06:22 Oýlanmaga alty aý möhlet | |
OÝLANMAGA ALTY AÝ MÖHLET
Powestler
Hiç zadyň üstünde ýüzün sowuşyp, Hiç zadyň üstünde çäýnek döwüşip, Ýykypdyrlar bir-biriniň göwnüni, Ýakypdyrlar bir-biriniň ýüregni. Ynsanyň ýüregi näzik aýnadan, Her çäýnek döwlende, bir çat açypdyr. Günleriň birinde açyk aýnadan Ol öýdäki bagt guşy uçupdyr. Gara Seýitliýew Tas-kem bir ýyla çeken agyr dawa ahyrsoň köşeşdi. Ajy-ajy sözler aýtmakdan törpä dönen diller, kesgir-kesgir gepler eşitmekden ýara bolan gulaklar, düwle-düwle daşa dönen ýumruklar ― bularyň barysy az-kem ynjalyk tapdy. Bir ýyldan bäri bir gazanda gaýnap görmedik iki kellede ahyrsoň ýeke-täk bir pikir aýlanyp başlady: «Alty aý, ýene-de alty aýjyk galdy» diýip, iki kelle iki ýerden hasap öwürýär. «Aý, suduňkam bolýa-da... Ilki üç aý diýdiler, soň ýene üç aý goşdular. Nämä gerekdi şu alty aý möhlet? ― diýip, iki kelle ― iki göwün iki ýerden ahmyr çekýär ― Bütin bir ýyllap düşünişip bilmedik adamlar, gel-gel, indi şu alty aýda çözlüşäýerler öýdýärmikä? Aýrylyşdyrjakmy ― aýdyrylyşdyr-da dyn-da!» Ähli hasap, ähli arzuw gelip şu alty aýa diredi, geçmiş-geljek şu alty aý möhletiň içine sygdy. Owaly hiçden başlanyp, soňy puçda gutaran bu jenjele olaryň ikisem barja güýjüni, barja bilenini sarp edipdi. Olarda indi uruşmaga-da, hatda ýaraşmaga-da ysgyn ýok. Bir ýyl bäri oňly ýygnalyp-düzüwli süpürilmedik, täzeje ýel çalmadyk öý, şonça wagtdan bäri idili ideg görmedik mellek ― bularyň barysy agyr söweşi başdan geçirip, indem gugaryp galan meýdan kimin, görene göz bolup ýatyr. Ýöne bu zatlar kime görünse-de, är-aýalyň gözüne ilenok. Ol-a öý bilen mellek ekeni, ― äri aýalynyň, aýaly äriniňem gözüne ilenok. Bir-biri üçin olar ýok ýaly ýa-da başga-başga dünýäniň adamlary ýaly. Başa agyr iş düşende, dymmalar-a birhili ýaňrarak, özüne gürrüňdeş, syrdaş küýsegiç bolar eken; öň özünden özgä eňek bermeýänler bolsa, tersine, dymma öwrüler eken. Ýöne bu giň içeride är-aýalyň ikisi üçinem diňe bir adamdan ― üç-dört ýaşlyja gyzjagazdan başga gürrüňdeş galmady. Bir ýyldan bäri ejesidir kakasynyň aralygynda elewräp, haýsyna ýaranjagyny bilmän janserek bolan gyzjagaz birden ýeke-täk gerekli adama öwrüldi. Içeri girse, daşardan kakasy gygyrýar: «Gyzym, bärik gel!» diýip, daşary çykan dessine-de, içerden ses gelýär: «Aýgül, gel meň ýanyma!» Ýöne iki kelläniň biri Gurbangül soň başga bir gürrüňdeş tapyndy ― birwagt bile okap, häzir gaty uzakda ýaşaýan jorasyna tükeniksiz bir hat ýazmaga oturdy. Agşam işden gelen dessine, içerki otaga geçýär-de, alýar eline galam-kagyzy, ýazýar ― ýyrtýar, ýene ýazýar ― ýene ýyrtýar. Annamyrat bolsa gyzjagazy Aýgüli gapdalynda oturdyp, uzyn söhbede başlaýar. *** ― «Şu agzalalyk, şu dawa nämeden başlandyka?» diýip, käte-käte pikir öwürýän, şol näletsiňen ilkinji dawany ýada saljak bolýan. Ýöne, geň galmaly ýeri, ol öldür hakydama gelenok, ynansaň. Adam adatça, öz keseliniň nämeden, haçan başlananyny anyk bilenok... Bir zady welin men açyk bilýän: ulam bolsa ― ownugam bolsa, oýnam bolsa ― çyndanam bolsa, biziň işimizi gören, biziň arabamyzy ilki gezek jygyldadan şol başky dawa eken... Annamyrat dymdy. Soňragam Aýgüljigiň ýüzüne seredip, birden janygyp ugrady: ― Ýürekde hiç wagt kine saklama, gyzym! Onda-da öz ýakynyňdan! Gaty gördüňmi ― aýt bada-bat! Içiňe salma, «Aý, soň bir ýeri gelende şapyladaryn-da!» diýme. «Pylanyň içinde daş döräpmiş» diýip eşidipmidiň? Soň eşidersiň. Anha, şol daş nämeden döräp başlaýandyr öýdýäň? Bir kiçijik jisimden, aýdyşlaryna görä. Adamyň içine eremeýän bir jisimjik düşýär. Düşýär-de, gylmydyr, dyrnakmydyr ― daşyna üýşürip ugraýar. Üýşürýär-üýşürýär-de, ýumrukçarak daşa öwrülýär. Anha, kine diýlen zadam şol eremezek jisimjik ýaly bir zat bolmaly. Içiňde näçe sakladygyňça, ulalýar barýar. Ullakan daşa öwrülýär şeýdip... *** «Ilki dawany kimiň başlan-a ýadyma düşenok, jora jan! ― diýip, Gurbangül içerki otagda ýapyrylyp hat ýazýardy. ― Göwnüme, Annam başlan ýaly bolup dur. «Näme üçin öýe giç geldiň?» diýdimi ýa-da men «Näme üçin giç geldiň?» diýdimmi... Garaz, başlandy öz-ä. Garaz, bir gödek zad-a diýdi, hiç sebäpsiz ýere. Ýaman gaty görenim ýadymda. Men şunça ýaşap, ejem-atamdan başga birinden şonuň ýaly gaty-gaýrym söz eşidip göremok ahyryn. Menem näme, jogapsyz goýmadym ony. Dogry-da, ol meni bakypmy-ýakypmy, ösdürip-kemala getiripmi, meň üstüme heňkirip durar ýaly. Ýüzüne geläýseňem, «Men erkek-how! Erkeklere gödeklik ýaraşýar, aýallara näziklik diýip eşitmänmidiň?» diýen bolýar. «Galyberse-de, men seniň äriň! Är diýeniňem käte sögüner, käýiner. O zatlar ata-babadan bäri gelýän zad-a!» diýen bolýar. Eger ata-babasynyň döwründe ýaşan bolsa, bu barypýatan zalym, feodal bolardy. Ynanaý!» *** ― Men ýaman ýadadym, gyzym! ― Annamyrat gyzynyň elini eline alyp, onuň pökgüje aýasyny öz maňlaýyna gysdy. ― Hut laky-tak durdum indi. Irdim indi, gyzym! Eger şu bir ýylyň dowamynda stoluň başyndan turman oturan bolsam ýa-da gije-gündizläp dagdan daş çapyp ― daş daşanam bolsam, munça ýadamazdym. Eger elime ýarag alyp, urşa gitmeli bolsam-da... Uruş belasy başa düşmesin welin... Şu maşgala urşy welin meni maýyrdy, gyzym! Şu meniň gözümiň oduny aldy... Içerki otagdan kagyzyň şakyrdysyna meňzeş ses eşidip, Annamyrat biraz dymdy. ― Ejeňem ýagdaýy meňkiden öwerlikdir öýdemok. Sered-ä, menden beter çöküpdir. Birwagt dagy men diýen gelindi. Şu bir ýyl bizi azyndan on ýaş garratdy, gyzym... Öte geçdigim bolmasyn welin, göwnüme, dünýäde şü maşgala urşundan agyr uruş ýok ýaly... Beýleki uruşlarda haýsam bolsa bir tarap, köplenj-ä hakykat kimiň tarapynda bolsa ― şol tarap ýeňýär. A munda? Munda kim ýeňýär? Munda ýeňýän tarap ýok, gyzym! Anha, ejeň ikimiz... Haýsymyz üstün çykdyk, haýsymyz utduk? Hiç birimiz! Ikimizem utuldyk, gyzym, ikimizem ýeňildik. Sebäp, munda mamla tarap ýok. Munda urşy näçe uzaga çekdirdigiňçe, şonça-da agyr ýeňlişe sezewar bolýaň. Näçe ýeňendirin öýtdügiňçe, şonça-da ýeňilýäň... *** «Käte-käteler «Sen erkek bolsaň, menem aýal ahyryn!» diýip gygyryberesim gelýär. Meniň ýerimde bolsaň, jora jan, senem şeýderdiň. Özüň bir pikir edip gör ahyryn: üç günde ― dört günde bir golaýyňa gelmese, «Nähili ýagdaýyň?» diýmese. Aýal diýlen maňlaýgarada-da bir hajyk-hujuk, sypaň-sermeň gerek, näz-kereşmesini göteren gerek. Käwagt, bäş günden ― bir hepdeden ýadyna düşýän. Gysmyljyrap, men iňirdäp-iňirdäp, ýüregine düşemsoň. Gysmyljyrap ugraýaram welin, menem «Aý, ärhan, diläp alan aýadyň ölä degmezmiş!» diýýän. Muňa-da derrew öýkeleýär, ýeňsesini tüňňerdip, turup gidýär. Gitse-gitsin, gidipler geçsin! Menem-ä boýnuna böküp durmaryn. Bir gezek näme diýýär-ä, «Otuzdan agyp barýaň welin, henizem özüňi on ýedi ýaşly gyzdyryn öýdýäň-aý! Tä saçyň çalarýança söýşüp-ogşaşyp, näz edişip ýörmelidir öýdýäň. Seniň näz-kereşmäňden başga-da müňde bir aladam bar meniň» diýýär. Hamala, men... Wah, masgara janym!» *** ― Wah, meniň bir zada janym ýanýa, gyzym! Eger-de ejeň ikimiz ideal ugrunda jan berjek bolup ýören adamlar bolsadyk, ideal üstünde bir-birimiz bilen oňuşmaýan bolsadyk, onda başga gep bordy. Biz pahyrlaňky bir owunjak, pes dawalar ahyryn. Kim-kimi boýun egdirmäniň, kim-kimden has ýokarrak bolmanyň dawasy biziňki. Göreş bormy mundanam! Kime bir köpük peýdasy bar beýle göreşiň! Ha-a-aý... Şol wagt içerki otagyň gapysy batly açyldy. Gurbangül ataly-gyzyň ýanyndan pasyrdap geçdi-de, daş çykyp gitdi. «Bizem birwagt akylymyza aýlanarys öz-ä ― diýip, Annamyrat onuň yzyndan garap durşuna içini gepletdi. ― Ynha, basym ikimizden birimiz şeýdip çykar gideris, gaýdyp dolanmasyz gideris. Anha, şondan soň akyllanarys. Baý, gowy adam bolarys-a, asyl göwün agyrtmarys gaýdyp. Akyllanarys, ýöne giç bolar. Biziň şol akylymyzdan alan sapagymyzdan bolsa başga adamlar peýdalanar. Herimiz başga birini bagtly ederis». *** Gürleşilmesiz günler Annamyratdyr Gurbangülüň arasyndan zybyrdap geçip dur ― geçip dur. Gurbangülüň hatam şol dowam edip gidip otyr: «Wah, boýdaş jan, bularyň maşgalasynda iň bolmanda ýekeje gyz doganlary bolan bolsady, onda beýle gödek, beýle morta bolmazdylar. Hoşgylawrak, alçagrak, dözmezräk bolardylar, belki, nädeýin-dä, bir topar erkek-dä bular. Aýal maşgalanyň dünýäsinden daş bular. Hatda aglasaňam, geň görüşip, gaşlaryny çytyşyp otyrlar-a. Aglasaň, jögülikden edýändir öýdýärler. Hemmesem şeýle ― özem, agalaram. Wah, hiç bolmanda, gaýyn enem bir diri gezip ýören bolsa bolmaýarmy! Şular ýalyda aýdyp-aýdyp, derdimi paýlaşar ýaly... Herniçigem bolsa, aýal aýala gowy düşünerdi. Bulara bolsa aýtdyňam bir, baryp gara daşa aýtdyňam bir. Uly agasyna çenli «Aý, aýaldyr, iňirdemese, aglamjyramasa bolmaz!» diýşen bolup otyrlar-a. Ady ýitmişler, erkek bolman geçenler...» *** ― Görüp otursam, gyzym, biz soň bir-biregi kim köp agyrtmaşak edipdiris. Kim has awulyrak çakyp bilse, armany ýokdy şonuň. Eglişik, geçirimlilik diýlen zatlar barada-ha gürrüňem ýok... Bir-birimiziň aýbymyzy sanaşyp, bir-birimizi püçege çykaranymyzdan soň, başga zat tapman, dogan-garyndaşlarymyzyň daşyna geçip ugradyk. «Sen düzüwli bolýan bolsaň, pylan doganyňy oňar!» «Seniň akylyň köp bolsa, git-de, hol pylan ýegeniňe ber akylyňy! Ile wejera bolup ýör». «Seniň agaň näme...» «Seniň ejeň näme...» Bir gezek dagy hatda «Seniň goňşularyň...» diýip sögüşenimizem bilýän... Öf-f-f! Gyzym, ýaman uzaga gitdig-ow biz! Biziň aramyzda hiç bir mukaddes zat galmady, bir senden başga. Bir saňa dil ýetiremzok entek. Şunça wagtlap bu maşgalany dargatman saklanam sen. Onuň üçin sag bol, gyzym. Annamyrat oýa batdy, agzyna ajy şänik düşen ýaly, birden ýüzüni ajytdy: ― Sähel galmagal tapsak, ejeň-ä ejesine arz etmäge ylgady, ejeň ejesem barýar her gezek meniň agalarymyň üstüne. Ejeňden sähel göwnüm galsa, menem agalarymy bihabar goýmadym. Garaz, şolar bizden taýy ynjalmady-da. Gyzym, biler bolsaň, hiç-hiç etmeli däl eken şony. Sen-ä uruşýaň ― ýene ýaraşýaň welin, soň hossarlaryň göwnüne sen elmydama çeýneşip, elmydama-da horluk görüp ýören ýaly bor eken. Birem, gyzym, oňuşjak bolsaň, ilki bilen, arkaňda duran hossarlaryň, ulularyň dilinde aýtsaň ― gudalaryň oňşugyny dilemeli eken. Şolaryň agzy ala bolsa, seniňem günüň güne meňzemejek eken. *** «Mundan bir-iki aý öň arzamyzy göterip baranymyzda, «Hany, entek oýlanyp görüň, belki, ýaraşarsyňyz!» diýen boldular. Munça galmagaldan, munça göwnedegişlikden soň nädip ýaraşjak, jora jan! Onda-da arzalaşyp, sudlaşyp, uly ile gep bolansoň! Onsoňam, galmagaly başlan onuň özi, meni öjükdiren özi, indem baryp men «Bagyşla, gel, ýaraşaly!» diýmelimi? Beýtsem, «Hä-ä, çydap bilen dälsiň görseň!» diýmezmi? Iň bolmanda «Haý, binamys aýal-da!» diýer içinden. Öňem-ä gadyrymyz ýokdy welin, soň-a hijem bolmaz. Goý, gowusy, ilki özi gelsin, ilki özi «Bagyşla!» diýsin. Dogry dälmi meň aýdýanym! Meň ornumda bolsaň, senem şeý diýerdiň, jora jan!» *** ― Biz öňem az ýaraşamzok, gyzym! Baragadan, «Bagyşla, gel, düşünişeli!» diýmegi men häzirem başarman durmaryn. Ony özüme kiçiligem bilemok. Ýöne... peýdasy näme? Bu gün ýaraşarys, ertir ýene şol öňki uruşdyr. Özem ýene sähelçe zadyň üstünde. Ýa men bijaýrak zat diýerin, onam ejeň kesä çeker ýa-da onuň özi şoňa meňzeş bir zat diýer. Garaz, tersleşjege siňegem bir bahana-da. Şuny nädeňde şeýtdirmän bolýanyna ikimiziňem akylymyz çatanok. Onuň üçin nerwileriň polatdan bolmagy gerek... Ýok, diňe nerwileriň däl, öýüň-maşgalanyň köki-damary, süňňi polatdan bolmaly. Onda-da, jansyz, sowuk polatdan däl-de, gerek ýerinde iki agyz ýyly sözden eräp bilýän, gerek ýerinde-de yssa-sowuga çydap bilýän polatdan bolmaly. *** «Öňem-soňam munuň ýüzüniň açyk wagtyny men göremok, boýdaşym! Haçan görseň, gamaşyp durandyr, gamaşyp. «Janyň bir sagmy?» diýýän. «Sag». «Ýa işiňde bir zat diýdilermi?» «Ýok». «Belki, ýadaýansyň?» «Ýok, ýadar ýaly iş etmesem näme!» «Onda näm bolýa saňa?» «Aý, sen düşünmersiň barybir. Gowusy, öz sadigiň bilen boluber» diýýär. «Näçe wagtdyr men hiç zat ýazyp bilemok» diýýär. «Bir topar pikirlerim, negözel temam bardy, gorasam-porasam diýip arzuwym bardy» diýýär. «Goraber-dä, kim saňa päsgel berýär?» diýsem, «Wah, bolanok, ýazyp bilemok, güýjüm ýetenok, düşünýäňmi?» diýip, meň üstüme gygyrýar. Hamana, onuň işläp bilmeýänine men günäkär ýaly. Ýanyna ülpetleri gelerdi. Bir ondan-bir mundan pelsepe otaryşyp, oturardylar gijäniň ýaryna çenli. Şolaryň ýanynda onuňam degşip-gülşüp oturanyny görüp, dogrusy, içimden begenerdim. Ýöne ülpetleri giderem welin, ol ýene saçyny ütüp ugrar. «Işlemelidim, işläýjekdim, bolmady, bolanok...» Soň-soň onuň ýaranlaryna ýüz bermän ugradym. Çaý diýseler, bir sagatdan eltdim, nahar diýseler ― iki sagatdan. Käte özi öýde otyrka gelselerem, «Ol-a öýde ýok» diýip goýberdim. Özi yzyna tirkäp gelse-de, goňşy-golamyňka çykdym-da gidiberdim. Garaz, seýregräk gelenlerini, basymrak turanlaryny kem görmedim. Onam gysgançlykdan ýa-da garasöýmezlikden etmedim. Şunuň özi üçin gowy bolar öýtdüm, päsgel beren bolmasa, belki, birazajyk işlär, işlese-de keýpliräk bolar, diýdim. Bu nädendir öýdýäň? «Sen meniň dost-ýarlarymy gyraklatjak bolýaň, meni ýeke goýjak bolýaň!» diýip, heňkirip ugrady. Eý, toba... Bu haçan işläp başlajak, haçan munuň ýüzi açyljak ― Alla bilsin. Wah, maňa galsa-ha, dogan jan, munuň işlänem gerek däl, ýazanam. «Ilde pylan zat bar, bizde ýok!» ýa-da «Il-ä kitap çykardýar, alym bolýar, sen näme?» diýip, igämi sürtüp duramog-a men. Hökmanmy hemmä ylmy iş ýazmak, alym bolmak? Şonsuz gowy ýaşap bolanokmy? Hanha, ýaşaşyp ýörler-ä! Maňa ― adam bolsun, maşgalabaşy bolsun! Öz maşgalasynyň arasynda gülüp-oýnap otursyn. Ynha, maňa geregi şol!» *** ― Men kim, gyzym? Ullakan institutyň kiçijik bir laboranty. Hiç kimiň gözüne ilmeýän ýönekeý bir zoolog. Ýöne maňa şundan ullakan wezipe, şundan üýtgeşik hünär gerek däl. Aýalym aýtmyşlaýyn, maňa «gurbagalarym, suwulganlarym bolsa ― bolany!» Şol gurbagalar, suwulganlar bilen düşünişmek müň paý ýeňil, käbir adamlar bilen düşünişeniňden. Hem ýeňil hem hezil. Bu çekişme ― dartyşmalardan, özara kiçijik garşylyklardan, gybat-ýalandan ol janawarlar azat. Olar käbir adamlar ýaly öz-özüni bir çägiň içine dykyp, soňam şol çäkden çykyp bilmän, boglup ýörenok. Bir adamy ymykly tanajak bolsaň bütin ömrüň boýy kelle döwmeli. Haýwanlaryň welin iň ejiziniňem, iň mekiriniňem, iň wagşysynyňam ýüregindäkini gözünden okap oturmaly. Şonuň üçinem men adamlardan gaçýan, tizräk öz gurbagalarymyň, suwulganlarymyň ýanyna ýetmäge howlugýan, gyzym! *** «Şu hatymy şunça wagtlap ibermänim üçin menden aýyp etme, joram! Bu hat bäri-bärde gutarjak, entek-entekler iberiljek hat däl. Hawa, men muny, belki, ibermenem, ýöne ýazmanam oňmaryn... ...Ile ýüz tutubam gördüm. Ýüregimde gemre baglan dertleri öňýeten tanşyma gürrüň berdim. Şeýtmesem, ýüregim darka ýarylaýjak boldy. Ýöne şeýdip ― näme görendir öýdýäň? Derdim agraldy gaýta. Bu gün tanşyma aýdan sözümi ertesi iki-üç essesi bilen iliň agzyndan eşitdim. Meniň jandan syzdyryp, içimden aglap gürrüň beren wakam iliň agzyna düşüp, anekdota öwrüldi. Soň-soň, maşgala durmuşy barada söz açylan ýerde men oturyp bilmedim. Göwnüme, gürleýänem maňa kakdyrýan ýaly, diňleýänlerem aşaklykdan maňa seredýän ýaly bolup dur. Şeýdip, joram, il diýilýän bilen-ä, üzdüm arany. Çagyrmadymam, çagyrylmadymam. Gürlemedimem, gürletmedimem». *** ― Aýrylyşýan köpelýär diýip, gazetler gopgun turuzýar. Ozal azmydyka? Köpelýär diýilýämi ― diýmek, öň az bolandyr-da. Näme üçin köpelýärkä eýsem?! Bu zatlar gün-güzerana, maddy üpjünçilige bagly bolsa, onda gitdigiçe azalmal-a! Näme üçin adamlar kyn günde ysnyşýar, agzy birigýär-de, gowy günde, elpe-şelpelikde bir-birine pitjiň atyp ugraýarlarka? Daň atardan gün batara çenli hars urup, elini gabardyp, agşam öýüne gelende-de, «Pälwan oglum, maýa gyzym!» diýip pyr-pyr aýlanýan adamzat, indi suw ýaly ýeňil maşynly, hepdede iki sany dynç günli bolansoň, nämüçin çalaja goh eden çagasyny, bir sagatlap burçda duruzýarka? Bir wagtlar garaňkyny gatlyşdyryp işden gelýän, bir eli bilen ojaga ot dykýan, beýleki eli bilen hamyr ýugurýan, aýagynda-da çagasyny üwreýän gelin, indi çaý-naharyny gaz bişirýärkä, kirini maşyn ýuwýarka, näme üçin «Häzirkileri goý, gyz!» diýip, agyz-burnuny towlaýarka? Öň bir gulaç mata tapsa, «Çagajygma köýnek tikerin!» ýa-da «Ärime dolak ederin!» diýip, begenip ýören halyna, indi näme üçin jygyllykdan-jygyllyga gatnap, özüne gymmatdan-gymmat mata gözleýärkä? Bize näme bolýarka, gyzym? Ýa gowy durmuş, aňsat eklenç guduradýarmyka bizi? Gowy günüň gadyryny bilmek üçin horluk görmek hökmanmyka eýsem? Bilmedim men-ä, gyzym, bilmedim-ow... *** «Käbir adamlaryň ýaşaýşyna, maşgalasyna hut gözüm gidýär, jora jan! Girdejisem biziňkiden uly däl, özlerem bolup bilse biziň ýaly adamlar. Şonda-da geýesi gelen zadyny geýip, iýesi gelen zatlaryny iýip ýörler. Biziň bolsa gazananymyz edil derýa talhan çalan ýaly, nam-nyşansyz gidip dur. Aýratynam, şu agzalalyk tapylaly bäri. Asyl oňşugy bolmadyk maşgala döwlet ýokmaz eken, herýeten zadam oňa ýagy bolar eken. ...Bir gezek, ilki durmuş guraýan döwürlerimizde, Annama niýetläp dükandan bir jübüt jorap aldym. Öýe gelsem, o-da edil öňünden bilen ýaly, maňa bir jübüt jorap getiripdir. Ikimizem bir begendik ― bir begendik. Şol joraplary pitikläp, baý, geýdig-ä. Annama gahar edip, barymy-ýogumy jemledim-de, jygyllyga gidip, iň gymmat baha matadan bir geýimlik aldym. Getiribem, şatyr-şutur biçdirip, tikdirip, geýdim. Ýöne şony geýenime eger-eger begenmedimem, guwanmadymam. Edil amanat geýen ýaly. Ynansaň, şol birwagtky bit jübüt jorabyň ýarpysyna-da degmedi şol köýnek... Beý diýsem, Annam bilen geýim-gejimiň üstünde tersleşendir öýtme, boýdaş! Dogry, ondan mata getiren, köýnek tikdirip beren-ä ýok welin... Ind-ä, asyl, getiräýse-de, geýmen!» *** Annamyrat säher bilen hopugyp oýandy. Ýassygynyň aşagyny sermeleşdirip, sagadyny tapdy. Sagada seredenden, «Wah, içiga-a-ar...» diýip, öz maňlaýyna bir şarpyk urdy-da, hasanaklap turup, geýimlerini gözlemäge başlady. Göle çeýnän ýaly bolup ýatan balagyny bir ýerden tapyp, aýagyna sokdy. Jorabynyň bir taýy bilen köýnegini welin ýer ýuwudan ýaly. Ol gyssanjyna: ― Aýgül, aý, Aýgül! ― diýip gygyrdy. Içerki otagdan gözjagazlaryny owkalap, gyzy çykdy. ― Meniň düýnki geýip ýören köýnegim nirede, gyzym? Görmediňmi? ― Ho-o taýda! ― diýip, gyzjagaz barmajygyny daşaryk uzatdy. Annamyradyň birden ýüzi ýagtylyp gitdi: «Ýuwup goýaýdymyka, men ýatamsoň?» Daşaryk ylgap çyksa, serlip duran köýnek ýok. ― Hany, nirede? ― diýip, ol yzyndan böküp çykan gyzyndan sorady. ― Ho-o taýda! ― Gyzjagaz bu gezek barmagy bilen içerini görkezdi. «Hä-ä, ýuwup, soňam ütükläp goýandyr içerde! Görgüli, her nätse-de, dözenok-da...» Annamyrat içerki otagyň gapysyny emaý bilen açyp, içeri göz gezdirdi. Soňra, daraklygyna basyp baryp, şifoneri açyp gördi. Bir hepde mundan öň çykarylyp taşlanan köýnekler gäzini akdyryp, sallanyşyp durlar. Düýnki geýen ybalyrak köýnegi welin ýok. Annamyrat bir salym ýaýdanyp durdy, aňyrsyny bakyp ýatan aýalyna gözüniň gyýtagyny aýlady, onuň ýorgandan çykyp duran ýalaňaç eginlerine, ýassygyň üstünde ýaýylyp ýatan syýa saçlaryna gözi düşüp, uludan demini aldy, başyny ýaýkady-da, alňasaklyk bilen daş çykdy. Görse, Aýgüljik onuň gözläp ýören köýneginiň bir ýeňinden tutup, süýräp gelýär. Annamyrat köýnegini garbap aldy-da, silkişdirip, egnine sokdy. Gözjagazlaryny çerreldip duran gyzyna seredip, müýnli ýylgyrdy: ― Biziňkem aňsat däldir, görseň... «Gürletseň-ä, «biz ― erkekler» diýen bolup, eňek beremzok welin... Gapdalynda aýal bolmasa, erkekden ejiz, erkekden gözgyny adam ýok» diýip, ol işine tarap ylgaşlap barýarka, häli gyzyna aýdanlaryny içinden dowam etdirdi. *** ― Annamyrat, muny bir diňle! Kärdeşi Begliniň sesi laboratoriýanyň bir künjünde ýapyrylyp oturan Annamyrady agyr-agyr pikirleriň elinden aldy. ― Diňle, Annamyrat! ― Begli elindäki gazeti usullyk bilen Annamyradyň öňünde ýazyp goýdy-da, bir ýere barmagyny dürtüp, okap başlady: «Pensilwan uniwersitetiniň ylmy işgäri doktor Reý Berdunistl nika bozulmalaryny bäş ýyllap öwrenipdir. Onuň berýän maglumatlaryna görä, parahat ýaşaşýan är-aýal öz aralaryndaky gep-gürrüňlere bir günüň dowamynda ortaça 27 minut wagt sarp edýärler. Emma aýrylyşmagyň öň ýanynda duranlaryň welin muňa 117 minut wagty gidýän eken. «Gep ― bagtly maşgala durmuşynda ýaşaýan adamlaryň uzyn-uzyn gürrüňlere mätäçlik çekmeýänligindedir ― diýip, Berdunistl hasap edýär. – Onuň ýerine, söýgi aradan aýrylan halatynda welin, är-aýal instinktiw suratda bu boşlugy gury ýaňramalar bilen doldurmaga çalyşýarlar» ...Pah, kärdeş, depderjigimize ýazyp goýaly muny! Begli jübüsinden kiçijik bloknotyny çykardy. ― Begli jan, ýaş başyňa, öýlenmedik halyňa, bu zatlaryň saňa nämä geregi bar? ― diýip, Annamyrat zoraýakdan ýylgyrdy. ― Ynha, öýlenersiň welin, soň okap-öwrenibirsiň ony! ― Oňarsaň, ähli zady küştdäki ýaly iki-üç göçüm öňünden görjek bolmaly. Bar zada ozalyndan taýyn bolmaly. Meniň-ä pikirim şeýle! ― Aý, öýleneňsoň, bu zatlary kitapsyz-gazetsizem öwrenersiň-le! Asyl diňe ýazylan zatlary däl-de, indiki ýazyljak zatlaram öňünden biler durarsyň... ― Soň giç bolar. ― Bizem... ― diýdi-de, Annamyrat sakyndy, gyzardy. ― Bir tanşym bar meniň, anha, şo-da öýlenmänkä, ähli zady öňünden bilýärdi. Ilkinji toý eden gününden başlap, tä pensiýa çykýança ähli etjek işlerini, her bir ätjek ädimini kesip-biçip goýupdy. Ýöne durmuş onuň bar hasabyny bulaşdyrdy. Anha, indem aýaly bilen aýrylyşjak bolup ýör. ― Hasabyň dogry bolsa, bulaşmaz! Annamyrat: ― Aý, goýaly-la! ― diýip, elini çalarak silkip goýberdi-de, ýene öz gurbagalarynyň daşyna geçdi. ― Bolýa, goýduk! «Aý, goýdugam-a diýersiň welin, indi ýaňky pikiriňe «hä» diýdiräýýänçäň, sypdyrmarsyň sen...» diýip, Annamyrat içini gepletdi. Arakesmä çykyp, naharhana tarap ýegdekleşip barýarkalar, Begli: ― Hasabyň dogry bolsa... ― diýip, ýene öňki heňine başlady. ― Bulaşmaz! Hasabynyň düýbüni dogry tutan däldir seniň ol tanşyň. Adam ähli zady, hatda iň aýylganç bela-beterlerem öz peýdasyna işletjek bolmaly. Maşgala babatda-da şeýle. Meniň pikirimçe! Aýalam şeýle. Ugruny tapsaň, aýal saňa dost bolar, köp ýerde kömek eder, ugruny tapmasaňam, özüňe ýagy bolar... «Ugruny tapmalydygyny hemme-de bilýär, ýöne nädip tapmalydygyny hiç kim bilenok» diýip, Annamyrat oňa içinden jogap berdi. Nahary öňlerine alan batlaryna, Begli «I-ih!» diýdi-de, goltugyndan ýene bloknotjygyny çykardy: ― Ynha, diňle! «Aýalyň göwnüni tapan ― döwlet eýesidir». Balzak! Annamyrat tas çorba düwnüpdi. ― Ýeri, şu wagt Balzagy kim sorady senden? Seniň Balzak bilen näme işiň bar? ― diýip, ol gyrygrak ses bilen dillendi. ― Adamyň hemme zat bilen işi bolmaly. Ähli zat barada-da öz düşünjesi, öz garaýşy bolmaly. Şonuň üçinem oňa Adam diýilýär... Dur, dur! Ynha, ýene tapdym: «Maşgala ― adamzat jemgyýetiniň asudalygyny saklaýan kiçijik bir jemgyýetdir». Adler! Diýmek, maşgala meselesine gaty oýlanyşykly çemeleşmeli. Öňündenem, soňundanam... ― Aý, sen-ä adam däl ekeniň! Iýenimi gara gan etdiň! Annamyrat çemçesini stoluň üstüne şakyrdadyp zyňdy-da, tarsa turdy. Yzyna garaman, naharhanadan çykyp gaýtdy. Birsalymdan ýüzüni sallap, Beglem geldi. Sesini çykarman işe başlady. Dymyşlykdan, öýke-kineden öýde-de bizar bolan Annamyrat uzak çydap bilmedi. Oturgyjyny göterip bardy-da, Begliniň ýanynda oturdy: ― Begli jan, sen meni bagyşla! Hälkim... birhiliräk boldy. ― Aý, zyýany ýok-la! ― diýip, Begli ýylgyrdy. Annamyradyň göwrümi giňäp giden ýaly boldy, bu-da ýylgyrdy. «Gör-aý muny! «Bagyşla» diýmegem kyn zat däl eken. Başgalara şeý diýip açyk aýdyp bolýan bolsa, öz aýalyňa näme üçin şony aýtmak ýokuş degýärkä?» Annamyrat Begliniň egnine çalaja kakdy: ― Ýaňky diýýänleriň dogry, Begli! Maşgala durmuşyndan oňmasaň, aňsat zatlaram kynlaşyberýär. Ýa-da tersine. Ilki maşgalaňy, sen aýtmyşlaýyn, tylyňy düzetmeli. Tylyň düzüw bolmasa, aljak galaň ýok. Onsoňam, maşgala ― adamyň ýalňyz gaçybatalgasy. Goh-galmagaldan, iş-aladadan ýadanda, ol özüni şoňa gaçyp atýar. Eger gaçybatalgaňam goh-gamagaldan doly bolsa, bar onsoň... Begliniň ýüzi has-da açyldy: ― Men aýtdym-a! Menem-how, öý-maşgala barada köp gürrüňler eşidip ýöremsoň, diýýän şo zatlary. «Eşiden görene habar berer» diýip içini gepleden Annamyrat uludan demini aldy: ― Meniň hälki tanşymam Balzagy gowy görýär, seniň ýaly. Şondan bir mysal getirişi ýadyma düşdi häzir. «Öz ekeje aýalyň garşysyna söweşenden, ýüz sany erkegiň garşysyna söweşeniň ýüz esse ýeňil» diýenmiş şol Balzak. ― «Polkownik Şaber!» ― diýip, Begli hünürdedi. ― Ä? ― «Polkownik Şaber» diýen eserinden ýaňky aýdýanyň. «Hä, menden başgasy akylly bolup çykaýýar-aý! ― diýip, Annamyrat öýlerine gaýdyp gelýärkä, pikir etdi. ― Häzir öýe baragada, Gurbangüle «Bagyşla, gel, ýaraşaly!» diýsem, «Hä, düşündiňmi indi öz ýalňyşyňa, aýlandyňmy indi akylyňa?!» diýer. Hamana, men öň hiç zada düşünmeýän ýaly, duran bir samsyk ýaly... Aý, bar onda, aýtjagam däl, beý diýjek bolsaň!» Ol sägindi. Aýaklaryndan daş asylana döndi. Ýoldan sowulmaga bahana gözledi. «Aý, baraňda näme öýe, görjegiň ýene şol turşaryp duran ýüz bilen tüňňerip duran ýeňsedir-dä... Iýh, Aýgül näme? Aýgül bar-a, gyzyň bar-a, syrdaşyň bar-a, teselliň bar-a!» *** ― Men şu zatlary saňa näme üçin gürrüň berýän, gyzym?! Saňa aýtmaly däldiginem bilýän, aýdanymda düşünmejegiňem bilýän, şonda-da... Başga gürrüň berere adam ýoklugy üçin şeýdýän, gyzym! Ejeň üçin-ä men ýok adam, agalaryma aýtsamam, ýürekleri çişjek, ile diýsem ― güljekler. Ynha, seniň ýanyňda welin men arkaýyn. Sebäbi, sen gülmersiňem, gaharlanmarsyňam, dost-duşmanyň ýanynda ýaňrap, meň syrymam açmarsyň... *** «Geçmejek ýalydy, dogan jan, geçib-ä barýar. Üç aý töweregi galypdyr ýene... Ejem görgüli eşitse, näderkä?» *** ― Bu ýekelige men çydap biljek däl, gyzym! Kimdir biriniň ýanynda derdinmesem, kimdir biri teselli bermese, men ýarylaryn, gyzym. Ata-babadan bäri iň kyn günde-de, ajalyň öňünde-de bir-birine söýget bolan adamlar indi neuželi bir adamy goldamazlar, goltugyndan götermezler! Ýa-da ol adat, ol däp olaryň ýatlaryndan çykaýdymyka? Şu güne, şu ýagdaýa düşen diňe men däldirin-ä! Ajyny-süýjini, söýgini-siltewi gören adamlarda eýsem meniň üçin iki agyz akylly, ýyly söz tapylmazmy? Annamyrat aýgyt bilen ýerinden turdy, otagyň içinde eýläk-beýläk ädimledi-de ýene aýak çekdi: ―Päheý, bu samsyk kellä gelýän zatlary! Ýeri, seniň derdiň, seniň zeýrenjiň kime gerek, hä? «Her kişiniň öz gaýgysy, öz derdi, her haýsy-da öz ugruna barýalar» diýýämi! Şeýle-dä. Ine, özüňden mysal al-da göräý, Annamyrat! Şu işler başyňa düşmänkä, göwnüň dik, gulagyň dynçka, biri durmuşym şeýle-şeýle diýip, zeýrenip, derdinip ýanyňa gelen bolsa, näderdiň? Annamyrat sözüniň dowamyny içine saldy: «Hiç zadam etmezdiň, gynanan borduň. «Oňuşjak boluň!» diýen borduň. Ol gelen adam gapydan çykan bada-da, unudardyň. Aýny bolmasa, aýalyň alkymyny ysgap ýatyrkaň, «Ýaňkyň güni meň başyma düşmänine şükür! Şuň ýalak asylly, pespäl aýalymyň barlygyna şükür!» diýip içiňi geplederdiň. Ilem seniň ýalydyr-da!» ― Onsoňam, hasapsyz zat ýok bu dünýäde, Annam! ― diýip, Annamyrat daşyndan gürledi. ― Ýagşylyga ýagşylyk, ýamanlyga ýamanlyk diýlen dünýedir bi! Şunça ýaşap, heý, özüň birine ýagşylyk etdiňmi, bir gara günde galanyň halyny sorap, gapysyndan bardyňmy? Baran dälsiň. Onda näme? Onda näme... *** Günleriň bir güni Annamyrat yrgyldap işden gelse, melleklerinde gujagy çagaly bir adam aýlanyp ýör. Golaýrak gelip seretse, uly agasy Nury bilen Aýgüljik. Salamlaşylyp, çalak-çulak saglyk-amanlyk soraşyldy. Nury aşaklyk bilen inisiniň ýüzüne seretdi. Adatdaky äwmezligi bilen gürledi: ― Nädişdirip ýörsüňiz-how? Çagalygyndan gulagy ganan, pessaýdan gelen ýakymly ses ýene Annamyradyň göwnüni gozgady. ― Aý, agam, biz-ä oňaran däldiris... ― diýip, ol hamsygjak ýaly etdi. Nury elini salgap goýberdi. «Bilýän-le!» diýdigimi ýa-da «Erniňi sallabermesen-aý!» diýdigimi – kim bilýär. ― Gelin nirä gitdi? ― diýip, Nury soňrak dillendi. ― Ejeň nirä gitdi, gyzym? ― Ejem Myýadyň ejesiniňkide. Aýdyp geleýinmi? ― Bar, basym aýdyp gel! ...Inisi bilen gelnini gaşynda çökeren Nury gepi nireden başlajagyny bilmän, az salym oýlanjyrap oturdy. Gujagynda aýajyklaryny tarpyldadan bolup, kemput iýip oturan Aýgüljigiň gulpagyny sypady: ― Hany, süýjiňden ejeň bilen kakaňa hödür etmediň-ä? ― diýip, oňa lak atdy. Aýgüljik omzanyp turdy-da, etegindäki kemputlardan birini alyp, kakasynyň burnunyň ýanyna eltdi. ― Ýok, iýjek däl, özüň iýiber, gyzym! Aýgüljik kempudy ejesine uzatdy. Ol hem başyny ýaýkady. Nury birden ýaryldy: ― Ýumruk ýaly çaganyň berin göwnüni ýykmaň-a, naýynsaplar! Bir-biriňizde-hä göwün goýmadyňyz... Şuňa, şujagaz suw ýaly çaga bir haýpyňyz gelsin, şunuň bir maňlaýyny garaltmaň! ― diýip, arlady. Är-aýal ikisi birden tisginip gitdi. Bu sahy, gowy daýydan beýle haýkylyga garaşmadyk Aýgüljigem allaniçigsi bolup gözlerini tegeledi. Nury gaharyna basalyk bermek üçin, az salym dymdy. ― Bar, janym, maňa bir käse sowuk suw getirip ber! ― diýip, ol ýene Aýgüljige ýüzlendi. Gurbangül ýerinden turuberjek boldy. ― Ýok, gelin, sen otur entek! Nury Aýgüljigiň akan-dökän edip getiren suwuny başyna çekdi. Gytygrak gara murtlaryny iki tarapa sypap goýberdi-de, düşük ses bilen gürledi: ― Hany, inibeg, gelinbaý, näderis indi? Är-aýaldan ses çykmady. ― Şeýdip, görene göz, eşidene gep bolar ýörerismi? Nury ýene gyzybererinden ätiýaç edip, elindäki käsäni oýnap başlady. ― Ejemem getiräýmeli ekeniňiz! ― diýip, Gurbangül ýuwaşja dillendi. Onuň ejesiniň «Men-ä şol ganjykdanam irdim, şol giýewdenem. Bar, özüň gidiber!» diýip galanyny Nury aýtmady. Başga näme bahana tapjagyny bilmänsoň: ― Ejeň ýaranok! ― diýdi. Gurbangül biygtyýar «Hiýh!» etdi. ― Gorkma, gorkma, gelin! Gorkar ýaly zat ýok. Garry adam-da... Ejeňem şu ýerde bar ýaly göräý! Ynha, men ikiňize-de aralyk adam, näme arzyňyz bolsa, aýdyberiň arkaýyn. Är-aýalyň şol dymyp oturyşy. ― Onda men gürlejek! ― Nury ykjamlandy. ― Hany, aýdyň, beýder ýaly, beýle güne düşer ýaly size näme boldy, näme döw çaldy? Atyşdyňyzmy-çapyşdyňyzmy? Kem zadyňyz barmy? Perzent diýdiňiz ― perzende ýetdiňiz, jaý diýdiňiz ― jaý edindiňiz. Başga näme gerek size? Ýa o zatlar indi göterdenokmy size? Meslik göterdenokmy? Ýaňam aýtdym, ýene aýtjak ― men ikiňiz üçinem deň adam, men siziň ikiňiziňem ýüzüňizi ýuwjak däl. Ikiňizem... ikiňizem dur-rak siňiz! Y-hym, y-hym... Gelin, sen iki agyz gyşyk gepiň yzyna düşüp, gep bilen kowalaşyp ýörmän, öý-içeriň, çagaň, äriň bilen boluberseň bolmadymy? Inibeg, senem aýalyň ädimini ölçäp, maglumat toplap ýörmän, işiňi etseň bolmadymy, mellegiňi oňarsaň bolmadymy? Hä?! Är-aýal ikisem dodaklaryny gymyldatdylar, ýöne ikisindenem seda çykmady. Nury içinden «Köşeş, köşeş, köşeş!» diýip gaýtalady: ― Bi, ikiňizi zor bilen çatan adam ýok, söýşüp aldyňyz ― halaşyp bardyňyz. Hany, inibeg, sen dagy bir wagt şu maşgala ýetmeseň, özüňi asaýjakdandyň-a? Öýleriniň deňinden bir üsgürinjiräp geçibilseň, armanyň ýokdy-la? Gije düşekde tapdyrmazdyň, gündiz eýerden düşmezdiň-ä... Annamyrat aşaklyk bilen pynhanja ýylgyran ýaly etdi. Gurbangülem çalaja gyzaryp, elini agzyna ýetirdi, gözlerini balkyldadyp, gaýyn agasynyň ýüzüne bir seretdi-de, bada-bat kirpiklerini aşak goýberdi. Nurynyň sözleri olaryň ikisiniňem ýadyna şol birwagtky bagtly günleri salan bolarly. ― Indi şo zatlaryň ählisiniň üstüne atanak çekäýmelimi? «Pylanylar, anha, söýüşdem-dä! Ahyry näme boldy» diýdirmelimi? ― Nury sözüne dyngy berdi, Aýgüljige ýene bir käse suw buýurdy ― Ä-hem, men köp gürläp oturjak däl. Men gürrüňiň jotda ýerini sizden eşitmäge geldim. Geçeni geçdi bilip, öňküligi tapsa boljakmy, öýke-kinäni, gep-gürrüňi ýatdan çykaryp, mugyra gelse boljakmy ― ine, men şony bilmäge geldim. Nury şu hörpüni sypdyrman gidiberse, bir yşjagaz açsa-da açardy. Ýöne inisidir gelniniň muňa diýýämisiňem diýmän, dymyp oturmaklary onuň badyny aldy. «Bular näme, barha arkan gaýyşýalar-aýt?» diýip, ol içinden ýene darygyp ugrady. «Hany, abaý-syýasatam bir ulanyp göreýin-le. Soňam bolmajak bolsa...» ― Onda aýrylyşyň! ― diýip, ol duýdansyz sesini gataltdy. ― Aýrylyşyň-da dynyň, beýdip bir-biriňizi gynap ýörmäň-de. Başyňyz ýaş, tüweleme, heriňize tapylar bir mynasyp. Inibeg, sen pikir etme ― bu menden gowy är tapmaz diýip. Gelinbaý, senem kelläňe getirme ― bu gaýdyp öýlenibilmez diýip, on ýerden öýererin entek, gerek bolsa... Nury birden dilini dişledi. «Ýeri, bu nämä gerekdi? Allaowarradan şu patarrakyny aýtmaga gelipmidiň?» diýip, içinden ahmyr çekdi. Inisine seretse ― ýüzi ak-tam, gelnine baksa ― ýüzi çym-gyzyl, ynha-ynha hasyrdap turarly. Nury öz ýalňyşyny düzetmäge çalyşdy, ýöne howul-harada öňküdenem beter bulaşdyrdy. Bularyň gözüni gorkuzmak üçin, öňki aýrylyşanlary sanaşdyryp ugrady. Ahyrsoň, bolmajagyny bilip, dymdy. Henize çenli beýle çylşyrymly, beýle uzak gürrüň edip görmedik adam ― erbet ýadady. Ol: ― Hany, onda, ýataly! Size-de ertire çenli möhlet, oýlanyň, men jogabyňyzy eşidip gitjek ― diýdi. ― Menem çagalaryň arasyna barmaly, işe ýetişmeli. «Ilki aladaň öz çagalaryňdyr-la!» diýip, Gurbangül içini gepletdi. «Wah, iş janyny alsyn bularyň, haýsyny görseň ― iş diýip ölüp ýatyr. Ýeri, iniň üçin bäş-on günlük işiňden geçäýeňde nätdi?» diýip, Annamyradam içinden agasyna igendi. Ertesi, turan batlaryna, Nury bulary ýene gyssap ugrady. Gelin «Iniň aýdybersin!» diýen manyda, Annamyradyň ýüzüne alarybrak seretdi-de, ýüzüni kese sowdy. ― Agam, eger eglişik ikitaraplaýyn bolmasa... ― diýip, Annamyrat dillendi. ― Onda o zeýilli eglişikden haýyr ýok. Meniňem mundan artyk eglişik edere ýagdaýym ýok. Galanynam, näme, kazyýet çözer-dä... Nury silkinip turdy: ― Adamyň özünde düşüneýin diýen pikir bolmasa, düşünmäge hereket bolmasa, oňa ejesem düşündirip bilmez ― agasam, hatda kazyýetem düşündiribilmez, şony bek belläň! ― diýdi. Nury Aýgüljigi göterip, maňlaýyndan bir ogşady-da, gidiberjek boldy. Gyzjagazyň welin, onuň boýnundan asylany asylan, ýere düşesi gelenok. Kakasy aljak bolsa-da «Ä-ä» diýýär, ejesi aljak bolsa-da. Nury muňa birhili boldy, ol «Men häzir gelýän, janym! Men dugtara baryp geleýin» diýip, Aýgüli zordan ýere düşürdi. Soň başyny galdyrman gürledi: ― Eger bir bozuk pälä münäýseňiz, muny eltip gaýdyň oba! Onusyny ekläp ýörün, on birinjinem eklärin. Her zat ederin ― eklärin. Ýöne atasyz ýesir ― enesiz ýetim edip, öňýeteniň gapysynda syňsyradyp ýörmäge ýol bermen, biliň şony! Nury Aýgüljige seredip, sözüniň üstüni ýetirdi: ― Meň sözüme hiç kim düşünmese-de, şujagaz çaga-ha düşüner. Göýä gyzjagazlaryny biri alyp gidiberjek ýaly, är-aýalyň hersi Aýgüljigiň bir elinden gaýym ýapyşdy. *** Dowamy bar... Kömek KULY. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |