14:20 Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy | |
* * * Hojam hanyň öňe giden toparynyň habar düşüp, kömege gelmegi yzky toparyň adamlarynyň gönüden-göni wagtynda arkasyny almak boldy. Şundan soň tiz wagtdan kowgy uly güýje gabat gelendiris öýtdümi ýa-da Owgan serhediniň şu golaýda hem barlygyny ýatlap, öz hereketleriniň gaýry ýurduň serhedini bozmak bolýanlygyny pikir etdimi nämemi, olar ýene surnaý çalşyp, at başlaryny çekişip, özleriniň mundan aňry gaçanlary aňtamaklaryny bes etdiler. Ahmet ýene biraz ýeriň pessi bilen çen-çaka berlip, Owgan serhedine tarap gaçansoň, yzyna gözläp, töwerekde kowgynyň galanlygyny görüp, atynyň badyny aldy. Yzynda oturan ýaralynyň halyndan habar alarman boldy. Onýança-da, Bäpbäniň özi oňa ýüzlendi: –Kimem bolsaň, hany, bir at başyny çek! Ýarasy wagtynda daňlyp, gan ymykly togtadylmanlygy üçin, häzir dogrudanam Bäpbäniň haly harapdy, atylan ok onuň uýlugyny-aşyklyň etini ýagşy silipdi, häzirem ondan aşaklygyna yzarlap, ýyly gan syrygýardy. Bäpbe garaňkynyň içinde, galyberse-de, bu gyssagarada öz dadyna ýetişen halasgäriniň kimdigini islese-de, ýeňsesinden tanap bilmändi. Onuň at üstünde düňreýibräk oturyşyny Girdä meňzedip, lapykeç bolupdy. “Bäh, bu ýerindengelme ind-ä, “Seni men halas etdim” diýibem, maňa minnet baryny eder-ow“ diýip kejigipdi. Ýeri, çaknyşykda, dara-direlikde gaçylyp-kowlanda, eýsem, bolmaýan zat barmy?! Il aýtmagyna gör-ä, Anişirwan adyl hem bir gezek şeýle alaçsyz ýagdaýa düşenmiş. Şol gezek Anişirwan derýadan geçmeli bolanda bir suw syzýan düýbi deşik gaýyga münmeli bolupdyr. Biraz ýüzensoňlar, onuň deşik ýerinden gaýyga suw dolup ugrapdyr. Şonda ol patyşa halyna gämide gämiçiniň hökümdir buýrugyny berjaý edip, eline berlen bedre bilen, suw serpip oturmaga mejbur bolupdyr. Bu pursat soň onuň goşgularynyň birinde öz beýanyny tapypdyr. “Gämiçi han boldy, Biz nöker bolduk. Elimiz bedreli, suw çeker bolduk”. Ýöne: “Bek ýapyş!” diýen kesgin talaply buýruk welin Girdiniňki däldi. Şu gulakda galan gep şonda biraz-da bolsa oňa arkaýynlyk beripdi. At başy çekilip, aňa-üme mümkinçilik dörän mahaly töwerekdäki Bäpbäni atyň syrtynda görenleriň ikisi dessine ylgaşlaşyp, oňa kömege geldiler. Olaryň hersi bir ýandan gelip, oňa atdan düşmäge kömek etdiler. Diňe şundan soň Bäpbe öz halasgäriniň kimligine anyk göz ýetirdi. Bäpbe Ahmede minnetdarlyk bilen baş atansoň, çytylyp öz toparynyň adamlaryna ýüzlendi: –Boluň-how, bir zat ediň-dä, aldy-ow bi! – diýip, olardan dessine ýarany daňyp, ondan syrygýan ganyny togtatmagy talap etdi. Hojam han yzdan gelýän kowgynyň galanyna doly göz ýetirensoň, o-da töweregi bilen uly goşa dolandy. Atyşyk-tutluşygy görüp, zähresi ýarylan aýal-gyzlar, çaga-çugalar – gorky bilen goldan-gola gaçyp-tezip, halys surnugan topar bu ýerde onuň soňky buýrugyna garaşyp otyrdylar. Düşlemek, biraz-da bolsa özüňi dürsemek zerurdy. Hojam han atdan düşmäge howlukmaýardy. Ol bir deperäk ýere çykyp, bir eli bilen bilindäki gylyjynyň dessesini gysymlap, bäşataryny öňüne kese basyp, hanlarça töweregini tükelläp howalanyp durdy. Adamlaryň töwerekden onda-da, mundan-da gelşip durmaklary hanyň kalbyna teselli berip, onuň il garamatyny sag-aman serhetden aşyran hökmünde kanagat tapmagyna sebäp bolýardy. Demirgazyk-günbatardan ösýän sergin şemalyň demi ýakymlydy. Onda ýanan goýun çörüniň ysyna meňzeş, däri ysyny ýatladýan alagarjaw ys-koklaram bardy. Daň atyp barmagy bilen, gije çal goýnuň tüýdüm-tüýdüm ýüňüne meňzäp, gündizlige öwrülip barýardy. Ýöne baýyr-jülgeleriniň çuňalýan ýerlerinde gijäniň goýry garaňkylygynyň baslygyp, durkuny saklap, dykyn alyp duranlygy bildirýärdi. Bäpbe bir bölek atlysy bilen il soňragynda göç yzyndan ýetende, bu ýerede eýýäm birki ýerde ot ýakylyp, çaý-naharyň ugruna çykylypdy. Oduň tüssesi rahatlygyň müşgi bolup, adamlaryň kalbyna siňip ugrapdy. Hojam han Bäpbäniň adamlarynyň arasynda del atlyny görüp, birbada onuň näme üçin bu ýerdedigine düşünip bilmän nägile boldy. Berlen salama hem birbada aleýik bermäge howlukman, onuň bilen gyzyklandy. –Batyr, ýanyňda del myhmanyňam bar ýaly-la!? – diýip sorady. Töwerekdäki adamlar bu ýagdaýyň Hojama ýaramandygyna düşündiler. Bäpbe at başyny çekip, eýeriň üstünde egrelibräk ýarasynyň derdi bilen azarlap oturyşyna: –Hojam han, bu-da biziň bilen dertdeş adam. Ýurdy taşlap, Owgana barýar... Hojam hanyň dogrusy indi öz aralaryna ýat adamy goşasy gelmeýärdi. Onda-da beýdip bala-çagalar bilen, kelle etege salnyp, gyzyl oduň için bilen barylýan mahalynda. Ol ýolda duşup, Bäpbä-de “Ýör!” diýenine-de ökünip, aňyrsyna çykyp bilmeýärdi. Hasam ol onuň diýenini edip, oba dökülmäge rugsat berenine, onuňam garaşylmadyk ýagdaýda iliň töründe pasyrdap oturan maşgalany oljalap, topary bela goýanyna jany ýanýardy. Sen öz türkmeniňe näbeletmi, maşgalasyny dagy aldyrsa, ol onsoň ölenini, öçenini bilermi?! Bir başa dikýänçä ol hi seniň yzyňdan galarmy? Şeýdibem, bu ýagdaýyň ýok ýagyny başa diläp alma bolanlygyny pikir edip, ýol boýy ahmyr edip gelýärdi. Hojam hanyň kowgy yzyndan ýeten mahalynda hem, mümkin bolsa, olaryň öňünden töwellaçy çykaryp, parahatçylykly gepleşik getirmek pikiri bardy. Olardan bu bolan ýakymsyz ýagdaý üçin ötünç sorap: “Ine, maşgalaňyz hiç kim onuň namysyna batyrynyp bilen däldir!” diýibem, satyn alan belasyndan başyny gutarmakçydy. Hanumanyň özüni şaýat tutunybam, ony gaýtarybam hossarlaryna bermekçidi. Şonuň üçinem han ony bada-bat Bäpbäniň elinden alyp, öz bala-çagalarynyň arasyna goşupdy. Onuň häzir Ahmede: “Sen, han ogul, Owgana barýan bolsaň gidiber, biz köpçülik bolup haýal ýöreýändiris, sen biz üçin ýoluňdan galma!” diýesi gelse-de, bu gepiň Bäpbäniň jynyny atlandyrjagyny pikir edip, sabyrly, parhly bolmaga çalyşdy. Ýogsam Bäpbäniň äjinnesi atlanyp oňa: –Han, saňa maşgala-garaňy ýurtdan saýlamaga kömekleşdim, indem meniň diýen adamym araňyza sygmaýan bolsa, onda men senden geçdim, töwereginde-de ýok, kürt-kürti degirmende görer edýäs! – diýäýmegi-de gaty daşda däldi. Onsoňam onuň häzirki ýarasy larsyldap agrap, güzap görüp duran janagyrly mahalynda. Galyberse-de, bu öwrä ýeterlik belet bolmansoň, ol heniz özüniň serhetden aşyp-aşmanlygyny hem anyk bilenokdy. Yzda galan ýagynyň bolsa ýene bir ýerden ýüz beräýme wehimi-de ýok däldi. Bäpbäniň barmaly ýerine barýança ýene-de özüne köp ýerde gerek boljagyna hem pikirindedi. Hojam han bir pursat ähli ýagdaýlary aňynda saldarlap görensoň, Ahmetli meseläni özüniň häzir çözmeli däldigine düşündi. Bäpbäniň ýagdaýyna duýgudaşlyk etmek bilen; –Hany, tebibi çagyrdyňyzmy? – diýip, onuň aladasyny edip ugrady. –Gitdiler yzyndan. –Ol häzir uly toparyň arasynda gaçylan wagty onuň ýykylan-sürşenine delalat edýän bolmaly. –Bar, başga işiňi-pişäňi goý-da, han tiz gel diýdi diý şoňa! –diýip, han onuň yzyndan gyssamak üçin ýene bir adam ugratdy. Soňam ol yzky toparyň şu ýerde düşlemegini makullaýanyny mälim edip, töwerekdäki söm-saýak bolşup duran beýleki adamlara ýüzlendi. –Sizem ot gallap, tüňçeleri o-da goýup, nahar-şoruň ugruna çykyberseňiz bolmaýarmy!? –diýdi. Atdan düşüp, töwerekde gowadaklap ýörşüne ýarany ýuwmaga mylaýym suwam gerek bolar, tebip gelýänçä, çakganrak hereket edip, suw zat gyzdyryşyberseňiz bolmaýarmy! – diýip, adamlary gyssady. Hojam han tebip gelip, Bäpbäni bejermegiň ugruna çykansoň, pytraňňyrak oturan uly toparyň arasyna dolanyp bardy. Ol Owgana aşmagyň barha kynlaşýanlygyny, özüniň töwekgelçilik bilen bir topar adamy gabryň gyrasy bilen alyp barýanlygyny ýatlap, Alla sygnyp, ondan kömek sorap gelýärdi. Alyp barýan bu agyr melamatyny başybütin alyp çykmaga hemaýat dileýärdi. Ýürek togalap sorany üçin, soňam Taňrynyň özüne hemaýat etjegine, görünmeýän-görünýän belalardan gorajagyna göwün baglaýardy. “Bu ýeser nireden çykdy?” diýip, soňam ol Ahmediň düşnüksiz peýda bolmagyny halamazlyk bilen ýatlaýardy. “Göräýmäge-hä Sowetlerden gaçyp, barara ýer, batara köl tapman ýörenleriň birine meňzeýär. Munuň ýaly synsyrap ýören azmy bu döwürde!? Emma onuň näme pikir edýänini, näme pirim küýleýänini nädip bilersiň!? “Haýwan alasy daşynda, adam alasy içinde” diýilmänmi, eýsem? Ähtimal, ol tötänden gelenem däldir. Bet pygylda bolmagy-da mümkin. Bäpbe-de şeýdip tapaýar-ow bir zady... Neneň duşupdyryn muňa, duşmanlar geçsem bolmaýarmy!? Ol Hojam hanyň ýanynda näme etsemem geçer diýýär. Hany sag-aman Owgana bir aşaly, onsoň seniň minnetiňi Hojam han çekäýermikän?” diýip oýlanýardy. Hojam hanyň başdaş aýalynyň gapdalynda üç aýal uly bir kersen çanagy orta alyp, oňa soňra üstüne çorba guýlup ýumşadylyp iýiljek gaty nanlary dograp oturanlaryň biri-de Hanumady. Başyna çümreräk bürenjek büreneni üçin, häzir onuňam bu ýerde barlygyny ýatlap, ünsli synlaýmasaň, ony tanar ýaly däldi. Hojam hanyň aýaly Hanumany aşyna goşuşy ýaly, hyzmat-kömegine hem goşupdy. Beýlekilere göterdişi ýaly ýolda bir arka ýüki hem onuň arkasyna beripdi. Nahar iýlende-de ýatsyradylman, bir tabaga gol sokdurylypdy. Han heleýiň Hanuma bolan bu aram gatnaşygynyň aňyrsynda ol getirilip, topara goşulan mahaly: “Munam maňa güni etjekmikän bu ýeksurun?” diýip, adamsynyň ýüzüne nägile gözläp heserlenende, Hojamyň aýdan gysgajy gepi soňra oňa rahatlyk beripdi. Ol şonda Hanumany görkezip: “Heleý, muňa özüň göz-gulak bol! Seniň ornuňa dawasy bolmaz. Ahmallykda üstüni basdyran bir maňlaýygara bi!” diýipdi. Adamsyna ýarym gepde düşünýän aýal şonda özüniň muňa bäsdeşlik etmezden, garaşyk etmelidigine düşünipdi. Yzda galan kowgy bilen bagly galagopluk bar-da bolsa, Hojam hanyň başdaş aýalynyň töweregindäki adamlar gaçyp-tezip surnuganam bolsalar, häzir nahar-çaý bilen bagly işleri aýratyn yhlas ygtaýarlyk bilen ýerine ýetirýärdiler. Aýal bar ýerinde gep-gürrüň-de gytlyk etmeýär. Edýän işleriniň gapdaly bilen indi üzlem-saplamrak gürrüňlere hem ýan-ýaýraw alşyp ugrapdylar. –Erkekler biraz arkaýynlaşypdyrlar welin, kowgy galypdyr öýdýän? –Şeýle bolsun-da hernä. Howlukdyrybam janymyzy aldylar. –Duşman gelýä-dä ökjäni basyp. –Täze hökümetiň elinden sag-aman sypyp bilseň, toý beräýmelidir. –Meniň-ä her gyssanan ýerimizde Hudaý ýoluna aýdan malymy hasaplasaň, bir süri bolandyr. –Sag-aman aşmaly ýerimize aşsak bolýar. Barýan ýerimiz öz musulmanlarymyz, sadaka berseňem, onda bu ýerdäki ýaly namazhon, dinhon diýip, saňa sürünjek adam bolmaz. Hanuma yzymdan kowgy ýetip, meni halas eder diýen tamada bolan hem bolsa, her gezek şeýle gürrüňlerden soň, onuň halas bolmaga bolan tamasy barha azalýardy. Özüne öňde garaşýan näbelli ykbal birahatlandyrýardy. “Indi näderkäm?” diýip, öz aladasynyň edilmeýänliginden kemsinýärdi. Neneň kemsinmesin “Ölsem seniň bilen bir çukurda, diri bolsam bir depede” diýýän adamlar şundan soň ony halas etmek üçin, ot-ýelek bolaýjak ýaly welin, ýöne şir sesini eşiden şagallar ýaly, olar şol pursat başyny gutarmak üçin hersi bir ýana ýumlugan bolmaly. “Gerek wagty töweregimde birem ýok” diýip, ol bu kowgynyňam öz yzyndan gelerine garaşylýan däl-de, tötänleýin duşan Sowetiň adamlarydygyny pikir edip örtenýärdi. Ýöne ol tizden ýagdaýyň öz hesret çekip pikir edişi ýaly hem däldigine göz ýetirdi. Atlaryny jylawlap, beýleräklerinden aşakdaky otlugrak ýere barýanlaryň arasynda birden oňa tanyş ýüz görnüp giden ýaly boldy. Umytdyr tolgunmadan ýaňa şu pursatda onuň ýüregi birden gürbüldäp, sarsgyn alyp gitdi. Bu Ahmetdi. Ol birbada öz gözüne ynanmadygam bolsa, ikinji gezek göz astyndan ony ogrynça synlansoň, onuň Ahmetdigine, öz Ahmedidigine anyk göz ýetirdi. Onuň kellesini etegine salyp, öz yzyndan gelenligine düşündi. Galkyndy. Hanuma şonda tisginip, aşak gözläp, samrap goýberenini duýman galdy. –Hih, janlarym!.. Tolgunmadan ýaňa onuň gözleriniň öňi ümezläp, başy aýlanyp gitdi. Hanuma töweregindäki aýallaryň öz boluberşini görüp, bilesigelijiligi artyp, näme üçin bu duýdansyz iç çekmegiň sebäbi bilen gyzyklanyşyp ugran wagty ol ýene-de tiz özüniň oljalanan gyrnakdygyny, nireden gelip, häzirki wagt nirede oturanlygyny ýadyna salyp, özüni ele almaga ýetişdi. Dessine-de gözlerini süzüp, nazaryny töwereginden gizläp, nan dograp otyrka atdanlykda gaty nana barmaklarynyň biriniň dyrnagyny gaňyrdandan boldy. Soňam barmagynyň agyrysy ýüregine düşüp barýan deý, şol barmagyny agzyna saldy. Onuň çaň syran maňlaýyndan bulanyk der damjalary göründi. –Gyrarakdan döwüp, dyrnagymy gaňyrdaýdym-da – diýip, geňirgenişip ýüzüne gözlän gelinleri ynandyrdy. Çanaga nan dograşyp oturan gelinleriň käbirleriniň onuň düşen ýagdaýyna nebisleri agyryşyp, onuň kimdigini unudyşyp, hamala öz birleri ýaly ýerli-ýerden oňa duýgudaşlyk etdiler. –Häzir bolarlar, gyz! –Dyrnak gaňrylanda onuň awusy ýamandyr, damar yzarlap, barybam göni ýürege urýar-da ol... –Bolmasa sen goýaý indi! Özümiz bir zat ederis, onsuzam dograp bolubam barýas-a. Aýallaryň özüni awunandyr öýdüp, göwündeş gopmaklary Hanumanyň syr beren bolmasam ýagşydyr diýen gorkusyny rahatlandyrdy. Eýýäm ol özüni Ahmet bilen bagly ýakymly, joşgunly pikirleriň ummanyna oklapdy. Ahmet bilen jany-jana, yhlasy-höwese gatyp geçiren pursatlaryny ol ömrüniň iň bagtly döwri hasaplaýardy. –Perizadym, gaýtamam – diýip, Ahmediň her gezekler iner bolup üstüne kükräp wagty aýdaýan hoş sözleri hem şu pursatda onuň gulagyna eşidilen ýaly boldy. Ahmediň özi üçin başyny etegine salyp, soňuny saýman gelmegi onda diýseň uly minnetdarlyk duýgusyny döretdi. Begenip tas aglapdy, ýöne zordan saklandy. Töweregiň garadangaýtmaz adamlary ýetik-de bolsa, ol Ahmediň özüni bir ýol bilen bu tordan alyp çykjagyna ynandy. Şol pursadyň tizräk bolmagyny isledi. Şu tolgundyrjy ýagdaýdan soň onuň gelen netijesi “Syr bermejek bolmaly” diýen pikir boldy. Şeýle-de bolsa, ol wagtal-wagtal oturanlaryň üstaşyry Watan ýerlerine seredip, onuň bilen ogryn hoşlaşýan ýaly, şol tarapa seredenligini-de duýman galýardy. Häzir yzda galan Watany ýat edip: “Ýat ilde bize nähili ykbal garaşýarka?” diýip, näbelli ykbaldan eýmenip, Watandan gidýänine gyýlyp-gynanyp, yntyzar bolup, yza seredýän gözler onsuzam az däldi. Barybir Hanuma häzir niräk seredýänem bolsa, ol diňe Ahmedi görýärdi. Onuň goparjak işiniň tizräk amala aşmagyna howlugýardy. Kalba basalyk berip, sabyr saklamaga çalyşýardy. Bişirilýän nahar taýyn bolansoň, ýaş kiçileriň üç-dört sanysy hol beýleräkde atarylan gazandan gaplara nahar guýduryp, oturanlaryň öňüne çekýärdi. Häzir aralykda gezmeläp, bu işlere beýemçilik edip ýören Hojam hanyň inisidi. Adamlar nahary bir-birleri bilen oňly gürleşmän, ajyganyň suw bolan sabry bilen biraz howlugyşybrak iýdiler. Lezzet tapma bilen şap-şap barmaklarynam ýalaşdyrdylar. Biraz iýlip, adamlaryň aňrylaryna oba gonanlygy belli bolansoň, nahar ýanynyň mesawy gürrüňleri hem tapyldy. Gürrüňler esasanam hemmeleriň ýas-ýaňy başdan geçiren hatarly pursatlary bilen bagly boldy. Göwünlere howsala salan bu pursadyň geçmiş bolmagyny omyn-töwiriň yzyndanam ýene dileg edildi. Hyzmatda ýörendir atlara esewan bolýanlar, onda-munda depe üstünde oturyp, gözegçilik çekýänler bolmasa, beýlekiler uly halka öwrülişip, Günüň gyzyp ugramagy bilen, agyr görnüp ugran dondur telpeklerini, ýaraglaryny ýene-de gapdala atdylar. Bäpbe ýarasy sebäpli oňly oturyp bilmeýänligi üçin, hanyň aşagyna ýörite düşelen halynyň bir böleginde ýassyk tirsekläp ýatyrdy. Olaryň arasynda nahardan soň başlanan mesawy gürrüň henizem dowam edýärdi. Has dogrusy, ol gürrüň bolup, gürrüňem däldi-de, indiki ykbalyň aladasydy. Ýat ilde bize nä ykbal garaşýarka diýen aladaly, näbelli pikir häzir her kesiň başynda bardy. –Hojam, senem, özümiziňkileň arasyna bararsyň-a?! –Eýsem, nirä barjak? Maşgalamy getirmäge gaýdanymda-da şony göz öňüne tutup gaýdypdym. Ol ýerden bir süýthordan iki tanap ýer-de satyn alypdym. 1923-nji ýylda Hojaguly han bilen baranlaryň köpüsi şol ýerde. –Hä, şol wagt baş alyp gitmegiň wagty eken welin, gitmän keltelik edipdiris-dä. –Seniňem indi tiz maşgalaňy alyp gaýtmagyň gerek, batyr. Täze hökümet bolsa görýäň-ä gün-günden berkemese gowşanok. Ýene birazdan ýagdaýlar hasam kynlaşar. Şu gezek Tejen aýagyna depip, bala-çagaňy alyp gaýdan bolsaň, bolaýjagam eken welin... –Bir nesibeli güni bardyr, han. Ahmet olaryň gapdalynda gep-gürrüňe goşulman diýen ýaly iýip-içip, biraz ýadyrgap, töwereginde edilýän gürrüňleri öz ýanyndan saldarlap otyrdy. Ol Hanumaly pikiriniň gapdaly bilen bu mähelläniň öňüne düşüp, serdar bolup ýol kesip barýan Hojam han hakda oýlandy. Onuň geýnişinde-de, özüni alyp barşynda-da parh duýulýardy. Hojam hanyň egninde könelmedik garma don, başynda seleň gara silkme telpek, aýagynda ýörände gadamyna dars berýän, her kime ýetdirmeýän gonçly gara ädigi bar. Onuň münýän atam beýlekileriňkiden has kuwwatly hem dyzmaç görünýärdi. Ol jylaw çeýnäp dyzanyp barýarka, baýdak bolup pasyrdarly görünýär. Hanyň garaýşynda-da tapawut bar, ol sereden zadyna sorag-talaply seredýär. Dogrudan-da, han bolan adam töwereginden şeýdip, belli bir derejede bolsa-da tapawutlanmalydyr-da. Aýallar arasynda beýemçilik edip gelýän hanyň baýry aýaly-da özgelerden tapawutly görünýär. Onuň başynda maňlaýlykly özge aýallaryň börüginden has uly görünýän topbusy bolup, ol onuň boldumlydan nurana ýüzüne özboluşly dabara berýär. Onuň aýdany aýdan, diýeni diýen mertebeli aýallaryň biridigine güwä geçýär. Häzirem ol aýal-gyzlaryň arasynda beýemçilik edip, oturyşyna, mahal-mahal töweregine göz aýlap, ähli ýagdaýy syndan sypdyrman, esewan bolup otyr. Hanuma-da hanyň aýalynyň golaýynda, erkeklere ýeňse öwrüp oturan başy atynjaly aýallaryň biridi. Gidip töwerekde aýlaň-çaýlaň edenden bolup, öz zerurýetiniň ugrunda bolup ýörenler nahardan soň köpelip ugrady. Haçan-da topardan iki aýal ör turup tirkeşip, aýal-gyzlaryň gidýän tarapyna, gözden sowarak ýer gözleşip barýan mahallary Ahmet olaryň biriniň Hanumadygyny gördi. Gelinler aşak inip, birsalym depäniň aňyrsyna aşyp, gözden ýitenlerinden soň, täzeden görnen wagtlary ol Hanumany göz astyndan ýene bir gezek täzeden synlady. Aýallaryň ýüzi indi bäridi. Olar howlukman öz maýdallaryna ýöreşip, gürleşip gelýärdiler. Şol gelýänleriň başy köne çabytly, egni ýatyş gyzyl köneklisi Hanumady. Ol häzir hamala Ahmediň özüni synlaýanyny duýan ýaly, ýüzüniň bir bölegini tanasyn diýýän deý, görkezmek isläp çabydyny ýeňseräk çekip, onuň bir synyny bir goly bilen gysymlap, özüniň kimdigini äşgär edip gelýärdi. Bu onuň şu pursatda özi barada bermäge ýetişen habar alamatydy. Bu Ahmede onuň bu ýerde barlygyna, sag-aman gelýänligine ýene bir gezek göz ýetirmek boldy. Şeýle-de bolsa ol birbada nädip Hanuma delalat edip, ony düşen ýagdaýyndan dyndaryp biljegine aň edip bilmedi. Şu pursatda Hanumanyňam özüni görüp biljegini pikir edensoň, atyny suwlamalydygyny ýatlandan bolup, ýerinden turdy-da, bäşataryny orta bilinden gysymlap, aşakdaky atlarynyň töwereginde köpelýän adamlaryň ýanyna gitdi. Gaç-kow ýagdaýlardan halys bolan adamlaryň nahar-çaýdan soň biraz-da bolsa ýürekleri ýerine gelip, rahatlyk tapyp ugrapdylar. Kowgudan gaça durlup, goranyş häsiýetinde çaknyşylan-da bolsa, ýaraly bolan ýedi-sekize, ölen-ýiten dört-bäşe barypdy. Ölenleriň birem Tirkişdi. Adyndan belli bolşy ýaly, ol biriniň ýekesidi. Onuň göç arasynda garryja ejesi-de bardy. Oglunyň söweş meýdanynda galanyny eşideli bäri, ol aýallaryň arasynda agtygyny gujaklap, zar-zar aglap, ýaşmak ezip, sessiz aglaýan gelni bilen, başlaryna ýas bürenişip, bagry birýan halda otyrdylar. Hojam hanyň aýaly han heleýi hökmünde göçi eýemsirenip oturanlaryň arasynda aýlanyp, özüniň özge heleýlerden parhlydygyny nygtaýan deý ýitgi çekenleriň ýanyna birin-birin baryp, olara duýgudaşlyk edip, göwünlik berýärdi. Hojam hanyň atly ýollap, ol merhumlary meýdandan ýygnamagyň ugrundadygyny hem teselli hökmünde aýdýardy. Köşeşer ýerde köşeşibermeýän Tirkişiň ejesiniň ýanyna ol hasam ýygy-ýygyndan aýlanyp, duýgudaşlyk edip, gapdalynda oturýardy. –Gaýrat ediň, enesi. Allanyň halanydyr. Allanyň özi islese, oňa zowal bolmaz. Allatagalla diýermiş-ä “Kim meniň edenme däl diýjek bolsa, çyksyn meniň welaýatymdan!” diýip. –Wah, ýekämdi-le... –Onuň birem bolsa, ölümiň awusy birdir, enesi. Muňa-da şükür ediň! Kowgy yzymyzdan ýetip barymyzy okdan geçiren bolanlygynda nätjek? Hälem erkekler berk durup, gaýtardylar ýagyny – diýip, ýagdaýyň has erbet bolmalygynyň hem mümkin ekenligini aýdyp berip, ony mümkin boldugyndan tobasyna daýandyryp, köşeşdirmäge çalyşýardy. Hojam hanyň tebigaty göterimräk Girdä: „Serdar, özüň gitmeseň bolmaz!“ diýip, gop berip, bir bölek atla ony baş edip, merhumlary ýygnamak üçin yza iberen topary, gün öýläne sanyberende wepat bolanlaryň üçüsiniň jesedini tapyp, goşa getirdiler. Olary il bolup, Pendiň guzaý ýapylarynyň birinde, ähli edim-gylymlara laýyklykda, şehit hökmünde depin etdiler. Olaryň ejizleri: „Watanyň sizi goýberesi gelmän eken. Ol sizi öz gujagynda alyp galýar. Indi biz nädiris? Gidilmän geçen Owgana gitmänler geçsek bolmaýarmy?“ diýşip zar aglaşdylar. Bularyň arasynda öldi hökmünde dereklenen Tirkiş welin ýokdy. Gidenler ony ýer ýykyp, näçe gözleselerem tapmandylar. Atdan aganyny görenler ol ýerden soň baryp, onuň diňe telpegini tapyp alypdylar. Tirkişiň ýaraly bolup, kowga ýesir düşenligi çen edildi. „Çykmadyk janda umyt bar“ diýleni boldy. Ogluny barlaryň arasyndadyr öýdüp, şundan soň onuň ejesi-de zarynlap eňremesini goýup: „Ölmedik bolsa, bir ýerden çykar“ diýen tama bilen, Taňra sygnyp, ýagşy dilege berildi. Hojam hanyň öz topary bilen gelip düşlän ýeriniň iki-üç küňre baýyr ilersinde bu töwerekde Gaş ady bilen belli bolan bir ýanyny Owgan topragyna sanyp, günorta-demirgazyga ýaýrap oturan, öwrüm ýasap, onlarça menzil türkmen topragyna uzalyp gidýän baýyrlaryň arasynda ýerleşen bir düzlük bardy. Ol düzlügiň içi bilen ýylyň ýaz hem güýz aýlarynda jülgäniň pes ýerlerine yňyp, beýiginiň gapdalyndan öwrülip geçip, wagtly-wagtal azalyp-köpelip, tomsuna bolsa akmasyny keserli bolup, suwy has azalýan bir jar bardy. Hatda ol tomus az salym akmasyny goýsa-da, onuň belli-belli ýerlerinde çeşmeleýän ýerleri bolup, bölek-bölek suw toplumlary jar içinde kölçerip ýatardy. Onuň suwy bu döwürde ajap, mal-gara içmegi üçin bolaýmasa, içimlik üçin biraz şor kakyp, ýaramsyzrak bolardy. Diňe ýaz-güýzde onuň olumynda akym başlanandan soň suwy hemmä içmäge ýaramly bolardy. Duzy azalan ýaly bolup, ýympy suwy bolardy. Şu döwürde bu öwräniň çopanlary hem mallaryny ýakýan guýulary gezýän ýerlerinden uzagrak bolsa, ýol aşyp, oňa gidip ýörmän, Gaşyň suwundan oňňut ederdiler. Jaryň iki ýakasy bolsa gür ösen, ýaşap giden pürli ýylgynlaryň, ýeneki maýda, köpýyllyk ot-çöpleriň mesgeni bolardy. Golaýda bu suwuň barlygyna atlar ilki aň etdiler. Suwsan janawerler şol tarapa gözleşip, boýunlaryny uzadyşyp, ýerli-ýerden nähilidir bir gowulyk görýändiklerini mälim edişip, gözgalaň tapyşyp duran ýerlerinde tamakin halda hokranyşyberdiler. Atlaryň salgy beren tarapyna gidip, birki atly ol ýeriň habaryny alyp, özleri üçin amatly ýerdigini anyklap gelensoňlar, göç otluk-suwluk bähbidini arap, şol ýere göçermen boldy. Adamlar jar boýnuna gelip düşläp-düşlemänkäler, Ahmet at üstünde nirede düşlejekdiklerini peýleşip, maslahatlaşyp duran Hojamdyr Bäpbäniň ýanyna gelip, olara habarynyň barlygyny mälim etdi. –Agalar, indi meniňem bir habarymy alsaňyz! Atlylaryň ikisem oňa tarap at başlaryny öwürdiler. –Näme habar? – diýip, Bäpbe biraz geňirgenme bilen ilki dillendi. Ahmet: –Ýolda gabatlaşdyk, ýoldaş bolduk, sag-aman duşman halkasyndanam aman sypdyk. –Hudaýa şükür – diýşip, Hojamdyr Bäpbe ikisi iki ýerden ýüzugra onuň aýdanyny kanagatlanma bilen baş atyşyp makulladylar. –“Dogmadykdan dogan bolduk” diýleni. Senem bize Hudaý ýetirdi – diýip, Bäpbe atyň jylawyny eýeriň gaşyna taşlap, Ahmediň ýüzüne çiňňerlibräk oturyşyna soňam onuň soňky diýmekçi bolýan gepi bilen gyzyklandy. Ahmet: –Men-ä, gardaşlar, sizden rugsat sorajak bolýan. Öz ýoluma gidibersem diýýärin! Bäpbäniň raýy üçin ýüzüne gelip, bir zat diýmedigem bolsa Ahmet özüniň bu ýerde peýda bolmagynyň köpi gören hana “Munuň soňunyň bir çöpi bolmasyn?” diýen, şübheli pikir döredip, onuň düýrügenini görüpdi. Bäpbe bu gepi göwnüne jaý edip bilmänligini mälim edip, oýurganyp biraz çytyldy. Jogabyny Hojam hanyň özi berdi: –Ildeş, bile gidiberenimizde bolmaýarmy? Barýan ýerimizem şol bir ýer, onsoňam entek türkmenleň oturan obalarynyň birine bir ýeteliň. Sen bir ýola belet adam. Gyssag bolmasa, biziň aýagymyza ýöräp, bileräk gidiberseň nädýär!? Hanyň sözünde haýyş-da bardy, alada-da. –Barýan ýerimiz-ä bir bolmaly. Häzir bu topraga aşanlaryň hemmesiniň Jüneýit hanyň töwereginde bolasy gelýär. –Şondan başga nä ýat ilde türkmene hossar çykjak belli ýaka barmy, eýsem? Bäpbäniň bu aýdanynyň Hojam bilen Ahmediňem hem göwnüne jaý bolanlygy belli boldy. Olar düşünişme bilen bir-birlerine baş atyşdylar. Ýoly bile dowam etdirmegiň kem bolmajagyny makul bildiler. Owgana aman-sag aşan adamlara sürlenişip bärden barjak ýerlerindäki özlerine garaşýan ykbal, näbelli ümrüň içinde bolsa-da, olar özlerini telim ýyllap sürnüp, saýrykdyryp ezen durmuşyň yzda galandygyna, indi ine-ganalykda ýaşap-işläp boljak ýere ýetendiklerine ynanaslary gelýärdi. Şeýle-de olar bu gidişligiň hemişelik däldigine, mümkinçilik bolsa tizara ýene-de Watana öwrülip geljekdiklerine, bu gidişligiň gün görkezmeýän guduzlan ýagynyň öňünden birbada sowulmakdygyny pikir edýärdiler. Adamlaryň serhetden geçilse-de, ondan uzaklaşaslary gelmeýänliginiň sebäbi-de şundady. Olarda mümkinçilik bolsa, ýene-de harsa şonda yzymyza dolanarys diýen tama bardy. Haýsydyr bir gudrat Watan tarapdan hemmeleriň kalbyny hamala olaryň gidibermeklerini göwnemeýänligini duýdurýana meňzäp, özüne çekýärdi. Häzirki döwürde bu gep zir-zöwran bolup, Watany bialaç taşlamaly bolanlaryň yzda galan topragy ýat edip, onuň ruhunyň öňünde hasrat odunyň ýalnyny ýüzüne çabradyp, öz ýanyndan edýän kasamydy. Ahmyrdyr armanda galan goç ýigitleriň bir gün jemlenişip, uly güýje öwrülip gelip, duşmanlary bilen hasaplaşmagy, öz topraklarynyň üstünde, Günleriniň astynda ýaşamaga ýene-de hukuk gazanmak bilen bagly öz tamaly umydydy. Jaryň boýuna gelnensoň, başlary Güne gyzyp, yssylap ugran adamlar bu ýerdäki bol ösen ýylgynlaryň kölegesini eýelemekdenem ötri, olaryň başlaryny bir-birlerine çatyşdyryp, özlerine saýalar ýaly has oňaýly çöp çatmalar, sümelgeler ýasandylar. Atlar, eşekler düýeler ýylgynlygyň aralygyndaky ululy-kiçili boşluk – aramlyklarda ýerleşdirler. Adamlar bu giden ýylgyn tokaýlygynyň amatly düşelge bolmak bilen birlikde onuň özlerini töwerekde bolaýmagy mümkin hasap edilýän, ygyp-ysyrganyp ýörenleriň hem gözünden sowarak hasap edilip, onuň özlerine töwerege gabalap, gizleýändigine hem göwün ýüwürdýärdiler. Birazdan adamlaryň kalbynyň rahatlyk tapyp ugranlygy belli boldy. Hojam han ýakyn töweregi bilen Gaş jarynyň boýundaky ýylgynlaryň bir bol biten ýeriniň aralygyndaky öwrümçäni saýlap ýerleşdi. Bir ýerlerde ýeriň giňini alan bedeneleriň bydyklaşýan sesleri eşidilýärdi. Üns berseň, olaram sazlaşykly saýraşyp, adamlary rahatlyga ýetendiklerine ynandyrmak isleýäne meňzeýärdi. Jar boýuna töwerekden gelip, suwlap gidýänler başga-da az bolmaly däl, mahal-mahal uly bolmadyk guş toplumlarynyň bu ýere uçuşyp gelýänlerini, pasyrdaşyp ýylgynlygyň depesinden göterilişip barýanlaryny hem görse bolýardy. Ýaňyrak bir bölek goýun bu ýerde suwlap giden bolmaly, ýylgynlaryň arasynda togalanyşyp ýatan täze çörler we goýun ysy bardy. Jaryň suwy hasam irden biraz duzy çöküşip, içmek üçin amatly bolýan bolmaly-da. Hojam han topary bilen indi garaňky gatlyşyberende bu ýerden göterilip, ýola düşmegi niýet edinýärdi. Ýöne bu ýeriniň kölegeden başga-da bar bolan bol ot-iým, suw bähbidi Hojam hanyň toparyny has köprägem eglärli görünýärdi. Onsoňam bu ýer soňky döwürde bolşewigiň asmandan aýeroplanly gelibem, bu ýerlere köw salyp gidebermesiniň bardygy üçin olaryň gözünden gizlenmek üçinem amatlydy. Ýakynda Mor galada ýörite olar üçin uçar-gonalga ýer oňarylyp, oňa iki-üç uçarly bölüm hem getirileni bäri, olar bu serhetde hasam köp görnerdiler. Olaryň tarryldysy al-asmandan eşidilerdi. Onuň gaçan-goýana aňtaw salyp, serhet ýagdaýlaryny öwrenmek üçin aýlanýanlygy bellidi. Tilkiniň müň sapalagy bolup, iň gowusynyň göze görünmezlikdigine ynanýan Hojam han şonuň üçinem Gaşyň buky şu ýagdaýyny hem göz öňünde tutup, ýene-de biraz bu ýerde eglenäýenini kem görmeýärdi. Ahmet Bäpbäniň aýratynrak topary bilen bölek goş bolup, iki sany ýanaşyk ösen ýylgynyň başyny çatyp, şonuň töwereginde ýerleşipdi. Em edilen-de bolsa Bäpbäniň ýarasynyň agyrysy süňňi sowadagyça, has ýiti duýlup ugrapdy. Ol wagtal-wagtal tebibe igenýärdi. –Ow, tebip, aldy-la, how bi, bir zat et-dä muňa! – diýip, nägile bolýardy. –Edilmeli emler häli-häzir edildi, batyr! –Aýag-a halys yza-zähere öwrüldi. Indi agyry baryp, ýürege urýar! Bäpbäniň gapdalynda ýaňyrak nahardan soň göknar içip, keýpini birneme köklän Hellew bagşy öňüne dutaryny kese basyp, bileninden iki-ýeke heň gaçyryp, sazy bilen Bäpbäniň derdini ýeňledýänine ynanyp, oňa saz çalyp beren bolup meýmiräp otyrdy. Gaňyrçakly burnuny talawladyp oturyşyna göknaryň bady bilen özünden göwni hoşdy. Şol oturyşyna-da ol Bäpbä: “Batyr, ýene haýsy sazy çalyp bereýin?“ diýip, dertli adamyň ýüregine düşýändir öýtmän, gepini hetjikläp häli-şindi oňa ýüzlenýärdi. –Batyr, saňa bolmasa, ýepbegräk heň bilen “Gelinleri” gaçyryp beräýeýsem nädýä? Şu arada “Gelinlerli” gepiň biraz-da bolsa Bäpbäni özüne imrindirendigi belli boldy. Bu aýdym onuň halaýan aýdymlarynyň biridi. Hellewe jogap hökmünde ol änewli bagşyny ýatlady. –Hä, ony änewli bagşa aýtdyraýsaň. Çalgyrdrak diline çolap bir aýdar welin, ine, görseň çeşmeden küýzesini dolduryp, egnine alyp messan basyp gelýän bir gelin görner. Ol şol pursat öz gujagyňa gelýän ýaly duýlup, göwün hezil tapar... Bu gepden “Sen onça aýdyp bilesiň ýok!” diýen kemsidiji göwnüýetmezçiligi duýan bagşy. –Meniňem “Gelinlerimi” erbet görenoklar, haw – diýip, ondan biraz nägile boldy. –Diňledim-ä senem. Sen onuň bir bendinem goýup aýdýaň. –Öňem şeý diýdiň sen bir gezek, batyr. Ol nähili bentmişin onsoň? –Men änewli bagşyny diňlän adam-a... –Aýt-da onda bilýän bolsaň şol bendi!? –Bend-ä ýat bilemok... Ýöne onuň manysa şeýleräk. “Eý, gelinler, men ölemsoňam, siz şu öwlüýäň içinden çeşmä suwa ötersiňiz, şonda meniň ýoluňyzdaky gubrumdan sowlup geçmän, ony ýalaňaç, akja aýajyklaryňyz bilen depgiläp-depgiläp geçiň, meniň ruhumy şat ediň! – diýen terzde aýdardy ol... –Haý, zaluwat änewli, heleý gadyryna bilýän eken, “Ýalaňaç aýajyklaryňyz bilen gabrymy depeläp geçiň” diýşini, gör, onuň! – diýip, Hellew bagşy gelinler bilen bagly gürrüňden hezil tapanyny mälim edip, dutarynyň kirişlerine kakybam goýberdi. Soňundanam Bäpbäniň ýüzüne köp manyly gözläp: –Seniň ol oljalanyňam görmegeý gelin eken, zaluwat. Änewliniň ýalaňaç aýajyklary bilen gabryny depeledesi gelenem, hut şeýle bir melek bolmaly – diýdi. Hanumany görüp, oňa gözi gidenini mälim edip gürledi. Gep aýlanyp, dolanyp ýene Hanumanyň üstünden gelensoň, Ahmediň bu ikisiniň ol baradaky gyjynyşyp edýän gürrüňlerini diňläp oturasy gelmedi. Atynyň aladasyny edenden bolup, turup olaryň ýanyndan gitdi. Ýylgynlygyň degresi hiç neneňsi dälem bolsa, heniz bolubam Owgana aşanyna juda bir ynanyp barmaýan Hojam hanyň birazdan “Ýagydan ýaý boýy” edip, ýola düşmekçi bolýanlygy belli boldy. Adamlaryň birnäçesi eýýäm atlaryny örklän ýerlerinden getirişip, eýerläp, ýol şaýlaryny tutmaga başlapdylar. Hojam hanyň aýaly turup, töweregine gözläp: “Bökdüm-dökdüm bolmasyn, goş-golamlaryňyzy ýatdan çykarman, toplaşdyryp alyň, tizräk boluň özüňizem, erkekleri garaşdyryp irikge etmäň!” diýip, elini aýlap, biline urup durşuna töweregine buýruk berişdirip ugrady. Emma tizden köplenç adamyň göwnüne gelen zatlaryň, onda-da has hem ýakymsyz zatlaryň hakykat bolýanlygy ýene bir ýola subut boldy. Hojam hanyň obany oljalamak bilen bagly Hanumany atyň öňüne basyp, bir iliň ýüzüni ýere basmak bilen bagly oýlara berlip, aňsat beýle işleriň türkmençilikde jogapsyz galmaýanlygyny howatyrly ýatlap, ýene-de bir gezek pikir edenem şoldy welin, ileri tarapda, sesýetimlikde depäniň üstünde ýörite goýlan bir garawulyň aňyrdan howsalaly bir zatlar gygyryp, düwdenekläp oturan depesinden aşaklygyna inip gelýänligi göründi. Onuň näme diýýänligi birbada aýyl-saýyl bolmasa-da, elem-tas bolup aljyraňňy gelşinden oňly habarynyň ýoklugyny welin bilmek kyn däldi. Onuň bolup gelşi adamlaryň töwereklerini garanjaklaşyp, ýene bir belanyň bäri bakanlygyny pikir etmeklerine sebäp boldy. Ýene-de adamlaryň kalbyna howsala aralaşdy. Onýança ýaňky gözegçiniň oturan depesiniň üstünde, ilki bir, soň ýene iki atly peýda boldy. Atlylaryň kimdigi näbelli bolsa-da, Hanumanyň oljalanmagyny göwnüne jaý edip bilmän ýören Hojam han, olaryň şonuň yzyndan gelmegini çak edýän kowgusydygyna ynandy: “Häý, eden işiň bar bolsun seniň!” diýip, ýene içinden nägile bolup, Bäpbä käýindi. Atlylar salgym atyp görünýändikleri üçin, olary bu ýakyn bolmadyk aralykdan entek durlap aýyl-saýyl etmäge mümkinçilik ýokdy. Hojam han çen-çakyny soňlap-soňlamanka, aňyrdan düwdenekläp gelýän gözegçi ýylgynlaryň arasyndan çykyşyp, özüne tarap gelýän adamlary görüp, arka tapyndymy nämemi, diňe şundan soň yzyna öwrülip, görnen atlylara tarap ok atdy. Atlylaryň kimligi bilinmänkä ok atylmagyny han halamady. Ol duran ýerinden: “Haý, oňarmady-ow doňuz ogly!” diýip, oňa käýindi. Ýöne eýýäm boljak iş boldy. Iki taraplaýyn ok atyşygy başlandy. Hanyň buýrugy bilen erkek adamlar bükdekleşip, amatlydyr diýen ýerlerinde ýer ýassanyşyp, goranyşa geçdiler. Göçüň asgynjagy aýal-gyzlar ok, ýenekiden sowarak hasap edilen ýer– jaryň hanasyndaky bukurak boşluklara çekilmäge howlugyşdylar. Ýat atlylar özlerine tarap atylan oklara biraz garşylyklaýyn ok atyşyp jogap bolansoňlar, ýene-de duran-duran ýerlerinden at başlaryny ýeňsä alşyp, depe ýeňsesinde gözden ýitdiler. Soňam olar wagty bilen hiç ýerden gara bermän, Hojam hanyň toparyny alada goýdy. Niredenem bolsa bir ýerden görnäýjege meňzäp wehim saldy. Ahmet dagy dört-bäş bolup, nätanyş atlylaryň görnen depesine ýerli ýerden hal-hallaşyp çykyp, töweregi gözden geçirseler-de, olardan derek tapylmady. Hany, saňa gören ýeriňde duşman durýamy göni bakyp?! Bu düşnüksizden howply ýagdaý soňra ýola düşmekçi bolup oturan Hojam hanyň pikiriniň üýtgetmegine sebäp boldy. Şundan soň ol gije ýöremegiň howpludygy, şol görnen adamlaryň bir ýerde bolmasa, ýene bir ýerden gara berip ýa-da ýol saklap, özlerine garaşyp, atymyny peýläp ýatan bolmaklarynyňam mümkinligini pikir etdi. Görnen atlylar barada Hojam handa olaryň başlaryndaky seleň telpeklerini görüp ilki: “Ötüp barýan ötegçi bolaýmagy-da ahmal, öter gider diýen çen-çak pikir dörän-de bolsa, garşylyklaýyn ok atylansoň, ol barybir, munuň anyk bellisi bolmasa, özüniň ynjalyp bilmejegine düşündi. “Nirden-nirä getiren adamlarymy gelip-gelip, indi şu ýerde gyrgyna beräýmäýin” diýen gorkuly alada berlip oýlandy. Häzirki ýagdaýda ýoly dowam etdirmegiň howpludygy, bolmasa belli bir wagta çenli şu amatly ýerde goranyşa geçip ýatmagyň pikirini etdi. “Kelte gaýdýan bolmaýyn?” diýen oý bilen töweregindäki toparyň sala salýan adamalaryna hem bu pikirini geňeşdi. Olar hem hanyň: “Bu gün şu ýerde galyp, ertir gündizligi öňe alyp ýöräbersek nädýär?” diýen gepini makul tapdylar: –Ýarym güne ýaryş ýok. –Onýança atlylaryňam kimdiginiň bellisi bolar. –Seresaplyk zelel etmez. Barjak ýerimize bir gün, ýarym gün giç barjak ekenik-dä, sag-aman barsak bolýar – diýişdiler. Topar gije ýol ýöremek niýetinden el çekensoň, goşlar täzeden çözüldi. Töweregiň gözegçilik saklawy öňküsinden has güýçlendirildi. Niredenem bolsa golaý bir ýerden duýdansyz görnäýjek, sürnüberjek ýaly bolup duýulýan atlylara wagtynda gaýtawul bermek üçin taýynlyklar görüldi. Gije il deňinde başyny ýere goýan-da bolsa Hanuma golaýynda, bir ýerde höwür at daňylanyny syzan meýil-messanly baýtalça ýaly, Ahmedi görüp tanansoň, wagtynda ynjalyp uklap ýatyp bilmedi. Ýatan ýerinden agdarynjyrady. Ahmediň özüniň yzyndan gelenine minnetdar bolup ýatan ýerinde sessiz aglabam goýberdi. Aglamasyna ol şol Ahmedi ilki atlylaryň arasynda gören mahaly aglapdy. Ýöne syr bermezlik üçin, aglaman saklanmaga, munuň ýeri däldigini özüne ynandyrmaga şol pursatda gurbat tapypdy. Ol häzir haýsy ýylgynyň astynda ýatan bolsa-da, Ahmediň özüni gözden salmaýanlygyny, mümkin boldugyndan, duýdansyz hereket edip, özüni halas etmegiň ugrundalygyny çen edýärdi. Ol bir ýerden duýdansyz boýugaýjak ýaly bolup duýulýardy. Tutuş durky bilen göz-gulaga öwrülip, tamalanyp garaşýardy. Hanuma gijäniň gaýry bir wagty ahyr irkildi, üstesine-de bulaşyk, ýakymsyz düýşem gördi. Ol Gaş jarynyň içinde köýneginiň eteginiň öňüni ebşitläp, ony göbeginiň töweregine çenli göterip, tutup durmuşyn. Bir balyk, soňra ýene bir balyk edil onuň gapdaljygyndan guýrugy basylan deýin, segräp, şapyrdap ýokary bökýär. Özem balyklaryň hersem el ýaly, tylla teňňe çaprazmyşyn. Olar howada ýygrylyp-ýazylyp bir pursat urnuşansoňlar, palçyldaşyp, palçyldaşyp suwa düşdüler. Hanumanyň üstüne suw syçratdylar. Hanyma “Üsti başymy suwdan doldurdylar” diýip, nägile bolup, ýeňsä çekilmekçi bolup, suwuň ortasynda geriş bolup ýatan gara adajygyň üstüne ýeten wagty, ol ada jan girip, äpet balygyň arkasyna öwrülip, üstüne basylandan nägile bolup, bulanyp herekete geldi. Aýagy taýan Hanuma: “Bu suwda-da beýle uly balyk boljak eken?” diýip, geň galmasyny soňlap-soňlamanka-da ol aýagyndan alnan ýaly, taýyp, pajyldap ýaňky balygyň gapdalyna ýykyldy. Balyk şu pursatda ony özüniň äpet göwresiniň astyna alyp mynjyradarly göründi. Hanuma balygyň mähnet göwresiniň aşagyna düşmejek bolup, ýüzüp ondan daşlaşmaga çytraşýar. Birazam bolsa şonda oňa balykdan daşlaşmak başardýar. Ýöne tizden balygyň, hol, yzynda köwlenip duran guýrugy herekete gelýär-de, ony uzaklaşdyrman urup ýykýar. Hanuma öz sesine hopugyp oýandy. Häzir onuň tutuş süňňüni gorkuly galpyldy gaplap alypdy. Hasam ol balygyň guýrugy özüni badyna ýere sokarly bolup uran wagty gorkupdy. Hanuma ýerden başyny göterip, esli wagt dişi agyrýan ýaly, iki eli bilen ýüzüni tutup, äpet balygyň deminden sypanyna ynanyp bilmän gorkuly oturdy. Ýylgynlygyň bir ýerinde hüwi gygyryp, töweregi bilen gürrüňdeşlik edýän eken. Juda gorkany üçin, hüwiň sesi hem oňa birbada, hut şol gara balyga degişli ýaly bolup hatarly eşidildi. Ýatan ýerem birden öwrüm alyp, balygyň gerşi ýaly süýşüp, gozganyberjek ýaly howply duýuldy. Biraz özüne gelen çagy şeýle gorkulanda, ýürege biraz basalyk bermek üçin suw içmelidigini ýatlasa-da, suwly meşigiň, hol beýledäki üýşmek goşuň töweregindeligini ýatlap, adamlaryň üstünden geçip, oňa ýetäýmegiň aňsat däldigine düşündi. Onuň agzy taplap kepäp durdy. Balygyň wehimi onuň süňňüniň gyzgynyny hasam artdyrypdy. Hanuma ýene şeýdip, bir salym meýdanda galan çopan çelegi ýaly bolup lagambir ukuda ýatanlaryň arasynda dikelip oturansoň, ýuwaş-ýuwaşdan ýas-ýaňy duşan howp-hatarlarynyň deminden aman sypanyna ynanyp ugrady. Gijäniň gaýry bir wagtydy. Hanuma dikelensoň, täzeden ýerine süýnmäge gyssanmady. Indi häzir gaýrada daňyň atar ýeriniň töwereginde, ýaý berip oturan bir bölek solaksy ak meýdan peýda bolup ugrapdyr. Daň eteginiň gyzarar wagty bolup ýören bolmaly. Emma nirededir golaý bir ýerde jeňňel otlanyp, onuňam burum-burum gara tüssesi asmany gaplap alan ýaly bolup, henizem gara gijäniň içinde imisalalyga çolanyp ýatyrdy. Asman ýyldyzlarynyňam şindi başy bozulmandyr. Aý ilki doganda dilim gawuny ýatladyp görnen hem bolsa indi, deňiz içinde öz töweregindäkileriň haýsyny mündürjegini bilmän, ýyldyzlaryň arasynda ýüzüp ýören ak gaýyga öwrülipdi... Hanumanyň töweregindäkiler irki namaz wagtynyň boluberenligine seretmezden, ýer diňleýän ýaly bolşup, henizem süýji ukuda ýatyrdylar. Olaryň burunlarynyň sazlaşykly “hyşy-wuşusy” dowam edýärdi. Hanuma aýakýoluna giden wagty, ol özüniň bu ýerde göz astyndaky adamdygyny ýene bir gezek ýatlap, ýanyna ýoldaş aladasyny etmelidigine düşündi. Özüne ýoldaş edinmekçi bolup, gapdalynda depe bolup ýatan hanyň kiçi aýalynyň egnine elini goýup, ony sähelçe yralady. –Dürnabat! –Dürnabat ukusyna degilmegini halamady, horguryp, güpüläp gapdalyna öwrülerli göründi.–Dürnabat, tursana gyz, ýör bile aýakýoluna baraly-la?! – Hanuma bu gezek öz sesini töwerekde oýa bolanlara eşitdirmek maksady bilen biraz öňküsiden gatyrak gepledi. Ukusy agyr Dürnabat ony ýene-de eşitmedi. Hanuma ör turup, başyna atynan çabydyna çolanyp, kelte nazar aýlap, şol duran ýerinde töwereginiň habaryny alansoň, Dürnabada kaklyşmazlyk, ýeneki kimdir birine büdremezlik üçin seresap basyp, aýaguçdan usul bilen aýlanyp geçdi-de, aşak jara tarap ýöneldi. Hanuma gündizlikde aýal-gyzlaryň özlerine aýakýol edinen ýeriniň nirededigine beletdi. Ol ýylgynlary aralybrak biraz ýöränsoň baryp, atlaryň örklenen ýeriniň gapdalyndan bir ýerlerden çykdy. Töwerekde her ýerräkde, her ýerräkde örklenen atlar, olaryň ot-çöpe timisgenmekleri üçin agyzdyryklary kellesiden aýrylyp, amatlylyk döredilen hem bolsa, olar otlaman, dünýäniň ukusyna gatylyşyp, aýak üstünde ümsümlige goşulyşyp irkilişip durdular. Düýnki del adamlar sürini garamlaýan möjege meňzäp, göç töwereginde görnenden soň, ahmallygy elden bermezlik üçin, gerek bolanda bada-bat atlanaýar ýaly atlara indi eýer-jul-da goýlupdy. Hanuma atlary gören wagty, şu atlaryň biriniň Ahmediniň atydygyny çen etdi. Ahmedi göreli bäri küý-köçesi şol bolansoň, onuň göwnüne olam häzir golaýda bir ýerde bar ýaly bolup hem duýuldy. Şol barmana-da ol niýetini üýtgedip: “Gaçaýmaga amatly wagt eken” diýip, pikir edenini hem duýman galdy. Şundan soň onuň ýürek urgusynyň üýtgänligi belli boldy. Onuň göwnüne, kimdir-biri töwerekde öz hereketini göz astyna alyp, yzarlap ýören ýaly duýuldy. Onuň ýüregi tutulan guşuň ýüregi ýaly gürsüldäp, hamala, gaçyp barýanyň aýak düňküldisi bolup, has batly urup ugrady. Töweregini gözläp Hanuma eden pikirinden üýşendi. Hanuma haçanda bir irkilip duran atyň gapdalyndan ötüberende at töwereginde ýat barlygyny syzyp, burnuny parlatdy. Şol barmana-da kimdir biri golaýdaky uly ýylgynyň ýeňsesinde tüýkürinjiredi. Gorkudan ýüregi gürsüldäp urýan Hanuma nädip duran ýerinde aşak oturanyny hem duýman galdy. Aňyrdan kimdir biriniň balagynyň uçguryny daňyp gelýän sulbasy göründi. Ony görüp gorkusy hasam artan Hanuma gyssaga düşen wagty hemişe biygtyýar bolýan neminiň birazyny waşyrdadyp, oturan ýerine nähili goýberenini hem duýman galdy. Aňyrdan gelýän adam öňünde sulbasyndan bir zenanyň meýdan edip oturan sulbasyny gördi-de, “ähüm” edip, oňaýsyz ýagdaýa düşenligini mälim edip, onuň gapdalyndan oýtarlap ötdi. Hanuma şundan soň onuň özüni aýakýoluna çykan aýaldyr öýdüp pikir edenligini bilip, biraz arkaýynlanyp-rahatlandy. Ýöne ondan dyndym diýse, biraz-da ýeňsede ýene biriniň ýeňiljek ardynjyramasy eşidildi. Işini bitirip, uçguryny daňyp, yzyna köwlenmekçi bolup duran Hanumany bu üsgürinjireme hasam howatyrlandyryp, ýene töweregini diňirgendirdi. Onuň yzysüre-de golaý bir ýerden guş ganatynyň pysyrdysy eşidilen ýaly boldy. Indi bireýýämden bäri ýylgynlaryň biriniň şahasynda oturyp, hetjikläp, gijäni nämedir bir zada ynandyrjak bolýan ýaly bolup, yzly-yzyna süre okaýan hüwiniň sesi hem şu arada symah boldy. Kimdir biriniň golaýlap gelýänligini duýup, o-da ýüregine howsala alyp, göç edip uçan bolmaly... Hemmeler ýatsa-da, Ahmet ýatmandy. Onuň garagyna syh kakylan ýalydy. Hanumaly meseläni birýüzli etmese, ýatyp-da, ynjalyp-da biljek däldi. Ol ýatar ýer edinip, oňa süýnenem bolsa, gözi aýal-gyzlarly toplumyndady. Uzakly gije ol ýerdäki hereketi synyndan sypdyrman, Hanuma barada oýlanypdy. Göwnüne her hili pikirler getirip, sähel salymdan telim bir hyýala münüpdi. Hanumany halas etjek bolsa hiç wagtam şundan amatly wagtyň bolmajagyny, munuň üçin bolsa örän akylly-başly, şol bir wagtda hem soňuny saýmazdan edilen aýgytlydan batyrgaý hereketiň hökmandygyna düşündi. Şu pursatda onuň bir çemine salyp, Hanumany pasyrdadyp, atyň öňüne alyp gaçyp gidiberesi geldi. Meýdanda Hanuma bilen dagy ikibaş galynanda boljak aýşy-eşret hezilligiň höwesi bolsa ony şol pursatda bu pikire hasam imrindirdi. Göçem Owgan ýerlerine doly aşmasa-da, indi eýýäm onuň gyrak-çetlerinden aralaşybam ýördi. Ýöne indi näme etseňem, göç barýan ýurduna ymykly aralaşmanka etmelidi. Ahmediň bilşiçe ýylgynlyk Gaşyň dowamy bolup, ýene-de azyndan göç aýagyna ýörelende bir günden gowrak dowam edip, soň şol ýerlerde ol gutaryp, üsti çöllük uly ýere sanmalydy. Bu ýagdaý hem nädibem bolsa Hanumanyň halas edilişiniň tizleşdirilmegini talap edýän zatlaryň biridi. Hanumany atyň öňüne alyp gidesi gelse-de, emma ol ýene-de tizden özüniň kimligini, nähili ýumuş bilen nireden nirä barýanlygyny hem bärde özüne yza ýoluň bolup bilmejegini ýatlady. Ony alyp gaçma niýetinden el çekip, bu meselede başgaça bir ýol bilen hereket etmelidigine düşündi. Hanumanyň bu gezek ýeňsesinden eşiden çybşyldy, ol golaý gelip, häliden bäri Hanumany syndan geçirip duran Ahmediň aýak sesidi. Ahmet gaty golaý barýança öz aýak sesini eşitdirmezlige çalşyp, aýaklaryny tikenli ýerden aýak ýalaňaç ýöreýän ýaly bolup, göterip-göterip alyp, seresap basyp gelen-de bolsa, Hanuma ony eşidipdi. Ýöne ol “Bu näme boldugykan?” diýip, çybşyldy bilen gyzyklanyp-gyzyklanka ýeňsesinden ýuwaşja tanyş ses eşitdi. –Hanuma, bu men!.. Onýança-da arkadan gelen Ahmet «Ýene birden gorkup gygyryp goýberäýmesin” diýen pikir bilen, Hanumanyň agzyny tutup, beýleki eli bilen onuň göwresini dolap, öz gujagyna aldy. Hanumanyň süňňünden göterilýän ýakymly zenan ysy hapylap Ahmediň burnuna urdy. Şu pursatda ol göz açyp-ýumasy salymda bolsa tas maksadyny unudyp, huşuny aldyrypdy. Hanumany diýseň küýsänligine göz ýetirdi... Tizbişerligini edip, sowky-sapasyna berlip, tapyr-tupur onuň bilen ýylgyn astynda ähli zady unudyp, basa düşüp alarly göründi. Hanuma diňe häzir nämäniň nämedigine göz ýetirdi. Onda-da aňryýany bilen. Ahmet onuň pikir edişi ýaly nirededigini bilip alansoň, gije-gündiz çemine salyp, özüni halas etmegiň ugrunda bolup gezendigini bildi. Hanumanyň şu pursatda öz gören-görgülerini ýatlap, hossar çykyp gelen Ahmediň kükregine başyny goýup, zenanlarça içigip-içigip aglasy geldi. Bu pursadyň şol zenanyň goç ýigidiň saýasyny saýalynda bagtly bolýan pursadydygyna ynandy. –Başymy etegime salyp geldim – diýsene! –diýip, soňam ondan minnetdar boldy. Bu Hanumanyň Ahmedi tanap, yzyna öwrülip, demi-demine ýetmän tolgunyp durşuna aýdan ilkinji gepi boldy. Bu sözüň zenanlarça aýdylanyndanmy nämemi, onuň süňňünde-de diýseň çäksiz minnetdarlyk hem mähir bardy. Ahmet jogap ýerine ony pugta gujagyna gysdy-da, höwes bilen kükregine göterdi. Duşuşygyň ýakymly pursady şunuň bilenem tiz gutardy. Işiň iň jogapkärli hem howply bölegi entek öňdedi. Ahmet eserdeňlik bilen töweregine garabam Hanumany ýola salmaga gyssandy. –Ýör, düş yzyma!? – diýdi-de, özi öňe düşdi, soňam ýylgynlary aralap, bukdaklap ýöräp ugrady. Hanumada bada-bat oňa tirkeldi. Ahmet ony uzak äkitmän, bir ýylgynyň arkasynda duran ozaldan gerek boljagyny pikir edip peýläp, dyzmaç atyň ýanyna eltdi. At aňyrdan hasanaklaşyp gelen adamlardan ürküp, ýüpüniň ýeten ýerine çenli çekildi. Ahmet dessine şatyrdadyp, onuň jylawyny ele alyp, agyzdyrygy agzyna berensoň, at janawer duran ýerinde bir basyp, iki basyp, endigine berlip, ýola taýyn bolup durandan boldy. Ahmet aýagyndan göterip, Hanuma ata münmäge kömek edensoň, öz aýasynda gapjap duran jylawyny onuň eline berdi. –Indi bolsa, eglenme-de gaç! Ýoluň howatyrsyz däldir, Allany çagyr-da gidibergin! – diýdi. –A, sen näme bärde galjakmy? Hanuma Ahmediňem özi bilen atlanyp, at başyny deňläp gitmegini isledi. –Sen meniň gaýgymy etme, öz başyň gutar! Menem bir gün bararyn… –Tizräk gelgin onda, oglan, öňkiň ýaly ýol garadyp goýaýmagyn!? –Ýylgynlygy arala-da duýulmanrak gitjek bol! Eger duýlaýsaň, welin at başyny gaýralygyna öwrüp, basgyn oňa gamçyny! Ahmediň diňe häzir Hanumanyň elinde gamçy ýoklugy görüp, dessine ýeňsesine öwrüldi-de, oňa gapdaldaky ýylgyndan döwüp, gamçy ýerine çygar çybyk berdi. –Gerek bolanda, şunuň bilenem çawlabergin sagrysyn! Ahmet Hanumadan özüniň bialaçja galmaly bolýanlygyna gynanyp, ýogsam onuň bilen ýol söküp, ikiçäk gidilenden hezillik barynyň boljagyny ýatlap, alaçsyzlygyna jany ýanyp durşuna onuň bir gowy bolup, gümmezekläp eýere gonan sagrysyny aýasy bilen hyrydar sypalap degişdi: –Paýlap gutaraýmagyn ýöne bu berekedi! – diýdi. Hanuma onuň niräni tozudýanlygyna dessine düşündi. –Ynanmaýan bolsaň, mün senem syrtyma, artlaşar-da gidiberýäs – diýip, onuň ýüzüne hyrydar gözläp, gepine gör-ä gep gaýtardy. –Seniň bilen näler gidesim gelýär welin... – ol soň sözüniň yzyny aýtmaga howlugyp, Hanumany gyssady. –Indi eglenme, ugra tiz! Ahmet Hanuma bilen gyssagly hoşlaşdy. Hanuma at başyny ýola öwürdi. Ahmet onuň yzyndan seredip, at toýnagynyň gijelikde ýaňlanyp eşidilýän güpürdisini diňirgenip, ýene biraz durdy. Ol diňe şundan soň, öz isleýşi ýaly, Hanumany hamyrdan gyl sogran ýaly edip ugradanlygyna ynandy. Goý, onuň ýoklugyny ertir görüp, ahmyr etsinler diýip, özüçe ertirki boljak etir-tütürligi göz öňüne getirip, eden işinden hoş boldy. Ahmet aýakýolundan gelýänden bolup, aňyrdan uçguryny daňyp gelende Bäpbäniň töweregindäki adamlar eýýäm ertir namazyna turup ugrapdylar. Ortada ot ýakylyp, oňa täret suwy üçin niýetlenen tüňçeler ýanalyp goýlupdy. Ahmet ýylgynlykdan çykyp gelýärkä, oda süsdürilen tüňçeleriň çala gyzanlarynyň birini alyp, ýylgyn ýeňsesine täredini almaga barýan Atajan diýen degenek adam oňa pete-pet geldi. Ol Ahmediň ýanynda ýaragyňda barlygyny görüp: –Aýakýoluna-da indi ýaragly gidýäň-ow, zaluwat!? – diýip, oňa ýaňsylabrak ýüzlendi. Ahmet: –Nätjek ýagdaý şeýle, gardaş. Ýagyň nireden ýüz berjegini bilip bolýarmy? – diýip, oňa aýakýolundan gelýänden bolup, göwünjeň jogap berdi. Ol: –Seniňkem bir hasap – diýip, namaz wagt geçip baransoň, howlugyp onuň duşundan geçdi. Hanuma Ahmediň maslahat berşi ýaly, öz sulbasy göze iläýende hem “Bu kim boldugy?” diýdirip, ünsi çekmezlik üçin, töwerekde goýlan garawullaryň üstünden göni baraýmaz ýaly, olaryň bolaýjak ýerlerinden gaça durup, münen dyzmaç atynyň jylawyny çekip, gyssaman öz maýdalyna sürdi. Bu howply ýerlerden tizräk saýlanmagy isleýän-de bolsa Hanuma seresaplygy elden bermezlik üçin, atyny ýüzin salyp çapmaga gyssanmady. Ahmet ýene-de oňa: “Gaş derýasynyň gaýra tarapynyň düýnki atyşyp, ýeňsä çekilen atlylaryň esasy geler öýdülip garaşylýan ýeri däldigini, olara ileri, şol öňki görnen taraplaryndan garaşylýanyny, şonuň üçinem gaýra tarapda goýlan garawullaryň seýrekdigini oňy ýola salanda, ugur alara maglumat hökmünde aýdyşdyrypdy. Bu wagta çenli eýýäm dünýäniň ak gündizidir gara gijesiniň bölekleri bir-birleri bilen goşulyşyp, töwerek ýene birneme aýdyňlaşyp agarypdy. Derýanyň iki ýakasyny alarladyp ösüp oturan ýylgynlaryň ýokarsyndan bolsa gije entegem oňly saýlanyp bilmändir, onuň gara bölekleri ýylgyn uçlaryna ilişip, şol ýerde-de galan gara geýim böleklerine meňzeýär. Hanuma aty näçe seresap sürse-de, oňa garawullara görünmän geçmek başartmady. At aýaklary ony göni getirip, töwerege gözegçi goýlan adamlaryň oturan ýerleriniň gapdalyndan çykardy. Duranlaryň hol beýlede bir gara gözüne kaklyşan ýaly bolmagynyň yzysüre Hanumanyň özüniň hem ol garanyň gözüne ilip, ünsüni çekenligi belli boldy. Şol barmana-da öňde salgym bolup duranlaryň biri:: –Kimsiň-ow, geliber, biz bärde – diýip dillendi. Onuň Hanumany uly goşdan wagtal-wagtal özlerinden habar tutmaga iberilýän adam hasap edenligi belli boldy. Hanuma dessine at başyny çekdi. Göz-açyp ýumasy salym ardurja ele düşmezlik üçin näme etmelidigini oýlady. Dessine-de ol gaçyşym bar kowuşyma bermenem edip, özüniň zut gaçmalydygyna düşündi. Hyrra atyň başyny gyssagly gaýralygyna aldy. Jylawy gowşadylanyna mähetdel dyzmaç at, ugrukdyrylan tarapyna ýylgynlygyň içi bilen aýak aldygyna çapyp gitdi. Diňe şundan soň garawullar onuň öz diýen adamlary däldigine göz ýetirişip, ýaraga ýapyşyp, ber-başagaý bolşup, yzyndan ok atmaga başladylar. At öňünden gabat gelýän uly ýylgyn düýplerinden gapdalyndan zordanrak sowulmaga ýetişýän-de bolsa kiçiräk ýylgyn düýpleriniň üstünden aýaklaryna gerim berip, ýüzugra uçan ýaly bolup böküp geçýärdi. Hanuma atyň boýnuna tarap eglip ýapyrylypdy. Tozup düşmezlik üçin eýeriň gaşyndanam jylawly-jylawsyz goly bilen, mümkin boldugyndan, bek ýapyşypdy. Şol bir wagtda hem ol atyň bir belanyň üstünden baraýmagyndan çekinip, oňy çendenaşa-da gyssanmaga ýol bermezlige çalyşýardy. Gabat gelen ýylgyn çybyklary indi onuň atynyň, özüniň töwereginden gelip, çaňňal urup, şatyrdaşyp aslyşýardylar, çybyk bolup çem gelen ýerlerine saýylýardylar. Ýylgynlaryň ilki aslyşyp alyp galan zady – Hanumanyň başyndaky oňly berkidilmedik bürenjegi boldy. Atynjanyň aşagyndan başa baglan ýaglygy hem aşak süýşüp, boýna çolanyp, indi ol ýerde kiçiräk baýdak deý pasyrdaýardy. Ok atylyp ugranyna mähetdel, garaşylan duşman ol tarapda ýüz berendir öýdüp, Hojam hanyň inisi töwereginiň iki-üç atlysy bilen garawullaryň halyndan habar almak üçin at salyp, bu ýere geldi. Gele-gelmäne-de, gyssanyp olardan habar sorady. –Ýagy nireden bakdy, hany nerede olar? Hanyň insiniň öňünden hasanaklap çykan uzyn boýly hortap adam sakgalany sypalap, ýöwselläp durşuna howlukmaçlyk bilen, oňa ýagdaýy düşündirdi. –Bir atly uly goş tarapdan peýda boldy. Biz-ä ilki ony siziň biriňizmikän diýdik. Kimdigini oňly saýgaryp bolmady. Gara görnüme gelibem bizi görüp, at başyny çekdi. Ýanymyza çagyrdygam welin, zut gaçmak bilen boldy. Başy çabytlymakan diýdim. Bu aradan anyg-a görüp bolmady welin, öz-ä bir aýal adammykan diýdim. Ol kimem bolsa, biziň garaşýan ýagymyz-a bolmaly däl... –Atly aýal, eýsem, ol kim bolup bilerkän? – diýip, Hojam hanyň inisi garawullary diňläp, bir pursat oýurganyp iňkise gitdi. – Soňam nämedir bir zat çen edip, ahmyrly dyzyna urdy. “Haý, şol Bäpbe keleçewiň oljalan gyrnagy gaçandyr-ow!” diýip, lapykeç boldy. Hanyň inisi garawullardan onuň giden ugrunyň salgysyny alyp, çen-çak bilen bir salym kowansoň, olar ýolda Hanumanyň başyndan şemalyň tozduryp alyp galan aýal çabydynyň bir ýylgynyň başyna bürelip duranlygyny gördüler. Şundan soň Mämmetmyratda gaçanyň aýal adamdygyna-da, onuň Hanumadygyna-da şübhe galmady. Hanyň inisi çabydy tanap, jany ýanyp, agasyna käýindi: –Hany, et adama ýagşylyk. Şu heleýiň dagy eliniň daňysyny çözmeli däl-ä dözmezlik edip. Onuň başyny örtüp, özümiziňkileň arasyna-da goşýar-a gaýta. Bagla goluny, ýüpüň beýle taranynam ber biriniň eline. Goý, äkitsin ony ýany bilen nirä gitse çekip süýräp. Bu adamlara ýagşylyk etseň-ä, ine, olaryň taňryýalkasyny-da saňa... Wah, Amandöş kaka aýtdam-la ýogsam: “Araňa ýat goşma!” diýip, onda-da ýolda duşan ýady dagyn ara goşmaly däl-ä. Ýaşulynyň aýdanyny edip, ozal başda şu Bäpbe tentegi aramyza goşmaly däldi welin, şol goşuldy-da, ähli bela-beterligem şondan soň başlandy. Bu zamanda hany seniň ýaly dogry adam galdymy?” diýip, janygyp, agasyna gaýybana nägilelik bildirdi. Gazap bilen gamçy çalyp atyny hasam gyssady. Heleýiň at üstünden uzak oturmaga ukyply bolmaýanlygyny pikir edip, oňa ýetmegiň mümkindigine ynanyp, inçejik tama bilen kowdy. Hanuma ýylgynlygyň arasy bilen ýene birsalym yzyna gözlemän gaçansoň, ahyr onuň gabawyndan çykyp, sesýetimlik gaýradaky bir-birleriniň töwereginde münderlenişip, asmana göterilişip, dünýäni depesinden synlaşyp oturan baýyrlara tarap gönükdi. Bu ýerde baýyrlardyr ýylgyn tokaýçylygynyň aralygynda üsti şytlar çöpsüz, bir düz boş ýatan meýdan bardy. Hanuma yzyndan kowgy boljagyny bilýänligi üçin, hut şu açyklykda olaryň gözüne ilerin gorkusy bilen, atyň jylawyny ýene biraz gowşadyp, bu aralygy, mümkin boldugyndan, tiz geçmäge çalyşdy. Ata çybyk çaldy. Kän gamçy gaýry çalnyp ýörülmeýän sarç at şundan soň şeýle bir öňe okduryldy welin, Hanuma bek oturanyna ynanýan-da bolsa, ýeňsä süýşüp, tas eýer gaşyndan syrylyp düşüp galypdy. Ol elindäki bir ujuny goşaryna çolan jylawdan çekip, zordan ýykylman saklandy. Hanumanyň gorkusy esassyzam däldi, gaçany kowup ýetýän, gaçsa ýetdirmeýän ýyndam atlylar atlaryny gitdigine goýberip, eýýäm onuň yzyndan el-hal diýşip kowup arany ýygryp hem gelýärdiler. Hanuma janyny barlamak üçin ýolda bir yzyna gözlän mahaly ýylgynlykdan çykan üç-dört atlynyň, atlaryny ýüzin salşyp, öz yzyndan kowup gelýändiklerini gördi. Şu pursatda garşydan göýä özüne tarap howlugyşyp gelýän ýaly bolup görünýän baýyrlaram oňa diýseň alys bolup göründi. Howp-hataryň henizem yzdan galmanlygy anyk boldy. Diňe ol şu ýerde obada gerek bolar öýdende göterýän sapançasynyň ýanynda ýoklugyna gynandy. Okly-ýaragly bolan mahalynda dagy häzir birki gezek “tüw-tark” edäýenliginde bularyň badyny almak boljakdy. Tizden yzdan gelýän kowgynyň arany hasam ýygryp, howpuň barha abanyp gelýänligini gördi. | |
|
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk - 20.10.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |