09:50 Öýleniş / nowella | |
ÖÝLENIŞ
Hekaýalar
Durmuş guranlaryna alty aý bolup bolman gahar üstünde aýdylan bir agyz bijaý söz Nurmyrat bilen Nurjahanyň aralaryna erbet tow düşürdi. Bir bolgusyz zadyň üstünde galmagal turan şol gün gaharyna erk edip bilmedik Nurmyrat aýalyna: - Men saňa ýalňyşyp öýlenipdirin, indi gaty ökünýän - diýenini duýman galdy. Onuň bu sözi Nurjahanyň degnasyna gaty degdi. Ol: - Ýalňyşyňa ökünýän bolsaň, ýalňyşyňy düzetmäge entegem giç däl - diýdi-de, geýim-gejimlerini alyp, gapydan atylyp çykdy. Aýalynyň öňüne çykyp, yzyna gaýtarmaga Nurmyradyň hem erkeklik mertebesi ýol bermedi. Emma indi ol öýlenenine däl-de, Nurjahanyň gitmegine ýol berenine ökünýärdi. Aradan bir hepde geçensoň Nurjahanyň gahary gaçandyr öýdüp, ony alyp gaýtmak üçin başyny egip bardy. Emma Nurjahan kes kelläm razy bolmady. Ara wagt salyp, Nurmyrat ýene-de bardy. Ýene bolmady. Gepiň keltesi Nurmyradyň Nurjahanlara gatnama kemi galmady. Emma Nurjahan hem sözünden dänmedi "Ýalňyşan bolsaň, ýalňyşyňy düzet!” diýdi oturyberdi. Nurmyrat her sapar baranynda ýüzüne urulan ýaly bolup gaýdýardy. Onuň indi ne gündizine dynjy bardy, ne gijesine rahatlygy. Gije-gündiz içini it ýyrtyp, nätjegini bilmän gezdi. Bu ruhy azapdan dynmak üçin bir çäre tapmasa boljak däldi. Ahyrsoňynda ol "göwni başga biwepadan geç göwnüm" diýip, başga birine öýlenmegi ýüregine düwdi. Şeýtse köşeşerin öýtdi. Indi gelinlik tapmak meselesini çözmelidi. Otursa, tursa tanaýan gelin-gyzlaryny ýeke-ýekeden göz öňüne getirip kelle döwýärdi. Nurjahanyň Güljemal atly durmuşy bozulyp, atasy öýünde outran, özi ýaly kakasy ir ýogalyp, ejesiniň terbiýesinde ulalan boýdaşy bardy. Ol şoňa söz aýtsa, razy bolar, diýen karara geldi. Özüne göwni ýetýän gyzlaryň telpegi agan ýigide barmajagyny bilýärdi. Güljemal bolsa bagtynyň açyljagyny bilse Nurjahandan ýüz görüp oturmasa gerek diýen pikir bilen oňa söz aýtmak üçin pursat peýläp başlady. Nurmyradyň bagtyna şeýle pursat hem köp garaşdyrmady. Arada bazara baranynda her eline bir agyr sumka göterip gara dere batyp gelýän Güljemal öňünden çykaýmazmy. Nurmyrat soraşybam durman gelniň elinden sumkalary alyp, çykalga tarap ýöremek bilen boldy. - Dur, heý oglan, nirä barýaň? - diýip Güljemal onuň bolşuna haýran galyp aýak çekdi. - Seniňki name, bi salam ýok, älik ýok, meniň zatlaryma eýe çykyp ýörsüň? Nurmyrat öz bolşuny aklamak üçin çykalga tapdy. - Näme diýsene, Güljemal,men şu gün seniň bilen salamdan, beýlekiden äňry geçip, kän gürleşen ýalydym. Häzir pikir etsem, bu şu gün daňdan gören düýşüm eken. Dogrymy aýtsam, indi seni oýlaberenimden düýşüm bilen huşumyň hem tapawudyny bilemok. - Eý sen oglan, nämeler diýjek bolýaň? - diýip Güljemal gaşyny çytdy. - Näme diýjek bolýanymy maşynda aýdaryn -diýip, Nurmyrat ýöräp ugrady. Nalaç onuň yzyna düşen Güljemal: - Goýaweri, men seniň maşynyňa münmen. Zatlarymy duralga eltip berseň bolýar-diýip jibirindi. - Näme üçin meniň maşynyma münjek däl? - Münjek däl! Adamlar name diýer, Nurjahan bilen aýrylşyp indi Güljemal bilen tirkeşip ýör diýmezlermi? - Diýseler diýip geçsinler! Men bir ýüregimdäkini aýdaýyn saňa, soň islemeseň düşüp gidiber. Şundan soň ol tä maşynyň duran ýerine barýança bir agyz geplemedi. Güljemalyň özelenip aýdanlaryna-da gulak asmady. Zatlaryny maşynyna salyp, özüne-de" mün bakaly” diýip yşarat etdi. Güljemal onuň bilen eňekleşip durmagy özüne uslyp bilmän nalaç maşyna münmeli boldy. Nurmyrat awuny alan guş ýaly ýeňil göçüp, maşyna mündi-de motory otlady. - Öçür! Sürme, näme gepiň bolsa aýt, onsoň meniň zatlarymy duralga eltip ber! Güljemalyň äheňindäki gahar-gazaby duýan Nurmyradyň başdaky batyrlygy biraz gowşady. Şeýle-de bolsa düýä münüp, hataba bukulyp bolmaýşy ýaly indi yza çekilmek namartlykdy. - Güljemal, meni soňuna çenli diňle, soň nähili hokum çykarsaň sen patyşa, menem öňüňde günäkär bende-diýip, Nurmyrat gepi daşdan aýlap gürrüňe başlady: - Özüňe mälim, biziň Nurjahan bilen ýyldyzymyz düşüşmedimi, nämemi, garaz aýrylyşmaly bolduk… Nurmyrat aýaly bilen aralarynda bolan we bolmadyk zatlaram toslap tapyp, aýrylyşmaklarnyň sebäbini gürrüň berýärkä Güljemalyň kellesinde "Bu indi özüni akja jüýje edip görkezip, name diýjek bolýarka? Meni töwelleçi edip, Nurjahan bilen ýaraşdyrmagymy haýyş etjekmikä” diýen pikir aýlanýardy. Emma Nurmyrat sözüniň soňunda Güljemalyň ýedi uklap turanda düýşüne girmejek zady orta atdy: - Indi näme, menem bu dünýäden müjerret geçmeli däl-ä, öýlenmeli. Eger garşy bolmasaň saňa… - Näme,näme?! Maňa öýlenmekçimi? - Ana, üstünden bardyň, senem dünýäden ýalňyz geçmeli däl-ä. Iru-giç birine barmaly bolarsyň. Oturyberseň özüňden on, on bäş ýaş uly aÿaly ýögalan birine bararsyň. Beýdeniňden maňa gelseň… - diýip, Nurmyrat dünýä baýlygyny wada berip, ony yryp başlady. Onuň sözlerini gulagynyň daşyndan geçirip goýberen Güljemalyň kellesine üýtgeşik bir pikir gelip, ýüzünde ýeserje ýylgyryş peýda boldy, soň jykyrdap gülüp başlady. Güljemalyň gülküsini razylyk alamaty diýip düşünen Nurmyrat: - Sen razymy, Güljemal?-diýdi. - Bilmedim, ejem bilen maslahatlaşyp göreýin. Soň saňa bellisini aýdaryn. Indi meniň zatlarymy duralga eltip beräý. - Ýoklaý walla, taýyn maşyn hyzmatyňda duran wagty duralgada näme bar. Öňde soňda durmuş gurýan bolsak, kim näme diýse diýsin. Edil gapyňyzyň agzynda düşürjek - diýip, öz ýanyndan iş bitirenine ekezlenen Nurmyrat maşynynyň badyny güýçlendirdi. Güljemaly düşürip, öýlerine gelende onuň örän keýpi kökdi. Ol Güljemala öýlenjegine däl-de, Nurjahanyň ýakyn boýdaşyna öýlenip, onuň içini ýakyp, aryny aljakdygyna begenýärdi. Aýaly gideli bäri tukatlanyp ýören oglunyň keýpiniň köklügini gören ejesi: - Tüweleme, juda wagty hoş görünýäň, oglum. Gelniň bilen ýaraşypsyň öýdýän, ony indi haçan getirjek? - diýip sorady. - Onuň ýerine başgasyny getirjek, eje-diýip, Nurmyrat ýeserlik bilen ýylgyrdy. - Goýaweri bu name diýdigiň, düşündirip aýt! - Howlukma, eje ertir-birigün aýdaryn. Ejesi oglunyň aýtjak zadyny her näçe anyklajak bolsa-da, ol Güljemalyň "ejem bilen maslahatlaşyp göreýin” diýeni üçin entek bellisini etmän dil ýarmagy islemedi. Güljemalyň Nurmyradyň maşynyndan düşüp galanyny aýnadan görüp duran ejesi bilmediksirän bolup sorady: - Kim ol seni maşynyndan düşürip giden? - Seniň giýewiň boljak ýigit - diýip Güljemal güldi. - Näme gülýäň, kimkä ol meniň giýewim boljak? Güljemal bolan wakany gülüp-gülüp gürrüň berdi. - Erniň bir ýere gelenok-la, indi gel-gel jan ýaljak boýdaşyň ärine barjakmy, ýer çeken?! - Men Nurjahan bilen maslahatlaşaýyn, onsoň barjak barmajagymy aýdaryn. - Sen üýtgäp ýöreňokmy, gyz? Nurjahan bilen nämäni maslahatlaşjak? Seniň äriňe baraýynmy? - diýip nä ýüzüň bilen aýtjak? - Ony özüm bilýän eje. Sen sakawyň soňuna seret - diýip, ýylgyryp, eşiklerini çalşyrmak üçin içerki otaga girip gitdi. Munuň ýaly ýagdaýda eneler bellisini etmän çydap oturyp bilermi, ol haýal etmän gyzynyň yzyndan girdi. Eneli-gyzyň gürrüňi uzak dowam etdi. Mesele çözülen bolmaga çemeli. Ejesi Güljemalyň ýanyndan gülüp çykdy. Indi habary Nurmyratdan alsak, ol şo günüň ertesi Güljemalyň işden gaýdýan ýolunda dikil gazyk boldy. Emma sataşanynda Güljemal kän bir ýüz bermedi. Soragyna "entek ejem bilen gepleşemok” diýip dymdy duryberdi. Lapy keç bolan Nurmyrat ony ýene yryp başlady. Nurmyradyň ýary ýalan, ýary çyn sözlerine gülkisi tutan Güljemal gülmekden zordan saklanyp, çalarak ýylgyrdy-da: - Bolýar, şu gün gepleşerin, ertir jogabyny aýdaryn - diýip ony köşeşdirip goýberdi. Güljemalyň "şu gün gepleşerin” diýeni ejesi bilen däl-de Nurjahan bilen gepleşmelidigini, boýdaşynyň razyçylygyny alyp, onsoň Nurmyrada bellisini aýtmalydy… Ertesi işden gaýdyşyna öňünden çykyp duran Nurmyrada Güljemal: - Toýa taýýarlyk görüber, oglan - diýdi. Nurmyrat bu söze begenmegiň ýerine bir az dynyp, Güljemalyň ýüzüne birhili ünjüli garady: - Güljemal, taýýarlyk görer ýaly toý nämämize gerek. Senem menem ilkinji gezek durmuş guramyzog-a, dost-ýarlary çagyryp kiçiräk bir üýşmeleň etsek bolýa dälmi? - Diýýäniň name! - diýip Güljemal ör-gökden geldi. - Öýlenjegiň çynyň bolsa uly bolmasa-da, toý etmeli bolarsyň. Kejebäniň daşynda bäş-alty maşynlaram bolsun! Güljemalyň zabtyna garşy durarly däldi. Nurmyrat dil ujundan bolsada razylaşdy. Toý sähedi hem bellendi. Ine şundan soň Nurjahany hakyky ýitirjegine gözi ýeten Nurmyradyň içini ot alyp, bir hili howsalaly ýagdaýa düşdi. Eden işine puşman edip başlady. Toýdan bir gün öň gijesine ukysy gaçyp, daňdana golaý irkildi. Ol huşundaky ýaly eden işine puşman edip Güljemalyň ýanyna barýarmyş. Oňa "Güljemal, şu işi goýbolsun edäýeli”diýip ýalbarypmyş. Güljemal bolsa gazaba münüp: "Sen name, meni oýnajak bolýaňmy?! Hany indi yzyňa gaýdyp bir gör-dä! Men seniň gümüňi çekerin!”diýip haýbat atýarmyş. Ol tisginip oýandy. Bir salym gören düýşüniň täsirinde krowatdan aýagyny sallap, kellesini tutup oturdý. "Aý indi boljagy boldy. Ykbalymdakyny görerin, ýazgydym şeýledir-dä” diýip, içini gepledip,ýerinden turdy… Toý diýilen güni Nurmyrat kyrk, elli adamlyk saçak ýazdyrdy. Bagşynyň ýerine magnitofon aýtdyryp goýdy. Ýöne Güljemalyň tabşyrmagy boýunça bäş-alty bolmasa-da üç-dört maşyny kejebäniň ýany bilen ugratdy. Adamlaram "Telpegi agan ýigit bilen, durmuşy bozulan gelniň toýy şundan artyk bolýarmy näme”diýşip, bu ýagdaýy geňläp oturmadylar. Gelni alyp gaýdan maşynlaryň kerweni ala zenzele edip gelip ýetdi. Kejebe maşyndan başyna kürte atan gelni iki boýdaşy düşürip içeri girdiler. Märeke sowuldy, adamlar dargaşdy. Nurmyradyň hem gelniň ýanyna girmeli wagty boldy. Ýöne gelin oturan tama girmäge onuň bogny ysmaýardy. Çünki Güljemalyň "Näme üçin toýuň şagalaňy, bagşysy ýok?’’ diýip igenjegini bilýärdi. Emma gelin tamda özüne başgaça "igenç’’ garaşýandygyny ol bilmeýärdi. Öýlenýän ýigit içeri girip, gelin tarapa birki ädim ädeninden başyndaky kürtäni aýyryp,ýerinden turan gelin: - Arman, saňa ýalňyşyňy düzetmäge mümkinçilik bermediler-dä. Indi nätjek?-diýdi. Güljemalyň hilesinden bihabar Nurmyrat garşysynda duran özüniň Nurjahanyna gözlerine ynanman seredýärdi… Reýimbaý SABYROW. | |
|
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |