14:50 Ojak - 2-nji kitap: 23: romanyň dowamy | |
* * * ...Tagan zabun gaçdy. Ýyndam aty bilen ýolsuz ýerden ýol tapyp, ähli zatdan geçip, üm-düzüne tutduryp gaçdy. Atyny zora tutdy, at parça-parça der saçyp, depe-düze parh goýman, ýüzin salyp çapdy. Gaçmazlyk asla mümkin däldi. Sowetler indi aýeroplanda depäňden bomba taşlap, pulemýotdan ot sowrup şeýle bir hüjüm edýärdiler welin, öňünde durar dagy eder ýaly däldi. Aýeroplanlar şeýdip gelip yzygider bombalap ugransoň, onuň uly göç bilenem, Agdarhan serdar bilenem arasy kesilipdi. Her gark bolup barýanyň halas bolmak meselesi özüne bagly diýleni bolupdy. Tagan zabunyň şundan soň ýagdaýy öz elinde saklamaga dyzanyp, kime buýruk berip, ýene kimselere abaý-syýasat edip, halky bir ýerräkden ýöretmäge, duşmana garşy güýç jemläp göreşmäge synanyşsa-da, onuň tagallasy başa barmandy. Bomba taşlanyp ugransoň, Ýeroýulanyň içine duw-dagyn bolup pytran milleti toplamak mümkin bolmandy. Gaçaryny aldyran göç her ädiminde pida baryny çeke-çeke, çar tarapa dyr-pytrak bolup pytrap, hiç zada parh goýman gaçyp barýardy. Göç indi Owgan gädigi alkymlabam barypdy. Owgan gädigiň özi hem indi giňden gerlen gujak bolup, göçüň alnyndan çykyp, olaryň dadyna ýetişerli bolup, howlugyp aňyrdan adamlara tarap barha golaýlap gelýärdi. Bu şeýle bolmasa-da: “Alla-Alla” diýşip, ýerli-ýerden Allany çagyryşyp zarynlaýan adamlar Owgan gädigiň gujak açyp, özlerine tarap, barha ýakynlap gelýän ýaly bolup görünmegini Allanyň özleri üçin asmandan indiren, häzirlikçe edip bilýän ýeke-täk ýagşylygynyň şudugyna ynandylar. Ähli zatdan-delmirip, haraý gözleýän adamlara Owgan gädigiň beýdip öňlerinden çykmagy olara-da belli bir derejede beladan başlaryny gutaryp biljeklerine bolan tama döretdi. Gütüledilip-gütüledilip taşlanýan bombalaryň arasynda çawjap ýören Tagan zabunam birazdan gaçmakdan başga alajyň ýoklugyna doly göz ýetirdi. Göçüň ol ýerinde, bu ýerinde çawjap-alakjap ýörşüne ol indi: “Haý, adamlar, gaçyň! Owgan gädik hol-a howalanyp dur, şony nazarlap gaçyň!” diýip gygyrýardy. Onuň özi-de şundan soň at başyny deňläp gaçyp ugranlaryň biri boldy. Ahy-tupanlygyň derdinden bu pursatda aň şundan başga akyla aýgyt etmekden ejiz gelipdi. Asmanda bolsa aýeroplanlar gaýmalaşyp war berýärdiler. Yzly-yzyna iki-üç gezek juw-juw bolup, yzyndan ok ýeten wagty ol özüniň aýeroplanyň nyşanasyna düşenligini çen etdi. Başyny ýapyryp, atynyň boýnuny tarap egildi... Tagan zabunyň süňňüne aralaşan wehimiň soňra şol barmaşa onuň atyna-da ýetişenligi belli boldy. At şundan soň depe-düz saýman, topa salnyp atylana dönüp, zymdyrylyp öňe atyldy. Birmeýdan çapansoň, garadere batyp, parça-parça ak köpük gaýtaryp başlady. Emma munuň bilenem Tagan zabuna başdan inen bu belanyň öňünden sowulmak başartmady. Aýeroplanlaryň biriniň Tagan zabuna jynynyň düşenligi belli boldy. Uçarman ýaňy ol at çapdyryp, adamlara beýemçilik, çakylyk edip ýören mahaly görüp, onuň göç ýolbaşçylarynyň biridigini çen eden bolmaly. Aýeroplandan atylýan oklaryň biri Tagan zabunyň buýsanyp geýýän depesi meýdanly, buýraly silkme telpeginiň bir bölegini goparyp, alyp düşse, okuň ýene biri ol at boýnuna eglende, otyrýerine degip, ony gyltyzrak ýaralady. Tagan zabun hol, gara görnüm öňde görnen iki-üç adamyň düýeleriniň gidişini haýal görüp, çybyk bilen saýgylaşyp, hellewleşip barýanlaryny görüp, olardan ozup geçip barýarka, aýeroplanyň indi özünden ünsi sowup, olara öjügip, yzarlamasyny bes etjegini pikir eden-de bolsa, onuň bu tamasy hem çykmady. Okuny saýhally tutup, mahal-mahal atyp, köwup gelýän aýeroplan ýene-de ony jyn edinip, kowalamasyny goýmady. Warlap ýokardan bir oňa geçdi, bir muňa, Tagan zabuna erjeşmesini dowam etdirdi. Onuň bir başa dikmän, başdan sowulmajagy hem şundan soň anyk boldy. Tagan zabun aýeroplanyň gönünden-göni belläp, özüni kowşundan onuň üstünde sürüjidenem başga hut özüni tanaýan belet adamyň barlygyny, depeden özüni görkezip: “Şuny sypdyrmaly däl!” diýip, ona salgy berip, görkezip oturanlygyny çen etdi. Agdarhan Potra bilen iň soňky gyssagarada bolan gürrüňi ýatlady. ...Han şonda oňa aýratynlykda bir zat aýtmakçy bolýanlygyny mälim edip, atynyň başyny onuň atynyň başyna deňläp: –Batyr, biziň içimizde birki sany dagy Sowetiň jansyzlary hem bar ýaly-la. Şolaryň biriniňem şol Ýowşan gara diýilýäniň bolmagy gaty mümkin. –Men onuň bardygym kellesini alaryn –diýip, Tagan zabun şol pursatda öz goşuna ýetmäge howlugypdy. –Tagapyl et, batyr! Çen edilýän bir olam däl, Bäpbe batyryňam “hymy-symy gürrüňi barmyşyn diýip çaklajak bolýarlar. –Be, Bäpbe batyr... Kelläňe gelmejek adamlar – diýip, Tagan zabun bu gepe diýseň geň galanyny mälim edip, ýene Agdarhanyň gürrüňini böltedi. –Sowetem şular ýaly asla güman edilmejek, özüni her ýerde oňarjak adamlary saýlap tutýarlar-da... Şu ikisiniň haýsam bolsa biriniň aramyza sokulan melgundygynyň ujy iki däl. Ýöne bularyň haýsynyň ýakasyndan tutjak? Müňkür-nekir diýilýär. Tutarygyň bolman, bir adama müňkürlik etmegem gowy däl... Çen edenimizem däl bolup çyksa, olaryň göwnüne gaty degmegimiz mümkin. Ýöne iliň çen-güman-a şolarda... –Han aga, halk aýtsa, galp aýtmaz. Elle gepden belli gep. Haýal etmän, olaryň ikisiniňem kellesini etegine gaçyryp taşlalyň! – diýip, Tagan zabun biraz küýlülik bilen, at debsiräp, bu ýagdaýyň soňuny görmäge howlukdy. Hyýalynda bolsa, ol eýýäm bularyň ikisiniňem ýoguna ýanyp, içini sowadyp durdy. Ähli zady pähim-paýhas çäginde bolmalydygyna ýykgyn edýän Agdarhan Tagan zabunyň maslahatyny ýene-de meseläniň ýeke-täk çözgüdi hökmünde kabul edesi gelmedi. –Beýdilse günäliniň oduna bigünä ýanary bolmagy mümkin! Olaryň biriniň içaly-ýeneki däl bolmagy-da, biziň gowa töhmet atýan bolmagymyz mümkin... Anyk zat ýok. Tagan zabunyň gepi bu gezek has kesgitli boldy. –Günäsizem ölmeli bolsa, goý ölsün. Ony seljermäge häzir wagt ýok... Uruş pidasyz bolýanmydyr, eýsem!? – diýip, dyzmaç gürläpdi. Emma han göwnemedi. Oňa derek içalylar meselesinde hüşgärligi elden bermeli däldigini, olary etmişiniň üstünde tutup, diňe şundan soň güpbasdy etmelidigini aýtdy. Tagan zabun Agdarhandan onuň kimligini eşidip gelenden soňam gelşine ony tapyp, bada-bat boýnundan gara gylyjy salmanlygyna häzir ökündi... Indi bolsa, gör, ol nirelerden aýlanyp dolanyp çykdy... Şu pikirden soň ol aýeroplany özüne öjükdirip oturany görmese-de, onuň Ýowşan garadygyna hasam ynandy. Emma aýeroplanlaryň peýda bolmagy bilen başlanan gaçha-gaçlykdan soň, onuň Ýowşan garany göz astynda saklamak pikiri-de başa barmandy. Ol şol garma-gürmelikde bir bölek atly bilen bir ýere ýitirim bolupdy. Şonda eger diri bolsa ony tapjagyna ynanýan Tagan zabun ol barada: “Gyzyňy alaýdygym, depesinden bomba-ýeneki inip, tapbat dagy bolaýdymyka, ýogsam-a bir ýerden boýugmaly ol maňlaýygara...” diýip oýlandy. Soňam ol wagty bilen gara bermänsoň, onuň şeýle bolanyna ynanyp, düwnesini üzüp oturandan bolupdy. Indi bolsa ol Ýowşan garanyň gaçyp, özüni esgerleriň arasyna atanlygyny, indem aýeroplanda oturyp, ýurdy belet çapar edip, ýol görkezip oturan bolandygyny çen etdi. “Wah, beýle boljagyny öň bilen bolsam...” diýip, dyzyna urup ahmyr etdi. Ol her gezek aýeroplanyň sesi özüne golaýlaberende at başyny gyssagly bir bukurak ýere dolap alardy-da, aýeroplan badyny saklap bilmän gapdalyndan geçip gidensoň, ýene jülgäň içi bilen basýardy ata gamçyny. Aýeroplan öwrülip öňünden çykýança ýa-da ýeňseden bir ýerden öwrülip gelýänçä ol ganat ýaýýan ýaly bolup, eýýäm başga bir ýerlerden baryp çykardy. Tagan zabunyň gaçyp barýan jülgesem indi gitdigiçe daralyp-çuňalmak bilendi. Bu bolsa gizleýän ýaly barha aýeroplanyň ony atyma getirmek mümkinçiligini azaldýardy. Muňa seretmezden, aýeroplan jülgäniň ýokarsynda köwsarlap aýlanyp, henizem jyn edinen atlysyny alyp düşme islegi bilen ala tarryldy bolup gaýýardy. Tagan zabun özüniň indi o diýen elýeterli däldigini aňansoň, atdan düşdi-de, jylawy elde saklap, onuň öňüne düşüp ýöredi. Çapa-çapa at janawerem diýseň ýadapdy, häzir onuň der bilen süllümbaý ezilen süňňünden ajy der ysly ýeňiljek bug göterilýärdi. Birazdan aýeroplanyň öwrülip gidenligi belli boldy. Ol munuň aýeroplan sesiniň barha özünden daşlaşýanyndan aňdy. Şeýle-de bolsa ol aýeroplanyň ýag guýup, okdan, bombadan ýüküni tutmaga gidenini pikir edip, onuň özüni gününe goýanlygyna birbada ynanmady. Hüşgärligi elden bermän, görünmänräk ýöremäge çalyşdy. Indi onuň daş-töweregini Owgan topragyna sanan baýyr depeleri Guşgy, Sarahs tarapa uzalyp, ulgam tutuşyp ýatyrdylar. Tagan zabuna sowaşdygyça bolan elhençlik barha ýiti duýlup, indi onuň demligi daralýardy. Onuň nazary bolsa töwerekden özi ýaly gaçyp-sypanlary gözleýärdi. Emma soňam wagty bilen oňa duşan adam bolmady. Hatda ýolda gören düýelerini ýatlap, olar yzymdan ýeter diýip çen etse-de, olardanam wagty bilen yzyndan ýeten bolmady. Olaram aýeroplan pulemýot okuna tutup alyp ýatan bolmaly. Tagan zabunyň çen edişi ýaly, giden aýeroplan ýene bir salymdan ony gözläp yzyna gaýdyp geldi. Baýyrlaryň ýokarsynda ters aýlanyp, Tagan zabuny aňtady. Emma soňam näçe aýlansa-da, ol ne-hä Tagan zabuny, ne-de onuň atyny tapyp bildi. Ol ýene bir salym gözleg salyp, baýyrlaryň ýokarsynda uçup gezensoň, şol gezip ýörşüne-de, onuň bukulan ýeriniň bolaýmagy mümkin ýerlerini pulemýot okuna tutdy. Ýöne aýeroplan gözleg salyp, depede näçe pyrlansa-da, soňra oňa kastyna çykan adamsyny görmek başartmady. Bir salymdanam ol jyn edinen adamsyny alyp ýatyp bilmändigine arman çekip, gaplaň-peleň deýin jülgeleri sarsdyryp, ahmyrly nagra dartyp, yzyna dolandy. Aşakda sergi bolup ýatan maslyklaryň üsti bilen öwrülip, ugur alyp, soňam Guşga tarap ganat ýaýyp uçup gitdi. Tagan zabunyň şol yzarlap gelýän jülgesi ony Owgan gädigiň ýeňsesinden bir ýerlerden çykardy. Ol bu barýan jülgesiniň Owgan gädigi oýtarlap, onuň gapdalyndan ötýänligini bilmeýänligi üçin, häzir özüniň gelip nirelerden çykanlygyndan habarsyzdy. Henizem onuň golaý-goltumdan gaçyp-sypan adamlara duşaryn diýen tamasy bardy. Emma onuň biderejik küýseg bilen tama edeni galdy. Wagty bilen ýene-de oňa duşan adam bolmady. Tagan zabun bir üsti atkeçe atylyp oturaýmaly takyrja depelenip duran ýere duşup, onuň şol ýerde biraz-da bolsa oturasy geldi. Dünýäde ýeke galan adam ýaly ol ümsümlik ummanyny boýlap, birsalym oturansoň, soňra kem-kemden öňki halyndan düşüşip, özüniň aýeroplanyň gazabyndan gaçyp sypanyna ynanyp ugrady. Tagan zabun şu oturyşyna duşmandan gaçyp gutulandygyna ynandygyça-da derdi artyp, kalbyny hasrat basmarlady. Indi ony göçi alyp çykmakda gerek bolan kesgirligiň, ugurtapyjylygyň gerek mahaly özünde bolmanlygy, bu ýagdaýyň nähili beýle bolup bilýänligi baradaky pikirler diýseň kalbyny ezdi. “...Emelsizlik, başarnyksyzlyk, başga hiç zadam däl, maňa dogumlydyr diýýärler welin, belki, şeýledirem, emma il öňüne düşmek üçin diňe bir bu-da ýeterlik däl bolmaly, akyl-paýhasdan ýene-de nämedir bir zatdan ýüküni tutan bolmalydyr... Han aga ýaly ederini bilýän, Hakdan halatly bolmasaň, belki, il öňüne düşmeli-de däldir...” diýip oýlandy. Onuň göz öňüne bolsa halkyň aýeroplanlaryň gazabyna gaýduwsyzlyk görkezip, ýitgi baryny çekip, ýeten ýerinde öwlüýä döredip gaçyp barşy bardy. Tagan zabun köpler ýaly ýogsam aýeroplany ýaňy görmeläm däldi, bu Sowetleriň türkmen topragynda garşydaş hökmünde kastyna çykan güýçleriniň söweş meýdanlarynda özünden üstün çykyp ugransoň, ýigriminji ýyllaryň ahyrynda şeýtanyň enesini emip, onuň tapan emelleriniň birisidi. Şeýdibem, bu ok-ýaragyň asmana çykan döwri bolupdy. Öň ok alnyňdan, ýeňsäňden gelýän bolsa, indi ol pulemýot oky, bomba bolup asmandanam inip ugrapdy. Tagan zabun han gadamynda gezip ýörkä onuň okunyň-da, bombasynyň-da aşagynda bolup görüpdi. Beýle ýagdaýda han dessine ýagdaýy öz eline alardy. Onsoň adamlaryň gizlenmelileri gizlenip, gaçmalylary duşmany düýp goşdan uzagrak äkitmek üçin gaçyp, ýene birler hemişe onuň yzy bilen gelýän gyzyl esgerlere gaýtawul bermek üçin eňişip barýandyrlar. Hanyň hökümleridir maslahatlary bilen edilýän şeýle hereketler bolsa hemişe halky agyr günlerden, çykgynsyz ýagdaýlaryň aşagyndan uly bir ýitgisiz alyp çykardy. Bu zatlaryň öz-özünden bolmaýanlygyna, munuň üçin gözsüz batyrlykdan başga-da ederini bilýän paýhasyň juda gerek bolýanlygyna Tagan zabun bu ýagdaý özbaşyna düşenden soň has aýdyň bilipdi. Hany ýat edip, onuň häkim-haladyndan hantama bolup, häzirki ýagdaýyňam onuň özi olanlygynda halky bir ýol bilen alyp çykmajagyny oý edip, öz ýanyndan ony küýsedi. Tagan zabun şol oturyşyna ýene-de bir gezek tükeniksiz ahmyrdyr puşman bilen hezil edip, özüni jyn edinip kowalap, göwün solpudan çykyp giden aýeroplany ýatlady. Onuň üstünde telim bir ýüp bilen aşyrym saralyp, gundalan ýaly bolup oturan uçarmany ýatlady. Ýok, indi onuň gaçandakysy ýaly aýeroplandan sypasy-da gelip baranokdy, ondan gorkubam. Gorky sowlup, gaýtam, ol indi öz-özünden bolan närazylyga, gijigen maksat-hyýala öwrülip barýardi. Barybir aýeroplan geläýende hem ol indi ondan gaçmakçy däldi. Gaýtam: “Seniň ol ýerde meýit bolup togalananlardan niräň artyk, gaçmak nämä gerek boldy? Ine, gaçyp gutuldyňam-da, indi sen kime gerek!? Halkyň depesinden jala bolup dökülen ajal oklarynyň biri menem alaýmaly dälmi? Şonça okdan biriniň dagy özüme ýetmändigine haýran. Ýogsam köwek görse, jany gutarmak üçin gaplanyp ýörenlerdenem-ä däl men” diýip, ahmyrly örtendi. Içe düşen ot bolsa ýeleden-ykdan ýel tapyp, wagt geçdigiçe-de barha köreýärdi. Hupbat baryny gören ýaraly ýürek, daljygyp hossaly urýardy. Bu agyr yzaly dert barha artyp-ulalyp, soňundanam göwrä sygman, bir ýerden bolmasa, ýene bir ýerden gursagy böwsüp, partlap çykarly görünýärdi. Tagan zabun belet bolanlygynda bu öwrä aýeroplanyň geljegine öňrägem göz ýetirse-de ýetirerdi. Ýöne ol häzir özüniň gaçyp gelip, Owgan topragyndan çykanyndan habarsyzdy. Onuň göç bilen çenläp gelýän Owgan gädigem, eýýäm yzda bir ýerlerde galypdy. Töweregem telim bir gün bäri ýörelip görlüp gelinýän gözýetimden-gözýetime ýaýylyp ýatan şaňlap duran Bathyz degresi däldi. Ýer çekilen uzyn etek bolup, ýokaryk baýyrlaryň üstüne göterilipdi. Töwerek iňlär siňeksiz ümsümlikdi. Şeýle ümsümlik her ýyl güýz aýlarynda Bathyz öwresine mahsus bolup, ony oýurgandyryp, küýlendirip görkezýärdi. Howada arly tomus türkmeniň jöwzaly yssynyň aşagynda ýatyp kakara gelen topragyň ysy, joşgun alyp burursaýan ýaly bolup duýulýan ýezgen ysy, ýene-de gaýry bir arada ýympyk ys bolup, ol häzir hol alysdan, baýyr kemerlerinde pytraşyp otlaşyp ýören goýun sürüsine meňzäp görünýän pisse agaçlarynyň ýapraklaryndan göterilýän müşkdür öýdülýän ys bardy. Demigazykdan gonalga peýläp uçup barha badyny gaýtaryp golaýlap gelýän guş ganatlarynyň sesine meňzäp, hyz-hyzlap, endik boýunça her gün ösýän Bathyz şemaly özüniň ornuna gelenini mälim edip, ýene ýeläp ösüp ugrapdy. Adamlar näme üçindir Bathyzyň bu ýel endigini hemişe bäri-bärlerde-de bolmadyk Hazar deňzi bilen baglanyşdyrýardylar. Hamala bu ýeriň garşysynda baryp, bir ujy şol deňiz golaýyndan çykýan jülge bolup, şemalam şondan akyp gelýärmişin. Ol şemalyň sowujak, has-da tomus günlerinde ýakymly bolmagynyň sebäbi hem hut onuň şol deňiz tolkunlarynyň üstünden göterilip gaýdanlygy üçinmiş. Belki, adamlaryň diýýänleri ugrunda bolmagy hem ahmaldyr, sebäbi Bathyzyň gündogar tarapy bolup oturan Tagtabazar obalarynyň üstünden beýle, özge ýerlerde ösmeýän taň şemal ösmeýär. Şonuň üçinem ol türkmen topragynyň günbatar etegini ýalap, Guşgy obaçylyklarynyň üsti bilen Owganystana tarap ösýän şemal hasap edilýär. Häzir Tagan zabun golaýynda otlap ýören atynyň üstaşyry bir ýerlere seredýän-de bolsa, saýgaryp hiç zat görmeýärdi. Töweregem hamala oňa göwündeşlik bildirýän deý, ýamanlyk görlüp, mährinden geçilip gidilen mekan ýaly yns-jynsyz çoladan hasratlydy. Golaý töwerekde janly-jandar bara meňzemeýärdi. Hemme zadyň ýas ýerine gelen ýaly şol ýüzüni asyp sortduryp dymyp oturyşydy. Tagan zabun güýçli deňiz harasadyna duýup, heläk bolan gäminiň bagty getirip, gaçyp-sypan deňizçisine meňzäp, şol atdan düşen ýerinde başyny tutup ýene esli salym oturdy. Bathyz degresinde gyrgyna düşen halkyň ahy-nalasynyň sesi henizem onuň gulaklarynda ýaňlanýardy. Boljak iş bolupdy. Ýöne bir bolubam goýupmydy, boýasy synypdy... Bir-birlerinden agyr pikirler süýkenip, örtäp-öçürip, ýaz bulutlary ýaly sallam-sajak bolşup, onuň başynda göç edişip aýlanyşýardylar. Özi-de olar wagtyň geçmegi bilenem bolsa köpelmese, azalarly hem däldiler. Häli-şindem Jüneýit hanyň düýrügen haýbatly keşbi onuň gözüniň öňünde peýda bolýardy. Şol pursatda zabun özüni han huzurynda duýýardy. –Hany meniň halkym? Bu sowala tagan zabun her gezek jogap tapmaýardy. Sebäbi onuň jogaby ýokdy... Başa gelip bir-birlerinden agyr ýük düşürýän oý-pikirlerden ýaňa, tapdan düşen Tagan zabun, Bathyz düzlügindäki göç arasynda bolup, özüniň nirä barýanyny, nirede oturanlygyny hem unutdy. Bu telim günüň ukusyzlygy, görlen görgüleri argyn ýadawlyga öwrülip, soňam onuň erkini elinden alyp ugranlygy belli boldy. Ol özüne Bathyz degresinde duşman okunyň aşagynda galan adamlara öz delalatynyň häzirki wagtda juda gerekligini, olaryň arasyna dolanmalydygyny ýatlasa-da, gaflat ýorganynyň aşagyndan çykmaga näçe synanyşsa-da, bary bir ol başartmady. Ukynyň iner bolup çöküp, öz labyr-mähnedi bilen Tagan zabuny şol oturan ýerinde oýkanyp-owanlygy belli boldy. Ol ýykylyp gyşaran ýerinde dünýäni unudyp uklap galdy. * * * Aýeroplanlar asmanda pelesaň urup, göçi bombalap, pulemýot okuna tutup ugranda atyny debsiläp, gözüniň gören tarapyna gaçyp ugran Ýowşan gara uzak gaçmaga ýetişmänkä, golaýda ýarylan bombalaryň biri ony öz badyna aty bilen göterip agdaryp urdy. Bomba tikesi bilen garny ep-ýesli oý bolup böwsülen onuň destindäki at janawer şonda jan howluna bir zady gazap bilen dişleýäne meňzäp, öz sesine meňzemeýän armanly aýylganç ses bilen diňe bir gezek horpuryp-haýkyrmaga ýetişdi. Bomba tikesi ýene bir azrak ýokarrak göterilen bolanlygynda ol Ýowşan garanyňam şol ugra merkini bermelidi. Şeýdibem, bu at janaweriň öz süňňüni öňe tutup, eýesini göni gelen ajaldan alyp galmasy boldy. Emma ol şol pursatda atyň üstünden tüwdürilip giderli bolup, eýeriň üstünden galgap, biraz ýokary göterilen hem bolsa, çep aýagyny wagtynda üzeňňiden aýyrmaga ýetişmändi. At güpüläp gapdala agdarylyp düşen mahaly onuň şol aýagy eýeriň aşagynda galyp owuldy. Aýagynyň bimöçber agyrysy soňra Ýowşan garanyň huşuny ýitirip, arsyz wagt özüni bilmän, seňseläp ýatmagyna sebäp bolupdy. Ony töwerekde gopan ahyrzaman – ölüp barýanlaryň kömege çagyryp gygyryşýan armanly iňňildileri-de, zähresi ýarylan çagalaryň zaryn agy sesleri-de, aýeroplanlaryň arryldysy-da, pulemýot sesleri-de wagty bilen özüne getirip bilmedi. Ol şol günüň ertesi çep aýagynyň ýiti agyrysyna özüne gelip ugrady. Görse töwerek imi-salalyk, ne asmanda aýeroplan bar, ne-de Bathyza lerzan beren ahy-nala. Töwerek öwlüýä ümsümligine basyrylyp otyrdy. Ýowşan gara şundan soň kem-kemden özüniň arsyz wagt ölenleriň hasabynda bolanlygyny, apyla-sapylanyň bireýýäm sowlanlygyny, gözünde, ýadynda galan gabahatlygyň tuty ýaly bir tarapa syrylanlygyna göz ýetirdi. Hamala ýas-ýaňy golaýda bir at tezeklän ýaly howada at tezeginiňdir gan ysy, dymyljap, porsap ugran maslyk ysy bardy. Şonuň üçin bolsa gerek Günün doganlygyna köp wagt geçmedigine seretmezden, dem almak, adaty ertir pursadyndaky ýaly aňsat däldi. Ýowşan gara haraý isläp, ýatan ýerinden sähelçe başyny göterip, delmirip töweregine gözlän mahaly, ölüp iki aýagyny göterip ýatan atyň birki ädimliginde gelindir garry aýalyň golaýynda bir çaganyň üstünde münder-münder bolşup, baslygyşyp ölüp ýatanlaryny gördi. Çeni bular gaýynene-de, gelin-agtyk bolşup, bomba zyňlan wagty, ýerli-ýerden şol çaganyň üstüne gerlen kükrekler bolup, oňa degjek oky öz göwreleri bilen saklamaga synanyşyp, ýüzin ýykylanlar bolmaly. Emma agyr at göwresiniň aşagynda galan aýak agyrysy ýene onuň ýaňy gerim alyp ugran aňyny yzyna gaýtaryp aldy. Birsalym özünden gidip, ýene özüne geldi. Oňa biraz aňyrda ölüp ýatan düýäniň güp bolup çişen garnynyň depe bolup duranlygy hem sähelçe görünýärdi. Ýowşan gara dyzyndan aňyrsynyň atyň göwresiniň aşagynda galanlygyny görüp, onuň awy-zerzaw bolup erbet agyrýanyndan çen tutup: “Bu at agramyna meniň aýagymyň dyzdan aşagyny kül-uşak eden bolmaly?” diýip, indi özüniň nähili ýöräp biljekdigini göz öňüne getirip bilmän howpurganyp kösendi. Özüniň gabryň gyrasyndan gaýdanyny görse-de, ýöne ondan juda bir uzaklaşmanlygyny hem syzdy. Ondan daşlaşmak üçin edilmeli synanyşyklaryň indi başlanmalydygyna hem özüne ýatladyp, mümkin boldugyndan edilmeli tagalladyr hereketiň ugruna çykyp ugrady. Özüniň çenini almak üçin asmandyr töweregini siňňin synlady. Telim bir gün çaň-tozan, ajy tüssäniň derdinden ýere ýakynlan ýaly bolup görnen asman bu gün öňküsinden has ýokarda eken. Ýowşan gara her gezek şeýdip, özüne gelende Owgana barýan uly göçüň serhede golaýlasa-da, ondan aşyp bilmändigi, gyzyl esgerleriň ýerden, asmandan eden hüjümleriniň, ýoly kesmek üçin gaýgyrylman edilen zulumlaryň elhenç bolanlygy, göç goragynyň gowşak bolmanlygyna seretmezden, aýeroplanlar bilen zarba urlup ugralansoň, onuň bu güýjüň öňünde durup bilmän, derbi-dagyn bolanlygy barada, özüniň nirede ýatanlygyny bilmäge kömek eder diýen tama bilen ýene-de birnäçe zatlary ýatlamaga çalyşdy. Ýowşan gara atyň agyr göwresiniň aşagynda galan aýagyny nätse-de, bir kömek bolmasa, özüniň sogrup alyp bilmejegine gözi ýetensoň, töwerekden haraý isläp, belki, gaçyp sypan diri galan adam töwerekde bardyr diýen tama bilen, ilki pessaýrak ses bilen, soňra sesiniň ýetdiginden gygyryp ugrady. – Aý, ha, diri adam barmykan-ow?! Sesimi eşidýän bolsaň, kömege gelewer-ow, gardaş,.. aldy-la bu aýak, içigar! Emma näçe gygyrsa-da, wagty bilen onuň sesini eşiden bolmady. Golaý-goltumda hem janly-jemendäniň ýoklugy belli boldy. Ýowşan garanyň pikiriçe, Sowetler apyla-sapyla sowlansoň, özüni gözläýmeli ýalam welin... Ýogsam ýokardan-a “Göçde öz adamymyz bardyr, şoňa garaşyk etmeli” diýlib-ä tabşyrylan bolmaly... Şonuň üçinem, gyzyl komandirleriň biri bolmasa, ýene biri Ýowşan garany ýatlaryna düşüräýjek ýalydyr welin... “Belki, gözländirlerem. Tapmadyk bolmaklary-da gaty mümkin...” diýip, ol şol ýatyşyna alasarmyk küýler bilenem küýlenýärdi. Şeýle gyrgynçylyklardan soň, gyzyl esgerleriň ölüleriň arasyna aýlanyp, olaryň gymmat baha şaý-seplerini, goş-golamlarynyň käbirini, soňra bir ýerlerde arak-içgä çalyşmak, sowgat bermek üçin toplaýandyklaryny ol bilýärdi. Şu pursatda birsalym ölülere talaň salyp ýören gyzyl esgerler oňa töwerekde bar ýaly bolup duýuldy. Ýowşan gara soňra, belki, kimdir biri meniň sesimi eşider diýen tama bilen ýatan ýerinden birnäçe gezek sesiniň ýetdiginden rus dilinde hem gygyryp aldy: –Bratýa, spasaýte! Spasaýte menýa! Emma onuň bu sesini-de ýene-de ýeleden-ykdan eşiden bolmady. Bu alaçsyzlyk Ýowşan garany gorkuzdy hem onuň gaharyny getirdi. Ýowşan garanyň häzir suw içesi gelýärdi, agzy diýseň gurapdy, biraz suwsuzlykdan ýeligip ugran dil agyz boşlugynda zordan aýlanýardy. Göwnüne häzir suwdan bir gähnäp bolsa, oňa bu ýagdaýdan dynmagyňam bir alajy tapylaýjak ýaly hem bolubam duýulýardy. Gören derýalarynyň, ýaplarynyň tolkunyşyp akyp ýatyşy, süýji suwly, düýbi ýyldyzly guýularyň tereň suwy ýadyna düşüp örtendi... Ol asmanyň onda-munda kölçe bolup oturan hereketsiz ak çakyr bulutlaryna tamakin bolup, delmirip ýene-de esli salym ýatdy. Emma näçe dalbynsa-da, asmandan ne hümmet boldy, ne-de nem. Ýowşan gara bir gezek özüne gelen mahaly, golaýda bir ýerde at aýagynyň sesi gulagyna eşidilip giden ýaly boldy... Ol tama bilen mümkin boldugyndan başyny göterip, töweregini diňirgendi. At aýagynyň sesi gabatdan geçip barýardy. Ýowşan gara bu mümkinçiligi sypdyrmaly däldigine bada düşündi... Ol başyny göterip, özüniň barlygyny mälim edip: “A-ah-ow” diýip, nagra çekip ötüp barýanyň ünsüni çekmek üçin gygyrdy. Ony öz gözlegine ýörite çykan Sowetiň adamlarynyň biridir diýip oýlandy. Ýöne mejalsyz göwreden çykan sesem ugursyz boldy. Arzynyň ýetmeli ýerine ýetmänligi baradaky pikiri Ýowşan garanyň kalbyna howsala berdi. Ol ýanbaşyndaky mauzerini ýatlap, ony kynlyk bilen aldy-da, atlynyň ünsüni çekmek üçin, onuň bir okuny asmana goýberdi. Ok sesi çykanyndan uzak wagt geçmänkä, onuň ýanyna bir atly geldi. Atyň üstünde eli bäşatarly gyrmyzy donly, bir pälwan sypat adam otyrdy. At üstünde oturan Ýowşan garanyň göz-gülban bolup horlanyp ýatyşyny görüp, ol dessine atdan böküp düşdi-de, oňa kömek bermegiň ugruna çykdy. Ilki ol onuň bazzyk-buzzuk geplejek bolşundan çen tutup, diliň agyz boşlugynda kynlyk bilen aýlanýanlygyna göz ýetirdi. Dessine eýeriň gaşynda asylgy duran suwly meşigi alyp, ony alada bilen haly teň Ýowşan garanyň agzyna tutdy. Ýowşan gara meşigiň agzynyň iki tarapyndan elleri bilen ebşitläp tutup, onuň suwuny esli wagtdan bäri enesiniň emjegini emmäm-emmän emýän göle ýaly şypa tapmak bilen ýakasyndan syrykdyryp, şaplap-sokjap emdi. Ýowşan garanyň düşen halyny görüp, göçden ýene bir diri adamyň galanyna begenen ýigidiň oňa bolan yhlasy şundan soň hasam artdy. Ol: “Bende, gör, nähili horlanyp ýatan eken” diýip, oňa nebsi agyryp, tizräk ýeneki delalatlary etmäge howlukdy. At bombadan uçan wagty onuň eýeri aşaklygyna garnyna tarap agyp, ýer bilen at göwresiniň arasyna düşen eken. Bu bolsa Ýowşan garanyň aralykda galyp gapjalan aýagyna ähli agramyň düşüp, onuň gaty owulmazlygyna direg-delalat bolupdy. Ýigit soňra Ýowşan garanyň şol at göwresiniň aşagynda galan aýagyny boşatmagyň ugruna çykdy. Töwereginden öli atyň göwresiniň aşagyna sokup, ony az-da-kän-de bolsa-da ýerinden gozgap, Ýowşan garanyň aýagyny onuň astyndan alyp çykmaga amatly taýakmydyr ýeneki bir çemli zat gözledi. Emma gyssagarada laýyk bir zadam göze ilmedi. Şundan soň ýigit bilindäki pyçagyny aldy-da, şonuň ujy bilen at göwresiniň aşagyndaky aýagyň gapdalyndan atyň göwresiniň aşagy bilen soňra aýagy şol çukura gaçyryp, böwşeňlik döredip, ony çekip almak niýeti bilen aýagyň ýazgynlygyna barabar çukur gazyp ugrady. Şol dert-azap bolup oturyşyna-da, başardygyndan oňa: –Aga, diri galan ýeriň bolýar. Ýara-beýlekiniň bir alajy bolar... Tebibe ýetsek, gutular gider–diýip, oňa özüçe göwünligem berdi. At göwresiniň astynda galan aýagyň gapdalynda ol sygaýar ýaly bir gulaç gerimindäki çukur peýda bolan mahalynda ýigit aýagy dartyp çekip, usul bilen şoňa düşürdi. Diňe şundan soň ýigide Ýowşan garanyň at aşagynda galan aýagyny ol ýerden sogrup almak başartdy. Ýigit ony ynjytmazlyk üçin, mejalsyz Ýowşan garanyň iki goltugyndan göterip, medet berip, bir boşlagrak ýere alyp çykdy. Meşikden ýene-de oňa suw içirdi. Ýigit soňam töwerekden sazak çybyklaryndan döwüp getirip, olary pyçagy bilen ýonup, ýylmap raslap Ýowşan garanyň aýakdaky döwüginiň iki gapdalyndan goýup, üstündenem bilindäki guşagy bilen ony aýlap daňdy. Aýagynyň seýiklenmegi Ýowşan garanyň janyna birazam bolsa aram berdi. Ol indi tirsekläp ýatan ýerinden töwereginde aýlanyp, delalat edip ýören ýigide alkyş aýdýardy: –Hydyr atamydyň, inim? Ýok, sen Hydyr ata bolmaly, wagtynda ýetişdiň, ýogsam men şol porsap başlan atyň aşagynda armanlyja ölüp gidibermeli-dä – diýip, aýagaldygyna oňa minnetdarlyk bildirýärdi. Ýigit soň töwerekden çöpleme çöpläp, Ýowşan garany biraz-da bolsa gurplandyrmak üçin, tüňçäni suwdan dolduryp, oda goýdy. Çaý taýyn bolandan soň, atyň syrtyna bökdürilen haly horjuny aldy-da, ondan nandyr gowurma çykaryp aldy. Käsesine ep-esli edip gowurma salyp, üstündenem çaý guýup, çaý-çorba edip, ony bir döwüm nan bilen Ýowşan garanyň agzyna tutup, mümkin boldugyndan yhlas bilen naharlady. –Halys tapdan düşüpsiň, şu zatlardan garban-da, biraz billen, aga, sen!–diýip, oňa hoşamaýlyk etdi. Ýowşan gara şu pursatda Hydyr ata bolup, dadyna ýetişen ýigitden diýseň minnetdardy. Onuň janköýerlik edip, öňünde saçak edip goýan horjunyndaky bar bolan zatlardan işdämen iýdi. Aýak agyrysy, iki-üç günüň aç-suwsuzlygy ýogsam onuň eňkamyny halys alypdy. Ol gyssanyp iýip-içip oturyşyna arasynda düwnüp-düwnübem gidýärdi. Hödür-de-hemaýat bolup oturyşyna ýigidiň özem onuň gapdaly bilen boldugyndan naharlandy. Olar şu oturyşlaryna soraşyp, ideşip bir-birleri bilen tanyşlygam açdylar. Ýigit içini döküp: –...Men aýeroplanlar gelip, bomba atyp ugranda göçüň gapdaly bilen gelýän goragdaky adamlaryň biridim. Atam-da, enem-de, bäş ýaşly oguljygym, iki gyzym-da şol göçde bardy. Gaçylyp ugralansoň, men olary gözläbem tapmadym. Her kim gaçdy dyr-tytrak bolup bir tarapa, galyň bende başarsa jan gutarjak... Men özümiňkileriň üstünden bomba düşüp, olaryň heläk bolanlygyny çen edýärin. Sorag-idegime soňam gördüm-bildim tapylmady. Emma şeýle-de bolsa gözüm bilen görmesem, olaryň älemde ýokdugyna ynanyp biljek däl. Göwnüme bir ýerden olar gyra-da beräýjegem ýaly... Bilýärin anygyna ýetmesem, olaryň pikiri hany onsoň ömür boýy ynjalyk berýärmi maňa?.. Ýowşan gara köpi görenligini edip, ýigidi gepledip, özi az gepläp, mümkin boldugyndan ony öwrendi. Armanly ýigidiň bolsa derdi hüjre-hüjredi. Derdini egsäýjek ýaly aýdyp goýup bilenokdy. Haçan-da ýigit göwünlik berýän äheňde ikinji gezek: “Agam, sag-aman Owgana aşsak...” diýip gürlände, onuň gepi iýip-içip, biraz jany arama girip ugran Ýowşan gara ýaramady. Ol aňynda özüniň kimligini, gaýdan yzyny ýatlap, indi gaýry bir kölüň suwuny boýlap otyrdy. Şeýle-de ýigit Owgany agzanda Jüneýit hanyň haýbatly keşmeri onuň göz öňünde peýda bolup, gyňralybrak ondan habar sorady: –Hany meniň halkym? –Han aga, biz... –Olarsyz men seniň ýaly haýsy tarap bolsa, hemmesine işläp ýören kyrkemjek gurrumsagy başyma ýapaýynmy? Ýowşan gara bu bolan zatlardan soň, Owgana aşmak niýeti ýokdy. Indi onuň Jüneýit hanyň öňüne barara ýüzi ýokdy. Jüneýit hanyň öz ýüzüne gözländen nämäniň näme bolanlygyny biljeginiň ujy iki däldi. Ol Jüneýit hanyň adam tanap, döwre paýhas edip bilýänligine gaty beletdi. Dogrusy, indi oňa Owgana aşmagyň asla geregi-de ýokdy. Sowetler tarapyndan berlen tabşyryk aňryýany bilen ýerine ýetirilipdi. Ozalky Sowet ýokbaşçylary bilen bolan gepleşik boýunça ol Owgana, göçi ýolda bir ýerde yzyna dolap bolmadyk ýagdaýynda serhetden geçip, Jüneýit hanyň ýanyna iş bitiren il agalarynyň biri bolandan bolup, eselip keserip barmalydy. Soňam şol ýerde galyp, hanyň töweregindäki Sowetiň janköýer gulagyna öwrülmelidi. Sada ýigit häzir özüniň bir wagt aždarha çykan ýerinden gelme bilen oturanyndan habarsyzdy. Ýapyşara ýan, aslyşara syn tapan Ýowşan gara bolsa indi nädip bu ýigidi öz bähbidi üçin ulanyp boljagy baradaky pikir kökenini ölçäp-biçip otyrdy. Nädibem bolsa jany gutarmak üçin Sowetleriň arasyna gaýdyp barmagyň, onda-da iş bitirip pylankes bolup barmagyň höwesini edýärdi. Soňra bolsa ol diňe özüniň däl, ýigidiňem Owgana gidip, başyny gutarmagyny islemedi. Ýigit oňa entegem gerekdi. Ol ýigitsiz özüniň döwük aýak bilen ata çykyp, aljagyny alyp, goýjagyny goýup, bilmejegini gowy bilýärdi. Nätse-de, ol ýigidi ata çykyp, jylawy düýrläp ele alandan soň etmekçidi. Haçan nähili hereket etmelidigini ol eýýäm özi üçin bişiribem otyrd. Sada ýigit bolsa özüne osup goltugyna ýylan girenden henizem habarsyzdy. Haçanda ýigit gidip, merhumlaryny gözlemegiň ugruna çykarman bolan wagtynda Ýowşan garanyň ony ýoluna goýberesi gelmedi. Ýigit ýol şaýyny tutup ugran mahaly ol ýatan ýerinde çytylyp, ondan nägile boldy. –Gitmäniňde bolmaýarmy? –Gitmesem bolmaz, agam. –Munça jesediň içinden sen öz ölüleriňi nädip taparsyň? –Taparyn, agam, men olary çen bilen nireräkden gözlemelidigini bilýärin. Olar şol töwerekde bolmaly. –Sen gitmän dynjak däl-dä onda?! Bu gezek Ýowşan garanyň sesi haýbatly çykdy. –Gideýin, agam, tizräk gaýdybam geleýin...–Soňam ýigit ýoldaşynyň özüni taşlap gitjek bolýandyr diýip alada galýandyr öýdüp, ony özüçe ynandyryp köşeşdirmäge çalyşdy: –Agam, men sizi goýup, hiç ýere gitmerin. “Gurhandan” ant içmelem bolsa men bar. Ajygsaň iýeriňe külçe-de, içeriňe suwam goýup gidýändirin. Ol zatlar gutaryp-gutarmanka-da, enşalla, meniň özüm dolanyp gelerin. Seni ýeke goýmaryn. Emma Ýowşan gara munuň bilenem kanagatlanmady. Ala gözlerini elek-çelek etdirip, düşdi bir güne. Ýigide ýarag çenedi. –Eý, kelew, samahullap oturma-da, meni diňle, tapdyň sen aldajak adamyňy! – diýip, hökümli gepledi. Onuň bolşy henizem kime duşanyndan habarsyz ýigidi geň galdyrdy: –Agam, oturyp-oturyp bu nätdigiň boldy? Munyň namartlyk bolýar! “Ýagşylyga–ýamanlyk” diýleni bolýar– diýip, biraz göwni galyp, ondan nägile boldy. Ýigit onuň bolşundan özüni “Taşlap gider!” diýip gorkýardyr diýip, pikir etdi. –Özüm bilen bile äkitsem, gözleg wagty siz ýaraly halyňyza hor bormukaňyz diýýän...– diýip, ýigit açyk göwünden onuň bilen düşünişmäge synanyşdy. Ol henizem gowy düşündirse, Ýowşan garanyň özüne düşünjegine tama edýärdi. Ýöne munuň bilenem ol ýigitden ýaragynam sowmady, demindenem düşüşmedi. Şundan soň ýigit: –Hoş, agam. Ýör onda, sizem äkideýin özüm bilen, ýöne at üstünde uzak oturmak kyn bolarmykan diýýärin. Näçe wagt gözlegde bolunjagy belli däl... – diýip, ol öz niýetine başgaça düşünilenini halaman, düýrügibräk durşuna onam özi bilen äkitmäge biraz nägilelik bilen razy boldy. Ýowşan garanyň ganyny gaçyryp boluberişinden çen alyp, başgaça çykalganyň ýoklugyny bildi-de, ony atyna artlaşdyryp alyp gidermen boldy. –Ýör, aga, beýle pikir edýän bolsaň, onda senem galma-da, meniň bilen bile gidiber! Onuň häzirki düşnüksizden bolşunda näçe diýseň nägileligem bardy, haýbat-hyryş-da. Şundan soň bir bolmasy işiň boljagyny ýigidiň beýleräkde, otlap ýören aty duýdy. Ol Ýowşan garanyň sesini gataldyp ugran mahaly, ot iýmesini goýup, başyny ýerden göteripdi. Eýesinine tarap manyly gözläp, gozgalaňa düşüp, gulaklaryny gaýçylap howsalaly hokurganypdy. Ýigit hemişe ýola çykmazdan öň edişi ýaly, ýene-de onuň ýanyna baransoň, maňlaýyny, ýalyny sypalady. Onuň gozgalaňa düşüp, boluberşinden çen alyp, ol arpaly torba tamakindir öýtdi. Ýigit şundan soň, goşlaryny ýükläp, soňundan Ýowşan gara aty münmäge kömek etdi. Diýeni edilensoň köşeşäýjek ýaly bolsa-da, Ýowşan garanyň ýöne munuň bilenem köşeşmändigi belli boldy. Somlap çykaran ýalaňaç mauzeri henizem onuň elindedi. Onuň ýüzünde birjigem ýigidiň düşen oňaýsyz ýagdaýyna duýgudaşlyk etmek meýli görnenokdy. Ýigidiň maňlaýynda peýda bolan burçak der onuň ýakalaryny ezip, aýaklarynyň üstüne, ýeredamdy. “Bäh, bu gurrumsagyň nil-ä gowy däl” diýip, süňňi bir erbetligi syzyp, ýigit öz ýanyndan aladaly oýlandy. –Sen onda ýene-de Owgana dolanmakçy-da? – diýip, Ýowşan gara özi üçin käbir zatlary anyklamak üçin ondan tekrarlap sorady. –Hawa, agam! Bile dolanarys, enşalla. Indi bize bu ýerde durarlyk galan däldir. Ýowşan gara içinden “Meniň bilen-ä Owgana gitmänjik geçersiň” diýse-de, ýagşy at üstünde ornaşyp atymyny alýança syr bildirmezlik üçin sesini çykarmady. Ýigit jylawy gaňtaryp, soňam onuň eline berdi. Diňe şundan soň Ýowşan garanyň indi ýigidi özüne gerek däl hasap edip, päliniň azanlygy belli boldy. Ol: –Sen Owgan diýip tutup oturjak bolsaň, onda biziň ýolumyz aýry? –diýip talaply gepledi. –Ä-ä? – Gulagynyň eşidenine ynanmadyk ýigit baş göterip, muňa birbada nähili düşünjegini bilmän, ör-gökden gelip, onuň ýüzüne soragly seretdi. Ýowşan gara gazap bilen sapançany ýigidiň kükregine tutdy. Ýigit rejäniň geň däldigini görüp, “...Agam, agam...” diýip, onuň ýüzüne ýazyksyz gözledi. Näme-näme bolýanyna düşünmäge synanyşyp, elini daldalladyp, ýeňse tesdi. Gowy adam ähli zatda öz göwnüne osagan bolýar. Şeýle bolanda ol hüşgärligini ýitirýär, özüne gezelen oky-da wagtynda görmäge görmäge ukypsyz bolýar. Ýagşylyk edýän adam ýagşylyk eden adamsyndan özüniňki deý ýagşylyga garaşmaýan-da bolsa hiç bolmanda eden ýagşylygynyň gadyrynyň bilinmegini isleýär. Şonuň üçinem ol beýle sazlaşygyň bu ýagdaýyň başgaça bolup biljegine asla ynanmaýar. Olaryň soňra duýdansyz aňňalak gapmagynyň sebäbem şu bolýar. Tüpeň göçüp, ýigit “Haý...” diýip, kükregini tutup, düýbi çapylan agaç ýaly leňňer atan mahaly, Ýowşan garanyň münüp oturan aty ürküp, beleň alyp göterildi-de, birden öňe dyzady. Tasdanam Ýowşan garany ahmal goýup agdaryp urupdy, ýöne ol soňky pursatda eýeriň gaşyndan ýapyşmaga zordan ýetişdi. Duýdansyz çykan sapança sesine ürken at ýagyrnysyna jüp gamçy çalnana dönüp, göterilip, uçýan ýaly bolup hondan çykdy. Ýigit batyp barýan sesi bilen “Meleguşum!” diýip, zordan onuň adyny tutmaga ýetişdi. Çapyp ugran atyň, eýesiniň kömek sorap gygyran sesini eşidenligi belli boldy. Ol birden duýdansyz ýanyn alyp, hyrra yzyna öwrülen mahaly, beýle zada garaşmadyk Ýowşan gara onuň badyna tüwdürilip honda düşdi. Ýere urlan aýagynyň agyrysyna çydap bilmän, çabalanyp it bolup uwlady. Atyň beýdip özüni atyp urmagy Ýowşan garanyň diýseň gaharyny getirdi. Eýesini edişi ýaly, atyň özünem bir oka tabşyrasy geldi. Ýöne at eýýäm onuň okunyň ýeter ýerinden aňyrda – eýesiniň atylyp ýykylan ýerinde onuň jansyz göwresini ysyrganyp durdy. Özi-de indi ol ýerden hiç ýere giderli hem däldi. Ýowşan gara atyň häsiýetinden çen tutup, ony eýesiniň taýlykdan idedip-seredip ýetişdirendigini, şeýdip söýlüp-sypalyp ýetişdirilen taýlaryň soňra eýesine diýseň wepaly, onuň niýet, pikirine düşünip duran häsiýetli at bolýanlygyny, onuň öli eýesiniň bu bagtyny göriplik bilen ýatlady. At eýesiniň ýanyna aňyrdan höwesli çapyp gelen-de bolsa, onuň tamasy çykmandy. Ol turup, ne onuň jylawyndan tutup habaryny aldy, ne-de hemişekisi ýaly ýalyny, maňlaýyny sypalap hoşamaýlyk etdi. Ol kükregini tutup, şol ýykylan ýerinde gum garbap ýatyrdy. At hokranyp, onuň daşyndan aýlandy, ýene-de onuň öz jylawyna eýe çykmagyny isledi. Onuň ýykylan mahaly telpegi atylyp, öňüne düşen başyny, gana bulaşan elini hoşamaýlyk küýsegi bilen ysgaşdyrdy. Eýesiniň süňňünden ýaşaýyş tirsildisini gözledi. Emma göwre eýýäm ýaşaýyş alamatyndan mahrumdy. At ýene bir salym näderini bilmän, eýesiniň töwereginde ýer depjäp duransoň, kalbynda joşgun alan hasratyna bäs gelip bilmän, başyny ýokaryk göterdi. Owgan gädige tarap keýerip bakyp, hokrandy-da, Bathyzy sarsdyryp kişnäp goýberdi. Onuň mähriban eýesiniň öz jylawyna eýelik etmejegini syzanlygy belli boldy. Atyň zaryn sesine tolkunyp giden ýaly howa endiredi... Ýowşan gara şol düşen ýerinde awunyp, gahar-gazaba gap bolup, buruljyrap bir salym ýatansoň, wagtyň geçmegi bilen, aýagynyň agyrysy biraz-da bolsa kiparlaşyp, oňa özüni dürsemäge mümkinçilik berdi. Güýzüň dünýäni eýemsirenip oturanlygyna seretmezden, Gün asmana galyp ugramagy bilen howanyň gyzgyny eýýäm ýetjek derejesine ýetipdi. Göwün bolsa şeýle pursatda salkyn, arkaýyn süýnüp, dem-dynç alaýar ýaly sergin kölegeli bir ýeri küýseýär. Öwüsgin bolmansoň, töwerekde seýrek biten sazaklaram häzir, hereketsiz, hasrata berlen başlaryny aşak sallaşyp otyrdylar. Dünýä höwessiz hem iç gysgynçdy. Ýowşan gara bir salym nägile nazar bilen töweregini synlap ýatansoň, ýene aty ele alyp, eýere gonaryn diýen tama bilen, oňa tarap kynlyk bilen abat aýagynyň üstünde ýanyn ýatyp, assa-ýuwaşja süýşenekläp başlady. Onuň agyr göwresi gumak ýeriň ýüzünde, äpet ýylanyň yzy ýaly egrem-bugram yz galdyrdy. Ol dert-azar bolup, wagtal-wagtal dynç alyp, barha öňe omzady. Atyň eýesiniň jesediniň töwereginde aýlanyp duran ýeri şeýle bir uzak bolmasa-da, döwük aýak bilen bu ýoly geçmek Ýowşan gara ýeňil düşmeýärdi. Ol dişini gajap, dodagyny dişläp, der baryny döküp, dert-azat bolup, hereket etmeli bolýardy. Ata taýak ýetim gelende hem ol atdan ýykylan wagty agyrysyna çydaman niýet edişi ýaly, ony bir oka tabşyrmaga howlukmady. Sebäbi ol bu geçen aralygynda halyna gelip, atyň öz halas bolmagynda ýeke-täk mümkinçilikdigine göz ýetiripdi. Aňyrdan bir elinde somladyp gelýän sapançasyny-da gabyna salyp ýygnamagyna sebäp bolan zat hem hut şu inçejik tamady. Bir tutup jylawy ele çolap bilse, ol atyň özüni Guşga ýetirjegine ynanýardy. Dert-azar bolup süýşenekläp barşyna indi onuň ähli pikir-niýeti ata ýetip, şol jylawy ýene bir gezek gola çolamakdy. | |
|
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Ojak -1-nji kitap -8: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Zäher gahardan ýasalýar - 01.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |