18:08 Redaksiýa hatlar / satiriki hekaýa | |
REDAKSIÝA HATLAR
Satiriki hekaýalar
Redaksiýanyň «Körpeler» bölümine: «Hoýmatly we gadyýly ýedaksiýa, Gaýagumda nämeleý ösýäýleý, haýsy haýwanlaý ýaşaýaýlaý? Taýýaýlyk klasyň okuwçysy Piýmyýat Meetduýdyýew». Gadyrly we hormatly okyjymyz Pirmyrat Meretdurdyýew! Siz Garagum çölüniň florasy we faunasy barada bilmek isläp, bize hat ýazan ekeniňiz. Biz okyjylarymyzdan beýle sowala öňräkden bäri garaşýardyk. Siziň sowalyňyza uly höwes bilen jogap berýäris. Sebäbi ülkämiziň ýaş patrioty hökmünde siziň bu sowalyňyz öz güneşli Garagumumyzyň florasyna we faunasyna muşdaklygyňyzy aňlatmaýarmy näme? Biz siziň soragyňyza jogap bermekligi haýyş edip, biologiýa ylymlarynyň doktory, Garagumda aýna kombinaty üçin maşgala potratçylygy esasynda selin taýýarlaýan hem ylmy iş alyp barýan G.Ç.Borjakowa ýüz tutduk. Gandym Çerkezowiç çölden ýaňyrajyk gelip, entek üstüniň çägesini hem kakyp ýetişmän ekeni. Eksponat üçin derisine selin dykylan tilkisini maşyndan düşürip duran wagty oňa gabat geldik. «Ýerine şagalyň gäbini goýup, bu tilki derisini özüme telpek edinäýsem öýdýän» — diýip, alym degişme äheňinde ýaňzytdy. Geliň, oňa gutly bolsun diýeliň! Bu işgär ylma köýdüren ýyllaryna gaty gynanýar. «Öňräkden selin ýygmaly ekenim» — diýip, ökünip aňyrsyna ýetip bilenok. Indem potratçylykdan, galyberse-de kärendeden, durmuşyň talaby bolan kooperatiwden bagt tapdy. Berekella! Gandym Çerkezowiç «ýandagyň köki uzynmy» — diýen temadan uzak-uzak ýyllap netijesiz ylmy iş ýazandygyny aýtdy. Onuň ýandak — diýip görgüsini görüp gazyp ýöreni asyl selin bolup çykypdyr. Geliň, oňa el çarpalyň! Sebäbi zezeliň ýarysyndan gaýtmagam bir peýda. Ylma köýdürilen kyrk ýyl yzda galdy. Hormatly Pirmyrat, siziň sowalyňyzy alyma aýdanymyzda ol, «Garagumda bananyň bitmeýänligi belli zat» diýdi. Akylly adamdan akylly söz çykýa-da! «Garagum çölünde kerkiň, piliň ýokdugy her akmaga mälim» diýip, ol ýylgyrdy. Genial adam! «Näme üçin men düýe bolup dogulmandyryn. Diňe ýandak otlardym» diýip, Gandym Çerkezow adam bolup dünýä inenine çyny bilen ökündi we ýürekden gynandy. Geliň, bizem bile öküneliň we gynanalyň. Gadyrly okyjymyz ýoldaş P.Meretdurdyýew! Olam özüň ýaly çöli söýýär. Krymyň bilbiliniň sesinden Garagumuň çybynynyň, aýakçysynyň iňňildisini gowy görýär. Kislowodskde belkalara pisse berenden çölde alakalara, ýalmanlara guwananyny gowy görýän adam. Göwresi Nalçikde ýüregi Çilmämmet gumda. Hormatly Pirmyrat Meretdurdyýew! Biz Garagumyň florasy we faunasy barada žurnalymyzyň №2, 7 we 11.1976 ý. sanlarynda ylmy işleri giňişleýin çap edipdik. Şeýle hem 1981, 1986 we 1988-nji ýyllardaky №6, 12 we 5-nji sanlaryndan Garagumuň florasy we faunasy barada okap bilersiňiz. Alymlaryň şol çykyşlarynda garagumyň tebigatyna ylmy nukdaý nazardan analiz berlendir. Farmasewtikanyň ünsüni özüne çekýän ýandagyň ýedi görnüşi bilen tanşyp bilersiňiz. G.Ç.Borjakowyň çykyşy geljek ýyldaky sanlarymyzyň birinde çap ediler. Ýazyp duruň. Sowallaryňyza garaşýarys! Redaksiýanyň «Saglyk» bölümine. Gadyrly redaksiýa! Men ýaňy on dört ýaşadym. Meniň eteňet bir derdim bar. Çep gözümi gyrpma keselim meni biynjalyk edýär. Ýaşym ösdügiçe-de, göwnüme bolmasa, şol eteňet dert beterläp barýan ýaly. Klasdaşlarym maňa gyrp-gyrp lakamyny bireýýäm ymykly dakdylar. Men şol keselim sebäpli birnäçe sapar köpçülikde ýenjildimem. Gyzlara göz gyrpýaň diýip meni köplenç awtobus duralgalarynda, tomaşa jaýlarynda üýşüp urýarlar. Entegem ýaş diýip meni käte halas edýän tapylaýýar: Eger men kämillik ýaşyna ýetsem, onsoň ýagdaýym nähili bolarka?! Onsoň dat günüme. 8-nji klasyň okuwçysy Oraz Mämmedow. Hormatly okyjymyz Oraz Mämmedow! Žurnalymyzyň 1986-njy ýyldaky 11-nji sanynda göze garasuw inme keseli barada, 1987-nji ýylyň 3-nji sanynda bolsa «Gözüň mikrohirurguýasy» hakynda material çap edipdik. Üstümizdäki ýylyň 12-nji sanynda bolsa gözi çalyşmak barada, elbetde, itiň gözi bilen, professoryň çykyşyny bereris. Şeýle-de bolsa biz seniň hatyňy göz keselleri institutynyň alymlaryna berdik. Olaryň degişli konsultasiýalaryny žurnalymyzyň 1990-njy ýyldaky sanlarynyň birinde bereris. Ýöne weli, oňa çenli hergiz özüň-özüňi bejerjek bolmagyn. Gözsüz galmagyň ikuçly däldir. Wagtlaýynça gara äýnek dakynmagy saňa maslahat berýäris. Ýazyp duruň, gelip duruň, telefon ediň! Redaksiýa! Redaksiýanyň «02» bölümine. Gadyrly redaksiýa! Köp etažly kommunal jaýda doňuz saklamak mümkinmi? K.Artakow». Hormatly ýoldaş K.Artakow! (Belki, Artykowsyňyz?!) elbetde, köp etažly kommunal jaýda doňuz saklamak bilen siziň azyk programmasyna önjeýli goşant goşmaga howlugyp, dalaş edýändigiňize bizem az begenmedik. Köp etažly kommunal jaýda doňuz saklamak, elbetde, ol itiň aňsady. Ýöne käbir formal, býurokratik päsgelçiliklerden geçmeli bolarsyňyz. Gynansak-da kagyz şlagbaumy entek bar-da. Ilkinji nobatda siz näme etmeli diýseňiz-le?! Doňzuň sesiniň hem ysynyň ýetäýjek ýerlerindäki goňşularyňyzyň, şeýle hem maşgala çlenleriňiziň üç ekzemplýarda ýazyp beren razyçylyk hatlaryny hökman almaly bolarsyňyz we gerbli möhür bilen tassyklatmaga borçlusyňyz. Bu işde size natariusyň kömegi hökman gerek bolar. Bellik: Goňşularyňyzyň we maşgala çlenleriňiziň razyçylyk dokumentlerinde: «Biz doňuz bilen ýanaşyk we bile ýaşamaga, rysgymyzy goşmaga, hatda, bir otagda bile ýatmaga-da razydyrys» — diýen jümleleriň hökman gerekdigini size ýatladýarys. Doňzuň soguljanynyň ýoklugy hakda, umuman, özüniň saglygy barada, ehinokok gurçugyndan halaslygy dogrusynda, sanjylanlygy hakynda weterinar-bejeriş klinikasyndan sprawka alarsyňyz. Doňuzyň çat maňlaýyndan, şeýle hem ýüzkessiri alnan 6х9 möçberli fotosuratyndan üç sanysy gerekdir. Jynsy, tohumy, ýaşy, reňki barada maglumat hökman talap edilýändir. Ýene-de bir möhüm zat, doňzuň ady, ýagny kliçkasy gerekdir. Gany, peşewi we nejesady barada analiziň netijesini beýleki dokumentlere çatarsyňyz. Hut özüňizden talap edilýän dokumentler doňuzyňkydan az bolmasa gerek. Öz saglygyňyz barada psihiki keselhanadan, türküläp aýtsak, dälihanadan sprawka almagy unutmaň. Özüňiziň sanjylandygyňyz barada, şeýle hem ganyňyzyň, peşewiňiziň we nejesadyňyzyň analizi hakynda sprawka zerurdyr. Bellik: analiziňiz doňuzyňky bilen garyşmaly däldir. Iş ýeriňizden häsiýetnama, şeýle hem profsoýuzyň ýerli komitetiniň umumy ýygnagynyň protokolunyň tassyklanan kopiýasy talap edilýändir. Şeýle hem doňuzdarçylyk boýunça alty aýlyk gysga möhletli kursy tapawutlanan baha bilen gutarandygyňyz baradaky şahadatnamanyň asyl nusgasy hökman gerekdir. Şol dokumentleri ýaşaýan ýeriňe laýyklykda raýon, oba we şäher ispolkomlaryna tabşyrarsyňyz. Olaram bäş ýyldan uzak bolmadyk möhlet içinde siziň arzaňyza serederler. Rugsat alanyňyzdan soň bolsa öz kwartiraňyzy doňuz ýatagyna öwürmek baradaky haýyş bilen şäher arhitektoryna ýüz tutarsyňyz. Proýekt, smeta we gaýry dokumentleri taýýarlap, soňra şäheriň tehniki inwentarizasiýa býurosyna baryp, kwartiraňyzy doňzuň adyna resmileşdirersiňiz. Derwaýys dokumentleriň spisogyny ol ýerde size bererler. Azyk programmasy ýaly asylly işde size üstünlik arzuw edýäris! Doňzuňyzyň höwri köp bolsun! Ýazyp duruň, gelip duruň, jaň ediň! Redaksiýa. Redaksiýanyň söwda, kooperasiýa bölüminden. Çap bolmasa-da nep boldy. «Gadyrly redaksiýa! Ýadyňyzda bolsa gerek, şu ýylyň başynda men maslahat sorap size ýüz tutupdym. Umumy mukdary 36 müň manatlyk bolan arzanladylan galstuklaryň boýnumda (elbetde, galstugyň özi däl-de onuň bahasynyň) durandygyny, olary ýeke köpüge-de hiç kimiň almaýandygyny, pol ýuwmaga esgi ornuna-da ulanyp bolmaýandygyny size ýazypdym. Siziň maslahatyňyza eýerip, men olary ýekşenbe günleri goýun bazaryna, mal saraýyna alyp bardym. Işler şowuna boldy ötägitdi. Goýun satyn alýanlar bir manatdan nobata durup ýaňky galstuklary aldylar. Sag boluň! Peşanaly oba alyjylar jemgyýetiniň arzanladylan magazininiň müdiri Meredow. Žurnalyň gelin-gyzlar bölümine. Gadyrly redaksiýa! Siziň žurnalyňyzyň şu ýyldaky 3-nji sany maňa iýul aýynda gelip gowuşdy. Gep onda däl. Meniň diýjek bolýan zadym başga. Sizden bir zady towakga etmekçi bolýaryn. Žurnalyňyzyň sahabynyň 4-nji sahypasynda bir topar türkmen gyzlarynyň suraty çap edilipdir. Şol gyzlaryň çepden üçünjisi ýa-da sagdan sekizinjisi maňa diýseň ýarady. Şonuň adyny, familiýasyny, ýaşyny, iş ýeriniň we öýüniň adresini maňa ýazyp ibermegiňizi haýyş edýärin. Okyjyňyz Gullar Mededow. Hormatly okyjymyz, Gullar Mededow! Žurnalymyzda suraty çap edilen gyzlaryň biri barada bilmek isläpsiňiz. Emma, gynansak-da, biz şol gyzyň adyny, adresini bilemzok. Şonuň üçinem siziň haýyşyňyzy ýerine ýetirip bilmeýänligimizi gynanmak bilen size habar berýäris. Redaksiýanyň gelin-gyzlar bilen işlemek, şeýle hem aliment boýunça bölüminiň müdiri. Gadyrly redaksiýa! Hatyma ýazan jogabyňyzy aldym. Emma lapym keç boldy. Kanagatlanmadym. Siziň bilen egri oturyp, dogry gepleşmeli boljak öýdýän. Näme üçin siz žurnalyňyzda nätanyş biriniň suratyny çap edýärsiňiz? Onuň kimdigini bolsa tanaňzok. Belki, ol tirýek agdarýandyr. Banditdir. Bazary baglan peýdakeşdir. Alimentden gaçyp ýörendir. Belki, amerikanyň içalysydyr. Jogabyňyza garaşýan. Gullar Mededow. Şol gyzlaryň suratyny biz içeri işler ministrliginiň jenaýat agtaryş bölümine eltip görkezdik. Emma bütinsöýuz gözleg yglan edilen gaçgaklaryň, ganhorlaryň, residiwistleriň, alimentçileriň, kellekeserleriň suratlarynyň arasynda gyzlara meňzeşi ýok ekeni. Size jenaýat agtaryş bölüminiň beren sprawkasynyň kopiýasyny iberýäris. Salam bilen redaksiýanyň gelin-gyzlar bilen işlemek, şeýle hem aliment boýunça bölüminiň müdiri. Gadyrly redaksiýa! Jogabyňyzy we sprawkanyň kopiýasyny aldym. Siz, görýän weli, entegem býurokratizmden, kagyz keselinden saplanmansyňyz. Sprawka ýürege teselli berip bilmez. Göniňizden gelip, gizlemän dogrujaňyzy aýdyberiň. Fotograf şol gyzlary hökman bilýändir. Delilli jogabyňyza garaşýan. Gullar Mededow. Hormatly Gullar Mededow. Şol gyzlaryň suratyny alan fotohabarçymyz Omar Sähetgylyjow hem gyzlar barada hiç zat bilmeýändigini aýtdy. Redaksiýanyň gelin-gyzlar bilen işlemek, şeýle hem aliment boýunça bölüminiň müdiri. Hormatly redaksiýa! Ahyr çolaşan kelebiň ujy tapyldy. Diýmek, fotohabarçyňyz şol gyzy göz astyna alýan ekni-dä. Indi men haty has ýokarraklara ýazaryn. Ilkinji nobatda men şol fotohabarçyňyzyň işden kowlanlygy baradaky buýrugyň kopiýasyny sizden talap edýärin. Gullar Mededow. Hormatly Gullar Medwedow. Şol fotohabarçy biziň işgärimiz bolmanlygy üçin, ştatda däldigi zerarly talabyňyzy ýerine ýetirip bilmeýänligimizi size gynanmak bilen habar berýäris. Redaksiýanyň gelin-gyzlar bilen işlemek, şeýle hem aliment boýunça bölüminiň müdiri. Metbugat işleri baradaky komitetiň başlygyna! Hormatly başlyk! Redaksiýanyň başdan sowma jogaplarynyň ýörite notorial kontorada göçürdilip, tassykladylan kopiýalaryny size zakaz üsti bilen ýollaýaryn. Hasam redaksiýanyň iň soňky hatyna aýratyn üns beriň. Sebäbi meniň familiýamy Medwedow diýip bilgeşländen ýalňyş ýazypdyrlar. Men Medwedow däl-de, Mededow! Size şol hatlary ýazan: redaksiýanyň gelin gyzlar bilen iş alyp barmak, şeýle hem aliment boýunça bölüminiň müdiri psihiki keselhana, ýagny dälihana düşdi. Ýagdaýy agyr. Sagalyp işe başlandan soň käbir faktlary anyklap, işinden boşadarys we size doly jogap ýazarys. Metbugat işleri baradaky komitetiň başlygy. Redaksiýanyň ýaşlar bölümine! Gadyrly redaksiýa! Men awtobus duralgasynda bir oglan bilen tanyş boldum. Heniz söýşüp ýetişmänkäk awtobus geläýdi. Ýogsam birnäçe sagatlabam gelýän däldir. Umuman, oglan söýüşmezçe däl. Boýy uzyn. Saçy buýra-buýra. Dişleri gyzyl. Geýnişi oňat. Elinde ýapon magnitafony. Maşynymam bar diýýär. Gadyrly redaksiýa! Ol oglan meni hindi kinosyna çagyrýar. Gideýinmi ýa-da ilkinji çakylyga razy bolmak gyz maşgala üçin uslyp dälmi? Bilbiliň bahara garaşyşy ýaly, hatyňyza garaşýan, Güljemal. Hormatly Güljemal! Kino gitmek barada maslahat sorap ýazan hatyňyza höwes bilen jogap berýäris. Siz şol oglan bilen kino arkaýyn gidip bilersiňiz. Ýöne weli, diňe gündizki seanslara. Entek gijekini maslahat beremzok. Size bagt arzuw etmek bilen: redaksiýanyň terbiýelemesi kyn bolan ýaşlar, jenaýat işleri, aliment, çagalar öýleri, alkogolizm we narkomaniýa boýunça iş alyp barýan bölüminiň edebi işgäri Pylan Pylanow. Hormatly ýoldaş Pylan Pylanow: Berýän atalyk maslahatyňyz üçin size minnetdar. Büçe bolanyna görä, ýene bir zadyň maslahatyny sorajak. Kyn görmän jogap berersiňiz diýen tamam bar. Men şol oglan bilen kino gidenimde onuň sag goltugyna girip gideýinmi ýa-da çep goltugyna? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan: Güljemal. Gadyrly Güljemal! Köçede goltuklaşyp ýörmegi birbada maslahat beremzok. «Näbelet atyň gerşini sypalama» diýen nakyl bar. Birneme interwal saklasaňyz gowy bolardy. Eger ZAGS-dan geçeniňden soň sen ol oglanyň süýr depesine münüp kino gitseňem bolar. Size hezil gezelenç arzuw etmek bilen: redaksiýanyň işgäri P.P. Hormatly ýoldaş P.P. Maslahatyňyzy höwes bilen kabul edýärin. Ýene bir sowalym bar. Şol oglan bilen kino gidenimde ýanyma goragçy edinip ejemi alyp gideýinmi ýa-da ýarym goragçy edinip jigimi alyp gideýinmi?! Güljemal. Gadyrly Güljemal! Seniň ol diýen goragçylaryň futbol ýaly sport oýunlarynda zerurdyr. Sen ejeňe-de, jigiňe-de azar berme. Ätiýaçdan ýaragjyk göterinäý. Gyzgyn ýaragy, partlaýjy därileri we tiz ot alyp tutaşýan jisimleri götermegi düýbünden maslahat beremzok. Diňe sowuk ýarag göterip bilersiňiz. Sebäbi çykgynsyz ýagdaýda özüňi goramaga rugsat berilýändir. Seret: TSSR jenaýat kodeksi, 116-njy madda. Redaksiýanyň işgäri P.P. Hormatly P.P.! Orta we az aralyga atýan ýaraglar-a gadagan edildi. Ejemiň oklawyny göterineýinmi ýa-da «şpilka» köwşümiň ökjesini ulansam bolarmy? Güljemal. Gadyrly Güljemal! Siňek we tarakan üçin ulanylýan dihlofosdan birini sumkaňa salmagy maslahat berýäris. Eger oglan biderek hereket etjek boluberse dihlofosy onuň burnuna golaý elt-de knopkasyny basaý. Ol birbada çaşar. Size agzybir maşgala bagtyny arzuw etmek bilen redaksiýanyň edebi işgäri P.P. Bir ýyla golaý wagt hat gelmesi kesildi. Onsoň ýene bir hat geldi. Onda şeýle ýazylypdyr. «Hormatly ýoldaş P.P.! Dihlofosyň knopkasy otkaz etdi, maňa kömek ediň, ýalňyz galdym. Çagamy haýsy detdoma tabşyraýyn?! Gözi ýaşly naçar Güljemal!». Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |