14:54 Ojak - 2-nji kitap -25: romanyň dowamy | |
• Üçünji bölüm
Romanlar
Giçki güýz. Gyş aralygyndaky sepgitde Pendi topragy haýsydyr bir soňra ýüze çykjak gowy bolmadyk syry bilýän ýaly küýli görünýär. Bu döwür başlanansoň, Günde-de tomusdaky ýaly uzak durum bolmaýar. Ol her gün islese, bir asmanda görnen ýaly eder-de, birsalymdanam görseň eýýäm ýokdur, bolsa-da bukuldym oýnaýan ýaly, bulutlaryň arasynda ýitip-tapylyp aýlanyp ýörendir. Gijäniň bolsa ýatyp-ýatyp aňyrsyna çykyp bilmersiň, itiň içegesi ýaly diýseň uzakdyr. Bu döwürde Murgabyň suwam azalyp, durlanyp, öňküsinden has goýalan ýaly sus bolup akýar. Ähli zatlar, töwerek-daş bilen özgerip, başga görnüşe, başga mana öwrülip barýana meňzeýär. Şeýle günleriň birinde Dönmez düýeçiniň bedeňe durmuşa çykaran, birnäçe aý mundan öň gaýyn öýi bilen bir ýerlere sürgüne ugradylan gyzy gaçyp, yzyna geldi. Gijöýlänler salgym bolup aňyrdan gelen aýaly, dogrusy, garyndaşlary ilkibada tanamadylar. Boýnundan asan torbasyndan çen tutup, ony ilki soňky döwürde iliň tozguna berilmegi bilen has köpelen, gapy-gapy aýlanyp, bir döwüm çörek gözläp ýören gedaý bendeleriň birimikän öýtdüler. Gedaýy boş gaýtarmak il içinde erbet görlensoň, oňa baryndan biraz iýer-içer bermekçi boldular. Gedaý jinde geýimli, tapsyz bir hor aýaldy. Ol golaý gelip: “Eje, bu men” diýip, küdeden gowaça çöp sogrup duran aýala tanyşlyk berensoň, ony dessine ýerli-ýerden žanköýerlerçe gujaklaşyp, begenişip öýe saldylar. Gidenleri bäri hiç hili habar-hatyr bolmansoň, Dönmezlerem “Gyzymyz häzir niredekän, başlaryna ne günler düşdükän, aýatda bir barmykan?” diýşip, gidenleri ýatlaşyp, gaýgy-hasrat çekişip ýördüler. Olar barada niredenem bolsa bir ýerlerden habar düşerine biynjalyk bolup garaşýardylar. Gelniň öňki göz buýsandyrýan durky-syraty bolanlygynda ýakynlarynyň ony gözleri kaklyşandan tanasa-da tanardylar. Ýöne häzirki gapydan gelen zenan gaýyn öýleridir gyz öýleriniň arasynda öňki bökjekläp gatnan ýüz-gözleri nurlanýan, erisgin-tamaly, buýsançly gelne dagy asla meňzemese neme. Ykbal öwrüm alyp, gata tutansoň, gelin silinip-silinip horlanypdy, ýüz-gözleriniň yşnagy gaçip, tanalmaz ýaly bolupdy. Gelniň sürgünden gaçyp gelenligi belli bolansoň, Dönmezler ony ilki birbada goraglap, il gözünden gizlin saklamaga çalyşdylar. Telim gün iýdirip-içirip biraz tapladylar. Emma mundan artyk ony gizlin saklamak mümkin bolmady, zeruryna ýenekä çykanda gören boldy, ýeneki boldy, adamlar soňra ýeke-ikiden olaryň öýlerine gözaýdyňa-da gelşip ugradylar. Gelniň özüniňem bukulyp ýaşamak soňabakan ýüregine düşüp ugrapdy. Ol: “Başa gelenini görübermeli bolar-da” diýip, adaty ýaşaýşa goşulyp ugrapdy. Yzymdan gelerler diýen gorky welin başdan aýrylmaýardy, özi-de ol indi günsaýyn barha ulalmasa kiçelmeýärdi. Jemal mama ilki Dönmez düýeçiniň gyzynyň gelenini bir ýas ýerde köpçülikde eşidipdi. Öz ýanyndan: “Be, ol adyýitmişden nädip geläýdikän?” diýip, geňgalyp, öz gidenlerini onuň bilen baglap ýatlasa-da, ony ýene-de tiz ýadyndan çykarypdy. Emma şol günlerde olara gözaýdyňa baranlaryň biri “Sürgünde töweregiňizde biziň ilden ýene kimler bardy?” diýlip soranda, onuň “Kymyş aganyňam bir ogly bardy” diýenini eşidip, şol günüň özünde ol gelen gelni öz gözi bilen görüp, gulagy bilenem eşitmegiň ugruna çykdy. Düýejä howlukdy. Wagtynda olara gözaýdyňa baraýmandygyny, eger baraýan bolsa, ol gelniň aýdanyny öz gulagy bilen eşitjegem ekenligini pikir edip, giçki ökünç bilen özüne igeniçli käýindi. Ýeri, ýogsam düýeji onuň görmeýän-barmaýan ýerimidi näme!?. Uly gelni düýejiden bolansoň, ol diňe Mämmethanlar däl, olaryň adybir ilen-çalan garyndaş-töwerekleri bilenem, bäbek bolanda, toýa-ýasa hemişe gatnaşardy. –Eri, ýakyn garyndaş bolmanyňda näme, gözüňiz aýdyň diýäkgetdin baraýanyňda, seniň kükregiňden itilýärmi diýsene?! Onsoňam bala-çagalaň sürgünde bolup, olar bilen derdiňem bir bolan halatynda– diýip, Jemal mama öýüň içinde daşarynyň ýagyn-saçynsyz bolsa-da, çigregiň barlygyny ýatlap, galyňrak geýinmek üçin, donuny gözläp ýörşüne, endigine görä, öz-özi bilen gürleşip samrady. Düýeçiniň uzak bir ýerde bolman, görnüp durandygyny ýatlansoň, üstesine-de tizräk ol ýere barmaga howlugýanlygy üçin, ol pyýadaja gidiberenini kem görmedi. Gidenleri bäri habar-hatyrsyz gaýyp bolan körpe ogly Orazgylyjyň maşgalasy baradaky haýsydyr bir habara maşgala yndi bir wagtdan bäri ýürek ezip, bitakat bolup garaşýardy. Jemal mama aýagyna ýüň jorap, egnine könelişen, garrap kiçelip ugraly bäri özüne uluragam bolýan mahmal donuny geýip ugrady. Ol bir salym öz maýdalyna ýöränsoň, gaplaňlaryň “Jedel tümmeginiň” gapdalyndan geçdi-de, birazdanam düýejidir gaplaňy birikdirip, öwrüm berip, şähere tarap uzalyp gidýän ýola düşdi. Adamlaryň iş-derdine güýmenýän wagty bolansoň, ýol çolady. Asmanda Gün ýalpyldap dursa-da, howanyň çigregi welin ýetik bar eken. Howada gar ysy bolup, dagda-ýeneki ýakyn bir ýerlerde gar ýagyp, indi onuň obaň üstünden gaýmalap injek pursady-da uzak däldir diýip oýlanylmagyna sebäp bolýardy. Has-da demirgazykdan ösýän şemalyň barha gygy hasam ajarly görünýärdi. Jemal mama kükregine sowuk şemal urup ugransoň, aýak çekdi-de, iç köýneginiň daşyndan guşanan guşagyny alyp, ony donunyň ýakasynyň seplerini bir-biriniň üstüne çekip birikdirip, täzeden donunuň daşyndan guşandy. Biraz ynjalyk tapansoň, ýene-de ýoluny täzeden dowam etdirdi. Dönmez düýejiniň dogan-garyndaş neberesi telim gara öýdür tamkepbeden ybarat bir kowçum bolşup oturýardylar. Onuň uly ogly Seýidiň maşgalasy Äpe-Akbegi Jemal mamanyň uly gelni Oguljumanyň özünden kiçi aýaldoganydy. Ilen-çalan garyndaşdy. Kymyşlar sürgüne ugradyljak bolup durka hem ol dogany bilen aýrylyşasy gelmän, gynanyp, hoşlaşyp aglap duranlaryň biri bolupdy. Jemal mama häzir aňyrdan ilki Äpäniň gapysyndan baryp, soňra onuň bilen sürgünden gaçyp gelen gelniň ýanyna bile gitse, kem bolmajagyny pikir edip gelýärdi. Ol şol ýöräp barşyna öz gözläp gelýän öýüni düýejiler toplumynyň derýa golaýyndaky gaýraky böleginden tapmakçydy. Düýeçi obaçylygyna golaýlaşdygyça-da ol sürgünden gelen gelin bilen duşuşyga howlukdy. Ol aňynda bolsa eýýäm Orazgylyç maşgalasy bilen onuň göz öňünde jemlenipdi. Şu pursatda Jemal mama olara hasam golaýlanyna ynandy. Jemal mama Dönmezleriň syrgynyna ýetip, olaryň öýüne golaýlaberende ol öýüň öňünde gopýan yzzan-da-çuwwanlygy görüp, üşerilip, aýak çekenini-de duýman galdy. Gapynyň on-on bäş ädimliginde tanyş Aman OGPU atyny keserdip durdy. Dönmez aga aljyraňňylyk bilen, henizem bu bolýan işiň öňüni alyp bolar diýen tama bilen ellerini salgap, oňa bir zatlar düşündirmäge çalyşýardy, rehimdarlyk gazanmaga synanyşyp azara galýardy. Hatda onuň gygyryp diýen ýaly aýdýan ýalbarmasynyň bir ýanyny Jemal mama hem eşidýärdi. –Ýoldaş Aman, siz bir maňa düşünseňizläň, ol ýerde indi onuň adamsy-da ýok, gaýynlary-da hemmesi ölüpdir, gyzy yzyna atarsaňyz, ýeri ol niräk barsyn? Ejiz maşgala hossarsyz, ýat ilde nähili gün-güzeran görsün? Gaýrat edip, gyzy äkitmäň. Başa-baş geregem bolsa, onda äkidiň meni, häzir öýe girmän, öňüňize düşeýin özüm!.. –Wagty gelende äkitmeli bolsa, senem äkideris, oglanlaryňam. Häzir bolsa çykar gaçgagy içerden. Ýogsam özümiz girip, ony saçyndan süýräp çykarýas! –Beýtmäweriň! –Beýtmesek, sal gyzyňy öňe onda. Sürgün edildimi, ol iberilen ýerinde ýaşamaly. Gapynyň öňünde Aman OGPU-nyň ýaragly harbylarynyň ikisi tiňkelerini öýe dikişip, talap bildirilýän adamyň jaýdan çykaryna garaşyp, elleri ýaragly öýe gezelişip durdular. OGPU-nyň niýetini berke tutany olaryň çytylyşyp, gezelişip duruşlaryndanam bellidi. Öýüň beýle gapdalynda bolsa, hamala ol ýerden merhum çykaryljak bolýan ýaly, Dönmez düýeçiniň töwerekden gelen dogan-garyndaşlary nätjeklerini bilmän, oňaýsyz ýagdaýa düşüp, galpyldaşyp gapa gözleşip durdular. Onýança-da öýden iniňi tikeneklendiriji agy sesiniň yzysüre, bir OGPU işgäri Dönmez düýeçiniň boýny torbaly, goltugy düwünçekli gyzyny öňüne salyp daş çykdy. Has-da ýürek paralap, zarynlap aglaýan, gaýtadan sürgüne sezewar edilen gyzyň ejesidi. Ol gyzynyň yzyndan gözi girýan, bagry birýan aglap gelşine gapydan çykyp çykmanam, biline urlan deý bolup, şalkyldap özünden gidip ýykyldy. Gyzyny ikinji gezek dowzah agzyna bermäni islemän, otly köýnek geýen ene bu zarba döz gelip bilmedi. Esgerler gelni öňlerine salyp, indi bir wagtdan bäri ýol gyrada gaňtarylyp garaşyp duran araba mündürensoňlar, gepi Aman OGPU-nyň ýanynda ýer alman, çäresiz galan Dönmez aga hem onuň bilen indi gidibererli bolup, arabanyň yzyna düşdi. Gözi girýan, bagry birýan halda şol alaçsyz gidip barşyna gözýaşyny sakgalyndan syrykdyryp, näumyt bolup ýuwdundy. Töwerekde söm-saýak bolup duran perişan adamlar hem arabanyň yzyndan galyp bilmän, merhum alnyp barylýan ýaly, esli ýere çenli onuň yzyna düşüp gitdiler. Şundan başga alaç galmanlygy belli boldy. Gelin bolsa indi, bir gysym bolup, arabanyň yzynda aglap otyrdy. Bu yzan-da-çuwanlygy görüp, Jemal mama duran ýerinde doňup galdy. Arabada bendilenilip alnyp barylýan gelniň yzyndan seredip durşuna onuň bilen bolaýmaly gürrüňçilikden gijä galanyna düşünip, biraz öň onuň şol gelipdir “myşyny” eşiden badyna duşuşmagyň ugruna çykmanlygyna ökündi. Ol ýaňy ýolda düýejä gelýän wagty: “Il-ä şeýdip, bir ýerden gara beräýýär, biziňkiler näme üçin beýtmeýärlerkän?!” diýip, öz oglanlaryna gaýybana igenip oýlanyp gelýärdi. Ýöne bu gabahatlygy görensoň, gelen bolsalar, olaryňam şu ýagdaýa düşjek ekenligini pikir edensoň, eýmenip hopukdy. Dönmez düýejiniň halyna özüniň düşmänligine şükür etdi. Bu elhençligi görüp, dyzlarynyň ysgyny gaçdy. Jemal mama düýejä gelýärkä bir oturmadyk ýolunda indi telim oturyp, süýrenip, özüni zordan öýüne atdy. * * * Töwerek henizem alagaraňkydy. Aganazar bilen Ahmet demir ýol boýundan elheder alşyp, alysdan eşiden it seslerinden çen alyp, ol ýerde oba barlygyny pikir edişip, elem-tas bolşup gaçdylar. Birazdan olar şol daljygyşyp, ylgaşyp gelişlerine özleriniň ýörite gözleýän ýerlerinden ýeterlik ara açandyklary hakda oý edensoňlar, biraz-da bolsa dynç almak üçin, ýol gyrasynda aýak çekdiler. Esli wagtlap has-da-has bolşup, bir-birleriniň ýüzlerine gözleşip, daljygyşyp oturdylar. Ýadawlykdanam beter oglanlar açdylar hem suwsapdylar. Häzir bir suwly ýere duşmak olaryň ikisiniň-de arzuwydy. Uzakly gije oglanlaryň ýokarsynda bezemen zenanlaryň gollaryny, döşleridir boýunlarynyň ýüzüni bezeýän gymmat baha daşlara meňzäp, ýalp berşip şugla saçan ýyldyzlaram indi gündizlige daşyny aldyryp ugran çyralar ýaly, barha täsirlerini ýitirme bilendiler. Ahmet asmandaky solup barýan Aýy synlap hemem onuň halyny öz suwsuzlygy bilen baglap: –Suwuň nirede barlygyny Aýa gowy bilýändir – diýip, ýokarda bolansoň, ähli zady görüp bilýänligini pikir edip, ony gözügidijilik bilen synlady. Aganazaryň bolsa häzir pikirinde sürgünlere howlyň ortasynda nahar paýlanýan sürgünligiň ýakymly pursady janlanypdy. Hatda ol iýmit meselesine hemişe beýemçilik edýän garynlak komendantyň aýakly garpyz bolup, depesi bugaryp duran gazanyň töwereginde aýlanyp samyrdap ýörenini hem gördi. –Nahar wagtymyz-a bir mahal geçendir – diýip, ol şu pursatda pikirini daşyna çykaranyny hem duýman galdy. –Ejelerimiz biziň hakymyzy alyp goýandyr – diýip, Ahmet ekabyrraklygyny edip, ýene-de Aganazara göwünlik berip gepledi. Oglanlar biraz oturyp, özlerini dürsänsoňlar, ýoly yzarlap, ýene-de ylgap ugradylar. Indi halsyzlykdan ýykylaýmazlyk üçin, olar öz maýdallaryna ylgamaga çalyşýardylar. Meýdanyň süňňünden çyg ysly howa öwüsýärdi. Töweregiň agyn çygly ot-ýeneki bolup ugranlygy duýulýardy. Haçanda olaryň yzarlap gelýän topursow ýoly şaha aýryp, ikä bölünen mahaly oglanlar nirä gitjeklerini bilmeýän ýaly bolşup, bir-birleriniň ýüzlerine soragly gözleşip, kürtdürişip, töweregi öwrenijilik bilen syndan geçirmäge durdular. Haçanda hol beýlede ümürläp, gijäniň içinden çykyp gelýän garabaglygy gören wagtlary şol ýerden öz islegli suwlaryny tapyp biljegini pikir edişip, ýoluň saga dönýän bölegi bilen olaram saga öwrüldiler. Suw höwesi bilen ýadawlygy, tapsyzlygy hasaba alman, çalasyn ýöremäge çalyşdylar. Olar şol hasanaklaşyp gelişlerine baglygyň eteginden giren wagty, baglaryň aşagyndan henizem goýry alagaraňky doly aýrylman eken. Aganazar şol barmana nämedir bir gaty, togalak zady iki ýola dagy yzly-yzyna basanlygyny duýdy. Haçanda ol eglip, ýerden olaryň birine göteren wagty ol bu aýagyna päsgelçilik beren zadyň öz çen edişi ýaly, kesekdir daş bölegi däldigine göz ýetirdi. Ol bagdan ýere gaçan almalardy. Onuň bir ýakymly ysy-da bardy. “Hudaý berse guluna getirip goýar ýoluna” diýleni boldy. Gözler alma agaçlarynyň aşagyndaky garaňka biraz öwrenişensoň, özlerini almanyň boluna atandyklary belli boldy. Içleri kemsiz gorugan oglanlar depelerinde, töwereklerinde alma barynyň şahalarda düzüm-düzüm bolup sallanyşyp duranlygyna hem aň etmän, ýer sermenişip tapan almalaryny hartyldadyp-hartyldadyp iýdiler. Alma birazdan belli bir derejede oglanlaryň açlygyny hem suwsuzlygyny gandyrdy. Bag bolsa onuň töwereginde hökman suwam bolaýmaly. Ýöne alma bilen biraz teşneligini gandyryp, garynlaryny doýrup, oglanlaryň soň onuň gözlegine ýörite çykaslary gelmedi. Olaryň hersi baglaryň birine arkalaryny berip, soňam ýadaw halda uklaşyp galdylar. Aganazar düýş gördi. “Aç towuk düýşünde dary görer” diýleni boldy. Ine, onuň gözünde galan Murgap derýasy owsunyp akyp ýatyr. Ana-da Allanazar, Zaýyp, Taýyr dagy kenarda oýnaşyp ýörler. Ýöne geň galaýmaly olaryň hiç biri-de şunça suwuň bolunda-da suw içenok. Göräýmäge gähnäp-gähnäp suw içäýmeli ýaly welin, gaýta olaryň göwnübir ýaly. Aganazar durup bilmän, olara gygyrdy: – Aý, Alla jan, siz nä tüýsl-äý?! – Hä, nä tüýsli? – Şunça suw ýanyňyzda akyp dur, näme üçin ondan içeňizok? Oglanlar jogap ýerine geň galyşyp, onuň ýüzüne seredişdiler. Eýsem-de bolsa, geň galara bu ýerde näme barmyş!? Şunça suwuň bolunda teşnelik çekmek geň dälmi gaýta!? Damaklary gurap, tebsiräp durandyr ýogsam şolaryňam... Derýada akyp barýan gyzjagazyň gyzyl köýneginiň bir bölegine, soňam tanyş ýüzüne şol arada Aganazaryň gözi düşýär. Ol Nuranady, başga kim bolsun!? Bäş-alty günlükde çagalar derýa boýnunda suwa düşüp, oýnap ýörkä Nurana atly gyzjagaz akypdy, şonda-da Aganazar esli aralykdan bolsa-da, onuň akyp gidip barýarka ýüzüniň hem köýnejiginiň bir bölegini görüp galypdy. Indem düýşde ýene şol ahwalat... Ulular gelip, soň ony näçe gözleseler-de tapmandylar. Dilliräk heleýler-ä ol tapylmansoň, derýada ýaşap ýören läheň balyklar ony lak-luk garnyna atandyram diýişdiler. Emma beýle däl eken. Gör, nirelerden çykdy... Weý, bu onuň akan derýasy hem däl ahyryn? Bu Murgab-a... Syrderýa diýilýänem onda bir ýerde Murgaba gatylýan bolmaly. Aganazar henizem akyp barýan gyzjagazy halas edip bolar diýen pikirde onuň töwereginde suwa düşüp ýörenlere el bulap gygyrdy. – Tutuň, tutuň-a Nuranany!.. Aganazaryň sesini derýa boýunda duranlaryň hiçisi eşitmese-de, garaz, birazdan ol sesiň bir ýerlerde eşidilendigi welin belli boldy... Ertir irden öýüniň gapdalyndaky ýatakda abşanaklap, sygyr sagyp oturan Hajybike ýeňsedäki almaçylykdan kimdir biriniň sesini eşidip allaniçigsi boldy. – Bu näme boldugykan janlarym? – diýip, geň galyp süýt ýokundysy syrygyp duran ellerini sygryň emjeklerinden aýryp diňşirgendi, töweregine garanjaklady. Sygyr sagmasyny boldum edip, süýtkädisiniň erňeginden tutup durşuna ol sesi ýene bir gezek eşitmek üçin, töweregini gözläp sägindi. Ýöne geň ses soň wagty bilen gulak bermedi. Ol daşardaky ojakda sagyp getiren süýdüni süzüp, gazana guýup durka gapydan adamsynyň pallan çykyp gelýänini görüp, oňa ýüzlendi: – Ekesi, togtap alyň! – Nime? – Almalyk tarapdan bir oglan sesini eşitdim. Ýene-de Isfendiýaryň garagollary aladaň bilen almalary gyrraýtmaga gelen bolmasynlar? – Isfendiýaryň ogullaryndan her poh çykar, deýýusjyklar, hany bir elime düşse bor. Men olary almalarym-a däl, biz tarapa-da gaňrylyp seretmez ýaly ederin–diýip, Tursunbaý eke Isfendiýaryň garagol oglanlaryna käýindi. Aýaly onuň gaharlanyp gidip barşyna ýol ugra ýatan bir taýagy alanyny görüp, gahar ugruna onuň oglanlary gaýgyrmajagyny pikir edip: –Ekesi, birden bir bijaý ýerlerine urup, olary maýyp edäýmäň! – diýibem, onuň yzyndanam gygyryp galdy. – Özüm bileman – diýip, Tursunbaý bedäniň gapdalyndan ötüp, hym baglap, aňyrlygyna almalyga tarap gitdi. Tursunbaý bagy bilen aralykdaky ýoldan geçensoň, özüniň gelýänligini duýdurmazlyk üçin, aýagyny ýokardan göterip, seresap ýöremäge çalyşdy. Onuň Isfendiýaryň ogruja oglanlaryny güpbasdy etjegi çynydy. Ýöräp gelşine-da ol iki oglanyň alma ýaplanyşyp ýatandyklaryny gördi. “Kimkän? Elbetde, Ifendiýaryňkylardyr. Isfendiýaram köp bolansoň, bulaň ugruna-da seredenok. Islän ýerlerinde garynlaryny otaryşyp, ýatyp-turup ýörler. Gije-de sümünişip ýör bular. Agşam gelip, almadan doýup uklar galan bezzatlar diýerler bulara” diýip, Tursunbaý ol ýatanlara hasam öjükdi. Oglanlar onuň golaý gelenini duýmadylar. Olar häzir daňdanyň süýji ukusyna gark bolşup, dünýäden bihabar mysylaşyp ýatyrdylar. – Bular eýsem Isfendiýaryň ogullaryndan başga kim bolup biler? Onda-da aladaň bilen. Tursunbaý eke olaryň ýüz-gözlerindäki garalary görüp, şundan soňra bularyň şol garagol Isfendiýaryňkylardygyna hasam ynandy. Sebäbi olar öňem bir gezek Tursunbaý gyzlaryny almalara göz-gulak bolmaga goýan güni, günortanyň güni ýüz-gözlerine gara şilliň çalşyp, duýdansyz gelşip, olary gorkuzypdylar. Garagol ogullarynyň üstünden arz edende bolsa, Isfendiýar olaryň temmisini ýetirin diýmegiň ýerine: “Aý, jora, keseki almamy alýar diýip gynanma, seniň bäş gyzyň meniň ýedi oglum bar. Çagalar ulalansoň, seniň gyzlaryňy şolara alyp bererin. Onsoň olar-da, almalar-da ikimize-de dahylly bor” diýip, gaýta onuň ogulsyzlygyna begenýän ýaly gürrüň edipdi. Isfendiýar bu gepi degişmä gatyp aýtsa-da, Tursunbaý ekä öz ogulsyzlygyny ýatlap, kemsineni üçin oňa has gaty degipdi. “...Olar bir elime düşse bor” diýip, Isfendiýaryň ýanyndan şonda gaharlanybam gaýdypdy. Ine-de, olaryň ikisi gije gelip, ýeriň giňinde iýip bilen almalaryny iýip, indem uklap galan bezzatlar diýerler bulara. Tursunbaý eke aňyrdan gelşine harsa: “Ha, siziň bir...” diýip, olaryň ikisiniňem gulagyndan tutdy şatyrdadyp. Aganazardyr Ahmet allaniçigsi bolşup oýandylar. Görseler, ine, bir ala donly özbek gulagy gopara getirip towlap dur. Aganazara uky arasynda gulagyndan çekilensoň, Ahmet özüni oýarjak bolýandyr öýdüp: “Wäk, gaty çekm-ow, agyrýar” diýip, bir gygyrybam aldy. Tursunbaý ekäni gören wagty bolsa dyzanyp, onuň elinden sypmakçy boldy. Ýöne Tursunbaý eke olaryň köpden bäri ele salmagy arzuwlap ýören garagollardyr öýdensoň, berjek temmisini bermän, gaýdyp beýle işi etmezlige ant içirmän goýberesi gelmedi. Oglanlar ýerli-ýerden türkmençe gepleşip, özleriniň ýatlygyny mälim edensoňlar, Tursunbaý eke bu bolýan zatlara hasam geň galdy. Onuň boldumly tegelek ýüzünde mähirli hemem ökünç gatyşykly ýylgyrma alamaty peýda boldy. Ol öz ogulsyzlygy bilen bagly endişesini ýatlap, soňam gapysyndan birem däl, iki ogulyň birden geleninden yrym tutup, muňa göwün çaglap, biraz begendem gaýta. Ýat adamyň elinden sypanlarynda oglanlar birbada gaçmakçy bolan hem bolsalar, onuň öz yzlaryndan kowma niýetiniň ýoklygyny görensoňlar bolsa, kürtdürişip aýak çekdiler. Tursunbaý eke olaryň eleşan sypatyny nebsagyryjylyk bilen synlap durşuna: “Kel munda, bola, kel!” diýip, olary öz ýanyna çagyrdy. Ahmetdir Aganazar özleriniň kömre ulaşyp, indem şu ýerlerden gelip çykyşlaryny aýak üstünde oňa gürrüň berdiler. Şeýdibem bular Isfendiýaryň ogullaryna meňzän-de bolsalar, olar däldikleri belli boldy. Tursunbaý eke oglanlary synlap, sürgün-ýeneki bolup, orlup-çapylýan iliň gül ýaly çagalarynyň şeýdip, ýat ýerde synsyramaly bolanlygyna gynandy. Şeýle ýagdaýa duşan çagy ähli gowy adamlarda bolşy ýaly, onuňam kalbynda owsunyp, rehimdarlyk duýgulary peýda boldy. Ol oglanlary öňüne salyp, aňyrdan gelende onuň aýaly henizem dynmazjan halda adamsynyň dergazap bolup giden tarapyna wagtal-wagtal gözläp, ojak başynda otyrdy. Tursubaý aňyrdan gele-gelmäne: – Hatyn men saňa iki ogul tapdym! – diýip, göwnühoş dillendi. Aýal eleşan oglanlara geň galyp seredip, ýakasyny tutdy-da, zöwwe ýerinden galdy. – Ýeri, bular nireden? – Hudaý iberipdir bize. Tursunbaý oglanlar barada gysgajyk mähirli maglumat berensoň, aýalyň ýüzünden biraz geňirgenme alamatlary aýrylyp, onuň gözlerinde mähir alamatlary bilen gözýaş balkyldap göründi. Süýtli gazany görüp, oglanlaryň ikisi ýerden oňa ymsynyşyp, höwes bilen seredişdiler. Aganazaryň aňynda eýýäm mamasy ojak başynda agtyklaryna süýt-gaýmak guýup berip otyrdy. Mamasy gaty nanlary agşam süýde batyryp goýanda dagy olary ertir, doganlaň bilen gaýmaga dolap iýmek, gör, nähili lezzetli bolardy... Aýal biraz özüni dürsänsoň, oglanlar ýüzlendi: – Ata-eneňiz barmy? – Bar. – Bar bolsa, siz olardan gaçyp nirik barýaňyz? Heý, ene-atanyň ýanyndanam bir gowy ýer bolarmy? – Biz gaçmadyk. Otly bizi alyp gaçdy. – Hawa-da – diýip, nämedir bir zatlaryň pikirini eden aýal uludan dem aldy. Soňra oglanlaryň höwes edişleri ýaly hem boldy. Är-heleý öz aralarynda gumrulara meňzeşip, bir-biriniň töwereginden aýlanyşýan ýaly bolşup, “lagul-lugul” howlukmaç gepleşdiler. El-ýüzler mylaýym suwa ýuwdurylyp, eginbaşlar kakylyp, üst-başlar biraz tertibe salnansoň, är-heleý oglanlaryň hersine bir şa käse süýt goýup, ellerine-de nan döwüp berdiler. Ahmetdir Aganazar süýdem, çöregem iki günüň açlygyndan soň howlugyşyp iýdiler. Bir gezek goýlan süýt gutaran mahaly, ýene isleglidiklerini mälim edişip, barmaklary bilen käsäni düýbündäki süýt ýokundylaryny syryp ýalabam goýberdiler. Görer ýaly görgüleri görüp, horlanyp, gözleri höwlenen neresse çagalaryň düşüp ýören günlerini görüp, olaryň howlukmaç nebsewürlik bilen iýip-içişlerine synlan dolmuş aýal şol gyýlyp-gynanyp oturyşyna ýene gözlerine ýaş aýlady. Tursunbaý eke başda birden iki ogul tapanyna begenen hem bolsa, soňra olaryň soňky ahwallarynyň nähili boljakdygy barada, bu ýagdaýa nähili çemeleşende gowy boljakdygy barada oýlananda, ol ýene-de alada galdy. – Eje-kakasy bar bolsa, bular gözlenilýän bolmaly. Ýa sürgün bendiler aç-horluk çekip, biziň çeken derdimizi bular bir çekmesinler diýip, belki, bir gowy adamlara duşarlar diýen niýet bilen, ol dowzahdan bulary gaçyryp goýberiberdilermikän? Gaty döwür boldy bi. Ene-atanyň ogul-gyzyň mährini duýup, gowulygyna guwanyp ýaşamaly döwür-ä bolmady bi... Gaçan bolsa, onda gözlenýändirem bular... Şu pikirlerden soň ol oglanlaryň egnindäki gara-gäz geýimini ýuwdurmaga çykardyp tapdygyndan alyp, olaryň hersiniň egnine bir köneräk don ýapdy. Başlaryna-da bir dört gyraň tahýa geýdirensoň, olar hakykatdanam özbek çagalaryna meňzediler. Daşyndan indi olaryň ýatdygyny ünsli bolaýmasaň, tanajak gümanyňam ýok. Tursunbaý eke oglanlary iýdirip-içirip, ertip gizlinräk görüp, öýüniň gapdalyndaky oraçada ýerleşdirensoň, biraz işden gijä-de galanlygyny ýatlap, meýdana howlukdy. Meýdanda bu günler gyzgalaňly pagta ýygymy dowam edýärdi. Bu döwür daýhan aladalarynyň köpelip, köp el, köp güýç talap edip, uly-kiçini aýaga göterýän pursadydy. Tursunbaý eke aýaly bilen gyzlarynyň ýene birki sany kömege ýaranlaryny hem ýanlaryna alansoň, olary gök eşegini syrtlaşdyryp, öňüne saldy. Myhman oglanlardyr çülpe çagalaryna göz-gulak bolmagy bolsa ol ekabyrragy hasaplap, ýedi-sekiz ýaşly Gülrugsor atly gyzyna tabşyrdy. * * * Öý eýeleri işe gidip, daşlary çolaransoň, garynlaryny otaran ýadaw oglanlar ýene-de uka berildiler. Olar oraçanyň içinde düşen-düşen ýerlerinde uklaşyp galdylar. Haçanda gapdaldaky almalyk tarapdan goh-galmagal agy sesleri eşidilen mahaly hem olar heniz süýji ukuda ýatyrdylar. Bu goh ilki ukusyna sak Aganazaryň gulagyna degdi. Ýöne o-da birbada munuň düýşümi ýa-da huşudygyna düşünip bilmedi. Has dogrusy, ol häzirki pursatda özüniň öýlerinde ýatanlygyna ynanýanlygy üçin bu galmagaly hüjreli obaçylygynyň ortasyndaky giňişlikde oýnaşyp ýören öz deň-duşlarynyň goh-galmagaludyr öýtdi. Hatda ol bu pikire berlip, bile oýnaýan deň-duşlarynyň käbirini göz öňüne hem getirdi. Ýatan ýerinden olary seslerinden tanamaga çalyşdy. Sähelçe başyny göterip, töweregine gözlän wagty ol agy gatyşykly gohuň düýşünde däldigine düşündi. Eşidilýän agylaryň çagalara degişli bolany üçin, Aganazar onuň bilen gyzyklanyp, boýugyp ojak tarapa seretdi. Olar uklamanka ol ýerde Tursunbaý ekäniň gyzlary ýat oglanlaryň öz oraçalarynyň içinde gizlenýän ýaly bolup oturyşlaryna geň galyşyp seredişip otyrdylar. Görse häzir gyzlar ol ýerde ýok, olar töwerekde-de görnenoklar... Tursunbaý ekäniň çagalaryna: “Biz ýok wagtymyz almalykda oýnaň, gara borsuňyz” diýip, sargap gideninden bolsa bular habarsyz. Aganazar turup, oraçadan daşary boýnuny uzadan mahaly, ol ýaňky biraz mundan öňem öz töwereklerinde oýnaşyp oturan gyzjagazlary alma baglarynyň töwereginde iki-üç sany oglanyň ondan bir, mundan bir topulyşyp, gyran-jyran edip ýörenligini gördi. Dessine-de adyny tutup Ahmedi oýardy. – Ahmet, tur tiz! – Hä, näme bar. OGPU-lar gelipmi? – Gyzlary urýarlar. – Kim, hany? Aganazar jogap bermäge-de gyssanyp, almalyga tarap atylyp gitdi. Gözlerini owkalap heniz nämäniň-nämeligine oňly düşünmedik Ahmedem şundan soň, onuň yzyndan eňdi. Tursunbaý ekäniň geýimler guraýança diýip geýdiren uzyn donlarynyň etegi bolsa häzir oglanlaryň yzynda ýelk berýärdi. Garagol oglanlar aňyrdan iki sany adamyň ýumruk düwşüp, donlaryny ýelkildedişip, elem-tas bolup, özlerine tarap ýetip gelýändiklerini gören wagtlary, nämäniň-nämeligine düşünip bilmän, ilki jyrraýlyşyp olardan gaçarly hem göründiler. Yza tesişip üýşendiler. Ýöne golaý gelen wagtlary olar Ahmetdir Aganazaryň hem uly don geýenleri bilenem özleri ýaly oglanlardyklary gördüler. Öz deň-duşlary dagy bolsa, olar ýalylardan obada garagollukda ýakasyny tanadan Isfendiýaryň oglanlary eýmenjekmi!? Olar ilki yza çekilip ugran hem bolsalar, soňra garpyşma höwesi bilen dessine yzlaryna döndüler. Aganazar gelşine, ýas-ýaňy Tursunbaý ekäniň gyzynyň ýakasyndan tutup, idenekleden hüjük saçly oglanyň üstüne topuldy. Ýöne ol hüjük saçlyň ýanyna ýetmänkä ýene bir şoňa meňzeş gapdalyndan peýda bolup, onuň donunyň synyndan çalyp tutmaga ýetişdi. Eger Ahmet wagtynda gelip ýetişmedik bolanlygynda, olar Aganazary duran ýerinde gaňryp basmakçydylar. Oglanlar ýeten-ýeten bilen tutluşyp, garpyşyp gitdiler. Ýaňy ýat adamlaryň özlerine tarap elem-tas bolşup eňişip gelýänlerini görüp, uly adamlaryň öz yzlaryndan kowgy gelýänini pikir edip, gaçylyp ugralanda doganlaryndan has gaty gaçan, Isfendiýaryň üçünji bir ogly hem şu pursatda agalaryna kömege ýetişdi. O-da agasynyň asgynlap barýanyny görüp, Ahmede garşy hüjüme geçdi. Ahmet garşylykly güýjüň artyklygyny görensoň, ýeňse basyp, gaça urşup ugrady. Olaryň haýsy bolsa-da ilki birisini çemesine getirmek üçin, ýeňse çekilip gaçgaklady, amat peýledi. Soňam olaryň biriniň hüjüminden çalasynlyk bilen öwrülip, ikinji birisiniň üstüne süründi. Ahmet her gezek iki garşydaşynyň haýsynyň üstüne sürünse-de, ony eýmendirip, yza tesmäge mežbur etdi. Çemesini alyp depip, haýsydyr birini ilki nagdyn möçükdirmäge synanyşdy. Ýumruk salşyp duran Aganazara ahyrsoňy garşydaşyndan bir ýumruk iýip, onuň bilinden goşarlap tutmak başartdy. Şondan ol dessine obada Allanazar bilen göreşende edýän emellerini ýatlady. Ilki oňa çopan badak salyp, ýeňsä gaňyrmagy niýet edinenem bolsa, garşydaşynyň hem güýjüniň özüniňkiden köp bolmasa, az däldigine göz ýetirip, şeýle bolanda beýle adamyň aňsat gaňyrdyp, çopan badaga gelmeýänini wagtynda ýatlady. Soň ol dyzanyp garşydaşyna ýanbaşlap baryp, birdenem ony syrta çekdi-de, aýagyny ýerden üzüp, özem güpüläp, onuň üstüne gaýtdy. Bu garaşylmadyk emel hüjük saçlyň bir salym äm-säm bolmagyna sebäp boldy. Öz ýeňşi bilen ruhlanan Aganazar soňra onuň üstünde ýeňijilerçe atlaý oturyp, onuň ýaňaklaryna, taýly gezegine şarpyk ýelmedi. Tursunbaý ekäniň gyzy Gülrugsar oglanlar gyzyl ýumruga girensoň eýmenip, jigileri bilen bir tarapa çekilip, indem şol ýerde jigilerini töweregine üýşürip, howp abananyny duýup, jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna alan ene towuga meňzäp, käkeläp-käýinip durdy. Ol Aganazaryň garşydaşyny jylkyldadyp ýykanyny görüp juda begendi. Aganazar garşydaşyna her şarpyk çalanda: – Ekem üçinem uruň bir şarpyk! Apam üçinem uruň bir şarpyk! Meniň üçin-de uruň bir şarpyk – diýip, buýsançly dillendi. Aganazar bir görse, Ahmet bilen iş başgaça. Doganlaryň ikisi aslyşyp, indi ony çekeläp, guşagyny çözmäge, egninden donuny sypyryp tenini ýalaňaçlamaga ýetişipdirler. Iki bolup ýere ýykybam, indem onuň ellerini ýeňsä gaňryp, guşak bilen daňmakçy bolup durlar. Aganazar Ahmediň bu ýagdaýa salnanyna jany ýanyp, öz garşydaşynyň gahar ugruna burnuna ýumruk bilen täzedenem bir gezek malçyldadansoň, Ahmede kömege howlukdy. Ol aňyrdan ylgap gelşine-de tümmekligi bilen doganlaryň Ahmediň goluny gaňryp duran ekabyrynyň üstüne özüni oklady. Badyna-da ony öz isleýşi ýaly, bir tarapa togalap alyp düşdi. Şundan soň Ahmede doganlaryň ikinjisi bilen ikiçäk gidişmäge biraz-da bolsa mümkinçilik döredi. Hyrs çagasy ýaly çakgan Ahmet şundan soň böküp turdy-da, bir silkinende eli guşakly özüni daňarman bolup duran garşydaşynyň hüjüminden sypdy, aýak üstüne galan dessine-de ony urup usurgatdy. Ol depilen garnyny tutup, buruljyrap oturyşyna doganlaryny kömege çagyrdy. Aganazaryň öz göwresiniň bady bilen gapdala alyp düşen garşydaşyna ýene tiz özüni ele almak başartdy. Ol Aganazaryň uzyn donunyň synyndan bir silkip çekende ony hem Ahmedi edişi ýaly, töweregiň gözüniň öňünde ýalaňaçlady. Şonda ol: “Bu-da ýalaňaç” diýibem gygyrybam goýberdi. Şeýdibem bu gidişlik bir pursat ýalaňaçlar hem geýimliler arasyndaky biraz geň, biraz uýatly urşa öwrüldi. Ýalaňaçlaryň şeýdip, ýerli-ýerden täzeden aýaga galyp, hüjüme geçmekleri soňra Isfendiýar ogullarynyň hetdini tanap: – Ýalaňaçlar, ýalaňaçlar – diýşip, ýan berşip gaçmaklaryna sebäp boldy. Söweşe gyzyşan Ahmetdir Aganazar özleriniň ýalaňaçdyklary diňe olar garşydaşlaryny kowalap almaly bagdan çykaransoňlar aň etdiler. Soňam bir-birleriniň ýüzlerine seredişip, uýat ýerlerini tutuşyp, şol ýerde aşak oturdylar. Nädip alyp borkan diýen pikir bilen urşan ýerlerinde galan dondur guşaklara tarap seredişdiler. Gaçyşyp giden Isfendiýar ogullarynyň garasy ýitip, apyla-sapyla sowulansoň, Tursunbaý ekäniň häliden bäri gorkuşyp, oglanlaryň garpyşygyny synlap, biraz haýygan gyzlary ýalaňaç howandarlaryna öz kömekleriniň gerekdigini duýdular. Olaryň biri Ahmediň geýen donuny, ýene birisi Aganazaryň guma bulaşyp ýatan donuny süýreşip getirdiler. Gyzlaryň dört ýaşlyja äm-sämräjigi bolsa: – Ükemme siz? – diýip, Ahmedi hossar tutunyp, onuň elinden tutdy. – Ükeň man! – diýip, donuny geýip, bilini guşan Ahmet hem höwes bilen, gerek bolsa olara ýene arka durmaga taýynlygyny mälim edip, ony jigisi hökmünde mähribanlap, gujagyna göterdi. Gyzlar almalykdan gaýdanlarynda oglanlar bilen yzlaryna dogan-hossar bolup geldiler. Tursunbaýyň öýünde iki sany ýat oglanyň peýda bolanlygy baradaky habar bolsa şol gün oba ýaýrady. Obada muny çen-çak bilen: “Tursunbaýyň hatynynyň Horezmden doganlary gelenmiş. Gepleşenlerinde-de olar biraz düşüniksiz, horezmçe gepleşýämişler. Olar Isfendiýaryň ogruja oglanlarynyňam hakyndan çykanmyşlar. Özleri-de urşulanda geýimlerini çykaryp, ýalaňaç uruşýarmyşlar” diýen gürrüňlerem ýaýrady. * * * Tursunbaý eke ýol boýy hem pagtaly atyzlara ýetip, işine girişensoň hem alada bilen oglanlar barada özüniň mundan soňky etmeli hereketleri barada alada galyp oýlandy. Ol ilki oglanlary görende olary enesiz-atasyz ygyp ýören ýetim çagalardygyny, häzirki döwürde şeýle çagalaryň köpelendigini, obadaşlarynyň ikisiniň dagy hossarsyz çagalary alyp, ogully-gyzly bolup oturanlygyny, öz gyzlarynyňam şeýle agalary bolsa, kem bolmajagyny olary ogul edinmek tamasy bilen pikir ýöredipdi. Olaryň öz aýaklary bilen başga ýere däl-de, hut öz gapysyndan gelmeklerini bolsa ol tötänlik däl-de, hökmürowan Allanyň: “Sen ogul diýip nadyl bolup ýördüň, ine, saňa-da iki sany inerçe!” diýip, özüne al, gulum edenligine ynanasy gelipdi. Ýöne munuň üçin ýene-de ençeme zatlary anyklamak welin hökmandy. Indi gizläb-ä olary öýde uzak saklap bolmajagy belli zat. Iliň gözi-gulagy kän. Biri görmese, beýlekisiniň görjeginiň ujy iki däldir. Onsoň hökümetem eşider. Ol eşitse bolsa munuň yzyny derňew-soragsyz-da goýmaz. Ana, onsoň tersçilem, sürgünden gaçanlary gizläp saklaýan, hemaýat edýänem sensiň. Dartgy-çekgilerden soň ýurt syýasatyna garşy gidýän hökmünde alyp ýatmaklary hem daşda däldir... Tursunbaý ekäniň pikir etdigi saýy barha ynjalygy gaçdy. Oglanlaryň aladasyna berlip, dürli oý-küýleri boýlap ýören Tursunbaý ekäniň soňra işläbem mazasy bolmady. Ol kimdir biri yzyndan gelýändir öýden ýaly, häli-şindi işinden başyny göterip töweregini garandy. Adamsynyň galagop halyny görüp, gyzlary bilen gowaça dörüp, hars urup pagta ýygyp ýören aýaly onuň ýanyna geldi. –Ekesi, näme alada galdyňyzlar beýle? Içi howurly Tursunbaý: –Öýüňde iki sany ýat bolar-da, nädip alada galmajak? –diýip, onuň soragyna sorag bilen jogap berdi. –Näme olar öýi urup giderler öýdýärmisiňiz? Özümize osup, öýi olara goýup gaýdyberdigem-dä... Ha, goňşy Şawkediň garry enesine “Göz-gulak boluň biziň öýe-de” diýäýmeli ekenimiz weli... –Ýok, onuň pikirini edemok. Ýöne bularyň kimdigini, nädip bu ýerlere düşüp ýörenlerini welin anyklasym gelýär. Bilse hökümet näme diýerkän diýibem gorkýan. –Etim-ýesire hemaýat edip, şuny oňaraýypsyňyz-a diýmez. –Ony özümem bilýän. –Hökümet sorasa, bolmasa ýagdaýy bolşy ýaly hem aýtmaly bolarys-da. Öz aýaklary bilen azaşyp-tozaşyp, özleri geldiler diýeris. –Aýdanyň-da öliniň soragyny soraman, derňew-ýeneki etmän, hökümet seniň ýakaňy goýberesi ýok. –Neresseler kömre-hä ýagşy agnan ekenler... Aýaly bu gepi aýdanda Tursunbaýa ol özi bilen göwündeş gopup ugran ýaly bolup duýuldy. Sebäbi onuň özüniňem oglanlaryň demir ýol bilen baglydyklaryny ýatlamak bilen, olaryň yzyny gözlese, şol töwerekden gözlemelidigine aň salyp ugrapdy. Soraşylyp-ideşilende oglanlar anyk bir zat aýdyp bilmändiler. Olaryň: “Biz Türkmenistandan alnyp getirilen adamlar bolup, hüjrelikde ýaşaýarys. Bu ýerden uzakdan derýa-da görünýär. Demir ýolam golaýymyzdan geçýär. Kömür aljak bolubam şu güne düşdük...” diýşip aýdan gürrüňleri bolsa olaryň nireden-nähili bolup, bu ýerlere düşüp ýörenligini anyklamak üçin ýeterlik däldi. Gapdaldan demir ýol geçýän, töweregi derýaly oba gytmy bu ýurtda, ýeri, olaryň haýsy biridigini sen näbiljek onsoň? Oglanlaryň ykbaly barada oýlananda bu meselede özüne bolmanda belli bir derejede kömegi degäýjek adam hökmünde demir ýol wokzalynda işleýän obadaşy Reýimbaý onuň ýadyna düşdi. Tursunbaý wokzalyň üstünden otly baryny geçirip, ýedi ýoldan habarly, ähli zatdan gulakly ýerdigini pikir edip, oglanlar barada anygrak bir zatlar bilmäge onuň kömek etjekdigine göwün ýüwürdip, tama edýärdi. Dogrudanam, oglanlar barada şu töwerekde biri bir zat bilýän bolsa, şol Reýimbaý bolaýmalydy. Üstesine-de, oglanlaram kömür bilen ýakalaşyp, şonuň üstünden geçen otlularyň birinden gelip düşen bolmaly. Tursunbaý eke soňam ynjalyp bilmän aýalyna: “Brigat beýleki gelip sorasa aýt, düýnden bäri ötle tutup heläk edýär, tebibe görünmäge gitdi diý! Tiz geler diý. Işem gyzlar bilen özüň gaýrat ediber!” diýip tabşyrdy-da, ynjalyp bilmän, janyny barlamak üçin ümsüm-kümsüm şol ýerden eşegine atlandy-da wokzala gaýtdy. Tursunbaý eke eşegini wokzal jaýynyň beýleräginde iltäp, obadaşy Reýimbaý ekäni gözläp gelen wagty, ol töweregiň çolaranyny görüp, ýakynda ýolagçy otlusynyň bu ýerden mündürip bilen ýolagçysyny mündürip, düşürjegini düşürip, geçip gidenligini çen etdi. Tursunbaý eke rugsat sorap, Reýimbaý ekäniň işläp oturan jaýyna giren wagty onuň demir ýolçy papagyny gapdalynda goýup, stol başynda derçigip, çaý içip oturanlygyny gördi. Reýimbaý eke bu wagt ertirden bäri ugratmalysyny ugradyp, garşylamalysyny garşylap, teşneligini gandyryp, çaýyň barha ýiti duýulýan mazasyna berlip otyrdy. Reýimbaý eke Tursunbaý gelip, elindäki düwünçegini gapdalda goýandan turup baş egip, onuň bilen gadyrly salamlaşdy. Gysgaça hal-ahwal soraşyp, gysganybrak içip oturan çaýyndan oňa-da bir käsä sehelçe guýup uzatdy. – Aý, üke, siz munda görnüpsiňiz? – Golaýdaky Hudaýar begiň harazyndan bir habar alaýyn diýdim. – Işleýärmi ol? – Işleýär diýen bir gürrüň gulagym-a degdi. Täze hökümet şony özüne alyp, eýe duraýan ýaly-la. – Eýe bar bolsa, işleder ony. Ol Sowetden gaçyp, Owgana çykaly bäri dur-da ýogsam-da ol işlemän. Eýesiz zatda nyrh bolýarmy? – Harazsyz kösenip ýörüs-ä. Oňa gidip, muňa gidip haraz gözläp ýörüs-ä, ýogsam golaýymyzda haraz barka hezil edäýýädik. “Özüňde ýok– älemde ýok” diýleni. Indi bolsa bir ýugrum un geregem bolsa, el degirmen bilen günemma edinmeli. Onda-da uzakly gün çaýkanyp-oýkanyp, dert-azar bolup üwäňde-de, iki ýugrumlykdan köp un edinip bolýarmy? Reýimbaý eke hem ony makullama bilen baş atyp, harazly gürrüňe berildi. Şol arada Tursunbaýyň gözi gapdaldaky stoluň üstünde ýatan tahýa düşdi. Ol bu tahýa bolsa-da bu öwräniň adamlarynyň geýýän tahýasyna asla meňzemeýärdi. Ol haýsydyr bir haly böleginden edilene meňzeşdi. Tursunbaý şeýle tahýany şol öz gapysyndan gelen oglanlarynyňam biriniň başynda görüpdi... Hä, indi hemme zat düşünikli. Bu şol oglanlaryň beýleki biriniň ýitiren baş gaby bolmaly. Tursunbaýyň howatyry artyp, ýüreginiň urgusy artdy. Reýimbaý onuň tahýa bilen gyzyklanýanyny görüp: – Hä, olmy, ol-da baş gaba meňzeş... – Men-ä bedenemikän diýdim. – Dogry, jansyz ýatan bedenä-de meňzemän duranok. Ýöne ol bedene-de däl, sedene-de. Iki sany sürgün ýerlerinden gaçyrylyp goýberilen oglanlaryň biriniň tahýasy. – Gaçyp nirä gitjekkän olar!? – Aý, kim bilýär. Iki-ýeke uludan-kiçiden gaçýan-a bar öz-ä. Nirik gaçsyn? Gaçsa yzyna –ýurduna gaçýandyr-da. OGPU häzir hemme ýerleri aýak üstüne göterdi. “Iki sany gaçgak barýar, ýük wagonlara ilişip” diýen habar-a bize düýn geldi. OGPU işgärleri düýn uzakly gije çyra tutup, şolary gözledi tutjak bolup. – Tutsalar näme ederler? – Adamçylyk etseler-ä, yzlaryna ibärler. Ýogsam-da ene-atalary bilen gabarlar türmä. – Gaçdy diýmeseň, türmä salar ýaly, ol neresseleň etmişi näme? – Bu gaçanlaryň ene-atasyn-a OGPU eýýäm gabanmyş. Oglanlar tutulmasa, olaryň haky türme. – Tutular, nirä gitsin tutulman?.. – Eýýäm gündiz yz tapyldy. Öz-ä aýak biziň oba tarap ýöreýär. Gözlenýändiklerini bilip, olar wagondan düşüp gaçan bolmaly-da... – Gaçyp nirik gitjeklerkän? – Bu ýerden öwrülip geçip, ýene bir oslanylmadyk ýerden otla daklyşmaklary mümkin-dä... Reýimbaý eke soň ýene stoluň üstünde ýatan tahýa tarap öwrüldi. – Şol tahýa-da şolaryň aýak yzlarynyň töwereginden tapyldy – diýip, yňan tarapyna sähelçe baş atdy. Şu gürrüňden soň, Tursunbaý eke oglanlar öz pikir edişi ýaly, eýesiz ýetim-ýesir däldiklerine, ogul edinmek hyýaly bilen bagly gizlinlik bilen edýän arzuwynyň başa barmajagyna, gaýta olary mundan artyk saklasa, döwletiň gözleýän adamlaryny gizläp saklany üçin, özüne hem gep geljegiň ikuçsuzlygyna “Gazançynyň haky bar, nireden gulak çykarsa” edip, eger mundan OGPU-lar özüni döwlete garşy işleýänden edip görkezseler, jürüniň dikilmeginiň mümkinligi baradaky pikirler ony ýene-de haýykdyrdy. Tursunbaý eke şundan soň oglanlary gizläp saklap bilmejegine düşündi. Şol gözlenýän oglanlaryň öz öýündeligini obadaşyna aýdyp, indiki etmeli hereketiň maslahatyny hem onuň özüne saldy. Düwünçekläp öz çagalary üçin alma getiren Tursunbaýa minnetdar bolup oturan Reýimbaý eke, oňa bu ýagdaýda nähili hereket etmelidigini, olaryň özüne garasynyň ýokaýmagyndan nähili goranmalydygyny jankörlerçe maslahat berdi. – Tursunbaý, sen häzir şu ýerden git-de, çagalary getir bu ýere. Men OGPU habar ederin. Olaryň öýüňe baranlygyny, seniňem hökümete tabşyrmak üçin bu ýere getireniňi aýdaryn. Oglanlaram saňa diýişleri ýaly, goý, “Kömür almak üçin mündük, otly ugrady, düşüp bilmedik” diýsinler. Şeýle diýseler, olar ata-eneleriniňem ýüküni biraz ýeňlederler – diýip, oňa bu meselä OGPU-nyň dogry düşünmegine, özüniňem kömegini gaýgyrmajaklygyny mälim edip, dostlarça maslahat berdi. Reýimbaýyň ýylanyň adyny tutýan ýaly, biraz çekinibräk aýdýan bu zatlary ýöne ýerden däldi. OGPU-nyň zulum-derdi halkyň durmuşyna ýylan bolup aralaşypdy. Bu zatlary görüp-bilip ýörkäň, baý-kulak diýlenleriň maşgalasyna garaşyk etmek, OGPU-nyň ýigrenen toparynyň degirmenine suw guýmak boljagy sähel aňylsa, olaryň muny şeýle hasap etjegi ikuçsuzdy. Şonuň üçinem ol oglanlary öz öýünde galdyrmagyň boýna çolaşan ýylan bilen oýun eden ýaly howp-hatarlydygyna anyk düşündi. Tursunbaý lapykeç bolup, ýeňsesini tüňňerdip yzyna gaýtdy. Ol şol ýerdenem oglanlaryň öýünde bilniksiz ýerde oturanlaryny, olary iş işden geçmänkä, Reýimbaýyň maslahat berşi ýaly, wokzala äkidip tabşyrmagy makul tapdy. Oglanlardan aýryljagyna gynanyp, oba çenli eşegiň üstünde küýkerip, ahmyrly oý-pikirlere berlip gitdi. Ýöne Tursunbaý eke oglanlardan näçe tiz dynsa, kem däldigini bilse-de, ol gelşine bada-bat olary eşeginiň öňüne salyp, tabşyrmaga alyp gidibermäge gyssanmady. Özleriniň gelmekleri bilen özüni birden iki ogully bolan ýaly edip begendiren oglanlardan, bu ýakymly pursatdan aýrylasy gelmedi. Ol aýaly işden gelensoň, ýörite nahar bişirdip, uzakly gije oglanlary tapdygyndan iýdirip-içirip hormat etdi. Diňe şondan soň olara iýer-içer ýaly zatlar, torbalap alma berip, eşegine syrtlaşdyryp, wokzala alyp gaýtdy . – Komsomol seniň ýaly edermen ogly öz hataryna kabul etse, elbetde, mynasybetlik gazanar... Ol soňra Ahmediň arkasyna kakyp, oňa atalarça sabyrly bolmagy maslahat berýär. – Zeleli ýok, oglum. Entek başyň ýaş. Sen duşmany gyryber, şeýt-de gyryber. Hany ilki ony ýeňeliň, onsoň ýeňiş ähli zady öz ýerli-ýerine goýar... – diýýär. Komandirleri Ahmedi Sowet Soýuzynyň Gahrymanlygyna mynasyp hasap etseler-de, oňa ýene-de kulak tagmasynyň päsgelçilik döredenligi belli bolýar. Oňa gahryman ýyldyzynyň ýerine “Şöhrat” ordeniniň 1-nji derejesi berilýär. Üç derejeli “Şöhrat” ordeni. | |
|
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |