11:31 Şa Ysmaýyl Hataýy | |
SEFEWI DÖWLETINIÑ HÖKÜMDARY
Taryhy şahslar
• ŞA YSMAÝYL HATAÝY Şa Ysmaýyl (Ysmaýyl Sefewi ýa-da Şah Ysmaýyl Hataýy), Eýranda gurulan Sefewi türkmen döwletiniñ düýbüni tutujy we ilkinji hökümdary. Doly ady: Abulmuzaffar ibn Haýdar as-Sefewidir. • Şah Ysmaýyl kim bolupdyr? Şa Ysmaýyl 17.07.1487-nji ýylda Erdebilde türkmen şeýhi Haýdaryñ maşgalasyndan dünýä inýär. Şa Ysmaýylyñ ejesi Älemşa Halyma Begüm Akgoýunly türkmenleriniñ hökümdary Uzyn Hasan begiñ gyzydyr. Ysmaýylyñ kakasy Şeýh Haýdar Kawkaza eden ýörişinde öldürilen kakasy Şeýh Jüneýidiñ aryny almak üçin 1488-nji ýylda Şirwanşalar döwletine hüjüm edýär. Ilki ýeñilen Ferruh Ýaşar Akgoýunly soltany Ýakup begiñ kömegi bilen Şeýh Jüneýidi ýeñýär. Ýakyn garyndaşdygyna garamazdan Şeýh Jüneýidiñ täsiriniñ güýçlenmegini islemedik Ýakup beg Ferruh Ýaşara kömek etmegi saýlap alýar. Akgoýunlylar bilen Şirwanşalaryñ birleşen güýçleri Tabarystanyñ golaýynda Şeýh Jüneýidiñ goşunyny derbi-dagyn edýärler we onuñ özü-de söweşde öldürilýär. Kakasy öldürilen Ysmaýyl daýysy Ýakup beg tarapyndan ejesi we doganlary bilen birlikde Şirazyñ häkimi Mansur Pürnak begiñ ýanyna ugradylýar. Ysmaýyl şol wagtlar ýañy bir ýaşyndady. Olar Ýakup beg aradan çykýança Fars welaýatynyñ Istahr galasynda göz tussagynda boldular. 1490-njy ýylda Ýakup beg öz aýaly tarapyndan zäherlenip duýdansyz ýagdaýda aradan çykýar. • Akgoýunlylar döwri Akgoýunlylaryñ tagtyna geçen Rüstem beg dogany bilen özara tagt dawasynda Haýdaryñ ogullaryny ulanmak üçin olary göztussaglykdan boşadýar. Dört ýarym ýyllap (1489-1493) bendilikde saklanan Halyma Begüm we çagalary Töwrize gelende, olar Rüstem beg tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylanýar. Emma söweş wagtynda Ysmaýyldan uly dogany Soltan Alynyñ we onuñ tarapdarlary bolan gyzylbaşlaryñ gaýduwsyzlyk bilen jeñe girişlerini gören Rüstem begiñ içine gorky aralaşýar. Netijede özüni we neslini Şeýh Jüneýidiñ neberelerinden geljek bela-beterlerden goramak üçin olaryñ neslini ýok etmek isleýär. Ilki Erdebile gitmeklerine rugsat berilen Şeýh Jüneýidiñ agtyklarynyñ ol ýerde güýçlenmeginden endişelenen Rüstem beg olary gaýtadan Töwrize getirýär. Müritleriñ birinden üstlerine abanan howpdan habardar edilen Soltan Aly doganlary bilen birlikde Erdebile tarap gaçýar. Olaryñ planyny duýan Rüstem begem dessine gaçgaklaryñ yzyndan kowgy ugradýar. Erdebiliñ golaýyndaky Şam Esbi diýen ýerde bolan çaknyşykda Soltan Aly öldürilýär. Ölüminiñ öñ ýanynda Soltan Aly jigisi Ysmaýyly özüniñ oruntutary diýip yglan edýär. Gyzylbaşlar Ysmaýylyñ gözlenýändigini bilip, ony ilki Erdebilde, soñra Reştde gizleýärler. Has soñra doganlar Lahijanyñ şaýy ynançly häkimi Karkiýa Mürze Alynyñ çakylygyny kabul edip, Lahijana gidýärler. Olaryñ Lahijandadygyny magat bilen Rüstem beg 300 atlyny ugradýar. Emma Karkiýa doganlary sebete salyp gizleýär we olaryñ bu ýerde däldigine ant içýär. Şeýdibem atlylar Töwrize dolanýar. Ysmaýyl Lahijanda şaýy alymlaryndan we Möwlana Şemseddin Lahijiden arap, pars dillerini, "Gurhany", Tefsiri, şaýy mezhebiniñ prinsiplerini doly öwrenýär. Şol bir wagtyñ özünde ol gyzylbaş serkerdelerden harby tilsimleri hem özleşdirýär. Herekete geçmegi meýilleşdirýän Ysmaýyl 1499-njy ýylyñ awgust aýynda ýanyna iñ ynamly ýedi sopusyny alyp Lahijandan çykyp gaýdýar. Soñra Erdebile barýar we ata-babalarynyñ guburyna zyýarat edýär. Emma Erdebiliñ häkimi Çakyrly Aly begiñ talap etmegi bilen Erdebilden çykmaga mejbur bolýar. 1500-nji ýylyñ ýaz aýlarynda Erzinjanda ustaçly, tekeli, rumly, şamly, owşar, gajar, warsak ýaly türkmen taýpalaryndan düzülen 7 müñ gyzylbaş Ysmaýylyñ hataryna goşulýar. Ysmaýylyñ goşuny 1500-nji ýylyñ noýabr aýynda Kura derýasyny geçip, Şirwanşalar döwletiniñ üstüne gaýdýar. Gülüstan galasynyñ golaýynda bolan Çabany meýdan söweşinde Ferruh Ýaşaryn goşuny derbi-dagyn edilýär we Baku basylyp alynýar. Ysmaýyl Şerur söweşinde Akgoýunly Elwent Mürzäniñ goşunyny hem ýeñlişe sezewar edýär. Elwent Mürze Erzinjana tarap gaçýar. Soñra täze goşun düzmäge taýýarlanan Elwent Mürze 1504-nji ýylda nähoşlaýar we keselinden aýñalybilmän Diýarbekirde aradan çykýar. 1501-nji ýylyñ ýazynda Töwrize girýär we täç geýip, dabaraly ýagdaýda özüni "Şa" diýip yglan edýär we Sefewi döwletiniñ gurulandygyny jar edýär. Şa Ysmaýylyñ şa bolandan soñky ilkinji eden işi şaýy mezhebini döwletiñ resmi dini diýip yglan etmegidi. Akgoýunly dinastiýasyndan diri galan Myrat beg uly goşun toplap, Hemedanyñ Almagulak diýen ýerinde goş ýazdyrýar. 21.06.1503-nji ýylda bolup geçen söweşde gyzylbaşlar ýeñiş gazanýar. Myrat beg bolsa Şiraza gaçýar. Şa Ysmaýyl 24.09.1503-nji ýylda Şiraza-da girýär. Şol ýylyñ ahyryna çenli Azerbaýjanda, Fars, Yrak-Ajam welaýatlarynda sefewi agalygyny dikeldýär. 1508-nji ýylda Bagdada girýär. 1510-njy ýylda Marynyñ golaýynda Şeýbany hanyñ goşunyny derbi-dagyn edýär. Gyzylbaşlar söweşde gyrylan özbek esgerleriniñ arasyndan Muhammet Şeýbany hanyñ jesedini hem tapýarlar we onuñ kellesini kesip Şah Ysmaýyla gowşurýarlar. • Çaldyran meýdan söweşi Çaldyran söweşi 1514-nji ýylda bolup geçýär. Gazaply söweş Ýawuz Selimiñ peýdasyna tamamlanýar. Söweşde Şa Ysmaýyl golundan ýaralanyp atdan ýykylýar. Bir osmanly esgeriniñ eden hüjümini gören sefewi esgeri Mürze Soltan "Şahym meniñ" diýip, hökümdaryna tarap okdurylýar we özi ýesir düşýär we atyny berip şanyñ gaçmagyny üpjün edýär. Şa Ysmaýyl bu agyr ýeñlişden soñra göwnüçökgünlige düşýär. Uruş hereketlerinden daşlaşjak bolup döwlet işlerine-de üns bermän başlaýar. Ol Çaldyrandan soñ aradan çykýança harby hereketlere gatnaşmaýar. Şah Ysmaýyl 1524-nji ýylyñ 25-nji maýynda iç ganama zerarly aradan çykýar we Erdebildäki Sefewi türbesine depin edilýär. Şah Ysmaýylyñ alty ogly, bäş gyzy jemi 11 çagasy bolupdyr. • Şa Ysmaýylyñ döwründe Sefewi-Osmanly gatnaşyklary Türkmen taýpalarynyñ özünden bölünip, özbaşdak we güýçli Sefewi döwletini döretmegi Osmanly döwletini ynjalykdan gaçyrýardy. Anadoly gyzylbaşlarynyñ Şah Ysmaýylyñ tarapyna geçmegi, Osmanly döwletiniñ serhetlerinde barha artýan gozgalañlar, mezhep dawalary Ýawuz Selim bilen Şa Ysmaýyly garşyma-garşy getirdi. 1513-nji ýylda Ýawuz Selim Sefewi döwletine garşy hüjüme geçýär. Ýawuz Selimiñ ýazan hatlarynyñ biri türk (türkmen), galanlary arap, pars dillerindedir. Şah Ysmaýylam oña türkmen we pars dillerinde hat ýazypdyr. 1514-nji ýylda Çaldyran söweşinde Osmanlylar Sefewileri agyr ýeñlişe sezewar edip, iññän ähmiýetli ýeñiş gazanýarlar. • Şa Ysmaýylyñ eden syýasy jenaýatlary Şa Ysmaýyl Töwrizi eýelände Akgoýunlylar neberesine degişli şahsyýetleriñ we kakasy Şeýh Haýdara garşy söweşenleriñ mazarlaryny açyp, süñklerini ýakdyrdy. Akgoýunly Elwent Mürzäniñ 800-den gowrak esgerini gylyçdan geçirdi. Kakasy Şeýh Haýdaryñ kellesiniñ itleriñ öñüne atylandygy üçin, onuñ aryny ýerine salýandyryn öýdüp, Töwrizde it bolsa barsyny öldürdip çykdy. Ilkinji üç halyfa (Dört çaryýarlar) nälet okamadyklaryñ öldürilmegini, sefewilere we şaýylara duýgudaşlyk edenlere zulum eden sünnileriñ oda ýakylmagyny buýurdy. Töwriz eýelenenden soñra Azerbaýjanda öldürilen adamlaryñ sany-sajagy bolmady. Gabaw astyna alnan Asta galasy bir aý goranandan soñra boýun egýändiklerini mälim edenem bolsalar, galanyñ ilaty we türkmenler köpçülikleýin gyryldy. Şol gyrgynçylykda käbir çeşmeler 10 müñ, käbiri bolsa 30 müñ adamyñ gyrylandygyny habar berýär. Türkmenleriñ ýolbaşçylaryny gazyga dañyp diriligine otlady. Ýezd eýelenende şäherde iñ azyndan 7 müñ adam öldürildi. Onuñ görkezmesi bilen Ebruhyñ häkimi Osmanly döwletiniñ ilçisine göz edip tutuş maşgalasy bilen birlikde diriligine oda ýakyldy. Gyzylbaşlar Tabesi eýelände 7 müñ (başga bir çeşmede 1 müñ) adam öldürildi. Kakasy Şeýh Haýdara garşy söweşenlerden hasap soraldy. Munuñ netijesinde bolsa türkmen taýpalarynyñ ençeme adamlarynyñ kellesi kesildi. Bagdady eýelände çaga-çuga diýmän, ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli türkmeni gyrgyna berdi. Hatda ol kyýamata çenli özüne nälet okalmaga mynasyp agyr günäni etdi, ýagny Ymam Agzam Ebu Hanyfanyñ kümmetini ýykyp, mazaryny açdy we garawsyz süñkleri ýakdy. Sünnileriñ köpçülikleýin ýaşaýan şäheri bolan Hyraty eýeländen soñra azyndan 2-3 müñ adamy öldürtdi. Hyratda üç halyfa nälet okamakdan ýüz öwüren Şeýhulyslam Seýfeddin Ahmedi diriligine oda ýakyp, Hafyz Zeýneddini bolsa despotik şekilde öldürdi. • Edebi döredijiligi Şa Ysmaýyl ussat şahyr hasaplanyp bilinjek edebiýat adamsydy. Ol "Hataýy" tahallusy bilen diýseñ kämil şygyrlary ýazyp, bize miras galdyrypdyr. Onuñ şahyrçylyk ukyby juda kyn şertler astynda geçen çagalyk ýyllarynda ýüze çykypdy. Hataýynyñ goşgulary Seýit Nesimi bilen Fizulynyñ aralygyndaky döwrüñ edebiýatynyñ iñ gowy nusgalary bolup durýar. Şa Ysmaýylyñ şygyrlary Anadolyda özbaşdak edebi akyma öwrülen tekke edebiýatyna uly täsir edipdir. Alawy-bekdaşy edebiýatynyñ iñ ajaýyp nusgalary Şa Ysmaýyl Hataýynyñ eserleri bolmagynda galýar. Ol goşgularynda esasanam dini we syýasy motiwleri köp işläpdir. • Şa Ysmaýylyñ eserleri: 1). "Hataýy diwany"; 2). "Dehnama"; 3). "Nesihatnama". • Şa Ysmaýyl hakyndaky käbir kitaplar: 1). Isgender Pala "Şa we Soltan" (taryhy roman); 2) Reha Çamurogly "Ysmaýyl"; 3). Tufan Gündüz "Iñ soñky gyzylbaş"; 4). Feridun Fazyl Tülbentçi "Şah Ysmaýyl"; 5). Zeýnel Joşar "Höbek gurultaýyndan Sefewi döwletine çenli: Şah Ysmaýyl". 6). Ysmaýyl Onarly "Şah Ysmaýyl". • Ysmaýyl Hataýy hakynda saýtdaky makalalar: 1). Abdyrahman Mülkamanow "Şahyr Şa Ysmaýyl Hataýy Türkmen", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/sahyr_sa_ysmayyl_turkmen/2018-11-02-3052; 2). Jumadurdy Annaorazow "Ömür heññamy", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/omur_hennamy/2018-12-12-3882; 3). Jumadurdy Annaorazow "Şa şahyr", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/sa_sahyr/2018-12-12-3876; 4). Osman Öde "Sefewi türkmen döwleti", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/sefewi_turkmen_dowleti/2019-01-10-4574. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |