06:56 Oýlanmaga alty aý möhlet / dowamy | |
***
Powestler
Nurynyň göwnüne bolmasa, öz münen otlusy gozganar ýerde gozganmady, ürken at ýaly, şol bir duran ýerinde aýak diräp, haş-haş etdi durdy. Onuň bolsa bu goh-galmagally ýerden basymrak ugrasy, tizräk öz çagajyklarynyň arasyna, aýalynyň ýanyna ýetesi gelýärdi. Ýöne muny öz ýanyndan boýun almaga-da utanyp, içinden bar gazabyny otlynyň üstünden inderip otyrdy. Inisiniň öýünde edip gaýdan bulam-bujarlygy ýadyna düşende, has hem jany ýanýardy. «Aý, şony az salymjyk bir ýatlaman oturaýyn-la!» diýip, gözlerini ýumýardy. Şol aralykda Nurynyň oturan küpesine, has-da-has bolşup, elli ýaş töwereklerindäki bir erkek bilen aýal girdi. ― Wah, kakasy, seň şu içigiňligiň bar bolsun, tas gijä galypdyk artyp galmyşdan! ― diýip, goş-golamlaryny goýup-goýmankalar, aýal erkegiň al-petinden alyp ugrady. ― Pah-aý, muny! Ýene meniň üstüme atýar-aý bar günäni ― diýip, erkegem maňlaýynyň derini syldy-da, Nura ýüzlendi. ― Bi aýallary özüň bilýäň-ä... Bular bir ýerik şaýlanjak bolsalar, azyndan iki gün gerek. Özlerem bir günlük görme-görşe gitjek bolsalar, hamana, göçüp gidýän ýalydyrlar, dünýäň goşuny arkaňa ýüklärler. Anha, ýetiş-dä onsoň, ýetişip bilseň... «Häk, ýene araçy bolmaly boljag-ow!» diýip, Nury oýlandy. Göwünli-göwünsiz ýylgyran boldy. Ýöne erkek gaty gürrüňçil, girişgen adam eken. Ol Nuryny erkine goýman, öz söhbetiniň arasyna dolap-düýrüp gidiberdi: ― Aý, şu töwerekde bir dogmamyz ýaşaýa biziňem, maşgalasy bilen. Şu şäherde özi. Şony görüp gelýäris. Aý, ýaman gowy ýerleşipdir, zaňňar. Öýüniň dagy hut töründen diýen ýaly hem sowuk suw, hem gyzgyn suw şaglap akyp dur. Pah-aý, biziň heleýiň dagy agzynyň suwy saklatmady, olaryň ýaşaýşyny görüp... Ha-ha-ha! Aýaly sessiz-üýnsüz elini salgap goýberdi-de, çalaja ýylgyrdy. Nurynyňam öz inisi, onuň häzirki ýagdaýy ýadyna düşdi, ýüregi gyýlyp gitdi. Onýança gürrüňdeşi onuň egnine patladyp urup goýberdi, yzyndanam, uran ýerini sypalaşdyryp: ― Bagyşla! ― diýdi. ― Obada öwrenäýipdirin şuňa... Nury myssa ýylgyrdy: ― Menem, agam, özüň ýaly oba adamy, özüň ýaly kolhozçy ― diýip, onuň gan-gabarçak bolup duran ellerine seretdi. ― Meniňem inim ýaşaýa, şu şäheriň eteginde. Gürrüňdeşi «Ha-ha-ha!» edip güldi, bar güýji bilen Nurynyň eline patlatdy-da, ýene: ― Bagyşla! ― diýdi. ― Aý, näbileýin, garadyskoýmykaň öýdüpdirin, hondanbärisi bolup, pikire çümüp otursaň... Öz diýen adamyna duşansoň, Nurynyňam göwni açyldy. Soň bir salymdan görse, özem gürrüňdeşiniň egnine patladan bolup otyr. Gürrüňdeşi bolsa o gürrüňden bu gürrüňe şeýle bir çalt böküp geçýär welin, asyl yzyna eýerer ýaly däl. Bu çaltlykdan onuň özem az kösenmeýän bolara çemeli ― käte birden durýar-da: ― Ýaňy näme diýip otyrdym-aý? ― diýip soraýar. ― «Azaşdym» diýdiň ― diýip, Nury ýatladýar. ― Hä-ä. Äý, howwa, jaýlary ýaman gowy welin, ýöne olardan jaý bolmaz. Asyl haýsynyň haýsydygyny bilip bolanok-how. Howwa, onsoň bir gün menem, pälim azyp, gezelenje çykaýmanmy. Ýöresem, elli-altmyş ädim ýörändirin, birden «A-how, Agaly, ýaman uzaga gitdiň welin, yzyňy bir taparmyň soň?» diýdim. «Gel, gowusy, gaýdaýyn-la, wagty barka!» diýdim. Hyrra yzyma öwrüldim. Görsem, ynha, dört sany owadan, beýik jaý öňümde keserip dur. Hemmesem owadan, hemmesem birmeňzeş. «Allajanlarym, men bularyň haýsysyndan çykdymkam?» diýýän. Oňa barýan ― däl, muňa barýan ― bu-da däl. Äý, şü, sagat ýarym-a aýlanandyryn şol dört jaýyň daşyndan. Şol barmaşa bir seretsem, bir jaýyň nemesinden... balahanamy-nämemi, tap adyny şonuň! ― Balkonyndan! ― Hä, balkonyndan bir gyňaçly aýalyň kellesi çykyp dur. Golaýrak baryp, ýitiräk seretsem ― öz aýalym. Äý, şü, bir begenendirin ― bir begenendirin, heý goýaý! Aýalymyň gözüme şeýle gowy görnen wagty ýokdy... Onsoň, ýaňky balkona tarap agzymy tutdum-da, «Äý, heleý, hany düş aşak, är gerek bolsa!» diýip gygyrdym. Şeýdip, sag-aman oglumyňka bardym-ow gaýdyp... Şondan soň welin, eger-eger, daşaryk ýekeje ädimem äden däldirin. Käte-käte gelnejeň iňirdän bolýa, «Şähere getirip, ýekeje magazinem görkezeňok maňa» diýip, meniň welin göwnüm bir ýaly, «Anha, keýwany, magazin, ynha-da sen! Gitdejik, gördejik geliber!» diýýän. Bu samsygam, bir görsem, çykyp barýar, gyňajyny galgadyp. «Dur!» diýdim. «Eger äriňi dul goýmak niýetiň bolmasa, çykma şu taýdan!» diýdim. Bu-da düşündi hernä. Soň welin, är-aýal ikimiz ýaňky balkony hiç kime bermedik. Boýnumyzy uzadyp, synlap otyrys bütin şäheri. Aşakda welin adam bary gaýda-gaýmalaşyk. Ýöne geçip gidip otyrlar, geçip gidip otyrlar. «Gidiberiň bakaly, soň yzyňyzy tapaýarmykaňyz!» diýýän menem içimden. Dogrudanam, bir göreniň gaýdyp yzyna geçenok-how... Şeýdip, halypa, biz-ä tas bir-birimizden aýra düşüpdik. ― Toba, toba, munuň-a eňegi açylaýdy, gyz, şu gün! ― diýip, aýaly hümürdedi. Ýolagçylar ahyrsoň gyşarmakçy boldular. ― Keýwany, sen ýokaryk çyk! ― diýip, ýaňky pyýada aýalyna degip ugrady. ― Ömrüňde bir gezejik ýokarda ýatyp gör senem. Ha-ha-ha! ― Hiý-wiý, goýaweri, düşemde nädip düşeýin? ― diýip, aýaly adamsynyň bu gepini çyna ýordy. Öz şowhuny zerarly, aýalynyň jogabyny oňly eşitmedik pyýada: ― Üşemersiň! ― diýdi. ― Üşärin diýemok, düşemde nädeýin diýýän. ― Aý, düşeňde aňsat-la! Basyrganan bol-da, özüňi oklap goberäý aşak! Ha-ha-ha!.. Garaz, ýatyşdylar. «Ine, bularyňkam bir ýaşaýyş ― diýip, Nury içini gepletdi. ― Özem... oňat ýaşaýyş şu! Özleriçe oňat-da! Kiçi dilden igenişen bolsalaram, bir-birinden göwün-garny ýok. Bolýa-da şol!» Nurynyň göz öňüne merhum kakasydyr ejesi geldi. Ol uludan demini alyp, öz çagalygyny ýatlap başlady. ...Kakasy käte bazara giderdi. Eşegine münüp ugramanka, onuň sargytdan ýüki ýeterdi: ― Kakasy, sabynjygam alawergin! ― Bor! ― Özüňe bir, ädik almagam ýatdan çykarma! ― Bor, keýwanym! ― Kakasy, baraňsoň, eşegi pugtarajyk daňaýmasaň-a, göz-gülban eder... ― Bor-how! ― Kakasy, puluňa pugtarak bolawergin! ― Ýak, nätdiň-aý muny! Ömür bazara gidip görmedik ýaly etdiň-aý. ― Bolýa, bolýa! Özüň sag-aman gelseň bolýa, kakasy. Kakasy gözleri ýolda goýup, gün öýlä tarap aganda, bazardan geler. Ol eşekden düşmänkä, ejesi ogullarynyň baryny aýaga galdyrar: ― Nury, kakaň eşegini tut! ― Kerim, saçagy alyp çyk! ― Jumamyrat, kakaňa ýassyk taşla! ― Annamyrat, ýygna aşyklaryňy! Diýlen zatlar göz açyp-ýumasy salymda ýerine ýetýär. Kakalaryny hangöter edip diýen ýaly, düşege geçirerler. Bir käse çaý içip, maňlaýy çygjarandan soň, kakasy janyny barlap ugrar: ― Keýwany, kişmişi nähili gördüň? ― Kişmiş dagy däl eken. Nädip tanadyň, kakasy? ― Beh, tanaman-how, çölde önüp-ösenog-a bu adamlar. Ýeri, ol almany niçik gördüň onsoň? ― Almaňam gowy. ― Mata nähili, mata? ― Mata kemi ýok. Tüýs meň gözläp ýörenim-dä! Kakasy muňa monça bolardy: ― Dogry-da, «Erkekler mata tananok» diýşen bolýaňyz ýene! ...Nury uludan demini aldy: «Aý, oba adamlary-da diýjeksiň! Gaty gidiberse, köne adamlaram diýjeksiň. Ýöne şol köneler köpleriň oňarmaýan zadyny ― bir-birini begendirmegi oňarýan eken, görseň!» *** Göýä gyzjagazy «Kaka, ejem ikiňizem birwagt söýşüp görüpmidiňiz-aýt?» diýip soraýan ýaly, Annamyrat şo-ol söýşülen döwürleri ýatlap ugrady: ― Söýşüpmi? Baý-ba-a... Hol gün Nury kakaň aýtd-a biziň nähili söýşenimizi... Men, gyzym, kän zatlary gürrüň bererdim welin, arman, saňa entek o zatlary aýtmak bolanok-da. Biz ilkinji gezek duşuşyga çykanymyzda dagy... Olaryň ilkinji duşuşyklary beýleki millionlarça ilkinji duşuşyklara hem meňzäpdi, hem meňzemändi. Annamyrad-a şonda aýtsam diýip ýören zatlarynyň birinem aýdyp bilmedi. Gaýtam, niredäki ýok zatlaryň gürrüňini tapdy. Öz deň-duşlaryna, bile tirkeşýänlerine at dakyp, Gurbangüli güldürjek boldy. Gurbangül bolsa ikiniň birinde töweregine garanjaklap, «Ejem garaşýandyr, ejem bilendir» diýip, galpyldady durdy. Hoşlaşykdan soňam Annamyrat: ― Ýene bir zat aýtjakdym welin... ― diýip, ýaýdanjyrap otyr. ― Basymrak aýt, Annamyrat, men gitjek! Annamyrat näçe günläp kelle döwüp, oýlap tapan pirimine baş urdy: ― Ony diňe gulagyňa aýtmaly-da! Gurbangül bujagaz pirime bilip çolaşdymy ýa-da bilmän, garaz: ― Aýt onda, ýöne çaltrajyk aýt! ― diýip, bir gulagyny bäri tutdy. Annamyrada-da geregi şol, pursatdan peýdalanyp, onuň ýaňagyndan ogşap goýberdi zaluwat. Gurbangül içini çekip, ýylan gören dek, arkan serpdi. Annamyradyň göwnüne, ol honda zyňlyp düşen ýaly boldy. Gurbangül ýüzüni tutup, biraz durdy-da, birdenem: ― Ýerçeken, ejeme bir aýdaýyn... ― diýip, öýlerine tarap ylgap gitdi. Şol gije Annamyrat öýlerine nädip gelenini bilenok. Ýöne uzak gije uklap bilmänligi welin oňat ýadyna düşýär. Asyl daşarda bir it üýrse-de, ziňkildedi ýatdy. Göwnüne, «Hany şol haramzada?!» diýip, gapydan Gurbangülüň ejesi giräýjek ýaly boldy durdy. Daň atyp, dünýe giňedi, ýöne Annamyradyň derdi ýeňlemedi. Aýylgançdan-aýylganç pikirler kellesine geldi: «Ejesine aýdandyr, ejesem göni direktoryň ýanyna barar indi. Direktoram ilkinji sapakda klasa geler-de, «Toýlyýew, çyk orta!» diýer. «Ynha, okuwçylar, serediň şuňa! Bu bütin mekdebi masgara etdi» diýer. Mekdepde gaýgy-gamsyz gülşüp-degşip ýören synpdaşlaryny görende, Annamyrat içinden «Bagtly adamlar!» diýip, uludan demini aldy. Birdenem «Bular meniň üstümden gülýän bolaýmasyn?» diýip, iňkise gitdi. Öten agşam onuň ýeke-ýekeden at dakyp, ýamanlap çykan ýoldaşlary ýanyna gelip: ― Ýer-ow, Annam, ýüzüň salyk-la bu gün? Ýaraňokmy? ― diýşenlerinde, onuň tas ýüzüniň bir gat hamy sypyrylypdy. Şol günki okuw sag-aman gutaransoň, Annamyrat öz öýlerinde galmagala garaşdy. Öýe habar ýetendir öýtdi. Geň ýeri, öýde-de onuň masgaraçylygy barada gep-gürrüň bolmady. Bu was-was keselinden ýaňa halys surnugan Annamyrat «Wah, beýle boljagyny bilen bolsam, bäş-alty gezek dagy ogşamaly ekenim ogşanyma görä!» diýip, içinden ahmyr çekipdi... ― Hä-ä-äý, gyzym, bi ejeň birwagt ýaman heläk edendir meni ― diýip, Annamyrat ýylgyrdy. Ol soňrak içerki otagyň gapysyna gözüni dikdi, şonda gözlerindäki ýylpyldy sönüp, ýüzi gamaşdy. ― Häý, ejeňem... Arada tersleşenimizde, şonam ýüzüme basd-aý... Şol gezek synpdaşlarymy, ýoldaşlarymy ýamanlanymy ― diýip, ol başyny ýaýkady. *** Bir gün Annamyrat Aýgüljigi ýanyna çagyrdy-da, aýalyna-da eşitdirip: ― Gyzym, men ertirden, rugsada çykýan! Oba gitjek! Senem gitjekmi meniň bilen? Hol Döwlediň ýanyna gitjekmi? – diýdi. Onýança Gurbangül içerden: ― Aýgü-ül ― diýip gygyrdy. ― Menem gitjek ertir oba! Ho-ol eneň ýanyna. Senem gidäý eneň ýanyna, bolýamy? ― diýip, soňrak içerden Gurbangülüň batly sesi eşidildi. Ine, onsoň, ertes-ä däl, birigünlügi bular ýola düşdüler. Annamyrat demirýol kassasyndan iki sany bilet alyp, birini Aýgüljigiň eline tutdurdy: ― Bar, gyzym, ejeňe eltip ber! Aýgül birsalymdan ylgap geldi: ― Ejem «Kakaň bildi gerek däl, özüm alaryn» diýýä... Şeýdip, är-aýalyň hersi bir wagona münüp, oba tarap rowana boldular. *** Annamyrat gelen güni, Nury inileriniň ählisine çakylyk iberdi. Dört dogan, üç elti, üç öýüňem çülpesi ― bir saçagyň başyna üýşdüler. Nurylaryň öýi şol gün gyzan bazara döndi. Köçeden geçenem «Nurylar-a şu gün kiçiräk bir toýuň tutumyny tutupdyrlar-ow» diýip ötdi. Bu «bazary» kesesinden synlan Annamyrat Gurbangülüň birwagtky gürrüňini ýatlady. Onuň «Toý gününiň ertesi çaýa oturanymyzda, kürtäniň bir çetinden jyklap, seretdim welin, görsem, saçagyň töweregi doly adam. Toýuň myhmanlaryndan entegem gaýtman galan kän-ow diýdim içimden. Asyl görüp otursam, hemmesem özli-özüňiz ekeniňiz» diýeni hakydasyna gelip, Annamyrat buygtyýar ýylgyrdy. ...Nahardan soň, maşgala maslahaty başlandy. Gün tertibinde-de ýekeje mesele ― o-da Annamyratlaryň meselesi. ― Adamlar, bi Annamyrat begimiz-ä bulaşdyryp ýör soňky döwürde ― diýip, Nury söze başlady. ― Dogrusy, muny, gelinler, sizden birazajyk gizledik. Ýöne, näme, kemçiligi gizläniň bilen, ony düzetdigiň däl. Onsoňam, siz häzirki boljak gürrüňden eýýäm habarlysyňyz, sebäbi bir zady näçe gizledigiňçe, gelinler ony şonça-da gowy bilýärler. Yhm... ― Nury gürrüňi nädogrurak başlanyny aňyp, dilini dişledi, äheňini üýtgetdi. ― Nädip bulaşdyrýanynam, ynha, Annamyradyň özi aýdyp beribersin... Annamyrat sakyna-sakyna, bolan zatlary üzlem-saplam gürrüň berdi. Ol hekaýatyny gutaryp-gutarmanka, onuň özünden uly agasy Jumamyrat wahahaýlap gülüp goýberdi: ― Ýak, inijik, senem oňardyň-aý! Bulaşdyrýa diýseler, işiňde bir kemçilik bolaýdymyka öýdüpdirin menem... Aý, bir aýalyň göwnüni tapyp bilmejek bolsaň, senem özüňden gör-dä! Jumamyrat şunuň bilen ähli meseläni çözdüm edip, Nurynyň ýüzüne seretdi. Görse, Nury gaşyny çytyp, gözüni alardyp otyr. Onsoň Jumamyrat «Ähm-ühm» etdi-de, dymdy. ― A-how, Nury, şu Annamyradyň dawasyna-ha menem düşünemok-how! ― diýip, Kerimem birden Jumamyrady goldap başlady. ― Äý, seniň öý ýerinde öýüň bolsa, aýal ýerinde aýalyň, çaga ýerinde çagaň bolsa, garnyň dok, egniň bitin bolsa, başga näme gerek saňa. Oňuş-da ýör-dä, içigar galan. Nurynyň aýaly Orazgül erkekleriň gürrüňini gutardy hasap edensoň, gaýyn enesinden galan köneje igini pyrlap oturyşyna, sypaýyçylyk bilen söze goşuldy: ― Annamyrat ýüwürjim, sen bir zady oňarmaýarmykaň diýýän. Aýal diýlen adam bilen deň bolup durmazlar, ugruna kowubirler. Gepine-de çişmezler, gürrüňine-de. Şonda-da ýene senden aýrylyp gitjek ýeri ýokdur... ― Aý, beýtseň, aýal depäňe çykaýar ― diýip, Kerim öz aýalynyň ýanynda oturanlygyny unudaýan ýaly, ap-arkaýyn gürledi. Hernä, aýaly onuň bu sözlerine üns bermedi, ýöne öz pikirinem aýtman galmady: ― Ýüwürjim, men saňa bir maslahat bereýin. Sen ýöne utanan bolma... Aýal maşgala näçe köp dogrup, çaga basyberse, şonça-da akyllanýandyr. Seniňkem entek akyllanar. Annamyradyň kiçi gelnejesi bolsa, kim näme aýtsa ― makullap, başyny atyp otyr. Annamyradyň özem bu maslahatlardan belli bir netije çykaryp bilmänsoň, Nurynyň Aýgül bilen ýaşytdaşja ogly Döwletjigiň başyny sypalan bolup, şondan gözüni aýyrman, dymyp otyr. Kiçi inisiniň bu bolup oturyşyny görüp, Nurynyň ýene ýüregi awady. Ol gyşaryp ýatan ýerinden birden galdy-da: ― Annamyrat, onyňam bilemok-munyňam, ertiriň özünde git-de, Aýgül dagyny getir öýe! Ol... Enesiniňkä gelipdir diýdiler. Alyp gel! Gürrüň gutardy! ― diýdi. Oturanlaryň Annamyrat başlyklaýyn hemmesem ýeňillik bilen uludan dem aldylar. *** Kakasyny uzakdan tanan Aýgüljik gollaryny ganat ýaly gerip, bäriligine eňdi. Muny görüp, Annamyradam ädimini çaltlandyrdy. Aýgüljik şol patanaklap gelşine, büdräp, tüwdürilip gitdi. Annamyradyň ýüregi üzülip gaçan ýaly boldy, ol özünden biygtyýar «Wah-h!» diýdi. Öň-öňler beýle bahana tapsa, tä biri gelip galdyraýýança wägirip ýatýan Aýgüljik bu gezek jyňkynam çykarman, böküp turdy-da, ylgap gaýtdy. Ataly-gyz, hamana, kyrk ýylyň aýraçylygyny başdan geçiren ýaly, şeýle bir gujaklaşdylar. Aýgüljik kakasynyň elinden tutdy-da, kör iden ýaly edip, enesiniňkä tarap süýrekläp ugrady. Gaýyn enesi Annamyrady sowuk-sala garşylady. Onuň salamyna diňe iki agyz: ― Giýew, gurgunmysyň? ― diýdi. ― Hol törki tama baryber, Gurbangülem oturandyr... Gapydan giren adamsyny görüp, Gurbangülem bir ýerinden galdy-da, sesini-üýnüni çykarman, ýene aşak oturdy. Gaýyndyr giýewiň, är-aýalyň çaý başynda-da gürrüňleri alyşmady. Aýgüljigiňem tükeniksiz sowallaryna oňly jogap beren bolmady. Gaýyn enesiniň käselere çaý guýuşdyrýan ellerine seredende, Annamyrat ýene toý gününi ýatlady... Bu obanyň bir däbi bar: Durmuşa çykýan gyz öz ýigidiniň öýüne ugramak üçin maşyna münende, onuň ejesi ýörite alnyp goýlan täzeje çyrany ýakyp, gyzyň ýanyna münen jorasynyň eline tutdurýar. Onsoň şol çyrany söndürmän, gelniň täze öýüne alyp gelmeli. Toý güni. Gurbangül süýnüp-sarkyp gelip, maşyna mündi. Bada-bat maşynyň daşyna adamdan diwar aýlandy. Gelne ak pata berildi. Gelnalyjy bilen gelenleriň barysy maşynlaryna atlanyp, heşerlenişdiler. Şol wagt kimdir biri: ― A-how, çyrany getiriň-how, çyrany! ― diýip gygyrdy. Yz ýanyndan, adamlary aralap, alňasap gelýän, eli çyraly Gyrmyzy eje göründi. Ol ýanyp duran çyrany maşynyň aýnasyndan uzatjak bolanda, çyra patda sönäýdi. Gapdalda duranlaryň biri bada-bat oňa otluçöp uzatdy. Şonda-da Annamyrat öz gaýyn enesiniň ullakan, zenanyňka meňzemeýän, jaýryk-jaýryk bolup duran ellerine geň galyp seredipdi. Ol eller şol wagt eýesiniň diýenini etmän, sandyraşyp, titreşip durdy. Gaýyn enesi çyrany ýakyp bilmän, kän kösendi. Birdenem, bir eli çyraly, beýleki elem otluçöpli, aljyrap durşuna, aglap goýberdi. Duranlaryň biri gülüp: ― Goýuň-a, Gyrmyzy eje, siz-ä... ― diýdi. Annamyrat däp-dessury unudyp, maşyndan atylyp çykdy. Baryp, gaýyn enesiniň elinden çyrany aldy: ― Ýakyň indi, daýza, ýakyberiň! Diýenetmez çyranyň peltesi bada-bat lowlap tutaşdy. Gyrmyzy eje gözýaşyň arasy bilen gyzynamy, giýewsinemi ýa-da ikisine-de birdenmi ― ýüzlenip, diňe «Guzym... guzym!!!» diýip gaýtalaýardy. Gyrmyzy ejedir adamsynyň hiç çagasy durmazdy. Ogul bolsun, gyz bolsun, doglanyny doglan ýaly ajal ellerinden aldy durdy. Ýaşaýşyň tanabyndan ýapyşyp galan bir Gurbangül boldy. Är-aýal şojagaz ýekesini nebir azaplar, nebir hupbatlar, nebir umytlar bilen aýak üstüne galdyrdylar. Kakasy oňa «Oglum!» diýse, Gyrmyzy eje «Özüm!» diýip ýüzlenerdi. Ony hatda biri-birindenem pynhanlykda gabanyp gezerdiler. Öýüň ýekesem özüňe belli. Ejesi bir köwşüni geýip, beýlekisini geýmänkä, Gurbangüljik «Menem gitjek!» diýip, onuň syýnyndan ýapyşardy. Kakasy bir ýere gitjek bolup, eşejigini gaňňalan badyna, Gurbangülem eşegiň ardynda peýda bolardy. ― Gyzyňa, bir haý diýäýseň bolmaýarmy? Yzymdan galanog-a meniň. Toýa-ýasa barjagyň bar, oturyp-turjagyň bar, bolmaz-a guýruk ýaly edip, yzyňa tirkäp ýörseň! Il näme diýer! ― diýip, kakasy käte çyny bilen käýinen bolardy. Käte-de: ― Bar, içerde güýmäp dur ony. Tä meniň garam ýitýänçä, gidenimi bilmesin ― diýip, aýalyna tabşyrardy. Tabşyranda näme! Ugrajak bolup durka, kakasynyň özi bir zadyny ýatdan çykaran bolup, gapynyň agzyna geler-de, «Yhm-yhm!» edip, ardynjyrar: ― Keýwany, men-ä gitdim onda! ― diýer. «Gitdim» sözüni eşiden Gurbangüljigem atylyp çykagada, eşegiň ardyna gonar. Ine, onsoň kakasy başyny ýaýkan bolar-da: ― Häk, ýene bolmad-ow! ― diýip, ýola düşer. Ol niredendir bir ýerden gelip, eşeginden düşen badyna-da, Gurbangül öýde bolaýsa: ― Oglum! ― diýip, gygyrar. ― Hany, kakaň eşegini bir eltip daň! Gurbangüljik özüne şeýle möhüm ýumuş tabşyrylanyna monça bolup, eşegi ýatagyna tarap idekläp giderdi, eltip, onuň ýüpüni gazygyň daşyna iküç gezek aýlar-da, pugta daňdym hasap edip, yzyna bökjekläp gaýdardy. Soňrak, gyzy öýe girensoň, kakasynyň özi assyrynlyk bilen baryp, eşegi daňmalysy ýaly daňyp gaýdardy. Adamsy ýogalansoň, Gyrmyzy daýza gyzyna hem eje, hem ata boldy. Gyzy agzyny açmanka, onuň aýtjak zadyny öňünden, derdini gözünden aňmaga endik edindi. Onuň üçin şu dünýäde Gurbangülden düşnükli adam ýokdy. Gurbangül barada söz açmaly bolsa, ol telim gije-gündizläp gürrüň berip oturmaga taýyndy. Näme hakda gep açylsyn ― ilki sözüni «Biziň Gurbangülümiz...» diýip başlardy. Şeýde-şeýde, ony kemala getirdi. «Kişi maşgalasydyr, baran ýerinde dili gysga, eli çolpy bolmasyn» diýip, özüniň bilýän bir hünäri bar bolsa, gyzyna öwretdi. Annamyradyň hossarlary at tezegini guratman gatnap ugranda, Gyrmyzy eje başyny has-da dik tutdy. Daşyndan aýtmaga ejap etse-de, içinden «Gyz däldir-de, gyzyldyr» diýip, öwran-öwran gaýtalady. Ynha, gel-gel indem onuň şol ýeke-täk gyzyna, şeýle düşbi, edepli, hünärli gyzyna hiç kim düşünenokmyş. Indi onuň gylygyndan kemçilik tapanmyşlar... Ynha-da, kesekä ýagşylyk etseň! Gyrmyzy eje şu gezek berk hyýala münüpdi. Gyzynyň bir ýyldan gowrak wagt bäri solup-saralyp ýörmegi, ahyrsoňunda-da aglap gapydan gelmegi onuň ýüregini mazaly çişiripdi. «Boluber indi şu öýde!» diýipdi gyzyna. «Dar garna sygan giň öýe sygmazmy!» diýipdi. «Şol sataşman geçenlerem indi bir gelsinler, işigimden indersem näme!» diýipdi. Ýöne Aýgüljik «Ene, seýet, kakam geldi, seýet!» diýip, Annamyrady idip gelende, ol ýene dözmedi. Agtygynyň begenjinden uçaýjak bolşuny görüp, az-kem ýumşady. ― Siziň näme paýlaşyp bilmeýän zadyňyz bar, giýew? ― diýip, Gyrmyzy eje birden söze başlady. Az salym dymdy-da, ýene dillendi. ― Bu dawalary çözmek, bu geplere goşulmak heleý işem-ä däldir welin... nätjek, erkegim bolmansoň... Kakasy üstümizde bolup duran bolsa-ha... ― Gyrmyzy eje başyndaky köne ýaglygynyň çowuny gözüne ýetirdi. ― Onda bu gürrüňleriň hiç biri bolmazdam welin... «Kakasy bolup duran bolsa, sen jyňkyňam çykaryp bilmezdiň diýjek bolýa!» diýip, Annamyrat içinden özüçe netije çykardy. ― Sen, ahyrynym, näme kemçilik tapdyň gyzdan? Naharyňy bişirmedimi, kiriňi ýuwmadymy, myhmanyňy gaýtarmadymy, ä? ― diýip, Gyrmyzy eje birden gyzyp ugrady. Annamyrat bu gürrüňe kän taýýarlyk görüpdi, şonuň üçinem ol alňasaman, sowukganlylyk bilen dillendi: ― Daýza, Gurbangül siziň gyzyňyz bolsa, menem özümi siziň ogluňyz hasap edip ýörün. (Şu başky sözlem, Annamyradyň pikiriçe gaýyn enesiniň badyny almalydy). Şonuň üçinem, näme gürrüňiňiz bolsa, ikimize-de deň aýdyň. Käýejek bolsaňyz, ikimize-de deň käýäň! Ýeri, men Gurbangüle näme ýamanlyk edipdirin? Gazananymy öýe getirmänmidirin, iýmek-geýmekden gysypmydyryn, ýa oňa bir ýerde ikilik edipmidirin, urup-sögüpmidirin... ― Wiý, sen onda iýmek-geýmekdenem gysjakmydyň, urubam-sögjekmidiň?! ― diýip, Gyrmyzy eje-de gaharyna ters dawany tutup başlady. ― Sen oglan, pikir etme ― munuň eýesi ýok, hossarsyz diýip! Ölmesem, özüm eýe-de duraryn, hossaram çykaryn. Sen meniň naçarlygyma seretme! Annamyrat içinden «Eý, toba, ejesi şeýdip duransoň, hany, gyzy bilen düşüniş-dä, düşünişip bilseň!» diýip, bu bolşa şaýat gözleýän ýaly, töweregine ýaltaklady. Içerä dymyşlyk aralaşdy. Gyrmyzy eje özüniň öte geçenini aýal duýgurlygy bilen aňyp, tiz köşeşdi. Basyk ses bilen dillendi: ― Adamyň bu dünýede dört sany enesi hem atasy bolarmyş, giýew! Bir-ä öz ene-atasy, beýlekisem gaýyn enesi bilen gaýyn atasy. Onsoň o dünýede adamy dört ýerde saklap, sorarmyşlar: «Şol dördüsini razy edip geldiňmi?» diýip... ― «Üstesine-de, köne düşünjeli, dindar! ― diýip, Annamyrat içinden belledi. ― Ýeri, sen akylly bolýan bolsaň, şu dünýäniň gürrüňini et-dä! Gyzyňa akyl ber, gyzyňa!» ― Daýzaň dogry gepi bardyr, giýew, gaty görüp oturma. Senden meniň eden tamam çykmady. Sen meni ahyr ýaşymda ýaman ynjytdyň... «Ýene meniň ýakamdan ýapyşýar-aý. Näme, gyzyny akja guş hasap edýärmikä? Aý, gyzy şeýle düşündirendir-dä, meni ýamanlap, özünem perişde ýalyjak edip goýandyr. Dogry-da, adamyň aýdan sözünem, hereketinem nähili düşündiresiň gelse, şo hili düşündiribermelidi-dä. Ol ― düşündirýän adama bagly». Annamyrat aşaklyk bilen Gurbangüle seretdi. Gurbangül sesini-üýnüni çykarman, başyny aşak salyp otyr. «Eger meniň bilen oňuşjagy, agzybir ýaşaşjagy çyny bolsa, onda Gurbangülem şu wagt dymyp oturmaly däl-ä. Şu wagt başyny göteräge-de, «Eje, men öňki zatlary gaharyma aýdypdyryn. Annamyradam beýle erbet adam däl» diýse ýa-da iň bolmanda, «Eje, biziň özümiz düşünişeris» diýäýse, men munuň bar günäsini şol demde geçjeg-ä! «Ýör, Gurbangülüm, men ýalňyşypdyryn» diýjeg-ä! Depäme täç edip göterjeg-ä! Beýdip, meni ejesine daladyp oturjak bolsa, mendenem-ä oňly söz eşitmez. Men näme, öz göwnümi onuňkyça göremokmy?» ― Daýza, men sizi ynjydar ýaly hiç zadam edemok entek! ― diýip, Annamyrat daşyndan gürledi. ― Men siziň bilen göwün agyrdyşmak üçinem gelemok. ― Gyzymyň göwni agyran ýerde meniňki agyrmazmy, ä? ― Ýok, duruň entek. Kimiň kimi ynjadýanlygy heniz belli däl. Asla, kimiň günäkärligem belli däl. Häzir Gurbangül ikimizi dik durzup soraň: «Şu dawany kim başlady, näme üçin başlady?» diýip. Hiç birimizem oňly zat aýdyp bilmeris. Aýtsagam, ilki her kim özüni aklamaşak ederis... Ýöne men başga pikir bilen geldim. Bolan-boldy, geçen-geçdi, indi nätmeli, nähili karara gelmeli ― ine, men şony siziň bilen maslahatlaşmaga geldim. Indi günäkär gözleşip, bir-biregi kötekläp oturmaga wagt ýok diýen ýaly. Gurbangül aýdandyr, ikimizem kazyýete arzamyzy berip gaýtdyk. ― Gowy edipsiň, arzaňy beren bolsaň... ― diýip, Gyrmyzy eje kese bakdy. Birdenem, Gurbangüle seredip, syýasat üçinmi ýa-da çyny bilenmi, gazabyny duýdansyz şoňa gönükdirdi. ― Sen ganjygam meniň gözümi gaýgydan açdyrmadyň. Sen doglan günüňden başlap, şu ýaşyňa çenli diňe öz aýdanyňy edip gezdiň. Özüň saýladyň, özüň bardyň, otursaň bolmaýarmy indi gömlüp?! Beýdip, günde-günaşa meniň üstümi depeşek etdirip ýörjek bolsaň, näme üçin bardyň ozalynda? Ejesinden ömründe ýeke gezegem beýle sözleri eşidip görmedik Gurbangül tisginip gitdi, aljyrady. Näme üçindir, Annamyradyň ýüzüne seretdi. Annamyrat durup bilmedi: ― Daýza, siziň häzir gaty gaharyňyz gelipdir. Häzir bu gürrüňi goýaly! Men ertir, gaharyňyz gaçyşansoň geläýerin... ― Ýok, gelme ertir! ― diýip, Gyrmyzy eje sesini gataltdy. Ol «Häzir bellisini edip git!» diýjek boldy, ýöne gaharmy-gözýaşmy ― bir zat bokurdagyna tegek boldy-da, sözüniň yzyny aýtdyrmady. «Gelme!» sözüni eşiden Annamyradyň ýüzi agardy, ýeňse damary gatap, taýak ýaly boldy. Ol silkinip ýerinden turdy: ― Bolýa onda, sag oturyň, salamat boluň! ― diýdi-de, çykyp gaýtdy. Şol günüň agşamlygam otlynyň biline mündi. «Aýrylyşmaly ― gutardy! ― diýip, ol ýolda gelýärkä, ýüregine berk düwdi. – Gutardy! Maňa maşgala-da gerek däl, öýem, ylmam gerek däl, tylam. Beýdip ýaşandan, beýdip alym bolandan, oba gelägede, çopan bolanyň gowy dälmi?!». *** Annamyrat öz mellegindäki hapa-haşal otlaryň birki sanysyny şatyrdadyp gopardy-da, zyňyp goýberdi. «Haý, gerekli zat bolsaň-a, beýle bol bitmezdiň!» diýip, hüňürdedi. Bir ýerlerden azaşyp gelen garaja gürjini kesekläp kowdy. Onuň yzyndanam birsalym sögünjiräp durdy. Nagarasyny başga nämäniň üstünde döwjegini bilmän, ýüzüni öýlerine baka öwrüp, çiliň üstünde çökdi. Ýekelikde geçirilen şu üç-dört gün ony öňküdenem ýekesiretdi. Gijelerine ol bir öz ýerinde, bir gyzynyň, bir-de Gurbangülüň ýerinde ýatyp görýärdi. Şonda gözlerini ýumup, özüni bir gyzynyň, birem Gurbangülüň ornunda goýup görýärdi. Ýöne onuň kellesine öz pikirlerinden başga gelýän zat ýokdy. Ol pikirlerden bolsa Annamyrat itden beter iripdi. Ol käte öýde oturan ýerinden böküp turardy-da, daşyndan «Aýgül gyzym bir gelsin, ýeke gyzym bir gelsin, lälik gyzym bir gelsin...» diýip, samyrdap, bu otagdan ol otaga, ol otagdan bu otaga gatnap ugrardy. Käte, alasarmyk ukynyň arasynda gulagyna Gurbangülüňmi ― biriniň agysy gelerdi, ol ýalpa gözüni açanda, agy ýene diňýärdi. Birdenem, agasy Jumamyrat «Eý-eý, samsyk, sen munça pikiri başyňa ýapjakmy, janyň sagka, başyň ýaşka, dünýe parahatka, ýaşa-da ýör-dä!» diýip, bogazyna sygdygyndan hahahaýlap başlaýardy. ...Edil ýeňse ýanyndan çykan üzlem-saplam iňňildä çalymdaş ses Annamyrady diňşirgendirdi. Ol ses gelen tarapdan gözüni aýyrman, ýerinden galdy. Bu sesem, öňküler ýaly, gulagyna eşidilýändir öýdüp, şübhelendi. Onýança, ýeke oturan bir düýp şetdalynyň aňyrsyndan ýene ýaňky ses gaýtalandy. Annamyrat şetdalynyň düýbünde towşan ýaly busup oturan oglanjygy görüp, birhili boldy. ― Eý-eý, kim sen? ― diýip, ol gygyryp diýen ýaly sorady. Oglanjyk başyny galdyryp, ýaşdan püre-pür gözlerini Annamyrada dikdi: ― Men... Be-Begenç.. ― diýip, sojady. ― Begenç bolsaň, bärde näme işläp otyrsyň? ― A-aglap otyýyn... ― Näme üçin? ― Kakam uýdy-y-y... ― diýip, Begenç möňňürip goýberdi. ― Näme üçin urdy? ― Bilmedim... ― Beh! ― Annamyradam onuň gapdalynda çommalyp oturdy. ― Hany, goý entek! Kakaň bilen özüm gürleşerin-dä... ― E-jemem uýdy-y... ― diýip, Begenç öňküsindenem beterräk möňňürdi. ― O nämüçin urdy? Onam bileňokmy? Begenç başyny ýaýkady. ― Aý, ýok, inijik, beýle bolmaga haky ýok ― diýip, Annamyradam başyny ýaýkady. ― Bir betlik edensiň sen, ýogsa... ― Men a-azajyk betlik etdim... ― diýip, Begenç agynyň arasynda jogap gaýtardy. ― Kakam bolsa meni kö-öp uýdy... ― Hä, gördüňmi, aýtdym-a men... Bularyň maşgalasyna Annamyrat çalarak belet. Ol maşgalanyň nämä ilteşip, nähili saklanyp duranyna akyl çatar ýaly däl. Ynha, indi näçe wagtdyr ― bu maşgala günde bolmasa-da, günaşa bir yraň atyp dur. Ir säherden är-heleý başlaýarlar sene-menä. Ilki ýuwaşrak, soň gatyrak... Iň soňundanam bir-birine «Ýaz arzaňy-da, ýaz arzaňy!» diýip gygyryşyp başlaýarlar. «Ýok, arzany sen ilki ýazarsyň. Sebäbi, bar belaň körügi sende...». «Ýok, sen ýaz ilki, goluňam goý aşagyndan, soň men ýazaryn». «Ýazaryn, ýazman näme ― müýnüm barmy seň öňüňde!». «Hany, ýaz-da onda!» Soň az salym ümsümlik aralaşýar. Är-aýalyň ikisem oturyp, özlerini aýrylyşdyrmak barada arza ýazýarlar. Agşama çenli gürleşenoklar. Şol aralykda olaryň ulujasy Kakyşdan beter gönenýäni ýok. Kakyş kakasynyň ýanyna barýar, el serýär: ― Kaka, köpük beräýsene! ―Bar, ejeň bersin köpügi! ― Ejem zat berýäm-aý... Gysganj-a ol! Kakasy az salym oýurganyp durýar-da, jübüsinden iki-üç sany şaýlyk çykaryp, oglunyň eline tutdurýar. Bir salymdan seretseň, Kakyş ejesiniň gaşynda dilenip durandyr: ― Eje, köpük beräý-ow! ― Bar, kakaňdan al köpügi! ― diýip, ejesem ilki bir jabjynýar. ― Kakam berenok. Gysganç-laý kakam. Kakyşyň hilesi ýerine düşýär ― ejesi ýumşaýar-da, gapjygyny sermeläp ugraýar. Agşamara är-aýal nädýär ― ýaraşýar. Arzalar ýyrtylýar. Gopgundan gorkup, burça dykylan çülpejekleriň şadyýan sesi ýene öýi gaplaýar. Ejesidir kakasynyň ala-ýaz bolup oturyşlaryny görüp, neressejikler, baý, begenişýärler-ä. Ejesidir kakasyndan ýonan pullaryny sanap, Kakyşam begenýär. Bularyň kakasynyň bir saparky gürrüňi Annamyradyň ýadynda: «Äý, adamlar, beýdip ýörenden aýrylyşyp dynaýsa bolmaýarmyka diýýänsiňiz käbiriňiz. Menem diýip görýän şony özüme. Ýöne, bir-ä indi ýaş gidipdir, indi göwnümiň halanyny, gözümiň görkezenini alaýmak aňsat däl maňa. Onsoňam-how, «Öwrenişen ýagyň uruşmaga ýagşy» diýýä. Men häzirkim bilen nädip uruşmalydygyny, nädip ýaraşmalydygyny ýaňy-ýaňy öwrenip ýörün. Muny kowagada, başga birini alsam, onuň bilen uruşmagyň ýoluny öwrenýänçämem, ömür geçjeg-ä. Ondan, gowusy, gidişiber diýýän şunyň bilen, öz-özüme». Öň şu gürrüňi eşidende, Annamyrat il deňinde hezil edip gülüpdi. Indi şol gürrüň ýadyna düşende, onuň ýüregi bulandy. Köçe tarapdan bir gyzjagazyň: ― Begenç, Bege-e-enç! ― diýip, gulpagyny tasadyp geçenini gören Annamyrat ör turdy. ― Begenç pälwan, seni gözleýän ýalylar-la! Hany, ýör, kakaň bilenem... Oglanjyk onuň yzyndan ligirdäp ugrady. Bular köçä çykan badyna, hälki gyzjagaz bir ýerden zompa çykdy: ― Begenç, ýör, jigim, kakamam, ejemem urşanok indi, ýör! ― diýip, ol ýyrş-ýyrş edip durşuna, jigisiniň elinden garbap tutdy-da, ony öýlerine baka idenekledip äkitdi. Annamyrat köçäniň gyrasynda heýkel ýaly doňup durdy. Ol dek ýaňy, Begenjiň kakasy barada içinden «gybat» edip gelýärkä, öz-özüni keseden görüpdi. Özüni hol öňden goýberip, ýeňsesinden syn edipdi. Ömründe birinji gezek. *** Öz-özüni güýmemäge çalyşýan ýaly, «Ýitirdim ― tapdym! Ýitirdim ― tapdym! Tapdym, tapdym, tapdym!» diýip üznüksiz gaýtalap barýan otly zoguny uzyndan bir çaldy-da, badyny gowşadyp ugrady. Aýgüli bagryna basyp ýatan Gurbangül gözüni açdy. Gurşup giden çep elini gyzynyň kellesiniň aşagyndan çekip aljak boldy. Aýgüljik gözlerini açman, yňranjyrady. Gurbangül ony basyrganýandyr öýdüp, boş eli bilen maňlaýyndan sypady. Şol bada-da tisginip, elini yza çekdi. Aýgüljik ýanar oduň içinde ýatyrdy. Gurbangül alňasap, töweregine seretdi. Wagonyň içinde dik oturan adam ýok. Gurbangül göýä bu alagaraňkyda tenha özi gugaryp galan dek, hopukdy. Nätmelidigini Aýgüljikden sorajak bolýan ýaly, onuň egninden tutup, yzly-yzyna yralady: ― Aýgül, aý, Aýgül! Gyzjagaz diňe yňranmak bilen jogap gaýtardy. ― Aýgül, hany, gözüňi aç, gyzym, gözüňi aç entek! Wah, indi nädeýin... Bularyň garşysynda ýatan garryja aýal ýassykdan başyny göterip, tirsegine daýandy: ― Näm boldy, gyzym? Gurbangül edil ejesini gören ýaly, hamsygdy: ― Gyzym gyzdyryp ýatyr... ― Wiý, onuň üçinem nemeder oturarlarmy? Çagadyr-da... Men, ynha, näçesini ulaltdym welin... ― Garry aýal hyk-çoklap ýerinden galdy. ― Suwuň barmy ýanyňda? Hä, al şony. Mende, ynha, aspyryn bolmaly. ― Ol goltugyndan bir haltajyk çykardy-da, Gurbangülüň eline tutdurdy: ― Bar, hol ýagta çykar-da, saýlap al içinden aspyryny. Bir salymdan Aýgülüň gyzgyny gaýdyşyp ugrady. Gurbangül uludan demini alyp, ýaňky garrynyň ýüzüne minnetdarlyk bilen seretdi. ― Bir-ä garry-gurty bolsaň, birem çaga-çugaly bolsaň, dermanyňy ýanyňdan goýmazlar! ― diýip, garry oňa öwüt berip ugrady. ― Men, ynha, näçesini ýetişdirdim welin... Biraz salym pyşyrdaşyp oturanlaryndan soň, ikisem gyşardy. Täzeden bat alan otlam şol bir tükenmezine tutup, gidip otyr. ― Näme, äriň-zadyň ýokmudy, gyzym? ― diýip, bireýýäm ýatandyr öýdülýän garry aýal birden dillendi: ― Ýok ― diýip, Gurbangül birsalymdan jogap berdi. Soňragam: ― Bar ― diýdi. Muňa nähili düşünjegini bilmedik gürrüňdeşi onuň ýüzüne bir seretdi-de, soňam gümürtik äheňde «Heýlemi?» diýdi. *** Gapyny depip açdylar. Içini hümledip ýatan Annamyrat, hamana, öz böwrüne depilen ýaly, zöwwe dikeldi. Gapynyň agzynda gahardan, öýkeden, pürkülmän galan şerebeden ýaňa ýüzi çişip giden Gurbangül dur. Onuň gujagynda-da Aýgüljik keserip ýatyr. Öz başyndan inip biläýjek belalaryň iň erbedini göwnüne getiren Annamyradyň dyzlary epilip-epilip gitdi. Gyzynyň dünýä inen pursadyndan bäri bolup geçen wakalaryň barysy bir demde onuň göz öňünden zybyrdaşyp geçdi. ― Al gyzyňy! ― diýip, onýança Gurbangül azm urdy. Bu söz Annamyradyň gulagyna «Al almytyňy!» diýlen ýaly bolup eşidildi. Ol näme-de bolsa bir zat diýip, bogazyna sygdygyndan gygyrmak isledi. Şol pursat Aýgüljik kellesini haýallyk bilen oňa tarap öwürdi-de: ― Papa, men keşel boldum, sen gelmediň ― diýip, ysgynsyzja gürledi. Annamyradyň öýkenine ýygnan howasy birden çykdy, kiriş ýaly dartylan damarlarynyň bary birbada gowşady. Ol telefonly goňşusynyňka barýarka, göwnüne, düýşünde ylgaýan ýalydy. Goňşusynyňka ýetýänçä, ýarym sagat dagy ylgandyryn öýtdi. ...«Tiz kömek» gidensoň, är-aýalyň hersi Aýgülüň bir tarapyny alyp, onuň dem alşyna diň salyşyp ýatdylar. Birwagt, heniz öýlenmänkä, Annamyrat özüniň geljekki maşgalasyny bir gämi, özünem şol gäminiň kapitany hökmünde göz öňüne getirerdi. Kapitanyň bolsa aýdany-aýdan, diýeni-diýen bolmaly. Ynha, garaşylmadyk bir kynçylyk ýüze çykýar. Gämidäkiler dim-dik bolup, onuň buýrugyna garaşýarlar. Annamyrat ýeke agyz buýruk berýär welin... Indi-indiler şol «gämi» ýadyna düşende, Annamyrat ajy ýylgyrmak bilen oňaýýardy. Asyl, «kapitan» bolmak üçin diňe erkek bolup dogulmak ýeterlik däl eken. «Kapitan bolaýşyňy! ― diýip, ol häzirem, arkan düşüp, ýatyşyna, pikir edýärdi. ― Kapitan diýdiň, gämi diýdiň ― garaz bulam-bujar-a etdiň...» «Ýöne sen, herniçigem bolsa, erkek ahyryn! ― diýip, ol soňrak ýene öz-özi bilen içinden gürleşip ugrady. ― Erkek bolsa... Erkek bolmaly. Kynçylyk ýüze çykanda, onuň hasabyny tapmak ― erkegiň borjy. Eger ölüme gitmelem bolsa, ilki erkek gitmeli. Şonuň üçin tebigat oňa güýç-kuwwat beripdir, şonuň deregine ony çaga dogurmakdan we şuňa meňzeş jebirlerden azat edipdir. Erkegiň ejiziniň, namardynyň ata-baba bäri ýigrenilip, näletlenip gelmegem şondandyr... Beh, senem indi... Hany, tap-da onda bir çykalga, namart bolmajak bolsaň!» ― Bä-äý, gyzamygam erbet zad-aý... ― diýip, Annamyrat birden dillendi. Gurbangülden jogap bolmansoň, ol garysyna galyp, aýalynyň ýüzüne seretdi. Görse, Gurbagül potologa seredip, dodagyny dişläp ýatyr. ― Gurbangül, gel... goýaly şuny! Sen näme eden, näme diýenem bolsaň, men näme edenem bolsam, baryny unudaly... Besdir! Gurbangül ýalt edip, onuň ýüzüne bakdy-da, ýene potologa seretdi: ― Meniň saňa eden zadym ýok! ― Weý, onda men-dä bar belanyň körügi? Gurbangül sesini çykarmady. Annamyradyň ýene birwagtkysy ýaly, gulaklary gyzyp, beýnisi şaňlap başlady. Ol özüne basalyk bermek üçin az salym dymdy. ― Gurbangül!.. Obadan gelelim bäri, şu taýda geçiren üç-dört günümiň maňa beren hupbatyny bir bilsediň... Gurbangül bärisine öwrüldi: ― Sen meniň ejemi nä günde goýup gaýdanyňy bilýäňmi? ― Sen meniň şo ýere nähili umyt bilen baranymy bilýäňmi? ― Sen ýolda meniň gören görgülerimi... ― Sen nämüçin, ejeň bar gaharyny menden çykarýarka, burnuň deşilen ýalyjak, ak jüýje ýalyjak bolup oturdyň? ― Sen nämüçin... ― Sen nämüçin... Duzluja sözler aýtmaga endik eden diller ýene şol öwrenişen ugruna eňdi. Ikitaraplaýyn dawanyň bolgusyzja, köneje çarhy ýene jygyldap, aýlanyp ugrady. *** «Jora jan! Biziň-ä möhletimiz aýaklap barýandyr. Soň... Soňra juda hezillik bolaýjak ýalydy göwnüme, öň-ä. Göwnüme, aýrylyşmakdan aňsat zat ýok ýalydy. Bilmedim men-ä... Öňräk bir daýza bir rowaýat aýdyp beripdi. Maňa kakdyrýandyr öýdüp, tas alypdym ýakasyndan... Hawa, bir zaman bir adamyň ýekeje gyzy bolanmyş. Ol gyzyny gaty gowy görer eken. Ogul deregine saýar eken. Onsoň ol gyz ýetişipdir. Ýetişipdir-de, bir ýylmanak ýigit bilen halaşypdyr. Halaşypdyr-da, oňa bararman bolupdyr. Kakasam näme, gyzyny çykarmasa, alajy ýok. Çykarypdyr. Bir-iki ýyl geçip-geçmänem, ýaňky gyz adamsyndan talagyny alyp gelipdir. Kakasy muňa şunça namys etse-de, zat diýmändir, içine salyp geziberipdir. Ýaňky dul welin «Wah, kakajan, meniň ýüregim ot aldy, ýüregim!» diýip, uzak gijeler aglap çykýarmyş. Kakasynyň muňa gaharam gelýär, nebsem agyrýar diýýä. Onsoň ol gaharynamy ýa-da çyny bilenmi ― gyzyna şeý diýipdir: «Bar, hol ilerdäki suwly ýabyň içine gir-de, otur, tä ýüregiň ody ýatyşýança» diýipdir. Gyz maňlaýygara daňdana çenli oturanmyş. Daňa golaý welin ýaňky ýabyň suwy lasyr-lasyr gaýnaberipdir. Ine, şondan bärem, ýaplaryň suwy ilkagşam sowugrak, daňdanlaram ýyp-ýyly bolýa diýýär... Wiý, bu bolgusyz gürrüňleri men nämüçin ýazyp otyryn-a, seniňem kelläňi agyrdyp! Bu aralykda duluň gürrüňi nireden tapyldy diýsene. Bolýa, boýdaşym. Bizem başa gelenini görübiris-dä. Annam han nätse, bizem şeýderis. Içini hümledip, gezib-ä ýör şu wagt. Kim bilýä, munuň içinde näme baryny. Wah, bular tohumy bilen şeýle ahyryn. Boljak iş bolýança, näme etjek bolup ýörenlerini eger-eger bilmersiň. Aý, bolýa-la. Basym bileris, ynha. Berlen möhletem-ä gutaryp gelýär. Men, birhili gorkýan, jora jan, gaty gorkýan...» *** ― Aýgül, indi nirä barýaň, aýakýalaň, başy açyk? Özüňe ýaňy jan girdi seniň. Hany, gel bärik. Çaý içjekmi? Bolýa, içmeseň, menem içjek däl. Kelläň agyrýarmy? Aý, berekella. Meniňkem agyranok şu wagt... Biz-ä, gyzym, hol gün tas ýaraşypdyk ejeň bilen. Eger ejeň şonda birazajyk podderžka eden bolsady... Aý, podderžka nirede mundan. Annamyrat öz «gürrüňdeşini» gaşynda oturdyp, ýene hekaýata başlady: ― Äý, gyzym, adamzat döräli bäri bir-biregi tanamagy öwrenmän eken. Meniň dagy birwagt şü ejeňden eden umytlarym... Uzak gijeler öz-özüm hyýalbentlik edip, muny Agaýunus periniň deňine ýetirerdim. Iň gowy gyzda nähili gylyklar bolmalydyr öýdýän bolsam, şol gylyklaryň barysy şunda bar ýalydy. Dost-ýarlarymyň ýanynda muny bir taryp edip başlasam, aňyrsyna çykyp bilmezdim. Şol tarypnamalarym zerarly, indi dost-ýaryň ýanynda özüm utanýan... Bu meniň göz öňüne getirýänim däl eken, asyl munda o gylyklaryň ýarysam ýok eken. Özüň bilýäň, gyzym, men bir gyzma, ynanjaň, yňdarma adam. Beýle adama bolsa parasatly, göwrümi giň, geçirimli ýoldaş gerek. Ikimiz toý tutanymyzda, bir mugallymymyz, aýal adam bir tost aýdypdy, bir belli şahyrdan mysal getirip. «Biriňiz ot bolsaňyz, beýlekiňiz suw boluň!» diýdi ol şonda. «Eger ikiňizem ot bolsaňyz, öýüňizi oda berersiňiz!» diýipdi. «Eger ikiňizem suw bolsaňyz, öýüňizi gark edersiňiz!» diýipdi. Indi görüp otursam, şol mugallym ýönelige şeý diýmän eken. Şol sözlere düşünýän adam bolsak, biz şu güne düşmeli däl-ä... Ýok, gaýtam, men mundan beter, bu menden beter. Annamyrat gyzynyň gulpajygyny sypalap, oýa çümdi. Bir salymdan, uludan demini alyp, sözüni dowam etdirdi. ― Aý, kim bilýä kimiň nähilidigini, kime näme gerekdigini. Belki, menem munuň göz öňüne getireni däldirin. Belki, bu-da meni başgarak keşpde, başgarak häsiýetde görmek isländir. *** «Men ärimdenem dilgir, gaýynlarymdanam, ejemden, hatda özümdenem nägile. Olaram menden razydyr öýdemok. Adama öz-özünden ýakyn syrdaş ýok diýerdiň sen. Men bolsam, adam üçin özünden uly ýagy ýok diýen netijä geldim. Men öz-özüme duşman boldum, öz-özümi ýeke-ýalňyz goýdum». *** Hiç zatdan bihabar, bigünä çaganyň gamsyz gülküsi gulagyna degende, Gurbangülem biygtyýar ýylgyrdy. Ýöne göz açyp-ýumasy salymlyk bägül bolup açylan dodaklar birden büzüldi, eýjejik eňek dynuwsyz titräp, pyýala gözler ýaşa doldy. «Aglamaýyn, aglamaýyn! Aglanymy şol bir eşitmesin, ejizlänimi şol bir görmesin...» diýip, gelin dodaklaryny berk ýumdy. «Barybir, gözýaşa gark bolup öläýseňem, bir «wah» diýjek adam däl ol. Birwagtky «Sen gal, men öleýin» diýip duran Annamyradyň ýok indi». Niçe günüň agysy, niçe wagtyň ýalňyzlygy naçaryň erkine eýgertmedi. Gelin ilki ýuwaşjadan, soň has gatyrak ses bilen aglap başlady. Öňküsi ýaly gargynman-nalynman, arassa agy bilen aglady. Onuň «tükeniksiz» hatynyň üstüne paýyrdap dökülen gözýaşlar kagyza degen ýerini pakgardyp barýardy. Gurbangül birden hatyny garbap göterdi-de, ony sahypama-sahypa jyrrym-jyrrym edip ugrady... Içerki otagdan agy sesini eşiden Annamyrat zöwwe ýerinden galdy. ― Gyzym, ejeň aglaýan ýaly-la, gyzym... ― diýip, içerki gapynyň tutawajyna tarap elini uzatdy. Diňşirgenip durdy-da, ýene yza çekildi. ― Gyzym, ejeň aglaýar ahyryn! ― diýip, elewredi. Ýene gapa tarap çenendi, ýene çekildi: ― Sen, gyzym, nemet... Ejeň ýanyna bar, gyzym! «Eje» diý, «aglama» diý! Meni soraýsa «daşaryk çykdy, häzir gelýä» diý. Aý, sorabam durmaz-la, gyzym, hä?! Ýigit bir gapa, bir-de gyzynyň ýüzüne delmirip seretdi. Soň ardynjyrady-da, çilimini garbap alyp, eýwana tarap ugrady. ― Bar, gyzym, bar! ― diýip, ol çykyp barýarka, hümürdedi. ...Gapy jygyldap açyldy. Umyt bilen işige bakan gelin gapynyň agzynda ýaýdanyp duran gyzjagazyny gördi. Ol boýnuny uzadyp, gyzynyň üstaşyry has aňryk seretdi. Ýöne başga giren adam bolmady. Gyzyny bagryna basyp, gelin ýene ýuwaşjadan aglap ugrady. *** Biri otyr gözýaşa boglup, biri otyr tüssä boglup. Oýlanmak üçin berlen alty aý möhletden bolsa bary-ýogy bäş-alty gün galypdyr. Şu wagt has akylly, has tejribeli, eden işi ugruna diýilýän adamlaryň biri bularyň bolup oturyşyny görse, belki, «Haý, bu samsyklaryň gaýa-gopuz ýok ýerden, haçandyr bir wagt aýdylan ýeke agyz bijaý söz üçin tersleşen bolup ýörüşlerini!» diýer, belki gülerem. Gülmek gerekmikä berin?! Kömek KULY. | |
|
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |