14:52 Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy | |
* * * Tagan zabun şol ýatyşdan näçe wagt ýatany belli bolmazdan günortanyň öň ýanlarynda oýandy. Golaýda at aýagynyň dükürdisi bilen adam hümürdilerini eşidip oýandy. Ahmallykda üsti aldyrdym-ow diýen alsarmyk pikir bilen gözlerini ýalpa açdy. Şonda ol ilki at aýagynyň sesini eşidende pikir edişi ýaly, öz üstüne at dyzandyryp duran birini däl-de, golaýynda dert-azar bolup, otlap ýören atyny ele salmagyň ugrunda bolup ýören bir aýal bilen, ýortmança oglany gördi. Tagan zabun bir görse, beýle ýanynda hem başy açyk, eleşan garry aýal üç-dört ýaşly çagany öňünde tutup, atyň ele salnaryna garaşyp, çugutdyryp otyr. Şulardan başga töwerekde görünýän zat ýok. Bularam bolsa şol Bathyzda gopan apy-tupandan ajaly ýetmän gaçyp gutulanlar bolmaly... Tagan zabun atynyň daşyna geçip, onuň ugruny tapyp, tutarman bolup ýörenlere özüni mälim edip: –Haýt! Eý, at bilen näme işiňiz bar? –diýip dillendi. Abaýly ses eşidip, aty töwerekläp, ele saljak bolup ýörenleriň ikisi iki ýerden ýaltaklaşyp, oňa tarap öwrüldiler. Ölüdir öýden adamlarynyň diridigini görüp, bir pursat bir-birleriniň, bir Tagan zabunyň ýüzüne gözleşip em-säm bolşup durdular. Diňe birazdan nämäniň nämeligine göz ýetiren aýakýalaňaç, saçlary çaşyp ketgen ýaly bolup depesine göterilen aýal oňa biraz golaýlap, öli diýeniniň direlenine haýran galybrak durşuna ýüzlendi. –Jan adam, at seniňkimidir? –Meniňki... –Tutup bilsek, aýagulag edinäýjekdik. Owgan obalarynyň birine aşýançak. Sen erkek adam ekeniň, biz bolsa dört sany bir-birleri bilen ýolda duşan betbagt adamlar. Hossar çykyp äkit-dä onda bizem özüň bilen ol ýere. –Ýolumyz bir däl. – Men yzyma dolanjak. –Wah, yzda näme bar indi, jan agam? Gyrlan halkyň küde bolup ýatan maslygyndan başga näme galdy ol ýerde? –Bary bir men gitmeli... –Onda aýakgaldyr bolsun, atyňy bize berip gidäý. Halys tapdan düşdük hereket etmäge rowgat-mydarymyz ýok. Bir ýagşylyk et, beg adam! Allanyň haky üçin bir gaýrat et, ýogsam biz ýetmeli ýerimize ýetmän ýolda öleris. Sen ol ýere gitseň, at taparsyň, eýesiz galyp, maslyk depeläp ýören at az däldir ol ýerde... Aýal şu dileg salyp zarynlap durşuna wagtal-wagtalam beýleräkde, guran ot-çöplere timisgenip duran ata tarap hyrydar seredibem goýberýärdi. Zenan zarynlamasy bilen Tagan zabunyň bir wagtda başlanan gyrgynçylygyň aýry-aýry gözünde galan, aňynda oturan parçalaryny, çekilen agyr pidalar ýadyna düşürip, kalbyny ezip sykyp ugransoň, ol bu haýyşa ýok diýip bilmedi. Dogrudanam, goldaw bolmasa, bularyň ýetmeli ýerlerine ýetmän, ýolda galmaly boljagyny pikir etdi. Ol şundan soň ýerinden turup, atynyň ýanyna bardy-da, onuň maňlaýyny, ýalyny sypalap, aty bilen özüçe hoşlaşdy. –Biz aýrylyşmaly bolduk seniň bilen– diýip, içinden onuň bilen razylaşyp durdy. Ýoldaş bolup, ýolda goýman eden wepaly atlarça hyzmaty üçin, oňa minnetdarlyk bildirdi. Soňam eýeriň gaşyna berkidilen azyk-suwlugyny horjuny bilen göterip aldy-da, ony egnine atdy. Diňe şundan soň ol atyň jylawyny ýakynynda duran ýigdekçäniň eline tutdurdy. –Bakgysyny, çekgisini ýerine ýetirip münseň gowy atdyr – diýdi. Begençden ýüzi ýagtylyp giden ýigdekçe aty buýsançly synlap: –Wah, at-a atjan-la... diýip, atly bolanyna begenip durşuna, atyň tarypyna o-da göwünjek goşuldy. Mähir bilen atyň maňlaýyny sypady. Aýalydyr ýigdekçäniň bu atyň özlerini horlugyň, ölüm ahmallygynyň içinden geçirip, ýaşaýyş kenarlaryna ýetirjegine ynananyp begenendikleri belli boldy. Yzyna öwrülip,ýola gönügen Tagan zabun iki-üç ädim geçip geçmänkä, ýaňky aýal biraz uýatlyrak ses bilen ýene-de dileg salyp, oňa ýüzlendi. –Han adam, ýagşylyk edip bildiň, Taňry ýalkasyn. Munuň üçin biz senden o dünýe, bu dünýe minnetdardyrys. Ömür hyzmatyňy edip gezsegem, bu ýagşylygyň aşagyndan çykyp bileris öýdemzok... Ýöne biziň ilde ýene bir gep bar, dile geldi, bile geldi, onam aýdaýyn. “Ýagşylyk etseň, bütin et, köýnek etseň keteni!” diýilýär. Senem dogan biziň tüwmaýak galyp, halys tapdan düşenimizi göz öňünde tutup, ýene bir ýagşylyk et, bize gaýrat et-de!? Tagan zabun aýalyň dileg salmakçydygyny aňan mahaly ol ilki ýolda goranmaga gerek bolar diýip, öz ýaraglarynyň birini soramakçy bolýandyr diýip çen etdi. Onýança-da aýal onuň egnindäki horjunyna hyrydar gözläp: –Dogan, meniň indi seniň azyk-suwlugyňdanam biraz diläsim gelýär. Ähli zatdan bizar bolnup gaçylansoň, bizde ne suw galandyr, ne-de bir dişlem çörek... Tagan zabun aýalyň maksadyna düşündi-de, egnindäki horjunyny ýere düşürdi. Onuň bir gözünden öň nämedir bir zat salnan boş torbany tapyp aldy-da, ol ýerdäki gowurmasyndan bir penjäni, çöreginiň bir döwümini aldy, olary şoňa saldy. Suwly meşigini başyna göterip, ondanam ganyp içdi. Soňundanam ol torbany göterip ugrap barşyna, suwly meşik bilen horjuny olara görkezip: “Bularam size!” diýdi. Tagan zabun şol barşyna diňe eýesiniň özünde daşlaşyp barýanyny görüp, gozgalaňa düşen aty hokranan wagty bir aýak çekip, yzyna gözledi. Şonda ol atynyň töweregindäkileriň depesinden üstaşyryn özüne telwasly gözläp: “Sen indi meni şeýtjek-de gidiberjekmi?!” diýýäne dönüp, yzyndan nazar dikläp duranyny gördi. Telim ýyldan bäri gyzyl oduň içinde atyşyp-çapyşyp, bile gezen atyny indi hiç wagt görmejegini ýatlan mahalynda onuň gözleri nemlenip, ýüregi döşüne agram saldy. Wähimli oý-pikirler daşgyn aldy. ...Biraz mundan öňem baş bolup, halky yzyna düşürip gelýärkä-de, ol halky Owgana aşyrmak üçin il ekabyry hökmünde öňünden edilmeli tagallalaryň edilýänligine, milleti ýetmeli ýerine ýetirip biljekdigine öz ýanyndan ynanýardy. Görlen görgi-güzaplaryň nädip beýdip ykbala sapanlygy barada indi onuň şeýle bir hökmanlygynyň ýoklugyny bilse-de, bu meselede haýsy ýerde özüniň säwlige ýol berenligi, haýsy eden hereketiniň ýerine düşmändigi barada örtenip, öwran-öwran oýlanýardy. Hamala şol goýberen säwligini tapyp düzetse, halky alyp çykmaga henizem giç däl ýaly bolup görünýärdi. Şeýdibem Tagan zabun aňyrdan Owgan diýip gelýän-de bolsa, oňa dolanyp barmak miýesser etmedi. Her gezek başy gutarmak barada pikir kellesine gelende: “Indi nä ýüzüňe Owgana barjak?!” diýen talaply sorag bada-bat ol meýliň öňüni kesýärdi. Bolan bimöçber heläkçilik agyr ejir bolup, endişe bolup, onuň kalbynyň töründe hemişelik eýeläpdi. Onuň ömür-baky tükeniksiz armanyna öwrülipdi. Ol şol gidip barşyna wagty bilen Bathyz olumyna ýetibermänsoň, özüniň gaçanda “Gaçyşym bar, kowşuma bermerin” edip, assa gaçmanlygyny bildi. Gün bolsa aşak sallanyp, eýýäm öýläne sanyp barýardy. Asmanyň ýüzünde assa-ýuwaşdan ýaýrap ýazylyp, barha ýokaryk göterilip barýan ýüzüne çaň uran seýrek bulutlar gernişip-gezelişip, olar şol şemalynyň Bathyz degresine taşlan bombalaryň, ýagdyrylan oklaryň, gaçylyp-kowlup gezilen ýerleriň depesinde göterilen ganmy-da, maslyk ysly buluda öwrülen çaň-tozanlary bolmaly. Olar gernişip, ýene biraz ýokary göterilseler, ertirden bäri şähdaçyklyk bilen ýeri synlaýan Günüňem ýüzüni nikaplarly görünýärdiler. Her gezek şeýdip bulut bölegi süýşüp, asmana göterilip, Günüň aşak eteginden galkyp, ony gulajyny dolap alyp aýlanda, şol pursatda ol asmandan ýaşmak dişläp, gelin bolup uwultyrap seredýär. Tagan zabun ýöredigiçede onuň başyna gelip-gidýän oý-pikirler köpelmese azalmady... Onda-da nähili bir-birlerinden agyr, ýamanalgyly ýaly bir-birlerinden öçli pikirler. Indem munça ýitginiň, munça dökülen ganyň üstünden towlanyn göterilen sowallaryň öňünde durmakda gep bar. Hasam Jüneýit hanyň habar sorap oturan haýbatly nazary onuň aňyndan köp peýda bolýardy. Han şol ak pata berdirip, ýola ataran ýerinde Kepderhandaky howlusynda dikdiren öýüniň tärimine arkasyny berip, dünýäniň habaryny sorap, ümürläp otyrdy. Hanyň öňüne dagy ol beýdip, iş oňarmadyk, nalajedeýin halda gelmekçimidi näme aslynda!? Eýsem, ol halky sag-aman Owgana aşyryp, hanyň huzuryna dogumyndan don geýen, iş bitiren bolup gelmegi arzuw etmänmidi näme!? Biraz öňem ol halka baş bolup, ymgyr çöli söküp gelýärkä, hany ýatlanda her gezek onuň nazary makullama, mertebeleme bilen onuň ýüzüne gözlärdi. Eger şeýdip iş bitirip barandygynda Jüneýit hanyň özi oňa: –Inim, sen iş bitirdiň. Ýurt ele geçende, bir welaýata han goýulsaňam, sen hanlygam oňarsyn! – diýjeginiň-de ujy iki däldi. Indi bolsa hanyň nazary: “Ha, inim, sen taman-a ödemediň, halky gyrgyna berdiň. Bu ýumşa başga bir serdary ýollaman, seni ýollap gaty ýalňyşypdyryn. Ýogsam Sowetler seniň bu gün görmeli ýagyň däl-ä, onuň bilen on-ýigrimi ýyl bäri atyşyp-çapyşyp, garpyşyp ýörsüň, nädip sen şeýdip onuň hilesine düşüp ýörsüň?.. Ýüzügara bolup geldim diýsene?” diýip, nägilelik, halamazlyk bilen haýbatly bakýardy. Şu pursatda özüni hanyň huzurynda duýup: “...Utuldym-ow, agam, utuldym!” diýip, ýer ýumruklap uly ili bilen möňňürip aglaberesi gelýärdi. Puşman edip, onuň aňyrsyna çykyp bilmeýärdi. Häzir onuň ýaraly kalbyna ýatlanda belli bir derejede teselli berýän zat, o-da Sowetiň esgerleri bilen çaknyşyp, merkini berip, olardan rüstem çykyp gezen pursatlarydy. Jüneýit hanyň taryp-tagallasyny gazanmak, elbetde, hiç kime-de, hiç mahalam aňsat bolmandy. Ony gazanmak üçin gaýratam, batyrlygam diýseň ýeterlik gerekdi. Ýöne köp bolmasa-da, Tagan zabunyňam hyzmat görkezip, hanyň göwnüne ýeten döwri az bolmandy. Jüneýit han Tagan zabunam dogumyna bäs gelip bilmän gezýän, wagtal-wagtal gidip duşman bilen, ýörite çaknyşyp gaýdýan alp ýigitleriniň biri hökmünde tanaýardy. Has-da ol bu işiň ugruna özi ýaly garadan gaýtmaz, dälibaş Şaltaý baga bilen bile gitmegi gowy görerdi. Olar: “Han däde, biz-ä bir salym şu golaýlarda aw-şikar etmekçi...” diýerdiler-de gidibererdiler atlanyşyp. Duşmanyň bir çetinden duýdansyz barybam atyp-çapyp gurardylar bir dawany. Şaltaý baga batyrlygyňam üstesine juda mergen hökmünde tanalýardy. Şol oky boş geçmez diýilýänleriň biridi. Şaltaý batyr at çapyp barýarka onuň aşagyndan aýlanyp geçibem duşmanyň telimsini alyp ýatardy. Ol has-da mergenligini göz edip, duşmanyň maňlaýyndaky gyzyl ýyldyzdan urmany halardy. Ol ok geçen papagy getiribem: –Han däde, edil ýyldyzynyň ortasyndan urandyryn – diýibem, ony hana görkezerdi. Hanyň taryp-makullamasyny alardy. Bir ýola bolsa çölde komandir Ýarawoýyň otrýady bilen çaknyşyk bolan mahallary garşydan atylan oklaryň biri Şaltaý batyryň atyny tüwdüripdi. Özi bolsa togarlanyp honda düşüpdi. Şol pursatda ony görüp, Tagan zabun çakgan hereket edip, özüni şol o-da urupdy-da, aňyrdan batyry ele salarman bolup gelýän atlylardan öňürdip baryp, ony ýüzugra atyň ardyna kakyp alypdy. Şondan soň Şaltaý baga-da “awa-şikara” gidende köplenç Tagan zabun bilen gidäýenini kem görmändi. Gyzyl esgerleriň üstünden özüniň ýeňişli pursatlaryny ýatlan mahallarynda her gezek hamala aryny ýerine salan ýaly, duýgy döräp, az wagtlygam bolsa onuň kalbyna gönençlik duýgusy çaýylardy. Emma gulagynda ýaňlanyp duran Ýeroýulanyň ahy-nalasy ony ýene tizden öňki perişandan lapykeç puşmanly halyna dolap getirdi. Guşgy tarapdan gözýetimde görünýän baýyr kemerlerinde oturan pisse daragtlary häzir baýra dyrmyşyp, ýokary göterilip barýan adam salgymlaryny ýada salýardylar. Nirä barsaň bu öňüňi dolap duran asuldalyk özüniň ümmülmezligi bilen, göýä hemmeleri, şu gowulygyň şundan soňam şu halda dowam etjegine ynandyrmaga, onuň göwünlere giňlik salma islegine berlene meňzeýärdi. Gyzyllaryň döreden dowzahyndan başga bäşdir-üçdür gaçyp sypan bolaýmaly ýalydyram welin, ýöne Tagan zabuna wagty bilen şol öňki duşan üç-dört adamsyndan başga-da gabat gelen bolmady. Halky Owgan gädige ýetirmejek bolup, Sowetler elinden geleninem edipdäm-dä. Göçi paýhynlamak üçin ol ne okuny gaýgyrypdy, ne-de bombasyny. Şeýdibem Gyzyl Goşun bäşdir-üçdür gaçyp sypan bolmasa, ähli janly-jandaryň soňuna çykan bolmaly. Tagan zabun agyr oýlara berlip barşyna, Bathyz degresiniň entekler bäri-bärde däldigine, oňa ýetýänçä ýene birneme emgenip ýöremeli boljagyna göz ýetirdi. Birki günden bäri oňly dişine çalan zady ýok bolanlygy üçin ol mahal-mahal ýanyna göteren torbasynda garbanara bir zatlaryň barlygy hem ýatlaýardy. Naharlansa özüniň birazam bolsa häzirkisinden gurbatlanan ýaly boljagyny şonda aýaklaryň has-da dogumly ýöräp ugrajagyny çen edýärdi. Naharlanmaň yzyndan birki owurt owurtlaýar ýaly suwamam bolsa kem boljak däldi. Barja suwuny bolsa ol meşigi bilen, ýolda duşan şol göç adamlaryna berip gaýdypdy. Olaryň şu güne düşmeklerine belli bir derejede özüni hem günäkär hasaplaýanlygy üçin, ol dilegi bitirmän bilmändi. Şol pursatda mysapyrlara eden delalatyndan belli bir derejede kanagat tapypdy. Ol şol gelşine Bathyzyň çeşme suwly ýerdigini ýatlap, başynda oturyp garbanar ýaly bir çeşme-çaýyň çykaryny hem tama edýärdi. Şeýle-de ol garbanmaga otursa, soň depesinden inen munça agyr derdiň aşagyndan wagty bilen çykyp bilmerin. Düýnkim ýaly, şu bela-beterlere erkimi aldyryp, uklap galaryn diýen gorkusam ýok däldi. Onuň gaýtadan bu bela-beterleriň eline düşesi gelmeýärdi. Indi onuň şol sapandan sypan ýaly bolup, yzyndan aýeroplana kowaladyp gaçyp gaýdan ýerine tizräk dolanyp barasy, ol ýerde bolan ähli ýagdaýy öz gözi bilen göresi gelýärdi. Ýöredigiçe-de ýorulýardy. Ýöredigiçe-de ýolda duşan biçäre bendelere nebsi agyryp, berip goýberen atyny küýseg bilen ýatlaýardy. Onuň jylaw çeýnäp dyzanyp durşy göz öňüne gelýärdi. Bu Sowetler bilen uzaga çeken gabat gelnen ýerde garpyşylýanlygy, gaçylyp-kowmaly bolýanlygy üçin oňa ine-gana ýere gonup ýaşamak, piýadalap ýol geçmek mümkinçiligem bolmandy. Şeýle, hemişe at üstünde gezýän adamlar, bular agşam ýatanlarynda hem atlary bilen bile ýataýan ýaly geňsi pikir döredýär. Tagan zabunam bu durmuşda, hemişe at üstünde görünýänligi üçin şol aty bilen ýatyp-turýan adamlaryň biridi. Gidip barýar gorsuldap, gitdigiçe-de, kalbyň ahmyr-müýni köpelýär, derdi artýar. Hatda töwerekdäki baýyr-depeleriniň asmanda ganat ýaýyşyp, gernişip dyrmaşýan ýaly bolup ýören güýz bulutlarynyň hem oňa seredişi indi öňkülerden başgaça gyjytly hem göwnüýetmezçilikli görünýärdi. Dogrusy, ol öň özüni töwerek synlaýandyr öýdüp pikirem etmezdi. Bu pikir häzir ol ýolda gidip barýarka, öz-özünden müýne berlen wagtynda döräp, şol garaýyşlary duýupdy. “Giden milleti gyrdyryp, munuň öz-ä gezip ýör-le!?” Has-da ol ýeňsesinden gözleýän Günüň nägile nazaryny ýiti duýdy. Onuň: “Haý, han-a iş bitirdi-ow!” diýip, onuň näletli seredýänini pikir etdi. Bu agyr sowallara jogap tapman, kyn ýagdaýa düşüp, häli-şindi maňlaýa çykan deri syldy. Ol bir salymdan Owgan gädigiň üstünden indi. Bilmez ýaly hem däl eken, bu ýerde şol maksat tutulyp, gözleg salnyp gaýdylan Owgan gädik, Ýeroýulan pesliginiň üstüne gernip duranam eken. Haçanam bolsa bir wagt bir tarapy çapylan ýaly bolup bölünip, süýşüşensoň, depäniň şol ýeri gemmerip-gädilibem dur. Paýhyn bolan göç ýitgileri Tagan zabuna gädikden aşak inip, ondan biraz daşlaşansoň, ilki selçeňräk, soňra köpçülikleýin gabat gelip ugrady. Wagty bilen onuň janly-jandara-da gözi ilmedi. Ýöne sereden ýeri okdan uçan, bombalaryň bölekläp göterip taşlan adamlarynyň, mallaryň jesetleri boldy durdy. Bathyz öwlüýä ümsümligini birenip ýatyrdy. Baýyr üstünde öwüsýän hälki öwüsgin bu ýerde ýokdy. Ol hamala bu elhenç ýerden oýtarlap, aýlanyp geçýäne meňzeýärdi. Şol bulutlaryň aşak eteginde gaýda-gaýmalaşyk bolşup, telim bir ýerde Bathyzyň maslykçy guşlary uçuşyp ýördüler. Ilki gözi düşende Tagan zabun olary her gezek aýeroplanlaryň gelýänini görüp, gorkup, howsala bilen gaýmalaşyp, asmana göterilýän wähimli gargalardyr öýtdi. Ýöne meýdanda beýle läşdir maslyklaryň köplüginde maslykçy guşlardan başga haýsy guş beýdip hezil tapyp aýlanyp biljekmiş?! Nätjek-dä, şeýdibem giden millet maly-matlaby bilen guşa-gurda şam bolmaly boldy-da. Indi bu maslakçy guşlaryň öz azyk günemmalaryny Bathyz degresinden bol tapýan günleridi. Tagan zabun anyk bilmese-de maşgalasynyň jesetlerini nireräkden gözlemelidigini çen bilenräk bilýärdi. Olar ýomut göçüniň ortaragynda öz öküzleri bilen – dogan-garyndaş, ilen-çalan bolşup, bir toplumda gelýärdiler. Ol maslyklary aralabrak ýene biraz ýöränsoň, çepine–Eroýulan tarapa çep egnine öwrüldi. Töwerekden segreşip, Ýeroýulan duz käniniň ýokarsyna göterilen depeler, hatar tutuşyp indi bu ýerden görnüşibem durdular. Tagan zabunam soňra şolary nazarlap ýöräberdi. Ol şol gözleg salyp ýörşüne-de öz mähribanlarynyň pikirine berildi. Ilki bir-birinden naşyja, özüni görende ýanyna gelmän ýadyrgaşyp duran, soňra tiz özüne öwrenişen ýolda birsalym buýsandyryp-begendiren iki agtygyny ýatlady. Ol Owganda mahaly aýaly Tagan zabun gidende ýurtda galan ýetginjek ogluny öýerip, gyzyny çykaryp, birnäçe agtykly bolmaga ýetişipdi. Ilki ogly-gyzy bilen “Dädeň geler...” diýip, ýola garan bolsa, soňra köpelip agtykly, gelinli bolup, onuň ýoluna garalypdy. Tagan zabun gelip, ýaňy bir maşgala birigip ýaşamaga mümkinçilik bolanda-da täleý ters gelip, ol bu ýagdaýa uçrapdy. Indi ýolda ogluny oka aldyran mahaly: “Şol Owgana gidilmänler geçilse bolmaýarmy...” diýip, zarynlap aglan aýalynyň gözünde galan nazary oňa nägile seredýärdi... Tagan zabun her gezek diýen ýaly aýaly bilen şeýdip pikirinde nazarlaşanda, hamala ol gözlerdäki soraglara jogap berýän ýaly, bu giden zalymlygy eden gyzyl esgerleri öçli ýatlaýardy. “...Bu gezek siz türkmene öňde-soňda etmedik ýamanlygyňyz-a edensiňiz. Ata çykalym bäri beýle bimöçber gyrgynçylygy görmändim. Wah, siz biziň bilen emel ulanman, depämizden inmän, bir ýerde başa-baş söweş eden bolsadyňyz! Dolak serdaryň edişi ýaly, piriňizi kädä gabamaýadykmy, eýsem!? Emma heleýlediňiz, ýokardan inip, bizi emel bilen aldyňyz... Size hudaýsyzlar diýilýär welin bu gepe men ozal oňly üns bermändirin. Indi bildim Hudaýsyzyň aňrybaşy hut siz ekeniňiz. Eger azda-kände Hudaýy ýatlaýan bolsaňyz, siz beýle bimöçber gyrgynçylygy etmezdiňiz. Biz-ä erkek kişiler, bar, size duşmanam ekenik, ýöne aýal-gyzarda, bala-çagalarda siziň nähili köýüp ýatan aryňyz bolup biler!?.. ...Hudaý janam siziň bu zalymlygyňyzy görendir, ol munuň yzyny jogapsyz goýmaz... Wah, ol her etmişiň hakyny bermesine berýä-le, wah, ýöne gijräk berýä-dä... Ýok, Taňryň işine goşulyp küpür geçdim. Toba etdim! Ýöne bu gün bolmasa, erte, bir gün Sowetiň özünden güýçlä duşup, hakyny aljagynyň-a welin ujy iki däldir”... Haçanda golaýda bir ýerde at aýagynyň dükürdisi eşidilip giden ýaly bolan mahalynda Tagan zabun ol sese diňirgenip, aýak çekdi-de, gözleg salyp töweregine garandy. Şonda ol hol beýlede maslyklaryň arasynda jylaw süýräp aýlanyp ýören eýerli aty gördi. Onuň ölüp ýatanlaryň biriniň atydygyny pikir eden mahalynda ony tutup alsa, özüne aýagulag boljaklygy barada tamaly oýlandy. Ýogsam ata öwrenenligi üçin pyýada ýol öndürmek eýýäm oňa kyn düşýärdi. Häli-şindi aýak çekip, biraz-da bolsa hereketine dyngy berip durmaly bolýardy. Tagan zabun aty gören wagty “Bu kimiň atykan, eýesi niredekän?” diýip, özüne beren soragynyň jogabyna köp garaşmaly bolmady. Ol ata golaýlaberende kimdir biriniň süýrenip-süýşenekläp, aty tutjak bolup dert-azar bolup ýörenini gördi. At aýlanyp-öwrülip ýörşüne şol töwerekden uzak gitmän-de bolsa, bu adamyň “moh-moh” diýip edýän çakylygyna ol parhsyzdy. Onuň gepine ylykmaýardy, asla ylygarlam däldi. Süýrenip, elenip ýören adam her gezek golaýlaberende ol jylawy süýräp, ondan eýleräge çekilýärdi. Göýä onuň bilen tutdum-tutdum oýnuny oýnaýana çalym edýärdi. Her gezek ýetdim-ýetdim edende at göçüm edip, onuň badyny keç edýärdi. Onsoň ýene-de ýalbar-ýakar bilen, aty ele salmak synanyşygy täzeden başlanýardy. At ýeňseden özlerine golaýlap gelýän Tagan zabuny gören wagty başyny göterip, gulaklaryny dikanlap, ony öwrenijilik bilen synlady. Tumşugyny howada gezdirip, tanap eýesini gören deý hokranarly göründi. Ýowşan gara jylaw ýüpüne el ýetirmek tamasy bilen süýrenip barýan mahaly ýeňseden kimdir biriniň ähmiýetli ardynmasyny eşitdi. Öwrülip ýalta ýeňsesine gözledi. Dogrusy, ol birbada gözlerine ynanmady. Ýeňsede on-ýigrimi ädimlikde, hamala ýap-ýaňyja direlip, ölüleriň arasyndan çykan deý bolup Tagan zabun durdy. Bu şol Ýowşan garanyň ýakyndan tanaýan, sähel-mähel zada gyýlyp-gynanyp durmaýan, gaýduwsyz zabun hereketleri bilen dosta-duşmana özüni tanadan, Jüneýit hanyň wepaly nökeri Tagan zabundy. Tagan zabun birbada düşnüksiz bolan bu garaşylmadyk duşuşygyň göze görünýän salgym bolman, hakykatdygyna göz ýetirensoň, öňünde ganymynyň duranyny görüp, der-gazap boldy: –Bäh, bu haramzada Ýowşan garanyň hut özi ýaly-la! Ýowşan gara ony gören wagty hamala depesinden gylyç inip gelýän ýaly haýýaty göçüp eýmendi, içinden “Päh, bu haramzada diri galypdyr-ow...” diýip, lapykeç bolup oýlandy. Tagan zabun öjügip, bada-bat elindäki bäşatary onuň kükregine tutup: –Hä, senmi bu, dönük haramzada, ha seniň bir... Ýowşan gara işiň-işden geçip barýanlygyny görüp, ýaýaplap, öz dadyna ýetişjek degerli bir gep aýdyp, Tagan zabunyň gazabyny egismäge çalyşdy. Elini daldalap: –Serdar, serdar, bir minutlyjak meni diňle, onsoň atsaň at, çapsaňam, soň çap! – Ol soňundanam –Hossaryna duşanyna Hudaýa şükür edýänden bolup, al-emel tanapyny halkalap, täzeden ony Tagan zabunyň başyna atmaga hyýallanyp ugrady. –Serdar, boljak iş boldy, indi nädeniňde-de ýerine geljek zat ýok. Ajalymyz ýetmän, biz diri galypdyrys. Indi başymyzy gutarmagyň aladasyny etmek gerek. Owgana gideniňde-de sen indi ýüzügara halyňa Jüneýit hanyň öňüne nädip barjak? Indi sen agyr külpetleriň bolanyna özüňden başga hiç ýerde hiç kimi ynandyryp bilmersiň. Nirä ýöreseňem seniň başyň ölümli, malyň talaňly. Ýöne çykalga ýok däl... Meniň kimdigimi-ä indi senem göz ýetiripsiň. Sen meni ata artlaşdyryp äkit-de, bir Sowetlere gowşur. Galanyny onsoň özüm oňararyn, sen bolşewige ganym duşmanam bolan bolsaň, meni alyp barsaň, Sowetiň degirmenine suw guýanlaryň biri bolarsyň. Onuň gerek adamsyny halas eden hökmünde saňa minnetdarlyk hem bildirler... Ýowşan garan gepledigiçe onuň syry has giňden açylyp, ol barha Tagan zabunyň äjinnesini atlandyrdy. Ýowşan garan şeýtanyň enesiniň gapdalynda ýatyp, emmesini oýnap hezil edip emen-de bolsa, bu gezek oňa ondan öwrenen emeldir mekru-allary-da oňly kömek etmedi. Tagan zabun ony biraz diňlese-de, aýdýanlarynyň hiç birsine-de, Ýowşan gara başy gutarmagyň ýolunyň barlygyny näçe aýtsa-da, ol Tagan zabuna täsir etmedi. Gaýta, gepledigiçe bolan goýany ýatladyp, onuň kalbynda güwläp ýanyp duran arman-u-ahmyr odunyň üstüne odun oklady. Ýolda bir gezek ozal hemişe ony goldan işanynyň Ýowşan garany halamazlyk bilen aýdan bir gepi onuň ýadyna düşdi. “...Serdar, şu maslahatçyňa soňky günler nämüçindir meniň synym oturanok... Häli-häzir-ä ondan ýamanlygynam göremok welin, ýöne oljuda soňky günlerde öwrümli hem ötsüz görünýär. Şunuň berýän maslahat-ýenekisini gowy ölçerip-döküp seresabrak ulanaweri! Göwnüme bolmasa, şu ýagdaýyny tapsa, gaçyp gidäýjege-de meňzäp dur. Özi-de şol azaşylyp gezileninden, gyzyllar yzymyzdan ýetenden soň, onuň bu bolşy hasam göze ilip ugrady. Bir hyýal-a bar şunuň!?” diýipdi. Tagan zabun işan hatyrasy üçin oňa şol wagt “hä-hawa” diýen hem bolsa öz içinden: “Işan meni ondan gabanýar. Köp halat-da özüni däl-de, ony maslahatçy tutmagymy halamaýar” diýip oýlanypdy. Wagtynda “Türkmeni dürtmeseň, duýmaz” edip dürtülse-de, şundan soň dagy bu barada oýlanaýmaly, “Essiň barka, etegiňi ýap” edäýmeli bolsa-da, ol Ýowşan garanyň özüne maslahatçy hökmünde gerek boljagyny hasap etmesini goýmandy. –Munça milleti gyrgyna bereňsoňam seniň ýaşasyň gelýärmi, wenezzyna?! – diýende, Tagan zabunyň gepi hasam howply çykdy. –Beý diýme, serdar! Kimiň ölesi gelýär? Gideli halas bolaly, janymyzy gutaraly. Indi göçüňem ýok, ýoluňam, hemmesi geçmiş boldy! Çem gelen döwran elden berilmese ýagşy! Ýowşan gara şol dalbynyp gepläp ýatyşyna-da hamala boýnuna syrtmak salnyp, tutulyp getirilen ýaly ysytma tutýan deý süňňi elenip gagşaýardy. Tagan zabuny öz meýline ylykdyrmaga jan edýärdi. Mahal-mahal maňlaýynyň, boýnunyň ýüzleriniň ganjaryp çişen ýerlerini, gury ýuwdunyp sypalaşdyrdy. Emma ol gowulyk baryny wada etse-de, Tagan zabunyň garalyp, gaýzygyp duran agyr ýüzi gahar-gazap bilen doňup durdy. Şundan soň rejäň geň dälligini Ýowşan gara göz ýetirdi. Näme-de bolsa başy beladan gutarmagyň başga bir ýolunyň gözlenmelidigi belli boldy. Ol Tagan zabunyň gazabynyň soňuna galasy gelmedi. Mauzerine ýetmek üçin alňasaklyk bilen gyssagly ýanbaşyny sermäp ugrady. Ýaragyna ýetip bolsa, onuň gazabyndan sypyp biljegine ynandy. Onuň bu hereketi sarsman duran Tagan zabunyň hasam gazabyny ölçerdi. Ol: –Haýt, seniň bir zeniňi – diýip, hapa sögündi-de, bilindäki dessesine el goýup duran gylyjyny sogrup, ony gazap bilen Ýowşan garanyň depesinden inderdi. Gylyç şol demde çal kelläni başsyz göwräniň öňüne togarlady. Tagan zabun gylyjynyň ganyny süpürip, gynyna salansoň, Ýowşan garanyň başsyz göwresiniň üstünden parhsyz ätläp, ýene-de aňyrlygyna ýöneldi. Tagan zabun işini bitirip, täzeden ýoluna gönügen mahaly, indi bireýýämden bäri onuň hereketlerini gözden sypdyrman synlap duran at, hamala özüni ýatladýan ýaly, onuň yzyndan gözläp, sähelçe hokrandy. Dogrudanam, diňe şundan soň töwerekde, at barlygy Tagan zabunyň ýadyna düşdi. Ýowşan garadan tapawutlykda oňa eli-aýagy sag bolansoň, sähelçe emel bilen atyň töwereginden oýtarlap geçenden bolup, aty ele salmak kynam bolmady. Tagan zabun wagtyň barha gijigip barýanyny görüp, ýola howlukdy. Haçanda ol jülge arasyny dolduryp, gözýetimden-gözýetime gernip oturan duz käniniň üstünden ineninde, ýene-de ol özüniň düýn-öňňinki, oda-köze düşüp, atyşyp-çapyşyp gezen ýerlerine gaýdyp gelenligini bildi. Bir pursat at başyny çekip, özüniňkileriňem şu golaýdadygyny özüne ýatladyp durşuna duz orasynda hatar ada bolup duran depeleri synlady. Olar duz olumynyň içi bilen hatarlanyşyp ýüzüşip ýören gämi-gaýyklary ýada salýardylar. Tagan zabun duz olumyny oýtarlap, özüniň ýakynlaryny ýene bir gezek görüp galmak islegi bilen, olary tapaýsam gerek diýen ýerine tarap sürdi. Ol duz olumyny ýakalap, ondan ilerligine geçip, öz maşgalasyny şol ýerdäki jesetleriň arasyndan agtardy. Şundan soň ol tanyş ýüzleri gözläp, uzak gitmeli bolmady. Bomba gazan çukurlaryň biriniň duşundan geçip barýarka ol şol töwerekde serlişip ýatan ölüleriň gapdalyndan işanyň başa geýen tanyş sellesiniň togarlanyp, gum basyp ýatanyny görüp, at başyny çekdi. Golaýa düşen bombanyň zarby, işany göterip, hol beýläk atyp uran eken. Eýýäm kalbynda öz maşgala agzalarynyň birini duşaýjak ýaly pikir dörän-de bolsa, Tagan zabun ýol boýy ýatlap gelýän adamlarynyň ýene birisi bolan işanyň üstünden ätläp geçip bilmedi. Işan ýüzin düşüp, ýer bagyrtlap ýatyrdy. Tagan zabun atdan düşdi. Ol işanyň jaňsyz agyr göwresini gujaklap, beýlesine öwren wagty, onuň ýüzüniň tutuşlygyna gum bolup duranlygyny gördi. Has-da maňlaýy gatyja degen borly, ýüzüniň bir gat derisi sypyrylyp, ol ýerde güm bilen gatyşan gan kesmekläp, gara gatlak emele getiripdir. Ölüp barýarka-da kimdir birine garaşan ýaly, onuň gözleri hem açyk galan eken. Zabun gözleri gapan gumlary, donunyň syny bilen süpürip arassalansoň, ýene-de öz öňünde işanyň özüne seredýän tanyş gözlerini gördi, häzir ol gözler diňe bir gumdan doly bolman, onda hemişekisi ýaly ynam-ygtykatdan doly bolup göründi. Din ýoluna berlen adamlar nähili agyr ýagdaýlara düşseler-de, Biribaryň görüp duranlygyna, onuň kömege ýetişjegine bolan ynamlaryny iň soňky demlerine çenli ýitirmeýärler. Şonuň üçinem şeýle adamlaryň gepi, sözi jaýly, kalby töweregi çoýup duran gorly bolýar. Ýomutlar arasynda bu işanam şol halky agzyna garatdyran, keramat ýokundyly adamlaryň görnüklileriniň biridi. Tagan zabun işanyň ýüzüne gözläp, biraz onuň bilen sessiz gürleşip oturansoň, indi oňa edip biljek delalatynyň ýoklugyny ýatlap, oňa edip biljek soňky hormatyny bendäni ýere bermek bilen baglansoň, haýal etmän donunyň synlaryny çalyp, bilinde guşap, bu işiň ugruna çykmak bilen boldy. Işanyň sellesiniň gatlaryny ýazyşdyryp, ony köpene öwürdi-de, onuň çişip dymyljap ugran, saň-gaty bolan jesedini boldugyndan şoňa dolady. Ondanam juda agralan göwräni gujaklap, ýerden göterdi-de, ertip, bombanyň esli oý edip köwen çukurynda ýerleşdirdi. Merhum jogap berip bilmese-de, onuň aň-beýniniň soňam ençeme günläp işleýänligi barada aýdylan gepe ynanýanlygy üçin, üç mertebe ötünç sorap, oňa ýüzlendi, maňlaýyny sypap, onuň bilen hoşlaşdy: –Razy bolaweri, işan aga! Razy bol, razy bol dälibaş iniňdeň! – diýip, eşidiler-eşidilmez samrady. Işandan soň Tagan zabun golaý-goltumdaky beýleki jesetleri hem yzly-yzyna getirip, şol çukura toplady. Bir salymdan jeset baryny çeke-çeke, halys derläp-ýadap daljykdy. Häli-şindi ýeňi bilen ýüzüne inýän deri syldy. Merhumlary çukuryň içinde ýerleşdirensoň, olaryň üstüne töwerekde pytrap ýatan boşaň gumlary eli bilen sürüşdirdi. Tagan zabun merhumlaryň gapdalynda ýene bir salym bilen dogasyny sanap, degsin edip oturansoň, bolan ganly gabahatçylygy ýatlap, ýene-de gyýlyp-gaýlyp hapa boldy. –Eý, Allam, sen meni ne günlere saldyň! Öňüňde güňäm nämemiş? Zulum edenim, kelle alanym, şeýdip zabun bolup gezenem-de hakdyr... Wah, şeýle bolmasaňam bolanok, sen sähel gijä galsaň, seniň kelläňi aljaklar, döwür ýaman boldy, gan bary döküldi, munuň iň erbedem heniz bolubam onuň soňy gelenok, gelerli hem däl... Tagan zabun elenip-elenip, Taňryny ýatladygyça, biriniň barmaklary bokurdagyny gysýan ýaly, barha onuň demligi daralyp ugrady. Ol bu gysyşy biraz-da bolsa, gowşatmak tamasy bilen çäkýaka köýnegiň ýakasyny penjeläp, aşak çekip, ony parran ýyrtdy. Emma munuň bilenem onuň derdi köpelmese azalmady. Gaýta, aýeroplanlardan gaçyp, meýdanda her ädimde ýüzlerçe pida berip, zir-zowran bolşup ýören milletiň ahy-nalasy ýene-de onuň gulagyna gelip ugrady. Bu elhençligiň bolmagyna belli bir derejede özüni hem günäkär saýýanlygy üçin, indi bir-birinden agyr pikirler onuň kalbyny zalymlyk, ar alyjylyk bilen mynçgylady. Ony dünýäden doýurdy. Şu gaflat pikirlere üstüni aldyryp, ol hatda soňra, özüniň maşgalasynyň jesetlerine gözleg salyp ýörenligini, münüp gelen atynyň golaýynda ýüpüni süýräp, meýdanyň gurap saman bolup ýatan ot-çöpüne timisgenip ýörenligini hem unutdy. Tagan zabun ahyram bu bolan elhençligiň masgaraçylygyndan, ahy-nalaly derdinden öläýmese, dynmajagyna göz ýetirdi. Şeýdibem häzirki pursatda bu dertden dynmak, onuň tapan ýeke-täk çykalgasy şu boldy. Ol ýerinden turup, merhumlary ýerleşdiren çukurynyň gyrasyna bardy-da, bilindäki mauzerini alyp, ony göni öz ýüregine tutdy. Tüpeň sesi çykan dessine Tagan zabunyň pälwan göwresi buruljyrap, leňňer alyp, arkanlygyna gaýtdy. Barybam ol çukura biraz mundan ozalky öz ýerleşdiren jesetleriniň gapdalyna gütüläp düşdi. Şeýdibem Tagan zabunyň indi özüne ýagty-ýalançyda gezip ýörmegiň hajatynyň ýoklugyna düşünenligi we ondan mertlerçe netije çykaranlygy belli boldy . * * * Ýüzüni çaňjardyp oturan Bathyz degresi häzir diýseň ýadaw görünýärdi. Depesinden basylan ýaly büküdip otyrdy. Oňa häzirki pursatda diýseň bir ýagşyň gerekdigi duýulýardy. Ýöne ýagsa, olam indi ýagybermelidi. Dünýäniň hasaby bireýýäm saralyp, güýze ýagşy synypdy. Hany güýz bolar-da onsoň olam bir ýagynsyz-saçynsyz bolarmy!? Emma weli şu ýyl-a oňa bir zat boldy. Heniz bolubam ýere nem damaýsa nädersiň? Eneki ýyllar dagy bu wagta çenli ýagyş telim gezekler ýagyp, ýeri şalpy-şaraň ederdi. Bu ýyl welin ol nirede bolsa-da, bir ýerlerde ymykly eglendi. Bathyz tamadady. Ýagyş ýagsa, ol ýuwnup soňky günlerde başyndan inen ähli bela-beterlerden dynjagyna, süňňüniň serginlik tapyp, kuwwatlanan, arkasy alnan ýaly boljagyna özüçe göwün ýüwürdip ynanýardy. Ýöne ýagyn gyrgynçylygyň yzysüre bu gezek dähme-dähel ýagmadygam bolsa özüne hepdeläp, on günläp garaşdyrmady. Tebsiräp ýatan Bathyzyň nirede bolsa-da bir ýerde dileginiň gowşanlygy belli boldy. Bu gopan hikmediň başy bir ýerlerden tapylyp, assa-ýuwaşdan zemin ýüzüni ýelpäp ugran şemaldan başlandy. Özi-de «Ýel handa oýun kändir, edeýin diýse, munuň elinden gelmez zat bolmaz” diýlip, gapdaldan beleň berlen ýaly, ol tapylansoň, barha tozan turzup güýçlenme bilen boldy. Aýlanyp-öwrülip baýyrlaryň ýüzüne, jülgeleriň jaýrylan gysygyna şarpyk çalýan ýaly edip, şarkyldadyp-şarkyldadyp tozan urdy. Gopdy bir harasat. Şemalyň küregenledip, dünýäň depesinden gum sowrup durşy soňabaka Bathyzyň ähli degresini üstüniň janly-jemendesi, baýyrlary, duz käni ýenesi bilen özüniň gerlip, bimöçber ulalan etegine dolap, bir ýerlere jüýjesini göçürýän guşa meňzäp alyp giderli göründi. Soňundanam «Ýel yzy ýagyş” diýleni boldy. Asmanyň günbatar demirgazygynda ýaz bulutlaryna meňzeş ýüzleri ýagjymak gara bulutlar peýda bolşup ugradylar. Olaryň birnäçesi eýýäm ýas ýere gelýändiklerini mälim edişip, şol gelişlerine ýarym-ýaş bolşup, aňyrdan ýagyp-aglaşybam gelýärdiler. Şol barmaşa-da bulutlar bir bölekgiaşakda ýere berilmedik jesetler öwlüýäsini görüp, bu elhençlikden elheder alan ýaly, Owgan baýyrlaryna tarap çekilişip, öwrüm edişip ugradylar. Öwlüýäniň daşyndan aýlanyp geçerli göründiler. Ýöne şeýle-de bolsa olar uzak gitmediler. Ýeten bolsa bulutlaryň öňi şonda Guşgynyň depesine ýetendir. Olar şol ýerdenem çopany öňünden çykyp gaýtarylan sürä meňzäp, yzlaryna öwrülişip, Bathyzyň üstüne täzeden gaýtdylar. Barha ýaýraw alyp, ýagyp ýukalyşyp, gelýän bulutlar soňam ýagyp-ýagyp, diňer ýerde diňmediler. Içigip-içigip Bathyzyň aglap tükenerden kän agysyny agladylar... Tebigatyň munça möçber pidalary görüp, beýle uly hasraty ýüregine sygdyryp bilmedigi belli boldy. Häzirki pursatda dünýä aňrybaş ýetmeýän zat hem hut şu ýürekdeş raýdaşlykdy. Bu merhumlaryň adamlardan garaşan raýdaşlyklaryny tebigatdan tapmasy boldy. Ýerde hem ynsan bilen ömür-baky garylyşyp-gatylyşyp ýaşaýany üçinmi nämemi tebigata-da ynsan häsiýetlerinden geçen häsiýet-hyýallar az bolmaly däl. Şeýdibem, bu ýagyn jaýlanmadyk, eýesiz galan jesetleriň ýere berilmezden ozalky arassalanyp, suwa tutulmasy boldy. Bulutlar gonalga tapman, gaýmalaşyp ýören ýaly bolşup ýörüşlerine soňam wagty bilen köşeşip bilmediler. Olar Bathyzyň ýokarsy bilen özleriniň çygly uzyn eteklerini merhumlaryň üsti bilen süýräp, soňam ýarym-ýaş bolşup ýagdylar ýördüler, ýagdylar ýördüler... | |
|
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Duman daganda: Zäher gahardan ýasalýar - 01.06.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -6: romanyň dowamy - 12.07.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -14: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |