14:10 Ojak - 2-nji kitap -4: romanyň dowamy | |
* * * Orazgylyç dagynyň soňky göç edilip getirilip gabalan uly saraýynyň bir gyrasynda on-onbäş sany gümmezekleşip, toplum tutup oturan hüjrelik bar eken. Saraý häzir göçülen ýurduň harabalygy bolup oturan hem bolsa, onuň haçanam bolsa özi-de mundan alys bolmadyk geçmişde gelim-gidimli, ylym ojaklarynyň biri bolanlygyny pikir etdirýärdi. Hüjreleriň bir tarapynda süňňüni söküp, olar bilen deňine garrap oturan azan diňi asmana gezelip, somalyp durdy. Adamlaryň bir bölegi bu ýerdäki şol hüjreleri özlerine mesgen edinip ýerleşdiler. Içi-daşy syrylyp-süpürilip, tertibe salnansoň, biraz daryşganrak diýmeseň, indi olar hiç neneňsi öýlerem däldiler. Telim hepde dar wagonda gysylyp-gynanyp ýaşan adamlara ol häzir üýtgeşiklik, tagty-eýwan bolup göründi. Bu meýdanda Güne kakap oturanyňdan-a müň paý gowudy. Ýörände togarlanyp barýan ýaly bolup görünýän garynlakdan gelen pes boýly dykyz komendant howlynyň içindäki hüjreleri ýekeme-ýeke at tutup, yzyna düşüp sürrenekleşip ýören erkek adamlara paýlaşdyransoň, galan halky howlyň dürli ýerlerindäki jaýlarda, basdyrmanyň aşagynda ýerleşdildi. OGPU işgärleriniň özleri bolsa, bir mahalky ulamalar üçin niýetlenip gurlan, süňňüni has gowy saklan jaýlarda ýerleşdiler. Orazgylyç täze tanşy Allaberdi bilen bir ýany biraz ýan beren hüjrede ýerleşdi. Olar bu ýerde ýaşamaly bolsalar, hüjre diwarlarynyň täzeden seretmeli ýerlerine seretseler, onuň özlerine hiç neneňsi sümelge boljagyny pikir etdiler. Saraýyň ýeňse tarapynda taşlanan köne ýabyň suduryny görmek bolýardy. Ondan uzak bolmadyk geçmişde mele suw tolkunyp akan bolmaly. Şol ýap sudurynyň golaýynda telim ýerde depesinden basylan ýaly ýepberip ösüp oturan tut agaçlary hem bar eken. Muňa seretmezden, bu ýeriniň suw meselesi oňuşmazça däldi. Saraýyň sesýetimligindäki peslikden äpet bir derýa suwy çyrpynyp akyp ýatyrdy. Al, geregiň suw bolsa, näçe alsaň. Onsuzam OGPU-nyň özem içimlik suwy indi bu ýere çelekläbem ýeterlik getirip ugrapdy. Howludan çykan ýeriňden derýanyň egrem-bugram bolup akyp ýatyşy uzakdan salgym bolubam görnübem dur. Sürgünleriň getirilen ýeri oba bolup, bir oba-da däldi, geçmişde dagy bir belli oba bolan bolmagy mümkin. Ol töwerekde demir ýol duralgasynyň töweregindäki üç-bäş jaýdan başga jaýdyr ýeneki-de görünmeýärdi. Belki, demir ýol ulgamlarynyň ýeňsesinde, golaý bir ýerde oba ýa-da şäherçe bolmagy mümkin. Ýöne garşyda hemişe otly kerwenleri ikiden-üçden hatarlanyşyp, keserişip durýanlygy üçin, ol ýerler görünmeýänligi sebäpli, onuňam barlygy güman içindedi. Haçan-da bu gadymylyklary, olaryň töweregindäki boşluklar, derýadyr ýarym-ýalaňaç ýerler bilen bilelikde synlanyňda, ol hamala güýçli bir ýagy gelip, töweregiň halkyny, hüjrelerde bilim alýan talyplardyr olara sapak berýän ahunlar, ýenekiler bilen öňe salyp, bir ýerlere sürüp äkidene meňzeýär. Sürgünler sürlüp getirilen wagty bu köne kerwensaraýyň durkunyň adamlarda bularyň şol eşiden gadymky Çingiz hanmy, ýeneki bir ganojagyň etmişiniň yzy bolmagy-da mümkin. Pendililer ozal bir-birlerinden uzakda ýaşamadygam bolsalar, şu ýere sürgüne gelensoň täzeden tanyşdylar. Tanalsa-da nä, hemişe-de il özüniň öňüne düşen begi-töresi bilen tanalardy. “Pylan baýyň, pylan serdaryň obasyndanmy?” diýlip soralardy. Indi bolsa adamlar oba şurasydyr kolhoz başlyklarynyň atlary bilen tanalyp ugralypdy. Elbetde, ilçilik onsoňam aňyrdan ilen-çalanlygam az däldi. Emma Orazgylyç bilen Allaberdi ilen-çalan hem bolmansoňlar, bir-birlerinden habarsyzdylar. Adam bir sebäp bolup tanyşmasa, ýakynda ýaşasa-da bir-birlerinden habarsyz bolýan bolmaly. Ýogsam Tagtabazar obalary bir-birlerinden şeýle bir uzakda-da oturmaýardylar. Onsoňam Sowet hökümeti gelmezinden öň Tagtabazarda Arnageldi baý diýen bir ederini bilýän, sözüni giçirýän jomart baý kişi döräpdi. Ol indi on-onbäş ýyldan bäri Tagtabazaryň merkezine millet ýygnap, bagşy aýtdyryp, bir günem göreş tutdurardy. Ol günler adamlar: “Arnageldi baý eý görýän bagşylary– Uly Garla, Nobat bagşa, Kiçi Garla özi ne geýim geýse, olara-da şeýle lybas geýdirermiş. Özi bilen Mara äkidip, Ýolbaslyda meýlis gurap aýdym aýtdyrarmyş” diýip, gürrüň edýärdiler Halk şeýle ogluň öz aralaryndan döränine buýsanýardy. Özi-de “Uly göreş” adyny alan bu tomaşa her gezek öwlüýäde – Sahy baba gonambaşyň aramgähiniň töwereginde ilki öten-geçenler ýatlanylyp berlen sadakadan soň başlanardy. Şol ýyllarda göreş juda ürç edilip, tarap-tarap bolup tutulardy. Pälwanlaryň ady il içinde wagyz edilerdi. Şol wagyzlar bu toýa, onuň pälwanydyr aýdajy bagşysyna mertebe dereje berýärdi. Göreşi pendililer, Herzeki, Sugty diýlip, şäheriň aňyrsy, şäheriň bärsi bolnup bölünişip tutýardylar. Ol göreşler şeýle bir gyzykly geçerdiler welin, oňa tomaşa etmäge gelen ýeneki barly adamlar: “Şu pälwana mendenem bir öweç, pylan aýdymam aýdyp ber, mendenem bir düýe” diýip, nähili ara goşulanlaryny hem bilmän galardylar. Şol döwürlerde gapdaldan ses goşup, toýa şowhun berip ýören Mitdi akga diýenem biri bordy. Ol özüne biraz holpugrak bolan gyrmyzy donunyň synyny süýräbräk, märekäň arasynda, toýa şüweleň berip uly goh bolup gezerdi. Kimdir biriniň üstüne it küşgürýän ýaly golun salgap jedele goşulardy. Özüniň kimligini bilmän, oturan ýerinden pälwanlara “Sal, çopaneki badagy”, “Goýber meniň ýaşlykda ediberşim ýaly, syrta çekip ýyldyzdan bäri, tezegi on ädime pytrasyn!”, “Haý, berekella, ana, munyň boldy, şu edişiňi haladym, menden saňa-da bir öweç!” diýip, toýa şowhun berýärdi. Mitdi akga bir toýda bagşyň aýdymlaryna gyzyp, nasyny ýuwudyp, göz-gülban bolaly bäri indi hüşgärligi elden bermeýärdi. Her gezek bagşy diňlemekçi bolanda, naskädisini jübüsinden çykaryp, ony tanaýanlarynyň biriniň eline bererdi. “Ýogsam men ýene-de kellämiň gyzgynyna ýuwdaryn muny. Bagşy gutarýança sorasamam beräýmegin maňa şuny!” diýibem, öz ýagdaýyna belet bolansoň, oňa sargardy. Onuň päwanlara baýrak berşi bolsa “Mitdi akgaň serpaý ýapyşy ýaly” diýip, il içinde gep bolupdy. ... Şol gezek göreşe tomaşa edip oturanlaň arasynda Mitdi akgaň oglam bu ýerde bolup, kakasynyň yzragynda bir ýerde oturan eken. Kakasynyň göreşde goýun baryny tutanyny görüp, öýe gelensoň ol nägile bolupdyr. –Aý, kaka, pälwanlara mal baryny tutduň-la sen, gapyňda ýeke toklyň bar, onça maly nireden aljak sen? – diýipdir. Şonda Mitdi akga ogluna: –Heý, oglum, öz obamyzyň pälwany Gyjat pälwana şol toklyny bereris. Galanlary bolsa eşegiň onusyny alsyn... – diýipdir. Ýatlaşyp otursalar, şol toýlar bularyň ikisiniňem, Orazgylyjyňam, Allaberdiniňem Arnageldi baýy, Mitdi akgasy bilenem ýadynda eken. Bularyň ikisi-de şol toýlaryň telimsine gatnaşanam ekenler. Haçanda Orazgylyçyç özüniň neberesini takyklap, garry atasy Muhammetgylyç serdaryň adyny tutanda Alllaberdi: “Garrylarymyz aýdardylar: “Bizi Pendä getiren Muhammetgylyç serdardyr...” diýip, onuň könelerini tanapdy. Soraşyp-ideşip otursalar, Allaberdi Baýraç obasynda gurlan kolhozyň başlygy Merdan Maçyň hak inisi bolup çykdy. Biraz mundan oň ol obada gopan başlyklyk dawasyndan soň, onuň ady Pendide soňky döwürde giňden tanalan adamlaryň biri bolupdy. Baýraçlylar mundan öň öz hojalygyny oňarýan hökmünde, bu öňe düşse, ilem oňar diýip, Merdan Maçy özlerine başlyklyga göteripdiler. Emma onuň wezipesine göz gyzdyrýanlaram kolhozy özüniň ondan has gowy oňarjagyna ynanyp, ony alyp ýatmagyň ugruna çykanlaram bardy. Şeýdibem, iki ýyldan ýeleden ýel alyp gopupdy obada bir harasat-dawa. Onuň bir çeti hatda Aşgabada, Gaýgysyz Atabaýewe-de baryp ýetipdi. Ine, bir günden bir günem gara maşynda ýanynyň bäş-alty garageýimli ýaragly adamlary bilen Atabaýewiň özi-de ýetip gelipdi. Ol gele-gelmäne agzalalygyň döremegine ýol berenligi üçin bada-bat Merdan Maçy işden boşadypdy. “Onuň ýerine kimi goýarys?” diýip, halkyň özüne sala salypdy. Göreniňem nä il-dä, saýlasa her kim özüni, bolmasa özüne has önjeýli nepi deger diýen ýakynlaryny, dost-ýaryny saýlajak. Gopýar ýene-de bir jedel, dawa. Atabaýew galmagaly ýatyryp: “Siz saýlap bilmeseňiz, onda başlygy meniň özüm saýlajak. Hany hemmäň elleriňizi öňe uzadyp, görkeziň maňa!” diýipdir. Atabaýew öňde aýlanyp, birsalym adamlaryň ellerini synlansoň, olaryň içinden, iliň garaşmadyk bir adamsynyň ýakasyny tutup: “Ine, şu hak daýhan adam eken, elleri dagyn jaýryk-jaýryk onuň. Size başlyk şu bolar” diýýär. “Hä, ol iş oňaraýsa-ha, ondan-a Maçymyz müň esse gowudyr” diýip, nägile bolanlarynda bolsa ol: “Alarlasaň, at bolar, iterleseň– it” diýip, il pähimini aýdyp jogap berýär. Öz sözleriniň ýer tutmajagyny gören halka: “Hany şonuň nähili at bolşuny göreli!” diýşip, nägile hüňürdeşäýmeden başga alaç galmaýar. Merdan Maçy bolsa ol diňe bir wezipeden boşadyp goýman, elini bagladyp, öz münüp gelen maşynyna mündürip, bendiläp alyp gidýär. Şeýdibem, onuň hemişelik deregi ýitýär. Tizden betbagtçylygyň ýeke gelmeýänligi belli bolup, Merdan Maçyň töweregi hökmünde Allaberdiniň maşgalasy hem sürgüne ýollanylýar. Şeýlelik bilenem, onuň yzynda galanlar üçinem onuň dogan-garyndaşlary üçinem sürgünligiň surnukdyrjy selhä-selli günleri başlanýar. Hökümetiň belli bir ýerde goýman Orazgylyç dagyny beýdip ondan-oňa hallanladyp, göçürip-gonduryp ýörmegi, göýä olary nirede goýjagyny bilmeýäne, bu barada telim wagt geçende bolsa, henizem olar belli bir karara gelmedige çalym edýärdi. Hawa-da, bu döwürde hökümetiň sürgüne berýänäm kändi-dä, haýsy birine ýer-jaý tapsyn. Köp bolansoň hasabyny ýitirip, käbir toparlary unudaýan bolmagy-da mümkin. Orazgylyç dagyňam topary bolsa şol unudylanlardan bolmaly. Şeýledir, ýogsam birki aýlabam bir beýle göç-hä, göçlük, selkä-sellik bolarmy?! Ýene adamlaryň iş meseleleri-de şeýle boldy. Ýogsam dünýä güýzäp barýar, häzir dagy meýdan işleriniň hetdi hasaby ýokduram welin, ulanmaly-da munça el güýjüni şol işlerde... Adamlar ikibir, üç bir bolşup, öz ýaşaýan ýerleriniň öňünde üýşüşýärdiler, gürleşip oturýardylar, indiki ykballary bilen gyzygyşyp, çen-çak gürrüňler edişýärdiler. Köplenişip oturmak bolsa gadagandy. Adamlar köplenişiberseler, dessine bir ýerden togalanyp, komendant ýa onuň adamlary peýda bolup: “Hany dargaň, üýşüşmäň!” diýip, bada şular hökümetiň garşysyna bir iş gaýraýmasyn diýýälermi nämemi, olary dargytmak bilen bolardylar. Diňe çagalar tarhandy. Olar howlyň içinde nirä baraslary gelse barardylar, nirede oturaslary gelse oturardylar. Uly goh bolşup, howlyň ortasyndaky açyk meýdanda öz oýunlaryny hem oýnardylar. Şeýdibem ömrüň her güni alasarmyk oý-pikirler bilen paýawlaýardy. Orazgylyç Allaberdi şeýle günlerde öz ýaşaýan hüjre jaýlaryndan çykyp, onuň diwaryna arkalaryny berşip, ondan-mundan gürleşip, güneşläp otyrdylar. Her gezek diýen ýaly goňşulary ýapbaç telpekli Juma-da gelip, bu ýerdäki gürrüňçilige goşulardy. –Güneşleýäsmi? –Eýsem, näme etjek? –Bikärlig-ä gowy däl-ýeý bi! –Alajyň näme? –Ýaşamak, işiň ugrunda eplik-de-ýaplyk bolup, ýetişiksiz günde bolup ýören wagtyň gowy eken. Jumanyň ýok iş-aladany ýatladyp, goňşularynyň ýarasyny täzelänligi belli boldy. Allaberdi: –Şu bikärlikden-ä daş köwdürse-de gowy bordy. Orazgylyç ýer çyzyp oturyşyna: –Alanyňda şondan gowy iş alarynam öýdýämiň şulardan? –Wah, bir iş berse bolýar-la – diýip, Juma çommalyp oturyşyna, indi göwresiniň aýaklaryna agram berip, zora tutup ugranyny duýup, aýaklaryny uzadyp, ynjalykly otyra ýer gözläp, töweregine garandy... Birazdan bu ýerde indi göçülip gelnen gününden bäri bikärlikden bizar bolnup, şuňa meňzeş gürrüňler edilýärdi. Sürgünler kemsidilmelerdir ondan ýeňil bolmadyk aýralyk derdini ýat ilde çekýärdiler. Bularyň dilegini Taňry eşidenligi belli boldy. Şol günleriň birinde komendant erkek adamlary jemläp, olara gazy-gazmaga äkitdi. Adamlar boldugyndan töwerekdäki obalardan alnan pil, kätmen ýaly iş gurallary bilen üpjün edildi. ...Ýaba girilensoň, Allaberdi eline tutdurylan kätmeniň ebeteýini tapman durşuna ony bir eýläk aýlady, birem beýläk. –Heý, kätmen bilenem bir gazy gazylar oguşýan? Ýeten ýerde gepläp ýörmeýän Orazgylyç onuň kätmeniň ebeteýini tapman durşuna duýdudaşlyk bilen sähelçe ýylgyrdy. Eýýäm eline pil özüne berlen Mämmet atly ýigit gernip-gernip raýşa çyg toprak oklap durşuna göwünjeň gepe goşuldy: –Aý, beý diýme, gardaş, biziň türkmenimizde gazylmasa-da, özbekler-ä uly ýaplarynam kätmen bilen gazýamyşlar aslynda. –Onuň üçin özbek bolmaly-da. –A, bol-da senem! Ýurduna geldik, gün-güzeranyna şärik bolduk. Indem näme ýagdaýa görä bolubermeli – dilip, oňa özüçe göwünlik berdi. Iş adamlarda doňup duran durmuş täzeden herekete gelen ýaly göwün çaglaýdyjy, ýakymly duýgy döretdi. * * * Irden okuwa diýip giden Ogulbikedir Akjagül gidenlerine köp wagt geçmänkä, boýunlaryny sallaşyp, keýpsiz süllerişip yzlaryna gaýdyp geldiler. Mekdepde okuw bu ýylam ýene-de täzeden, ýaňyrak başlanyp ýördi. Eýýäm okuwçylaryň öňünde birden-ikiden täze neşir edilen kitaplar hem peýda bolup ugrapdy. Gyzlar indi mamasynyň ýumuşlaryndan sypynyp bildikleri ürç edip, şol kitaplary okamak bilendiler. Gerek wagty olar dessine gopubermän, şol kitaplar sebäpli käte mamalaryndan käýinjem eşiderdiler. “Haý, bikärler, şol kitap diýip halys bagry kebap bolaýdyňyz-la siz, näme ýazylypdyr onda beýle molla bolup üstünde tükgerip ýataryňyz ýaly!?” diýerdi. Adatdakysy ýaly şol günem okuwçylar öz okuw otaglarynda okaşyp otyrdylar. Wagt günortana sanyp barýardy. Şol barmana mekdep direktorynyň yzy bilen aýnanyň öňünden ýene-de iki adam geçdi. Olara gözi düşen okuwçylar: “Bular kimkä? Näme üçin gelýärkäler sürrekleşip ýörkäler?” diýen soraglary özlerine berip bermänkäler, olar gapydan girdiler. Topary yzyna düşürip gelen mekdep direktory gele-gelmäne-de gözüni jel-jelledip, içerä gözüni gezdirmäge durupdy. Onuň kimdir birini gözleýänligi belli boldy. Oturanlar nämäniň nämeligine düşünip-düşünmänkä-de, ol Ogulbikä tarap baş atyp duran ýerinde talaply gepledi. –Orazgeldiýewa, hany sen ýygna goşuňy! Kulak çagalarynyň garyp daýhan gatlagynyň çagalary bilen okamaga haky ýok. Çyk derrew, bar gidiber! Onuň yzyna düşürip gelen adamlarynyň islegine laýyk hereket edýänligi düşnükli boldy. Ol häzir kemsitdir şäherden gelen wekiliň gepini gepleýärdi. Soňra ol gapdalda bu ýagdaýyň nähili beýle bolup biljegine oňly düşünibilmän duran Ogulbikäniň çykarylyp kowulmagyny halamazlyk bilen, nägile bolan mugallyma ýüzlendi: –Şu günden şeýläk, kulak çagalary mekdebe garasyny salmasyn! –Ogulbike aramyzda iň zehinli çagalardan biridi-dä – diýip, eli kitaply duran mugallym ýene-de otagdan çykyp barýan Ogulbikäniň yzyndan gözläp durşuna, öz nägileligine mälim etmän durup bilmedi. Bu gezek mugallyma direktoryň gapdalynda barmaklarynyň arasyndan barmaklaryny geçirip, elini esli ýumruga öwrüp, bilkemeriniň aşak eteginde tutup duran şäherden gelen wekil jogap berdi: –Eziji synpyň gowusy bolmaýşy ýaly, olaryň çagalarynyňam gowusy bolmaz. –Ýylanyň ulusy ne, kiçisi ne? Soň ol öňünde oturan çagalara ýüzlenip, ýene sözüni dowam etdirdi: –Hökümet-partiýanyň talaby biziň üçin bada-bat ýerine ýetirilmeli kanundyr. Ogulbike gapydan çykyp barýarka Ýagdy bir ädim gapa tarap ätläp onuň öňüni kesdi-de, oňa ýaglygyna dolap alyp barýan kitabyny görkezdi. –Ol kitaby nirik alyp barýaň, gyz!? –Öýe. –Kitaby goýup gitmeli. „Kulak çagasynyň Sowet mekdebinde okamaga haky ýok” diýlip aýdyl-da saňa! Duranlar elinden kitaby alnansoň, gyz gorkup müzzererli görünse-de ol beýtmedi. Tutulan guş ýaly pasyrdap yzyna dolanansoň, gapydan çykyp barýarka, sähelçe bir säginip, yzyna gözledi-de, duranlara kymyşlarça öjügip: –Bow, alsaňyz alyberiň kitabymy. Men onuň bar hatyny eýýäm ýatdanam bilýän – diýip, duranlaryň içini ýakjak gep aýdýanlygyna ynanyp, dogumly gepledi. Ogulbike käte yzda galan mekdep jaýlaryna öwrülip gözläp, tasap çykyp gelýärkä, özünden biraz öň mekdepden çykarylyp kowlan dogany Akjagülüň yzyndan ýetdi. –Senem kowdularmy? –Baý-gulak çagalarymyş-a biz. –Bolanda näme? –Bolandasy şol. Biziň okamaga hakymyz ýokmuş. –Kim diýýäkän şony. –Aý kim diýer. Ýene Ýagdy şuradan çykýandyr-da bu gep. Onsuz çöp başy gymyldaýarmy, eýsem, bu obada – diýip, Ogulbike mamasynyň gepini tapdy. –Şol gömüleniňem-ä ýeňibilmezi biz – Kymyşlar-a bolduk özün-ä. –Bir bizem däldiris-le, gyz! –Häzir öýe baryp, mamama bir aýdaýyn. Ýagdyň enesiniň üstüne gidip, oňa ýogy-bary aýdyp, ýüregini bir bulap gaýtsyn. –Goýsana, gyz. Mamamçalap, diýibermesene senem näme diýesiň gelse. Indi okap bolansyň. –Men-ä okaryn, şulaň içini ýakyp okaryn... Babam aýdýar-a, bizsiz uzak gitmezler, ekiniň, malyň ýagdaýyny bilýän adamlar bular-da gerekdir – diýip. Gördüň-ä hol gün Nurjuma daýym: “Kymyş aga, pylan ýere suw eltmekçi welin, derýadana gulagy nireden alarkak? Orazgeldi ýegen şuňuň ýaly zada gowudy welin...” diýip gelenini. –Goýsana, gyz! Özüňkini dogry etjek bolup, ýöne dyzap dursuň. Täze hökümet bize sala salýança, tal ösüp, tam ýykylar... Mekdepden biraz saýlanansoňlar, başyna bir pikir gelen Ogulbike Akjagüle: –Gel, şu töwerekde biraz oýnaly, şol barlagçy sebiller giderem welin, ýene yzymyza baraly!? Ogulbikäniň oglan pikirini Akjagül goldamady. –Söte ýaly bolşup, köçede bikär oýnap ýörseň, il näme diýer, gyz, geňlemezmi? Onsoňam yzyňa baraňda-da, olar kowmaly diýensoňlar, mugallym bizi okuwa goýbermez – diýip, janagyryly aýtdy. Agtyklary aňyrdan basdaşlarça hüňürdeşip, boýunlaryny burşup keýpsiz gelen mahallary Jemal mama daşarda kölegä atylan keçäniň üstünde ýüň tüýdüp, bulaşyp oturdy. Ol agtyklarynyň wagtyndan öň gaýdyp gelýänlerini görüp, ilkä geň galdy, soňam: “Hany gelen bolsaňyz, geliň ýanyma, gutaralyň şuny günortana” diýip, olaram öz ýanyna ýüň tüýtmäge çagyrdy. Gyzlar özleriniň baý-gulagyň çagasy diýlip, mekdepden kowulanlaryny aýdan mahaly, bu ýagdaýyň ýene-de mamanyň menini kemsidip, ýüregini ýerinden gozgany belli boldy. Ol: –Okutmasalar, okutmasynlar okuwlaryny, epläp gowuz ýerlerine dyksynlar – diýdi, ýüregini çişirdi. Onsuzam Jemal mama bu günler ene-atalarynyň mährinden jyda düşen gyzlarynyň hesret çekişip, saralyp-solup ýörüşlerini görüp, köýüp ýördi. Ogulbikäniň ejesine meňzeş at ýüzi inçelen, alma gözleri has ulalan ýaly bolupdy. Akjagül kellesi sämän ýaly, tutuk perişan bolup gezýärdi. Ol aýralygy kiçi jigisinden has çuň berlene, onuň aňyrsyndaky maşgala bilen bagly bolaýmagy mümkin betbagtçylyklardan eýmenýän ýaly kalbyna salyp gyýlyp gynanýardy. Onuň bu bolşuna bada-bat ünsi düşen Jemal mama agtygynyň zyýan-zähmetden aňynyň üýtgäp gidibermeginden howpurganýardy. Häli-şindi ünsüni basmak üçin, oňa ol-bi ýumuşlar buýruşdyrýardy, dek oturtmazlyga çalyşýardy. Jemal mamanyň ýene-de agtyklarynyň ýüzünde çaga garagollugynyň, bagtyýarlygynyň alamatlaryny göresi gelýärdi. Aýralygyň agyr daşynyň aşagyndan çykmak üçin häzir garrynyň pikiriçe birazam bolsa özüňe gelip ruhlanmak hökmandy. Iki-üç ýyllykda aýal-gyzlaram okamaly diýlende ol ilki gyzlaryny okuwa bermegi islemedigem bolsa, soňra beýtmegiň hökümetiň diýenine garşy bolýan ýaly boljadygyndan çekinip: “Iliň gyzy okaýan bolsa, goý, bularam okasyn” diýipdi. Akjagül bilen Ogulbike hersi öz synplarynda gowy okaýan okuwçylaryň hasabyndadylar. Has-da Akjagülüň haty keşde ýaly owadandy, özi ýaly saýhallydy. Hemişe ähli zatda onuň bilen basdaşlyk edýän Ogulbike hem her babatda ondan kem galmajak bolup çir-çitirdi. Ol Akjagülden çakganlygy, taryh, edebiýat sapaklaryna ökdeligi bilen tapawutlanýardy. Ýady gowudy, goşgulary, kiçiräk hekaýalary tiz ýat tutýardy. Emma adamlar baý-kulak diýlip tagmalanyp, bölünip, kemsidilip ugransoňlar, gyzlara zehinleriniňem nepi degmedi. Bolşewige zehinliler gerekdi, ýöne oňa hökman öz adamlarynyň arasyndan çykan zehinler gerekdi. Şeýle bolanda bu olaryň soňra: “Gör, garyp-daýhan çagasy biziň döwrümizde okap, nä derejä ýetdi!” diýip, öz alyp barýan syýasatlary bilen öwünmek üçin gerekdi. Kymyş duzçy agtyklarynyň ilden saýlanylyp kowulmagyny halamasa-da, syr bermezlige çalyşdy. –Eý, balam, okutmasalar okutmasynlar, okap bilýäňiz, ýazyp bilýäňiz bor şol. Mamaňyzyň işlerine kömekleşiberiň, janyňyz sag bolsa, galan zadyň bir alajy bolar – diýdi. Agtyklaryny köşeşdirip, olara özüçe göwünlik berdi. Jemal mama gol doly maşgalasy sürgüne berlensoň, indi onuň özi-de bu dünýä sygmaýanlaryň biridi. “Ha, Allam, çagalaryň ýamanlygyny görkezmän, meni ýygnamalydyň!” diýip, ol häli-şindi ýürek togalap, Taňra sygnardy. Ol öýüni hem indi döwrany öten haraba, adamsy bilen özüni bolsa şol harabada “gak-bak” edip oturan baýguş hasap ederdi. Kymyş duzçynyň hem hemişe niräk gitse ýetmäge howlugyp gaýdyp gelýän öýüne indi aňsat aýagy çekmezdi. Köplenç ol gününi meýdanda, gawun başynda, onda-munda, üýşmeleňlerde geçirenini kem görmezdi. Ogullarynyň maşgalasy bilen sogrulyp-sogrulyp gitmekleri onuň özüniňem ýüreginiň sogrulyp, olar bile gitmegi bolupdy. Indi ol tä şolar gaýdyp gelýänçäler özüniň ynjalyp, şol öňki bagtly gojalygyna öwrülip bilmejegine göz ýetiripdi. Oňa indi diňe ýatlamalar galypdy. Oglanlary barka eýýäm ol öý-ojak bilen bagly ähli aladalaryny abraý bilen özünden olara geçirdim, hak eýelerine gowşurdym hasap edip ýördi: ekin ekýänem, mallaryň aladasyny edýänem ogullarydyr onuň gelinleridi. Toý-ýasa-da Kymyşlardan esasy wekilçilik edýänlerem ýene-de şolardylar. Kymyş duzçy gün içinde mallara bir eşek ýüki ot geçiräýmese ýa-da gerek bolanda bugdaý, gawun başynda sakçy bolaýmasa, beýleki aladalara ulaşybam ýörmezdi. Dogrusy, goja halyna beýleki aladalara goşulyberse, ogullary halamazdylar, uly ogly hiç zat diýmese-de, kiçisi häsiýeti birkyýama özüne meňzeş Orazgylyç: “Akga, siz namaz-täretiňiz bilen boluberseňiz bolmaýarmy, özümiz edip ýörüs-ä işleri” diýerdi. Onsuzam süňňüni yzarlap, gitdigiçe süýekleri bogunlary yzarlap gezýän agyry-yzanyň hem segsenden soň öňünde duraýmak bu-da ýeňil däldi. Kymyş duzçy şol döwür indi şeýdip, tä ömrüniň ahyryna çenli öz gojalygy bilen gidişip gezjegine ynanýardy. Emma onuň maşgalasynyň keşigini çekmeli pursady entegem gutarman eken. Oglanlar gidensoň, ol lagşap, barha öýläne sanyp barýan gojalygyny saklamak üçin, täzeden bili guşamaly bolupdy. Bu ýagdaýa düşen wagty ol: „Hudaý jan, meniň bu ýüki çekip biljegimi bilýändir, ol hiç kime onuň çekip bilmejek ýüküni bermezmiş” diýip, onuň bu meselede gerek ýerinde ýene-de özüni goldajagyna göwün ýüwürdip, öz-özüne göwünlik bermäge çalşypdy. Şeýle-de ol täze hökümetiň yrsaramasynyň öňki edeni bilen gutarmanlygyna-da, garyplygyň barlylykdan gowudygyna bil baglap ynanýan hökümetiň hemmäni sürüp, ahyrsoňy şol ýoksullyga eltmän köşeşmejegini hem pikir edýärdi. Her ýagdaý bolsa-da, oglanlary gaýdyp gelip, öz orunlaryny eýeleýänçäler, aýak üstünde durmaga Alladan ömür, kuwwat diläp çytyraşýardy. Şonuň üçinem, agtyklarynyň ilden saýlanyp kowulmagy onuň täze hökümetden garaşmaýan zady hem däldi. Kulak çagasy diýlip, mekdepden kowlan Akjagüldür Ogulbike şundan soň, mamasydyr babasynyň güzeran aladalary bilen bagly tükeniksiz işlerine ýardam berşip, günlerine kaýyl bolşup geziberdiler. * * * Owganystanda “Orta Aziýa halas ediş” goşunlarynyň döredilmäge synanyşyklar edilýändiginden Sowet hökümeti bireýýämden bäri habarlady. OGPU ondan ahmal galmazlyk üçin, eserdeňligi elden bermeýärdi. Ol güýjüň döremeginiň öňüni almak üçin ýerlerde gyssagly hem pirimli işler alnyp barylýardy. Ähli bar bolan we bolmadyk mümkinçilikleri öz peýdasyna ulanmaga çalyşýardy, şeýle mümkinçilikleri uzakdan-uzaga gidýän planlar bilen Sowet organlarynyň özleriniň ýörite gurnaýan wagtlary-da az bolmaýardy. Onuň dürli ýollar bilen ataran habarçy-içalylary gije-gündiz Owganystanyň süňňünde haram ölen malyň teninde dömen gurçuklar deýin müňňüldeşer ýörerdiler. Döwrüň garma-gürmeliginden peýdalanyp, öz garabaşlaryny gutarmak üçin, mümkin bolan pursady elden bermän, halkyň arasyndan töwekgelçilige berlip, oňa işleýänlerem, işlemäge mežbur edilýänlerem az däldi. Guşgy, Tagtabazar, Sarahs ýerleriniň üsti bilen, päsgelçilikleriň az däldigine seretmezden, täze hökümet tarapyndan göwnüne deglen adamlaryň: “Ýamandan ýaý boýy” edip, gaçyp-sypyp serhetden aşmasy bolsa henizem az däldi. Günortada ýüzlerçe kilometrlikde ýaý berip ýatan bu serhede hökümini doly ýöretmek entek täze hökümete başartmaýardy. Dartylan ykbal ýaýyndan milletiň ok bolup, çar tarapa atylýan döwrüdi. Ýöne Owganda OGPU-nyň näçe gulagy bolsa-da, barbir ol azlyk edýärdi. Köp babatda aňyrdan gelýän habarlaryň ýetmeçilik edip, ýagdaýy derňemäge mümkinçilik bolman, ters, netijesiz hereketleriň bolmagyna getirýän ýagdaýlaram az bolmaýardy. Merkez şonuň üçin-de, ýerlerdäkilerden onda-da häzirki emele gelýän ýagdaýlar bilen baglylykda Jüneýit ýaly serdarlaryň töwereginde öz jansyzlarynyň artmagyny, nädibem bolsa ygtybarly maglumatlar gazanylmagyny talap edýärdi. OGPU-nyň Owganda geljekde şeýle ynamly öz gulaklary bolup biler diýip tama edýän adamlarynyň biri-de Ahmetdi. Şonuň üçinem Owgana gizlin gatnaýan, Sowet serhedini äsgermezlik edip bozýan hökmünde tussag edilen Ahmede gutarnykly çäre görmäge howlukmaýardylar. Ýogsam Ahmedem şol ele düşen günleri türme tussaglygyna höküm edilip, etaba goşulyp, gümgidene gitmelileriň biridi. Indi esasan onuň bilen öňki öliň soragyny sorap, öz isleýän jogaplaryny almak üçin, her hili gynamalar geçirýän jellatlar däl-de, pes boýly, ýaňy saçynyň eteginden ak girip ugran Sarkis atly “kontrazwedka” lakamly harbylarça geýinse-de harbylara o diýen meňzäp barmaýan bir hili mylaýymdan müsgin görünýän ermeni adamsy duşuşýardy. Ony-muny sorap, Owgandaky ýagdaýlary anyklap, Ahmedi hemme taraplaýyn ilik-düwme öwrenýänem ýene-de şoldy. Öwrendikçe-de onda öz diýenine getirip, “hä” diýdirip bilse, Ahmediň tüýs özlerine gerekli, öz adam bolup biljekdigine bolan ynam artýardy. Jansyza has gerek häsiýetleriň ýene birisiniň – aýtmaýyn diýse, Ahmediň syr saklap bilýänligini bolsa ol günäsini boýun aldyryljak bolnup edilen agyr synaglarda onuň sep bermän, gerek bolanda, mertlerçe durup bilýänligini bolsa görüpdi. Nirede bolsa-da syr saklap biljekdigine-de ynandyrypdy. Dogrudanam, Owganda täze hökümete biri ynamly adam bolmaly bolsa, şol bolup biljek adamlaryň birem Ahmetdi. Ahmet şeýle-de ol ýerde arkalydy. Onuň arkasynda Akynýaz baý bardy. Akynýaz baý bu ýerden täze hökümeti göwnüne jaý edip bilmän, şeýle at-abraýy bilenem ondan geçen-de bolsa, ederini bilýän parasatly adam hökmünde tiz köpe özüni aldyrypdy. Onuň gerek ýerinde garyndaş hökmünde Ahmediň arkasyny aljagy-da ikuçsuzdy. Ahmediň aýaly Akgül Akynýaz baýyň enebaşga aýal doganlarynyň biridi. Kymyş duzçy Mämmet hanyň ol gyzynam öz uly gelni Ogujuma ýaly sarpaly, salyhatly, adamsyna, çagalaryna, öýüne edýän hyzmatlaryndan lezzet alýan yhlasly aýal bolar diýen tama bilen inisi Ahmede alyp beripdir. Sarkisow Ahmedi ýene bu gün serhet galasyna degişli öz oturýan otagyna getirtdi. Indi soňky günlerde näme üçindir Ahmet bilen Sarkisow aýratynlykda, diýseň içgin gyzyklanýardy. Ony sorag soralýan ýerdäki ýakasyny tanadan, baş jellatlaryň ýanyna hem ertmäni bes edipdiler. Şol ýyllarda bu ýerde ýumruklary küdüň ýaly, bir uranda eňegiňi ýazdyrýan, gyzyl orus Morozow bilen, garaýagyzdan gelen mazardat, burunlak, kükreginiň tüýleri ýakasyndan çykyşyp duran, ýok ýerinde ady Apbow kürt diýlip tutulýan tussag-bendileri zalymlyk bilen ýugrup-ýassaýan, bir-birinden zalym iki sany ýakasyny tanadan jellatlar bardy. Olar adamlardan öz islän maglumatlaryny almak üçin dübleşip, Ahmediň üstüne hem köp dyzanyşyp alypdylar. Şol günleriň birinde ýenjip süýndürenlerinden soň, gana bulanan Ahmetden: “Aýtjakmy, ýok?” diýip, täzeden soralanda ol: “Aýdaýyn!” diýip, mugyra gelene meňzäpdi. Soňam agzynyň ganyny ýeňi bilen sylyp durşuna şeýle diýipdi: – Meniň size bir aýtjak gepim bar. Ýa-ha meni urup öldüriň, ýa-da bu erden gaçyň Orusýet, Kürdüstan diýip öz ýurduňyza. Ýogsam meniň aýak ýeterimde galsaňyz, diri soýup, deriňize saman dykyp, ýolda goýaryn! Şonda Ahmediň gylawly gepine jogap hökmünde Morozowdyr Apbow kürt ikisi öjügişip, ony suwasalma edip öňküdenem beter edip ýenjipdiler. Ýöne näme üçindir şondan soň welin ony bularyň eline bermäge howlukmadylar. Ahmet Sarkisowyň oturan oturgyjyndan iki-üç edip ýeňsede goýlan oturgyçda ýaňyrak çözülen elleriniň gurşan goşarlaryny taýly gezegine sypalap otyrdy. Sarkisow gapdalynda gatlanyp duran kagyzlaryň içinden Ahmede degişlisini tapyp aldy-da, ony öňüne çekdi. Onuň ýüzi argyndy, gije ýatman şöwür çekip, serhet ýakalarynda öz geçirýän işleriniň ugrunda bolup gezene meňzeýärdi. Mahal-mahal gerinjek ýaly düýrügip, pallap ýadaw gözlerini owkalaşdyrýardy. Gapdaldaky penjireden ak gündiziň bir bölegi içerik düşýärdi. Gaýrada derýanyň arkasynda bir ýerlerde Garabil baýyrlarynyň depe tutup üýşüşip oturyşlary salgym atyp, bu ýerden görünýärdi. Penjiräniň öňünden wagtal-wagtal esgerler gorsuldaşyp, o-ýan, bu-ýan ötüşip-geçişip durdular. –Akynýaz baýyň Owgan bürgüdi bilen näme sebäpden alagöz bolşanyndan seniň habaryň barmy onsoň? Sarkisowyň ýene-de gürrüňde Akynýaz baý bilen gyzyklanmagynyny dowam etdirmekçi bolanlygy belli boldy. –Men-ä olary juda bir alagözdürem öýdemok. –Galada bolan maslahatda olar dikleşip almandyrlarmy, eýsem? –Meniňä oňa dikleşigem diýesim gelenok, çakmyşygam. Bir-birine gazap eden ýok, ýarag çekenem. Bu ýöne suw-ýer dawasy bilen bagly adaty bir dartgynlyrak bolan jedelleriň biridir. Bürgüdiňki düşnükli, ol Sowetden gaçyp gelýän adamlaryň köpelýänini görüp, olardan Marçagyň töwereginiň ýerini gysganýar. Ýaşaýşyna şärik edesi gelenok. Olaryň jedeliniň sebäbem esasan-da şundan ybarat. Bärden baran türkmen baýlarynyň para-peşgeş bilen ol ýerde gereginden artyk özlerine ýer alşyp, ilden çykyberişleri, ol ýere baran garyp gatlakda uly nägilelik döredipdi. Olar bolsa köplükdi. Şu ýagdaýda Akynýaz baý orta düşüp, ýersiz galanlaryň bähbitlerini arap, baýlary ynsaba, ýersizleriň ýagdaýyna düşünmäge çagyrypdy. Bürgüdiň, ýeneki baýlaryň halky ekerançylyk ýerleri bolmadyk, suwsuz gaty ýerlere ibermek meselesine garşy çykypdy. Ol: – Eý, musulman doganlar. Biz Owgan emiri Nedir hanyň bize edýän ýagşylygyna dogry düşünmelidiris. Goý, Ýaradanyň özi emir hezretleriniň mertebesini mundanam beýik etsin. Ol bu ýeri diňe barly adamlar peýdalansyn diýip däl-de, bu onuň ähli musulman bendeleriniň arkasyny alyp, olara eden haýyr sahawaty, ýardam peşgeşidir. Ondan paý almaga hemmeleriň-de haky bardyr! – diýip, garşydaşlar bilen düşünişmek isläpdi. Baýlar: –Bu-ha, bolşewigiň gepini tapdy. –Garybyň arkasyny alan bolşuny gör! –Bu öňem Atabaý Gaýgysyz bilen ülpet bolşup, Sowetiň hyzmadynda bolup, uly derejelerde oturan adam – diýip, ondan nägile bolupdylar. Akynýaz baýy raýyndan gaýtarmak, öz maksatlaryna ýetmek üçin onuň üstüne abraýly işan-mollalary hem töwella iberip görüpdiler. Oňa: –Sen özüňe islän ýeriňden al näçe ýer-suw alsaň, ýöne köpüň öňünden aýryl!? – diýipdiler. Akynýaz baý olaryň şertini kabul etmänligi üçin bolsa indi şundan soň Bürgüt başlyklaýyn türkmen baýlary ony döwletiň derejeli adamlarynyň ýanynda agzyna sygan günäler bilen günäkärläp ýamanlaýardylar. Hatda onuň bu ýere Sowetler tarapyndan içaly edilip iberlenligine hem hökümeti ynandyrmaga synanyşyklar edilýärdi. Baýlar diňe şu ýol bilen Owgan emeldarlarynyň göwnüne güman salynsa, ondan dynyp bolar diýip çen edýärdiler. Ýöne oba baýlarynyň ýakynda Jüneýit hana wepadarlyk bildirmek üçin onuň ýaşaýan Kepderhan obasyna eden saparlary Akynýaz baýy ýene-de hemmeleriň öňünde bir gez beýgeldipdi. Jüneýit hanyň agyr ýygna baş bolmagynda ýurdy halas etmäge gitmäge taýýarlyk görülýändigi baradaky habary özge ýerleriň barly adamlarynyň eýýäm oňa: “Han aga, işiň ileri!” diýip, ýaranlyk bildirmäge barýandyklaryny eşidip, marçaklylaram Bürgüdiň ýolbaşçylygynda on-on iki sany, Jüneýit han işi bitip, ýurda han dagy bolaýsa, bizem gözden salmasyn diýen tama bilen, näden nä borkan diýşip ýören çemeçileriňem birnäçesi onuň bilen gitdiler. Bürgüdiň goşasy gelmän, bu topara goşan adamlarynyň biri-de Akynýaz baýdy. Has dogrusy öň Sowete işlän adam, Jüneýit hanyň hoşuny ýakmaz bahanasy bilen Bürgüt ony galdyrmakçy bolanda, işan aga ara düşüp: “Irde-giçde bir iş tutup, halky yzyňa düşürjek bolsaň, ýene-de sen töweregiňde Akynýaz baýdan gabylyny tapmarsyň” diýip, Akynýaz baýyň-da ol ýere gitmegine ony zordan razy edipdi. Marçakdan hana: “Işiň ugruna!” diýmäge gelenleri Jüneýidiň ýakyn-ýaranlary, Ahun işany bilen ogly Eşşi kabul etdi. Hal-ahwal soraşylyp, göwündeşlik üçin olara minnetdarlyk bildirildi. Hanyň özlerini kabul etmänligine biraz kemsinen Bürgüt hoşlaşalmazyndan ozal, öz nägileligini mälim edip, onuň ogluna ýüzlenip: –Serdar, han hezretleriniň saglygy ganymatmydyr? –Şükür alhamdililla. Han habarly. Jankörlik edip geleniňiz üçin siz –marçaklylara minnetdarlyk bildirýär. –Bizi sylany Alla sylasyn! – diýip, Bürgüt köpügörenligini edip, kabul edilişlerinden närazy bolsa-da, olar bilen minnetdar bolandan bolup hoşlaşdy. Öz ýanyndan bolsa “Han hezretleri bir zerur iş bilen gidip, bu ýerde bolmany üçin bizi kabul eden däldir” diýip, göwnüne basalyk berip oýlandy. Emma haçanda marçaklylar atlanyp durkalar aňyrdan gelen ýigit: –Adamlar, siziň haýsy biriňiz Akynýaz Mämmet ogly bolýarsyňyz? – diýip, olara ýüzlenipdi. Kimiň kimligini anyklansoň bolsa: –Sizi han aganyň huzuryna alyp gelmeli diýdiler – diýip, oňa habaryny beripdi. Akynýaz baý şundan soň Jüneýit hanyň özüni tanandygyny bilip, şeýle ýagdaýda köne tanyşlara mahsus bolan yzzat edijilikli kanagatlanma duýgusyny başdan geçirdi. Atlanjak bolup duran atynyň jylawyny gaýtadan attutaryň eline berip, täzeden yzyna dolanyp, sorap gelen adamyň yzyna düşüpdi. Giň howlynyň töründe bir toplum bolup oturan Jüneýit hanyň maşgalalaryna degişli öýlere golaýlaşan mahallary öňden hanyň ýanyna ugradyp barýan adam ol öýlere ýetmän, aýak çekdi-de, yzyna öwrülip: –Myhman, ýaragyňyz bolsa, bize goýaýyň–diýip, sypaýyçylykly ýüzlendi. Döwür talap edýän-de bolsa, Akynýaz baý uzak ýola ýekeräk gitmeli bolaýmasa, hemişe ýanbaşa ýaplap, ýarag götermezdi. Häzirem onuň ýanynda ýarag ugrundan çaklaňrak ýasalan ak saply jöwher pyçagy bardy. Onsuzam Jüneýit han ýaly daşy goragly mertebeli adamyň ýanyna nähili barylýanyny ol gowy bilýärdi. –Şul-a bardyr –diýip, Akynýaz baý pyçagyny ýatlap, gapdalyny sermedi, soňam ony guşagyndan ýazdyryp, öňe düşüp gelýän ýigidiň eline berdi. –Şonam goýaýyň! Gideniňizde alyp gidersiňiz! –Ýigit ony öňlerinden çykan iki adamyň birine uzatdy. Çakylyk edip alyp gelýän ýigit Akynýaz baýy öýlerden üzňeräk oturan iki gara öýüň sag tarapyndakysyna alyp bardy. Içerik girip-girmänem: –Han däde, myhmany alyp gelendirin–diýip habaryny berdi. Içerden gysgajyk ardynmadan soň bogugsyrak ses eşidildi: –Gowy edipsiň, gelsin myhman! Han Akynýaz baýy görüp, gobsunyp ýerinden turdy. Onuň bilen iki el berşip, gadyrly salamlaşdy. Gysgajyk aýak üstünde salam-helik alşyp durdy. Diňe şundan soň oňa öz gapdalyndan oturmaga ýer görkezdi. Alty ganat ak öýüň içinde hanyň özünden başga adam bolmansoň, ol öý sekiz ganat öý ýaly boşlaň hem giňiş görünýär. Öýüň içinde biraz ojakdan göterilen tanyş kül ysy bilen öý içine gatbar-gatbar düşelen haly düşeklerden göterilen edaja boýagdyr ýüň ysy bar. Han “Türkmen törüni bermez” edip, töre ýazylan uly düýphalynyň üstünde oturan eken. Akynýaz baý giren mahaly öýüň içi bir hili alagaraňkyrak görnen hem bolsa, soňra kem-kemden gözleri içerik öwrenişip ugransoň, hamala şol çal perde bir tarapa syrylan ýaly bolup, öýüň içi barha aýdyňlyk tapdy. Akynýaz baý Jüneýit hanyň häzirki durkuny bilesigelijilik bilen ony ilki görendäki keşbi bilen deňeşdirdi. Han diýseň-diýmeseň, biraz sykylyp, sakgal-saçynyň agy artyp gojalypdyr. Gözler welin şol mundan on bäş-on alty ýyl ozal gören howlukman, dünýäniň manysyny tirip oturan agras bürgüt gözler. Onsoňam bu güýçlüden güýçli bilen gazaply garpyşylyp, agyr hunabaly ýagdaýlary başdan geçirip, kalby yňrandyryp, agyr ýitgilerem çekip ýören Jüneýit han garraman kim garrasyn!? Akynýaz baý şol ýyllar içinde ýene bir gezek onuň bilen duşuşjagyny tama edipdi. 1924-nji ýylda Türkmenistanyň respublika diýlip, yglan edilmegi bilen bagly Aşgabatda geçiriljek dabara çagyrylanlaryň arasynda ol-da bardy. Türkmenistana döwlet statusynyň berilmegi, türkmen watançylarynyň kalbynda uly joşgundyr kanagatlanma döredipdi. Bu özbaşdak döwlet bolmak ozal-ahyr telim bir asyrlardan bäri halkyň kalpda besleýän arzuwy dälmidi, nä eýse!? Özbaşdaklyk bu türkmeniň elýetmez altyn halka elini ýetirmegidi. Ol günler bu şatlykly habary eşidip, oňa buýsanyp begenýäniň sany-sajagy ýokdy. Jüneýit han hem bu hoş habary eşidip, öz öwresinde toý tutanlaryň biri bolupdy. Türkmeniň döwlet bolmagyna kelläni orta goýup, duşman bilen indi onlarça ýyllardan bäri onuň erkinligi üçin göreşip ýören Jüneýit han guwanman kim guwansyn!? Ol täze döreýän türkmen döwletiniň ýolbaşçylarynyň ýörite çakylygyny hem uly kanagatlanma bilen kabul edipdi. Şol günler ol Magtymguly şahyryň: “Bir suprada taýyn kylynsa aşlar, göteriler ol ykbaly türkmeniň” diýen arzuwynyň hasyl bolup barýanyna hem bir döwür ynanypdy. Şonuň üçinem onuň dabaranyň başlanjak gününe çenli öz töweregi bilen ýetip gelmegine garaşylýardy. Gaýgysyz Atabaýew Marydan dabara gatnaşmaga gelenler bilen onuň öňüsyrasynda duşanda adamlar nähilidir bir hili gyzyklanyp ondan: “Ýoldaş Atabaýew, dabara han Jüneýidem çagyrylanmyş, ol gelermikän?” diýip sorapdy. Atabaýew olara: “Habar ugratdyk” diýip, gysgajyk jogap beripdi. Şonda şol ýygnaga gatnaşyp oturanlaryň biri Akynýaz Mämmet oglunda Atabaýewiň jogabynda birhili gümürtiklik bar ýaly bolup duýlupdy. Ol ýalňyşman eken. Ahyrda-da onuň çeni dogry bolup çykypdy. Jüneýit hanyň ýerine dabara onuň ýörite iberen adamlary gelip wekilçilik edipdiler. Hatda onuň adyndan dabarada söz sözlän işan: “Meniňem halkyma ahyr soňy döwlet ýar boldy” diýip begenip, buýsanyp, onuň baýdagynyň etegini ýüzüne sylyp, aglap çök düşüp ogşapdy. Şu baýdagyň indi şundan aňry türkmeni çogly Gün bolup çoýjagyna tama edipdi. Dabaradan soň Jüneýit hanyň dabara gatnaşmazlygy barada oňa gatnaşyjylaryň arasynda ýene-de uly gürrüňler döredipdi. Kimseler Jüneýit han gelen bolsa, ony iliň öňünde ýaragsyzlandyrjak ekenler diýse, ýene birleri onuň gelmezligini ýakyndaky çaknyşyklaryň birinde alan ýarasy bilen baglapdylar. Ýöne köpler onuň Goçmämmet serdaryň ýalňyşlygyny sapak edinenligini pikir edipdi. Edermenlikde, çaparmanlykda özüni tanadan Goçmemmet serdar Sowetleriň aldawy bilen ele salnyp, uçuryp atylanlaryň biri bolupdy. ...Goçmämmet han hem bir döwürde Sowetlere ot ýakdyrman gezen türkmen serdarlarynyň biridi. Ol Jüneýit han öküzleriň batyr serdary Şammy keli aldaw ýoly bilen öz halkynyň adamsy diýip gaýgyryp goýman alyp ýatansoň, meýdan saýlap gyrlyşmasa-da, onuň bilen deň öwsesi gelmändi. Goçmämmet serdar bu işi garşydaşyna garşy edilen adaty uruş däl-de, ahyr soňunda namartlyk bilen öz halkyna garşy edilen etmiş diýip hasap edýärdi. Umumanam, Şammy keliň öldürilip, goşuny dargadylansoň, Sowetler bilen ýurtda gaçyşyp-kowşup ýören serdarlaryň köpüsi birbada Jüneýit dandan daşlaşypdylar. Hasam öýleri talaňa berlen öküzler, toýlary ýasa öwrülen garadaşlylardyr ata depgiledilen gökleňler handan arlydylar. Jüneýit han şol döwürde agzybirlik etmek üçin töwerekdäki hereket edýän serdarlary bir üýşüribem alypdy. Emma bu maslahaty serdarlar Jüneýit hanyň özlerini alyp ýatmak üçin gurnan hilesidir öýdenleri, hüşgärligi elden bermän dartgynly oturanlary üçin olaryň gürrüňleri alyşmandy. Maslahat Goçmämmet serdaryň Jüneýit hanyň öňe süren agzybirlik baradaky gepine jogap hökmünde tapan hokgasy bilen jemlenipdi. “Näme üçin biz şol bir maksatly bir halkyň adamlary bolup durkak düşünişip, agzybirlik edişip bilemzok?” diýen sowal ör-boýuna galan mahaly adamlaryň oňa jogap tapman, işiň gata düşenligi belli bolan mahaly bu ýagdaýy göwnüne jaý edip bilmedik Goçmämmet han düşnükli zada düşünilmeýän zat hökmünde seredilmegini halaman, ol maslahatdaky öz gepi hökmünde bilindäki ok hataryny aýryp, ony ortadaky alawlap ot ýanyp duran ojaga taşlapdy. Oklaryň göçüp, alagürpüldi bolşup, ugramaklary şonda töwerekde howsalaly başagaýlygy döredipdi. Oklar göçüp ugrandan ojagyň töwereginde halka gurap oturan serdarlar oturan-oturan ýerlerinde okdan başlaryny gutarmak üçin ýüzin ýykylyp ýer bagyrtlapdylar. Oklaryň göçmesi galyp, serdarlar başlaryny göteren mahallary däri ysy tutan içerde ojagyň başynda diňe iki adamyň şol oturan ýerlerinde sarsman, däri ümri bilen dumanlap oturandyklaryny gördi. Olaryň biri Goçmämmet serdar bolsa ikinji Jüneýit handy. Olar şundan soň bir-birlerine sözsüz düşünişdiler. Türkmeniň arslan ýürekli duşmak miýesser etmändi. Biraz wagtdanam Sowetlere Goçmämmet serdary öz taraplaryna çekip, ony bähbitleri üçin ulanmak başardypdy. Goçmämmet han gyzyllaryň hatarynda bolup, ataman Dutowyň, Nozdyrýowyň toparlaryny ýok etmäge işjeň gatnaşýar. Emma onuň Sowetleriň degirmenine suw guýmasy iki-üç ýyldan uzaga çekmeýär. Hywadaky Sowet hökümetiniň ýolbaşçy wekilleri Şakirowdyr Soltanmyradow bir mümkinçilik bolanda ony nökerler bilen aldawa salyp, baş galada ony geçmişdäki ata-babalarynyň Pýotr I-iň ilçisi Çerkaskini öldürişleri ýaly haýynlyk bilen öldürýärler. Şeýdibem “Duşmandan ataň bolsun, ýanyňda paltaň bolsun” diýlen halk pähiminiň juda mamladygy ýene-de bir gezek hakykat bolýar. Jüneýit handyr Akynýaz baý geleniniň yzysüre öňe gelen çaýdyr nahar-şoruň başynda könäni, ýeneki bolan-goýanlary ýatlaşyp, ertirki günlere çen-çak urşup, mesawy gürleşip oturdylar. Jüneýit hanyň ýolunda duşup, göwni ýeten adamlarynyň biri Gully emin, onuň soňky ýeňil bolmadyk ykbaly ýatlanyldy. Gully eminiň Daşkent türmesinden aman-sag çykyp gelenini Gaýgysyzyň tanyş hökmünde oňa delalat etmek islän-de bolsa, onuň-da elinden hiç zat gelmändigini oňa Akynýaz baýyň özi gürrüň berdi. Türkmen döwletiniň esasy ýolbaşçysy Gaýgysyz Atabaýewden gürrüň çykanda Akynýaz ýene-de Kerkide özüniň Sowet ýolbaşçylarynyň biri bolup işlän döwründe onuň bilen bagly bolan ýene bir wakany ýatlady. Bu Amyderýa boýlarynda ýaşaýan, şol döwür ähli dokumentlerde „Uly ärsary göçi“ diýlip atlandyrylan göç bilen bagly bolan wakady. ...Bu öwräniň halkynyň uly bir böleginiň Owganystana gaçyp geçmek hyýalynyň barlygyny Sowet ýolbaşçylary öňden bilýärdiler. Akynýaz şeýleräk ýagdaýyň barlygyny habar berip, bu ýagdaýyň öňüni almak meselesinde Gaýgysyzyň hut özüne sala salypdy. Şonda Gaýgysyz oňa: „Tizden özüm Kerkä barýan, meseläni şonda ýerinde çözeris“ diýipdi. Göçüň gozganyp, ýola düşüp ugranyny eşidibem Atabaýew gyssagly Kerkä uçup gelipdi. Soňam ol halky raýyşdan gaýtarmak üçin Akynýazdyr ýanynyň bir bölek atlysy bilen göçüň öňünden çykypdy. Şol ýerde at üstünde ärsary türkmenleriniň öňüne düşüp, ýol kesip barýan abraýly kethudalary, edermen batyrlary bilen hutma-hutrak şeýle gürrüň bolupdy. –Adamlar, Watany terk edip, siz nirä barýaňyz? –Eýsem, nädeli? Bu Sowet diýeniň äkidip güpledip-güpledip basyp dur, atanyny atyp dur. Halky tirsekläp hiç günlerine goýmasalar näme, OGPU diýdi, sut, prokuror diýdi bir-birinden zalym, belasy bolsa kän munuň. Özi-de halky ýagşy egismese, köşeşerli däl bularyň... –Kynçylyk bar, adamlar, dogry aýdýaňyz. Ýöne bizem-ä mümkin bolan ýerde halkyň arkasynda durjak bolýarys! –Onyň dogry, ýoldaş Atabaýew, ýöne köp halatda size-de ony etmek başardyp-da baranok. Wah, azar berilmesedi. Hiç ýerde Watandan gowy gowy ýer tapmajagymyzam biz gowy bilýäs. Gyrlyp gutaraýmankak göçäýmesek, biziň başga alajymyz ýok. Gaýgysyz, seniň biziň ýurtda galmagymyzy isleýäniň gowy zat, ýöne aýt hany sen bize galsak, onsoň bizi Sowetiň edýän bu duşmançylykly zulumlaryndan gorap biljekmi? Şu garamatymyzy boýna alsaň, biz göçmeýäs. Göçi ýeten ýerimizden yzyna dolap-da bilýäs!? Döwlet başyna geçip, bu ärsary kethudalarynyň dogry durup beren bu sowaly Gaýgysyzyň jogap tapmadyk iň kyn soraglarynyň biri boldy. Atabaýew at başyny öwrüp, göçüň öňünden sowulaýmakdan başga alajy bolmandy. Bu ýene-de türkmeniň uly bir böleginiň Watandan bölünip, ýer süýşen ýaly bolup, onuň durmuş-döwranyndan alaçsyz çykyp gitmesi bolupdy. Akynýaz baý ýene bir salym hödür-keremde, gadyr-gymmatda bolup, han bilen gürleşip oturansoň, onuň ýurt küýseglidigine, ol barada mümkin bolandan köpräk zat bilmek isleglidigine göz ýetirdi. Gürrüň birnäçe gezek oýlanyp, dolanyp ýurt içindäki ýagdaýlaryň, Gaýgysyzdyr ýurtda tanalýan beýleki ýolbaşçylaryň üstünden geldi. Haçanda Akynýaz baý ýurtda pagta meselesiniň has ilerlenilip, däne meselesinden öňe sürülýänligini, “Pagta geldi, bugdaý çyk!” edilýändigini aýdanda, han nämedir bir zady makullaýan ýaly sähelçe baş atyp: –Pagtany ilerleýän bolsa düşnükli, Sowetiň pawriklerine çig mal ýetýän däldir–diýip pikir ýöretdi. Soňam biraz sözüne basymly dyngy berip, ýene-de gürrüňi dowam etdi: –Bugdaýam-a agzy bolana gerekdir özün-ä... Bugdaýy tirseklese-de, özünden uzaklaşdyryp bilmez. Gerekligini bilipjik durandyr. Halkyň Sowetleriň hajyk-hujugyna aldanyp barha aňa ylygýanlygyny eşiden wagty bolsa, ol hasam oýurgandy. –Ýurdy gylyç bilen alyp, soňra ýurdy syýasat bilen dolandyrylmalydygyna gijrägem bolsa düşünip ugran bolmaly. Jüneýit han ganym garşydaşynyň syýasatynyň ýurtda gala alýanlygyny eşidip, halamazlyk bilen gamaşaýjak ýaly bolsa-da, ol muny hamala ozaldan islegli arzuw-dilegi gowşan ýaly ynjalyk tapmak bilen parahat kabul etdi. Akynýaz baý gürrüňçilik mahalynda onda galan Watan hakyndaky käbir gürrüňleriniň hemmesiniň, han kalbynda sazlaşyk tapýanlygyny görüp, olaryňam gerek ekenligine göz ýetirdi. Eger-de Watanyň bir ýerlerinde wagt eşiden bolsa bu gürrüňler hanyň ünsüni beýle çekmese-de çekmezdi. Bu tutma-tut gürrüň bolup gürrüňem däldi-de, Watanyň, onuň topragynyň süňňünden göterilen hanyň küýsegli kalba ýakyn hüwdüdi. Onda geçmişem bardy, şu günem, belli bir derejede geljegem bardy. Ýat ýurtda gabatlaşan türkmeniň il öňüne düşen serdar ogullarynyň ikisin-de bu duşuşyk diýseň ýakymly boldy. Köne tanyşlar şol söhbetde maslahatda bolup oturyşlaryna bir-birleri bilen ikindi namazyny bile okaşyp mähirli hoşlaşdylar. Jüneýit hanyň, Akynýaz baýdan özgeleri kabul etmezligi şonda Bürgütdir onuň töweregindäkileri belli bir derejede nägile halda ýuwdundyrypdy. Onuň tersine bolsa, bu duşuşyk Akynýaz baýy has mertebelendiripdi. Ýolda gaýdyp yzlaryna gelýärkäler Akynýaz baý, Jüneýit hanyň gyzyklanyp, özünden köne tanşy Gully emin barada soraşdyryp oturanlygyny aýdan mahaly, onuň töweregindäki adamlarda Söýünalyda birem däl, Jüneýit hanyň iki sany tanşynyň bolanlygy anyk bolup, häzirki döwürde olaryň hiçisi bilenem „oýun“ edýäýmeli däldigi belli bolupdy... Sarkis çilimini, kükürdini stoluň bir başynda çykaryp goýup, düşnüksiz nazar bilen Ahmedi synlap, hüşgärlik bilen çyn aýdýanyny, beýleki aýdýanyndan tapawudyny aňarman bolup, onuň ýüzüni dikanlap synlaýardy. Özi-de ol Ahmediň sorar diýen soragyny däl-de, ondan Owganystan, oňa geçen adamlar barada has köp soraýardy. “Näçe baýyň zadyny geçirmäge kömek etdiň, näçe gazandyň?” diýibem hetjikläp sorabermesi-de bardy. Bir gezek bolsa ol hatda bu adaty berýän soragynyňam çäginden çykdy. Stol üstündäki çiliminden alyp otlanyp oturyşyna: –Nätdiň onsoň syrtyňa alyp, Owgana aşyran aýallaryňdan peýdalanyp bir bildiňmi? – diýip sorady. Ahmet birbada onuň niräni tozudýanlygyna düşünmedi. Sarkisow ýene sözüni dowam edip, öz gepini Ahmet düşüner ýaly edip çugdamlady. –...Ana, sen-ä bir näzenin maşgalany syrtyňa mündürip alyp barýansyň, birdenem ýeňsäňe gözlärsiň, onuň näzenin ýüzüne gözüň düşüp göwnüň gider. Şonda harsa ony atyň üstünden kakyp alyp, basa düşübem-ä alansyň, zaluwat... Sarkisowyň şol pursady, bu hezil pursady özüçe göz öňüne getirip, nämedir bir zatlary pikir edip, ýesersiden içýakgynç gülümsiredi. Ahmediň oňa girre gahary geldi. Ol: –Ha, seniň... – diýdi-de, oňa paýyş sögesi geldi, ýöne onuň kimdigini, özi bilen türkmen dilinde gepleşip oturanyny ýatlansoň, ýuwdunyp, hyrçyny dişläp, gazabyny zordan ýuwutdy. Sarkisow bu gepi diýen mahaly onuň özüne dikilen gözleriniň ýyldyrym çakan ýaly bolup ýalpyldap gidenini görüp, gürrüňdeşini gazap atyna ataranlygyna düşündi. Onýança-da Ahmet ýaryldy: –Iliň heleýini eltip bereýin diýip, lebiz edibem, heý, ony bozup bolarmy? Soň bir ýerde duşanyňda onuň äriniň ýüzüne nähili seretjek? –Çola ýerde, äri nireden görsün? – Sarkisow ýene-de ussatlyk bilen Ahmedi gordurmak üçin, onuň oduna nebit sepdi. –Eý-ý, ermeni OGPU, biriniň heleýini eltip bereýin diýip, söz bereňsoň, ony ýolda atdan düşürip, höwese ýanamak seniň gowy görýän zadyň bolmagy mümkin. Ýöne bizde ol juda erbet görülýän zatdyr. Mertebesine kölege düşendenmi nämemi, Serkisiňem peltesine ot degenligi belli boldy, ol agzynda çilim barlygyna hem seretmezden, unudyp ýene-de pakirosyny duran ýerinden penjeläp öňüne çekip, onuň ikinji birini otlandy. – Ýeri, ýeri, senem tanalmaýan tohumdan dälsiň, segsenden geçibem henizem “Dabany ýaglyja gelin bolsa, gözüňizde bolsun” diýip, heleýiniň üstüne ýaşrak heleý edinermen bolup, esräp ýören agaň bar-a seniň. Şol eli hasaly küýkeribräk ýören, Kymyş diýilýän agaň dälmi näme seniň? –Segsenden ýaşy geçen, üstesine-de, adyna-da Kymyş duzçy diýilýäni bolsa, şol meniň agam bolmaly. –Şol henizem ýaşrajyk heleý diýip kişňäp ýör dälmi? –Bälçiremesi-hä bardyr özün-ä – diýip, Ahmet Sarkisowyň agasy barada beletlik bilen aýdan gepi bilen ylalaşýanlygyny mälim etdi. Içinden bolsa: “Bäh, bular obany ilik-düwme öwrenýän ekenler-ow” diýip, biraz geň galmak bilen uýalyp durşuna ysmyksy ýylgyrdy. Sarkisowyň Ahmet bilen edýän gürrüňiniň çägi gün-günden barha giňeýärdi, ol özüniň bilesi gelen zatlaryny şu endige öwrülip barýan gepleşikleriň üsti bilen, howlukman jikme-jik anyklaşdyrýardy. Özi-de onuň beýtmek bilen wajyp bir zada taýynlanýandygy hem duýulýardy. Ahmet onuň näme diýjegini anyk bilmese-de, berýän soraglarynyň öwzaýyndan çen tutup, bu ýerde Owganystan bilen bagly bir gepiň barlygyny welin aňýardy. Gönüden-göni ol OGPU-nyň özüni Jüneýit hanyň töwereginde ýerleşdirip, öz gulagyna öwürip bolmaga çemli adam hasap edýänliginden welin ol häli-häzire habarsyzdy. Onuň Hanuma bilen gatnaşygynyň barlygyna göz ýetirensoňlar bolsa, olaryň bu ynamy hasam artypdy. Onsuzam OGPU-nyň bu döwürde öz sähel bähbidi üçin oýnamaýan oýny ýokdy. Ýöne indi bu işi ýiti gözli çekistlerçe sep berdirmezden, çyna berimsiz edip, ýerine ýetirip gurnamak meselesi galypdy. Ähli zat indi bu ediljek bolunýan emeliň, Ahmediň düşüriljek bolunýan gapanynyň nähili edilip gurnalyşyna baglydy. Türkmen dilini bilýän iş zerurlygy sebäpli onuň halkynyň häsiýetini ymykly öwrenen Sarkisow işiň juda wajyplygyny göz öňünde tutup, bu duzagy ýalňyşmazdan, meseläniň ähli tarapyny ölçäp-döküp, giňden gurnamaga çalyşýardy. Ahmet Sarkisowyň Owganda Sowet hökümetine hyzmat etmek baradaky teklibine ne hä, ne-de ýok diýip, belli bir gep aýtmadygam bolsa, soňra ol oýlanyp-ölçerip, teklibi göwnejaý edip bilmeýän-de bolsa, “hä” bermegiň OGPU-nyň elinden sypmaga ýeke-täk ýoldugyna göz ýetirensoň, özüniň gepe ylygyp ugranlygyny Sarkisowa mälim etdi. Şeýdibem ol Sarkisowyň giňden guran duzagyna özüniň nähili düşüp ugranyny bilmänem galdy. Içinden bolsa “Eliňizden sypyp, derýadan bir geçeýin, nätjegimi onsoň özüm bilerin” diýip küýli oýlandy. Günorta owgan topragy tarapdan bolsa ýagarman gara bulutlar deýin bolşup, töweregini tüsselendirip, aladaly habarlar barha köp gelýärdiler. Şonuň üçinem OGPU Owganda näçe gulagy bolsa-da, bary bir ony ýene-de az görýärdi. Galyberse-de, Ahmet garadan gaýtmazdy. Şeýle adamam OGPU diýseň gereklidi, onda-da häzirki “Orta Aziýa halas ediji” şol uly güýjüň döremek wehimi abaýan mahalynda. Sarkisow ürç edip özüni sorag-synaga tutaly bäri Ahmet bu zatlaryň sebäbini gözläp, hemişe iňkis-oýdady. Ol bu ýagdaýlaryň aňyrsynda Ýagdyň berýän gizlin maglumatlarynyň matlabynyň bardygyny çen edýärdi. Eýsem, başga kim bolup bilsin. Häzirki döwürde diýeni bolýanam, diýenine ynanylýanam ýene-de Ýagdy. Hanuma bilen aranyň bardygyny dagyn eşiden bolsa, ol gabanyp, hasam gazaba galandyr. Atdyryp, basdyryp goýbermek bolsa onuň çep elinden gelýär... Ýa-da şol gezek ony atjak bolanyň mendigini Nurjuma bir ýerde dilinden sypdyraýdymykan? Muny anyklan dagy bolsa, biziň Bäşbelany gözünde oky bolsa atmaýarmy ol. Gaty arsakdyr öz-ä, ýaşlykda özüne biri “gul!” diýip ýüzlenenem bolsa ýadyndadyr. Myratdurdyny nätdi, ýygnakda ol gatyrak giden mahaly: “Eý, sen, Ýagdy kemsit, gul gomaslygyňy edip, beleň alyp, agzyňa gelenini atalap durma!” diýeni üçin, ony eziji synpyň wekili hökmünde, bir gijede ýygnadyp, gümgidene gidirmedimi, eýsem? Indem onuň niredeligini Alla bilsin?..” diýibem ol onuň özünem, neberesinem bir amatly bahana tapsa, aýap goýmajagyny biraz howatyrlanybam oýlanýardy. Sarkisowyň tap bilenlik bilen öz ugruny ýekelemegini dowam etdirmeginiň sebäbine ol henizem oňly düşünip bilmeýärdi. Elbetde, bu edilýän ezmaýyşlygyň ýöne ýerden däldigi düşnüklidi. Ýogsam bolsa soňky döwürde edilýän garaşyklar, aladalar näme üçin bolsun. Ony indi soraga çagyryp gazaba gerňemeýärdiler. Esgerleriň iýýän naharlaryndan naharlap ugrapdylar. Sarkisowyň bolşy ylla Ahmediň kimligini ýadyndan çykarana meňzeýärdi. Hökman bir sebäp bolmaly. “Bir sebäbi bolmasa, guýruk munda ne ýatyr?” diýilmänmi näme? Töwerekde bolýan ähli ýagdaýlardan çen tutup, bu zatlaryň soňunyň näme bilen gutarjagyny ynjalykdan gaçyp, öňünden anyklamaga çalyşýardy. Gün geçdigiçe-de onuň başynda ýaz bulutlary ýaly kowsarlaşyp ýören pikir bulutlary barha artmasa kemelmeýärdiler. | |
|
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -5: romanyñ dowamy - 14.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -24: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -24: romanyň dowamy - 24.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |