlerine arzuwlaşyp, ýol üstünde hoşlaşdylar. Agdarhan öz atynyň başyny Guşgyny nazarlap dolasa, Tagan zabun Allany çagyryp, Owgan gädigine tarap ýöneldi. Göç her gün güýçli ýeliň garşysyny gidýän deý, gaýduwsyzlyk bilen ýoluny dowam etdirýärdi. Yzdan ýetip, göçüň ha ol ýerinden, ha bu ýerinden gelip agyz urup başlan gyzyl esgerleriňem bir başa dikmese, indi aňsat yzdan galmajagy belli bolupdy. Göç bolsa Bathyzyň düzli, baýyrly giňişlikleriniň üsti bilen bir-de ýazylyp, bir-de jemlenişibräk, şol barmana-da yzdan ýetip gelýän ýagy bilen çaknyşyp, ala basga düşüp, öz ýoluny dowam etdirip barýardy. Şu pursatda onda-munda oturan baýyr depeleri her ýerde-her ýerde urlup ýykylan äpet jandarlaryň jesedine meňzeşip, gölerişip-gölerişip, töwerekde pytyraňňy ýatyrdylar. Gurat ýaraglanan goşun bölümleri bilen çaknyşmak bala-çagasyny döş gerip goraglan dert-azar bolup barýan göç goragyna, elbetde, ýeňil düşmeýärdi. Olar her çaknyşykda ençeme pidalar çekip, serlip, silinmeli bolýardylar. Duşmanyň gurat ýaraglarynyň ediberşini görüp: “Wah, şularyň suw ýaly ýaraglary bizde-de bolan bolsady” diýip arzuw edýärdiler. Elbetde, göç goragynda-da şeýle ýaraglardan az-da bolsa biraz bardy. Olar ýeri gelende iş hem bitirip barýardylar. Ýöne azdy. Beýle ýaraglar belli-belli adamlarda bardy. Olaryňam oky ýeterlik däldi, Sowetleriňki ýaly beýläňde ýatan okdan alyp atanyňdaky ýaly okuň öwezini dolmaga mümkinçilikde ýokdy. Muny duşmanam gowy bilýärdi. Şonuň üçinem, olary mümkin boldugyndan göçi garaşmaýan tarapyndan gelip, ahmallygyny alyp gyrmaga çalyşýardylar. Hasam göçe gyzyllaryň pulemýoty hezil bermeýärdi. Olar agyz uran ýerlerinde milleti sergi edip, orup taşlaýardylar. Şu gyzyl-oduň içi bilen gaçyp-tezip, her ädimde Taňryny kömege çagyryp, gaçyp barýanlaryň biri-de Abadan atly, egrip, dogrup heleýligiň abyn-tabyn alan bir zenandy. ...Şol gezek gyzyl esgerler gapdaldan gelip, garaşylmadyk ýerden göçi oka tutup ugranda okdan uçanlaryň birem onuň üstünde gaýyn ýenesidir çagalary oturan, owsaryny çekip gelýän düýesi boldy. Düýe janhowluna bögürip, agdarylan wagty onuň üstünden kelemenleşip gaýdan onuňkylar bolupdy. Kiçi çagasy gaýynenesi tüwdürilip ýere düşende hem onuň gujagyndady. Emma gyssagaraň ahmalygy eýýäm etjegini edipdi. Çagajygyň omrulan boýny, gelşine agzy gum gapan enesiniň gujagynda şalkyldan ýatyrdy. Onuň ikinji çagasy bolsa kim bilýär atylyp nirä düşüpdi... Töwerekde çekilýän ahy-perýadyň arasynda onuňam bir ýerde bar bolmagynda mümkin. Emma ony seljermäge bu dara-direlikde mümkinçilik bolmandy. Awy oňan pulemýot göçüň ahmallygyny alanlygyny bilip, olary has amatly ýerden oka tutmak üçin gysga wagtlyk sesini kesip, has golaýa göçüm etdi. Esgerleriň iki-üç sanysynyň pulemýoty bir ýerden başga ýere göçürýänlerini ilkinji görenleriň birisi-de Abadan boldy. Indi pulemýot on-on iki ädimlikden atyp ugrasa, onuň bir ýerden kömek gelýänçä halky hezil edip paýhynlajagynyň ujy iki däldi. Ýykylan mahaly gata degip başy biraz sämäýen-de bolsa, Abadan muňa tiz göz ýetirdi. Pulemýota ezraýylyny gören ýaly öjükdi. Ýykylan wagty atylyp biraz öňüne düşen börügini zenan halyna başaçyk görünmegiň ilde halanmaýan zatlygyny ýatlap, ony ýüzugra howlukmaç başyna geýdi. Soňra-da birden ýatan ýerinden gyzyl esgerleriň pulemýoty guraw edip duranyny, işiň-işden geçip barýanyny görüp, töweregine çakyllyk edip, jynsyz gygyryp syçrap ýerinden turup, öňe okduryldy. –Doganlar, uruň kapyry!.. Abadanyň çakylygy bada-bat töwerekde galan diri adamlaryň baryny aýak üstüne göterdi. Hemmeler öçli gygyryşyp, pulemýotyň üstüne gyzyl ary bolşup hüjüme geçdiler. Gyzyl esgerler diňe şundan soň göçüm edip, özleriniň ýalňyşandyklaryna, jany ýangynly göçe dykylyp has golaý gelendiklerine göz ýeterdiler. Olar diňe birki gezek bäşatarlardan gyssagly ok atmaga ýetişdiler. Barybir bu-da aňyrdan sil bolup gelen halkyň badyny alyp bilmedi. Adamlar ellerine ilen zat bilen urup-urup, esgerleriň üçüsiniňem bada-bat merkini berdiler. Halkyň gazabyna duşan esgerleriň diňe birnäçesine atlanyp, gaçyp gutulmak başartdy. Bu pulemýot türkmenleriň ilkinji ele salan uly oljalarynyň biri boldy. Özi-de atyp bilen tapylsa, şol ýerden ýatan goş haltalaryň birinde onuň iki düzüm dagy oky hem bar eken. Bu bolsa halkda ony duşmana tarap öwürmek islegini döretdi. Töwerekdäki ekabyrdyr öýdülen erkek kişileriň käbiri çagyrylyp getirilse-de, ýöne wagty bilen onuň emelini tapan, ondan gyzyl esgerlere garşy ot açyp biljek adam tapylmady. Ilçilikdir, belki, bar-da bolsa bardyr, emma bu dara-direlikde ony gözläp, nireden tapjak. Bu golaýdaky erkek adamlarynyň emelsizliklerine aýallaryň tüýs jany dagy ýanaýdy. Ahyr pulemýotyň eýlesini-beýlesini görüp, ony saýratmagyň dilini tapmadyk aýallaryň Dursun atly biri töwereginiň oglanjyklaryny gol bulap, ýanyna çagyryp aldy, soňam olara pulemýoty görkezip: –Siýiň dazladyp üstüne. Duşmanyň üstüne siýdigiňiz bolar! – diýdi. Bu hem oglanjyklary pulemýotyň üstüne siýdirip jany ýangynly halkyň gyzyl esgerlerden özboluşly ar almasy boldy. Emma aýallaryň bu ýeňiş bilen bagly adamlaryň ruhuny göteren şatlyk uzaga çekmedi. Töwerek ýarasyny daňyp, ölülerini düýnäp ýetişip-ýetişmänkäler, göçi goraglap, töwerekde aýlanyp, göz-gulak bolup ýören atlylaryň biri Guşgy tarapdan toplum atlynyň çöl söküp, howlukmaç özlerine tarap gelýänligini habar berdi. Bularyň öz ýoldaşlarynyň ýekebararak hereket edip düşen güni barada eşidip, gönüden-göni ar almaga gelýänler bolmagy-da mümkin. Ele düşmän gaçan esger barmaly ýerine baryp, habar ýetiren bolmaly. Onýança toparyň yzyna düşüp, ýeneki bir ýerde dörän ody öçürişmäge giden, esasynam öz toplumlarynyň töwereginde bolýan Ýazgeldi hem birnäçe atlysy bilen özüniňkileriň yzyndan geldi. Duşmanyň uly güýç bilen sürnüp gelýänini eşidip, ol dessine her kimiň bolmaly ýerini aýdyp, goranmagyň aladasyny edip ugrady. Gapdalyndan geçip barýarka, burnuny çägä sokup ýatan, onlarça adamyň başyna ýeten pulemýoty ýigrenç bilen synlady: “Haramzada, ahyr merkiňi aldyňmy?” diýip, sögünip, oňa tarap tüýküribem goýberdi. Onuň sakgal basan ýüzi, ýadaw, ukusyz gyzaran gözleri şu pursatda hasam hyrsyzlandy. Gapdalda ýarasyny daňdyryp oturan inçesagt ýaşuly hem iňňäň gözüne sapak sapjak ýaly gapdala bir ýere seredip oturyşyna onuň gepine goşuldy. –Ýazgeldi inim, ýagyny öz ýaragy bilen urmagyň gamyny etmek gerek? –Wah, etjek-le. Ýöne muny atyp bilýän ýok-da, ýogsammy!.. –Inim, şeýle adam bar. Ýazgeldi bada-bat aýak çekip, geňgalyjylyk bilen ýaşulynyň ýüzüne soragly gözledi. Soňam: –Kimkän-aýt ol? – diýip, gepiň yzyna düşüp, ýaşulynyň özüne sorag berdi. –Düýn Düýe kakyň töwereginde ýaşanlaryň toparynyň arasynda Durdy tentegiň ol ýesir düşen orsy öňüne salyp, sürrekläp barýanyny gördüm. –Hawa? –Hawasy şol. Şol adam pilmudy atyp bilýän bolmaly. Ýazgeldiniň bu gepi eşidip, gözleri köräp ýanyp gitdi. Ol şundan soň gökdäki dileginiň ýerde gowşanlygyna bada-bat ynandy. Haýal etmän soňam: “Şirmuhammet!” diýip, töwerekdäki adamlaryň birini ýanyna çagyryp aldy: –Sen Düýe kaklylaryň barýan ýerini tap. Bizden uzak giden-ä bolmaly däl olaram! Şol ýerde bir ýesir bolşewik bolmaly, şony daşynyň garawuly Durdy tentegi bilen getir şu ýere! Uly duşman ýetip gelýänini aýdyp, özlerinem kömege çagyr! Töwerege-de bu habary özleri ýetirsin! – diýip, ony gyssagly ýumşa atardy. Şirmuhammet habaryny ýetmeli ýerine ýetirip, gaýdyp gelende ýesiri atynyň syrtyna alyp, Durdy tentek bilen iki-üç adamy yzyna düşürip gelende, gelýär diýlip, habary gelen duşman atlylary hem sürä dararman bolşup, ýola çykan aç gelegurt ordasy deý bolşup, eýýäm gözýetimde salgym bolşup, görnüşip ugrapdylar. Ýesiri atyna artlaşdyryp gelen Şirmuhammet atynyň başyny çekip-çekmän, gele-gelmäne, tirsegi bilen ýesiriň kükregine janagyrly urup, ony atdan ýykdy. –Düş, kapyr! Ýazgeldi ýesir komissar ýerinden galyp-galmanka öjükmek bilen, onuň alkymyndan aldy. Jany ýangynjyna özüne erk edip bilmän, onuň garnyna depdi. Ýesir burlup iki bükülip ýere ýazyldy. Töweregindäkileriň şeýle dözümli duşmançylykly hereketinden soň, bu ýere näme üçin getirilenini bilmeýän komissar özüniň öldürilmäge getirilenine ynandy. Adamlar özüni depä çykaryp, aňyrdan gelýän gyzyl esgerlere: “Duşmançylyk edeni, ine, biz şeýdýäs, ele düşseňiz, size-de şu jeza garaşýar!” diýip, olara görkezilip, damagynyň harladylyp çalynmagyndan gorkup elendi. Bir zat diýmekçidigini mälim edip, aman diläp, gollaryny daldaladyp, dyza çöküp sessiz aglady. Emma gurap, çişip ugran dil agyzda öwrülmedi. Muny Ýazgeldem dessine duýdy, suwly meşigi getirdip, onuň agzyna tutdurdy. Ýöne suw içse-de, komissar türkmenleriň öldürjek malyna suw görkezip, soňra ony öldürýändiklerini bilýänligi üçin, ol muny özi üçinem ölümiň öňündäki bir dessurdyr öýdüp, suw içse-de, onuň lezzetini duýmady. Gaýta hamala pyçaga ýapyşylyp barylýan ýaly, ala gözlerini gorkuly mölerdip has-da haýykdy. Duran ýerinde özüni ýitirip, gorkudan goram-gowşak bolanyny, buşuganyny hem duýman galdy. Onuň bolşuny görüp, adamlarda ýaňsyly ýylgyrma döredi. –Janyny gowy görýär-ow kapyr. –Ýazgeldi, bu ýaňky berlen suwy göni geçiräýdi öýdýän, gör, balagyndan sarkdyryp, porsap durşuny! Komissar diňe südeneklenip, pulemýotyň ýanyna getirilen wagty, özüniň näme üçin bu ýere getirilenligini biraz-da bolsa düşünip, teselli tapdy. Gepe ylygyp, Ýazgeldi bilen tiz düşünişdi. –Pulemýot atyp bilýäňmi? –Öň-ä atýardym.. –Ene atarsyň! Komissar hyzmata taýynlygyny mälim edip, makullaýjylyk bilen baş atdy. –Ýöne oky nyşanadan başga ýere harçlasaň, onsoň özüňden gör! Duran ýeriňde kelläňi togalaryn. –Duşdim, duşdim! – diýip, komissar bu gezek azerbaýjan şiwesinde jogap berdi. Onuň çalgyrt türküsini eşidip, Ýazgeldi öň “Türkmençä-de biraz düşünýär” diýip eşidenine seretmezden, muňa biraz geň galdy. –Özem jylk orusam däl ýaly-la bu, azerimi, dagystanly bir bela bolsa gerek? – diýip dillendi. –Azeri del men. Ermeni men. –Kim bolsaň, şol bol! Bize sen pulemýot atyp bermeli bolarsyň! Ýazgeldi soňra dessine iki adam bilen pulemýoty onuň amatly hasap eden ýerine goýup berdi. Bu wagty çenli eýýäm aňyrdan salgym bolup görnen duşman leşgeri hem göçüň ýatan beýikligi bilen aralygy ep-ýesli ýygryp gelipdiler. Depäniň dürli ýerlerinde aňyrdan gelýän ýagyny mümkin bolan ýaraglardan ok atyp garşylamagyň ugruna çykyp, gum ýassanyp ýatanlar hatda indi at üstündäki gyzyl esgerleriň şampa telpeklerdir ujy çürelip duran “budýonowkalarynyň” depelerini hem anyk görüp ugrapdylar. Toparyň öňünde iki atly atlaryny ýanaşyk sürüp, gürleşip gelýärdiler. Olaryň başlary papakly, geýnişlerem üýtgeşigräk bolup, bularyň komandir, ýeneki diýen ýaly ygtyýarly adamlardygy hem bildirýärdi. Adatça, esgerler ýola çykanlarynda bäşatarlaryny amatlylyk üçin, bag dakyp emelläp, egne alýan-da bolsalar, häzir olar hatyrjamlyk üçin ýaraglaryny öňlerine kese basyşyp, aňyrdan söweşe taýyn bolşup gelýärdiler. Duşmany ýagşy pulemýotyň atymyna getirmek niýeti bilen topara diýenini ýöredip, beýemçilik edip ýören Ýazgeldi tüpeňli adamlaryna “Meniň buýrugym bolmasa, atmaga howlukmaly däl” diýse-de, bireýýämden bäri tüpeňiň syrtyna ýaplanyp, keýik nyşanalaýan ýaly, öňden gelýän atlylaryň birine çenenip ýatan adamlaryň biri ol ýagşy diduwana münensoň, bu amatly pursady sypdyrasy gelmän tüpeňiniň gulagyny gysdy. Öňden gelýän sag tarapdaky atly şundan soň ýüzüni daldalaýan ýaly, iki elinem ýokary göterjek ýaly etdi-de, atynyň boýnuny gujaklady. Atlylaryň ikinjisi howlukmaç atyny ýeňseden gelýänlere tarap öwrüp, talaply gepledi. Erew-de-darawlyk başlandy. Atlylar töwerege pytrap, göç goragyny şol gelişlerine bada zarba urup pytyratmak üçin, öňe okdurylyp hüjüme geçdiler. Pulemýotça-da gereg şoldy. Ýeňseden birki ýerden özüne tüpeň çenelýäninden habarly gyzyl komissar şundan soň, “maksim” pulemýotyň tutarlaryny gysymlap, ondan ot açyp ugrady. Gyzyl esgerler nämä garaşsalar-da pulemýotyň üstlerine ok seçelemegine garaşmandylar. Yzdan ýene bir bölek atly kömege gelip, hüjüme geçse-de, barybir, ýagdaý ýene-de öňküden üýtgemedi. Pulemýot öň göç adamlaryny gyran bolsa, indi hezil edip, gyzyl esgerleriň özlerini paýhynlady. Ýesir düşen gyzyl komissaryň ezberlik bilen pulemýot atyp, gyzyl esgerleri palaç ýatyran ýaly edenligi hakyndaky gürrüň şol günüň özünde göç arasyna ýaýrady. Ýesir komissaryň sykajyga düşüp, pulemýot bilen birgiden gyzyl esgerleri paýhyn edendigi eşidilen mahaly hamala ol ar ýerine salnan ýaly göçüň ruhuny göterdi. Onuň özüni arkasy alnan ýaly duýup, ynamy artyp, ýoluny dowam etdirmegine özboluşly medet boldy. Ýöne muny eşidip, Ýowşan garanyň weli, gonjuna gor guýlup, ýüreginiň urgusy bada-bat üýtgedi. Ol bu gyzyl komissar barada onuň ýesir alnan gününiň ertesi eşidipdi. Bu habary ol hemişe Agdarhan Potra bilen barşyp-gelşip, häli-şindi sala maslahatda bolup durýan Tagan zabundan eşidipdi. Onuň özüni bolsa Annaguly han düşnüksiz ýagdaýda wepat bolandan soň, hamala bir zat syzýan ýaly maslahata gedende indi özüne ýoldaş edinmeýärdi. Her gezek yzyna düşäýmeli bolanda Tagan zabun göçi oňa ynanýandan bolup, galdyryp, özüne işany ýoldaş edinip ugrapdy. Indi Ýowşan gara uly goşda bolýan gep-gürrüňleri, Jüneýit hany ýaka tutup, onuň ýanyna barýanlygy üçin özüni hormatlaýan işandan eşidýärdi. Olar henizem göç ýolbaşçylarynyň arasynda bileräk bolardylar. Ýesir komissaryň gyssaga düşende “Siziň araňyzda Sowetiň jansyzy hereket edýär, men ony ýüze çykarmaga kömek edeýin...” diýip, janyny alyp galanyny hem Ýowşan gara işandan eşidipdi. Muny-da ol Sowetiň adamsynyň öz aralarynda däl-de, Agdarhan Potranyň töweregindäki göçdedigini çen edýänligi üçin aýdypdy. Şeýlelik bilenem, Ýowşan gara belet adam tarapyndan özüniň yzarlanyp ugralanlygy, bu syrtmakdan boýny sypdyrmak üçin nämedir bir zat etmelidigi oňa belli bolupdy. Ol şundan soň, göni gelen bu belanyň öňünden nädip sap atyp, ýeneki edip sowulmagyň aladasyny edip, dürli oý-küýlere berlip, peleň atyşyny edäýer ýaly amatly pursat arap ugrady. Içindäki harasady duýdurmazlyk üçin, zora tutulan halkyň ýagdaýyna gynanýandan, onuň aladasyna berlenden bolup, aladaly sus bolup gezýärdi. Birki günlükde Tagan zabunyň adamlarynyň Sowetlerden bir “maksim” pulemýoty oljalap, soňam oňa eýgerjek adam tapylmanam, göterip ýörmegi kyn görüp, ony oky-ýenekisi bilen gömüp gaýdypdylar. Ony gije gidip, otrýadyň bir gapdalyny çapyp gaýdan Amanmät atly daýaw ýigit sapardan gelende: “Maslyk ýaly agyr eken” diýip, şahyndan tutup, süýräp getiripdi. Emma göç adamlarynyň arasynda onuň ugur-ýoluny bilýän adam tapylmansoň, ony gömäýmekden başga alaç tapylmandy. Ýowşan gara munuň ýaly pulemýoty atmagyň jantyny döwýän-de bolsa, töweregiň adamlaryna: “Şunuň mundan başy çykýan bolmasyn?” diýäýmeklerinden çekinip: “Wah, şu içigary öwrenmelidiris öýtmändiris-ow!” diýip, ondan habarsyz bolan bolupdy. Bu meselede özüniň çäresizligini rowaýat getiribem, ýene bir gezek nygtapdy. ...Sowetler şu, ýeri dagyny demir tigirleri bilen ýyrtyşdyryp barýan traktil diýip, obalara getiren şol guralam görlüp oturylsa, orsuň öz oýlap tapan zady däl eken. Ony geçmişde Eflatun diýen bir alym ýasapdyr. Ähli şaý-esbabyny guratlapdyr. Tarlap ýöräbermeli edipdir. Emma näçe jan edip daşyndan aýlansa-da, ony ýöredip bilmändir. Ahyram oňa: “Wagtyň geler, şonda syrtyňa depilen ýaly ýörärsiň” diýäýmekden başga alaç galmandyr. Sebäbi ol döwür kerosiniň oňa jan bolup, herekete getirip biljeginiň heniz üsti açylman eken. Ýowşan gara pulemýotly gürrüňi bir ýerlerden öwrüp: “Biziňkilerem bir sähetli gün ony atmagyň tärini ele alar” diýip, töweregine göwünlik beriji äheňde gepläpdi. Haçanda soňra onuň bu pulemýot bahanasy bilen başga bir iş gaýryp boljaklygy köýüne gelen mahaly bolsa, ol muňa gyzyl tapan gyrnak ýaly diýseň begenipdi. Bu ýagdaýy öz bähbidine ulanyp biljegine ynanypdy. Haçanda kalbynyň bir ýerinde bu köý peýda bolan mahaly hatda köpden bäri onuň ýüzüne saýa salmadyk ýylgyryma alamaty hem şol pursatda az wagtlygam bolsa peýda bolupdy. Ol meseläni ilki işan bilen bişirip, indem Tagan zabunyň ugruny ýekelemek üçin, onuň ýanyna gelen wagty hem ol henizem şol begenjiň, içki joşgunynyň täsirinden çykyp bilmändi. Ýaňaklarynyň etegi biraz kölçerip al öwsüp durdy. Ýöne onuň gurmakçy bolýan hilesini Tagan zabun asla aňmaly däldi. Aňaýdygy welin onuň: “Hä, sendenem bir doganyňy...” diýip, duran ýerinde zabunlygyny edip, kelläňi kakyp düşürjeginiň ujy iki däldi. Şonuň üçinem ol ähli hereket ynandyryjy bolar ýaly, ýanyna işanam alanyny kem görmändi. Tagan zabuna ýüzlenende, onuň bilen gämiçiniň jany bir diýdirip janköýerlerçe sala salyjylykly gürlemäge çalyşdy. –Serdar, diýýän-ä şol olja alnan pilmudy dagyn işledip bolsa, kowgynyň tumşugyna gowy kakyb-a bolardy! – diýip, ol turuwbaşdan maksadynyň öňüni arçap gürläp ugrady. Tagan zabun pulemýotly gürrüňe Ýowşan garanyň pikir edişinden has tiz imrindi. Ol: “Wah, nesini aýdýaň? Onuň ýaly ýaragyň atyp duran bolanlygynda duşman näçe güýçi bolsa-da, onuň öňünde durubam bolardy, deň durup urşubam” diýip, Ýowşan garanyň gepiniň aňyrsyna aň etmezden, onuň sözüni nygtap ýüzugra makullady. Soňam “Ele salybam, gömübem gaýtdyk. Atyp bilýän bolmasa, ony ýük edip, göterip ýörmegiň nämä geregi bar!?” diýibem, sözüniň üstüne goşdy. Pulemýotly gepiň Tagan zabuny gyzyklandyryp ugrany belli boldy. Ýowşan gara-da geregi şoldy. Ol gepi has alyşdyrmak üçin onuň bilen gürrüňi ugurdaş sürdi. –Hak aýdýaň, serdar! Ýene bir gün, ýarym gün ýöräp bilsek, serhetden aşarysam onsoň, ol pilmudyň bize şeýle bir geregem bolup durmaz, ol ýerde Owgan bilen atyşma niýetimiz ýok... –Ýöne şu bir güni, ýarym güni-de geçirmekde gep bar! Ýüz beren ýerinde duşmanyň şahyna berlibem-ä dur welin. Ýöne onuň güýjem ýetik, ýaragam gurat-da. Pida, ýitgimiz bolsa şol artyp gidip otyr. Görülýän görgülerem onuň üstüne... Gürrüň aýlanyp, öwrülip şu ýere ýetende Ýowşan gara tutan maksadyna ýetmek üçin, çemelän emel topuny onuň başyna atmaga amatly pursadyň gelenligine düşündi. Ýöne ol bu gep soňra şübhä alnyp, onuň aňyrsynda bir pygyl-pirim batdyr diýlip, pikir etdirmezlik üçin, öňe sürlen pikiriň has ynamly bolmagy üçin ol ony özi aýdyp, öňe sürenden işan aganyň agzy bilen aýdylanda has ynamly boljagyna ynanypdy. Sebäbi Tagan zabun-da hemmeler ýaly işanyň sözüniň Gurhan, Alla bilen baglydygyna ynanýardy. Şonuň üçinem ol muny hut şeýle etmegi işanyň özi bilen ozal maslahatlaşyp bişiripdi. Gep şu ýere ýetende Ýowşan gara Tagan zabunyň aşagyna atylan halyça düşegiň bir gapdalynda tesbi sanap oturan işana sala salyjylykly ýöriteläp gözledi. Işanam oňa düşündi. Tesbi sanamasyny birbada togtadyp, Tagan zabuna öz tebigatyna mahsus sylanyşykly, sala salyjylykly ýüzlendi. –Serdar, diýýän-ä bizem ýa “Taýak gelýänçä ýumruk” diýlenini edäýsek, nähili bolarkan? Işan gepi aýlawlyrak salansoň, Tagan zabun birbada onuň näme diýjek bolýandygyna düşünmedi. Işanyň ýüzüne dikanlap, onuň aýdyp gutarmadyk sözüni böltedi. –Ol nämäniň taýagy, ol nämäniň ýumrugy, işan aga?! –Men pilmudymyz-a bar, bizem şony öz aramyzdan atyp bilýän tapylýança, ony şol Agdarhan serdaryň goşundaky emelini bilýän gyzyl komissary getirip, şoňa atdyrsak, nähili bolarkan diýjek bolýan? Onsoňam ol eýýäm onça duşmany gyran bolsa, indi ol ýerdäki oklarynam atyp gutaran bolmaly. Pilmut okuny atyp gutaran bolsa, indi olara onuň şeýle bir derkarlygy-da bolmaly däl. Otrýad bolsa sykyjyga salyp, yzymyzdan söbügimizi sydyrdyp gelýär. Agdarhan Potradan şony wagtlaýyn sorap alyp, bu ýerde ulanaýsag-a kem bolmazdy. Biz tarapdanam pilmut atsa, ol duşmanyň gylawyn-a alardy! Bu gep Tagan zabuna “Türkmeni dürtmeseň, duýmaz” diýleni bolup, o-da duşmanyň hakyndan çykyp boljagyna tama döretdi. Bu bolsa Ýowşan garanyň töwerege aýlap guran mekru-alynyň ýol alyp ugramagy boldy. Tagan zabun şondan soň haýal etmän, pulemýotly meseläniň ugruna çykdy. Agdarhanyň üstüne atly ýollanynyň yzysüre ýene-de iki adamy “Gömen ýeriňizden tapyp getiriň!” diýip, pulemýotyň ugruna çykardy. Bu ýagdaýy öz peýdasyna ulanmagy ozaldan niýet edinen Ýowşan gara-da şonda çen-çak bilen, ol ýeri özüniň gowy bilýänligini, şol golaýda soň gereklenende tapar ýaly bellik hem edip gaýdanyny aýdyp, özi gitse, bu ýumşuň has tiz bitjegine Tagan zabuny ynandyryp, o-da pulemýoty getirmäge gidenlere goşuldy. Bu mahala çenli eýýäm kör garaňky düşüpdi. Baýyr-depeleri gije donunyň, synynyň aşagyna geçip, tüýslerini üýtgedip, alagümana salgymlara öwrülipdiler. Gijelerine güýzi ýatladyp, çigräp ösýän Bathyz şemaly, ýer üstündäki çerkez-çetiniň şahalaryny hallan atdyryp ösýärdi. Bir ýerlerde agzyny ýokary tutup, ganly gapyrganyň islegi bilen, ýola çykan möjegiň sesi hem häzir mahal-mahal çölüň içigip aglaýan agysy bolup eşidilýärdi. Gömlen pulemýotyň ugruna gidenler goşdan biraz ara açansoňlar, Ýowşan gara beletsiräp, beýemçiligi dessine öz eline aldy. Soňra-da başagaýlyk döretmek üçin bile barýan ýoldaşlarynyň ekabyrraklarynyň biri: “Pulemýot gömlen ýer, göwnüme bolmasa, biraz ileräkde ýalydy-la” diýenine-de seretmezden, ekabyrsyrap, onuň nirede gömlenini özüm gowy bilýän diýip, olary kowgyň gelýän tarapy Sarahs, Tejen tarapa yzyna düşürip äkitdi. Atlar bir salym gorgunyna sürlensoň, Tejen otrýadynyň dynç alyp ýatan esgerleriniň töweregini goraýan garawullarynyň biriniň gapdalyndan gelip çykdylar. Garawul atlylaryň salgymyny görüp, öz ýumşa giden ýoldaşlary gaýdyp gelýärndir öýdüp: “Geliberiň, geliberiň?” diýip seslenen mahaly Ýowşan gara bada-bat mauzerini çykaryp, onuň üstaşyry asmana iki oky sany yzly-yzyna goýberdi. Birazdan bu okuň dem-dynç alyp ýatan otrýady örüzenligi belli bolup, aýak aldygyna birnäçe ýerden gaçyp barýanlaryň yzyndan ok atylyp başlandy. Ýumşa giden atlylar şundan soň dessine yzlaryna serpilip, gaçyp gutulsalar, kaýyl boldular. Ýoldaşlaryny ýeňseden goraglaýan ýaly bolup yzdan gelýän Ýowşan gara öňden barýanlar tezişip-tazygyşyp, biraz özünden ara açansoňlar, azaşan bolup, at başyny Guşgy tarapa öwürdi-de, beýleligine ýumlukdy. Beýdip bilniksizden ogryn-dogryn ýitmek Ýowşan gara, elbetde, goşa dolanyp barlan mahalynda “Duýdansyz duşman üstünden bardyk, ok ýagdyryp kowup ugradylar, gaçyp sypsak, kaýyl bolduk, azaşdyk” diýmek üçin gerekdi. Ýowşan garanyň pikiri häzir şol getiriljek pulemýotçydady. Gyzyl komissaryň yzyndan gidenler ol ýerde oňa-muňa baryp, eglenç edenlerinde hem ýarygijä galyp-galman, yzlaryna dolanyp gelmelidiler. Göç toplumlary Gyzylgaty belentligi geriş bolup, öňden çykansoň, ikä bölünip, olaryň hersi onuň bir tarapyndan ýöremeli bolupdylar. Gyzyl komissar gelip, pulemýotyň arkasyny ýaplansa, göçüň Tejen otrýadyna hezil bermejegi ikuçsuzdy. Pulemýot gömlende onuň düzüm-düzüm oklarynam şol ýerde bile gömüpdiler. Ýöne Ýowşan garanyň üstüne abanyp gelen howp-hatar diňe bu-da däldi. Onuň komissar özüni görüp tanar, ähli syr äşgär bolup, Tagan zabunyň gazabyna duşaryn gorkusy bardy. Şonuň üçinem ol gyzyl komissary goşa ýetirmän, alyp ýatmasa, özüniň ýeserlik bilen oýnaýan bu karam oýnunyň näme bilen gutarjagyny diýseň gowy bilýärdi. Oňa biraz göwünlik berýän zat, komissaryň kastyna çykmakdaky guran duzagyna işler ugruna bolup, Tagan zabunyň öz adamlary bilen düşüp barýanlygydy. Ýowşan gara pulemýotçy gyzyl komandiri alyp gelýänlere duşaryn diýip, çen eden ýerine şol gaçan bolup gelşine hiç ýerde durman, at derledip ýetdi. Bu ýer Sarahs, Owgangädikdir Guşgy tarapdan gelýän çöl içindäki üç ýoluň çatrygydy. Ýowşan gara şu ýerde töweregi aýlanyp, hüşgärlenip mahal-mahal gijäni siňňin synlap, geljeklere garaşyp boluberdi. Hamala hemme zat uka gidene meňzäp, çöl asudady. Gijöýlänler ot-çöpüň etegini galgadyp-göterip öwsen Bathyz şemaly indi karar tapyp köşeşipdi. Doganda tegelenip çölüň depesine göterilen Aý hem indi töwereginde gaýma-gabaw bolup duran gara-gura çalpawlardan sabap, bezenip-beslenip, öýden çykan, kalby joşgun höwesli gelin deý mynasybet tapyp hasam nurlanypdy. Ýowşan gara bu ýerde garaşýan adamlaryna köp garaşmaly bolmady. Mary-Guşgy ýolunda uzakdan dört atlynyň salgym atyp, sudury göründi. Atlylar onuň çen edişi ýaly üç däl-de, dört bolup gelýärdiler. Agdarhanyň gyzyl komissary baranlara şeýle berip goýbermän, onuň ýanyna öz adamlarynyň hem birini goşanlygy belli boldy. Ýowşan gara şundan soň göze ilmezlik üçin dessine atyny jylawyndan tutup, onuň bilen golaýdaky depäniň ýeňsesine aýlady. Nädeňde nähili boljagyny ýene bir gezek pikirinde aýlap, ýagdaýyň amadyny peýledi. Atlylary görünmän gizlenip, soňam olaryň golaý gelerine garaşyp durdy. Gyzyl komissardan şu ýerde dynmasa, soňra munuň ýaly mümkinçiligiň aňsat bolmajagyny, buludyň ykbalynyň şemalyň öwüşginine bagly bolşy ýaly, öz ykbalynyň hem şu göwne düwen matlabyny alyp çykyşyna baglydygyny ýene bir gezek ýatlady. Atlylaryň nireden geçjegini, özi nireräkde nähili hereket edende amatly boljagyny çen edip ölçerdi. Gijä diň salyp, töweregini siňňin synlady. Gözýetimde gije ýorganyny üstüne çeken Pendi baýyr depeleriniň ikisi bir-birlerinden uzak bolmadyk aralykda salgym atyşyp, nämedir bir garamtyl çal zady bürenişen ýaly bolşup otyrdylar. Aýlanyp asmany gezip ýören Aýyň ýeňsesinde birnäçe asmandan asyl-asyl bolşup duran toplum bulutlar görünýärdiler. Şonuň üçinem nurana Aý birde şol bulutlaryň gujagyndan sogrulyp çykyp gelýäne, ýene birde bolsa göwün söýen ýigidiniň gujagyndan çykyp gelýän kalby joşgunly gelni ýada salýardy. Gyzyl komissary getirmäge gidenler indi nireräkden geçerkä? Ýa-da başga bir ýol bilen geçip gidiberermikä!? Ýok, biziň goşa tarap barýan bolsa-ha ol şu ýerden geçäýmelidir, başga ýol barmy, eýsem? Bu pikirler Ýowşan gara belli bir derejede hem kanagat, hem takat berdi. Onuň ýogsam häzir diýseň, çilim çekesi gelýärdi, indi bireýýämden bäri dişleri syrkaryp durdy. Ol hatda göwnüni bölüp, eýýäm temmäki haltasyna-da birki gezek el ýetiripdi. Emma çilim ysynyň arassa howada ummadan baryp çykjagy, munuň ysyny alanlara islese, islemese, öz ýatan ýerini salgy bermek boljakdygy her gezek ony raýyndan gaýtardy. Şu pursatda Ýowşan garanyň biynjalyk kalbynda bir görseň-ä çaklama aldym-berdimli pikirler, ýene-de bir görseňem, göç adamlaryna özüni giňden aýlap guran duzagynyň towlap-towlamazlygy baradaky pikirler onuň kalbynda möwç urýardy. Ýowşan gara şundan soň atym alyp, bukulyp ýatan ýerinden bukdaklap, göç edip, atlylary atyma getirmek üçin amat hasap edip, başga bir ýerde ornaşdy. Bu ýer gizlin bolşy ýaly, olaryň geçäýjek ýerlerine golaýdy. Bu bolsa okunyň boş geçmezligi üçin juda zerur zatlaryň biridi. Atlylar golaý gelende Ýowşan gara Aýyň ýagtysyna olaryň haýsy birisiniň şol göçe ýesir düşen komissardygyny seljerdi. Komissar göçi jemläp gelýän soňky atlynyň biraz öňünden gelýärdi. Ol dördüň içinde ýany ýaragsyz, sopbaş gelýärdi. Ýowşan garanyň synçy nazary ony dessine anyklady. Bu oňa gerek şol gyzyl komissardy. Ýowşan gara ony anyklap, ýiten kelebiniň ujuny tapan deý muňa öz ýanyndan diýseň begendi. Ýowşan gara bu amatly pursady sypdyrasy gelmedi. Ýagşy çenenip, yzly-yzyna iki oky goýberdi. Gyzyl komossar janhowluna düşnüksiz dilde bir zatlar samrap, münüp barýan atynyň boýnuny biygtyýar gujaklady. Ýowşan gara soňundanam duşmanyň birinden dynsam, bir peýda edip, yzdan topary jemläp, ýaragyny öňüne basyp gelýän atly heniz okuň nireden gelýänine oňly aňyp-aňman, alys-gopaslykda onuňam kükregini garaltdy. Öňden barýan iki atly ýeňselerine dolanyp, onuň haýsy tarapdan gelýänini bilip alansoňlar öz tarapyna ok atyşyp ugran mahaly Ýowşan gara yza çekilip, ýeriň pessi bilen zut gaçmak bilen boldy. Atlylar näme-nämeleriň bolanyny anyklanýança Ýowşan gara eýýäm atyny bukuda goýan ýerinden alyp, elem-tas bolup, ýeriň pessi bilen ümdüzine gaçyp barýardy. Ýowşan gara bu işini bitdi hasap edensoň, şondanam uly goşa tarap däl-de, pulemýotyň gömlen ýerine tarap howlukdy. Ol kowga düşüp gaçan ýoldaşlarynyň soňra dolanyp, ol golaýdan pulemýoty gözlemäge milt edip bilen däldiklerini, goşa ellerini burunlaryna sokup boş barandyklaryny çen edýärdi. Haçanda ol pulemýoty gömlen ýerinden gözläp tapan mahaly öz çeniniň dogry çykanlygyny bildi. Ol pulemýoty atyň öňüne alyp, iş bitirip gelensoň, duşmanyň gazabyny ýoldaşlaryndan sowmak üçin özüniň Sarahs tarapa gaçyp, olary aldawa salmaly bolandygyny çyna berimsiz edip gürrüň berdi. ...Agdarhan Potranyň goşuna ýumşa giden atlylar hem şol gije pulemýotçynyň ýerine iki sany meýidi ata ýükläp, ýüzügara bolup dolanyp geldiler. Häli-häzir-ä görünmese-de, göç yzyny dolap, duşmanyň ýene bir ýüz beräýmegi ahmal hasap edilýän Sarahs tarapyny goraglap barýan adamlar indi gyzyl goşun bölümlerinden şeýle bir uzakda hem däldiler. Tizarada uzak ýörelmänkä, onda-munda göç adamlary görnüp ugradylar. Komandir Stepanow şundan soň ýeneki göç güýçleriniň hem olardan uzakda däldigini pikir edip, esgerlerini olaryň yzyndan halkalaýyn hüjüme alyp gitdi. At salşyp gelýän gyzyl esgerleriň ilkinji duşany Tagan zabunyň göç yzyny jemläp barýan topary boldy. Haçanda Tagan zabun gyzyl esgerleriň at salşyp, hüjüm edip gelýänlerini gören mahaly at başyny çekip, ony yzyna dolady. Hökümli ses bilen töweregini gyssagly uruş düzgünine çagyrdy: “Ýigitler, hany çakganlaşyň-da, jemlenişiň tiz, bulara bir Görogly agamyň wellemşaha oýnuny görkezip alalyň” diýip çakylyk etdi. Tagan zabunyň özi-de Göroglynyň wellemşaha oýnunyň nämedigini anyk bilmese-de, duşmany güýç jemläp urmak isläp, bu buýrugy buşluk gepi bar ýaly öjügip, gylawlanyp aýtdy. Şeýle wagt aýgyt hem gaýduwsyzlyk talap edýän mahalynda onuň özüne hossar çykjagyna ynanyp, Göroglyny ýatlamak onuň endigidi. Haçan-da bir gezek giňişlikde adamlaryň biri ondan: “Serdar, bu gepi seniň aýdaýmaň bar weli, wellemşaha oýnuny seniň özüň nähili göz öňüne getirýärsiň?” diýip soranda, ol özüniň dabyr-duburrak häsiýetine görä: “Wellemşaha... bumy, bu wagtynda duşmany alkymlap, soňam onuň şahyny döwmek diýmekdir” diýipdi. Bu gezegem Tagan zabun çagyryş hökmünde bu gepi aýdanyndan töwerekdäki atlylar atlaryna jüp gamçy basyşyp, bada-bat onuň töwereginde jemlenip ugradylar. Gyzyl esgerler gözýetimde olaryň donlarynyň synlarynyň howada ýelpildäp gidenini görüp-görmänkälerem, Tagan zabunyň adamlary garaşylmadyk tizlik bilen gyzyl esgerleriň alkymda peýda boldular. Şol atylyşyp gelişlerine-de, otrýadyň öňdäki bölüminiň arasyna kürsäp urdular-da, olary ikä bölüp, ara alyp uruşmak üçin özlerine amatly ýagdaý döretdiler. Urha-urluk başlandy. At üstünde donlaryna ýel dolup gabaryp, has ulalan ýaly görünýän gaýduwsyz ýigitler şu pursatda gyzyl esgerleriň gözüne döw ýaly gorkunç hem gödek göründiler. Gyzyl esgerleriň arasynda şeýdip, bir köwsar uransoňlar, olar ýene-de öňki gelişleri ýaly, duşman aýňalyp ýetişip-ýetişmänkä ýyldyrym çaltlygynda yzlaryna dolandylar. Itlerini doňza salan awça meňzäp, göç goragy bilen bolýan urşy gapdalda bir depäniň üstünde dürbi tutup, synlap duran Stepanow bu ýerde pulemýot işletmäge mümkinçiligiň ýokdugyna, eger şeýle etse, bu garma-gürmelikde özüniňkileri hem paýhynlamaly boljagyny pikir edip alaçsyzlygyna kejikdi. “Pulemýota bir gerňäp bolsa, bularyň dätdesini ýaksa bolardy” diýip ahmyrly oýlandy. Şu pursatda oňa öz esgerleriniň hereketi duşman hereketinden has emelsiz we haýal göründi. Tagan zabun dagy etjegini edip, yza çekilensoň, Stepanow bu urdumşalyk eden göç goragy uzak gitmänka, onuň yzyndan tiz ýetmek üçin, öz bölümlerinden atdan düşmän hereket etmegi talap etdi. * * * Tejen otrýady göçi ýetip, onuň ýoluny kesmäge gyssanýan-da bolsa, Annamyrat Potra özbaşdak töwekgel hereket edip, topary bilen göç goragynyň gazabyna uçrandan soň, komandir Stepanow indi hüşgärligi elden bermän, ähli bölümleriň hereketlerini sazlaşykly gurnap ýöremäge çalyşýardy. Ol ortaky toparyň öňünde at ýorgaladyp, töwergine ýeňiljek syn taşlap barşyna, göç yzyndan ol serhetden aşmanka hökman ýetmelidigini, onuň eýýäm käbir ýerlerde serhede ýetiberendigini, ýetmese-de golaýlaberenligini pikir edýärdi. Özlerine dörän amatlylyk hökmünde göçüň açlyk-suwsuzlykdan barha haldan gaçýanlygyny, esgerleriň hüjümine gaýtawul bermäge indi olaryň ýagdaýynyň hem bolup durmajagyny, şonuň üçinem öz bölüminiň öňde goýlan wezipäniň aňsatlyk bilen hötdesinden gelip biljekligi barada hem oý edýärdi. Şeýle-de bolsa ol bu garma-gürmelikde her hili ýagdaýyň bolmagy mümkindiginden hasap tutup, ahmal galmazlyk üçin, goşun hereketiniň tertibine birnäçe özgertmeler girizdi. Bir pulemýotyň göç eline düşüp, özlerine garşy atyp, Guşgy tarapdan gelen goşunda köp zaýaçylyk edenligini eşidipdi. Şonuň üçinem ol yzdan gelýän pulemýotçy topary öz toplumynyň arasyna geçirip, gerek bolanda duşman eline düşmeginiň öňüni almak üçin, olaryň hersiniň gapdalyna ýörite kömekçiler belläp, onuň daşynyň goragyny hasam berkidipdi. Öz göwni ýetýän bölüm komandirleriniň biri, kelteden gelen, eginlek, eýer üstünde guýlan ýaly bolup oturýan pişikgöz Gurtanowy tiz hereket edip, Annamyrat Potranyň gelmeli edilen ýerinden gelip, oňa derek göçe Sarahs tarapdan hüjüm etmekligi tabşyrdy. Söweş mahaly birek-birek bilen gerek boljak hyzmatdaşlyk etmäge Mary-Guşgy otrýadlary bilen habar gatnaşyklary ýola goýuldy. Azyndan bäş-alty menzildäki Mary otrýadynyň göç yzyndan ýetip, söweşler alyp barýanlygy barada habar gelip ýetende Stepanow atyny ogurladyp, emelsizligi bilen gözden düşen Petragyň täzeden eline düşen atyny säpjedip ýörenligini göz öňüne getirip: “Bu gezek ol ozalky säwliginiň hakyny alypdyr” diýdirmek üçin, onuň göç goragy bilen juda öçli uruşjagyny hem bu meselede ondan kem oturmaly däldigini özüne ýatladýan hörpde pikir etdi. Bathyz düzlüginiň aralygynda al öwsüp, özge baýyr depelerden özüniň üýtgeşikligi bilen dag bolup seleňläp, ýerden göterilip oturan Gyzylgata ýetenlerinde onuň sag etegine aýlanyp-aýlanmanka otrýad gyssag arada ýygnalynmaga ýetişilmän goýlup gidilen adam jesetleriniň üstünden bardy. Çary Perman ýatan merhumlaryň geýim-geýniş lybaslaryndan tanap, olaryň öň öz pikir edişi ýaly, Tejen öwresiniň adamlaryna degişli bolman, ýomut türkmenleriniň geýnişine dahylly lybaslardygyny anyklady. Göçüň uly bir böleginiň ýomut taýpasynyň adamlardygyny ol bilýärdi. Adam jesetleriniň beýleräginde ölüp galan düýeler Owganda ertilip, dikmäge niýetlenilip alnyp barylýan öýler zady bilen ýykylan ýerinde düňderilişip ýatyrdylar. Komandir Stepanowyň pikiri dogry bolup çykdy, birsalymdan otrýad Garaşor çöketligine inip barýaka, ýene-de uly göçüň yzyndan ýetdi. Tagan zabuna dönüp söweşmekden başga ýol galmady. Tizdenem Gyzyl Goşunyň diňe bir ýeňsedenem däl, olaryň bir toplumynyň Sarahs tarapdanam ýygyn tutup gelýändigi belli boldy. Tagan zabun munuň iki-üç tarapdan gelinmeginiň duşmanyň özlerini aljyraňňylyga salmak üçin ýörite guran pirimidigine düşündi. Bular bilen urşy nähili alyp barmalydygyna oý salan wagty ol ýene-de: “Şeýle ýagdaýda han dädem nähili hereket ederdikän!?” diýip, bir pursat Jüneýit hany ýatlady. Şeýle ýagdaýyň boljagy göz öňünde tutulyp, ýomut türkmenleriniň güýji esasanam iki bölege bölünip, hereket etdirilmesi bardy. Bu bölümler bir-birlerinden esli bir derejede uzaklykda bolsalar-da, gerek mahaly ýetişip, bir-birlerine kömek bermek mümkin bolan ýerlerde bolardylar. Olaryň bir-birleriniň töwereginde öwrülişip ýöreýändikleri üçin bu usula pyrlampaç urşy hem diýerdiler. Toparlaryň birinjisi ikinji topardan has uly bolup, ol adam güýjünden başga-da gerek boljak azyk-suwlugy, mallar üçin ot-iýimi, içiljek suwlaryň bir bölegini özünde jemlän bolardy. Her hili asgynjaňy ýetik bolansoň, bu topar ikinji topara görä biraz haýal, şol bir wagtda hem tutumly hereket ederdi. Toparlaryň ikinjisi – bu bolsa çawjap, çalt hereket etmeli atly toplumdy. Jüneýit hanyň beýle çaknyşyklarda özi goşunyň dürli ýerlerinde bolup, bolýan ýerini gizlinlikde saklap, garşylykly söweşleri giňden ýaýbaňlandyryp, toparlaryň hereketlerini sazlamaga mümkinçilik bererdi. Uçýan ýaly bolup, tiz hereket edýän toparyň başynda hemişe hanyň öz göwni ýetýän gaýduwsyz batyrlary bolardy. Şeýle adamlaryň biri-de çölde gyzyl esgerleri “Şaltaý-baltaý, ne nado...” diýdirip, gan agladan Şaltaý baga bolupdy. Tagan zabun ýagdaýy anyklansoň, bularyň garşysyna iki güýjüň hem hereketini sazlap, olar bilen gaçyp-kowubrak uruşsa, kem bolmajagyny anyklady. Töweregine adamlaryny toplady. Adamar onuň özlerini bu çaknyşykdan alyp çykjagyna ynanýan ýaly başdan tamaly seredişdiler. Onuň öňünde at jylawlaşyp, Işan, Ýowşan gara, Düwdek batyr ýaly sala düşünýän adamlar hem durdular. Tagan zabunyň matlabyny adamlaram göwnejaý edip makulladylar. Bu bolsa tebigaty göçgünliräk Tagan zabuna özboluşly goltgy boldy. Ol: “Gyzyllar iki-üç tarapdan gelip, siziň başa syrtmag-a salmasyna saldy welin, ýöne ony çekip, bogup ugramankalar ondan sypmagymyz gerek, onuň üçin bolsa biziň aldyrman-ýoldurman, häzir gaça urşup, belli bir aralyga çenli çekilmeli. Şonda biz uly topara hem belli bir derejede ýakynlaşarys” diýip, güýçleriň jemlenmegine bil baglady. Duşman bilen atyşyp, yza çekilmegi talap etdi. Aradaky bar bolan açyklygyndan peýdalanmaga çalyşdy. Emma komandir Stepanow hem beýdip atymyna getiren duşmanynyň yzyndan galasy gelmän, dessine Tagan zabunyň atlylarynyň yzyndan kowgy saldy. Onuň pikiriçe, atlylar sap atyp gaçsalar-da, olar bary bir uzak gitmeli däldiler. Sebäbi göçüň öňi hem indi öz yzyndan gelýän goragyndan uzakda bolmaly däldi. Gaçanlar-da zor gitseler, şol göçüň golaýyna çenli gaçmaga mümkinçilik bolmalydy. Şondan soň olaryň islese-islemeseler-de, dönüp, dogry durup, söweşmeden başga ýoly ýokdy. Haçan-da komandire Sarahs tarapdaky güýçleriň garşysyna ýene bir goşun güýjüniň peýda bolanlygy, olaryň göç yzyna gaýdan ýaly bolup gelýändiklerini habar berlen mahaly, ol döwüşmegiň nobaty gelendigine düşündi. Komandir Stepanow şol ýerde uly çaknyşygyň boljagyny çen edip, özi-de şol golaýda esasy güýçlerini jemlärmen boldy. Ol ilki pulemýotçylar bölüminiň komandiri bilen Çary Permany şol ýere gyssagly atardy. Özi bir toplum atly bilen Garaşory ortalap sürdi. Ol häzir özüniň uruş hereketleriniň ýaýbaňlanjak ýeriniň ortasyna barýanlygyna, ol ýerden söweş hereketini sazlamaga amatly boljagyna göwün ýüwürdýärdi. Esasy güýçler Garaşoruň ileri başyndaky ýazgynlykda duşuşdylar. Göç goragynyň arasynda sömelip, düýe münenleri-de, eşek münenleri-de bardy. Erkek adamlaryň arasynda bilini guşap, synyny guşagyna çalyp ykjamlanyp, başlary börükli, agyzlary ýaşmakly aýallar, başlary gupbaly, gupbadaşy aýlanyp, ýaglyk bilen daňlan, elleri ýaragly ulugyzlar, çawjaşyp ýören ýigdekçe oglanlar-da bardy. Olaryň hemmesi-de duşman bilen bir baş dikmek niýetindäki adamlardy. Pulemýotly topar aňyrdan uly goh bolşup, zalymlyk bilen halky paýhynlap eňterilişip gelýärdi. Pulemýotlaryň gelmegi biraz asgynlap, götinjekläp ugran gyzyl goşuna tüýs wagtynda berlen kömek boldy. Bu ýerdäki toparyň komandiri Çary Perman bilen maslahatlaşyp, pulemýotlary gyssagly amatlydyr öýden ýerlerinde ýerleşdirip, dessine-de ýerli-ýerden göçe tarap ot açyp, tutanýerlilik bilen söweşe başladylar. Şeýle-de bolsa, pulemýotlaryň hem aňyrdan sil bolup düňderilip, kelläni orta goýan gaýduwsyz adamlaryň öňünde uzak durup bilmän, ökje ogurlap, yza çekilmäge mejbur boldular. Göni garşydan, garşylaryndan tiz hereket edip gelen atlylar heniz howpsuz aralyga çekilip-ýetişmedik bir pulemýotyň üstüni birnäçe pida berenine seretmän güpbasdy etdi. Pulemýotyň ýanyndaky esgerleriň diňe biri ot alan ýaly gaçyp, zordan başyny gutardy. Ikinji pulemýot ondan elli-altmyş ädimlikde gurlupdy. Haçan-da gyzyl esgerler bir pulemýot nokadynyň alnanyny görüp, onuň gününe düşmezlik üçin, pulemýoty süýräp yza çekilmekçi bolan wagty onuň golaýynda duran Çary Perman bu ýagdaý bilen düýbünden ylalaşmady. Ol gapdaldan ylgap geldi-de, süýrelip ýeňsä çekilip ugralan pulemýotyň syrtyna özi geçdi. Pulemýot takyrdap, hopugyp gülle ýagdyrmaga başlady. Aňyrdan dazyrdaşyp ýetip gelýän atlylaryň aýagyna bir zat çolaşýan ýaly bolşup tüwdürilişip ugradylar. Gyzyl goşun bölümleri şu pursatda bir aljyraňňylyga düşen ýaly hem bolsalar, pulemýot täzeden atyp başlap, arkalaryny alansoň, olar ýene-de täzeden hüjüme geçdiler. Emma ýitgi baryna çekýändiklerine seretmezden, özüni jähenneme uran göç adamlary dönüp gaçmaga synanyşmaýardylar, gaýta tersine, hamala ölüp direlýän ýaly bolşup, ýerli-ýerden galkynyp, mümkin bolan ýerlerden täzeden ýene-de hüjüme geçýärdiler. Uruş ýagdaýynyň barşyndan hasap tutup, goşun bölümleriniň ortaragynda bolup ýören komandir Stepanow göç adamlarynyň öz ýolbaşçylarynyň yzyna düşüp, öz esgerlerine mümkin bolan ýerde aýy ýaly arlap aslyşýandyklaryny, ýagdaýy öz utuşly tarapyna üýtgetmäge çytraşýandyklaryny görýärdi. Aňyrdan ölenini-öçenini bilmän, eňterilişip gelýän adamlary pürreleýşine, olaryň atdyr düýelerden tüwdürilip gidişleri soňabaka pulemýot atyp ýatan Çary Permanyň hoşuny tutdurdy. Ol şol ok atyp ýatyşyna kellesi gyzyp, mahal-mahal gyjalat berýän ýaly bolup gygyrybam goýberýärdi: “Hä, hä, geliň-ä, basmaçy gurrumsaklar!” Göç urşujylary şondan soň tanyş türkmen dilini eşitmekden başga-da, bir pulemýotyň ýeňsesinde başy silkme telpekli biriniň müňedekläp ýatanyny hem gördüler. Bu bolsa göç adamlarynda nädibem bolsa ilki hut şu dönügi alyp ýatmak islegini döretdi. Çary pulemýot atmany bir çak öwrenen-de bolsa, ýöne ol şu pursada çenli özüniň beýle ökde pulemýotçydygyny bilmeýärdi. Göç agyr ýitgi çekip gyrylmaga başlady. Pulemýoty alyp ýatmasa, ýagdaýyň öwerlik däldigini görüp, Çary Permanyň ugruna gazap bilen Tagan zabunyň özi çykdy. Ilki bar bolan ok-ýaraglardan pulemýota garşy ok atmagy talap etdi. Onuň pikiri bu atylýan oklar alyp ýatmasa-da, belli bir wagta çenli gyzyl esgerleriň bir bölegini howply ýer hökmünde öz töwereginde güýmemelidi. Bu bolsa Tagan zabunyň soňky eden pikiriniň amala aşmagyna belli bir derejede peýda etmelidi. Ol bir topar atla baş edip, göçüň öňünden ýöreýän Amansähet serdary häli çaknyşyk başlanmanka duşmanyň ýeňsesinden gelip urmagy tabşyrypdy. Komandir Stepanow uly otrýadyň dürli ýerlerdäki bölümleriniň arasynda bolup, dürbüläp, urşuň ýadaýyny synlap ýörşüne indi göçüň öz urgusynyň öňünde uzak durup bilmejegini çen edip, bu işi tizräk tamamlamagy maksat edinýärdi. Onuň pikiri bu iş çepdäki atly bölümini hem pulemýot bölümiň ýanyna geçirip, güýç birikdirilende, ol ýeňşi gutarnykly tamamlamalydy. Göç güýçlerinden asgyn gelerin, kömek sorap, töwerege ýüzlenmeli bolaryn diýen pikir indi ýatdan çykypdy. Gaýta, ony häzir Petragyň topary nähili hereket edýärkä, onuň kör hasasyny bir aldyr edip, seresap hereket edýändigi, soňra Petrak basmaçylary çapmakda has tapawutlandy diýen tarypa eýe boljaklygy, özüniň ondan kem bolup görünýän bolaýmaýyn diýen bäsdeşlerçe pikirler oýlandyrýardy. Ot-çöpleriň başlaryny yralap, ýapy-depeleriň üstüni tozadyp, ösüp ugran Bathyz şemaly bolsa indi barha güýçlenmese, peselerli däldi. Gaýta ol mahal-mahal çöl üstünde dällirän öküz ýaly öňünden çykan zady şahlaryna mündürip, silip urup düwläp barýan harasada öwrülerli görünýärdi. Ol şundan soň adamlaryň göz açyp-ýumma, görüş ýagdaýlaryny hasam kynlaşdyrdy. Tupan buludynyň dag bolup, abanyp gelmegi pulemýotyň arkasyny ýaplanyp ýatan Çary Permanyň hem kejebesini daraltdy. Indi göç adamlary çaň-tozan içinde salgym atyp, ýene birde bolsa tozan-topluma garyşyp, diýseň, bulaşyk görünýärdi. Onuň bolsa göçi oka tutup, olaryň orulyşyp ýykylyşlaryny görüp, lezzet tapma bilen hasam paýhynlasy gelýärdi. Indi pulemýot haýsydyr bir päsgelçilige uçraýan ýaly bolup, harasada gatylan milleti kynlyk bilen saýgaryp, ýaltalaç üzlem-saplam seslenýärdi. Hatda Çary Perman bu apy-tupanyň arasynda göçüň ýaragly adamlarynyň buýrugy bilen öz kastlaryna ýörite çykyp, çaň-tozan arasynda pyrlanýan ýaly bolup, ýakyn gelenlerini hem duýman galdylar. Olaryň biriniň atan oky Çary Permanyň silkme telpegini alyp düşdi. Çary Perman göç adamlarynyň özüniň türkmendigini bilip, öz halkyna ok atýan dönük hökmünde özüni alyp ýatmakçy bolýandyklaryny duýdy. Derrew “Essiň barka, etegiňi ýap” edip, çem gelen çöpe, gerşe bukulyp, gaçmak bilen boldy. Gazapdan ýaňa onuň henizem ysytmalynyňky ýaly biygtyýar titreýärdi. Gyzyl esgerler ýene bir salym özleriniň ýeňip, üstün çykmak bilen bagly islegleri bilen hoşlaşaslary gelmän, duran-duran ýerlerinde üstüne sürnüp gelýän göç goragy bilen erjel söweşdiler. Esgerlerň arasynda baş gutarmak aladasy bilen eýýäm yza çekilişip, gaçyp ugranlary, okdan uçýanlary az däldi. Bu ýagdaý şeýdibem komandir Stepanowyň ynanan ýeňiş baradaky pikirine täzeden düzediş girizmäge mejbur etdi. Ol göç hüjümini gaýtarmak, onuň başyna ganly oýun salmak üçin iberen adamlarynyň hüjümiň öňünde durup bilmeýänini görüp, diýseň lapykeç boldy. Surnaý çaldyryp, soňan olara goşuna yza çekilmelidigini habar berdirdi, ol şeýtmese, bu başagaýlykda ähli güýçlerini paýhynlatmakdan elheder alyp gorkdy. Tagan zabun tüýdük sesini eşidip, duşman esgerleriň duran ýerlerinden sypba-sypba sypyrylyp, yza çekilip ugrandyklaryny görüp, uzak wagt geçmänkä o-da “Gaçany kowujy bolma” edip, eger atalaryň bu akylynyň üstünden ätlese, özlerini hem bir bela duşaýjak ýaly görüp, hülümi togtatdy. Dessine-de ol öz halkyny hezil edip gyran türkmen pulemýotçynyň meýdini töwerekden ýörite gözletdi. Ol pulemýot sesini haýalladansoň, onuň syrtyny ýaplanan türkmen ölendir öýdüpdi. Emma Çary Permanam kiçiräk ýara bilen gaçyp sypanlaryň biri bolupdy. Tagan zabuna adamlaryň biri onuň keseligine dil ýaly edilip, maňlaýyna gyzyl mata berkidilen içinden ok geçip, guma bulaşyp ýatan silkme telpegini tapyp getirdi. Ony getiren jortmak kelte ýigit: – Tagan däde, ine, ol öz türkmenimiziň telpeg-ä ýatan eken! – diýip, oňa uzatdy. – Gaçyp ýetişen eken-ow haramzada. Wah, men onuň meýdini ata süýredip, hezil etjekdim ahyry – diýip, Tagan zabun onuň sypanyna ahmyr etdi. Soňundanam gahar ugruna ony eliniň tersi bilen honda zyňyp goýberdi. Soňam ýeňlip, ala tozana çolaşan ýaly bolup barýan duşman yzyndan kanagat tama bilen gözläp durdy. Tebigatyňam wagtynda harasat göterip, gum tozadyp, bolup bilenini bolup, hak iş ýolundaky halky özüçe gorandygyny, ýoly dowam etmäge mümkinçilik berenligine onuň häsiýetinden çen tutup ynandy. Göçi yzarlap kowgy bolup gelýän otrýadlar şol gün onuň özlerine eýgertmän, serhede ýetip barýanlygyny mälim edip, yzly-yzyna kömek sorap, Aşgabada, Mara gyssagly habarlar atardylar. | |
|
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk - 20.10.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |