22:21 Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy | |
* * * Eýýäm tomsuň ortalaryndan başlap, tä güýzüň ahyryna çenli Murgabyň suwy kenar taşlap, barha içini çekmek bilen bolardy. Bu döwürde ol derýa däl-de ulurak bir ýaba öwrülip akýar. Özi-de hamala süňňüne erk edip bilmeýän ýaly, ýeňsede üstüne abanyp oturan Garabil baýyrlaryna söýenip, oňa gysmyljyrap akýar. Ol şonda ýazdaky gün-günden ersip, hanasyna sygman öňünden çykan ähli zady ýyrtyp-ýylmap öňe düwläp akýan joşgunly Murgaba asla meňzemeýär. Bu döwürde onuň akymy parahat, suwy-da dury. Edaly owsunyp, salyhatly, sapaly görünýär. Şonda onuň olumy öňe dyzanyşyp, ýüzüşip, hezil edişip, çapyşyp oýnaýan ownujak balyjaklaryň oýun ýerine öwrülýär. Murgabyň uly-uly çapraz, lakga balyklaram bolmaly, ýöne olaram aňsat bu döwürde görjek gümanyň ýokdur. Olaryň diňe derýanyň çuň ýerlerinde, läbige gömlüp, gijelerine çykylýan aw-şikara göwün çaglap ýatandyklaryny pikir etmek mümkin. Bu döwürde adamlar derýanyň diňe bir ýalpak, saý ýerlerini saýlap däl, onuň islendik ýerlerindenem atly, düýeli ötüşip-geçişip ýörerdiler. Sürgüne gidenleriň yzyny ýel çalmanka Söýünalyda ýene-de olar bilen bagly ýakymsyz myş-myş gepler örç alyp ugrady. Myş-myşlar ýalan gepe meňzese-de, soňky döwürde olar hasam çyna köp öwrülip ugrapdylar. Iliň bu zatlary nädip bilýänligine hut haýran galaýmalydyr. Ýer astynda ýylan gäwüşese-de bilýän, daýza-habarlaryň bu ýagdaý has gowy işläp ugranlygyny görkezýärdi. Myş-myşlar ýylan bilen duşan ýaly birtopar adamy tisgindirip, üýşendirenem bolsa, olar obada bir topar adamlarda “Kulaklaryň zadyny hökümete geçirýän bolsa gowy edýärler, nä, ömür-baky olar bizden gowy ýaşamaly diýen zat barmy näme?” diýdirip makullama-da tapýardy. Bu gürrüňleriň gapdaly bilen “Beýle bolsa-ha indi Kymyş duzçy ýaly, oba bilen halys bagry badaşanlaram çemin tapsa, paty-putusyny alyp, Owgana ökjäni göterse gerek” diýen ýaly obada şübhe astyna alnan adamlar baradaky geplerem has köpelip ugrady. Bir ýola bu gyşyk gepi eşiden wagty Begendik ussa ussahanasynda onuň jogabyny nagt edipdi. Ol şonda täze ýasaýan piline gulak çykaryp, taraşlap durdy: –E-ýe, ýüki saman hyýalhonjalar diýerler size. Kymyş joramy tanaňyzok, ol bu toprak bilen bile bitendir. “Gaçar, tutular, öýüne talaň düşer. Bize-de ondan bir zat ýeter” diýip, göwün çaglap, şir awuna ymsynyp ýören şagallar diýerler size. Haý, akmak halk, Muhammetgylyç serdaryň gylyç syryp, goran-soran ýurduny, siz onuň nesli bolman, ýagdaýy nädip göz öňüne getirjek?.. – diýipdi. Ussanyň töweregindäki birnäçe adamlar hem şonda ata-baba geçmişlerini ýatlaşyp, ýerli-ýerden onuň gepini makulladylar. Ýöne obada indi ikiniň başynyň çatylan ýerinde şeýle gürrüňler welin köpelmese azalmaýardy. Bir gezek Gurt ýalakdyr Altmyş aga, Sapar daraz – üçüsi şura jaýynyň gapysynyň öňünde irden kemsidiň gelerine garaşyp otyrdylar. Olar: “Täze hökümet-ä ýene-de niýetini bozan ýaly, “kulak” diýlip tirseklenen maşgalalaryň indi galanja zadynam ellerinden gaňryp aljakmyşlar...” diýip, özara gürrüň edişip otyrkalar aňyrdan at säpjedip, garaşylýan Ýagdy şura göründi. Ol at münüp eselip, göterim häsiýetine görä gomasalanyp, hondan bärsi bolup, jylawy deň tutup gelýärdi. Ony görüp, söhbetdeşler bir-birleriniň ýüzlerine seredişip, bada-bat mesawy gürrüňi togtatdylar. Gurt ýalak onuň bolup gelşini kinaýalyrak synlap ýylgyryp oturyşyna öz ýanyndan onuň halyna biraz gözügidijilik bilen pessaý dillendi. –Bol, bol gul ogly bol, adamyň eli gelse, kimem bolsa şeýdip eseläýýän eken. Ýagdy dagy il öňüne düşer diýip, heý, kimiň kellesine gelerdi? – diýip, soň ol onuň oglanlykda bile oýnan döwürleri hiç zatda-da onuň bir ilden saýlanyp barmanlygyny biraz geň galmak bilen ýatlady. Aňyrdan gelýänini görüp, ýaňyrak şuranyň gapysyna gelip atdan düşen jigit ylgaşlap baryp, onuň atyny tutdy. Ýagdy gamçysyny gysymlap, çytylybrak, ýüzüni asyp, satan somlap atdan düşüp durka Gurt ýalak gözlerini ýaňsylyrak erejekledip, deň-duşlarça oňa henek höweslidigini mälim edip gülümsiredi. –Diýseň-diýmeseň, Ýagdy, sen ata dagyn çyksaň, Sary hana-da, Arnageldi baýa-da birhili meňzäberýäň! – diýip, taryplap bada-bat onuň beleňini berip, uguny ýekeläp ugrady. Hoş söz hoşuna ýakyp, muňa öňküdenem biraz eselen Ýagdy oglanlyk ýoldaşynyň gepini höwes bilen dolap alyp, ony öz gepine gatdy. –Eý, Ýalak han, il-ä maňa „Stalin papagyňy dagyn geýeniňde, sen ýoldaş Budýonnynyň gazetde çykan atly suratyna meňzeýäň” diýýär– diýip, özüne göwnüýetijilik bilen, onuň gepine görä gep gaýtarmaga çalyşdy. Gurt ýalak ony Budýonna deňäp gomaldýanyň Hanumadygyny öň eşidipdi. Şonuň üçinem basdaşlarça oňa: "Ýagdy han, onda seni töweregiň öňräk oýnap ugrapdyr" diýip, kem galmazlyk üçin oňa bir ýoknasyzyny aýdasy geldi. Ýöne bu gepi aýtsa, degnasyna degen şuranyň soňra öz saljak ýumşuny bitirmezliginiň mümkinligini ýatlap, ondan gepine görä degerli jogap alandan bolup, dymaýanyny kem görmedi. Gurt ýalagyň göwünetmezçilikli henegine Ýagdynyň barybir eýýäm çeti gyzyp, oňa öz-özünden beleň alyp öjügdi. Ol duranlaryň üstüne burnuny talawladyp, gezelibräk durşuna: –Eý, Ýalak, şu Nurjuma ikiň adama göwnüňiz ýetmän geçjek aslynda... Syry han, ýeneki diýen bolşup. Şol adamlaň nämesi artyk bolanmyş menden? Men islesem, sen ýalakyny ýurtdan çykaryp kowubam bilýän, hä, senem bir gün Handepä aldyryp, bir gowy ýençdirmelimikän diýýärin. Şonda bilersiň, Ýalak, sen meniň kimligimi. Beýle zatlar seniň Sary hanyň elinden ýa gelendir, ýa gelenem däldir. Töwerekde duran adamlar degişmäniň Ýagdynyň çetine degip henegiň çyna öwrülip barýanyny görüp, onuň köşeşmegi üçin, ýerli-ýerden baş atyşyp, ony makullap, ugurragyna sürme bilen boldular. Ýagdy şura elindäki örme gamçysynyň ujy bilen biraz gözüne düşüp ugran papagynyň etegini ýokarrak göterip, kabul jaýyna ýönelen wagty töwerekde duranlar gapdala çekilişip, oňa ýol berme bilen boldular. Gurt ýalak köpmanyly ýylgyryp, ýüzüni sypalansoň, gürrünini öňki hörpünde dowam etdirip, Ýagdyň yzyna düşdi. –Aý, kemsit, ýaňy gümgidene gidirin diýeňde ýadyma düşdi, sen habarlymysyň mundan, Söýünalyda senden bidin çöp başy gymyldaýarmy, eýsem? –Eri, ýeri, çek barmagyňy sokan ýeriňden! Onsoňam men nämäni bilmeýänmişim? Gurt ýalak: –Hökümet indi gulakçylyga çekilenleriň elindäki galan-gaçan zatlarynam toplap aljakmyş diýenem bir gürrüň bar welin, heý, şol ugrunda barmy? Ýagdy gamçysyny elinde oýnap barşyna göwnühoşlyk bilen: –Näme etjegini hökümetiň özi gowy bilýändir. Diýse, şonuň diýenem bolar... Aýagyny göre sokup oturan Kymyş baýyň gapysyna indi at nämä gerekmiş, eşegini goýsalar kaýyl bolsun. Gullar çopanda-da onuň maly bar bolmaly. Aýagyny sallap giden Gully eminiň harazy-da indi hökümetiňki bolar... –Hökümetiňki diýmek seniňki-dä. –Muny bildiň, Ýalak han, hökümet şu gün men. Töwerekdäki adamlara bu badyhowa gepi eşidip, ahmyr bilen hyrçlaryny dişläýmek galdy. Köp wagt geçmänkä il içinde gezýän myş-myşlaryň hakykata öwrülip barýanlygy, hökümetiň Kymyş duzçynyň oglanlaryny sürgüne atarany bilenem kanagatlanman: “Sizi ýene-de bir etjegim bardyr” diýenligi belli boldy. Kymyşlaryň öýi torulmazyndan bir gün öň garaşylmadyk halda Hanuma bilen ýaňyrakdan bäri şuraň hat-petegine kömek berip ugran uzyn boýly Mergen diýen ýigit olaryň gapysynda peýda boldy. Hanumanyň golunda, onuň nämedir bir zatlar ýazarmandygyndan habar berýän kagyz, galam bardy. Olar biraz mundan ozal Gully eminiň howlusynda bolup, onuň emläginden galan-goýan zatlary anyklap, hasaplap hata ýazypdylar. Indem nobat Kymyşlara ýetipdi. Daşarda gyzlary bilen ýüň tüýdüp, sümek-sümek ýüňlere bulaşyp oturan Jemal mama asla garasyny salmaýan adamlaryň öz gapysyna gelýänini görüp, halamazlyk bilen seňrigini ýygrap eşidiler eşidilmez hüňürdedi. –Indi bular nä maksat bilen süssenekleşip gelýärkäler? – diýdi. Hanuma Jemal mama salam berensoň, mylaýymlyk bilen habaryny bermäge durdy. –Mamasy, biziň siziň hojalyk emlägiňiz bilen bagly geçirmeli käbir çärämiz bar! –Ol nämäniň çäresimiş ýene-de! – diýip, bularyň oňlulyga gelmedigini pikir edip, ýüregi çeşip ugran garry nägile boldy. Onýança uzyn ýigit, töwereginde uçup ýören kebelekmidir teneçir ýaly bir zady tutmaga synanyşýan ýaly, goluny salgap gepe goşuldy. –Biz sizi hojalyk emlägiňiz barada anyk hasap geçirmeli. Hökümetiň özüniň talaby şeýle. Onsoň dänim... Onýança-da itiň golaýda üýren sesine hem daşardan eşidilen gümür-sümür gepiň bir ýanyny eşidip, Kymyş duzçy hasasyna daýanyp, öýden çykdy. Eýesiniň öýden çykanyny görüp, ot-suw tamakin at eşek gapdalyndaky üstüne gaňňa atylan kese agaja süýkenip hynçgyryp, gep-üýn alyşmaga goýman, agzyny ýokary tutup aňňyrdy. Malýatak tarapdan eşegiň ýaňyrak tezeklän tezeginiň ysy gelýärdi. Eşek aňňyryp ugran mahaly Jemal mama gapdalynda ýatan ýüň saýýan ýylgyn çybyk-saýgajyny depesine göterip: –Gapylsan-aý, haramölen, şu wagt görensiň-ä eýäňi! – diýip, ozalam hökümet adamlarynyň talap tutuşyp sürnüşine kejigip duran Jemal mama eşegiň bolşuny halaman, oňa igençli käýindi, soňundanam onam az görüp, agtyklaryna buýurdy: –Baryň, bir gysym ot atyň şol gaty eşegiň öňüne, sem ediň ony! Ogulbike mamasy gepini aýdyp bolaryna mähetdel ýeňillik bilen gopup, malýataga howlukdy. Eşek aňňyryp, ile metgi bolup, öz almaly höregini alyp, sem bolansoň, gep-üýn alyşmaga mümkinçilik boldy. Hanuma täzeden öz habaryny bermäge durdy. Ol sürgüne gidenleriň galan engamdyr mallaryny döwlete geçirmeli diýip, ýokardan buýrugyň barlygyny aýdyp, özleriniň şonuň üçinem bu ýere öňünden öýlere aýlanyp, nämeleriň bar-ýoguny anyklap görüp, derňäp-görüp, ýazgy etmelidiklerini mälim etdi. Hanuma özüniň Ahmediň agasydyr ýeňňesiniň öňünde duranyny unutmaýardy, özüni Ahmede dahylly hasap edip, öz gaýynlarynyň gapysyndadygyny, olaryň ýüzüne dogry gözläp bilmän, başa atan ýaglygyny çümreräk bürenip, ýüzüni gizläbräk, gelinlerçe süňňünde gozgalaň tapyp gepledi. Onuň gepiniň äheňinde düşnüksizlik bolsa-da, onda talap ýokdy. Hanumanyň aýdanlaryny göwnübirlik bilen diňlän Kymyş duzçy ilki bir zat diýerli bolsa-da, ýene-de ol öz ýanyndan: “Boljak iş bolup, öý dargansoň, zat indi kime gerekmiş, alsyn näme alsa, dyksyn şony hökümet gowuz ýerine” diýip, kaýyllyk bilen oýlanansoň: “Barlamaly bolsaňyz barlarsyňyz-da” diýip, gapynyň öňünde duran ýerinden olara öýe girmäge ýol berip, ýeňsä çekildi. Emma gelenleri diňläp, zowzanaklap ugran Jemal mama welin geplemän durup bilmedi. Hanumanyň ýüzüni nägile nazary bilen dalap: –Hökümetiň nä, meniň öýümde goýany barmyşmy? Ýa sürgüne berip, bala-çagamy zir-zöwran edenini az görýärmikän? – diýip, nägile bolup hüňürdedi. Ikiýana gaýmalap, gapydan goýbererli däl göründi. Baran ýerinde şeýleräk ýagdaýa duşýany üçin Hanuma muňa darygybam durmady. Dogrusy, raýondan ýörite gelmeli adamlar gelmänkä beýdilmese beýdilmezdem welin, ýöne Ahmede göwni gideni bäri Hanumanyň onuň ýakynlaryna-da nämüçindir elinden gelen delalaty edäýesi geler durardy. Şu öňünden derňew ýazgysyny geçirmegi hem Kymyşlara nepim deger diýen oý bilen, onuň özi toslap tapypdy. Ýagda bolsa şeýle eden ýagdaýynda raýon ýolbaşçylarynyň: “Ýagdy ederini bilýär, hüşgärligi elden bermeýär” diýen tarypa eýe boljakdygyna ynandyrypdy. Ýagdy munuň ýaly ýolbaşçylaryň dagy berekellasyna mynasyp boljagyna gözi ýetse, ol işi nä soňa goýarmy!? Şol günüň özünde ol Hanuma bilen Mergeni bu işleriň ugruna çykardy. Hanuma suw boýlajak ýaly bolup duran ýoldaşyna: “Sen daşarda ýazgy geçiriber, içerini özüm ýazaryn” diýdi. Ol Jemal mamanyň yzyna düşüp, içeri girensoň, sandyklaryň üstlerine galdyrylyp goýlan gat-gat ýorgan düşekleriň öňüne barmagyň ýerine olardan bir ýanrak çekildi-de: “Akgynyň mamasy, rugsat etseňiz, men-ä biraz dyzymy epjek?” diýip, onuň mürehedine hem garaşman, aşak oturdy. Ol öý eýesini mertebeläp, mylaýym gepläp, özüniň ýaman pikiriniň ýoklugyny aňdyrmaga çalyşdy. Özüniň barlagçy bolsa-da, gapydan gelen myhmandygyny hem sypaýyçylykly mylaýym gepläp, garrynyň ýadyna saldy. –Allanazaryň mamasy, suwsapdyryn, babasyndan galan çaýyňyz dagy ýokdur-da? – diýip, ol Jemal mamany özüne öwrenişdirmek islegi bilen ýene-de alçaksy gepledi. Şundan soň öýüň kastyna gelen gelin Jemal mamanyň ýanynda arkasyny tärime öwrüp oturan ýabany towuk ýaly, görmekli, mylaýym zenana öwrüldi. Jemal mama ojagyň başynda duran çäýnegi alyp, ondaky galyndy çaýy bir käsä sarkyryp, Hanuma uzatdy. –Al, gelin, şuny iç, men häzir ýene gyzlara çaý goýduraýyn! –Gerek däl, mamasy. Damagymy öllemäge şu bolar, uzak oturmakçy däl! – diýip, oňa minnetdarlyk bildirdi. Garrynyň öz ýanynda bolmagyny islänligini mälim etdi. Jemal mama Hanumanyň mylaýymlygynyň sebäbine oňly düşünip bilmän, bu ýagdaýa biraz geňirgenibräk, onuň käsä guýan çaýyny içip bolaryna garaşyp, gapdalynda oturdy. Hanuma gepbaşy hökmünde soran çaýyny, juda aňyrsy alyp barmaýan-da bolsa, howlukman owurtlap oturyşyna, birbada matlabyny nähili beýan etmegiň ebeteýini tapman oýlanjyrady. Öý eýesi onuň matlabyna dogry düşünse-hä ne ýagşy? Onuň öýi öň bir talansa-da, henizem halys durmuşa üstüni basdyran garybyň öýi däldigi görnüp dur. Öý içiniň goş-golamy ýetik. Iki öýüň adamlary gidip, olaryň-da galan-goýan goşlary adam ýaşaýan ýeri diýlip, garrylaryň agtyklary bilen bolýan ýerlerine getirilip basylansoň, öý daryşgan görünýärdi. Öýüň duluny tutup duran sandyklaryň üstüne ajarly keçedir ýorganlar gat-gat edilip basylypdyr. Barlagçylaryňam gelse, ilki silkip-silkip aljagy şunuň ýaly zatlar. Dörüljek ýerem sandyklar. Hanuma oýurganyp, ahyram sypaýyçylyk bilen aýtmagy niýet edinen gepini aýlaman, beýleki etmän göni aýtmasa, Jemal mamanyň özüne düşünmejegini aňdy. Hak-u, nähak hökümet tarapyndan tirseklenýän maşgalalaryň adamlarynyň şübhe-gorkusynyň ýetik bolýanlygyny bolsa ol oňat bilýärdi. –Mamasy, meniň-ä size aýtmaly bir gepim bardy! – diýip, Hanuma gürrüňe başlanda, bu gümürtik gepe Jemal mamanyň özüçe düşünenligi belli boldy. Ol: “Oglanlardan bir erbet habar gelen bolmasyn. Bu heleýem şuny aýdyp bilmän, itinip oturan bolmasyn?” diýip pikir edeni üçin, garrynyň kalbyny gubar baglap, süňňi lagşady. Hanuma: –Aganazaryň mamasy, alsaňyz meniň size bir maslahatym bar. Öýüňizdäki goş-golamlaryňyzyň öz ulanjagyňyzdan başgasyny erte barlagçylar gelmänkä, şu gün agşam Ballynyňka ýa-da başga bir barylmajak, barlanylmajak ýere eltip goýuň! Apyla-sapyla sowlansoň, yzyna gaýdyp alyberýäňiz?! Jemal mama Hanumadan nämä garaşsa-da, beýle ýagşylyga garaşmandy. Şonuň üçinem ol ilki gulaklaryna ynanmady. Ähli zady tersine gaňryp ýören şuraň adamlary nire, bu gürrüňler nire!? Ýa-da Kymyş baýyň turup giden rysgal-döwlet ýükli kerweni indi ýene-de yzyna dolanyp ýörmükän?! Hasam ony Hanumanyň aýdan gepiniň öz sürgüne gidenleriniň ajy habary bilen bagly däldigi begendirdi. Nägile halda özüni nobatdaky ýowuz urga taýynlap duran Jemal mama bu garaşmadyk ýagşylygyna duşup, goram-gowşak bolup, nädip sessiz aglap goýberenini-de duýman galdy. Aşak oturyp, gözýaşyny özüne holpugrak bolýan köýneginiň ýeňine syldy. Minnetdar bolup: “Ömür ýamanlyk ýüzüni görmäsiň, gelin, bizi sylany Alla sylasyn!” diýip, adaty ojak başyna öwrüldi. Täze hökümetiň ýagşylygyň nämedigini bilmeýän adamlarynyň arasynda, onda-da Hanuma ýaly ygtybarly ýagşylyk edip bilýän adamlaryň-da barlygyna begendi. Hanuma şundan soň Jemal mamanyň üç sany köneräk keçesi bilen iki ýorganyny orta atdyryp, olary alynmaly zatlaryň sanawyna goşansoň, onuň bilen düşünişip, tirkeşip daş çykdy. Jemal mama Hanumanyň bu janköýerlik bilen özlerine edýän garaşygynyň aňyrsynda bir zadyň bolmagyny güman edýän-de bolsa, ýöne ol heniz Ahmet bilen onuň arasy barlygy barada il içindäki myş-myşy eşitmänligi üçin, onuň nämeliginden habarsyzdy. Şundan soň Jemal mamanyň kalbyndaky şübhedir närazylygyň ýerini minnetdarlykdyr kanagatlanma duýgusy eýeledi. Kulak emläklerini alyp, döwlet hasabyna geçirmegi gurnaýjy topar hem özlerine köp garaşdyrmadylar. Hanumanyň gelip gidenine üç gün diýlende olar topary bilen Kymyş duzçynyň gapysynda peýda boldular. Topar Aman OGPU-dan, iki sany nätanyş ýaragly esgerdir Ýagdy bilen Hanumadan ybaratdy. Birtopar atly-ýaragly adamlaryň ýetip gelýänini görüp, ilki bilen el-heder alyp, “Indi nätsekkän?” diýip, howsala düşen çagalar –Akjagül bilen Ogulbike boldy. Olaryň ikisi-de ýaragly adamlaryň köçeden öýlerine tarap öwrülenlerini gören batlaryna ýylan gören ýaly, inleriniň şowlap, ýalaňaç tenlerine buzly suw urlan ýaly bolup gidenini syzdylar. Olaryň ytygsan ýürekleri bolsa, indi tutulan guşuň ýüregi deý göwrä sarsgyn berip, gürs-gürs edip, gorkuly urýardy. Gyzlar güýmenip ýören öý işlerini duran-duran ýerlerinde galdyryp, ylgaşlaşyp gelip, daşky ojakda ot ýakyp oturan mamalaryny penalap, onuň arkasyna geçdiler. Ýerli ýerden: –Mama, ol artyplar-a ýene gelýär. –Aralarynda şol akgam dagyny äkiden adamam bar-da hakyt... –Mama, indi olar bizem äkitjeklermikän? – diýşip, howsalaly pyşyrdaşdylar. Jemal mama ilki agtyklarynyň galagoplugyny hemişe şeýle pursatda döreýän ýagdaý hasap edenligi üçin, olaryň soraglaryna jogap bermegiň geregi ýok hasap etdi, emma gyzlaryň: “Indi bizem äkitjeklermikän?” diýen gepini eşidip, özüniňem howsalasynyň barha artyp barýanyny duýup, mümkin boldugyndan, agtyklaryny köşeşdirmek üçin ýagdaýyň olaryň göwnüne gelşi ýaly juda bir zabun däldigini aňdyrmak maksady bilen, ýanyp duran odunlary ojagyň törüne ýüzüni tüsseden kese sowup, itiberişdirip oturyşyna: – Gorkmaň-aý, saçy kesilmişler. Bular bizi başyna ýapsynlarmy!? Äkitjeklerini äkitdiler-ä agdaryp, agdaryp... Indi bular öý dökmäge gelýändirler. –Mama, olar näme garakçylarmy? –Aý, şondan oňlam däl şular... –Hanuma ejem-de bar eken. –O-da şolaryň adamsydyr-da näme... Kymyş duzçy tuduň aşagyndaky sypanyň üstüne atylan keçe üstünde aňyrdan gelýänleri görüp, üýrüp garşy alan itiniň adyny tutup kowsa-da, turup olary garşy almaga howlukmady. Toparyň öňi bolup, howla giren Ýagdy golaý gelip, Kymyş duzçynyň üç-dört ädimliginde saklandy. Abşanaklabrak durşuna, başyna ýaňyrakdan bäri mazamlap geýip ugran papagyny çykardy-da, elýaglyk ornunda ulanýan mata bölegini çykaryp, ony papagynyň maňlaý deri siňen ýerine aýlap aldy. Şu geýimleri bilen kybaplaşdyrjak bolandyr-da, aýagyna çokaý çekäýmeli ýalydyram welin, ol tomuslygyna seretmezden, ýalpyldadyp gara ädik geýip, öňküsinden hasam haýbatlanypdyr. Özüniň hakyky Sowet ýolbaşçylarynyň biri bolanlygyna ynanypdyr. Bu gezek ol hökümetiň halamaýan adamyna ezmaýyşlyk etdigim bolar, muny bolsa töweregindäki hökümet adamlary halamaz öýtdümi nämemi, ol hemişe göni gabatlaşylanda, ýaşuly mertebesini saklap, Kymyş duzça berýän salamyny-da bu gezek oňa bermedi. Ýagdydaky bu geýim täzeligini, onuň özüni alyp barşyndaky üýtgeşiklikleri görüp, o-da sypaýyçylygy saklap özüne berilmedik salama “aleýk” aljagam bolup durmady. Gelenleriň ýüzüne, göwnübirlik bilen: „Eli gelen kişilersiňiz, eliňizden gelen ýamanlygy ediň hany, sizden mundan gowa garaşýan barmy?” diýen manyda nazaryny ümürledip, olaryň gözlerine göni gözledi. Ýagdy yzyna gözläp, Hanumany ýanyna çagyrdy. – Hany, okap ber karary! – diýdi. Hanuma elinde düýrläp duran kagyzyny açyp, onuň ýüzündäki haty okady. “Tagtabazar raýonynyň ispolkomynyň kararyna laýyklykda kulak maşgalasy Muhammetgylyç Mülkaman oglunyň öňki ýyllarda garyp gatlagy ezmek ýoly bilen gazanan emlägini elinden almaly we ony döwletiň hasabyna geçirmeli. Çäre mahalynda kulak garşylyk görkezse, oňa ýerinde çäre görmeli...” Onsuzam bu adamlaryň näme üçin geljegine öňünden habarly goja bu pursatda ahmal galmazlyk üçin öz alajyny öňünden görüpdi. Ol Hanuma haty okap, gutararyna mähetdel hatar tutup oturan öýlere tarap goluny salgady. – Näme almaly bolsaňyz, baryp görüň-de alyberiň, men-ä şolaryň köpden bäri içine giribem göremok – diýip, goluny uzadyp, olara ogullarynyň boş galan öýlerini görkezdi. Bu adamlaryň hiç kimi sylap goýmajagy, hiç kime nebsi agyrmajagy belli. Olar Kymyş duzçynyň gapysynda duran ýerlerinde Orazgylyjyň münen atyny, sürgün edilenleriň boş duran altyganat öýleriniň ikisini, ýorgan-düşekden birnäçesini, sandykdan tapylan birki kişilik zenan geýimlerini, gapynyň gapdalynda direnip duran täze hasylyň bugdaýly çuwalarynyň birini hata ýekän-ýekän ýazyp, olary hökümete geçirmeli etdiler. Diňe Ballynyň öýünde bukulan ýorgan-düşekdir ol, bi goş-golamlar aman galdy. Zatlary elinden alnan mahalynda Kymyş duzçy garşylyk görkezer öýdülen hem bolsa, goja olara hiç hili garşylyk görkezmedi, ne-de olara bir zat diýip, özüne yrsaramaga mümkinçilik berdi. Şol günüň ertesi çöle giden topar Gullar çopanyň sürüsindäki Kymyşlaryň barja maýda mallaryna hem talaň saldylar. Çopana diňe agasynyň malyndan tagmasyny üýtgedip, iki-üç sany gurbanlyk, ýenekä gerek maly ogryn-dogryn alyp galmak başartdy. Iki-üç günden Ýagdy şuranyň iberen iki-üç adamsy Kymyş duzçynyň oglanlarynyň döwlete geçirilen öýlerini söküp alyp gitdiler-de, olary şuranyň howlusynyň bir burçuna üýşürip basdylar. Kymyş duzça takdyra ten berip, başa gelenini çekäýmeden başga alaç galmady. Gaty eşegi bilen inisi Ballynyň gazygyna iltän sygrynyň aman galanyna şükür etdi. * * * Gije. Dünýä imi salalyk. Sürgün obaçylygy indi bir wagtdan bäri garaňkynyň boldan tikilen gara köýneginiň etegine çolanyp, süýji ukuda ýatyr. Howada ýeňiljek ozalagşam töwerekde ýakylan oduň ysy bar. Säheriň özi ýok bolansoň, heniz onuň her gün irden ösýän şemalyndanam derek-nowa ýok. Häzir ol bolanlygynda, sürgün obasynyň süňňünden göterilen bu ysy öňüne salyp äkidip, gör, nirelerden çykarardy. Ozalagşam asmanyň o ýerinde, bu ýerinde ýalpyldaşyp, ýyldyzlar görnüşip ugransoň, birsalymdan bir ýerlerden togalanyp gelýän ýaly bolup, Aý hem ol ýerde peýda boldy. Gijäni öňküsinden has-da ýagtyltdy. Özi-de bu agyr gaflat ukudan millet entek-ýentekler oýanmajaga, ýagdaý şu halda ýene-de arsyz wagtlap dowam etjege çalym edýärdi. Hatda häzir türkmenler gelende olary ýat görüp, iki günläp üýrüp bizar eden itiň hem sesi eşidilmeýärdi. O-da bu ýagdaý bilen ylalaşyp, symah bolan bolmaly. Käte ýatanlaryň ileri ýeteginde bir öýkenli adamyň üsgülegi eşidilip, ol häzir ha, onuň agzyna gyzgyn suw tutan bolaýsa, bokurdak giňän ýaly bolup, ýumşaşardy diýip oýlandyrýardy. Mahal-mahalam lagambir ýatan märekäniň bir ýerlerinden ýaş çaganyň yňranyp edýän hyk-çoky, agysy eşidilýär. Ýöne ol agy garry kişiniň üsgülegi ýaly uzak we bizar ediji däldi. Çaga agysynyň gapdalynda ukuly aýal sesi peýda bolanyna köp wagt geçmänkä, ol köşeşmek bilen bolýar. Çarbaý çaganyň öz emmesine ýetenligi belli bolýar. Aýyň ýere yhlasynyň artan mahaly, onuň mylaýym süýtreňk şöhleleriniň adam süňňüne hüwdi ýaly ýakymly täsir etmek häsiýeti bar. Şeýle pursatda adamyň ukusy süýji bolýar. Dartylan damarlardaky ýadawlyk sypalyp aýrylan deý bolup, adamyň ertirki aladalary üçin güýç-kuwwat toplaýan pursady bolýar. Aý her gezek şeýdip, dünýä aýdyňlyk berip, asman gujagynda gelin deý owsunyp, nur bolup gezen mahalynda ol şol ozalagşam gelip gonup, dünýäniň ähli ýerine öz äpet ýazgyn gara ganatlarynyň aşagyna alan garaguşuň bu gün wagtyndan has öň, hä diýmän, uçup göterilip gitjegine ynanýarsyň. Gije garrap goýazlaşansoň asmanyň Aý-ýyldyzlary hem bu pursatda höwes-hyjuw tapyşyp, şuglalanyşyp barha owadan boldular. Ýyldyzlar penje-penje, göwnüňe bolmasa, olar indi ýere-de öňküsinden bir depik golaýlaşana meňzeýär. Ozalagşam dünýäni basmarlan garaňky indem barha töwerek çalaryp, çaň-tozan bolup göterilip, syrylyp-dargap, ýene bir salymdan öz ornuny gijäniň etegini basyp, geljek gündize galdyryp giderli görünýär. Aý bolsa häzir ýalpyldan hasam owadan bolupdyr, ol ýaňyrak ýar wysalyna ýeten, kalby joşgun-arzuwdan doly gelne öwrülip, özüniň töweregini gallaşyp gelýän ýyldyz-gyzlar baş bolup, höwes bilen seýil-seýrana çykan ekabyr ýeňňe gelin bolupdylar. Asmanyňam häzir seretseň, diýseň bir gönençli pursady başdan geçirýänligine ynanasyň gelýär. Gowy arzuw-niýetleriň, buýsançdyr begenjiň kalba ýakymly täsir etmek häsiýeti bar. Şeýle-de bu pursat Aý gelnejäni görelde edip, öňe salan ýyldyz-gyzlaryň öz ýanlaryndan edýän gelin bolmak, goç ýigidiň yhlasyna gowuşmak ýaly höweslerine has-da ersgin berýär. Seýil-seýranda bolup ýören Aýyň bir öwrümde nämedir bir zat bilen gyzyklanyp, günebakaryň Güne tarap öwrülen kellesi ýaly, onuň aşakda sergi bolup ýatan sürgün obaçylygyny üns astyna alanlygy belli boldy. Giden meýdany tutup ýatan sürgün obaçylygy özüniň başly-baratlylygy bilen şu pursatda aýylganç gyrgynçylyk bolan söweş meýdanlaryny ýatladýardy: heniz boýy ýetmedik jaýlaryň keserişip duran diwarlary, onda-munda jemlenibräk goýlan nara-krowatlary, bir ýerde çagasyny emdirip gazarylyp oturan aýal, ýatanlaryň arasynda kimdir biriniň çete çykyp barýan sulbasy, ýeneki ýeneler... Emma bu janly hereketler onuň bu ýeriň söweş geçen meýdanydygy, bu ýatanlaryň bolsa onda pida bolanlaryň heniz ýere berilmedik jesetleridigi baradaky pikirini üýtgetmedi. Aý özüni öwlüýäniň üstünden gelen hasap edip, şu ýere ýetende ürken ýaly bolup bir kürtdürip terpendi. Aý akyp barýan ýaly bolup, şol aýlanyp ýörşüne ýene biraz sürgün düşelgesini ýokardan ünsli synlansoň, onuň öwlüýäni basyp geçmäýin – diýýän ýaly, 31-nji baragyň daşyndan oýtarlap, aýlanyp ugranlygy belli boldy. Ol soňra ýyldyz-baldyzlaryny yzyna düşürip, olary ukuly sähranyň üsti bilen Işimiň oba tarap ýaý berýän egremçesiniň depesi bilen alyp gitdi. * * * 31-nji barakda köp gürrüňi edilen bugdaý oragynyň başlananyna ýaňy iki-üç gün bolupdy. Tutaşyp barýan uruş ody ýaly bu iş barha gerim alýardy. Bugdaý oragy ähli işleriň arasynda iň esasy işe öwrülip, bar bolan ähli güýçler indi şoňa gönükdirilýärdi. Eýýämden gürrüňi az edilmeýän, öňünden gazabyndan eýmenilýän gyş gelmänkä ýetişdirilen hasyly nädibem bolsa isripsiz hem wagtynda ýygnamalydy. Orsýetde, Ukrainada halkyň açlyk çekýänligi baradaky eýmenç gürrüňleriň bir ujy ara uzagam bolsa, resmi däl aragatnaşyk ýollar bilen bu ýerlerigem gelip ýetýärdi. Şadmanowyň adamlardan talabynyň barha güýçlenýändiginiň sebäbiniň bir tarapynda şu ýagdaýlaryň barlygy hem ikuçsuzdy. Baragyň tehniki üpjünçiligem diýseň ýabygorludy, ähli tehnikasy bir kombaýn bilen, birem at goşulyp bugdaý orýan maşyndan ybartdy. Ony-da guratlygyna seredip, 31-nji baragyň türkmenlerden öňki sürgünleri işledýärdiler. Ýöne bu iki maşyn ýeterlik däldi. Şu hörpde işlenilse, Şadmanow her gezek ýygnak edende: “Biz ýagyş möwsümin-ä däl, gyşyň ortalaryna hem hasyly ýygnamaga ýetişmeris” diýip, adamlardan has tijenilip işlenilmegini talap edýärdi. Türkmenistandan gelenler esasan bugdaý toplamak, daşamak işlerine çekildiler. El güýji ýetmezçilik edýänligi üçin, tizden Türkmenistandan gelen aýal-gyzlaryň hem saltman, asgynjagy bolmadyklary bu işe gatyldy. Hasyly ýygnamagy has tizleşdirmek üçin aýal-gyzlary Matweý ussaň ussahanasynda Çary ussaň ýasan oraklary bilen üpjün etdiler. Şundan soň meýdanda zähmetiň has-da joş urýanlygy duýlup ugrady. Sürgünler arasynda polewoýstan ady bilen belli bolan ýer obanyň 12 kilometre golaý uzaklygyndady. Türkmenleri bu bugdaý meýdanlar özüniň giňligi bilen haýran galdyran zatlaryň biri boldy. Onuň doly örüsiniň aňyrsyna çykyp gelmek üçin kombaýna bir gün gerek bolýardy. Şeýle-de, orum-örüsi alys bolanda, sozulyp-süýrenip, onuň yzyny ýygnamak kyn bolýardy. Ýeri çaklaňrak böleklere bölüp, ýygyp ugralmagynyňam sebäbi şu ýagdaýlar bolupdy. 31-nji baraklylar hem bu ýyl adam sanlary köpelensoň, “Gyzyl kerwen” meselesine uly ähmiýet berdiler. Kerwene goşuljak arabalar öňünden aýratyn yhlas bilen guratlanyp, kä biriniň böwrüne: “Watan, gallaňy kabul et!”, “Nanym bar –ýurdum abat!”, “Ýoldaş Staliniň paýhasly syýasatyna şöhrat!” diýen ýaly ýazgylar ýazyp, baýdak göterip, bu güni dabaralandyrdylar. Şol günüň ertesem komendant Şadmanowyň, kolhoz başlygy Reşetnikowyň ýolbaşçylygynda däne ýükli ýigrimi arabadan ybarat kerwen Akmolla tarap ýola düşdi. Orazgeldi hem şonda özüne berlen araba bilen şol dabara gatnaşanlaryň biri boldy. Ähli ýerde bir wagtda “Gyzyl kerwen” gurlany üçin, Akmollanyň däne kabul ediş edarasynyň öňüne märeke şeýle bir kän ýygnanypdy welin, 31-nji baraklylar ýaly ara alys bolup, yzrakda gelenlere, elten dänesini tabşyrmak üçinem iki gün dagy gerek bolupdy. “Gyzyl kerwene” gatnaşyjylar yza gaýdyşyn çagalarynyň halyndan habar almak üçin gijara oba sowuldylar. Bir gün maşgalasynyň arasynda bolmak üçin Şadmanow Akmollada galansoň, onuň arabasynda ol ýere baran Reşetnikow hem däne tabşyrylýan ýeriň howlusyndan 31-nji baraklylaryň soňragy bolup saraýdan çykan Orazgeldiniň arabasynda gaýdypdy. Ol öýüniň duşuna ýetip, arabadan düşen mahaly oňa: “Ertir daň bilen polowoýstana gitme, meniň irden kontorlyk işim bar, soň ýüzugra bu ýerdäki gurluşyk ýagdaýlary bilenem tanyşjak, sen ukyňy al-da, Gün dogansoň geliber. Soň meýdana bile gideris” diýip tabşyrdy. Kakalarynyň gelenine çagalary juda begendiler. Rahmannazar ony görenden “Akgam!” diýip, ylgap baryp, gujagyna özüni oklady. Ýaňy emedekläp ýören Rahmanguly özgeler kakalaryna tarap owsunan mahaly o-da şol tarapa baryberjek ýaly etse-de, kakasyny nirede görenini ýada saljak bolýan deý soňra emedekläp barşyna ýadyrgap, eljagazlaryny ýere diräp kürtdürdi. Haçan-da: “Hany, gel senem!” diýip, kakasy eline aljak bolanda bolsa ol kemşerip aglady. Onuň eýýäm bäş-alty gün görmedik kakasyndan ýadyrgap ugranlygy belli boldy. Orazgeldi maşgalasynyň sag-aman oturanyny görüp begendi. Özi ýok mahaly öýde ýerkek kişileriň başy bolup galýan Allanazaryny tama baglap, atalarça göz astyndan synlady. Onuň gerek bolsa öz ornuny tutjak, maşgala hossarynyň barlygyny pikir etmek hemişe onuň çöken kalbyna teselli berýärdi. Ol çagalaryny töweregine jemläp, Oguljumanyň taýynlan çaýyny içip, iki gysym bugdaýdyr paýlanýan çöregiň galan-gaçany bilen gatylyp taýynlanan çorba-bulamagyndan iýip otyrka, öz töweregine “Bu günlerem geçer” diýip, göwünlik berýän ýaly, telim gün işde bolup, gören-duýan zatlaryny ýatlady: –Biziň kolhozyň ýeri örän giň eken. Söýünalyda-ha däl, tutuş Pendide-de onça ekin ýeri ýokdur. Reşetnikow dagam ekip bilen meýdanyny ekipdirler. Hudaýa şükür, şeýle bir boldumly hasyl ýetişipdir welin, gözüňe söweýiniň her dänesi guş gursagy ýaly, atyp sanabermeli – diýip, buýsançly aýtdy. Oguljuma indi köpden bäri adamsyny şeýle tamaly ýagdaýda görmänligi üçin, onuň umytlanmagyna begendi. Ol ýene-de oňa öňküsi ýaly ruhubelent, hojalyk işleriniň ugrunda bolup, bitelik edip, göz guwandyryp ýören söwer ýaryny ýatlatdy. Oguljuma: –Şeýdip birneme hasyl bolsun-da, hernä, aç-ýalaňajyň bagtyna – diýip, ol hem adamsynyň ynamly halyny özüçe buýsançly goldady. –Bolar, enşalla – diýip, Orazgeldi hamala ýat birine jogap berýän hörpde ynamly gepledi. Oguljuma Kymyşlara hele-hüle zadyň bu tamaly sözleri aýtdyryp bilmejegini bilýärdi. Şonuň üçinem ol bu ýerde öz pikir edip, göz öňüne getirişindenem uly hasylyň öndürilip ýetişdirilendigine ynandy. Öz tebigatyna mahsus agrasdan gelen salyhatlylygy bilen tama, dilege berlip oýlandy. Maşgala şol gün ertirki bol çörek bilen bagly ýakymly, islegli duýgulara berildi. Sürgünler ilki geçen ýygnakdan soň, mümkin boldugyndan, obada öz ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň ugruna çykypdylar. Matweý ussanyň ýolbaşçylygynda eli hünärli ussalar indi gijesini gündiz edip, gurluşyklarda işleýärdiler. Türkmenleriň arasyndanam Çary ussa, Beki Seýitmyrat, Berdi murt ýaly bäş-alty sany eli hünärli adamlar kiçi toparlara ýolbaşçylyk edýärdiler. Derýa golaýda bolsa-da obanyň öňki ilaty agyz suwuny guýudan alyp içýän eken. Bu giden adama ýeke guýynyň suwunyň ýetmejegi göz öňünde tutulyp, obaçylygyň dürli ýerlerinde ýene-de iki sany guýyny hem gazmagyň ugruna çykylypdy. Geçen ýyl gurlan çörekhanany giňeltmek üçin ilkinji nobatda onuň gapdalynda goşmaça gurluşyk başlanyldy. Adamlaryň ýalazy meýdandan-a gowudyr diýlip getirilip, gabalan üsti açyk atýatagy hökmünde düýbi tutulan, depesi açyk, heniz gurluşygy gutarylmadyk ýerinde hem bada-bat abatlaýyş işleri başlanypdy. At ýatagyny belli-belli ýerlerden bölüşdirip, örüläýmeli ýerlerine kerpiç örüp, biraz giňär hem belli bir derejede ýaşaýyş ýerine meňzär ýaly, onuň içine tagtadan ýasalan üç gat narylar goýmaga hem girişilipdi. Ýene-de sürgünler ýaşaýyşlaryny birazam bolsa ynsan ýaşaýşyna meňzetmek üçin, ellerinden gelenini etmäge taýyndylar. Ýöne bu meselede ellerinden gelmejek hem badyňy keç edýän zatlaram az däldi. Jaýyň üstüni ýapmaga pürs gerekdi, kolhoz öz atýatagyny gurmak üçin telim gezek bu meselede degişli ýerlere haýyşnamalar bilenem ýüzlenipdi. Obanyň üpjünçiligi bilen meşgullanýan Sergeý Karatow indi at tezegini guratman, Akmolla gatnap, pürs getirmegiň ugrunda bolup ýördi. Pürs gelerine garaşylyşy ýaly-da kolhoz ýolbaşçylarynda, onuň bir gün özleri üçin ýakyn demir ýol duralgasy Kaşikowa getirilip döküljegine bolan ynamlary-da bardy. Şonda ony arabalar bilenem, traktora süýredibem daşamaly boljakdyklaryny pikir edilýärdiler. Obaçylykda iki-üç gatly narylaryň türme durmuşyny ýatladýanlygyna seretmezden, olaryň iki-üç maşgalany aralabrak, keserdilip goýulmagy Gully emin ýaly ýaşulular onuň münüp-düşmesini halamaýjak ýaly hem bolsalar, gaýta olar muny hiç neneňsi görmediler. Orazgeldi dagy obadaşlar, ildeşler bolup, bir syrgynrakda ýerleşipdiler. Onuň sag tarapky goňşusy Gully eminler bolup, Orazgeldi öýden örňeýän günleri Gully emin bilen, olaryň hersi aralykda keserdilip, ýanaşyk goýlan narylaryň bir gatynda ýatardylar. Gully eminiň narany erbet görmediginiň ýene bir sebäbi, bu ýer täze hökümetiň adamlaryna görünmänräk, ogryn-dogryn namazyňy okamak üçin amatlydy. Ýogsam namaz okaýanlygyny hökümet adamlary görseler, munuň olara: “Men-ä ýene Taňrym bilen” diýen ýaly, diýleni bilen bolman, tersine gaňryşma boljakdygy seresaplyk bilen pikir edýärdi. Hökümetiň bolsa ýeňibilmez ýagysynyň biriniň Hudaýlygyny bilýänligi üçin, ol bu ýerde namazy başyny etegine salyp okaýardy. Gully emin Türkmenistanyň özbaşdak respublika diýlip yglan edilen günleri döwlet başyna hem Atabaýew ýaly öz tanaýan gujurly, akylly-başly adamynyň geçmegine az begenip, buýsanmandy. Şol günler ol: “Türkmen agaň başyna ahyrsoňy bagt guşy gonaýan bolsa gerek, ykbalymyzy Taňrym Gaýgysyz ýaly dogumly il ogluna ynanmagy hem şoňa meňzeýär...” diýip, kalk içinde buýsançly gürläpdi. Emma onuň bu begenç-buýsanjy uzaga çekmändi. 1929-njy ýylda basa-baslyk başlanansoň, ol hem “Eziji synpyň wekili” hökmünde obadan ýygnananlaryň biri bolupdy. Barybam Daşkent türmesinden çykypdy. Köp sorag-gynamalaryndan soň olam atuwa garaşýanlaryň kamerasyna salnypdy. Ýöne şol günleriň birinde “Atabaýew Daşkent türmesinde ýatan türkmenleriň halyndan habar almaga gelýämiş” diýlip, myş gürrüň ýaýranynyň yzysüre bir gün türkmenistanly bendileri aýratyn bir ýere ýygnapdylar. Şeýle-de bolsa olar bu gepe tä Atabaýew töweregi birnäçe adamly gelip, öňde ýörite goýlan üsti gyzyl mata örtükli stol başynda peýda bolýança ynanmadylar. Bendiler ony soragly, agyr ýüz bilen garşyladylar. Atabaýewiň töweregindäki adamlaryň türme naçalniginden özgesi bendilere nätanyşdy. Ýöne geýnişlerinden olaryň hem ýokary wezipelerde işleýän, derejeli ýolbaşçylardygyny pikir etmek mümkindi. Atabaýewiň töweregindäki bu adamlar şonda türkmenistanly bendilerde onuň bilen açyk gürrüňiň boljagyna şübhe döretdiler. Eýsem-de bolsa, ýeňsäňde OGPU işgärleri özleriçe her aýdylan sözüň manysyny tirip: „Bir ters gep bolmazmykan?” diýşip, awunyň golaýlaýanyny duýup, göwün çaglap garaşýan syrtlan bolşup otyrkalar islegli gürrüňçilik nireden boljakmyş?! Emma şeýle-de bolsa geljekde bu duşuşygyň bendi ykballaryna nähili täsir etjekligi näbelli bolsa-da, ýurt ýolbaşçysynyň hossar çykyp, öz yzlaryndan gelmekligi bendileriň çöken göwünlerini belli bir derejede galkyndyrypdy. Atabaýew ör galyp sözlärmen bolan wagty bir salym ara agyr ümsümlik düşüpdi. Bu pursatda diňe gözler bilen gözler gürleşipdiler. Ol köräp ýanýan müň soragly gözleriň öňünde durar dagy eder ýaly däldi: “Gaýgysyz Atabaý, hany: “Özbaşdak bolduk, indi öz elimiz, öz ýakamyz bor” diýipdiň-ä sen?.. Biziň bolsa ýakamyzy OGPU eline tutdurdyň. Hany seniň indi ol wadaly gowulyklaryň?”, “Kremel näme saz çalýan bolsa, senem şoňa aýak goşýan bolmaly... Häý, Sowetler bir ele alansoň, ýakaňy sypdyrmy? Ol seniň halkyňy başyna ýapsynmy? Öňki baýarlara gerek bolşy ýaly, bulara-da sen däl-de, seniň malyň, ýüňüň, pagtaň, baýlygyň gerek”, “Azatlyk bermek“ diýmegem hile-alyň töwereginde bolýan onuň boş mylaýym gürrüňi bolmaly”, “Jüneýit, ýaragy tabşyr diýeňde tabşyrman, serhedi böwsüp gidipdir. Dogry eden eken, ýogsa o-da häzir biziň aramyzda bolardy. Ýa eýýäm atylyp, owarra edilip goýberilerdi”, “Bizi basyp, beýdip horlamakdan bolşewigiň näme utýan zady barkan!?, “Ber, ýurduň habaryny ber, aldy-la onuň küýsegi”. Gaýgysyz şol ýüzläp özüne gözleýän soragly gözleriň öňünde öz sözüni türkmençiligi saklap, salam berip-aleýk almakdan başlady. Ol hamala oturanlaryň ýüregini, olaryň ýurtda-yzlarynda ýas baglap galan bala-çagalaryny, bu görülýän görgüleň arasy bilen juda küýsändiklerini bilýän ýaly öz gürrüňini Türkmenistan bilen bagly soňky döwür täzeliklerinden başlady. Oturanlara ýakymly bor diýen tama bilen geçen ýyl meýdanlarda gowy hasyl bolup, bu ýylam oňat hasylyň ýetişip gelýänligini, täze onlarça mekdepler açylyp onda çagalaryň okadylyp, ylym-bilime çekilýänligini, ýer sürýän traktorlaryň köpçülikleýip gelip ugramagy bilen, ýerleri sürmek işiniňem barha giň gerim alyp ýeňleýänligini, ýene-de ýurduň hal-ýagdaý, durmuşyna degişli maglumatlar aýdyp, ençeme mysallar bilen öz sözüniň üstüni ýetirdi. Haçan-da ol daýhançylyk barada gürlän mahalynda oturanlaryň köpüsi oý-pikirlerinde özleriniň alysdaky tagallyk ýerlerinde ekin hyzmatynda bolup, bugdaýyny orup, pagtasyna suw tutup ýören halda gördüler. Olar şu pursatda bir salymam bolsa hemişekileri ýaly işden soň ýene-de öýlerine–maşgalalarynyň arasyna dolanyp barjakdyklaryna hem ynandylar. Atabaýewiň gürrüňiniň soňy onuň isleýşi ýaly, sorag-jogaba öwrüldi... Şonda Gully emin aga-da turup, oňa sorag berenleriň biri bolupdy. Ol paýhasly adamlara mahsus tap bilenlik bilen, sorag diňleýäne birbada kyn sorag berip, ony töweregindäkileriň ýanynda kyn ýagdaýa salmaz ýaly edip gürlemäge çalyşdy. Soramakçy bolan zadyna gepine öwrüm berip, mylaýymlyk bilen golaýlaşdy. –Ýoldaş Atabaý Gaýgysyz, ilki bilen-ä hossar çykyp, bizi idäp geleniňiz üçin sag boluň! Respublikada bolan özgerişikler barada eşidibem diýseň begendik. Mundanam beýlägem işleriňiziň has ilerläp, halka bähbitlisi bolsun hernä... Gully emin Gaýgysyz özüni tanan däldir öýtse-de, ol-da tanapdy. Gaýgysyz ony gören mahaly bugdaýreňk adamyň ýüzüniň gögerip, garalanyny görse-de, kümüş sakgalyň ýerini juw-ak sakgal eýelän-de bolsa, gözler onuň şol Pendide bolanda gören agras-parasatly goýun gözleridi. Idegsiz sakgal-murt ýüzi eýelänsoň, onuň öňki at ýüzi biraz öwrüm alyp, halkalanybrak görünýärdi. Şeýle-de ol türme diýdimzorlyklaryna sezewar edilen köne tanşynyň saralyp-solup, has garran ýaly bolanlygyny hem gördi. Gully emin bolsa onuň Söýünala Akynýaz baý bilen dost-ýar bolşup gezişini, soňra duşuşyp, özi bilenem pisindi alşyp, halkynyň aladasynda bolmagy oňarýan adam hökmünde gatnaşykda bolmaga döwtalap bolan günlerini ýatlady. –Ene bir barmak büküp diýjegim, täze hökümet bilen biz –oturan bendileriň arasynda bir ýakymsyz özara düşünişmezlik bar. Gyşyň ümür-dumany ýaly, özi-de ol wagty bilen entegem biziň depämizden syrylarly däl. Ýogsam biz ne täze hökümete ok atanda bar, ne-de edeniň bolanok diýip, onuň öňünden çykanlaryň arasynda. Şeýle-de bolsa onuň şol bizi duşman okunyp, gidip oturyşy. Aramyzdan adamlary sogrup-sogrup äkidip atybam durlar... Geçmişde barly bolup ýaşanymyz üçin günäkär hasap edilýäris. Atabaýew gyzyklanma bilen bendileri synlap, gernibräk gürrüňe beýemçilik edip oturyşyna birki ýerde Gully eminiň sözüni keserli bolsa-da kesmedi. Onuň gepiniň mazmuny barada oýlanyp, soňra berjek jogabyny peýledi. Gully emin näme diýse-de bu onuň: “Aý, gardaş Gaýgysyz, döwlet gurup, töweregiňe ýaran toplanyňda ile Sowet hökümetiniň adyndan gaty uly gowulyklar wada beripdiň, hany olar? Kremel türkmeniň tohumyny tüketmegiň ugruna çykan bolsa, bir gün sizedem-ä nobat ýetse gerek. Bu gabahatlygyň öňüni almaga hany wagt bolar ýaly dälmi? Ýol kesmeli adam-a sen, türkmen saňa bil baglaýar, ýa senem “Namartja olam, sagja olam” edip, özüňe degmeseler kaýyl bolup ýörjekmi şeýdip, ýöwselläp, halkyňa jüri dikildi, burny sykyldy...” diýen armanly ahmyr duýulýardy. Gully emin gürrüňini gutaransoň, Atabaýew ilkinji gepinden ony tananlygyny mälim edip gürledi: –Gully aga, her hili ýagdaýlaryň barlygyndan bizem, elbetde, belli bir derejede habarly. Biz öz gezegimizde ýerlerdäki ýagdaýlar bilen Moskwany-da habarly etdik. Tizden ol ýerde şu meselä bagyşlanan ýokary derejede döwlet ýolbaşçylarynyň ýörite maslahaty boljak. Onda bizem hasabat-ýagdaýlar bilen çykyp gepläris, häzirem men şol boljak ýygnak-maslahatyň öňüsyrasynda, ine, sizden habar alaýyn diýip şu ýere ýörite geldim. Bu ýerde bolan gürrüňçilik, gören zatlarymyz bize ol ýerde anyk gürrüň etmäge mümkinçilik berer... Onuň gürrüňi şu ýere ýetende oturanlar ýerli-ýerden: –Bir bähbitli maslahat bolsun-da, hernä. Belki, patyşa kalbyna Taňry rehimdarlyk salsyn-da, hernä – diýen galkynyşly, basyksy gürrüňler eşidildi. Atabaýew gürrüňiniň soňunda ýene atuw jezasyna dolandy. Gully eminiň ýüzüne dogry seredip: –Gully aga, indi atmazlar? Galyberse-de, hökümet bu işlere ýakyn günlerde täzeden seretmegiň hem ugrunda – diýdi. Dogrudanam, 1930-njy ýylda Staliniň kolhoz gurluşygynda goýberilýän ýalňyşlyklar barada “Üstünlikden başy aýlananlar” atly çykyşyndan soň, az wagtlygam bolsa daýhanlara edilýän hüjümler gowşadyldy. Atabaýew bilen bolan duşuşykdan soň, döwlet syýasatyna düşnüksiz ýumşaklyk aralaşan pursady Gully emin hem türmelerden goýberilen adamlardan biri bolupdy. Ýöne eýýäm ýene 1932-nji ýylyň başyndan täzeden as möwjäp ugran ýanamalardyr yzarlap saýrykdyrmalar Gully emini hem öz tolkunlarynyň bady bilen göterip getirip, bu ýerlerden çykarypdy. 31-nji baraga gelensoň, ol bu gezek tanşy Atabaýewiň ömürboýy ajy doýrup, ýalaňajy ýapyp, ile eden öz ýagşylyklarynyňam il içinde ýagşylyk etseň, ol bir gün bolmasa, bir gün öňünden çykar diýlen ynam bar-da bolsa, helebärde onuň öz öňünden welin çykyp, arkasyny almajagyna göz ýetiripdi. Ol indi Takdyra ten berip, täze ýaşaýşa garylyp atylmaga ymtylyp, maşgalasynyň uly böleginiň öz töwereginde barlygyna şükür edip ýaşaýardy. Orazgeldi irden namazlygyň üstünde Alla sygnyp, doga sanap oturan goňşusy Gully eminiň samyrdy-pyşyrdysyna oýandy. Töwerek ümüş-tamyşdy, özi-de wagt, pursat depjäp, barha açylyşmakdyr ýagtylmak bilendi. Orazgeldi gözüni ýokarsyna dikip ýatyşyna Gully emin bilen salam-helik alyşmak üçin onuň namazyny okap bolaryna garaşdy. Soň tirsegine galyp, uklaşyp ýatan özüniňkilerden habar alyp, gapdalyny gözledi. Onuň golaýynda hemişe ejesini, emmesini jigisi Rahmangula aldyrany bäri kakasyny has eýemsirenip gujakda ýatýan Rahmannazar myşylap, dünýäden bihabar aýajyklarynyň hersini bir ýana atyp ýatyrdy. Beýlekiler bolsa ondan aňyrda hatar tutupdylar. Orazgeldi nämüçindigini bilmese-de, beýleki çagalarynam ondan kem görmeýänine ynansa-da, gujagynda ýatýany üçinmi nämemi Rahmannazary bir ýere gitse, has köp küýsäp ýatlaýardy. Şonda her gezek Rahmannazaryň süňňüne mahsus çyrşakdyr belli bir derejede oňa gatylan ýakymly çaga ysy hem müşk bolup burnuna uran ýaly duýgy döreýärdi. Uzakly gije görk-görmegi bilen şugla saçyp, bereketli nurana ýüzli gazak zenanlaryny ýatladyp, dolup asmany gezen Aý töwerek agardygyça indi öz täsirini ýitirme bilendi. Reňkini öçürip, barha symgylt bolup görünýärdi. Orazgeldi şol barmana özüniň çagalar heniz oýanyp-oýanmanka gitmelidigini, düýnki aýdylan ýere wagtynda baryp, Reşetnikowy garaşdyryp lekgetmeli däldigini ýadyna saldy. Bu pikir onuň özi-de duýmazdan, biri elinden çeken ýaly bolup, turup-oturmagyna sebäp boldy. Ýogsam ol Gully emin namazyny okap, dogasyny sanap bolýança entekler synçy bolup ýatmakçydy. Bary bir Gully eminem şundan soň özüne köp garaşdyrman, namazlygyň üstünden turdy. Orazgeldi mertebeläp, oňa salam berdi. Gully emin donunyň astyndan guşanýan guşagyny biline aýlap guşap oturyşyna “Hä, sag-aman geldiňmi?” diýen manyda göwünjeň onuň ýüzüne gözläp: –Orazgeldi, sag-aman örlediňizmi? – diýip, onuň salamyny aleýk aldy. –Şükür! –Biz düýn giçlik işden gelenimizde sen ukuda ekeniň. –Üç gün dagy gijesi ýok, gündizi ýok, aýak üstünde bolunmaly boldy-da. Gaty ýadalan eken. –Şeýledir, sarsman ýatdyň. Ýeri, onsoň däne oragynyň ýagdaýy nähili? –Aýak aldygyna däne oragy dowam edýär. Traktor bilenem ýygylýar, ata goşulan ot orujy bilenem. Wah, olaram bolsa bir-iki-dä. Şolar bir köpräk bolan bolsady. Obadan saltman aýal-gyzlarym eltip, ony birýan çetinden el orak bilenem orduryp ýörler. Özümiziňkilere bugdaý oranda nähili ýarag gerekdigine, ony nädip ýasamalydygyna bolsa Çary ussa belet. Ol iki-üç sany demirçi ors ussalary bilen sanlyja günde gerek oraklary türkmenorak edip ýasap berdi. Gully aga, bugdaýyň ýerligi bol. Barsaň tutuş dünýä bugdaý bolup ýatyr, aňyrsyna-bärsine göz ýetenok. Kombaýn onuň o başyndan bu başyna gün içinde zordan bir gezek gidip gelmäge ýetişýär... –Uly eken. –Biziň geljegimizem bilen ýaly bugdaýy köpem ekipdirler. –Erliginde meýdanda däne bolsa, onuň ýygnalmagyňam bir alajy tapylar. Ekileni gowy iliň bagtyna. –Reşetnik ederini bilýän adama meňzeýär. –Şeýle bolsun-da hernä. Il öňüne düşýän adama hemişe-de gaty köp zatlar baglydyr. Müň işçilen bir başçy diýilmänmi näme? Türkmen orakçylarynam işe salyp gowy edipdirler. Äkitseler, öz oragymyz bolsa, men ýalagam orjak-da eslini... Orazgeldiniň haýransyz däne hasylynyň ýetişdirilenligi baradaky gürrüňüniň öňem bu barada gulagyna degenligine seretmezden, Gully emine ol barada ýene-de bir gezek eşitmek ýakymly boldy. Ol öňünde ýatan namazlyk edip ulanan donuny toplap alyp, howlukman onuň ýeňlerine gezekli-gezegine, ellerini sokup geýip oturyşyna alysdan görünýän ygşyldap oturan bugdaýly meýdany synlaýan görnüşde başyny göterip, esli wagtlap dymyp, oýurganyp, sürgün obaçylygynyň üstaşyry, aňyrlygyna bir ýerlere seredip oturdy. Bir haýukdan bolsa ol bu bol hasylyň adam baryna ýagşylyk boljagyny, onuň kyn günde özüniň ýeten ýerleriniň hemmesinde adam baryny açlyk belasyndan alyp galmagy gabryň gyrasyndan alyp galmak boljaklygy barada tamaly oýlananlygy belli boldy. Ol: –Doga bidöwlet-ä däldiris. Nan bolsa, başga ähli zadyň bir alajy bolar – diýip, eşiden gürrüňinden kanagat tapma bilen dillendi. Hatda ol hoş bolup, sähelçe agzyny açyp, seýrek sakgalynyň ölçegini alýan deý ony gysymlap, oýa berlip oturyşyna myssa ýylgyrybam goýberdi. –Size bu ýerde näme işler etdirilýär, Gully aga? –Men kerpiç guýýanlaryň ýanynda, Hudaýberdi, Allan Hally, Reýim ýaly degenekler-ä kerpiç guýýarlar güpledip-güpledip, bizem Seýitmyrat bar, Kakaly bar, Orazdurdy ahunyň agasy bar, şolaryň guýan kerpiçlerini agdarýas, Güne guransoň basýas bir ýana, onuň şol guranlaryny Matweý ussaň adamlary gelip äkidibem durlar. Goňşular özara pikir alşansoňlar, işleriň ugrugyp gidip barýanlygyny barada bilmek olaryň ikisinde-de gowulyk bilen bagly arzuw-tamalar döretdi. Dowamy bar >> | |
|
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -4: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |