14:13 Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy | |
* * * Daňdanlar az salym-da bolsa, gijäniň bölünip-dargap ak gündize sanyp ugran pursady, dünýä birsalymlygam bolsa, töweregine bulutlaryny gonduryp-göçürip ýören güýze meňzäp, ol içgip-içgip ýagyş bolup, şybyrdap ýeriň üstünden inerli görünýär. Dünýä hoştapdan sergin bolup, onuň üstünde ýakymlydan ýumşak zenan eli sypalaýan ýaly şemal peýda bolýar. Açyk asmanyň astynda bala-çagalary bilen pytraşyp, ýatyp-turup ýören sürgünler täze ýeriň howa ýagdaýlarynyň gylyk-häsiýetine näbelet bolansoňlar, bu görnüşi görüp, ilki-ilkiler: "Ýagyş ýagmasa-da ýagşydyr“ diýşip alada galardylar. Ýerli-ýerden özleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň ugruna çykan adamlar üçin, häzir iň bir islenilýän zat ol-da ýagyn-saçynsyz gurugançylykdy. Sürgün obaçylygyndan her gün ir bilen hemmelerden öň hemişe kerpiç guýujylar çykardylar. Olar soňundanam brigadirleriniň yzyna düşüşip, iş ýerlerine gyssanyşyp giderdiler. Kerpiç guýujylara ýolbaşçy edip, türkmenleriň öz aralaryndan Beki Seýitmyrat goýlupdy. Onuň Daşkentde okan döwri öwrenen ors dili, şol bir wagtda bolsa, işe erjelligi az salymda oňa barak ýolbaşçylarynyň ünsüne düşmäge mümkinçilik beripdi. Kerpiç guýlup ugralandan bir hepde soň, komendantyň özi gelip, ony şu ýere belläp gidipdi. Adamlar her gün näçe ir turdummykamam diýseler, her gün ýygnanyşyk ýere baranlarynda Bekiniň eýýäm ol ýerde aýak üstünde özlerine garaşyp, alagaraňka gatyşyp, elini arkasyna tutup, öňe-yza gezmeläp ýörenligini görerdiler. – Bu zaluwat ýatýarmykan bir? – diýşip, onuň galjaňlygyna haýran galardylar. Bekiniň özüni wezipesine laýyklygyny görkezjek bolup, şeýle jan edýänligini pikir edýänleriň, has-da uka namardraklaryň arasynda bu „daň horazyndan“ „Bu bizi gün-günden ir turmaga mejbur edýär, öňki orus başlygymyz „Rabataý“ diýip, abyr-zabyr etse-de, mundan gowudy, soňy ýokdy, buýä bizi halys işledip öldürjek“ diýip, ondan nägile bolýanlar-da bardy. Emma Beki hem adamlaryň bähbidini aramak meselesinde-de özüniň hiç neneňsi bolmajagyny eýýäm görkezip ugrapdy. Ol ýolbaşçy bolup işläp ugranyna uzak wagt geçmänkä, Reşetnikowdyr komendanta kerpiç guýmagyň agyr işdigini, onuň asla-da aç garnyň, ysgynsyzlygyň işi däldigini, işjeňligi artdyrmak üçin, dänede işleýänlere edilişi ýaly, bulara-da bolmanda bir wagtyna nahar berilmegini gazanypdy. Ine, şondan bäri-de, kerpiç guýýanlar günortan alýan çörek paýlarynyň daşyndan her gün kolhoz ammaryndan gysganylyp berilýän nohutdan ýa-da çüýrük-çarykdan saýlanylyp alnanlygy üçin, biraz çüýrük ysly geçen ýylky kortoşkadan taýynlanan nahar berlerdi. Şondan bärem adamlaryň arasynda bu nahary gazanmagyň oňa aňsat düşmedigini ýatlap: „Biziň şu ýigidimiz ýaş-da bolsa, ederini biljek adam özi...“ diýip, ondan minnetdar bolýanlar-da, onuň ýolbaşçylygyny göwne jaýlaýanlar-da köpelipdi. Bu günem ol öz kerpiççileriniň başyny jemläp, olary ozalky gelenleriň ýaşaýan barak obajygynyň gapdaly bilen sürüläp äkitdi. Kerpiççiler kolhoz kontorynyň ýanyndan geçip barýarkalar, Şadmanowyň her gün irden gelip, bir maňlaýyny diräp alýan ýeri bolan kontora gelip, arabadan düşüp duranyny gördüler. Ol alagaraňkynyň içinden müňedekleşip barýan adamlary tanansoň, öňünden goşun sapyny geçirýän komandire meňzäp, olara tarar öwrüldi. Bekiniň „Ýoldaş komendant“ diýip, mazamlandyryp beren salamyny-da alman, toparyň yzyndan gelýänleri oňa görkezip, harbylarça dözümli talap bildirdi: –Eý, brigadir, seret yzyňa, guýrugyň galdy üzülip. Tije-de, deňle olaram tizräk! Komandantyň talabyndan soň Beki toparyň öňünden bir ýana sowuldy-da, süýrenibräk gelýänleri gyssady. –Adamlar, köpüň aýagyna görä ýöräweräliň! Iliň yzy bolup, ahmallykda balagynyň uçgurynyň bir tarapyny içine gidiren Küdam maňka balagyny aşak gaçyrmajak bolup, ony bir eli bilen äbşitläp tutup gelşine, käte öz aýagyna çolaşyp entirekläbem gidýärdi. Aljyraňňy halda ýetişiksiz gara günde bolup gelýärdi. –Eri, beýle howlukmak aslynda nämä gerekmiş, dem-salym gijräk barlanda, nä ol iş gaçyp, ýene bir ýere gidýämişmi? Onsuzam uky almadyk adamlar alasarmyk – diýip, ol şol gelşine-de nägile halda maňkalaýardy. Küdam maňka bilen eginleşip diýen ýaly gelýän süňkbaşy iri Tätän özüne kelteräk bolýan donuň daşyndan guşalan guşagyndan bir elini geçirip, toparyň öňüne göz aýlap, suw boýlaýan ýaly bolup gadam basyp gelýärdi. Şol barmana Küdamyň balagyny çekip bolup barşyny görüp, hemişe onuň bilen bileräk, arkalaşybrak işleýän Tätäniň ýoldaşyna degesi gelenligi belli boldy. Ol töweregine seredip: –Eý, adamlar, bu maňlaýygaranyň balagy elinden dagy sypsa, aýp ýerlerini ýapyp-gabsara başga içki geýim zadam-a ýokdur munuň, sallap görkezip durubermese – diýdi. –Eý, dost, seret ünslüje, gyssagarada ýene özümiňki diýip, keýwanyň içkisini geýip gaýdan bolma? – diýip, şundan soň öň ýanyndan barýan Nöker Ermeni hem ýeňsesine gözläp, ýeser ýylgyryp, bu gepe özüçe şüweleň berdi. Degişmelere çeti gyzmaga derek Küdam maňka ýene şulaň aýdýan gepi ugrunda bar bolaýmasyn diýen hörpde üşerilip, öz aýagyna seretdi. –Eý, keşde, zada görnenok... –Sen gowuja seret! – diýip, uzyn boýly, iliň bir baş depesinden gözläp barýan ýigit gyzygyp, bu gürrüňe goşulan wagty, öň onuň bilen degşip ýörmänligindenmi nämemi Küdam maňka onuň gepi ýaramady. Ol. –Aý, lal bol-a, öseri çirtim edilmedik syryk! –diýip, çeti gyzanyny mälim edip, oňa hyňrandy. Soňam ol, senem meni şeýdip ýetene gülki edip goýýaň-ow – diýip, bir egni bilen gapdallaşyp barýan Tätäniň egnine kakyp goýberen mahaly beýleki golundaky içi nanly günortan iýmegi niýet edip ýanyna göteren düwünçegini elinden gaçyrdy. Ony görüp, dostunyň aljyraňňyrak ýagdaýyna düşünen Tätän ýere gaçan düwünçegi ýüzugruna kakyp aldy-da: –Özüm götärin düwünçegiňi, sen balagyňy oňarsaň bor! – diýdi. –Aý, senem bir iýdisiz-ow, Tätän, saňa oýun gerek, il bolsa munda balaksyz galyp barýar – diýip, Küdam maňka onuň degişmesinden hezil tapyp hüňürdedi. Barybir munuň bilenem Tätäniň onuň ýakasyny goýbermänligi belli boldy. Ol ýene diýen gepinden keýp alyp, Küdam maňkanyň ýüzüne ýesersi seredensoň: –Eý, gardaş, ýaňy komandantyň gapdalyndan geçip barýarkak, çermegi biraz gowşadyp, balagy aşak düşüren mahalyň, şol-a görkezmän gizläp ýören aýyp zadyny göräýdi öýdýän? Töwerekdäkiler bu gepiň Küdam maňkanyň çetine degjegini, onuň has-da nägile boljagyny pikir etseler-de, beýle bolmady. Gaýta ol: „Gören bolsa, gowy edipdir. Şoňa onsuzam görkezesi gelip, jany ýanyp ýören az däl. Hiç zat ýok ýerinden hol Juwajy – gül ýaly oglan ýanyp gitdi“ diýip, hesret bilen aryny ýerine salan hörpde gepledi. Kerpiç guýmak üçin derýanyň kenarynda bir-birlerinden uzak bolmadyk iki ýer toprak laýyklygyna, suw amatlygyna seredilip saýlanylyp alnypdy. Işim derýasy bu ýerde hamala töwerekläp, obanyň daşyna öwrülmegi niýet edinen ýaly tirsek bolup, gapdala ýaýraw berip sowulýardy, şol ýerdenem aňyrlygyna öňküsinden has giňäp akýardy. Gün dogan mahaly suwuň ýüzünde bar ýaly bolup duýulýan garamtyl gögüş örtük aýrylýardy-da onuň deregine ol giňişligiň üstünde Gün şöhleleriniň döreden altynlaç ýalpyldamasy bilen, şähdaçyklyk peýda bolýardy. Kerpiç guýujylaryň işiniň şüweleňi hem her gün şeýdip, Gün çykyp, ýeriň, adamlaryň arkasyny gyzdyryp ugransoň başlanardy. Balaklarynyň agzyny dyzylaryna çenli çermeşip işlenilen wagty aýaga çolaşýan donlary gapdala atyp, çemelersini alan adamlar duran-duran ýerlerinden diýseň ýeňil gopuşyp, gyzgalaňly işleýärdiler. Onsoň milletiň derçigip, çukurlardan palçyk çykaryp durany haýsydyr, ylgawyny ýazdyrman, dazanaklaşyp galyp-göterip gatnap, galtak daşap güpüledip, kerpiç guýup ýöreni haýsydyr. Köp wagt geçmänkä-de töweregiň agyn kerpiç bolup ýatandyr. Şu halatda depe bolup duran üýşmek-üýşmek palçyklar, hamala, palçyk däl-de, bugdaý harmany ýaly bolup görnüp, ondan her kime alanyň özüňki, alan aldy diýlen deý, adamlar ýerli-ýerden topulyşyp, ony şaram-şark bölüşýäne öwrülýärdiler. Brigadir bir salym kerpiççileriň arasynda aýlanyp, işleriň gidişine gözegçilik edensoň, ol kepäp sarygyp ugran kerpiçleri agdaryp ýören Gully emindir Seýitmyrat aganyň ýanyna geldi. Onuň kakasyna aýtmaly gürrüňi bardy, ol birki günlükde Bekä: „Sen bularyň dilini bilýäň. Juwajyny bir derekläp görseň!“ diýipdi. Düýn kontorda duşanda Reşetnikowdan Juwajy barada soranda ol-da: „Sud bolupdyr, bäşmi-on ýylam ýelmäpdirler, haýp, armanlyja gitdi-dä oglan“ diýipdi. Elbetde, olam Şadmanowdan eşiden bolmaly. Bu zatlaryň şondan başga anygyny bilýän barmy? Seýitmyrat aga ogly Bekini diňläp, biraz sakgalyny sypap, oýa batyp duransoň: –Beki, sen bir gulagyňy şol tarapdan aýyrmagyn! – diýip, oňa ýagdaýy bolsa Juwaja kömek etmegi ýene bir gezek tabşyrdy. Beki kakasynyň sakgalynyň berkligini barlap görýän ýaly çekip-çekip alýanyny görüp, onuň inisiniň düşen gününi ýatlap kejigýänligini gördi. Ýäne nätjek!? Juwajynyň nähakja uly bir edilen etmişi ýok ýerinden aýagyny sallap, türmä gitmegi sürgünleri üýşendiripdi. Olar sähel bahana tapsa, komendantyň özlerinem gaýgyryp goýmajagyna düşünipdiler. Bu ýerden gurluşyga kerpiç çekýän araba gelensoň, bile işleýän Gully emin Seýitmyrat aga bilen ony ýüklemäge gitdiler. Bu tabyna-ýagdaýyna görä iki-üç sany gojaýan adama ynanylan wezipedi. Ol kerpiç agdarmak, olaryň saryganlaryny bir ýere üýşürmek ýaly ýeňilräk işlerden ybaratdy. Seýitmyrat aga üýşmekden alan kerpiçlerini ikiden-ýekeden Guly emine uzatsa, o-da olary döwlüp ýenjilmez ýaly usullyk bilen arabada ýerleşdirýärdi. Gardaldan özlerine kömek berýän eginlek orus adamsyna meňzeýän, ýöne orusdanam saryýagyz görünýän Rawile atly tatar adamsy iş arasynda ikiden-ýekeden gep atýardy. –Rawil, onsoň sen Gazanyň hut özündenmi? –Özünden bolaryn men. –Onsoň ol şäher, dogrudanam, „Gazan“ diýilse, gazana meňzeýärmi? –Belki, meňzeşdirem, ýöne men oňa üns-de bermändirin. –Ýok, meňzeş bolmaly şol. Dolanyp baraňsoň, synla-da göräý şony. –Ýa nesip, şol günlere bir ýetsek... –Etersiň, inşalla. Bir gün biziň hemmämizem Watana gaýdarys. Biz barmasak bolmaz-a... –Şeýle bolsun-da hernä, Alla jan – tatar watany ýatlanda göwnüçökgünlige berlip, umytsyz uludan dem aldy. –Bilýäňmi näme, tatar gardaş, gadymýetde seniň ata-babaň bilen biziň ata-babalarymyz bir dogan – şol bir türki halkyň adamlary bolupdylar. Bu gürrüňi Gully emin onuň hapa bolup barýanyny görüp, ony ýürege agram salyp ugran agyr oýlardan birazam bolsa gutarmak üçin, göwünlik berijilikli äheňde aýtdy. Gully emin soňam bu nurana ýüzli tatar adamsynyň öz dogandyklary barada eşidip, bilesigelijä öwrülenini görüp, onuň üçin bu baradaky öz eşiden köne taryhyny ýatlady: –Ol döwürlerde Hazar bolupmy, ýeneki bolupmy biziňkiler saryýagyz türkmenler hökmünde dünýäde tanalan, Itil derýasynyň boýlarynda ýaşan bir halk bolupdyr. Olaryň paýtagty sarylaryň ýurdy diýen manyda „Saryk il“ ady bilen tanalypdyr. Şol şeýtan ara düşen güne çenli olar bir halk bolşup, agzybirem ýaşaýan ekeler. Emma şundan soň welin halk ikä bölünip, bir-birlerini duşman okunyşyp, gyrlyşyp ugrapdylar. Sarylaryň bir bölegine Tatar han diýen bir han serdarlyk etse, ýene birine biziň babakelamymyz Salar Gazan baş bolupdyr. Bularyň näme üçin, näçe wagt bir-birleri bilen tarap-tarap bolup çaknyşany belli däl, ýöne şol uruşlaryň birinde Salar Gazan agyr ýaralanypdyr. Ol agyr halda ýatyrka aýtmakçy bolan iki agyz gürrüň üçin Tatar hany öz ýanyna çagyrdypdyr. Tatar han özüniň ýöne ýere çagyrmaýanlygyny, onuň nämedir bir zady öz boýnuna dakjagyny aňyp, Salar Gazanyň çakylygyna ilki bir gitmejegem bolupdyr. Ýöne töwerekdäki derejeli adamlar baryp, Salar Gazan bilen razylaşmagy, doganlygyň raýy üçin munuň hökmandygyny oňa düşündiripdirler. Ol baranda Salar Gazan: „Saňa aýtjak üç gepim bar. Olaryň birinjisi, biziň ikimiziň yzymyzda duranam şol bir sarylar – bir halkyň wekilleri şonuň üçinem sen her kimiň haýsy birimiziň tarapymyzy çalmak hukugyny özüňde goý, olara azar berme, goý, seniň sanyňda galasy gelen sende, meniň bilen bile bolmany isleýänlerem mende galsyn“ diýipdir. Ikinjisi, men älemden ötüp barýan. Ölemden soň meni şu ýerde depin ediň... Ýöne häzir meniň hakydama gelenok... – diýip, Gully emin ýadyna ýene-de bir zady saljak bolýan deý üstüne göterip goýup duran kerpiçleriniň çaňyny siňdirip durşuna oýlandy... Ýöne şol wagt hakydasyna gelmedik zat soňam onuň ýadyna düşmedi. Ol munuň ýerini gürrüňiniň dowamy bilen dolady. –Tatar han Salar gazanyň adynyň şol ýerde ýer ady bolup galmagyny kyn görse-de, ol ölensoň, ölmänkä merhuma söz berensoň, soňra muňa garşy bolubam durmandyr. Şeýdibem, ol ýere Gazan diýlip, biziň sarylarymyzdan är çykan Salar Gazan atamyzyň ady galypdyr. Şundan soň Sarylaryň Tatar hanyň arkasyny tutanlara tatar at galypdyr. Biziňkiler Salar Gazan ölensoň, kem-kemden ýeňse basyp, Müňgyşlaga çekilip ugrapdyrlar. Şu arada gürrüňe berlen Seýitmyrat aga: –Gazana Salar diýmekleri nämedenkän? – diýip gyzyklandy. –Meniň bir kitapda okanym ýadyma düşýär. Ol Türki-Hazarlaryň ilkinji paýtagty Saryk il – Sarylaryň ili diýilmek bolup, munuň-da orsuň polowesler diýenleri ýaly „sary-saryk“ diýen manysy bolupdyr. Gully emin öz gürrüňini Seýitmyrat aga geňräk görendir hasap etdimi, nämemi ol soňra Rawiliň kerpiçden ýüküni tutup barýan arabasynyň yzyndan gözläp durşuna, munuň sebäbini düşündirýän äheňde ýene gürledi: –Adama öz gowusyny, mümkin boldugyndan, ýatladyp durmalydyr, munuň peýdasy degmese, zyýany degýän däldir. Gowulygy ýadyna düşen adama seniň özi barada gowy pikirdedigiňi bilmek ýakymly bolar. Soňam seniň şol pikirde galmagyňy isläp, başardygyndan gowy bolmaga çalşar. Tatar ýigidine-de ýat ýerde, gaty günde, özüne dogan tapmak hiç neneňsi bolan däldir. Şeýle ýagdaýda tapylan doganlyk kalba kuwwat berýän zat bi... Seýitmyrat aga hem bu pikiriň maňzyna batanlygyny mälim edip, makullaýjylyk bilen oňa baş atyp, Rawiliň yzyndan gözläp, sakgalyny gönençli sypalady. * * * Aňyrsyna, bärsine göz ýetmeýän gazak sährasynyň giňişliklerinde galla oragy gyzgalaňly dowam edýärdi. Onuň depgini barha güýçlenmese peselerli däldi. Kemala gelen bol hasyly wagtynda isripsiz ýygnamagyň, döwlete tabşyrmagyň ugrunda ýüzlerçe adamlar gezip ýören-de bolsa, el ýetmezçiligi, ony şähere daşamaga ulag meselesinde kynçylyklar az däldi. Bugdaý bolsa näçe orulsa-da henizem kändi, ol müňlerçe gektary tutup, ygşyldap göz guwandyryp otyrdy. 31-nji barak hojalygynda däne ýazda ekilmelisinden has köp ekilipdi. Muňa esasanam şol döwürde ýokardan gelen görekezme-buýruklar sebäp bolupdy. 1930-31-nji ýyllarda ýurdy dänedir ýeneki oba hojalyk önümleri bilen üpjün edýän daýhanlar synp hökmünde köpçülikleýin ýok edilip ugralansoň, özüniň ters jogabyna köp garaşdyrmandy. Çörek meselesi diýseň ýiti duýlupdy. Ýurduň başyndan agyr açlyk belasy inip, adamlar ençeme ýerlerde köpçülikleýin gyrlyp ugrapdylar. Nan atly, adamlar pyýada onuň yzyndan ýetjek bolşup ser-sepil bolup ýörenlere öwrülipdiler. Sowetiň saýasy düşen ýerleriň hemmesinde adamlaryň üstüne ýok bolmak howpy abanypdy. Kreml oba-hojalygyna belli bir derejede bolsa-da garaşyk etmäge mejbur bolupdy. Bu ýyllarda Sowet hökümetiniň ýolbaşçylary tarapyndan Orta Aziýa, Gazagystan respublikalarynyň ýolbaşçylaryna: “Wolga boýlary açlyk çekýär”, “Ukraina açlyk çekýär, tiz däne ugratmagy ýola goýuň!” diýen buýruklar berilýärdi. Emma hany nirede, kimiň üýşüp duran özüňden artyk haýransyz dänesi barmyş? Şeýle-de bolsa ýerli Sowet işgärleri halkyň özüne azyk-günlük güzeranyny hem elinden alyp, Moskwanyň salgy beren raýonlaryna eşelonlap däne ugradýardylar. Kremliň önjeýli däne kömegine tama bildirýän ýerleriniň biri-de gazak topragydy. Dänäni mümkin boldugyndan köp ekmek hem Kremliň şol döwürdäki ýerlere bildiren talaplarynyň biri bolupdy. Ýazda bugdaý ekilip ýörkän Reşetnikow soňra muny ýygnamagyň gara görgi boljagyny, oňa öz güýçleriniň ýetmejegini aýdanda, hojalykda däne ekilişinden habar almaga gelen Akmolla raýon partiýa guramasynyň ikinji sekretary Ýerlan Satybaldyýew oňa: “Sen Reşetnikow, dänäňi ek, gerek bolsa, ýygjak adamlary hökümetiň özi tapar” diýipdi. Soňra Satybaldyýewiň diýşi ýaly hem bolup ugrapdy. Hasyl ýetişip barýarka türkmenler bu ýere getirilipdi. Indem Täjigistandan sürgün edilen adamlaryň gelerine garaşylýardy. Emma täjikler meselesinde bu gürrüň wagty bilen tassyk bolmady. Ýogsam şu wagt bugdaý oragynda olaryňam gol güýji diýseň gerekdi. Ýakynda goşmaça kömek hökmünde obanyň 12-14 ýaşly ýetginjekleri-de bu işe çekilipdiler. 31-nji barak hojalygynyň ýolbaşçylary Şadmanowdyr Reşetnikow ýetişen hasyly wagtynda ýygnap almak üçin, raýonyň hojalyklarynyň beýlekilerinde hem ýagdaýlaryň özleriniňkiden öwerlik däldiginden çen alşyp, goşmaça kömegiň wagtynda bolmajagyna tiz göz ýetiripdiler. Häzirki pursatda her hojalygyň öz alajyny özüniň görmelidigi anyk bolupdy. Türkmenleriň getirilmegi hojalyga tüýs wagtynda berlen kömek boldy. Hojalykda bugdaý el bilen orýan orakçylardan başga-da, iki sany traktora tirkelgi däne orýan kombaýnlar-da bardy. Olar döwülmän aýlanyşyp ýörseler, her gün umyryň bugdaýyny orýardylar. Şähere däne daşaýan arabalar öz ýüklerini esasanam şu ýerden tutýardylar. Iwan Zaharowiç gara daň bilen kolhoz hojalygynyň kontor baragyna gelen wagty dünýä entek henizem ümüş-tamyşyň içinde otyrdy: gije biraz ýerden ýokary göterilip, uzak gitmänem, hamala depeden jemlenip, täzeden injege meňzäp, şol ýerde toplum tutup, obanyň depesinden abanyp durdy. Edaja säher şemaly ýeriň üstüni ýelpäp ösüp, bir ýerlerde orulýan tanyş bugdaý ysy bilen, meýdanlarda orlup taşlanan, heniz oňly gurap ýetişmedik, dymyljap ugran ýorunja ysyny alyp gelýärdi. Hümer tutup duran gara gije şundan soň şemal öňüne salyp gelen bulut sürüsine meňzäp, tizden asmandan iki-ýeke damja oklap ugrarly göründi. Gijäniňem gozgalaň tapyp ugrany belli boldy. Reşetnikow aňyrdan gijäniň içinden çykan ýaly bolup gelende Orazgeldi eýýäm kontor öňündäki boşlukda arabasyny keserdip, at ýatagynda berilýän körpeden öz atynyň haky hökmünde alyp gaýdan otuny oňa iýdirip, hyzmata taýyn bolup durdy. Bugdaý oragy başlanyp, goja Potap hat-sowatdan başy çykýan adam hökmünde hojalyk tarapyndan Akmollanyň däne kabul ediş edarasyna wekil edilip goýlansoň, onuň ýerine başlygyň münýän ýeke atlyk arabasyna başge arabakeş tapmaly bolanda, goja oňa öz körpe dosty Allanazaryň kakasyny almagy maslahat beripdi. Iwan Zaharowiç bu meselede şonda ilki dile düşünmeýän adam bilen özüniň nähili işleşjegini bilmän biraz kürtdüripdi. Soňam häzir dile düşýän adam tapmagyň aňsat däldigini, tapsaň hem bu işiň gyzgalaňly wagty ony edýän işden almagyň wagty däldigini pikir etdimi nämemi. Ol: –Aý, bolýa-da, näme getir. Bir salym üm-ýom bilen gol salgaşyp, lal bilen işlejek ekinim-dä – diýip, bu ýagdaý bilen goja aýdansoň ylalaşdy. Şeýdibem, Orazgeldi ýakynda başlygy çekýän arabany sürüp ugrady. Şondan bäri-de ol başlygy garaşdyryp-lekgetmezlik üçin çir-çitirdi. Gel diýen ýerine onuň özünden öň gelmäge çalşardy, sür diýen ýerine sürüp äkidýärdi. Mala seretmegiň ugruny bolsa ol ilden soramaly däldi. Kymyş baýyň sürüläp sygyr-gölesi, şu adamlaryň yhlasyndan döremänmidi näme? Diňe Orazgeldi däl häzirki däwürde ähli sürgüne gelenleriň diýen ýaly boşdan geçirýän dil kösençlikleri esasy dertdi. Elbetde, türkmenleriň hem arasynda diňe öň Güýç dilmaçmykan diýlip, pikir edilse-de, soň görlüp oturylsa, başga-da üç-dört patdyk-putduk orusçany gepleýän adam bar eken. Hany, ýöne saňa gerek bolanda her halatda tapdyryp duran dilmaç barmy? Ýagdaýa görä bolup, üm-ýeneki bilen düşünişmeden başga alaç ýok. Potap goja-ha bir gezek dil meselesiniň türkmenlere ýeňil düşmeýänligi barada gürrüň bolanda: “Siz mele gulpak rus gyz-gelinleriniň saçyny ysgamasaňyz, aňsat dil öwrenmersiňiz!“ diýip degşipdi. Bu gep Çary ussa ýaly, ozal möwsüm-möwsüm täze zenan bilen „herremhanasynyň“ üstüni ýetirip duran adamlara has-da ýiti täsir edipdi. Şonda: “Şeýdip bolaýsa-ha!?“ diýip, mele gelin arzuwyna düşenlerem bolupdy. Degişmä göni düşünen erkek adamlaryň kä birine şondan soň hamala kentorda işleýän göze gelüwli gelin Mariýa Borisenkonyň boldumly saçyndan bir gysym, ýarym gysym dagy çokul edinip bolsa, rus dilini öwrenmek öz-özünden aňsatlyk bilen bolaýjak ýaly hem bolup duýlupdy. Il bolnup bir-birinden wajyp edilmeli işleriň ugruna çykylansoň, dil böwediniň barlygyna seretmezden, dürli milletden bolan adamlar bir-birlerine öňküden barha gowy düşünişip ugradylar. Aňyrdan gelen mahaly kontor gapysynyň gulpludygyny görüp, Reşetnikow bu gün özüniň ilkinji bolup gelenligine düşündi. Emma gelmeli adamlar uzak garaşdyrman gelşip ugradylar. Ilki bolubam alagaraňkydan bölünen ýaly bolup, komendant Şadmanow peýda boldy. Ol gapynyň öňüne ýetiberende-de aýak çekip, nazary bilen töweregiň habaryny aldy. Araba goşulan ýabynyň arkasyny sypalap duran Orazgeldini görüp, kolhoz başlygynyň eýýäm bu ýerdeligine düşündi. Onuň yzysüre-de bu ýere buhgalter Mariýa Borisenkonyň ýüzugra çaşyşan saçlaryny boldugyndan ýeňsesinde jemläp, timar berip, howlugybrak gelýänligi göründi. Ýeriň topur-gumy sähelçe tozanlap, onuň köwüşlerine çolaşýan ýaly bolup görünýärdi. Ol Orazgeldiniň duşuna gelende, onuň täze öwrenen „Zdrawstwuý“ salamyna sähelçe baş atyp jogap gaýtardy. Barak ýolbaşçylarynyň yzysüre-de kontoryň öňüne ýüzi ganar bilen süpürilen ýaly üpür-üpür bolup duran traktorçy Wolkow diýilýän bilen, oňa golaýda kömekçi edilip goýlan Aman ikisi tirkeşip geldiler. Aman kontora tarap baş atyp, Orazgeldä ýüzlendi: –Başlyklar geldimikän? –Siz näme üçin bu ýerde? Orazgeldi düýn olary irden döwlen traktoryň ýanynda, bugdaý meýdanynda görüpdi. –Komendant siz gideniňizden soň baryp, biziň ikimizem öňüne salyp alyp gaýtdy. „Bir aýda iki gezek traktory döwdüňiz“ diýip, ol bizi hyýanatçy hökmünde görkezjek bolýar. Düýn getiribem ikimizdenem öliniň soragyny sorady. Wolkow traktor işine ökde adam, hele-hüle kemçilig-ä ol el ujundan düzedip goýberýär. Hemişe traktoryňam köp kemçiligini şu oňarýar. Ýöne şarpa döwülse, ol nätsin?! Düýn Reşetnikowyň şähere gyssagly gitmeginiň bir sebäbäm şu traktoryň bir şaýynyň döwülmegi, işiň togtamagy bolupdy. Onsuz-da traktor döwülse, başlyklaryň ikisiniňem weji bolmazdy. Reşetnikow ony tizräk bejertmegiň aladasyna berilse, komendant “Bu ýerde bir duşmançylyk bar bolmasyn?” diýip, onuň sebäbini yzarlap başlardy. Reşetnikowyň düýn Akmolla gyssagly gitmeginiň ikinji sebäbi bolsa, Potap gojanyň bilini gypjyndyryp, ol ýerde güýlünip ýatanlygy, işini ýerine ýetirmäge ýagdaýynyň ýoklugy baradaky ýük çekýänleriň getiren habary bolupdy. Reşetnikow şonda gojanyň ýerini tutup biljek okuwly, ol ýerde öz hakyny gidermejek adam hakynda pikir edende onuň ýadyna kerpiç guýujylaryň ýaş, tutanýerli brigadiri Beki Seýitmyratda saklanypdy. Her babatda onuň kişiden kem oturmajagyny pikir edipdi. Reşetnikow Beki barada netijä gelen pikirini komendant bilen ylalaşmalydygy barada pikir edende onuň özüne berkidilen adamlary öz golastyndan goýbermegi halamaýanlygyny, “başga birini tap!” diýäýmeginiň mümkinligini ýatlap biraz ýaýdanypdy. Emma komendant Bekini ýolbaşçy hökmünde eýýäm belli bir derejede tananlygy üçinmi, nämemi, üýşenip oýurgansa-da, onuň däne tabşyrylýan ýerde kolhozdan wekil bolmagyna garşy bolmandy. Ýöne oňa gümanynyň barlygyny hem gizläp durmady. –Dogrudanam, şol başarmanam durmaz. Hat-sowadam bar, adamlaram işledip bilýär. Ol gaýtmazdan öň komsomola-da geçip ýetişipdir. Ýöne bu juda jogapkärli ýerde wekil boljak köpi görenräk bolsa kem bolmazdy. Bu bolsa ýaş, težribesizlik kösäýmese muny?! –Ol ýaş bolsa, onuň töwereginde sizem, ýoldaş komendant, bizem bar-a. Gözegçilikde saklap, maslahat-tabşyrygyny ýetiris. Gaty jogapkärli işdir, bilýän. Häzirki döwürde däne döwletiň berk gözegçiliginde durýar. Sähel aýagyny gyşyk bassa, ikimizem ýüzügara eder, sylap goýmazlar. Özüm oňa bek tabşyryn, ýoldaş komendant. Onsoňam sürgün bolup gelensoň, onuňam akyly gözündedir-le! Şu gürrüňiň yzysüre Reşetnikow Beki Seýitmyradam ýanyna mündürip, Akmolla ýetmäge howlugypdy. Reşetnikow Akmolla baran dessine-de ol ýerdäki jogapkär adamlara Bekini gojaň ýerine goýýandygyny mälim edip, bu aladasyndan dynansoň, araba atlanyp, ikinji bir aladasynyň ugruna çykypdy. Emma traktoryň demriniň gözlegi wagty bilen netije bermändi, ne onuň täzesini tapyp, ne-de öňki döwlen ýerinden ony kebşirledip bolupdy. Ahyr ol partiýanyň raýon komitetindäki öz hojalyklarynda gözegçilikde bolýan Ýerlan Satybaldyýewi ýatlap, kömek soramak üçin raýkoma sürdürdi. Ýöne bu galla oragy gyzgalaňly gidip duran wagty hany ýolbaşçylar kabinetde oturýarlarmy? Emma bu gezek Reşetnikowyň işi ugruna boldy. Bu ýerde şu gün Almaatadan gelen ýolbaşçylaryň biri jogapkär adamlary toplap, däne oragynyň depginini artdyrmak barada ýygnak geçirýän eken. Şonuň üçinem Satybaldyýewi tapmak oňa kyn düşmedi. „Töwekgeliň işini Taňry oňar“ diýleni boldy. Satybaldyýew jaň edensoň, Reşetnikowa öz gözlän demrini öňki sorag salyp baran skladlarynyň birinden tapyp almak başartdy. Gerek demirlerini ele salansoňam, ol tizräk traktoryň ýanyna ýetmäge howlugyp, ýüzugra däne bazadan Potap gojanam ýanyna alyp, yzyny ýel çalmanka, ýene-de tiz oba dolanma bilen bolupdy. Häzir onuň şol ýerde dolap atan ýagly demri tirsek boýy ýaly bolup, arabanyň yzynda ýatyrdy. Orazgeldi ol demri Amana görkezip: –Size gerek demr-ä başlyk düýn raýkomlaşyp, bir ýerden tapypdyrdy – diýdi. Aman begenip, dessinene onuň görkezen demrine elini uzatdy. Wolkowam kömekçisiniň el uzadan ýerine tamaly seredip: –Şolmy? – diýip sorady. –Ýok, täzesi. –Bolupdyr – diýip, Wolkow agyr ýüküň aşagyndan çykan ýaly uludan demini aldy. Soňam biraz arkaýynlaşanyny mälim edip, gapdalraga çekilip, çilim otlandy. Reşetnikow tiz çykarman bolup kontora giren-de bolsa, ol garaşylyşyndan has köp eglenýäne meňzedi. Alnyp barylýan ähli işlerden habarly bolmaga çalyşýan Şadmanowyň oňa galla oragynyň gidişi, şähere gidip gelşi barada sorag baryny berýän bolmaly. Ýolbaşçylar ýene birazdan tirkeşip gapyň agzyna bile çykdylar. Arabanyň gapdalyna söýenişip duran traktorçylary görüp, Şadmanow iki elini biline tutup, talaply dillendi. –Wolkow! –Men. –Sen bolsaň, diňle meni. Başlyk seniň traktoryňa täze şaý tapyp getiripdir. Dessine ýetiň meýdana! Özüňem seresap sür traktory! Aýy ýaly bolup, usulsyzam seniň özüň. Indi şuny döwseň, özüňi döwerin, bilip goýaýgyn! Wolkow nägile bolup, burnunyň astyndan: –Men döwýänmi ony, demir-de bolsa, zora tutulsa, döwülýä-dä näme – diýip, eşidiler-eşidilmez hümürdedi. Reşetnikow komendant bu sözi aýdanyna mähetdel olary tizräk bu ýerden ugratmak üçin Orazgeldä tabşyryk berdi. –Bulary tiz iş ýerlerine eltip gel, eglenmesinler, men entek obada biraz eglenjek, barmaly, görmeli ýerler bar. Sen ertede geliber, meni obadan taparsyň! – diýdi. Reşetnikowyň galla oragy bilen ulaşyp, başagaý bolup ýörşüne, bu ýerdäki gurluşyk işleri bilen gyzyklanmaga bir hepdä golaý wagtdan bäri eli hem ýetmändi. Akmollada ýanyna baranda, özüniňem ýakyn günlerde aýlanyp gaýtjagyny aýdyp, Ýerlan Satybaldyýew ondan gurluşyk barada hem gyzyklanyp sorapdy. Anyk täze maglumatlar bolmansoň, oňa şonda bu barada çen bilenräk umumy maglumatlar bermeli bolupdy. Şonda ol bu meselede hem özünden edilýän talabyň galladan edilýän talapdan kem bolmajagyna ýene bir gezek göz ýetiripdi. Oba ýetip, ertirki iş güni gurluşygyň ýagdaýyny anyklamakdan başlamagy niýet edinipdi. Orazgeldi traktorçylary gyssagly äkidip, yzyna gelende, Gün eýýäm günortana golaýlap ýördi. Şemal ösüp, agşamky obanyň üstüne gazan düňderilen deý bolup, döreden dem gysdyryjy petişligi aýrylyp, onuň ornuny ýaz günlerine berimsiz şähdaçyklyk eýeläpdir. Orazgeldi Reşetnikowy gözläp, ýaşaýyş baraklarynyň gurulýan ýerinden tapdy. Bu ýerde eýýäm hersi 8-10 maşgala niýetlenip gurulýan barak-jaýlarynyň birnäçesi seňňerläp, boýy ýetip gelýärdi. Gurluşyk mundan buýana-da şu hörpünde dowam etse, onuň sürgüne gelen türkmen maşgalalarynyň gara gyş gelmänkä sümelgeli boljakdyklarynyň ujy iki däldi. Orazgeldi galla aladalaryna ulaşany bäri bu ýere gelip görmändi. Şonuň üçinem oňa bu jaýlar ertekilerdäki ýaly, jadyly bir gudrat, aňsatlyk bilen biten ýaly bolup göründi. Has-da oňa şu otaglaryň birinde çagalary bilen özüniň hem ýaşajakdygyny ýatlamak ýakymly boldy. Häzirki döwürde depesinde üçegi bolmadyk, ýalazy meýdanda üstlerine gum syradyşyp ýaşaýan adamlaryň hemmesiniň sümelgeli bolmak elýetmez islegidi. Jaýly bolunsa, adamlaryň arkalary alnan ýaly boljagynyň ujy iki däldi. Üstesine-de, şundan soň hemmeler durmuşyň hem dartgy-çekgi çekiminiň gowşap, öňküden biraz-da bolsa ganymat ýaşaljagyna hem tama edilýärdi. Reşetnikow kellesini mahal-mahal birden silkip-silkip alýan, daşyndan tentegräk görünýän, ýüz-gözüni sakgal-murta basdyran ussalaryň biri Walasenko bilen tirkeşip, gurluşuga aýlanyp ýördi. Ol käte aýak çekýärdi-de, onuň bilen gözde-ýüz bolup, bir zatlar barada gepleşip dikleşýän ýaly bolubam durýardy. Başlyk ähli gurluşygy aýlanyp, işleriň gidişini birin-birin gözden geçirip, bu ýerdäki ýagdaýlary özi üçin anyklansoň, ýene üstüne jogapkärçilik ýüklenen ussalaryň birnäçesi bilen baş ussa Matweýi öz ýanyna toplap, şol ýerde olar bilen gysgaça gürrüň geçirdi. Ussalara gyşyň gar-sowugy bilen aldajy ýaly bolup ýetip gelýänligini ýene-de bir gezek ýatladyp, işiň badynyň has artdyrylmagyny, gyssanylmagyny ýolbaşçylarça talap etdi. Onuň ýanyna toplan ussalarynyň ikisi türkmenler bolup, olaryň birisi gözlerini gyrpyldadyp, diýlene pisindi oturmadyk ýaly, näme diýilýänine oňly düşünmän, tumşugyny sypalap duran Çary ussady. Ol elindäki paltasyny beýleki golunyň egremçesine atypdyr. Türkmenlerden bolan ussalaryň ikinjisi sürgüne gelensoň, tegelenip duran gelşikli sakgalyny syrdyryp, täze döwre täzeçe girişen Garýagdy ussady. Adamlar: “Aý, ussa, hany sakgaly nätdiň?” diýenlerinde. Ol: –Aýjahan aýyr diýdi – diýip, aýalyny gepledip, oýunlyga salyp jogap bererdi. Garýagdy ussa iş meselesinde daşyndan göräýmäge tagaşyksyz görünýän hem bolsa, ol eýýäm özüniň işeňňir adamdygyny görkezip, gurluşykdakylaryň synyna düşen adamlaryň birine öwrülipdi. Ol kerpiç örmäni sürgüne gelip, orus ussadan öwrenen-de bolsa, üşükli bolansoň, örmegiň aby-tabyny ilkinji alan türkmenleriň biridi. Ol kerpiji diýseň tiz örýärdi, üç-dört adam onuň kerpijini alyp berip, palçygyna zordan ýetişýärdiler. Işleriň beýdip, aýlanyp dolanyp bitip barmagynyň sebäbi hem ýolbaşçylaryň şeýle adamlary toplap, olary ýerli-ýerinde ulanyp bilmegidi. Orazgeldi gurluşykçylaryň arasynda daýawdan gelen sünkbaşy iri saryýagyz, ýaňydan bäri öz aralarynda Reýim ärsary lakamy bilen tanalyp ugran, ýaş meselesinde öz duşundaky adamy görüp, onuň bilen duran ýerinden baş atyşyp salamlaşdy. Reýim ärsary soňam Orazgeldi bilen beýleräkden baş atyşyp salamlaşanyny az görüp, münderläp kerpiç daşan mahaly üst-başyna siňen çaň-tozy kakyşdyryp, aralykdaky üýşmek bolup duran kerpiçleriň daşyndan aýlanyp, onuň ýanyna geldi. –Gardaş, nähili täze işiňiz bilen öwrenişýäňizmi? –Araby sürmek, mal ugruna seretmek biziň üçin görülmedik pişemi näme! Atyny mähir bilen idedip, bakyp-bejerip çapanda, onuň uçjagyna ynanýan, sygryny bakanda, gapdaldaky ýapdan suw deregine böreňläp süýt akjagyna ynanýan türkmen-ä biz. Orazgeldi bu sözleri aýdan mahaly el ugruna mähir bilen gapdalynda duran araba goşulan atyň arkasyny hem sypap goýberdi. Reýim ärsary Orazgeldiniň aýdanlaryny göwünjeň goldap, makullaýjylyk bilen baş atdy. Soňra ol paza ýaly uly elleriniň çaň-tozuny aýryp durşuna bugdaýly oragyna alnyp gidilen ýigdekçe inisini ýatlady. El güýji ýetmän, obanyň 11-12 ýaşly oglanlary orak işlerine çekilende Reýimiň inisi Gurbanam şol işlere çekilenleriň biri bolupdy. Süňkbaşy agasy ýaly iriligine seretmezden, onuň entek on ýaşy hem dolmandy. Ýöne oglanlar toplananda onuňam bulardan galasy gelmändi. Ýogsam ejesi-kakasy ýogalany bäri Reýim ärsary inisini aýaly bilen ikisi iki ýerden oňa buýsanyp, goraglap, aladadyr hyzmat bilen gurşap ýaşaýardylar. Orazgeldi birki günlükde Reşetnikowyň gije bugdaý başynda ýatymlyk galanda ol ýerde Reýimiň inisi Gurban bilen hem nahar wagty gabatlaşypdy. Hossarlarça hal-ýagdaý sorap, onuň bilen gürleşip oturypdy. Gije onuň bilen bile arkalap bugdaý çekilişine gatnaşyp, Gurbanyňam ýoldaşlaryndan kem oturmaýanyny görüpdi. “Agaňa duşsam, ýagdaýyňy aýdaryn, arkaýyn ederin” hem diýipdi. Şondan bärem bularyň ilkinji gabatlaşyp duruşlarydy. Reşetnikowyň gurluşykdan çykyp, araba tarap ýönelenini görüp, Reýim hem Orazgeldi bilen tiz hoşlaşdy. Kolhoz başlygy ol ýerden soňra däne taýynlanyşynyň ýagdaýyndan habar almak üçin, hojalygyň däne çalykdyrýan, taba getirip tabşyryga niýetlenilýän, saklawa taýynlaýan ýerine geldi. Görse komendant Şadmanowam bu ýerde eken. Onuň bilen ýene bir gezek duşuşyp, özüniň aýlanyp gören ýerlerindäki işleriň barşy, ol ýerdäki meseler barada pikir alşyp durdular. Soňam olar brigadir aýalam ýanlaryna alyp, bu ýerdäki işleriň gidişi bilen tanyşdylar. Giden ýere serlip, depe tutup duran däneleriň süňňünden biraz dymyljan çüýrüntgi ys göterilýärdi. Orazgeldi Oguljumanyň hem şu ýerde işleýänini ýatlap, bir öwrümde töweregine göz aýlan mahaly onuň hem özi ýaly aýallaryň dört-bäşisi bilen eli agaç pilli bugdaý üýşürip ýörenligini gördi. Galla taýynlaýyş meýdançasynyň her ýerräklerinde depelenip duran bugdaý üýşmekleri göz dokundyrjydy. Mariýanyň brigadasynda işleýän zenanlaryň serlen däneleriň töwereginde işleşip ýörüşlerine, häzir beýleräkden seretseň, olar aýaklary bilen ýer peşäp, däne çokuşyp ýören akly-gyzylly towuklary ýatladýardylar. Işleşip ýören aýallaryň köpüsiniň arkasynda besse-besse bolup, der yzlary peýda bolupdyr. Mariýanyň işgärleriniň köpüsi Türkmenistandan gelen zenanlar diýseňem boljakdy. Olar ýewropaça geýnen aýallardan özleriniň uzyndan geýen gyzyl-ýaşylly köýnekleri, başlaryna geýen soky topby-börükleri bilen tapawutlanýardylar. Häzir olar eglen wagtlary aýaklaryna çolaşyp-durmazlygy üçin, köýnekleriniň etegini biraz ýokary göterip, billeriniň daşyndan aýlap guşanyşyp, çemelerini alşyp, özleriniň arkaýyn işlemeklerine belli bir derejede mümkinçilik döredipdiler. Baş börükleri eglenlerinde agyp-dönüp durmaz ýaly, olaryňam aşak etegini maňlaýlarynyň ýüzi bilen ýaglyk dolap daňyp berkidipdiler. Mariýa galsa-ha ol bu topbulary bada-badam çykardyp, gapdala atdyrmakçydy. Ol börükleriň häli-şindi agyp-döküp durýanlygyny gören wagty: –Çykaryň güm ýediň-de şol başgabyňyzy. Näme börüksiz bolsaňyz, ärleriniňiz tanamaz, tapmaly ýeriňizi tapman, başga birine gidäýer öýdýäňizmi? – diýibem, abyr-zabyr ediýärdi. Reşetnikowdyr Şadmanowyň Mariýa bilen gürleşip duran ýeriniň sag tarapynda işleşip duranlaryň biri, gyýma gözli Zeýtune haçanda bilini ýazmak üçin işden başyny göteren wagty, derweze girelsiniň öňünde atdyr-arabasynyň töwereginde bir zatlara güýmenip ýören Orazgeldini görüp tanap, Oguljuma onuň gelenini habar berip, ýesersi gülümsiräp, bälçiredi. –Gör, iliň äri nähili, agşam ýelmeşip ýatanlaryny az görüp, gündizem yzyndan gelip görüp gidýär. Meniň Rawilim welin asla geläýmez. Hepdede görse-de, günde gören ýalydyr. Oguljuma işden baş göterip, öwrülip, onuň gözlerini jikgerdip-jelledip seredýän ýerine gözlän wagty, arabanyň yz tarapynda oňa däne ýüklän wagty daşyndan aýlap daňýan ýüpüni tirsegine orap, külterläp, tertibe salyp duran adamsyny gördi. Bu görnüş bir pursadam bolsa oňa Orazgeldiniň Söýünalyda arabaly öýe ot-çöp getirip, indem orak-ýüpüne saýhal berip duran öýleriniň gapdalyndaky keşbini ýatlatdy. Şu pursatda: –Hä, geldiňmi, balam? – diýip, Jemal mama-da gapdaldan bir ýerden çykaýjak ýaly onuň aňynda birhili alasarmygrak pikir döredi. Orazgeldiniň oňa ýaňy gelen wagty syny düşüpdi. Börüginiň daşyndan pugtalyk üçin öwrüp daňan tanyş ýaglygyndan tanapdy. Indi biraz könelişip ugran bu ýaglygy oňa bäş-on ýyllykda atasy öýlerine gezmäge baranda Akynýaz baýyň aýaly: –Al, gyz, agaň Aşgabatda bolan uly ýygnakdan geldi. Bu zatlar şol ýygnaga gatnaşyjylar üçin çykarylanmyş. Bu ýaglygam agaň saňa niýetläp alypdyr – diýip, oňa beripdi. –Gelnejem berdi – diýip, atasy öýlerinden onuň begenip geleni Orazgeldiniň ýadyndady. Günortan naharynyň golaý geleni üçin, başlyklaryň hem bu ýerdäki işleriň gidişini hiç neneňsi görmänlerinden ýüregi suwlanan Mariýanyň ýolbaşçylary hem özleri üçin bişirilýän nahardan hezzetlemän goýberesi gelmedi. Olaryň ikisiniň-de sypaýyçylyk edenlerine seretmezden, öz oturýan stolunyň başyna çagyrdy. –Hany, garnyňyzy bir doýruň, onsoň niräk gitseňiz gidiberiň. Sizem günortan bir zat garbanmalysyňyz-a bir ýerde! – diýip, ol öz diýenini tutup tutanýerlik görkezdi. Aladaçyl aýallarça, janköýerlik bilen olaryň aladasyny etdi. Ýolbaşçylary stol başyna geçirip oturdanyna mähetdelem, gapdaldaky depesine ýakymly bug göterip gaýnag gaýtaryp duran gazandan Mariýa dessine bir çanaga nahar salyp gelip, ony iki çemçe bilen başlyklaryň öňünde goýdy. Şol barmana-da onuň ünsi arabanyň töwereginde başlygyna garaşyp güýmenip ýören Orazgeldide saklandy. Kimdir birini gözleýänini mälim edip, aýallaryň arasyna gözüni aýlap alansoň, ol Oguljumany tapdy-da, ony ýanyna çagyryp aldy. Soňam oňa getirden okarasyna nahar guýup berdi: –Bar, äriň bilen naharlan. Nahar är-heleý, bolnup bileje iýlende, süýji bolýandyr-a – diýibem bu pursadyň özi üçinem islegli, pursatdygyny hem ýatlap ýüzugra degşibem goýberdi. * * * –Ogulbikäm, owlak-gyzym-uw!.. Jemal mamanyň ýumuş buýurmak üçin ýene-de töwereginden Ogulbikäni gözläp ugranlygy belli boldy. Mama gitmek-getirmek bilen bagly ýumuşlaryny ýeňil aýak çaga hasaplap, gaýymrak görüp, hemişe oňa buýrardy. Jemal mama her gezek şeýdip, Ogulbikäni gözläp ýanyna çagyranda ony darsyldap, gulajyklaryny selpildedip, böküp ýören owlajyga meňzedip buýsanardy. Içerde onuň ýanynda şol wagt Akjagül otyrdy. Ol ulugyzlara mahsus tikin işleri bilen dümtünip gümrady. Ýetişip gelýän maşgala hökmünde ýakyn geljekde el işiniň oňa gerek boljagyny pikir edýän Jemal mama haçanda ol el işlerine güýmenýän wagty, onuň ünsüni bölmezlik üçin, hele-hüle zatda alada goýup durmazdy. Emma Ogulbike bu gezek mamasynyň ne birinji, ne-de ikinji çakylygyna wagty bilen ses berdi. Onuň golaý-goltumda ýokdugy belli boldy. Ogulbikäň goňşy çagalaryň ýanyna oýnamaga gidenini pikir eden Jemal mama oturan ýerinden töweregine garanjaklap: –Şu gyz soňky döwürde bir ýer-ä ýitirim bolmany çykardy – diýip samyrdady. Akjagül mamasy şeýdip samyrdap ugransoň, aşak bakyp, ogryn ýylgyrdy-da, mamasynyň buýurjak ýumşunyň ugruna özi çykmak üçin, işini bir ýana goýup, Ogulbikä derek özi hä berdi. –Mama, näme? –Gün günorta bolup barýar. Biş-düş edip bir zatlar taýynlamaly, Babaňam hä diýmän geler gawundan, onuňam öňüne bir ýyly zat goýmalydyr. A, gyz, Ogulbike nirä gümlam bolup gitdikän? Bardyr töwerekde bir ýerde ýa-da Ahmet akgamyň çagalary bilen oýnap ýörendir. –Ol günküsi ýaly „Suwa düşdük” diýip, eňkamyny aşyryp, eňegini şakyrdadyp surnugyp gelmese-de ýagşydyr. Balyk däldirin öýdenok özüni bu gyz. Ajygyp ýeneki etmese, şüýä suwdan bäri geljegem däl– diýip käýindi. Akjagül: –Mama, häzir özüm tapyr getirerin ony–diýip, daş çykan mahaly, Jemal mama alada galyp, ýene onuň yzyndan gygyrdy. –Jaryň boýuna-da bir köw salyp gaýt! Suwa düşýän bolsa aýt! Mamam: „Bejit çyksyn“ diýdi diý, „Çykmasa, özüm elime saýgyç alyp barýan“ diýdi diý! Ogulbikäniň nirededigini mamasy bilmese-de, Akjagül gowy bilýärdi. Ol mundan biraz öň mamasynyň gözüne güýdüşip, öýden zyp beripdi. Häzir ol esli wagtdan bäri mekdepdäki synpdaşlarynyň töweregindedi. Akjagüldür Ogulbike kulak çagasy hökmünde bir günde mekdepden kowlandyklaryna seretmezden, olaryň bu ýagdaýy kabul edişleri dürli-dürli bolupdy. Akjagül biraz uluraklygyny etdimi, nämemi, Sowetiň indi wagty bilen öz maşgalalaryna ýüz bermejegine tiz düşündi. Bu ýagdaý bilen kaýyl bolup ylalaşdy. Ogulbike bolsa onuň tersine, bu ýagdaýy göwnüne jaý edip bilmän gyýlyp-gynandy. Okuwy ýadyndan çykaryp bilmedi. Her gün öňki okuwa gidýän wagty gelende „Biziňkiler-ä okap oturandyrlar...“ diýip, gözügidijilik bilen öz ýoldaşlaryny göz öňüne getirip ýatlady. Mamasyndan gizlin gyýlyp aglan gezekleri-de az bolmazdy. Bilse mamasynyň diýjek gepi bes-belli: „Wah-ýeý, gyzym, bor şol okanyňyz. „Köpek ýüwrüp, tazy bolmaz, heleý okap, kazy bolmaz“. Hat okap, adyňy ýazyp bilýäň, bor şol“ diýip, bolmajak zady boldurjak bolmagyň gereginiň ýoklugyny düşündirmäge synanyşjagy belli zat. Okuwa bolan höwesi bolsa ýene-de birnäçe günden Ogulbikäni mekdebe alyp gelipdi. Ol her gezek okuw başlanansoň garanjaklap, töwerekde hiç kimiň ýoklugyna göz ýetirensoň, görünmän baryp, öz okaýan otaglarynyň penjiresiniň golaýynda oturardy. Gurugançylyk döwri bolup, bar bolan ýeke penjire-de açyk bolansoň, onuň daşynda-da mugallymyň sesi jaýyň içindäkiden kem eşdilmezdi. Ogulbike her gezek şeýdip, bu ýere gelende köp wagt ýene-de özüni jaýda oturan deň-duşlarynyň arasynda ýaly duýardy. Jaň kakylan dessine bolsa, ýene-de ol gelşi ýaly hiç kime görünmezlige çalşyp, başga bir bukurak ýere çekilmek bilen bolardy. ...Eger şol gezek Ogulbike oturan ýerinde özüniň niredeligini unutmadyk bolanlygynda onuň bu syry etegem açylmasa-da açylmazdy. Mugallym şol gün öňe geçirip, bir okuwçydan sapak sorap durdy. Gezek Durdynýaz atly gyza ýetende, ol başda sammyk-summuk birki agyz geplese-de, onuň soňy bolmady. Ogulbikäniň bolsa oňa ýat tutmaga berlen goşgynyň yzyny aýdasy gelip, gizlenip oturan ýerinde içini it ýyrtyp barýar. Ahyr ol pessaýrak ses bilen, goşgy setirlerini oturan ýerinden yzly-yzyna suňşuryp, aýdyp ugranyny-da hem duýman galdy. Daşardan gelýän basyksy ses sapak geçip duran Aman mugallymy geň galdyrdy. Ol: „Bu näme boldugy?“ diýip, töweregini diňşirgendi. Okuwçylaryň birnäçesi mugallymyň bu ses bilen gyzyklananyny görüp, ýerli-ýerden: –Mugallym, ol Ogulbike-laý. Hol-l kulak diýlip kowlan. Ol kowulsa-da, her gün daşardan gelip, jaýyň daşyndan sapak diňläp gidýär. Bize duşanda bolsa: “Şu gün haýsy sapak geçeniňizi aýdyp bereýinmi?” diýip, bilgiç bolan bolup, aýdyp berýär. Ogulbikeden gürrüň çykanda hälden bäri agzyna suw alan ýaly, sapagyny bilmän duran Durdynýaz-da gepe goşuldy. –Hol gün, okuwa gijä galyp gelen günüm onuň jaýyň daşyndan bizi diňläp, büküdip oturanyny menem gördüm-dä, mugallym – diýip, o-da öz halyny unudyp jammyldady. Mugallym penjiräniň öňüne gelen wagty tyrryk köýneklije Ogulbikäniň eýýäm golaýdaky Gurban baýyň saraýynyň gädiginden çykyp, taýzarylyp barýanlygyny gördi. Ogulbikäniň okuw höwesi bilen öýleridir mekdep aralygynda ser-sepil bolup ýörenliginden Akjagül habarly bolsa-da, Jemal mama entek habarsyzdy. Ol bilse: „Kowlan ýeriňe baryp ýörmezler, balam!“ diýip, onuň bolup ýörşüni halamazlygy mümkin. Emma obada welin bu ýagdaýdan habarly adamlar başga-da az däldi. „Örän zehinli gyzjagazmyş. Haty dagy şarlandyryp okaýarmyş. Ýeri, ata-enesi kulakçylyga çekilenmiş-dä, çagada näme günä barmyş?“ diýibem gürrüň edýärdiler. Ogulbikäniň saýlanyp, mekdepden daşlaşdyrylmagyny göwünlerine jaý edip bilmän, oňa duýgudaşlyk edip, närazylyk bildirýänler-de bardy. Aman mugallym bolsa gepden-gep çykanda „Ol gyzjagaz okar“ diýip ynamly aýdýardy. Ogulbike aňyrdan towsaklap gelen mahaly mamasy bilen Akjagül eýýäm bişiriljek unaşyň suwuny gaýnadyp, noýbasyny, soganyny atyp, unaşyny salaýmaly edip kesip taýyn edip otyrdylar. Jemal mama ony görüp, ojagyň odundan ýüzüni keseräk tutup, çemçe bilen unaş atyljak suwuň duzuny görüp durşuna: – Hä, iş gutaransoň, ana, bu-da tapyldy. Nirä gitdiň gumlam bolup, gyz? –Soňam beren soragynyň jogabyna hem garaşyp durman oňa: – Bar gelen bolsaň, samandöläniň maňlaý agajyndan bir düzüm galampyr asyp goýupdym, şondan getirip ber maňa birki sanysyny... Babaň ajyçyldyr, "Galampyryň ýokmudy?“ diýäýmegi mümkin – diýip, oňa bada-bat ýumuş buýurdy. | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -4: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Duman daganda: Adalatly bolýançaň güýçli bol - 11.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |