11:26 Saçly galandar / satiriki hekaýa | |
SAÇLY GALANDAR
Satiriki hekaýalar
Aşgabatdan oblast merkezine uçdum. Ýekşenbe günidi. Bazar gyzyp, söwda-satyk işleri jeýhun bolup joş urýardy. Bakgallaryň hataryna aýlanyp ýörün... — Saçly galandar peýda bolupdyr. Onuň ýürekden aýdýan zaryn gazallaryny diňläp görmeli — diýip, sogan satyp oturan sary telpekli ýaşuly ýanyndaka ýüzlendi. — Pyýazymy satyp bolsam men-ä diňlejek — diýdi. — Öz-ä kör weli, gara äýnegem dakynypdyr biçäre — diýip, burç satyp oturan aýal gürrüňe goşuldy. — Owazy ýakymly bendäniň. Öňki saçly galandar-a däl bi. Ol gaýdyş bolandyr. Bi täzeden peýda boldy. Garaz her kim bir zatdan çörek iýmeli-dä. — Pul baryny ýygnab-a otyr ol — diýip, tüwi satyp duran koreý aýal çalgyrdyrak gürledi. — Haý, ol bagtyýatan ýygnasa, ýygnabersin bakaly. Jora milisä aş bolar-da — diýip, halwa satyp duran ýaş özbek zenany pikirini orta atdy. — Milise-de gerek. O bolmasa, munça-da bolmaz — diýip, biri söze goşuldy. Bir seretsem, edil pampaza garynja üýşen ýaly, bazar märekesi bir ýere üýşüpdir. Men bu ýerde biri maýmyn oýnadýandyr öýtdüm. Sebäbi lotareýa oýnalanda-da beýle köp adam üýşenok. Konsertem-ä däl. Sazyň sesi eşidilenok. Ala donly, başy selleli, uzyn saçly, gözi gara äýnekli, eli düwün-düwün hasaly, bili gara kädili kör galandar hüw-hak diýip, Meşrep diwanadan zaryn gazallary zowladyp otyrdy. Her kim öz göwnünden çykaran puluny onuň gara kädisine oklaýardy. Şaýlyklar gara kädiniň düýbüne degip, güňleç toňkuldy emele getirýärdi. Töwerek-daşynda çigit çigitläp duran adamdan ýaňa dörän halka galandary görkezenokdy. Her kim öňe dyzaýardy. Galandaryň ala donuny üýtgeşik gördüm. Edil zebraň bar-da. Zolagy dikligine däl-de, keseligine edilip tikilipdir. Galandar daýawdan dykyz, Badhyz gulany ýaly gaty gurat hem sarç, ýalt-ýulty köpräk. Esli salym diňläp durdum. Owazy maňa tanyş ýaly duýuldy. Menem sesimi çykarman diňläp duruberdim. Iller-ä nezir-nyýazyny kädisine atýardy. Men golaýyna baryp: — Kary işan, goluňyzy uzadyň! — diýdim. Uzatdy. Aýasyna iki şaýlygy emaý bilen goýdum-da, barmaklarymy maýasynda bir salym sakladym. Ol barmaklarymy gysyp goýberdi. Eýýäm düşündim. «Sesiňi çykarma, zaluwat!» diýdigidi. Atabal aga görnüşini büs-bütin üýtgeden bolsa nätjek. Gara äýnek edinipdir. Özem tüýs modadaky ýapon äýnegi. Kary sypatyna ykjam giripdir. Söwüt kölegesi ýaly sellesi özüne mahabat berýärdi. Sellesi eşek arabasynyň tigrine-de çalym edýärdi. Bilinde böwri deşik gara kädisi bardy. Ýüpüni boýnundan geçiripdir. Şol gara kädini çagajyklaryň gulagyna tutup bir zatlary diňledýärdi. Kädide bir güwwüldi bardy. — Içine pul oklasaň deňziň güwwüldisi eşidilýär. Bagtly bolarsyň — diýip, galandar çagajyklary aldaýardy. Elinde-de iri monjukdan tesbisi bardy. Özbekçe suwara. Gazallary ýatdan okap otyr. Sesi zaryn. Ýürekleri ersdirip bilýärdi. «Meni gamdan eda kyldyň, hijrana mübtela kyldyň, Janyma jepa kyldyň, pelek, sen ne bela kyldyň». Bir aýal gyzyl onluk berdi: «Kör» galandar onlugy derrew goltugyna saldy. — Ahun baba, bir ýagşy dileg edip beriň. Oglum goşunda gulluk edýä — diýdi. Haýyş artykmajy bilen ýerine ýetirildi. Ähmet tazy lakamly bir adam üç manat pul uzatdy. — Kary işan, «Galandar Meşrebiň men, bu dünýe bipeýan ermiş» diýen gazaly aýdyp beriň! Bir garry aýal aglady. Ogly, gelni ony öýünden kowupdyr. — Işan aga, «ene-atany harlan jennete barmaz» diýen gazaly aýdyp beriň! — diýip, ol bir gök bäşligi uzatdy. Biri puluny ogurlapdyr. Galandara bir manat uzatdy. — Tagsyr, maňa bir pal garap beriň! Pulum nirä gidipdir, tapylýamy ýa ýok?! Galandar öz işini dowam etdirdi. «Bir elipden many alsam, bir hudany isterem, Bi taňrym bir diýip zikri senany isterem». Şol wagt milisioner gelip, gazaly orta bilinden döwdi. Märekäniň keýpi gaçdy. Galandary milisioner alyp gitdi. Bazar märekesi güýmenjesiz galdy. — Indi gulagymyz kesilen ýaly bolar. Märeke dargady. Menem garama-gara galandaryň yzyna düşüberdim. Milisioner Jora ony eşek arabalaryň arasyna alyp çykdy. Uzak durmadylar. Galandar kiselerini köwlemeli boldy. Gara kädini başaşak tutup kakdy. Milisioner märekä siňip gitdi. Men galandara golaýlap bardym. Ol töweregine ser salyp äýnegini aýyrdy. — Kary işan, essalawmaleýkim! — Waleýkimessalam, Hydyr jan! Hoş gördük, sapa gelipsiňiz! Ikelläp gadyrly görüşdik. — Soraşyň! — diýip, ol maňa edep bilen sala saldy. — Näme Kary işan, pul soraşmalymy?! — diýdim. — Degişgenligiň galman geçjeg-ow seniň?! Saglykmy, salamatlykmy?! Aşgabat illeri ýerindemi?! — Hany, Gürgenlere sürdükmi?! — diýip, men sagada seredip oňa ýüzlendim. — Gideli. Bazaram sowuldy. Besdir, kanagata bereket. — Milisioner Jora işiňi gördi öýdýän?! — Bar özi biri. Menden öňden algysy bardy — diýip, galandar güldi. — Taksi puly galdymy? — Taksä kim münübilmeýä. Awtobusa münüp gitseň hasap — diýip, galandar başam barmgyny süýem barmagyna süýkedi. Düşündüm. «Awtobusda gazanç bar» diýdigidi. Atabal aga awtobusda-da kör bolan kişi bolup, elini serip, tä barjak ýerimize barýançak gazala tutdy. Söwdasy oňan bazarçylar oňatja eçildiler. Gürgen öýünde gülüp hezil edindi. — Gara ýapon äýnegini men Atabal aga Nöküsden getirip beripdim. Hany maňa onuň şirinkäresini ber — diýip, ol degişdi. — Saçy ýabyň guýrugydyr. Ala donuny biçimçi Bike apa ýörite zakaz berip tikdirip berdim. Ýol-ýoluny keseligine et diýdim. «Sirkde masgarabaza geýdirjekmy?!» diýip, biçimçi Bike apa gülüpdi. — Men Daşhowuzdan Hywa gatnaýan awtobusda kör bolup gidip, kör bolup hem geldim. Şu gün birneme düşdem. Ýöne bir milise bar. Edil aldajy-da. Ýogsam ol işinden kowlanmyşam. — Daşhowuzyň bazaryny Atabal aganyň ýeke özi sorap otyr görsem! — diýip, men Gürgene geň galyp gürrüň berdim. — Ol ýerde Öwezmyrat diýen hakyky kör bolmalydy. Ony ýolda kakyp, gaty ýykdym. Ol biçäräni eşek araba mündürip, biri öýüne alyp gitdi. Bilini agyrdypdyryn. «Näme, gözüň ýokdumy?!» diýip, özüni günäkär etdim. «Siz ýaly gözlüleriň derdinden, biz ýaly batyl biçäreler gezip bilmezmi?!» diýip, Öwezmyrat ekäň üstüne çykylyp, agramymy salyp, bilini oňatja agyrtdym. Biçäre «weý-weýläp» ýolda bir salym aýtdy. «Haý, gudrat! Bu giň dünýäde iki kör çakyşyp ýör» diýip biri gep galdy. Öwezmyrat uwlap ýatdy bir salym diýip, Atabal aga göknar ezip oturşyna joşup gürledi. — Myhman, ertir Gubadagyň güneşindäki duzly kölde millete gazal aýdyp berip, pul ýygşyma seret — diýip, Atabal aga göknarly şakäsäni jyňkyldatdy. — Atabal aga, gedaýçylykdan gün bolmaz. Işiň merdrägine baş goşaly. Bir ýerde «gara däri» bilen «gök däri» bar. Şony alyp gideli — diýip, Gürgen konýakly bulgury boşatdy. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||