01:06 Oñat ideýa / satiriki hekaýa | |
OÑAT IDEÝA
Satiriki hekaýalar
Men arada, saý-sebäp bilen, senariý bölümine salama bardym. Ýanymda, ujypsyzam bolsa, öz zehinime, ykybyma, başarnygyma laýyk sowgadym hem bardy. Men ol sowgadymy senariý bölümine eltip bermekçidim. Çekine-çekine, ahyry bölüme bardym. Hawa, takyr kelläme bir kiçijik ideýajyk gelipdi-de, menem şony şapbat ýalyjak kagyzyň ýüzüne ýelmäýipdim. Maşynka bilen ýazsaň-a, ol kän bolanda ýarty sahypa ýaly ýer tutjakdy. Oňa entek, dogrusyny diýsek senariý diýibem boljak däldi. Ýaňky çyrşan zadyma diňe ideýa diýseň, hakykata dogry geljek ýaly bolup dur. Hawa, şeýlelik bilen men özümiň «Ýataşärikler» diýen ideýamy senariý bölümine eltdim. Bu ýerde senariniň spesifikasyna ezber, sakgally-sarmykly işgärler zenanmy, erkekmi, eger-eger daşyndan tanar ýaly däl täsin modada geýnen adamlar, agzyndan girip, burnuňdan çykjaklar bardy. «Kelläme bir oňatja ideýa geldi-de, şony bir tagta kagyza geçirdim. Gel, şujagazy senarä çulum bolan spesialistlere görkezeýin diýdim. Eger döwrüň talabyna kybap gelse hödürläýin diýen niýet bilen geldim» diýip, men spesialistleriň bölümindäkilere ýöwsellik bilen ýüzlendim. Maňa jogap beren bolmady. Sebäbi senariý bölümi küşt başynda ekeni. Goh gowur, şakyrdy, ses-üýn alyşdyrar ýaly däldi, çilimiň tüssesinden ýaňa adamlary saýgarmak kyndy. — Ýer-ow, Garri Kasparow, myhmanyň habaryny alsana — diýip, başy beretkaly, ter gara sakgaly döşüni ýapyp duran ýigit gara gözlerini oýnakladyp, küştüň pyýadasyny göçdi. Ýanyndaky ýaşuly, çal saçyny gara boýadan adam: — Ine, myhmanyň habary, Karpow han — diýip, garşydaşynyň iki malyny aldy-da, beýläk oklady. — Aý, Garri han, entek sen ýaş bolýaň — diýip, döşündäki syh-syh bolup duran çalaran gyllaryny barmagyna sarap oturşyna ýene bir pyýadany gütüledip göçdi. Men bu ýerde on-on bäş minutlap dagy oýna üns bilen seredip oturdym. Çigorin, Nenapokow, Tal ýaly atlar köp tutuldy. Ahyrynda meniň habarym alyndy. — Han ogul, sen senariçilik fakultetiniň näçenji kursunda okaýaň? — diýip, saçdyr sakgaly bir-birinden pes oturmajak bolşup, ýaryş esasynda ösen biri maňa sowal berdi. Jogabyna garaşman: — Ýok, munyň bolanok, bir aşyk — diýip, ol çürt-kesik aýtdy-da şasyny öňe süýşürdi. Aňlaýşyma görä, bu ýigit eke-tokarak bolarly. Onuň adyny Çakan serdar diýip tutýardylar. — Çakan serdar, munda oňatja ideýa bar ýaly-la? «Ýataşärik» diýen adynyň özi bize gowy pikiri ýatladýar ahyry — diýip, jinsi jalbarly, depe saçy düşen, ýüz-gözüni sakgal-murta basdyran bir pyýada pilini öňdäki öýe süýşürdi. Bu redaktor ekeni. Oňa Pökgi Weliýew diýip ýüzlenýärler. — Pökgi wala, ojagaz ideýajyk hiç zadyň alyndan däldir — diýip, Çakan serdar perzisini çepdäki öýe geçirdi. — Özümiz eýlesine-beýlesine kakyş-kukuş ederis weli, allanäme senariý bolar durubir. Ýogsamam bize taýyn zat gelesi ýok. Awtoryň ýanyna goşulmasam bolmaz — diýip, Pökgi Weliýew garşydaşynyň pyýadasyny urup ýatyrdy. Gepiň gysgasy, meniň ideýama redaktor bir paý, pežissýor iki paý boldy. Ilki redaktor öz adyny ideýanyň ýokarsyndan ýelmedi. Soňra onuň aşak ýanyndan režissýor öz familiýasyny patylatdy. — Bu-da meniň özüme derek adam — diýip, ýaňky režissýor ýene bir toslama awtoryň adyny öz familiýasynyň aşak ýanyndan gütületdi. — Sen, näme üçin iki paý bolýaň?! — diýip, redaktor režissýoryň soňky toslama familýasynyň üstünden ruçka ýöretjek boldy. Emma režissýoryň çebşiň injigi ýaly gyllak eli redaktoryň goşarna ýelmeşdi. Hytda-da-mytda bolşup, ikisi çekeleşige girdi. Men bu wakadan lezzet alýardym. Sebäbi ýaňky çekeleşik meniň ideýamyň örän oňatdygynyň gunt ýaly agyr, saldamly gowy pikirdigini aňladýardy. — Haýyş edýän, meniň awtorymy çyzma — diýip, režissýor demini dürsäp, redaktora ýalbardy... — Meniň elli prosent aliment töleýändigimi-dä özüň bilýäň — diýip, režissýor uludan demini aldy. — Oňa-muňa ýazyp alaýmasam, günüm kyn how — diýip, ol titräp, çilim otlandy. — Men eýýäm çyzjagymy çyzdym — diýip, redaktor meniň elten kagyzymy eline aldy. — Hany? Bo-how, tüýs bolaýypdyr, mun-a oňaraýypsyň! — diýip, režissýor heziller edinip loh-loh güldi. Asyl, görüp otursak, redaktor meniň adymy çyzaýan bolsa nätjek. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |