08:59 Sagdy Şirazy | |
SAGDY ŞIRAZY
Edebi makalalar
(1203 (1210) – 1292) X – XV asyrlar pars edebiýatynyň altyn asyrlary hasap edilýär. Şol asyrlary altyna öwren pars şahyrlarynyň biri-de Musliheddin Abu Abdylla Sagdy Şirazydyr. Ol diňe Gündogarda ykrar edilmän, eýsem ösen, talapkär, estetiki çümhörek Günbataryňam «geniý» diýip boýun alýan şahyrlarynyň biridir. Ol indi birnäçe asyr bäri dünýä edebiýatynyň wekili hasap edilýär. «Altyn asyr» hem-de «dünýä edebiýaty». Bu gulak öwrenişen, adatylygyň gatyna basyrylyp galan jümleler barada iki agyz aýtmagy zerurlyk hasaplaýaryn. Bularyň biri wagt, beýlekisi bolsa giňişlik ölçegi. Altyn wagty ýeňýän gymmatlyk alamatydyr. Dünýä edebiýaty bolsa diňe bir millet, haýsydyr bir sebit üçin däl-de, külli adamzat üçin gymmatlyga hem ähmiýete eýe bolan çeper edebiýatdyr. Sagdy Şirazy 1184-nji ýylda günorta Eýranda – birnäçe beýik şahyrlaryň mekany bolan Pars ülkesiniň merkezi Şirazda eneden bolupdyr. Şahyryň kakasy köpleriň tanaýan-hatyralaýan ulamasy eken. Sagdynyň ylmy terjimehaly Bagdatdaky meşhur Nyzamyýa medresesi bilen baglanyşyklydyr. Gündogaryň beýik-beýik adamlarynyň çykan okuw mekdebi bolan bu medresäni seljuklylaryň ady belli weziri Nyzamylmülk gurdurypdyr hem onda işleýän we okaýan adamlara howandarlyk edipdir. Munuň özi seljuk weziriniň ömrüni hem adyny bezeýän maglumatlaryň biridir. Sagdy medresede örän oňat okapdyr, şonuň üçin ýörite stipendiýa hem alypdyr. Nyzamyýe medresesinde ol Gurhandan başlap şerigat ylmyny, hadysy, taryhy hem dil bilimini, edebiýaty örän oňat özleşdirip, döwrüniň iň ýokary derejedäki alymy bolup ýetişýär. Şeýle-de ol medresäni tamamlap, şol zamanlarda däp bolşy ýaly, birnäçe ýurtlara syýahat edip, dünýäni görüpdir. Syýahat kitapda okalanlary gözüň bilen görmek ýaly möhüm iş bolupdyr. Şahyr belli bir wagtda haçparazlaryň ýesirliginde hem bolupdyr. Garaz, öz ömrüniň esasy işi bolan iki sany beýik dessanyny ýazmazdan ozal, ol durmuşa gaty belet adam eken. Aýdylyşy ýaly, şahyra terjimehal gerek. Kitapdan alnan akyl durmuş parasady bilen utgaşanda, kitabyň pähmi durmuşyň janly wakalary arkaly ýürek hakykatyna eýlenende, beýik şahsyýet döreýär. Kitap hem, durmuş hem esasy zady – ýürekde ýatan zehin hazynasyny daşyna çykaryşa itergi bolup durýar. Diňe şahyr kitabyň hem durmuşyň içinden geçip gidende, onuň içindäki zehin göwherleri daşyna çykmaga ýol tapynýar. Bular beýik zehiniň iki sany möhüm hem ýerini hiç bir başga zat tutup bilmeýän açarlarydyr. Sagdyda diňe potensial hazyna hem onuň açarlary bolman, eýsem açyş üçin zerur wagtam ýeterlik bolupdyr. Kitap okamak, durmuşy görmek hem eserler döretmek üçin Biribar oňa uzak ömrem beripdir. Sagdy Şirazynyň ýogalan senesi anyk bolmasa-da, onuň ýüzden gowrak ýaşandygy kesgitlidir. Men ýokarda bakylyk alamaty diýip altyny agzadym. Dogrusyny aýtsaň, bu ölçeg biziň yslam gymmatlyklar ulgamymyz üçin ýat, bigäne kesgitlemedir. A bizde näme bar?! Muňa Sagdynyň beýik döredijiliginde, ýaşaýşy sagdylarça şekile salmakda jogap bar. Jogap onuň eserleriniň adynda. Beýik şahyr bakylygy altyn ýaly gatylyk hem sowuklyk bilen deňeşdireniňde, has näzik, has janly, has gözel hem has ruhana gelýän iki obrazda berýär. Bularyň birinjisi gülüstan, beýlekisi bostandyr. Gülüstan – bakylygyň gülli bagydyr, bostan bolsa miweli bagydyr. Diýmek, mukaddes kitaplaryň, ruhy ýokarda, maddany pesde goýan adamzat gözüni açan kitaplaryň ýaşaýşy şekillendirişi Sagdyda öz dowamatyny tapýar. Ol Erem bagyny nusgalyk hem maksat hökmünde ýaradan Biribara eýerip, «Gülüstany» we «Bostany» döreden genidir. Şahyr beýikliginiň esasy şerti, alamaty we başlangyjy ylahy ylhamdyr. Ondan bakylygyň hem ölmez-ýitmezligiň ýaňy eşidilip durýar. Sagdynyň «Gülüstanyny» her gezek okanymda, adam däl, ondan ýokarrak hem kämil bir jyns döreden ýaly bolup görünýän setirlerinden şol ýaňy eşidýärin. Ol ýaň seniň erkiňi alyp, ýüregiňi hem eýeläp, seni ekzistensial alyslyklara alyp gidýär. Olardaky obrazlar eýýämhaçan gözelligiň janly hem müdimi şekillerine öwrülip gidipdir. Tutuş dessan uzaga çekýän, emma diňledigiňçe diňläsiň gelýän, her hili owazlardan, öwüşginlerden, aýlawlardan hem ýaňlardan ybarat gündogar mukamyna meňzeýär. Ol birinjilikden başlap soňky sözüne çenli durşuna gözel poeziýa, tutuşlygyna ter şahyranalyk. Onuň üstüne goşara ýeke zadam ýok, onda artykmaç diýip aýdara-da zat ýok. «Gülüstan» absolýut kämilligiň nusgasy. Munda adatylygyň dymyljak ysy hem talh tagamy gelýän durmuş kyssasyna hem kyssawy durmuşa hiç hili orun ýok. Eser ömür, onuň manysy, ömrüň miwesi ýa hasylsyzlygy, toba hakyndaky, megerem, terjimehal häsiýetli şahyrana oýlanmalar bilen başlanýar. «Geçip dur ömrümden her nepes bir dem, Garasam, galany ujypsyzdyr, kem… Her kim gelip saldy täze bir tamy, Gitdi boş galypa, berip tamamy… Eý eli boş giden uly bazara, Ýene boş gaýdar sen, galma azara. Şu zatlary ölçerip, mazmunyny seljerip, hylwatda bir çete çykmagy, söhbet synyny ýygnap çekmegi, bolgusyz gürrüňlerden depderi ýuwmagy, ugursyz sözlerden agyz ýummagy dogry tapdym». Şahyr toba edip, dünýäden çekilmegi ýüregine düwüpdir. Emma… toba manysy näme? Toba çete çekilmek, ýaşaýyşdan, işden ýüz döndermek däl! Toba işsizlige gol ýapmak däl! Ýok, toba tersine, ýaşaýşa topulmak, ýaşaýşy döretmäge başlamak işidir! Şonuň üçinem şahyr ir bilen elini gülden, sünbülden, läleden dolduryp gelen dostuna şeýle diýýär: «Bakaryň gülüniň bahasy ýokdur, gülüstan möwsüminiň wepasy». Diýdi: «Çäre näme?» Diýdim: «Nazarlaryň meýli, köňülleriň seýli üçin bir «Gülüstan» kitabyny ýazyp bilerin. Garahazanyň ýeli onuň ýapraklaryna elini uzadyp bilmez, dünýäniň gerdişi onuň ýazynyň eşretinden güýz tukatlygyny düzedip bilmez». Şeýlelikde, hakyky gündogarly ýaly, şahyr Wagty ret etmekden başlaýar. Ol wagtyň garşysyna sözi – sungaty esasy ýarag hökmünde goýýar: Galar uzak ýyllar nyzamly bu söz, Biziň her tozumyz tozar bir ýerde. Garaz, bir nagyşdyr bizden ýadygär, Ömrüň bahasyny görmerem bir-de. Şu ýerde beýik Gýotäniň «Günbatar – Gündogar diwanynda» öz genisinden syzdyryp aýdan pikirini ýatlamak ýerlikli bolardy. Ol gündogar – musulman edebiýatynda täsin bir üýtgeşikligiň – Sözüň kultunyň bardygyny belläp geçýär. Muňa düýpli düşünmek gerek. Gep diňe ähli gündogar şahyrlarynyň uly-uly eserlerini «Sözüň waspyndan» başlaýanlygynda däl. Olarda Söze keramat, Söze gudrat hökmünde garamak häsiýeti bolup, Söz bu dünýäniň jöwheri – hamyrmaýasy diýip düşünilipdir. Şonuň üçinem söz dünýäni öz içine sygdyryp bilýär, emma ol dünýä sygmaýar, ol döwre-de sygmaýar, şonuň üçinem ol bakylyga hemradyr. Söz – bakyýetden panylyga gelýän ýeke-täk aragatnaşyk usuly, ol ölmeýär, ölümden rüstem çykmagyň ýeke-täk ýoly – Söze siňip ýaşamak. Sagdy Şirazynyň «Gülüstanynda» sekiz bap – jemi sekiz sany gülçemeni bar. Olar şeýle tertipde baglanan: Birinji bap – patyşalaryň sypaty hakynda. Ikinji bap – derwüşleriň hulky hakynda. Üçünji bap – kanagatyň pazly hakynda. Dördünji bap – geplemezligiň peýdalary hakynda. Bäşinji bap – söýgi we juwanlyk hakynda. Altynjy bap – mejalsyzlyk we garrylyk hakynda. Ýedinji bap – terbiýäniň täsiri hakynda. Sekizinji bap – söz we söhbet däpleri hakynda. Edebi döredijilik hem sungatdyr, hem senetdir. Edebiýatyň sungatlyk sypaty oňa beýiklik, howalylyk, belent maksatlylyk, hatda, eger isleseňiz, ylahylyk gatanjyny berýär. Bu mertebedir. Sungat Asmandandyr, ylhamdandyr. Edebiýatyň senetlik häsiýeti bolsa ony zemin bilen baglanyşdyrýar. Senet ylhamyň däl-de, zähmetiň önümidir. Beýik edebiýatdaky sungat bilen senediň nähili gatnaşygynyň, mynasybetiniň bardygy meni hemişe gyzyklandyrýar. Sungat hemişe zemin bilen asmanyň, zähmet bilen ylhamyň nikasyndandyr. Beýik ýazyjy ussat senetkärdir. Oňa öz ýüregindäki ylahy ylhamy çeper esere öwürmek üçin, gaty inçe senediň ussady bolmak zerurdyr. Eseri kämilligiň ýokary derejesine çenli taraşlamagy başarmalydyr. Kämillik, ilkinji babatda, eseriň ähli bölekleriniň bir täsin bitewülige geçip bilmek ukybydyr. Sagdynyň «Gülüstanynyň» gurluşyna şu nukdaýnazardan seredip göreliň. Eseriň bitewüligi barmy, bar bolsa, ol nämeden ybarat?! Tutuş eseriň mazmunyny bir nokada getirip bolýarmy?! Şu sowallaryň yzyna düşmek hem eseriň beýikliginiň syryna göz ýetirmäge ýardam edermikä diýýärin. Munda eseriň mazmunyny bitewüleşdiriji tekizlik bolup sýužet däl, tema däl, model däl, eýsem başga bir zat – obraz öňe çykýar. Bu obraz – gülüstan. Gülüstan gülleriniň bahasyny gözellik ölçegleri kesgitleýär. Gül gözelligi maddy – utilitar ölçeglerine syganok. Gözellik özgymmatlyga eýedir. Onuň durmuşy-maddy nep, peýda bilen hiç hili umumylygy ýok. Bu gözellik hatda maddy-fiziki barlygyň gözelliginden tebigaty boýunça bütinleý başga dünýä. Ine, şu hili gözelligiň barlygy üçin, «Gülüstan» beýik hem üýtgeşik eserdir. Gýotäniň sözleri bilen aýtsak, «Gülüstanda» danalygyň kulty bar. Gül obrazy-da aslynda danalygyň obrazydyr. Eýse danalyk näme?! Siziň garaşyşyňyz ýaly, danalyk asla-da gury akyl, durmuşyň, güzeranyň, ruzygäriň günde-günaşa ýüze çykyp duran meselelerini we müşgilliklerini çözmegiň elasty guraly däl. Ol akyl guraly däl. Danalyk edil owadanlyk ýa-da oňat hulk ýaly adamyň güzeran bilen baglanyşygy bolmadyk tebigat gymmatlygy. Şu ýerdenem Sagdynyň danalygynyň didaktika, ýagny akyl bermek, öwüt-nesihat paýlamak bilen asla bir zat däldigi görünýär. Eseriň esasy tema açyş formasy bolan «hekaýat» hem basnýadan has düýpli hem çuň estetiki birlikdir. Men basnýany ýöne ýere agzamadym. Sagdy, Rumy, Jamy ýaly gündogar beýiklikleriniň eserleri, aýdaly, türkmençe ýa rusça terjimesinde Ata Salyhyň derejesindäki basnýalara öwrülýär duruberýär. Bu geň-taň üýtgeşme, has dogrusy, pese düşme jan çykyp, öli jesediň galyşyna çalym edýär. Hekaýat – pelsepewi tymsaldyr. Onuň pelsepewi mazmuny-da tutuş eseriň intellektual-pelsepewi – estetiki temperaturasynyň ýokary derejesi bilen baglanyşyklylykda kemala gelýär. «Gülüstandan» görnüşi ýaly, danalyk intellektual-estetiki tebigatly zatdyr, ol güzerandan alynmaýar, ol durmuş tejribesiniň önümi däl, ol ylahdan gelýär, danalygy Biribar adamy ýaradanda, onuň topragyna garypdyr. Şonuň üçinem danalyk adam barlygynyň ontologiýasyna degişli bir zatdyr. Ol ynsanyň ruhy barlyk hökmündäki jöwheriniň gözelligidir. «Gülüstanyň» filosofiýasynda hem-de estetikasynda birinji orunda durýan gözellik eseriň – tekstiň anyk, janly ýaşaýşynda onuň çeper obrazlarynyň – metaforalaryň, epitetleriň we hatda eseriň üýtgeşik owazlylygyny döredýän aňk ediji ritmliliginiň gözelligi bolup ýüze çykýar. Dogrudanam, çeperçiligi, nepisligi, naşylygy, enaýylygy boýunça gündogar edebiýatynda «Gülüstan» bilen deňleşip biljek eser ýokdur. Ol durşuna owaz, durşuna surat. Sagdy öz eserinde gündogar edebiýatynda ýörgünli bolan kyssanyň üç görnüşini-de ussatlyk bilen ulanypdyr. Bularyň birinjisi kapyýaly hem ritmli kyssa, ikinjisi ritmsiz, diňe kapyýaly kyssa, üçünji bolsa ritmi-de, kapyýasy-da bolmadyk, müjerret kyssa. Ritm eseriň içki mazmunynyň ýaşaýyş, janlylyk usulyny, hilini kesgitleýär. Şu tarapdan şeýle deňeşdirme öwrenerlidir hem bähbitlidir: dürli iki hili ritmi bolan kyssa we şygryýetiň tapawudy şunuň ýalydyr: kyssa çeper organizm hökmünde sowuk ganly jandardyr, şygryýet bolsa ýyly ganly jandardyr. Şonuň üçinem kyssada giňlik, şygryýetde çuňluk esasy zatdyr. Ýöne bu deňişdirmeleriň bary häzirki kyssa degişlidir. Bu zatlar Sagdyda ýok. «Gülüstan» özüniň poetiki žanry boýunça, kyssa bar hem bolsa, tutuşlygyna şahyrana, şygryýet sungatynyň nusgasydyr. «Gülüstandan» sap ýazylan «Bossanda» beýik Sagdynyň bütinleý şygra geçendigi ýöne ýere däldir. Bu talantyň hökmürowanlygydyr. Şygryýetiň ritmi dartgynlylygy bilen tapawutlanýar. Dartgynlylyk emosiýalaryň, duýgularyň, pikirleriň ýokarybaş hyruçlylygydyr, hyjuwlylygydyr. Olaryň çuňlugy şygryýetiň esasy dili bolan metaforalar arkaly amala aşyrylýar. Diýmek, şygryýetiň ritmi bilen metaforik diliniň arasynda gönüden-göni baglanyşyk bardyr. Poetiki diliň sözlük düzümi metaforalar ulgamyndan, ol diliň sözlemleri bolsa ritmden kemala gelýär. «Gijäni bir dostuň bostanynda geçirmek paýymyza düşdi. Ine, bir sapaly, gözel mekan, gujaklaşyp oturan syrdam agaçlary juda kän, ol ýeriň topragyna, göýä elwan bulguryň ownugy seçilmiş, pudaklar üzümiň deregine ýedigenem salkymlaryn eçilmiş». Gör-ä muny! Metafora öz-özünden hyjuwy – ritmi döredýär. Edil durmuşyň özündäki ýaly-da – duýgy çuňňurlygy hyjuwy, howalalygy döredýär. Ýokarky gysgajyk mysalda näçe assosiatiw baglanyşyk bar! Üzüm salkymlary asmandaky «Ýedigen» bolup görünýär, toprak bolsa elwan – köpreňkli bulgur seçilen ýaly bolup görünýär. Hawa, Sagdyny hemişe täsin hem pynhan, özge hiç kimiň aňyna gelmejek assosiasiýalar alyp gaçýar. Olaryň yzyna düşüp, beýik şahyr beýik dana öwrülýär: ol zatlaryň, wakalaryň hem-de pikirleriň arasynda öň hiç bir kesiň görmedik baglanyşyklaryny görýär, olary ýüze çykarýar, baglanyşyklar diýmek bolsa, elbetde, kanunalaýyklyk diýmekdir. Olaryň ýüze çykarylmagyna, ýola goýulmagyna-da danalyk diýilýär-dä! Şeýdip, Sagdyda ritm we metaforanyň üstüne üçünji bir forma birligi – aforizm gelip goşulýar. Şu ýerde danalygyň, bir tarapdan, sap hekimlikden, beýleki tarapdan bolsa, sap şahyrlykdan tapawutlanýandygyny aýtmaly bolýarys. Hekim logiki kategoriýalar bilen iş salyşýar. Onuň esasy ýaragy – intellekt. Şahyr duýgy bilen ýaşaýar, ol intuisiýa daýanýar. Aforizm bularyň hiçisi-de däldir. Ýöne munuň nämedigine geçmezden öň intellekt hem intuisia hakynda bir rowaýat. Mäne baba bilen Ibn Sina duşuşypdyr diýýärler. Bu ähmiýetli waka Mänede – aýratyn bir hanakada bolup geçipdr. Beýik pir bilen beýik alym birnäçe sagatlap hanakadan çykman, söhbetdeş bolup oturypdyrlar. Soň bu söhbetdeşlik hakynda, söhbetdeşini nähili görendigi hakynda soralanda, Mäne baba «Ol meniň görýän zatlarymy bilýär» diýipdir, Ibn Sina bolsa şeýle jogapdan bütinleý bihabar: «Ol meniň bilýän zatlarymy görýär» diýip aýdypdyr. «Bilmek» bilen «görmegiň» arasynda edil ýokarky durmuşy konteksde intellekt bilen intuisiýanyň arasyndaky tapawut bar. Meselä Sagdy bilen dahyllylykda garalanda, başga bir ägirdiň kesgitlemesini ýatlamak ýol açyjy zerurlykdyr. Bu ägirde «Şyh Abdal Wahyt Ýahýa ýa-da Rene Genon diýýärler. Ömrüniň soňky ýigrimi ýylyny Kairde ýaşap, 1951-nji ýylda dünýäden öten alymyň milleti fransuz, ymmaty – musulman. Onlarça kitaplaryň awtory Rene Genon işleriniň birinde intuisiýanyň iki görnüşini – duýgy intuisiýasyny hem-de intellektual intuisiýany tapawutlandyrýar. «Gündogar metafizikasynda» ol şeýle ýazýar «Metafizika rasionallykdan ýokardaky, intuitiw hem elin bilimdir. …Intellektual intuisiýa bardyr hem-de duýgy intuisiýasy bardyr; biri akyldan ýokardadyr, beýlekisi ondan aşakdadyr». Sagdynyň hut intellektual intuisiýa eýedigini aýtmak gerek. Şeýdibem ol wakalaryň düýbündäki baky hem üýtgewsiz düýp manylary we kanunlary görmegiň hem kesgitlemegiň hötdesinden gelýär. Bu görüş we kesgitleýiş usuly aforizm bolup öňe çykýar. Çylşyrymly hem biraz agyr gürrüň ýaly bolup görünse-de, meniň häzirki aýdýanlarymyň bary Sagdynyň üýtgeşikliginiň syry meselede gutulgysyz zerurlykdyr. Men ýaýyň içinde şuny aýtmalydyryn: XX asyr rus şahyrlarynyň biri «Siziň şygyrlaryňyz nähili ýeňil okalýar» diýen öwgä «Şeýle ýeňilligi gazanmak üçin nähili agyr işlemeli bolýar!» diýip jogap berýär. Sagdynyň eserleriniň ýeňilliginiň hem süýjüliginiň aňyrsynda onuň intellektual intuisiýasy ýatýar. Eýsem-de bolsa bu ýerde, dogrudanam, täsin bir syr bar. Munuň şeýledigini tassyklamak üçin edebiýat taryhynyň aşakdaky çäklije maglumatlary-da tassyklap biler. Sagdynyň «Gülüstany» sada hem düşnükliden aýdyň görünýänem bolsa, ol juda ýeňil okalýanam bolsa, ony gaýtalamak, onuň meňzeşini – taýyny döretmek asla mümkin däldir. Gündogar edebiýatynda asyrlaryň dowamynda onlarça şahyrlar «Gülüstan» ýaly eser döretjek bolup jan edipdirler. Olaryň hiç hili yz galdyrmadyklarydyr-u kemzehinleri hakynda-ha gürrüňem ýok. Güýçli zehin diýilýänleriň içinde «Gülüstana» öýkünenlerden Moin ud-diniň «Nigäristan», Jamynyň «Baharystan» eserlerini görkezmek bolar. Emma entek «Gülüstan» bile deňleşjek eser döredip bilen ýok. Sagdynyň syry nämeden ybarat?! Muňa, elbetde, talantyň syry diýip hiç bir zat düşündirmeýän, aňsat we amatly jogabam berip bolardy. Ýöne hadysany düşündirmek ýaly süýji isleg bizi aňsatlykdan ýüz dönderip, aşakdaky pikirleri aýtmaga iterýär. Gaýtalap hem deňleşip bolmaýanlygynyň aňyrsyndaky syr şundan ybarat bolsa gerek: Sagdyda durmuşyň ýönekeý, sada, göräýmäge ýüzleý, ýagny durmuşyň ýüzündäki, hamana, adaty we ýeke gezeklik hadysalary birhililik bilen bakylyk mazmunyna eýe bolup, bakylyk häsiýetini alýar duruberýärler. Munda mazmun bile formanyň gaýtalap bolmaz hildäki utgaşygy bar. Boş gabyň içine suw guýan ýaly, beýik şahyr wakalaryň içini mazmun bilen dykyp dolduranok. Ol, özgelerden tapawutlylykda, ýaşaýşyň hut iň beýik mazmunly wakalaryny görmegi we saýlap görkezmegi başarýar. Ondaky mazmuny formadan, formanam mazmundan aýyl-saýyl etmek, aýyrmak mümkin däl. Onuň eserleriniň artykmaç taraplary bolup durýan şahyranalyk hem çeperçilik formalar daşky bezeg ýa-da daşky eşik däl. Olar wakanyň, sýužetiň, hadysanyň özünden – içinden dömüp çykýarlar. Bu artykmaçlyga beýik şahyryň intellektual intuisiýasy ýardam edýär. Bu intuisiýa oňa barlygyň düýbüni duýmaga mümkinçilik berýär. Bu duýga «bakylyk duýgusy» diýip at bermek mümkin. Bakylyk duýgusy genileriň süňňüniň ukyby. Ol ukyp mynasybetli, geniler durmuşyň ýüzlerçe, müňlerçe wakalarynyň içinden özünde bakylygyň ýaňyny hem röwüşini saklaýanlaryny tutup alyp galýarlar hem kagyz ýüzüne geçirýärler. Netijede, olaryň eserleriniň mazmunynda bakylyk mekan tutunýar, olary okanyňda bolsa hemme döwür, hemme dil, hemme halk üçin hemişe janly, gyzykly hem derwaýys bolan hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. * * * Sagdy Şirazy ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda biziň türkmenlerimiz üçin öz şahyry bolup geldi. Mundan dek 260 ýyl ozal meşhur şahyrymyz hem akyldarymyz Döwletmämmet Azadynyň hut öz eli bilen ýazylan bir kitap saklanyp galypdyr. 1747-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 11-i bilen senelenen, saldamly bu kitap «Muhtaser» adyny göterýär. Manysy «gysgaça ýazgylar», «konspekt» diýmekdir. Golýazma kitabyň içinde ençeme pars we türkmen dilli şahyrlaryň eserlerinden bölekler ýerleşdrilipdir. Olaryň arasynda-da iň köp duş gelýäni beýik Sagdynyň setirlerindendir. Kitapda şeýle hormatly sözler gelýär: «Şeýh Sagdy fermaid», ýagny «Şyh Sagdy aýdypdyrlar». Sagda berilýän «şyh» hormaty beýik mugallym, halypa ýaly manylary berýär. «Muhtaserde» «Gülüstanyň» şu hekaýaty mysal getirilipdir. «Ynsapsyz patyşalariň biri «Tagatlaryň içinde oňady haýsy bolar?» diýip, bir sopudan sorady. Ol: «Seniň günorta ukyň, diňe şonda birsalym ile azaryň ýetmeýär» diýdi. Bir zalymy gördüm, ukuda gündiz, Diýdim: «Pitnedir bu, ýatany ýagşy. Ukuda ýeg bolsa oýalygyndan Şunça pis ömürden öteni ýagşy! Elbetde, bu hekaýat golýazmada parsça getirilýär. Emma meniň aýtjak bolýanym bu däl. Men ýokarky juda gysgajyk hekaýatyň çeper mazmunyna ünsi çekmekçi. Durmuşyň köp gaýtalanýan hadysalary we wakalary nämeler mynasybetli gaýtalanmaýan bakylyk mazmunyna eýe bolup bilýär?! Gürrüňsiz, şahyryň dialektiki görüşi mynasybetli. Ýokarkyda hem patyşa-sopy, ukulyk-oýalyk, ömür-ölüm pitne-parahatlyk ýaly dialektiki jübütler bar. Olaryň ugtaşygyndan, edil iki elektrik zarýadynyň çatyşygyndan toguň döreýşi ýaly, bakylyk ýaňy döreýär. Biziň şahyrlarymyz bilen baglanyşyklylykda «Gülüstanyň» ýene bir gysgajyk hekaýatyny agzamak isleýärin. «Gördüm arap atly, egni gymmat halatly, kellesi müsürşalykdan dokalan selleli bir semiz akmagy. Kimdir biri: «Sagdy, bu içi boş haýwanyň egnindäki keşdeli lybasyny nähili görýärsiň?» diýdi. Diýdim: «Bu zer bilen ýazylan bet hatdyr». Şu hekaýatyň bizi beýik Magtymgulynyň setirlerinde şahyrana ömre eýe bolandygyny görýäris. Akylsyz ärler zer bilen Ýazylan bet hata meňzär. Biziň milli şahyrymyzyň döredijiliginde Sagdynyň nakyla öwrülen pähimleri tebigylyk bilen ornaşyp gidipdir. Çünki taryhy hem medeni kontekst birdir. Sagdynyň oňaýly hem hasylly täsiriniň biraz başgarak wagt konteksti bolan XX asyryň türkmen sungatynda hem dowam edýändigini aýdyp bolar. Eýse biziň haýsymyz meşhur «Şükür bagşy» filminden aşakdaky şygyrlary ýatdan bilmeýär. Eý, sazanda, nämüçin gezýärsiň sen gözläp ar, Aňsat gazanjyň bar seň, bolmarsyň hiç zada zar. Wasp et hökmürowany, döwlet geler gaşyňa, Ýogsa pulsuz zehiniň oljadyr göz ýaşyňa. * * * Han – bir daragtdyr, kökleri hem – raýat, Kökler berk boldugyça, pudak ondan tapar hemaýat. Sagdy Gündogarda häkimlik hem intelligensiýa, häkimlik hem sungat ýaly pelsepewi mowzuklary düýpli işlän sopy şahyrlaryň biridir. Onuň diňe bir pelsepe–aforizmleri däl, eýsem owazly çeper äheňleri-de dünýä edebiýatynda yz galdyrypdyr. Sagdy Şirazynyň iki dessanynda-da täsin wakalar, ajaýyp rowaýatlar, gyzykly hekaýatlar çuňňur pelsepewi mazmuna ýugrulýar. «Bossanyň» birinji babynda Jemşidiň jamyndaky şeýle ýazgy getirilipdir: Bu çeşmäniň başynda köpler dynç alyp geçdi, Çeşmleri ýumulyp, olar ynjalyp geçdi. Şu setirlere Tomas Murda, soňra bolsa beýik rus şahyry Aleksandr Puşkiniň «Bakjasaraý çüwdürimi» eserinde gabat gelýäris: «Mnogiýe, tak že kak i, ýa, poseşali seý fontan, No inyh uže net, drugiýe stranstwuýut daleçe». Puşkin şu täsin şahyrana äheňi gowy gören bolara çemeli, ol muny «Ýewgeniý Oneginiň» VII babynda ýene ulanypdyr: Inyh uže net, a te daleçe, Kak Sadi nekogda skazal. Edil şu sagdyçylyk äheňi baryp 1827-nji ýylda XIX asyryň belli rus şahyry Ý.Barýatynskiý öz deň-duşlary babatda gaýtalap ulanypdyr: Daleçe bedstwuýut inyýe, I w mire net uže drugih. Görnüşi ýaly, Sagdynyň şahyrana pikiri hem ganatly söze, hem aforizme öwrülip gidipdir. Munuň özi bir elde iki garpyz tutan ýaly bir täsinlikdir, çünki öz mazmuny boýunça ganatly söz bile aforizm aslynda biri-birine sygyşmaz, baryşmaz poetiki hadysadyr. Ganatly söz, köplenç many-gurluş taýdan gutarnykly däl hem özbaşdak däl bolýar. Olar, köplenç, owadan äheň üçin ulanylýar. Emma Sagdyda diňe heň däl, eýse düýpli pelsepe-de bar. Ýokarky aforizm adam ömrüniň ötegçiligini, dünýäniň wagtlaýynlygyny «çeşme» obrazynyň üsti bilen düýpli aňladyp bilýär. * * * «Sagdy» şahyryň edebi lakamydyr. Şol döwürde – XIII asyrda Pars welaýatyny Zeňňiler neberesinden bolan türkmenler dolandyrypdyr. Zeňňiler salyr türkmenlerindendir. Parsyň häkimi salyr atabeglerinden bolan Ebu Bekr ibn Sagd Ibn Zeňňi eken. Şahyr häkime-soltana öz wepadarlygyny hem hormatyny bildirmek manysynda «Sagdy» lakamyny alypdyr. Munuň manysy «Sagdyňky», «Sagda degişli» diýmekdir. «Bossanyň» sözbaşysynda «Zeňňi ogly Sagd we Sagd ogly Ebu Bekr patyşanyň waspynda» atlandyrylan bölümçe bar. Göwrümli eseri döwrüň görnükli patyşalaryna bagyşlamak Gündogar şahyrlary üçin däpdir. Sagdy Bagdadyň «Nyzamiýe» medresesini tamamlandan soň, dürli ýurtlara syýahat edipdir diýdik. Onuň Yrakdan başga-da Şamda, Anadolyda, Müsürde, Marokkoda, Azerbaýjanda, Balhda, Gaznada, Penjapda, Güjaratda, Sumpatda bolandygy hakda maglumatlar galypdyr. Eýsem-de bolsa, şahyryň eserlerindenem çen tutsaň, onuň syýahatçylygyny tassyklap bolar. Dogrusy, bu häzirki zaman manydaky syýahat däl-de, derwüşlikdir. Derwüşiň esasy maksady ýurt görmek däl-de, Allany görmekdir. Muňa nähili düşünmeli?! Mydama ýol üstünde bolmak, sergezdanlygyň – mysapyrlygyň dert-azaryny çekmek – Allanyň lamekanyna ýakynlaşmagyň bir usulydyr. Derwüşlik fiziki giňişlikdäki syýahatdan ruhy açyşlary tapmakdyr. Sergezdanlyk – derwüşe dünýäniň, külli mahlugyň sergezdanlyk ýagdaýyna düşünmäge kömek etse, mysapyrlyk onuň adamzadyň şu pany dünýäde binaly, ýurtly däl-de, keseki, mysapyrdygyna gözüni açýar. Şu derwüşlik ýolundaky açlyk-horluk görgüleri adama öz nebsini öldürmäge ýardam edýär. Diýmek, bu syýahatyň täsin ruhy-intellektual manysy bolupdyr. Bu sergezdanlyk dünýäni däl, ruhy öwrenmek ýoly bolupdyr. Eger Sagdy Şirazynyň ömri hakda ýa onuň eserleriniň äheňinde bir zat ýazjak bolsaň, ýa-da ol hakda, aýdaly, film döretmekçi bolsaň, onda esasy giňişlik ýol bolardy. Hemme wakalar ýoluň üstünde geçmeli bolardy. Umumylaşdyryjy pelsepewi nukdaýnazardan, «ýol» bu ýerde öz-özünden simwoliki mazmuna geçip gidýär. Diňe ýol däl, eýsem XIII asyr Gündogar durmuşynyň ymarat, göç, bazar, gülzar ýaly adatylyklarynyň Sagdyda şeýle ýeňillik hem aňsatlyk bile simwola geçip gidişine men hemişe haýran galýaryn. Munuň özi gaty belent ýerden aňsatlyk bile guýy gazyp, suw çykaran ýaly bir zat. Gözüň, gulagyň hem aňyň öwrenişen adatylyklaryndan simwol döretmek diňe Sagda başardýar. Gadymy Ýunanyň gözellik hudaýynyň eli degen zadyny gözellige öwrüşi ýaly, Sagdynyň demi düşen düşünje simwola geçýär. Nädip beýle bolýarka?! Munda, megerem, beýik italýan režissory Federiko Fellininiň aýdyşy ýaly bolýandyr? Ol: «Meniňki – başyny başlamak. Başda men filmi döredip başlaýaryn, soň film meni döredýär» diýýär. Simwolyň döreýşi şeýle. Şonuň üçinem, aslynda, bu ýerdäki hakykaty şeýle aňlatmak gerek: Hiç haçan şahyr simwoly döretmeýär, tersine, simwol şahyry döredýär. Çünki düýp ontologiki tebigaty we gabarasy boýunça simwol adam erkinden has ýokardaky hem has uly älemdir. Ol Biribaryň döredijiligidir. Adamyň paýyna ony diňe gözläp tapmak hem belertmek düşüpdir. Derwüşlik syýahatlary simwollaryň gözlegidir. Sagdynyň eserlerinde esasy iki tip – gahryman bar. Olaryň biri derwüş (sopy), beýlekisi patyşa. Onuň hekaýatlaryndaky derwüşler, sopular şahyryň öz gözi bilen gören we duşuşan adamlarydyr. Bu hekaýatlardan durmuş hakykatynyň howasynyň gelýänligi geň däldir. «Oglanlyk döwrümde ýadymda galmyş, gijeler turagandym, Hudaýyň gullugyna duragandym, sopulyga jandan maýyldym, dünýälikden gaçan saýyldym», «Bir gije Mekgäniň çölünde ukusyzlykdan ýaňa ýöräre aýagym galmady», «Hijaz saparynda bir zaman saýhally, okumyş ýigitleriň bir topary ýol boýunça ýoldaşym, ýöremekde ädimdeşim bolupdy» ýaly anyklyklar, jedelsiz, terjimehal häsiýetine eýedir. Pah, bu anyklyklarda beýik Sagdy näçe simwol tapýar: «Bir gije Mekgäniň çölünde ukusyzlykdan ýaňa ýöräre aýagym galmady. Başymy goýdum-da, saýawana: «Menden el göter» diýdim. Misgin aýak näçe ýörär pyýada, Azapdan, gör, düýe amana geler. Semiziň göwresi arryklaýança, Muşakgat içinde hor jana geler. Ol: «Eý, gardaş, horam öňdedir, haramy yzda, gitdiň – gutuldyň, ýatdyň – utuldyň» diýdi. Ýadap, ysgyndan düşüp, çölde uklamak hoşdur, Kerwen geçen gijesi emma, ýolunan – boşdyr. Güller Gülüstanda tapylýar. «Kerwen», «ýol» ýaly simwollaryň arasynda Sagdy «uklamak», «gutulmak – utulmak» ýaly simwoliki manylary tapýar. Edebiýatda dürli dowamatdaky diller bolýar. Aýdaly, bir döwrüň dili bolýar, şu döwür geçdigi, ol dilem ölýär. Bir edebi usulyň dili bolýar, onuň ömri – usulyň ömrüne barabar. Has uzak dowamatdaky çeper dilem bolýar. Simwol – bakylyk dilidir. Her kim gelip saldy täze bir tamy, Gitdi başgasyna, berip tamamy. Bu – «Gülüstandan». Her çetde bir peýda tapdym her kanda, Bir hoşa gazandym her bir harmanda. Bu – «Bossandan». Eý, eli boş giden uly bazara, Ýene boş gaýdar sen, galma azara. Bu-da – «Gülüstandan». Dostlaryň ýanynda şunça bossandan, Eli boş gitmäge gynandym jandan. Bu-da – «Bossandan». Simwoly döredip bolmaýşy ýaly, ony terjime etmegem adama berilmändir. Şonuň üçinem biziň Magtymguly, Kemine, Seýdi ýaly klassyklarymyz Sagdynyň simwolaryny bolşy-bolşy ýaly alypdyrlar. Sagdy Şirazy Beýtelmukaddese barýan ýollaryň birinde haçparazlaryň eline düýär we birnäçe wagtlap ýesirlik derdini çekýär. Bu barada «Gülüstanda» aýratyn bir hekaýatam bar: «Damaskly dostlarymyň söhbetinden köňle bir içgysma geldi. Kuddus çölüne tarap baş alyp çykyp gitdim, baryp haýwanlara özümi gatdym. Ine, birden pereňliň ýesiri boldum. Terabus garymynda jöhitler bilen bile, laý içine goýdular. Aramyzda köne tanyşlyk bolan, Halap begleriniň biri şol ýerden ötüp barýarka, meni görüp tanady… Halyma rehmi indi, on dinar bilen meni bendilikden gutardy, özüniň ýany bilen Halaba getirdi. Çykmadyk gyzy bardy, nikalap maňa berdi. Gyz gylyksyz, pis ekeni: gykylykçy, uýatsyz, tüýs. Bir gezek zäherli dilini uzadyp: «Sen şol ahyryn, şol baýak atamyň ýüz dinar berip, pereňliň bendisinden boşadan guly». Men aýtdym: «Dogrudyr, on dinar berip boşatdy, ýüz dinar aldy-da, seniň duzagyňa giriftar etdi». Eşitdim, bir semiz goýuny biri, Möjegiň agzyndan boşatdy diri. Agşam bogazyna pyçagy goýdy, Ol goýunyň ruhy bagyryp diýdi: «Gurduň penjesinden gutardyň mälim, Ahyrda möjegim sen bolduň, zalym». Hekaýatyň soňundan gelýän şahyrana ahwalata degişli waka ikinji ýaşaýyş demini berýär. Simwoliki röwüşi mynasybetli ol dem bakylyk demi bolup durýar. Biziň şahyrlarymyz şol bir wagt, has dogrusy, bakylyk kontesktinde ýaşandyklary üçin, Sagdynyň we beýleki pars klassyklarynyň simwolikasyny üýtgewsiz alypdyrlar. Emma Ýewropa geçende, sýužetiň özge kontekste düşenligi sebäpli, onuň esasyndaky pelsepewi daýanç ýitip, sýužetiň telperleşen, ýuwanlaşyp, triwial basnýa görnüşine geçendigini görýäris. Ine. Sagdynyň asyrdaşy Ferideddin Attaryň «Mantyk at-taýr» eserindäki dürli pelsepewi tymsallar I. Krylowyň döredijiliginde çagalara okap berilýän «Teneçir we garynja» ýaly ýuwanak basnýa öwrülip gidipdir. * * * Sagdy Şirazynyň simwolikasy şahyrana ahwalat mynasybetli dirilige gelýär. Hut şahyrana ahwalaty aman saklamak üçin beýik şahyr hekaýatlaryň kyssa bölegini-de kapyýaly hem ritmli ýazypdyr. Şeýdip, ol şahyrana-pelsepewi belentligi saklap bilipdir. Howaly mazmun diňe şahyrana ahwalatda ýaşap bilýär. Şol ahwalaty bozdugyň, simwoldan derek galmaýar. Sagdy Şirazyda allegoriýa ýokdur. Şu edebi-çeper maglimat onuň döredijiliginiň asla-da didaktiki edebiýata degişli däldigini görkezýär. Allegoriýa, umuman aýdanyňda, anyk bir howaýy düşünjäniň zatlar arkaly keşbe getirilmegidir. Didaktik däldigi üçinem Sagdy hiç ýerde akyl satmaýar, ol diňe durmuş maglumatlaryny ýaşaýşyň ahlak kanunlaryny açmak üçin peýdalanmaýar. Onuň pelsepewi tymsallaryndaky daşyndan göräýmäge allegoriýa bolan möjek, tilki, ataýry parabolalardyr. Olar hem-ä özleridir, hem başga zatlardyr. Syrymy size aýtsam, ýazyjy hökmünde meniň iň esasy maksadym-a şudy – zatlary hem özi hökmünde, hem başgalyk hökmünde suratlandyrmak. Diňe özi bolanda, gödek hem mazasyz naturalizm bolýar. Diňe başgalyk bolanda, terlikden ýa janlylykdan mahrum didaktika döreýär. Botagiň gülleriň açylmadyk görnüşlerini tapyşy ýaly, Sagdy täze-täze epitetleri döredýär. Epitet täze assosiatiw baglanyşyklary dikeldýär. «Köňül öýüniň diwarynyň daşlary», «söhbet soňy», «degişme saçagy», «sopulyk dyzy», «bägül döwleti», «Pudak münberindäki bilbiller» ýaly aňk ediji epitetler daşky bezeg däl-de, çeper pikirlenişiň täze bir içki hilidir. * * * Sagdynyň ikinji beýik eseri «Bossan» on sany bapdan ybarat: 1. Adalat hakynda. 2. Yhsan hakynda. 3. Yşk hakynda. 4. Kiçigöwünlilik hakynda. 5. Ryza hakynda. 6. Kanagat hakynda. 7. Terbiýe hakynda. 8. Şükür hakynda. 9. Toba hakynda. 10. Mynajat. Şahyryň eserleriniň esasy gahrymanlarynyň biri patyşa diýdik. «Rawylar rowaýat kylypdyr: awlagda Nowşirwan adyl üçin bir awy kebap etdiler, emma duz ýokdy. Duz alyp gelmek üçin, bir hyzmatçy oba ugrady. Nowşirwan: «Bizden set galyp, oba ýykylmaz ýaly, duz alsaň bahasyny töläp al!» diýdi. «Bir gysym duzdan näme zyýan ýeter?» diýdiler. Ol: «Zulmuň binýady jahanda öň azdy, her kim gelip, oňa birneme urnady, bara-bara şu günki hetdine ýetdi» diýdi. Şa bir alma iýse iliň bagyndan, Agajy kökünden ýolar nökeri. Bäş ýumurtga alyp, sütem etse han, Müň towugy çişe çeker esgeri. Sagdynyň derwüşleri pelsepewi, patyşalary bolsa şahyrana gürleýär. Göräýmäge, şeýle stil durmuş hakykatynyň üstüni örtüp, jansyz hem gurak boşsözlülige eltäýjek ýaly. Emma, tersine, owadan, çepersözlülik hakykaty ýiti açmaga hyzmat edýär. Bu-da beýik Şirazynyň gudratlarynyň biridir. Sebäbi nämedekä?! Sebäbi,megerem, onuň hemişe durmuşyň nogsanlyklaryndan mysal alýanlygyndan bolsa gerek. Munuň özi sýužete ýitilik, janlylyk, ynandyryjylyk, hatda ajylyk berýär, bu ajylyk gyzyl burçuň unaşa tagam berşi ýaly, waka hakykylyk häsiýetini berýär. Hatda terbiýe hakda aýdanda-da, şahyr köplenç terbiýäniň täsiriniň adam zandy bilen deňeşdireniňde has ejizligini görkezýän hekaýatlara ýüzlenýär. Munuň özi Sagdynyň boş dabaralylykdan hem akylsatyjy nesihatlaryndan has ýokarydygyny görkezýän ähmiýetli aýratynlyk. Göräýmäge, hakyky bolmadyk, howaýy zatlaryň gürrüňini edýärkä-de, Sagdy haýran galdyryjy ynandyryjylyklydyr: «Bir patyşa bir bigünäniň ölüm hökümini berdi. Ol: «Eý, patyşa menden ýaňa gazabyňy çapyp, öz azabyňy gazanma. Seniň maňa bu azabyň bir salymda gutarar. Bu jenaýatyň derdi welin saňa müdimi galar» diýdi: Bu döwranyň bakasy düzde ýel ýaly geçdi, Ajy, süýji, gözeli hem gözel däli geçdi. Bize şypa berdiň diýp güman etmesin zalym, Ganly ol boldy, bize bolmadyk ýaly geçdi. Onuň nesihaty patyşanyň köňlüne oturdy, janynyň üstünden turdy». Şahyryň soňky sözleri okyjynyň gulagyna durmuşyň çylşyrymly hakykatyna ýöntemleşdiriji ýuwmarlama bolup eşidiläýjek ýaly. Emma beýle däl. Şahyň içki dünýäsindäki özgerişlik barypýatan hakykat bolup dur. Nädip beýle bolup bilýär? Bu sowal meni çeper eseriň ynandyryjylygynyň özoluşly estetiki tebigatynyň bardygy, onuň durmuş hakykatyna gatnaşygynyň göni proporsionallyk häsiýetine eýe däldigi, umuman, edebi eserde formanyň biziň pikir edişimizden has ähmiýetlidigi baradaky pikir-netijelere getirýär. Forma – durmuş hakykatyny çeper hakykata öwürmegiň, anyk aýdaňda, «ýalandan» «çyny» ýasamaň usulydyr. * * * Sagdy Şirazy 1256 – 1257-nji ýyllarda syýahatlaryny bes edip, öz dogduk şäherine gaýdyp gelýär. Ol Şirazyň häkimi Abu Bekir ibn Sagd Ibn Zeňňini mongollar bilen ylalaşykda ýaşap, welaýatyň rahat durmuşyny üpjün edip bilenligi üçin örän hormatlapdyr. 1257-nji ýylda ýokarda ýakymly hem peýdaly gürrüňi edilen «Gülüstan» eserini, bir ýyldanam «Bossan» eserini bagyşlapdyr. Şahyryň ömrüniň soňky ýyllary takwalykda geçipdir. Onuň aramgähi Şiraz şäherinde, öz medresesiniň golaýynda ýerleşýär. Ýokarky iki eserden başga-da Sagdynyň galamyna «Dibaçe» («Giriş»), «Majalis-e panjgane» («Bäş mejlis»), «Sowal-e sahip-diwan» («Sahypdiwanyň sowaly»), «Akyl we yşk», «Nesihat ul-moluk» («Patyşahy nesihatlar»), «Resal-e selase» («Üç risale») ýaly göwrümli işler, arap we pars dillerinde ýazylan kasydalar, gazallar, dörtlemeler, myfradat (beýtler), medhiýat (öwgüler) mulammat taýýybat (nepislikler), bedaýe (geň-taňlyklar), mukatmaat (parçalar) hezliýat (degişmeler) degişlidir. Sözümiň soňunda Sagdy Şirazynyň şahyrana pähiminiň Birleşen Milletler Guramasynyň binasynyň girelgesinde iňlisçe ýazylandygyny ýatlamak we şol şahyrana pähimiň sözme-söz manysyny söhbedime jemleme etmegi makul bildim: Bir maşgala adam barsynyň asly, Bir jöwherden binýat bolandyr nesli. Derde düşse şoň içinde bir adam, Galanlaryň baryn basar gaýgy-gam. Ger bolsa il serdinden bigam, Laýyk däldir adyna diýmeklik adam. Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||