10:25

Ömür geçip barýar

Edebi makalalar
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 771 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Korolewa Marguş  
Ahmet Halmyrat açyk hatdan netije çykardymyka )

0
2 Bagabat  
43
"Atmosfera" diýen söz bar. Edebiýatyňam ösmegi üçin atmosfera gerek. Osman aga pahyr: "ýazmadyk günüň bihudadyr" diýipdi bir gezek. Ýöne ýazmak üçin hyjuw gerek, atmosfera gerek. Edil "Perman" romanynda Gökdepe galasynyň gurulýan wagtynda onuň diwarlaryny özara oýun gurnaýan jahyllaryň depeläp-depeläp zynç berk edişi ýaly, her bir ýazylan zat özara seljerilse, "hil" diýen düşünje edebiýatda täze derejä çykarmyka diýýärin. Ine şu Osman aganyň Ahmet aga ýazan hatyndaky ýaly. Powestiň seljermesi poweste barabar. Özem hakykatdan hem ugurdaş, ýoldaş adam özi bilen "ýoly bir adamyň" bähbidi üçin, şonuň üsti bilenem tutuş edebiýatyň bähbidi üçin wagtyny, zähmetini sarp edip işläpdir. Galam haky, ykrar etdirmek, ýaranmak, goldamak, ar almak ýa-da ş.m. "mak-mek"-ler üçin däl-de...

0
3 Bagabat  
43
Özem bu açyk haty ýazýan awtor ony diňe bir niýetlenen adamsynyň däl, eýsem geljekde-de. başga gyzyklanýanlaryň hem okajakdygyna ynam bilen zähmet çekipdir... Şol okaljakdygyna ynam gerek.

0
4 Bagabat  
43
Edebiýat ylmynda "Tankytçy ýazyjydan (şahyrdan) iki esse ylymly hem taýýarlykly bolmaly" diýen aksioma bar. Bizde welin eseri tankyt edýän murtuny palta çapmaz kişileriň aglaba köpüsi edebiýatyň nämedigini, onuň nazary esaslaryny daş-gulakdan eşiden adamlar, ikinji bir topar tankytçylar bolsa hasam köp-ýüz görüp gapyrga syrýanlar. Maksat ýazan adamyň ýazylan zatdaky kemçilige ünsüni çekip, ony has gowy (maksadalaýyk) düzetmegiň ýoluny salgy bermek däl-de, bähbit gazanmak ýa-da öz duýgusyny gyjyklamak.

0
5 Bagabat  
43
Ýöne, şeýle edebiýat tankytçylary hem ýok diýen ýaly, ruslarda bir düşünje bar: "тишина как в погосте" diýip...

0
6 Bagabat  
43
О! "Стороны пришли к консенсусу, и выработали решение приемлемое для всех сторон обсуждаемой проблемы" diýip diplomatlar şunuň ýaly ýerde kommýunike bilen çykyş etmegi bijaý halaýarlar... Ýüz ýyldan soň baha bermek hakynda bolsa bir özümiň hemmelere mälim bolmagy ahmal syrymy aýdaýyn. Edebiýatymyzda 20-nji asyryň ahyrynyň hem-de 21-nji asyryň başynyň iň ajaýyp kyssaçysy hökmünde Kömek Kulyýew ykrar ediler diýip pikir edýärin. Kömek aganyň eserlerine ýekeje ýetmeýän zat, ýörgünli dünýä dillerine olary ähli şirinligi bilen terjime edip biljek terjimeçi.

0
7 Bagabat  
43
Belinskiýniň ady dakylan köçä Aşgabatda-da bardy. Teke bazarynyň gapdalynda. Ýöne dogrusy, Belinskiýniň ýazan tankydyny makalalary hakykatdan hem edebiýat ylmyna goşulan önjeýli goşant, emma onuň käbir işlerinde seljerilýän meseleden daşlaşyp gitmegi içiň ýakýar. Birhili käbir ýerlerde alyp gaçýar.

0
8 Bagabat  
43
Ýene-de bir bellemeli zat, bu ýagdaý, edebiýat tankytçylarymyzyň derejesiniň pesligindenem däl-de, göwne geleni taraşlap şagladylmaýanlygyndan bolmagy hem ahmal.

0
9 Bagabat  
43
Saýlaw agany gaty dogry agzadyňyz. Bijaý güýçli edebiýatçylaryň biri eken. Hasam "Saýgaklary" okanyňdan soň onuň edebiýatyň proza žanryny nähili gowy syzyp bilendigine düşünýärsiň.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]