SAÝYLAR
"Hüw" diýeliñ, gerçekleriñ demine,
Gerçekleriñ demi nurdan saýylar.
On iki ymam hataryna uýanlar,
Muhammet Alyga ýardan saýylar.
Üç gün eken bu dünýäniñ sapasy,
Sapasyndan artyk bolar jepasy,
Gerçek erenleriñ nutky, nepesi,
Biri kyrkdyr, kyrky birden saýylar.
Yhlas bilen gelen bu ýoldan dönmez,
Dost bolan dostuna ikilik sanmaz,
Äri hak görmegen hakykat görmez,
Gözi görer, emma körden saýylar.
Hak aşyklar menzilinde duranda,
Çyrag kimin ýanyp ýagy erände,
Öz kemini öz gözünde görende,
Olam ärdir, ýene ärden saýylar.
Şa Hataýy aýdar, Bagdatdyr watan,
Ikilikden geçip birlige ýeten,
Erenler ýanynda kylu-kal tutan,
Ýoly tikenlidir hardan saýylar.
Ysmaýyl HATAÝY.
Goşgular