14:07 Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy | |
* * * Gün öýläne sanyberende Kymyş duzçy eşegine iki halta saman ýükläp, bugdaý ýerinden gaýdyp geldi. Dänesi alnan-da bolsa, ol ýeriň samanyny hemişeki edişleri ýaly, onuň oglanlary: “Mallar muny gyşda bal bolanda iýerler” diýip getirip, kümä basyp, bitelik etmäge ýetişmändirler. Ýogsam muny etmäge wagtam bolupdy, ýöne sürgün bolmagyň abanyp gelen howpy onuň oglanlarynyň elini işden sowadypdy. Saman bugdaý ýerlerde üýşürilip, depe edilip, üstüne başy bozulman şemal, ýenekide tozman durar ýaly edilip, ulurak keseklerden, toraňňydyr ýeneki agramlyklar atylyp goýlupdy. Gerek bolsa, soň äkideris diýlipdi. Belki, Kymyş duzçy samanyň ugruna entegem çykmasa çykmazdy. Käte ýadyna düşende hem ol öz ýanyndanam: “Güýzegräk ýagyn-saçyn başlanmanka, onuň ugruna çykaryn-da” diýip, oňa oňly geleň etmän ýördi. Kymyş duzçynyň oglanlaryna degişli pagtany şol alnyşykda hata ýazyp, onuň döwlete geçýänligini gojanyň düwnesini üzmek üçin özüne aýdypdylar. Şu günden beýläk pagtanyň suwy, otagy bilenem işi bolmaly däldigini hem oňa duýdurypdylar. Ýöne gojanyň oglanlarynyň azap baryny siňdirip ýetişdiren pagtasyndan düwnesini üzesi gelmändi. Tutmaly däl diýilse-de, onuň suwunam tutupdy, agtyklary bilen otagyny hem otap, çyrpym işlerini-de öz wagtynda geçirip, oňa bolan yhlasy artdyrmasa kemmändi. Kymyş duzçynyň özi indi köplenç pagta üstüne agtyklary bilen bile çykýardy. Sebäbi ol iş başynda görünse, ýetişdiren hasylyna dawa salýanlaryň aňsat öz töweregine gelip bilmejegini bilýärdi. Goja ol ýere her baranda agyn goza bolup oturan pagtalary görüp: “Bu ýyl pagta-da gowy boljak” diýip, oňa guwanyp, buýsanyp ýördi. Käte aňynda özüni aýalydyr agtyklary bilen ak patrak bolup açylan pagtaly atyzda görüp, “Ha, gelinler dagy bolan bolanlygynda muny diýseň gowulap ýygardylar... Ogulbike gyzymyň ýygşy çalarakdyr welin, ýöne mamasy bilen Akjagülüm ýanynda bolsa, o-da görer, öwrener, howlugyp ýekeçigit edip, übtük galdyryp gitmez. Ünslüjedir meniň oglantap gudamanja balam...” diýibem söýünçli oýlanardy. Emma şol gezek alnyşykda däne ýeriň gürrüňi bolaýmaly bolsa-da, ol bolmandy. Şonuň üçinem goja bomanda bugdaý ýerim-ä özüme galdy hasar edip: «Ýeri, bu adamlaryň pagtasyny al, öýüni dök, eýsem nä adamlar aç ölmelimi?” diýibem ýördi. Olaryň şol wagt bugdaý ýeri hakynda hiç zat diýmezlikleri gojada gidenleriň yzyna talaň salyp ýören organ işgärleridir Ýagdy kemsidiň meseläniň şu tarapyny hem hasapda saklanlygyny, maşgalanyň çykgynsyzlygyny göz öňünde tutup, nebisleri agyryp goýandyrlar diýibem özüne osup, pikir edip ýördi. Şonuň üçinem Parlaň baýyň oglanlary Gully emindir siziň bugdaý ýerleriňize eýemsirenişip, çilini düzläp-täzeläp, ders döküşip ýörler diýip aýdanlarynda, ol birbada muňa ynanmandy. Ýöne şol günler haýsydyr bir märekä baranda ol Parlaň baýyň özünden oýtarlaýanyny welin aňdy. Asyl bu günlerde bir erbetlik bilen bagly gürrüň bolsa, onuň aňsat ýalan bolýan wagty ýokdy. Parlaň baýyň gaçgaklaýanynyň sebäbi, elbetde, düşnükli. Kymyş duzçynyň garşydaşlary bilen göreşmäge ýagdaýy bolmasa-da, onuň dili bardy. Duşmançylyk, basdaşlyk edýän adamlar hemişe onuň diline düşmekden, degnasyna degjek agyr gepi eşitmeden ýaýdanýardy. Beýdip aýagy basylanda Jüneýit han ýaly adama: “Aý, ýalbar-ýakar edip oturandanam bir han bormy, ýör, tur gitdik!” diýip bilen adamyň seniň Ýagdyňdan, prokuroryňdan çekinip durmajagy belli zat. Oňa belet adamlar onuň gaharyny getirseler, ondan bir içden çykmajagyny eşitjeklerini gowy bilýärdiler. Kymyş duzçy ata-babsynyň yhlas-azaby siňen bu toprakdaky muňa buýsanmak belli bir derejede hem eýemsirenmek bilen, il derdine ýarap, ynam-ygtykatly elkin başaýardy. Parlaň baý baýlygyna, Ýagdy ýaly arkasy barlygyna seretmezden, näçe syr bermediklige salsa-da, onuň Kymyş duzçudan hemişe sussy pesdi. Gyşarylyp sähel bir zat diýäýse hem ondan bada-bat gaýtargysyny aljagyny gowy bilýärdi. Ýakynda şeýle märekeleriň birinde gürrüňden gürrüň çykyp, kulak ýerleriniň kolhozçylara paýlanylýany hakda gep çykanda onuň duzçyň çetine degenligi belli bolupdy. Ýüregi çişen goja ähli erbetlikleriň bir gyrasynda görýänligi üçin gaýpynman, Ýagdy şuranyň üstünden inipdi. –Aý, hawa-da, iti urup, ýerinde ýatyp ýören gul ile aga bor-da, gowulyk bormy? Ýöne her kim gelende sürmeli-dä, munuňkam geldi-dä häzir. Onsoň onuň gözi ýer görermi? Soňam ol Parlaň baýyň kimdir biri bilen gürleşenden bolup, diýilýän zatlary eşitmedikden bolup oturan tarapyna gözüni süzgekledip, oturanlaryň arasyndan gep eýesini gözleýäne meňzäp: –Ýykylan öýüň zady ýykyljak öýe bararmyş – diýibem ol bir gün bu döwran sizdenem geçer diýen manyda suňşuryp, içini sowadypdy. Parlaň baý eşitmedikden, bilmedik bolaýmakdan başga alaç tapmandy. Eger Ýagdyny gudasy hökmünde goraglap çykyş edäýen ýagdaýynda hem munuň duzçynyň oduna pahal atylan ýaly, örç alyp, mundanam agyr gepleri aýtjagyny, onuň bu edilýän zatlara jany ýanyp ýörenini bilýärdi. Onsoňam bu gepleri aýdýan Kymyş duzçy bolsa-da, onuň aňry-düýbi halkyňkydy. Munuň şeýle bolmagy bolsa Ýagdynyň tarapdarlaryny oýlandyryp, belli bir derejede eýmendirýärdi. Emma Ýagdy welin indi gün-günden özüne ynamly öz hereketleriniň täze hökümetiň ýolbaşçylaryndan makullama, ençeme ýagdaýda buýsanç döredýänligini duýup, öz pikirindäki bolşewiklerçe gaýduwsyz, tarhan, hökmürowan hereket etmäge çalyşýardy. Kymyş duzçynyň bugdaý ýerinde galan samanyny öz çak eden wagtyndan öň çekip ugramagyna hem onuň ondan-mundan gulagyna degen şu zeýilli gürrüňler sebäp bolupdy. Goja saman ýükli eşegi bilen howluda peýda bolandan Akžagüldür Jemal mama ony görüp, hersi ýüküň bir tarapyndan gelip tutdular. Depilip dykylyp ýüklenen ýüküň ortasynda küýkeribräk ýüzüne gylçykly çaň syradyp oturan goja eşekden düşmäge kömek etdiler. Yzyndanam eşegi gapydan ilerräk sürüp, şol ýerde ony öňden duran saman üýşmeginiň gapdalynda üç bolup gaňňadan agdardylar. Kymyş duzçy egnindäki saman owuntgyklarynyň galan-gaçanlaryny çöpläp aýryp, ardynyp-kakynyp durka eşegi ýatagyna daňmaga alyp barýan Akjagüle: “Gyzym, eşegiňe-de bir gysym saman ataweri!” diýdi. Akjagül bor diýen manyda ilki baş atsa-da, soň ýagdaýy ýadyna düşürip babasyna: “Baba, bersegem munyň saman iýenog-a” diýip, soragly nazar bilen babasyna seretdi. – Iýmese iýmedigi bor-da. Men onuň her naharyna ýüpek gulpakly höjegöldiri nireden tapaýyn? Soňam ol aňyrdan el-ýüzüni ýuwdurmak üçin kündüge suw salyp gelen aýalyna ýüzlendi: –Hany, heleý, ol urşak gyzyň görnenok-la? –Wah-ýeý, ýaňy, Kümüş gelin gelip: “Mamasy, gyzyňyz sallançak yrap bersin!” diýip alyp gitdi. Bally iki-üç sany öz arakylaryny yzyna düşürip gelipdir. Içjekdirler maňlaýy garalar. Nahar-şoruň ugrunda bolup, Kümüş gelniň çagasyna eli ýetýän däldir. Goja daş işikde donuny silkip, içerik girensoň, içerde öz oturýan ýeriniň gapdalynda demlenip, basyrylyp, depesine käse düňderilip goýlan çaýly çäýnegi görüp kanagat tapdy. Ol suwsapdy. Agzy taplap kepäp durdy. Ýolunda ýap gabat gelse-de, çaýa ýetirin diýip, çig suw içmändi. Onsoňam ol özi ýaly çaýhoryň suw içende-de, aňsat teşneligini göwnejaý gandaryp bilmejegini bilýärdi. Çaýyň ilkinji käsesini ol howlugybrak, dodagyny ýakybyrak içdi. Birazdan daşarda bir hümürdi bolan ýaly bolmagynyň yzysüre Jemal mama iki gyzy bilen käýinjiräp, içerik girdi. Goja agtygy Ogulbikäniň gözünde gözýaş gören mahaly kimdir biriniň onuň göwnüne degenligini çak etdi. –Näme boldy, balam? – diýip, aladalanyp sorady. –Baba, biziň Bally akgamlara eltip ýygnan ýorganlarymyz bar-a, ana, şony Kümüş gelnejem ýumşak bolsun diýip, gatlap myhmanlaryň aşagyna düşäpdir. Ol artyplaram ädikli-zatly otyrlar şolaryň üstünde, ädikleriniň garasyny süýkäp... Enemiň maňa diýip köpän şahy ýorganynyň üstünde oturan dagy wagtal-wagtal agzyny süpürip, eliniň şire-beýlekisinem oňa çalyp otyr... Kymyş duzçynyň agtygyny köşeşdir ýaly bir zat diýesi geldi. Soňam: “Bally bilen özüm gürleşerin, balam!” diýip kanagatlandy. Olaryň hemmesiniň aňynda şol pursatda Ballyňkyda arak içişip, wakyrdaşyp, hezil edip keýp çekişip oturan adamlar peýda boldy. Şol arada eserdeň gözläp, Akjagül Ogulbikäň düwülgi ýumrugyny tutdy. –Maňa-da bir dişlet-dä, gyz? –Kümüş gelnejem ony maňa berdi – diýip, elindäki gant bölegini bölüşesi gelmedik Ogulbike kejirlik edip, ýumrugyny arkasynda gizläp, yza çekildi. –Beräý, gyzym, şoňa-da bir minnaly, ýogsam damak bor – diýip, Jemal mama-da Ogulbikä söýünç bilen ýüzlendi. –Näme ol – diýip, onýança Kymyş duzçy hem agtyklarynyň hytdy-pytdy gepleri bilen gyzyklandy. Jemal mama: –Wah-ýeý, ýaňy Kümüş muňa bir tokga gant beripdir. Dadaýyn diýse, Ogulbike-de: “Kijijek, özüme-de az” diýip, muňa bermejek bolýar. Ir ertir Bally kepretilläp gelipdi. Gant dagy gelendir-dä? –Hawa, mama, gelipdir. Juma çaýhoryň ogly Hakam alyp gelýän eken – diýip, Ogulbike ýene dillendi. Toýa niýetlenilip köpelen täzeje ýorganlaryň ädikli aýak bilen depgilenýänligi, gant iýesi gelen agtyk-gyzlarynyň gürrüňleriniň Kymyş duzça täsir edenligi, onuň ata-eneden aýra düşen göwnüýarym çagalaryna nähili-de bolsa teselli berjek bir zat edesi gelenligi belli boldy. Ol sähelçe baş atyp, Jemal mama ýüzlendi: –Heleý, sandygyňy aç, hol günki beren pulumy al bäri!– diýdi. –Näme etjek ony, oňa keprtile keresin gelende alarys diýmedikmi? –Keresini-de Hudaý bir ýerden ýetir. –Hudaýam soňky döwürde bizi goldap ýadady öýdýän, äkitmese getirýän zady ýok. –Eri, ýeri, Hudaýyň işine goşulmak saňa galypmy indi? Edýän zatlary bähbidedir, belki, enşalla. Näme edýänini onuň özi senden gowy bilýändir. Toba et, akmak heleý! –“Jany ýanan Taňrysyna gargar” diýilmänmi näme, menem bir jany ýanan-da... Jemal mama sandyga ýönelenden gyzlarynyň ikisi iki ýerden topulyşyp onuň gyrasyndan göterişip, mamalaryna sandykdan akja mata dolanan puly almaga kömek etdiler. Hemişe kepretile gant gelenini eşitse-de, muňa ol oňly üns bermezdi. Gaýta aýaly: “Gant gelipdir, bulaňam dalbynyşyp dur, birki düwür alaýsak” diýende, Kymyş duzçy: “Hany alaýar-a puluň barmy, heleý, öýde sök bar, kak bar, erik kişdesem, heý, şulardan gowam zat bormy?” diýerdi. Jemal mama barja puluny Ogulbikäniň eline berip: “Bar, balam, şu puluň ýetenine sizem gant alnaýyň!” diýip, ony kepretile ýollady. Puly eline alyp, gant iýjegine begenen Ogulbike iki bökende taýzaryp öýden çykdy. Indi ulaldygyça gelmek-gitmek bilen bagly öýden daşky işler az buýrulýan Akjagül oňa garaşyp, öýde galdy. Il deňinde gant alynjagy baradaky pikir bir pursatlygam bolsa, maşgalada kyn ýagdaýyň aňyrsyna çykylan ýaly gowy duýgy döretdi. Ogulbike gant aljagyna begenip, towsaklap kepretile gelende bu ýerde nobat bilen gant satylyp durdy. O-da aýallaryň arasyna goşulyp, süýjä nobata duranlaryň biri boldy. Hardat kepretilçi Ogulbikäniň gelip, gypdyklap gant nobatyna duranyny gören wagty gözüniň gytagyny aýlan hem bolsa, oňa üns bermedikden boldy. Içinden bolsa: “Kymyş baýlaryňam şura hökümetiniň gandyndan iýesi gelen ýaly-la” diýip nägile oýlandy. Ogulbikäniň nobaty ýetiberende duranlaryň arasynda: –Kepretilçi, bize-de ýetermikän? –Ýarym halta ýalyrag-a bar. –Aý, onuň kime ýeter. –Ertirden bäri satyp durus-da. –Azyrakdan bereweri bize-de dadymlyk ýeter ýaly– diýen ýaly aladaly nägile gürrüňler çykyp ugrady. Howalanybrak gant çekip duran Hardatyň gapdalynda bir agaç ýaşşigiň üstünde Parlaň baý otyrdy. Ol Ýagdy şuranyň gudasy hökmünde tanalyp, obada bir kesdi degäýmesin diýlip howatyrlanylýan adamdy. Ol şol ýaýkanybrak oturyşyna Hardat bilen maýda-maýda gep alyşýardy. Has dogrusy, Parlaň baý hökümetiň çölde, kölde alyp barýan işlerini göwünjeň makullama bilen janköýersiräp gepleýärdi. Hardat gant çekip berip, hasaplaşyp durşuna baş atyp, onuň sözüne hä berýärdi. –Bu täze hökümetiň ediberşini gör-ä, nepýag diýseň, nepýagyň gelip dur, gant diýseň gandyň. –Gurşunly çaýyň, wagtal-wagtal üstüňe gelip dur. Öňki döwür ýaly ýol söküp, bazar-beýleki diýip gitmeli däl. –Ýurt basmaçy, kulak-sulaklar bilen bellisini etse, munuň sahawaty hasam artar. –Şeýle boljagy häzirden bildirýär. –Bolar, Parlaň aga. Ine, gant beýlekini wagtal-wagtal ugradyp durşuny gör-ä munuň... Şol arada garaşylmadyk ýagdaýda gamçysyny gysymlap, jigidini yzyna düşürip, Ýagdy kemsit hamala aýaklarynyň üstünde bökýän ýaly bolup, dogumly-dogumly ätläp, kepretile girdi. Ýaşkiçiler ýerli-ýerden oňa salam berdiler. Ýaşulular baş atyşyp, oturan-duran ýerlerinden onuň bermedik salamyny aleýk aldylar. Kepretil jaýy ýeke äpişgeli bolansoň, gündizligem bolsa, oňa ýagty ýeterlik düşmeýärdi. Şonuň üçin daşardan gelip giren garaňkyrap duran alagaraňka düşýärdi. Ýagdy gapynyň öňünde aýak çekdi-de, nazaryny alagaraňka öwrenişdirip durşuna töwereginiň habaryny almak üçin garanjaklady. Sähelçe baş atyp, berlen salamy aleýk alandan bolup durdy. Toparyň yzragynda adamlaryň depesinden gözläp duran obada Sähet mahluk diýlip tanalýan adam gandyň azalanyny eşidip, özüne ýetmez öýdüp nägile bolup durdy. Kemsidi görüp, ol ony özüne hossar tutunyp gepledi. Kolhoz agzasy bolup ýörenligine seretmezden, özüne gant ýetmeýänligini aýdyp, oňa arz etdi. Şundan soň onuň hoňňy-soňňy edip aýdan gepiniň ýeneki gep-gürrüňlere bat berip goýberenligi belli boldy. Onuň gepini eşidip, elek ýüz Paýzy galyň dodaklaryny aýasy bilen sypap goýberip ýaňsyly gülümsiredi. “Kemsit, Hardatda ýolbaşçylara niýetläp goýanam bardyr-la birki halta” diýip, şonam çykarsa, hemmelere-de ýeter diýen hörpde oňa ýüzlendi. Mahlasy, güman astyna alnan Hardat çeti gyzyp, duran ýerinde bu gürrüňi aýdandan nägile boldy. –Paýzy, geplemeli diýse, senem bir zat diýip goýberýäň-ow, jora! Hany geç meniň ýanyma gizlenip goýlan zat bolsa, gör! –Mönsüremeseneý, Hardat. Men tanaýan-a seni. Käşgä seniň kimligiňi tanamaýan, bilmeýän bolsam. Seniň çagalaň, agaň çagalary haçan görseň, gant ketirdedip, oňatja zatlar iýşip ýörler. Size näme ol zatlar asmandan dökülýämi, eýsem? –Bal tutan barmagyny ýalar – diýip, märekeden şol arada ýene-de biriniň beleň beriji gepi eşidildi. Hardadyň güman astyna galyp, tüýsüniň üýtgeýänini görüp, Paýzy öz gepini hasam teýenneledi. –Wah, barmagyny ýalap goýsalar-a boljak-la, ýöne bular bally çelege gollaryny tutup sokup, soň ony tirsegine çenli ýalaýarlar-da bular... Hardadyň götinogry tutulyp, gepe galyp barýanyny görüp, Ýagdy şura onuň bir tarapynyň indi özüne-de kölege salyp barýanyny duýup, urdurylyp gantly gürrüňiň arasyna goşuldy. Hökmürowanlyk, badyhowalyk bilen ol bu meseläni, duran adamlaryň indi şundan soň kepretilçä gizletmän, ähli gandy satdyr diýip pikir edişiçe däl-de, başgaça çözdi. Ol başyny howada gezdirip, mähelläni syndan geçirensoň, kepretilçä hökümli ýüzlendi: –Kepretilçi, Sähet mahlugam bolsa onuň şu gepi dogry. Ýekebaralar, baý-kulak syrkyndylary biziň bilen kolhoz gurmakda ýok, Sowetiň işlerine gatyşmakda ýok, onda olar, goý, oň gandynam iýmesinler. Soň ol seljeriji nazar bilen ýene märekäni synlar:–Gully eminiň agasy Soltanýaz, Gurban lükge, Haýty kel, sizem ýekebara, özleriňizem ýurduň otuny iýen, suwuny içen mallaryňyz üçin salgydam az töleýäňiz, çykyň märekeden, size gant ýok. Ady tutulan adamlar şundan soň eşidiler-ýeşidilmez hüňürdeşip, iki-ýekeden daş çykyşyp ugradylar. –Narly guluň ogly ile baş bor-da agzyň süýjärmi!? Siz bir bizsiz gant iýip, bal günüňize batyň, häý, işigaýdan täze hökümet munuň ynam edýän adamlarynda derek ýok!? Parlaň baýa otyr, ana, onuň-a adyna tutaýanok. –Parlaň baý ýaly senem inileriniň birine onuň bajysyny alyp berip gaýyrdan bolsaň, saňa-da degmezdi. Bu mahala çenli Ogulbikäniň nobaty süýşüp, gant çekip berip duran Hardaty alkymlap barypdy. Öňündäki alyp duran hasaplaşyp aýrylsa, gezek onuňkydy. Hatda ol eýýäm gant salmaga getiren ak süzek haltasyny hem taýynlap, onuň agzyny-da açypdy. Indi bir gysymynda gaty gysyp duran mamasynyň gaçyraýma diýip, sargap berip goýberen puluny kepretilçä uzadaýmak galypdy. Ogulbike eýýäm hyýalynda gandy aňyrsyna geçirip, ony eltip, iş bitiren adam bolmak üçin gumak ýoluň etegi bilen ýelpep, öýlerine ýetibem barýardy... Şol barmana-da adamlaryň hemmesini abaýlap, kowarly bolup, mähelläni gözden geçirip duran Ýagdynyň gözi gant çekdirip duran Ogulbikä düşdi. –Eri, sen nämä dursuň, Kymyş yňdarmaň agtygy!? Ataň-eneň sürgün bolany bilen kulaklykdan dynandyryn öýdýäňizmi? Berme şoňa katymudam hiç zat. Bar, ýok bol, özüňem gözüme görünme şu ýerde! Soňam ol Ogulbikäniň gant salmak üçin agzyny açyp, häzirlän haltasyny gahar ugruna penjeläp duran ýerinden kakyp aldy-da, ony eliniň tersi bilen gapa tarap yrgadyp goýberdi. –Bulaň ýumruk ýalysam diýeniňi etmän garşylyk görkezjek! Ol gaharlanyp düwlän wagty Ogulbike haýygyp, yza çekildi. Nätjegini bilmän, gözüni balkyldadyp, haraý gözläp töweregine gözledi. Kemsinip egnini gysdy. Adamlaryň arasynda nägilelik döräp hyşy-wyşy köpeldi. –Weý, Ýagdy şura, bolşuň nähili seniň, ýüregini ýarjakmy ýumruk ýaly çagaň! – diýip, uzyn boýly syratly ganda nobata duran aýal Ogulbikä hossar çykyp, onuň arkasyny aldy. Ol Nurjuma başlygyň aýalydy. –Seniň ýeňibilmeziň asyl şular bolaýdy-la. Ýeri, sen olardan näme ýamanlyk görenmişiň, bizemä şu obada ýaşap ýörüs, olaryň size näme ýamanlyk edenini bilemzok? – diýip nägile gepledi. Soň ol götinjekläp, gapydan çykyp barýan Ogulbikä: –Ogulbike ýegen, sen gitme gapydan çyk-da, şol ýerde duruber, men gant alaýyn, size-de bererin şondan – diýip, hossar çykyp gepledi. Gapynyň ýeňse tarapynda özlerine nobatyň ýetdi gel diýlerine garaşyp sabyr saklaşyp, çommalyşyp oturan Meret diýen gysga boýly degenek kişi bilen inçesagat Ýazmyrat Ýagdynyň bolşuny görüp, halaman ýerlerinden turdular. Ýazmyrat oňa: –Aý, kemsit, munuň-a bolmady. Kim degse-de, Kymyşlara sen degmeli däl-ä. Ýadyňdamy Orazgeldi aga toýda-ýenekide naharçylara: “Ýagdyň garnyny doýruň, öýleri ýetde-gütderäkdir. Kän doýa iýibem bilýän däldir” diýip, ýuwaşlyk bilen aýdyp, oglanrakkaň seniň aladaňy ederdi. Ýa ýadyňdan çykaraýdyňmy eýýäm hemme zady? –Köne saman agtarma, Ýazmyrat! –“Geçen gyşyň sowugy ýok” diýleni-dä. –Sen gaty gitme, Gaplaňlar saňa aňsat özlerini kemsitdirmezler. Olaryň Ahmet ýaly gaýratlydan gaýduwsyz gödekleri bardyr. Nädersiň ähli dogan-gardaşyňy bir tanapa çatyp, bir gijede Owgandan çykaraýsa! Ýazmyrat bu diýeninem az görüp, soňam turup donuny silkip, hüňürdäp kepretilden çykyp gitdi: –Gandyňam özüň iý, ýenekiňem. Nurjumanyň aýaly gant alyp, gapydan çykyp, Ogulbikäni töwerekden gözlän mahaly onuň eýýäm yzyny ýel çalanlygyny gördi. * * * Ýaldyrak dogup, onuň “Ýaldyragyň ýangyny” atlandyrylýan we bir hepde-on güne çekýän juda yssy bolýan günleri ýene bir gezek toplum bolup geçensoň, bu ýylam tomsuň ýüzüniň gaýdyp ugranlygy belli bolupdy. Şundan soň köp wagt geçmänkä eýýäm Söýünalynyň o ýerinde, bu ýerinde hemişe tilkilenip, ümsüm-kümsüm gelýän güýzüň ululy-kiçili alamatlary peýda bolup ugrapdylar. Iki tarapdan seleňleşip, obany ýanap oturan baýyrlaryň ýüzünde seýregem bolsa indi töwerekdäki derýadyr köl-kölçeleriň üstünden göterilen goňrasdan gelen çal ümür-dumanyň goýun sürüsi deýin sürlenip barýanlygy hem göze ilýärdi. Dünýäniň haýsydyr bir agyr pikire berlip suslanmasy duýulýardy. Howa welin gündizlerine henizem yssy bolýardy. Ýöne şeýle-de bolsa, öňki ýaly düňýäde howa azalan ýaly duýgy döredýän hopukdyryjy, kapas yssylar gijelerine indi bolmaýardy. Arly tomusdan tä güýzüň ýagyn-saçynly ortalaryna çenli daşardaky sypada serginläp ýatýan öýüň iki gyzy Akjagüldür Ogulbike hem indi daňdanlar howa biraz sowap ugransoň, aýaguçlaryna gerek wagty üstlerine çekäýer ýaly, ýukarak bir düşek ataýanlaryny kem görmezdiler. Gyzlar Alabaýy arkalanyp, daşarda ýatsalar-da, iki garry derimizi şemal çalsa, derdim artýar – diýşip, derçigip ýatmak üçin içerde ýatardylar. Emma garrylar nirede ýatsalar-da, olar indi köpden bäri ynjalykly ukyny alyp bilmezdiler we munuň sebäbini olar hemişe özleriniň gyşa sanyp barýan ömürlerinden görerdiler. Ýöne bu juda beýle hem däldi. Sürgüne gidenleri küýsäp, ýürekler bitakat urýardy, alaçsyzlykdan ytygsap kemsinýärdi. Munça derdiň bolsa, eýsem, ýürek sazlaşykly urarmy, göze uky gelermi!? Bu bolsa her gün diýen ýaly Jemal mamanyň: “Artyp, bu kellä gum dykylan ýaly” diýip, öz halyndan nägile bolmagyna sebäp bolýardy. Eýlesine-beýlesine agdarylyp, uzakly gijesi bilenem Jemal mama pikirindäki agtyklary, ogullary, gelinleri bilen gepleşibem ýatandyr. Ol her gezegem öz gepini Taňra sygynyp, sürgünlerine, öýünde barlaryna, dogan-garyndaşlaryna onuň hossarlyk edip, öz penasynda saklamagyny, ýürek ezip sorap, doga bilen tamamlardy. Ýene bir-de görseň, gidip daşarda Alabaý bilen gepleşip, oňa-muňa baran bolup ýörendir howluda-da aýlanyp. “Irki namazymy kaza eden bolmaýyn” diýip, gijäniň içinde telim bir turup, gapydan gözläp, wagtyň hasabyny alýanam ýene şoldur. Bu günlerde Kymyş duzçynyň sürgüne gidenleriniň oduna ýanyp ýörşüne başdan geçirýän oý-pikirleri, düşüp ýören hal-ýagdaýlary aýalynyňkydan artyk bolmasa kem däldi. Ýöne ol bu derdi “Hudaý maňa berdi, menem ony çekmeli, çekip bilmejek ýüküm bolsa, Taňrym ony maňa bermezdi” diýip, bilýänligi üçin, ol her ýeteniň ýanynda derdinip ýörmeýärdi. Hasam ol gündizlerine sürgüne gidenlerini küýsäp köp ýatlan güni, gije onuňam garaklaryna çiş kakylan ýaly bolup uklap bilmezdi Beýle pursatlarda gojanyň her gezek “hüw” diýip, öýden çykyp, nirädir bir ýerlere tutduryp gidiberesi gelerdi. Bu gije-de onuň agyr ýatlamalardan soň ýüregi howlap, daş çykan günleriniň biri boldy. Onsoň wagty bilenem onuň düşege dolanasy gelmedi. Daşarda köw-söw edip ýörşüne, ýerde bulaşyp ýatan eşegiň içirgisini alyp, ony gapdaldaky pessejik towuk ketegiň üstüne atylan gaňňanyň üstüne göterdi. Sygyr ýatagynyň duşundan geçip barýarka, ýatan sygryň agyr hossuldysy eşidildi... Dolan Aý bolsa asmanda dünýä gündize berimsiz ýagtylyk berip, dolup-daşyp aýlanyp ýör. “On dördi gijäniň Aýy kimin” diýilýäni, dogrudanam, Aýyň owadan bolşy ýaly, onda birhili zenan garaýşy hem bar ýaly. Ol zenanlarça uz görünýär. Kymyş duzçy öz iç gepletmesini kimdir birine tassyklatmak isläne meňzäp, bir öwrümde aýak çekip, öz yzyna düşüp aýlanyp ýören iti Alabaýa ýüzlendi: –Ýa-da men ýalňyşýanmy? – diýip, Aýyň ýagtysynyň şu pursatda has ýitelen ýaly bolýanyna ynanyp, gözlerini süzgekledip aýtdy. Alabaý: “Ýaňky aýdanyňy oňly eşidip bilmedim, ýene bir gaýtala?!” diýerli görnüp, aýak çekip, baş göterip, onuň ýüzüne soragly seretdi. Elbetde, özüçe düşündi. It bende düşünse-de, ýöne gepläp bilmese nätsin? Goja itiniň jogabyna-da juda bir garaşybam durman, ýene-de owadan bolup görnen Aý bilen bagly pikirleriniň yzyna düşdi. –On dördi gijäniň Aýy kimin – diýip, zenany Aýa meňzeden kimem bolsa, meniň ýaly bir wagtynda öýlenip bilmän, şory depesine çykan zenan zaryny çekip, köseneniň biri bolmaly. Heleý gadyry oňa ýetmän-ýetmän ýeteninde gowy bildirmeýärmi näme? Soňra eýesi nirä yňsa, aýak şoňa gider diýleni boldy. Kymyş duzçy aňynda Gaplaňlaryň jedel tümmegine ýetmek islegi peýda bolansoň, köp wagt geçmänkä ol özüniň howludan çykyp, aralykdaky ýola düşüp, şol ýana ugrugyp barýanyny hem duýman galdy. Diňe birazdan töweregiň oba itleri onuň yzyna düşüp gelýän Alabaýyny görüp, aýaklaryndan basylan ýaly, ýerli ýerden oňa öjügişip, üýrüşip ugran mahallary onuň itine ünsi düşdi. –I-i, Alabaý, senem meniň bilenmi? Maňa ýoldaş bolasyň geleni gowy zat. Ýöne sen öýde bolmaly, öýde, düşündiňmi? Sypada meniň iki gyzym ýatyr-a. Biz-ä olary saňa ynandyk, sen bolsa meniň yzyma düşüp gelýäň. Bar gaýt yzyňa, olar gije oýanaýsalar töwereklerinde seniň-de ýoklugyňy görseler, gorkar meniň balalarym. Bar, öýe bar!.. Gijäniň ümsümliginiň bozulmagyny islemese-de, Kymyş duzçy Gaplaňlaryň jedel tümmegine gapdalyndan, yzyndan hataryň itlerini örüzip üýrdürip geldi. Ol hasasyna söýenibräk depäniň üstüne çykan mahaly onuň depesiniň Aý ýagtysynyň aşagynda tegelenip, ýörite taýyn edilip goýlan göreş tutulýan ýeri ýatladyp ýatanyny gördi. Kymyş duzçy öz peýlän ýerinde çöküp ýerleşensoň, şol ýerden synçy bolup, dünýäniň häzirki agyp-dönmesini öz maşgalasynyň töweregindäki wakalar bilen, öňki geçen adamlar, döwür-döwranlar bilen baglap, islegli giňişligini alyp, özüçe kellede pikir aýlap oýurganyp otyrdy. Itler sesini goýansoň, dünýä ýene çolarypdy. Obany gapdalyndan eme çaga ýanan ýaly ýanap ýatan Pendi baýyrlary indi Aý şöhlesiniň aşagynda hasam owadan bolan ekenler. Ýüzlerini Aý şöhlesiniň howadan dokan ak nykabyna çolan ol baýyrlar häzir howalanyşyp, ýerli-ýerden şol ýerden pökgi ýaly togarlanyşyp, jedel depä tarap gaýdybererli hem görünýärdiler. Edaja öwüsginiň şol tarapdan getiren tanyş ýakymly ysy baýyrlary alarladyp ösýän tilki guýruk ýezgenleriň güýzäp ugranyny ýada saldy. Şu döwürde onuň ysy hasam ýakymly bolardy. Söýünalylar özleriniň bu depesine onuň Gaplaňa sanyp oturanlygyny hem olaryň tebigatynyň has oýunbaz, jedelkeşräkdiklerini göz öňüne tutup, şu ady beripdiler. Ýöne oba Jedel depeden günorta-gündogarda ýaýraw bolup oturan Hangulularyňam, obanyň demirgazyk-aşak ýüzi bolup oturan düýejileriňem hemişe gelýän ýerleridi. Tomus döwri howanyň gyzýan mahaly bu ýeriň adamsy bolmasa-da, dünýä güýzäp, hasyllar ýygnalyp, meýdan işlerine böwşeňlik aralaşansoň, ýazda güneş çogy küýselýän mahallary bu ýeriň mähellesi hasam köpelerdi. Ana, onsoň gelenleriň düzzüm oýnap oturany haýsy oýna şüweleň berip janköýerlik edip: “Ony göçme-de, muny göç!” diýip oturany haýsy. Ýaşuly adamlaram gelşip, alaň ýaplanyşyp ýatandyrlar. Töweregiň synçysy bolşup, mesawy gürrüňlere berlişip, dünýä aň edişip oturanlaram ýene-de şolardyr. Jemal mama şeýle günlerde Kymyş duzçy giçlik wagty bilen öýe köwlenmese: –Baryň ol göherdi dürtüp gaýdyň. Oýun-gep diýip, öýüni-ilini unutdy-la ol! Haý, bigäne Gaplaň, oýun diýseň, garrysy ýok, ýaşy ýok iki paý bular hemişe. Ýa aýdyň oňa “Şol ýerde ýatjak bolsaň, mamam ýassyk-düşegiňi getirip gitjek diýdi” diýiň diýip, ondan gaýybana nägile bolardy. “Gaplaňa nan, suw berme, jedel tapsa bolanydyr” diýilmänmi näme? – diýibem hüňürdärdi. Soňam daşarda yzyndan iberilen agtyklary bilen gaýdyp gelýän adamsynyň howlynyň girelgesiniň öňünde görnerine garaşardy. Jedel depäniň geçmişdäki gyzan bazary ýadyna düşen mahaly ilkinjileriň biri bolup, onuň hakydasyna Akynýaz baýyň bu ýerde adamlarynyň arasynda mesawy gürrüňe berlip, oýun-tomaşanyň bir ýanynda hezilige goşulyp oturyşy geldi. Şol pursatda Kymyş duzçynyň görmek islän adamlarynyňam ýene-de birnäçesiniň keşmeri salgymlap, Akynýazyň töwereginde görnüp, salgymatyp gitdi. “Gör, nähili adamlar bardy?” diýip, Kymyş duzçy olary küýseg bilen ýatlady. Ol obadaky bulançaklygy häzirki döwürde şol adamlaryň ýoklugyndan diýip bilýärdi. Bu adamlar bolanlygynda olaryň häzirki ýagdaýdan baş alyp çykmaga öz pähim-paýhaslary bilen bir gutulga, ýol tapjakdyklaryna ynanýardy. Ýagdy kemsidiň il öňüne düşüp, gomalyp, begsiräp bolmajysy bolup ýörşi indi oglanlary sürgüne gidinden bäri aňynyň bir tarapynda durany üçin, Akynýaz baýdyr kemsit bilen bagly öňräk şu depäniň özünde bolan bir waka hem şol barmana onuň ýadyna düşdi. ...Şol günem Gaplaňlaryň žedel tümmeginiň bazarynyň gyzan, eliboşluk aralaşan güýz günleriniň biridi. Bu ýere üýşen adamlar hamala gowaça paýlaşýan, bir-birlerinde haklary galyp barýan ýaly jedele berlipdiler. Akynýaz baýam şonda bäş-alty özi ýalylar bilen depäni ýassanyp ýatan bu ýere gürrüňçilige gelenleriň biridi. Depäniň aşak eteginde bolsa bir toplum ýigdekçe oglanlar uly şowhun bolşup, kowalaşyp, gygyryşyp, dartyşyp-çekişip, žedel depäniň heziline hezil goşuşyp, top zyňşyp oýnaşyp ýördüler. Oglanlaryň içinde Nurjuma-da bardy, Ýarly kel-de, Narly gamyşçynyň ogly Ýagdy-da. Wagtyň geçmegi bilen ýene kimseleň barlygy aňdan çykyşan-da bolsa, bular weli şonda bolan bir waka bilen baglylykda Kymyş duzçyň ýadynda galypdy. Şol arada Akynýaz baýyň oýna gowşagrak Ýarly keli deň-duşlarynyň tirsekläp, oýundan çykaryşlaryna syny düşüp, olary öz ýanyna çagyrypdy. Soňam olary siňňin synlansoň, düşnüksiz gepläp, Ýarlyň arkasyny çalypdy: –Ýarlynam oýnadyň! Oýnaberse olam ökdelär, ilden saýlap kowmaň! – diýipdi. Sözüni dowam etdiribem: –Ulalansoň bu ile nan berjek ogul bolup ýetişer. Gamyşçyň oglunyň berjek nanyndan munuň berjek nany bol bolar hem minnetsiz-gönençli bolar – diýip, ertirki güni ýatlap tapmaça gepläpdi. Şol wagt bu gepe köpler oňly aň etmedigem bolsa, onuň welilik bilen aýdany obanyň ýadynda galan eken. Ýagdynyň häzirki öňe düşüp, urup-ýaryp, dargydyp ýörenini görüp, il Akynýaz baýy ýatlaýardy. “Akynýaz baý dagy weli adam-a, ol şol wagt Ýagdydan oňly adam çykmajagyny aýdypdy” diýşerdiler. Kymyş duzça-da häzir bu ýagdaýy ýatladan Ýagdynyň “elim geldi” diýip, gomalyr soňuny saýman, ähli zady tersine gaňryp ýörmegidi. Gojanyň Akynýaz baý hakyndaky ýatlamasy onuň kakasy öz gudasy Mämmet han düýeji bilen guda-guda bolşup, toýda-ýasda gabatlaşylanda-da garyndaşlarça gadyrly hal-ahwal soraşyp gezen lezzetli günlerini, ömrüniň ýakymly pursatlary bilen sepleşip gitdi. Oglanlary sürgüne höküm edilende ol özüniň hem Watany taşlap gitmezlik bilen bagly öňki pikirini bir janýangynly mahaly üýtgedermen bolupdy. –Meniňkilerem, Akynýaz baýyň diýenini edip, wagtyragynda “Essiň barka etegiňi ýap” edip, Pyrara aşan bolsalar, belki, häzir sürgünden halas bolardylar. Olaryňam ýat ilde ömürlik galmak niýetleri ýokdy. «Ýene birazdan, bu ýerdäki ýagdaýlar bir karar tapansoň, ýene dolanyp yzlaryna gelmekçidiler” diýip, Mämmet han ogullarynyň Owgana ötmeklerini öň göwnüne jaý etmedigem bolsa, sürgün belasy başdan inen günleri belli bir döwürde öz ýanyndan olary mamla-da tapypdy. Kymyş duzçy gijäniň şöwrüni çekip oturyşyna öz pikirlerine barha çuňlaşdy. Hamala häzirem gijregäm bolsa aň edip, ýagdaýyň anygyny alanda ähli bolan gowulyklary öňki-öňküligine yzyna gaýdyp geljegine ynanarly göründi. Goja dünýä bilen öňem köp gyzyklanypdy, erbetliklere alaçsyzdygyny ýatlap gyýlyp gynanypdam. Ol maşgalasynyň sürgün boljagyny eşidende hem ýanyp-bişip: “Ondan gutulmagyň bir ýoly bardyr-a?” diýip gaçybatalga agtarypdy. Gözlense-de bary bir ol ýok, göwnejaý çykalga şol wagt tapylmandy. Goja ähli zadyň Hudaýyň emri bilen bolýanlygyny ýatlap, özüne basalyk beräýmekden başga alaç galmandy. Şondan bäri-de ol lapykeç halda özüni dolanmaly möhleti ýakynlan jahan ötegçisi hasaplaýardy. Her gezek onda-munda seýregräk görýän ýakynlaryna duşanda özüniň ony iň soňky gezek görýän bolaýmagynyň mümkinligini hem oýlaýardy. Saly segsene ýetip barýan adam, eýsem, bu halda başga nähili oý edip biler. Garrylyk, garyplyk, ölüm – üçüsi Bilmen haýsy uly, haýsy kiçisi. Kymyş duzçy her gezek şu köne paýhasy ýatlan mahaly “Ha, şuňa aýralygam goşaýmaly ekenler” diýip, öz çekip ýören derdiniňem ýeňil däldigini ýatlap, ol goşgyny ýene biraz uzaldylaýsa-da kem dälligini oýlaýardy. Goja älemden gitmeden juda bir çekinibem barmaýardy. Dert çekmän, dogan-gardaşa iş bolman, ýygnalmaly ýerine ýygnalsa kaýyldy. Gezen ýerinde özem: “Alar bolsaň, çagalarymyň ýaman gününi görkezmän alaweri meni!?” diýip, Taňra sygnybam gezýärdi. Ýaşamak nähili gowy-da bolsa, maşgalanyň häzirki gata düşen ykbaly oňa bu gowulygyň mazasyny bilmäge mümkinçilik bermeýärdi. Adam şeýle pursatda hemişe dünýäde özüni amanat duýýar. Kymyş duzçy Akynýaz baýy Ýagda beren bahasy bilen ýatlanda bolsa ýene-de onuň pikiri düýejiniň depesinden aýrylmady. Mämmet han düýeji öz döwründe taýpasynyň öňüne düşüp, gerek bolanda oňa serdarlyk edip, il bähbidini arap, gylyç syran adam bolupdy. Ýöne ol agasy Şiregiň täsiri bilen soňra Alla ýoluna ýüregi togalap, ýarag esbaplaryny din taglymatlaryna berip, dileg-doga, namaz-haýyr sahawat bilen çalşyrypdy. Şeýdibem Gurhan-keremiň parasatyndan öz ömürboýy gözlän ähli zadyny tapypdy. Musulman parzyny berjaý etmegiň ugrunda bolup, agasy bilen Mekge-Medinä zyýarata barypdy. Olar agasy Şirek bilen bir eşekli, bir düýeli bolup gidip, alty aý diýlende hajy bolup dolanyp gelipdiler. Şeýdibem olar il içinde Şirek hajy, Mämmet hajy bolup tanalyp ugrapdylar. Mukaddes gara daşy öpen, özüniň barça mukaddesliklere duşanyna öte begenen Mämmet han bir gezek Mekgede namazlygyň üstünde namaz-dogada bolup oturan mahaly her bir adama nesip etmeýän beýle mukaddes ýerlere ýetireni üçin Taňra sygnyp, ondan minnetdar bolup otyrka, Mekgäniň zyýarata baran ahun-ulamalarynyň biri Mämmediň ýüzüniň bir öwrümde ynjap, sähelçe oňa bulut çaýylan ýaly bolup gidenini görüp, ondan sorapdyr: “Hajy, dileg-dogada wagtyňyz bir ýakmazrak zady ýatladyňyz öýdýän, biz sizi kemsinen ýalyrak gördük, nämedir ol, açyň bu mukaddeslige ýüregiňizi!?” diýipdir. Mämmet han şonda özüniň iki aýalyndan birnäçe gyzynyň bolup, orun tutar oglunyň ýoklugyny ýatlap, hapa bolanyny aýtmakdan başga alaç galmandyr. Şol ýerde Mekgäniň hajy-ulamalary gerçek ogully bolmagyny arzuw edip, oňa ak pata beripdiler. Şeýle-de şol ýerdäki ulamalaryň biri oňa: “Başdaş aýalyňa yhlas ediber!” diýip maslahat hem beripdir. Ol adama “boljak-goýjagam” belli bolup duran bor çemeli. Mämmet han dolanyp gelensoň, onuň başdaş aýaly Oranýazdan yzly-yzyna üç ogul; Akynýaz, Hoja, Mahmyt dünýä inip, Mämmet hajynyň hajy gowşup, arzuw-dilegi aňry ýany bilen hasyl bolupdy. Kymyş duzçy her gezek Mämmet hanyň mertebe-mynasybetini ýatlanda, ol ogly Orazgeldä bu asylly ýerden alan gelninden önen, häzirki wagtda biraz daýylaryna çalym berşip ýetişip gelýän agtyklarynyň hem soňra daýylary ýaly dogumly, mertebeli adamlar bolup ýetişmeklerini arzuw edip göwün çaglaýardy. Şol barmana asman giňişliginiň bir ýerlerinden eşidilen durna sesi Kymyş duzçyny ýatlama ummanyndan alyp çykanlygy belli boldy. Ol ses oňa ýakymlydan tanyş bolup eşidildi. Onuň nä wagt, nirede oturanlygyny ýadyna saldy. Durna sürüsiniň toýçular ýaly gykuwlaşyp, höwesli uçuşyp baryşlary onuň göz öňüne geldi. Goja şonda hamala olary göräýjek ýaly çöňňelen gözlerini süzgekledip, depesine gözledi. Emma alagaraňkyda görnen zat bolmady. Ýöne duranlaryň sesi öňki eşidilen ýerinden biraz öňräkden ýene bir gezek eşidildi. Goja hemişe-de olaryň sesleriniň özlerinden öňden uçýanlygyny ýatlap, bolmanda salgymlaryny bir görüp galaryn-da tama bilen ses gelen ýerden ýene birneme öňrägi synlady. Olaryň hatar guraşyp, asmana mynasybet berip, diňe bir uçuşyp gelişlerini däl, hemişekiler ýaly durnalaryň sazlaşykly kakylýan ganatlarynyň ygşyldysyny hem eşitjegine tama etdi. Asmanda onda-munda gyşdan galan garly meýdandyr öýtdürip, gerlişip duran seýrek ak bulutlar çaňjaryp görünseler-de, ýöne durnalar wagty bilen görünmediler. Belki, olar şol bulutlardanam ýokardan, aňyrdan bir ýerlerden uçuşyp barýandyrlar. Durnalar hemişe-de uçanlarynda küýlenip hem özüni synlap oturan dünýäni küýlendirip uçýarlar. Şeýle beýiklikden barýan bolsalar, onda olaryň Hindistandan bärde aýak çekmejegi hem belli zat. Özüni görmeseň-de, ol ýagşy guşlaryň sesini eşidip galmagyň özi nämä degenok! Durnalaryň sesini eşidip, Kymyş duzçy şu pursatda gowy adam bilen duşuşan ýaly gönençli bir ýakymly duýgyny başdan geçirdi. Olary öz maşgalasy bilen baglap, haçanam bolsa birwagt olaryňam şu durnalara meňzeşip, ojaklaryna dolanyp gejegini arzuw etdi. Goja geçen döwür-döwranyny ýatlap, hyýalynda ony göz öňüne getirensoň, hamala gaýtadan şol günleriň gujagyna dolup, indem ol gujakdan çykasy gelmeýän deý ýene-de esli wagtlap şol oturan ýerinde gijäniň şöwrün çekip, garaňka gatylyp oturdy. Şonda ol bir pursat hol, aňyrdan gözünde galandaky ýaly, ol bir meňzeşje geýnen agtyklary Aganazardyr Allanazaryň toparyň öňi bolup, öz ýanyna biri-birinden tiz ýetmek üçin ylgaşyp gelişlerini gördi... Kymyş duzçy Gaplaňyň jedel depesinden gaýdyp gelen wagty Jemal mama eýýäm aýak üstünde bolup, daşardaky ojakda ot ýakyp, täret suwy ýylytmagyň ugrunda bolup ýördi. * * * 31-nji barak obaçylygynyň ýolbaşçylarynyň çagaly eneleriň ýagdaýyna düşünişme bilen seredenligi belli boldy. Beýlekilerden edilişi ýaly olardan bir ýerlerik gidip, işlemegi şeýle bir talap edibem durmadylar. Ýöne durmuşyň bar bolan güzeran atly talaby hemmelere bolşy ýaly bulara-da degişlidi. Işläne nan paýy işlemediklerden iki essä golaý artyk berilýärdi. Şonuň üçinem ýagdaýy bolan işlejekdendi, şol nan paýyny artdyryp aljakdandy. Häzirki döwürde hemmeler üçinem baş alada gara bokurdakdy. Bugdaý oragy başlanaly bäri barak obaçylygynyň mähellesi gündizlerine mese-mälim azalýardy. Täze hasyly isripsiz ýygnamak işleri bolsa barha möwç alýardy. Bir bölek adam meýdanda palçyk garyp, kerpiç guýmagyň aladasynda bolsa, adamlaryň ýene bir bölegi olary guradyp üýşürmek, gerek ýerlerine daşamak bilen meşguldylar. Has-da daýhançylyga buýrulanlar bugdaý üstünde bolup, aňsat oba gara bermezdiler. Obanyň çagaly aýallaryny hem şol günlerde Akmolladaky bugdaý kabul ediliş ammaryna desmi-dähel äkitmäge mümkinçiligi bolmadyk dänäni sermek, toplamak, ammarlara salmak işlerine çekildiler. Oguljuma hem indi kiçilerini Allanazara goýup, obada bugdaý taýynlyk işlerinde işleýän aýallaryň biri boldy. Bu ýerde işleýänleriň köpüsi-de sürgüne gelen türkmen aýallarydy. Mariýa atly daýaw, ýaşy elliden geçeňkirlän dogumly rus zenany bolsa olara ýolbaşçylyk edýärdi. Mariýa serlip çalykdyrylýan, üýşürilýän bugdaý depeleriniň arasynda aýlanyp, elini salgap iş talap edip gezýärdi. Türkmen aýallary köplenç onuň ümüne düşünäýmeseler, geplände köp halatda gepine oňly düşünmeýänleri üçin, talabyna hem oňly düşünmeýärdiler. “Näme diýýär-ä, bi Mariýa?” diýşip, bir-birleriniň ýüzüne seredişibem durýardylar. Şeýle bolanda onsoň buýurýan işini onuň özi ilki, ine, şeýtmeli diýýän hörpde edip görkezip, lal bilen düşünişýän ýaly, “üm-çüm” bilen düşünişmeli bolýardy. Ol dilli-diýenli zenan bolansoň, aýallar etmeli işlerini bilmän, oňa başgaçarak düşünip, edilmelisi ýaly däl-de başgaçarak edýänlerini gören wagty bolsa jany ýanyp: “Nabat, Bibi, Ogul..., ha siziň eneňizi...” diýip, onuň erkeklerçe sögünibem goýbermesi bardy. Aýallar talapkär, göwni açyk aýalyň diline oňly düşünmeselerem, onuň bilen zenanlarça gowy düşünişýärdiler. Mariýanyň talap-tagallasy bilen tizden işde günortan gyzgyn nahar hem işleýänler üçin ýola goýuldy. Ol naharlar hemişe diýen ýaly suwa gaýnadylan noýbadan, çüýrük ysly geçen ýylky kartoşkadan, käte bugdaýdan taýynlanylardy. Munuň üçin Mariýa ýarym aç aýallaryň başy aýlanyp ýykylanlarynyň barlygyny, şeýle bolansoň iş öndürijilikleriniňem ugrunyň ýokdugyny aýdyp, diňe Reşetnikowy däl, Şadmanowdyr raýondan däne oragynyň barşyna gözegçilige gelen raýispolkomyň jogapkär wekillerine-de hä diýdirmek başardypdy. Ähli zadyň ters tarapyny görýän deý hereket edýän Şadmanow Mariýanyň pikirine ilki hä berip, belli zat aýtmadygam bolsa, raýispolkomyň jogapkär wekili: –Adamlaryň iş mümkinçiligini artdyrmaga kömek etmeli. Häzir bize gowy işleýän adamlar juda gerek. Hasyly tiz ýygnamaly – diýensoň, o-da Mariýanyň pikirine garşy bolup durmandy. Aýallar nahar iýenlerinde öz ýanlary bilen göteren nanlaryna ýanap, çagalaryny ýatlap, ony gysganybrak iýýärdiler. Çagalarynyňam özleri ýaly şeýdip, gün içinde hi bolmanda bir gezek gyzgynja nahar bilen naharlanmaklaryny arzuw edýärdiler. Bu barada öz aralarynda maýda-maýda gepleşýärdiler: –Näme diýseňem, şu çorba maňlaýdan diräýýär, ýogsam günortana golaý dagy içim syrygyp, açlykdan gözüm garaňkyraberýär. –Bugdaý orýanlara iki gezek nahar berýämişler. –Olaryň işleriniň gijesi-gündizi barmy, bugdaý bolsa känmiş, orup aňyrsyna çykyp bolar ýaly dagy dälmişin. –Bol bolawersin. Şol ýerde bol bolsa, bize-de bir gyrasy ýeter onuň, enşalla. –Şeýle bolup bir garynlar doýsun-da, hernä. –Türkmenistanda häzir pagta aladalary başlanandyr, irräk ekilen ýerleriň pagtasy açylandyr eýýäm patyrap. –Biziňem giçkirägem bolsa gurawy gowy ýetişip oturan pagtamyz bardy – diýip, Gully eminiň gelinleriniň biri nurana ýüzli Akjemal bilen tabak başynda atyşyp çorba içişip oturan Oguljuma ýene küýsegli Watany ýatlady. Şonda gyzlary Ogulbikedir Akjagülüň meýdanda pagta ýygşyp ýörüşleri onuň göz öňüne gelip, onuň özüniňem şolaryň ýanynda bolasy geldi... Her gezek nahar başynda aýallaryň özara hyşy-wyşy gepleri köpelip ugran mahaly Mariýa ýerinden turardy-da, apaşaklap aýallara tarap göz aýlap durşuna: –Heleýler, hany garnyňyzy otaran bolsaňyz turuň indi. Iş ýeriňize baryň. Ýogsam ýokumyňyz ýetse, siz indem ärleriňizi küýsäp ugrarsyňyz. Beletdirin men bu baýtal tohumyň ýagdaýyna – diýip, söýünçli käýinjiräp, aýallary işe götererdi. Aýallar tabşyrylan işleri hars urşup işleýärdiler, hatda Mariýa: “Ony eýdiň, muny beýdiň” diýip, köp halatda talap etmek-de gerek bolmaýardy. Türkmen aýallary rus aýallaryndan tapawutlylykda eginleri uzyn, birsydyrgyn gyzyl, goňras matalardan tikilen köýnekli, donly bolup, olar çolaşyp, işe päsgel bererli bolup görünýän geýimlerini biraz ýokarrak çekişip, ony guşak bilen aýlap berkidip, gollaryny çermeşip, çemelerini alşyp beýlekilerden kem oturmazlyk üçin derläp, ýüz-gözlerine çaň syradyşyp, yhlas bilen jan edip işleýärdiler. Brigadir Mariýanyň göwnüýetijilikli makullamasyna mynasyp bolmaga çalyşýardylar. Iş ýeriniň obanyň golaýynda bolmagynyň ýene bir amatly ýeri Zeýtune ýaly, ýaş eme çagasy bolan enelere-de bu ýerden aýak üstündenem bolsa baryp, çagasyny emdirip gaýtmaga mümkinçilik bolardy. Häzirki gaýgy-hasratyň sülük bolup, ýürek ganyňy sorýan mahalynda, açlykdyr horlugyň bosagadan höwp-hatar bolup direnip duran mahalynda adamlaryň gün-güzeranlaryna hemaýat bolýan zatlaryň bu-da biri bolupdy. Ylaýta-da zenan kişiler çagalaryna bähbit boljagyny bilseler, olar seniň işiňden çekinjeklermi!? Töwerekde ýola taýynlanýan bugdaýlaryň depe bolşup, göz dokundyryşyp durmaklary adamlarda ýaşaýyş ýene-de gowulyga özgerip ugran ýaly, şol gowulygyň bir tarapynyň özlerine-de ýetjekligi barada göwün ýüwürdip, ýakymly pikir etmeklerine sebäp bolýardy. Oguljuma bu gün gujurly Zeýtune atly tatar gelin, Beki Seýitmyradyň aýaly Bibi, Galýa atly degenek daýaw mor ýüzli erinlek zenandyr olardan gujury kem bolmadyk Tätäniň aýaly tegelek çörek ýüzli Ogulnabat, Güýç dilmajyň aýaly Kümüş dagylar bolup, bir kowçumda işleýärdiler. Olaryň işi bugdaýy haltalara gapgaryp, ony saraýyň girelgesiniň gapdalyndaky ýörite ýere çekmekden ybaratdy. Oguljuma bilen Bibi ýetişip bildiklerinden halta dolduryp, onuň agzyn bogsalar, Zeýtune bilen Galina, Kümüş bilen Ogulnabat dagy “ha-da, ha” bolşup, haltalary goldaşyp götererip, bellenilen ýere daşaýardylar. Indi ýola taýynlanyp goýulýan ýerde bugdaýly haltalaryň sany barha artmak bilendi. Arabalar wagtal-wagtal gelip, şu ýerden ýüklerini tutuşyp giderdiler. Bu ýerdäki serlip, sowrulyp taýynlanýan dok däne bugdaýyň telim bir ýerde tümmek tutup, kert baglap durmagy dänäni görenleriň göwnüni göterýärdi. Ýeneki gowulyklara göwün ýüwürdilmegine sebäp bolýardy. Işleriň gidişine aýlanyp gözegçilik edýän Mariýa bir gezek bir haltany göterip äkidip, aňyrdan ýene bir haltaň yzyndan gelýän Zeýtunäniň serlen bugdaý üsti bilen mongalap, ak gözilginç aýaklarynyň töweregine däne syçradyp, dogumly ýöräp gelýänini gördi. Onuň her aýak basan ýerinde ürgün çäge üstüne basylandaky ýaly, düýe dabanynyň yzyna meňzeş oýmur atyp, yz galýardy. Nan aýak astynda bolsa-da, onuň bary bir ýeterlik däldigi doýa garyn nan tapylmaýanlygy üçin, ol häzir sürgün obasyndaky adamlaryň ählisi üçin ýeke-täk arzuw islegine öwrülipdi. Akjemal bir gezek işden başyny göterip, bu giden bugdaý bolçulygyny gözi gidýänligini mälim edip, her gün ýüzlerçe gezek içinden edýän arzuwyny nähili daşyna çykaranyny hem duýman galdy: –Ha, şu bugdaýy degirmene salyp, un edip, tamdyry dolduryp, güpledip-güpüledip bir nan ýapsadyň! –Näsini aýdýaň, dogan jan! – diýip, elindäki sübsesi bilen işiň yzyny ýygnap gelýän Kümüş hem şu ýerde işden başyny göterip, Akjemalyň sözüne göwünjeň goşuldy. Ogulnabat: –Islänimiz bilen kim ony bize berip dur. Öňlerine süňk oklanan ýaly, ýolbaşçylaryň özi häzir bir-birleri munuň üstünde gyrda-gyr. Kakabaýyň kakasy meýdanda işläp ýören ýerlerinde görüpdir. Şol sebil däne ýygýan kombaýn diýen maşynam gezip ýörşüne köp isrinçilik edýärmişip. Şony hoşalap alyň diýse-de, bir oba nan boljak diýýär. –Belki, bererler – diýip, gürrüňi agzyndan alnan Akjemal doldurylan halta direnip, onuň agzyny bogup daňyp durkan hyrydar gepledi. –Berilmegi mümkin, ýöne ony Mariýa brigät ýaly ýokaryk aýdyp düşündirip bilýän dogumly biri gerek-dä. –Şul-a, eýdip-beýdip gazandy, gyz, bir wagtyna gyzgyn nahar berilmegini – diýip, Oguljuma Mariýa tarap minnetdarlyk bilen gözläbem goýberdi. Aýallaryň gepe berlip, söm-saýak bolşup duranyna ünsi düşen Mariýa: –Hä, näme dursuňyz, ärleriňizi göresiňiz gelip, ýene olaryň gürrüňini edýäňizmi? Şu heleý halky ärinden bir salym aýryldygy onuň gürrüňini eder eken. –Hany, boluň işläň indi. Işläň, hä, diýmänem arabalaram geler ýüklerini tutmaga– diýip, duran ýerinden tarp atyp, aýallara talap bildirdi. Ogulnabat: –Mariýa rabataý – diýýän bolsa, onda rabataýam edeliň! – diýip, gapdalda duran doly haltany goldamak üçin goşaryny Akjemala uzatdy. Iş täzeden gyzyşdy. * * * Bugdaý oragy başlanany bäri komendant Şadmanow bu işleri kada-kanunyň çäginde alyp barmagy, hökümetiň özüne ynanlygyna ynanýanlygy hem-de muny özüne dereje bilip, masaýynlanýanlygy üçin, ol ýeke atlyk paýtundan düşmän diýen ýaly, iş üstüne aýlanyp, ähli edilýän zatlary öz gözegçiliginde saklap, özge ýolbaşçylardan bu işlere özüniň has jogapkärdigine ynanyp, bir ýerde durman paýtunynda tigirlenip gezýärdi. Onuň bir aýagam bugdaý orulýan ýerdedi. Ol bu gün Orazmyrat brigadiriň meýdanda bugdaý orujy toparynyň ýanyna gelende iş şüweleňi gidip durdy. At gaýtarym meýdany tutup duran orlan bugdaý üýşmeklerini iki sany arabanyň häli-şindi gelip, olary bir başyndan döwek ýere alyp gidýänligine seretmezden, hasyl köplügi göz guwandyryp otyrdy. Çary ussaň demirçi körügine taplap oňaran oraklary häzir işe berlen adamlaryň elinde alaw ýaly işleýärdiler. Şadmanow aňyrdan paýtunynyň üstünde galgap gelşine orakçylaryň duşuna ýetip, jylawy çekdi-de, olaryň garşysynda paýtunyny keserdip saklady. Agyr başyny göterip, nämedir bir zady huşunda aýlaýan hörpde ümürläbräk durşuna bir pursat orakçylary synlady. Soňam gol salgap işleriň gidişine gözegçilik etmek bilen desse üýşürýänlere kömek berip ýören brigadiri öz ýanyna çagyryp aldy. Orazmyrat aňyrdan salam berip gelende, bu ýerde bäş deşigini bir ýere üýşürip dymyp duran Şadmanow oňa nägile nazaryny aýlasa-da, gönüläp bir zat diýmäge howlukmady. Her gezek ol bir küýe berlende bolşy ýaly, onuň ýene-de gyýma-kiçijik gözleri süzülen ýaly bolup, kiçelip ýumlupdy. Komendant çytylyp duransoň, Orazmyradam birbada onuň bilen gürrüňi nähili başlajagyny bilmän boýurgandy. Şeýle-de bolsa ony başlamalydy. Şadmanowyň aňyrsyny bäri almak üçin bu gerekdi. –Howamyz-a gowy boldy, ýoldaş komendant! Onuň ilki agzyna gelen sözem şu boldy. Şeýle-de häzir güýç aýaman şüweleňli işleýişlerine komendantyň syny düşendir: “Şeýdip, hüjüm etseňiz-ä, siz dünýäň ýüzi bugdaý bolsa-da, ony ýagyn-saçyna goýman ormaga ýetişersiň“ diýen ýaly ondan hoş söze garaşdy. Emma tamasy çykmady. Gaýta komendant welin ondan nägile boldy: –Sen näme üçin, brigadir, öz burnuň aşagyndaky bolýan bidüzgünçilige ýol berýäň? Orazmyrat birbada komendantyň näme gürrüň etmekçi bolýanyna düşünmän, geň galyp, egnini gysyp, onuň ýüzüne soragly seretdi. Onýança-da komendant endigine görä nägile bolup käýinip ugrady: – Siz kulaklaryň nebsewir-kulak häsiýeti galman geçjek. Aslynda men seni bulara baş edip nämüçin goýdum, göz-gulak bolmajak bolsaň, döwlet bähbidini aramajak bolsaň... –Ýoldaş komendant, nämäniň siziň nägile bolmagyňyza sebäp bolanlygyna men-ä entegem düşünen däldirin, hatamyzyň nämeligini bir aýtsaňyz? – diýip, Orazmyrat onuň ýüzüne soragly gözledi. Içinden bolsa “Komendantyň nämedir bir zada-ha gahary gelip gelipdir. Näme bolup bilerkän ol?” diýip, susluk bilen oýlandy. Şadmanow Orazmyrada nägile nazaryny dikip, bir eliniň başam barmagyny kemerinden geçirip durşuna. –Kim şolar düýn günortan kombaýnyň geçen ýerinden hoşa çöplänler, bar, şolary tapyp getir maňa. Döwlet emlägine el urmagyň nämeligini görkezeýin men olaryň gözlerine... Iňkise giden Orazmyrat brigadire diňe häzir gürrüňiniň näme hakynda bolaýmagynyň mümkinligi çen bilen belli boldy. Düýn günortan nahar wagty adamlara billerini ýazmaga az salymlyk dynç alyş berlen mahalynda bu ýerde işleýän gyzlaryň birki sanysy meýdana gidip, ol ýerdenem hersi başlaryndaky ýaglyklaryna salşyp, çöplän hoşalaryny getirip: “Kombaýn yzynda hoşa köp galýan eken, ine, bir salymda toplanymyz” diýşip, begenişip gelipdiler. Eýýäm Şadmanow bu barada bir ýerden eşidip, häzir şol gyzlaryň ýakasyny talap edýän eken. Bu ýerde komendanta beýle çişere näme edilen erbetligiň barlygyny bilmän geň galan Orazmyrat gyzlary getirmezden janygyp, onuň bilen düşünişmäge çalyşdy: –Ýoldaş komendant, olar harmandan alnan däne-hä däl. Gyzlar hoşa çöpläpdiler, kombaýn oran ýerinden – diýip, ol dänäniň ogurlyk däldigini oňa düşündirmäge çalyşdy. –Meýdanda ýatan zat köp, onsoň ony şeýdip alybermelimi? – diýip, Şadmanow barha gyzyp gepläp ugrady. –Bular almasa-da, ol galjak guma-çöpe garylyp, ýoldaş komendant, ýa-da guşa-gumra şam boljak. –Bugdaý orlup bolnansoň, biz halky hoşa çöplemäge sürmegi niýet edinýän bolsak näme!? –Entek bugdaýly iş-ä kän, ýoldaş komendant, ýagyn-gara çenli bu giden meýdanyňam hasylyny toplap ýetişip bolar öýdemok, hasyl beýdip ýaplanyp ýatyrka, soňra hoşa çöplemäge mümkinçilik bolarmykan? –Iş wagty gidip, hoşa çöpläp ýörseňiz, elbetde, ýetişmersiňiz–diýip, gürrüň dolap, ýene öňki ýerine getiren Şadmanow Orazmyradyň öz üstüne süründi. Orazmyrat brigadir komendantyň bu ters dawa tutup durşuna, onuň bilen düşünişjek bolup, mundan aňrygam erjellik ediberse, onuň muny özi bilen erjeşme hasap edip, hüjümini has güýçlendirmeginiň mümkinligini, beýle bolsa işiň haýryna bolmajagyna düşündi. Ugruna sürüp, oňa köşeşdiriji gürrüň aýtmaga çalyşdy. –Ýoldaş komendant, indi bizde beýle zat gaýtalanmaz. Olar obadaky ýaly hoşa bolsa çöpläbermelidir öýdendirler. Indi türkmenleň hiçisi dagy-duwara onuň ýaly ýerde görünmez. –Hany brigadir, beýdip gep nokatlap durma-da, bar getir şol hoşaçylary, hoşalaram meniň ýanyma! – komendant hökümli gepledi. Orazmyrat brigadiriň ony biraz-da bolsa ýumşatmak üçin eden synanyşygynyň ýerine düşmänligine düşündi. Komendantyň hemişekisi ýaly bu ýere işiň gidişine däl-de, gözegçilik etmek, ýagdaýlary anyklamak üçin hoşaçylaryň yzyndan ýörite gelendigine düşündi. Çäresizlikden içine zym gitdi. “Indi şeýdip gyzlary munuň öňüne düşürip berip goýberibermeli bormukan? Bular heniz gökbeýnije gyzlar, indi şeýdip türme ýeneki diýip, köýüp gidibermeli bormukan!? Komendantyň päl-ä gowy däl” diýip, Orazmyrat çäresiz alada galdy. Komendantyň talabyny nähili ýerine ýetirjegini bilmän, häli-şindi ýüzüni basan agyr deri aýasy bilen syldy. Oýurganyp ýene biraz duransoň, komendanty raýyndan gaýtarmaga inçejik umyt bilen täzeden haýyşa berildi. –Ýoldaş komendant, entek olar çaga. Mümkin bolsa, geçiň günäsini şu gezeklikçe? Onsoňam özüňiz bilýäňiz, häzirki döwürde el güýjem diýseň bize derwaýys!? –Sen meniň buýrugymy eşideňokmy, türkmen?! Meniň buýrugymy ýerine ýetirmezligiň jenaýatdygyny, eýsem, sen bilmeýärmiň!? Hoşaçylaň bilen senem äkidibersem nädersiň häzir?! – Ol soňam paýtunyň üstünde oturan ýerinden allowarrada işleşip ýören orakçylara tarap elindäki sapy bilen aýasynda gapjap-jemläp, duran gamçysyny hökümli uzatdy. –Bar getir şolary. Ýa özüm baryp gamçylap öňe salaýynmy? – diýip, brigadire has-da öjügip dazaryldy. Ony nämälim, sowuk nazar bilen dalady. Orazmyrat häzir bu ýerde Iwan Zaharowiçiň ýoklugyny ýatlap: „Eger ol bolan bolsa, häzirki ýagdaýdan bir çykalga tapardy” diýip, alaçsyz lapykeç boldy. Orazmyrat orakçylaryň ýanyna gelip, ilki olaryň arasyndan öz aýalyny ýanyna çagyryp aldy. Aňyrdan başyndaky atynjasyny düzedişdirip, ýaşmak dişläp gelýän ýüzi güne ýanyp, gara ört bolan aýal onuň ýanyna gelen mahaly adamsynyň gany gaçan ýüzüni göreninden oňly habaryň ýoklugyna düşündi. Orazmyrat aýalyna: –Şol düýnki hoşa çöplän iki gyzy al-da, gel meniň ýanyma! Orazmyradyň aýaly: –Ol komendant haýran şolar üçin gelipmi? – diýip, pesaý ses bilen ondan sorady. –Hawa, ýöne senem şolar bilen gidersiň. Olaryň ýanynda bir akylýeten bolmasa bolmaz, ýaş gyzlardyr gorkup ýürekleri ýarylaýmasyn. Brigadiriň aýaly köpüň arasyndan baryp, gyzlary çagyryp alansoň, olary yzyna düşürip geldi. Haçanda olar Şadmanowyň huzuryna peýda bolan mahaly komendant olary ýekeme-ýek üýşenip synlap: –Bu aýal näme? – diýip, ýüzugra-da ol Orazmyratdan sorady. Orazmyrat biçäre halda şumjarşyp aglaşyp duran gyzlaryň ýüzüne göni seredip bilmän, sus gepledi: –Ol meniň aýalym. –Maňa seniň aýalyň hoşa çöplänleriň arasynda bar diýmediler. –Men iliň gülüň seçegi ýaly gyzlaryny size ýanynda akyly terräk biri bolmazdan beýdip, berip goýberip biljek däl– diýip Orazmyrat biraz çeti gyzyp ugranlygyny mälim edip gepledi. Şadmanow öz soňky sözüni buýruk hökmünde ýene bir gezek gaýtalady: –Aýalyň galsyn, onuň bilen işim ýok meniň... –Gyzlar gitse, o-da gitmeli bolar, ýoldaş komendant. Ol sözüni has nagdynlap aýtdy. Onuň komendanta türkmeniň öz aýal-gyzlary üçin başyny goýmakdan çekinmeýänligini düşündiresi geldi. Düýnki hoşaly ýaglyklar bilen baglylykda bir harsadyň gopanlygyny bilşip, adamlar komendantyň paýtunynyň töwereginde üýşüşip ugradylar. Alnyp gidiljeklerini eşidip gorkan gyzlar Orazmyradyň aýalynyň arkasynda ýygrylyşyp, aglaşyp otyrdylar. Märekäň yzynda bu ýerde üýşülýänini görüp, soňrak gelen Juwajy durdy. Ol il gapdaldan geçip gaýdanda özüniň birki ýoldaşy bilen döwek ýere bu gezek bugdaý desselerini daşaýan arabalara ýük ýükläp duranlaryň biridi. Şeýle-de bolsa ol bu ýerde nämäniň näme bolýanlygyna aňyrdan gelenden dessine göz ýetiripdi. Gyzlaň biriniň öz agasynyň gyzy bolmagy bolsa, onuň has-da çetine degipdi. Onuň gözleri bir komendanta, bir eginlerini sallaşyp, biçäre bolşup oturan gyzlara seredip, gözleri möjek gözleri ýaly jel-jel etdi. Soňam ol adamlary böltedi-de, komendantyň öňüne geçdi. –Ýoldaş komendant, siz näme bu işiň hakyky günäkärini gözlemän, ejize ganymlyk edýäňiz? Bu söz komendanty geň galdyrdy: –Kim ol hakyky günäkär? – diýeninde, hatda onuň hemişe ýumlan ýaly bolup görünýän gözleri-de bir pursatlyk ulalyp, ýitelen ýaly bolup ýylpyldap görnüp gitdi. Juwajy komendanta tarap ýene bir ädim etdi. –Kombaýnyň yzyndan hoşany çöplän-ä men bolmaly, ony soňra salara zadym bolmansoň, jigim dagy geçip gelýän eken, şonuň ýaglygyny almaly boldum-da... Juwajynyň gyzlary halas etmek üçin, özüni oda oklaýany belli boldy. Komendant Juwaja öjügip: –Şeýlemi asyl? – diýende bu töhmetiň gyzlaň başyndan aýrylmagyny isleşip duran adamlarda kanagatlanma duýgusyny döretdi. Şundan soň köpi gören Şadmanow türkmenleriň gyzlaryny aňsat öz öňüne salyp goýbermejeklerini, körüň aty ýaly dyzaberse, başga-başga zatlaryňam bolaýmagynyň ahmaldygyny pikir edendigi belli boldy. Ol öňünde ähli günäni öz üstüne alyp, hiç zat bolmadyk ýaly arkaýyn duran Juwajyny pisindi oturmazlyk bilen synlap: –Sen bolsaň, düş onda sen öňüme! – diýip hökümli gepledi. Kyn güne galyp duran märeke şundan soň eginden agyr ýük düşen ýaly uludan demini aldy. Bu batyrgaýlygy üçin il içinde eýýäm jalataýrak häsiýeti bilen tanalyp ugran Juwajyndan bolsa minnetdar boldular. Töwerekde duran adamlaryň köpüsi: “Şu wagt Juwajunyň ýerine men bolan bolsam näderdim?” diýen soragy beren hem bolsalar, oňa jogap tapmadylar. Komendantyň başga biriniň ýeneki biriniň başyndan inen belany ýeňillik bilen öz başyna satyn alanyny gören wagty komendantyň munuň nähili beýle bolup biljegine düşünmän geňirgenenini görüp, Orazmyrat brigadiriň komendantyň dişinde et galmaz ýaly, oňa iki agyz gep aýdasy geldi. "Sen özüni görýän-de bolsaň, meniň sadalaç görünýän halkyma düşünip bilmersiň. Ol juda bir görnüşi ýalagam däldir. Dälisem bardir, dolusam. Onuň häzirki ýorganyna görä aýak uzatmasyna osma!" Komendant paýtunly bolansoň, gidende Juwajynam oňa mündürer öýdülse-de, ol beýtmedi, oňa “Düş hany öňe!” diýdi-de, özem ulagly onuň yzyndan sürdi. Adamlar komendantyň öňüne düşüp barýan Juwajynyň yzyndan sähelçe baş ýaýkaşyp, alaçsyz, diş-ysyşyp seredişip galdylar. Häli-häzir-ä märekäniň elinden gelen zadam diňe şu boldy. | |
|
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |