14:14 Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy | |
* * * Şol günleriň birinde Sarkisowyň ýene bir hyýala münenligi belli boldy. Ol garaňky ýagşy gatlyşyp aýak ýygnalansoň, Ahmedi oturan zyndandan çykaryp, ýuwundyryp-ardyndyryp biraz özüne serenjam berdirensoň, ony serhet galasynyň howlusynda duran ýeke at goşulan araba mündürip, öz ýanynda oturtdy. Araba serhet galasyndan çykansoň, saga – Söýünaly tarapa öwrülip, şäher ýoluna gönükdi. Bu mahala çenli gije eýýäm öz etegini büräp, garaldyp bilen ýerini garaldyp, dünýäni özüçe eýemsirenipdi. Öwlüýäniň depesinde gije hümerlenip, ol ýer has garaňky bolup görünýärdi. Dünýäni içiňe düşüp gelýän dym-dyrslyk gaplapdy. Ahmet öwlüýäniň deňine ýetilende öten-geçenlerini ýatlap, doga okap, elini ýüzüne sylyp, degsin etdi. Sarkisowyň özüni niräk alyp barýanlygy ony iňkise goýdy. Ol harby lybasyň üstünden uzyn türkmen donuny geýip, başyna silkme telpek sokupdyr. Ine, indem ol arabasyny tigirdedip, daňdan şäher bazaryna ýetişmegi niýet edinen bir obaly adama öwrülipdir. Ahmet ony ýaňy bu halda ilki gören wagty: “Bä, bu ermenide oýun kän-ow, indi bi ýene nämäniň kül-külüne düşdükän?” diýip oýlanypdy. Ýöne OGPU-nyň hany häzir näme oýun etjegini öňünden bilip bolýarmy? Haçanda araba obanyň Hangulular tarapyny gapdalda galdyryp, gaplaňlaryň çetinden girip ugran mahaly Ahmet öň çen edişi ýaly Sarkisowyň özüni serhetden geçirip goýbermek üçin däl-de, nämüçindir oba alyp barýanyna düşündi. Ol ýalňyşman eken, ermeni arabany ýene biraz sürensoň, gaplaňlaryň göbek bolup oturan Jedel depesiniň duşuna ýetip, arabany saklady. Hataryň ýol gyrasynda serginläp, keserişip ýatan itler olary ýat görüp, ýerli-ýerden üýrüşip, aňyrdan çykdylar. Şu ýerde Sarkisow Ahmede tarap sähelçe öwrülip: –Öýüňe bar! Agam-beýleki diýip, başga ýerde görünme. Daňdan ýene il örmänkä gelersiň şu ýere, men garaşaryn şu töwerekde – diýdi. Ondan nämä garaşsa-da, beýle zada garaşmadyk Ahmet birbada öz gulagynyň eşiden gepine ynanmady. Sarkisow aýdan gürrüňiniň çyndygyny tassyklap, makullaýjylyk bilen baş atdy. –Bar, bar, gidiber! Ahmet ugrap barýarka ol ýene-de dillenip, oňa arabanyň yz tarapynda ýatan haltany görkezdi: –Ony-da al arkaňa, biraz un, çaý, beýleki bardyr... Ahmet näme-nämäniň bolýanlygyna oňly düşünip bilmän dola ýakyn haltany arkasyna aldy. Öýüne golaýlaberende Alabaý onuň öňünden üýrüp çykdy. Ady tutulansoň welin eýesini tanap, begenip onuň elini ýalarly bolup, töwereginde ýalmanyp aýlandy. Ahmet öýüne gönükmezden öň, aýak çekip töweregine nazaryny aýlap, öz töwerekleriniň habaryny aldy. Agasy Kymyşyň üç öýüniň bolan ýerinde indi diňe bir öýüň duranyny, Ballynyň öýüniň öňünde bolsa ýene bir jaýyň peýda bolanlygyny gördi. Agasynyň sürgüne berlen ogullarynyň öýleriniň kulak emlägi hökmünde elden alnyp, sökülip: “Biraz ýatdan çykyşansoň, özüm ulanaryn” diýen pikir bilen, Ýagdynyň ony öz howlusynyň bir tarapyna basdyryp goýanlygyndan bolsa entek ol habarsyzdy. Ýöne ol Ýagdydan bir zat ýetenligini welin aňýardy. Ozalky bir ýerlerden gaýdyp gelendäki ýaly bolanlygynda Ahmet bu iňkisiniň jogabynyň ugruna çyksa-da çykardy. Ýöne ol Sarkisowa başga ýerde görünmezligi tabşyrypdy. Elbetde, bu talapdy. Maşgalanyň ertirki gününi bulamazlyk üçin şeýle etmek hökmandy. Owgana gidip gelýänçäň, maşgalanyň bularyň elinde girew galýanlygyny bolsa unutmaly däldi. Başgaça bolanlygynda, ol agasynyň öýleriniň nirä ýitirim bolanlygyny gidip, Ýagdydan soramakdan, sähel hykgy-çokgy etse-de, onuň bokurdagyna pyçak goýmakdanam gaýtmazdy. Ballynyň penjiresinde yşyk bar eken, ol entek ýatmadyk bora çemeli. “Ýa Ballydyr-da, bir ýerde çüýşedeşleri bilen toý-meýlisde ýörendir, aýaly Kümüş onuň gaýdyp gelerine garaşyp, ýatman oturan bolmaly. Çyra-da şonuň üçin ýanykdyr. Kepretildenem ol gelen zatdan hakyny alyp bilýän adam, onuň ýakmaga keresinem ýetik bolmaly ýenekisem, näçe ýakanda näme?” diýip, Ahmet Bally hakda häzirki ýagdaýda onuň başyny çarap, täze hökümetiň ynamly adamlarynyň biri bolup, garylyp-gatnaşyp ýörüşi hakda garyşyk pikirler bilen oýlandy. Ahmet gapysynyň öňüne ýetip, arkasyndaky ýüki düşürensoň, öz gelenligini duýdurmak üçin, inisiniň adyny tutup, gapyny sähelçe iterdi. –Öwezdurdy, ýatdyňyzmy!? Öwezdurdy oýanan-da bolsa birbada gulagyna ynanmadyk bolarly, ol yňyrgansa-da, ses bermedi. Ahmet gapyny ikinji gezek dözümliräk iterdi. Indi ol oglunyň adyny tutdy. –Geldimyrat, açyň gapyny!? Şundan soň ol köp garaşmaly bolmady. Içerden inisi Öwezdurdynyň: –Gelneje, Ahmet akgamyň sesi ýaly-la bi! – diýip, oýaly-ukuly halda hymyrdysy eşidildi. Şundan soň içinden kiltlenen gapy jykyrdap ýuwaşlik bilen açyldy. Ahmet ýükli haltasyny süýrekläp içerik girdi. Onuň aýaly Akgül gyzy Jümmini gujagyna alyp, ýaňyrak uka gidipdi. Akgül dert çekýärdi. Tebibiň edýän däri-dermanlaram entek oňa ugurly em bolup barmaýardy. Näme-de bolsa ol dert içdedi. Akgül bu günem gujagyndaky gyzjagazynyň saçlaryny sypap ýatyşyna barha beterläp barýan derdini alaçsyzlyk bilen ýatlap, özüne bir zat bolsa, çagalaryň ýetim galjagyny hasrat bilen ýatlap: “Bulara ne günler garaşýarka?” diýip, hasrat çekip uklap galypdy. Akgül birden dert tapynyp, indi iki ýyla golaý wagtdan bäri onuň bilen ýykma-ýykylma süýrenişip ýördi. Nobat tebip oňa ir bilen saglan badyna düýe süýdüni ajöze on gün içmegi maslahat beripdi. Ýöne hany indi ilde ýataga sygman, boýurganyşyp duran düýeler galdymy? Sygyrlar, goýunlar ýaly düýelerem bireýýäm kolhoz hasabyna geçipdi. Ol ýerde bolsa indi olary sagýanam, çal-agaran tutýanam ýokdy. Eýesiz bereket köýüp ýatyrdy. Köşekler birsalym emensoň, düýeleriň öz-özleri süýtden çykyşyp giderdiler. Gapyda düýe dursa, ol baý-kulak diýilýän gepe ýakyn bolýan mahalynda kim gapysynda düýe saklaýar. Akgül ýene düýejide bir ýerde biriniň ygtyýar edip, köşekli düýe saklaýanyny eşitse-de, emma dert edinip, oňa-da gidip bilmändi. Ýogsam dermanlyk diýilse, kim bermeýär bir käse süýdi, onda-da Mämmet hanyň gyzyna. Ol sygyr süýdüni içipdi. Jemal mama: “Gelin, Nobat tebip şeý diýýän bolsa şony edäý, ol kejir bolşy ýaly, öz işine örän ökdedir, ateşegi al-da, gatna düýejä sen!” diýipdi. Ol ikinji gezek tebibe baranda, buýran eminiň edilmedigine jany ýanan Nobat tebip: “Diýenimi etmeýän bolsaň, nepim degmez saňa, gelin” diýip, onuň ugruna hem seretmändi. Indi bolsa bokurdakdan nan geçmän, ol gaýynlary Kymyş duzçylaryň sygrynyň süýdi bilen zordan mydar edýärdi. Akgül daşardan Ahmediň sesini ilki eşiden mahaly ony düýşüdir öýden-de bolsa, soňra tiz tanapdy. Ol tärime söýenibräk turdy-da, sermenekläp baryp, gapyny açdy. Ýöne Ahmediň bosaganyň öňünde durup, töweregine garanjaklap, howlugybrak girmegini halamady. “Bu ýene-de birini urup-ýenjip gaçyp gaýdan bolsa gerek?” diýip howpurgandy. –Akgasy, özüňmi? –Hümm... –Seni özleri goýberdilermi ýa?.. –Sizi aýak üstünden görmäge geldim. –Ene gidýämiň? –Gitmeli... –Gara başyň bar eken. Şonuň gaýgysyny edip öldük. Hudaýa şükür... Akgülüň gepi hemişekisi ýaly Mämmet hanlara mahsus mähirliden batnyklydy. Agasydyr gelnejesiniň hüňürdisine eýýäm aň edip alan Öwezdurdy Ahmediň gelenine begendi. Göresi gelen agasyny garsa gujaklady. Salamlaşansoňam öýde yşyk edere çyrada nebitiň ýoklugyny ýatlap, onuň gelenine ýene bir gezek göz ýetirmek üçin, näme etmelidigini düşünip, goýlan ýerinden çyrany alyp, ukuly gözlerini açalak-ýumalak edip, gapa ýöneldi. –Gelneje, men häzir Kümüş gelnejemden bir ýakarlyk kerosin sorap geleýin. –Ýatan bolaýmasalar?! –Penjirelerinde ýaňy yşyg-a bardy – diýip, Ahmet hem şol arada yşyk bolsa kem bolmajagyny aňdyryp dillendi. Soňra-da gapydan çykyp barýan Öwezdurda: –Öwedi, meniň gelenimi aýtmagyn! – diýip duýdurdy. Öwezdurdy ýeňil ýumuş oglanlarça düňkäp, Ballynyňka gidip gelensoň, öýe yşyk düşüp, Ahmet töweregini täzeden ünsli synlady. Indi içerde köp zat aýyl-saýyldy. Çagalar dünýäden bihabar uklaşyp ýatyrdylar. Akgül: –Sen açsyň – diýip, oňa bir zatlar äbermegiň ugruna çykarman boldy. –Ýatyber! – diýip, Ahmet gapdalda üýşüp duran, hoşboý ysy içerini tutan gawunlara tarap seretdi. – Nanyňyz bolsa, gawun bilen nan iýäýerin men – diýdi. –Öwedi, inim, pyçagy al! – diýip, soňam özüniň gelenine begenip oturan inisine ýüzlendi. Akgül başujunda goýan saçagyna elini ýetirip, ony Ahmede tarap süýşürdi. –Şunda bir döwüm nan-a bardyr! Ertir mamasy bilen goşup, bir tamdyr nan ýapsak – diýip otyrdym... Babasy, mamasy gaýrat edýär hälem. Gawunam bolsa, süýt-gatygam bolsa Ahmediňkilere diýşip, uzadyşyp otyrlar. Tüweleme, Jummanjemiň gyzlary Akjagül bilen Ogulbike janam maňa uly kömek. Ahmet saçakdan alnan gaty nany bilen käseläp öňüne alan gawunyny işdämen iýip oturyşyna agasydyr ýeňňesiniň ýagdaýlary barada, sürgüne gidenler hakynda, täze hökümet hakynda, Ballyň işi hakynda soraşdyryp oturdy. –Ballynyň-a şol içip ýörşi bendäniň. Kä günä atynyň boýnundan gujaklap, zordan özüni öýüne atýar. –Içişýän bolsa düşünişýändir. Ahmetdir Akgül çyra söndürilenden soň hem esli wagt hal-ahwallar barada çagalary oýarmazlyk üçin pyşyrdaşyp gürleşip ýatdylar. Agasy gelensoň arkaýynlaşyp, täzeden düşegine geçen Öwezdurdyňam indi birazdan burnunyň sazlaşykly myşşyldysy eşidilip ugrady. Gije bolsa indi barha garramak, dünýäniň uky kölüne gark bolýan adamlaryň sanyny artdyrmak bilendi. Ahmet gijäniň bir wagty Akgül bilen hoşlaşyp, daş çykan mahaly henizem Ballynyň öýüniň penjiresinde yşyk barlygyny gördi. Ilki ol Bally henizem gelen däldir diýip oý eden-de bolsa, mal ýatagyň gapdalyndan geçip barýarka, onuň atynyň gazykda hütürdedip, ot iýip duranyny gördi. Gelse-de onuň ýanyrak gaýdyp gelenligini çen etdi. Ahmet öýden çykyp gaýraky gaplaňlaryň Jedel depesine tarap ýönelen hem bolsa, onuň gapdalyndan ötüp, Sarkisow bilen duşuşmaly ýerine howlukmady. Entek oňa biraz wagtam bardy. Ol ýerde ile “Ahmet gezip ýör eken obada” diýdirmän, jahan ýagtylmanka barsa bolanydy. Onsoňam güýz güýzsüräp ugraly bäri, gije-de ol öňki tomus günlerindäki ýaly juda bir gysga hem däldi. Ol üç ýoluň çatrygyna ýetip, bir salym nirä gitjegini bilmeýän ýaly, eňegini sypalap aýak üstünde, oýurganyp durdy. Bir pursat ukuda ýatan gijäni diňşirgendi. Sarkisow “Agaňka-iniňkä, hiç kimiňkä barman, göni öýüňe gidip, göni hem yzyňa gel!” diýip sargan hem bolsa, ol Gurt ýalagyň öýüne ýetiberende ýeňsä dolananyny duýman galdy. Onuň aýak üstündenem bolsa Hanumany diýseň göresi gelýärdi. Hanuma indi şol ýakymly duşuşyklardan soň, onuň aňynyň, höwesiniň aýrylmaz bir bölegine öwrülipdi. Onuň boldumly sagrysyny güjeňleýän ýaly gümmezekledip, bir gowy bolup ýatyşy häzir onuň göz öňüne geldi... Hanumanyň mähir-mylakaty ýatda galan lezzetli gowulyk bolup, ýene erjellik bilen ony özüne çekdi. Ol pikirini nädip Hanumany görmän gidip biljegini Akgülüň saglyk ýagdaýy, ondan dynman nadynç bolmasa bilen baglansoň, Hanumany baryp görmek meselessini birbada etmeli däl hereket hökmünde gören-de bolsa, soň ony özüniň hökman görmelidigine düşündi. Ahmet Sarkisowyň guran duzagyna islese-islemese-de özüniň çörňeşip barýanlygy, indi haçan oba dolanjakdygynyň belli däldigi, Sarkisiň tizden özüni derýadan geçirip goýberip, buky ýerde yzyndan garap galjagyny, maşgalasynyň bolsa oňa girew bolýanlygyny, islese-de indi yza dolanmaga ýol galmanlygy barada garyşyk pikirler bilen oýlandy. Ahmet Gurban baýyň obanyň ortasyny eýemsirenip, salgym atyp oturan howlusynyň daşyndan aýlanyp geçip, Hanumanyň öýüne ýakynlaşyberende, ýaňyrak haýsydyr bir itiň ýat görüp üýren ýeriniň töwereklerinde oturan salgym-garanyň biriniň göni öz üstünden gelýändigini görüp, gapdaldaky ýapdan ýeňillik bilen donunyň synyny ýelpedip, kimdir biriniň böküp, gijä gatylan sulbasyna öwrüldi. Ahmet görüp ony, töwerekdäki öýleriň birinden gije ýazylmaga daş çykanyň biridigini, üstüne göni adam gelýänini görübem uýalyp, gyssanyp turup gidenligini pikir edensoň, oňa ol şeýle bir üns berip durmady. Içinden bolsa ol barada häzirki sowuk däl mahaly bir salymlyk daş çykmak üçin beýle ykjam geýinmek nämä gerek boldukan? diýip, geňirgenibräk oýlanan hem bolsa, Hanumanyň huzuryna howlugýanlygy üçin ol şol pursatda bu pikiriň yzyna düşjegem bolmady. Garaňky bolsa häzir öwrüm berip, töwerekde toplanyp, hamala, Ahmetdir Hanuma duşuşandan soň boljak hezillige göwün çaglap, näden-nä borkan? – diýip, hezillige garaşyp, göwnüni bökdürip oturan synça öwrülipdi. Ahmet gelende Hanuma dünýäni unudyp, süýji ukuda ýatyrdy. Şonuň üçinem ol Ahmet adyny tutup, gapyny sähelçe itende, ol bu sesiň düýşdenmi, huşdanmy nireden gelýänligine birbada düşünmedi. Haçanda Ahmediň tanyş sesi gapynyň yşgalaňyndan syzylyp, ýene bir gezek gaýtadan eşidilen mahaly bolsa, ol sesiň diňe onuň bir kimiňkidigini däl, niireden gelýänligini hem dessine anyklady. Syçrap ýerinden turup, garaňky içerde çen bilen ýöräp, gapa tarap howlukdy. –Hä... häzir... – diýende, onuň sesi ukuly hem howlukmaçdan üzlem-saplam eşidildi. Hanuma Ahmet giren badyna, höwes bilen onuň boýnuny gol salyp mähirli garşylady. –Meniň bagtym, sen nireden çykyp ýörsüň!? Ahmet jogap ýerine ony kükregine söýäp, hyjuwly gujaklady. Gapynyň öňündäki ilkinji harsa bolan mähir-mylakatlylykdan soň, Hanuma Ahmediň gujagyndan sypyp, bir ýerlerden tapyp, çyrany ýakdy. Öýüň içi şuglanyp, ümürliräk gündizligiň bir bölegi dörän ýaly duýgy döretdi. Aýyl-saýyllyk emele geldi. Hanuma şol öňküsi ýaly näzeninden höwes-hyjuwlydy. Onuň egninde biraz ýakasy agan, giňiş tikilen, köneräk köýnegi bolup, ol ony halta giren ýaly söliteräk edip görkezýän hem bolsa, zenan görmegeýdi. Şol halta köýnegiň aňyrsynda zenan gözelliginiň bir baby galgyn göwüsleriň tümmerip, ýeri göterip ersip gelýän kömelegi ýatladyp, salgym atyp durşy, barha köreşip, begençli hyrydar seredişýän şuglaly göreçler, biraz çaşyp, eginlere pytran saçlar Ahmediň öňünde ýene-de onuň zenan gözelligini nygtady. Hanuma dessine saçak ýazyp, baryny orta goýup, hödür-kereme berilse-de, öň öýünde hem biraz garbanan Ahmet iýgi-içgä imrinmedi. Hanuma galyp-gopup, orta ony-muny goýup, özüni hezzetlemek üçin töwerekde pyrlanan ýaly bolup ýörkän Ahmet ýene-de ol barada özüniň höwesine höwes goşujy pikirler bilen oýlandy. “Muňa näme geýse-de gelşip dur-aý, şu sölite köýnekde-de bu owadan, sölitelik gaýta daşyna aýlanýan ýaly görnüp, onuň görküne görk goşýar. Gadymýetde beýle ýagdaýy köp synlan ata-babalarymyz “Gözel jinde içinde-de gözel” diýipdirler ahyry, şolaram şeýle bir pursady başyndan geçiren bolmaly” diýip heserli oýlandy. Ahmet Hanumanyň saçagy ortadan ýygnanyna mähetdel ýene onuň bileginden çalyp tutup, sähelçe özüne tarap çekdi. –Gel ýanyma! –Hiç zadam iýmediň-le? –Diýdim-ä aç däl diýip. –Belki, dessine ot gallap, gyzgynja bir zat bişirin. –Ýok, gerek däl, gel özüň! –Dur, çaýly çäýnegi bir ýana goýaýyn, garaňkyda büdräp, ala takyrdy bolaýmaly... Gitmelidigi ýatdan çykmaýan Ahmede Hanuma häzir gereginden artyk güýmenjireýäne meňzedi. Ahmet Hanuma gapdaldaky üstüne düşek galdyrylan sandygyň öňünde ýorgan aralygyna goluna sokup, ol ýerden bir zatlar gözläp güýmenjiräp durka, harsa onuň köýneginiň eteginden çalyp tutdy-da, ony ýarym öwrüm daşyna öwrüp, gujagyna çekip aldy. Hanuma diňe: –Barýan-la, oglan, baý munuň tiz bişerligini! – diýip, söýünçli näzirgedi. Ahmet giren wagty ýakylan çyra ýene-de köp wagt geçmänkä öçdi. Bir-birine höwesli iki guwwasyň ýene-de hyjuw-yhlasa berlişip, söýgi deňzini gulaçlaşyp, alyslara ýüzüşip barýandyklary belli boldy... Ahmet ýas-ýaňy tagamly nahar iýen pişik ýaly, göwnühoş ýalmanyp, Hanumanyň öýünden çykan mahaly daň ýaňy saz berip ugrapdy. Ol töweregine ýaltaklan wagty şuraň gapysynyň öňünde bir atyň eýerli, başyny aşak egip, aýak üstünde irkilip duranyny görüp, şuradyr onuň jigidiniň eýýäm işe gelenini çen etdi. Sebäbi Ahmet ýaňy onuň duşundan ötende ol at bu ýerde ýokdy. Bir ýerik gitmän, obada bar bolsa, ol atyň Ýagdynyň aty bolmagynyň mümkindigi kellesine gelende, Ahmet hüşgärligi elden bermezlik üçin: “Ol üstümizden geläýmesin” diýip, pikir etmänligini özüne igenibräk ýatlatdy. Ol biraz ýöränsoň, aşak ýandaky baýyrlardyr düýeji hem gaplaňlar toplumy aradaky köwe tarap çekildi-de, öz syrgynlarynny oýtarlap ýöredi. Onuň bar pikiri häzir indi hiç kime görünmän, tizräk Sarkisowyň özüne garaşýan ýerine barmakdy. Ol düýeji obaçylygyndan çykan ýaly bolup aňyrdan gelende Sarkisow arabasynyň üstünde irkiljiräp, oňa garaşyp otyrdy. Ol telpek-don geýnip, hakyky türkmen adamsyna öwrülipdir. Ahmet öýünden çykyp, Hanumanyňka barýan çagy görüp, zeruryna çykandyr öýden adamsyny, onuň ýeňillik bilen donunyň synyny ýelpedip, suwly ýapdan böküp geçişini ýatlan mahaly şol salgymyň adaty oba adamsy bolman, öz yzyndan gözegçilik edip ýören Sarkisowdygyny çen etdi. Sarkisow Ahmedi görüp: “Görjekleriňi gördüňmi?” diýip guraksy sorady. Ahmedem: “Hawa” diýip, oňa gysgaça jogap gaýtardy. Takyrdap ýola düşen arabanyň üstünde oturan Ahmet biraz ýörelensoň, gaplaňyň Jedel depesiniň ýeňsesinden görünýän öz syrgynlaryna tarap boýurganyp, ýene bir gezek intizar seretdi. * * * Ahmediň gelip, oba aýlanyp giden gününiň ertesi Aman OGPU gelip, şuraň jaýynda Hanuma bilen duşuşdy. Onuň bilen ikiçäk, gözde-ýüz bolşup, arsyz wagt gürleşip oturdy. Gürrüňiň uzaga çekýänini görüp, “Bu näme boldugykan?” diýip, ýüregini bükgüldedip, daş işikde gezmeläp ýören Ýagdy çaý-suw mürehet etmek bahanasy bilen içerik giren mahaly, ol Aman OGPU-nyň Hanuma bilen haýsydyr bir dartgynly gürrüňe berlip oturanyny gördi. Bada-bat bu ýerde mesawy gürrüniň edilmeýändigine düşündi. Hanumanyň adatdakysyndan biraz üýtgäp, bozaran ýüzünde, tekepbirlikdir nägilelik alamatlary-da bardy. Aman OGPU-nyň Hanumany nyşana alan nazary talaplanyp, öňküsinden hasam haýbatlanypdyr. Aman OGPU Ýagdynyň girip, gürrüň arasyny bölmegini halamady. Ýagdy girişi ýaly sypaýyçylyk bilen oňa ýüzlendi: –Ýoldaş Amanow, bir çäýnejik çaý getirdäýsem nähili borkan!– diýip, ýaýdanybrak sorady. Aman OGPU: –Geregi ýok – diýip, “Sen näme gürrüňe çolaşýaň?” diýen äheňde onuň soňky gepiniň öňüni alyp, sowuksy kesgin gepledi. Ýagdy häzir bu ýerde özüniň artykmaçdygyny duýup, ýüzüne urlan ýaly bolup, girişi ýaly hem dessine yzyna çykdy. * * * Bu ýyl güýz Söýünala örän gurak geldi. Käte ýagyş ýagarly bolup, şemal basga düşüp hazylap-howlugyp öwüsýän-de bolsa, barybir howanyň beýdip bulaşmagy bilenem ýere damýan zat bolmady. Diňe şemalyň uly tutum bolup, dünýäniň üstüne düwläp, topulyp alany galdy. Bu seýrek hadysady. Dogrusy, ind-ä onuň häzirki pagta ýygym möwsüminiň barha gyzgalaň alýan döwri asla geregi-de ýokdy. Ýöne her hal-malynyňam bähbidini aramagy endik eden ýarym çarwa halk irräkden tapgyr-tapgyr ýagşyň hem ýagyp, gyrtyç-ýylaklaryň ösümine bat berip, baýyr ýüzleriniň ýazyň reňki bilen ýaşyl öwsüp oturanyny görmegiňem arzuwyndady. Şeýle bolanda şol islegli goşa ýaz bolýardy. Gök otuň garyş-sere ösüp, mallara doýum bolmagy arly tomus Günüň ýiti şöhlesiniň aşagynda ezilip gezen has-da goýun malyň maňlaýyndan direýärdi. Şeýdip mallar güýzüň goşa ýazyny boýlap, içlerine bir gök çaýkap guratlanyp bilseler, soňra olar gyşyň gazabyna aňsat per bermezdiler. Muňa seretmezden, güýze sanan zatlaram az däldi. Güýz tukatlygy duýulýardy: töwerekdäki baýyrlaryň oturyşynda, suwlaryň akyşynda, meýdanlaryň töweregine çolaryp bakyşynda-da güýzüň suslugy duýulýardy. Söýünalynyň içinden, iki ýan gapdalyndan geçýän derýadyr jaryň, Bedeňýabyň suwy çekilip azalypdy. Güýz hasaby başlanyp-başlanmanka hemişeki edilişi ýaly, gazy-haşar işlerine taýynlamak üçin Bedeňýapdyr Ýekýüzüň suwy bireýýäm kesilipdi. Erkek adamlaryň ençemesi eýýäm oba miraby bilen bu işleriň ugrunda bolup, Ýapbaşdan bäriň gazysyny gazyp, palçykdyr laýa bulaşylyp ugralypdy. Söýünalyda şeýdip, hemişe gazy-haşar işleri pagta ýygymy bilen bir wagtda bileräk başlanyp, işçi güýçleriniň esasanam iki bölege bölünmegine sebäp bolýardy. Gazynyň wagtynda başlanandygyna seretmezden, Gara mirabyň ony bu ýyl wagtynda gutarjagyna ynamy ýokdy. Obanyň gazyny hek edip gazaýjak adamlary bolsa hökümetiň türmä basyp, sürgün etmegi bilen hasam azaldypdy. Her gezek işi gata düşende mirap: “Ha, muňa Abdylla, Orazgeldi, Gökgöz ýaly zant daýhan gazyçylar gerek-dä” diýip, ahmyrly ýatlardy. Ýene bir gezekde Gara mirap gazy gazylyşyndan habar almaga gelende, onuň gidişinden nägile bolan şuranyň ýanynda bu gepi aýdanda ol halamandy. Hatda ol çeti gyzyp, depermen at ýaly, gaşlaryny çytyp, pälini bozup barýanyny mälim edip, halamazlyk bilen düýrügipdem. Şeýdibem, olaryň arasynda şeýle tartgy-çekgiliräk gürrüň bolupdy. Ýagdy: –...Şolar bolmasa, nä bolmaz öýdýäňizmi? –Bolar, ýöne bolmalysy ýaly bolmaz. Barybyr Sowetiň ynamdar bat-beleňinde gezip, beglenip ýören Ýagdynyň onuň bilen ylalaşasy gelmedi. Gazyçylaryň ýanyndan gidende hem: –Täze ýyl suw alyp, ekin ýakjak bolsak, gazyny gazmaly bolar. Özi-de öňki ýyllardaky ýaly edip, böwedi dürtdügiň suwuň özi paglap atyzlara eňteriläýer ýaly edip göwnejaý gazmaly. Güýç azlyk etse, hany pagta ýygymy bir gutarsyn, onsoň eli pil tutany gögerderin şu ýerde –diýdi. Gara mirap Ýagdynyň goşmaça işçi güýji hökmünde kimleri göz öňüne tutýanyna düşündi, ýöne göwnemedi. –Biziň bu gazylarymyz aýallarymyza agyr düşer. Onsoňam özüň bilýän-ä beýle agyr gazylara biziň il aňsat aýal tohumyny golaýladýan däldir. Görünselerem olar bu işiň goljuk ýap, çil ýap diýen ýaly ýeňil-ýelpaý ýerlerinde görünýändirler. –Näme, heleýleriň ýatgysy düşer öýdýäňmi? –Düşse düşýändirem, ýöne özüň bilýän-ä, olary hiç wagt agyr gaza-ha salmandyrlar. Ýöne mirap aýaly agyr gaza salmaly däldigini aýdyp, näçe jaň etse-de, Ýagdynyň oňa düşünesi däl, beýle gepi eşidesi-de gelmändi. Onuň gepine hä bermändi. Şeýdibem, bu meselede her kim öz pikirinde galypdy. Ýagdy şeýle gürrüňleri eşitmegi halamanlygy üçinmi bu gürrüňlerde, iliň şu güne düşmegine seniňem günäň az däldir diýlen äheňiň barlygyny syzýanlygy üçinmi nämemi, ol pagtalyk işiň gyzgalaňlydygyny bahanalap, soňky döwürde gazyçylaryň ýanyna gelmesini has-da azaltdy. Soň bolsa gazyçylaryň ähli garamadyny Nurjuma başlygyň üstüne atdy. –Nurjuma, gazçylara özüň göz-gulak bol. Tijensinler. Talap et! – diýdi. –Mirabyň-a ýanyna barsaň, „Güýç ýok, wah, öňki gazyçylar bolan bolsady?... Gazyny islesegem, wagtynda dynyp bilmeris” diýip, muşakgat baryny ýagdyryp otyr – diýip, mirapdan nägiledigini duýduryp, oňa sargady. Ýöne Ýagdynyň munuň bilenem gazyçylardan gulagy dynmady. Nurjuma pilini egnine atyp, gazyçlaryň ýanyna gidenine iki-üç gün geçip-geçmänkä bu ýerdäki işleriň ýagdaýynyň habary raýon ýolbaşçylaryna hem ýetdi. Özi-de bu gürrüň raýondan wagtal-wagtal obalarda işleriň gidişinden habar almaga gelýän wekiller gelip gideninden iki gün soň boldy. Wekilleriň baryp, Söýünalyda gazy-haşar işleriň gidişiniň ugrunyň ýoklugyna özlerinden ýokarky wezipedäki ýolbaşçylary ynandyrandyklary belli boldy. Wekiller şol gün gazy gazylýan ýere gelip: “Hany, bu ýerde başlyk Nurjuma bolmaly?” diýip soranlarynda, ony ýap boýundan däl-de, hars urup gazy gazyp duranlaryň arasyndan tapypdylar. Ýabyň içinde ýokarky göterim ahyra laý zyňyp, derläp duran Nurjuma ady tutulyp soralanda: –Men bärdedirin! – diýip, ýeňi bilen derini sylyp durşuna olara hä beripdi. Bu bolsa ol wekilleriň soňra raýkomda: „Söýünalyda gazy-haşar işleri talabalaýyk gurnalmandyr, bu zatlara ýolbaşçylyk etmeli adamyň gaýta özi gazyny gazdyrmanyň ýerine laýa bulaşyp, gazy gazyp ýör eken” diýip, maglumat bermeklerine sebäp bolupdy. Şeýle-de şol günüň ertesi Nurjumadyr Ýagdy raýona çagyrylyp, raýkomyň birinji sekretary Ata Hymlynyň hym baglamagyna, ýolbaşçynyň nähili bolmalydygy barada surnukduryjy mysallar bilen eýi ýetirilen uzyn gürrüňler etmegine sebäp bolupdy. Şeýdibem, diňe bir Nurjuma däl, obanyň esasy ynamly ýolbaşçysy hökmünde Ýagdy hem mundan öz igenç paýyny alypdy. Ýagdy ýygnakdan çykyp, öýe gaýdyp gelýärkäler Nurjuma bilen basdaşlarça ýene bir gezek bir-birleriniň üstüne büküdişip aldylar. Nurjuma onuň bilen ýüzüniň ganyny gaçyryp, bu ýerde özünde ýazyk duýmaýanlygy üçin, Ýagdynyň igenjini kyn görüp, ýene bir gezek onuň bilen sensireşip aldy. Ýagdy: –Eý, Şallak, seniň bolşuň nähili?–diýip, gamçysy bilen öz gapdalynda atyny debsiläp gelýän Nurjumaň bykynyna sähelçe dürtüp goýberdi. Nurjuma: –Nähili? – diýip, nägile dillendi. –Näme, bolmalysy ýaly bolubereňde bolmaýarmy? –Mundan artyk nähili bolmalymyşym, eýsem? –Seni ile baş edip göterdilermi, başam bolmaly-da, talabyň-da bolmaly, gazabyň-da. Ýatla Gully emin, Arnageldi baý, Akynýaz düýeji dagy ile baş bolanlarynda nähilidiler? Heý, seniň ýaly şolaryň palçyga, bugdaý-gylçyga bulaşyp ýöreni barmydy? Olaryň-a ähli zat diline biter durardy, işleýänem seň ýaly, meň ýalylardyr. Olar bolsa isleseler, ili dilleri bilen üýşürip, isleselerem çaşyryp oturandyrlar. –Aý, goýsana, Ýagdy, senden, mendenem bir olar bolan bormy? Olar üstünde bitýän çöpden çen alyp, ýeriň tabyny, aşagynyň ýagdaýyny, ol ýerdäki topragyň gowşak, gatydygyny bilip oturan üşükli adamlar-a. Seniň ýadyňda bolmaly, Gully eminiň Söýünala baş bolup ýören günleri bedeňleriň öňüne düşüp, olara ýap çekip beripdi. Şondan öň bedeňler ýerlerine suw çykarmak üçin, derýadan telim ýerden ýapbaş alyp görüpdiler. Işleri oňmansoň bolsa: –Gully emin, bize bir derýadan gulak alyp ber! – diýip, olaryň ýaşululary gelip haýyş edipdiler. O-da: –Bir diýenimi iki gaýtalatmasaňyz, siz ýaplam bolarsyňyz, suwlam – diýip, olara öz şert-talabyny aýdypdy. Ozal derýadan ýapbaş almak üçin eden synanyşyklary başa barman, paltalary daşa degen bedeňler şonda onuň goýýan şertine, bu gepiň näme üçin aýdylýanyna şeýle bir üns-de berip durman, dessine razylaşypdylar. –Sen näme diýseň şony ederis, Gully emin. Bir amatlyrak ýapbaş alsak bolýar–diýşipdiler. Bellenilen sähetli gün Gully emin ýorga baýtala atlanypdy. Bedeňiň gazyçylaram sozan-da guýruk bolup, onuň yzyna düşüpdiler. Gully emin gazyçylary Söýünalynyň obaçylygynyň sesýetimlik ýokarsyna ertip, şol ýerde hem, derýanyň pes saýyp, gapdala eňýän ýeri bilen suwuň esasy akýan olumy aralygyndan olara ýapbaş alyp beripdi. Ýabyň gazylmagyna hem özi beýemçilik edipdir. Ýorga baýtalyň yzyna düşüp gelýänleriň kimsine 50, kimsine 70-100 ädim ýeri gazmaga beripdi. Elbetde, bu deňsizlik bolsa şonda nämäniň nämeliginden habarsyz gazyçylarda närazylyk döredipdir. Gully eminiň ýol kesmegini sorap öňlerine salanlarynda bedeňler: “Bir diýeniňi iki diýdirmeris, emin aga!” diýen-de bolsalar, bu deňsizligi görüp, olar öz wadalaryny tiz unudypdyrlar. Olaryň biri bolsa durup bilmän: –Ow, Gully emin, hadany deňräk etseň bolmaýarmy? – diýip nägile hem bolupdyr. Guly emin şonda ýorgasynyň başyny çekip oňa: –Han ogul, sen ýeriňi şol elli ädim alan bilen çalşaý! – diýipdi. Ýöne soňra şol ýerini çalşyp, ýüz ädim alan ýerini elli ädim alandan tiz gazyp gutarypdy: Çalşyp elli ädimi gazmaga alan bolsa henizem şol dert azar bolup, öz paýyny gazyp dur diýýär. Şonda işleriň gidişine aýlanyp gözden geçirip ýören Gully emin oňa: –Inim, indi bildiňmi oňa näme üçin az ýer berenimi? Sebäbi ol ýeriň gatylygy üstünde biten göýdük ot çöpünden belli bolup dur-a – diýipdir. Şondan soň bedeňde ýap gazylyp gutarylýança, Gully eminiň sözüni iki gaýtaladan bolmandyr. Gaýta olar minnerdar bolup, öz ýaplaryna Gully emin ýap diýibem at goýupdyrlar. Elbetde, dünýä çaýkanyp, Gully eminiň dartgy-çekgisi köpelensoň, onuň adyny agzamaga çekinilip ýabyň ady Bedeň ýap bolanam bolsa, bedeňleriň arasynda henizem ony Gully emin ýap diýip tutýanlaram az däldi. Nurjuma bu wakany ýatlan mahaly Ýagdy özüniňem şol gazyçylary görenini, olar gazy gazyp durka çykýan ak pokaryk süýji gamyş düýplerini çeýnäp, hezil edişini ýatlady. Ýabyň Söýünalyň duşundaky ugry gazylýan wagty ol ýer oba oglanlarynyň höwes edip gelýän ýerine öwrülipdi. Telim gün tä gazyçylar obadan daşlaşýança Ýagdy hem ol ýerde ekilen ýaly bolanlaryň biridi. Şeýle-de bolsa Nurjumanyň gürrüňinde beýle adamlara bolan küýseg barlygy duýulýanlygy üçin, oňa hä beresi gelmedi. Nurjumanyň edenli obadaşlaryny ýat edip, mertebeläp eden gürrüňiniň ýene-de Ýagda ýaramanlygy belli boldy, ol hamala budundan, ýeneki ýuka ýerlerinden gögeýin dişlän ugran eşek ýaly eýeriň üstünde oturan ýerinde oýkanjyrap, nägile bolup galagoplandy. Ol adamlaryň taryp edilmegini onuň ýene-de özüni kemsiden ýaly kabul edenligi duýuldy. Ol biraz çeti gyzanlygyny mälim edip: –Gully eminem, ol düýeji Akynýaz baýyňam bolaýsa özümizçe, bolmasa paşmagymyzça adamlardyr-laý... – diýip, olary gaýybana kemsidip gomaslandy. –Aý, ýitsen-ät, it ogly! Sendenem bir ol adamlar bolarmy?! Sen bola, men bola ile baş bolup, hany soň-soňlaram minnetdarlyk bilen ýatlanara näme gowulyk edenmişik biz Söýünaly üçin? Gaýta iliň-güni saňa, maňa galansoň, gör näçe erbetlikler boldy. Indi tutulyp türmä atylýanam, atylyp öldürülýänem, bala çagasy bilen gümgidene gidýänem, orulýan-çapylýanam şolar boldy. Sowetlerden öňki obaňy ýatla, Söýünalynyň maly iki gyryň arasyna sygman, töweregi bilen dolup-daşyp oturardy. Indi galan bolsa şol mallaryň milletde ondan biri galandyr, belki, ondanam azdyr. Onsoň seniň öňki ýaly göwne jaýlanyp ekiniň ekilermi, gazyň gazylarmy? Ýagdy Nurjumanyň bu aýdýanlarynyň ugrunda barlygyny bilmeýänden, ony öz ýanyndan boýun almaýandan hem däldi, sebäbi ol ýat adamlaryň gürrüňini edenokdy, onuň özi-de döwürdeş deň-duş oglanlary ýaly bu adamlary görelde edinip, şeýle pylankesler bolmaga göwün ýüwrüdip gezen oglandy. Ýöne Nurjumanyň gep salywunda şol adamlar bilen bagly geçmiş günleri arzuw bar ýaly bolup, hamala häzir özlerine derek ile şolar baş bolanlarynda, obadaky ýaşaýşyň has gowy boljaklygy baradaky pikir çetine degip, onuň özüne göwnüýetijilikli menini kemsidýärdi. Geçmişdäki Akynýaz baýdyr Gully eminiň il içindäki at-abraýyna, olaryň hatda Gaýgysyz Atabaýew ýaly döwlet ýolbaşçysyňam tanap, mertebelänligine bäsdeşlerçe gözi gidýärdi. Olar Akdaş baba öwlüýäsine ýetip, bu ýerde ýatan bendileri ýat edip, doga okap, ellerini ýüze sylansoňlar, şol ýerden jaryň ýalpak ýerinden geçmek üçin at başlaryny gaýralygyna aldylar. Olaryň ýoly bu ýerde jar bilen gaýradaky ekin meýdanlarynyň arasyny eýemsirenip ösen jeňňelligiň içinden geçýärdi. Güzerden geçip geçmänkäler olaryň daşyny çar tarapdan gamyş-gajraw diwarlary gabalady. Üstesine-de, jeňňeliň içi tomusdakysy ýaly kapasdy. Çybyn-çirkeýlerem wag berýärdiler. Dünýä assa-ýuwaşdan güýzäp ugranlygyna seretmezden, ýene birki günden bäri tomusdaky ýaly hopukdyryp gelýän tüp yssy bolýardy. Şeýdibem, çybyn-çirkeýleriň ömrünem ýene-de telim güne çenli uzaldyp, olaryň bazaryny hasam gyzdyrypdy. Bu ýere ýetenlerinden soň atlaryňam ynjalygy gaçyp, boluşlary üýtgedi. Çybyn-çirkeýden goranjak bolşup, guýruklaryny bulaýlaşyp, toýnaklaryny tarp-tarp ýere kakyşyp, bu ýerden tizräk gaçmaladygyny mälim edişip dyzanyşdy. Nurjumadyr Ýagdy hem kakynyşyp, ýüz-gözlerine gonýan çybyn-çirkeýden dert-azar bolşup gorandylar. Şol barmana Ýagdy boýnunyň ýüzüne gonan çybyny aýasy bilen şarpa urdy-da, gaşyny çytyp, öňki gürrüňi dowam etdirip nägile gepledi: –Şolar bolmanda pagta, bugdaý bitmän dur-ow onsoň!? Nurjuma onuň gepine jogap bermäniň ýerine, onuň bilen agzyny deňäsi gelmän, Ýagda tarap gaňrylyp gözledi-de ýaňsyly ýylgyryp oňaýdy. Emma tizden onuň bu ýaňsyly garaýyş bilen Ýagdyň oduny ölçerenligi belli boldy. Ol täzeden öjügip, Nurjuma ýüzlendi. –Şallak, şolary taryp etmäňi goý indi sen! “Kolhoz başlygy Nurjuma Öwez köne düşünjeden sabap bilenok. Ozalky durmuşy küýsäp, il içinde gep edýär” diýerin welin, şol günüň özünde seni tussag edip, syrtyňa depip äkiderler – diýip, ýaňsyly ýylgyryp, onuň ýüzüne öjügip seretdi. Nurjuma: –Ana, muny welin sen oňararsyň. Tüýs seniň ýaly ödi başganyň edäýjek işem-dä bi – diýip gyzyp, Ýagdydan kem galmazlyk üçin, çeti gyzanyny mälim edip gürledi. Şu pursatda onuň özüniň eli arkasyna daňylyp, OGPU işgärleriniň öňüne düşüp gidip barşy göz öňünde peýda boldy. Sebäbi ol Ýagdynyň elinden nämäniň gelýänini gowy bilýärdi. Islese onuň Nurjumanyň hem başyna ýetjeginiň ujy iki däldi. Söýünalyda häzirki döwürde hökümetiň öňünde esasan sözi geçýänem, işleriň ählisiniň ynanylýan adamsy hem Ýagdydy. Ýagdyň bu hasap tutup aýdan gepi oňun ýaňynda deň-duş hökmünde, başlyk hökmünde özüniň aýratyn sarpasynyň barlygyna ynanyp ýören Nurjumany haýykdyrdy, şol bir wagtda, hamala at öňüne salnyp äkidilip barylýan ýaly juda gahary gelip, göwresi leňňer atyp saňňyldady. Awunyň üstüne zyňarly gaplaňa meňzäp, düýrügip, oňa çenendi: –Gomasa gul, men saňa bir zat aýdaýyn. Eger maňa hyýanat edýäniňi öňünden aňaýsam, boýnuny sallap, näme edilse, kaýyl bolup, ugra gidibererem öýtmegin! Sen bilýäň-ä meniň duşmanyny çapyp, gylyjynyň ganyny ýalanlaryň biridigimi. Henizem şol gylyç, öýüň töründen asylgy durandyr, bir uram-da boýnuňy eneň etegine gaçyryn! – diýip, oňa tüýsüni üýtgedip aýtdy. Ýagdy şundan soň özüniň Nurjuma meselesinde daşrak gidenine, ony öz haýbatly gep bilen gorkuzyp, çekindirip bilmejegine düşündi. Hamala, Andymy çapan gylyç depesinden inip gelýän deýin ini şowlap gitdi. Ýöne ýene-de köpügörenligini edip, dostuny oýundan-çyndan indi mundan artyk gazaplandyrmaly däldigine göz ýetirip, tar bolup dartylan ýagdaýy gowşatmak üçin, özüne zor salyp gülümsiräp, gepine henek äheňini bermäge çalyşdy. Nurjumanyň ganly gylyç ýalamagy bilen bagly pikiri başynda aýlady. Häzir dostuny köşeşdirmek üçin, çyny oýuna sandyrmakdan başga ýoluň ýoklugyny bildi. –Eý, Şallak, ol bendäni öldüreniň-ä öldüreniň, soňam onuň ganyny ýalamaň näme? – diýdi. Nurjumanyň silkme telpegiň buýralarynyň astyndan gözleýän otlukly gözlerine nazar aýlady. Nurjuma ýene biraz ýüzüni keseräk tutup, geplemän düýrügip öýkelidigini mälim edip gidensoň, Ýagdynyň talaply gepiniň henege öwrenini görüp ahyr dillendi: –Şura, sen ähli zady bilenden bolup, balagyňa sygman gomalyp ýörsüň welin, şu duşmany ilkinji gezek çapan adama näme üçin ganly gylyjy ýaladýanlaryny bilmeýän ekeniň! –Yzysüre-de oňa düşündirýän äheňde onuň öz soragyna özi jogap berdi.–Şeýdilmese, ilkinji gezek gan gören adamyň kellesi üýtgäp, ol zyýan-zähmet tapynarmyş... Öwrenilen endik diýlişi ýaly, ýene Ýagdy ýas-ýaňyja öz ýanyndan Nurjumanyň gaharynyň gelenini görüp: “Bir zadyň üstünden baraýmankak saklanaýyn, ol meniň käbir geplerimi götermejek bolýar” diýip, ylalaşykly pikirini eden-de bolsa, emma dostunyň sadadan gelen bu düşündirişini diňläp, ol ýene-de degişme heziline berlenini bilmän galdy. Gözlerini ýesersi gülümsiredip ýalanan dodaklaryny hezil tapyp çeýnekledi. Bu amatly pursady elden beresi gelmedi. Nurjumanyň gepini aýlap, ony özüne gönükdirdi. –Hä-ä... Onda hemme zat düşnükli. Ol däbiň kime peýdasy degse-de, saňa degmändir. Ýa sen ony ýalasaňam, azrak ýalan bolmaly... Nurjuma dostunyň haýsy depäni çaňydýanyna düşündi. Näme üçin muňa bu gepi aýtdymkam diýen manyda başyny ökünçli ýaýkap, penjesini şapyladyp dyzyna urdy. Ýagdynyň henege salyp, hemişe öz gaçgyn edýän zadyny ýatlatmagy Nurjumanyň köne ýarasynyň kesmegini aýyrmak bolup, onuň ýene bir gezek demliginiň daralmagyna sebäp boldy. –Ha, seniň eneňem bir at bolup... – diýip, Ýagda öjügip sögdi. Ýagdy ýene-de, ýagdaýyň bulaşyp barýanyny görüp, onuň öňüni almaga howlukdy. Olar ýene-de Şallak-da Ýekegapan bolşup, gyzyl ýumruga girerli göründiler. Ýagdynyň dessine at başyny çekip, onuň sögünjiniň öz çetine degenligini mälim etdi: –Eý, Şallak, ýene şallaklap ugradyňmy? Enä ýetme! Aýdaryn eneme ýene!.. – diýip, Nurjumanyň çyny bilen aýdan gepini, oýun-henege öwrüp, biraz mundan öň, şu sögünç bilen bagly bolan wakany onuň ýadyna saldy. Ýagdynyň hezil tapma bilen göhüni getirip, haýsydyr bir zady ýatlap aýdan bu gepi çynyň henege öwrülmesi bolup, ýene Nurjumanyň badyny aldy. Bu sögünjiň aňyrsynda Nurjumanyň öň sögüp, soňundan uýada galyp, kyn ýagdaýa düşen ýeri bardy. Enä ýetip sögmek aslynda Nurjumanyňam oruslaryňky ýaly, agzynyň endik eden käýinçlerniň biridi. Bile iş salşyp, dartyşyp-çekişip ýörensoň, Ýagda bu sögünji Nurjumadan öňem köp eşiderdi. Her gezek diýen ýaly hem ol Nurjuma özüne şeý diýip sögende Ýagdy: –Eý, sögme enä ýetip! Enem bardyr, aýdaryn seni! – diýerdi. Ýöne hemişe-de, yzy yzarlanyp ýörülmän, ol gep aýdylan ýerinde hem galardy. …Şol günem olar daňdandan ikisi iki atly meýdan işleriniň üstünde bolup, indem Ýagdynyň öýüne gelip naharlanyp otyrdylar. Ýagdy haçanda ojak başyndaky oturan ejesi çaý demläp uzadyp, turup gidibermekçi bolanda: “Ene!” diýip, bir aýtmakçy bolýan gepiniň barlygyny mälim edip ony saklapdy. Soňam oňa çaý guýnup, owurtlarly bolup oturan Nurjumany görkezip: –Ene, şu Nurjumanyň sizlik bir möhümi bar. Köpden bäri aýdyp, gulagymam kamata getirip, gyjynybam ýör bi... Häzir nemazaly akgamam öýde ýok eken şunuň bir işini bitir özüň! –Näme diýorsyň, oglum? – diýip, ene birbada oglunyň tapmaça gepine düşünmän, gapyň öňünde aýak çekip, yzyny gözledi. Ene birbada bu gepe oňly düşünmese-de, Ýagdynyň näme diýjek bolýanlygyna Nurjuma welin bada-bat düşünipdi. Bu Ýagdyny atyma getirip, öz “Eneme aýdaryn sögme!” diýen gepini gögerdip oturdygydy. Nurjumanyň utançdan ýaňa üstünden sowuk suw guýlan ýaly bolup, ini şowlap gitdi. Bokurdagy daralyp, çeýnäp oturan lukmasyny damagyndan geçirip bilmän düwnükdi. Ýüzüniň perdesini sypyran Ýagdy ýene-de gepini dowam etdirip: “Ene, şunuň-a sende göwn-ä bar, men çykaýyn bolmasa, ikiň bir basa düşüp alaýyň” diýmeginiň hem daş däldigini pikir edip, ol hasam aljyrady. Ýagdynyň üstüne gezelip, ol gepini has anyklarly bolsa, topulyp onuň agzyny hapyladyp, aýasy bilen ýapmakçy boldy. Bu gep şeýle bir duýdansyzdan alasarmyk boldy welin, gapynyň öňünde aýak çekip, yzyna gözlän ene oglunyň näme diýmekçi bolýanyna wagty bilen oňly aň edip bilmedi. Ene oglunyň hezil tapyp ýylgyrmasyndan, Nurjumanyň Ýagda talaply gözläp, aljyrap kyn ýagdaýa düşüp oturmasyndan çen alyp, bularyň öz aralarynda bir bolgusyz oýun-gepiň bardygyny çen etdip, nägile bolup, gapa ýöneldi: –Iki sany ulalyp oňalmadyk sähne diýerler size – diýip, şol barşyna käýinip, samrabam goýberdi. Häzir Ýagdynyň “Sögme enä..!” diýmeginiň aňyrsyndan şu waka bardy. Nurjuma şol gezekdäki kyn, uýatly ýagdaýa düşenini ýene bir gezek ýatlap, ahmyr bilen baş ýaýkady-da, Ýagda tarap öwrülip: –Adam däl-ow sen, ýekegapan. Ýagdam oňa: –Sen, enä ýetip sökme-dä onda. Düşünişme bilen olar bir-birleriniň ýüzlerine ýylgyryşyp, ýarym ýaňsyly seredişdiler. Olar soňra çybyn-çirkeýli bu ýerden tizräk geçmek üçin atlary debsiläp, gyssap sürdüler. Ýagdydyr Nurjumanyň bu bir-birleri bilen hyňranyşyp almaklary olaryň ýene-de bir gezek bir-birleriniň ýagdaýyny saldarlaşyp görmesi boldy. Ýagdy kim-de bolsa öz gepini Nurjuma çekdirip, oňa lepbeý diýdirip bilmejegini ýene bir gezek düşündi. Nurjuma hem häzirki döwürde bu bagty geleniň ugurragyna sürübermeden başga alajyň ýoklugy barada oýlandy. Olar soňra ýolda gazy gazylyşynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek barada gürleşseler-de, ýas-ýaňy tamamlanan “Sen kim-de?–Sen kimli?” taraplaryň ikisi üçinem ýakymly bolmadyk gürrüňe dolanyp gelmediler. * * * “Bathyz töwereginde bir bölek atly galtaman peýda bolanmyş” diýen gürrüňiň ýaýramagynyň yzysüre Ýagdy şura, hamala, onuň bir ýany özüne-de degip barýan ýaly, eger galtamanlar üstünden geläýse diýen pikir bilen olary ok-ýarag bilen garşy almagyň ugruna çykdy. Ýagdy şeýle pursatda özüni goşun serkerdesi hasap edýärmi nämemi, hondan bärsi bolup, göterilip hasam gylawlanardy. Bu habar eşidilen mahaly Söýünaly töwereginiň gaçylyp-tezilip, serhetden Owgana aşylýan ýerleriň biri bolanylygy üçin, bu ýerde hemişe-de ýurt gaçgaklarynyň öňüni ýapmak üçin, OGPU-nyň, serhet goraýanlaryň işlerine ýardamlyk edilip, çäreler geçirilerdi. Olaryň geläýjek ýerleriniň töwereginde gözegçilik güýçlendirilerdi. Adaty şeýle habarlary bu ýere ähli ýerde gulakly, ähli zatdan habarly OGPU işgärleri getirerdiler, görülýän çärelere obanyň şuradyr ýeneki ýolbaşçylaryny hem ýanlaryna alyp, ýolbaşçylyk edýänlerem ýene-de şolar bolardy. Indi iki gün bäri Ýagdydyr Nurjuma obadaşlarynyň birnäçesi bilen galtamanlaryň geçäýjek ýeri hasap edilýän Söýünalynyň ýokary başyndaky Hangulular toparynyň sesýetimindäki Babahan depäniň ýokary ýüzünde öz adamlary bilen galtamanlaryň ýoluny saklap ýatyrdylar. Häli-häzire onuň wekili gelmedigem bolsa, alnyp barylýan işler barada OGPU hem habar edilipdi. Şeýle günlerde oba hemişe galagoply, ýakymsyz duýgyny başdan geçirýärdi, hemmelere ýagy, başga ýerden däl-de, hut atlaryny dyzandyryp öz üstlerinden inip gelýän ýaly bolup duýlardy. Geler öýdülip garaşylan garakçylaryň ýakynda däldigi belli boldy, olar ne-hä şol gün, ne-de şol günüň ertesi gara berdiler. Geljegi-gelmejegi näbelli garakçylaryň öňüni saklap, hiç pişesiz garaşyp ýatmaklyk soňabaka işsiz ýatmaga endigi bolmadyk adamlary irizip, olaryň öýleridir iş-aladalaryny küýsedip ugrady. Bu adamlaryň pikiriçe, galtamanlar geljek bolsa, bu çaka çenli eýýäm gelmelidiler. Şonuň üçinem bu iriziji garaşmaklyk olaryň Söýünalyny oýtarlap geçip, eýýäm başga bir ýerden urdurylyp, serhetden geçip gidendiklerini pikir etdirýärdi. Beýlekiler oba gitmeseler-de, Ýagdy baş ýolbaşçy hökmünde tarhandy. Ol aýagy bişen ýaly bir ýerde durmazdy, dor atyny debesiläp, bir görseň, oba barýandyr, ýene bir görseňem, ondan gaýdyp gelýändir. Bu ýagdaý soňabakan ýalazy meýdanda gum ýassanyşyp, gözegçilik çekýän adamlaryň arasynda ownukly-uşakly nägilelikleriň, gep gürrüňleriň döremegine hem sebäp bolup ugrapdy. Adamlar öz bolup oturyşlaryndan nägile bolýardylar: –Ýagdyň öz-ä işlisirän bolup, heleýidir Hanumasynyň ýanyna gidip-gelip dur. A biz bolsa ýatyrys Burkuda aýdylan ýaly bolşup. –Aý-how, hany, ol indi, kakasy Narly gamyşçy çybyga gerňäli bäri Hanumadan sowaşanmyşam-a diýýärler. –Aý, goýsana, hol günem ýüzüni gijä tutup, onuň öýüne girip barýardy-laý... –Hanumadan ol aňsat aýrylaýmasa gerek. Hanuma tüýs heleýem-dä, hany, ondan gowyny Ýagdy nireden tapsyn. –Juda beýle-de däl ýaly-how. –Hä, näme bolanmyş? –Ol hany Çopan hanyň birki ýyllykda soraga äkidilip, urlup öldürilen ogly Azym neressäň dul gelniniň etegine-de çolaşyp ýörmüş diýenem-ä bir gürrüň bar. –Haý, tapýar-ow zaluwat. “Gawunyň ýagşysyn şagal iýdirleri-dä.” Zyba-da gowy gelin. Äriň ýaňy mazasyny alyp ugran döwri galdy-da o-da. –Onuň ýaly melek görse, Ýagdymy erniniň suwuny saklap biljek... –Hany ýene birki gün heleýlerden aýra ýatalyň bakaly, biziň öz heleýlerimiziň gözelligem Zybaň gözelliginden köp bolmasa, az bolmaz. –Heleýlerden daşlaşdygyňça, olar süýjeýär diýjek bolýaňmy? – On-on iki ýyllykda ýaş gödeklerimiz, Kymyş duzçudan oýunlyga salyp: “Kymyş akga, şu heleýiň höziri altmyşdan soň nähilidir?” diýip sorapdyrlar. Şonda ol: “Aý, öz-ä barha süýjäp barýar şol artyp...” diýenmişin. –Aý, goýsana, ýöne öz diýesiňiz gelen zadam bolsa, Kymyş aga ýaly biriniň üstüne ataýýaňyz-ow. Ýogsamam, ondan beý diýip, gönüläp sorap biljek barmaý seniň obaňda? –Hezzi ýaly gaýyn atasynyň böwrüne dürtüp: “Gyzyň gowy eken, öňki berlen galyň möçberdinde ýene galyň tölejek” diýip ýören bir bimesrebiň soran bolmagy-da ahmaldyr. Adamlaryň heleýli gürrüňleriniň ahyrsoňy toparyň birýanynda babasyndan galan hyrlyny oklap, ýanyn ýaplanyp, sabyr saklap ýatan tebigaty agras Abdylla üýşmegiň ýüregine düşüp ugranlygy belli boldy. Ol ýatan ýerinden çytylyp: –Aý, goýsaňyzlaň-ow, ediljek bolunsa, indi şu heleýlerden başga gürrüň ýokmy? Ýagdyň bir, Kymyş aganyň bir üstünden gülen bolýaňyz, ýöne özüňizem ýagdaýyny tapsaňyz, şolara meňzemek höwesiňiz bar. Ýöne aňsat olaram bolmak size başartmaz. Size heleýlerini göresi gelen hanlar diýerler – diýip, olaryň geplerini göwnüne jaý edip bilmän, gyjalatly käýindi. Töwerekdäkileriň köpüsi Abdyllanyň howlukman, häsiýetine görä, nommul-nommul edip, üýşürip-üýşürip aýdan gepini diňläp, biygtyýar ýylgyryşyp, onuň bilen ylalaşdylar. Olar soňundanam özara maslahatlaşyp, Ýagdy obadan gaýdyp gelensoň: “Geljek garakçy geljek bolsa, häzire çenli gelerdi, indi bolmasa gaýdybersek nädýär?” diýip, ondan rugsat soramagy öz aralarynda dilleşdiler. Ýagdy şol gidişden ozalagşam atynyň syrtyna bökdürip, bir horjun iýer-içer bilen yzyna gaýdyp geldi. * * * Gije. Töwerekde kömege çagyrýan “gyk-bak” sesler eşidilip ugranda Hanuma biraz köýneginiň ýyrtyk çägini ýamamaga güýmenip oturansoň, ertir daň bilen pagtaçylaryň üstüne atlanmalydygyny ýatlap ýaňyrak çyrany söndürip başyny ýeňiljek ýaglyk bilen bogup, ýatmak üçin düşegine geçipdi. Dünýä imi-salalyga berlip barýardy. Golaýdan eşidilen ýiti aýal sesiniň yzysüre-de yzly-yzyna iki gezek tüpeň atyldy. Töwerekde barha at aýaklarynyň sesi artyp ugrady. Hanuma ol ýerde näme-nämeleriň bolýanlygyny bilmese-de, bir bolmasy işiň bolýanlygyny welin aňdy. Diňirgendi. Bularyň şol birki günden bäri obanyň ýoluna gözleýän garakçylar bolmagy gaty ahmaldy. Şu pikir kellesine gelende Hanuma eýmenip, eginlerini ýygyrdy we endamynyň birhili jümşüldäp gidenini syzdy. Ol goýan ýerinden alyp, täzeden ýakan çyrasyny elinde saklap, daşardaky bolýan zatlary çyraly görjege meňzäp, iki-üç ädim näme-näme edýänine oňly aň etmän, gapa tarap ýöredi. Ýöne çykmanka ol ýerde çyranyň asla gerek däldigine beýtmegiň gönüden-göni ýagyny öz üstüňe çagyrmak boljakdygyna düşündi. Hyrra yzyna öwrülip, çyrany üfläp öçürdi-de, ony alan ýerinde goýdy. Garaňkyda sermenip baryp, düşek göterilen sandygyň gapysyny ýokary göterdi. Bu ýerde Hanumanyň gerek bolaýan haladynda ahmallygy elden bermezlik üçin, hökümet tarapyndan ýörite berlen sapançasy bilen, birnäçe oňa niýetlenen oklary bardy. Olaryň nirede ýatanyny gowy bilýänligi üçin, onuň elleri garaňkyda-da sandygyň düýbünde ýatan ýaragy aňsatlyk bilen tapdy. Sapançanyň daşyna dolan matasyny aýyrdy-da, oňa beletlik bilen ok sürdi. Diňe şundan soň ol daş çykdy. Hanuma gabatdaky şuraň jaýynyň töwereginde bir atlynyň kimdir birini dabyrdadyp kowalap ýören salgymyny gördi. Jyrraýlap gaçyp barýan şol barmana sesiniň ýeten ýerine habar berip: “Gaçyň, adamlar, galtamanlar!” diýip, gygyrybam goýberdi. Ýöne gaçyp ýöreniň gorkudan sesi üýtgänindenmi nämemi onuň kimligini ol bada tanap bilmedi. Ýöne onuň şuraň gapysynda wagt-biwagt Ýagda garaşyp oturýan jigitdigini welin çen etdi. Ol salgymyň Ýagdynyň özi bolmagy-da mümkindi. “Ýok” diýip Hanuma soňra onuň häzir Babahan depäniň töweregindäki ýol saklap oturan toparyň ýanynda bolmalydygyny gündiz gelip durýan-da bolsa, gije onuň hökman ýolbaşçy hökmünde şol ýerde bolaýmalydygyny pikir edip hasap tutdy. Onda ol galtamanyň demine düşen kimkä!? Emma Ýagdy şura-da häzir Babahan depäniň töweregindäkileriň arasynda bolaýmaly ýalydyram welin, belki, bir iş çykyp gelmeli bolandyr-da? Haçanda gaçyp barýan birden harsa jaýyň daşyna dolanan wagty ony kowup barýan atynyň badyny saklap bilmän, onuň eňterilip baryp, diwaryna urularly göründi. Şol arada gygyryp gaçan adamy kowalap, jaýyň ýeňsesine aýlanan atly kowalap barýan adamsyny garaňkynyň içinde ýitirdimi nämemi atyny dyzandyryp, ýene şuraň jaýynyň öňünde salgym atyp peýda boldy. Gaçanyň bir ýerden gara bererine garaşýan borly ol töweregini siňňin synlady. Atlynyň bolşunda nähilidir bir hili düşnüksiz geňislik bar ýaly bolup duýuldy. Şura jaýyndan çen tutup, töweregine içgin aňtaw salýana meňzedi. Hanumanyň öýüniň gapdalyndan, hol beýleräkden iki sany eli taýakmy, çarşakly adam hasanaklaşyp ilerligine tarap gykylyk-gohuň has gaty gopan tarapyna ylgaşyp geçdiler. Şuranyň Gurban baýyň gara diwar bolup duran haýatyndan çekilip bölünen ýaly bolup duran ýeke jaýy häzir ýaňky “Gaçyň!” diýlip eşidilen howsalaly sesiň yzysüre howul-haralykda galdyrylyp gidilen üstüne münderlenip ot basylan arabany ýada salýardy. Hanuma şuraň gapysynda peýda bolan atla tiňkrsini dikip, içgin nazar salyp durşuna häzir Ýagdyň ýolbaşçylygynda Babahan depäni ýassanyp, gädik saklap ýatan adamlaryň bu ýerde has gerek ekenligini haraý isläp ýatlady. Töwerekdäki erew-de-derewligi görüp, süňňi galpyldap, biraz howsala düşen Hanumanyň şundan soň şuranyň gapysynda atyma gelip duran galtamany ardur sypdyrasy gelmedi. Bu aralykdan okunyň degjegine juda bir ynanyp barmaýan-da bolsa, ol garşylyklaýyn atylan sapançadan ýagynyň bolmanda gorkup, çekinip gaçjagyny çen edip, sapançasyny oňa çenedi. Sapança atylan mahaly nämedir bir zat gümpüldäp ýarylan ýaly bolup, gijäniň süňňüne sarsgyn berdi. Onuň yzy indi hasam gürelerli, ýagy gaýtarmaly ýaraglar ýetişip gelip, atyşygyň bady artarly göründi. Emma wagty bilen “tüw” edip tüpeň atan bolmady. Birazdan Hanumanyň atan okunyň diňe bir alan nyşanasyna degmedigi däl, gaýtam galtamany hem özüne öjükdirenligi belli boldy. Atly özüniň nyşana alnanyny bildi-de, dessine atyny gyssap, jaýyň ýeňsesine aýlanyp, indiki atyljak okuň öňünden sowulmak bilen boldy. Atly şol bir wagtda okuň nireräkden atylýan salgysyny hem bilip alypdy. Ok biraz beýlede ýekeräk duran jaý bilen ol ýerde ösüp oturan äpet tuduň töwereginden atylypdy. Atly emel etdi. Ol ilerligine gaçyp barýan ýaly etdi-de, biraz gidensoňam öwrülip, göz astyna alan jaýydyr tuduna ümsüm-kümsüm golaýlady. Şonda ol gapynyň öňünde kimdir biriniň eli sapançaly gijäni siňňin synlap, şura jaýy tarapdan özüniň gaýtadan görnerine garaşyp, gözlegli duranlygyny gördi. Garakçy gapdaldan aldaw salyp gelşine Hanumanyň ýanyna duýdansyz golaýlaşdy. Hanuma birden at daýbradyp üstüne gelýäni görüp, näme ederini bilmän aljyrady. Ol gorkusyna ellerini daldalap, kellesiniň ýokarsyna göterenine mähetdel, ony agramy ýok ýaly edip, bir çekende ýokary göterip, bagyrdyp atyň öňüne kese basdy. Hanyma atyň öňünde urnup, kömege çagyryp, çäresiz ses bilen “haý-waý” etdi. Ýöne bu ber-başagaýlykda kim seniň sesiňi eşitjek, dadyňa ýetjek?! Bu atly galtamanlar arasyndaky garadan gaýtmazlarynyň biri Bäpbedi. Ýakymly zenan müşgi burnuna uran çagy ol gerekli daşy gola salanyna, özüniň Arap reýhan bolup, Göroglynyň ýeňňesini Üçgümmez dagyndan tapypyp, atyň öňüne alanlygyna ynandy. Şundan soň ol garma-gürmelikden peýdalanyp, gyssanmaç atynyň başyny ilerligine Pendi baýyrlary tarapa öwrüp, yzyny dolanmak bilen boldy. Oba dökülen galtamanlar Babahan depe tarapdan oba adamlarynyň tüpeň atyşyp, at saýgylaşyp gelýänlerini gördülermi-nämemi olar gelişleri ýaly hem ellerine ilen zatlary alyşdyryp, ýene-de tiz yzlaryny ýel çalmanka gyssagly dolanmak bilen boldular. Ýagdy dagy aňyrdan howlugyşyp oba gelip ýetenlerinde, galtaman atlylary eýýäm, at debsiläp, alaň-depe aşyp, gözden ýitipdiler. Ýagdy ilki başda ýagynyň yzyndan gyzgyny bilen kowarly görünse-de, soň nämeüçindir howlukmady. At başyny çekip, töwerekdäki bu wakanyň şaýady bolan adamlary diňläp, ýagdaýy anyklady. Adamlar oňa galtamanlaryň adam paýhynlamaga juda bir höwes bolman, ýarag gezeşip, içerlere kürseşip girişip, saçaklary silkişip, nan alandyklaryny, ýatakdaky mallardan gabat gelenini öňlerine basandyklaryny, olaryň aýallaryňam birki sanysyny bagyrdyp, atyň öňüne basyp äkidendiklerini aýdyşdyrdylar. Alnyp gidilen aýallaryň biriniň başga biri däl-de, Hanumadygy belli bolan wagty Ýagdy jany ýanyp, gany depesine urdy. Onuň ala gözleri piserdi. Diňe şundan soň ol töwekgeliň işini Taňry oňar edip, galtamanlaryň yzyndan gyzgyny bilen kowgy gitmänligine ökündi. Aşakda, düýeji obaçylygynyň ilersindäki, galtamanlaryň geler diýlip çen edilen ýerleriniň ýene birinde jülge saklap ýatan Nurjuma aňyrdan gelip, obadaşlarynyň üýşüp duran ýerleriniň beýleräginde bir toplum adam bilen atdan düşensoň, bilindäki gylyjyny eýeriň gaşyndan asyp, Ýagdyň ýanyna geldi. –Garaşylmadyk ýerden gelipdir-ow haramzadalar... –Olaryň azyk suwlygy gutaran bolmaly, ýogsam oba dökülmäge milt-ä etmeli däl. –Orup-çapanlary köpmi? Setdar köse bilen, Gaýlyny atypdyrlar. Gaýly kel çarşak bilen olara garşy duran bolmaly. –Atandyrlar, ýogsa çarşaga bir el ýetiren bolsa, Gaýly kel birki adamyňa aňsat per bermel-ä däl... –Gana bulaşyp ýatyrka-da, çarşak elinde eken. Olar aýallardan Hanuma bilen ýene birini hem oljalapdyrlar. –Hanuma, beh, ol nädip ele düşüp ýörkän? – diýip, näme-näme oýunlaryň edilýäninden bihabar Nurjuma bu ýagdaýyň nädip beýle bolýanyna düşünip bilmän, muňa gynanmakdanam beter geň galdy. Ýagdy şol barmana bir hyýala münenligini mälim edip, töwereginde söm-saýak bolşup duran adamlardan bölündi-de bilinde hallan atýan sapançasyny gabynyň daşyndan penjeläp, ýüzugra-da: “Nurjuma sen, Gurban sen, Hajy sen!” diýip, indiki görülmeli çäreleriň maslahatyny etmek üçin, gerek adamlaryny toparlap, şuraň ýaňyrak daşy agardylan jaýyna tarap ugrady. Şol barşyna-da gaýybana Hanuma käýindi: –Heleý-dä bi, daşarda goh-galmagal eşidip, “Näme barkan?” diýip çykandyr başlyksyrap, gerreýip, ýogsam galtaman howpunyň oba abanýanyny aslynda bilmeýärmidi näme ol? Göni geleniň birem gidendir kakyp ýüzugra... Jaýda oba aktiwleri serhet galasyny habar etmek üçin atly gidenini, onuň tizden serhedi som-saýak edip aýaga göterjegini ýatlaşyp, kömek gelip ýetensoň, şolar bilen bilelikde hereket etmegi makul tapdylar. Aman OGPU-nyň hem şeýle ýagdaýlarda ýetirmeli ýerlere hökman habar ýetirip, bilelikde hereket etmeli diýeni ýatlanyldy. Maslahaty jemläp geljek kömege şu ýerde garaşarman boldular. Ozallar oba dagy duşman burnuny görkezäýdigi adamlaryň hemmesi ýerli-ýerden özi-de bada-bat olar bilen haklaşmagyň ugruna çykylardy. Gazaba atlanan adamlar gitmeli bolsa kowgy gidip, çaknyşmaly bolsalar çaknyşyp, gan döküşip, arlaryny alýançalar karar tapmazdylar. Emma bu gezek welin hemme zat düşnüksizden başgaça boldy. Ýagdynyň sepi açyldy. Onuň gerek ýerinde halky töwereginde jemläp, güýje öwrüp, soňundanam öňe düşüp, ýol kesip, ýagy üstüne äkidip biljek serkerde däldigi belli boldy. Üstesine-de garaşylýan goşun kömeginiňem wagty bilen gara berip barmaýanlygy, oljasy oňan galtamanlaryň bolsa, barha daşlaşyp barmaklary, olaryň birsalymdanam aýak ýeterden has alysda bolup, çölde ýitip gitmeginiň mümkinligi, oba adamlarynyň mertebesini kiçeldip, olaryň alasarmyk pikirler bilen pikirlenişip, janlaryny ýakyşyp, galagop bolmaklaryna sebäp boldy. Halk çyp-ýalaňaç halda üstlerini aldyran deý bu pursatda özlerini diýseň oňaýsyz duýdular. | |
|
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Adalatly bolýançaň güýçli bol - 11.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |