14:16 Ojak - 2-nji kitap -7: romanyň dowamy | |
* * * Söýünalyny bir gyrasyndan gelip, çapyp oljalap giden galtamanlar ogry syrty gowşak edip, gelişleri ýaly, elleriniň ýeten ýerlerinden, gözleriniň gören, gabat gelen zatlary alyşdyryp, ýene-de yzlaryny ýel çalmanka, gyssanyşyp, ala basga düşüşip, ümdüzüne tutduryşyp gaçmak bilen bolupdylar. Gijäniň içinde obanyň depesinde gaçyp barýan galtamanlaryň at aýaklarynyň sesleri soňundanam ýene bir salym eşidilipdi. Galtamanlar şol sapandan sylap ýaly bolup, atylyşyp baryşlaryna obadan birneme ara açansoňlar, yzdan derhal gelner öýdülip, heder edilip gorkulýan kowgynyň hem heniz bolubam görünmeýänligi üçin, biraz-da bolsa, öz ýanlaryndan arkaýynlaşdylar. Töwerek ýagtylyp, dünýä hem indi ähli goş-golamy aýyl-saýyl edip, öz adaty kaddy-kamatyna gelip ugrapdy. Ýerli-ýerden gelşip, bir ýere jemlenişýän adamlar bir-birlerini gijäniň eteginden tapan ýaly, assa-ýuwaşdan aladadan sabap, özlerine gelýän ýaly duýgyny başdan geçirdiler. Aňyrlygyna atlary gyssaman, öz maýdalyna sürdüler. Dünýä bolsa şu pursatda imisalalyga öwrülip, ýüzüni çaňjardyp: “Hany bu zatlaryň soňy näme bilen gutararkan?” diýip, asman bolup, ýeriň depesinden gözläp küýlenip otyrdy. Hanumany oljalan Bäpbedi. Onuň "batyr“ lakamy-da, "däli“ lakamy-da bardy. Çöle çykyp galtamançylyk edip ýöreli bäri, ady ýaly onuň lakamlarynyň ikisem ýörgünlidi. Sebäbi onuň durmuşda gözsüz batyrlyk görkezip, özüne batyr diýdirýän wagtam bolardy, mantyga gelmeýän, hereketler edip, özüne "däli“ diýdirýän ýerlerem az däldi. Ol Hojam hanyň bala-çagasy bilen Owgana barýan göçüne Sarahs töwereginde duşup goşulypdy. Bäpbe ozal Hojam bilen Hojaguly hanyň töwereginde jigitlik edip gezipdi. Onuň Sowetler bilen çöl içinde gaçyp kowup alyp baran çaknyşyklaryna gatnaşypdy. Hojaguly han Owgana gidende ol: –Sizem meniň bilen gidiň, wepaly adamlarym, nirde bolsagam, özüm sizi gözden salmaryn! – diýse-de, şol wagt bularyň ikisi-de onuň bilen gitmek islemändiler. Ýogsam olaryň ikisi-de Sowet bilen ylalaşman, şol döwür öz maşgalalaryny gaçyryp, çöle alyp çykan adamlardy. Şondan bäräm olaryň hersi bir ýerräkde öz töwerekleri bilen bölek topar bolşup, çapawulçylyk edişip, wagtal-wagtal Sowetiň adamlary bilen çaknyşyp, wagtal-wagtal käbir ýagdaýlarda ylalaşyk gazanyşyp ýaşardylar. Bäpbe hem öň Hojamguly han bilen gitmedigem bolsa, soň gitmän mümkinçiligi elden gidirenine ökünenleriň, indi mümkinçilik tapsa, gitme hyýal bolup ýörenleriň biridi. Şeýle-de bolsa Owgandaky ýaşaýyş oňa barybir ýowuz hem garaňky görünýärdi. Şonuň üçinem ol ilki, ýagdaýy özi gidip görüp geläýenini, göwnüne jaýlasa, maşgalasyny soňundan gelip äkidäýenini kem görmeýärdi. Şonuň üçinem ol Owgana göçüp barýan Hojama duşanda, oňa ýoldaş bolmaga göwünjeň bolupdy. Hojam şonda oňa: „Irde-giçde gitmekçi bolsaň, senem git-de tapyp getir maşgalaňy, biz saňa-da garaşaly, başy-başa, jany jana goşup gitsek gowy bolar“ diýipdi. Ýöne Bäpbe: –Bäri-bärde Tejen aýagy barmy, meniňkiler şol ýerde, olary tapyp getirmek üçin azyndan üç-dört gün gerek, men senem ýoluňdan saklaryn. Häzir bolsa seniň bilen gidip, soňra maşgalamy ertjek ýerimi görüp gaýtsamam bor maňa. Ýer-ýurt bellämsoň, maşgalany aşyrmagyňam soň bir alajy bolar– diýip, öz diýenini tutup, Hojam hanyň raýdaşlyk edip aýdan maslahatyny göwnemändi. Hojam han Bäpbäniň häli-häzire maşgalasyny Owgana aşyrmaga göwünjeň däldigine göz ýetirensoň, ýagdaý görä bolmalydygyna düşünipdi. Oňa: “Bolýar onda, batyr senem ýanymyz bilen sürüber!” diýmek galypdy. Hojam han bu öz elli-altmyş adamdan, telim ýükli düýelidir atlylardan ybarat toparyny öz belet ýerleri bilen, gerekdir öýden jülgelerinde, ýylgynlyklarda, töwerekde Sowetiň bolaýmagy mümkin adamlaryna görünmän, it görmesinem üýmesinem edip, ýöremäge çalyşýardy. Şu gidilişine gidilse, göçe serhetden geçmäge bary-ýogy bir ýarym günlük ýol galypdy. Hojam han hüşgär hereket edýärdi. Her gezek ol düşläp, ýola düşmezden ozal daş-töweregiň habaryny almak üçin töwerege ýörite aňtawçy toparlary barlaga atarardy. Hüşgärligi elden bermezlik üçin, ol bu öwrede aw mallaryny hemeläri edip, goşalap atara-da mümkinçilikleriň az bolmaýanyny ýatlap, töweregindäki adamlaryň hemmesine aw awlamagy düýbünden gadagan edipdi. Şeýdilende ol özüniň topary bilen hamyrdan gyl sogrulan ýaly bolup, serhetden aşyp gitjegine tama edýärdi. Allany çagyryp, Owgan diýip ýola düşen mahaly dagy ýolda galtamançylyk etmek onuň küýünde-de ýokdy. Ýeriň pessi bilen, bilniksizden gidip, Sowetiň adamlaryna duşman, garamatyny başyna alan adamlaryny sag-aman serhetden aşyrsa kaýyldy. Emma şol gezek Garaşor diýen ýere ýeten mahaly, onuň öňden iberýän aňtawçy adamlary howsalaly habar getirmedik bolanlygynda ol eýýäm serhetden geçse, geçer giderdem... Olar öňlerinde on-on bäş atlydan ybarat harbylaryň Owgan gädik ady bilen tanalýan, serhetden aşylýan ýerde peýda bolandyklarynyň habaryny getirdiler. Hojam han soňky döwürlerde şeýle toparlaryň çölde aýlanyp, özleri ýaly serhetden geçjekleriň ýoluny kesmek üçin ygyp gezýänlerini, häzirem olar bizi görmeseler, çaýlap-suwlap geçip giderler diýen tama bilen, buky ýerde garaşmagy dogry tapdy. Emma giderine garaşylýan harbylar ol ýerden ne ýarym günden, ne-de bir günden atlanyp gidip, başdan sowuldylar. Olaryň ötegçi harbylar däldikleri, haýsydyr bir serhetden geçjegi öňünden duýlan adamlaryň öňüni kesmek üçin iberilen harbylardygy düşnükli boldy. Bu ýagdaý hele-hüle zada kejigip ýörmeýän Hojam hana hem “Ha, bularyň duşup ýören wagtyny” diýdirip, bu ugurdan ýöränligine ahmyr etdirip kejikdirdi. Hojamguly hanyň döwründäki ýaly elli-altmyş atly bolnup, çöli eýemsirenilip gezilen wagty bir gabat gelen bolsady şular! Bulardan gypynjak adam barmy!? Şol döwür ol toparyň gözläp ýöreni şular ýaly gyzyl goşunyň kiçiräk bölümleridi. Gyzyl esgerler ol döwür Hojamguly hanyň esgerlerini “basmaçy” atlandyryp, çölde olardan gaçyp gutulsalar kaýyl bolardylar. Şol bir ýerde busylyp ýatylanyna iki gün diýlende Owgan gädigiň habaryny almaga iki adam bilen Bäpbäniň özi gidermen boldy. Ol mümkin boldugyndan bukulyp, esgerlere golaý baryp, “Çaknyşylaýsa nähili borkan bular bilen!?” diýip oýlanyp, töweregiň ýagdaýyny jikme-jik öwrendi. Gijöýlänler gaýdyp gelibem Hojam hana anyk ýagdaýy aýdyp berdi: –Çakym çen bolsa, ol esgerler adaty çöli aýlanyp gidýänler bolman, biz ýalylaryň ugrunda antaw salyp ýörenler bolmaly. Özi-de oturyşlaram jaýly, ertede, birigünde atlanyp gidiberjege hem meňzänoklar. Iň erbedi-de ýanlarynda pilmutlaram bar eken. Soňky gepi ol “Üstlerine hüjüm dagy etsek, olar biziň barymyzy gyzyl-ýaýyrt edip, serip taşlar” diýen manyda, heder edýänini mälim edip aýtdy. Hojam han şundan soň, Owgan gädikden aşmagyň hatarlydygyna göz etirensoň, ýola alnan azyk-suwlugyňam gutaryp barýanlygyny göz öňünde tutup, ol ýoluny üýtgetmelidigine düşündi. Bäpbe bilen maslahatlaşyp, azyk-suwluklarynam gapdalyndan ötülen mahalynda gabat gelen obalardan üstüni ýetirip bolar diýen tama bilen Pendä –günorta, gündogara çekilmegi maslahat bildi. Bu ýerden ümsüm-kümsüm Pendi baýyrlaryny penalap ýöremegiň bähbit boljaklygy çen etdi. Şeýdibem ýoluň uzap azap-horlugyň öňküden ýene telim günlük artanlygy belli boldy. Emma Pendä ýetilensoň hem suwa ýetmäge mümkin bolsa-da, ol ýerdäki obalar täze hökümetiň elinde bolansoň, topara ýeterlik azyk gazanmak ýeňil düşmedi. Başy etege salyp, gizlinlikde dileg salnyp getirilen azyk harytlary bu mähelle üçin ýeterlik bolmady. Şonda Bäpbe haýsydyr bir öňdäki obalaryň birini gyltyzrak çapmagy hana maslahat berdi. Hojam han Bäpbäniň maslahatyny ilki birbada „Öz iliňem bir çapyp bormy?” diýip, oňlamadyk hem bolsa soňra Bäpbe oňa: „Hä, sen öz iliňi birinji gezek çapýansyň-ow, näçe Tejen obalaryny çapdyk gan agladyp, ol nä biziň halk dälmidi? Onda-da biz ikimiziň-ä hut öz mekanymyz. Atabaý Gaýgysyz, Annamyrat Potra , Çary Permanlar bolsa ony indi Sowet bolup çapýar“ diýip, yzly-yzyna degerli mysallar bilen onuň üstüni mysaldan gömdi. Hojam hana: „Batyr, gitseňiz gidiň, ýöne gyltyzrak çapyň, gan dökmejek boluň“ diýip, azyk gazanmagyň başga bir ýolunam görmänsoň, kynlyk bilen oňa alamana ygtyýar bermeli boldy. Han Bäpbäniň ýadynda galar ýaly, öz iliňi çapmagyň türkmende örän ýaman görülýän zatdygyny ýene bir gezek nygtap aýdyp, şonda atasynyň gürrünini hem ýatlap, muňa mysal getiripdi. Gökdepe galasynyň goralýan günlerinde biziň tekeleriň duşmanyň öňüne düşüp, ýol görkezip gelen dönük türkmenler bilen hasaby diýseň başgaça hem has ýowuz bolupdyr. Orus ýeneki ele ýesir düşse, olaryň diri galmaga mümkinçiligi bolupdyr. Emma türkmen ýesir düşäýse welin, uly ot ýakyp, ony şol oda atyp, ar alypdyrlar. Özem oda atylanda ilki adamyň iki gözi tarsa çykýarmyş, atam pahyr şonam gördüm diýerdi diýip, dönüklik ýaly erbet görülýän işiň ugruna gidýänini hem oňa öňünden ýatlatdy. Hojam han alamany Bäpbe bilen agasynyň ogly Mämmetmyrada ypansa-da ynandy welin, çagany ýumşa ugradan ýaly, soňra olardan dynyp oturyp hem bilmedi. Goşda galanlaryň ýanynda birsalym ondan-mundan gürrüň edip güýmendi. Baýyr depesinde ýol garap duran gözegçileriň ýanynda bir salym eglendi. Göwnüne bir erbetlik bolaýjak ýaly bolup duransoň, hiç ýerde-de janyna jaý tapmady. Ahyram atyny getirdip, atlanyp ýanynyň iki üç atlysy bilen alamana gidenleriň öňünden çykmaga gitdi. Hojam han aňyrdan elhal diýşip gaçyp gelýän adamlaryna duşanda dünýä ýagşy gijäni arkadan agdaryp, ak gündiziň höwesine berlip ýördi. Ol bir ýapynyň ýüzünde alamana gidenleri jemläp tükellän mahaly, Bäpbäniň bir zenan maşgalany atyň öňüne alyp, ony ýeňsesinden gujaklap oturanyny gören wagty Hojamyň içine zym gitdi. Hyrçyny dişläp, başyny ýaýkap, nägile bolup Bäpbe ýüzlendi: –Bäpbe, bu ganjygyň näme? – diýip, haýbatly sorady. –Olja diýýäler muňa, Hojam han! –Adam oljalamaly däl diýilmedimi saňa näme!? –Adam däl bi, heleý... Hojam hatda han gazabyndan çekinmän, özi bilen deňine sanaşýan Bäpbeden nägile boldy. Oňa öjükdi. Gahar ugruna elindäki örme gamçysynyň ujuny sapan çyrkan ýaly edip, asmana salgap alansoň, onuň ujuny ýene tutup duran gamçy sapy bilen aýasyna gapjap aldy. Soňam ol töweregine gözläp, gamçysynyň ujuny, hol beýlede, at üstünde kese gyşaryp, otyr ýerine dem berip oturan, eginlek, daýaw, gyrçuw çal sakgal Annageldi äwmeze tarap uzatdy. –Gel bärik! – Soňra bolsa ol ýene-de Bäpbä hökümli seredip talaply gepledi: –Ýagşam bir pohuňy iýipsiň. Goşa ýetýänçäk ber häzir ol musallaty Äwmeziň atynyň syrtyna, saňa dagy heleý ynanyp bolmaz, häzir oňa, goý, şol göz-gulak bolubersin. Gözleri höwlenip dur, gorkandyr heleý, suwam içiriň, onsoň oňa başyny örtere-de, tapyň bir zat! – diýdi. Bäpbe Hojam hanyň gazabyndan juda bir çekinip durmasa-da, umumy aladanyň bähbidi üçin, häzir onuň bilen eňekleşmeli däldigine tiz düşündi. “Güýçliniň ýüzüne köz degsin!” diýilmänmi nä? Olaryň öz diýenlerinden başga adalat bolýarmy, eýsem? Şeýle-de ol Hojam hanyň Hanumany görüp, öz haly bilen bolman, dergazap boluberşinden, hökümdir, talaba öwrüliberşinden çen alyň! “Meniň oljamyň görmekli maşgaladygyny görüp, munuňam oňa gözi giden bolmaly” diýibem küýlenip çen urdy. Sebäbi mundan biraz öň, garaňky sabap barýan mahaly Hanumany görüp, onuň özi-de şuňa meňzeş bir ýakymly duýgyny başdan geçiripdi. Hanumanyň saçynyň ysy, onuň bedeninden göterilýän zenan müşgi, biraz ajymtyk der, çaň ysy bilen gatylanlygyna seretmezden, Bäpbäniň göwnüne hamala bir gujak gül dessesini gujaklan ýaly ýakymly duýgy döredipdi. Hanumanyň tizräk zowky-sapasyna ýetmek küýsegi bilen, ony, bir çolarak ýer gabat gelse, dolap alaýsam diýen höwesi hem bolupdy. Ýöne yzyňdan ýagy gelýänini bilip, howlugyp gaçyp gelýärkäň, töwerekde baram bolsa, beýle ýer seniň gözüňe ilýärmi?! Hanyň talaby bilen Bäpbe Hanumany Annageldi äwmeziň syrtyna berensoň, ýolda şol pursady sypdyranyna ökündi. Içinden: –Hojam han, sen bahana bilen meniň nesibämi elimden alaýjaksyň welin, Bäpbeň başy dik bolsa, seniň ol diýeniň-ä bolaýmaz – diýip, ondan nägile bolup düýrügýärdi. Galtamanlaryň obadan bagyrdyp, öňüne kese basanlarynyň ýene birisi ýaban gezip, aýal höwesine halys aňyny aldyran morsakgal Güpbandy. Onuň oljalany ýatagynyň maly alnan, öýüniň saçagy silkilen, indem daş işikde: “Haý, ýetiň, waý, tutuň” diýip, elini mahal-mahal iki buduna şarpa-şarpa urup, kömek sorap gygyryp ýören kempirdi. Şol pursatda saçujuna dakylan apbasylar hem birgeňsi şagyrdansoň, Güpban ony alagaraňkyda şaňňyrdap ýören şaýly gelindir öýdüpdi. Höwesine duşanyna ynanybam ony geçi ýaly lägirdip, atyň öňüne basypdy. Şeýdibem o-da: “Adam oljalamaly däl, gözüňiz azyk-suwlukda bolsun!” diýlen şerti bozanlaryň biri bolupdy. Ýöne ol wagt, onda-da beýdip öňüňde şaňňyrdap, şaýly gelin gezip ýörkä kimiň ýadyna şert düşýär? Haçanda dünýä biraz ýagtylansoň, Güpban öňüne kese basan gyrnagy bilen gyzyklan mahalynda, onuň saçlary duz ýaly, ýüzleri ýary ýaly çekilişip duran, gözleri köze gaçan gakylygy ýatladýan, eleşan bir kempirdigini görüp, lapykeç boldy. Gorkudan ýüzi ak tam bolan aýal indi Göroglynyň atyny ogurlan kempire öwrülip, özüni ykbalyň eline beren ýaly biraz köşeşip, birhili dalbynyp, tamaly hem seretdi. Töwerekdäki adamlar ilki jahan ýagtylýança Güpbäniň oljasyny görüp, ýolda oňa gözügidijilikli sereden hem bolsalar, garaňkyda görlen zenan gündizlikde ülhit kempire öwrülensoň, ony görüp, soňra ýaňsyly seredişdiler. Güpbany bu ýaňsyly garaýyşlar diýseň kemsitdi, onuň öz nesibesinden göwni galyp, öňde-de biriniň: “Ähli zatda gara bagtam, garpyz kesenimde ak çykdy” diýeni bolanyny ýatlap, has-da kemsindi. Tizdenem kejikdirip, töweregiň gyjalatly garaýşynyň ony öz gününe goýmadygy belli boldy. Ol at üstünden oturan ýerinden göwni geçip kempiri: –Bar-aý, ýok bol-aý! – diýip, ýere oklap goýberdi. Kempiriň agzy gum gapdy. Şumjaryp aglady. Hellew atly daýaw gyzyl ýüzli adam maslahat berenden bolup, Güpbanyň ýarasyna duz sepdi: –Beýdäýmel-ä däldiň-dä, sende göwn-ä ýogam däl eken onuň, gör, yzyňda zar-zar aglaýşyny! – diýip, içýakgynç ýylgyrdy. Şu arada hemişe gepläbem ýörmeýän elek ýüz, dodar ýigidem atyny onuň gapdaly bilen sürüp gelşine durup bilmän, kempiriň “tarypyna” goşuldy. –Ene biraz garaşan bolsaň-a, guzudiş dagam çykardy oňa! Bu gepi degşip görmedik, garaşmadyk adamsyndan eşideni üçinmi nämemi onuň degişmesi Güpbanyň janyna dik degdi. Ol gazap bilen gylyjyna ýapyşdy. Sowuk gylyç alaw bolup asmanda ýalpyldady. Bu toparyň yzýany bilen gelýän toplumda Hojam hanyň inisi-de bardy. Ol topardaky edenli adamlaryňam biridi. Haçanda gan gaýnap, gylyç syrylan mahaly ol işiň-işden geçip barýanyny görüp, aňyrdan hanlarça hökümli abaýlap, olaryň arasyna düşdi. –Goýuň-aý, oýna-çyna düşünmeýän mazardat mahluklar! Bir kemimiz indi şudam-da, orta ýolda bir-birimizi kerçemek! Töwerekdäki adamlar Hojam hanyň inisiniň orta düşmegini dogry tapyşyp, nazar bilen ony ýerli-ýerden makulladylar. Topar gaýtadan ýola düşen wagty Güpban agzyna dolan topragy eliniň aýasynyň tersi bilen ýüzüne çyrşap, gorkuly gözler bilen töweregini gözläp, eňräp-sojap oturan kempiriň gapdalyndan ýüzüni kese sowup aýlanyp ötdi. Kowgy boljagyny pikir eden galtamanlar bir obany çapmaga barýarkalar ýolda düşläp, biraz dem-dynç alyp, atlara hem dem berip ýörän-de bolsalar, yza gaýdyşyn olar hiç ýerde düşlemän, atlary dabradyp has gyssap sürdüler. Ejizini elinden gidiren oba onsoň dek oturarmy? Türkmeniň janyndan geçýän pursady dälmidir bu?! Oba adamlary, malyny, ýeneki zadyny alan bolsaň, jähennem etse-de ederdi, ýöne welin sen onuň pasyrdap oturan gelnine el urduň ahyryn. Şonuň üçinem Hojam Bäpbäniň bu urdumşalygyny halaman, munuň başa bela getirjegine, hä diýmän yzdan kowgy gelip, ganly çaknyşyk boljagyny pikir etdi. Onsoň bu zenanlaryň düşen gününe öz ejizleriniň hem düşäýmeginiň juda mümkinligi ony hasam kejikdirdi. Güpban hanyň Bäpbeden nägile bolýanyny görüp: “Bu şu däliň üstüne düwleýän bolsa, men-ä gazap ugruna bir oka tabşyraýmagam mümkin” diýip, bir bahana bolup, kempirden wagtynda dynanyna müňde bir şükür etdi. Özüniň hanyň gazabyndan sowlanyna begendi. Galtamanlar goş ýerlerine ýagşy Güni asmana göterip ýetdiler. Olaryň goş düşüren ýerleri üç sany bir-birleriniň golaýynda biten, tagan aýagyna meňzäp oturan baýyr depesiniň aşak eteginiň biridi. Gözden sowarak hasap edip, bu ýeri hanyň özi göç üçin oňaýly düşelge hökmünde saýlap alypdy. Şeýle-de ýerden seleňläp asmana göterilen bu baýyr depeleriniň üsti ýelden-ykdan gelýän-gidýäni wagtynda görmek üçinem amatlydy. Hojam han aňyrdan gele-gelmäne, Annageldi äwmeziň atynyň syrtyna mündürilen Hanumany ýatlady. Dessine ony atdan düşürtdi-de, “Sadap!” diýip, başdaş heleýiniň adyny tutup, ony öz duran ýerine çagyrdy. Soňam oňa harasada düşen ýaly gapdalda elem-ýebtat halda egnini salap duran Hanumany görkezdi. –Şu gyrnaga eýelik et! – diýip, hökümli gepledi. Sadap ýaňy saçynyň eteginden ak girip ugran, 40-45 ýaşly, tegelenip duran çörek ýüzli, eti-gany ýerindäki, toparda eýemsirenibräk, ersibräk gezýän zenandy. Hanumany öz üstüne geterilen günüdir öýden Sadabyň ony görüp, bada-bat bereketli ýüzi birbada turşap, gaşlary çytyldy. Hanuma hem ony göz astyndan gözläp, heleýlerçe Sadabyň özüni güni hasaplap, halamadygyny duýdy. Sadap Hanumany görüp, özüniňem hiç neneň heleý däldigini nygtaýan deý aýasynyň biri bilen hamala pikirinde öz görk-görmegini Hanumanyň zenan zynaty bilen deňeşdirýän ýaly zynat berýän hörpde heleýlerçe tasanybrak alyn saçlaryny sypalap goýberdi. Adamsynyň ýüzüne seretmän, kesä bakyp ondan nägile boldy: –Heleýem oljadyňyzmy? Ol muny “Nä seň heleý meseläň barmy?” diýen äheňde aýtdy. Gepiniň arasy bilen bolsa zenanlarça adamsyny gabanyp, öýkeli pikir ýöredýärdi. “Bu kemçin näm boldy indi meniň başyma. Özem bir görk-görmekli süňňi suwly erkek halar zat eken. Muny görüp durup bilen däldir meniň är goçum. Öňem-ä ýogsam ilde biri bolsa, sende şonuň ikisi bar. Ýeri heleýden goş basjakmy? Möhümiň bitmän galan ýeri barmy aslynda? Bu erkek diýeniň yşykly, göze gelüwli heleý görse, öz haly bilen bolmaz eken. Üç heleýiň öňünden geçere sen indi öňki syçrap duran ýigit bolsaň, käşgä...” –Görüp dursuň-a. –Başa bela satyn aldym diýsene! –Hudaý bardyr... –Hudaý bir özüňkem däldir. –Gepiňi köpeltme! –Bu-da özüňemi onsoň? –Bar äkit, ony soň göreris! Goşda aýal-gyzlaryň öňem on-ýigrimisi bolup, çagalar bilen goşulyşyp oralyşyp-çoralyşyp, üstesine-de, goş-golamlary bilen çaşyşyp oturandyklary üçin, olar häzir hasam köplük bolup görünýärdiler. Eýýäm nämäniň nämeligine belli bir derejede göz ýetiren aýallar, ýaşmak çeýneşip gozgalaň tapyşyp oturyşlaryna Hanumany öwreniji nazar bilen göz astyndan synlaýardylar. Hanumany özüne güni, bäsdeş hasaplap, Sadap näzi çekilýän zenanlarça tasanjyrdap, özüni bolşundanam gylyksyz, ýakymsyz edip görkezmäge çalyşdy. Hanumany goşaryndan siltebräk tutup, ony Hojamyň ýanyndan alyp gaýdansoň, getirip öz gapdalynda bir düşekde oturan lopbuş ýüzli daýaw, ýaş aýalyň ýanynda oturtdy. Oňa: “Şuňa senem göz-gulak bol! Gaçyp-tezäýse onsoň ikimize-de gün ýokdur. Häzir bolsa suw ber oňa, gorkandyr maňlaýy gara, tutuş süňňi bilen sandyrap dur...” Hanuma kaýyllyk bilen olaryň gapdalynda çökdi. Daýaw gelniň meşikden guýup eberen suwuny içdi, soň iki eli bilen Bäpbe at üstüne zor bilen çekip alyp, kese basan mahaly eýere degip owulan, häzirem yza dönüp agyryp duran göwüslerine söýget edýän ýaly olary aşak eteginden tutdy-da agyrýan ýerlerini köýneginiň daşyndan ýuwaşja sypalady. Içinden: “Birki gapyrgam döwülmedigem bolsa ne ýagşy!” diýip oýlandy. Hanuma at öňüne alnan mahaly kömek sorap, dady-perýat edenem bolsa, indi gününe kaýyl bolana meňzäp, Hojamyň heleýiniň gapdalyndan sulhup, geplemän otyrdy. Ýok, ol ozal aglan-da bolsa, häzir onuň gözlerinde gözýaşyň kenarlap galdyrýan yzy-da ýok, çölüň demi bireýýäm ony elýaglyk bolup süpürip-sylyp kepedipdir. Aşak bakyp oturyşy bir-de onuň gününe kaýyl bolanlygyny pikir etdirse, ýene bir-de “Bu zat nädip beýle bolup bilýär, hany şura, hany ýeneki gaýrylar? Olar meniň ugruma çykmajaklarmyka, men indi şeýdip bulara goşulyp, serhet aşyp gidibermeli bormukam?” diýip, gama batdy. Birazdanam ol tapsyzlykdan başy aýlanyp, oturmaga rowgatynyň ýoklugyny duýdy-da, gollaryny bir-biriniň üstüne goýup, ýassyk edinip, oturan ýerinde ýanyn gyşardy. * * * Galtamanlar oba alaman edip giden güni-günortanyň öňüsyrasynda ol ýerde bolup, ýagdaýdan habar alyp, ýaňyrak gelip atdan düşen Sarkisow gapydan girip-girmän, esgerlere Ahmedi gyssagly öz ýanyna soraga getirmegi buýurdy. Çilim otlandy. Aşyrma kemeriniň arkasyna öwrülip gidýän bölegini bir eli bilen öňünden gysymlap, jemlenip, bir salym has ykjamlanýana meňzäp küýlenip durdy. Käte-de duran ýerinde bary-ýoguny barlaýan deý murtuny sypalap durdy. Oýurgandygyça-da maňlaýy çygjaryp, onda maýdaja der düwmeleri peýda boldy. Haçanda Ahmet getirilip, Sarkisow oňa oba galtaman çozup, iki sany oljalanan aýalyň biriniň Hanumadygyny aýdanda, Ahmediň hem maňlaýynda şeýle çygjarma peýda boldy. Dogrudanam, Hanumanyň ady agzalan mahalynda Ahmediň ini düýrügip ugrapdy. Sarkisow onuň ýüzüniň gazapdan hyrsyzlanyp, gözleriniň köräp, otlukly ýalpyldap gidenini gördi. Ahmet kowgynyň gijikdirilýänini eşidip, hasam nägile boldy. –Olara “Ýolbaşçy bolan bolup, täze hökümetiň adyndan höküm sür, bähbit gazan” diý! Ili goramaly bolsa, hakyky il agalary bolup, jandan geçip, ýaga depmäge bolsa bogunlary ysmaz – diýip, ol hiç kimiň adyny agzaman, kimdir birinden nägile bolup gepledi. Ahmet soň ýene-de galtamanlar bilen gyzyklanmagyny dowam etdirdi. –Galtamanlar haýsy tarapa gitdilerkä? –Ilerligine gidipdirler. –Nädip oba dökülmäge milt edip bildilerkä, ýa biziň üstümizden serhetden geçmekçi bolýarmykalar? –Guşga, Sarahsa, ähli ýere habar berildi. Barybir olaryň bir ýerden serhetden geçmekçi bolýandyklary belli. –Olaryň kimiň toparyndandygy bellimi? –Galtamanlar aşak tarapdan gelýän bolmaly. Şaýlyk Gara, Hojam han, Gurban gyzyldişiň galtamanlary bolmagy-da mümkin. –Kim bolsa-da, Gurban gyzyldiş-ä däldir. Ol öldürseňem, gelip öz ilini çapmaz. “Gurban gyzyldiş gelip, şura, ýeneki garageýimleri kaklapdyr”diý, oňa ynanaýyn... Sarkisow dürli tarapdan gelip, körük ýapyp, ot goýberen tamdyrynyň ahyr gyzanlygyna tejribeli OGPU işgäri hökmünde göz ýetirdi. Haçanda ol çilimini sorup gutaryp, elýaglygy bilen boýnuny ýüzüni süpürip, turup gidibirli görnende, häzirki pursatda başynda harasat gopan Ahmet oýurganyp: –Sarkis aga, siz meniň at-ýaragymy özüme gaýtaryp beräýseňiz nädýär?! Bu gep Sarkisowyň telim bir günden bäri gepleşip, Ahmetden eşidesi gelse-de, eşidip bilmeýän gepidi. Ahmet şeýdibem Hanumanyň oljalananlygyny eşidip, nädip Sarkisow bilen göwündeş gopanyny hem duýman galdy. Sarkisow Ahmediň pikirinde häzir Hanumany halas etmek üçin, ýüzin salyp at çapyp barýanlygyna düşündi. Oňa geregi-de şoldy. Ol Ahmet bilen has içginräk gürleşmek üçin, öwrülip ýene-de stoluna çökdi, howlukman täzeden çilim otlandy. Murtuny elläp onuň şol öňki ýerindeligine göz ýetirdi. Işiniň ugrugýanyny aňan wagty beýtmek onuň endigidi. Sarkisow şol günüň özünde Ahmet bilen ýene-de iki atlyny garaňky gatlyşansoň, serhetden aşyryp ýola saldy. * * * Galtamanlaryň oba dökülmegi dürli gürrüňleriň döremegine sebäp boldy. Ol gürrüňleriň içinde, galtamanlara bolan gazabam bardy, Sowet hökümetiň il agasy edip goýan adamlarynyň nalajedeýinligine bolan igenjem. Adamlar toý-sadaka üýşen ýerlerinde: “Akynýaz Mämmet, Sakaw Batyr, Jumaguly Ahun, Gully emin bar mahaly, heý, Söýünalynyň ýaman niýet bilen üstüne gelip bilýän barmydy?” diýen soraga: „Gelse hakynam alardy-da...” diýen jogaby eşitdiler. Şol günüň özünde Aman OGPU öz adamlary bile gelip, bada-bat ýagyň yzyndan kowgy gitmegiň deregine obada şol dökülen galtamanlaryň adamsy bardyr diýen pikir bilen, häsiýetine görä tersine yz çalyp, obada aňtaw işlerini geçirip, günäkärleri ýüze çykarmak işine başlady. Ýöne muňa oňly tutaryk-da ýokdy, hamala, Hyňňylyň heleýi bir ýerde: “Men munuň şeýle boljagyny bilýärdim” diýenmiş. Ýeri, ol bir ýol bilen habarly bolmasa, nädip bilýärmiş? Şemal bolmasa, çöp başy gymyldaýarmy? Aman OGPU-a bolsa munuň ýaly yrsarara bir zat tapylsa, oňa başga näme gerek? Hyňňyly aýaly bilen şuraň jaýyna gabap sorag etdiler, çagalary aglaşyp ejeleriniň yzyndan geldiler. Hyňňyl näme diýjegini bilmedi-de, jany ýanyp aýalyna käýindi: –Ýoldaş Aman OGPU, Sülgündir-dä, diýer otyr-da. Onuňam bir gepi bolarmy? Sülgün obada biraz zyýan zähmetli geňräk gepleýän aýal hasap edilýärdi. Has-da ýazda ot örgün mahaly onuň gepi köpelerdi. Geplände agzy köpürjikläbererdi. Obadaşlary, belet adamlar onuň bu döwürde basyrganan ýaly bolup ýörüşini görüp: “Sülgüniň jynlary güle gelipdir öýdýän, gezip ýören ýerinde samyrdap biri bilen gepleşibem ýör bi, elini salgap-salgabam goýberýär” diýýärdiler. Hatda ol bir gün daň bilen il turmanka gaýyn agasynyň öýüne baryp: “Eşegiňizi beriň, men çöle joralarym bilen gül ýygmaga gitjek” diýip geň galdyrypdy. Ýagdaýly wagty bolsa ol hemişe gaýynlaryna eglip, Taňry salamyny berip, ommaza bir gowy sarpaly-sarmykly gelin bolup gezerdi. Emma häzir güýzdi, gülüň wagty hem däldi, ýazdaky ýer ýüzüni gül-gunça öwrülip ýatan otlaram indi sary samana öwrülişip ýatyrdylar. Sülgüniňem rahatlyk tapaýmaly döwrüdi. Aman OGPU Hyňňyldan sorajagyny sorap, eşitjegini eşidensoň, şu heleý bir zatlar diýjeg-ä bolýar diýip, ony aýratynlykda sorag etdi. Ol öz öňünde ýaşynybrak töweregine müýnsüz garap oturan aýala ýüzlendi. –Dogrudanam, sen galtamanlaryň oba dökülmeginden habarlymy? –Bildim. –Nädip bildiň? –Agşam ýatyrkam, gara jynym gelip aýdyp gitdi. Gara sözi adam adydyr öýden Aman OGPU indi onuň bilen gyzyklandy. –Gara jynyň eşidipdir? –Gara jynym Sary jynymdan eşidipdir. Obanyň üstüne ýagy döküler, köp zyýançylyk bolmaz, mundan hökümetiň özi-de habarly diýdi... Töhmetiň bir tararynyň öwrüm ýasap, özlerine öwrülip ugramagy Aman OGPU-nyň gaharyny getirdi. Ol: –Bar, ýok ediň bu dälini! – diýip, gapyda duran esgerine buýruk berdi. Gapyda duran: –Ärini nädeli? – diýip, indi bularyň bu ýerde bolmagynyň hökmanlygy ýok hasap edensoň, başlygyna ýüzlendi. –Onam ýok ediň-de, kowup goýberiň! Şundaň soň är-heleý ikisinem daş çykaryp kowup goýberdiler. Aman OGPU barybir bu jogap bilen kanagatlanmady. Ol henizem galtamanlaryň obada öz gulakdaş adamlary bardyr diýen müňkür pikirdedi. Barybir munuň bilen Aman OGPU-nyň gözlegine dyngam bolmady. Ol ýene-de müňkürlik bilen obany diňirgenip ugrady. Onuň bu galtaman çozuşyna obada kimiň gulakdaş, kimiň ýardamçy bolanlygyny diýseň ýüze çykarasy gelýärdi. Tapylsa, ol oba dönüginiň ýakasyndan ebşitläp tutasy gelýänleriň ýene birem Ýagdy şurady. Ol häzir Aman OGPU-nyň gapdalynda gözleg işlerine şaýat bolup, sorag soraýanyň biri bolup otyrdy. Oba ýagy döküleni bäri onuň keýpi ýokdy, alaçsyzlykdan murty mese-mälim sep berip salparypdyr. Onuň öz öýi-de garakçylaryň: “Şunda zat bardyr” diýip, kürsäp girip, ýarag çenäp, enesini, aýalyny gorkuzyp, saçagyny silkip, ýatagynda baka goýan mallarynyň ikisi alnyp gidilip, talaň düşen öýleriň biri bolupdy. Has beteri-de Hanuma elden gidipdi. Ýagdy obadan Owgana gaçyp geçen Seýli baýyň yzynda galan kiçi aýaly Aýsoltan bilen arany sazlaly bäri oňa bolan isleg-höwesiň artyklygyna seretmezden, henizem ol Hanumanyňam aýşy-ýeşretiniň hem höwesinde bolup, onuň lezzetiniň täsirindedi. Hanumanyň at öňüne kese basylyp, alnyp barylýany onuň göz öňünden gitmeýärdi. Oňa häzire çenli hiç delalat edip bilmeýänligine gynanmak bilen, munuň gönüden-göni şura hökmünde duşmanlaryň özüne garşy gurnan hüjümi bolaýmagyny hem biraz ondan eýmenme bilen çen edýärdi. Şonuň üçinem ol Aman OGPU-nyň “Garakçylaryň obada öz dilleşen adamlary bardyr” diýen gepi bilen doly ylalaşýardy. “Bir bilip bolsa bolýar, onsoň men onuň ojagyny ýumrup, gyz-gelnini başganyň aşagynyň düşegine öwrerin” diýip, duşmana gaýybana öjügip, ahmyrly diş gajaýardy. Eýýäm onuň hem Aman OGPU ýaly: “Şol garakçylara ýaranlyk eden şu bolsa gerek” diýip, şübhe astyna alan bir topar adamy-da bardy. Onuň ýamanlyk garaşýan, oglanlarynyň sürgün edilenligi üçin özi bilen alagöz hasap edip, şübhe astyna alanlarynyň biri-de Kymyş duzçudy. Ol özünden ýaňa Kymyş duzçynyň içiniň ýanyp duranyny, gabady gelse, aryny almak üçin gaýgyryp goýmajagyny-da pikir edýärdi. Kymyş duzçynyň özi-de şurany halamaýanlygyny, ýolbaşçy bolup, il öňüne düşmegi oňarmaýanlygyny: “Bir iliň bagty ýatanda onuň iň akmagy han çykarmyş. Töweregiň şeýtan siýdiginden döränleri ony ýokary göterip, başa çykaransoňlar, soňra onuň syrtyna barmak sokup oýnap, öz islän gabahatlyklaryny şonuň üsti bilen amal edermişler. Şeýle adam ýokarsynda otyrka, ilden rysgal-döwlet göterilip, ol horluga, zuluma sezewar bormuş. Häzir bizem, il soňy Ýagdy ýalylaryň ile baş bolup, hanlygyň hakyky eýeleri kowalanyp, tutulyp, atylyp, basylyp ýörkä şol betbagt halka öwrüldik” diýen ýaly agyr, kemsidiji gepleri oturan-turan ýerinde gypynç etmän aýdardy. Haçanda inisi Bally bir gezek agasynyň bu bolşunyň täze hökümet adamlaryna ýaramajagyny, munuň gönüden-göni ýagyny özüňe öjükdirme boljaklygyny, soňundan ol gepleriň ýamanlyk bolup, dolanyp özüne geljegini jandurmazlyk edip: –Dostdan duşman köp, sizden her eşiden gepini ýere gaçyrman, äkidip ýamanlap ýörenler bar, täze hökümetiň gepini azrak edeweriň, başa ýene bir bela inäýmesin! – diýip aýdanda Kymyş duzçy: –Heý, inim, Sowet ojagym-a ýumurdy, indi mundan beter olar maňa ýene näme ýamanlyk etjekmiş?! Mundan aýylganjam bir bela bormy, geregi ýeňňeň ikimiz bolsak, eýlesin-de Narly gamyşçynyň ogly dykaýsyn bizem gowuz ýerine! – diýipdi. Galtamanlaryň oba dökülen gününiň ertesi Aman OGPU-nyň oba arasyndaky jansyzlarynyň ikisi dagy Begendik ussanyň ussahanasynyň öňüne ýygnanan adamlaryň arasynda bolup, bu waka bilen bagly aýdylan gepleri oňa ýetiripdiler. Olaryň arasynda şuranyň şol bir wagtda bolsa, Sowet döwletiniň ýerli, ýeneki ýolbaşçylarynyň mertebesini kemsitmeler hem duýulýardy. Şeýle gepleriň birem ýene Kymyş duzça degişlidi. Garakçylaryň gürrüňi edilende Kymyş duzçy ýigrimi-ýigrimi bäş ýyllykda oba ýagy çozan pursadyny ýatlapdy. Şol gezek bir bölek atly gündiziň-güni oba duýdansyz dökülipdi. ...Ol döwür gazy günleri bolansoň, obanyň erkek adamlarynyň köpüsi gazy-haşar işleriniň ugrunda bolup, Galagammar diýen ýerde gazy gazýardylar. Ýakymsyz habary eşidip durup bolýarmy? Habar düşenden adamlar atly atyna, eşekli eşegine atlanyp, oba eňipdiler. Ýagy bu gezek gaýradan– Bäşdeşik tarapdan inip, esasanam, obanyň gaýra başy bolup oturan Bulamaklary çapypdylar. Yzlaryna dönenlerinde bolsa, ýolugra gabat gelen ýeneki oba adamlaryny hem ol ýerden öz süren adamlarynyň arasyna gatyp alyp özleri bilen bendiläp gidipdiler. Gully emindir Akynýaz baý, Jumaguly ahundyr gaýry oba ýaşululary bilen maslahatlaşyp galtamanlaryň yzyny ýel çalmanka, oba batyrlarynyň birnäçesini bir bölek atlynyň öňüne salyp, gyssagly olaryň yzyndan kowgy ýollapdy. Gully emin töwerekdäki obalara, habar ugratsa, Akynýaz baý şol wagt özlerini türkmen durmuşyndan çeträkde saklamagy kem görmeýän owgandyr ýerli orus hökümet adamlary bilen olary bu işe çekmek üçin gepleşik geçirmäge howlugypdy. Gowy ýaragyň ýetmezçilik edýänligi lapyňy keç edýärdi. Obadan ilkinji kowgy bolup giden atlylara Anna Pälwany, Amat batyry, Şämit pälwany baş edip ugradypdylar. Olar serhedi ýanabrak ýörediler. Ýalňyşmanam ekenler. Tizden onda-munda garakçylaryň galdyran yzlary görnüp ugrady. Indi olaryň Owgana aşarman bolup barýan adamlardygyna şek-şübhe ýokdy. Onda-munda ýatan ölüler görnüp ugrady, çaky olar kowgyň yzdan gelerinden howatyrlanyp, sürege ýaramadyk asgynjaňlyk edenleri öldürip gidip barýan bolmaly. Duş gelýän jesetler esasynam çagadyr gojaýan adamlardy. Netikazalar olary öldürensoň, ýere dulaýynam diýmändirler, meýitler şol düşen-düşen ýerlerinde agyzlaryna, ýüzlerine mör-möjek gonduryp, ýüzlerine çaň-toz syradyşyp ýatyrdylar. “Ogry syrty gowşak” diýleni, olaryň öz etmişleriniň soňundan çekinýändikleri duýulýar. Hasam bir ýapynyň ýüzünde öldürilenler kän eken, olar gyzyl ýaýyrt bolşup ýatyrdylar. Duşmanyň töweregini oýtarlap, habar almaga giden atlylar tizden olaryň Artyk guýyň başynda düşländiginiň habaryny getirdiler. Kowguçylaryň çeni dogry çykdy, olaryň aýak ýeterden uzaklaşmanlygy belli boldy. Bu ýerde gala diwary bolup keserip duran baýyr depesiniň ýeňsesinde aýlaw bolup syrt berip, duran ýerinde süýji suwly guýy bardy. Galtamanlar düşlänlerinde bu ýeriň töwerege gözegçilik etmegiň amatlydygyny hem göz öňüne tutulan bolmaly. Gapdalda barha ýokarlygyna çowlanyp ösüp oturan depe bardy. Şol depäniň üstünde hüşgärlik üçin ýörite goýlan gözegçileriň barlygy anyklanan mahaly, olaryň üstüne göni barmagyň kyn boljaklygy, nähili-de bolsa az ýitgi çekmek üçin bir emel etmelidigi belli boldy. Şu ýerde baş serkerde Anna Pälwan atlylaryndan bir toplumyny bölüp, Şämit bilen Amat batyry duşmanyň arkasyna geçip ýoluny kesmäge ugratdy. Depede duran garawullary alyp ýatmaga bolsa, Anna Pälwanyň özi gidermen boldy. “Başga biri gitsin” diýilse-de: “Muňa, paýym, meniň özüm gitmesem bolmaz” diýdi. Soňam ol bendi alnan hökmünde Mahy dälişgäni atyň öňüne kese basyp, başa owganlylaryňky ýaly seleň selle oranyp, gözegçilik çekip oturan garawullaryň arka tarapyndan özüni ýekeçapar galtaman edip görkezip, golaýdan geçmek üçin emel etdi. Anna Pälwan garawullap oturanlar özüni görüp, owgan adamsy hasap eder ýaly bildiginden parsylap, öňünde ýatan Maha käýinenden bolup, atyny howlukdyrman sürdi. Birazdan onuň diýşi ýaly hem boldy. Garakçylar kimdir biriniň başga birini atyň öňüne basyp, aşak etekden baýryň o ýanynda uly garakçylar toplumynyň ýatanyndan habarsyz, ýeriň giňişligini alnanda sögülýän sögünçler bilen sögünip, geçip barýanyny gördüler. Atyň syrtynda horjun bökdürilipdir. Gözegçileriň biri ölemen çilimkeş bolsa näme, ajy temmäkiniň ysyny beýle adamlar bir günlük ýoldan almaýarmy?! Çilim çekesi gelip, dişleri syrkyrap oturan garakçy şol barmana-da temmäki ysyny aldy. Gözi ýiteldi. Horjundan çaý, temmäki ýaly özüne derwaýys gerek zatlaryň barlygyna tamakinlik bilen göwün çaýyp ynandy. Anna Pälwan deňine ýetiberende ol tüpeňiniň bilinden gysymlap, depeden aşak düşüp gelşine gygyryp oňa ýüzlendi: –Eý, sen, aýak çek! –Sen kim borsuň! – diýip, Anna Pälwan ýarym parsçalap, ony ilki görýän ýaly bolup ýüzlendi. Jogap ýerine talaply sorag eşidildi: –Nireden gelýäň? –Gandarymy tapyp, tutup bendiläp gelýän. Men muny köp agtardym, ahyram ele saldym. Indem eltip dogan-garyndaşlaryma görkezip, munuň ýoguna ýanjak. –Bir çümmük temmäkiň bolsa berseň, çöregem bolsa bölüşäý! –Gel, al özüň horjunyň gözünden, meniň bir elimi ýaralady bu deýýus – diýip, halymsyrady, oňa horjunyň atyň beýle ýanyndaky gözüni görkezdi. Beýleki gamçyly elini bolsa janyýangynlyk bilen Mahynyň üstünden eňtererli bolup oňa çenedi. Gözegçi galtamanyň hakykatdanam Anna Pälwanyň Owgandaky türkmen obalarynyň birinden bolup, onuň köýen aryny alyp gelýän adamdygyna ynanlygy belli boldy. Mahy bolsa bu pursatda ýatan ýerinde janagyryly yňranjyrap, daňylgy ellerini sypdyrmaga synanyşandan bolup, ýagdaýa hasam dartgynlylyk berdi. Garakçy atyň yz tarapyndan onuň duýdansyz toýnak salaýmagyndan çekinip, oýtarlabrak geçip gelip, eglip horjuna el uran çagy Anna Pälwanyň “şikesli” goly bilen şatyrdadyp ony dolap aldy-da, ýokary çekdi. Garakçy bir aýagyny silkip urnup, “hyrk” edip içini çekmäge ýetişdi. Anna Pälwan şundan soň jyn ýaly çalasyn Mahyny atdan ýere zyňdy-da: –Okuny, ýaragyny al! – diýip, gyssady. Elini bulap, gädikden seredip, öz duýduryşyna garaşyp ýatanlara: “Galkynyň!” diýip üm etdi. Söýünalylar aňyrdan: “Ur-da-gaňyr, ur-da-tut!” diýşip, gygyryşyp garakçylaryň üstlerine topuldylar. Duşmana bolan gazap häzir obadaşlaryň köpüsini serden çykarypdy. Galtamanlar el-hal diýşip, aňyrdan öz üstlerine elleri gylyç, çarşakly, tüpeňdir gyrkylyk, naýzaly adamlaryň at salşyp gelýänleri görüp, ilki biraz aljyraňňyllyga düşen hem bolsalar, soňra olaryň hem tiz özlerini ele alandyklary belli boldy. Olar ýerli-ýerden ýaraga ýapyşyp atlylara garşy durdular. Galyberse-de, obadaşlaryňam sany garakçylaryňkydan köp däl. Garakçylaryň serdary munuň çakyny alan borly, o-da adamlary bilen batyrgaý herekete geçip ugrady. Garpyşykly uruşlar başlanan mahaly galtamanbaşy walaýlap, töweregini söweşe öjükdirip ýörüşine hökümli gygyryp, olara talaply buýruklar berişdirýärdi. Galtamanlaryň näme diýeni eli ýaragly üç-dört adam bendileri urup-sögüp, aňyrlygyna sürüp ugransoň onuň: «Ýesirleri bermäň, olar elde wagty bizi aňsat ýok edip bilmezler” diýdigi eken. Obalylaryň yzan-da-çuwan bolşup, ýagyň öňüne düşüp barýan ýakynlaryny başybütin duşmanyň elinden almak üçin gaýduwsyzlyk bilen eden ilkinji hüjümi ol diýen şowly bolmady. Galtamanlar gaça söweşip, bir amadyna getirip güýçleri bir ýere jemläp, täzeden hüjüme geçip söweşmek üçin ýan berip yza çekildiler. Tüpeňler atylmaga ýetişmedi diýen ýaly. Onsuz-da iki tarapda hem üýşüp duran ok-ýaragam ýokdy, hyrlylary gyssag arada oklap atara wagtam. Anna Pälwan galtamanlaryň geçide tarap çekilýänlerini görüp, öz çeniniň dogry çykanyny bildi. Ol ýerde Amat murtuň eýýäm gapdaldan aýlanyp geçenini, mergenler bilen onuň öňde garaşyp ýatanyny ýatlap: “Mergenler atyma getirip, bir atyp alsa, bulaň alty ýedisin-ä bada-bat gyr-ýapyr eder, ýöne olar aljyrandyr öýdüp, üstlerine çozsa welin, ýalňyşar, bularyň sany ýetik” diýip aladaly oýlandy. Duşman pytyraňňy yza çekilýärdi, toparlaryň arasy sozulypdy, şeýle-de bolsa häli-şindi öňräkde barýanlaryň hasabyna yzky obalylar bilen çaknyşýan güýjüň üsti ýetirilýärdi. Şonuň üçinem galtamanlaryň eýýäm birnäçesiniň ölüp, ýaralanyna seretmezden, olar egsilip azalarly görünmeýärdiler. “Ahyrýet güni goňşudan” diýleni, şonda ilki Söýünalylara kömege ýetişen Guljadyr Bedeňler boldular. Anna Pälwan bir ýeňsesine öwrülende olaryň saýyň içi bilen toplum-toplum bolşup, at gorduryşyp gelýänlerini gördi. Indi duşmanyň üstüne her taraplaýyn hüjüm etmäge güýç ýeterlik boljakdy. Obalylary indi bir alada goýýan zat, eýýäm Gün baýyrlaryň ýeňsesini peýläp, eýýäm batyp barýardy. Näme etjek bolsaň, ol ýitip-garaňky gatlyşmanka etmelidi. Ýogsam onuň ähli zady öz gara eteginiň aşagynda gizlejeginiň ujy iki däldi. Häzir garakçylaryňam yza çekilip, güýç toplap, doly hüjüme geçmän, heder edýänden bolşup barşylary hem olaryň gijäniň düşmegine diýseň garaşýandyklaryndan habar berýärdi. Gün indi bu ýerde bolýan zatlary batmankam görüp gideýin diýýän ýaly batar ýerine golaýlaşdygyça, ol ýere has yhlasly intizar seredýärdi. Onuň ýere gyýtak düşýän şöhleleri aýak astynda saman bolup ýatan çöl otlarynyň ýüzünde aýna ýaly ýalpyldaýardy, baýyr depeleriniň guzaý ýapylaryna çaýylyp, ol ýerleri has aýratyn has görnükli görkezmäge çalyşýana meňzeýärdi. Ýan kölegeler uzalyp, jülgeleriň düýbünde eýýäm barha goýalýan gije sudury köwlenýärdi. Alamançylaryň gelýänini ilki gören geçelgäni gözegçilik edip, beýigräk ýerde atym alyp ýatan mergenler boldy. Amat murt öz oturan ýerinden bukdaklap, ýagynyň has gowy görünýän ýeri, mergenleriň arkasyndan baranda howlukmaç sürlenişip gelýän ýagyny öz gözi bilenem gördi. Olar kowgy duýdansyz ýerden döküläýmegini pikir edip, ahmal galmazlyk üçin käli ortalap ýöreýärdiler. Ýöne barybir olar käliň nätselerem bokurdak bolup – iki ýanaşyk depäniň arasyndaky daralýan ýerinden geçmelidiler. Töwerekde başga indi bäri-bärde beýle amatly geçelge ýokdy. Amat murt mergenleri iki topara– birini aşak etekde bir bukuda ýerleşdirse, ýene birini töweregi eýemsirenip oturan geçelge depäň üstünde ýerleşdiripdi. Usullyrakdyr öýden adamlaryny ýaragy tiz oklamaga nepi ýeter diýenlerini mergenlere kömekçi edip belledi. Üznüksiz hüjümi döretmek üçin alty mergeniň diňe ýokarky üçüsine hem aşakdan ikisine birbada ot açmak tabşyryldy. Ikinji biraz soňrakdan atyp, beýlekileň tüpeň oklaryna biraz bolsa-da maý bermelidi. Şämat pälwan duşman golaý gelende üstüne topulmaly topary geçelgäň ýeňse ýanyndaky bukuda ýerleşdirdi. Haçan öňden gelýän bäş-alty atlyny ýokarda ýatan mergenler olar golaý gelen mahaly: „Sen ony, men muny alaýyn!” diýşip, bölüşip atdylar. Öňdäkileriň birnäçesiniň atdan ýykylanyny görüp, alamanlar ahmallyklarynym aldyranlaryny bilip, dessine çem gelen zada başlaryny dulap, duran-duran ýerlerinden goranyşa geçdiler. Okuň nireden gelenini anyklaşdyryp, şol ýerden bar bolan ýaraglar bilen depede ýatan mergenleri oka tutdular. Emma pesdenem ok atylyp başlanmagy olary birneme aljyraňňylyga salany belli boldy. Gara görnümde töweregiň iki-üç janpenasy bilen adamlaryň arasynda çawjap-alakjap, bir onda, bir munda görünýän alaman serdarynyň gykylygyndan soň, onuň öňdäkilere yza çekilmeli diýeni belli boldy. Bir salymdanam olaryň zyr-zöwran edilip, Söýünalydan alnyp gaýdylan ýesirleri öňe sürlüp getirýäni göründi. Amat murt muny görüp, başyny ahmyrly silkdi: –Haý, doňuz galtamanlar namartlady – diýip, sürlüp gelýänleri haýpygelijilik bilen synlady. Ok ýagdyrma dowam etdirilse, ähli adamlary gyrgyna beriljegi ikuçsuzdy. Olardan nämä garaşylsa-da, gowulyga garaşmak asla mümkin däldi. Ýöne ötükden geçirmek bu-da duşmanyň geçerine ýol bermekdi, üstesine, garaňkam gatlyşyp, duşmany gözden gizläp barýardy. Olar bir garaňka siňip bilseler, soň aňsat tapylmajagy, ele düşmejekleri bellidi. Amat murt bir pursat näme etjegini bilmän aladalandy. Ýagdaýy kimdir biri bilen maslahatlaşasy gelip, toparyň ekabyrraklarynyň biri bolup, öz töwereginde ýören Satlyga ýüzlendi. –Bular öz adamlarymyzy özümize gyrdyrjak bolýarlar. –Görüp durun, ýegen, garaňky gatlyşyp barýarka, duşman ýerine özüňkiň böwrüniň garalmagy gaty mümkin. –Onda bir zat edeli, mergenleri ýokardan saýlap tüpeňlemek üçin goýýas-da, özümiz gylyja ýapyşyp, ýagynyň üstüne eňmeli. –Jaý maslahat – diýip, gazap atyna atlanan Satlyk dişini gyjap dessine gylyjyna ýapyşdy. Yzdanam bu mahal Anna Pälwan eýýäm goňşy obalardan ýygnanan ýigitler bilen birigip, duşman üstüne at salyp, ýetip gelýärdi. Olaryň tanyş sesleri barha golaýdan eşidilip ugrapdy. Maksat aýdyň bolansoň, Amat batyryň topary hem ýerli-ýerden gylyç syryp hüjüme geçdi. Söýünalylar şol gezek galtamanlaryň ençemesini çapyp, ençemesini ýesir alyp, özleri üçin gerek bolanda durmaly ýerlerinde durup bilýändiklerini ýene bir gezek görkezdiler… Aman OGPU bu ýagdaýdan ozaldan habarlydy. Şonuň üçinem Kymyş duzçynyň gepinde häzirki ýolbaşçylara aýdylýan göwnüýetmezçilikli gyjalat barlygyna seretmezden, onuň öňki ýaly tizräk duşmandan ar alynmagyny bu meseläniň edermenlik bilen çözülmegini isleýänleriň biridigine düşündi. Hakykatdanam, beýle pikirleriň häzirki ar gidip ýatan mahalynda halkda döremegi tebigy ýagdaýdy. Aman OGPU bir öwrümde Kymyş duzçynyň sözüni gerek hasap edip, göwnüne jaý edensoň, Ýagdyň gojanyň suwuna degilmegini isleýänini bilse-de, onuň bu gepine gulak gabartmak islemedi. Halkyň bu ýagdaýa janyýangynlyk bilen seretmeginden gaýta o-da belli bir derejede kanagatlanma tapdy. Çolpusyna degerli maglumat ilmedik Aman OGPU öz gözleg işlerini goýbolsun edip, günortanlar töweregindäki oba adamlaryna, galtamanlaryň yzyndan bir bölek serhetçi bilen ýerli milletden düzülen ýurda belet “Gyzyl taýaklylar” toparynyň kowgy gidenini mälim etdi. * * * Ahmet derýadan geçensoň, ilki Pyrary Marçagyna darady. Gaýynagalaryndan Hoja gök lakamly iň kiçileri öýde eken. Ahmet oňa çaý başynda dogany Akgülüň salamyny ýetirip, özüniňem bu ýere aşaýmak meýliniň ýok däldigini duýdurdy. Hoja oňa: –Öň aýdyl-da saňa gel diýlip, ana, gördüň-ä gelmese, Jummanjem ne güne düşdi. Orazgeldi aga keltelik etdi-dä, eger şonda bize “hä” diýende, olaram häzir gözümiziň alnynda bolmaly. Akynýaz akgam ýogsam Mahmydy ýörite üstlerine ugratdam-laý olaryň. Bolşewikden ýagşylykdan başga ähli zada garaşybermelidir... Sürgün edip goýberipdirler, ana, kim bilýär niräk? – Soň ol Ahmediň ýüzüne dikanlap: –Orazgeldi agalaň nirä gidenini heý bilýän barmy? – diýip sorady. –Şolar-a alys bir ýerlere äkidilipdir öýdýän. Ýöne entäk belli zad-a ýok. –Aýtdym-a bäri, bärlerde goýmazlar diýip, diýşim ýalam bolupdyr, ana – diýip, ol öz ejiziniň düşen gününe örtenip gürledi. Ahmet gaýynagasyna ýakyn günlerde maşgalasyny alyp gelmeli boljagyny aýdyp, ondan ýaşara amatlyrak ýer bolsa göz öňünde tutmagyny sorady. Ahmet gaýynagalarynyň biri bilen şu köpden bäri maslahatlaşmagy niýet edip ýören zadyny maslahatlaşansoň, onuň janköýerlik bilen: “Öňüň gije, bu gün ýatyp, ertir daň bilen ugraýanyňda bolmaýarmy?” diýenine hem bakman, bary bir Hanumanyň haly gije-de özüne ynjalyk bermejegini bilensoň, ol wagta parh goýman, gyssagly atlandy. Ahmet Marçakdan Hyrat töweregine aşmakçydygyny aýdyp, Balamurgap tarapa ugran-da bolsa, gijäniň içinde azaşan deý bolup, soňra öwrülip, biraz ters yzyny çalyp ýöränsoň, Murgabyň öz belet güzerleriniň birinden atyny salyp, ondan ilerligine – Guşgy töweregini niýetläp dik çykdy. Onuň ýoly gamyşdyr toraňňylyk bolup duran jeňňeliň içi bilen geçýärdi. Murgabyň çep – türkmenler tarapy, sag kenardan hemişe özüniň ot-çöpüniň köplügi bilen tapawutlanýardy. Gijelerine dagy ol garylyp-gatylyp, garaňky bilen goşulyşansoň hasam uly, bimöçber bolup görnerdi. Uzyndan hem boldan biten jeňňeliň içi oňly şemal düşmeýänligi üçin häzir diýseň agyr ysly hem kapasdy. Üstesine-de, çybyn-çirkeýlerem ozalagşam bolansoň, topar-topar bolşup, ýürek-bagra düşüşip, bu ýerde wag berýärdiler. Gören janly-jandarlaryň üstlerine jeňňel galtamanlary bolşup dökülýärdiler. Geleni “hüw” diýip, başyny alyp gitmäge mejbur edýärdiler. Şol barmana Ahmet gabat gapdalda bir ýerde haýsydyr bir ýekegapanyň basyksy, ynjalyksyz tanyş horgurmasyny eşitdi. Ýekegapanyň golaýdan özüniň geçip barýanlygyny aňanlygyny pikir etdi. Horkuldynyň yzysüre gamyşlar güýçli gözgalaň tapyşyp, şatyrdaşan mahaly ol şol ýerden heder edip, üstüne ýekegapan hüjüm edäýjek ýaly pikiri bir pursat başdan geçirdi, üns jemläp hüşgärlendi. Emma ýekegapan alysrak boldumy nämemi oňa öjügmedi. Duran ýerinde guýrugyndan tutulyp aýlandyrylyp goýberilen ýaly, gamyşlary alaşagyrdy edip, pyrlanyp öwrülensoň, kese gitdi. Haýwanlaram ynsanlar ýaly dünýäniň ýagdaýyny, ondaky üýtgeşiklikleri syzýan, öwrenýän bolmaly. Ozallar adamy ýeke dagy görseler, oňa topulmany, silip urmany hiç zatça görmeýän, jeňňel sorap ýören ýekegapanlar özlerini tutsa, hezil edip iýýän oruslar ýurda gelip, töwerekde ok-ýarag köpeleni bäri indi olaram tertibe gelip ugrana meňzeýärdiler. Göni gabat gelişmeseler, adamlar bilen gapyşyp, ýeneki edişip ýörmeýärdiler. Däri ysy bar ýere barmaga çekinýärdiler. Ýekegapan bilen gabat gelnilmedik bolsa-da, bu duşuşyk Ahmediň özüniň şol ýekegapan bilen gidişip alan, häzirki döwürde ýatlanyňda ol gerekmejek yňdyrmalyk bolup görünýän ganly etmişini ýadyna saldy. Ökündirdi. Ol döwür Ahmet obanyň heniz öý-işik bolmadyk gyzyleňek, okgunlydan hyýalbent jahyl gödekleriniň biridi. Toýlarda dyzanyp göreş tutardy, leňňerlendirip agyr ýükleri götererdi. Güýjüne, dogumyna baýrynardy. Haçanda bir gezek obadaşlarynyň biri tokaýda eken ekinlerini bir doňuz sürüsiniň gijelerine jeňňel tarapdan gelip, zer-zaýa edip gidýänligini, çäresizdigini ýatlap, nätjegini bilmeýänligini aýdyp zeýrenen mahaly durup bilmän, oňa duýgudaşlyk edenleriň biri bolupdy. Ekin eýesi şonda bu beladan dyndyranyň bir öweç, birem täzeje garma don serpaýy bar hem diýipdi. Şonda ýagly guýruk gapjagy, üstesine-de täze donly bolmak islegi Ahmediň diýseň başyny göçüripdi. Şeýdibem, ol bu işiň ugruna nähili çykmaga razy bolanyny hem duýmanam galypdy. Şol günden birki gün geçiribem ol gijäni öňüne alyp, bakja eýesiniň gelýär diýip, salgy beren ýerinde bili jöwher pyçakly, eli doňuz golaý gelende onuň depesinden nagdynlap indiräýer ýaly tutdan tommak taýakly ýekegapana ýatdy. Şondan bir gün öň ol bakja eýesi bilen töweregi aýlanyp, doňuzlaryň güzer eden ýeriniň nirededigini, olaryň taşlanan köne ýabyň içi bilen sürlenişip gelýändiklerini, şol ýeriň çöp-çalamyna ilişip galan doňuz tüýleridir tezek-siýdiginiň yzlaryndan anyklady. Ýekegapan zaluwat gümbaş-aljyraňňy görünse-de, ol gün bir erbetligiň öňde özüne garaşýanyny duýdy öýdýän, şol gün wagty bilen onuň ne özi göründi, ne-de hemişe töwereginde şakyrdaşyp gezýän mekejindir jojuklary. Gije halys garransoň-a olar asla-da gara bermejege meňzediler. Aladaňdanyň ukusyny diýsene! Ahmedi gözüňden, ýüzüňden aslyşyp, eňterip alyp barýardy. Ahmet şol garaşyp ýatyşyna daňdanlar gözüni çalyp, çala irkilenini hem duýman galdy. Ony birhaýukdan gapdalyndan şatyrym-şallak bolşup geçişip, sümsünişip barýan haýsydyr bir depgä düşenmi, aýagy basylanmy bir doňzuň çirkin çygyrmasy oýardy. Şonda bada-badam onuň burnuna, gören ýerinde jork batgamydyr, poh-püsüre bulaşyp ýören porsy doňuz ysy hapylap urdy. Ine, bir görse, ýabyň içi bilen, düňreýlip, äpet bir janlydepe bolup, onuň ýoluna göz dikip garaşan ýekegapanam gapdalyndan geçip barýar. Ahmet howlugyp, ýekegapanyň gomuna goýmak üçin gapdalynda çemeläp goýan tommaky taýagyny hem unudyp, raýşyň üstünde ýatan ýerinden atylyp turup zyňdy Allany çagyryp, ýekegapanyň üstüne. Arkasyna gonup gonmanka hem onuň gerşine gol boýy gezligi arlap bir dikip aldy. Janhowluna segräp göterilen ýekegapanyň ony arkasyndan agdaryp, atyp alasy geldi. Ýöne gerişden dikilen pyçak diňe bir ýekegapanyň janyna dawa salmak däl, Ahmede doňuz arkasyndan ýykylman, ýapyşyp oturmaga hem delalat boldy. Şol barmana-da ýekegapan duşan belasyndan nädip, sypjagyny bilmän, eňip barşyna süsňäp öňünden gelen gür gamyşlyga urdurylyp girýär. Gaýta gamyşlar aýaklaryna çolaşyp, onuň okgunly badyny alýar. Ahmede jöwheri garsa sogrup, ony ýene bir gezek, gerşiň aşak etegine, ýürege niýetläp garçyldadyp urmaga mümkinçilik döreýär. Emma aşak etekden sanjylan pyçak oňly ýapyşalga bolup bilmänsoň, tizden gamyşlara çolaşyp onuň özem, şol barmana ýekegapanyň üstünden agdarylyp düşýär. Ýaraly ýekegapan sakar ganyny sarkdyryp, jeňňeliň jümmüşine girip ýitip gidýär. Onuň jöwher pyçagam şol ýekegapanyň teninde gidýär. Ahmet soň golaý bir ýerde jöwher gaçýandyr öýdüp, çöp-çalamda galan gan yzlaryny yzarlap näçe aýlansa-da, ony tapmaýar. Adamlar bu ýagdaý barada şol günler «Ýekegapan janhowluna baryp, özüni batga ýa-da derýa ýenekä urandyr. Şol ýerleriň birinde ölübem galandyr. Ysgaw it dagy bolanlygynda ony tapsa-da bolar” diýen ýaly çaklama gürrüň aýdyp, ýiten pyçak üçin Ahmede duýgudaşlyk edipdiler. Ýöne men diýen jöwher ardurja gitse-de, şondan soň gawun eýesi welin doňuz garakçylygy bilen bagly kellagyrsyndan dynypdy. Ýekegapan diri galanam bolsa, “At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden” diýleni bolup, ol gaýdyp bu bakjanyň töwereginde görünmändi. Her gezek jeňňele aralaşyp, doňuz horkuldysyny eşidende bolşy ýaly, Ahmet häzir hem ýene bir gezek şol ýekegapanda giden jöwherini ýatlady. Ahmet kapas jeňňellikden tizräk çykmak üçin ýene bir salym atyny gyssap sürensoň, Pendi baýyrlarynyň bir çetinden aralaşdy. Baýryň üsti janyň ujudy, onda sergin şemal öwsüp durdy. Ahmet bu pursatda şemalyň şu ýerdäki ähli çybyn-çirkeýem tozduryp äkidip, jeňňel kapasyna dykanyna ynandy. Ol seleňlige çykansoň, atyny aňyrlygyna gorgunyna sürüp, serginlige çolanyp gitdi. Ahmediň pikiriçe, oba çozan galtamanlar öz üstlerinden geçmeseler, hökman Guşgynyň töwereginden bir ýerden geçmelidiler. Tagtabazar Guşgy aralygy alys aralyk bolup, ol täze hökümetiň heniz öz güýji bilen oňly gorap, ýapyp bilmeýän serhetleriniň bir bolmak bilen, ikitaraplaýyn gatnawyň doly kesilmedik ýerleriniň biridi. Ahmet ýolugra golaý-goltumdaky öz bilýän çopan-çoluklarynyň goşuna darap, sorap-idese-de barybir ol galtamanlarden belli bir uç tapmady. Galtamanlar barada oý köwlendirip: “Bular ýa-da başga bir ýerden urdurylyp geçjek bolýarmykalar? Gaçanlarynda ilerligine gaçan bolup, soň şol ýerden yzlaryna öwrüm edip, Bedeň obasynyň töwereginden bir ýerden derýadan geçip, Garabil baýyrlarynyň arasyna düşen bolmasyn? Humlyň töwereginiňem bir serhediň gowşak ýerleriniň biridigini ýatlady. Şeýden bolsalar olaryň kowgulary, hakykatdanam, aldawa salandyrlar” diýip pikir etdi. Bir ýyla golaý bu ýerde gopan ahyrzamany, ganly çaknyşygy ýatlap, şondan bäri bu ýagdaýdan habarlylaryň bu ýere indi aňsat aýagynyň çekmeýänini, serhediň Garabil tarapynyň has howply serhede öwrülendigini ýatlady. Bu ýerde 1920-nji ýylda ýurtdan gaçan owgan emiri Amanulla han bilen Sowetlere dokunyp gelen buluçlaryň bir bölegi ýaşaýardylar. Lenin olara şu ýerde wagtlaýyn gonalga beripdi. Amanulla han Moskwa gidip, onuň ýanynda gelen adamlaryna Ýolöten, Türkmengala töwereginde ýaşamaga ýer berlipdi. Buluç hany Kerim Atabaýewiň diýenine gelip, birnäçe ýyl bolşewik adamsy bolup, töweregi Şkilter ýaly kommisarly ýaşan hem bolsa, ol barybir täze hökümetiň tutumyny, syýasatyny göwnüne jaý edip bilmändi. Bolşewigiň özüne häli-häzir degmese-de, onuň uzagyna özüni bu elpe-şelpeliginde, han özi, soltan özi edip goýmajagyna gözüni ýetiripdi. 1931-nji ýylyň güýzünde ol “Essiň barka, etegiňi ýap” edip, Owgana – öz ýurduna göçermen bolupdy. Haçan-da ol göçi bilen Humla golaý gelende, bu ýeriň serhet galasyndaky esgerler duýup, dumly-duşa howsalaly habar ataryp, özleri bolsa olary saklamaga synanyşyp, söweşe giripdiler. Kerim hanyň ýaragly adamlary Poskrebkonyň ýolbaşçylygyndaky on-on bäş adamdan ybarat bolan öz üstlerine gylyç syryp, hüjüm eden çaklaňja serhetçiler bölümini ýüzugra çapyp geçen hem bolsa, serhetçilere merkezden wagtynda ýetişen kömek güýçleri Kerim hana arkaýyn ýurduna dolanmaga maý bermändi. Taraplaryň arasynda gandöküşikli agyr söweş bolupdy. Kerim hana ähli zadyny taşlap, diňe ejesini atyň syrtyna alyp, serhetden aşmak başardypdy. Şol söweşe gatnaşyp, wepat bolanlardan Poskrebkonyň, Arnageldi baýyň, Nolowoýkodyr Kardaşyň buluçlar tarapyndan söweş meýdanynda, tike-tike edilip, öç bilen dogralan jessetleriniň galyndylaryny soňra toplap, halta salyp, olar getirip, Tagtabazar şäherçesiniň merkezindäki baglykda halky üýşürip, dabara bilen jaýlapdylar. Şondan bäri gaýradaky serhet ýerleriniň has bek goralýanlygyndan Ahmediň habarly bolşy ýaly, täze hökümet bilen alagöz bolup, çöle çykanlaryňam köpüsi beletdi. Ahmet şol barşyna ýene bir salym galtamanlaryň nireden urup çykjagy barada pikir öwrensoň, ol ýene-de bir gezek olaryň Guşgudyr Tagtabazar aralygyndan başga ýerden geçmejegine ynandy. Pendi baýyrlarynyň arasyna aralaşyp, has ýokary göterilip ugransoň, howa ýene-de mese-mälim serginledi. Gum syratmazlyga çalyşýan ýaly säher şemaly gijäniň içinde düňreýlip ýatan baýyr depeleriniň sagrysyny ýuwaşja sypalap ösýärdi. Ozalagşam asmanda peýda bolşup ugran ýadaw ýyldyzlaryň ýüzleri ýagtylyp, sany artyp, indi olar zenan nazaryny ýatladyp, ýeri otlukly höwes nazar bilen tolgunjyraşyp synlaýardylar. Ahmet gijäniň içi bilen salgym bolup, tä daň saz berýänçä, at başyny çekmän ýöredi. “Diňe gözlense, olar şu golaýdan gözlenmeli” diýip, pikir eden ýerine ýetensoň, bir baýryň depesine göterilip, şol ýerde atdan düşdi. Atyň syrtyna bökdüren horjunyndan iki goşawuç arpa alyp, ony attorba salyp, atyň agzyna berensoň, özi-de ýanyna alan çöregidir gowurmasy bilen ýürekse edinmäge oturdy. Birazdan onuň gözüniň alnynda töwerek ýagtylyp, dünýä öňki kaddy-kamatyna gelip ugrady. Üsti seýrek çeti-çerkezli Pendi baýyrlary gijäniň içinden çykyp, ýene-de gündiziň töründäki öz orunlaryny eýeleşip ugradylar. Asla göz öňünden gitmeýän Hanumanyň küýsegi ýene Ahmedi bu ýerde-de uzak oturtman birsalymdan ata çykardy. Bir ýerden bir del aýak yz, galan-gaçan goş-ýeneki gabat geler diýen tama bilen, ol indi atyny gyssaman, töweregi ünsli gözden geçirip sürdi. Şol barmana-da ol iki baýyr depesiniň arasyndaky egrelip gidýän jülgäniň depesinde ýerden göterilen tozana meňzäp, çaňjaryp duranyny gördi. Onuň şol öz gözläp ýören adamlaryna degişli bolan çaň-tozanydygyny çen etdi. Öz ýanyndan: „Taňry işiňi ugruna etjek bolsa, bir yşarat berermiş, ýa bu şol yşaratmykan” diýip, ol öz ýanyndan ýoluny gözleýän toparynyň üstünden getirenligine ynandy. Bu ýagdaý onuň düýrmekligi bilen ýene-de Hanumaly pikirlere berilmegine sebäp boldy. Hanumany ol öz ýanyndan özüniňki hasap edip ýörensoň, onuň oljalanmagyny hem ol öz namysyna degildigi hasap edipdi. Bu bolsa onda ar almak islegini, hut şol oljalany tapyp, onuň janyny jähenneme ibermek islegini döredipdi. Ol onuň bilen bir ýerde bolmasa, başga bir ýerde, ikiçäk duşup haklaşmak höwesi bilen burugsap ýanýardy. Ol her gezek şu ikiçäk duşuşygy göz öňüne getirende onuň ýumruklary düwlüp, haýsydyr bir görülmedik wagşy haýwana öwrülip barýan ýaly ýüzi hyrsyzlanardy. Käte bolsa ol: “Hanumanyň indi gitdigi gitdigi bolarmykan?” diýip, umytsyzlanyp, lapykeç bolardy. “Gideniň habary özi bilen” diýleni has-da ony häzirki Hanumanyň niredeligi baradaky näbellilik örtäp köseýärdi. Başyna onuň bilen bagly bir-birinden mojuk pikirler gelýärdi. Hanumany oljalanyň özi ýaly at üstünde möjek ýaşaýşyny edip ýöreniň biri bolup, onuň Hanumanyň gözelligini görüp, durup bilmän oňa höwes eden bolmagynyň, eýýäm ony bir çola aýlap, galtap alan bolmagynyň hem mümkindigi barada gabanyp-gaýnamak bilen oýlanýardy. Onuň Hanuma bilen nähili basa düşüp alanyny göz öňüne getirip, ol näbelli garşydaşy bilen ikiçäk duşuşyga gyssanyp der-gazap bolýardy. Her gezegem ol şu pursatda pikirinde atyny ýüzin salyp, çapyp barýan nätanyş duşmanyň başyny gylyç syryp, boýnunyň çykan ýerinden çapyp düşürýärdi. Gaýybana ar alýardy. | |
|
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk - 20.10.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |