22:11 Ojak - 2-nji kitap: roman | |
OJAK
Romanlar
Tanymal ýazyjy Agageldi Allanazarowyň köptomly “Ojak” romanynyň birinji kitaby türkmen okyjylary tarapyndan gyzgyn garşylanan eserleriň biri boldy. Bu roman hem şol öňki birinji kitabyň gönüden-göni dowamy bolmak bilen, 1930-1931-nji ýyllarda bolşewikleriň döwlet başyna gelmegi bilen, asuda, parahat oturan ojaklaryň zora tutulyp, köpçülikleýin weýran edilişi, halkymyzyň gören agyr jebir-jepalary taryhy maglumatlaryň üsti bilen çeper beýan edilýär. Romanyň taryhy çeşmeleriň, gözi bilen gören şaýatlaryň maglumatlary bilen utgaşdyryp ýazylmagy eseriň gymmatyny has-da artdyrypdyr. Awtor bu romanynyň üsti bilen biziň häzirki bagtyýar zamanamyzyň owal-ahyr berkarar bolmagyna mynasyp goşant goşan merdana gerçekleriň, gujurly-gaýratly aýal-gyzlarymyzyň ruhy keşplerini tirsegine galdyrýar. Eser ýazyjynyň bu merdanalary mertebeläp, olara diken mynasybetli ýadygärligi bolupdyr. Awtor kitabyň döremegine öz maglumatdyr maslahatlary bilen hemaýat eden adamlar: alym Baba Weliýewe, Myrat Abdyrahmanowa, Agajuma Seýitmyradowa, Meret Suhanowa, buharaly taryhçy, žurnalist E.Kurbanowa, ýazyjy Sapargeldi Hudaýberdiýewe, Annamyrat Kakabaý ogly Tätän agtygyna, Allamyrat Mommadowa, Nabat Kakabaý Batman gyzyna mertebeläp, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär. Birinji bölüm Şol ýyllarda gazak sährasynyň halky ýelden-ykdan getirilýän: türmä höküm edilýänleriň, sürgün edilip getirilýänleriň hasabyna barha möwç alyp artmak bilendi. Otlular şol döwürde hamala, gazak topragynyň bir daban ýerini hem boş goýmazlygy maksat edinene meňzäp, eşelon-eşelon edip, bu ýere SSSR-iň dürli ýerlerinden bendileri, sürgüne höküm edilenleri çekýärdiler. Şeýdibem, bu ýerler soňra “Karlag” adyny alan Gazagystan möçberindäki bendileriň Dowzah-Imperiýasy döreýärdi. Gazagystan hakykatdanam “KAZEKstana” öwrülýärdi. Gazak topragy sürgüne gelen türkmenleri özüniň birsydyrgyn seleňläp oturan tükeniksiz giňligi bilen haýran galdyrdy. Türkmenem-ä ýurduny giňden tutan halkdyr welin, ýöne gazagyň ýeri çeniň-çakyň dagy däl eken. Akmolla topragy gazak ýerleriniň arasynda bir ýanyny “Sibir çöketligi” adyny alan ýerlere, günortasyny Syrderýa, gündogaryny Semipalatinskä, günbataryny Turgaý ýerlerine, demirgazygyny Tobolski ýerlerine sanyp, ummasyz tükeniksizlik bolup gernip otyr. Türkmenleriň sürlüp getirilen ýeri Garagandadyr Akmolla şäherleriniň aralygyndaky, soňky döwürde, ýanama ýerlerde ýaz kömelekleri ýaly köpçülikleýin peýda bolýan barak-obalarynyň biridi. Bu barak-obaçylyklarynyň şol günler öz tertip sanlaryndan başga ne atlary bardy, ne-de oňly salgy-belgileri. Olar başga ýerde, esasanam, köp halatlarda, bendilere gözegçilik edip, ýokardan seredýän komendantlaryň ady bilen tanalardy. 31-nji barak hem şol döwürde komendant Şadmanowyň ady bilen tanalýardy. Tomus günleridigine sertmezden, her gün diýen ýaly ir bilen Tobolsk tarapdan, gazak sährasynyň gümmezekläp ýatan sagrysyny sypalap, ýaz şemalyna berimsiz salkyn şemal ösýärdi. Şu pursatda gündizem heniz ymykly gijäniň içinden çykyp bilmän, gerinjiräp gamaşybrak durýany üçin, ol güýzüň üstünden ätläp, ýene-de şol bu ýerde hederlenişip-hümerlenişip, eýýämden güýzüň üstünden ätläp, gürrüňi edilýän gazaply gyşa-da sapyp giderli görünýärdi. Emma bu ýagdaý her gün dünýä ýagtylyp, asmanda Gün görnensoň, uzak bolmaýar. Gazagyň tebigaty tüp yssy günleri türkmen tomsuna belli bir derejede meňzeýän hem bolsa, onuň häzirki tomsy welin türkmeniň has irki güýzüni ýada salýardy. Günüň bol çogy sährany eýemsirenip, ony gujagyna alansoň, bu ýerlerde tomus her gün şondan soň başlanar eken. Şu pursatda asman hasam açyk bolýar. Asmanda adaty bolaýýan lemmer-lemmer bulutlaram häzir ol ýerde aňsat görjek gümanyň ýokdur. Yssynyň derdinden dünýä her gezek şundan soň, ir-ertirki ter-juwanlygyny ýitirip, lagşap, saly gaçan goja ýaly juda argyn görünýär. Şeýdibem, bu döwürde gazak sährasy özüniň süňňüniň Sibir topragyna sanylýanyny hem ýadyndan çykarýar. Gazagyň yssysy Türkmenistandan gelenlerde ilki hamala bu yssyny öz ýurtlaryndan özleri getiren ýaly duýgyny döretdi. Barak obaçylygy biraz beýigräkde ýerleşenligi üçin, Işim derýasy bu ýerde onuň duşundan biraz oýtarlap, ýarym halka görnüşde, onuň daşyndan aýlanyp, hamala duýdurman, soňra obajygy gujagyna alaýjak ýaly, küýlenip, ýere-ýoma sygman, ýaýraw ýasap akar. Belki, onuň akman, duran ýerinde, ten saklap duran bolmagy-da mümkin. Onuň akýanlygy oňly duýulmaýar. Derýa dagy däli öküz ýaly, hyjuw-höwesine bäs gelip bilmän, Murgap, Jeýhuna meňzäp, akmazmy kenarlaryna agram salyp süýkenip, oýmur-oýmur aýlak ýasap, düňderilip?! Ýok, munuň bolsa akmak bilen seri ýok, duran ýeri özüniňki. Barak obasynyň sesýetimliginde aňyrsy-bärsi görünmeýän peslikde Işim derýasynyň boýunda dörän gäbe garyn kölleriň biri dolup-daşyp, Gün şöhleleriniň aşagynda, äpet bir aýna bölegi ýaly bolup, ýalpyldap dünýäni eýemsirenip otyr. Kölüň syra gyrasynda gamyşdyr ýeneki suw otlarynyň döreden jeňňeli bar. Ol ýerlerde gündizlerine ýabany ördeklerdir ýeneki suw guşlarynyň tirkeşip, pytraşyp, ygyşyp ýüzüp ýörenlerini-de görse bolýar. Gijelerine bolsa dünýä imisalalyk aralaşan mahaly ol tarapdan şol guşlaryň gagyldysy, ganatlarynyň pysyrdysy eşidilýär. Ördek-gazlar her gezek göç edenlerinde goguldaşyp, asmana göterilişip, obanyň depesindenem öwrüm berşip geçýärler. Şeýle pursatlarda gazak topragy diňe bir sürgündir bendilerden däl, guş-gumrularyň hem mekany bolup görünýär. 31-nji barakda türkmenler ýygyn tutup gelende, bu ýerde bary-ýogy on-on iki sany barak öýler bardy. Ony-da öňki ýyl bu ýere Orusýetden, Ukrainadan sürgün edip getirilen adamlar gurupdylyr. Jaýlar munda bu ýer Sibir bolmasa-da, onuň sowuk meselesinde ondan kem oturmaýanlygy hasaba alnyp gurlandy. Her jaýyň ortasyndan uly zal goýberilip, soňra onuň syra-gyrasynda gurlan sekiz otagyň gapysy şol ortadaky jaýa tarap çykar ýaly edilipdir. Bu ýerde ýene-de dürli hajatlar üçin gurulýan gurluşyklaryň birnäçesi bardy. At ýatagynyň eýýäm boýy ýetip barýan bolsa, okuwçy okatmak üçin salynýan mekdebiň gurluşygy ýaňyrak başlanypdy. Şeýle-de, dört sany barak hilli gurulýan jaýlaryň hem gurluşygy dowam edýän eken. Kolhoz başlygy Iwan Zaharowiç Reşetnikow bu zatlary gyşa çenli gurup gutararyn diýen tamadady. Türkmenistandan sürgüne gelenleri birbada şu gurluşyklaryň arasyndaky boşlukda ýerleşdirdiler. Adamlary surnukdyryjy sürgün ýoly, näbelli ykbalyň gaýgy pikirleri, ýeter-ýetmez azyk-suwluk, bu zatlaryň bary diýseň ýadadypdy. Olar bir ýerde düşüp, dem-dynç alsalar kaýyldylar. Şonuň üçinem birbada bu ýalazy meýdanam olara köşgi-eýwan bolup göründi. Asylam billeri giden ýaşuly adamlaryň gonalga tapansoňlar, ýanlaryny ýerden galdyraslary gelmeýärdi, olar zeruryna-da turup, yraw-daraw zordan gidip gelýärdiler. “Bäh, beýle-de gowulyk bar eken-ow” diýşip, şu pursadyň uzagrak bolmagyny dileg edýärdiler. Biraz-da bolsa özüňi oňaýly ýerli-jaýly duýmak üçin, şeýle bir köp zadam gerek däl eken, agyr güzaplardan soň adamlara sähelçe ýazylganlyk berseň, şolam ýeterlik eken. Şeýdibem ykbalyň ala getirenligi belli bolupdy, indi Taňra ten berip, onuň şeýledigine diňe özüňi ynandyraýmak galypdy. Bu ýagdaýa hatda belli bir derejede uýgunlaşmak üçin bolsa, diňe şeýdip, ykbala boýun bolan mahalyňda mümkindi. Täze ýerde durmuş sürgüne gelen türkmenleriň pikir edişinden has tiz ýaýbaňlanyp ugrady. Olaryň gelenine iki gün geçip, üçünji gün diýlende kolhoz ýolbaşçylary başlyk Iwan Reşetnikow bilen komendant Şadmanow ikisi sürgüne gelen erkek adamlaryndan ybarat işçi güýjüni ir bilen obanyň biraz çetinde duran kolhoz kontorasynyň öňünde ýygnady. Göýä äpet bir gyzyl almany ýatladyp, gyzaryp dogan Gün ýuwaşlyk bilen asmana göterilip barýar. Ol ýokary göterildigiçe-de, öz-özünden aýdyňlyk tapyp, süňňündäki artykmaç gyzyl reňkinden sabap, öz hakyky altynlaç kaddyna gelme bilendi. Onuň şöhlesiniň bir bölegi derýanyň tekiz ýüzüne düşüp, ol ýerde owadan aýna bolup ýalpyldaýar. Kontor jaýy äpet bir tolkunyň derýadan çykaryp, kenara taşlan läheň balygynyň gerşini ýatladyp duran depäniň üstünde gurlupdy. Bu ýerden barak obajygy özüniň daş-töweregi bilen aýyl-saýyl görünýärdi. Obanyň çar töwereginde bolsa şol ummasyz bolup görünýän gazak sährasy seleňläp, öz bimöçber hökmürowanlygyny göz edip, töweregiňe öwrülip otyr. Şonuň üçinem bu pursatda ýolbaşçylar adamlary bu ýere hut şu zatlary görmek, duýmak üçin ýygnana meňzedi. Reşetnikowdyr Şadmanow dagy kolhozyň beýleki ýolbaşçy-işewürleri bilen mähelleden bäş-on ädim öňde özbaşlaryna aýratyn bölejik bolşup durdular. Ýolbaşçylaryň işi pikir edişleri ýaly, obanyň indiki hal-ýagdaýy, adamlary iş bilen üpjün edip, olaryň hersini öz ýerli-ýerinde goýup, işi kommunistlerçe talabalaýyk gurnamakdan ybaratdy. Başyna barylmagyna garaşyp ýatan iş bolsa kändi. Orazgeldi ýygnak ýere iliň soňragyndan gelenleriň biri boldy. Ol goňşusy Kämirandyr çaga bilesigelijiligi bilen öz yzlaryna düşen ogly Allanazar bilen gelende, kontor jaýynyň öňünde adam bary eýýäm hyň berýärdi. Ýygnak başlamandy, obaçylyk tarapdan henizem iki-ýeke adamyň ygam-sygam ýygnak ýere ýetip gelýänligi görünýärdi. Adamlar jemlenişýän mahalynda hümerlenişip duranlaryň arasynda çilimleşýänleri-de bardy, özara mesawy gürrüňçilige berlenleri-de. Eýýäm sürgün ýolunda iliň ünsüne düşen ýaşulularyň dört-bäşisi: Gully emindir Seýitmyrat aga, Ermeni mirapdyr Orazmyrat işan, Täjilidir ýene bir inçemikden gelen hortap Hydyr aga dagy mähelläniň öňünde bir toplum, iliň öňi bolşup durdular. Duranlaryň pikiriçe, barak ýolbaşçylary bilen boljak gürrüňde, gerek bolsa, il bähbidini gorap, akylly-başly gürrüň etjegem ýene şu adamlardy. Orazgeldi dagy gelip, märekä goşulanlarynda Tätän baýdyr ussa Çarynyň duran ýeriniň gabadyndan gelip çykypdylar. Allanazar bir görse, Tätän baýyňam ýanynda onuň oglam bar. Deň-duşlar bir-birlerini görenlerinde “Senem bu ýerdemisiň, ine, menem geldim” diýen manyda bir-birleriniň ýüzlerine, hezil tapma bilen, ýyljyraklaşyp seretdişdiler. Allanazardyr Kakabaýyň ýyltyldaşyp-gürleşip duranlaryny gören, kakalary bilen ýeneki bu ýere gelen oglanlaryň hem birnäçesi adamlaryň arasyndan geçişip, olaryň töwereginde köpelişip ugradylar. Allanazar bular bilen birki günden bäri bile oýnaýan-da bolsa, ol öz bir wagonda gelen oglanlaryndan başgalar bilen entek oňly tanyş däldi. Ýöne olaryň birini welin tanaýardy, ol uzyndan gelen oglanyň ady Sähetdurdy bolup, onuň ermeni diýen adaty bolmadyk taň görülýän atasynyň ady bardy. Şonuň üçinem tanyşlyk berip aýdanyndan, onuň ady dessine deň-duşlarynyň köpüsiniň ýadynda galypdy. Şondan bärem deň-duşlary onuň Sähetdurdy adyny Ermeni diýip tutýardylar. Şol barmana-da Tätän baý bilen bileräk duranlaryň biri tutugrak Çary ussanyň oglanlaryň töwerekde gaýmalaşyp, ulularyň aýagyna çolaşýan ýaly bolşup, sokjaryşyp ýörmeklerini halamanlygy belli boldy. Ol depjek at ýaly çytylybrak oglanlara tarap öwrüldi. –Eý, bular näme işläp ýör-äý bu ýerde, ejeleriniň eteginiň töwereginde boluberenlerinde bolmaýarmykan?.. Çary ussanyň nägileligi oglanlara badyny aldy, ýaramady, olar ilki müýnürgenişip bir-birleriniň ýüzlerine seredişip, soňundan özlerine: “Baryň, siz gaýdyň!” diýiläýmegini ahmal görşüp, töwerekdäki uly adamlaryň ýüzlerine ýazyksyz seredişdiler. Tätän gaňrylyp, öz oglunyň ýüzüne sereden mahaly oňa talaply bir gep diýerli görünse-de, tizden ol özüniň Çary ussa bilen pikirdeş däldigini mälim edip, sypaýyçylyk bilen, sözüne aýgyt berip gepledi: –Ussa gardaş, bularam gelen bolsa, goý, bolsunlar bu ýerde. Biziň keç ykbalymyzyň ýüküni çekişip ýören inerçeler-ä bular. Ýolbaşçylar näme diýseler, men-ä şularyňam eşidäýenini kem görjek däl... Oglanlar ussanyň oýun bolsa dyzanyp, onuň bir ýanyndan galmaýan, garagol ogly Jepbaryň häzir öz ýanlarynda ýoklugyny hem şundan soň onuň kakasyndan gördüler. Arkalaryny alany üçin bolsa olar Tätänden minnetdar boldular. Däne oragy alkymlap gelipdi. Ony bolsa indi isripsiz ýygnamak gerekdi. Talap şeýledi. Şol wagtda hem bu ýerde adamlaryň işçi güýjüni, olaryň sürgün ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, türme ýaşaýşynyň bir görnüşi hökmünde OGPU tarapyndan goýlan komendantyň talaplary astynda gurnamalydy we her adamyň öz gününe kaýyllyk bilen işläp, işlemeýänligi onuň gözegçiligi astynda bolmalydy. Kolhoz döredilenligine seretmezden, bu ýerde öňki sürgüne getirilenlerem hut şeýle öňden talap boýunça girizilen kada-kanuna laýyklykda ýaşaýardylar. Adamlaryň öňünde ilki Şadmanow gürledi. Ol bu duşuşyga taýynlanypdyr: ösgün saç-sakgalyny alyp, geýim-gejimine timar berip çuslanyp syrdamlanypdyr, nämedir bir zatdan nägile ýaly, onuň ýüzi bolsa ýene-de çytyk, gaşlary gözleriniň üstüne bürelişip dur. Komendant her pursatda hökmürowanlygyny nygtap, mähellä özüni agramly görkezmäge çalyşýar. Ol terjimeçi Güýji türkmenleriň arasyndan terjimeçilik etdirmek üçin ýanyna çagyryp alansoň, öz gepine gerim berip, ony aýlap aňyrdan başlady. Sowet adamlarynyň, sosialistik döwletiň berkararlygy üçin, ýurduň ähli ýerinde alnyp barýan häzirki uly işlerini, gazanylýan zähmet üstünliklerini, daşary ýurtly duşmanlaryň dilini, hyýanatyny ýetirip durmaklaryna seretmezden, ýurtda ähli işleriň üstünlikli alnyp barylýanlygyny ýatlady. Bu işlere bolsa ýoldaş Staliniň hut özüniň pähim-paýhas bilen ýolbaşçylyk edýänligini buýsanç bilen belledi. Gürrüňiniň esasanam Stalinli bölegine aýratyn dabara berip, “Eger ol bolmasa, ýokarky agzalan uly işler amala aşmazdy, ähli gowulyklar hut şonuň özi ýurda ýolbaşçylyk edýäni üçin şeýle bolýar” diýen äheňde suňşuryp dabaraly gürledi. Şadmanowyň yz ýanynda duran adamlar ýoldaş Staliniň ady agzalan mahaly hamala içki joşgunlaryna bäs gelip bilmeýän ýaly bolşup, ýerli-ýerden ony makullamak bilen el çarpyşdylar. Haçanda Şadmanowyň iki ädim gapdalynda ellerini owkalap, onuň diýýän sözlerini oýurganyp diňläp duran Güýç dilmaç, onuň gepini türkmençä geçiren wagty türkmenler hem beýlekiler ýaly, komendantyň gepiniň şu ýerine dilmaç el çarpansoň, özleriniňem çarpmalydyklaryna düşündiler. Emma muňa seretmezden, eller üzlem-saplam hem çala-çula çarpyldy. Heniz görmedik zadyňa birbada goşulyşaýmak, elbetde, aňsadam däldi, onda-da bular ýaly, öýünden-ilinden aýrylanlaryna janlary ýanyp duran nägile halda mahalyň. Komendantyň yzyndan kolhoz başlygy Reşetnikow söz aldy. Ol ilki garşysynda topar tutup, başly-baradrak duran adamlara gysgaça nazar aýlap aldy. Iwan Zaharowiç Reşetnikow kyrk ýaş töweregindäki saryýagyz dogumly adamdy. Ol bu wezipä geçen ýyl Orusýetden getirilen sürgünleriň arasyndan, bu ýerde oba hojalyk işlerini ýola goýmak üçin, olaryň öz aralaryndan alnyp, hojalyga ýolbaşçy edilip goýlupdy. Ýöne muňa seretmezden, bu ýerdäki ähli işler diňe komendantyň gözegçiligi astynda alnyp barylýardy. Kolhoz başlygy oňa her günki edýän we etmekçi bolýan işleriniň jikme-jik maglumatlaryny berip durmalydy. Ýaşaýşyň daşynyň berk gabawy ýok diýmeseň, bu ýerde-de ol köp babatda türme kada-kanunlaryna görä, organ işgärleriniň göz astynda bolmagynda galýar. Başlyk ilki bu ýerleriň ýas-ýaňylaram, has takygy sürgüne gelinmezinden ozal boş meýdan bolup şyňlap ýatandygyny, adam dabanynyň seýrek sekýän ýeri bolanlygyny aýtdy: –Hökümet, partiýa bu tozap bikär ýatan giň sährany jylawlap, ony il bähbitli ýerleriň hasabyna goşmagy karar edensoň, ol indi galkynyp, saýlanyp ugrady. Biziň toparymyzyň gelmegi bilen, bu obanyň geljekki durmuşynyň ilkinji gazygy kakyldy. Ýazda biz öz bar bolan güýjümiz bilen ýüzlerçe gektar ýeri sürüp, oňa däne ekdik. Ýolda gelýärkäňiz sizem onuň bir çetini öz gözüňiz bilen görensiňiz. Diýseň gowy hasyl ýetişip gelýär. Siziň geleniňiz gowy boldy. Ol biziň bir özümize aňsat ýygnatjagam däl. Indi tizden bugdaý oragyna başlarys. Billeri guşap işlemeli bolarsyňyz. Daýhançylyk bolsa siziň görmedik pişäňiz däl bolsa gerek! Reşetnikow haçanda sözüniň arasynda kömegimiz ýetik bolar diýen äheňde: – Bize Täjigistandanam bir tapgyr adam gelmeli – diýende türkmenler ýolda gelýärkäler duşan adamlaryň özlerinden: “Siz täjigistanlymy?” diýmekleriniň sebäbine diňe häzir düşünip galdylar. Bu maglumat duran adamlaryň arasynda: “Bizi ýerleşdirmäge ýerleri ýok welin, bular täjikleri nirede ýerleşdirjekkäler?” diýen ýaly garyşyk pikirler döretdi. Reşetnikowyň daýhançylyk bilen bagly aýdan zatlary, adamlarda özleriniň bugdaý-nandan uzakda bolmajakdyklaryny tama etdirip, olarada kanagatlanma duýgusyny döretdi. Heý, nana ýakynlygyňy bilmekdenem bir aňry gowulyk bolarmy!? Onda-da ýat ýurda bendi bolup gelip, çagalardyr aýal-ýebtatlar bilen ýalazy meýdanda byglaşyp oturan mahalyňda. Kolhoz başlygy adamlaryň geljekde göz öňüne tutulýan ýaşaýyş şertleri barada gürrüň edende ilki bu ýeriň gyşynyň gazaplydygy bilen onuň uzak bolýanlygyny ýatlady. Ol gyşyň öňünde durmak üçin, ertiriň özünde gurluşyk işleriniň hem başlamalydygyny aýdanda, onuň gep saluwynda adamlaryň aladasy mese-mälim duýuldy. Onuň bu gürrüňi adamlaryň öz ýanyndan soňra ýolbaşçylara aýdaýmaga çemelenişip oturan: “Biz indi şeýdip guma bulaşyp, Günüň, ýagyş-ýagmyryň talaňyna berlip oturmaly bolarysmy?” diýen soraglarynyň hem belli bir derejede nagt jogap boldy. Haçanda Reşetnikow möhüm işleriň biri hökmünde obada gurulýan mekdep jaýynyň gurluşygy barada, onuň döwlet syýasatynyň gaýrygoýulmasyz pudagydygy bilen baglap aýdanda ol pikirinde mekdebe girip barýan şadyýan çagalary göz öňüne getirip, buýsançly sähelçe ýylgyryp goýbereninem duýman galdy. Reşetnikow öňünde hümer bolup, duran adamlara ähli aýtmak islän zatlaryny aýdyşdyransoň, maňlaý saçy bireýýäm düşen, birnäçe kagyzy elinde turba ýaly edip, togarlap-düýrüp duran gojany öz ýanyna çagyrdy. Orazgeldi ol gojany ogly Allanazaryň ýolda tapan babasy hökmünde tanansoň, oňa hem ýolbaşçylaň arasynda sala-ýumuş düşýänini görüp: “Alla janyň orus babasy ýöne bir arabakeşem däl öýdýän, başga wezipesem bar bolmaly munuň...” diýip, ol hakda gyzyklanyp pikir etdi. Goja biraz öňe çykyp, elindäki kagyzlaryň gatyny açansoň, gözüni süzgekledip, onuň hatyny okamaga girişdi. Ol käte-de sözüne dyngy berip, aralygynda Reşetnikowyň, Güýç dilmajyňam ýüzüne seredip säginibem goýberýärdi. Kagyzlardaky ýazgylarda adamlar ýörite iş toparlaryna bölünipdi. Toparyň uly bir bölegi ýer sürüp, ekin ekip, daýhançylyk etmelidi. Kerpiç goýup, jaý salmaly adamlar hem aýratyn, oňa ussaçylykdanam biraz başy çykýan adamlar seçilip alnypdy. Gurluşykçylara ýolbaşçylyk edibem Matweý atly gaşlary çytylyp duran galjaň adamdygy duýulýan, kyrk-kyrk bäş ýaşlar töweregindäki hortap adam bellenildi. Çary ussa, Beki Seýitmyrat, Kakabaý Gurban, Nöker Ermeni... dagy hem şol bölüme girizilen eken. Adamlar häzir öz brigadirleri Matweýiň rus goşunynda köprüleri, demir ýollary kada laýyklap gurup gezen uly inženerdiginden habarsyzdylar. Gurluşykda işlemelileriň atlary okalyp, olar bir ýana toplanan wagty Reşetnikow Matweýe: “Hany sen näme diýjek?” diýip, oňa söz berdi. Ol belli bir derejede özünden öň iş barada gürlän Reşetnikowyň sözlerini özüçe gaýtalap, nygtap gürledi: –Iş ýeňil bolmaz. Ýöne ýetik bolar. Gije-gündiz işlenilmeli bolarys. Eýläňe-beýläňe seretmänkäň, gyşam geläýer. Bir gar küräp ugransoň, bu öwrede ojagyň odun bolmasa, onsoň janyňa jaý tapmak juda kyndyr. Her maşgalany bir sümelge bilen üpjün edilmegi hökman. Agaç-tagta meselämiz, elbetde, öwerlik däl. Ýöne onuňam ýolbaşçylar ugruna çykyp ýörler. Bolar bir alajy. Emma biz öz elimizden geleni edeliň, kerpiç goýup, jaýlary gurup, boýny ýetiribereliň. Talabam şeýle, wezipede. Ýogsam gyşda meýdanda galsak, köpümiz doňup öleris... Ol bu sözleri hiç kimiň ýüzüne seretmän, makullama-da isläp durman, esgerlerine tabşyryk berýän komandire meňzäp, talaply, kesgin-kesgin aýdyşdyrdy. Ýygnak her sürgüne gelen erkek kişiniň nirede işlemelidiginiň, näme bilen meşgul bolmalydygynyň aýyl-saýyl edişi ýaly, işlän bilen işlemedige her günki beriljek çörek paýynyň hem möçberinde anyklanyldy. Iwan Zaharowiç beriljek çöregiň möçberi barada gürlände gürrüň arasynda aýallaryň hem güýjüniň zähmete çekiljegini aýdyp: –Olar hem işleseler, işleýän erkek adamlar bilen deň paý çörek alarlar – diýip, sözüni anyklady. Bar bolan ähli güýjüň bu ýerdäki alnyp barylýan işlerden çetde galmajagy belli boldy. Ýygnakda näme hakynda gürrüň edilýän-de bolsa, ol ahyr-soňy aýlanyp, dolanyp ýene-de ýetip gelen galla oragyna syrygdy. Maljanlydygyny aňan ýaly Orazgeldiniň ady jaý üçin kerpiç guýýanlardyr gallada işlemeli daýhanlaryň arasynda-da bolman, ol kolhozyň at ýatagydyr ol ýerde jemlenilen arabalar bilen däne çekmeli adamlaryň arasynda agzaldy. Bu ýerdäki galla hakyndaky gürrüňler türkmenler ýene-de gelýärkäler ýol boýunda tümmül bolup, ygşyldap, ýetişip oturan bugdaýly meýdanlary görüp, yzlarynda goýup gaýdan, rysgal döwletleriniň, indi ondanam köp bolup, öz öňlerinden çykanlygyna ynanan pursatlaryny ýatlatdy. Adamlar muny: “Hudaý hor etmese, bu ýerde-de hor bolmarys, bir berekediň üstünden turuzanam bolsalar, ýene-de getirip, başga bir berekediň üstüne gondurdy” diýşip, öz ýanlaryndan tama bilen bu bolýan zatlary gowulyga ýordular... * * * OGPU-lar Orazgylyç dagyny sürgüne agasy Orazgeldini maşgalasy bilen atarylandan iki hepde soň ugratdylar. Wokzalda bendileri äkitmeli wagonlar at gaýtarym aralykda hatar bolşup durdular. Wagt bolsa eýýäm-haçan howur bilen tomsy nygtap günortana sanyp barýardy. Ýeriň süňňünden indi bug göterilýän ýaly bolup, lagambir gyzgyn howur göterilip ugrapdy. Bu günüňem depäňi deşip barýan yssy günleriň biri boljaklygy duýlup ugrapdy. Sürgünler Alladan birugsat çöp başynyň gymyldamaýanlygy baradaky ynanjy kaýyllyk bilen, bu ýola özlerini OGPU gazabynyň däl-de, Alla tarapyn ykbalyň alyp barýanlygyna ynanýardylar. Mümkin boldugyndan, kalba teselli bermäge çalyşýardylar. Olar bu gidilişigiň haçanam bolsa bir sähetli gün Watana ýene-de gaýdylyp gelinmek boljagyna göwün ýüwürdýärdiler. Maryny iň soňky gezek görýänlerini pikir edişip, olar ony hoşlaşýan nazar bilen ýürek ezip synlaýardylar. Sürgünleri OGPU esgerleri wokzal meýdançasyna getirenlerinden soň, birazdan wagonlaryň gapysy açylyşyp, sanaw okalyp başlanyldy. Wokzalyň öňi sürgüne gitmelilerden ýaňa indi hyň berýärdi. Sereden ýeriň egni, eli goşly adamlar, eme çagalaryny bagryna basyp, aýagy ýöränleri yzyna tirkäp gelýän aýallar boldy durdy. Adamlar häzir özleriniň nireden-niräk alnyp barylýanlaryny bilmeseler-de, ýöne bu jelegaýda goýulmajakdyklaryny, otly bilen ýol sökülip barylmaly alys bir ýerlerden çykaryljakdyklaryny biraz howpurganma bilen pikir edýärdiler. Wagona mündürilmeleriň atlaryny okamaga wokzal jaýyndan tirkeşip çykan iki adam has hökmürowan görünýärdi. Olar edil wagonyň girelgesiniň gapdalynda hamala heniz mündürmänkä, adamlaryň hersini aýry-aýrylykda tanap bilmekçi bolýan dek köpçülige haýbatly nazar dikip, ýerli-ýerden gezelişip durdular. Sürgüne ugramalylaryň atlary ýazylan telim sahypaly kagyz wagona has golaý duran harbynyň elinde bolup, ol ony gezekli-gezegine okaýardy. Ol Maryda baý-kulaklary ýüze çykarmakda we olara temmi bermekde ýakasyny tanadan, ady eşidilende arwah-döwden gorkulan ýaly gorkulýan OGPU-nyň ýolbaşçylarynyň biri zalym Wadim Gaýharowdy. Onuň häzirki bolup durşy dartgynly hem nägiledi. Halkyň üstüne dazarylyp, özüniň öte hökmürowanlygyna baýrynyp, nygtap durdy. Her gezek Marydan sürgüne ugradylmaly bolanda bu işi başga ynanman, onuň hut özi höwes bilen ýerine ýetirerdi. Gidýänleriň atlary ýeke-ýekeden okalyp, ete geçirilýän mal ýaly sanap, wagonlara gapgarylardy. Soň görlüp oturylsa, onuň gapdalynda duran murtly bu eşelony äkitmeli toparyň ýolbaşçysy bolup, Gaýharowyň ýola gitmelileri oňa sanap tabşyryp durdugy eken. Ol sesini çykarman diýen ýaly burnunyň aşak etegindäki ýelmenen ýaly bolup duran pezzigräk murtuny mahal-mahala ýasy bilen sypalap, mündürilýänleri ünsli synlap durdy. Mary şäheriniň eteklerindäki obalaryň birinden getirilen Kakabaý atly daýanykly ýigit ady okalansoň, ýerde goýan ýorgan-düşek daňlan uly ýüküni egnini göterip, kiçiräk ýüklerini eli çagaly aýalydyr onuň gapdalynda duran ejesiniň eline berip, girelgäniň öňüne geldi. Gelşine-de ol egnindäki goşuny wagona atyp, öwrülibem, aýalyna münmäge kömek edensoň, oňa ejesiniň elindäki berlen çagany alyp berdi. Ýöne haçanda ol ejesine münmäge kömek etmekçi bolan mahaly milleti sanap, wagona gapgaryp duran Gaýharowyň garrynyň adynyň sanawda ýokdugyny bildi. Garrynyň ady hakykatdanam hasapda ýokdy. Ýöne ol ýeke oglundan galasy gelmän: “Sizsiz ýurdy, sizsiz dünýäni başyma ýapaýynmy, näme bolsagam, siz bilen boljak” diýip, edilen abaý-syýasata hem gulak asman, obadan olar alnyp gaýdylan bile gaýdypdy. Ejesini ýeke goýup gitmegi näçe kyn görse-de, gidilip barylýan ýeriň azabyny, hupbatyny, zulumyny göz öňüne getirip, ogly ony şunça galdyrjak bolsa-da, kejir ejesi öz diýenini gögerdipdi. Ejesiniň göwnüni ýykmagy kyn gören Kakabaý: “Gitseň ýör, eje jan” diýip, töwekgelçilik edipdi. Eger Gaýharow hasaby beýle talaply çintgäp ýöretmedik bolanlygynda, garry bu garma-gürmelikde bilinmän ötse-de öterdi. Emma ol ýiti gözli Gaýharowyň nazaryndan sypyp bilmedi. Onuň gaharyny getirdi. Ol: –Sen nirä barýaň, kempir, donuň synyna dolaşan ýaly bolup!? –diýip, ony saklady. Garry: –Komendir adam, goýberiň menem balalarym bile gideýin–diýip, oglunyň golundan ýapyşyp durşuna özelenip ýalbardy. –Biziň hasabymyzda seniň adyň ýok, garry. –Haýyr bolmasa, Bibijemal Batman diý-de, ýazaý, han komandir! Garry aýal bu gepi elenip ýalbaryjy äheňde aýtsa-da, ol Gaýharowdan “Bar, gidýän bolsaň git, onda toýa-ha barýan dälsiň, sürgüne barýansyň!” diýen ýaly gepe garaşsa-da, ýöne ol tamasy çykmandy. Garrynyň özi bilen gep gaňryp, kejeleşýän ýaly görüp, oňa has hem gahary atlandy. Ol töwerekdäki duran ýaragly esgerleriň ikisine garryny görkezip buýruk berdi: –Ýok ediň bu heleýi! Aýalyň ogly Kakabaý gollaryny daldalladyp: –Ýoldaş, neçelnik, beýtmäň! –diýip haýyş etse-de, aňyrdan gelen esgerler haýyş-ýenekä üns bermän, garry aýalyň gollaryndan tutup, zor bilen ony oglunyň elinden çekip aldylar. Garrynyň börügi togalanyp gitdi. Köwüşleriniň hersi bir ýere düşdi, ezenegi agdy. Ýöne kempir esgerler gollaryny goýberenine mähetdel: “Meni balalarymdan aýyrmaň!” diýip, ýene aglap, ogluna tarap topuldy. Esgerleriň täzeden aslyşmagy, garrynyň galmajak bolup görkezýän garşylygy bilen baglylykda ýas-ýaňyja aradan aýrylan ýaly bolan başagaýlyk agyr märekäniň öňünde täzeden başlandy. Esgerleriň biri tüpeň gundagyny aýgytly erjellik görkezýän aýalyň başyndan eňtermekçi boldy. –Ah, ty staraýa suçka... Kakabaý ejesiniň depesinden inip gelýän tüpeň gundagyny öz gujurly goly bilen howada saklady. Töwerekde bolsa bu ýagdaýy görüp, bir bolmasy işiň bolaryndan gorkan adamlaryň OGPU-laryň hereketini ýazgaryjy sesi wag berýärdi: –Gidende nämekän şol ýumruk ýaly garry! –OGPU öz diýenini etmese bolmaz. –Garram-a erjel eken. –Ol gaýta beýdip, oglunyň başyna-da bir bela getiräýmese. –Çeträk çykaryp atar goýbär-dä hemmesini, sürgünden gaçdy diýen ýaly bir ýok delil-bahany tapar-da. –Herki zat bolup biler. Atmak, çapmak näme bularyň etmeýän pohumy!? –Bulardan gorkmadygyň imany ýokdur... Ýagdaýyň barha ters öwrüm alýanlygyny görüp, Gaýharowyň gapdalynda halamazlyk bilen mähelläni synlap duran komandir gahar bilen elini mauzerine elini ýetirdi. Onuň münlüşigi saklap duran aýala äjennesiniň atlanandygy belli bolup, ony il öňünde it atan ýaly atyp taşlarly göründi. –Diýleni edip, galmajak bolsa biz ony beýdip galdyraýarys–diýip, ol garra ýarag tutdy. Kakabaý rejäniň geň däldigini görüp, dessine ejesini goraglap, onuň öňüne özüni tutdy. –Gaýrat ediň, komissarlar! Goýberiň, gitsin biz bilen. Siziňem ejeňiz bardyr-a, ejeme düşünäýiň ahyryn! Ol bizden galyp bilmez! –diýip Kakabaý ýene-de ýalbaryp, düşünişmekçi boldy. Komandirler şundan soň öz ejelerini ýatladylarmy, nämemi olaryň gurawynyň birneme üýtgäp ugranlygy duýuldy. Olar bir-birleriniň ýüzlerine seredişip, sala salyjylykly gepleşdiler. Beýle ýagdaýa garaşmadyk harby bir bada nätjegini bilmän, Gaýharowyň ýüzüne bir pursat sala salyjylykly gözläp daýandy. Gaýharow aýaly ýok etmegiň hiç hili kynçylygy bolmasa-da, ýöne häzir ony ýok etmegiň ýeri däldigini duýdurdy: –Hötjetje heleý eken. –Soňam ol aýala töweregini tutuksy, halamazlyk bilen synlap durşuna–Diňe bir Orusýetiň däl, türkmenleriňem öz islegine görä özlerini sürgüne berýän dekabristkalary bolýan eken–diýip, öz gepine ýaňsy gatyp, halamazlyk bilen gürledi. –Bu heleýe nähili dekabristka bolmalydygyny görkezäýse-hä bordy welin, ýöne arman häzir ýeri däl-dä... –Menem şu pikirde. Muny güm edip, şol obada galmazlyga ilki synanyşda atyp goýbermeli ekenler. Oglanlaram käte şeýdip, dözmän, ýeneki edip, gowuşgynsyzlyk edäýýäler-dä, zaluwatlar–diýip, Gaýharow aýgytlanýana meňzäp, köýneginiň ýakasynyň ýokarky iliklerini ildirişdirip durşuna aýtdy. Dogrusy, aýaly ýok edip, aradan aýyrsa-da boljakdy, ýöne ony etseňem töwerekdäki adamlaryň gahar-gazabyna bat bermezden şeýle etmelidi. Şu pursatda ikinji komandir Gaýharowa haýyşly ýüzlendi. –Wadim Gaýharowiç, şuny bir meniň elime beriň! –diýip, ýolda özüm onuň merkini bererin, sürgüne gidenleriň arasynda bolsa-da, baryp ýetenleriň arasynda bolmaz... diýen äheňde gürledi. Şeýdibem, "It itiň aýagyny basmaz" diýleni bolup, bu iki OGPU ýolbaşçysy ýarym sözden bir-birleri bilen düşünişdiler. Wagonlara gapgarylmak sanawy bir togtan ýaly bolup, şundan soň ýene-de öňki talaply hörpünde täzeden dowam etdi. Mündürilýänler talap bilen howlukdyryldylar. Orazgylyç ady okalyp, ilkinjiräk maşgalasy bilen wagona mündürilenleriň biri boldy. Ol egnindäki goşuny wagona atyp, soňundan aýaly bilen ogly Aganazara oňa münmäge kömek etdi. Diňe şundan soň özi gapynyň öňünde duran ýerinden yzyna bir gaňrylyp gözläp, wagona mündi. Wagonyň içi onuň pikir edişine görä entek boşlagrak bolmalydy. Oňa entek ýedi-sekiz maşgaladan köp mündürilmändi. Şeýle-de bolsa ol bir bada wagona atansoň, nirede nähiliräk ýerleşjegine aýgyt edip bilmedi. Ähli ýeri gabalyp, petiklenip ýapylan wagonyň tör tarapy dagy hasam gözedürtme garaňkydy. Hatda ol bir pursat bu garaňkyda özünden öň münen ogludyr aýalyny hem ýitirdi. Orazgylyç töweregine göz aýlap, gözüni garaňka öwrenişdirip durka gapdaldan kimdir biri raýdaşlyk edip, ilgezik seslendi. –Gardaş, senem goýaý goşuňy biziň gapdalymyzdan! Orazgylyç gözi biraz garaňka öwrenişensoň, özüne ses beren adamy tanady. Bu şol ýaňky ejesi galdyryljak bolnanda dartgy-çekgä düşen, ahyrynda-da kynlyk bilen öz gepini gögerden adamdy. Häzir onuň gapdalynda aýralyk çukurynyň gyrasyndan gaýdan ejesi agtygyny öňüne alyp, buýsanyp gujaklap otyrdy. Wagon içinde gonalga ýerleriň barha azalýanyna seretmän, Gaýharow bolsa hamala ony dykyp doldurjak bolýan ýaly sanaw okap, adam mündürmesini wagty bilen goýar ýerde goýmady. Soňam wagonlara gapgarjaklar gapgarylyp, gapylar ýapylansoňam, otly wagty bilen ugramaga gyssanmady. Durdy Günüň aşagynda ýene esli salym Burkuda aýdylan ýaly bolup gazalyp. Ol diňe arsyz wagt garaşdyryp aljagyny alyp, mündürjegini mündürip, sürgüne höküm edilenlerden ýagşy ýüküni tutansoň, jygyldap, silkinip ugramak bilen boldy. Wokzal tarapdan "Boldy, ugraýas! Esgerler, tiz ýerli-ýeriňizi eýeläň!" diýlip, gygyrylyp, hökümli aýdylýan sesleriň yzysüre demir ýol işgäriniň otla ugramaga rugsat berýän jürlewüginiň sesi eşidildi. Otly hamala ýeňil bolmadyk agyr ýüki alyp barýanyny syzýan ýaly islegsiz ýaltalaç ýola düşdi. Barha bat alyp “güpürdik-tapyrdyk” edip, ýoluny külterläp ugrady. Täleýi ters gelen türkmenleriň ýene-de müňlerçesiniň Watandan bölünip, gümgiden atlandyrylýan nirededigi belli bolmadyk alagümana bir ýere alnyp gidýänligi belli boldy. Adamlary aýralyk bilen bagly gynançlydan galagoply ýagdaý gurşap aldy. Hemmeleriň ýüregi ezildi, bogazlary dolup nemlendi. Bu hupbul Watan bilen sürgünleriň ýene dolanyp gelmegi arzuw edip, aglap hoşlaşmasy boldy. Otly wokzalyň at gaýtarymlygyndaky köpriniň üstünden hatar tutup barýan agyn yzzyldy-agy bolup ötdi. Sürgünleriň şeýdip gözi girýan, bagry birýan bolup gidenlerine köp wagt geçmänkä, olaryň yzyndan ýolbars nazary bilen seredip galan köp döwür-döwranlary başdan geçiren Maru şahu Jahan gara gijäni perdeläp, ýüzüne çekdi. Ýurdy sürgün belasynyň barha möwjemegi bilen galagoply ýagdaý gurşap alypdy. Mary wokzaly bu günler garynjanyň hinine dönüpdi. Ýanalan adamlary ýanynyň aýal, oglan-uşagy bilen yzanda-çuwan edip, wagonlara gapgaryp-gapgaryp, aýagaldygyna sürgüne atarýardy. Demir ýol bir wagtlar paýhasly adamlar tarapyndan ynsan bähbitleri üçin, ýagşy niýet bilen gadyrly gatnaşyklar üçin döredilen hem bolsa, inden ol sürgünleri, alyslara alnyp barylýan bendileri eşelon-eşelon edip, ondan-oňa çekişi bilen öz başdaky niýet-manysyny unudana dönüpdi. Otly bir salym töweregi bugdur tüsseden dolduryp ýöränsoň, Marynyň gaýra etegini parran kesip, şäher çetine çykdy. Şundanam şakyrdyklap, gadamyna bat berip, ýol külterlemesi başlandy. Otlynyň näçe gijeleriň içine urdurylyp girip, näçe gündizleriň içinden atylyp çykyp, ala güpürdi bolup, ýene-de niçe ýol külterlejegini bilýän ýokdy. Sürgüne barýanlaryň bilesi gelse-de, ol hemişe olaryň barmaly ýerlerine barýança hemişe syr bolmagynda galýar. Şeýdilip zora ýanalyp ýörelen ýoluň bolsa jebir-jepasy uwunyp çekip çydardan agyr bolýar. Ýöne başyňa düşensoň nätjek, näçe kynam bolsa çekäýmelisiň, başga alajyň ýokdur. Uzakly gün Gün astynda durup gyzan wagonlaryň içiniň yssysy öňem-ä ýeterlikdi welin, adam bary dykylyp, gapylar ýapylansoň, onuň içi hasam kapaslandy. Wagon içine oňly howa düşmän, adamlaryň ýerli-ýerden daljygmasy başlandy. Hasam çagalar nätjeklerini bilmän, ikiýana urnup kösenýärler. Yssynyň derdinden ýaňa geýim-gejimler julk der basyp sykybermeli boldy. Aganazar oturan ýerinden gursak dolduryp uludan dem alyp bilmän, daljygarly bolup kösendi. Nätjegini bilmän, bir ejesiniň, bir kakasynyň dyzyna ýaplanyp gördi. Ýagdaýlary oglunyňkydan öwerlik bolmadyk Orazgylyç bilen Amangül nädip oňa delalat etjeklerini bilmän kösendiler. Şeýdilende biraz delalat boljagyna tama edişip, biraz ýokarrakda howa kändir öýdüp, Orazgylyç oňy ýeriňden turzup, biraz aýak üstünde duruzdy. Barybir adamlaryň ýokarsynda-da ajy derdir ýeneki agyr yslar aňkap durdy. –Wah, bu içigaryň howa geler ýaly penjire-deşigi bolmazmy!? –Tagtasynyň birini-ýarymyny aýryp bolsa-da, biraz howa düşerdi welin... –Onam beýdilse, hojaýynlar halajaklarmy, halamajaklarmy? Onsoňan hany tagta ýenekä urup, gaňryp goparybir ýaly palta barmy? –Wagon diwarlary guýma ýaly gaty syk. Muny aňsat deşip bolmasa gerek–diýşip, Orazgylyjyň töweregindäki adamlar bir çykalga gözläp, özara pikir alşyp ugradylar. Birden Orazgylyjyň ýanyna alan pyçajygy ýadyna düşdi. Ol dörünip, pyçajygyny goşlarynyň arasyndan tapyp aldy. “Taýak gelýänçä ýumruk” edip, iki tagtanyň yşgalaňynyň arasyny howa geler ýaly edip, ony giňeltmegiň ugruna çykdy, özi ýadasa, pyçagy goňşusy Kakabaý Batmanyň eline berdi. Arsyz wagt synanyşyk dowam edensoň, wagonyň dürli ýerlerinde şemal syzar ýaly birnäçe yşgalaň peýda boldy. Wagon böwründe ýel syzar ýaly edilen yşgalaňlaryňam bary bir oňly peýdasy bolmady. Dem almak soňam demligiňden alynýan ýaly kyn boldy. Ol has-da otly bir ýerde duran wagty juda yrykgatlaşýardy. Otly birki gün ýöränsoň, bu zuluma çydaman, birnäçe adam oturan, süýnen ýerinde jan berdi. Käte otly säginen mahaly gapy açylyp, adamlar öz hallaryndan habar alnar tamasyny etseler-de, ýöne her gezegem olaryň tamasy çykmaýardy. Ne-hä gapy açylýardy, ne-de sürgünleriň halyndan habar alýan bardy. Günüň, ak gündiziň daşarda barlygy çen edilse-de, ol bu ýerde duýulmaýardy. Wagon içini şol bir tümlük büräp durdy. Hemmeleriň gündizi, depesinde Güni göresi gelýärdi. Otly üç günden gowrak ýol ýöräp, ahyrsoňy Samarkandyň eteklerinde bir ýerlerde daýandy. Esgerler bilen otlyny alyp barýan komandiriň ondan düşenligi belli bolup, ondan-mundan olaryň gygyryşyp gepleşýän sesleri eşidilip başlandy. Ýene birazdanam olar wagonlary gabap, olaryň gapy tarapyny ýarag besleşip halkaladylar. Diňe şundan soň wagonlaryň gapylary ýeke-ýekeden bir tarapa syrylyp açylyp ugraldy. Orazgylyç dagynyň wagonynyň gapysy açylan wagty şol golaýda oturan aýal hamala ýakynlarynyň birini görmän-görmän gören ýaly: –Wah, gündizem görmek bar eken! – diýip, gapydan giren ýagtynyň üstüne özüni taşlady. Şeýdibem, depgä galdy. Ýagtyny, Güni görmek islän adamlar duran-duran ýerlerinden silkinişip turup, gapa bosdular. Şeýle-de bolsa olara wagty bilen ýere düşmek, ine-gana dünýäniň synlamak, aýak ýazmak, ýazylmak nesip etmedi. Wagonlaryň gapdalyndaky ýolda demir araba bilen iki sany daýaw adam peýda bolup, olar ilki şoňa ölüleri ýükläp, olary bir ýerlere daşap ugradylar. Ýolda heläk bolanlar bolsa az däldi. Orazgylyç dagynyň wagonyndan birbada üç çaga bilen iki sany uly adamyň jesedini düşürdiler. Howa ýetmezçiligi, üstesine-de iýmitdir suwuň teňlik etmegi adamlary halys ysgyndan düşüripdi. Köpleriň hatda söýget-goldawsyz oturan, ýatan ýerlerinden turup, ýardamsyz, tekgesiz gapynyň öňüne gelmäge-de rowgatlary ýokdy. Beýle zuluma tutmaklyk adamlaryň köpüsiniň alnyp barylýan ýerine ýetjegini gümana goýdy. Bu ýagdaý ýene-de dowam etse, adamlaryň gyrlyp gutaryljagy,a munça düşürilen ölüleri görüp, sürgünleri äkidip barýan komandiriňem aňyna ýeten borly. Ol şol gün öli daşaýan demir araba münüp, nireleredir bir ýerlere maslahat üçinmi, görkezme almak üçinmi gidip geldi. Diňe şundan soň adamlar ýene-de wagonlarda ýarym gün jinnek bolup oturansoňlar, garaşylmadyk ýagdaýda olardan goşlary alyp, wagondan düşmek talap edildi. Sürgünlere bu ýagdaýdan çen alyp, özleriniň gelmeli ýerlerine gelendiris öýdüp, ýol azabyndan dynmak bilen bagly inçejigem bolsa tamaly pikiri başdan geçirdiler. Bu bir pursatlygam bolsa olarda gowulyk bolup barýanlygyna pikir ýüwürtmäge, ýagşy niýetler bilen göwnüni aldamaga mümkinçilik berdi. Adamlar ýere düşensoňlar, assa-ýuwaşdan özlerini ele alşyp ugradylar. Zeruryňa gidip gelmäge suw tapylyp, el-ýüzleri hem ýuwmaga mümkinçilik boldy. Bir ýerlerden meýdan kuhnýasy araba çekdirilip getirilip, sürgünler suwa gaýnadylan şüle bilen naharlanyldy. Günortanyň yzýanlaryndan ýapyk wagonlaryň deregine uzyn hatar bolup, daş-ýeneki çekýän üsti açyk eşelon peýda boldy. Ol ilki görlende geçip barýan otlularyň biridir öýdüldi, emma gider ýerde gidibermänsoň, onuň belli bir maksat bilen getirilenligi aýdyň boldy. Durdy soňam adamlaryň oturan tarapyna bir gapdalyny ýanap, gaňňasyny agdaran ýükçi eşegi ýatladyp. Gijöýlänlerem onuň ýönelige getirilmänligi, ýörite sürgünlere niýetlenip getirilen ulag ekenligi bilindi. Sürgünleriň ähli ýeri ýapyk wagonlarda äkidilse, olaryň barmaly ýerlerine aşman, ýolda gyrlyp gutarjakdygy ýokardaky ýolbaşçylaryň haýsydyr biriniň aňy çatan bolsa gerek. Adamlar şu ýerde üsti açyk wagonlara mündürilensoň, olaryň sürgün ýoly ýene-de täzeden başlandy, sürgünler açyk wagonyň üstünde dünýäni synlap gitmegiň ýapyk wagonlarda demigip, daljygyp gitmekden müň paý gowy boljagyny tama etdiler. Erkek adamlar aýallardyr çagalary goraglap ortada toplum oturdyp, özleri olaryň daşynda, otlynyň diwar gyrasyna ýaplanyşyp, halka guraşyp oturdylar. Otly ýola düşüp, tizliginiň badyny göterip, başlary, ýüzleri şemaly sypalap ugransoň, özlerinde ýakymly ýeňillik duýup, öz hal-ahwallarynyň belli bir derejede gowulyga üýtgänligine Hudaýa şükür edişip, bir ýol bilen Allatagallanyň özlerine kömege ýetişenine ynandylar. Olar kadaly dem alşyp, gapdaldan otlynyň yzyna aýlanýan ýaly bolup geçýän daş-töweregi aýratyn bir gözügidijilik bilen synlaşyp otyrdylar. Sürgünleri alyp barýanlaryň Marydan Gaýharowyň elinden gidýänleri sanap, jogapkärçiligi boýnuna alyp gaýdan köpleriň gözünde galan komandir ugralany bäri “O-da Maryda galandyr” diýdirip görünmeýärdi. Ýöne ol görünmese-de bar eken. Esgerlere hökümini ýöredýänem, sürgünleriň ýagdaýy barada bermeli ýerine her durlanda hasabat berýänem şol eken. Munuň şeýledigine göz ýetirmek ýapyk wagonlardan düşülenden soň mümkin bolupdy. Häzirem wagonyň bir gapdalynda her iki wagonda diýen ýaly onuň bendilere göz-gulak bolmak üçin ýörite goýuşdyran ýaragly esgerleriniň ikisi milleti garawullap otyrdy. Olaryň elinde tutup oturan ýaraglarynyň ujundaky çişleri Gün şöhlesine ýalpyldaýardy. Ýöne otly, wagonlar çalyşsa-da, sürgünlere bolan garaýyş, gatnaşyk welin üýtgemändi. Indi komandir wagondan wagona ätläp, ýene bir ýanbaşy ýaragly komandir bilen aýlanyp, tutuş otlyny öz gözegçiligi astynda saklardy. Otly ugramanka ol çalgyrt dilli bir esgeriň üsti bilen halka ýolda berjaý edilmeli kada-kanunlary talap hökmünde ýetiripdi. Otly barýarka uly adamlara ýerinden turmak, onuň duran ýerinde düşmeklik gadagan edilipdi. Eger şeýle edilen mahalynda munuň gönüden-göni kanuny bozma bolup, onuň gaçmaga synanyşyk hökmünde kabul edilip, günäkäre temmi beriljekligi aýdylypdy. Açyk wagonlaryň üstünde toýa barýan ýaly bolup, hezillige göterilen şemala ýüz-gözüňi, saçlaryňy sypadyp, ýol sökmegiň ýeňil boljaklygy barada göwün ýüwürdilen hem bolsa, ýöne gitdikçe munuňam derdi-belasynyň ýetikligi belli boldy. Howa ýetmän daljygyşyp gelinýän wagty juda arzuw edilen şemal soňra hasyrdap bir ondan kürsäp urdy, bir mundan. Şol bir dowamly birsydyrgynlyk başlanansoň, töweregi synlamak hem adamlary barha irizi. Erkekler arkalaryny wagon diwarlaryna ýaplaşyp oturyşlaryna oňaýsyz ýagdaýlara kän ýan bermeseler-de, ortada oturan aýal-gyzlardyr çaga-çugalaryň ynjalygy gaçyp, hyk-çoklary köpeldi. Aýallar şemalyň hüjüminden sowulmak üçin çagalary bilen oturan ýerlerinde bir tarapa gyşardylar. Mümkin boldugyndan töwerekdäki adamlary, bir-birlerini ykladylar. Özlerine biraz ynjalykly ýagdaýy döretdiler. Telim günüň dartgynly ýadawlygyndan soň olar gyşaran ýerlerinde uklaşyp galdylar. Otly özüniň birsydyrgyn şakyrdy-güpürdili bady bilen wagonlary sallançak edip üwräp-yrady. Şondan soň sereden ýeriň irkiljiräp oturan adam boldy durdy. Şemal bolsa wagonlaryň ýokarsynda, tekerleriň arasynda alabasga düşüp hasyrdap köwsarlady. Ahmallyk tapan ýerinden birnäçe adamyň telpegidir ýaglygyny hem kakyp, uçuryp-gaçyryp almaga ýetişdi. Şemal wagon yzynda gözegçilik çekip oturan iki esgeriň hem biriniň papagyny alyp düşdi. Otly şol günüň ertesi ýene-de bir çolarak stansiýalaryň biriniň gapdalynda badyny gaýtaryp saklandy. Wokzal tarapdan ýene-de demir ýolçy geýimli wagonlardan ölen adamlaryň meýitlerini ýygnaýan iki adamyň demir arabany sürüp gelýänligi göründi. Araba her wagonyň gapdalynda durup, ol aňyrdan uzadylan jesedi alansoň, gelip ýeneki bir wagonyň gapdalynda saklanýardy. Her wagonyň ýanyna gelip, ondan öz gerek ýüküni düşürip alýardy. Bu gezek eşelondan dört-bäş meýit tapylsa-da, ýöne ýapyk wagonda gelinýän wagtyndaky ýaly oňa münderilip ýüklenen ýük bolmady. Orazgylyç dagynyň gapdalynda gelip duranda oňa düýn öýlän özünden gidip, daňdanlar ýürek urmasy duran aýaly göter-göter edip alyp berdiler. Araba ýene-de aňyrlygyna indiki wagona tarap ýoluny dowam etdirdi. Telim bir günden bäri şol bir ýerde oturyp-aryp ýadap ýol şöwrüni çekip gelýän sürgünler indi şeýdip, wagonyň üstünde pinekleşip ýatyp geçirýärdiler. Wagtyň göre-gündizdigine seretmezden, adamlaryň köpüsi oturan ýerlerinde irkilişip otyrdylar. Ortadaky aýallaram gyşaryşyp, çagalary bilen lagambir gujaklaşyp ýatyrdylar. Töwerek bolsa, sereden ýeriň şol bir görnüş, birsydyrgynlyk bolup, ol indi sürgünleri gyzyklandyrmaýardy. Wagonlaryň syra gyrasy argyn ýüzlerini asyşyp, dymşyp oturan dünýä bilen wejy bolmadyk adamlar bolup durdy. Şol arada ýatan aýallaryň arasyndan ukudan oýanan bir oglanjyk gözlerini owkalap çykdy. Ol eljagazlaryny sähelçe gerip, soňam duran ýerinde ukuly halda pallady. Kimdir birini gözleýänini mälim edip, töwerekdäki irkilişip oturanlaryň ýüzüne seljerijilikli gözledi. Bu şol biraz mundan ozal bir ejesiniň, bir kakasynyň gujagyna dolup, hezil tapyp, oýnan tokarja oglanjykdy. Ol şol hezil oýnuň täzeden gaýtalanmagyny isläp, ýene-de ylgap baryp, irkilip oturan kakasynyň gujagyna dolarly göründi. Ýöne gyssanandygy belli boldy. Ol çepe öwrüldi-de, ozalky ejesiniň elinden tutup, siýdirip gidýän ýerine tarap ýöneldi. Şu pursatda oglanjyga üns beren, onuň näme üçin goldawsyz-garawsyz gezip ýöreni bilen gyzyklanan adam bolmady. Eger kimdir biri görenem bolsa, çagajykdyr-da, jiş-ş eder gaýdar-da diýen bolmaly-da. Emma haýp, oglanjyk gowzap, işini bitirip-bitirmänkä, gozganyp ugran otlynyň birden duýdansyz güýçli silkinmegi maşgalanyň üstünden garaşylmadyk howpy eňterdi. Otly içigip, alaşakyrdy bolup, şeýlebir silkdi welin, daz edip duran oglanjyk onuň badyna atylyp, nädip wagondan aşyrylyp gapdala düşeninem bilmän galdy. Oňa badyny saklara nämedir bir zatdan aslyşyp ýapyşmaga-da mümkinçilik bolmady. Gören adamlar ör-gökden gelşip: “Haý, oglan gaçdy-da, çaga gaçdy” bolşup, ýerli-ýerden howsalaly gygyryşdyler. Muny eşidip, wagondakylar özlerine rugsatsyz ýerlerinden turmagyň gadaganlygyny unudyşyp, ürken süri ýaly güsürre som-saýak bolşup, aýak üstüne galdylar. Bir salym hatda olara halkyň köpçülikleýin galkynanyny görüp, howsala düşüp, olary oturtmak üçin yzly-yzyna ýokaryk ok atyp, talaply dyzanýan esgerleriň tagallalary-da täsir etmedi. Oglany tanan çaganyň kakasy duran ýerinden özüni wagondan aşak oklap, ony ýüzugra ýerden götermäge howlukdy. Barşyna-da ýerde aglap ýatan çagany kakyp aldy-da, ýene-de ýeňsesine dolanyp, ony ugrap barýan wagonlarynyň gapdalyndan gelip, ýokaryk uzatdy. Emma şu pursatda tüpeň sesini eşidip, wagonlaryň arasynda ondan-oňa geçip, düzgün-tertibi öz garamagynda saklap ýören komandir bir bolmasy işiň bolanlygyny, kimdir biriniň sürgünden gaçanlygy çen edip, aňyrdan ýarag somlap gazaply geldi. Gelşine-de, ol adamlaryň bolup durşuny görüp, olar özlerini wagondan zyňybererli gördümi nämemi, dessine olardan aşak oturmagy talap edip haýbat atdy: –Oturmasaňyz, hemmäňizi gaçmaga edilen synanyşyk hökmünde günäkärläp, duran ýeriňizde ataryn! – diýip azym etdi. Adamlar oturyp-turmanka-da, ol otlynyň gapdaly bilen oňa aslyşyp, münjek bolup, dert-azar bolup gelýän ýigidiň öňünde häzir boldy. Wagondan düşmegiň sebäbini seljerjek bolubam durman gazaplanyp: –Hä-ä, senmi şol başbozar?! –diýip, onuň kükregine sapançany tutdy. Töwerekde oturan adamlaryň birnäçesi işiň işden geçip barýanlygyny görüp, howpurganyşyp, komandire ýagdaýy düşündirmek maksady bilen oňa ýerli-ýerden haýyşly ýüzlendiler: –Haý, komandir aga, öz keýpine magundan düşen däldir ol! –Gaçmak, galmak niýetinde-de ýokdur onuň! Emma sürgünleri täze Sowet jemgyýetine geregi bolmadyk adamlar hasap edýändigini, olar näçe zabun daralsa, ýokarynyň şonça göhüniň gelýändigini bilýändigi üçin, onuň hiç kimiň töwella-tagsyryna gulak asasy gelmedi. Yzly-yzyna ok atyp, zalymlyk bilen ýigidi gana boýady. Ýigit wagondan tutup gelýän elini aýryp, onuň bilen deşilen gursagyny tutup: –Haý, bolmad-ow–diýip, bir armanly ah urdy-da, entirekläp, gapdalyndan geçip barýan wagonlaryň yzyndan soňky gezek gözläp ýykylyp, gapdala togarlandy. Oglanjygyň ejesi adamsynyň düşen pajygaly ýagdaýyny görüp: –Waý, sen bolmasaň, biz indi näderis!? –diýip, uly ili bilen möňňürip, adamsyna tarap topulan wagty onuňam ahwalynyň adamsynyňky ýaly boljagyny pikir edip hopugan aýallar ýerli-ýerden onuň synyndan çekip sakladylar. Biçäre türkmen zenanynyň zaryn agysy sulhup oturan özbek topragyna ýaň berdi. Ýene-de bir bagtyýatan zenan aglap tükedip bolmajak hasratyň eýesi boldy. Otlularyň, wagonlaryň çalyşmagy bilenem sürgünleriň gata düşen ykbaly barybir olaryň ýanyndan aýrylman eken. Sürgünleriň Marydan bäri ýol boýy orlup-çapylyp gelýän otlusy on gün ýol ýöräp, on birinji gün diýlende ýüzüni garaňka tutup, hasrat bilen Daşkent şäheriniň bir çetinden gelip girdi. * * * Daşkende gelnip ýetilensoň, sürgünleriň durmuşynda birnäçe üýtgeşiklikler bolup geçdi. Bir-birinden uzaga çekýän ýaly bolup görünýän tomsuň ahyrky günleri bolsa aýlanyp-dolanyp, tükeniksizlik bolup, geçip durdy. Henizem Günüň ýakyp-ýandyryp dowam edýän-de bolsa, indi ol sürgünleri ýoldaky gazaba tutulan günlerdäki ýaly bişirip barmaýardy. Bu ýerde sürgünlere ýol boýy aldajy yssydanam beter sütem eden, Marydan gaýdan OGPU komandiri, töwereginiň bile gelen esgerleri ýene bir beýleki topar bilen çalşyrylypdy. Täzeden sanaw okalyp, kimiň Özbegistanyň çäginde galdyrylýanlygy, kimiň ýoluny dowam etdirip gidýänligi gaýtadan anyklanyldy. “Paýok” diýlip belli bir mukdarda adam başyna nan berlip, günde bir gezek çorba-çolpy bilen naharlanylyp ugralmagy ýanyna göteren azyk harytlarynyň soňuna çykyberen adamlara tüýs wagtynda maňlaýdan direlen hemaýat boldy. Bölünişikden soň, Özbegistanyň çäginde galdyrylýanlary başga bir wagona mündürdiler. Orazgylyjy hem maşgalasy bilen şol topara goşdular. Bu adaty ýük çekýän wagon bolsa-da, ähli ýeriniň ýapyklygyna seretmezden, dört ýerinde dagy diwarynyň ýokarsynda howa düşer deşikleri bolany üçin, öňki görgi baryny görlen wagonlardan has ýeg görünýärdi. Indi esgerler wagonlaryň gapdalynda biýemçilik edip, buýruk, talap edip ýören komandire komendant diýip atlandyrýardylar. Ol hem ýanbaşy mauzerli, başy bäşýyldyz papakly, harbylarça geýnen ýüzi ozalky komandiriňki ýaly awy bilen suwalan ýaly ýowuz görünýän elek ýüz, dolmuş, 45-50 ýaşlaryndaky adamdy. Komendant mahal-mahal ýanbaşyndaky mauzeriniň gabyny eli bilen sypalap goýberýän-de bolsa, ony mazamlap, gola almaga gyssanmaýardy. Şeýle-de onuň sürgünleri öwrenijilikli siňňin seredýän haýbatly ýolbaşçy nazary bardy. Emma ýöne sürgünler bilen olary alyp barýanlaryň arasynda duýlar-duýulmaz az-owlak mylaýymlyk dörän ýaly bolsa-da entegem ýolbaşçylaryň yzgytsyzlygy dowam edýärdi. Olar henizem sürgünleri jemgyýetiň halamaýan gatlagynyň wekilleri hökmünde talap edilişi ýaly pugta tutýardylar. Gijelerine duran wagonlaryň gapylary ýapylyp, onuň içi ýene durar ýaly bolmazdy. Hamala bilgeşleýin edilýän ýaly, özi-de soň şol gapylar ertire çenli açylmazdy. Şonda-da “Adam bende ölinçä tamada” diýleni, sürgünler otly bir ugrap bilse, deşiklerden şemal düşüp, wagon içiniň serginlik tapjagyna tama edýärdiler. Eger otly ugrasa, bu gowulygam haçan bolsa bolubermelidi... * * * ...Otly tekerleri gijäniň goýry mahaly süýji ukusynyň bozulanyna nägile bolýan deý, öz polat ýollaryna sürtenip-süýkenip, jygyldap, gaharyna dişini çalýan ýaly bolup, çaýkanyp şakyrdap herekete gelşip ugradylar. Bu Orazgylyç dagynyň iki hepdä golaý Özbegistan içinde, demir ýoluň bir ýerlerinde saklanan wagon-öýleriniň garaşylmadyk halda ýene-de ýola düşenligi belli boldy. Dogrusy bu bir garaşylmadyk zat hem däldi. Düýn gündelik nahar, nan paýlanan wagty adamlaryň biri: “Indi biz şeýdip, ýedi ýoluň üstünde güne kakap durmaly bormukak?!” diýip, komendantdan sorapdy. Ol başyndaky papagyny çykaryp, onuň maňlaýyna degip derçigen ýerini elýaglygy bilen süpürip, çörek paýlanýan ýeriň gapdalynda abşarylyp, töwerekdäki işleriň gidişine gözegçilik edip durşuna: –Ugrarys tiz, şu günde-ertede, indi bu ýerde uzak eglenmeris – diýipdi. –Nirä bizi götermekçi bolýaňyz? – diýip soranda bolsa, ol: –Näme, "Öňümden çyk!" diýip, daýzaňa habar ederin öýdýäňmi? – diýip, gümürtik ýaňsyly jogap berdi. Töwerek ümüş-tamyşdy, otly biraz ýöränsoň, wagonlaň içine şemal öwüsgini bilen ýanýan kömrüň ajy tüssesiniň ysy doldy. Birazdanam ol ýakymsyz ysy barha azalyp, onuň ýerini arassa serginlik eýeläp ugrady. Dem almak aňsatlaşdy. Amangül ugrap barýan otlynyň şakyrdy-güpürdisine oýandy. Olar öz ýorgan düşeklerini ýetdik ýerlerine ýazyp, onuň üstünde arkalaryny wagon diwarlaryna berip, aýaklaryny öňlerine uzyn salyp oturýardylar. Orazgylyç bireýýämden bäri oýady. Ol ukusyna sakdy, sähel takyrdy bolsa oýanýardy. Obada onuň saklygy üçin “Çopan bolaýmaly adam ekeniň” diýýänler-de bardy. Şeýle gürrüň deň-duşlaň arasynda bolanda olar her gezek: “Sen munuň egnine egri taýak atdyrraýjak bolýansyň welin, emma ol beýdäýmez, bulaň atasy Kymyş duzçynyň "Çöle çyk, çopan bol" diýilse, aýdanyny eşideňokmy? Ol: “Heleýimiň eteginden uzak aýrylarlygym ýokdur diýer eken, bu-da şonuň ogludyr-da diýip, belli gürrüňi ýatlaşyp, deň-duşlary oňa degerdiler. Amangül adamsydyr ogluna göz aýlanda Orazgylyjyň alagaraňkyda gözüniň açykdygyny, Aganazaryň bolsa onuň gapdalynda serlip süýji ukuda ýatanlygyny gördi. Ol häzir düýşünde özüniň obada mamasydyr babasynyň gujagynda ýatandyryn öýdýärdi. Amangül Orazgylyja ýüzlenip: –Ugradyk öýdýän ahyry! – diýip, oýananlygyny oňa mälim edip pyşyrdady... Soňam: –Nirä äkiderlerkän? Allanazar jan dagyny äkiden ýerlerine äkidýän bolsunlar-da hernä bizem– diýdi. –Allanazar dagyň ýanyna äkitjek bolsalar, Maryda görmänmidiler, şol wagt bile gabardylar-da beýtjek bolsalar. Bular dogany-doganyň ýanynda goýar öýdemok. –Gully emin agalar-a topbagy bilen bir ýere gabapdylar, belki, bile-de düşendirler. –Aý, nä bileýin, olaňkynyňam bellisi ýok, bir ýerde bolmasa, başga bir ýerde bölüp aýrandyrlar. Bularyň bolaýmaly zady boldurasy gelmez? Indi bu adamlar hem biziň Marydan kerwen gurup çykyp gaýdan otlymyz-a mündürilen adamlaryň hemmesi däl-ä. Ýolda onuň ençeme wagonlary bölünip alnypdyr. Ol bary-ýogy bäş-alty wagona direlip galypdyr. –Şularyň näme edýändiklerini özlerem düşünmeýärmikän diýýän men-ä. Ýolda käte otlyň her duran ýerinde diýen ýaly wagona başga ýerden getirilen ýene birki maşgala mündürilip, wagonyň ozaldanam dar dünýäsi hasam daraldylýardy. Darlygyň ejirini hemişe has artyk çekýän aýallar, üstlerine del adam getirilmegini halaman: –Bu ýurt ýykanlar (Jany ýangynly adamlar özlerini alyp barýan hökümet adamlaryny öňki ak patyşany ýykanlar hökmünde şeýle atlandyrýardylar) indi adamlary bir-birleriniň üstünde oturtjakmykalar, öňem-ä bu artybyň içi gör ýaly dar, öwrülere-aýlanara ýer ýok – diýşip, öz ýanlaryndan nägile bolşup, arz-datlarynyň ýeten ýeriniň bolmajagyny bilseler-de, janlaryny ýakyşyp samyrdaşýardylar. Şeýle mündürilişikleriň birinde bir gün ýene bir maşgala Orazgylyç dagynyň ýanyna mündürildi. Wagonyň gapysy açylan mahaly ol ýerde peýda bolan uzyndan gelen daýaw kyrk ýaşlaryndaky adam oturanlara salam berip, münşi ýaly hem yzyna öwrülip, gezekli-gezegine aşakdan özüne äberilýän çagalara münmäge kömek etdi. Iň ahyrda hem ol eli goşly gonalga tapman, münen ýerinde töweregine seredip durşuna wagondakylara tarap öwrülip: –Adamlar, araňyzda Pendiden adam barmy? – diýip, töweregine garanjaklady. Orazgylyç eýýäm münen aýalyň başbogusyny görenden onuň öz öwreleriniň adamsydygyny bilipdi. –Bar! – diýip, ol Orazgylyjyň seslenenine mähetdel, ol kanagatlanma bilen oňa baş atdy: –Ildeş, biraz gobsunyşyň, menem seniň ýanyňda ýerleşeýin! – diýlip, ol bu gepi ikimiz geljekde bir-birimize gowy düşünişeris, hemaýatda bolmaly bolarys! – diýen terzde gepledi. Soň olar tanşyp otursalar, ol gelen hem özi ýaly tagtabazarly bolup, Dädeguly obasyndan bendilenilip alnyp gaýdylan maşgalalaryň biri bolup çykdy. Şeýdibem, biraz iki tarapa süýşülenden soň, “Çöken düýe ýer tapar” diýleni boldy. Onuň aýalyndan ýanynda iki sany Aganazar duşly oglanlary bardy. Oglanlaryň kiçirägi ornaşmaga mümkin bolan dessine gelip, Aganazaryň gapdalynda ýerleşip: –Ahmet – diýip, oňa tanyşlyk berdi. –Aganazar – diýip, ol hem şonda Ahmede özüni tanatdy. Şeýdibem iki sany ozal bir-birinden uzakda ýaşamadyk ýigdekçe, durmuş harasadyna düşüp, tozup ýören ene-atalary bilen galgaşyp ýörüşlerine Watandan ýüzlerçe menzil alysda bir-birleri bilen duşuşyp tanyşdylar. Şundanam olaryň soňra birnäçe wagta çeken mežbury sergezdançylyklary başlandy. Otly ugransoň ýene-de wagonyň içine arzuw edilen imi-salalyk aralaşdy. Aganazar otly ugran mahaly ykranjyrap gaýtadan uklady. Sürlüp barylýan adamlaryň arasynda: “Bizi Sibire äkidip doňduryp öldürjekmişler”, “...Beýdip aýlap-horlap ýörmekleri, nähili jeza berjeklerini entek bolşewikler aýgyt edip bilenokmyş, biz üçin zabun bir jeza oýlaýamyş” diýen gürrüňleriň gapdaly bilen şol döwürlerde ýene-de Owgana geçen Buhar emiri aňyrdan uly güýç bilen sürüp geljekmiş, çaknyşyk mahaly Sowetler bu adamlary özlerine galkan edinip, onuň öňüne sürüp, şolara paýhynlatjakmyş” diýenem bir gürrüň peýda bolupdy. Otly dogrudanam Daşkendi parran bölüp geçensoň, indi Termez ýoluna düşüpdi. Emir Seýit Alimiň hem güýçleriniň Termeziň golaýynda, şol ýerde serhedi ýaplanyp ýatanlygy gürrüň edilýärdi. Dar ýerde itinişip, güýlünen ýaly bolup oturan adamlar: «Ýene-de bir ýerde düşüp, aýaklary ýazyp, daşarynyň ys-koksuz howasyndan dem alyp bolsady?” diýşip arzuw edişip ugrapdylar. Otly Daşkentden ötensoň, ol bäri-bärde durarly däl bolup görnenem hem bolsa, ýöne ýene-de tizden onuň ýyndamlygy “Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli” diýleni boldy. Daşkentden geçen bolsa ol on bäş-ýigrimi duralga geçendir, onsoň badyny gaýtaryp, ýene-de durma bilen boldy. Ilki onuň haýsydyr bir howlukmaç ötmeli otla gapdala çekilip, ýol berip, aýak çekenligi çen edildi. Ýöne ol soňra-da gapdalyndan otlularyň telimsini geçirse-de, gozganmaga gyssanmady. Gün dogmagy bilen ýene-de wagonyň içi kapasap, dem almak kynalyp ugrady. Howada adam deridir-siýdik yslary bilen goşulyşyp, ýiti ysa öwrülip aňkady. Hasam geçen agşam ýogalyp, bir burçda üstüne keçe ýapylyp goýlan merhum gyzjagazyň süňňi zaýalanyp, wagon içini ýakymsyz ys dolduryp ugrapdy. Ýolda ölenleriň jesedi otlynyň her bir uzak durýan duralgasynda wagonlardan düşürilip alnyp, soňra äkidilip, jaýlaýjylaň ellerine berilýärdi. Pahyr gyzjagaz hem indi şeýle pursada garaşýan jesetleriň biridi. Onuň ýakymsyz porsusyna bogluşyp oturan ýakynlarydyr beýleki adamlar indi nirede bolsa-da bir ýerde otlynyň uzagrak saklanaryny dileg edýärdiler. Ýöne içiňi ýakaýyn diýen ýaly otly dursa-da, wagty bilen onuň gapylary açylyp, adamlaryň halyndan habar almaga bene-de howlukmadylar. Oturanlaryň çydam ýagdaýy synaga goýlana meňzedi. Sürgünleri alyp barýan esgerlerdir OGPU işgärleriniň bu wagt çilim çekişip, özara hümürdeşip, wagonlaryň gapdalynda ikibir, üçbir bolşup, gezişip ýörüşleri wagonyň yşgalaň-deşiklerinden görünýärdi. Niredendir bir ýerden beriljek täze görkezme buýruklara garaşylýardy. Şol baryşdan diňe günortanyň öň ýanynda sürgünlere wagonlardan düşmäge rugsat edildi. Adamlar wagonlardan düşüşip, özleriniň çolarak bir otly duralgasyndan gelip çykandyklaryny gördüler. Şol ýerde hem adam başyna berilýän nan paýlanylyp, her gün bir gezek berilýän kelem ysly çorba berildi. Adamlar iýip-içip, ýazylyp ýaýraşyp, biraz özlerine geldiler. Töwerekde ýene çagalaryň näzijek jedirdileri, hyk-çoklary peýda bolup, ýaşaýyş arabasynyň täzeden tigirlenip ugrady. Öýlän sürgünleri goşlary bilen sürläp äkidip wogzal jaýynyň sesýetimligindäki bir wagt taşlanan köne saraýa gabadylar. Adamlar daş-töwereklerinde oba ýa-da adam ýaşaýyşly ýer görmänsoňlar, bu ýeriňem entek öz ahyrky gelmeli ýerleri däldigini, ýene-de göç-gonuň boljagyny çen etdiler. Haçan ýör, diýilse gidibermek üçin, özleriň hut duralga golaýda ýerleşdirendiklerine ynandylar. | |
|
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk - 20.10.2024 |
√ Duman daganda: Adalatly bolýançaň güýçli bol - 11.06.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |